Latin

Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18

Total number of words is 3713
Total number of unique words is 1998
32.9 of words are in the 2000 most common words
48.1 of words are in the 5000 most common words
55.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gapdaldan içgin synlady. Bularyň öz gözläp ýören ýylanlarydygyna ynanansoň, birbada iki ýylan bilen söweşmegiň
özüne ýeňil bolmajagyny ýatlap, ilki bir ýylanyň hine girerine
garaşdy. Garaşan pursady gelen wagty bolsa ol çalasynlyk
291
bilen turup, ýoldaşynyň yzy bilen hinine tarap ýönelen yzky
ýylanyň kellesiniň iki barmak yz ýanyndan çalyp tutdy.
Silken ugruna hem ony agzynda uzak saklaman, taýak atan
ýaly edip asmana zyňdy. Soňundanam ýene heniz ýylan ýere
düşmänkä ylgap baryp, onuň düşer ýerinde peýda boldy. Ýere
düşerine mähetdel ýene-de ony dişläp asmana zyňdy. Ýylana
aýňalara mümkinçilik bermedi. Dördünji gezek ol asmandan
patlap düşende, eýýäm jansyzdy. Garagaýçak ýylan näme-näme
bolanyny bilmän öldi.
Möngözlüje onuň taýynyň hinden çykyp özüne topularyny, olaryň ikileşip etjek hüjümlerine garaşdy. Ýöne hine
giren ýylan şol wagtam, ondan soňam gaýdyp gara bermedi.
Möngözlüje onuň bu hereketinden özüçe many çykardy.
«Ýylan soňra bir ýerde meniň ahmalymy aňtajakdyr, şonuň
üçinem häzir ol bu işi görmediksirän bolýandyr» diýip
oýlandy. Hemişe hüşgär bolmagy özüne ýatlatdy.
Geologlar obajygynyň adamlary ertir ir bilen oýanan
wagtlary çadyrlaryň öňündäki açyklykda kellesi çeýnelen
ýylanyň uzyn süýnüp ýatanyny gördüler. Möngözlüje bolsa
bu mahal ýeriň pesi bilen gyzylgurt ordasyna tarap
howlukmaç barýardy.
Orda bir gezek nobatdaky awdan soň dem-dynç alyp
ýatyrka, töweregi aýlanyp aýagynyň keýpini görüp ýören
güjükleriniň iki sanysy begenişip, bökjekleşip geldi. Olar
ýaňy töwerege aýlanyp ýörkäler özleriniň garry atalarynyň
yzlaryna duşandyklaryny, ol yzlaryň tirkeşip dag tarap
gidendigini aýdyşdyrdylar. Garry köpegiň golaýda barlygy
belli boldy. Onuň gidenine eýýäm birnäçe gün geçip, ol indi
biraz ýatdan çykyşyp ugran-da bolsa, bu habar gyzylgurtlary
üşerildirdi. Hemmeleriň ony göresi geldi. Has-da onuň
ordany taşlap gidenine gynanýan ýaş gyzylgurtlar
begendiler. Olaryň göwünlerinde öňden garry köpek bilen
baglap ýören arzuwlary bardy. Ýaşlaryň öz atalaryna
292
keýikleri ýetip çalyp tutuşyny, ony ýeňip bilýänini görkezip,
göwnüne ýetmek, berekellasyny eşitmek arzuwlary bardy.
Güjükleriň getiren habary gara gaýyňy hem oýurgandyrdy. Ol birsalymdan baş göterip, sala salýan äheňde
gapdalynda gözlerini süzüp oýurganyp ýatan Möngözlüjä
ýüzlendi.
- Şu öwrede atamyzam-a barmyş!
- Şeýlemi... Ä-hä, onda ony tapyp duşuşmak gerek. Ol
ýakymly goja.
- Men aýallaryň şu häsiýetini halaýan. Olara bir gezek
göwünlerine ýetip edermenlik görkezip bilseň, soňra seni
şol belentlikden düşürmän saklamany gowy görýärler. - Gara
gaýyň Möngözlüjäniň bu sözlerinden ýaňsy aňansoň, ýaňy
garry köpegi ýatlap biraz gürrüňdeşiniň göwnüne degenine
düşündi. Ýöne beýtmek onuň göwnünde ýokdy. Käte bolşy
ýaly, bu-da tötänlikde gepiň gerdişine görä dilden sypýan
gürrüňleriň biri bolupdy.
Gara gaýyň topary bilen güjükleriň görkezen yzlaryny
yzarlap gitdi.
Garry ata ordany goýup gaýdaly bäri dagyň bir
gowagynda ýaşaýardy. Töwerekdäki öz güýjüniň ýetýän
haýwanlaryny awlap, beýleki jandarlaryň awundan galan
galyndylary iýip gün görerdi. Dok wagty bolsa günüň
köpüsini gowakda ýatyp geçirerdi. Orda özüni gözläp gelen
mahaly ol süýrenip bir ýerlerden gaýdyp gelýärdi. Ýaş
güjükler ylgaşyp-begenişip onuň öňünden çykdylar. Ysgaşyp
habar soraşdylar.
- Saryjam, Goňurjam, Gudumanjam... diýip, ol özüniň
söýünç sözlerini aýdyp, güjükleriniň atlaryny tutuşdyrdy.
Garry ata bularyň gelenine juda begendi. Sebäbi eýýäm
ýekelik ony halys irizipdi, topary göresi gelipdi.
293
***
Gyzylgurtlaryň nämedir bir zatlar iýesi gelýärdi. Içleri
gorlupdy. Onda açlygyň derdinden hemişeki peýda bolýan
agyry döräpdi. Olar häzir düýn-öňňinki awlan awlaryny
ýatlaşyp, mümkinçilikden peýdalanyp, şonda ýagşy garny
doýurmandyklary üçin, öz-özlerine igenişip ugradylar. Her
gezegem hut şeýle bolardy, nebsine ejiz orda ajygyp ugrasa,
öň awlanan awdan şol gezek köp iýmän az iýenleri üçin
öz-özlerini günäkärläp ugrardylar. Gara gaýyň ordanyň
itlerini aýaga götermegiň wagty gelenini duýsa-da
howlukmady, ýogsam, bu meselede onuňam ýagdaýy
töweregindäkileriňkiden öwerlik däldi. Içi eljuk diýýärdi.
Şeýle-de bolsa ol köpügörenligini edip, sabyr saklap syr
bermezligine çalyşýardy. Şeýtmek gerekdi. Her şowly aw
öňünden ilki gowy pikir taýynlygyny talap edýärdi. Şondan
soňra kyn işler öz-özünden aňsat bolýardy. Orda şeýle bolanda
çasbaň hem aýgytly hereket edýärdi.
Gara gaýyň günortanyň öňüsyrasy ordanyň möjeklerini
awuny almaga kemsiz taýyn hasap edensoň, ony aýaga
göterdi. Özi toparyň öňüne düşüp iki baýyr aralygyndaky
dar jülgä düşdi. Bu jülge hem töwerekdäki beýleki
jülgelerden görnüşi boýunça şeýle bir tapawutlanyp
barmaýardy. Ýöne gara gaýyň üçin ol üýtgeşik jülgedi. Ýaz
otlary guransoň, daga tarap çekilen keýikler bu ýerden
wagtal-wagtal aşakdaky çeşmä suwa iýnerdiler. Keýik
aýaklarynyň depeläp ýasan insizje ýodajygy jülgäniň içinde
ýylan bolup towlanyp ýatyrdy. Keýik toparlary endik boýunça
hemişe şu ýodany yzarlap, çeşme bilen dag aralygyny
gatnardylar. Bir öwrümde depeden inip, jülge bilen
haltyldaşyp gelýän topary umytlandyrdy. Bu yzlar keýikleriň
irden salkynda şu ýerden suwa geçip gidendiklerini olaryň
ýene birsalymdan yzlaryna geçjekdigini habar berdi.
Gyzylgurtlar amatly ýeri peýläp ornaşdylar. Gara gaýyň bilen
Möngözlüje bir düýp ýezgeniň ýeňsesine geçdi.
294
Güýz gelip, gündiz gysgalyp, salkyn arap ugrapdy. Çölüň
ýazdan soňky ikinji gowy döwri başlanypdy. Bu döwür Günüň
hem gelip, dünýäni özüniň sansyz şöhleleri bilen gujaklap,
ilkinji bäbegini eline alan gelin ýaly, onuň ýüzüne mylaýym
seredip guwanýan döwrüdi. Gün çogy ýakymlydy, meýmiredijidi, Möngözlüje ýatan ýerinde ymyzgandy. Onuň
entegem, ýakymly şöhleleriň lezzetini duýup ýatasy gelýärdi.
Beýlekiler bolsa oturan ýerlerinden gözleri bilen jülgäni
dürbüleşip otyrdylar. Möngözlüjäni birhaýukdan gara
gaýyňyň aladaly ýuwdunmasy oýardy.
- Näme bar?
- Olar göründiler...
- Bolupdyr.
Ol garysyna galyp, awçy seresaplylygy bilen jülgäni
synlan wagty suwa geçen keýikleriň ýodajygy yzarlap öz
maýdallaryna hatar bolşup gelýänlerini gördi. Töwerekdäki
bir-birlerinden galjaň gyzylgurtlar keýiklere tarap atylyp
gitmäge häzir bolşup otyrdylar. Olaryň süňňünde her gezek
awuň öňüsyrasynda döreýän ýakymly galpyldy peýda
bolupdy.
Toparyň öňüni burum-burum şahly süňkbaşy iri teke
çekip gelýärdi. Ol wagtal-wagtal aýak çekip, howatyrlanyp
töweregini diňşirgenýärdi. Howpuň ýoklugyna göz
ýetirensoň, ýene-de öňki hörpünde ýoluny dowam etdirýärdi.
Häzir ol özüniň, biri-birinden akylly çagalaryndan, biribirinden mähirli keýiklerinden ybarat bolan sürini yzyna
düşürip, ölüme alyp barýanyndan bihabardy.
Gyzylgurtlar agyzlaryny açyp, süriniň üstüne eňdiler.
Olary görüp, süri tebil tapdy. Ýöne gyzylgurtlar eýýäm
alkyma gelipdiler. Ýeke-täk ýol bardy, ol-da ordanyň döreden
halkasyny böwüsmäge synanyşyk etmekdi. Teke şu ýoly
saýlap aldy. Ol şahlaryny naýza öwrüp, toparyň serdary bolsa
gerek diýen çak bilen garry köpegiň üstüne eňdi. Garry köpek
onuň öňünden sowulmaga ýetişmedi. Teke şahyna mündürip
295
bir silkende ol baryp hol beýlä düşdi. Göz açyp ýumasy
salymda tekäniň yzy bilen aňyrdan eňişip gelýän keýikleriň
hem birnäçesi onuň üstüni depeläp geçdiler. Ýöne keýikleriň
ikinji bir bölegi böwsülen gabaw halkasyndan wagtynda
çykyp ýetişmedi. Topary gyzylgurtlar orta alyp keýpine
paýhynladylar. Maslyk maslyga çaknyşdy. Gyzylgurtlar
maslyklaryň arasynda aýlanyşyp, islän ýerlerinde damakgan
ýalaşyp, hezil etdiler. Damakgan olaryň iň eý görýän
höregidi. Keýik maslyklarynyň töwerekde sergi bolşup
ýatyşyny synlap, Möngözlüje bir garny doýurmak üçin
munça keýigiň nämüçin gerekligine ýene-de düşünip bilmedi.
Onuň bolup durşuny görüp, gara gaýyň bu zatlaryň
Möngözlüjä ýaramandygyna, adamlaryň arasynda bolup,
şolaryň pikiri bilen pikirlenmäni öwrenen, itiň gaharyny
getirjegine düşündi. Gahar ugruna onuň bir berbaşagaýlyk
edäýmeginden howatyrlandy. Dessine, bu pikirden ony
çetleşdirmek üçin aňyrdan ýalmanyp geldi-de, Möngözlüjä
süýkenip, onuň läşlerden ünsüni sowmaga çalyşdy.
- Ýör, garry köpek bilen hoşlaşmaga baraly!
- Oňa näme bolupdyr? - diýip, Möngözlüje töwerek bilen
juda bir gyzykmaýanyny mälim edip başyny asdy.
- Ýaňky teke onuň garnyny silkip geçipdir. Möngözlüje
gara gaýyň bilen tirkeşip, köpegiň gana bulaşyp ýatan ýerine
geldi. Ol agdarylyp düşen ýerinde, ölüm halynda ýatyrdy,
Gara gaýyň ysyrganyp ugran wagty ol duýup süzülip,
hemişelik ýumlup barýan gözlerini açmaga, töweregini ýene
bir ýola görmäge synanyşdy. Ýöne onuň ne başyny
götermäge, ne-de gözüni açmaga gurbaty ýetdi. Gara
gaýyňyň köpegiň bolup ýatyşyna nebsi agyrdy hem onuň
özünden göwni hoş ýakymly pikirlere berlip, dünýä bilen
hoşlaşmagyny isläp taryplady.
- Sen gowy serkerdediň, edermendiň, akyllydyň... Seniň
ölümiňem serdar ölümi boldy. Seniňki ýaly deňli-derejeli
ölüm maňa-da miýesser etsin.
296
Ganlyja keýik etinden doýan gyzylgurtlar çar ýandan
gelşip, garry atalarynyň töwereginde aýlanyşyp çyňsaşdylar:
«Ata, biz nirik gidenem bolsa, ol tekäni gözläp taparys, onuň
läşini güberdip orta alan wagtymyz seni ýatlarys» diýip,
janagyryly çyňsaşdylar.
Orda wagty bilen garry serkerdäniň töwereginden
aýrylyp bilmedi, olar uzak gijesi bilen uwlaşyp, onuň
töweregini alşyp oturdylar.
Möngözlüje tanyş ýüzleri küýsäp, wagtal-wagtal gelip
geologlaryň ýanyna aýlaw berip giderdi. Anyk bilmese-de
Jepbar ussa onuň söýgi derdine ulaşanyny çak edýärdi. Bu
derdiň ýolugan zadynyň erkini alýanlygyndan, onuň şemal
öňüne düşen peşmek ýaly üflenen ýerine gidip ýörmeli
bolýanlygyndan ol habarlydy. Ýöne ol Möngözlüjäniň baryp
gyzylgurtlaryň kölegesini ýassananyndan bihabardy. Ol öz
gaplaňy bir çopanyň goşundaky ganjyk itiň töweregindedir,
ýakymly gylygy bilen eýýäm çopanlara hem özüni aldyrandyr, çopanlar hem ony giçgiýew edinendirler diýip pikir
edýärdi. Oňa bu demir-dümrüň arasynda ýaşanyndan ol ýerde
özi ýaly itler bilen süriň töwereginde, mähriň giden ganjygyň
golaýynda bolmak amatlydyr diýip oýlanýardy. Şonuň
üçinem ol indi hemişekiler ýaly gaplanyň ýitip gidýänligi
üçin birahat bolmaýardy. Gaýta, ol gaplaňyň ýok wagty ony
Dusýa daýza bilen ýatlap guwanardy.
- Dusýa, senem, zaluwat, Ýagmyr bilen söýşen bolup,
ite-de söýüşmegi öwredäýdiň öýdýän - diýip degşerdi. Bu
gezegem ol geologlaryň ýanyna gelýärkä, ýolda ol özüne
atylan öňki henekleri ýatlap, Jepbar ussanyň özüni görüp
ýene-de degişjekdigini, şonda ony diňlemegiň ýene-de özüne
ýakymly boljagyny ýatlady. Geologlar obajygy, goluny çyzgap
nahar bişirip duran Dusýa daýza, ürç edip ýer köwýän
adamlar, itiniň gaýdyp gelýänini görüp ýylgyryp duran
Jepbar ussa onuň göz öňüne geldi.
297
- Hümm, gaplaň, yzyňy tapdyňmy? Näme how, ýene
sen gelniňi getirmänsiň. Çagajyklar nähili, heý, bolmanda
şolaň birini bir görme-görşe getirseň bolmaýarmy! Hä, sen
alyp galarlar diýip gorkýansyň, zaluwat, hawa-da, alyp
galmagymyzam gaty ahmal. Sen özümiziňki, hakymyz bar.
Möngözlüje süýji hyýallar bilen geologlaryň mekanyna
ýeten wagty, töweregini synlap, aňalyp galdy. Ol birbada
töweregi görüp başga bir ýere gelendirin öýtdi. Ýapynyň
ýüzünde ne-hä geologlar bardy, ne-de çadyrlar obajygy. Diňe
olaryň kölçerip-kölçerip ýeri galypdyr. Birem içine solidol
ýagy salnan agaç çelek bir tarapda ommalyp ýatyr.
Geologlaryň telim aýlap ýer gazan ýerinde bolsa ýeke turba
somalyp otyr.
Geologlar Möngözlüje öz dünýäsi bilen gümra bolup
ýören günleriniň birinde bu ýerleriň işlerini tamamlap, başga
ýere göçüpdiler.
Möngözlüje birsalym aýagy bişen ýaly zowzuldap
töweregi aýlandy, çadyrlaryň duran ýerini, onda-munda
galan ýag ysly demir böleklerini ysgaşdyrdy. Ol töweregiň
habaryny alsa-da, birbada näme-näme bolanyna düşünip
bilmedi. Ýöne bir bolmasy işiň bolanyna töweregi aýlanyp
çykansoň düşündi. Soňra ol geologlar şu galdyran demirlerini
almaga geläýseler gerek diýen inçejik tama bilen, gelip
ýerden çykyp duran şol turbanyň gapdalyny ýassandy.
Giçden soň ýene-de uzakly gün ot-çöpleriň ýeriň süňňünde busup ýatan ýakymly çöl yslary bilen kükregini dolduran
agşam şemaly öwsüp ugrady. Howa barha serginläp, dem
almak aňsatlaşdy. Töwerekde guş ganatlarynyň pasyrdysy,
mör-möjekleriň şygyrdysy köpeldi. Ilki baýyrlaryň depesi
garaňkyrap, töwerek gijä öwrülip ugrady. Bir öwrümde
burnuna gelip duran goýun çörüniň ýiti ysy Möngözlüjäniň
ýadyna Ýagmyr çopany düşürdi. Onuň barsa özüni
tanajagyna: «Hä, gaplaň, bu asyl senmidiň, häý, sen-ä bir
gowy itsiň welin, arman, şi gulak-guýrugyň bar-da» diýip,
298
öňküsi ýaly hoşamaýlyk etjegine ynandy. Möngözlüjäniň
häzir kimi-de bolsa bir tanyş ýüz göresi, onuň bilen könäni
ýatlaşasy gelýärdi. Geologlar barada, Dusýa daýzadyr Jepbar
ussa barada sorasy-bilesi gelýärdi. Çopanyň ýanyna ol biraz
töwerek garaňkyransoň ýüzüni garaňka tutup barmagy niýet
edindi. Sabyr saklap garaňkynyň düşerine garaşdy. Ýöne
birazdan Ýagmyr çopanyň goşy tarapdan eşidilen zowwam
aýdym sesi onuň lapyny keç etdi. Goşda häzir Ýagmyr
çopanyň ýokdugyny, onuň ýok ýerine bolsa baryp oturmagyň
geregi ýokdugyny pikir etdi. Aýdyma zowladýan çolukdy.
Ol ýaňyrak tötänden çöle düşen, onuň ümsümliginden,
garaňkysyndan gorkýan bir adamdy. Ýüregine dowul
düşüberse, aýdyma gygyrmak onuň endigidi. Onuň
başdanaýak aýdýan belli bir aýdymy hem ýokdy, haýsyndan
bir bent, ýarym bent ýadyna düşse, şoňa başlabererdi.
Möngözlüje oturan ýerinde onuň aýdymlaryny Ýusup bilen
Lenadan eşiden aýdymlary bilen deňeşdirdi. Çoluk
aýdymlaryň gerimini bermän, howlukmaç agzynyň ugruna
maksadyna ýetirmän aýdardy. Çoluk ýa-ha bir zadyň
garasyny gördi, ýa-da sesini eşitdi, garaz, birden töweregine
ok ýagdyrmaga başlady. Möngözlüje çolugyň bolşundan
haýygyp, özüniň wagtynda goşdaky ýagdaýy anyklanyna
begendi.
- Gyw, gyw-w-gyw - Birazdan Möngözlüje ýeňsesinden
ýaňsyly ses eşitdi. Ol ses şu öwrede ýaşaýan şagallardan
biriniň sesidi. Geologlar gidensoň hem öň agyzlary maza
tapan şagallar, Möngözlüje ýitirim bolany bäri bir iýmäge
ýaramly zat zyňlan bolmasyn diýen tama bilen bu töwerege
öwrüm berip gidýärdiler.
- Gördüňmi, it, görseň dünýä agyp-dönüp durandyr.
Birde dünýäniň örküjinde oturan, ýene birde onuň
aşagyndadyr.
- Seniň ol diýýäniň düýedir - diýip, Möngözlüje hem
şagalyň ýaňsysyna ýaňsy bilen jogap berdi.
299
- It öz arryklygyňy gurda bildirmez edýäň-ow! Garnyň
welin aç, içegeleriňem jugurdaşyp durandyr. Indi adamlar
bilen deň iýýän gowy günleriň geçendir seniň.
- Size näme? - Bu gezek Möngözlüje başyny öwrüp, çyny
bilen sorady.
- Biz hiç. Ýöne seniň bilen deňleşdik, şoňa begenýäs.
Öň sen bizi geň görýädiň. Şükür, indi senem hut biziň ýaly
günemaňy çölden özüň gedaýçylyk edip tapmaly.
Gedaýa deňelenine Möngözlüjäniň birden gahary geldi.
- Ah, siz ker deýýuslar... Ol tasap ýerinden turdy.
Möngözlüjäniň gaharyny getirenlerine hoş bolan şagallar
gülşüp, gygyryşyp gaçyşyp gitdiler.
***
Aňyrdan ordanyň öňi bolup, alakjap çöli söküp, gözleg
salyp gelýän gara gaýyň Möngözlüjäniň somalyp ýerden
çykyp duran turbanyň gapdalynda ýatanyny görüp, onuň
şol turba saralyp goýlanlygyny pikir edip, örtenip alada
galdy.
Oňa kömege ýetişmäge howlukdy, haçan Möngözlüjäniň
hiç zada daňylgy däldigini, peýwagtyna ýatanlygyny
görensoň bolsa begendi.
Onuň ýanyna gelip höwes bile ysgaşdy, basalaşyp ugrap
tokarja güjüjekleri enelerine gulak salyp, beýleräk çekildi
ýene basalaşyp ugradylar. Gara gaýyň çagalary şeýdişip
ýürege düşüberse, olaryň tä gyzylgurt çykýançalar
basalaşmalydyklaryny unudyp kejigerdi. Barybir, olar
garynlaryny doýursalar dek oturyp bilmezdiler. Bu gezek
bolsa olaryň dänjireşmeleriniň sebäbi Möngözlüjäniň özüdi.
Güjüjekler kakalaryny görüp, diýseň begenişipdiler. Gözläp
tapanyňdaky şatlykly pursat başdan geçirilensoň, gara gaýyň
Möngözlüjäniň gapdalynda ýatdy.
- Göçdülermi?
300
- Göçüpdirler. Men gidensoňlar geldim - diýip,
Möngözlüje ýagdaýy düşündirdi.
- Geläýmekleri-de mümkin - diýip, soňra ol gidenlerden
doly tamasyny üzmedigini hem aňdyrdy.
- Aý, näbileýin - diýip, gara gaýyň ynanmazlyk etdi,
soňundanam: - Ol ýylgynly oýda hem şunuň ýaly ýere
sokulan bir turba bar. Ony biz çaga wagtlarymyz şol ýerde
galdyrypdylar. Şonuň-a henizem yzyndan gelýän ýok - diýip
mysal getirdi. Möngözlüje gara gaýyň göni aýtmasa-da, onuň
sypaýyçylyk bilen, «Aklyňa aýlan-da gidenlerden tamaňy üz,
olar indi gelmez-le» diýenine düşündi.
Möngözlüje gijäniň bir wagty, çadyrly obajygyň oturan
ýerinden toparyna baş bolup göterilip gitse-de, geologlaryň
bu ýerden hemişelik gidenlerine ynanyp bilmän ünjüli gitdi.
***
Bir gezek töwerekde gözegçilik çekýän gyzylgurtlaryň
biri toparyň arasyna howsalaly habar getirdi. Eli ýaragly üç
adamyň töwerekde aýlanyp aw gözleýänini aýtdy. Gara
gaýyňyň ýüregi bu adamlaryň adaty awçylar däl-de, ýörite
öz kastlaryna çykanlardygyny syzdy. Sonky döwürde talap
edilmeýänligi üçin aw awlamagyň öňki aňyrdan gelýän
kadasy bozulypdy. Töwerekdäki sürüleriň üstüne hem
birnäçe çozuşlar edilipdi.
Garry köpek serdar wagty goňşa degmezlik kadasy berk
saklanardy. Ol golaý-goltumdaky sürüleriň galan-gaçanyny
almaga ygtyýar etse-de, toparlaýyn çozuşlara rugsat etmezdi.
Beýle işleriň adamlary dergazap edýänine ol beletdi. Olaryň
gazaby bolsa hemişe orda juda gymmat düşýärdi.
Gaçmalydygy, adamlaryň gazaba galanlygy, gaýdybam
bu etmişler ýatdan çykýança töwerekde gara bermeli däldigi
anyk boldy. Möngözlüjäniň äwmeýänini görüp gara gaýyň
adam bilen baglanyşykly bu sözüň oňa, özlerine täsir edişi
301
ýaly täsir etmeýänligine, ýolbaşçylygy öz eline almalydygyna
düşündi. Ol adam diýen sözi eşidip, ýatan ýerlerinden
zöwwe-zöwwe galan, indem gaçmak üçin töwerekdäki
dyzaşyp köz basyp alýan ýaly bolşup duran gyzylgurt
ordasynyň öňüne düşdi. Orda yzyny gözlemän ýeriň pessi
bilen birmeýdan gaçansoň, şol barmana tanyş depe
Möngözlüjäniň öňünden çykdy. Ol özüniň geologlar obasynyň
gapdalyndan geçip barýanyny bildi. Bu depe Ýusup bilen
Lenanyň mahal-mahal gelip, gitara çalyp, aýdym aýdyp
oturýan ýeridi. Depäni tanap, öňünde aýak çeken mahaly
ýene-de şol köp eşiden mylaýym aýdymy onuň gulagyna geldi.
Tolkunlar owsunşyp asmana galýar,
Umman agyn şolar, köp olaň sany.
Çarlaklaram tolkun bolsalar gerek,
Olaryňam juda uçmak isläni.
Hemişekisi ýaly bu aýdym ýene-de Möngözlüjäni öz
gününe goýmady. Ol ýene-de her gezek aýdym aýdylandaky
başdan geçirýän ýakymly pursadyny başdan geçirdi. Ýerden
aýagyny üzüp uçup ugrady...
Ýeňse-de durup onuň bolşuny synlan gara gaýyň bu
pursat Möngözlüjäniň ýene-de pikirinde it bolanlygyna
düşündi. Durdugyça onuň öňki öz itligine höwrügjegine,
onsoň ýene-de ol ýerden çekip almagyň aňsat düşmejegine
ynandy. Ony özi bilen aňyrlygyna äkitmek üçin, hiç zatdan
habarsyz bolan bolup, gapdalyna gelip süýkendi.
- Näme, öňde bar howpy aňdyňmy?
- Görýän welin, men siz bilen gidip bilmesem gerek.
- Sen bolmasaň biz näderis? - diýip, gara gaýyň onuň
bilen bolmagy isläp delmindi. Alada bilen ýer depeläp, onuň
töweregine aýlandy.
- Siz gidiberiň!
- Sen entegem özüňkilere duşaryn diýip tama edýäňmi?
302
- Haýsydyr bir güýç meni adamlaryň ýanyna çekip dur.
Goýberenok...
- Hawa-da. Şu itligiňden başybitin gaýtmak saňa kyn-a
düşdi. Dogrusy, kakasy-a, seniň özüňem bir düşnüksiz. Seniň
ýaly bolup orda goşulan itler itligini örän tiz unudýarlar.
Seniň welin pikiriň bir ýerinde hemişe adamlaryň dünýäsine
bolan islegiň ýatyr.
- Mümkin.
- Onda nätmeli?
- Sen bu ýerden gitmeli.
- Sensiz...
- Meniň it bolasym gelýär. - Soňra ol: «Meniň sözümiň
sözlügini sen bileňokmy» diýen äheňde gara gaýyňy nazary
bilen dalady. Möngözlüjäni pikirinden dänderip bolmajagyna, mundan artyk ýalbaryp durmagyň gerek däldigine
gara gaýyň düşündi.
- Gezen ýeriňde sag gez! - Ol şeý diýdi-de, töweregine
gitmelidigini duýduryp, öýkeliräk yzyna öwrüldi. Orda onuň
yzyna düşdi.
- Bäri-bärde durmaň! - diýip, olary nazary bilen ugradyp
duran Möngözlüje serdar hökmünde maslahat berdi.
Soňundanam Ýusup bilen Lenanyň oturýan depesine çykyp,
şatyrym-şallak bolşup özünden uzaklaşyp barýan ordany
gözden ýitýänçä synlap oturdy.
Ýagmyr çopan ýadyna düşen wagty Möngözlüje ýene-de
ondan hemişeki eşidýän hoş sözlerini eşitmek isledi. Häzirki
pursatda oňa ýetmeýän zat hut şu göwün göteriji hoşamaýlykdy. Ol toparyndan galanda hem hemişe nirede bolsa-da
özüniň adamlaryň mährini küýsejegini, giden ýagdaýynda
islän çagy bu höwesine öwrülip gelip bilmejegini pikir edipdi.
Şeýle-de onuň kalbynyň bir ýerinde özümi tanaýan
adamlaryň birden birine duşaryn, şeýlelik bilenem ýene-de
adamlaryň töwereginde ýaşamaga mümkinçilik bolar diýen
inçejik tamasy hem bardy. Möngözlüjäniň esasy tamasyny
303
baglaýany-da Ýagmyr çopandy. Ol Ýagmyr çopany gözläp,
goşdan uzak bolmadyk ýowşanly käliň içinden tapdy.
Güýz çöle ymykly gelipdi. Wagtal-wagtal ýagyş
ýagýardy. Şemal ugruny üýtgedip indi öwsende, köplenç,
demirgazykdan öwüsýärdi. Sowukdy, çopanlaryň «dişlije
şemal» diýýänidi. Şeýle günlerde çopanlar, köplenç, sürini
uzaga äkitmän, agylyň töweregine ýaýradardylar. Goýunlardanam beter geçiler üşek bolardylar. Olar sähel aýaz bolsa
ligirdeşip ykyş ýer isleşip, ýataga tarap serpilişibererdiler.
Möngözlüje ýalmanyp süriniň gapdalynda peýda bolan
mahaly ses ýetimlikde çommalyp, ýüzüni asyp oturan agyr
ýüzli köpek ony görüp: «Howf» edip - Dur how, nirä
süssenekläp gelýäň? - diýip üýrensoň, iki-ýeke basyp, onuň
aýak çeken ýerine geldi.
Köpek güjükliginde basalaşyp oýnan itini tanady. Itler
ysgaşyp hal-ahwal soraşdylar.
- Gaplaň, senmäý-bi?
- Görşüň ýaly-da.
- Senden how, möjegiň ysy gelýän ýaly-la - diýip läheň
hiç zada düşünip bilmän ysyrganmasyny goýup, ýeňsä
çekildi. Halamazlyk bilen seňrigini ýygyrdy.
- Ýa, läheň senem-aý. Seniň henizem şol sadalygyň, şol
yňdarmalygyň, eýäň gidensoň, hany onsoň saňa öý-öwzar,
idi-issiwat. Nirden bir boş küren tapsaň, şol ýerde
ýatyp-turup ýörensiň-dä. Şol kürenleriň birinden süňňüme
ornan ysdyr-da...
Möngözlüje bu sözleri tilkileriň aýdyşy ýaly şeýle bir
çäresizlenip aýtdy weli, Läheň oňa dessine ynandy. Hem
Möngözlüjäniň hak eýelerinden galyp düşen gününe
gynandy. Möngözlüje soňra özüniň gelenini mälim etmek
üçin, eşegiň üstünde hiňlenip ýören Ýagmyr çopanyň ýanyna
ugrady. Hemişekisi ýaly guýrugyny bulap, gowusyrap,
gysmyljyrap onuň gapdalyndan çykdy. Ýagmyr çopan ony
görüp, ilki gözlerine ynanmady.
304
Gözüne görünýändir öýtdi. Gözleriniň aldamaýanlygyna,
göz ýetirensoň bolsa garaşylmadyk ýagdaýda birden jyny
atlanyp kejikdi. Eşegiň üstünde kese basyp oturan çopan
taýagyny Möngözlüjä tarap zybyrdadyp gaharly aýlap saldy.
- Häý, seniň Dusýa diýen eýäň bilen... - diýip,
janyýangynly hapa sögündi. Möngözlüje rejäň geň däldigini
aňyp, yza çekilip gaçmak bilen boldy. Taýak atanyny, sögenini
az görüp, soňundanam horjunyň gapdalyndaky goşany
ýatlap, Möngözlüjäniň yzyndan pöwhüldetdi.
Ýagmyr çopan: «Irde-giçde Dusýa meniň höwrüm bolar,
sabap barýan ömri birsalym onuň bilen bileje ýaşarys» diýip,
köp göwün ýüwürdipdi. Ony geologlaryň ýanyna gatnadanam
hut şol inçejik tamady. Geologlar göçjek günem ol şol ýere
barypdy; «A, dost, bir ugruny tapyp şuny goýup gidäýsene?»
diýip, Jepbar ussa ýalbarypdy. Ol bolsa: «Dusýa häzir işde,
hany, rugsada zada bir çyksyn, onsoň özüm ony seniň ýanyňa
getirip giderin» diýip, hemişekisi ýaly ýene-de ony oýun bilen
başyndan sowupdy. Ol şol gün Dusýa daýza bilen indi hiç
mahal duşuşmajagyna, öz eden tamasynyň çykmandygyna,
bu ýerde Dusýa daýza hakyndaky bolan gürrüňleriň,
hakykatdanam, birhili düşnüksiz oýun bolanyna düşünipdi.
Şonuň üçinem ol öz diýeniniň bolmanlygy üçin geologlardan
kinelidi. Indi her gezek olar ýadyna düşse, onuň jyny atlanyp,
jany ýanyp ugraýardy. Möngözlüje bu zatlar bolanda
uzakdady. Şonuň üçinem onuň hiç zatdan habary ýokdy.
Ýagmyr çopanyň özüni, öňküsi ýaly gowy görýänine duşsa,
ondan hoş söz eşitjegine ynanýardy. Ony ordadan bölüp alyp
galan zatlaryň biri-de hut şu tamady. Onuň adamlaryň
arasynda bolmak höwesidi.
Möngözlüje şol gaçyp gelşine yzyny gözlemän çadyrlygyň
oturan ýerine geldi. Geçen günleriň şaýady bolup oturan
turbanyň töwereginde aýlanyp, janagyryly çyňsady.
Möngözlüje näme bolanyny anyk bilmese-de, Ýagmyr çopan
bilen geologlar arasyna bir sowuklygyň düşendigini bildi.
20. Sargyt
305
Onuň bilen gaýdyp duşuşmaly däldigini, gabat geläýse, indi
özüniň gaýgyrylmajagyna gözüni ýetirdi. Ol gelip demir
turbanyň gapdalyny ýassanyp birsalym ýatansoň, geologlar
obajygynyň duran ýeri bilen hemişelik hoşlaşdy. It aýaklary
ony düýnki gara gaýyňyň öz topary bilen giden tarapyna
äkitdi. Möngözlüje daňyň öňüsyrasynda bir gumak ýapynyň
eteginde öz tanyş yzlaryna gabat geldi. Şundan soň ol durup,
ysyrganyp ordanyň giden ugruny anyklansoň, şol yzlaryň
yzyna düşdi.
306
Nowellalar
307
AK ÝELKEN
«Bagt şeýle ýakyndy, şeýle ýakyndy».
A. S. Puşkin.
Güýz. Deňiz kenarynda meniň bir özüm ygamlap aýlanyp ýörün. Töwerekde çaldöş çarlaklar galgaşyp, uçuşyp
ýörler. Epin-epin bolşup, hol beýleden süýşüşip gaýdýan
tolkunlar häli-şindi ak köpüge öwrülip kenara çaýylýar. Her
gezek şeýdip tolkun kenara uran mahaly golaý bir ýerde
pagşyldap, pagsa diwar ýykylan ýaly bolýar.
Deňze seredip duranam bolsam, ilki ak ýelkenlije ol
gaýygy meniň nazarym aýratyn bir zat hökmünde gözýetimden saýlap saýgarmady. Ol ilki gözýetimiň arkasynda
iki gapdalyna gernip oturan ak bulutlara juda meňzeşdi.
Onuň öz peýwagtyna ýüzüp ýören ak ýelkenli gaýykdygy ol
birneme golaýlaşandan soň belli boldy. Men ak ýelkenlije
gaýyk bilen gyzyklanyp, ýuwaş-ýuwaşdan oňa höwrügip
ugradym. Öň näme hakda oýlanyp duranym hem tizden
ýadymdan çykdy... Ak ýelkenlije ol gaýyk, şol barmana,
Amangül enäni meniň ýadyma düşürdi. Onuň başyna ak
salnyp, şu ummanda aýlanyp ýören ak ýelkenli gaýyga
meňzäp, oba içinde aýlanyp ýörenini bir menem däl, tutuş
oba arzuw edipdi...
***
Amangül enäniň oba gelinleriniň arasynda ýörgünli ady
Aganazaryň enesidi. Hemmeler öz adynyň gapdalynda
308
oglunyň adynyň hem tutulmagynyň garra ýakymly bolýandygyny syzýan ýalydylar. Ýogsam, indi onuň töweregindäki
aýallaryň käbirleri bolaýmasa, özgeler Aganazar gidenden
soň öýe düşen gelinlerdi.
... Ol Aganazary gundap eline alan güni özüniň bu dünýä
hut şujagaz bäbejik üçin gelendigine, indi durmuşdaky öz
ornunyň hemişe şunuň bilen ölçeljekdigine pähim edipdi.
Aganazaryň peýda bolmagy onuň üçin şatlygyň,
aladalaryň peýda bolmagy boldy. Häli-şindi onuň pikirleri
bulutlaryň deňiz ýokarsyna göterilişi ýaly, Aganazaryň
ertiriniň ýokarsyna göterilerdi...
Ir ertir gapy açylardy-da, Aganazaryň bir eli çagaly gelni
gelip, ata-babalaryň dessuryny saklap, gapydan salam berip
girerdi. Onuň elindäki ak köýneklije oglanjyk ejesiniň
elinden düşerine mähetdel, ylgap gelip, enesiniň Amangülüň gujagyna dolardy. Hut Aganazar ýanynda bolany
üçin bolsa gerek, adamsynyň durmuşyň bir ýalňyş
öwrüminde galany hem onuň bagt diýen zatdan, göresi gün
diýen zatdan tamasyny üzmegine sebäp bolup bilmändi.
Onuň ogly ulaldygyça, boý tartyp, ýörän wagty düňderilip, nazary durlanyp, kakasyna meňzedi. Amangül eje
şonda ogluna seredip: «Özüň meňzeseňem, ömrüň bir kakaňa
meňzemesin» diýip, hyýalynda juwan ýaşda gözünden uçan
adamsyny ýatlap, ogluny ýagşy niýet bilen goraglardy.
Ol günler Amangül eje üçin oba toýlaryna barmak hem
diýseň ýakymlydy. Ýetişen gyzly eneler onuň bilen
içginsireşip, garyndaş bolaýmaga-da göwünleriniň bardygyny syzdyryşyp, saglyk-amanlyk soraşyp oturardylar. Özi
ene bolansoň, oňa ene ýüregine düşünmek kyn däldi. Her
enäniň öz çagasyna gowyny arzuw edýäni belli zat. Şol
wagtda hem ogluna iliň hyrydar nazarynyň bardygyny
syzmak, bu-da bir ýakymly zat bolar ekeni.
Aganazarly günleriň biridi. Goňşy hatardan tegelek
ýüzlüje gyz olaryň goňşularynyň gyzynyň ýanyna tikin-çatyny
309
bilen zygyr-zygyr gatnamany çykardy. Iki gyz kölegede
oturyp keşde çekerdi. Soň eşidip otursa, ol bu ýere tikin
bahanasy bilen Aganazaryň didaryna höwesek bolup gelýän
maşgala eken. Ene bir gezek bir ýerden öýüne dolanyp gelen
çagy Aganazaryň şol iki gyza tudana kakyp berip duran
wagtyna gabat gelipdi. Gyz şonda, näme üçindir, Amangül
ejäni görüp, ýaňaklaryny al öwüsdirip utanypdy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
  • Parts
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2200
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2165
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2122
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2132
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2125
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3883
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2137
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2085
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1983
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 1960
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1909
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 2039
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 1951
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 1975
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1998
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2138
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2069
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2119
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2021
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2224
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2079
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 2526
    Total number of unique words is 1501
    36.2 of words are in the 2000 most common words
    49.7 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.