Latin

Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05

Total number of words is 3862
Total number of unique words is 2165
31.5 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
54.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
pagtasyny çekip alansoň, oturardy-da, panus çyranyň
yşygyna çot kakardy. Pagta az ýyglan günleri onuň elleri
maňa çot kakman, nägilelik bilen çotuň düwmelerini
mynçgalaşdyryp oturan ýaly bolup görünýärdi.
Kakam hasap-hesibe güýmenýärkä, uzynly gün elewräp
çöpüň içinde gezen adamlar, pagta serilýän meýdançanyň
demirgazygyndaky basdyrmanyň aşagynda, üýşmeklenip
goýlan pagta tümmekleriniň üstünde ornaşyp, hyýallarynda
tizräk öýe, ýazgynlyga, ýyly nahara ýetmegi arzuw edişip
oturyşlaryna, ondan-mundan gürrüňleşip, kakamyň işini
gutararyna garaşardylar.
Kakam çot kakyp bolansoň, her kimiň näçe ýyganyny
okap bererdi. Tapawutlananlara hoşamaýlyk edip, az
ýyganlary ökde bilen deňäp utandyrardy. Hemişe-de iş
gününi şol bir sözler bilen jemlärdi.
- Tijeneliň, adamlar, häzir ýagyş, gar ýok mahaly
alanymyz alanymyzdyr. Ygal bolsa, bu bereket tapdyrmaz!
70
Meniň kakama kömek edesim gelýär. Onda-da adam
oglunyň elinden gelmejek kömegi edip, onuň brigadasyny
öwgüli brigadalaryň deňindenem aňyrlygyna ötüresim
gelýärdi. Mahal-mahal «Nädip kömek etmeli?» diýen soragy
pikirimde, oýan-buýana togarlap görýärdim. Bir gün ahyry
meniň pikirim «Goşa derwezede» saklandy.
Bir mahallar Çardagly Çandybile ýagy dökülen çagy,
Görogly beg hem öz ýigitleri bilen şu derwezeden ötenmişin.
...1941-nji ýylda oba ýaşululary urşa ugraýan ýigitleri
hem hut şu ýerden ugradyp, olaryň ýeňşe bolan ynamlaryny
has-da ulaldanmyşlar. Ynanýan, Goşa derweze şol adamlara,
ýeňiji bolmaga kömek edipdir. Onuň kakamyň brigadasyna
hem delalaty deger.
Birki ýyllykda taryh mugallymymyz biziň klasymyzy özi
bilen «Goşa derwezä» gezelenje äkidipdi. Ýaz günleridi.
jülgäni dolduryp ösen ot-çöpler guşaklyga çykypdy.
Gapdaldan sereden mahalyň, Goşa derwezäniň biri-birine
çalym edip oturan iki sütüni derýa kenaryna, onuň iki
aralygyny dolduryp ösen ot-çöpler bolsa tolkunyp akyp ýatan
suwa meňzeýärdi. Töwerekde ýapylara ýaýrap ösen çigildem
gülleriniň süňňünden ýakymly ys göterilýärdi. Şemal ösen
mahaly bu ys has-da möwjeýärdi. Ol şonda Hindiguş dagy
tarapyndan akyp gelýän ýaly bolup duýulýardy.
Biz şol gezek giç öýlänler, ýagşa süllümbaý ezilip, ýadaw,
şeýle-de bolsa, diýseň şadyýan halda oba dolanyp gelipdik.
Ikinji gezek Goşa derwezä gidenimde, ýer alagardy.
Erez-erez gulaklyja ir ýetişýän melewşe gülleri garyň
aşagynda ýaňy ikigulak bolup ugran ekeni. Biz üç bolup,
Hommatjanyň eşegine syrtlaşyp gidipdik. Ýola beledimizem,
içimizde ekabyrragymyzam Sapardy. Ýöne üşär öýdüp,
dözmezlik edip, gök eşegiň kürresini obada kümä gabap
gaýdanymyza soň ökündik. Biz pilçämiz bilen melewşäniň
ýumurtga meňzeş akja kösügini köwläp ýörkäk, böke-böke
duşagyny üzen eşek hyzzynlady-da, bidir gaýtdy...
71
Goşa derwezä bolan ynamym ahyr bu gün meni ata
çykardy. Şol gün men Gün guşluk ýerine galýança, başymy
ýerden götermän, hars urup pagta ýygdym. Guşlukda gawun
iýmek bahanasy bilen gyra çykyp, tutly atyzyň gyrasynda
örklengi duran Gyr atymyň ýanyna geldim. Birsalym oturyp,
gawunymy dilimledim. Hem özümi, hem Gyr atymy
naharladym. Hyýalymyň bu başyndan girip, o başyndan
çykyp esli oturdym.
Ýapdan geçip, kolhozçylardan ýagşy arany açýançam,
Gyr atymy idip yzyma düşürip ýöredim. At aýagynyň
aşagynda pyýada üç-dört sagatda geçilýän ýol ýolmy näme.
Gyr at birsellem ýorgalansoň, hä diýmän Goşa derweze
öňümizden çykdy.
Aralykda araba ýol goýup, gapdallaşyp, egin deňeşdirişip, Hindiguş daglaryndan gelýän jülgäni dolduryp,
depesi bilen gök diräp oturan iki deňeçer depe üstüme abandy.
Ýaz aýy ýaşyl öwsüp oturan otlar saman bolup töwerekde
pytrap ýatyr. Atymy sürüp, Goşa derwezäniň aralygyndan
geçip barýarkam, men öz ýüregimiň uruş kadasynyň
üýtgeýändigini syzdym. Goşa derwezäniň bir o depesine, bir
beýleki depesine seredip barşyma, Goşa derweze hem öz
gezeginde: «Seniň yhlasyň hasyl bolar, oglum!» diýip içini
gepledýän bolsa gerek diýip oýlandym.
Şol barmana-da arkamdan kimdir biriniň: «Maksat-myradyňa ýetersiň, oglum, omyn» diýen sözi gulagyma
eşidilen ýaly boldy. Mende Goşa derwezäniň her depesinde
bir aksakgal ýaşuly peýda bolup, ýeňsämden ak pata berip
duran ýaly duýgy döredi. Bu pikirim meni tisgindirdi.
Dolanyp yzyma, Goşa derwezä gaňrylyp seredip bilmedim.
Ýakymly ynam meni öýe howlukdyrdy. Men gelip atymy
baýyrdan pagtaly meýdana indiren mahalym töwerek
çal-çul bolup garaňky gatlyşyp ugrapdy. Kolhozçylar
töweregi aýlanyşyp, onda-munda goýan pagtaly partyklaryny
derekleşdirip ýördüler. Uzak bir ýerden şagallaryň,
72
gygyryşyp, ertir ýene-de gowy güneşli günüň boljagyny
habar berýän sesleri eşidilýärdi.
Köjäp, ýere ýykan haltasynyň üstünde terne gemrip
oturan Töre meni gördi-de, eňňerede, oslanmadyk ýerde
galan gawunyň üstünden baran ýaly: «E-heý, ine, Eziziň özi
geläýdi!» diýip, kimdir birine buşlaýan ähende ör turup
gygyrdy. Şeýdibem, ol meniň aňyrdan ölçäp-biçip gelýän
planymy bulaşdyrdy oturyberdi. Meniň niýetim duýdansyz
gidişim ýaly hem ýene-de duýdansyz gelip goşulyp çekime
barmakdy. Az ýygmagymyň sebäbini «Başym aýlandy, keşiň
ugrunda ýatdym» diýen bahana bilen düşündirjekdim. Şeý
diýsem, kakam ynanar. Sebäbi meniň öňem başym aýlanýardy. Burnum ganaýardy. Meni gözden geçiren lukmanlar
köpräk üzüm iýmegi maslahat beripdiler.
- Eý, näme gygyrýaň?
- Seni adam bary gözläp ýör-eý!
- Hä, näme üçin gözleýärmişler?
- Üçini şol, ýitseň gözlenmeli borsuň-da.
Gykylygy üçin Töreden göwün etmegiň geregem ýok
ekeni.
Meniň at münüp, gyra tutduryp gidenimi Ogultäç diýen
bir gelin ýaba suw içmäge baranda gören ekeni. Geler ýerde
gelmämsoň, kakam ilki adam iberip öýden habar aldyrypdyr.
Ol ýerdenem meni tapmansoňlar, ulag tapyp, Jumaty
zwenowody meniň gözlegime ugradypdyrlar.
Kakam meni gördi-de: «Bu nä boluş, han ogul, gidilen
ýere aýdylyp, arkaýyn edilip gidilmez eken-ä?» diýen manyda
seretdi.
- Bar, atdan düşmän, göni öýe git. Eneňe bir görün!
Enem meniň gürüm-jürüm bolanymy eşidip, howsala düşen
ekeni. Hydyr-Ylýasyň ýoluna jüp çöregem aýdypdyr. Ol meni
daş işikde görüp gujaklanson, aglap içerik girdi. Oňa derek,
enemiň ýanyna göwünlik bermäge gelen goňşymyz Kümüş
enem maňa käýindi.
73
- Aýdyp gitseň bolmadymy, oglum, eneň-ä öňem bir
çölden gözi gorkan adam - diýip, atamy ýatlatdy...
Hemmeler: «Aýdyp gitseň bolmaýarmy?» diýişýärler.
Aýtsam meniň ol ýola ýeke özümi goýberjek gümanlary
barmy näme?! Ýöne Sapardyr Hommatja dagynyň birine
gitjek ugrumy aýdyp gidäýmelem ekenim. Kim bilýär munuň
ýaly bolaýjagyny.
Agşam kakam işden gelip, nan-çaýyny iýip-içensoň,
kontora gitmek üçin geýnip durka, meniň niräk gidenimi
sorady. Men öz bitiren işimi gürrüň berip, indi öz
brigadamyzyň ýeňiji boljakdygyny, hiç brigadadan yza
galmajakdygyny, «Goşa derwezäniň» bu meselede bize kömek
etjekdigini kakama düşündirdim.
Gülüp ýören adamam-a däldir welin, nämüçindir, meni
diňläp kakam ýylgyrdy. Enem bolsa meni diňläp, ýene-de
köne heňine tutdy.
- Ýatsaň-tursaň ýadyňa düşmejek bir hyýala münendir
diýip aýtdym-a. Munuň tohumyna beled-ä men. Ömürboýy
gulagyny gazap-gazap, munuň sakgally-sarmyklysyna gep
düşündirip bildimmi men? Aty, çöli wagtynda taşlanlygynda,
öýüň töwereginde gymyldap ýören aksakgal bolmaly. Ah,
bolýa-da, ýöne galanlary sag bolsun...
Enem soň Ýazgül ejäniň Akmyradyny ýatlap, biziň taryh
mugallymymyzyň üstünden döküldi. «Ýazgülüň agtygy
Akmyratjygyň dagy müçesi nämejik, şo-da, «Ulalsam
Magtymguly şahyr ýaly Hindistana gitjek» diýýämiş. Ýazgül
bolsa: «Gitme oglum, hor borsuň, bäri-bärde Hindi barmy?»
diýip ýalbarýamyş. Ol bolsa: «Ene, maňa ýalbarma, men
barybir gitmeli. Türkmen derwezesini, Magtymguly şahyryň
gören ýerlerini hökman görmeli» diýýämiş.
Ulalyp, özüni oňaransoň gidenin-ä indi ol razy bolupdyr.
Ýöne kellesiniň ugruna häzir bir gün niredesiň Hindi diýip
tutduryp gidiberermikän diýip gorkýar.
74
Belanyň körügi Allaýar çopanyň Aşgabatdan getiren kiçi
oglunyň gelni Mährijemaldamyşyn. Şol gelin oglanlara
ony-muny gürrüň berip, olary öz gününe goýanokmyş.
Ýogsam, ýumruk ýaly çaga Türkmen derwezäni näbilsin,
Magtymgulynyň Hindä gidenini näbilsin?!
Ol ýyl Nazar Gowşagyň ogly nätdi? Hol ilerki gyryň
üstünde oturan ýüzi hatly daşy atasynyň işikde goýan
traktory bilen ýykmadymy näme? Şonda-da Mährijemalyň
eli barmyş. Mährijemal şol daşyň ýüzündäki haty okap, ol
daşyň keseki ýurtly basybalyjynyň başujuna goýlandygyny
anyklap, okuwçylaryna gürrüň beripdir.
Nazar Gowşagyň ogluny tutup, «Näme üçin beýtdiň?»
diýip sorasalar, ol: «Duşman ýadygärliginiň biziň ýerimiziň
üstünde oturmaga haky ýokdur» diýenmiş. Ana, oňa näme
diýjek? Heý, şu sözler şol oglanyň tapjak sözlerimidir?!
Jigim öýüň içinde uçup-gonup dükürdäp ýör. Adyny
tutsaň durup, mylaýym çaga nazary bilen ýüzüňe ýylgyryp
seredýär. Şonda onuň ýüzi birhili kakama çalym berip gidýär.
- Çüçüwe münjekmi, jigim? - diýip, men Gyr aty onuň
ýadyna saldym.
- «Ho-ho» - diýdi-de, jigim özüniň maňa düşünendigini,
elini mal ýataga uzadyp mälim etdi. Soňundanam sallançakdaky ýassyga münüp, at çapyp ugrady. Jigim büdräp dökmez
ýaly käsesini diwar gapdalda goýup, çaý içip oturan enemiň
ýüzi parahatdy. Ýöne jigimiň ýassyk saýgylap boluberşi,
ýene-de onuň içini gepletmegine, uludan dem almagyna sebäp
boldy.
... Gije-gündiz ylgasagam, biziň azabymyz ýerine
düşmedi. Tabşyrylan tonna hasaby geçen ýyldakydan ep-esli
artyk bolan-da bolsa, brigadamyz pellehana ýetip bilmedi.
Ýogsam, biz kakamyň abraýy üçin elimizden gelenini etdik.
Iki eplenişip, üst-başymyzy agyn şire edişip, telim aýlap,
güýzüň başyndan, tä eňňerä çenli gowaçalar bilen ýakalaşyp,
pagta ýygdyk.
75
Bilagyrysy sebäpli enem indi iki-üç ýyldan bäri pagtaly
atyzyň töwereginde görünmezdi. Bu ýyl o-da: «Bir partyk
ýygsam, bir peýda» diýip, sypynsa gelip, biline partyk
dakynyp atyza girdi. Beleň berip, jigilerime-de öz gapdaly
bilen äkidip ýygdyrdy. Barybir, ýylahyrda kakamyň
brigadasy kolhoz boýunça planyny doldurmadyk bäş
brigadanyň biri boldy.
Gyr at elden gidensoň, men kakamyn brigadirlikden
aýrylanyna diňe şondan soň gynandym. Kakam brigadirlikden aýrylyp gelen gününiň ertesi Gyr aty äkidip, atýataga
tabşyryp gelipdir. Gyr atyň öýden gitmeginiň meni
gynandyrjagyny kakam göz öňüne tutupdyr. Ol Gyr aty
öýlän, men mekdebe gidenimden soň, öýden äkidipdir. Gyr
at kişňäp gazygynyň töweregini aýlanyp durka, men
öýümiziň ýetmezi bardyr öýtmezdim.
Wezipe hiç. Men kakama belet, ol demre demini ýöredip
bilýän adam. Demre düşünýän adamyň bolsa her ädimde
gerekdigi-de belli. Ol traktor sürer ýa-da ýene-de ony traktor
brigadirligine saýlarlar. Traktora gezek gelende, onuň öz
öňüne adam geçirmejegine men ynanýan.
Bir ýerini omrup ýa-da başga bir kem tapynyp, süýrenip
gyra çykan traktoryň kakamyň eli degensoň, ýene-de öwrülip
meýdanyň üstüne çöwjäberýänini, kakamyň traktor brigadiri
bolup işleýän ýyllary, ýanyndan ot-odun ýükledip alyp
gaýtmak üçin baranymda köp görüpdim. Traktorçy daýylar
käte meni traktora mündürip begendirerdiler. Traktorçy
daýylar ýag ýokly bedrä guýlan suwdan içseler menem olara
öýkünip, suwuň ýokarsyndan ýukajyk ýag perdäni üfläp
içerdim. Sebäbi meniňem ýer sürüp traktorçy bolup işläsim
gelýärdi. Men häli-şindi ýene-de bir zadyň şaýady bolardym.
Kakam obanyň töwereginde ýer sürüp, alaň tekizläp ýören
traktorlaryň sesinden, ony kimiň sürýänini anyk bilerdi.
Haýsydyr bir traktoryň sesi göwnüne ýaramasa, ol käte
kimdir birine käýinerdi.
76
- Kolhoz muňa traktor ynanýar, hakyna seretseň, bu
korly adama eşegem ynanmaly däl. Häzir düşüp, şol gowşan
nurbatlary on ýedilik açary alyp, birki gezek çekäýse boljak
welin. Aňmaz... - diýip, oturan ýerinden janyny ýakardy.
Bir sagada galyp-galman bolsa, mellegiň aýagujundan itden
çekinip öýe ýakyn gelip bilmän duran traktorçynyň sesi
eşidiler.
- Ýazdurdy aga, aý, Ýazdurdy aga.
- Bar, ine, çykýa diý - diýip, kakam, köplenç, ilki maňa
özüne derek «hä» berdirerdi.
- Kakaňa aýt, bäri çyksyn.
- Häzir barýan diýýär.
Sürüm mahaly ýer sürýän traktorlaryň işi başdan agdyk
bolýar. Olara ýekeje minutam bihuda geçirmäge rugsat
edilenok. Kakam daş işikde asylgy duran güpbüsini egnine
atar. Ozalagşamdan taýyn edilip goýlan içi gaýnag suw
guýlan termizli çaý-çörekli sumkasyny eline alyp ugrar...
***
Men indi Gyr atymy hemişe ot küdesiniň aralygyndan
gelip, bukulyp görýärin. Atbakanyň jaýyndan çykyp özümi
göräýmeginden çekinerdim. «Kakaň brigatlykdan aýrylansoň, indi näme atyň töwereginde köwejekläp ýörsüň, bar,
ugra şu ýerden, bu ýerde seň işiň ýok!» diýip ýüzüme geläýse,
näme diýip bor?
Gyr atym meni gördügi atlaryň arasyndan sogrulyp
ýanyma gelýär. Oňa meniň ýalyny-maňlaýyny sypalap
hoşamaýlyk etmegim däl-de, odujak-budujak iýdirmegim hoş
ýakýar. Kakamyň ornuna täze birgat saýlanansoň, meniň
bu mydarymam uzaga çekmedi. O-da Gyr aty özüniňki hasap
edip, äkidip öýünde saklap ugrady. Hawa, şol ýagyşly gün
Gyr at bilen meniň iň soňky duşuşygym bolan ekeni.
Men bärden süllümbaý ezilip baran wagtym Gyr atymyň
basdyrmadan boýnuny görkezip ýagşa seredip duranyny
77
gördüm. Belki, ukusy tutup, irkilip durandyr. Ýagyş
birsydyrgyn ýagan mahaly ukyňy tutdurýanyny men bilýän.
Pessaý ses bilen ilki adyny tutan mahalym, Gyr at meniň
sesimi eşitmedimi ýa-da eşitse-de, ol sesiň meniň sesimdigini
aňşyrmady. Ikinji gezek howada ady eşidilen mahaly, Gyr at
öwrülip, sesiň gelýän tarapyna, bassyrma bilen ot küdesiniň
aralygynda ösen tutluga tarap seretdi. Ol meni görüp, ýagşy
hasaba alman, basdyrmadan çykyp ýanyma geldi. Ýöne meniň
ony ýagşyň astynda uzak saklasym gelmedi. Jübimden oňa
niýetläp getiren patragymy aýamda tutup iýdiremsoň, Gyr
aty yzyna ugratdym.
- Bar, Gyr atym. Gün çykanda, men ýene gelerin, bar!
Bir gezek men Gyr aty görmek niýeti bilen täze
brigadirleriň öýüniň duşundan geçdim. Gyr aty göremsoň,
meniň ony gorduryp bir ýerlere gidesim geldi. Bu garagol
pikiriň şol wagt nireden kelläme gelenine men henizlerem
haýran.
Ýandak küdesiniň arkasy bilen bukdaklap bardym-da,
Gyr atyň kellekili ýüpüni gazykdan boşatdym, gapy ornuna
keseligine goýlan keltegiň üstünden onuň diriňňe bökjegi
maňa bellidi. Gyr atyň uýanyny gözledim, ýöne ýakyn
elýeterde gözüme ilen zat bolmady... Çakym uýan, üstüne
eýer atylyp goýlan töňňäniň töwereginde bolmaly, emma ol
ýer gapa golaý, golaýlabersem, kimdir biriniň çat maňlaýdan
çykaýmagy mümkin. Kellekiniň ala ýüpüni gamçy edinip,
bir gezek çalarak suňşurdym. Gyr at segräp öňe atyldy.
Ýalyndan pugta ýapyşanym gowy bolan ekeni, tas Gyr at
aşagymdan çykyp gidipdi.
Gapdaldaky o ýerine, bu ýerine arlyk serlen gowaça
küdesinden bir aýal gowaça sogrup duran ekeni, oňa ata
çykamsoň, gözüm düşdi.
- Hi, hi, oglan, ol ýabyny niräk alyp barýaň? - Gyr at ol
aýalyň gykylygyny piňine-de almady. Iki ädende atylyp,
hataryň çetine çykdy. Sürlen ýeriň gyralaryndaky çaran78
ýodajyga düşüp, gamyşly köwüň ýaýrap oturan ýerine tarap
süýnüp gitdi.
Gamyşly köwe arkalanyp ösen ot-çöpleriň arasynda
gyzylinjik bolşup oturan buýanlaryň ýakymly ysy bardy.
Daş-töweregimi synlap, golaý-goltumda hiç kimiň ýokdugyny
görüp atdan düşdüm.
Gapdaldan Juma mergeniň garrap süýegini zordan
süýräp ýören ysçy iti ötüp barýan ekeni. Ol meni görüp
sägindi-de, ýüzüme dikanlap seredensoň, ýene-de ýoluna
gitdi. Hemişe-de ol it Juma mergeniň yzyna düşüp awa
barýarka ýa-da awdan gaýdyp gelýärkä häli-şindi bize gabat
gelerdi. Ýol üstünde oýnamagy gowy görýän oglanlar bolan
biz ýoluň gyrasynda durup awdan göwnühoş, üç-dört ýabany
towugy kemerinden asyp gelýän Juma mergeni, onuň itini
gözigidijilik bilen synlardyk. Bu pursat hemişe biziň Juma
mergen ýaly awçy bolmagy, yzymyza ysçy it tirkäp aw awlap
gezmegi arzuw etmegimize sebäp bolýardy...
Sarybaýyň öň köp gezen ýerlerini aýlanyp, Juma mergen
bilen aw awlap gezen bagtly pursatlaryny ýatlap gelýän
bolmagy mümkin. Juma mergen indi ýok, ol iki-üç ýyllykda
tarpa-taýyn ýogalypdy. Ýogsam, häzir onuňam bu ýerde
maňa gabat geläýmegi-de mümkin ekeni. Eden işim hakynda
oýlanamsoň, ýene-de biraz bileräk bolanymyzdan soň, Gyr
atymy at ýatagynyň bäri ýanyndan eltip gaýtmagy mamla
bildim. Derbent ýabyň boýy bilen öňümde egrelip-dogralyp
barýan ýodajygyň yzyna düşüp barýarkam, ýabyň öňündäki
depeden oýtarlap aýlanýan ýerindäki güzerde biriniň
birzatlar edişdirip ýörenini gördüm. Üç-dört ýyllykda ir bilen
Gyjan aga ota geçip barýarka, şol güzerde jork-batga batyp
galan ýabany doňzuň üstünden gelipdir.
Ýene-de bir doňuz batga batyp galaýdymykan?
Güzerdäki adamy görüp, ilki kelläme gelen pikir şu boldy.
Güzerde menden üç klas ýokarda okaýan Meret uzynyň bir
79
özi suwy ýatyrylan ýabyň balyklyryny tutup ýören ekeni.
Ol meni görüp, kömege çagyrdy.
- Gel, ganaryň bir gapdalyndan tutuşsana! Şu suwda
şuňňalak bir mähnet balygam bar - diýip, bir satanyny
görkezdi. Men Gyr aty ota goýberip, Meret uzyna ýoldaş
boldum. Meret uzynyň özi suwuň çuňrak ýerinden ýöredi,
menem mahal-mahal suwa gaçyp onuň gapdaly bilen ýöredim.
Ortasy iki ýarylan ganar-tora el ýaly, ondanam ulurak
balyklardan eslisi çolaşdy, ýöne wagty bilen «Satan ýalak»
balyk gabat gelmedi. Belki, ol suwda däl-de, Meret uzynyň
pikirindäki kölde ýüzüp ýörendir. Meret uzynçylykdyr-da,
meni gyzyklandyrmak üçin diýip goýberendir.
Ol tutulan balyklary iki bölensoň, onuň bir bölegini maňa
galdyrdy. Awy oňan Meret uzyn şundan soň hiňlendi-de, oba
tarap gitdi. Menem garagörnümdäki hyşalaryň arasynda
otlap ýören Gyr ata tarap ugradym. Gyr atyň ýanyna ýetip
barýarkam, ýeňsedäki hyşalaryň biri şygyrdady-da, onuň
arkasyndan täze brigadyň ogly Tally çykdy. Ine, saňa gerek
bolsa. Ol meniň yzymdan gelen bolmaly. Tally sekizinjide
okaýar, menden üç synp ýokary, şonçaragam onuň güýji hem
menden üstün.
- Ýeri, at ogrusy, aty näme ogurladyň?
- Ol biziň atymyz - meniň ilki dilime gelen sözem şu
boldy.
- Ol siziň atyňyz bolupdy. Indi bolsa däl. Düşündiňmi?
Seniň iş oňarmaýan kakaňy wezipeden kakyp düşürdiler.
Düşündiňmi?
- Seniň kakaňam täze ýyl pyzarlar. Meniň jogabym
Tallynyň gazabyny çäginden çykardy. Biz tutluşyp gitdik.
Zora-zor diýmeli, ol meni mydyrtdam etdirmedi. Elimi
gaňryp her ýaňagyma-da bir gezek suňşurdy:
- Gör bujagazy, edenim ogurluk diýenok, gaýta, lammy-lammy edip gep nokatlan bolýar - diýip, haş-haş etdi.
80
Burnum ganap ugransoň, çekindimi nämemi, ol gitmek
bilen boldy. Tally ata çykan wagty, menem bir gezek soňundan
ýatlap göwün aldarlyk ýeňiş gazandym, sögünip gahar bilen
aýlan kesegim Tallyny buruljyrap, ýagyrnysyny tutmaga
mejbur etdi. Ýeňşim göwnümi göterdi. Men ýene-de
töweregimi sermeläp, aýlap salara amatly bir zat gözledim.
Tally at çapdyryp gaçyp barşyna:
- Entek sen mekdebe barman oňmarsyň, şol ýerde seni
görerin - diýip, meni mekdepde boljak çaknyşykda gazanjak
üstünligi bilen gorkuzjak boldy.
Elimde birtopar gamşa düzülen balyk bolansoň öýdäkiler
köýnegimiň çäk açylan ýerini, palçyk degen ýerlerini
görselerem, meni kimdir biri bilen ýaka tutuşyp gelendir
diýip çak etmediler.
Günä özümde bolansoň, meniňem bu wakany ýatlasym
gelmedi.
Tallynyň «Ertir mekdepde görşeris» diýen sözi balyk iýip
otyrkam hem, öýe berlen meseläni işläp otyrkamam ençe
gezek ýadyma düşdi. Elbetde, onuň ýadynda-da, güýjünde-de
artykmaçlyk bar. Ýöne ol bir depende ýeri godukladýan-da
bolsa, meniňem-ä ýöwselläp ötünç sorap, onuň öňünde
kiçelmejegim çynym. Meniňem uly synplarda okaýan,
tarapymy çalaýjak adamlarym ýok däl.
Şol günüň ertesi sapak gidip duran mahaly kimdir biri
gapyny kakdy-da, mugallym bilen gepleşdi. Ol meni gapa
çagyrdy. Tally eken. Ol mugallymy bir zatlar diýip aldan
bolmaly. Ýogsam, mugallym gidip uruşmak üçin rugsat
berermidi?! Tallynyň hemmeler okap oturan mahaly ýeriň
giňinde ar almakçy bolany belli boldy.
- Ogry, bärik gel! - Ol maňa gapydan çykyp-çykmankam
yzyma düş diýen manyda baş atyp, yşarat etdi.
- Ejeň ogry - diýip, menem onuň yzyna düşüp barşyma
onuň özüniňkidenem teýeliräk jogap gaýtardym. Meniňem
öňürdip bir gulagynyň düýbüne ýelmäp bilsem, ýeňerin diýen
6. Sargyt
81
tamam bar. Çaknyşygyň boljagyny öňünden bilenim üçin,
daýymyň gullukdan dolanyp gelende guşanyp gelen kemerini-de
köýnegimiň aşagyndan guşanyp gelipdim. Meniň häzir
ýüregimi suwly edýän zat hem, ine, şoldy. Öňden barýan
Tally saklanan mahaly, menem kemerimi elime çolap
çemelenmäge ýetişdim.
- Kimiň ejesi ogry, ä?
- Seň ejeň ogry - men öňki aýdan sözümi ýene-de bir
gezek gaýtalap, garşydaşyma öňki depen ýerimi depýändigimi, ýöwsellemeýändigimi mälim etdim. Bary-ýogy men
ýekeje gezek Tallynyň arkasyna elimdäki ýasy kemer bilen
ýelmemäge ýetişdim. Ol meniň çak edişimden tiz hemem
batyrgaý hereket etdi. Goç bolup süsen mahaly men serrelip
arkanlygyma ýykyldym.
- Eý, eý. Hany, bäri duruň!
Bir seretsem, mekdebiň sport mugallymy bize tarap ýetip
gelýär. Ol geçip barýan eken-de, biziň urşup duranymyzy
görüp sowlupdyr.
- Hany, ikiňem ýakynrak geliň, näme gowaça paýlaşyp
bileňzokmy?
Men mümkinçilik tapyp gaçmaga hyýallandym, hälem
onuň öňünden gaçyp gutulmajagym, onuň çişik Ýakup
mugallym däl-de, ylgaşyk boýunça uly ýaryşlara gatnaşyp
ýören sport mugallymdygy wagtynda ýadyma düşäýdi. Ol
herimiziň bir golumyzdan tutup, bizi idenekledip,
mugallymlaryň arakesmede üýşüşip oturýan otagyna saldy.
Biz öz urşumyzyň sebäbini mugallymlaryň öňünde birin-birin
aýdyp bermeli bolduk. Ýöne düýäň ulusy köprüde taýak iýer
diýleni boldy, igenjiň köpüsi Talla degdi. Meni sapakdan
çagyryp alany üçin bolsa oňa has ykjam käýeldi.
Ahyrda, biz indi gaýdyp birek-birek bilen uruşmazlyga
ant içip, mugallymlaryň deminden zordan sypdyk.
Zalda maňa Meret uzyn gabat geldi. Ol düýn tutulan
balyklara şaýat etmek üçin meni gözläp ýören ekeni. Onuň
82
sözüne oglanlar ynanmadyk bora çemeli. Meret uzyn şonda
şaýat hökmünde meniň adymy tutupdyr.
- Düýn ikiňiz bir halta balyk tutduňyzmy?
Ýok diýsem, gülmäge çemelenip duran tegelek ýüzli Seýit
soragy ilki berdi.
- Hawa, tutduk. - Men baş atyp, Meret uzynyň ýüzüne
seretdim. Sebäbi men ol ýerde bolan öňki gürrüňden
bihabardym. Gepimiz iki çyksa, Meret uzynyň ýoldaşlarynyň
öňünde diliniň kelte boljagy belli.
- Soraberiň, soraberiň, ine, meniň gözlüje şaýadym diýip, Meret uzyn meni görkezip, sözüne ynanmazlyk eden
ýoldaşlarynyň üstünden hökümli seretdi.
- Şol satan ýaly ullakan balygy görübem, onsoňam ony
tutman gaýtdyňyzmy?
- Üşedik. Onsoň gaýtdyk.
Ine, gördüňizmi, bu adamlaryň yrýa gepi bolmaz diýen
manyda Meret uzyn ýoldaşlarynyň ýüzüne seredip, kibtini
gysyp ellerini serdi.
Meret uzynyň menden göwni bitdi. Şundan soň ol meniň
näme üçin kontordan çykanymy sorady.
- Kontora özüň bardyňmy ýa-da eltip dykdylarmy?
- Eltip dykdylar.
- «Är başy gowgasyz bolmaz». - Meret uzyn ol ýeri köp
gördüm manyda gürledi.
- Gyzlaň saçyndan çeken-ä dälsiň?
- Ýok.
- Şolara degmäweri. Gyzlara degseň, şu ulular asyl
halanoklar.
- Ýok-la, olar bilen işim ýok. Men Tally bilen uruşdym,
bedenterbiýe mugallym bizi görüp tutdy.
- Haýsy Tally ol? Hä-hä, sekizinji «B»-lerdäki Tallydyr
ol.
- Kakasy ýakynda birgat bolan Tally-da.
83
- Hä, boldy, ol näme üçin seň - Merediň dostunyň
göwnüne degýärmiş. Güýjüne baýrynýardyr ol. Senem Ýaza
aýtsaň bolmadymy? - Meret uzyn meniň doganoglan
agalarymyň biriniň adyny tutdy.
- Hany onda, sen şu ýerde biraz dur!
Meret uzyn meni zalyň gutaran ýerinde galdyryp, özi
hasanaklap gitdi-de, birsalymdan Tallyny öňüne salyp geldi.
- Ine, günäkäri getirdim. Özi näçe gezek saňa el salan
bolsa, senem ýelme şonçany, men arkaňda durkam çekinme,
deminem almaz!
Meret uzyndan göwnüm bitdi. Onuň gözüni görüp durka,
Tallynyň «byt» etjek gümany ýok.
- Me onda! - Men garaşylmadyk ýagdaýda gapdalda
gözlerini balkyldadyp kaýyllyk bilen ýuwdunyp, alaçsyz
duran Talla elimi uzatdym. Töwerekde bizi synlap, bir
hezilligiň bolaryna garaşyp duran oglanlar şundan soň meni
Tallynyň özüne bir ýerlerde ýeke gabat gelmekden
gorkýandyr öýtdüler. Meniň bolsa ýadyma meseläniň başga
bir tarapy düşdi.
Tallyny birki gezek çalanym bilenem, barybir, indi ýerine
geljek zat ýok. Men nätsemem, Gyr ata indi Tally müner.
Sebäbi nä, oň kakasy brigadir.
- Çynyňmy? - Tally kibtini gysyp, ynanmazlyk etdi.
- Ile gülki bolmaly!
- Menem razy.
Biz hemmeleriň gözüniň alnynda el gysyşyp, geçeni geçdi
bildik. Men öz hereketim Meret uzynyň gaharyny getirer
öýtdüm. Ýöne ol çykalga tapdy.
- Gördüňizmi, men ýöne-möne adam bilen ýoldaş bolup
balyk tutýan däldirin - diýip, amaty gelende meniň
hereketimi makullap, ýene-de bir gezek köpüň öňünde özüni
magtady.
84
Epilog ornuna
Men ukudan oýanan mahalym, Günüň dogar ýeri al
reňke boýalyp, ýaňy gyzaryp ugrapdy. Garşymdaky penjire
açylypdyr, ondan daşarynyň ýakymly howasy akyp gelýär.
Penjiräniň açylmagy bu indi bireýýämden bäri enemiň aýak
üstündediginiň alamaty. Häzir onuň özi içerde ýok. Enem
meni oýaraýmazlyk üçin usul bilen çykyp, öz hysyrdylarynyň
ugruna giden bolmaly. Penjiräniň öňünde meniň agşam ýatar
mahalymyň öňüsyrasyndaky güýmenip okan kitabym açyk
ýatyr. Çaky, men ýene-de kitap okap oturyşyma uklap
galypdyryn. Ol kitaby penjiräniň öňünde enem goýan
bolmaly. Häzir şemal şol kitabyň iki-üç sany sahypasyny
tazykdyryp, pişigiň ýumak çekeleýşi ýaly çekeläp,
şygyrdadyp oýnaýar.
Men hemişeler edebi kitaplary ürç edip okamazdym.
Klasymdaky kitaphonlukda ýakasyny tanadan, eli kitapsyz
hol ýerigem çykmaýan, wagtal-wagtal sapak mahalynda hem
partasyna bukulyp edebi kitaplary gyzygyp okaşdyrýan Aýna
diýen bir gyzyň bolup ýörşi bolsa meniň hemişe gözüme däl
bolup görnerdi. Ol barasynda öz ýanymdan: «Şu-da bir
ýoknasyz gyz-ow» diýip oýlanýardym.
Bir gezek Aýnanyň kitaphonlugy hakynda, onuň
arakesme aralygynda hem haýsydyr bir kitaby okaýanlygy
hakynda, okap-okap gözünem eýýäm garry mamalaryňky
ýaly äýnek dakynma derejesine ýetirenligi hakynda, onuň
matematikadan hemişe ölüp üçlük baha alýandygy hakynda,
taryh bilen edebiýatdan bolsa, munuň tersine, hemişe bäşlik
alýandygy hakynda onuň bolup ýörşüni ýaňsylap, enemiň
ýanynda hem gürrüň edenim ýadymda.
Aýnanyň äýnegiň aňyrsyndan balkyldap ynanjaňlyk
bilen seredýän nazaryny, geçiniň guýrugy ýaly jotdaja uly
lentaly saçlaryny enem gözüniň öňüne getiren bolsa gerek.
Enem meni diňläp, ilki ýylgyrdy. Bu onuň meniň ýanjama
85
gürrüňlerimden ýene-de özüçe netije çykarandygynyň
alamaty. Onuň ýylgyrmagyna Aýnanyň gülkünç gözleriniň
däl-de, maňa häli-häzir näbelli bolan başga bir zadyň sebäp
bolan bolmagy mümkin. Ululara indi men belet bolup
barýaryn. Olar ýylgyrmaly zada däl-de, hemişe şol zadyň
gapdalyndan bir zat tapyp, şoňa ýylgyrýarlar. Bu ýagdaý
meniň bireýýämler ünsüme düşen zatlaryň birisi.
- Geňlemäwer, oglum, geňlän çöpüň alnyňdan çykarmyş - diýip, kine gatyşykly sesi bilen maňa ýene-de akyl
berdi.
- Wah-eý, delil üçin daşa gitmegiň nämä geregi bar,
seniň kakaňam birçaklar ejeňe «Gözi şummuk gyz...» diýip
at dakan bordy. Şondan on, on iki ýyl geçdi welin, «Şol gyzdan
başgasy gözüme görnenok» diýip, ýer depdi durdy. Ykbalyň
oýny kändir, oglum.
Edebi kitaplar bilen men diňe Gyr at elden gidensoň,
ymykly dostlaşdym. Kitaplar maňa oýlanmaga kömek
edýärdiler. Oýlanmak, bu bolsa hemişe meniň üçin
ýakymlydy. Öz oýlarymda men ýene-de öz islegim, Gyr atyma
gowuşýardym. Şeýlelik bilenem öň negada bir ýolum düşen
mahaly sowlup geçýän ýerim bolan kolhozyň iki sany insizje
jaýda ýerleşen okalgasy meniň üçin arzyly ýere öwrüldi.
Irginsizlik bilen okalga gatnaýardym. Käte bir, käte
bolsa, iki-üç kitaby hem birbada öýe okamaga alýardym. Her
gezekde men kitaby mundanam köp alsam alardym, ýöne
Taýyr aga hiç kime üçden köp kitaby almaga rugsat
etmeýärdi.
- Häzir-ä şolary bir okaşdyryp çyk, onsoň gelip ýene
alybirsiň, okalganyň obadan çykyp gaçyp gitjek ýeri ýok diýip, jylawdan çekerdi. Taýyr aganyň özüme okap görmegi
maslahat berýän kitaplary maňa ýaraýardy. Uruşly hem-de
atly kitaplary gowy görýändigimi öňräk bir gezekde meniň
özüm oňa aýdypdym. Ol indi maňa okamaga kitap salgy beren
mahaly, hemişe meniň şol sözümden çen tutýardy.
86
Bir ýola Taýyr aga maňa ynamsyzlyk bilen seretdi. Meniň
iki günde okap getiren «Göroglymy» elinde saklap, onuň
agramyna çak urýan ýaly bolup birsellem saldarlap duransoň,
ýüregini gizlemän nazaryndaky manyny söze geçirdi. Meniň
häli-şindi gelip kitap almagym onuň böwrüni diňlemegine,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
  • Parts
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 2211
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3644
    Total number of unique words is 2171
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3845
    Total number of unique words is 2200
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3803
    Total number of unique words is 2228
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2165
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 2122
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2132
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3821
    Total number of unique words is 2125
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3883
    Total number of unique words is 2078
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3817
    Total number of unique words is 2137
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2085
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1983
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 1960
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 1909
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 2039
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 1951
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 1975
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 1998
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 2138
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2069
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3796
    Total number of unique words is 2119
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2021
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2224
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2121
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3747
    Total number of unique words is 2079
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ak ýelken-2008`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 2526
    Total number of unique words is 1501
    36.2 of words are in the 2000 most common words
    49.7 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.