Latin

Altynjan hatyn II - 22

Total number of words is 3705
Total number of unique words is 1944
32.1 of words are in the 2000 most common words
46.1 of words are in the 5000 most common words
53.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
okamakçy bolýan ýaly, oňa çiňerilip seretdi: – Soltany halas et­
meli. Nädip? Kundurynyň sözüni eşitdiň. Ondan-a kömek ýok.
– Men näme etmeli bolsam, aýdyň, tabşyrygyňyzy amal et­
mäge taýýar, Altynjan hatyn.
– Ikimiz açyk sözleşeli!
– Gözüm üstüne.
– Togrul soltany halas etmeli.
– Käşgä, ýöne Anuşirwandan rugsatsyz hiç iş edip bilmeris,
çünki ol indi biziň patyşamyz.
– Ýok, ol entek biziň patyşamyz däl. Biziň patyşamyz – Tog­
rul soltan.
Birpaýyz böwrüne diň salyp duran Dürnazar Altynjana
şübheli seretdi:
– Meniň wezipäm näme?
– Goşun Hemedana ugraýança Anuşirwan bilen Kundury
zyndanda oturmaly. Olary hiç kim tapmaly däl.
– Altynjan hatyn, ine, bu işi welin, men edip bilmerin. Bu işe
goşulsam, onda men soltana garşy dildüwüşlige gatnaşan adam
bolaryn.
– Soltanyň garşysyna däl, soltany halas etmek üçin edýäris
biz bu işi.
– Nämäniň-nämedigini, seljuk doganlaryň nähili piki­
re geljekdiklerini sizem bilmeýärsiňiz, menem bilmeýärin,
Anuşirwan bilen Kundury hem bilmeýär.
– Gep o zatlary bilip-bilmezlikde däl, gep soltany halas
etmekde.
– Nädip?
– Ýeke-täk ýol bar, goşun bilen gidip, soltany halas etmeli.
– Men size halysan ýüregimi açaýyn. Size halysan golt­
gy bermek isleýärin, siziň mamladygyňyzy-da bilýärin, ýöne
Gurhanyň, soltanyň öňünde içen antym meni töwekgellik et­
mekden saklaýar.
– Onda, gel, ikimiz şeýle ähtleşeli. Sen ähli günäni – eger günä
bar bolsa – meniň boýnuma atýarsyň, ýöne meniň etmekçi bolýan
işime garşy çykmaýarsyň, sebäbi sen hiç zat «göreňok». «Näme
etse, Altynjan hatyn etdi – diýýärsiň. – Altynjan hatyn aýdansoň,
men ynandym» diýýärsiň. «Anuşirwan bilen Kunduryny bolsa hiç
ýerden tapmadym, olar gaçyp gidipdirler» diýýärsiň.
374
– Olar gaçyp gitdimi?
– Olar hiç ýerde görünmese, gürüm-jürüm bolsa, gaçyp git­
digi bolar ahyryn. Düşündiňmi?
– Ine, men muny başararyn, ýöne men: «Olar gaçyp gitdi­
ler» diýmäýin. «Men olary hiç ýerden tapmadym» diýeýin.
– Bu-da bolýar, ýöne sen meniň ýakynymda bolarsyň. Ýo­
lumdan öz adamlaryňy aýyr. Olar meniň edýän zadyma burun­
laryny sokmasynlar.
– Lepbeý, Altynjan naýybym, meniň adamlarym şu gün
hem ker, hem lal, hem kör bolarlar.
– Ana, maňa geregi hem şol.
– Sahyp, Togrul soltan Hemedana giden pursadyndan bäri
bir pikir menden aýrylanok... – diýip, Altynjan Dürnazaryň
ýüzüne tiňkesini dikdi.
Dürnazar başyny ýaýkap, çala ýylgyrdy:
– Men ol pikiriň näme hakdadygyny bilýärin, hatyn! Se­
bäbi sizi biynjalyk edýän şol pikir soltanatymyzyň päk ýürekli
adamlarynyň tas ählisini diýen ýaly gozgalaňa salýar.
– Aýt!
– Ybraýym birinji gezek soltana garşy baş göterende ony
goldanlar soltanyň ýanynda işläp ýören wezipeli adamlar bolup
çykypdy. Siz menden: «Ikinji gezegem şol ahwalat gaýtalanýar­
my?» diýip soramak islän bolsaňyz gerek.
– Dogry, dogry. Häzirki galagoply pursatda meniň saňa bu
sowaly bermegim ýöne ýere däl.
– Men size düşünýärin.
– Men häzir kime ynanmalydygymy, kime ynanmaly däldi­
gimi bilmän özümi gyldan inçe, gylyçdan inçe Syrat köprüsiniň
üstünde ýaly duýýaryn.
– Häzir size abanýan anyk bir howpuň ýokdugyny men ynam
bilen aýdyp biljek. Anuşirwan bilen Kundurynyň-da size ýaman­
lygy ýok. Iň esasy zat – Ybraýym bilen düşünişmek, ylalaşmak.
– Bekdaş Ybraýymyň enesiniň doganydy, ýegenidi. Öz ýegeni­
ni öldürdýän kişi herki zatdan hem gaýtmaz, ýöne oňa meçew
berýän adamlara, ynan, Dürnazar, gaharym gelýär.
– Ybraýym ynalyň ýüreginde soltan bolmak küýsegi bar. Ol
bu küýsegini aňyndan aýyrjak bolýar, ýöne aýryp bilenok. Ol
375
soňky ýyllarda diňe şu küýseg bilen ýaşaýar. Käbir kişiler onuň
salynyň gowşakdygyny görüp, meçew berýärler.
– Ybraýyma bu gezek meçew berenler kimler?
– Olaryň kimlerdigini häzir – iň gowusy – men size aýt­
maýyn. Aýtsam, bu siziň etjek bolýan zatlaryňyza garalla bolar.
Olar häzir siziň araňyzda ýok diýen ýaly. Diňe biri bar, onuňam
size edip biljek ýamanlygy ýok. Ol häzir gorkuda.
– Şoňa-da şükür.
– Patyşa Anuşirwan ibn Tümen gelýär! – Bu habar Altynjan
üçin-de, Dürnazar üçin-de garaşylmadyk habar boldy.
Dürnazar töweregine garanjaklady.
– Saklaň! Men häzir onuň bilen duşuşmak, sözleşmek isle­
meýärin. Goý, ol meniň ýanyma gelmesin!
Altynjan hatynyň mufratlary Anuşirwan patyşany saklap bil­
medi. «Aýrylyň alnymdan!», «Goýberiň meni!» diýip gygyrýan
Anuşirwanyň haýbatly sesi eşidildi. Sesiniň yzysüre onuň özi-de,
kürsäp içerik girdi.
– Käbäm, meni seniň ýanyňa goýbermejek bolýarlar!
Eşidýärsiňmi, enem! – diýip, Anuşirwan Altynjan hatynyň öňün­
de dyza çökdi. – Käbäm, ikimiziň düşünişmegimiz gerek. Siz
mydama meniň bagtly bolmagymy islediňiz, ýöne siziň bu gün­
ki bolşuňyz maňa juda düşnüksiz. Meniň patyşa bolmagym siziň
baş maksadyňyzdy ahyryn. – Anuşirwanyň nazary birden Dürna­
zara düşdi, zähresi ýarylan dek haýykdy, onuň ýakynyna bardy.
– Dürnazar, bu senmi? Sen bu ýerde näme iş edýärsiň?
Dürnazar hiç zat diýmedi.
Anuşirwan Altynjan hatyna ýüzlendi:
– Käbäm, bimahal çak «çarmyh» bu ýerde näme iş edýär?
Bu nämäniň alamaty?
– Dürnazar bilen meniň möhüm gürrüňim bar.
– Meniň garşymamy? Eý, çarmyh, git şu ýerden!
– Men häzir geljek, siziň ikiňizem maňa garaşyň – diýip,
Altynjan içerden çykyp gitdi. Ol Kabylyň naharlanyp oturan ýe­
rine bardy.
– Kabyl, meniň aramgähimde Anuşirwan otyr. Sen ony
haýyna-waýyna garaman, büweýh soltanynyň kiçi zyndany­
376
na okla. Soňundan Kunduryny-da çagyryp getireýin, ony-da
Anuşirwanyň ýanyna okla. Zyndanyň garawullaryny hytaýly
gulamlaryňdan goý.
– Näme üçin?
– Hytaýly gulamlar Anuşirwan bilen Kunduryny tananok­
lar. Olaryň gepine-de düşünmezler. Anuşirwan bilen Kundury
hem hytaýça bilenok, olar sözüni düşündirip bilmezler.
Kabyl zyndany «hormatly myhmanlaryň» gelerine taýýar­
lady. Olaryň içindäki iki sany tussagy azatlyga goýberdi.
Soňam Kabylyň jandarlary Anuşirwanyň eline-aýagyna
zynjyr urup, zyndana atdylar3.
Wah, zyndana atylansoň, Anuşirwan akylyna aýlandy, ol
enesiniň her bir tabşyrygyny gepsiz-gürrüňsiz ýerine ýetirjek­
digini tekrarlady, ýöne eýýäm giçdi, çünki onuň sözüni diňläp
durmaga Altynjanyň wagty ýokdy.
Kundurynyň yzyndan iki sany permanber ýollady.
***
Altynjan howlugýardy, söweş geýimini geýmek üçin ota­
gyna girdi. Onuň sünnälik bilen tikilen bäş-on sany kirewkesi4
bardy. Ýöne Altynjan ýigrimi bäş ýyla golaý wagtdan soň ilkinji
gezek nika gijesi adamsynyň beren geýmini geýdi. Aradan ençe
ýyl geçendigine garamazdan, eşikde Togrul soltanyň ysy bar
ýaly duýuldy.
Ol Hemedanyň eteginde söweş eşigine girmek maksady
bilen ýanyna ak kirewkesini aldy. Soltanyň sowgat beren asfury
hanjaryny ençe gezek nyşana urup türgenleşdi.
Kundurynyň yzyndan giden permanberler dolanyp geldi:
– Kundury hiç ýerde ýok. Ol geňeşden çykyp goş-galamyny,
çaga-çugalaryny alyp iki ýüz sany esger bilen uzak bir ýere gi­
dipdir. Howlusynda on iki sany mirşepden başga hiç kim ýok.
Kundurynyň nirededigini sorasak: «Hojaýyn uzak bir ýurda git­
di. Iki aýlyk iýip-içer ýaly harjymyzy berdi» diýdiler.
Kabyl Altynjana ýüzlendi:
– Hemedana soltany azat etmäge gidäýdimikä?!
– Beýle asylly niýeti bolsa, aýtman gitmezdi.
377
– Gaçypdyr-ow onda?!
– Gaçypdyr.
Altynjan Kabylyň bu sözüni makul tapdy:
– Gaçypdyrlar diýsene. Diýmek, diňe Kundury däl,
Anuşirwan-da «gaçypdyr».
Täzeden geňeş çagyryldy.
– Amydylmülk Kundury bilen Anuşirwan ibn Tümen ga­
çypdyr.
Geňeşe gatnaşan wezir-wekilleriň, serkerdeleriň, emirleriň
ýekesi-de Altynjana garşy çykmady, olar oňa sadyklyk bilen boýun
sundular.
Goşun jemläp, haýdan-haý Hemedana ugramaly, soltany
Ybra­ýymyň penjesinden halas etmeli5.
***
Elli müňden gowrak atly goşun Hemedana sary ýöriş üçin
taýýardy.
Ugrabermelidi.
Altynjan Mübärek handan:
– Taýýarmy? – diýip, sorady.
– Nobat çalynmagyna izin ber.
Altynjan Mübärek han bilen atly goşunyň öňünden birlaý
aýlanyp çykdy.
Dürnazar Altynjanyň ýanyna geldi:
– Altynjan, esgerler seniň sözüňe garaşýarlar. Sen olara bir­
ki agyz söz aýt! Ýogsam häzir goşunyň arasynda her dürli myşmyş bar.
– Dogry aýdýarsyň. Men gürlemesem boljak däl, çünki
esgerleriň, serkerdeleriň ählisiniň gözlerinde sowal görýärin.
Mübärek han elindäki ýataganyny galgadyp, esgerlere ýüz­
lendi:
– Seljuklylar! Byradarlar! Diňläň! Diňläň! Diňläň! Häzir
Togrul soltanyň naýyby Altynjan han söz aýdýar!
Altynjan gyr bedewini säpjedip, esgerleriň öňüne geldi.
Mübärek hanyň edişi deýin, elindäki ýataganyny galgatdy:
379
– Mähriban byradarlar! Garyplygy çekip bolýar, ýöne mesligi,
bolçulygy, hormat-sylagy her kes göterip bilmeýär. Ybraýym hem
mesligi göterip bilmän, öz mertebesine – Togrul soltana hyýanat
etmekçi bolýar. Beýle gadyrbilmeze geçirimlilik etmek bolmaz!
Tog­rul soltana garşy çykan kişi, kimdigine seretmezden, biziň ga­
nym duşmanymyzdyr! Ybraýymy jezasyz galdyrmak bolmaz! Bizi
Alla gorar. Bizi Alla goldar. Sebäbi biz Allanyň nazar salan solta­
nyna azatlyk istäp barýarys. Sebäbi biz adalat istäp barýarys! Tog­
rul soltan ömrüni adalatyň goragyna bagyş eden adam. Togrul
soltan ömrüni külli musulmanyň bereketi üçin bagyş eden adam.
Togrul soltan ömrüni külli musulmanyň har-zar bolmazlygyna
bagyş eden adam. Biz bu gün beýik maksat bilen ýola düşýäris.
Alla bilen ýola düşýäris. Alla bizlikdir! Işimiz rowaç bolar! Ýörüň,
Ybraýymyň üstüne gideliň! Ony jezlandyralyň!
Esgerler Altynjan hany goldap, başly-barat gygyryşmaga baş­
ladylar:
– Ybraýyma nälet bolsun!
– Bize Togrul soltan gerek.
– Altynjan han, biz seniň bilen!
– Altynjan, biz saňa guwanýarys!
– Biz Altynjan bilen!
Altynjan Ärdeşir Magmarana ýöriş sazyna başlamaga ygtyýar
berdi.
Ärdeşir Magmaranynyň yşaraty bilen sazandalar ýöriş sa­
zyny çalmaga başlady.
Goşun ýöräp ugrady.
Altynjan hatyn türgenleşikden soň, asfury hanjaryny hare­
minde galdyrandygyny bilip, hyzmatkärleriniň birini ony getir­
mek üçin ugratdy.
Hyzmatkär at gaýtarym aralyk ýol geçilensoň, goşunyň
yzyndan ýetip, hanjary tapmandygyny aýtdy.
Altynjan yrymçyldy, yza dolanmagy halamaýardy, muny
şowsuzlygyň alamaty hasaplaýardy. Ol yza dolanmak islemedi,
ýöne asfury hanjary goýup gidip biljek hem däldi, ony goýup
gitse, ýeňiş gazanjagyna kepili boljak däldi. Sebäbi asfury han­
jar ýeňşiň kepilidi. Bu ençe gezek synagdan geçen hakykatdy.
Asfury hanjary bilen ýörişe ugrap ýeňşiň gazanylmadyk gezegi
380
ýokdy. Nähili şowsuzlyk bolan bolsa, onda şol şowsuzlyk asfury
hanjaryň ýoklugy sebäpli bolupdy. Asfury hanjaryny galdyryp
gitmek, Altynjan hatynyň göwnüne, şowsuzlyga uçramak bol­
jakdy. Şonuň üçin hem ol hernäçe agyr görse-de, yzyna dolan­
maly boldy. Dolandy.
Hareminiň içini agdar-düňder edip çykdy, ýöne asfury han­
jary tapylmady.
Altynjan ähli hyzmatkärlerini, çiltenlerini, gullaryny, keniz­
lerini aýaga galdyrdy, hernäçe agtarylsa-da soltanyň sowgat be­
ren hanjary tapylmady.
Altynjan takdyra ten bermeli boldy: her hili ýagdaý bolandada Hemedana gitmeli, Togrul soltany Ybraýym nejisiň elinden ha­
las etmeli.
Ikinji ýol ýok.
Altynjan lapykeç halda haremden çykdy.
Howludan çykylýan ýerde kiçeňräk bir külbe bardy, ol kül­
be sakçylaryňkydy.
Altynjan hatyn howlynyň derwezesiniň – külbäniň deňine
ýetdi. Ýanynda mydama goragy – mufratlary bolýardy, ýöne hä­
zir welin, olar ýokdy, ýekedi. Sebäbi ol özüme kast ediler öýdüp
asla güman hem edenokdy. Köşkde janyna kast etjek adam
bardyr hem öýtmändi. Görüp otursa, bar eken.
Çiltenler ät galdy. Mufratlar ät galdy.
Kabyl hem ät galdy, ýogsam ol Altynjany aňsat-aňsat ýeke
goýmaýardy, nirä barsa ýanyndan aýrylmaýardy.
Külbeden üstüne gara şal atynan bir kişi atylyp çykdy, me­
gerem, ol Altynjanyň gelýändigini gapyny jyklap gören bolmaly.
Altynjan onuň hasanaklap gelşine o diýen üns bermedi, ony
Taňry salamyny bermekçi ýa-da ýaranjaňlyk etmekçi bolýan biri­
dir öýtdi.
Görüp otursa, gelýäniň niýeti gaty ýowuz eken!
Öldürmek eken!
Nätanyş üstüne atynan şalyny egninden aýryp, arlap ylgady.
Özüni Altynjanyň üstüne oklady.
– Me, saňa! Me, saňa! Kasas kyýamata galýan däldir! – diýip,
nätanyş ýetişibildiginden Altynjanyň çem gelen ýerinden han­
jar urdy.
381
Nätanşyň howlukmasy ýöne ýere däl eken: sähel salymda iki
mufrat ylgap gelip nätanşyň kellesini kakdy.
Altynjan gara gana bulaşyp ýatyrdy.
Nätanşyň kimdigi belli boldy: Batmanyň Sadyk atly ogludy.
Ol öň hem Altynjanyň janyna kast etmäge synanyşypdy.
Şol synanyşykda Altynjan Tahyryň Kuýaş diýen ogluny öldü­
ripdi, Sadyk şonda diri galypdy. Togrul beg ony köşkden uzaga
– Balhan şäherine işe ýollapdy.
Sadyk Bagdada möhüm bir iş bilen gelipdi, Togrul soltanyň
başyna düşen ahwalat, Anuşirwanyň patyşa göterilendigi hakda
eşidip, ol: «Ar almak pursady geldi» diýip pikirlenipdi hemem
aryny almagyň ugruna çykypdy, Altynjanyň her bir hereketini
yzarlapdy.
Amatly pursat tapmady. Ol lapykeç halda howlynyň
sakçysynyň külbesine – sakçylaryň wisakbaşysy onyň köne
tanşydy, dostudy – biraz garbanmak üçin gelipdi, soňky niýe­
ti ar almagy amatly pursadyň dörärine goýup, Balhan şäherine
dolanmakçydy.
Ol entek oturyp-oturmanka sakça Altynjan hatynyň gelen­
digini aýtdylar.
– Nämedir bir zadyny galdyrypdyr, şony almaga gelipdir –
diýip, sakçy Sadyga düşündirdi.
Sadyk Altynjanyň hareme dolanyp gelmegini aryny almagy
üçin Allatagalanyň özüne döredip beren mümkinçiligi diýip
düşündi.
Onuň özüne teselli berýän ýeke bir zat bardy, ol hem
türgenleşik geçilýän ýerden Altynjan hatynyň asfury hanjaryny
tapandygydy. Niýeti şol hanjar bilen Altynjany öldürmekdi.
Sadyk
Altynjany
öldürensoň,
özüne-de
ölümiň
garaşýandygyny, gaçyp gutulyp bilmejekdigini aňýardy, muňa
kaýyldy, iň esasy zat aryny almakdy.
Kakaň aryny ýerine salmak – bu uly mertebe.
Aryňy alyp ölmek – mertebeli ölmek!
Onuň ýaşasy gelýärdi. Balhanda gül ýaly işi bardy, gül ýaly
ýaşaýşy bardy. Eli uzadan ýerine ýetýärdi. Öýünde segsen sany
hyzmatkäri bardy. Şäherde abraýy, mertebesi uludy.
382
Ondan gorkýardylar.
Iki sany ýanaşyk duran howlusy, öýi bardy. Her öýünde bir
hatyny bardy.
Birinji hatynyndan bir ogly – mirasdüşeri bardy. Ol häzir üç
ýaşyndady. Işe gitjek bolanda: «Menem seniň bilen gitjek» diýip
aglap galýardy.
Işden baranda ogly ylgap öňünden çykýardy: «Näme
getirdiň?» diýip soraýardy. Kakasynyň ýanyndan aýrylmaýardy.
Sadyk baryp oturanda, hatynlary ylgaşlap hyzmata
başlaýardylar. Birinji hatyny elini, aýagyny gyzgyn suwa ýuw­
ýardy, ikinji hatyny bolsa, suw akydýardy.
Sadyk hatynlarynyň mähribanlygyndan, hyzmatyndan çäksiz
lezzet alýardy, ol şeýlebir ýaşamak isleýärdi. Hut şonuň üçinem
onuň guma bulaşyp ýatan gözleri açykdy, hanasyndan çykaýarly
görünýärdi.
Bu mahal guma bulaşyp ýatan kellä üns berýän adam ýokdy.
Ähli kişi Altynjan hatynyň daşyndady.
Hanjar dört ýerden urlupdy, olaryň üçüsi o diýen gorkuly
däldi, ýöne dördünjisi welin, gorkulydy.
Ol bagryň üstündendi.
***
Altynjany göterip, öz şebistanyna eltip ýatyrdylar. Esasy
maksat onuň ganyny saklamakdy. Sebäbi şebistanyna getirilýän­
çä hatyn gany köp akypdy.
Lukmanlar nämäniň-nämedigine göz ýetirip, birbada al­
jyradylar, Kabylyň haýbatly buýrugy olary herekete getirdi.
Sag eginden, sag bykyndan, bagryň üstünden urlan ýerleri
ilki arassalap, soňundan howul-hara tikdiler, saradylar.
Ganynyň köp akandygy üçin bolsun gerek, Altynjan
melikäniň ýüzi duw akdy, ýarymjan halda iňläp ýatyrdy.
Ol özüni bilmän ýatyrdy:
Lukmanlaryň ellerinden gelýän üýtgeşik bir zat ýokdy.
Olar etmeli işlerini edip bir çete çekildiler.
Kabyl şol bir sowalyny ýene gaýtalady:
– Ýeri, nähili? Ýaşarmy?
383
– Aly makam, biz-ä elimizden gelenini etdik. Boljak iş bo­
lupdyr – diýip, lukmanlaryň ekabyry, uzyn, hor kişi müýnli
dillendi.
– Men: «Ýaşarmy?» diýip soraýaryn?!
– Aly makam, mert bol! Alladan gelen ajala hiç kimiň çäresi
ýok.
– Men: «Ýaşarmy?» diýip soraýaryn.
Hortaw, uzynak lukman Altynjan hatynyň goşaryndan tu­
tup, böwrüne diň saldy:
– Enteg-ä diri!
Kabyl sandyraýardy, çykalga gözleýärdi. Ol lukmanlaryň üs­
tüne gygyrdy.
– Sizden lukman bolmaz! Siz nanýagy! Men ant içýän, Altyn­
jan ölse, men, sizem uçdantutma öldürjek! Ýogsamam Altyn­
jany derrew sagaldyň!
Altynjan özüne geldi, töweregine garanjaklady, soňam
ysgynsyzja seslendi:
– Maňa näme boldy?
– Sadyk diýen kişi size kast etdi – diýip, hajyp jogap berdi.
– Batmanyň oglumy?
– Hawa, hawa, Batmanyň ogly.
– Doganym, mähriban doganjygym, saňa döneýin! – Kabyl
Altynjanyň gapdalyndan ikidyz oturdy, onuň elinden sypady. –
Sen mert ahyryn, Altynjan! Mert bol, çyda, gaýrat et! Bar zat ge­
çer, nesip bolsa, bahym sagalar gidersiň. Ýaralaryň hem bitişer.
– Men çydaryn, men çydaryn, Kabyl!
– Sen çydamly ahyryn!
– Seniň ýaly doganym barka maňa hiç zat bolmaz! – Altyn­
jan hatyn böwrüne diň salyp, biraz salym ýatanyndan soň Kabyla
ýüzlendi: – Kabyl, Batmanyň ogluny öldürmäň!..
– Ömri gysga eken görgüliniň.
– Şeýlemi, onda ony mertebeläp depin ediň!
– Sen onuň aladasyny etme. Öz aladaňy et!
– Maňa näme boldy? Anyk aýdyň, endam-janym zer-zaw-la?!
– Sag goltugyňdan, egniňden urlan urgular onçakly gorkuly
däl, ýöne bagra düşen ýaranyň bitmegi üçin biraz wagt gerek bo­
38 4
lar. Onuň üçin gozganman ýatmaly – diýip, tebip sözledi. Ýöne
onuň sözüni Altynjan eşitmedi, sebäbi ol özünden gidipdi.
Gün günorta golaýlaberende Altynjan özüne geldi, ýerin­
den turjak bolanda tebip ör-gökden gelip janykdy:
– Merhemetli hatyn, merhemetli melikäm, size turmak bo­
lanok.
– Kim aýtdy ony?
– Siziň saglygyňyz.
– Meniň saglygyma näme bolupdyr? – Altynjan ýerinden
turdy. Turmagyna garşylyk görkezen, ony ýatyrmakçy bolan
tebibiň döşünden batly itdi: – Aýryl!
Tebip entirekläp honda düşdi, ol ýerinden turup ýene
Altynjan hatynyň ýanyna geldi:
– Özüňize kast etmäň! Hereket etseňiz, ganyňyz köp akar,
heläk bolarsyňyz.
– Sen tikmediňmi näme?
– Tikdim, ýöne agyrýandyr-a?!
– Agyrýar, ýöne oňa çydaryn. – Altynjan saralan ýerlerini
elleşdirip barlady.
Daş çykan Kabyl ylgap geldi:
– Altynjan, ine, tapman ýören hanjaryň. Sadyk saňa öz
hanjaryň bilen kast edipdir.
Altynjan hanjary görüp begenmek begendi, bagryna basdy:
– Indi bize dowul ýok. Indi maksadymyza ýeteris.
– Altynjan, saňa turmak bolmaýar. Derrew ýat!
Altynjan Kabylyň bu sözüne ör-gökden geldi:
– Bize wagt ýitirmek bolmaýar. Biz goşunyň yzyndan ýetme­
li. Ýa ony sakladyňyzmy?
– Ýok, entek saklamok.
– Dogry edipsiň. Ony saklamak bolmaz. Biz häzir olaryň
yzyn­dan ýeteris.
– Näme, meniň gaharymy getirjek bolýarsyňmy?
– Sen meniň ýatmagymy isleýärsiňmi?
– Islämok, ýöne mende başga alaç ýok.
– O näme üçin alaç ýok? Alaç bar, häzir ugrarys.
– Ýok, ýok! Seniň ýagdaýyň agyr, juda agyr!
25*
385
– Kabyl, sen meni şindem tanaňok. Men, heý, häzirki pur­
satda düşekde ýatyp bilerinmi? Äri zyndandaka, heý, Altynjan
ýumşak düşekde ýatarmy? Sen dogry pikir edýärsiň, meniň ýag­
daýym agyr. Men muny senden gizlemäýin, ýöne men muny es­
gerlerden welin, gizlemeli bolaryn. Goý, ähli serkerdeler, esger­
ler: «Altynjanyň jany sag» diýip pikir etsin. Türkmen hatynlary
çydamlydyr. Türkmen hatynlary demriň, daşyň çydamadyk zady­
na çydar. Türkmen hatynlary öz ärleri üçin şirin janlaryndan ge­
çerler. Türkmen hatynlarynyň jany – ärleridir. Men ölsem, ärim
üçin at üstünde öljek. Darkaş gurap öljek. Ýöne: «Men – ýara­
dar» diýip düşekde ýatjak däl. Sen meni, belki öldürip bilersiň,
ýöne saklap bilmersiň. Sen meni saklajak hem bolma! Gaýtam
maňa göwünlik ber! Onsoňam men saňa iň esasy zady aýdamok.
– O nämäniň iň esasy zady?
– Her kim bir maksat bilen ýaşaýar. Meniň maksadym –
Tog­rul soltanyň rowaçlygy! Eger Togrul soltana bir zat bolsa,
onda meniň ömrümiň manysy gaçýar. Şonuň üçinem men onuň
tagtda oturmagy, soltanlygynyň rowaçlygy, janynyň saglygy üçin
düýrmegim bilen göreşerin.
Ähli kişi gözlerini petredip Altynjana seredýärdi. Ol bolsa
hiç zat bolmadyk deýin, gaty arkaýyndy.
– Sargylarym görünmez ýaly, men egnime abamy ataýyn.
Hajyp derrew aba getirdi, ony melikesiniň egnine atdy.
– Indi gideliň!
– Altynjan, seniň ýagdaýyň agyr ahyryn!
– Wa-neýlet-ä, ýagdaýymyň agyrdygyny özüm bilýärin, ýöne,
agyr bolsa nädeýin? Bizde ikinji ýol ýok. Bize wagt garaşanok.
Ýagdaýymyň agyrdygyny esgerler bilmeli däl! Men olary ruh­
landyrmaly, ýogsam biz maksadymyza ýetip bilmeris.
– Ýol uzak. Sen ýolda ölersiň.
– Ölsem, Kabyl, meni Togrul begiň aýagujunda jaýla.
***
Her sapar bir bökende ata münýän Altynjan hatyn bu sapar
tekgesiz münüp bilmedi. Oňa tekge berdiler.
386
Kabylyň bar aladasy Altynjanyň at üstünde özünden git­
mezligidi, ýykylmazlygydy.
Altynjan welin, özüne jebir-sütem edip atyň üstünde suluh­
man barýardy.
Ýol uzakdy.
Ikinji gün goşunyň yzyndan ýetildi.
Altynjanyň atyny säpjedip gelýändigini gören esgerler
gygyrmak gygyrdy:
– Altynjan diri!..
– Altynjana hiç zat bolmandyr!..
– Altynjan hatyn, biz seniň bilen!
– Altynjan hatyn, Togrul soltany hökman azat ederis!
Altynjan ýylgyrjaklap, esgerlere elini galgatdy.
– Biz saňa guwanýarys, Altynjan!
On sekizinji hekaýat
BÖRI GOÝUN BILEN SUW IÇMEZ
A
ltynjan Hemedan şäheri, onda ýaşap geçen görnükli
şah­syýetler, Bisütün ýazgylary hakda köp gürrüňleri
eşidipdi, aýratyn hem Ibn Sina barada kän zat eşidipdi. Ol
ulamanyň gadymky pelsepäniň ýörelgelerine eýermän, Aristus­
dan, täze eflatunçylardan, Farabydan öz halan, özüne makul gör­
nen pikirleri saýlap alandygyny, ne täze eflatunçylaryň, ne meşa
hikmetiniň, ne-de kelamçylaryň hiç birine-de uýmandygyny
bilýärdi. Bir eden işi, kelam ylmynyň birnäçe usulyny öz pelse­
pesinde peýdalanyp, olary bir pikir uşlybyna düzüp, sopuçylyk
usulynda, pelsepede täze ýörelgäni orta getirenligidi. Ol ruh
bakylygyny goldap, tenasuhy1 ret etdi. Ahyrýete ynansa-da, oňa
takwalar deýin ynanmady, şerigat ýolunyň tersine: «Jisim gaýdyp
baryşy (ahyrýeti) kabul etmeýär» diýen pikiri makul tapdy. Ibn
Sina yrfany2 öz meşaýy3 pelsepesiniň usulyna girizmändi, şeýle
hem olary inkär-de etmändi. Ulama Hemedanda wezir hem
bolupdy, köp hupbatlary gördi, esgerleriň aýlyk haklarynyň
wagtynda tölenmändigi üçin öýi otlanypdy, janyna kast etmäge
synanyşylypdy. Ana, şondan soň ulama wezirlik işini goýup,
ömrüniň soňky on ýyldan gowrak wagtyny Hemedanda basa
oturyp, ylma bagyş etdi. Ençeme ajaýyp eserleri döretdi.
38 8
Altynjan Ibn Sinanyň kitaplaryny uly höwes bilen satyn
alypdy. «Lukmançylyk ylmynyň kanunlaryny» gaýtalap-gaýtalap
okapdy. Ondan tebipçilik, lukmançylyk boýunça köp-köp peý­
dalaly maslahatlary öwrenipdi. Ulamanyň şygyrlary bilen pelse­
pe kitaplary welin, onuň razdaryna öwrülip bilmändi...
Ol, dogrusy, diňe bir Ibn Sinanyň däl, Farabynyň, Abu Aly
ibn Meksuýanyň, Abu Süleýman Muhammet ibn Tahyr ibn Bäh­
rem Sejistanynyň pelsepelerine-de onçakly imrinip bilmeýärdi.
Çünki Gündogar pelsepeçileri Eflatunyň, Aristusyň pähim­
lerini tesfir etmek bilen çäklenýärdiler. Eýsem ol iki ýunanly
pelsepeçiniň derejesine ýetmek aňry çäkmi?! Hany, musulman
pähim-parasady?!
Altynjan Aristus hakynda-da okapdy, birnäçe rowaýat-da
diňläpdi. Ýaşajyk Isgender Zülkarneýn: «Hany, at bol, men
seni at edip münjek» diýende Aristusyň ony arkasyna mündü­
rip aýlandygy, at bolup kişňändigi hakda eşidende biçak gy­
nanypdy. «Aristus beýik akyldar, ýöne beýik şahsyýet däl» diýen
pikire gelipdi. Beýik şahsyýet ähli ýagdaýda-da özüniň beýiklik
mertebesini saklar. Aristus gorkak, ol öz janyny aman sakla­
mak üçin at bolmaga-da, başga bir jandar bolmaga-da taýýar.
Ýöne Ibn Sina öz mertebesini saklan ulama. Ol öz garaýşynyň,
maksadynyň hatyrasyna Kaku şalygyndaky hormatly wezirligini
goýmagy, düýrmegi bilen özüni ylma bagyş eýlemegi başaran,
soltan Mahmyt Gaznalynyň hödürlän köşk ýaşaýşyny ret eden
ulama. Herhal, Altynjan Ibn Sinanyň kitaplarynda nähilidir bir
sowuklyk duýdy. Galyň-galyň kitaplar ony özüne çekmedi, özü­
ne imrindirmedi. «Düşünýän däldirin, belki?!» diýip, ol netijä
geldi. Herhal, ol Ibn Sinanyň Taňry tarapyn dörän gudratdygy­
na welin, berk ynandy. Bu gudratly ulamanyň guburyna tagzym
etmek pikiri Altynjanyň aňyndan aýrylmady.
Ibn Sinanyň ömrüniň soňky on ýyldan gowrak wagtyny ge­
çiren, soňam bakyýet öýüni edinen şäherinde Togrul soltan bu
gün tus­saglykda otyr.
Hemedana – Ibn Sinanyň guburyna zyýarat etmek üçin
gelmegi höwes edip ýören Altynjany bu gün ykbal nesibesi öz
hökümdary soltan Togruly halas etmek üçin getirdi.
389
***
Altynjan hatyn Hemedanyň ýakynyndaky Wahan diýen
obada saklandy. Hegmatan depesinde – köne Hemedanda bar­
gähini dikdi. Bu depe Ärsak şanyň köp wagtyny geçiren, tomus­
laryna dynç alan ýeri.
Bu ýerden häzirki Hemedan şäheri gowy görünýär. Aşakda
bolsa sap-sap goşun buýruga häzir bolup dur. Ol atyny säpjedip,
sap-sap atly goşunyň öňünden geçdi, goşunyň nyzamyny barlady.
Söweşe taýýarlygy barlap ýörkä, Altynjan ýowuz bir habary
eşitmeli boldy.
Onuň ýanyna yktasynda – Wasytda işleýän hyzmatkärleriniň
on sanysy geldi.
Altynjan hatyn gelenleriň eşikleriniň sal-sallygyny görüp,
olaryň hoş habar bilen gelmändiklerini dessine aňdy. Olary hy­
masyna eltdi:
– Size kim zulum etdi?!
– Arslan Besasury Türkmen.
– Düşnükli!.. – diýip, Altynjan hatyn uludan demini aldy: –
Olar näçe adam?
– Takyk aýdyp biljek däl, megerem, iki ýüz-üç ýüz atlydyr –
diýip, Sadyllanyň gapydany aýtdy.
Altynjan Wasytdan gelen hyzmatkärlerini geň galdyrdy.
Olar bu ajy habary hatyna nädip aýtjakdyklaryny bilmän kösen­
mek kösenipdiler. Olaryň pikiriçe, Sadyllanyň öldürilendigini,
Wasytyň weýran edilendigini eşidip, Altynjan hünübirýan agla­
malydy, ýöne olaryň çak edişleri ýaly bolmady. Gelenler ajy ha­
bary aýtjak, Altynjany köşeşdirjek bolubam kösenmediler.
Olar diňe berlen sowallara gysga jogap berdiler.
Altynjan doganynyň ölümi, yktasynyň weýran edilendigi ba­
radaky ajy habary eşidip, birmeýdan durdy.
Ol çydady.
Merdi-merdanalyk bilen çydady.
Eý, Hudaý, bu hatyn daşdanmydyr, polatdanmydyr?! Onuň
keşp-keşmerinden çen tutup, içinde harasat gopýandyr, başyna
kyýamat gopandyr, synasynda agyr dert göterip ýörendir, derdi
azar berýändir öýder ýaly däldi. Ol başyny dik tutup parahat durdy.
39 0
Altynjan hansalar Syddyha wasytlylary görkezip:
– Bular uzak ýoldan aryp geldiler. Bu kişileriň iýip-içmegi,
ýatyp, dynçlaryny almaklary üçin ähli mümkinçilikleri dörediň!
– diýdi.
– Lepbeý, melikäm!
Wasytlylaryň habaryny eşiden Kabyl kellesini tutup elendi:
– Wa-daryg-a, wa-hasrat-a!..
– Salyňy gowşak tutma, Kabyl! Mert bol! – diýip, Altynjan
gazaplandy.
– Sadyllany öldüripdirler-ä!
– Çyda! Sen erkek ahyryn!
– Arslan juda hetden aşdy! Onuň dişinde et galdyrypdyk…
Men onuň külüni göge sowraýyn. Men gideýin.
– Ýok, ýok, Togrul soltany halas etmän hiç ýerigem gitmek
bolmaz.
Kabyl Altynjana geň galyp seretdi:
– Diýýäniň näme seniň? Biziň doganymyz uzak bir ülkede
läş bolup ýatmalymy, onuň läşini hiç kim depin etmeli dälmi?
Ony depin etmeli doganlary Hemedanda irikgä bolup dur­
malymy?
– Öleniň yzynda ölüp bolmaz. Biziň üçin häzir iň zerur
zat Togrul soltany halas etmek! Düşnüklimi?
– Sen maňa müň sany atly ber. Seniň häzirki goşunyň ýa­
nynda müň atly deňizden alnan bir damja ýaly. Men häzir gi­
deýin, bu ýerde durmaýyn.
– Ýok! Hiç ýerik gitmersiň!
Kabyl sözüniň alynmandygyna gaharlanyp, içýakgyç sözledi:
– Sadyllany olar seniň üçin öldürendirler!..
Altynjan Kabyla çala nazar aýlap ýuwdundy:
– Mert bol!
Kabul beterinden beterine tutdy:
– Maňa beýle mertlik nämä gerek?
Sadyllanyň gapydany Kabylyň sözüni makullady:
– Arslan Besasury gelip: «Altynjan hatynyň dogany kim?»
diýip sorady. Sadylla hem: «Men!» diýip, olaryň ýanyna bardy.
Şondan soň ony öldürdiler.
391
– Men aýtdym-a, Arslanyň Sadyllany näme üçin öldürendi­
gini! Men gitjek, Altynjan, sen Togrul begiň aşyny-suwuny berip
bolanyňdan soň baryber.
– Bu näme diýdigiň?!
– Ybraýym atyny oka berjek adam däl. Ol hökman seniň
maksadyňy biler hemem seniň äriňi öldürer!
– Gapyl, gürleme!
– Gürlejek, eşidýärmiň, gürlejek! Ybraýym bilen Besasury
ikisi bir adam. Ynha, görersiň, olar birleşerler. Sen sebäpli in­
diki öldürilmeli adam men – Kabyl, Altynjan hatynyň dogany.
Sen bolsa Ybraýymyň hatyny bolup, ýag iýip, ýüpek geýersiň...
Eşidýärmiň, meniň sen sebäpli ölesim gelenok. Sen sebäpli ba­
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn II - 23
  • Parts
  • Altynjan hatyn II - 01
    Total number of words is 3629
    Total number of unique words is 2034
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 02
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2164
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2031
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 04
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1970
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 05
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 06
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2172
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 07
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2164
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2085
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 09
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2084
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 10
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2064
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 11
    Total number of words is 3507
    Total number of unique words is 2173
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    37.2 of words are in the 5000 most common words
    44.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2151
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2040
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 14
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2044
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 15
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2131
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 16
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2156
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 17
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1976
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 18
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2087
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 19
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2023
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 20
    Total number of words is 3723
    Total number of unique words is 1909
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 21
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1880
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 22
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 1944
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 23
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1971
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 24
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1896
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1941
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 26
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 2028
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 27
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2124
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 28
    Total number of words is 1126
    Total number of unique words is 678
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.