Latin

Altynjan hatyn II - 16

Total number of words is 3698
Total number of unique words is 2156
30.1 of words are in the 2000 most common words
42.6 of words are in the 5000 most common words
50.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
asylzada-begzada maşgalasydygyny; bu gün şol asylly maşgalanyň
tozdurylandygyny; özleriniň bir döwük kersenleri bilen ýarym
ýalaňaç halda köçä zyňlandyklaryny; şeýle-de bolsa, özleriniň
seljuk beglerine, aýratyn hem Togrul bege ymgyr uly sarpa-mer­
tebe goýýandyklaryny; ömürleriniň ahyrlaryna çenli gije-gündiz
uklaman wepadar hyzmat etmek isleýändiklerini; ýöne elinden
gül dökülýän äriniň häzirki döwürde öňki ýaşan öýüniň ýarym
ziraglyk ýarym kölegesinde ezenegini agdyryp işsiz oturandygyny;
äri täze döwlete gulluk edip başlasa, onda bu döwletiň dünýäde
görlüp-eşidilmedik derejelere eýe boljakdygyny; dünýäniň ähli
baýlygynyň, göwher-jowahyrynyň şu döwlete güzer saljakdygyny,
pasylatlyk-mürewwetlik lybasynyň bege ýapylyp, at-mertebesiniň
äleme doljakdygyny; ärini – beýle gymmatly işgäri sypdyrmaly
däldigini; beýle gymmatly işgärleri işletmegiň peýdalydygyny;
şeýle hem begiň iň ýakyn nediminiň, külli zenanlaryň howan­
dary Altynjan hatynyň pähim-parasada ýugrulandygyny; onuň
tangyrdygyny; bir görende adamyň näjüre adamdygyny doly
tanaýandygyny; ellerinden gül dökülýän adamlaryň gadyr-gym­
matyny bilýändigini; özleri babatda-da melikeden adalata, tan­
gyrlyga garaşýandyklaryny; hut şu umyt-intizarlyk bilenem Altyn­
jan hatynyň mübärek dergähine gelendiklerini nygtaýardylar.
Herhal, gelýänleriň galabasynyň möhümi bitirilýärdi. Büweýh
döwleti döwründe hormatly dynç alşa ugradylan adamlaryň
ydratlaryny-da5 täzeden dikeldýärdiler we şalygyň çalşandygyna
seretmezden, ydrat bermegi ýola goýýardylar.
Bagdat Altynjan üçin düýpgöter täze dünýädi, mukaddes
dünýädi. Bu şäherde durmuş hem melikäniň göwnüne başgaça
ýalydy. Ol her bir zatda syr hem howp duýýardy. Göwnüne
bolmasa, aýylganç bir howp ýakynlap gelýän, kimdir biri oňa:
«Altynjan, mert bol! Başyňa düşjek betbagtçylygy merdanalyk
bilen çek!» diýýän ýalydy. Ol bu habary aýdanyň kimdigini gör­
jek bolýan deýin, töweregine garanjaklaýardy.
267
Bagdatda onuň akgyzlarynyň sany üç ýüzden-de geçdi.
Ýene şonçarak agta onuň gullugyndady, müňden gowrak mus­
fat bolsa onuň goragyndady.
Başlyklarbaşy Nasyr Kundury her gün säher bilen Togrul
begiň hem Altynjanyň dergähine gelip, olara Taňrysalamyny
berýärdi.
Altynjan Kunduryny gowy görýärdi, oňa aýratyn hormat
goýýardy. Onuň biçak sowatlylygy, işine ezberdigi, çulumlygy,
eden işini sünnäläp edişi Altynjanyň hoşuna gelýärdi.
Hatynyň köşkde hatyralaýan adamlary az däldi. Ol Mübärek
hany, Äpdeşir Magtaranyny, Dodurga Merwezinini, Uhjury
hany, Hapban Endikänini aýratyn gowy görýärdi. Aýratyn hem
bu kişilerdäki dogumlylygy, tüýs türkmen, tüýs erkek diýdirýän
mertlikleri, batyrlyklary, gaýduwsyzlyklary gowy görýärdi. Ol aşa
mylaýymlylygy, sypaýyçylygy erkek kişä gelişmeýän häsiýet ha­
saplaýardy. Ol: «Aşa mylaýym, aşa sypaýy, aşa mähribansyraýan
kişileriň ýürekleri arassa däldir, olar öz bozuklygyny, ha­
palygyny ýapmak üçin mylaýymsyraýarlar» diýip, käteler pelse­
pe otarýardy. Abu Zurga Hannakyny-da, Ýusup Bazyrganyny-da
aşa sypaýylygy, hoşsözlüligi üçin halamaýardy. Haçan-da Bekdaş
olaryň kimlerdigini paş edende ol öz pikiriniň dogry çykandygy­
na öz ýanyndan buýsanypdy.
Sekizinji hekaýat
GOÝUN SEMREDIGIÇE,
ÝUWAŞ BOLAR
A
ltynjany Bagdatda biynjalyk eden zatlaryň biri Anu­
şirwanyň bolşudy. Göräýmäge, onuň bolşunda üýtgeşik
hiç zat ýok ýalydy, ýöne Altynjan ondaky düýpli özgerişligi –
sowukmähirliligi, geleňsizligi duýýardy.
Ol öň häzirkisi ýaly sowukmähir däldi: «Enem, käbäm, la­
lam, walydam» diýip, her günde telim ýola Altynjanyň halyndan
habar alardy. Gowudan-gowy, mylaýymdan mylaýym söz tapyp,
onuň göwnüni awlardy, hoş sözüni gaýgyrmazdy. Işi hernäçe
köp bolsa-da, hoşamaý sözüni aýdyp gitmek, hal-ahwal soramak
üçin wagt tapardy. Özem gelende köplenç şygyr okardy. Şeýlebir
şygyrlar düzerdi, aýtjak sözünem şygyr bilen aýdardy. Onuň
şirinden-şirin şygyrlaryna, şahyrlygyna Altynjanyň göwni ýetýär­
di. Anuşirwan tarhandökerliginiň, her hili hokgalarynyň üstüni
özüniň şadyýanlygy, hoşamaýlygy bilen örterdi. «Hoşamaý söz süňk
döwer» diýleni çyn bolmaly. Altynjan: «Indi hernäçe ýalbarsa-da,
Anuşirwana bir danka-da berjek däl» diýip ýüregine berk düwer­
di, ýöne onuň hoş sözüni birpaýyz diňländen soň bolsa, oňa hiç
zadyny gaýgyrman bererdi, näçe berse, gözüne az görnerdi.
269
Anuşirwan aşa ýatkeşdi, köp şahyrlaryň şygyrlaryny ýat­
dan bilýärdi, aýratynam Abu Tammam at-Taýyň, Abu Hafs
aş-Sadranjynyň1 goşgularyny okamagy gowy görýärdi. Abu
Nuwasyň2 şerap, meýlis hakdaky şygyrlaryny bolsa ol Tog­
rul soltanyň gurýan meýlislerinde okaýardy. Serkerdeleriň
arasynda bolanda Firdöwsiniň «Şanamasyny» okaýardy, uzak
ýörişe ugraljak bolanda, kethudalaryň arasynda Söbükteginiň
«Pentnamasyny» labyzly ýatdan aýdardy. Mahlasy, ol haýsy
ýerde bolsa, ähli kişiniň özüni diňlemegini, özüne kökeril­
megini başarýardy. Altynjan onuň bu başarnygyna biçak gu­
wanýardy.
Ýöne, wagtyň geçmegi bilen, Anuşirwan meýlislere bar­
masyny azaltdy. Öňküsi ýaly göçgünli şygyrlaryny-da okajak, ähli
kişiniň ünsüni özüne çekjek bolup duranokdy, özüni görer göz­
den çete çekmäge çalyşýardy. Mydama aladalydy, işlidi. Özem
ol adamlara şübheli garaýardy.
Altynjan her hepdede üç-dört gezek Anuşirwanyň diwany­
na baryp, onuň halyndan habar almaga başlady. Ol haçan gör­
se, Anuşirwan kimdir biri bilen kelle degrişip pynhan gürrüň
edip oturan bolýar. Altynjan baransoň ol edip oturan gürrüňini
göwünli-göwünsiz goýýar.
Anuşirwanyň pynhan sözleşýän adamlary birsyhly üýt­
gäp durýardy. Onuň ýanyna nätanyş adamlar köp gelýärdi.
Altynjan Anuşirwanyň o nätanyş adamlar bilen näme hakda
sözleşýändigini bilmek isleýärdi. Ol birki gezek Anuşirwandan
bu hakda göni sorady, ýöne ol her gezek anyk jogap bermän,
gümmi-sümmä urdy.
Altynjany biynjalyk edýän zat Anuşirwanyň nätanyş adamlar
bilen pyşyrdaşyp edýän gürrüňleriniň gutarmaýanlygydy.
Anuşirwan Altynjanyň ýanyna soňky birki aýyň içinde üç ge­
zek gelipdi, üç gezek gelende-de kimdir birini haýsydyr bir işe
belletmek üçin gelipdi. Olaryň ikisinde Togrul bege, birinde
Kunduryga aýdyp, Anuşirwanyň islän adamlaryny işe belledip­
di. Onuň goldawy bilen bütin ömrüni täjirlik bilen geçiren elli
ýaşly bir kişini (ady ýadyndan çykypdyr) Hyradyň walysy wezi­
270
pesine belläpdiler. Üstaduddar Ärdeşir Magmarany wezirler
diwanynyň naýyby, Tahyr Ryza diýen kişi Ybraýymyň weziri we­
zipelerine geçipdiler.
Olary işe belletjek bolup Anuşirwanyň hars urup ýörmesi
Altynjana gaty düşnüksizdi. Olary işe ýerleşdirmek Anuşirwanyň
wezirlik edýän diwanyna degişli-de däldi. Ol Togrul begiň hary­
ja – daşary ýurt işleri boýunça weziridi.
Anuşirwan hiç wagt ertesiniň pikirini, aladasyny eden
adam däldi. Ol şu güni bilen ýaşaýardy, ylla şu güni iň soňky
güni ýalydy.
Dodurga Merweziniň gyzy Gülaýyma öýlenensoň, Anu­
şirwanyň tarhandökerligi azaldy.
Geň, juda geň, ol baýlyga gyzykdy. Hatyn bilen hatynyň
arasy ýer bilen gök ýaly eken. Janahyr Geçdekiniň gyzy Göwhe­
raý Anuşirwana onçakly täsir edip bilmändi.
Altynjan Anuşirwanyň baýlyga gyzykmagyny gowulyga ýordy.
Öň onuň Altynjandan gizlin zady ýokdy. Indi welin, ol syr­
lydy. Altynjanyň bilýän bir zady bardy, ol hem Anuşirwanyň
soňky döwürde aşa baýanlygydy. Ol halyfyň wezirleri deýin aýda
müň dinar aýlyk alýardy. Mundan-da başga ol bäş welaýatyň yk­
tadarydy. Onuň on üç şäherde dükany, bazary bardy. Bir ge­
zek meýden mes bolanda aýda ýigrimi müň dinar girdeji ga­
zanýandygy bilen magtanypdy.
Huzurynda bäş müň hyzmatkäri bardy.
Reýde hem hatynynyň doglan ýeri bolan Merwde iki ýüz
otagly owadan köşk gurupdy.
Onuň durmuşynda kem zady ýokdy. Ol ýeten derejesiniň
gadyryny bilýärdi. Togrul bege tagzym edýärdi, onuň adyna
mertebeli sözleri aýdýardy. Altynjana: «Depämiň täji enem,
mähriban enem» diýip ýagşydan-ýagşy sözler bilen ýüz­
lenýärdi.
Anuşirwanyň mydama göçgünlidiginden çen tutup, onuň
gamlanýan wagty ýokdur öýdýän kişiler kändi, ýöne onuň gam­
lanýan pursatlary soňky ýyllar köp gabat gelýärdi. Özem ol kä­
teler bir ahwalaty ýatlap, gam donuna bürenýärdi. Ol oglunyň
271
bolmaýanlygy üçin örtenýärdi, her gezek hatyny hamyla bolan­
da ogla garaşýardy, ýöne gyzy bolýardy.
Onuň bäş gyzy bardy.
– Hudaýyň berenine şükür et! – diýip, Altynjan ony
köşeşdirmäge çalşardy.
Anuşirwan oglunyň bolmaýanlygynyň sebäbini birinji
ogluny – kakasynyň adyny dakan ogluny özüniň öldürenligin­
den görýärdi.
– Mende mirasdar bolmaly dälmi?! Tahyr Afrasýabyň ne­
beresi gutaraýmalymy? Bu nähili elhençlik! – diýip, Anuşirwan
kellesini tutup, gerdun pelekden perýat ederdi.
Altynjan ony köşeşdirjek bolup garaheläk bolardy:
– Sen entek ýaş, geljegiň öňüňde! Nesip bolsa, ogluň hök­
man bolar!
Şu güne çenli diňe bir Altynjan hatyn däl, ähli kişi on­
dan razydy, ähli kişi ony hatyralaýardy, eziz görýärdi, ýöne
bu gün onuň üstünden arz edildi, özem gaty täsin, akyla syg­
majak arz.
Togrul begiň wezirler diwanynyň naýyby Ärdeşir Magma­
rany geldi:
– Men Anuşirwany gaty gowy görýärin. Men ony hatyralap
birnäçe gezek öýüme myhman çagyrdym. Ol bolsa düýn meniň
tokal (körpe, kiçi hatyn) hatynymy nahanlykda alyp gaçypdyr.
Ol meniň tokalymy bersin.
Altynjanyň geňirgenmesiniň üstüne Anuşirwanam geňir­
genme goşdy:
– Käbäm, meniň gaýgy-gussa donunda ýaşamagyma siz
razymy?
– Bu näme diýdigiň bolýar?
– Ärdeşir Magmaranynyň on bäş ýaşly tokaly meniň gaýgygussa donumy uçmahy eşrete öwrüp biljek ýeke-täk hatyn. Men
Ärdeşire tokalynyň agramyna barabar dinar bereýin, goý, ol to­
kalyny maňa bersin, goý, onuň tokaly meniň tokalym bolsun!
Altynjan näme diýjegini bilmedi, kellesini tutup, başyny
ýaýkady. Akylyňa gelmejek zatlar başyňa gelýär.
272
Altynjan Anuşirwandaky üýtgeşikligi onuň baýamagy se­
bäplidir öýdüpdi, goýun semrese, ýuwaş bolýandygyny ýat­
lapdy. Baýamagyň ýuwaşamaklykdan başga-da oýunlary köp
bolardy.
Baýlygyň oýunlarynyň birini-hä Altynjan Anuşirwanyň my­
salynda gördi, beterinden Hudaý saklasyn!
18*
Dokuzynjy hekaýat
JAN GOLAÝYNY KESEL BILER
T
ogrul begiň ýaşlykdan bäri mahal-mahal burny ga­
naýardy. Ilkinji gezek ony Çagry on-on iki ýaşlarynda
ganadypdy, has takygy, ýüzüne daş bilen urup, burun süňküni
döwüpdi. Şonda gan onuň diňe burnundan däl, agzyndanam,
gözlerindenem akypdy. Gaty kän gan akansoň, ol özünden gi­
dipdi. Ony ölendir öýtdüler. Ol welin, ne öli, ne diri bolup, iki
günläp ýatdy. Üçünji gün birazajyk bulamak içdi.
Eden işinden gorkan Dawut öýünden gaçyp gitdi, alty gün­
läp meýdanda elkin ýatdy.
Ýedinji gün ony tutup getirdiler.
Şondan bärem burunganama keseli Togruldan aýryla­
nokdy. Özem mydama garaşylmadyk wagty ganady. «Häzir bur­
num ganar» diýip pikir eden wagty däl-de, hiç hili sebäp bol­
madyk pursatlarda ganardy.
Ýene şeýle boldy: Togrul begiň burny ganady.
Özem hiç hili sebäpsiz ganady.
274
Ol ýeke ýatyrdy.
Süýji uklap ýatyrdy.
Haýsydyr bir güýç ony ukudan oýardy, burnundan gan
akýandygyny duýdy.
Barlap görse, ýatan ýassygy gandan ýaňa öl-myžžyk bolupdyr.
Ol burnuna esgi bölejiklerini dykyşdyrdy.
Gan, barybir, saklanmady.
Beg burnuny gysyp, Altynjanyň ýanyna gaýtdy.
Altynjan begi haremiň daşişiginde garşylady:
– Begim!..
– Sen näme üçin daşişikde dursuň? Entegem ýataňokmy? –
diýip, Togrul beg geňirgenmesini daşyna çykardy.
– Ýatyrdym, ýöne kimdir biri meni: «Begiň ýanyna bar!»
diýip oýardy.
– Kim diýdi?
– Bilmedim men-ä, gulagyma bir ses geldi: «Begiň ýanyna
bar!» diýip, oraşan aýtdy.
– Dogry, seniň hemaýatyň gerek, burnumdan gan akýar.
Geň, dog­rusy, menem birisi: «Beg, seniň burnuňdan gan akýar»
diýip oýardy.
Altynjan şemleriň sanyny köpeltdi, akgyzyna üç-dört sany
şem ýakmagy buýurdy.
Altynjan begiň ýüzüni, kellesini buz ýaly suwa ýuwdy,
soňundan hem burundaky esgileri aýyryp, täzeden dykdy.
Gan saklandy.
Beg rahatlandy.
Ol Altynjanyň ýorganyna girdi.
***
Altynjan durmuşa çykyp, seljuklylaryň ýöredýän käbir
kada-kanunyny, dogrusy, halamandy, olary artykmaç hossa
hasaplapdy, ýöne ýigrimi ýyldan gowrak wagtyň içinde olaryň
(Altynjan indi özüni eprikli däl-de, seljukly hasaplaýardy) hiç
bir zady ýöne ýere etmeýändiklerine göz ýetirdi.
Ýüz ýedi ýaşan Seljuk beg: «Uzak hem sag ýaşamagyň kepili üç
zatdadyr. Kim-de-kim şol üç zady meniň aýdyşym ýaly amal etse, şol
kişiniň uzak hem sag ýaşajakdygyna kepil geçip bilerin» diýipdir.
275
Uzak hem sag ýaşamagyň üç şertiniň ilkinjisi her ýylda iki ge­
zek damaryňdan gan aldyrmak. Ikinji şert: aýda bir gezek içiňi ýuw­
mak. Üçünji şerti: hepdede bir gün oraza tutmak – agyz beklemek.
Altynjan hatyn sag hem uzak ýaşamagyň üç şerti başga hiç
bir ýerde ýokdur öýdüp ýördi. Görüp otursa, bar eken. Özem
Seljuk begiň birmahal aýdan o sözlerini ulama Ibn Sina ýazga
geçirip giden eken.1
Altynjan hem bu usuly ýöredýärdi, bege-de ýardam berýärdi.
Bu meselede soltan diňe hatynyna bil baglaýardy.
Bagdatda bolan ikinji aýynda hem Togrul beg damardan
gan aldyrýan wagtynyň gelendigini, ganyny aldyrmak isleýändi­
gini Altynjana ýaňzytdy.
Togrul begiň ganyny bäş-alty ýyl Gutulmyş beg alypdy. Ol bu ba­
batda aşa ökdedi, ýöne häzir Gutulmyş beg ýokdy, ol öz yktasyndady.
***
Altynjan gan alyp bolýan alty sany damary bilýärdi. Olaryň
birinjisi, gara damar; ikinjisi, eliň iç gapdal deriasty damary;
üçünjisi, bilek damary; dördünjisi, «halasgär» damar; bäşinjisi,
kifal damary; altynjysy, bilegiň deriasty damary.
Altynjan hatyn Togrul begden gan alynmazyndan burun
oňa issop hem timýan2 bilen gaýnadylan sikanjubin içirdi.
Ol gany Lukman Hekimiň salgy berýän alty ýerinden alma­
ýardy. Onuň, ýok, onuň däl, seljuklylaryň gan alýan ýörite damar­
lary bardy. Olar, esasan, damarlary maňlaýdan, ýeňseçukuryndan,
sag hem çep aýaklaryň topuklarynyň ýanyndan geçýän damarlar­
dan alýardy. Özem ol dört ýerini birbada dilýärdi. Gan begiň dört
ýerinden akyp ugraýardy.
Gan başda goýy, gara görnüşde ýuwaş-ýuwaşdan akýardy.
Soň kem-kemden öz reňkine gelip, akmasyny, suwuklygyny
artdyryp başlaýardy. Göräýmäge, adamyň gany akyp gutaraýjak
ýalydy, ýöne Allatagala adama on iki ritl3 gan beripdir.
***
Altynjan edýän işine düýrmegi bilen berlipdi. Ol begiň
dört ýerinden asfury hanjary bilen çirtipdi.
276
Togrul beg gözlerini ýumup, gürlemän ýatyrdy. Onyň ýa­
tan ýeri garagana boýalypdy.
Altynjan mydama damary dikligine dilýärdi, şeýle edilende
kesilen ýer tiz bitýärdi. Onsoňam Altynjan dilen ýerleriniň tiz
bitmegi üçin zeýtun ýagynda ezilen esgini ýapýardy.
Ol ýene şeýle etdi: ganlaryň akyşy suwuklaşyp ugransoň,
zeýtun ýagynda ezilen esgiler bilen dilen ýerlerini daňdy. Akgyz­
laryna akan lödere ganlary derrew süpürip aýyrmagy tabşyrdy.
Damarlaryndaky goýy ganlary – lödere ganlary aýryp, ýaş ganla­
ryň kadaly aýlanmagyna ýol açylansoň, begiň süňňi ýeňleýärdi, ýog­
sam burnundan gan akyp ugraýardy, soň ony saklamak görgüdi.
– Altynjan, sen hem ganyňy aldyr – diýip, Togrul beg Altyn­
jana maslahat berdi.
– Men hökman aldyraryn!
Altynjan ýalan sözlemeýärdi, begiň ýanynda-ha hiç wagtam
ýalan sözlemeýärdi, ýöne, näme üçindir, ol ganyny aldyrmak ba­
rada wada berse-de, sözünde durmady.
Ol ganyny aldyrmady.
Munuň sebäbini özünden özge hiç kim bilenokdy. Onuň aşa
kel­leagyrysy bardy, ol bu agyrynyň emini-de bilýärdi. «Ýeňseçukuryň
golaýynda, gulagyň arka ýüzündäki süňküň aşagynda ýerleşýän
damardan ganyň suwuk bolmagy sebäpli ýüze çykýan kelleagyry
hemem ötüşen kelleagyry azar berende gan alsaň, peýda berýär»4
diýip, ol kelleagyry hakda gürrüň gozgalanda aýdýardy. Ýöne özüne
gezek gelende bu babatda ol geleňsizlik edýärdi. Aslynda, Altynjan­
da geleňsizlik ýokdy. Megerem, bu geleňsizlik bilkastlaýyn bolmaly.
Näme üçindigi welin, belli däldi…
Onunjy hekaýat
KÖZ KÜLDE SAKLANAR
K
abyl Altynjanyň ýanyna begenjine guş bolup uçup geldi:
– Altynjan, Arslan Besasury ýaňy Zenjana (Zenjan welaýaty
Kabyla ykta berlipdi) meniň üçin iki müň ýylky, iki müň sygyr
hemem ýigrimi kerwen ekerançylyk gurallaryny peşgeş hökmün­
de ugratjakdygyny aýtdy. Özem ol Zenjanda maňa iki sany ker­
wensaraý hem gurup bermek isleýär. Men oňa razylyk berdim.
– Saňa berýärmi? – diýip Altynjan ýantgylap sorady.
– Diňe maňa berýär.
– Bir çöpi bar bolaýmasyn?!
– Menem soradym ondan: «Näme üçin maňa onça zady
hed­ýe berýärsiň?» diýip. Ol: «Hedýe bet matlap bilen beril­
meýär. Kimdir birini sulhuň alsa, gowy görseň, şol kişä peşgeşhedýe berýärsiň. Allatagala maňa berýär. Menem ýüzünden
nur ýagýan adamlara hedýe berýärin» diýdi. «At çapmaz, bagt
çapar» diýip eşidipmidiň? Biler bolsaň, men käbir adam ýaly
hars urmadym. – Kabyl Anuşirwany göz öňünde tutýan bolmaly.
– Kanagatly, sabyrly ýaşadym, şükürli ýaşadym. Gör, Allatagala
üstüme getirip berýär!
– Ak ýürekden hedýe berlendigine teý yşanyp bilemok –
diýip, Altynjan Kabyla bakdy: – Şindem bir pille, Besasurydan
hiç zat alma.
– Hedýeden diňe samsyklar ýüz öwürýär.
Bu sözden soň Altynjan sesini çykarmady.
278
***
Derýada gämili ýüzüş uzaga çekdi. Olar günortanlygy hem
gäminiň üstünde edindiler.
Garaňky gatlyşyberende Altynjan akgyzlary bilen gämiden
düşüp, öňki büweýh döwletiniň köşgüniň bagyna gezelenç et­
mäge gitdi.
Bagdan çykasyň gelmeýärdi. Bu ýeriň sergin howasy jan­
perwerdi. Altynjan zalym Şetdadyň Erem bagyna gaýry dur diý­
dirýän bu ümürsin bagyň içinde dähedem-dessem ýöremekden
rahatlyk tap­ýardy. Al-elwan gülleriň ýanyna baryp synlaýardy,
olaryň hoşboý müşki-anwar ysy janyňa hoş ýakýardy. Bilbilleriň
saýraşýan dilnowaz seslerine diň salýardy. Togrul begiň: «Diňe
erkek bilbiller saýraýandyr, mäkiýan bilbiller saýramaýar, wasp
etmek, saýramak Taňry tarapyn diňe erkeklere berlendir» diýen
sözlerini ýatladýardy.
Altynjanyň yzynda akgyzlary hyzmata gaýym bolup barýardy.
Ýöne Altynjan yzyndaky akgyzlarynyň, Seýiddäniň gelýändigin­
den habarsyz ýalydy. Köpler büweýh döwletiniň Bagdatda Erem
bagyny döredenliginden habarsyzdyr. Beýle jenneti bagda ge­
zim etmek her kese ýetdirýän mertebe däldi.
Altynjan Ar-Ratl diýilýän serhowza bardy. Ol ýerde tutum ulu­
dandy. Desterhan uludan ýazylypdy, ol üýtgeşik nazy-nygmatlar­
dan doludy.
Hatyn akgyzlarydyr Seýidde bilen serhowzuň başynda otu­
ryp wagtyny dilşatlykda geçirdi, herdürli nazy-nygmatlardan,
tagamlardan datdy.
Aýdymçylar olaryň öňünde aýdym aýdýardy. Rakysçy gyzlar
süňňi ýok ýaly bolup rakys oýnaýardylar. Ýöne, aýdymlar, rakyslar
bu gün, näme üçindir, Altynjanyň göwnüni götermeýärdi, gaý­
tam, ömrüniň geçip barýandygyny ýadyna salýardy, kalbyna gus­
sa dolýardy.
Altynjan aýdymyň täsirine berlip, begiň geleninem duýman
galan eken. Seýidde onuň gulagyna çawuş çakdy:
– Beg gelýär!
Altynjan başyny galdyrsa, eli tesbili Togrul beg gaşynda dur:
279
– Altynjan, içiň-ä gysýan däldir?!
– Begim, halyfyň gyzy Seýidde içimi gysdyranok. – Altynjan
Togrul bege gapdalynda duran hyjaply gyzy görkezdi. – Seýid­
de gyz jana tenekar sözleri bilen göwünlerimizi göterýär. Bu
sahypjemal gyz aby-haýýat suwy ýaly bir gudrat. Hezreti begim,
bu mahytaban perizada tomaşa kylyň! Öwlat öwji bar bu gyzda
– Altynjan hatyn Seýiddäniň ýüzüniň hyjabyny galdyryp, bege
görkezdi.
Seýidde utanjyna gyp-gyzyl boldy. Utanmasy Seýiddäniň ga­
raýagyz ýüzüne gülap suwy berlen deýin ýalkym çaýdy.
Togrul beg birsalym dymyp durdy-da, Altynjana ýüzlendi:
– Altynjan, men Mosula gitmeli boldum: ol ýerde Gutulmyş
bilen çözmeli meselelerim bar. Ýöne ýolugra seniň bilen Wasyt­
da iki-üç gün dynç almak isleýärin. Myhman alyp bilerin öýtseň-ä
şu gün Wasyta gidip, taýýarlygyňy görüber. Bize ýaranmak saňa
aňsad-a düşmez...
Begiň soňky sözüne wezir-wekiller hezil edip gülüşdiler.
Altynjan welin, gülmedi, gaýtam ör-gökden geldi. Eşiden söz­
lerine nähili düşünjegini bilmedi, asyl. Göräýmäge, beg gowy
söz aýdan ýaly. Altynjan üçin welin, begiň aýdan sözleri gülküli
däldi-de, yzalydy, gynançlydy. Haçandan bäri beg Altynjandan
aýry bolupdyr? Näme üçin Altynjan ärini Wasytda myhman
hökmünde garşylamaly?!
Togrul beg bir esasy bolmasa hiç bir sözi aýtmaýar. Onuň
öwrümi mydama çylşyrymly, aňyrdan! Bu sözi açyk aýtmagynda
hökman bir «çöp» bar bolmaly. Ýogsam wezir-wekilleriniň ýa­
nynda oňa beýle resmiligiň geregi näme?
– Altynjan, dymdyň-la?
Begiň garaçyny. Altynjan begiň bu sowalyna näme jogap
berjeginem bilmedi:
– Men haçan gideýin, begim?
– Ertir azan bilen ötägit.
– Meniň bilen kim gider?
– Öz adamlaryň bilen gidiber. Wezir-wekiller meniň ýanym
bilen bararlar.
Altynjan gyzyl-gyran gülüşýän wezir-wekilleri nazary bilen
dalady.
280
Togrul beg ýene Altynjanyň garaşmadyk perdesinden gopdy:
– Eý, meniň naýyp-menabym, şu gün maňa üýtgeşik bir
pöwrize-jowahyr hedýe getirdiler. Beýle nepis zatlaryň gadyryny
diňe sen bilýärsiň, şonuň üçinem muny saňa berýärin!
Altynjan öz nägileligini begiň aňandygyny, hut şonuň üçin
hem «naýyp-menabym» diýip ýörite ýüzlenendigini, aýalynyň
hoşuna geljek peşgeşi ýörite berýändigini aňdy. Bir tokga pöwri­
ze daşyndan edilen monjuga çala nazar aýlan Altynjan Togrul
bege göwünli-göwünsiz minnetdarlyk bildirdi.
Bu ne ahwalat boldy? Altynjan ýaňyja Erem bagy, jennet at­
landyran ýerinde özüni dowzaha düşen ýaly duýýar-la?!
Adamyň ýüzi-gözi gülüp jennetiň alamatlaryny äşgär eýlesede, içde dowzahyň harasady gopýar-la?!
Adamyň aamlygyna bakyň: ol Allatagalanyň dowzahdyr jen­
netini o dünýäde hasaplaýar. Aslynda welin, Haktagala dow­
zahdyr jenneti bendesiniň içinde ýerleşdiripdir. Adam bu dünýä­
de öz içinde orun tapan jennetdir dowzahynda ýaşaýan bolarly.
Togrul begiň hatyny bolsaňam, saňa dowzah yrak däl.
Eh, ýarysy gije, ýarysy gündiz dünýä!
Eh, ýarysy ýagşylykly, pazylatly, jennetli, ýarysy hupbatly,
dowzahly dünýä!
Bäş günlük ýalançy dünýäňde dowzahyň yrak, jennetiň me­
kan bolsun!
On birinji hekaýat
ÜÇ DUŞUŞYK
T
Birinji duşuşyk
ogrul begiň köşgi iki bölekden ybaratdy. Birinji bölek
«salamlyk» diýlip atlandyrylýardy.
Salamlyk begiň resmi hem resmi däl kabul edişliklerini ge­
çirýän, hökümdarlyk edýän, döwleti dolandyrýan, dynç alýan,
ýaşaýan bölegidi.
Ikinji bölek harem, haremhana – enderun diýlip atlandyryl­
ýardy. Haremde begiň hatyny ýaşaýardy. Bu ýere begden başga
erkek kişä barmak gadagandy. Beg haremiň kaşaň, owadan bol­
magyna aýratyn üns berýärdi.
Togrul begiň durmuşy Altynjanyň ömri bilen doly hem
gutar­nykly mana gelýärdi, hatyny bolmanlygynda özüni ýarty
göwre hasaplaýardy.
Togrul beg durmuşynyň hem içki manysy, hem göwnüniň
bezegi, hem ömrüniň guwanjy, hem janynyň goragçysy bolan
Altynjany neneň ezizlemesin! Nädip ony haýsydyr başga bir ze­
nan bilen çalyşyb-a däl, deňeşdirip bilsin! Ol näçe gezek Tog­
ruly ölümden halas etdi!
282
Adam şahsyýeti köpgyraňly, onuň her gyraňynda-da aýratyn
bir şahs otyr. Iki ynsan arasyndaky hakyky sylag-hormat, ezizlik
ol şahslaryň her biriniň öz magşugyndaky şahslarda öz taýyny
tapanda, diňe şonda mümkin bolýar. Togrul begdäki berdaşly,
kuwwatly erkek kişi hatynyndaky mähirli, näzik zenan bilen
utgaşýar. Ondaky haýbatly beg Altynjandaky parasatly nedim
bilen tapyşýar. Togrul begdäki ökde hem akylly serkerde Altyn­
jandaky taýsyz esger bilen taýlaşýar.
Togrul beg ýörişe gidende haremini, hazynasyny ýany bi­
len alyp gidýärdi. Ýöne soňky ýyllar Altynjany köşkde naýyp bel­
läp gidýän gezekleri az bolmaýardy. Bu giden şalygy kimdir biri
dolandyrmaly ahyryn! Şalyk welaýatlara, welaýatlar etraplara,
etraplar galalara, obalara bölünýärdi. Galalar, obalar etraplara,
etraplar welaýatlara garaşlydy. Welaýatlar şalyga hasabat berýär­
di. Balhda ýa Horezminde, Jebelde ýa Nyşapurda kiçeňräk met­
jit, mekdep guruljak ýa ol ýerlerde kimdir biri wezipä göteril­
jek bolsa, hökman şalyga ýüz tutmaga borçludylar. Şasyz hiç bir
mesele çözülmeýärdi. Şonuň üçin köşkde ertirden agşama çen­
li iş ýeterlik bolýardy. Elbetde, şa, naýyp ýerlerden gelýän arzaşikaýatlara, her bir meselä goşulyşyp ýörmeýärdi. Çünki her bir
meseläni çözýän ýörite diwan, ýörite wezir bardy. Her bir weziriň
ýolbaşçylyk etmeli ugry anyklaşdyrylandy. Wezirler, gulluklaryň,
diwanlaryň sahyplary öz çözüp bilmedik meseleleri bilen patyşa
ýa-da baş wezire ýüz tutýardylar. Patyşa ýörişde wagty onuň çöz­
meli meselelerini naýyp Altynjan ýa-da baş wezir çözýärdi.
Köşkde hyzmat edýän adamlar kändi, olaryň her biriniň anyk
etmeli işleri bardy. Köşk emirleri – üstaduddar, salahdar, emiri alem,
taştdar, emiri çaşnigir, emiri şikar, emiri ahyr, döwetdar, kyssadar,
jamedar1 Altynjan hatynyň garamagyndady. Olaryň habaryny patyşa
wezir ýa-da Altynjan naýyp ýetirip bilýärdi. Ol diwany-hasy-da2 do­
landyrýardy. Togrul beg köşk emirleri bilen seýrek duşýardy. Çün­
ki ol görer gözden çetde bolmaga çalyşýardy. Onuň görünmegi,
salamlaşmagy köşk emirleri üçin hem çäksiz uly mertebedi.
Altynjan naýyplyk tagtyna naýyp haladyny geýip çykardy.
Başyna sap altyndan ýasalan, gymmatbahaly al-ýaşyl göwherler,
jowahyrlar bilen bezelen täjini geýerdi. Sag elinde ujuna altyndan
goşa kelleli bürgüdiň ýylan tutup duran şekili ýasalan hasasyny
saklap oturardy.
283
Naýybyň kabul edişligi başlanmaly, gutarmaly wagty takyk
kesgitlenendi. Aslynda, köşkde berk tertip-düzgün bardy.
Günde bäş gezek nobat3 saz çalýardy. Bu nobatlar namaz
okamaly wagtyny ýatladýardy. Namaz okamak üçin çalynýan
saz­lardan başga-da, şanyň zyýapatlarynda, meýlislerinde saz4
çalnyp, rakys oýnalýardy. Şeýle hem patyşa ýörişe ugramak üçin
atyna münjek bolanda dabaraly saz çalynýardy. Şa ýörişlerden
geleninde hem nobat bilen garşy alynýardy.
Altynjan käteler sazandalary çagyryp, olaryň sazyny diňlärdi.
Ol çaňda, kanunda, sazda, berbadda saz çalyp bilýärdi. Altyn­
janda saz gurallary kändi. Berbady Togrul bege bir balhly täjir
sowgat getiripdi, beg hem ol sowgady hatynyna beripdi.
Kä agşamlar beg Altynjanyň saz çalyp bermegini islärdi.
Melike begiň bu islegini höwes bilen bitirerdi. Är-aýalyň gowy
görýän aýdymlary bardy. Bu aýdymlary aýtmaga ilki Altynjan
başlardy. Özem ol ilki Togrul begiň iň söýgüli aýdymyndan
başlardy. Ol aýdym Salyr Gazan hakyndady. Altynjan ikinji ben­
di aýdyp başlanda Togrul beg dymyp oturyp bilmezdi, Altynja­
na goşulyp aýdybererdi:
Otuz-kyrk müň leşger birlen Gazan baryp,
Itbejene illerini keldi gyryp,
Birnijesi gutuldylar köp ýalbaryp,
Alplar, begler, gören barmu Gazan kibi?
Andan hüner göterdiler barça uly,
Bazylarga orun berdi sagly-solly,
Bizge böldi kamug ilniň orny diňli,
Alplar, begler, gören barmu Gazan kibi?
Seýýah Gorkut, öler bolduň imdi, bilgil,
Ol Gazanyň döwletine doga kylgyl,
Kerwen kitdi, köp giç galdyň, ýolga kirgil,
Alplar, begler, gören barmu Gazan kibi?
Togrul beg bu aýdymdan soň göwni çag-çag bolup «Gorkut
ata» boýundan başga bir aýdyma başlardy:
28 4
Ýedi başly aždarhaga ýetip bardym,
Haýbatyndan sol gözüm ýaşardy.
«Heý, gözüm, namart gözüm, muhannes gözüm!
Bir ýylandan, näme bar, gorkduň» diýdim.
Onda hem «Ärdirin, begdirin» diýip öwünmedim.
Öwnenleri hoş görmedim...
Togrul beg ýörişde wagty welin, köşkde namazyň noba­
tyndan başga saz çalynmaýardy.
***
Altynjanyň sazy gowy görýändigi üçin, Alparslan birgiden
sowgatlar bilen birlikde ýigrimiden gowrak herdürli saz gu­
ralyny ugradypdyr. Altynjan şirin janyndan eý görýän, mähir
siňdiren mäligi Alparslanyň sowgatlaryny görmek üçin saraýa
bardy.
Elli düýä ýüklenen sowgatlar giden meýdany dolduryp durdy.
Altynjan sowgatlary gözden geçirip ýörşüne birden tisginip
gitdi: onuň nazary başyny aşak salyp duran düýekeşde saklandy.
Düýekeşe uzak seredip durmagy gelşiksiz görüp, sowgatlary
gözden geçirmegi dowam etdirdi. Sowgatlary gözden geçirip
yzyna dolananda hälki düýekeşiň ýerinde ýoklugy ony has-da
geňirgendirdi.
– Hany, şu ýerde duran hälki düýekeş? Nirede ol?
– Häzir taparyn – diýip, kerwenbaşy ikiýana alakjady, ýöne
hälki düýekeş edil guýa giren ýalydy, ýokdy.
Altynjan:
– Tapyp, meniň ýanyma getiriň! – diýip, kabulhanasyna gitdi.
Düýekeşi tapmak aňsat düşmedik bolarly, sebäbi ony der­
rew tapmaga söz berseler-de, garaňky gatlyşyberende getirdiler.
– Melikäm, melikäm! Men günäkär! Näme jeza berseňiz, men
razy — diýip, düýekeş içeri girenden Altynjanyň öňünde ýüzin
süýnüp ýer ogşamaga başlady, ýetişibildiginden hem samrady.
– Tur ýeriňden! – diýip, Altynjan azmly gürledi. – Hany, bar
zady aýt! Bol, bol!
285
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn II - 17
  • Parts
  • Altynjan hatyn II - 01
    Total number of words is 3629
    Total number of unique words is 2034
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 02
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2164
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2031
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 04
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1970
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 05
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 06
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2172
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 07
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2164
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2085
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 09
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2084
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 10
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2064
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 11
    Total number of words is 3507
    Total number of unique words is 2173
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    37.2 of words are in the 5000 most common words
    44.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2151
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2040
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 14
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2044
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 15
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2131
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 16
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2156
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 17
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1976
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 18
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2087
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 19
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2023
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 20
    Total number of words is 3723
    Total number of unique words is 1909
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 21
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1880
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 22
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 1944
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 23
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1971
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 24
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1896
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1941
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 26
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 2028
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 27
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2124
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 28
    Total number of words is 1126
    Total number of unique words is 678
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.