Latin

Altynjan hatyn II - 17

Total number of words is 3807
Total number of unique words is 1976
33.4 of words are in the 2000 most common words
46.1 of words are in the 5000 most common words
53.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
– Melikäm, menden hiç zat soramaň! Öldüriň meni, me­
likäm!
– Näme etjegimi özüm bilerin, ýöne sen maňa näme
üçin bizi – babamy satandygyňy, näme üçin iýen duzuňa kast
edendigiňi düşündir.
– Siz maňa, barybir, ynanmarsyňyz, melikäm...
– Çynyňy aýtsaň ynanaryn. Näme üçin şugullyk etdiň?
– Men hiç kime hiç zat şugullamadym, melikäm. Alla ke­
sim-kesim etsin. Men hiç kime hiç zat şugullamadym. Gurhany
kerimden ant içýärin!
– Onda näme üçin gaçdyň?
– Maňa Haldan: «Gaç!» diýdi. Men: «Näme üçin?» diýdim.
Ol: «Hökümdarymyzy öldürjek bolupdyrlar. Onam senden
görýärler. Häzir gaçmasaň, hökümdar seni öldürer. Gaç, başyňy
gutar. Sende şaýat ýok. Hiç kim saňa ynanmaz. Hiç kim seni
diňlemez» diýdi. Haldan maňa bir ýaby berdi. Men şol ýaby bi­
lenem gaçdym. Şondan bäri görmedigim görde galdy, melikäm.
Altynjan esli salym sesini çykarman oturdy. Soňam:
– Alparslanyň kerwenbaşysyny çagyryň! – diýdi.
Sähel salymdan garagyýçak ýigit içeri girip, ýer öpüp, Altyn­
jana tagzym etdi.
– Alparslan mälige aýdyň, bu düýekeş – Dowguş meniň oba­
daşym, zamahşarly. Alparslan, goý, bu kişi barada aladalansyn.
– Lepbeý, naýybym!..
Altynjan: «Adam doglan ýerini, it doýan ýerini küýsär»
diýlen pähimi hakydasynda aýlady, öz-özüne geň galdy: bir­
mahalky ýigrenen adamyny bu gün ýigrenip bilenok. Dowguş
onuň gözüne yssy görünýär. Ol ony öz ýakyn adamy hökmünde
duýýar. Onuň kösenmegine ýüregi gyýylýar. Megerem, bir ga­
lada önüp-ösüp ulalandygy üçindir?! Mundan iki aý öň ol Haý­
dar neçjary hem kowup bilmändi ahyryn. Ýogsam Altynjan ony:
«Şerap içýärsiň» diýip öýden kowupdy. Abdylmälik han diňe
gyzynyň göwni üçin onuň kowulmagyna garşy çykmandy.
Mundan iki aý öň işigagasy bir owadan sandyk getirdi.
Altynjan bu sandygy görenden Haýdaryň ýasandygyny bildi.
– Muny kim berdi?
287
– Muny bir garry goja size hedýe getirdi.
– Nirede ol?
– Gaýtdy, melikäm!
– Tapyp getiriň!
Haýdar hiç ýere gaýtman eken. Gaýdara ýeri bolmasa nirä
gaýtsyn?! Ol daşişikde Altynjandan çakylyga hantama bolup dur
eken. Haýdar görgüli bir döwüm tötek tapyp bilmän gedaýçylyk
edýändigini aýdyp, gözüne ýaş aýlady. Şondan soň Altynjan ony
hansalara5 kömekçi edip berdi:
– Şu gojanyň kem zady bolmasyn!
Ikinji duşuşyk
Altynjan naýybyň kabulhanasyna wezir Kundury geldi. Ol
içki howsalasyny beýan eýledi:
– Altynjan hatyn, şeýlebir gelşiksiz habar bar welin, men,
dogrusy, size nähili beýan etjegimi bilmeýärin.
– Bir adaty bolmadyk habaryň bardygyny men siz içerik
äden ilkinji ädimiňizden duýup otyryn. Siz şanyň baş weziri,
nähili habar bolsa, ony göni aýdyň.
– Elbetde, ol habar döwlet bilen baglanyşykly bolsa, göni
aýdardym…
– Ol habaryňyz meniň bilen baglanyşyklymy?
– Siziň bilen baglanyşykly.
– Näme bolupdyr? – diýip, Altynjan ýerinden nädip tura­
nyny-da duýman galdy. – Anuşirwana bir zat boldumy?
– Men sizi nähak gozgalaňa salýaryn. Hiç kime hiç hili bo­
lan zat ýok, ýönekeý bir il arasynyň myş-myşy ýaly bir zat...
– Eý, wezir, myş-myş habar üçin seniň beýle howsala
düşmejekdigiňi men bilýärin-ä.
– Ýaňy meniň ýanyma bir galanyň kutwaly öz muhtasyby bi­
len geldi. Ol bir garry är-aýalyň siziň dergähiňize gelýändigini ha­
bar berdi.
– Bu ýerde näme geň zat bar? Goý, gelsinler.
– Ýa muhtasyp akylyndan azaşypdyr ýa gelýänler jadygöý
bolmaly.
28 8
– Näme üçin beýle pikir edýärsiň?
– Mundan bir ýyl öň: «Biz Altynjan hatynyň obadaşlary»
diýip, bir är-aýal gelipdir. Atlaryny aýdypdyrlar. Bu gün hem:
«Biz Altynjan hatynyň obadaşlary» diýip, bir är-aýal gelipdir. At­
laryny aýdypdyr. Muhtasyp: «Mundan bir ýyl öň gelen är-aýalyň
atlary bilen şu günki gelen är-aýalyň atlary, berýän gürrüňleri
meňzeş – diýýär. – Ýöne olar aýry-aýry adamlar» diýýär. Muh­
tasyby geň galdyran zat, aýry-aýry är-aýalyň şol bir ady, şol bir
wakany bir ýyldan soň gaýtalap durmasy. Men bu ýerde bir
jadygöýlük bar bolaýmasyn, olardan size ýamanlyk geläýmesin
diýip howatyr edýärin.
– Düşnükli – diýip, Altynjan ýeňil dem aldy. – Arkaýyn bol,
olardan maňa ýamanlyk gelmez. Hany olar?
– Kimler?
– Taberek galasynyň kutwaly bilen muhtasyby?
Kundury Altynjana gözlerini petredip seretdi:
– Olar köşkde. Siz olaryň Taberekden gelendiklerini nädip
bildiňiz?
Altynjan Amydylmülküň (Kundurynyň) bu sowalyna jogap
bermedi: gapydanyna ýüzlendi:
– Kutwal bilen muhtasyp gelsin!
Içerik Taberek galasynyň kutwaly bilen muhtasyby girdi.
Olar gapynyň ýanyndan Altynjanyň tagtyna çenli emedekläp ge­
lip, ýer öpüp, tagzym etdiler.
Altynjan naýyp olaryň işlerinden, saklygyndan razydygyny,
şonuň üçin hem olaryň ikisine-de müň dinar sylag berýändigini
aýtdy. Gelenler beýle sylaga garaşmadyk bolarly, Altynjanyň ha­
baryna çäksiz begendiler.
– Men olaryň aýdýan zatlaryny diňläp, haýran galdym. Bu
günki gelenler hakyt mundan bir ýyl öňki gelen är-aýalyň söz­
lerini gaýtalaýarlar. Bularyň ýöne-möne adamlar däldigini des­
sine aňdym. Özlerem: «Biz öň bu jelegaýlara gelemzok. Ilkinji
gezek gelýäris» diýip, hakyt ýalan sözleýärler – diýip, muhtasyp
janykdy.
Altynjan hatyn muhtasybyň sözüni böldi:
– Muhtasyp, hany, siz aýdyň, meniň atdaşyma – gyzyňyz
Altynjana atabeg tapdyňyzmy?
19*
289
Muhtasyp bu garaşylmadyk sowala wagty bilen jogap ber­
män mölterilip seretdi durdy.
Altynjan sowalyny gaýtalady.
Sowal ikinji gezek berlende akylyna aýlanan muhtasyp
howlukmaç dillendi:
– Tapdym... Täjirleriň birisi ýörite atabeg ugradypdyr...
– Siz gyzyňyza şu aýnany menden sowgat beriň. Goý, ol
gowy okasyn – diýip, Altynjan muhtasyba gyralaryna altyn çaýy­
lan kiçeňräk aýnany uzatdy.
Muhtasyp müňbir tagzym bilen sowgat berlen aýnany gur­
sagyna basdy.
– Müň keren Taňryýalkasyn, merhemetli melikäm. Men
gyzyma siziň adyňyzy dakdym, onuň siz ýaly mertebeli zenan bo­
lup ýetişmegini isleýärin...
Muhtasyp bilen kutwal Altynjandan gözlerini aýyrman
aňkarylyşyp durdylar. Olaryň anygyna ýetmek isleýän käbir zat­
lary bardy, ýöne göni soramaga aýgyt edip bilenokdylar.
Altynjan kutwala ýüzlendi:
– Olar häzir nirede?
– Biz olary köşge getirdik, olar häzir gapydanyň otagynda
siziň emriňize garaşyp otyrlar.
Altynjan kutwaldyr muhtasyby ugradyp, hyzmata gaýym bo­
lup duran gapydanyna ýüzlendi.
– Çagyr olary!
Gapydan baş atyp çykyp gitdi. Sähel salymdan gapyda garry
är-aýal peýda boldy. Olar başlaryny aşak egip, titreşip durdylar.
Altynjan olara bakan ýöräp ugrady:
– Kalbyna, joram, mähribanym meniň, bu senmi?!
Megerem, Kalbyna beýle hoş söze garaşmadyk bolarly,
biygtyýar seslendi:
– Men-n. Kalbyna…
– Meniň mähriban Kalbynam!..
– Bu men, Altynjan hatyn, Kalbyna men – diýip, bili bükü­
len hortap zenan özüne bakan ýylgyrjaklap gelýän Altynjan bi­
len gujaklaşmaga aýgyt edip bilmedi, aşak çöküp, hatynyň aýa­
gyna ýykyldy.
– Tur ahyryn ýeriňden, Kalbyna. Ikimiz jora ahyryn.
29 0
– Siz meni unutmansyňyz-a­?!
– Men, heý-de, jan ýaly joramy unudarynmy?! Tur ýeriňden.
Gel, ikimiz gujaklaşaly!
– Ýok, ýok. Siziň gujaklamagyňyza men mynasyp däl. Men
siziň aýagyňyza togap edeýin. Duruň, aýaklaryňyzdan ogşaýyn,
Altynjan melikäm!…
– Kalbyna!..
– Men siziň şeýle beýik derejä ýetjegiňizi bilýärdim.
– Seniň dilegleriň bilen men şu derejä ýetdim!.
– Ýok, ýok, siz – beýik hatyn! Juda beýik hatyn. Siz öňem
beýikdiňiz, men size guwanýaryn!
– Meniň seni nähili göresimiň gelendigini, seni nähili
küýsändigimi bir bilsediň, Kalbyna.
Kalbyna «sene» geçdi:
– Sen, dogrudanam, meni ýatladyňmy, Altynjan?
– Seni biçak göresim geldi meniň – diýip, Altynjan
Kalbynanyň ýerinden galmagyna tekge berdi.
Iki jora şapba gujaklaşdy, soňundan gözýaşlaryny saklap bil­
män hünibirýan agladylar.
Kalbyna gözüniň ýaşyny sylyp, adamsyna ýüzlendi:
– Görýärsiňizmi, Altynjan meni tanady, meni hakyt gujak­
lady! Altynjan maňa: «Joram!» diýýär. Siz: «Altynjan bizi kabul
etmez, tanamaz» diýdiňiz. Altynjan meni tanady!
Altynjan Gökhuna seretdi, ony synlady, onuň bilen baş
atyşyp salamlaşdy:
– Men Gökhuny tanaýaryn. Gökhuny Togrul beg hem ta­
naýar. Özem Gökhunyň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýar.
Şamäligiň hyýanatyndan soň Togrul beg siziň geleriňize kän
garaşdy. Siz bu ýere geljekdigiňizi üç-dört ýerde aýdypsyňyz
ahyryn.
– Wa-weýla, geljekdik, ýöne kabul etmersiňiz öýdüp gork­
duk, dogrusy. – Kalbyna gözlerini petredip, bir Gökhuna, birem
Altynjana seretdi: – Gökhuny Togrul beg tananok ahyryn?!
– O näme üçin: «Tananok» diýýärsiň? Togrul beg Gökhuny
tanaýar. Özem gaty gowy tanaýar, gaty uly hormat goýýar. «Meni
seniň bilen duşuşdyran Gökhun ibn Harurdyr» diýýär.
291
– Hakyt şeýle diýýärmi? – diýip, Gökhun ekezlendi.
– Gökhun, siz maňa: «Togrul beg bilen duşuşmadym»
diýdiňiz-ä?
Gökhun müýnli ýylgyrdy:
– Kalbyna, sen menden aýyplaşma. Men saňa öýlenmek
üçin şol wagt ýalan sözlemeli bolupdym. Hakykatynda bolsa,
Altynjanyň şertinden soň, men gylyç ýa kepen däbini ýüregim­
de besläp, Togrul beg bilen duşuşdym. Ol maňa düşündi. Soň
biz açyk söweşe girdik, iki günläp söweşdik, üçünji gün bolsa,
men mugyra geldim.
– Gylyç ýa kepen resimi boýunça söweşen bolsaňyz,
ikiňizden biriňiz aman galmaly däl. Siziň ikiňize-de hiç zat bol­
mandyr. Diýmek, bu ýerde gylyç ýa kepen resimi ýok.
– Kalbyna, sen dogry aýdýarsyň. Şol söweşde biziň ikimizden
birimiz amanadymyzy tabşyrmalydyk, ýöne biz özara düşünişdik,
soňam resimiň talabyny bozduk. Togrul begiň ýalkawy bilen men
diri galdym.
– O nähili ýalkaw? – Kalbyna geňirgendi.
– Wagt geçdi, indi ol zatlary aýdanymyň zeleli ýok – diýip,
Gökhun şelaýyn ýylgyrdy.
– Aýt, aýt!
– Men iki günläp gylyçlaşanymdan soň, üçünji gün Togrul
bege elimdäki gylyjymy berdim. Ol munuň hikmetini sorady.
Şonda men oňa şeýle diýdim: «Seniň bilen iki gün söweşip, men
öz ýalňyşyma, seniň Altynjan bilen hakyky serkerde boljakdygyňa
düşündim hem anyk pikire geldim. Altynjan maňa däl-de, saňa
mynasyp. Ol gyz seniň üçin dörän gyz. Men saňa garalla bol­
maýyn. Sen meni öldür-de, Altynjana öýlen» diýdim. Şonda Tog­
rul beg maňa garşy çykdy: «Ýok, men öýlenjek däl. Meniň öm­
rüm Oguz hanyň gylyç ýa kepen däbine bagyşlanar. Men babam
Mykaýylyň, Arslan ýabgu bilen Ýusup ýabgunyň maksadyna ýet­
ýänçäm – Derwezata şalygyny döredýänçäm öýlenmerin. Şonuň
üçin maňa hiç hili hatyn gerek däl. Hatyna imrinmek – salgyma
imrinmek. Hatyna imrinmek – erkegiň gowşaklygynyň, kämil
däldiginiň alamaty. Men özümi hiç bir zada örklemerin» diýdi.
Men Togrul bege: «Sen ýalňyşýarsyň! Altynjan saňa maksadyňa
ýetmegiň, azatlygyň, erkinligiň üçin gerek. Sen Altynjanyň di­
292
daryny bir gezek gör. Ony göreniňden soň pikiriň üýtgemese,
ana, şonda şu günki söweşimizi dowam etdireris» diýdim. Meniň
bu sözlerime Togrul beg geň galdy, sizi görmäge söz berdi. Şondan
alty aý geçenden soň men ýene Togrul begiň ýanyna bardym. Ol
meni gujak açyp garşylady, meniň mamladygymy aýtdy, maňa zyýa­
pat berdi, egnime serpaý ýapdy. Biz dogan okaşdyk. Agyr günde
birek-birege kömek bermäge ähtleşdik. Men şonda öz hatynymyň
Kalbyna bolmalydygyna düşündim.
– Togrul beg maňa bu barada hiç zat aýtmady – diýip, Altyn­
jan dillendi. – Siziň häzirki aýdan zatlaryňyzy – araňyzda bolan
bu söweşi Togrul beg maňa öz başdan geçirmesi hökmünde dälde, Salyr Gazanyň başdan geçirmesi hökmünde gürrüň berip­
di. Diýmek, ol waka Salyr Gazan bilen däl-de, ikiňiziň araňyzda
bolupdyr-da?!
– Hakykatynda meniň aýdyşym ýaly boldy, melikäm.
Altynjan Kalbynanyň sag elini eline alyp sypady:
– Mähriban doganjygym! Seni görenime nähili begenendi­
gimi bir bilsediň! Meni kerwen-kerwen baýlyk bilenem, başga
bir zat bilenem häzirki ýaly hoşnowaz edip, begendirip bolmaz!
– Taberek galasyna owkat edinmek üçin bardyk welin,
muhtasyp bize: «Siz mundan bir ýyl öň hem gelipdiňiz» diýip,
al-petimizden aldy. Gökhun ikimiz hem oňa öň bu ýere gel­
mändigimizi şeýle bir janygyp düşündirjek bolýarys welin, ol
dikdüşdi, teý, düşünmek islänok. Ol bize: «Siz ýa içaly bolmaly
ýa-da jadygöý» diýýär. Heý, bizdenem içaly bolarmy, heý, bizde­
nem jadygöý bolarmy?!
– Kalbyna, hany, o gürrüňleri aňyňdan aýyr. Iň esasy zat –
sen geldiň.
– Men hiç düşünip bilemok. Mundan bir ýyl öň gelen bol­
sak, onda bu günki duşuşygymyz bir ýyl mundan öň bolardy.
– Siz geljek diýipsiňiz ahyryn.
– Wadaryg-a, geljekdik, ýöne, aýtdym-a, kabul etmersiňiz
öýdüp howatyrlandyk. Kim biziň keşbimize girip biler? Hiç aky­
lyma sygdyryp bilemok.
– Kalbyna, şony akylyňa sygdyrmagyň saňa geregi ýa bähbi­
di barmy?
– Ýok.
293
– Onda sen o barada pikir hem etme. Zamahşarda sen maňa
hyzmat edýärdiň. Bu gün bolsa men saňa hyzmat etjek. Ýörüň!
Kalbyna Altynjanyň yzyna düşüp barşyna içki pikirini ýene
daşyna çykardy:
– Teý akylyma sygdyryp bilemok. Mundan bir ýyl öň Gök­
hun ikimiziň adymyza duwlanyp Taberek galasyna baran
züwwük kimkän?
Kalbynanyň sowaly ýene jogapsyz galdy. Altynjan bu sowaly
eşiden-de bolsa, jogap bermedi, diňe syrly ýylgyrdy...
Üçünji duşuşyk
Altynjan soltan Masudyň goldawy bilen Horezmine şa bo­
lan Şamäligi ýadyndan çykarmaýardy, onuň tutulmagyny, jeza­
landyrylmagyny isleýärdi, bu hakda ýüwürjisi Ybraýyma aýdan­
da, ol gaty ynamly söz beripdi:
– Allatagalanyň nesip eden bir güni men ol pälazany seniň
öňüňde dyza çökererin!
Bu sözi Altynjan şeýlekin bir aýdylan sypaýyçylykly söz hök­
münde kabul edipdi, ýöne Ybraýym beren wadasyny unutman
eken: özüniň ýakyny Ärdaşy dört müň atly bilen Şamäligiň göz­
legine ugradypdyr, ony ele salyp, Altynjanyň öňünde dyza çö­
kermegi tabşyrypdyr.
Şamälik ibn Aly Garagumuň içi bilen Dehistana gaçdy.
Ol ýerde hem uzak durmady, çünki Dehistan seljukly döwle­
tine degişlidi. Onuň üç ýüz otuz düýe baýlygy, iki ýüz düýe
goş-golamy, ýüzden gowrak jandary bardy. Baran ýerinde oňa
şübheli seredýärdiler. Talaňa düşmek howpy-da bardy. Şonuň
üçin ol ynamdar ýerde düşlemek isleýärdi. Ol Talese bardy,
ýöne ol ýerde ýerläp bilmän Kermana gitdi. Kermanda Çagry
begiň uly ogly Gurt häkimlik edýärdi. Şonuň üçin ol bu ýerdede uzak durman: «Seljuk beglerinden has uzakda gaýgysyz ömür
süreýin» diýen niýet bilen Mekrana bardy, Abu Kalyjary hossar
tutundy. Ýöne näçe uzaga giden-de bolsa, ol rahatlyk tapyp bil­
medi. Togrul beg öz agalyk çägini ýylsaýyn giňeltdi.
Bir ümürli gün Şamälik üstüni basdyrdy. Ärdaş dört müň
saý atlysy bilen Horezminden üç ýüz farsah uzaklyga gaçan
Şamäligi ýesir aldy6.
294
Şamälik özüni halas etmek üçin Ärdaşa ýalbarmak ýalbardy,
oňa şirin jany üçin bar zadyny bermegi wada etdi. Ol diňe öz
gara başyny soraýardy. Hakykatdan hem ol gara başynyň aman
galmagy üçin Ärdaşa ähli baýlygyny bermäge razydy. Gerek diý­
se, egindäki eşiklerine çenli çykaryp bermäge razydy.
– Eý, dogan, biziň ikimiz hem oguz. Oguz oguza ýamanlyk
etmesin. Sen hem maňa ýamanlyk etme. Ynha, meniň baýlyk­
larym. Bu baýlyklar Horezmin şalygynyň hazynasy, baýlyklary.
Sen şu hazynalary, baýlyklary özüňe al-da, meni hem meniň
maşgalamy boşat! – diýip, Şamälik Ärdaşyň aýagyna ýykylyp ýal­
bardy. – Ýanyňda gül ýaly iki ogluň bar eken. Bu baýlyklar seniň
ähli neberäňe ýeter.
– Iman baýlykdan beýikdir.
– Baýlykdan beýik zat ýokdur! Sen gyltyma kowalaşýarsyň!
Sen meni diňle.
– Gepleme!
– Hiç bolmanda meniň maşgalama, çagalaryma haýpyň gelsin!
Ärdaş jyzasy bilen Şamäligiň ýüzüne batly urdy.
Şamäligiň dişleri döwüldi, agzy gara gana boýaldy. Şondan
soň Şamälik ýalbarmady. Çünki sözüniň ýer almajakdygyna göz
ýetirdi.
Üç ýüz farsah gaçanyňdan soňam seni tapýan bolsalar, diý­
mek, ele düşmek Perwerdigäriň ýazgydydyr.
Her bir etmişiňe jogap okamaly dünýä eken bu dünýä!
Şamäligiň hem eden etmişlerine jogap bermeli wagty gelen
bolmaly.
Özüňdenem, takdyryňdanam gaçyp gutulyp bolmaýan eken!
Ärdaş Şamäligiň elini arkasyna daňyp, ähli baýlygyny
düýä ýükläp, özüni pyýada ýöredip, ezeneginden silteý çekip,
Altynjanyň huzuryna alyp geldi.
– Merhemetli melikäm! Ybraýym ynal size Jendiň ozalky
emiri Şamälik ibn Alyny huzuryňyza getirmäge söz beren eken.
Onuň tabşyrygy bilen Şamäligi ähli engamy, tohum-tiji bilen
siziň dergähiňize alyp geldim.
Altynjan garşysynda başyny aşak salyp duran kelte boýly,
deşli, inedördül kişini synlady. Ol:
295
– Meniň gören Şamäligim gaty daýawdy? – diýip, gap­
dalynda duran Kabyla ýüzlendi.
– Sen ony öň atyň üstünde görensiň. Ol ata münende eýeriň
üstüne güdri güpjek goýup oturýardy.
– Boýunyň kelte bolşy ýaly, ömrem kelte bolup çykdy
görgüliniň – diýip, Ärdeşir Magmarany gözlerini güldürdi.
– «Kelte boýly adamlaryň köpüsi görip bolýar» diýýärler. Bu
kişiniň ömrüni kelte eden zat – göripligi.
– Melikäniň öňünde dyza çök! – diýip, haşymlaryň biri
Şamäligiň egninden basdy.
– Men hatynlaryň öňünde dyza çökmeýärin.
– Bä, özüňi henizem emirdirin öýdýärsiňmi? Indi seniň
gara başyňdan başga hiç zadyň ýog-a! Tumaýak galdyň, tu­
maýak! – diýip, Ärdeşir Magmarany heşelle kakdy.
– Tumaýak galdyrsaňyzam, menden mertebämi alyp
bilmersiňiz. Mertebämi ýitiren günüm özüm özümi öldürerin.
Ärdeşir Magmarany yşarat etdi: Şamäligiň iki ýanynda du­
ran haşymlar ellerindäki jyzalaryny ýerde goýdular-da, emiri zor
bilen dyza çökerdiler, soňam ony ýüzin ýatyrdylar.
Şamälik garşylyk görkezjek bolmady. Sebäp güýjüniň pes
geljekdigini bilip durdy. Ol kaýyllyk bilen süýnüp ýatdy.
Altynjan näme garaşsa-da, Şamäligiň tutulyp getirilme­
gine garaşmandy. Onuň tutulyp getirilmegi asla mümkin zat
däl ýalydy. Kim ony: «Madýarlaryň (wengerleriň) ýurduna
gaçanmyş» diýse, başga biri: «Müsüre aşypdyr» diýipdi. Altynjan
üçin iň esasy zat Şamäligiň hökümdarlygynyň ýok edilenligidi.
«Şamälik pälinden tapdy» diýip, ol netijä gelipdi. Gör, ol gün­
lerden bäri näçe ýyl geçipdir?! Altynjan şu güne çenli Şamäligi
näletläp ýaşady! «Zamahşar gijesi» diýip at alan şol gyrgynçylygy
ýatlanda onuň endamynda galpyldy peýda bolýardy.
Bu nejis Altynjanyň mähriban kyblasy Abdylmälik hany,
mähriban käbesi Hajar hatyny öldürdi.
Ol Altynjanyň dogany Habyly dardan asdy!
Zamahşarlylardan üç ýüzden gowrak adamy öldürdi. Bäş
ýüzden gowrak adamy ýesir edip, gul bazarynda satdy!
Seljuklylaryň bolsa sekiz müň adamsyny öldürdi!
296
Altynjan: «Elime düşse, Şamäligi düýt-müýt ederin!» öý­
dýärdi.
Ine, öňünde Şamälik ýatyr.
Onuň janyny jähenneme ýollamak üçin Altynjanyň ýekeje
yşaraty ýeterlikdi. Öňki eden hyýanatlaryny az görýän ýaly, ýene
gürlänem bolýar: «Men hatynlaryň öňünde dyza çökmeýärin!»
diýip.
Gör, ol ýaşan ömründe näçe hyýanatçylyk, näçe wagşyçylyk
etdi?! Gör, onuň elinden näçe-näçe bigünä adamlar öldi?! Ine,
indem bir tokga et bolup güberilip ýatyr. Tanamaýan adam:
«Gowy adamdyr» diýip pikir eder. Ýüzünde wagşylygyň ýekeje
peşwerem ýok. Ömrüni hamd-u-senada geçiren takwa ulama
meňzeýär. Aldawçy ýüzi bar.
– Melikäm, görene göz edip dardan asalyň! – diýip, Ärdeşir
Magmarany janykdy, Şamäligiň böwrüne bat bilen üç-dört ge­
zek depdi. – Munuň eden etmişleri juda kän. Munuň diňe size
eden ýamanlyklaram kän. Siziň ýaşan Zamahşar galaňyzy toz­
durdy. Siziň hossarlaryňyzy öldürdi. Doganyňyz Habyl jany dar­
dan asdy. Nika toýuňyzy ýasa öwürdi...
– Gerek däl, gerek däl, Ärdeşir, ýatlama! – diýip, Altynjan
elini daldalady.
– Wah, munuň size eden ýamanlyklaryny ýatlanymda men
çydap bilemok, melikäm.
– Wa neýlete, Ärdeşir. Men saňa düşünýärin... – Altynjan
Şamäligiň ýatan ýerine ýakyn geldi. – Tur ýeriňden!
Şamälik garrylyk yh-çoky bilen ýerinden turdy.
– Sen Togrul bege, onuň maşgalasyna, maňa nähili hyýa­
natlar etdiň! Sen bir heleýiň sözüne gidip, seljuk neberesine
ezýet berdiň.
– Seniň üçin ol zenan «bir heleý» bolýanam bolsa, meniň
üçin eziz enedir!
– Sen näme üçin aman soramaýarsyň?
– Berilmejek zady diňe çagalar soraýar.
– Melikäm, munuň bilen gürleşip wagt ýitirip dur­masaňyz­
laň! Ygtyýar berseňiz, men bu nejisi kerçem-kerçem edeýin –
diýip, Ärdaş ýataganyny Şamäligiň pökgi garnyna dürtdi.
297
– Ärdaş hak aýdýar, melikäm! Şu ýelemýüwledi öldürmeli!
Özem muny öldürmegi maňa tabşyryň! Munuň ölenini görme­
sem, men rahat ýaşap bilmerin. Size hyýanat eden nejisiň haky
ölümdir!
Şamälik Ärdeşir Magmaranyga tiňkesini dikdi:
– Sen wezirmi?
– Ýok, wezirler diwanynyň naýyby. Ýeri, saňa näme?!
– Sen hökman wezir bolarsyň.
Şamäligiň bu sözi ähli kişini geň galdyrdy. Ärdeşir Magma­
rany haýsydyr bir syry açylyp barýan ýaly, ýataganynyň ujuny gür­
leme diýen terzde Şamäligiň agzyna sokdy:
– Maňa seniň hakylyň gerek däl. Eşidýärsiňmi, maňa seniň
hakylyň gerek däl!
Altynjan hiç kime hiç zat diýmän gapa bakan ugrady. Onuň
karargähden çykyp barýandygyny görüp, duranlar ör-gökden
geldiler, biri-biriniň ýüzüne seredişdiler.
– Ýeri, muny näme etmeli? – diýip, Ärdeşir Magmarany
Kabyla ýüzlendi.
– Men bu nejisi Mekrandan ähli baýlygy bilen alyp geldim –
diýip, Ärdaş elewredi. – Men etmeli işimi etdim: bu nejisi Altyn­
jan hatynyň dergähine tutup getirdim, Ybraýym ynalyň maňa
tabşyrygy şeýledi. Indi men näme edeýin muny? Men indi yzyma
gaýtjak. Muňa indi özüňiz eýe boluň!
Kabyl Altynjanyň yzyndan ýetdi.
– Altynjan, saklan!
Altynjan Kabylyň ýüzüne soragly bakdy:.
– Ýeri, näme?
– Sen näme üçin soltan Masudyň guýrugyny öldürmäge izin
bermeýärsiň?
– Guýrugyny? Köpegiň guýrugynda ýagyň hem güýjüň
bolmaýşy ýaly, bu garry guýrukda-da hiç zat ýok. Ol indi hiç kim.
– Ýok, ýok, seniň ýagsyz hem güýçsüz diýýän guýrugyň, er­
kinlige goýberseň, ýagam tapar, güýjem. Özem öňküsinden bäş
beter güýçlener. Dünýäni guýruklar dolandyrýar ahyryn!
Altynjan Kabylyň ýüzüne geňirgenme bilen bakyp, näme­
dir bir zatlar diýmekçi boldy, ýöne ýuwdundy-da, ýoluny do­
wam etdirdi:
299
– Men onuň nädip öldürilse ýerine düşjekdigini bilme­
ý­ärin. Oňa nähili jeza berilse-de, bärden gaýtjak ýaly bolup dur.
Oňa ýowuzdan ýowuz jeza bermek gerek!
Ärdeşir Magmarany Altynjanyň ýakynyna bardy.
– Ýowuz jezalaryň görnüşleri kän. Isleseňiz, dardan asyp
bolar, isleseňiz, falake ýa çambarpeç jezasy bilen öldürip bolar.
Başga-da usullar kän, gara ölüm7 bilenem, gyzyl ölüm bilenem
öldürip bolar, ýöne özüm-ä kahdudy gowy görýärin.
– Ol nähili jeza?
– Kahdud usulynda bugdaý samanynyň tüssesine boglup
öldü­rilýär, sebäbi tüsseleriň içinde saman tüssesi iň demikdiriji
tüsse.
– Ärdeşir, bu nejisiň jezasyny özüň ber. Nädip öldürseň,
şeýdip öldür, öldürseň bolýar. Goý, seniň gowy görýän jezaň be­
rilsin!
Altynjanyň bu aýgytly sözünden soň Şamäligi südenekledip
alyp gitdiler.
Altynjan onuň yzyndan garap galdy, näme üçindir, Janahyr
halwaçy ýadyna düşdi.
On ikinji hekaýat
ÝATLAMA – GARRYLYK ALAMATY
A
ltynjan geçen günlerini köp ýatlaýardy. Ýatlamalar
wagt geçdigisaýyn dagtokga üzümi ýaly süýjeýärdi.
Onuň hakydasynda düýpli orun alan belli-belli wakalar bardy.
– Arsahişmesen şäheriniň gündogar bazarynda äpet pili
gören pursady hakydasynda dur. Ol: «Pile münjek!» diýip aglapdy,
Sadylla bolsa, pilden gorkup aglapdy. Sadylla aglamadyk bolsa,
olary pile mündürjekdiler. Şonda bir hatyny jezalandyrypdylar,
kellesini çapypdylar. Ol hatynyň kesilen kellesi Altynjanyň duran
ýerine togalanyp gelipdi. Altynjan kellesi çapylan hatynyň örülen
uzyn saçyny ýylandyr öýdüp gorkupdy. Şol gezekki bazarda bolup
geçen ähli wakalar:
– Inisi Habylyň gözüne gylyjyň ujuny sokup, onuň bir gözü­
ni kör eýleýşi;
– Janahyr Geçdekiniň ogluna ok atyp ýaralan pursady;
– «Eprikogullary Hudaýyň gargan neberesi» diýendigi üçin
öz deň-duşlarynyň bäşisini urup, hakyt maýyp edişi;
– Gahar edip, kakasynyň otagyny otlaýşy;
– Buruntakly oglanlary uruşlary;
301
– Tümen beg;
– Tümen begiň ýigrimi halta altyn-kümüş getirip, şebistan­
da gömen gijesi;
– Tümen begiň öldürilen gijesi;
– Daýysynyň soňky demini sanap ýatyşy;
– Çiltenler bilen Togrul begi öldürmäge gidilişi;
– Togrul beg bilen ilkinji gezek duşuşan pursady;
– Togrul beg bilen sährada gezelenç edişi;
– Toý güni…
Ýada düşýän täsirli wakalar kän. Altynjan ol wakalary ýatlap,
gaýtadan pikir eleginden geçirýär...
Şeýle ýatlamalaryň biri-de «Zamahşar gijesinden» soň,
Garagumuň içi bilen Merwe baryşlary.
Altynjan hatyn ol günleriň her bir pursadyny, her bir sa­
gadyny dek şu gün bolup geçen waka deýin göz atuwyna ge­
tirýärdi.
...On müň atly esgerden galan iki müňe golaý esger «Za­
mahşar gijesindäki» aýylganç gyrgynçylygy asyl ýatlanokdam.
Olar göçgünlidiler, şadyýandylar. Olaryň göçgünliliginden şady­
ýanlygyndan çen tutsaň, hiç bir gyrgynçylyk bolmadyk ýalydy,
olar özara degşip-gülşüp gelýärdiler.
On iki günläp ýol ýöreldi. On ikinji gün Merwe ýakynlaşylan­
dygyny habar berdiler.
Herki zadyň soňy bar. Soňy ýok ýaly bolup görnen Gara­
gumuň hem soňy bar eken.
Garagumuň gyrasyna ýakynlaşylandygyna ähli kişi be­
genen bolsa, Altynjan gynanmak gynandy. Onuň göwnüne,
Garagumuň gutarmagy bilen iki ýyl dört aý on ýedi günläp tal­
waslap garaşan täze eşreti, täze durmuşy gutaraýjak ýaly duýuldy.
Altynjan bütin ömrüniň ýörişde geçmegine razydy. Wah, ol
bütin ömrüniň geçen on iki gününe çalymdaş bolmagyny isleýärdi.
Ol Garagumda üç giňişligiň gujagynda meýmiräpdi.
Şol üç giňişligiň ilkinjisi mähriban adamsy Muhammet
Togrul begiň gujagydy. Ol Altynjanyň ýüregine ymgyr giňlik
berýärdi. Bu giňişlik Altynjan üçin Erem bagydy. Altynjan bu
giňişlikde özüni bagty daş ýarýan zenan hökmünde duýýardy.
302
Ikinji giňişlik Garagum çölüniň uç-gyraksyzlygydy. Bu uçgyraksyz giňişlik hem Altynjanyň dar gursagyna giňlik berýärdi.
Üçünji giňişlik – Wagtdy. Giň çölde gaýa-gopuzlyk ýokdy.
Wagt – Altynjanyň isleýşi ýaly haýaldy, ýaýaldy. Arkaýyndy, kana­
gatlydy. Ähli zat, ýok, älem-jahan ukuda ýatan ýalydy.
Altynjan çölüň uç-gyraksyz giňligini, wagtyň ýaýallygyny
Muhammet Togrul begde hem görýärdi.
Ol özüni begiň ýanynda iň sylagly, iň bagtly zenan duýýardy.
Altynjan: «Durmuş şeýle gowudyr» diýip akylyna-da getirip
görmedik bolsa nätjek?! Ýogsam olam-a arzuwlar ummanyna
çümüp, hyýalatynda Muhammet Togrul beg bilen köp hadysa­
lary başdan geçiripdi. Hyýalat süýjüdi. Aslynda dünýäde iň süýji
zat hyýalat eken. Hyýalat diňe bir süýji däl, ol lezzetli hem eken.
Altynjan toý günündäki gerdegiň işigini ikinji ömrüniň
işigi hasaplady.
Ol gerdegiň işiginde nisar dessury birle depesinden gül­
leri, altyn dinarlary seçelendirip ikinji dünýäge – ikinji zenan
ömrüne ädim ädipdi, ýöne bu günde onuň başky dünýäsini ýat­
ladýan ýekeje zadam ýokdy.
Ýekeje zadam!
Wah, gulakhalkasam ýog-a!
Geçen günleri bilen baglanyşykly ähli zatlary gerdegiň içinde
galdy.
Altynjanyň gerdekden çykandan soňky ömri ylgawly bolja­
ga meňzeýärdi. Çünki ol gerdekden ylgap çykypdy.
Şondan bärem ýoldady.
Eý, Hudaý, seniň ýaradan gerdun pelegiň biçak giň! Eý-ho,
gerdun pelegiň soňy ýog-a.
Garagum Altynjanyň arzuw-telwaslaryndanam uzyn hem giň
eken!
Altynjan maksadyna gowşup, on iki günki ýörişde birgiden
garaşmadyk sarç pikirleriň üstünden bardy.
Ol ähli zadyň öňki pikir edişi ýaly däldigini çaklady. Gara­
gumuň her bir golunda hökmürowanlyk, düňlelik duýdy. Çöl üm­
sümliginde, düňleliginde, hökmürowanlygynda Altynjanyň göw­
nüne bolmasa, Togrul bege nähilidir bir ýakynlyk bardy.
303
Altynjan bu pelekde Allatagaladan köp zat hantama däldi.
Onuň baş küýsegi Togrul bege özüniň adaty zenan däldigini, ze­
nan bolup dünýä inen-de bolsa, hakyky merdana «erkekdigini»
durmuşda subut etmekdi. Ol özüne naçar hökmünde seredil­
megini asla islemeýärdi. Has anygy, ol özüne naçar hökmün­
de seredýänleri ýigrenmek ýigrenýärdi.
Altynjan Togrul begiň şa bolmagyna kipaýat bermek is­
leýärdi. Eger özi kipaýat bermese, bege şa bolmak eýgertmejek
ýalydy.
Eger Togrul bege gerek bolsa, pikirlenmezden janyňy
bermeli diýen düşünje Altynjanyň aňynda berk orun alypdy.
Eýsem näme? Allatagala, rast, Togrul begiň hatyny bolup, ýar­
damynda durmak üçin – Altynjan özüniň Togrul begiň ýar­
damynda durmak üçin dünýä inderilendigine berkden-berk
ynanýardy – amanat eçilen bolsa, onda buýtar-suýtarlyk nämä
gerek?! Allatagalanyň özüni haýsy maksat üçin ýagty ýalança ge­
tirendigini bilmegiň özem uly mertebe ahyryn! Altynjan Gorkut
atanyň hatynlar hakdaky söhbet bilen başlanýan şadessanyny
gowy görýär, onda Ezraýyl Däli Domrulyň janyny harladyp al­
maga gelende, oňa aýalynyň öz şirin janyny berýändigi bara­
daky boýy has-da gowy görýär. Gorkut atanyň bu boýuny hakyt
özi hakynda aýdylan ýaly duýýar. Ýaşlary bir çene baran ata-ene
perzentlerine şirin janlaryny berenok. Gülçeçek welin, äriniň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn II - 18
  • Parts
  • Altynjan hatyn II - 01
    Total number of words is 3629
    Total number of unique words is 2034
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 02
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2164
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2031
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 04
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1970
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 05
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 06
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2172
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 07
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2164
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2085
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 09
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2084
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 10
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2064
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 11
    Total number of words is 3507
    Total number of unique words is 2173
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    37.2 of words are in the 5000 most common words
    44.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2151
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2040
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 14
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2044
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 15
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2131
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 16
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2156
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 17
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1976
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 18
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2087
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 19
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2023
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 20
    Total number of words is 3723
    Total number of unique words is 1909
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 21
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1880
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 22
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 1944
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 23
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1971
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 24
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1896
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1941
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 26
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 2028
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 27
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2124
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 28
    Total number of words is 1126
    Total number of unique words is 678
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.