Latin

Altynjan hatyn II - 19

Total number of words is 3686
Total number of unique words is 2023
31.5 of words are in the 2000 most common words
44.5 of words are in the 5000 most common words
51.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
hiç wagt ýylgyrmaýardy. Howandaryň ýüzünden bolsa mydama
nur ýagýardy.
Hökümdar bilen Howandaryň arasynda ýylgaý darkaş gid­
ýärdi. Darkaşlarda, köplenç Hökümdar rüstem gelýärdi.
Altynjan, has dogrusy, Howandaryň gujagyndady, Höküm­
daryň bolsa kölegesindedi. Allatagala Hökümdaryň ynsansöýer­
ligini, mähir-muhabbetini, ýukaýürekligini, musulmanlar, ili
baradaky aladalaryny raýatlaryna ýetirmegi üçin Altynjany ýöri­
te ýaradan ýalydy. Hökümdaryň adamlara bolan ynsansöýerligi,
gadyr-hormaty zenanyň üsti bilen aňladylansoň, ol ynsansöýer­
lik, gadyr-hormat has ýakymly, has mähirli duýulýardy. Çünki
zenan – gözelligiň jana gelmesi. Gözellik bolsa diňe, bary-ýogy
owadanlyk, daşky ýalpyldy däl. Owadanlyga gözüň gidýär, emma
mähriň gitmegi üçin owadanlyk ýeterlik däl, mähir üçin ýylylyk,
yssylyk gerek. Bular diňe janlylygyň, diriligiň, çyn ýaşaýşyň bar­
lygynda mümkin bolýar. Ynsana dirilik üçin nämeler gerek?!
Ynsana bagt üçin nämeler gerek?! Ynsana ynsan bolmak üçin
nämeler gerek?!
Ilki bilen mähir gerek! Mähir! Mähir owadanlyk däl, owa­
danlygyň dirilige hem ömre gönüden-göni dahyly ýok. Jansyz
zatlaram gaty owadan bolup bilýär. Altynda ölüm sowuk­lygy
bar. Gözellik daşky däl, içki barlyk. Içde bolsa jan bar, dirilik
bar, ýaşaýyş bar.
Belki, bu hakykatdan ötri, Togrul begiň hatynynyň ady-da
ýöne Altyn däl-de, Altynjandyr! Altyn hem jan! Içi janly owadan­
lyk, gözellik! Gözellik özünde owadanlyk bile diriligi, owadanlyk
21*
321
bile mähri, owadanlyk bile ynsansöýerligi, owadanlyk bile ahlagy
birleşdirýär! Şonuň üçinem adamlar gözelligi ähli gowulyklardan
belentde goýýarlar, owadanlyga şübheli garaýan ynsan gözelligiň
muşdagy. Gözellik diňe owadanlyk däl, eýse ahlak, söýgi, mähir,
adalat ýaly närselerdenem ýokarda durýar, has dogrusy, ol bularyň
barynyň jemi hem belent derejesi...
***
Altynjan Wasytdan emir Sadyllany tapmady. Onuň nirä
çykyp gidenini-de hiç kim anyk aýdyp bilmedi.
Emiriň ýoklugy Altynjanyň gaharyny getirdi, dumly-duşa
atly gönderdi.
– Sadyllany tapyp getiriň!
Emir ýarygije geldi. Ol Altynjan hatyny tanamady, sebäp ol
aşa serhoşdy. Birmahalky mollaçyr adamyň serhoşlygy Altynjan
üçin geňdi. Juda geňdi.
Soltanyň geljekdigi hakdaky habary eşiden Sadyllanyň be­
ren jogaby Altynjany has howsala saldy:
– Men Sadylla bin Abdylmälik. Meniň kunýam2 Sabdylla
ibn Abdylmälik ibn Bugrajyk ibn Abdal Eprikli. Meniň nesebim
beýikdir, beýik. Men öz giýewime hyzmat etmelimi? Türkmen
giýewe hyzmat edenden ýatyp ölenini ybaly görýändir. Namys
– ömürden gymmatlydyr. Giýewiň eline suw akytmak bolsa
namysdyr.
– Äh, damulla, damulla, akyly gysganyň dili uzyn bolar eken.
– Togrul giýew gelse, meniň elime suw akytsyn. Ol arap dili­
ni bilenok. Men bilýärin. Ol ýunan dilini bilenok, men bilýärin.
Men ondan köp bilýärin. Altynjan, men seniň äriňden köp bi­
lýärin. Jürjaniýanyň baş medresesinde meniň abraýym uludy.
Ol ýerde meniň howlym galdy. Dükanlarym galdy. Bu ýere men
diňe seniň üçin geldim. Ýalbaryp duranyňdan soň geldim. Ýog­
sam geljek däldim.
Ertir Sadylla Altynjany görüp ýylgyrjaklady. Öten agşamky
aýdan sözleriniň birinem bilenok ol. Ör-gökden gelýär. Ulugyz
deý sülmüräp otyr. Näme etmeli bolsa, ýumşa taýýar.
Altynjan daň bilen emiri bazara soltan hem wezir-wekiller
üçin täze ýorgan-düşek satyn almaga ugratdy, soltanyň, wezir322
wekilleriň boljak otaglarynyň syrylyp-süpürilişine, bezelişine özi
gözegçilik etdi. Hyzmatkärleriň käbiriniň eden işlerini makul
görmän, täzeden etdirdi.
Eti boldan bolsun diýen pikir bilen on-on bäş süri dowary
soýuma taýýarlamak üçin geňeş geçirdi. Golaý-goltum obalaryň
kethudalaryny ýanyna çagyrdy. Olara tapyp getirmeli zatlaryny
birin-birin düşündirdi.
Kabyl Altynjanyň tutumyna kes-kelläm garşy çykdy:
– Altynjan, sen näme üçin oda-köze düşýärsiň? Näme üçin
köp çykdajy edýärsiň? Hiç hili çykdajy etme!
– Soltanyň tabşyrygy şeýle…
– Ol gelmez!
– O näme üçin gelmez, geler!
– Men saňa açyk aýdýaryn, soltan gelmez! Hiç hili çykdajy etme!
– Näme üçun beýle diýýärsiň?
– Diňe sen däl, men hem bilgiç, Altynjan. Seniň maňa
gözüň öwrenişipdir – diýip, Kabyl pökgerip duran garnyny tit­
redip güldi.
Kabyl Altynjana nämedir bir zatlar aýtmakçy boldy, ýöne
ony hatyn diňlemedi.
Altynjan Bagdatdan bir menzil alyslykda soltan goşunlarynyň
gelýändigini görüp, öňünden özüne habar bermekleri üçin iki
ýüz atly çapar goýdy. Ol atlylar soltanyň goşunynyň gelýändigi­
ni gördükleri köşge bakan atlaryny ýüzin salyp gaýdyp Altynjan
hatyna habar bermelidiler.
Altynjan hatynyň göwnüne soltan günortan geläýjek ýaly­dy.
Sebäp, bir ýerik gitjek diýensoň, soltan uzak güýmenmegi hala­
maýardy.
Ýöne bellenilen wagty soltan gelmedi. Altynjan köşkde irik­
gä bolup oturmazlyk üçin ata atlanyp, çaparlaryň garaşýan ýe­
rine ugrady. Her depeden aňyrda soltanyň goşuny görünäýjek
ýaly bolup duýuldy, ýöne soltanyň goşuny görünmedi.
Altynjan hatyn hiç kim bilen gürleşmän, Howandara ga­
raşmaga başlady.
Garaşdy.
Zenan ömri – garaşmak.
Garaňky düşdi.
Garaşdy.
323
Ýarygije boldy.
Garaşdy.
Altynjan Wasyta dolanmady. Eger Wasyta dolansa, soltan
geläýjek, «Bir gije garaşyp bilmediňmi?» diýip, nägile bolaýjak
ýalydy. Ýeri, şonda Altynjan oňa näme diýip jogap bersin?
At ýylgaý dik durup uklaýar.
Altynjan şol gijäni aty deýin dik durup geçirdi.
Gije çirim etmän garaşdy.
Ol çaparlaryň gezekleşip uklamaklaryna izin berdi, ýöne
özüne bermedi.
Zenanlar çydamly. Altynjan hem çydar. Ol-a bir gije eken,
bäş-alty gijäniň ukusyzlygyna-da çydar, ol.
– Soltan düýn ýola düşen däldir. Bir möhüm işi çykyp ga­
landyr – diýip, hatyn öz-özüne, ýanyndakylara teselli bermäge
çalyşdy.
Şol günüň ertesem soltan gelmedi.
Şol günüň birigüni hem soltan gelmedi.
Üç gününi Wasytdan bir menzil alysda, soltana garaşyp ge­
çiren Altynjan lapykeç halda Wasyta dolandy.
Bagdada ýüz sany atly ugratdy:
– Soltanyň Bagdatdan haçan Wasyta ugrajakdygyny anyklap
geliň!
Gidenler uzak garaşdyrman dolanyp geldi.
– Soltan mundan dört gün öň ähli goşuny bilen Bagdat­
dan çykypdyr. Olar başda Wasyta ugrapdyrlar. Nehrewana3 ge­
libem ýol­laryny üýtgedipdirler. Nehrewanyň deňine ýetilende
Nyşapurdan çapar möhüm habar getiripdir. Soltana hyzmat
eden gulamlardan soradyk, olar: «Soltan gyssagly ýagdaýda
Nyşapura gitmeli boldy» diýip jogap berdiler.
– «Soltan gyssagly ýagdaýda Nyşapura gitmeli boldy»
diýdilermi? Şeýledir-le!.. — diýip, Altynjan wezir-wekillerine
eşitdirmek üçin sesine biraz bat berdi. Soňam: «Hökümdar rüs­
tem gelipdir-ow» diýip pyşyrdady.
Altynjan atlylarynyň öňüni çekip, Wasyta bakan ýola düşdi.
Gapdalynda Sadylla emir bilen Kabyl barýardy. Kabyl hiç bir
zady myzaýyk etmän barsa-da, Sadyllanyň howsalasy ýetikdi. Ol
Altynjana nämedir bir zatlary aýtmakçy bolýardy, ýöne gürrüňe
325
nähili başlajagyny bilmän kösenýärdi. Altynjan onuň howsa­
lasyny duýmadykdan bolýardy, öz aladalaryna gümrady, bütin
ömrüne özüniň hatyndygyna gynanyşy ýaly, häzirem şol pikiri­
ne berlipdi.
Altynjan soltanyň geljegine ynanypdy. Ynanyp, derejeläp
garşylamak üçin yhlas bilen taýýarlyk görüpdi.
Ol gije ýatman at üstünde oturyp garaşdy.
Soltan gelmedi.
Äri gelmedi.
Altynjan bütin ömrüni soltana garaşyp geçirdi.
Altynjan bütin ömrüni soltana garaşyp garrady.
Altynjanyň gözleriniň röwşeni soltanyň ýolunda galdy.
Altynjanyň diňe gözleri däl, ömri hem soltanyň ýolunda galdy.
Altynjan ýalňyz galdy.
Ýeke özi galdy.
Muhammet Togrul soltan Altynjany ýaşlykda bir altyn teblä
kökerdi.
Melike bütin ömrüni şol altyn tebläniň hatyrasyna bagyş
eýledi.
Ol altyn teble – Howandar soltanyň imrikdiriji sözleridi,
talwaslarydy.
Howandar soltan gar ýagan günleriň birinde hatynyny Reý
jülgesine alyp çykypdy. Şonda özüniň altyn teblesini – Altynjana
bütin ömrüne güýç beren sözüni aýdypdy. Ol döwlet işinden ýa­
daýandygyny, hatyny bilen bir oba gaçyp gidip, bütin ömrüni şol
ýerde ikiçäk geçirmek isleýändigini, bu dünýäde özüne Altyn­
jandan özge ýegana razdaryň gerek däldigini, ony biçak hatyra­
laýandygyny, ezizleýändigini aýdypdy. Ikiçäk dynç almagy, hyl­
watda bolmagy Howandar soltan her ýyl birki gezek ýatlaýardy.
Altynjan ol sözleri harpma-harp ýatdan bilýärdi. Ol şol sözle­
re jadylanypdy, dogrusy, ol sözler oňa gujur-gaýrat berýärdi, güýç
berýärdi. Ertirki gününe umyt berýärdi. Altynjan adamsynyň şol
isleýän ikiçäk hylwaty ýaşaýşyna garaşýardy. Ol Wasytda şol islän,
garaşan gününe ýetäýjek ýalydy, ýanyndan: «Şol garaşan günle­
rim ahyryl-ahyr geldi» diýip, içini gepledipdi.
Arman, gelmän eken.
Sadylla içki howsalasyny daşyna çykardy:
326
– Altynjan, indi nähili bolarka? Indi bar zadyň gutardygymy?
– «Bar zat» diýýäniňe nämeler girýär, düşünmedim men?
– diýip, Altynjan Sadyllany ilkinji gezek görýän ýaly synlady. –
Näme diýmekçi bolýarsyň? Açyk gürle, damulla!
– Sen gaharlanma, uýam.
– Men gaharlanmaýaryn. Saňa düşünmekçi bolýaryn.
– Düşünmez ýaly näme bar bu ýerde. Indi biz Wasytdan
kowulýarysmy?
– Biz näme üçin Wasytdan kowulmaly?
– Özüň bilýärsiň onuň sebäbini.
– Bilsem soramazdym.
– Ýalňyşmasam, indi Wasyty bizden alarlar.
– Damulla, Wasyt maňa mülk berildi, özem ony Togrul sol­
tan berdi. Ony bizden kim alyp biler?
– Beren adam alybam biler.
– Togrul soltan hedýe beren zadyny yzyna almaýar. Onso­
ňam men soltanyň hatyny.
– Haý, Altynjan, meniň jynym bir erbetligiň ýakynlaşyp
gelýändigini aňýar.
– Seniň dowulçy jynyň bar, ol seni mydama aldaýar. Sen şol
dowulçy jynyňa ynanma.
– Sen bizi köşeşdirjek bolýarsyň. Bir erbetligiň boljagyny
özüňem aňyp-bilip dursuň, ýöne sen ony bizden ýaşyrýarsyň.
Sen bizden hiç bir zat ýaşyrma, Altynjan. Belki, gaçarys?
– Nirä?
– Pars welaýatyna gaçaly, ol ýerde meniň gowy täjir dostlarym bar.
– Men-ä hiç ýerigem gaçjak däl. Seniňem gaýa-gopuz ýok ýer­
den basga düşmegiňi islemeýärin. Annaplar4 bilen aşnalygyňy
kes, ýogsam jynyň mydama mojuk zatlary habar berer.
– Damulla, sen galawut etme! Ähli zat düzüw. Soltanyň gel­
mejekdigini men öňden bilýärdim – diýip, Kabyl syrly ýylgyrdy.
Sadylla bilen Altynjan Kabyla geňirgenme bilen seretdiler.
Kabyl ýylgyrjaklap, goltugyndan bir bukja çykardy-da, Al­
tynjana uzatdy.
– Bu näme?
– Bu Togrul soltanyň saňa ýazan haty. Soltan bu haty maňa
Bagdatda nahanlykda berdi. «Bu hat hakda hiç kim bilmesin
327
– diýdi. – Goý, ähli kişi: «Togrul soltan Wasyta dynç almaga
barýar» diýip pikir etsin». Bäş günden soň bu haty Altynjana
gowşur. Goý, ol menden Wasyta barmandygym üçin öýke etme­
sin. Şeýle etmek zerurlygy döredi.
Altynjan haty eline alyp, Kabylyň üstüne azgyryldy:
– Näme üçin maňa duýdurmadyň? Sen meniň nähili köse­
nendigimi gördüň ahyryn!
– Altynjan, sen menden gaty görme. Men soltanyň nahan
tabşyrygyny peçan etsem bolmaz-a!.. Men saňa ýaňzytjak bol­
dum, ýöne sen meni diňlemediň.
– Nädip dözdüň?..
– Soltanyň tabşyrygy şeýle boldy, Altynjan. Sen çydam­
ly ahyryn! Togrul beg: «Soltan Wasyta barýar» diýip myş-myş
ýaýratdy. Bagdatdan hem Wasyta diýip çykdy, ýolda birden ugry
üýtgetdi: Nyşapura gitdi. Sebäbi Nyşapurda talaňçy bazbozarlar
jemlenip, maksat şolary güpbasdy etmek, ýok etmek.
On dördünji hekaýat
GEÇEN GÖRÜNMEZ
A
ltynjan welaýata aýlanyp çykmaga ýola düşdi, ýöne
ol köp ýere aýlanyp bilmedi. Çünki ol baran ýeriniň
adamlary bilen ylla çagalykdan bäri ýürekdeş gatnaşyp ýören
ýaly, şeýlebir razdarlyga başlady welin, razdarlyk, gürrüňdeşlik
gutarar ýerde gutarmady. Şeýdibem uzynly güni bir obada ge­
çirip, asyl, ol obanyň hem birki adamy bilen gürleşip, şol ýerde
daňy atarmaly boldy.
Altynjanyň gelendigini eşidip, ony uzakdan hem bolsa
synlamak, oňa tagzym etmek üçin goňşy obalardanam adamlar
üýşüp gelýärdiler. Altynjan ol gelýänler bilen açyk göwünden
söhbet etdi.
Her gün ýüz gazan ataryp sadaka berdi.
Adamlar onuň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny di­
leg etdiler, ýöne Allatagalanyň kysmaty olaryň dileginden hem
rüstem geldi. Altynjanyň bagyr agyrysy tutdy. Yza Altynjanyň
başyny aýlap, gözünden buýur-buýur gözýaş seçeledip, janyny
alyp barýardy.
329
Altynjan özüne zor salyp çydajak bolýardy, ýöne yza güngünden beterine tutýardy. Ol bu derdini ýigrenýärdi, sebäbi
derdi Togrul begiň mundan ýigrimi ýyl owal Sarahsda talak ber­
megine sebäp bolupdy. Bu dert onda Sarahsyň eteginde gaz­
nalylardan galypdy.
Bagrynyň üstünden sünjülen gönder ömür aýrylmajak dert
döretdi. Hernäçe em edilse-de ol aýrylmady.
Altynjan: «Ýaram bitişdi gitdi, agyrýan ýerim ýok» diýip,
Tog­rul begi ynandyrdy. Ýaranyň ýüzi, dogrudanam, bitipdi, ýöne
bar dert içdedi. Ony bolsa özünden başga hiç kim bilenokdy.
Ol dert soňky günler, biwazy oglan kimin içde rahat ýatmak
islänokdy, özüne üns çekjek bolup, azar ýamanyny berýärdi.
Altynjan adamlar bilen gürleşmekden özüne tenekar göz­
leýärdi. Ömrüni şu adamlaryň arasynda geçirmegi höwes edýärdi.
– Ýör, köşge gaýdaly, özüňe jebir etme – diýip, Sadylla
Altynjana ýüzlendi.
– Sen entek meniň gurýan medresämi-de göreňok. Nesip
bolsa, meniň medresäm Gündogarda iň meşhur medrese bo­
lar. Oňa müderrisi özüm saýlajak.
Kabyl bu pikiri oňlady, ol Altynjanyň welaýata aýlanmak
pikirine-de kes-kelläm garşy çykypdy:
– Sadylla dogry aýdýar, Altynjan. Gideli. Onuň gurýan
medresesini gör. Ol welaýatyň ähli şäherinde, kendinde mek­
dep gurmak isleýär. Ýene on ýyldan Wasyt welaýaty ylmyň
merkezi bolar. Seniň bar gazanjyň medrese-mekdep gurma­
ga sarp boljak. Keremli enaýat, haýyr-yhsan babatda damulla
senden öňe düşjek.
– Gazanjymyz keremli enaýata ýarasa armanym ýok, Kabyl.
– Wa-weýla, Sadyllanyň enaýatyndan saňa kipaýat ýok.
Saglygyňy myzaýyk etmeseň, bir gün – men dogrymy aýdýaryn
– ölersiň.
– Ýok, ýok, yza häzir aýrylar – diýip, Altynjan tekepbirlik etdi.
– Altynjan, men saňa düşünemok. Sen näme üçin özüňe
sütem, jebir edýärsiň? Özüňde näme kastyň bar seniň? Seniň
bolşuň maňa gaty düşnüksiz.
– Häzir yzam aýrylar, Kabyl.
33 0
– Sen ony aýyrjak hem bolaňok.
– Göwnüňedir.
– Göwnüme däl, men seni köpden bäri synlap ýörün. Sen
özüňe kast etmäge biçak höwesjeň.
– Kabyl dogry aýdýar, Altynjan. Sen saglygyňy gora. Häzir
öýe gaýdaly.
– Ýok, ýok, kerwensaraýlara, obalara aýlanaly.
Sadylla bilen Kabyl her çent islemeseler-de, Altynjanyň em­
rine boýun sundular, ony birnäçe kerwensaraýa aýladylar.
Welaýatda kyrk bäş sany ululy-kiçili kerwensaraý bardy.
Altynjan her kerwensaraýa baranda köp mukdarda dinar
paýlaýardy. Kerwensaraýyň sahyplaryndan hyzmat edişlerini
gowulandyrmak­laryny, her kerwensaraýyň göze gelüwli, owa­
dan bolmalydygyny sargyt edýärdi.
– Kerwensaraýlara, esasan, täjirler, derwüşler gelýär. Olar –
dünýäni aýlanyp ýören adamlar. Gelenler biziň welaýatymyzyň
kerwensaraýlarynda hyzmat edilişinden kän hoşal bolsunlar.
Onsoň olar uzak-uzak ýerlerde bolanlarynda Wasyt welaýatynyň
kerwensaraýlarynda juda gowy hyzmat edilýändigi barada aý­
darlar. Ana, ondan soň welaýatymyza gelýän täjirleriň sany ar­
tar. Täjirleriň sany artsa hem olaryň getirýän harytlary köp bo­
lar, arzan bolar.
Sadylla kerwensaraý üçin Altynjanyň çykdajy etmegini asla
islemeýärdi, bu barada uýasyna telim ýola aýdypdy. Altynjan
hatyn emire söz berse-de, kerwensaraýlaryň sahyplarynyň öze­
lenmelerine garşy çykyp bilenokdy, söz berýärdi. Rast, Altynjan
hatyn aýtdymy, onsoň ol gepsiz-gürrüňsiz kanuna öwrülýärdi.
Çünki ol Wasyt welaýatynyň doly hukukly eýesidi.
– Bular urup aglaýarlar. Sen bularyň gözýaşyna ynanma.
Bular welaýatda iň baý ýaşaýan adamlar. Bularyň näçe ga­
zanýandygyny özlerinden başga bilýän adam ýok. Bulara hiç zat
bermeli däl, bulardan diňe almaly – diýip, Sadylla janykmak ja­
nygýardy.
Welaýaty baýatmak hakda Altynjan hatynyň aýratyn bir pi­
kiri bardy:
– Seniň gaznaň ýoksullaryň ryskyndan bölünip alnan salgyt­
lar, haraçlar bilen däl-de, baýlaryň baýlygynyň ujundan alnan
331
bäşden bir salgydyň hasabyna baýasyn. Sen köp-köp täjiri Wasy­
ta gelmesiz edipsiň. Hiç kime «Gelme!» diýme. Goý, gelsinler.
Käbir zatlary görmedikden bol. Alyş-çalyş bazarlaryny köpräk
aç. Pereňistana keşdi (gämi) bilen harytlaryňy ugrat. O ýerleri
bilen gatnaşykda bolaly. Özüň aýtdyň ahyryn: «Ol ýerlerden ge­
tirilen harytlary adamlar gowy görýärler» diýip.
***
Bäş günläp Altynjanyň ýanynda bolan Sadylla etmeli işle­
riniň köpdügini tutaryk edinip, öz hyzmatkärleri bilen Wasyda
gitdi.
Altynjan Kabyl hem çiltenleri bilen galdy.
Kabyl badyhowady, öwünmegi gowy görýärdi. Uzyn mur­
tuny ýa-da öňünde garpyz ýaly çykyp duran garnyny sypap
ugradygy, bu öwünmäge başlajakdygynyň alamatydy. Ol bir ýer­
de uzak oturmagy halamaýardy, ýörişleri, başdangeçirmeleri
gowy görýärdi. Bir ýere gitmeli bolsa, mydama göwünjeňlik
bilen ata atlanýan Kabyl Wasyt obalaryna aýlanyp çykmak ba­
radaky pikiri halamandy, Wasytdan göni Togrul begiň ýany­
na – Bagdada gitmegiň zerurdygyny zol-zol nygtady. Bu teklibi
goldanylmansoň, Kabyl:
– Ýanymyz bilen on müň atly goşun äkideli! – diýdi.
Altynjan onuň bu sözüne güldi:
– Kabyl, saňa näme bolýar? Men-ä seni batyr, gorkmazak
hasaplap ýördüm welin, sen gorkaňda ähli kişiden hem beter
gorkýan ekeniň. Biziň üstümize çozuş edip biljek kim bar?! Bu
dünýäde biziň rahatlygymyzy bozup biljek hiç kim ýok. Şonuň
üçinem men ýanyma diňe çiltenlerimi aljak, wessalam!
– Kyrk adam gorag üçin az bolýar, juda az! Hiç bolmanda
iki müň atlyny ýanymyz bilen, äkideli.
– Ýok, ýok, aýtdym – gutardy!
– Altynjan, tekepbirlik etme, meni diňle. Men ýöne ýere
jöwlan uramok.
– Hä, şeýle diýsene asyl! Kim ol biziň üstümize çozuş et­
mäge gaýraty ýetjek goç ýigit?!
332
– Meniň açyk bilýän zadym ýok, ýöne jynym üstümize çozuş
howpuny habar berýär.
– Sadylla ikiňiziň jynyňyz soňky ýyllar halysan was-wasy bo­
lupdyr.
Şondan soň Kabyl hiç zat diýmedi, ýöne rahatlygy welin
bolmady, bir ýerde durmady. Sadylla gidensoň-a rahatlygy ha­
sam gaçdy: garnyny sypamady.
Ol zol-zol:
– Altynjan, gideli, bizi Togrul beg tapman ýörendir – diýdi.
Bir hepdäniň içinde görnetin horlandy.
Wasytdan sekiz farsah uzaklykdaky bir obada bolanlarynda
Kabylyň garaşan, Altynjanyň garaşmadyk wakasy boldy: gü­
nortanlar iki sany nätanyş kişi Kabylyň ýanyna geldi. Olar öz
aralarynda esli wagtlap nämedir bir zadyň dawasyny etdiler.
Şondan soň Kabyl olar bilen obadan çykyp gitdi.
Kabyl şol gün gelmedi, oňa uzak gije garaşdylar. Şol günüň
etresi Altynjan Kabylyň jylawdaryndan sorady:
– Ol saňa haçan geljegini aýtmadymy?
– Hiç zat aýtmady.
– Olar näme hakda sözleşdiler?
– Men olaryň sözüne düşünmedim, sebäbi olar arap dilin­
de sözleşdiler.
Jylawdaryň habaryna Altynjanyň rahatlygy gaçdy. Çiltenleri­
ne Kabylyň gözlegine çykmagy tabşyrdy.
Gözlege gidenler Kabyly namazşam tapyp getirdiler. Ol
özüni bilenokdy, çünki onuň endam-jany gara gandy.
– Kim saňa el göterdi?! – diýip, Altynjan gahardan ýaňa
titredi.
Kabyla em etdiler, ganyny duruzdylar, ýaralaryny daňdylar.
Çala özüne gelen Kabyl hazzar pyşyrdady:
– Altynjan, saňa aýtjak möhüm sözüm bar.
– Näme habar?
– Bilgin, Kabyl satlyk däldir. Öldüriljegini bilse-de, ol
saňa, Togryla ikilik etmez. Bilgin, Kabyl baýlykdan beýikdir!
– Men seniň baýlykdan beýikdigiňi bilýärin-ä! Maňa bu hak­
da aýtmak hökman däl.
333
– Ýok, ýok, hökman. Bilgin, men seni iň soňky demime
çenli goraryn.
– Wah, men saňa döneýin, mähriban doganym!
– Altynjan, meni diňle! Gyssagly gaçyň! Arslan Besasury
häzir sizi öldürmek üçin geljek! Doganym, uýam, ýalbarýaryn,
gaçyň! Meni äkitjek bolmaň! Gerek däl, men, barybir, uzak
ýaşamaryn. Men häzir ölerin. Siz gaçyň! Howlugyň!
Altynjan Kabylyň Wasytdaky odanmalaryny ýatlady. Ol on
müň atly goşyny gorag edinmek baradaky örtenmelerini ýöne
ýerden däl eken. Ol, gör, näçe gezek janykdy. Altynjan Kabylyň
ol janykmalaryna geleň etmedi.
Indi ähli zat düşnükli.
Altynjan çiltenlerini daşyna jemledi, olara ýagdaýy habar
berdi.
Golaý-goltumdaky obalara kömek sorap çapar ýollandy.
Garaňky gatlaşyp ugranda ýer sarsyp ugrady. Bu at
toýnaklarynyň sarsgynydy, bu atly goşunyň oba ýakynlaşyp
gelýändiginiň alamatydy.
At aýaklarynyň dükürdileri barha artyp-ýakynlaşyp ugrady.
Obanyň daşynyň gabalandygyny habar berdiler. Bu habaryň
yzysüre obanyň dört tarapyndan elleri gylyçly besasurylylar oba
kürsäp girdiler, öňlerinden çykan adamlary uçdantutma gylyç­
dan geçirip ugradylar.
Gazaply darkaş başlandy.
Altynjan çiltenleriniň öňüne düşüp, besasurylylar bilen
darkaşa girdi.
– Çiltenleriň ählisini öldüriň! Altynjany-da öldüriň! –
diýip, Arslan Besasury Türkmen birsyhly gaýtalap gygyrýardy.
Ol özüniň ýeňiş gazanjagyna doly ynanýardy. Eýýäm otuza go­
laý çilten öldürilipdi. Indiki gezek galan çiltinleriňkidi hem
Altynjanyňkydy.
Garaňky mazaly gatlyşypdy. Kabyl darkaşyň gidişine diň
salyp ýatyrdy. Wagt geçdigisaýyn biri-biri bilen çaklyşýan
gylyçlaryň sesleri-de azalýardy.
Kabyl häzir besasurylylaryň öz ýanyna-da geljekdiklerini,
öldürjekdiklerini bilýärdi. Ol takdyra ten berip ýatmak isleme­
33 4
di, özüne zor salyp ýerinden galdy. Ýatan külbesinden çykyp,
töweregine garanjaklady.
Onuň daş çykandygyny gören öý bikesi niredir bir ýere yl­
gap gitdi. Biraz salymdan bir baýtalyň rişdesinden tutup geldi.
Çepiksije öý bikesi Kabylyň baýtala münmegine tekge berdi.
Kabyl garaňkylygyň içine siňip gitdi...
***
Soltan Togrul beg Seljuklynyň aýaly örän ýagşy, köp haýyr-sahawat
edegen, köp sadaka beregen zenandy. Dogry pikirli, düz çäreli, ugurta­
pyjy, gaýratly we dogumly zenandy. Soltan Togrul beg ony diňleýärdi
we diýenini edýärdi. Köp çäreleri onuň akyly bilen çözýärdi. Ol um­
masyz goşuna, esgere baş bolup, ýörişe giderdi we duşman bilen özi hem
söweşerdi.
Ýusup ibn Taňryberdi Atabeg.
Müsür we Kair patyşalygyndaky
röwşen ýyldyzlar.
On bäşinji hekaýat
GÖZ — HAKYKAT, SÖZ — GÜMAN
T
ogrul begiň Anadoly serhedinde galdyryp gaýdan
Ýakudyň serkerdeligindäki goşuny 1057-nji ýylda bir­
näçe ýeňiş gazandy: ençeme galany, şäheri, etraby seljuk soltan­
lygyna tabyn eýledi. Ýakudyň teshyrlary Wizantiýa kaýsaryny how­
sala-howpa saldy, bu howpuň öňüni almak, has takygy, ony ýok
etmek maksady bilen kaýsar seljuklylara garşy goşun gönderdi.
Kaýsaryň niýeti rahat ýaşamakdy. Munuň üçin seljuk go­
şunyny derbi-dagyn etmek zerurdy. Arman, onuň isläni bol­
mady. Gapdalynda durup ary kömejini gozgan ýaly boldy, ol.
Özüne, kömejine azar bermeseň, arynyň seniň bilen işi
ýok, ol öz işi bilen başagaý. Azar berseň welin, arylaryň ählisi
jem bolup, üstüňe hüjüme geçýärler. Wizantiýalylaryň kysmatyda General Nikephoros Brienniosiniň hüjüminden soň arynyň
kömejine kesek atylanyndan hem bäş beter boldy.
Seljuklylar çar ýandan hüjüme başlady: Ýakut beg bilen
emir Saltyk garşysyna iberilen Wizantiýa generaly Nikephoros
Brien­niosiniň goşunyny agyr ýitgä sezewar edip ýeňdi. General
özüniň sanalgyja esgeri bilen hazzar janyny halas etdi.
Şondan soň Ýakut Kars hem Ani galalaryny petih kyldy.
33 6
Soltan Gutulmyş begi goşunbaşy edip Arrana (Garabil) iberdi.
Gutulmyş begiň serkerdeligindäki goşun Erzurum, Erzinjan,
Kemah etraplaryny, soň Harput hem Şebingara-Hysar galalaryny
eýeledi.
Wizantiýanyň tagta geçen täze kaýsary Konstantin Dukas
X seljuklylar bilen garpyşmakdan gaça durmaga çalyşdy. Sebä­
bi seljuklylar hiç bir kynçylyga, hiç bir pida seretmezden Wi­
zantiýany barha gysaja salýardy. Kaýsar şol gysaçdan çykmagyň
ýollaryny gözleýärdi.
Aýlawa düşülende atlar özleriniň gapdallaryndaky atlaryň
haýsysynyň çamandygyny, haýsysynyň ýüwrükdigini magat bil­ýärler.
Özleriniň ýanlaryndaky atlardan çamandygyny bilen atlar çapuwa
girmejek bolup herki hokga tapýar. Wizantiýa kaýsarynyň bolşy-da
çaman atyň aýlawa girmejek bolup çyrpynmasyna meňzeýärdi. Bir­
mahal şeýle boluş Gaznaly (Ýatan jaýy jennet bolsun!) soltany Masut­
da hem gaýtalanypdy. Diňe atlar däl, käbir patyşalar hem darkaşyň
nähili netije bilen soňlanjagyny, megerem, duýýan bolsalar gerek.
Togrul beg Wan kölüniň demirgazygynda ýerleşýän Ma­
lazgirt şäherine ikinji gezek zarba urmak üçin ýörişe ugramak
isleýärdi. Elbetde, bu ýöriş birýyllyk ýöriş bolmaz. Ol iki-üç ýyla
çekse gerek. Şonuň üçin Togrul beg ilki soltanatdaky işlerini
birýüzli etmäge howlukdy. Ýöne köşkde-de alada ýeterlikdi.
Ybraýymyň najagaýy hem ýetikdi, ýogşam, soltan ony Mosula
häkim belledi hemem oňa bu ülkäni mülk berdi.
Ybraýyma Azerbaýjan bilen Mosul az göründi, ol soltanlygy
ele almak maksady bilen ikinji gezek Togrul begiň garşysyna
çykdy, Mosulda uzak durmady, Jebel ýurtlaryna gitdi.
Soltan Togrul Ybraýym ynalyň ol ýerlere gitmegini özüne
gulak asmazlyk, äsgermezlik hökmünde kabul etdi. Soltan do­
ganyny yzyna dolamak maksady bilen halypanyň özüne hedýe
beren gymmatbaha perejini bir ilçiden ýörite ugratdy.
Ybraýym ynalyň gidendigini eşiden, Besasury bilen Kuraýyş ibn
Bedran Mosula geldiler, şäheriň içindäki galany dört aýlap gabadylar.
Galadakylar iň soňky azyklaryny gutarýançalar – dört aýlap go­
randylar, boýun egmediler. Togrul begden hemaýata garaşdylar,
22*
337
hemaýat bolmandan soň, janlaryna aman diläp, galany söweşsiz
tabşyrdylar.
Besasury galany ýumurdy.
Soltan Togrul bu habary eşidip, iki müň atly goşuna emir
Anuşirwany baş edip, Mosula ugratdy.
Emir Anuşirwanyň öz üstlerine gelýändigini eşiden Besa­
sury bilen Kuraýş haýdan-haý Mosuly taşlap gaçdylar, sebäbi
olaryň atlylarynyň sany alty ýüzden köp däldi.
***
Arslan Besasury halyf Kaýym Bemryllahyň goşunlarbaşysy
bolsa-da, musulman dünýäsindäki syýasata gönüden-göni
goşulýardy. Ol gaznaly türkmenleriň soltanlygynyň synmagy­
na-da, seljuk türkmenleriniň döwletiniň döremegine-de, ös­
megine-de gönüden-göni gatnaşypdy. Sebäbi gaznaly soltany
soňky ýyllar apbasy halyflygyny äsgermezçilik etdi. Mahmyt
Gaznaly öz döwründe halyfyň ýollan hatynyň ýüzüne tüýkürip,
yzyna ýollapdy, şeýdibem halyflygyň mertebesini kemsidipdi.
Onuň ornuna geçen Masut hem kakasynyň ýoluny dowam et­
dirdi, halyflyga sadyklyk bildirmedi. Şeýle bolansoň, halyflyk
seljuk türkmenleriniň döremegini ikelläp goldapdy.
Halyfyň ak patasy bilen seljuk döwleti rowaçlyk ýoluna ga­
dam basypdy. Arslan Besasury Türkmen seljukly türkmenler­
den aýratyn mertebä, sylaga garaşýardy: Yraga seljuklylaryň
başlyklarbaşysy bolmak isleýärdi. Şu maksat bilen Arslan Togrul
beg bilen gowy gatnaşyk saklamaga çalyşdy, oňa hoşamaýdan
hoşamaý sözleri aýtdy, onuň hoşuna geläýjek birtopar işleri etdi,
köp-köp hedýe gönderdi. Diňe bir soltana däl, onuň ýanyndaky
wezir-wekillerine-de eçilmek eçildi.
Ybraýymyň göwnüni awlady. Ol indi Arslanyň öz adamyna
öwrüldi.
Anuşirwan ibn Tümeniň göwnüni awlady.
Altynjan hatynyň inileri Sadyllanyň, Kabylyň göwünlerini awlady.
Arslan Besasury Bagdada Amydylmülk Kundury başlyk­lar­
başy bellenen güni ýalňyşandygyna düşündi, arman, giç dü­şündi.
33 8
Onuň bar umydynyň, maksadynyň üstünden palta uruldy. Onuň
niýeti halyfaty dolandyrmakdy ahyryn!
Seljuklylar halyfy hatyraladylar, ony üýtgewsiz hasapladylar.
Arslan Besasura halyfa wepadarlyk bilen hyzmat etmegi maslahat
berdiler.
Arslan Besasury Kundurynyň başlyklarbaşy bellenen, özü­
ne halyfa wepadarlyk bilen hyzmat etmegi maslahat berlen güni
ömrüniň ahyrzamany hasaplady.
Ol köşeşmek maksady bilen uzyn gije daşdan ýasalan çäý­
nek-käseleri, küýzeleri döwüp geçirdi. Barybir, köşeşip bilmedi.
Arslan özüniň şowsuzlygyny, bagtynyň ýatmasyny Togrul
solta­nyň hatyny Altynjandan gördi.
Ol açyk söweşe çykmakdan başga çykalga tapmady.
Altynjanyň kastyna çykdy. Onuň ýüregine dowul-gorky sal­
mak, mugyra getirmek maksady bilen Kabyly jezalandyrdy.
– Saňa iň soňky puryja berýärin. Altynjan hatynyň ýanyna
bar-da, onuň bilen gürleş. Goý, ol Kunduryny başlyklarbaşy we­
zipesinden aýryp, ol wezipä meni belletsin. Eger meniň şu is­
legimi bitirmeseňiz, seni-de, Altynjany-da pidaýylarym öldürer!
– diýip, Arslan Besasury Kabylyň üstüne gygyrdy.
Arslanyň bu islegi-de başa barmady, ol şondan soň Wasytyň
Kütür obasyna gelen Altynjany kerçem-kerçem edip içini so­
watmagy ýüregine düwdi. Ol şu maksat bilen üç ýüz atly jemläp,
ýörişe çykdy.
Altynjan hatynyň ýanynda diňe çiltenleri bardy.
Olar besasurylylar bilen merdi-merdana söweşdiler.
Gazaply söweş boldy.
Bu söweşde besasurylylaryň gaçan iki atlysyndan özgesi wepat
boldy.
Oba adamlary bu söweşi keseden synladylar. Altynjan ha­
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn II - 20
  • Parts
  • Altynjan hatyn II - 01
    Total number of words is 3629
    Total number of unique words is 2034
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 02
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2164
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2031
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 04
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1970
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 05
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 06
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2172
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 07
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2164
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2085
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 09
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2084
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 10
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2064
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 11
    Total number of words is 3507
    Total number of unique words is 2173
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    37.2 of words are in the 5000 most common words
    44.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2151
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2040
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 14
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2044
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 15
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2131
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 16
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2156
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 17
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1976
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 18
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2087
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 19
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2023
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 20
    Total number of words is 3723
    Total number of unique words is 1909
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 21
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1880
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 22
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 1944
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 23
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1971
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 24
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1896
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1941
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 26
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 2028
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 27
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2124
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 28
    Total number of words is 1126
    Total number of unique words is 678
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.