Latin

Altynjan hatyn II - 20

Total number of words is 3723
Total number of unique words is 1909
34.2 of words are in the 2000 most common words
48.3 of words are in the 5000 most common words
55.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
tynyň gahrymanlarça darkaş gurşuna haýran galdylar.
Söweş bolan ýeri gije dym-dyrslykdy.
Eýeleri wepat bolansoň, bir süri eýerli at söweş meýda­
nyndan uzak gitmän, eýeleriniň gelerine garaşyp durdy.
Daň atanda oba adamlary söweş bolan meýdana üýşüp gel­
diler, şonda täsin bir görnüşiň şaýady boldular.
339
Söweş bolan ýeriň ortarasynda, serlip ýatan läşleriň arasynda
Altynjan hatyn süýnüp ýatyrdy, onuň çar tarapynda bolsa on
sany elleri ýataganly ýaradar çilten otyrdy.
Adamlar çiltenleriň ýaralaryny saradylar, başardykla­
ryndan em etdiler.
Altynjan hatyny eginlerine göterip, ýakyn öýleriň birine ba­
kan ugradylar.
Hatynyň Akgar atly ýaradar aty agsaklap, gözünden katrakatra gözýaş döküp, eýesini eginlerine göterip alyp barýan
adamlaryň yzyna düşdi.
Açyk meýdanda düşek ýazyp, Altynjan hatyny şonuň üstün­
de ýatyrdylar. Onuň endamyndan tyg yzynyň düşmedik ýeri tas
ýok diýen ýalydy, egin-eşigi gara gandy...
***
Günortan Sadylla bir müň atly bilen ýetip geldi. Onuň gel­
megi bilen Altynjan hatyn gözlerini açdy, özüne geldi.
Sadylla beýle ahwalata garaşman eken: ol bolan ahwalaty
görüp, ýüregi ýarylan dek elewredi. Sadylla Altynjan öler öýdüp
gorkdy. Onuň gorkmasy ýöne ýerden hem däldi, sebäbi ol
ölümiň alkymyna barypdy. Ol Altynjany Ezraýylyň elinden alyp
galmak üçin jan edýärdi. Tebiplere, lukmanlara azgyrylýardy,
olaryň hereketlerini haýal görýärdi.
Oba ýene iki ýüz atly geldi. Altynjan hatyn ýatan ýerinden
olaryň nämedir bir habar bilen gelendiklerini aňdy.
– Sadylla, gelenleriň habaryny al!
– Häzir senden möhüm aladamyz ýok. Gelenler garaşar.
– Olaryň habaryny al, damulla!
– Meniň jynym halanok olary!
– Barybir, habarlaryny al!
– Bolýar, bolýar. Saňa geplemegem bolanok. Biynjalyk bol­
ma, rahat ýat. Häzir habarlaryny alaryn – diýip, Sadylla göwünligöwünsiz gelenlere bakan ugrady.
Sadylla köp wagt geçmänkä Togrul soltanyň berid sahyby
Şadyky bilen tirkeşip geldi.
340
Şadyky Altynjan hatyna hormat bilen tagzym etdi, hatynyň
ýagdaýyny görüp, hyrçyny dişledi.
– Näme habar?!
Şadyky özüni soltanyň ýörite ugradandygyny, Bagdatda
garaş­ýandygyny habar berdi.
– Altynjan hatyn ýarawsyz. Özüň görüp dursuň. Düýn Besa­
sury Türkmen Altynjanyň üstüne üç ýüz atlysy bilen çozdy. Ine,
şol üç ýüz atly läş bolup ýatyr. Olary Altynjan hatyn özüniň kyrk
ýigidi bilen gyrdy, ýöne söweşde özem agyr ýaralandy. Onuň
ýaralarynyň bitmegi, sagalmagy üçin wagt, rahatlyk gerek. Üçdört hepde ýatyp saglygyny bejertmese, Altynjan hatyn ýola ýa­
ramaz. Çiltenleriniň diri galanlarynyň ählisi agyr ýaradar, olaram
bejermeli – diýip, Sadyl­la Şadyka ýüzlendi: – Sahyp, sizem uzak
ýoldan ýadap gelensiňiz, üç-dört hepde dynç alyň. Altynjan hatyn
ganymatlaşandan soň, bileje gidiberersiňiz. Men Altynjany siziň
bilen bile ugratsam, arkaýyn boljak...
– Sadylla, biz häzir ugraýarys! – diýip, Altynjan hatyn kesgin
aýtdy: –Ýol şaýymy tutuň!
– Altynjan, seniň diýýäniň näme? Ýolda heläk bolarsyň! –
diýip, Sadylla ör-gökden geldi. – Şadyky, senem aýt!
– Melikäm, Sadylla dogry aýdýar...
Altynjan hatyn gussaly ýylgyrdy:
– Eh, erkekler, erkekler! Siz hatynlary özüňize osýarsyňyz!
Hatynlar siziň pikir-çak edişiňiz ýaly däldir. Hatynlar ärleriniň
möhümini bitirmek, olaryň rowaçlygy üçin Ezraýylyň ýüzüne
gelip, oňa: «Gaýra dur!» diýmegi başarýandyrlar. Alla panyda
iň çydamly jandar edip hatynlary ýaradandyr. Aslynda erkekle­
re poladam, demirem çydap bilmez, olara diňe hatynlary çy­
daýandyr. Mähribanynyň özüne garaşyp durandygyny eşiden ze­
nany hiç bir güýç, hiç bir kesel saklap bilmez! Ýörüň, gideliň!..
***
Togrul soltan soltanlygynyň paýtagtyny Yspyhana geçirdi.
Ol ýerde edilýän işlerden razydy. Halkyň göwnüni galkyndyr­
mak maksady bilen her hili baýramçylyklary gurnaýardy. Bu ge­
341
zekki baýramçylykda ýedi yklymyň pählewanlary jemlendi. Kyrk
günläp göreş tutduryldy, atdyr düýe çapdyryldy.
Günler gyzykly geçýärdi. Şol günleriň birinde Altynjan ýa­
ramaz düýş gördi. Düýşünde Togrul soltan düýe münüp nirä­
dir bir ýerik barýardy. Onuň ýagyrnysynda bolsa äpet gara möý
bardy. Birtopar alahekek bolsa şol möýi görüp, soltanyň depe­
sinde alagopgun edip gaýmalaklaşýardy. Soltan alahekeklere-de
pitiwa etmän, öňüne seredip, sarsman otyrdy. Altynjan soltanyň
arkasyndaky möýi aýryp taşlajak bolup ylgady, sesiniň ýetdi­
ginden «Begim!» diýip gygyrdy, ýöne näçe gygyrsa-da, soltan
eşitmedi, yzyna gaňrylyp seretmedi.
Altynjany soltan yralap oýardy:
– Saňa näme bolýar, Altynjan?
Altynjan ukudan oýanyp, ähli zadyň düýşdügine begenip,
ýeňil hem aldy:
– Ýaramaz düýş gördüm, begim – Altynjan gören düýşüni
aňynda aýlady. – Siz şu günde-ertirde bir ýerik gitjek bolýarsyňyz
öýdýärin?!
– Ybraýymyň ýanyna gitmeli boljak. Onuň bilen çözmeli
meselelerim bar.
– Gitmeseňiz gowy boljak.
Soltan hatyny bilen ylalaşdy, ýöne şondan dört gün geçen­
den soň Ybraýym ynaldan çapar geldi:
– Ybraýym ynal ogluna sünnet toýuny edýär. Hemedanda
size garaşýar.
Ybraýym ynal çaparyň aýtjak sözlerini az gören bolarly,
uzyn nama gönderipdir. Onda ömründe ilkinji gezek uly toý
edýändigini, şol uly toýa Togrul soltanyň gatnaşmagynyň özüne
uly mertebe boljakdygyny öwran-öwran nygtapdyr.
Togrul beg Ybraýymyň niýetiniň düzüw däldigini duýýardy,
ýöne şeýle-de bolsa, ol bu çakylykdan soň gitmän biljek däldi.
Togryl beg gorksa bolmaz ahyryn!
Altynjan açyk aýtdy:
– Begim, ynalyň päli düzüw däl!
– Göwnüňe hiç zat getirme. Men öz Ybraýymyma belet!
34 2
Altynjan soltany saklap bolmajakdygyna düşündi. Göwnü­
ne, soltan ölüme barýan ýaly duýuldy. Öň onda ýeke gezegem
beýle duýgy bolmandy. Şonuň üçin hem bu duýgy oňa ölümiň
äşgär alamaty bolup görünýärdi. Altynjan şol günüň öýläni ýene
soltana ýüzlendi:
– Men otuz müň atly goşun bilen Hemedanyň ýakynynda
size garaşaýyn, begim.
– Ýok, ýok, bu hakda eşidäýse, Ybraýym heşelle kakar, «Tog­
rul menden gorkýar» diýer, şonsuzam onuň temennasy ýokary.
Goý, ol menden gorksun. Ol bütin ömrüne menden gorkdy,
ýene gorksun.
– Gorkandan gorkan ýagşy, begim. Gorkýan kişiniň gamasy
goltugynda ýylgaý häzir bolýar. Ol amatly pursadyna garaşyp
ýaşaýandyr.
– Bir urgy bilen daragt ýykylýan däldir. Ybraýym hem birki
urgy bilen meni ýykyp bilmejegini aňýandyr. Onsoňam maňlaýa
ýazylan ýazgytdan gaçyp bilmeris. Goşuny Kundura tabşyrýaryn.
Ol Bagdatdan çykman, meniň gelerime garaşsyn.
– Men gorkýaryn, begim, men gorkýaryn.
– Anuşirwany-da ýanyňda goýup gideýin. Men gelýänçäm
ol özüniň gowy şygyrlary bilen göwnüňi awlasyn. Wagtyň nädip
geçendigini-de duýman galarsyň. Ynan, men Ybraýym bilen
darkaş gurmakçy däl. Men onuň bilen hem-ä toý toýlamakçy he­
mem düşünişmekçi. Men oňa näme islese berjek. Goý, ol islän
ýerini alsyn. Düşünýärsiňmi?
***
Altynjan Anuşirwanyň diwanhanasyna bardy. Onuň ýa­
nynda bäş sany daşary ýurtly bar eken. Altynjan terjumana ýüz­
lendi:
– Bulara aýt, goý, öýleden soň gelsinler. Häzir weziriň gys­
sagly işi bar.
– Mähriban käbäm, siziň ýüzüňizden gar ýagýar-la? Eýgilik­
mi beri? – diýip, Anuşirwan ibn Tümen adaty süýji dilliligi bilen
Altynjana ýylgyryp bakdy.
343
– Soramaň näme, ähli zady sen menden gowy bilýärsiň.
– Käbäm, ömrüm, şirin janym size sadaga. Sizi näme biyn­
jalyk etdi? Siziň rahatlygyňyz, wagtyhoşlugyňyz üçin janymy ber­
mäge taýýar men. Käbäm, aýdyň...
– Süýji söz bilen janymy alýarsyň sen meniň.
Altynjan hatynyň bu sözi Anuşirwan üçin garaşylmadyk söz
boldy. Ol gözlerini petredip, esli salym Altynjana seretdi. Onuň
nazary kem-kemden gazaplandy. Hanasyndan çykaýjak-çykaýjak
bolýan gözlerdäki inçe gan çylgymlarynyň birkisi, megerem,
ýaryldy. Sebäp ol gazaply nazara gan çaýyldy. Bu görnüş Altyn­
jany hopukdyrdy. Anuşirwanyň gazaplanmasyny Altynjan ençe
gezek görüpdi, ýöne ol ýeke gezegem Altynjana şeýle gazap­ly
seretmändi.
– Käbäm, sizden bu sözi eşitmek maňa juda agyr degýär. Siz
meni nähak kötekleýärsiňiz.
– Anygyna ýetmän, meniň ýeke sözem aýtmaýandygymy sen
gaty gowy bilýän bolmaly.
– Dogry, siz mydama her sözüňizi ýedi ölçäp, bir keseniňiz­
den soň aýdýarsyňyz. Eger maňa aýdan sözüňiz hem anygyna ýe­
tilip aýdylan söz bolsa, onda men gaty aýny adam.
– Soňky döwürde seniň bolşuň meniň hoşuma gelenok.
– Bu sözüňiz başky sözüňizdenem agyr. Käbäm, görýärin
welin, kimdir biri siziň ýüregiňizi çişiripdir: men hakda hapa­
dan-hapa pikirleri aýdypdyr, sizem oňa güp ynanypsyňyz.
– Göz – hakykat, söz – güman. Men saňa hakykaty aýdýaryn.
– Käbäm, men gürrüňiň näme hakda barýandygyna
düşünme­ýärin.
– Urup, soňundan aglan bolma. Sen hemme zady bilýärsiň.
– Ýalňyşmasam, siziň gaharyňyzy getirýän zat Togrul beg bi­
len Ybraýym batyryň oňşuksyzlygy bolmaly?
– Sen näme üçin iki tarapa meçew berýärsiň?
– Wah-nedamat-a, wa weýlata, gör, siz näme üçin gazap do­
nuny geýipsiňiz?! Siz dogry düşüniň, käbäm, olaryň ýekesem
meniň akylyma mätäç däl. Olar hiç wagt meniň sözüm boýunça
iş etmezler.
– Soltan seniň sözünden soň Hemedana gitmek kararyna
geldi. Öň onda beýle pikir ýokdy. Sen oňa meçew berdiň.
34 4
Anuşirwan böwrüne diň salyp, esli salym dymdy, soň haý­
batly gürledi:
– Men soltana hakykaty aýtdym. Endamyňa ýapyşan sakyrt­
gany hernäçe agyrawuk bolsa-da goparyp zyňandan gowusy ýok.
Ybraýym – Togrul begiň ýüregine ýapyşan sakyrtga. Eger onuň
bilen wagtynda bellisi edilmese, onda ol soltan bilen bellisini
eder. Onda birtopar pidaýy bar. Olaryň ählisiniň aňynda-da:
«Ybraýym – soltan, Togrul – duşman» diýen düşünje bar. Eger siz
şu babatda gaharlanýan bolsaňyz, onda nähak gaharlanýarsyňyz.
Siz öz ogluňyza – maňa bil baglap bilersiňiz. Men sizi depämde
täç edip götererin. Çünki meni siz şu derejä ýetirdiňiz. Eden
mähribanlyklaryňyzy ödemek – meniň parzym. Siz, mähriban
käbäm, maňa ynanyň, durmuşymyz has gowy bolar, enşa...
Altynjan – Togrul begiň oraşan duýgurlygy, ol şu günki
Tog­rul begiň ertiri, häzirki Togrul begiň bolsa geljeginiň güwä­
si. Ykbalyň Güneşi Togrul begiň alnynda bolsa-da, tebigatyň
şöhle kanunynyň tersine, onuň Altynjan atly kölegesi hemişe
diňe öňüne düşýär. Tog­rul begiň näbelli geljeginiň howpy-da,
ilki bilen, Altynjana degýär. Howp-hatar ilki Altynjana görünýär,
il arasyndaky myş-myşlara salgylanyp aýtsaň, ähli bolýan-u-boljak
zatlar seýir dogasyny okasa, Altynjan hatynyň dyrnagynda oraşan
görünýärmiş.
Allatagala soltana goragçy perişdäniň deregine Altynjan
hatyny beripdir. Hatyn – ynsan, ynsanda bolsa perişdeden bir
beýik artykmaçlyk bar. Perişdä diňe amal berlen bolsa, ynsana
emel berlipdir. Amalda geljegiň, entek näbelli geljegiň ýeke-täk
bir mümkinçiligi bar. Ynsan bolsa öz akyly hem duýgusy bilen
geljegiň mümkinçilik sanyny artdyrýar, şol mümkinçilikleriň
birini öz duýgurlygyna, paýhasyna bil baglap, saýlap alýar. Özü­
ne howply hem amatsyz mümkingadarlyklardan sowlup geçýär.
Perişdäniňki amal, ynsanyňky emel bilen. Diýmek, birinji diňe
bitirýär, öňden kesgitlenen zatlary amala aşyrýar, ikinji bolsa
geljegi döredýär, emele getirýär diýmekdir. Şonuň üçinem bu
durmuş ýolunda ýoldaşy, ýarany perişde däl-de, ynsan bolan
adamlar has bagtlydyrlar, has howpsuzdyrlar.
345
Bu gezegem Altynjanyň gören düýşi oraşan çykdy. Asyl
onuň tutuş ömri oraşandy. Bu bir kanunalaýyklykdyr, çünki
Altynjanyň röwşen bolmagy tebigydyr. Haýp, Togrul soltan bu
düýşe ähmiýet bermedi. Adam pahyr adama däl-de, perişdä
ynanýar. Adam adamdan däl-de, perişdeden delalat gözleýär.
Ol bary-ýogy özi ýaly adamdan üýtgeşik gudrata, tapylgysyz gol­
dawa, kipaýata garaşmazak bolýar.
Togrul soltan Altynjanyň öňünde Hökümdar boljak bolup
näçe çalyşsa, şonça-da onuň işi tersine bolupdy, şonça-da onuň
geljeginiň hökümdarlygy Altynjanyň ygtyýaryna degişli bol­
ýardy. Tersine, ol hatynyna Howandar boldugyça, ykbal hem
oňa şonça-da howandarlyk edýärdi...
On altynjy hekaýat
MÜŇ DOSTDAN BIR DUŞMAN KÖP
I.
A
ltynjan soltan bilen gitjek bäş sany jandaryna ýörite
görkez­meler berdi. Ol bäş jandara baş edip hem Kaby­
ly belledi.
Togrul soltan bäş müň atly bilen gitmekçidi, ýöne Amydyl­
mülk wezir bilen Dürnazar ýörite nygtanlaryndan soň, ol on
müň esger bilen ýola düşmegi makul tapdy.
Daşarda serasyma bolup duran Altynjanyň ýanyna umury
beridde işleýän Haldan geldi. Onuň elinde akja kepderi bardy.
– Wiý, enaýyja kepderi! – diýip, Altynjan akja kepderini
synlady.
– Eliňizde saklap göräýiň, han melikäm.
– Getir. – Altynjan kepderini döşüniň üstünde goýup sy­
pady. – Diwany beridiňkimi?
– Hawa, han melikäm, diwany beridiňki. Men bu kepderini
ýörite size görkezmek üçin alyp gaýtdym.
– Maňa näme üçin görkezýärsiň?
– Men siziň göwnüňiziň açylmagyny isleýärin. Bu kepderi­
ni görüp begendiňiz. Ýüzüňizde janperwerlik peýda boldy. Sizi
başga bir zat bilen şeýdip begendirmek maňa başartmazdy.
Altynjan kepderini ýüzüne syldy, üç-dört bugdaý dänesini
çokdurdy:
347
– Bu kepderi bilen hat ugradýarsyňyzmy?
– Hawa, hawa, umury beridiň hat gatnadýan kepderileriniň
biri bu.
– Bu nirä hat gatnadýar?
– Hemedana.
– Hemedana diýdiňmi?
– Hawa, Hemedana. Wiý-weýla, siz ýene aladaly keşbe
girdiňiz. Men siziň ýylgaý şadyýan bolmagyňyzy isleýärin. Elim­
den gelse, siziň derdiňizem özüme aljak, siziň dert çekmegiňizi
islämok men. Siziň şadyýan bolmagyňyz üçin men ölüme-de
taýýar, han melikäm.
– Sen bu kepderide Hemedana habar ugratjak bolýarsyňmy?
– Ýok, ýok, han melikäm. Mende beýle pikir ýok. Habar
ugratmak diňe Togrul soltanyň tabşyrygy bilen edilýär.
– Me, kepderiňi al, meni saklama. Meniň işim köp – diýip,
Altynjan kepderini Haldana berdi.
– Bir ýere gitmelimi? «Hemedana gidilýär» diýip eşitdim
men-ä.
– Dogry, Hemedana gidilýär.
Haldan Altynjanyň ýanyndan aýrylmady. Onuň göwnün­
den turmaga çalyşdy:
– Ýene gitmelimi? Han melikäm, men siziň soltan bilen dynç
almagyňyzy isleýärin, gije-gündiz size hyzmat etmek isleýärin.
Meniň üçin dünýäde iň datly lezzet – size hyzmat etmek, siziň
ýumşuňyzy bitirmek. Men biçak bagtly adam, han melikäm.
– Men hiç ýerik gidemok, Haldan. Diňe soltan gidýär.
– Onda biziň soltanlygymyzyň serhedi ýene giňär. Täze-tä­
ze şäherler bize tabyn bolar. Gyzyl deňzine çenli aralyk, enşa,
biziňki bolar.
– Bu gezek soltan kapyrlary musulman etmek – jihat etmek
üçin däl-de, dogany Ybraýym begiň ogluna edýän sünnet toýu­
na gatnaşmak üçin barýar.
– Hemedana diýdiňizmi? Ybraýym begiň toýuna barýar­
my? Onuň toýuna gitmek, düşünişmek üçin munça goşun hök­
manmy?
34 8
– Berlen habara görä, Ybraýymyň ýüz müň atly goşuny bar
bolmaly.
– Ybraýym begde onça goşun neýlesin? Onda goşun uly däl­
dir. Soltanymyzyň goşuny welin, görüň-ä, ýüz müň dagy bar.
– Seniň gözüňe köp bolup görünýändir. Aslynda welin, on
müň. Göwnüme bolmasa, bu goşun az. Ýüz müň esger jemläp,
göni Hemedana barmaly. Ybraýym bilen hem toýdan soň egri
oturyp, dogry gürleşmeli. Sebäbi onuň soňky günler päli azypdyr:
ol soltan bolmak isleýär.
Bu habara Haldan başyny ýaýkap gynandy:
– Oňa berk jeza bermeli. Wah, Bekdaş wepat etdi, ýogsam
ol Ybraýymy müň saý atly haşary bilenem mugyra getirerdi. Ol
meni gowy görýärdi, meni öz ýanyna kömekçi edip işe aljak bo­
lup ýördi.
Altynjan geňirgenmesini daşyna çykardy:
– Ol seni gowy görýärdimi?
– Hawa, hawa, Bekdaş sahyp meni biçak gowy görýärdi.
Ol maňa: «Ýene birki aýdan sen meniň ýanymda işlärsiň. Men
bu hakda soltan bilen geňeşerin. Ol seniň meniň ýanymda
işlemegiňe garşy çykyp durmaz» diýipdi. Arman, ömri gysga
eken, onuň.
– Haldan, seniň umury istihbaratda işläsiň gelýärmi?
– Hawa, meniň bu gullukda işläsim gelýär. Soltan Bekdaş
neressäniň wezipesini Dürnazara ynandy welin, ol bu wezipäni
Bekdaşça oňarar öýdemok. Bekdaş dogabitdi jansyzdy, polady
ýumşak adamdy. Aşa geçirimlidi. Ol adamyň ýüzüne seretdigi
bes, onuň näjüre adamdygyny, näme maksadynyň bardygyny
dessine bil­ýärdi. Dürnazar hem köp zat bilýär, ýöne ol her
bir adamda duşman görýär. Ol ähli kişä şübheli seredýär. Hiç
kime ynanmaýar. Özem rehimsiz. Oňa Dürnazar çarmyh1 diýip
ýöne ýere aýdanoklar. Onuň eline düşen özüň bolma. Hudaý
saklasyn. Rehimsiz ol, çensiz-çaksyz pähimsiz. Bekdaş biraz ge­
çirimlidi, käbir zatlara göz ýumardy. Dürnazar welin, öz babasy­
na, öz enesine-de geçirimlilik etjek adam däl!
– Sahyplara baha kesmek saňa galmandyr! – diýip, Altynjan
Haldana gaharly seredip, ýoluny dowam etdirdi.
349
***
Soltan bir menzil geçilenden soň atynyň jylawyny çekdi,
özüni ugratmak üçin gelýän wezir-wekillerine, hatyny Altynjana
ýüzlendi:
– Besdir, indi şu ýerden yzyňyza gaýdyň! Wezir, men saňa
gaýtalap aýdýaryn – diýip, soltan Amydylmülke ýüzlendi: – Gaýagopuz ýokka, menden anyk görkezme bolmasa, goşun tutup,
Hemedana barmaň. Düşnüklimi?
– Düşnükli, merhemetli soltanym!
Ähli wezir-wekiller soltana sag-salamatlykda dolanmagyny
dileg etdiler:
– Sag-aman dolanyp geliň!
– Biz günümizi sanap, siziň geleriňize garaşarys – diýip,
Altynjan hatyn soltana mähir bilen bakdy.
Şol mahal, säher çagy Asman göm-gökdi, howa sergindi,
ýaýylyp ýatan meýdanda iňlär siňek ýokdy.
Birden Asmanda akja kepderi göründi. Ol atlylary görüp,
aşaklady. Megerem, atlylary tanamakçy bolandyr.
– Şadykynyň kepderisi bu. Bir ýerden habar getirýändir –
diýip, Altynjan dillendi. Ol bu kepderini tanady: Haldanyň elin­
den alyp, oňa bugdaý dänesini çokdurypdy.
Akja kepderi ýokarda birki öwrüm edip, aşak indi.
– Haldan, bu hälki kepderi ýaly-la?!
Haldan gozgalaňa düşdi:
– Meniň kepderim däl, ýok, ýok, bu meniň kepderim däl.
Zäherli bolaýmasyn?! Kowuň ony! – diýip, ol ellerini galgadyp
gazaplylyk bilen kepderini kowmaga çalyşdy. Kepderi Haldanyň
haýbatyndan gorkdumy-nämemi, onuň däl-de, Altynjanyň egni­
ne gondy.
– Aýagynda hat bar ýaly-la onuň?! – diýip, Togrul soltan
gyzyk­landy.
– Men bu kepderä ertir iým berdim. Şonuň üçinem bu
meniň egnime gondy. – Altynjan kepderini eline alyp sypady.
Onuň aýagyna daňylan haty alyp, emaý bilen gatyny açdy. Haty
okan Altynjan boz-ýaz boldy:
35 0
«On müň goşun bilen ýola düşdi.
Içinde hatynyň inisi hem bäş sany jansyzy bar».
– Haldan, bu näme? – diýip, Altynjan hatyn Haldana haty
görkezip gazaplandy.
– Men-ä bilmedim... – diýip, Haldan sakawlady.
Altynjan haty Togrul soltana uzatdy.
Haty okan soltan bir Haldana, birem Altynjana seretdi:
– Altynjan, sen munuň Ybraýymyň aýýarydygyny2 bilýärsiň-ä!
– Bilýärin...
– Onda näme üçin muny ýanyňda saklap ýörsüň? Men saňa
«Ýagşylyk eden kişiňden äge bol!» «Ýagşylyk eden kişiňden ga­
çarak dur!» diýip telim ýola aýtdym ahyryn!
– Begim, onuň şuguly meni size gowşurdy. Onsoň men
onuň günäsini geçmeli boldum.
– Ýok, ýok, seni maňa bu aýýaryň şuguly däl-de, Allatagala
gowşurdy, seni ýazgyt gowşurdy.
Altynjan näme diýjegini bilmän dymdy:
– Eý, bidöwlet, gel ýanyma! – Soltan gazap bilen Haldana
elini galgatdy. Soňam ýanyndaky haşymlaryna ýüzlendi: – Tu­
tup, ýanyma getiriň ol pälazany!
Haldany atdan düşürip, südenekledip soltanyň huzuryna
getirdiler. Haldan gorkudan ýaňa göm-gök bolupdy. Titreýärdi.
Ýetişibildiginden soltandan bir çemçe ganynyň geçilmegini so­
raýardy.
– Ýalan sözleseň, jezaň has çökder boljakdygyny bilýänsiň.
Şu haty näme üçin ýazdyň?
– Ybraýym beg öňüňizden çykyp garşylamak isleýärmiş, sol­
tanym. Ybraýym begi begendirmek isledim, soltanym...
– Soltandan bidin hiç hili habaryň ugradylmaly däldi­
gini, eger ugradylsa, şol habary ugradan adamyň kellesiniň
alynýandygyny bilýärmiň?
– Bilýärin, soltanym, bilýärin.
– Şadyky seniň eden bu işiňden habarlymy?
– Habarly, soltanym, habarly.
Soltan töweregine garanjaklady.
351
– Diwany beridiň sahyby Şadyky nirede?
– Men bärde – diýip, ala-mula atly3 sahyp seslendi.
– Bu kepderi saňa tanyşmy?
– Biziňki, soltanym.
– Hatdan habarlymyň?
– Hatdan habarym ýok, soltanym.
– Her kepderiniň berkden berk saklanylmalydygyndan sen,
nä, habarsyzmy?
– Habarly, soltanym.
– Onda näme üçin bu kepderini Hemedana ugratdyň?
– Haldan bu kepderini berid diwanyndan Altynjan
melikäniň tabşyrygy boýunça aldy.
– Näme, näme? – Altynjan hatyn bu habara ör-gökden geldi.
– Belki, haty-da Altynjan hatyn ýazandyr? – diýip, Togrul
soltan ýaňsyly gürledi.
– Dogry, dogry. Men Altynjan hatynyň tabşyrygyny ýerine
ýetirdim – diýip, Haldan sakawlady.
– O nähili tabşyryk?
– Men Altynjan hatynyň ýaz diýen zatlaryny ýazdym. Men
buýrugy ýerine ýetirdim. Mende günä ýok, soltanym.
– Gapyl! Şu pursatdan başlap men seniň soltanyň däldirin!
Sen bir eden etmişiňi az görüp, ýalan sözläp, ikinji etmişi-de
etdiň...
– Men ýalan sözlemeýärin. Men hakykaty aýdýaryn.
– Anuşirwan!..
– Lepbeý, soltanym.
– Diwany berid saňa degişli. Bu pelide tohum-tiji bilen
özüň jeza ber. Ählisiniň kellesini diwany beridiň otagynda bir
hepdeläp asyp goýuň. Goý, çaparlara, askudarlara, perman­
berlere göz bolsun. Şadykyny ýigrimi gamçy uruň! Goý, sapak
bolsun! Goltugynda ýylan saklamasyn! Onsoňam walydaňy
göwnühoşlukda saklagyn. Her gün meýlis gura, awa çykyň!
– Barybir, siz gelýänçäňiz walydamda rahatlyk bolmaz –
diýip, Anyşirwan misgin ýylgyrdy.
Soltan kepderiniň boýnuny sogrup, eliniň tersi bilen zyňyp
goýberdi-de, Hemedana sary ýola rowana boldy.
23*
353
2.
Kabyl Altynjanyň ýeke-täk arkadaýanjydy: hem hajybydy,
hem serkerdesidi, hem jandarlarynyň sahybydy, hem nedimi­
di. Häzir Kabylyň ýoklugy bildirýärdi. Sebäp Kabyl ýanyndaka
Altynjan özüni gaty arkaýyn duýýardy. Möhüm mesele ýüze çyk­
sa, onuň bilen pikir alyşýardy. Kabyl uýasyna teselli-göwünlik
bermegi, onuň göwnüni götermegi başarýardy.
Altynjan soňky günler işdäden kesilipdi: uzynly gün hiç
zat iýmeýärdi. Uzynly gije gözüne uky-da gelmeýärdi. Onuň
aňyndan Muhammet Togrul soltan aýrylanokdy.
Anuşirwan şol günler Altynjanyň ýanyndan aýrylmady,
ol käbesiniň göwnüni awlamak üçin gaty yhlas etdi. Her gün
özüniň ykta ýerlerini, olaryň çäklerini howlukman gürrüň ber­
di, Merw kagyzynyň ýüzüne çyzyp görkezdi.
Öwünmekde üýtgeşik bir lezzet bar. O lezzeti kim bilme­
se-de, Anuşirwan bilýärdi. Öwündigiçe galkyjaklaberýärdi. Ol
ýygnan baýlyklary hakda gürlemekden ýadamaýardy. Bu hakda
gürledigiçe gürläsi gelýärdi.
Onuň öwünmelerinden mydama süýji lezzet alan Altynjan
soňky günler şol lezzeti alyp bilenokdy. Onuň aňy Hemedana
gidenlerdedi.
Gidenlerden şindem habar-hatyr ýokdy.
Altynjan uzynly gijäni ýere diň salyp geçirdi. Ol her menzil­
den on-on bäş aty ätiýaçdan goýmagy tabşyrdy.
Dört günden soň Altynjan Kabylyň atynyň aýagynyň sesini
eşitdi.
Dessine Anuşirwanyň, Kundurynyň, wezir-wekilleriň – sol­
tanlygyň harby geňeşiniň agzalarynyň yzyndan adam iberdi.
– Hemedandan möhüm habar geldi. Soltanyň kabulha­
nasynda harby geňeşiň gyssagly mejlisini geçirmeli!
Harby geňeşiň agzalary ýygnanyşdy.
Ähli geňeş agzalary içerde soltanyň karargähindedi, diňe
Altynjan daşardady, ol Kabylyň gelerine garaşýardy.
Amydylmülk Altynjanyň ýanyna geldi:
35 4
– Altynjan melikäm, köşkde menden gizlin habar bolmaly
däl. Nähili habar bolsa-da, ony, ilki bilen, maňa aýt.
– Entek bilemok. Hemedandan näme habar getirilendigini
meniňem bilesim gelýär, wezir. Şol isleg bilenem, ynha, şu ýerde
durun!
– Siz biziň yzymyzdan çapar gönderip, hemmämizi şu ýerik
jemlediňiz. Indem: «Hiç zat bilemok» diýýärsiňizmi?
Altynjan hatyn alysdan gelen üç atla bakan ümledi:
– Habary şol gelýän atlylar aýdar.
Üç atlynyň biri Kabyldy, hana, ol sag-salamat geldi. Iň esasy
zat, jany sag. Galan zatlaryň bir hasaby bolar. Ýöne olaryň bolup
gelşi hoş habar bilen gelýäne-hä meňzänok. Juda wajyp habar
bolmasa, atlary beýdip çapdyrmak zerurlygy ýok ahyryn! Olar
Altynjanyň ähli zatdan beter heder edýän habaryny getirýäne
meňzeýärler.
Kabyl atdan towsup düşdi-de, duranlar bilen ýekän-ýekän
salam­laşdy. Habaryny aýtmak üçin Kundurynyň ýanyna bardy,
Kundury üm bilen Altynjany görkezdi. Şondan soň Kabyl Altynja­
na ýüzlendi:
– Düşünýärin, düşünýärin, gorkma, soltanyň jany sag.
Aňyňdaky ýaramaz pikiriňi aýyr.
Bu habary eşiden Altynjan ýeňil dem aldy.
– Näme boldy?! – diýip, Kundury odandy.
Kabyl bolan zatlary gysgaça gürrüň berdi.
Onuň habaryny diňlän Kundury depesinden agyr ýük ur­
lan dek ýegşerildi, naýynjar nazaryny Altynjana gönükdirdi:
– Hatyn, siziň çakyňyz dogry çykdy.
– Bize garaşyp durlar. Ýörüň, adamlaryň ýanyna baralyň –
diýip, Altynjan lapykeç dillendi.
– Käbäm, biraz saklanyň! – diýip, wezir Anuşirwan alakjady.
Altynjan hatynyň öňüne geçdi. – Biz häzir adamlaryň ýanyna
barmaga howlukmalyň. Men, Amydylmülk hem siz – üçimiz
meseläni öz aramyzda çözeliň, geňeşe anyk pikir bilen baralyň.
– Bize garaşyp otyrlar!..
– Kim?.. – Anuşirwan geň galyp sorady.
– Ähli wezir-wekiller, diwany wezaratyň adamlary.
355
– Garaşanlarynda näme, goý, garaşsynlar!
– Olary çagyryp, soňundan garaşdyrmak gelşiksiz bolar.
– Biz nirede garaş diýsek, olar şol ýerde-de garaşarlar. Is­
lesek, biz olary zyndanda-da garaşdyryp bileris. Oturybersinler,
ilki üçimiz bir çukura tüýküreliň.
– Wezir Şerefeddin Anuşirwan (Halyf oňa ýakynda
«Şerefeddin» diýen at beripdi) örän dürs aýdýar. Biz geňeşe
anyk pikir bilen baralyň. Ol ýerde herimiz bir zat diýsek, akyl sat­
jak köp bolar. Bize akyl gerek däl! – Amydylmülk öz egindeşiniň
pikirini oňlady.
– Käbäm, siz Kabyl bilen biraz salym gürleşiň. Oňa çenli biz
Kundury bilen bir ýerik baryp geleli.
Altynjan Anuşirwanyň bolşuny geňledi. Sebäbi onuň bolşy
diýseň geňdi, syrlydy, aljyraňňydy. Onuň bolşunda hiç hili gy­
nanç alamaty ýokdy, gaýtam, ol toý aladalary bilen başagaý kişä
meňzeýärdi. Ökjesi ýeňil gopýardy.
Kundury bilen Anuşirwan Altynjandan anyk jogaba-da
garaşman tirkeşip wezirler diwanyna bakan gitdiler. Altynjan
olaryň yzyndan garap galdy. Olar: «Derrew geljek» diýip gidende bolsalar, esli wagtlap gara bermediler.
Olar iki bolup giden-de bolsalar, gelende diňe Anuşirwan
geldi. Ol biçak galagopludy, aljyraňňydy.
– Hany, Kundury?
– Ol häzir geler… – diýip, Anuşirwan sowuk, başdansowma
jogap berdi.
– Ol näme üçin gelenok?
– Kundury meniň siziň bilen ýekme-ýek düşünişmegimi is­
leýär.
– Nämäni düşünişmeli?
– Men häzir hemmesini düşündirjek, käbäm enem. Siz
meni diňläň
– Näme?!
– Men açyk aýtmak isleýärin.
– Ikimiz şu güne çenli diňe açyk gürrüň etdik dälmi näme?
– Dogry, ikimiz şu güne çenli diňe açyk sözleşdik. Ýöne bu
günki aýdyşjak zadymyz hasam açyk bolmaly. Kundury meni
35 6
siziň dergähiňize ýörite gönderdi, ol ikimiziň bir pikire gelme­
gimizi isleýär.
– Togrul soltanyň häzirki zyndanda oturan pursadynda ony
halas etmekden başga nähili möhüm gürrüňiň bolup biljekdi­
gine meniň-ä akylym çatanok.
– Häzir düşündirsem, ähli zat ýerbe-ýer bolar.
– Aýt!
– Aýtsam, mähriban käbäm, adam bu gerdun panyda myh­
man. Bu pelege baky gelýän adam ýok. Soltan-da bolsaň, akyl­
dar-da bolsaň, deňsiz-taýsyz peri-peýker-de bolsaň, bu gerdun
pelekden gitmeli.
– Bu sözleriň meniň üçin täzelik däl, aýdyber, aýdyber.
– Aýtsam, mähriban käbäm, Muhammet Togrul soltan
Haktagalanyň halan adamydy. Ol ýigrimi ýyldan gowrak wagt­
lap patyşa boldy, soltan boldy. Bu ähli kişä miýesser edýän zat
däl. Bu Haktagala ýalkanda şeýle bolýar.
– Näme, näme? Aýdýan zatlaryň näme seniň? Sen näme
üçin: «Togrul soltan Haktagalanyň halan adamydy» diýýärsiň?
– Käbäm, baky adam ýok.
Altynjan daşarda ot ýakyp, daşyna egele bolup oturan
serkerdeleriň ýanyna bakan ylgady. Baryp, oduň başyndakylaryň
arasyndan Kabyly bir çete çekdi.
– Uýam, näme boldy?
– Togrul bege näme boldy? Ol şehit boldumy?
– Ýok, ýok.
– Sen menden gizleýän bolaýma?! Hernäçe ajy-da bolsa,
maňa hakykaty aýt.
– Men hakykaty aýtdym, isleseň, ýene gaýtalaýyn.
– Sen Anuşirwana başga zatlar aýdan bolaýma?
– Altynjan, men habarymy aýdanymda ýanymda üç adam
bardy: Kundury, Anuşirwan hem sen! Meniň Anuşirwan bilen
aýratyn gürrüň etmändigime sen gözli şaýat ahyryn!
Altynjan ýanyna gelen Anuşirwana şübheli garady:
– Men saňa düşünemok, oglum.
– Men size ähli zady düşündirjek welin, siz meni diňläňzok.
– Hany, näme aýdasyň gelýän bolsa aýt.
– Ilki bilen, birki soragym bar, käbäm.
357
– Sora.
– Men bihal ýigitmi?
– Hudaýa şükür, sen bihal ýigit däl.
– Eger haýsy-da bolsa bir ýurda patyşalyk etmeli bolsam,
oňararynmy?
– Elbetde, oňararsyň.
– Çagry begiň, onuň ogullary Kawurdyň, Alparslanyň maňa
garaýşy nähili?
– Hudaýa şükür, seljuk begleri seni gowy görýärler.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn II - 21
  • Parts
  • Altynjan hatyn II - 01
    Total number of words is 3629
    Total number of unique words is 2034
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 02
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2164
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2031
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 04
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1970
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 05
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 06
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2172
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 07
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2164
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2085
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 09
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2084
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 10
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2064
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 11
    Total number of words is 3507
    Total number of unique words is 2173
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    37.2 of words are in the 5000 most common words
    44.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2151
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2040
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 14
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2044
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 15
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2131
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 16
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2156
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 17
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1976
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 18
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2087
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 19
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2023
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 20
    Total number of words is 3723
    Total number of unique words is 1909
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 21
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1880
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 22
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 1944
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 23
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1971
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 24
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1896
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1941
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 26
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 2028
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 27
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2124
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 28
    Total number of words is 1126
    Total number of unique words is 678
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.