Latin

Altynjan hatyn II - 11

Total number of words is 3507
Total number of unique words is 2173
25.7 of words are in the 2000 most common words
37.2 of words are in the 5000 most common words
44.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
3. Nusaý bilen Merwiň aralygy – bu aralygyň bäş günlük
ýoldugy hakdaky maglumat Ýakut Hamawynyň «Ýurtlaryň söz­
lügi» (Türkmen obalary) atly kitabyndan alyndy.
4. Debir (kätip, münşi) – kätip, (mürze, göçüriji).
5. Jüzjan – Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän bir
welaýat. Köp taryhçylaryň Jüzjana Jürjan diýip düşünýändikle­
rini, munuň ýalňyşdygyny Baýhaky gaty janagyryly nygtaýar.
6. Tarih-i-Baýhaky. MITT, M.-L., 1937.
7. El Muntakym agda Allaha – Allatagalanyň duşman­
laryndan ar alyjy.
8. Karamyta – karmaty mezhebine uýýanlara garşy söweş­
ýänleriň baştutany.
9. Satgin – şerap içmek üçin jam, şakäse.
10. Muhammet ibn Aly ibn Süleýman Rawendi. Göwünleriň
rahatlygy – şatlyklaryň ganaty. 1-nji jilt.
11. Kafur – hoşboý ysly ösümlik.
12. Unnap (arnap) – ösümligiň ady, Köýtendagda häzirem
arnap jeňňeljigi bar.
13. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
14. Tarih-i-Baýhaky. MITT, M.-L., 1937.
15. Masudyň çakyza (miningit) keseliniň bolandygy hak­
daky maglumaty Muhammet ibn Aly ibn Süleýman Rawendi
«Göwünleriň rahaty – şatlyklaryň ganaty» atly kitabynyň 1-nji
jildinde Baýhaka (662 sah.) salgylanyp ýazypdyr.
16. Tarih-i-Baýhaky. MITT: Materialy po istorii turkmen i
Turkmenistana. Tom 1, M. – L. 1935.
17. Nerkesdan – nerkes güli salynýan güldan, küýze.
179
18. Sipergam – 1.Hoşboý ysly ösümlik. 2.Reýhan. 3.Miwe.
4.Ösümlik.
19. Daşrabat – Daňdanakan galasynyň ikinji ady.
20. Tarih-i-Baýhaky. MITT, M.-L., 1937.
21. Togrul begiň bu harby söweş tilsimi 1812-nji ýylda
görnük­li rus serkerdesi Kutuzow Fransiýanyň imperatory Na­
poleon bilen eden söweşinde gaýtalaýar. Kutuzow Moskwa
şäherini boşadyp, gyra çekilýär we fransuz goşunynyň başyna
Togrul begiň görkezen gününi salýar.
22. Tarih-i-Baýhaky. MITT, M.-L., 1937.
23. Ynal (ýynal) – mirasdar. Abu-Abdullah al-Horezmi.
«Mafatih al-ulum». Tarih-i-Baýhaky. MITT, M.-L., 1937.
24. Syrak padymanyň Darini aldap çölüň jümmüşine äkidişi
we çölde ahemeni goşunynyň teşnelikden ýaňa gyrlandygy bara­
daky rowaýat.
25. «Türkmenleriň enesi-de, atasy-da çöldür» – Tarih-iBaýhaky. MITT, M.-L., 1937.
26. Gurultaý (gurultoý) – Bu sözüň sözköki «gurulyş toýy»
diýen düşünjeden dörändir, gadymyýetden başlap türkmen
halky täze döwlet gurjak bolanda «gurultoý (gurulyş toýy)»,
ýagny gurultaý geçiripdir.
On üçünji hekaýat
1. Ykta – mülk ýeri. F.Engels özüniň «Anti-Dýuring» atly
eserinde seljuklylaryň Merkezi Aziýada ilkinji bolup feodal­
çylyk gurluşyny girizendikleri, şalygyň döremeginiň iň esasy
ähmiýetiniň Aziýada feodalçylyk gurluşyny girizendiginden
ybaratdygy hakda ýazypdyr.
2. Ykdadar – ykta alan adam. Ülüşçi-barzigar – iktadardan
kärendesine ýer alyp işleýän daýhan. Barzigar eken ekininden
alan hasylynyň ylalaşylan ülüşini iktadara berýär, şeýle hem ha­
raç töleýär.
3. Diwany wezarat – wezirlik diwany; diwany mürstewfi –
salgyt, girdeji we hasap-hesip baradaky diwan; diwany owkaf –
wakflar diwany; diwany kaza – höküm çykaryş diwany; diwany
180
risaýyl – hat-petek, resminamalar, ýazgylar diwany; diwany
şert – şertnama diwany; diwany berid – çaparlar, aragatnaşyk
diwany; diwany yhtysap – hasap-hesip diwany; diwany müşrif
– çykdajylara gözegçilik edýän diwan; umury sedarat – dini
ýolbaşçylary taýýarlaýan we olaryň işleýişlerine, kämillik dereje­
lerine jogap berýän gulluk; wezaraty derbar – köşk wezirleri;
umury maliýe – maliýe işleri gullugy; umury owkaf we arazyýy
döwleti – wakflar we döwlet ýerleri baradaky gulluk; umury
adly – adalat (kazyýet) işleri gullugy; umury tahryraty şahy – şa
ýazgylary işleri gullugy; umury haryja – daşary ýurt işleri gul­
lugy; umury istihbarat – döwlet howpsuzlygy gullugy; umury
muhabyrat – aragatnaşyk işleri gullugy; umury yhtysap we beledi – hasap-hesip we şäher işleri gullugy; umury emeniýeti
şähri – şäher howpsuzlygy gullugy.
4. Arap basybalyjylarynyň ähli köşk işini arap dilinde alyp
barmagy ýola goýandygyna seretmesizden, Tahyrylar (821 – 873nji ýyllar) taryhda ilkinji bolup köşk diwan işlerini pars dilinde
alyp barmagyň başyny başlapdyrlar. Şondan soňky Eýranda, Mer­
kezi Aziýada dörän türkmen patyşalary-da diwan işlerini pars di­
linde ýöredipdirler. Munuň sebäbi ýörelen ýoldan ýöremegiň
aňsatlygy üçindir. Onsoňam başga dili, başga milletiň wekilini
özüniňkiden ileri tutmak türkmeniň zandynda bar.
5. Bu hat Muhammet ibn Aly ibn Süleýman Rawendiniň
«Göwünleriň rahaty – şatlyklaryň ganaty» atly kitabyndan
alyndy. Şeýle hem bu hat «Terjimeýi tarikaty Nasyry» atly kitap­
da hem bar. 132 sah.
6. Tarih-i-Baýhaky. MITT, M.-L., 1935.
7. Ýusup ibn Taňryberdi Atabeg. Röwşen ýyldyzlar.
8. Kelam ylmy – Gurhany düşündirýän ylym.
9. Hululylar – ylmy dilde yslamdaky bu akymyň taglymaty
«panteistik yslam» diýip atlandyrylýar. Olaryň pelsepesine
görä, tebigat bilen Hudaý bir zatdyr, tebigatdan daşary Hudaý
ýokdur. Hululylar dine garşy däl, ýöne olar: «Tebigatdaky hady­
salar tebigatyň öz kada-kanunlaryna laýyklykda bolup geçýär.
Älem-jahany hiç kim ýaradanok» diýen pikirdedirler.
181
10. Şaýylar azan okanlarynda özlerinden: «Haýýe alä haýryl
amal!» (Haýyr işleri etmäge howlugyň!) diýen sözleri goşýarlar.
11. Aristunyň «Tasawwurat» kitaby – Aristoteliň «Metafizi­
ka» kitabynyň musulmançalaşdyrylan nusgasy.
12. Müjebbire – jeberiýe tarykaty bolup, adamlaryň ähli
özygtyýarly hereketlerini ret edip, haýry, şeri, küpüri, imany,
takwalygy we erbetligi ezeli hasaplaýarlar.
13. Kadaryýe – jeberiýe tarykatynyň gös-göni tersine bolan
garaýyşly tarykat. Bu mezhebiň adamlarynyň pikiriçe, adamlar
öz amallaryny, edýän işlerini öz ygtyýarlary bilen edýärler, olara
Allatagala hiç hili goşulmaýar. Kadarylar Allatagala şeri takdyra
ýazmaýar, ony ynsanyň özi edýär. Çünki Allatagala özüniň is­
läp ýaradan zadyny ýigrenmeýär. Ol musulman bendesiniň
Taňrynyň emrini berjaý etmegini isleýär. Şeýtan Allatagalanyň
erkine gabat gelmeýän hereketleri edýär. Şeýtanyň erki tamam
bolýar. Allatagalanyň erki bolsa tamam bolmaýar. Allatagala
mahluklary özüniň parasadyny aýan etmek üçin ýaratdy. Eger
ol mahluklary ýaratmadyk bolsa, onuň parasatlylygy mälim bol­
mazdy» diýip nygtaýarlar. Emma bu mezhebe garşy emele gelen
«Terbiýe mezhebi» adama ähli edýän işinde mejbury bolup, hiç
hili ygtyýary ýokdur diýýär.
14. Munapyklar – ikiýüzlüler, ýagny daşy musulman, içi ka­
pyr bolan adamlar.
15. Mugtazyly mezhebi – bu sözüň «dinden çykanlar»,
«dinden uzaklaşanlar» diýen manysy bar. Bu akym yslamdaky
akymlaryň ilkinjisidir. Ol Wasyl Ibn Ata (699-748 ý.) tarapyndan
esaslandyrylýar. Bu mezhebe uýanlar gadymy döwrüň pelsepe­
sini özlerine ýarag edinipdirler.
Mutazyly wekilleri düşünjeli, akyl-paýhasly, antik döwrüň
filosofiýasyndan habarly adamlar bolupdyr. Olar yslam dog­
matlaryna garşy erkin pikir ýöretmek bilen, paýhasy dine körekörlük bilen ynanmaga garşy goýupdyrlar. Mugtazyly Alla bara­
daky antropomorfik göz öňüne getirmeleri, Allanyň atributy,
öňden kesgitlenenlik hakdaky ynanjy inkär edipdirler. Olar erk
azatlygy, adamyň öz hereketi we pikirleri üçin doly jogapkär­
182
digi baradaky taglymaty goldap çykyş edipdirler. Emma olar
paýhasy tutuşlygyna dini dogmalara garşy goýmandyrlar. Olar
birhudaýlylyk we o dünýäde ýalkanmak baradaky dini dogma­
lary esaslandyrmaga synanyşyk edipdirler.
Mugtazyly taglymaty pessimistik düşünjelere ýugrulandyr.
Olar adamyň durmuşy gözellikden, eşretden, şatlykdan mah­
rum edilendir diýip düşündiripdirler. Şu ýerden hem olaryň
dünýäniň işinden çetleşip, terkidünýälige ýüz urandyklary
görünýär. Mugtazyly Hudaý hakdaky, onuň nämeden yba­
ratdygy baradaky meseleleri öwrenmegiň esasyny goýupdyr­
lar. Halyflaryň üçüsiniň agalygynyň döwründe, ýagny IX
asyryň birinji ýarymynda mugtazyly taglymatynyň ýaýradylma­
gy ugrunda dürli çäreler geçirilen-de bolsa, onuň doly kabul
edilmegi gazanylyp bilinmändir. Tiz wagtdan yslam dinine
dogmatiki ynanmagyň tarapdarlary ýene üstün çykypdyrlar
we mugtazylylaryň wekilleri yzarlanyp başlanypdyr. Şeýle-de
bolsa, mugtazyly taglymaty sünni mezhebi üçin esasa öwrü­
lip, yslamyň içinde bir akym bolup galypdyr. (Gysgaça ateis­
tik sözlük. «Türkmenistan». A., 1985).
Mutawekkim halypalyk eden döwründe (847-861-nji
hijri ýyllary) olaryň akymy başga dinleriň hatarynda gör­
lüp, wekilleri yzarlanýar. Netijede «haryjy», «hurramy» ýaly
akymlaryň gozgalaňlary bolup geçýär. Onuň Bäbek, Hurramy
ýaly ýolbaşçylary jezalandyrylyp öldürilýär (Ýakut Hamawy.
Ýurtlaryň sözlügi).
16. Mutakellim – bu söz kelam we usul ylmyny (kelam –
Gurhanyň manylaryny düşündirýän ylym, usul – diniň düýp
taglymaty) bilýän adama degişliligi aňladýar. Muňa «kelam»
diýilmeginiň sebäbi ilkinji gapma-garşylyk «Allatagalanyň sözi
ýaradylan zatmy ýa-da ýaradylan zat däl?» diýen sowalyň üstün­
de jedeliň orta düşmegi üçindir. Alymlar bu sowal barada söz­
lediler. Bu sebäpden ylmyň bu görnüşine «Kelam ylmy» diýildi.
Mukakallimiň görnükli wekilleri musulman dogmatikleri
we fanatikleri Al-Aşary (873 – 935) bilen Sel-Maturydy (X asyr),
yslam jemgyýetçiliginiň meşhur ulamalaryndan Nasifi, AbulLais Samarkandy, Termizi, Sadeddin Taftazali, Zamahşary,
183
Burhaniddin Marginony, Ismaýyl Buhary hem mutakellimiň
uly wekilleri hasaplanypdyr.
Mutakellim mutazillizm taglymatyny inkär edip, onuň we­
killerine garşy göreş alyp barypdyr. Mutakellim öz taglymatynda
Gurhany esas edinip almak bilen, yslamyň esasynyň keramat­
lydygyny subut etmäge we düşündirmäge çalşypdyr. Mutakel­
limler göýä Allanyň birligi, ýeke-täkligi (absolýutlygy), onuň
sypatlary, Allanyň dünýä we adama bolan gatnaşygy, dünýäniň
döredilendigi we ýok boljakdygy (ahyrzaman), uçmah, dowzah,
Gurhanyň Hudaý tarapyn berlenligi, Muhammet pygamberiň
Allanyň wekilidigi baradaky yslamyň esasy dogmalaryny dini
sholastika we pifagorçylyk filosofiýasy nukdaýnazaryndan täze­
den işläp düzüpdirler we wagyz edipdirler. (Gysgaça ateistik
sözlük. «Türkmenistan». A., 1985).
17. Mawlid an-Nabi – Muhammet pygamberiň doglan güni.
11-12 rabi al-awwalýa – 20-21-nji aprele gabat gelýär.
18. Ýaroslaw Mudryý – 978 – 1054-nji ýyllar arasynda Beýik
Kiýew Rusunda hökümdarlyk eden knýaz.
18. Naýyp – orunbasar. Naýyp patyşa ýörişde, köşkde ýok
mahaly köşgi, şalygy dolandyrýar.
19. On hal we ýedi makam – bu al-Kuşaýrynyň sopuçylyk
älemindäki taglymatydyr.
On hal – güwädarlyk, Hudaýa ýakynlyk, söýgi, gorky, umyt.
hyjuw, terkidünýälik, ynamlylyk, synçylyk, rahatlyk.
Ýedi makam – toba, garyplyk, sabyrlylyk, kanagatlylyk, erk­
lilik, terkidünýälik, Hudaý üçin pida bolmak.
On dördünji hekaýat
1. Muhtasyp – şäheriň, galanyň tertip-düzgünine gözegçi­
lik edýän ýolbaşçy.
2. Täjirleriň dini ynançlaryna esaslanyp, paç töletdirilipdir.
Mysal üçin, musulmanlar harytlarynyň bahasynyň 2,5 göteri­
mini, boýun egdirilen döwletlerde ýaşaýan täjirlere 5 göterim,
daşary ýurtly täjirler 10 göterim paç tölemeli bolupdyr.
3. Makedonlar hanedanlygy (867 – 1028 ý.) Konstantin
VIII-iň aradan çykmagy bilen gutarýar, çünki ondan mirasdüşer
18 4
perzent galmaýar. Gyzy Zoýa Roman III-e (1028 – 1034 ý.)
durmuşa çykýar, ony tagta geçirýär, soň Mihail IV Paflagona
(1034 – 1041 ý.), ondan soň bolsa Konstantin IX Monomaha
(1042 – 1055 ý.) durmuşa çykýar, olaryň ählisi tagta çykýar.
4. Ýusup pygamberden bäri möjegiň agzy iýse-de gan, iýmese-de – Ýusup pygamber baradaky meşhur rowaýatda onuň
doganla­rynyň öz inilerine göripligi, şol göriplik sebäpli-de Ýu­
suby öldürdim edip, bir gurruk guýa taşlap gidişleri, soňundan
hem doganlaryň öýlerine baryp: «Ýusuby möjek iýdi» diýip
aglaýyşlary, wagtyň geçmegi bilen bu etmişiň üstüniň açylyşy
beýan edilýär. Şol wakadan soň «Möjegiň agzy iýse-de gan, iý­
mese-de» diýen pähim döreýär. Bu nakyl häzirki döwürde-de
ýörgünli.
5. Toba ýaşy – kyrk ýaş.
6. Idde möhleti – Adamsy ýogalandan soň dul galan
zenanyň äre çykman oturmaly möhleti.
7. Badhyz (badgys) – köp ýel ösýän ýer.
8. Kabale – söwda galasy (merkezi).
9. Saklab – slawýan.
On bäşinji hekaýat
1. Walyt – kaka, walyda – ene.
2. Gyzyl ok – serkerdelere, başga goňşy döwletlere gyzyl ok
ugradylmagy – bu söweşe başlanjakdygynyň, goşun kömeginiň
gerekdiginiň habary hasaplanýar.
3. Möwdud ibn Masut ibn Mahmyt – Gaznaly soltany.
4. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
5. Al-Hüseýni. Zubdat at-tawaryh. (Taryhlaryň gaýmagy).
6. Al-Hüseýni. Zubdat ata tawaryh (Taryhlaryň gaýmagy).
7. Gurhan. Dokuzynjy «Toba» süresiniň 120-nji aýaty.
8. Bargähi soltanat – Togrul beg ýörişe çykanda gara
reňkdäki ýüpek matadan çadyrda bolýardy.
9. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
10. Soltan Masudyň öldürilişini Baýhaky şeýle gürrüň
berýär: «Emir Muhammediň dilinden Geri galasynyň kutwaly­
na: «Emir Masudy öldürip, onuň kellesini bize iberiň» diýen
185
ýalan nama getirýärler. Kutwal şol ýalan hatyň esasynda emir
Masudyň kellesini kesip, emir Muhammede gönderýär...»
11. Ibn Esir. Kämil taryh. Faruk Sümer. Oguzlar – türkmen­
ler. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
On altynjy hekaýat
1. Hut – balyk ýyldyzlar topary, şemsi ýylyň soňky aýy. Her
ýylyň nowruzy hutuň girmegi bilen başlanýardy. Çagry begiň
agtygy Mälikşanyň jedweli boýunça nowruz hamalyň (guzy ýyl­
dyzlar topary, şemsi ýylynyň birinji aýy) başlangyç nokady ha­
saplanyp başlandy. Hijri-kamary aý hasaby boýunça hut aýy –
fewral aýyna gabat gelýär.
2. Talaň saçagy toýy – bu däp hakda «Oguznamalarda»
nygtalýar. Faruk Sumer özüniň «Oguzlar – türkmenler» atly
kitabynda şeýle ýazypdyr: «Türki kowumlar Ýakyn Gündogar
ülkelerine gelenlerinde beýleki däp-dessurlar bilen bir hatarda
talaňly toý däbini hem getiripdirler. Parsça şygyr we kyssa eser­
lerinde duş gelýän «Han-i ýagma» (Talaň suprasy) aňlatmasy
hem bu talaňly toýdan gelip çykandyr. Seljuklylardan başga-da
Siriýa Atabegleri döwletinde (Zeňňiler) we Osmanlylarda hem
bu däbiň dowam edendigi bellidir» 353 sah.
3. Batman – takmynan 20 kilograma barabar agyrlyk ölçegi.
4. Jamer-jüpbe – egin-eşik.
5. Şerapdar – ustazdaryň garamagyndaky işgär. Ol köşgüň
sakysy, soltanyň şeraphanasynyň sahyby, müdiri.
Üçünji kitap
Geçmiş
Birinji hekaýat
DIŇE ISLEGDE ÇÄK ÝOK
I.
D
er çyksa – gan çykmaz» diýen söz seljuk goşunynda
her gün telim ýola gaýtalanýardy. Çünki şu ynanç bi­
len harby türgenleşik geçýärdiler. Diňe bir esgerler däl, Togrul
begiň salarlygyndaky ähli seljuk şazadalary hem wagtlarynyň
galaba bölegini harby türgenleşikde geçirýärdiler. Her gün ir
ertirden birder (der çykýança), namazşam ikider gylyçlaşmak
hökmanylykdy.
Her bir esgeriň, her bir serkerdäniň her günki etmeli anyk
işleri bardy. Harby düzgün-nyzam gaty berk saklanylýardy.
Onuň bozulan ýagdaýynda hiç kime eglişik edilmeýärdi. Harby
«
187
tälimiň, türgenleşigiň, berk düzgün-nyzamyň peýdasynyň ulu­
dygy duşman bilen garpyşylanda has äşgär duýulýardy.
Togrul begiň harby türgenleşik geçip ýörşüni göreniňde
onuň başga aladasy ýok ýaly duýulýardy. Aslynda welin, onuň
iş-aladasy başyndan agdykdy, ýazylyp-ýaýrap owkat edinmäge-de
wagty ýokdy. Edilmeli işler köpdi, juda köpdi, çünki uly ýörişe,
uly tutuma taýýarlyk görülýärdi.
Her çarşenbede geçirilýän mejlislerde hem şol bir mesele
ilik-düwme ara alnyp geňeşilýärdi:
– Ilki bilen, Jibal ülkesine, soň Günbatar ülkeleri teshyr
edip, olary dolulygyna şalygyň tabynlygyna girizmeli.
– Günbatar ülkelerden olja-salgyt ýygnamaly.
– Wizantiýany seljuk şalygynyň tabynlygyna geçirmeli. Ana­
doly ýarym adasy seljuk şalygynyň ýarym adasy bolmaly.
Togrul beg bu maksadynyň amaly üçin beglere anyk gör­
kezmeler berdi: Mansur, Gökdaş, Enesiogly başbuglaryň ser­
kerdeligindäki jemagatlaryň öňünde Wan kölüniň töwerekleri­
ni teshyr etmek, ol ýerlerde güýç jemlemek wezipesini goýdy.
Gutulmyşy, Resultegini, Ybraýymy, Hasany, Ýakudy ýanynda
galdyrdy, çünki olar öz goşunyndaky iň ynamdar, iň arjymak, iň
janymak serkerdeleridi. Olar ýanynda bolsa Togrul beg islendik
duşmany mugyra getirip biljegine ynanýardy. Öňünden çykan
duşmany juda bir kösenmesizden ýeňýärdi hem, olar bilen bir­
kemsiz öwrenişipdi hem.
Seljuklylar yhlas etdiler, Allatagala olaryň yhlasyny boş
goýmady. Sanalgyja ýylyň içinde olar Jibaly – Yspyhany, He­
medany, Hazar deňziniň kenarlaryny, Azerbaýjany, Gündo­
gar Anadoludan Günorta Kawkaza çenli aralykdaky ülkeleri
eýelediler.
Wan kölüniň sebitleri boýunça Rum şalygynyň walysy Stefa­
nos Gökdaş, Mansur, Enesiogly jemagatlarynyň öňünden çykdy
(1045 ý.).
Allatagala kimi betbagt eýlejek bolsa, şol kişä tekepbirlik
berer eken. Arkasynda dünýäni lerzana salýan Wizantiýa kaý­
sarlygyna baýrynan waly Stefanosyň arkasynda kaýsarlyk güýji
däl-de, gaçmak üçin hiç hili amatlylygy bolmadyk kötel dag ýa­
tan eken.
18 8
Dogrusy, Stefanos tejribeli, pähim-paýhasly walydy, my­
dama ýeňiş gazanardy, ýöne bu gezek onuň towşandyr öýdüp
daş atany kimi tüýdüm-tüýdüm etjegini bilmän ýören şir eken,
dişleri, dyrnak­lary gezelen peleň eken. Waly Stefanosy ýeňmek
seljuk jemagatlaryna kyn düşmedi. Has dogrusy, şol döwürde
bu garpyşygy gurduň goýna daraýşyna deňediler. Seljuklylar
ähli zatdan geçip, düz gaçan wizantiýaly esgerleriň yzyndan ýe­
tip, gyran-jyran etdiler, ýatagandan hem gönderden geçirdiler.
Wizantiýa kaýsary Konstantin Monomah IX seljuk goşun­
larynyň Wan kölüniň töwereklerini teshyr eýläp, Azerbaýjana do­
landyklaryny, olaryň ümzüginiň Anadola, Kawkaza tarapdygyny
eşidip, howsala düşdi, haýdan-haý tejribeli serkerdebaşysy, ab­
haz emiri Liparidi dergähine çagyrdy, ony goşuna baş edip,
seljuklylaryň alnyndan çykmaga, olary yzyna kowmaga, oljala­
maga ugratdy.
Serkerdebaşy Liparit ýörişe gaty uly ynam bilen ugrady.
Çünki ol söweşlerde mydama ýeňiş gazanyp, şöhrat-şana eýe
bolan serkerdebaşydy. Ony ýeňilmezek serkerde hasaplaýardy­
lar. Ol hakda esgerleriň arasynda ýörgünli aýdymlar aýdylýardy.
Seljuklylary yzlaryna kowjakdygyna Liparitiň ynamy uludy. Ol
şol uly ynamy hem seljuklylaryň howuny basmak maksady bilen
Şetdatogly begliginiň paýtagty bolan Dowin şäherini eýeledi.
***
1046-njy ýylda Ahlat hem Diýarbekir sebitlerinde ýer tit­
redi . Köpsanly galalar, berkitmeler, köprüler ýumruldy, köp
adam pida boldy. Togrul begiň tabşyrygy bilen köp galalarda
ilata kömek berildi, diňe bir el kömegi däl, eýsem, azyk, egineşik kömekleri hem berildi. Şeýle bolansoň ýerli ilat seljuklylara
öz halasgärleri hökmünde sygyndylar.
Seljuklar Ahlatda alty sany galanyň ýykylan ýerlerini täze­
den dikeltdiler.
Şol döwürde Altynjan hatyn bäş aýlap Ahlat hem Diýar­
bekir sebitlerinde öýsüz-öwzarsyz galan maşgalalara öý dikip
bermek, ýaşaýyş üçin derwaýys zatlar boýunça ýardam etmek işi
bilen meşgullandy.
1
189
Altynjan hatyn bu sebitde bolanda adamlaryň döwük-ýen­
jiklerini seýiklemäge, näsaglary bejermäge gatnaşdy. Onuň
lukmançylyk etmesi birinji gezek däldi. Ol näsaglaryň bejeril­
megine ýardam bermekden çäksiz kanagatlanma tapýardy.
Onsoňam Ahlat sebiti, şeýle hem Ahlatdan Kazwin daglaryna
çenli aralygyndaky birnäçe şäher, gala Anuşirwana ykta berlip­
di. Altynjan Anuşirwana ykta berlen ýerleriň dolandyrylyşyny
ýola goýmak, ynamdar, halal adamlary iş dolandyryjy wezipe­
lerine bellemek bilen meşgul boldy. Togrul beg Anuşirwany
daşary ýurtly şalyklar bilen gatnaşyklary ýola goýmak boýunça
özüne wezir belledi.
***
Togrul beg Gutulmyşa aýratyn ynam bildirýärdi. Çünki
Gutulmyş adaty bir serkerde däldi. Ol ýyldyz hem millet ylym­
laryny2 bilýärdi, şol ylymlary peýdanmagam başarýardy.
Gutulmyş beg Genje şäheriniň eteginde goşunyny abhaz
emiri serkerdebaşy Liparidiň garşysyna söweşe taýýarlady.
Ol Wizantiýa kaýsarlygy bilen seljuklylaryň arasyndaky bu
söweşiň uly ähmiýetiniň boljakdygyna düşünýärdi. Çünki bu
söweş seljuklylaryň wizantiýalylar bilen ilkinji uly darkaşy bol­
jakdy.
Wizantiýa kaýsarlygy dabarasy dünýä dolan hökümdar­
lykdy. Henize-şu güne çenli bu şalygyň goşunynyň ýeňlen ýeri
ýokdy. Kaýsarlygyň goşunynyň garşysyna çykmaga atyň kelle­
si ýaly ýürek gerekdi. Şeýle uly ýürek tapylmajak ýalydy, ýöne
ahyry tapyldy.
Ýürek – seljuk goşunydy.
Wizantiýa goşunyny ýeňse, seljuklylaryň abraýynyň arşa gö­
teriljekdigi aýandy. Onsoňam Wizantiýa goşunyndan rüstem
gelmek Kiçi Aziýada hökmürowan bolmakdy.
Bu söweşde seljuk goşunynyň gorkusy az däldi. Ýeňşe ynam
azdy. Şonuň üçinem harby tilsime bil baglamak ýeke-täk çykalgady.
Gutulmyş beg ýyldyz ylmyny peýdalanmagyň möhümdigine
düşünýärdi. Şonuň üçin hem ol soňky günler nämeleri etjegini
19 0
öz ýanyndan ýedi ölçäp, bir kesdi. Genje şäherine gelýänçä et­
jek tilsimlerini birin-birin aňyndan geçirdi.
***
Iki goşun söweş meýdanyna geldi.
Gutulmyş beg dag gerşine çykyp, özüniň tilsimine başlady.
Mugjyza başlandy.
Allatagalanyň eradasy bilen tebigatyň öwzaýy bozuldy. Äpetäpet bulutlar Wizantiýa goşunynyň üstüni örtdi, soňam sargylt
reňke öwrüldi, köp wagt geçmänkä-de, Asmanyň düýbi deşilen
dek jala-boran guýup ugrady, ýagmak ýagdy.
Gije şeýle bir sowuk boldy. Ýerler doňdy. Wizantiýaly
esgerleriň söweşerlik rabgaty galmady.
Aladaňdanlar Gutulmyş beg dag gerşinden aşak düşdi,
goşunynyň ýanyna bardy.
Ol goşunyň öňüne düşüp, Allatagalanyň özleriniň tara­
pynda boljakdygyny aýdyp, esgerlerini ýeňşe ruhlandyrdy.
Harby türgenleşikleri ýetik bolan seljuk goşuny «Ýa Hu!»
diýip söweşe girdi.
Söweş başlandy.
Gutulmyşyň ýyldyz ylmy iş bitirdi: Wizantiýa goşuny derbidagyn edildi3.
Bu ýeňiş wizantiýalylara garşy söweşlerde seljuklaryň gaza­
nan ilkinji uly ýeňşidi. Bu ýeňiş soňky ýeňişleriň hem badallasy
boldy.
Şol ýeňişden soň seljuklylaryň Günbatarda gerimi has
giňedi. Bagzy şäherler, bagzy welaýatlar teshyr edilip, seljuklaryň
tabynlygyna geçirildi. Her gala, her şähere paç salyndy. Şeýle
bolansoň, Reýe gelýän ýükleriň yzy üzülenokdy. Ol ýükler al­
nan oljalardy, ýygnalan paçlardy, salgytlardy. O gelýän zatlary
kabul etmek, hasaba almak, ýerlemek boýunça sekiz müň adam
işleýärdi.
Ybraýymyň, Gutulmyşyň gazanýan ýeňişleri hakda her gün
dabaraly gürrüňler edilýärdi. Her gün köşkde täze teshyr edilen
ýerler mynasybetli nobat çalynýardy.
191
***
Köşkde Gutulmyş bilen Ybraýymyň petih eden ýerleri
mynasybetli her gün diýen ýaly nobat çalnyp, dabaralandyrylyp
durlansoň, Musa beg öz ogly Hasanyň hem köşkde adynyň tu­
tulmagyny, hormatyna nobat çalynmagyny isledi. Ol Dehistan­
da häkimlik edip ýören ogly Hasany azymata çagyrdy. «Al-ha-al­
da almadyk ahyretde-de almaz» diýip, bahabarlyk eýläp ogluny
bejit ata atlandyrdy. «Mümkin bolan ýeri teshyr et. Öz hums
paýyňy al. Ykta ýerleriň sanyny köpelt. Paýlaşylyp gutaransoň,
hiç zat alyp bilmersiň» diýip, öwran-öwran gaýtalady.
– Iýjegim-geýjegim bar, binowa däl, artykmaç baýlygy
başyma ýapaýynmy? – diýip, Hasan başda kakasyna garşy çykdy.
Musa beg oglunyň bu sözüni biçak ýokuş gördi:
– Meni masgara etjek bolýarsyňmy?
– Ýok, ýok!
– Onda meniň diýenlerim bilen bol!
Hasanyň parahat ýaşaýşy bardy, ol isleýşi ýaly ýaşaýardy:
her hepdede derwüş eşigini geýip, şähere çykýardy. Adamlaryň
özi hakda, şeýle hem seljuklylar, Togrul beg hakda edýän
gürrüňlerini diňleýärdi. Garyp-gasarlara gaznasyndan haýyryhsan paýlaýardy, özüne tabynlykdaky ýerlerde – her obada,
her galada, her şäherde hanakalar döredýärdi, ol ýerlerde ge­
daýlary, eklenjisini ýitiren binowar biçäreleri iýdirip-içirmegi –
haýyr-hasanaty ýola goýýardy.
Ol ähli kişiniň özi ýaly baý bolmagyny isleýärdi, şu maksat
bilen toý-baýramlarda ýoksullara dinardyr dirhem paýlaýardy.
Onuň dinar paýlany, anaýaty bilen halk baý bolmady, gaý­
tam, ondan nägile adamlar köpeldi. Gaznasy boşady, ony doldur­
mak welin zerurdy. Şu maksat bilen Hasan kakasynyň pendine
eýerip, ata atlandy.
Goşun jemläp, Reýe – Togrul begiň dergähine bardy.
Togrul beg Hasany Wan kölüniň töweregine ýollady:
– Şol ýerlerdäki teshyr eden ähli galalaryň, şäherleriň ykta
ýeriň bolsun, Hasan.
Hasan petih eýlemäge ugrady.
13*
193
Ol ilki Wan kölüniň töwereklerini teshyr etdi, soň Beýik
Zap Suwy töwereklerine bardy. Şol ýerlerdäki Wizantiýanyň
serkerdeleri Katakalonyň hem-de Aaronyň serkerdeligindäki
goşunlary bilen söweşdi. Her gezek ýataganyny galgadyp uly
hyjuw bilen söweşe girdi.
Soňky gezek gazaply söweşde kellesi göçdi: bir görse, ol wi­
zantiýa esgerleriniň ortarasynda eken. Asyl, töwereginde ýeke­
je-de seljukly ýok.
Ýeňilýändigini duýup ugran wizantiýa esgerleri öz aralary­
na tötänleýin düşen seljuk beginden bar ahmyryny çykardylar:
onuň çar ýanyndan hüjüm etdiler. Urlan naýzalardan ýaňa en­
damy deşim-deşim boldy.
Hasanyň ölümi4 seljuk beglerine gaty agyr urgy boldy, kyrk
günläp matam tutdular, wizantiýalylardan ar almagy äht etdiler.
Şol wepat Musa ýabgunyň hem aňyny lerzana saldy:
– Oglumy öz elim bilen ölüme ugradan ekenim-ä men –
diýip, Baýgu Kelan panydan perýat etdi. Oglunyň wepatyndan
soň ýüzi gara çowlam bolan Musa beg ýanyny ýere berdi. «Men
oglumyň yzyndan baryp, eden etmişim üçin uzur soramakçy»
diýip, ol hem bu dünýäden göç eýledi.
Musa begiň islegi Ybraýymdan, Çagry begden, onuň ogul­
laryndan kem galmazlykdy. Türkmeniň durmuşy düşünjesinde
ile bakmak, ile görä bolmak ýörelgesi gadymdan uly orun eýe­
läpdir. Bu ýörelgä eýerilip, kä oňlulygyň, kä ýaramazlygyň üs­
tünden barlypdyr. Ýöne hiç mahal mundan ýüz dönderilmän­
dir. Türkmeni türkmen eden zatlaryň bulam biri. Mundan el
çekmek tükeniksiz ýaryş bolan ýaşaýyşdan meýletin el çekmegi
aňladardy. Düýpleýin alanyňda, durmuş belli bir pellehanasy
bolmadyk aýlawdyr, ýaryşdyr. Bu ýaryşda pellehanany her kimiň
özi kesgitlemeli. Pellehana diýip Musa ýabgu ilden baýlygy hem
mülki köp almaga düşünýärdi. Ol: «Näme üçin doganym My­
kaýyl neressäniň çagalary Çagry bilen Togrul menden, meniň
ogullarymdan köp ygtyýarly, köp yktaly bolmaly?» diýip, öz-özü­
ne sowal berýärdi, bu ýaryşda özüniň hemem ogullarynyň öňde
bolmagyny isleýärdi. Bu – meselä ýüzleý seredeniňde şeýle.
194
Ýöne gep diňe baýlykdyr mülkde däl ahbetin. Gep şol mülküň,
barjamlylygyň üsti bilen aňladylýan at-abraýda, mertebede,
derejede, özgeleriň öňündäki hemem adamlaryň arasyndaky
agramyňda, abraýyňda. Ýöne, arman, bu zatlaryň barysynyň
soňunda diri galanyňda manysy bar!
Başga bir ýaryş bar – hatda öleniňde hem seniň ýeňşiňi ma­
nydan, ähmiýetden gaçyrmaýan ýaryş bar. Bu ýaryş dünýäniň
bakylyk tarapynda ýerleşýän meýdanynda dowam edýär. Munda
sen dünýä üstünde, dünýä üçin ýaryşaňok, hatda sen dünýä bi­
len-de ýaryşaňok. Sen munda diňe bakylyk bilen bäs gurýarsyň.
Seniň mundaky ýeňiş paýyň – bakylyk.
Musa ýabgu Hasany bu esasy, hakyky beýik ýaryşdan çy­
karyp, ikinji bir ýaryşa saldy. Şeýdip, oglunyňam, özüniňem
ýeňilmegine sebäp boldy.
***
Kyrk gün dowam eden matamdan soň, Togrul beg Ybraýym
ynaly Azerbaýjanyň häkimi belläp, oňa Gutulmyş bilen Anadoly
ülkesine ýörişi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Gutulmyş bilen Ybraýym birleşip, Erzurumy eýelediler.
Esasy söweş Pasin düzlüginde bolmalydy. Gutulmyş ol ýer­
lerini içgin öwrendi. Söweşiň haýsy ýerde geçse, özi üçin amatly
boljakdygyny ölçerip-dökdi.
Erzurum ýaýlagy bilen Pasin düzlügi söweş üçin amatlydy.
Pasin düzlügi Alajadaga baryp birleşýärdi. Bu dagyň boýy hemem
ini iki farsahlykdan köp däldi, özem bu deňze baryp guýulýan,
goşulýan üç sany uly derýanyň gözbaşydy. Olaryň biri Araz çaýydy.
Araz çaýy Alajadagyň gündogar tarapyndan gaýdýardy, Annyň,
Pasiniň, Sürmeliniň üstünden geçip, Hazar deňzine guýulýardy.
Ol ýerdäki derýalaryň ikinjisi Ýewfrat derýasydy. Ol Alajadagyň
günbatar tarapyndan çykyp, Erzurumuň, Arzynjanyň, Kemahyň,
Taruferiň, Änäniň, Hedisäniň, Hymanyň, Jezaýyryň üstünden
geçip, Dejlä guýýardy. Alajadagyň demirgazygynda Tortum,
Oltu derýalary bardy, olar Çoruk derýasyna baryp goşulýardy.
Gutulmyş bu çaýlary söweşde öz peýdasyna ulanmak üçin çalyşdy.
195
Wizantiýa serkerdeleriniň bu ýeri gowy bilmeýändigine berk
ynanýardy. Ol ýalňyşmandy. Ybraýym ynal hem Gutulmyşyň
goşuny Kapetru (Hasangala) galasynyň golaýynda Katakolon,
Aaron, Liparit atly serkerdeleriň başda durmagyndaky Wizantiýa
goşuny bilen duşuşdy.
Wizantiýalylar tebillerini, nagaralaryny düňňürdedip,
alazenzele edip seljuklaryň howuny basmakçy boldular,
ýöne olar bahym özlerinden ökdäni gördüler. Seljuklar be­
terinden beterini tapdylar, olar şeýlebir tebil, şeýle bir dowul
düňňürdetdiler, olaryň düňňürdisinden, zenzelesinden ýaňa
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn II - 12
  • Parts
  • Altynjan hatyn II - 01
    Total number of words is 3629
    Total number of unique words is 2034
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 02
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2164
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2031
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 04
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1970
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 05
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 06
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2172
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 07
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2164
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2085
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 09
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2084
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 10
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2064
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 11
    Total number of words is 3507
    Total number of unique words is 2173
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    37.2 of words are in the 5000 most common words
    44.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2151
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2040
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 14
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2044
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 15
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2131
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 16
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2156
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 17
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1976
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 18
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2087
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 19
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2023
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 20
    Total number of words is 3723
    Total number of unique words is 1909
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 21
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1880
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 22
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 1944
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 23
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1971
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 24
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1896
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1941
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 26
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 2028
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 27
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2124
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 28
    Total number of words is 1126
    Total number of unique words is 678
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.