Latin

Altynjan hatyn II - 15

Total number of words is 3695
Total number of unique words is 2131
29.9 of words are in the 2000 most common words
42.7 of words are in the 5000 most common words
49.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
jäheklenen halat taýýarlap goýandygyny nygtady. Ýusup Ba­
zargany Altynjan hatyna kast edip, begimizi agyr güne sal­
mak isläpdir, hernä biz onuň maksadyny öňünden aňyp, ony
wagtynda sakladyk.
Ybraýym ynalyň şa bolmagy üçin has köp yhlas eden, onuň
ýüregini çişiren diwany yhtysap – hasap-hesip diwanynyň sahyby
emir Abu Zurga Hannaky soňky üç ýylyň dowamynda: «Togrul
beg seni aldaýar. Ykta beren ýerleriniň harajatyndan-da saňa
duýdurman özi alýar. Sen ol ýerden alynýan salgytlary doly
bileňok. Seniň bilýäniň diňe haraç bilen hüşür. Awariz, nisam,
musum-i-marai, alaf salgytlaryndan saňa ýeke hepbe-de bere­
noklar. Togrul beg seni sada hasaplaýar. Seni eşek ýaly işledip,
hiç zat bermeýär. Togrul beg seni kemsidýär, özüň ýokkaň:
«Goýsaňyzlaň, Ybraýymyňam bir pikiri bolarmy? Ol pikir edip
bilenok» diýip üstüňden gülýär. Ýöne sen şa bolsaň, ýurt has
baýar. Musulmanlar saňa alkyş okarlar. Sebäbi sen Togrul ýaly:
«Diňe özüme bolsun!» diýip oturmarsyň. Adamlara, garyp24 8
gasarlara eçilersiň. Adalatyň hatyrasyna öz ornuňa geç. Herki
zadyň çeni ýagşy. O dünýäde senden sorarlar: «Eý, Ybraýym,
näme üçin adalat üçin göreşmediň? Seniň adalat ugrunda
göreşmänligiň üçin ornuň dowzah» diýilse, iň erbedi şol bo­
lar. Togrul bilen sen bir eneden dünýä indiň. Şeýle-de bolsa,
Togrul seni kemsidýär. Togrul on ýyl bäri şa. Besdir, adalatyň
hatyrasy üçin indi sen şa bol! Tog­ruly bolsa, eden etmişleri üçin
dardan as!» diýip, birsyhly nygtady... Ybraýym tagt, şalyk hak­
daky gürrüňleri gowy gördi. Bu hakda aýdylanda ol hiç garşy
çykmady.
– Eý, Hudaý, olary Togrul beg «Byradarlarym» diýip hatyra­
lap ýör-ä! – diýip, hajyp Abdyrahman Agajy odandy.
– Onuň sebäbi ýönekeý, mertebeli hajyp. Bu iki kişi Togrul
begiň barynda wezipelerinden köp peýdalanyp, lomaý rişwetpara alyp bilenoklar. Olaryň: «Ybraýym tagtda otursa, rişweti
lomaý alarys» diýen ynamlary bar... – diýip, sahyp Bekdaş pertpert gürledi.
– Men Hannaka ynandym, gowy adamdyr öýtdüm, işe
alynmagyna men güwä geçdim. Wa-weýla, meni öldürmeli –
diýip, emir Uhjury elewredi.
Togrul begiň dergähine Hannakydan nägile bolup barşyny,
şonda begiň: «Sen biraz sabyrly bol, käbir kişiniň özüniň kimdi­
gini açmagyna ýol ber» diýen sözlerini ýatlady. Şol mahal begiň
bu sözleri Uhjury üçin düşnüksizdi, bu gün welin düşündi,
begiň pähim-parasadyna haýranlar galdy.
– Atlary tutulanlar meniň ýakynyma gelsin! – Togrul begiň
sesi haýbatly çykdy.
Ýusup Bazargany bilen Abu Zurga Hannaky başlaryny aşak
salyp bege ýakynlaşdylar. Olar durmuşyň beýle öwrüm ederine
garaşmadyk bolmaly. Olar näme etjegini bilmän saňňyldaşyp
durdylar. Aram-aram hemaýat isläp, Ybraýyma seredýärdiler,
ýöne ynal başyny aşak salyp, gara dere batyp, gahardan ýaňa tit­
räp otyrdy. Bu mahal Ýusup Bazargany bilen Abu Zurga Hanna­
ka hiç kimden hemaýat ýokdy.
– Ýusup, sahybyň aýdan sözleri dogrumy?
249
– Kyblaýy älemim, meni Hudaý tutdy. Siz meni medrese­
den göni öz ýanyňyza işe aldyňyz, uly-uly wezipeleri ynandyňyz,
özüňize ynak etdiňiz. Biz emir Abu Zurga Hannaky bilen köp­
den köpi isledik. Beren ykta ýerleriňiziň gadyryny bilmedik.
– Ýalňyşyňa gaty bahym akyl ýetirdiň-le?
– Men günäkär, kyblaýy älemim!
– Bu ikiýüzlüligiň üçin nähili jeza çekmek makul bolar?
– Siz näme jeza berseňiz, biz sadyklyk bilen boýundyrys,
kyblaýy älemim.
Togrul begiň öňünde başyny aşak salyp duran Abu Zurga
Hannaky elini goltugyna ýetirdi. Iki-üç gezek gapa baka seretdi,
soňam goltugyndan hanjar çykaryp, soltana bakan okduryldy.
Begiň çep tarapyndan batly atylan hanjar emir Abu Zurga
Hannakyny saklady. Hanjar sahybyň çep gözüne baryp sünjülip­
di. Sahyp yzasyna çydap bilmän aýylganç waňkyrdy.
Beg çep tarapyna – hatyny Altynjan hatyna minnetdarlyk
bilen baş atly.
Altynjan hatyn hiç iş etmedik ýaly, sesini çykarman otyrdy.
Gutulmyş beg oturan ýerinden Altynjan hatyny synlady,
oňa buýsandy. «Allatagala şa göterjek bendesine, ilki bilen, my­
nasyp hatyn berýär eken» diýip, içini gepletdi.
Ýusup Bazargany bilen Abu Zurga Hannakynyň jeza­
landyrylmagy, dardan asylmagy köşk emeldarlarynyň arasynda
dürli pikirleri döretdi. Begiň öz iň ýakyn adamlaryny jeza­
landyrmagyny birnäçe adam oňlady, ýöne oňlamadyklar
hem az bolmady. Tabgaçlylaryň jezalandyrylmasy hem köşk
emeldarlarynyň ýadyndan çykmandy. Olar öň tabgaçlylaryň je­
zalandyrylmagynda, bu gün bolsa Ýusup Bazargany bilen Abu
Zurga Hannakynyň jezalandyrylmagynda esasy «günäkäri»
Bekdaş Rudbar hasaplaýardylar.
«Bekdaş ýamanlap-ýamanlap begiň ýüregini çişirdi, soňam
özüniň jana-jan dostlaryny jezalandyrmaga mejbur etdi» diýip,
pikir edýärdiler.
Hut şu pikir esasynda hem bir gün giçlik öýüne gelýän
Bekdaşy wagşylyk bilen pyçaklap öldürdiler. Pidaýylaryň kim­
lerdigi näbelli bolup galdy.
25 0
Pidaýylar has wagşylyk edipdirler, diňe bir Bekdaşy öldür­
mek bilen çäklenmändiler, onuň çagalaryny-da, hatynlaryny-da
uçdantutma öldüripdiler.
***
Ybraýym ynal begiň harby ugur, goşun boýunça naýybydy,
weziridi. Onuň tabynlygyndaky esgerleriň sany ýüz müňden-de
aňrydy.
Togrul begiň ýanynda esasy goşundan başga elli müň saýla­
ma atly goşun bardy. Bu goşunyň atlylary, zerurlyk ýüze çykaý­
masa, söweşe salynmaýardy, olar begiň şahsy goragy, şeýle hem
ätiýaçlyk üçin saklanylýardy.
Saýlama goşunda gulluk edýän esgerler harby tilsimlere
ýaşlykdan uýgunlaşdyrylan, sagdyn, daýaw esgerlerdi. Olar­
da gorky-ürki ýokdy. Bu goşunyň gelýändigi hakdaky habar
adamlarda gorky döredýärdi. Çünki bu goşundaky esgerler
öňünden çykan ähli duşmany waşgylyk bilen öldürýärdiler.
Halk arasynda: «Togrul begiň saýlama goşunynyň öňünde
durmak, ony saklamak mümkin däl» diýen pikir bardy.
Dürnazar – begiň saýlama goşun boýunça naýybydy hem
ynagydy. Bekdaş Rudbaryň janyna kast edilensoň, onuň işini
ýöretmegi Togrul beg Dürnazara ynandy.
Dürnazar bilen Togrul beg ýaşlykdan bäri dogan ýaly
ysnyşypdylar, olaryň biri-birinden aýry zady ýokdy. Ol Togrul
bege düýrmegi bilen berlendi.
Bir gezek Dürnazar Togrul bege atylan okuň öňüne özü­
ni oklapdy. Ok onuň çep kibtine çümüpdi, şondan soň çep eli
şikesli bolup galdy.
Ol ýatkeşdi, adamyň ýüzüne seredip, onuň içki pikirini
ýalňyşmasyzdan okamagy hem başarýardy.
Dürnazar edil Dodurga Merwezi ýaly dymmady, bir zat
sorasaň, gysga jogap beräýmese, aňsat-aňsat gürlemeýärdi. Ol
gürlemegiň kümüşdigine dymmagyň altyndygyna düşünýär.
Haýbatly ýöreýşi bardy. Symmaty-da haýbatlydy.
251
Torgul beg bilen gözli ýaşyt bolsa-da, öýlenmändi. Ol
özüniň öýlenmeýşiniň sebäbini şeýle düşündirýärdi: «Men pa­
nyga bir gezek gelýärin. Bu ömrümi özüm üçin ýaşajak, hiç
kime, hiç zada borçly bolman ýaşajak. Öýlenmek – özüňi örkle­
mek, öz üstüňe borç, jogap­kärçilik almak. Maňa öýem, hatynam
gerek däl. Meniň öýüm – atdan düşen ýerim. Meniň hatynym
– atdan düşen ýerimdäki ýesir alan gyrnaklarym. Seljuk soltan­
lygy – meniň dünýäm. Meniň dünýäme kast etmekçi bolýan kişi
meniň duşmanym. Men özümiň güýjümi Seljuk soltanlygynyň
rowaçlygyna goşýan goşandymdan görýärin. Hut şondan hem
lezzet alyp ýaşaýaryn».
Dürnazary köşkde halamaýardylar, ony ulumsy hasap­
laýardylar. Ýüz görmeýänligi, içki pikiriňi bilýänligi üçin hem
onuň gelýändigini görenlerinde edil jyn dagan ýaly dagamak bi­
len bolýardylar. Onuň bilen ýürekdeş söhbet etjek bolmaýardy­
lar, onuň özem adamlar bilen ýürekdeş söhbet etjek bolup ýör­
meýärdi, öz aladasy ýylgaý ýetik bolýardy.
Togrul beg Dürnazaryň işini alyp barmagy ýaşlyk dostlarynyň
birine – Mübärek hana ynandy.
Mübärek han öň saýlama goşunyň birinji tümenine
ýolbaşçylyk edýärdi. Togrul beg saýlama goşuna ýolbaşçylyk et­
mekde onuň özüne naýyp bolmagyny tabşyrdy.
Her on müň atla – bir tümene bir serkerde hanlyk edýärdi.
Saýlama goşunyň hanlary köşkde aýratyn hatyralanýardy.
Olar köp däldi.
Mübärek – birinji tümeniň hanydy.
Hapban Endikäni – ikinji tümeniň hanydy.
Üçünji tümeniň hany Ýyldyrym Sebzewardy. Ol Daňdanakan
söweşinde wepat edipdi, şondan bäri onuň ýerine hiç kim belle­
nilmändi. Onuň wezipesini Togrul beg Altynjan hatyna ynandy,
oňa han derejesini berdi.
Ýyldyrym Sebzewaryň ýerine han bellenilmegini begden
Altynjanyň özi haýyş edipdi. Ýyldyrym başda müňbaşydy, soň
ony begiň han göterendigini eşidip, Altynjan gynanmak gy­
nanypdy. Onuň Ýyldyrym Sebzewary ýigrenmesi warryklygy,
252
bolsa-bolmasa degişýändigi üçindi. Ol özüniň urulmasynyň,
çagasynyň düşmesiniň sebäpkärini Peýkam bilen Ýyldyrym
Sebzewar hasap­laýardy. Ýyl­dyrym özüne nähak töhmet atyl­
ýandygyny aýtmak, özüni aklamak üçin iki gezek Altynjanyň ýa­
nyna gelipdi, hatyn iki gezegem ony kabul etmändi.
Dördünji tümeniň hany Ýagysyýandy.
Bäşinji tümene Erdem hanlyk edýärdi.
Altynjy hekaýat
ÄR GARRAR, AR GARRAMAZ
1055-nji ýyl
O
dünýäniň jennetem, dowzaham adamyň içinde. Altyn­
jan hatyn bu pikirine mundan on-on bäş ýyl öň gelipdi.
Ol bu pikiriniň hakdygyna adamlar bilen iş salşanda, käteler-ä
gürleşende has oraşan göz ýetirýärdi.
Adam bu dünýäde kä jennetde, kä dowzahda ýaşaýar. Ýöne
ähli kişi öz içki dowzahyny ýaşyryp, özüni jennetde ýaly görkez­
mäge çalyşýar. Köpler öz içki hasratyny, dowzahyny gizleme­
gi başarýar, bagzylar welin başarmaýar. Şol başarmaýanlaryň
biri Ybraýym ynal. Onuň gursagyndaky dowzahy ýüzüne
çykypdyr. Birmahallar ol görkana ýigitdi. Alçakdy, suhangöýdi.
Gülüşmegi-degişmegi gowy görýärdi. Şeýle bolansoň Togrul
beg ony ýanyndan aýyrmazdy. Onuň bilen bile naharlanardy,
ikiçäk gürrüň ederdi, ikiçäk maslahat ederdi, onuň maslahat­
laryna aýratyn sarpa goýardy, ondan gizlin zady ýokdy.
Ybraýym Togrul begden daşlaşansoň – özbaşdak yktaly
bolansoň welin, görnetin üýtgedi. Bu gün onuň ýüzünde gyş
25 4
paslynyň sörtük howasy duýulýar. Ol mydama nämedir bir zat­
dan närazy, mydama gaharly. Ýylgyranda-da ýüzüniň buzy erä­
nok. Togrul beg bilen Ybraýymyň ýylgyryşyny Altynjan hatyn
mydama akyl mizanyndan geçirýärdi. Togrul begiň gazabynyň
aňyrsyndan rahatlygy, hökmürowanlygy, özüne göwnüniň
ýetýänligi, ygtyýarlylygy duýulýardy, ýöne Ybraýym gaharla­
nanda içki dowzahy daşyna çykýardy. Ol hakyky özi bolýardy.
Ýylgyranda-da, onuň ýürekden ýylgyrmaýandygy duýulýardy.
Ol özüni bolşundan akylly, mertebeli görkezmäge çalyşýardy.
Özüne aşa uly hormat goýulmagyny isleýärdi. Adamyň iň uly
betbagtlygy özünden uly bolmak küýsegidir. Ybraýym hem
özünden uly bolmak isleýärdi. Onuň her bir gep-sözünde,
her bir hereketinde nägilelik bardy. Onuň Besasury bilen dil
birikdirmegi-de şol nägileligi üçindi. Ol gazaplydy, rehimsiz­
di. Ýogsam onuň, göräýmäge, durmuşda kem zady ýokdy. Eli
uzadan ýerine ýetýärdi. Hyzmatynda duran adamlaryň hetdihasaby ýokdy. Ol Rawwat şalygynyň ýerleriniň – Azerbaýjanyň
häkimidi. Giden ülke elindedi. Ýöne bu oňa az görünýärdi.
Onuň göwnüne, Togrul beg öldürilse, dünýä baky jenne­
te öwrüläýjek ýalydy. Ol özüniň ähli şowsuzlyklaryny, ähli
betbagtlygyny – aslynda onda şowsuzlygam, betbagtlygam
ýokdy – Togrul begden görýärdi. Ol bu pikirini Altynjandan
ýaşyrmaýardy. Gaýtam, ol Altynjanyň özi bilen dertdeş bolma­
gyny isleýärdi.
– Ybraýym beg bilmeýändir, görmeýändir öýdýärsiňmi?
Ýok, men hemme zady görýärin, hemme zady bilýärin hem.
Togrul senem, menem köwüşberdaryça görmeýär. Ýadyňa
sal, Dawut Gyzbibini nähili hormatlady? Ony aýasynda sak­
lady. Ol wepat edensoň üstüne kümmet galdyrdy. Goý, ýatan
jaýy jennet bolsun. Sen, nä, Gyzbibiçe ýokmy? Goý, ol meni
hormatlamasyn, ýöne seni hormatlamaga borçly ol. Men bil­
ýärin, Togruly Togrul eden Ybraýym bilen Altynjan hatyn!
Goý, goý, sen hernäçe garşy çyksaň, çykyber! Içiňden welin,
meniň sözlerimi oňlap oturansyň. Sen ony mendenem gowy
tanaýarsyň. Ähli kişi oňa hyzmat etmeli, ol bolsa hiç kime
hyzmat etmeli däl.
255
– Ybraýym, siz onuň bilen gylyçlaşmakda-da, güýç syna­
nyşmakda-da, ýaýdan ok atmakda-da, suhangöýlükde-de, pä­
him-parasatda-da, harby tilsimde-de görnetin asgyn ahyryn.
Men günde-günaşa görüp ýörün-ä.
– Bolamda näme asgyn? Sen muňa üns berme.
– Onda men nämä üns bereýin?
– Kim köp olja getirdi? Aýt, aýt, näme üçin dymýarsyň?
Näme üçin dymýandygyňy bilýärin. Sebäbi sen hakykaty boýun
almak islemeýärsiň.
Ybraýymyň aýtjak sözleri kändi. Juda kändi, ýöne Altynjanyň
o sözleri diňläsi gelenokdy. Bu Altynjana gerek zat däldi. Altyn­
jan Ybraýymyň dowzahy garaýyşlary bilen dünýäge, adamsyna
seretmek islemeýärdi. Ol dünýäge adamsynyň jenneti hem
hökümdar garaýşy bilen seretmek isleýärdi.
***
Togrul beg köplenç ýörişdedi, Ybraýymy ýanyndan aýyr­
maýardy. Ony ýany bilen Wizantiýaga gazawada alyp gitdi.
Gaýdyşyn bolsa ony Mosul diýaryna häkim belläp gaýtdy.
Geň, juda geň, adama ýamanlyk gelse, eden ýamanlyk­
laryndan däl-de, köplenç eden ýagşylyklaryndan gelýär. Ybraýym
babatda-da şeýle boldy.
Togrul beg: «Goý, Ybraýym ýazylyp-ýaýrap ýaşasyn» diýen
pikir bilen oňa köp mukdarda baýlyk, köp ýerini ykta berdi.
Ybraýym bolsa, baýlygynyň gadyryny bilmedi, ýazylyp-ýaýrap
ýaşamady, Tog­rul begi tagtdan agdarmak üçin uly goşun jem­
lemäge girişdi. Aňynda diňe bir pikir kowsar urdy: «Togrul begi
tagtdan agdarmaly, men seljuk şalygynyň şasy bolmaly».
Togrul beg ynsanyň ulaldygyça diňe bir gazanman, eý­
sem ýitirýändigi hem baradaky netijä geldi. Ululygyň öz
artykmaçlyklarynyň bolşy ýaly, çagalygyňam jedelsiz artyk tarap­
lary bar. Şonuň üçinem ulalmagy kämilleşmek däl-de, diňe üýt­
gemek diýip kesgitleseň, has dogry, hakykata laýyk boljak.
Çagalykda ahlaky manydaky ýaramaz gylyklar, çagada ah­
laky manydaky betha sypatlar bolmaýar. Çaga gorkak bolup
25 6
biler, emma namart bolmaz, çaga ýalan sözläp biler, emma
al salyp bilmez, çaga basdaş bolup biler, emma görip bolmaz.
Iň oňat adamlar ulalandan soňam, çagalygyndaky päkliginde
galýan, çagalygyndaky asyllylygyny ýitirmeýän adamlardyr. Tog­
rul beg şeýle adamlara seýrek duş gelipdi, ol şeýle uly çagalary
oňat görerdi. Olarda isleg bolýar, emma hiç mahal nebis bol­
maýar. Nebis ynsan ulanandan soň ýüreginde peýda bolýar. Hä­
siýet – hulk manysyndaky ulalmak ynsan häsiýetiniň tebigylyk­
dan daşlaşyp, jemagaty mazmuna eýe bolmagy. Jemgyýet bolsa,
tebigatdan tapawutlylykda, ýaramazlyklary-da özünde saklaýar.
Tebigat – «niýet, bähbit, matlap, maksat» diýilýän itergilerden
azat ýaşaýyş meýdany. Onda ýeke-täk erk – Allatagalanyň erkieradasy höküm sürýär.
Jemagatda kiçi hem bolsa, ikinji ähmiýetde ikinji hatar­
da hem bolsa ýene bir erk – ynsan erki hereket edýär. Ynsan
ulalyp, özüni hökmürowan hökmünde duýýar. Çagada bol­
madyk häsiýetler ýüze çykýar. Ýaşlykda Ybraýymyň bar isle­
gi Togrula meňzemekdi: onuň geýnişi ýaly geýinýärdi, onuň
ýöreýşi ýaly ýöreýärdi, Tog­rul deýin özüni salykatly alyp
barýardy, onuň aýdýan sözlerini aýdýardy, ýöne, barybir, il
içinde diňe Togruly hatyralaýardylar. Şeýle bolansoň, ol begi
hatyralaýan adamlary ýigrenýärdi. Togrul begçe bolup bil­
meýändigine gahar edip, käteler özüni ýowuzdan-ýowuz je­
zalandyrýardy; birki günläp hiç zat iýmän gezerdi, garagana
boýalýança maňlaýyny ýere urardy. Ýyllar geçdigisaýyn Tog­
rul beg onuň üçin elýetmez şaha öwrüldi; abraýy-mertebesi
artdy. Ybraýym Togrulyň üstünliklerine bir tarapdan gu­
wandy, oňa ýardamçy bolýandygyna buýsandy, il içindäki
abraýynyň begiň abraýy mynasybetlidigine akyl ýetirdi; ikin­
ji bir tarapdan bolsa, oňa görip­lik etdi. Ol göriplik etmeli
däldigini bilmesine bilýärdi, ýöne özüne erk edip bilenokdy.
Göriplik onuň erkinden rüstem gelip, ygtyýaryny elinden
düýnäp alýardy.
Togrul beg Ybraýymyň ýaşlyk bassaşlygynyň açyk göripli­
ge ösüp geçendigini gördi. Göriplik onuň içindäki dowzahyň
17*
257
çäginiň ulalmagyna getirdi, şeýle-de ýalňyş hem ýaramaz
hereketleriň döremegine sebäp boldy.
Ybraýym maksadyna ýetmegine garalla bolýan kişileri ýok
etmegi ýüregine düwdi, şu maksat bilen ilki Bekdaş Rudbaryň
kastyna çykdy. Elbetde, Bekdaş ejesiniň doganydy. Bekdaş
Ybraýymy gujagynda göterip ulaldypdy. Oňa söweş tilsimlerini
öwredipdi, ýöne ol oňa: «Ybraýym, Togrulyň garşysyna gitme!»
diýdi. Onuň her bir ädimini yzarlady, bege habar ýetirdi. Hut
şonuň üçinem Ybraýym birnäçe pidaýyny Bekdaşyň üstüne gön­
derdi.
Peýkam öz doganynyň ölümini Ybraýymdan gördi. Ony
öldürmek üçin eline gylyç alyp sürünende Peýkamy Süleýman
mälik saklady.
Ybraýym Bekdaşyň öldürilmeginde eliniň ýokdugyny nyg­
tap, ant içdi.
Şondan bir aýdan soň Ybraýym Peýkama egin-eşik sowgat
berdi. Onuň beren egin-eşigini geýen Peýkam şol gün jan berdi.
Görlüp oturylsa, egin-eşik zäherlenen eken...
***
Besasury Türkmen güýç toplaýardy. Onuň ýanynda
araplaryň Alemeddin (Diniň baýdagy) lakamly, Kuraýş ibn Bad­
ran ibn al-Musaýyp ibn al-Mukallat al-Ukaýly atly soltany bardy.
Ol Bagdady eýeläpdi, halyf Kaýym Bemryllahy mugyra getirip­
di. Halyf çykalga gözleýärdi. Eger Togrul beg Büweýh döwleti­
ni özüne tabyn etse – Bagdady eýelese, garamatyny öz üstüne
alsa, onda halyf öz köşgünde erkin ýaşap biljekdi. Onuň her
bir güni gorkuda geçýärdi. Özüniň bu ýagdaýyndan halas edip
biljek, özüni öňki köşgünde oturdyp biljek ýeke-täk adam – sel­
juk Tog­rul begdi. Bir ýyla çeken gaçha-gaçlykdan dynmak üçin
halyf Togrul bege nama gönderdi.
Apbasy halyflygy Muhammet aleýhyssalamyň doganoglany
Apbas (Abylapbas) Saffahdan gaýdýardy. Apbas 750-nji ýyl­
da Beýik Zap Suwy söweşinde emewileriň häkimiýetini ýykyp,
öz häkimiýetini – halyflygyny döredipdi. Apbas Saffahdan soň
25 8
onuň ogly Mansur (754 – 775 ý.) döwletiň paýtagtyny Bagdada
geçirdi. Halyflyk Mamun döwründe Merwdedi. Bagdat merwli
magmar Hommat Türkmeniň guran binalary esasynda hakyky
döwlet merkezine öwrülipdi. Bu şähere Mamun merwli alym­
lary, hünärmenleri zorluk bilen göçürip getiripdi. Ýöne Harun
Raşidiň halyflygynyň soňky ýyllarynda, aýratynam ondan soňky
tagta çykan halyflar döwründe halyflygyň syýasy birligi gowşady.
Müsürde Tulun Türkmen özbaşdak döwlet gurdy. Emewileriň
bir goly Ispaniýada özbaşdak halyflyk boldy. Horasanda we
Mawarannahrda Apbasy halyflygyndan bölünip, tahyrylar, sa­
manylar, saffarylar, soň gaznalylar özbaşdak döwlet gurdular.
Halyflyk islese-islemese, ol döwletleriň özbaşdaklygyny ykrar
etmeli bolýardy. Öz agalygyny saklamak üçin herhili pirimler
ulanýardy.
Müsürde we Demirgazyk Afrikada gurlan şaýy Fatymy
halyflygy Gyzyl deňzinden Atlantik ummanyna we Demir­
gazyk Siriýa çenli ýaýlyp ýatan ülkeleri golastyna alyp, sünni
halyflygyna – Apbasy halyflygyna howp salýardy. Ýyllar Apbasy
halypalygynyň peýdasyna işlemeýärdi. Fatymy halyflygy Apbasy
halyflygynyň goşunbaşysy Arslan Besasury Türkmeni öz tarapy­
na geçmäge razy edipdi.
Arslan Besasury Türkmen ýetim çagajykdy, halyf ony öz
ýanyna alypdy. Ekläp-saklady, bilim-terbiýe berdi. Ol mahal
Arslan Besasury häzirkisi ýaly rehimsiz däldi. Mähribandy,
dilrubady, hoşzybandy, wepalydy. Bu gün hökümdar bol­
mak küýsegi onuň ynsabyndan rüstem çykypdyr. Halyf ähli
süteme döz geldi. Soňam halyf al-Kaýym paýtagtdan gaçyp,
Hadysat Ana, ol ýerdenem Anwara bardy. Ýöne Besasury
başda halyfa fatymaçylaryň peýdasyna tagtdan-halyflykdan
el çekýändigini resmileşdirdi: oňa gol çekdirdy. Netije­
de, Apbasylar halyflygy gutardy, fatymaçylar halyflygy diňe
Müsürde däl, indi Bagdatda-da hökümini ýöredip ugrady.
Apbasy halyfatynyň oňonlary, möhürleri, hatda Muhammet
pygamberiň donuna çenli Kaire ugra­dyldy. Bagdatda halyf
al-Mustansiriň adyna hutba okalyp başlandy.
259
Ýedinji, sekizinji asyrlar araplaryň dünýä ýaň salan,
Aziýanyň köp halklarynyň yslam dinine uýmagyny gazanan asyr­
lary hökmünde taryha giren bolsa, onunjy, on birinji asyrlar
oguzlaryň araplaryň döreden yslam dinini goran ýeke-täk din
gylyjy – halk hökmünde taryha girdi.
Ýedinji hekaýat
GÖZ – TEREZI, KÖŇÜL – KAZY
T
ogrul beg halyf Kaýym Bemryllahyň hatyndan soň
mukaddes şähere – Bagdada gitmäge taýýarlyk görüp
ugrady. Ol yslamyň paýtagtyna halas ediji hökmünde girmek
isleýärdi, şu maksat bilen özüniň aňtawçy toparyny Bagdada
ýollady. Aňtawçy toparyň maksady Bagdatdaky harby güýji doly
öwrenmekdi, şeýle hem deýlemlileriň, fatymylaryň, Arslan
Besasurynyň eden-etdiliklerini ýerli ilata düşündirmekdi, ilaty
olaryň garşysyna aýaga galdyrmakdy. Çünki Bagdatda Arslan
Türkmeni özlerine ýalňyz hossar hasap edýänler hem kändi.
Togrul beg aňtawçy toparyň habaryna garaşdy.
Şol bir wagtda-da ýeke günem boş geçirmän, Bagdada giriş
dabarasyna taýýarlyk gördi.
On bäş güne çeken türgenleşige wezir Kundury bilen
Mübarek han ýolbaşçylyk edýärdi. Olar her gün agşam bege ha­
sabat berýärdiler, täze görkezmeler alýardylar.
261
Togrul begiň goşuny Bagdada ýedi günläp girmelidi. Ýedi
günüň dowamynda Bagdada girýän goşunyň yzy üzülmeli däldi.
Bagdatlylar ýedi günläp her bir atly topar görnende beg ge­
lendir öýtmelidi. Hiç kime anyk habar aýtmaly däldi. Şeýdip,
bagdatlylary aňk etmelidi, Togrul begiň güýjüni görkezmelidi.
Şeýle-de boldy.
Şähere uzak garaşylan Togrul begiň gelýändigini eşiden
Besasury Arslan Türkmen Bagdady terk edip gitdi.
Halyf uzaga çeken gaçha-gaçlykdan soň, ahyryl-ahyr öz
köşgüne dolandy.
Şäher baýramçylyk görnüşine girdi.
Wezir-wekilleriň Bagdada haýsy gün girmelidigi bellidi.
Togrul beg Bagdada ýörişiň ýedinji güni günortan gelmelidi.
Haremhana topary begiň yzyndady. Beg bilen harem­
hananyň jandarlary birdi.
Altynjan kejebede oturyp, bagdatlylaryň tagzym edişlerini,
özlerine haýran galyp seredişlerini, begiň deňlerinden geçip
barşyna begenip gygyryşlaryny, ellerini galgadyşyp diriň-diriň
böküşlerini synlap barýardy.
Beg öňdäki pilde sarsman otyrdy.
Sekiz piliň içinde begiň münüp barýanynyň bezegi has ta­
pawutlydy. Piliň üstündäki saýawan gymmatbaha şaý-sepler bi­
len bezelendi, onuň gotazlarynda gymmatbaha jowahyr hem
zümerret daşlary lowurdaýardy1.
Bagdatlylar sekiz piliň bezegine seredip aňk boldular. Bu
bezeg­ler ýöne ýere däldi. Bu bezegleri gören adamlarda Togrul
begiň biçak baýdygyna ynam döretmelidi. Bu baýlygy gören
adamlarda tamakinçilik duýgusy oýanmalydy. Hakyt şeýledi: pil­
leri görenlerde bege ýakyn durmak, onuň ýalkawyna mynasyp
bolup gazanç etmek höwesi oýanýardy.
Altynjan hatyn köşge Ferdöws derwezesinden girdi, pilini
haremhananyň ýanynda saklady.
Pil aşak çöken dessine birmeňzeş ak atlaz geýnen on iki sany
garaýagyz janperwer gyz peýda boldy. Olar Altynjany göterip
diýen ýaly, iki gyrasyndan götermek üçin amatly edilen ýaýbaň,
owadan bezelen zemmere – tagtyrowana eltip oturtdylar.
Ýüzi-gözi, kaddy-roýy durşuna hoşaýandalyga, hoşnemalyga
eýlenen uzyn boýly, hortap, hoşmanzar, garaýagyz gyz Altynjanyň
262
daşyndan hozanak berip aýlanýardy. Megerem, ol on iki keniziň
eýesi bolarly. Pyşyrdap, olaryň etmeli işlerini aýdýardy.
Garaýagyz, janperwer gyz entek Altynjan piliň üstünden
düşmänkä onuň aýaklaryna öwran-öwran tagzym edip, maňlaýyny
degrip, soňundan gyzgyn tenekar demi bilen taýly gezek ogşapdy.
Bu hoşlaka gyza Altynjan hatynyň bada-bat syny oturdy:
«Eý, Hudaý! Bu peri-peýker sypatly gyz kimiň lukmasy bolarka?
Kimiňki bolsa, şol gerçegiň-ä salawaty daş ýarar» diýip, Altynjan
gyza hyrydar gözleri bilen seretdi. Eýjejik gyz Altynjan hatynyň
içki pikirini aňan ýaly, birgeňsi ýylgyrdy.
Altynjanda enelik mähri oýandy. Ol hoşlaka gyzyň elinden
gysdy. Özüne duýgudaşlyk bilen bakýandygyna göwni göterilen
janperwer gyz arap dilinde ýuwaşja gürledi:
– Men siz hakda örän kän rowaýatlary eşitdim, mähriban
Altynjan hatyn. Perwerdigär siziň janperwer jemalyňyzy görmek
salawatyny maňa rowa bildi. Wasp edişleri ýaly, siz hakykatda­
nam dilruba hem merdana hatyn ekeniňiz.
Altynjan hatyn bu söze jogap berjek bolmady.
Sekiz sany ziňňirt uzyn hebeşi hatynyň oturan tagtyrowa­
nyny göterip ýöräp ugrady. Ony ýörite taýýarlanylan haremha­
na eltdiler. Janperwer gyz giň otagda Altynjan hatynyň ýerine
geçip oturmagyna hemaýat berdi.
– Dilirje gyz, adyň näme?
– Adym Seýidde, men halyf Kaýym Bemryllahyň gyzy – diýip,
hoşlaka gyz Altynjan hatyna bulgur uzatdy. – Altynjan melikäm,
bir owurt şerbet içiň!
– Dilirje gyz, meniň bir zat içmegimi isleýän bolsaň, onda
maňa bir jam suw ber!
***
Ine, bu gün iki ýüz ýigrimi ýyla çeken büweýh nesilşalygy
synýardy. Altynjanyň häzirki oturan ýerinde mundan on gün
öň hem soltan al-Mälik ar-Rahymyň hatynlary, gyz-gelinleri
ýaşaýardy. Bu otag soltanyň baýry hatynynyňkydy.
Wezir Kundury bu otagy Altynjan hatyn üçin ýörite saýlapdy
hemem otagyň içinden käbir goş-golamlary aýryp, hatynyň
263
hoşuna geläýjek zatlary goýupdy. Onsoňam ýorgan-düşekleriň,
geýim-gejimleriň ählijesi ýaňy iňňeden çykandy, täzedi.
Iň uly otag diýseň sünnä bezelendi.
Ine, şeýle ussatlyk bilen nagyşlanyp edilen äpet agaç gapynyň
çep tarapynda gyralaryna altyn çaýylan, adamboýy beýiklikdäki
aýna bardy.
Aýnanyň gapdalyndaky ýaýbaň tekjäniň üsti her hili
müşkli gumgumajyklardan doludy.
Altynjanyň dynç almagy üçin niýetlenilen düşek iki zirag
beýik­likdedi. Ini alty, uzynlygy sekiz zirag çemesidi, ýaýbaňdy.
Üstünde ýatsaň, ýumşak düşek jana ýakymlydy.
Düşegiň dört burçundan altyndan sütün galdyrylandy. Ol
sütünler biri-birine berkidilendi. Düşegiň depesinden her dür­
li ululykdaky gotazlar sallanyşyp durdy, ýukajyk ak atlaz bilen
örtülen düşegiň üstündäki tuty kiçeňräk bir köşgi ýada salýardy.
***
447-nji hijri ýyly – 1055-nji milady ýyly.
Togrul beg bu ýylyň remezan aýynda Bagdada geldi. Ol gelip hökü­
met köşgüne ýerleşdi. Onuň adamlary hem türkmenleriň öýlerine myh­
man boldular. Ýanynda sekiz pil bardy. Besasury gaçyp, Rahbe şäherine
gitdi.
Ibn Kesir.
Başlangyçdan ahyra çenli.
***
Altynjan Bagdada tiz öwrenişdi.
Büweýh hanedanlygynyň haremhanasynyň ýerleşişi, baglar,
Dejlede2 gämili ýüzmek Altynjanyň hoşuna geldi. Ol derýada
gämili ýüzende-de, bagyň içinde aýlananda-da ýanyndan Seýid­
däni aýyrmady. Asyl Seýiddäniň aýrylasy-da gelmedi. Ýöne my­
dama bile bolmak islegi başa-da baryp duranokdy: Togrul beg
hatyny köplenç ýanyna çagyrýardy. Çünki edilmeli işler, çözül­
meli meseleler juda kändi.
265
Büweýh patyşasy Aduddöwläniň agtygy al-Mälik ar-Rahymy
Reý şäheriniň gapdalyndaky Taberek galasyndaky zyndana ok­
lanyň bilen iş gutaraýanokdy. Bu müň aladanyň diňe biridi.
Galan aladalaryň içine musahhar kylan ýeriňe eýe çykmak, do­
landyrmak, emeldarlar – her ýurtda müňläp emeldar bar – bi­
len düşünişmek, olaryň etmeli işlerini kesgitlemek, kimiň özüňe
hyzmat etjegini-etmejegini anyk­lap, anyk bir netijä gelmek, olary
mynasyp ýerlerinde oturtmak, kadaly edara edişi ýola goýmak
aňsat däldi. Köşk emeldarlaryny näme etjek? Eger olary ýok etseň,
onda ýerine adam tapmaly. Köşk emeldarlygy-da aňsat iş däl.
Şonuň üçin öňden işläp ýörenleriniň köpüsini tejribelidikleriniň
hatyrasyna öňki wezipelerinde işletmeli bolar, ýöne olar saňa we­
paly gulluk etjeklermi? Kimiň kim bilen ümi alyşýar? Kim kime
garşy? Olar seniň garşyňa dil birikdiräýmesinler? Iň bärkisi,
aşpezler hem özbaşyna bir dünýä. Kim hansalar bolmaly? Togrul
beg özüniň iň ýakyn adamyny – baş weziri Kunduryny Bagdat
boýunça başlyklarbaşy belledi. Çünki ol arap dünýäsine beletdi.
Halyf oňa Amydylmülk3 unwanyny hem berdi.
***
Altynjanyň günem aňsat däl. Hana, büweýh hanedanlygy
döwründe köşkde işlän wezir-wekilleriň hatynlarynyň köpüsi
gözýaşlaryny hem çagalaryny delil edinip, ylla ahyrzaman depe­
lerinde asyl-asyl bolup duran dek bolup, arz bilen gelýärdiler.
Altynjan gelýänleriň ählisiniň meselesini çözmelidi, çözüp
bilmedigini Togrul bege ýa-da başlyklarbaşy Kundura ýetirme­
lidi. Göz – terezi, köňül – kazy: Altynjan dergähine gelýänleriň
näjüre adamlardygyny ýalňyşman çözmäge çalyşýardy.
Günler gaty tiz geçýärdi, ýaňy dogan Gün, bir görseň, ýaşyp
barýandyr. Iş-aladaga ber-başagaý bolup, Altynjan hatyn käte
owkat edinmegi-de ýadyndan çykarýardy. Seýidde oňa halasgär­
di, ýardamçydy. Ol ýemenli Uweýs4 deýin yhlaslydy, sadykdy:
Altynjan üçin janyny bermäge-de taýýardy.
Arz bilen gelýänleri Altynjan tanamasa-da, Seýidde tas äh­
lisini diýen ýaly tanaýardy. Şonuň üçinem olaryň hiç birem
Altynjanyň gözüni güýdüşdirip bilenokdy. Ýogsam Altynjany
26 6
ät galdyrjak, aňňalak gapdyrjak aznawur, hajyraw hatynlar kän­
di. Olaryň ärleriniň biri ölendi, biri ýaradardy, beýlekisi ýene
bir zatdy. Başga biri ata-babalaryndan miras galan, iki ýüz ýigri­
mi ýyl gowrak wagtyň içinde büweýh soltanlarynyň hiç biriniň
hem ýüzüň üstünde burnuň bar diýmän hormatlan-yzzatlan
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn II - 16
  • Parts
  • Altynjan hatyn II - 01
    Total number of words is 3629
    Total number of unique words is 2034
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 02
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2164
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2031
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 04
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1970
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 05
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 06
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2172
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 07
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2164
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2085
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 09
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2084
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 10
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2064
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 11
    Total number of words is 3507
    Total number of unique words is 2173
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    37.2 of words are in the 5000 most common words
    44.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2151
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2040
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 14
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2044
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 15
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2131
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 16
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2156
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 17
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1976
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 18
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2087
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 19
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2023
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 20
    Total number of words is 3723
    Total number of unique words is 1909
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 21
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1880
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 22
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 1944
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 23
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1971
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 24
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1896
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1941
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 26
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 2028
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 27
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2124
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 28
    Total number of words is 1126
    Total number of unique words is 678
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.