Latin

Altynjan hatyn II - 10

Total number of words is 3585
Total number of unique words is 2064
28.8 of words are in the 2000 most common words
40.9 of words are in the 5000 most common words
48.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ikinji müňýyllygyň başynda ynsan tebigatynda üýtgän, özgeren
zatlar köp boldy.
Döwür görnetin üýtgeýär. Şu güne çenli adam adamyň gu­
ludy. Indi adam baýlygyň guluna öwrülýär. Adam adamdan
tapýan wepasyny baýlykdan taparmykan?!
***
Bu gün täze ýyl!
Täze ýyl – maksadyňa, ömrüňe ser salynýan gün!
16 0
Altynjan geçen nowruzdan bäri durmuşynda bolan öz­
gerişlikleri birin-birin göz atuwyndan geçirdi.
Geçen nowruzdan bäri onuň durmuşynda nämeler boldy?!
Ol Zamahşara dolandy!
Zamahşara!
On ýyldan soň Zamahşar galasy ýene Abdylmälik ibn
Bugrajygyň neberesiniňki, has takygy, Eprikogullary nebere­
siniňki boldy, ýöne indi ol ýerde ýaşara Abdylmäliklerden hiç
kim ýok. Kim ýaşasyn?! Kabylmy? Ol Togrul begiň ýanyndaky
ýaşaýşyny gowy görýär. Sadyllanyň öz dünýäsi bar. Ol Zamahşara
barmak islänok. Şamälik kowlandan soň, Sadylla Nyşapurdan
Jürjaniýa gitdi. Ol ýene öňki medresesinde mederrislik edýär.
Tüweleme, ol üç ogluň, iki gyzyň atasy boldy. Bir aý mun­
dan owal ol ikinji hatyn edinmek isleýändigini aýtdy. «Oguzlar –
ot, olary bir hatyn kanagatlandyrmaýar, olara iki hatyn gerek!»
Altynjan muňa garşy çykmady,
Goý, şeýle bolsun!
***
Altynjan bir ýylyň içinde köp darkaşa gatnaşdy. Özem sam­
sam ýatagany bilen gönüden-göni darkaşa girdi. Gör, näçe
ganymyň janyny jähenneme ýollady.
Megerem, Togrul patyşa talaň saçagy sebäpli hatynym
Altynjan gynanar öýdýän bolarly, bir ýylyň içinde edilen işleri
birki gezek sanap berdi. Görüp otursa, bir ýylyň içinde örän
köp iş bitirilipdir!
Togrul beg gaty kän sebitleriň, welaýatlaryň, şäherleriň,
kentleriň, galalaryň seljuk şalygyna tabyn bolandygyny, şeýle
hem beýtilmalda näçe kurur dinaryň, dirhemiň bardygyny
aýdýar welin, şükürler edýärsiň. Bu diňe Perwerdigär ýalkanda
şeýle bolýar.
Beg: «Eger talaň saçagy toýuny etmedik bolsak, Allatagala
bize beýle jomartlyk bilen eçilmezdi» diýip nygtaýar. Bu pikir
Altynjana makul görünýär.
Adam pahyr hemişe öz paýyna düşeni az görýär, özgäniňki
özüniňkiden has köpdür öýdüp pikir edýär. Tas her bir ynsa­
11*
161
na mah­sus bolan bu gylyk edil özge adam häsiýetleri ýaly, hä­
kimlige täsir edýän zatlaryň biri. Häkimlik diňe bir adamlaryň
jemgyýetçilik gatnaşyklaryny däl, eýse olaryň häsiýetlerini hem
çyl-para açýar. Islegler, niýetler, päller, hyýallar hem duýgular
häkimlige gatnaşykda aýan bolýar, onuň ykbalyna oňat hem ýa­
ramaz tarapdan täsir edip durýar. Gadymy oguzlar şu hakyka­
ta uly ähmiýet berip, adamlaryň içki niýetleriniň, boluşlarynyň
jemgyýetiň ýaşaýşyna edýän ýaramaz täsiriniň öňüni almak
üçin, talaň saçagy diýen dessury oýlap tapypdyrlar: ýylyň bel­
li bir gününde han öňünden yglan edip, öz öýüni adamlaryň
ygtyýaryna berýär. Adamlar ol öýden öz alyp bilen zadyny alyber­
meli. Megerem, her gezekki talaň saçagyndan soň, adamlar-a
öňküden rahat, han bolsa öňküden öz häkimligine has ynamly
bol­ýandyr. Sebäbi mähelläniň: «Maňa az ýetdi, maňa az ýetdi»
diýip urýan ýüregi hanyň zadyndan özüne-de paý ýetensoň, yn­
jalýandyr. Allatagala patyşa berýär, patyşa-da adamlara berýär.
Şeýdip, Allanyň bermedigini adamlar handan alýarlar. Ýürekle­
ri ynjalyk tapýar, duýgulary köşeşýär.
Talaň saçagy oguzlarda halk bilen hanlygyň biri-birine düşü­
nişýänliginiň, ynanyşýanlygynyň alamaty, dessury bolupdy. Togrul
beg bu däbi doly berjaý edýärdi. Adamlaryň patyşadan öz paýyny
alyp galmak islegi ýerine ýetenden soň, häkimligiň öňküdenem
berkejekdigini ol oňat bilýärdi. Şonuň üçin her gezek talaň saça­
gyna ol öz patyşalygyny berkitmek işine taýýarlyk gören ýaly taýýar­
lanýardy. Altynjan bu işe Togruldanam işjeň, içgin hem gyzyklan­
ma bile taýýarlanýardy. Ol hem Togrul ýaly adamlara ýagşylyk
etmekden çäksiz lezzet alýardy. Zat berip, onuň deregine has uly
zeruryýeti – ynamy alsaň, bu söwdada utdugyň bolmazmy?! Püçek
berip, ýüpege eýe bolmak akyllylykdan ahbetin!
***
Daňdan Togrul beg Altynjana ýüzlendi:
– Altynjan, täze ýyl düşümli bolsun! Allatagala saglyk ber­
sin, rowaçlyk bersin!
– Agzyňyzdan Hudaý eşitsin, begim! Alla uzak ýaş bersin!
– Seniň bu ýylky altyn-kümüş şaý-sepleriň öňki ýyllardaky­
dan, eger ýalňyşmaýan bolsam, has köp boldy.
162
– Geçen ýyl iki sandykdy. Her sandykda hem iki batman3
şaý-sep bardy. Hudaýa şükür, bu ýyl diňe hedýe-engam berlen
altyn-kümüş şaý-sepler alty sandygy doldurdy.
– Gynanýarsyňmy? – diýip, Togrul beg ýylgyrjaklady.
– Dogrymy aýtsam, gynanmanam duramok.
– Allatagala ýene, enşallasa, biriňi iki edip berer.
– Ylaýym, şeýle bolsun!
Her ýylyň nowruzynda edişleri ýaly, är-aýal öýlerindäki zat­
lary birin-birin gözden geçirmäge başlady. Özem jamehanadan
başlady.
***
Günortandan tä ýarygijä çenli dowam etjek toý üçin taýýar­
lyk görülýärdi.
Gassaplar mal soýmaga ýarygije girişipdiler.
Ýüzden gowrak gassap ýetişibildiginden baga bakylan
öküzleri, goýunlary soýup, hansalara tabşyrýardylar. Kakmaç­
dyr çişlik bişirmäge, et gowurmaga, başga-da dürli-dürli etli ta­
gamlary taýýarlamaga ökde adamlar bardy. Hansalar bilen emir
çaşnigiriň ygtyýarynda müňe golaý adam işleýärdi. Olar soltanyň
şu günki zyýapatyna geljek myhmanlaryň gowy iýip-içmegi üçin
dürli tagamlary taýýarlamak bilen başagaýdy.
Bu günki zyýapata üç müňden gowrak myhman gelmelidi.
Mundan-da başga şäheriň alty ýerinde sadaka bermek üçin taýýar­
lyk görülýärdi.
Bu gün tutuş Reý şäheri toý toýlaýardy.
Jarçylar köçeme-köçe aýlanyp, şu gün Togrul soltanyň talaň
saçagy toýuny, ýagny rysgal toýuny berýändigini, bu toýa uzak
ýerlerden myhmanlaryň gelendigini, hiç kimiň bu toýdan çetde
galmaly däldigini jar çekýärdi.
***
Bu mahal Togrul beg bilen Altynjan melike özleriniň iň
ýakyn adamlaryny yzlaryna tirkäp, öz öýleri – otaglary, goşgolamlary bilen tanyşdyryp ýördi.
163
Altynjan hatynyň ýanynda soltanyň wezirleriniň hatynlary,
şeýle hem Kabylyň, Anuşirwanyň hatynlary, akgyzlary bardy, ol
olara özüniň jamer-jüpbelerini4, altyn şaý-sepleriniň nirelerde
durandygyny birin-birin görkezýärdi.
***
Günortanky namazdan soň toý başlandy.
Giden açyk meýdan toýa gelen myhmanlardan ýaňa myg
berýärdi.
Adamlar jem bolup, buýsançlaryny mälim edýärdiler:
– Togrul bege salamat bolsun!
– Togrul bege salawat bolsun!
– Togrul bege sahawat bolsun!
Myhmanlary öz gulluk derejeleri boýunça aýry-aýry
düşeklerde oturdýardylar. Togrul beg üçin taýýarlanan sypanyň
ýakynyndaky düşeklerde wezir-wekiller, ilçiler, sahyplar otur­
malydy.
Saçaklaryň üsti her hili nazy-nygmatlardan doludy. Tog­
rul begiň gelip: «Nahara başlaberiň!» diýen sözüne garaşýan
myhmanlaryň köpüsi hyrydar gözlerini saçakdan aýranokdylar.
Togrul beg köşgünden çykyp, uzakdan gelen myhmanlar
bilen ýeke-ýekeden salamlaşyp, hal-ahwal soraşmaga başlady.
Myhmanlar, toýda hyzmat edip ýören hyzmatkärler, tertipdüzgüne gözegçilik edýän jandarlar birsyhly gygyrýardylar:
– Togrul bege salamat bolsun!
– Togrul bege salawat bolsun!
– Togrul bege sahawat bolsun!
Togrul beg hatar bolup duran adamlar bilen salamlaşyp,
özüniň oturmagy üçin niýetlenilen ýere bardy.
Togrul begiň hatyny, nedimi, naýyby Altynjan melikäniň
gelýändigi jar edildi.
Myhmanlar Altynjan melikäni hatyraladylar:
– Altynjan hatyna salamat bolsun!
– Altynjan hatyna salawat bolsun!
– Altynjan hatyna sahawat bolsun!
16 4
Altynjan melike lowurdap duran gyrmyzy zer eşikde yzyna
kyrk akgyzyny düşürip, begiň garaşyp duran ýerine bardy.
Togrul beg hatynyny gülerýüz bilen garşylady, onuň otur­
maly ýerini görkezdi.
Togrul begiň egin-eşigi juwar akdy.
Altynjan hatynyň eşigi goýy gyrmyzydy, aldy.
Togrul begiň ak, hatynynyň gyzyl eşikdeligi olara biçak
gelişýärdi, olara seretdigiňçe seredesiň gelýärdi. Toýa gelen
myhmanlar Togrul bege, Altynjan hatyna buýsanç bilen sered­
ýärdiler.
Togrul beg hatyny bilen beýik sypada jaýlaşykly oturansoň,
ýanyndakylara ýüzlendi:
– Başlabereliňmi?
– Siziň rugsadyňyza, nahara «bismilla» edip bermegiňize
garaş­ýarys – diýip, dumly-duşdan seslendiler.
– Byradarlar, toýa uzakdan-u-ýakyndan gelen myhman­
lar! Hoş geldiňiz! Bu gün hijri-kamaryň hutuna ýetdik. Täze
ýyl. Täze ýylda her kişi geçen nowruzdan bäri eden işlerini
Allatagalanyň mizanyna goýmaly. «Geçen nowruzdan şu güne
– şu nowruza çenli nähili sogap işleri etmäge ýetişdim?!» Ine,
şu sowaly her kim, ilki bilen, özüne, soň çagalaryna, hatynyna,
öz garamagyndaky adamlara bermeli. Biz geçen geňeşimizde
wezir-wekiller bilen jemlenişip, döwletimiziň bitiren sogap
işlerini gözden geçirdik. Byradarlar, geçen nowruzdan bäri bi­
tiren sogap işlerimiz az bolmandyr. Men ol bitirilen işleri birinbirin sanap, tagamy garaşdyryp oturmaýyn. Şu günki saçagyň
başynda ýat adam ýok. Ählisi seljuk döwletiniň rowaçlygy üçin
bütin başarnygy bilen yhlasly işläp ýören byradarlar. Bu ýerde
oturanlar şalygymyzyň bitiren uly-uly işlerine gönüden-göni
gatnaşan, ýolbaşçylyk eden adamlar! Bu ýerde oturan adamlar
geçen bir ýylyň dowamynda köp-köp sogaplary gazanan adam­
lar! Bu ýerde oturan adamlar seljukly döwletiniň rowaçlygy üçin
gerek bolsa şirin janyndan geçmäge taýýar adamlar! Agzymyzyň
birligi, bir sünni maksady ugrundaky işlerimiz Allatagalanyň
dergähinde ýalkaw alýar. Biziň baş maksadymyz gäwürleri
toba getirmek, olary musulman eýlemek, öz aralarymyzdaky
165
ilata zulum edýän käbir kişileri bet pygyllaryndan saklamak,
şeýdibem Allatagalanyň eçilen bäş günlük ömründe her bir
raýatyň parahat, erkin, bol ýaşamagyny gazanmak. Ähli ýerlerde
biziň bu tutumlarymyzy oňlaýarlar. Biziň bitiren işlerimizde şu
oturanlaryň her biriniň belli bir paýy bar. Goý, öňümizdäki ýyl
has pazylatly ýyl bolsun. Häzir umury sedaratyň sahyby Gurhan
okasyn, soňundan nahara başlalyň.
Umury sedaratyň – döwletiň ýolbaşçylaryny taýýarlaýan
hem olaryň işleýişlerine, kämillik derejelerine jogap berýän
gullugyň sahyby Dodurga Merwezi tagamyň hormatyna Gur­
han okady. Şondan soň Togrul begiň bissimillasy bilen nahara
başlanyldy.
Toýuň beýemçileri üstaduddar Ärdeşir Magmarany bilen
Anuşirwan ibn Tümendi. Olary beýemçiliginiň gowudygy, ähli
kişiniň etmeli ownuk işlerine çenli öňünden anyklaşdyrylandygy
görnüp durdy. Her kim öz etmeli işi bilen gümrady.
Ojar syhyna düzülen kakmaçlar, kebaplar şol durşuna saça­
ga äberilýärdi.
Hana, Togrul begiň öňüne eti böleklere bölünmän, bi­
tewüliginde bişirilen bir goýun getirildi. Etiň ýekeje-de köýen
ýeri ýokdy. Özem ol şeýlebir gyzaryp öwşün atýardy welin, se­
redip ýuwdunmazça däldi. Dok bolsaň, iýmän keýpine seredip
oturmalydy.
Köşgüň sazandalary saz çalýardylar, pessaý sazda aýdym aý­
dylýardy.
Togrul begiň üstadudary, şerapdary5 bir ýerde duranokdy­
lar, olar saçaklardaky ýeter-ýetmezçilige esewanlyk edýärdiler.
Nirede şerap, nygmat, iýip-içer ýaly zatlar azalsa, hyzmatkärleri­
ne dessine habar berip, şol ýere gerekli zady getirdýärdiler.
Iýip-içmek uzaga çekdi.
Aýdymçylar gowudan-gowy aýdym aýdýardylar.
Seljuk begleriniň saçak başynda köplenç, aýdýan ýörgünli
aýdymy başlandy. Bu aýdymy köşgüň aýdymçysy Säherhyz Bur­
gan aýdýardy:
– Kazgurt tagdan öňer taşny ýugarlatdy,
Salur Gazan ötrüw baryp garbap tutdy.
16 6
It bejene görüp any essi gitdi,
Alplar, begler, gören barmu Gazan kibi?
Oturan myhmanlar soňky setiri öz ýanlaryndan gaýtalap,
gapdalynda oturana gözlerini tegeläp seretdiler. Myhman­
lar beýle adamy görmändiklerini aýdyp, başlaryny ýaýkadylar,
gygyryşdylar.
– Gazan kibi alp olmaz!
Aýdymçy aýdymyny dowam etdirdi:
– Bir gazanga kyrk bir atnyň etin saldy,
Ol gazanny sag elgi birle aldy.
Sag elgi birlen illerge üleştürdi,
Alplar, begler, gören barmu Gazan kibi?
Myhmanlar ýene başky hereketlerini gaýtaladylar: başlaryny
ýaýkaşyp, gapdalynda oturanlara ýüzlendiler. Ähli kişi Gazan
kibi äri öňde-soňda görmändigini tekrarlady:
– Gazan kibi alp olmaz!
Säherhyz Burgan barha joşup aýdýardy:
– Otuz-kyrk müň leşger birlen Gazan baryp,
It bijene illerini keldi gyryp.
Birnijesi gutuldylar köp ýalbaryp,
Alplar, begler, gören barmu Gazan kibi?
Toýa gelen üç müňden gowrak myhmanyň ählisi aýdy­
ma goşulýardy. Diňe bir myhmanlar däl, wezir-wekiller hem
goşulýardylar. Bu aýdyma Togrul beg bilen Altynjan hatyn-da
goşuldy.
– Gazan kibi alp olmaz! – diýip, Togrul soltanyň goşulmagy
bilen üç müňden gowrak myhman, müňden gowrak hyzmatçy
sesiniň ýetdiginden zowlatdy.
Säherhyz Burganyň ýanyna Togrul begiň ynagy Ýusup Ba­
zyrgany bardy. Ol aýdymy özüniň dowam etdirjekdigini mälim
edip, myhmanlara birlaý seredip çykdy. Soňam aýdymy öz dü­
zen setirleri boýunça dowam etdirdi:
167
– Alplar alpy Gazan begden pata algan,
Masut birle Şamälikni zut gaçyrgan,
Horasanda, Ajamda şalyk döretgen,
Alplar, begler, görgen barmu Togrul kibi?
Myhmanlar biygtyýar ör turdular, biri-birlerine buýsançly
bakyp, sesleriniň ýetdiginden gygyrdylar:
– Togrul kibi alp olmaz!
– Togrul kibi alp olmaz!
Ynak Ýusup Bazyrgany ýene dowam etdi.
Ol Seljuk begden terbiýet alan, Allatarapyn kalbyna pazy­
latlyk guýlan, Derwezata şalygyny döredip, ýedi yklyma patyşa
bolan, goýun bilen gurdy bir ahyrdan suw içiren Togrul begden
başga soltan barmy diýip soraýar.
Myhmanlar ýene jem bolup Togrul kibi başga şanyň ýokdu­
gyny, bolup-da bilmejekdigini, Allatagalanyň Togrul begi külli
musulmana bagtyýarlyk üçin gönderendigini tekrarlaýardylar.
Ýusup Bazyrganynyň göçgünli çykyşyndan soň rakys oýny
başlandy.
Günüň ýaşyp gelýän çagy Togrul beg Altynjana ýüzlendi:
– Hatyn meniň, garaňky düşmezden burun myhmanlara
izin bersek, niçik bolar?
Altynjan begiň sözüni unap baş atdy.
Soltan ör turdy:
– Byradarlar! Nowruza, täze güne ýüzümiz düşdi. Biribar
bizi mydama öz ýalkawynda ýene kän-kän nowruzlara ýetirsin!
Allatagala ryskymyzy boldan eçilsin. Men – Perwerdigäriň Ýer­
däki wekili. Perwerdigäriň eçilen nygmatlaryny size paýlamak –
meniň parzym. Elbet, Taňrynyň bereni doýumlyk, bendesiniňki
– dadymlyk. Perwerdigär size doýumlygam, dadymlygam
boldan eçilsin. Biziň her birimiz özümizi Perwerdigäriň ýal­
kaýandygyny oraşan duýýarys. – Togrul beg sözüne biraz dyngy
berdi. – Eý, byradarlar, hany, aýdyň, Perwerdigär bir ýylyň için­
de eçilen nygmatlaryny, baýlyklaryny bermänem – rysgal eçil­
mänem bilerdimi?
Seljuklylar bir demde jogap berdiler:
– Bilerdi!
16 8
– Rysgal eçilmedimi?
– Rysgal eçildi, Alla bizi ýalkady!
– Nahanlykda üstümize ýagy gönderip, ähli zadymyzy weýra­
na salyp bilerdimi?
– Bilerdi!
– Weýrana saldymy?
– Weýrana salmady, ýalkady!
– Öýümizdäki zatlarymyzy bir näkes ogra towsa göterdip bi­
lerdimi?
– Bilerdi!
– Towsa götertdimi?
– Towsa götertmedi, ýalkady.
– Sil-harasat gelip, öýümiz ýumrulyp bilerdimi?
– Bilerdi!
– Sil-harasat geldimi?
– Ýok, Alla bizi ýalkady.
– Ýer goduklap, öýlerimizi hopduryp, başymyza betbagtlyk
getirip bilerdimi?
– Bilerdi!
– Ýer godukladymy?
– Ýok, ýer goduklamady, Alla bizi ýalkady.
– Bir tötänlik bilen öýümiz ýanyp, sähel salymda ähli
zadymyz küle öwrülip bilerdimi?
– Bilerdi!
– Ýangyn boldumy?
– Ýangyn bolmady, Alla bizi ýalkady!
– Meniň eziz raýatlarym. Ýurduň ähli günä-sogaby patyşanyň
gerdenindedir. Şalykdaky raýatlaryň her bir etmişiniň hasabaty
Magşar güni patyşadan soralýandyr. Ýurduň rysky – patyşadadyr.
Ýurduň bereketi – patyşadadyr. Oguz han hak aýdypdyr: Hudaý­
tagala haýsy halky ýalkajak bolsa şoňa gowy patyşa berer. Rysky
goşalap berer. Mallar gowy tohum berer. Ýerler gowy hasyl be­
rer. Siziň özüňiz görýärsiňiz, men öz raýatlarymyň bolçulykda,
parahatçylykda ýaşamaklary, tutumlarynyň rowaçlanmagy, yslam
dünýäsiniň giňemegi üçin ýaşaýaryn. Özüm üçin däl, men siziň
bagtyýarlygyňyz üçin ýaşaýaryn, byradarlar. Siz hursant bolsaňyz
169
– bu meniň hursantlygymdyr. Men siziň has gowy ýaşamagyňyzy
isleýärin, eziz byradarlar.
Togrul begiň sözi bölündi, adamlar gygyrmaga başlady:
– Beýik Muhammet Togrul bege salamat bolsun!
– Beýik Muhammet Togrul bege salawat bolsun!
– Beýik Muhammet Togrul bege sahawat bolsun!
Seljuklylar bu üç alkyşyny üç mertebe gaýtaladylar.
Togrul patyşa sag elini ýokary göterdi. Seljuklylaryň
arasyndaky gowur kiparlady. Patyşa sözüni dowam etdirdi:
– Meniň eziz byradarlarym! Perwerdigär maňa, meniň
raýatlarym bolan size gülüp bakdy. Geçen ýyl Perwerdigär
bizi ýalkady, her hili bela-beterlerden daş eýledi. Gazanjymyz
duşmanlarymyza däl-de, özümize siňdi. Goý, täze ýylda-da
rysklarymyz goşa-goşadan gelsin, özümize siňsin! Ýeneki ýyl­
larda-da şeýdip talaň saçagy toýlaryny geçirmek nesip etsin!
Duşmanlardan goranmaga Allatagala bize ägirt uly güýç-kuw­
wat bersin! Täze ýylymyzy beýik Haktagala berekete, sahawata
doldursyn. Rowaçlygyň, sahawatyň, salawatyň, bolçulygyň ala­
maty bolan talaň saçagyny geçirmäge Taňry berk jan saglyk, öm­
ri-deraz bersin. Saçaklaryňyz doly, bereketli bolsun! Bu günki
toý her biriňize rowaçlyk getirsin! Talaň saçagyndan alan her
bir zadyňyz rysgal-döwletiňize joş bersin. Şa saçagyndan alan
her bir zadyňyz her biriňiziň öýüňizi şa ryskyna, şa sahawatyna
beslesin, müňlesin! – Togrul patyşa Altynjana seretdi. – Byra­
darlar, öýi öý edýän hatyndyr. Öý-ojak üçin iň köp alada, yhlas
edýän hatyndyr. Guş bir ganat bilen uçup bilýän däldir. Guşuň
uçmagy üçin iki ganatyň gerek bolşy ýaly, maşgalanyň maşgala,
öýüň öý bolmagy üçinem ikinji ganat – hatyn gerekdir. Ýalňyz
kişi bagt tapyp bilmez. Ýekelikde bagt ýokdur, bagt jübütlige
barýandyr. Bagt jübüt ýaşalýan gapa barýandyr. Ýanýoldaşy
gowy kişi uzak ýaşar. Talaň saçagy toýuny geçirmek diňe bir
meniň däl, hatynym, nedimim Altynjan hatynyň hem pikiridir.
Resime başlamaga ygtyýary Altynjan hatyn bersin!
Altynjan hatyn ör turdy. Adamlara bakyp, çala baş egip, tag­
zym etdi:
– Adamlar, her bir adamda üç sany mukaddeslik bol­
ýar. Olaryň birinjisi, Allatagaladyr. Ikinjisi, seni dünýä inde­
170
ren ata-eneňdir, üçünjisi, ýurduň patyşasydyr. Adamyň nähili
adamdygyny şu üç mukaddeslige goýýan hormat-gadyry bilen
kesgitläp bolar. Şu üç mukaddeslige sygynan, gadyr-yzzat goýan
kişi hiç wagt hiç zada hor-zar bolmaz. Muhammet Togrul beg –
beýik patyşa, Allatagalanyň nazar salan, ýalkan patyşasy! Bu beýik
patyşaga sygynan adam ýalkanar, döwlet tapar. Biziň mertebämiz
(bagtymyz), ryskymyz patyşamyza goýýan sylagymyzdadyr.
Seljuklylar Altynjan hatynyň sözlerine goşuldylar:
– Beýik Muhammet Togrul bege salamat bolsun!
– Beýik Muhammet Togrul bege salawat bolsun!
– Beýik Muhammet Togrul bege sahawat bolsun!
Bu alkyş üç mertebe gaýtalandy.
Altynjan:
– Razy – diýdi.
Togrul beg:
– Razydyrys. Başlaberiň! – diýdi.
Är-aýal tirkeşip ýöräp ugrady.
***
Togrul beg weziri Abylkasym Buýany bilen Bekdaş Rudbara
ýüzlendi:
– Daňdana çenli gözegçiligi gowşatmaň! Hiç hili dawa-jen­
jel bolmasyn!
Umury istihbarat sahyby Bekdaş ähli zadyň gülala-güllük
boljakdygyny nygtady. Wezir Abylkasym Buýany:
– Rahat dynç alyň! Bu ýyl geçen ýyldaky säwlige ýol berme­
ris – diýip, sahybyň sözüni goldady.
Olaryň ýanlarynda diňe haşymlary bardy.
Geçen nowruzdaky talaň saçagynda iki emir zadyň üstün­
de dawalaşyp biri-birine tyg çekipdi. Şonda olaryň biri wepat
etdi, beýlekisi agyr ýaralandy, ömürlik maýyp boldy. Biri-biri bi­
len ýakalaşan adamlar hem kändi, dawalaşan hatynlar-a hasam
kändi. Diňe bir adamlar däl, nireden gelendigi belli bolmadyk
ýigrimi-otuz it, şonçarak-da pişik daşişikde tä daňdana çenli ala­
zenzele bolup garpyşypdy.
171
Uruş alan-aldy edilen baýlyklar üçin turupdy.
Baýlyk – kim öň alsa şonuňky.
Sähel salymlyk alan-aldylykda sylaşyk ýitýär.
Adam adamyň üstüne topulýar. Her kim aljak, özem köp al­
jak. Her kimiň diňe özüne gerek, özem ähli zat gerek. Adamyň
ýaradylyşy şeýle. Hut şonuň üçin hem şalyk döredilýär. Şalygyň
emeldarlary adamlaryň baýlyk üçin biri-birini öldürmezlikleri­
ni ýola goýmaly. Şalyk kada-kanun çykaryp, adamlary şol kadakanunyň çäginde ýaşadýar. Şalyk – boýuntyryk.
Togrul beg her nowruzda şol boýuntyrygy bilgeşleýinden
aýyrýar. Şeýdibem boýuntyryk – hökümet bolmasa, ýaşaýşyň
nähili elhençlik boljakdygyny görene göz edýär.
Elbetde, her kime bir zady paýlap berseň, ýakalaşyk-da,
uruş-da boljak däl. Ýöne Togrul beg Oguz handan şu güne
gelen bu resime täzelik, özgerişlik girizmekden saklanýardy.
Oguz han döwründe talaň saçagynda adamlar baýlyga, zada hä­
zirki deýin açgöz topulmaz ekenler. Wagt geçdigisaýyn adamlar
wagşylaşýan ýaly görünýär. Göräýmäge, döwür-döwran geçdigi­
çe adamlar durmuşa çuň düşünýän ýaly, ýöne tersine...
Togrul beg adamlaryň bolşuna seredýär.
Ertirki gün gürrüňini edere nämedir bir zatlar bolsun!
Goý, ýakalaşsynlar!
Tomaşa bolsun!
Altynjan hatyn başda talaň saçagyndaky tarhandökerlige,
dog­rusy, gynanmak gynanardy. Indi welin, bu resime öwrenişip
gidipdir. Talaň saçagy bolmasa, bir ýylda şeýle köp işler bitiril­
mejek ýaly duýulýar.
Allatagala her günde her bendesiniň kalbyna ýetmiş gezek
seredip görýärmiş. Ol içiňe ýetmiş gezek seretse, seniň näme
pikir edýäniňem oraşan biler, Altynjanyň, Togrul begiň her bir
işi ýürek bilen edýändiginem oraşan görer. Eýsem näme! Altyn­
jan on ýyllap gursagynda göteren maksadyna ýetdi. Bu dünýäde
maksadyna ýetip bilmän ýurduny täzeleýänler köp ahyryn! Ol
welin, maksadyna ýetdi. Onda-da aňryýany bilen ýetdi.
172
***
Togrul beg bilen Altynjan Anuşirwanyň öýüne bardy. Olar
talaň saçagyndan çykyp bu ýere gelmek babatda öňünden
gürleşipdiler, öýde gerekli taýýarlyk görlüpdi.
Öýde hyzmatkärler bardy. Anuşirwan bilen hatyny Gülaýym
begiň öýünde talaň saçagyna galypdy.
Togrul beg Altynjana seretdi-de, bilindäki syrma ýatagany­
na el ýetirdi. Altynjan soltanyň maksadyna düşündi: ýataganyny
eline aldy.
Gylyçlaşyk başlandy.
Olar gazap bilen gylyçlaşýardylar. Öýdäki hyzmatkärler
näme etjeklerini bilmän öwelip, seredip durdylar.
– Sag bykynyň goragsyz dur, ony meniň üçin goragsyz gal­
dyrdyňmy? – diýip, beg gylyçlaşyp durşuna hatynyna habar gatdy.
– Göräýmäge, begim, goragsyz ýalydyr. Aslynda bolsa, Tog­
rul begiň hatyny Altynjanda goragsyz zat ýokdur.
– Ony häzir görkezäýerin.
– Begim, ýok zady görkezip bolmaýar.
– «Ýok zady görkezip bolmaýar» diýýärsiňmi? Ynan, go­
ragyň ýok.
– Men bütin ömrüm goragly.
– Mugyra gelen ýeriň bolmadymy?
– Ýeňlen ýerim boldy, bir gezek bir pählewan gerçekden
ýeňildim.
– Kimkä ol sizi ýeňen gerçek?
– Oňa Muhammet Togrul beg Seljukly diýýärler.
– Şeýlemidir asyl?!
– Hut şeýledir, begim.
Ýataganlardan ot çykýardy. Aýagy nämedir bir zada ilteşen
beg hazzar ýykylman saklandy. Altynjan hüjüm etjek bolman,
begiň aýagyna ilteşen zady aýyrdy, soňam hüjüme garaşdy.
– Sen näme üçin pursatdan peýdalanmadyň?
– Begiň hatynyna onuň ýaly pursatdan peýdalanmak uslyp­
mydyr?!
– Siz begiň hatynymysyňyz?
173
– Ýeke-tägidirin, begim!
– Aperin, aperin!
– Goragsyz sag bykyn diýeniňiz şu ýerimi? – diýip, Altyn­
jan bir towsanda ýataganyny begiň sag bykynyna çala dürtdi.
Beg ýataganyň öňünden sowulyp ýetişdi, iki-üç ädim gapdala
çekildi:
– Niýetiň-ä erbet däl.
– Begiň hatynynyň erbet zady bolmaz.
– Şeýlemidir?
– Şeýledir.
Gazaply darkaş ýitileşdi. Iki tarap hem bar güýji bilen gy­
lyçlaşýardy.
(Ikinji kitabyň soňy).
175
DÜŞÜNDIRIŞLER
Sekizinji hekaýat
1. Melikul-mülük – patyşalaryň patyşasy.
2. Faruk Sümer. Oguzlar – türkmenler.
3. Syrtlan tilsimi – syrtlan haýsy jandary awlajak bolsa, my­
dama onuň syrt, arka tarapyndan duýdansyz gelip topulýar. Atababalarymyz syrt tarapdan gelip awa topulýandygy üçin bu ýyrty­
ja syrtlan diýip at beripdirler.
4. Ýakut Hamawy. Ýurtlaryň sözlügi. (Türkmen obalary)
5. Bu maglumat Muhammet ibn Aly ibn süleýman
Rawendiniň “Göwünleriň rahaty – şatlyklaryň ganaty” atly
kitabynyň birinji jildinden alyndy.
6. Rahhaj – Käbiliň (Kabulyň) golaýynda ýerleşýän şäher.
7. Abu Nasr Faraby. Makalalar ýygyndysy: «El-Medine ElFazyla».
8. Jylawdar goşun – merkezdäki atly goşun.
9. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
10. Mizrak – gönder, naýza, jyza. Uzyn saply, süýri demirli
uruş guraly.
11. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
12. Horasan – «Günüň dogýan ýeri» diýen manyny aňladýar.
13. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
14. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
15. Salar-buzgan – şäheri goraýan goşunyň serkerdesi.
16. Bu maglumat awtory näbelli meşhur «Hududyl-älem»
(X asyr) atly kitapdan alyndy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Türkmenistanyň, Merkezi Aziýa we Gündogar halk­
larynyň medeni mirasy döwlet institutynyň işleri». TMMMM.
1-nji jilt. A., 2005.
176
17. Mülkam – Maryda dokalýan ýokary hilli ýüpek mata.
18. Kaba – üstden geýilýän geýim.
19. Tawwizi – Maryda we Samarkantda dokalýan ýuka ýü­
pek mata. Bu matadan köplenç peş, ýagny selle edinýärler.
20. Abylkasym Abdylkerim Hawazyn bin Abdylmälik bin
Talha an-Kuşaýry (986-1072) – görnükli hadysçy ulama. Bar­
jamly maşgalada dünýä inip, gowy bilim-terbiýe alýar. On bäş
ýaşda öz obasyna salynýan salgydy azaltdyrmak maksady bilen
Nyşapura gel­ýär. Ol özüne aşa göwni ýetýän, tekepbir, aşa ze­
hinli ýigit eken. An-Kuşaýry Nyşapurda dini ylym bilen gyzykla­
nyp, görnükli sopy Abu Aly ad-Dakkakyň müridi bolýar. Dakkak
şol döwürde medrese mekdebine ýolbaşçylyk edýärdi. Kuşaýry
Dakkakyň gyzyna öýlenýär, Dakkak 1015-nji ýylda ýogalanda
onuň ýolbaşçylyk eden medresesine eýe bolýar. Elbetde, onuň
ömri hem döredijiligi hakda köp zatlary aýtsa bolar, ýöne biz
onuň şafygy mezhebine uýandygyny we bu mezhep boýunça
okuw kitabyny ýazandygyny aýtmak bilen çäk­lenmekçi. (Knyş
A.D. Musulmanskiý mistisizm. Moskwa – Sankt-Peterburg.
DILÝ., 2004).
21. Şafy – sünnülere girýän müsürli belli ymam Abu Abdyl­
lah Muhammet ibn Idris aş-Şafy (767-820) tarapyndan döre­
dilen mezhep. Şafylaryň kanunçylyk garaýyşlary hanafylaryň,
mälikileriň, hanbalylaryň garaýyşlaryndan düýpli tapawutlan­
maýar.
22. Tarih-i-Baýhaky. MITT, Tom 1. L.-M., 1935.
23. Soltanul-muazzam – at-owazaly, şöhratly soltan.
Dokuzynjy hekaýat
1. Tarih-i Baýhaky. MITT, Tom 1. M.-L., 1935.
1. Gurhanyň 93-nji süresiniň 5-nji aýaty.
2. Hyýlbaşy – atly goşunyň serkerdesi.
3. Genji-badawert
– şemal getiren baýlyk. Hysrow
Perwiziň sekiz hazynasynyň ikinjisi. Rowaýata görä, göýä Rum
patyşasy Hysrow Perwiziň hüjüminden gorkup, özüniň altynkümüşlerini gizlemek üçin gämä salyp bir ada ugradýar. Emma
12*
177
deňizde güýçli tupan turup, gämileri Perwiziň şalygyna alyp gel­
ýär. Perwiz ol baýlyklary ele salyp, köp mukdarda hazynaly bol­
ýar we bu hazyna «Ýel getiren hazyna» – genji-badawert diýip at
berýär. Orta asyrda ömri genji badawerde deňemek şahyrlaryň
arasynda ýörgünli bolupdyr.
4. Deýlem – Eýranyň günbatarynda ýerleşýän şäheriň
ady. Deýlemliler Buweýh, Kaku şalyklaryny döretdiler. Yslam
şalyklarynda esasy wezipeleri Deýlem şäherinden bolan adam­
lar eýeläpdirler. Buweýh şalygynyň synmagy – bu deýlemlilerden
hökmürowanlygyň geçmegi.
5. Kundur – ladan, dini dessurlar geçirilýän wagtynda ýa­
kylyp, tütedilýän ýakymly ysly, şepbeşik jisim.
6. «Kundur – sopylaryň hanakasy bar bolan ýedi sany
obanyň biridir» – Abu Sagt Abdylkerim Samgany Merwezi.
Şejere kitaby, 10-njy jilt.
7. Hajyp al-bab – şa bosagasynyň eýesi. Gürrüň Abu Nasyr alKundury hakda barýar. Kundury Togrul begiň iň soňky baş wezi­
ridir. Ol «Amydylmülk» – şalygyň sütüni diýen ada mynasyp bol­
ýar. Nyzamylmülk Togrul soltanyň wepatyndan soň Kunduryny
Alparslana ýamanlap, oňa agyr zulumlar etdirýär, ony biçdirdýär,
soňundan hem öldürdýär.
Onunjy hekaýat
1. Fiskal – habar beriji.
2. Gurhan. Ýigrimi ýedinji süräniň on sekizinji aýaty.
3. Gurhan. Ýigrimi ýedinji süräniň otuz dördünji aýaty.
4. Hannak – Andalusda balyk satýan adamlara «Hannak»
diýen nisbe berilýär. Abu Sagt Abdylkerim Samgany Merwezi.
Şejere kitaby. 11-nji tom.
5. Abulkasym Firdöwsi. Şanama. 608 sah.
On birinji hekaýat
1. Eljuk – aç. Bu sözüň sözköki arap dilindendir. Juk – aç
diýmekdir, «el» bolsa arap dilinde atlaryň öňünden goşulýan
goşulmadyr.
178
2. Käbe şerbeti – kofe. «Kofe» sözi Käbe sözkökündendir.
Ko­fäniň ilki dörän ýeri hem Arabystandyr.
3. Gurhan. 2-nji süräniň 286-njy aýaty.
On ikinji hekaýat
1. Urfis – patyşa goşuny haýsy obanyň deňine barsa, şol
obanyň ilatynyň goşuny azyk önümleri bilen üpjün etmek borjy.
2. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn II - 11
  • Parts
  • Altynjan hatyn II - 01
    Total number of words is 3629
    Total number of unique words is 2034
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 02
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2164
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2031
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 04
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1970
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 05
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 06
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2172
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 07
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2164
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2085
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 09
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2084
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 10
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2064
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 11
    Total number of words is 3507
    Total number of unique words is 2173
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    37.2 of words are in the 5000 most common words
    44.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2151
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2040
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 14
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2044
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 15
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2131
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 16
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2156
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 17
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1976
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 18
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2087
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 19
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2023
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 20
    Total number of words is 3723
    Total number of unique words is 1909
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 21
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1880
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 22
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 1944
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 23
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1971
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 24
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1896
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1941
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 26
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 2028
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 27
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2124
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 28
    Total number of words is 1126
    Total number of unique words is 678
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.