Latin

Altynjan hatyn II - 03

Total number of words is 3775
Total number of unique words is 2031
33.9 of words are in the 2000 most common words
46.9 of words are in the 5000 most common words
53.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
tek üçin iş gözläp ýör diýdiň-ä? Munça dinary bar adam biriniň
gapysynda gulluk etmez. Bu goja ýöne-möne goja däl diýdim-ä
men.
– Bir ýyl mundan owal biz tütjar baýdyk, bu gün şol baýlyk­
dan galan iň soňky baýlygymyzy – düwünçegimizi size berdik.
34
Utançsyzlar! Berlenini az gördüňizmi? Belki size egnimizdäki
eşiklerimiz-de gerekdir? – diýip, hatynak hatyn zöwwe ýerinden
galdy. – Size belanyň sapy gerek dälmi?
– Eý, eý, heleý, gapyl!
– Heleý-de bolsam, sen tetelli erkekden müň esse gowudyryn.
Eger adam bolýan bolsaňyz, iň soňky ýüz dinarymyzy alman,
gaýdyp beriň!
– Eý, heleý, gapyl diýýärin men saňa! Ýene ýeke agyz gür­
leseň, içiňden ýatagany geçirerin.
– Beýtmäge seniň gaýratyň çatmaz! Ony etmäge syrt gerek,
syrt!
– Merhemetli sahyplarym, bu bagtyýatan adamlara rehim
ediň! – diýip, hadym esgerleriň öňüne böwet boldy.
– Eý, hadym, sen näme samahyllaýarsyň?! Bil, biz bagty ýa­
tan adamlar däl. Bagty ýatan adamlar seniň öňüňdäkiler. Bu
pälazanlaryň eden etmişlerini biz Muhammet Togrul bege aý­
darys, hökman aýdarys.
Esgerler hatyn bilen deň bolmagy özlerine kiçilik bilip,
beýleki otaglary barlamak üçin gitdiler. Hadym yzyna öwrülip
geldi-de:
– Geplemäň, geplemäň! – diýip özelendi.
– Bular-a etjegini etmeli, bizem dymmalymy? Togrul bege
aýdyp, gözlerinde ot ýakarys biz bularyň!
– Gepleme, ýalbarýaryn. Rast, geplejek diýseň, onda ker­
wensaraýdan çykyp geple. Tä öldürýänçäler gürle. Şu ýerde
ölme! Ýogsam, bize maslyklary depin etmegem dert. Myhman
otagymyzy gara gana boýajak bolma! – diýip, hadym naýynjar
dillendi. – Ganyň ysy syçanyň ysyndanam erbet, birki aýlap aý­
rylmaýar.
– Sende günä ýok, ýöne bu mahawlara beýle hökmürowan­
lygy etmäge kim rugsat beripdir?
– Soň aýdaryn, soň! Häzir şular gidýänçä hiç zat diýme, aýal
dogan, hiç zat diýme! Bular häzir gidýär. – Hadym Gökhun goja
ýüzlendi. – Eý, saýybym, gaýrat edip, bu dilli kelläňe birsellem
«Gapyl!» diý! Ýogsam, bu özüniňem, seniňem öldürilmegiňe
sebäp bolar. Gaýrat et!
35
***
Ryzaguly Par Seýit kazy bilen maslahatlaşan-da, oňa söz be­
ren-de bolsa, hyýlbaşy Ahmede talap eden ýüz dinaryny berme­
di. «Ahmet hyýlbaşy gelse, ine, şu ýigrimi dinary beriň. Başga bir
hepbämiz-de ýok» diýip, Ryzaguly Par öz hyzmatkärlerine ýig­rimi
dinar goýup, ambarda gizlendi. Bu talaňçylyk ýüz dinaryň beril­
mändigi üçin bol­ýardy. Hyýlbaşy kerwensaraýdaky ýolagçylardan
üç ýüzden gowrak dinar jemledi.
Seljuk esgerleri hyzmatkärlerden kerwensaraýyň eýesi Ry­
zaguly Paryň tapyp getirilmegini talap edýärdiler. Hyzmatkärler
bolsa öz hojaýynlarynyň iki gün mundan öň Tusa gidendigini
nygtaýardylar.
Hyýlbaşy Ahmet ýene bir aýdan geljekdigini, şol gelen
wagty talap eden dinary taýýar bolmasa, onda kerwensaraýdaky
adamlary uçdantutma öldürjekdigini, kerwensaraýy bolsa ýer
bilen ýegsan etjekdigini tekrarlap gitdi.
Seljuk esgerleri gidenden soň kerwensaraýda ep-esli wagt­
lap dym-dyrslyk höküm sürdi. Hiç kim gürlemeýärdi. Ähli kişi
doňan ýaly bolup durdy.
– Men bu zatlary Togrul soltanyň hatyny, joram Altynjan
melikä hökman aýdaryn. Hökman aýdaryn. Bularyň gözlerinde
ot ýakdyraryn – diýip, hatynak hatyn otagdan çykyp gygyrdy. –
Ýerçeken, biziň ähli dinarymyzy alyp gitdi.
– Kalbyna, içeri gir! – diýip, Gökhun başyny galdyrman
oturyşyna azmly gygyrdy.
Kalbyna içeri girip, adamsynyň gapdalynda aşak çökdi. Ga­
haryna bäs gelip bilmän özbaşyna hüňürdedi:
– Men bu zatlary Togrul patyşaga aýdaryn, Altynjana-da aý­
daryn! Gözlerinde ot ýakaryn men bularyň!
Gökhun doňan ýaly bolup, gozganman oturyşyna hatynyna
gö­wünlik berdi:
– Allatagala bizlikdir. Ähli zat gowulyk bolar, enşa!
Hadym kürsäp içeri girdi.
– Eý, ýaşuly, sen nädäýdiň? Ýüz dinar berip goýberdiň-le sen?
– O zatlar bilen seniň işiň bolmasyn, sen bize owkatlyk getir.
36
– Sizde indi bir dirhem hem ýok. Owkatlygyňyzy nädip
hasap­laşjak?
– Nädip hasaplaşjagym bilen işiň bolmasyn, alamanyňa ýüz
dinar beren adam senem boş goýmaz.
Hadym Gökhuna geňirgenme bilen serede-serede çykyp
gitdi. Ep-esli wagtdan soň, dört sany epeý kişi içeri girdi.
Gelenleriň arasyndaky mapraç kişi saglyk-amanlykdan soň,
Gökhuna ýüzlendi:
– Eý, ýolagçy! Men şu kerwensaraýyň eýesi Ryzaguly Türk­
men. Maňa siz barada, Togrul begiň atlylaryna ýüz dinar
berendigiňiz barada aýtdylar. Men siz bilen tanyşmak isleýärin.
Siz maňa özüňiziň kimdigiňizi aýdyp bilmermisiňiz?
– Meniň kimdigim size näme gerek?
– Maňa aýdyşlaryna görä, siz Togrul begiň ýanyna barýan
bolmaly. Meniň bolsa, ýurduň abadançylygy, baýamagy, adalaty
üçin oňa ýetirmegi parz bilýän zatlarym bar.
– Hadymlaryňyz gaty bilesigeliji oglanlar eken, olar men
hakda eýýäm ähli zady bilýärler. Siz näme bilmek isleseňiz,
şolardan soraberiň.
– Olar meniň tabşyrygymy ýerine ýetirýärler, ýöne meniň
adamlarymdan size ýamanlyk gelmez, arkaýyn boluň.
Gökhun birsellem dymyp, söze başlady:
– Meniň kunýam – Gökhun bin Harur bin Aksungar, Ho­
rezminiň Gawşfinj şäheriniň häkimi bolup işledim, ýöne häzir­
ki döwürde häkimem däl, hiç kimem däl. Bary-ýogy bir harwar­
lyk ýüküm bar.
– Hatynyňyz Kalbyna Togrul begiň hatyny Altynjan hatynyň
ýakyn jorasymy?
– Size dogry aýdypdyrlar: hatynym Altynjan melikäniň ýa­
kyn jorasy. Biz Nyşapura uly umyt baglap barýarys, ýöne ol ýerde
bizi nähili garşylajakdyklaryny anyk bilmeýäris.
– Erkeklere görä hatynlar öz joralaryna has wepaly hem
yhlasly bolýarlar, biri-birini goldaýarlar. Siziň hatynyňyzy hem
Altynjan hatyn goldar. Ol meniň eşiden rowaýatlaryma görä, bi­
çak edenli hatyn bolmaly.
– Rowaýatlary?.. – diýip, Kalbyna gyzyklandy.
– Hawa, hawa, ol hakda köp gowy rowaýatlary eşitdim.
37
– Rowaýatlar arkaýynçylyk ýeriniň gürrüňi – diýip, Gökhun
beg rowaýat eşitmek islemeýändigini duýdurdy. – Siz Togrul
begi gördüňizmi?
– Hudaýa şükür, gördüm, hakyt elleşip salamlaşdym. Tog­
rul patyşa gaty üýtgeşik kişi eken.
– Nämesi üýtgeşik onuň?
– Gyr atyň üstünde egni jöwşenli, çaraýnaly, tuwulgaly,
dyzlykly, bir elinde ýaý bilen ok tutup oturyşy, gaty haýbatly
symmaty teý göz atuwymdan aýrylanok meniň. Ýörände ädimi
uludan däl-de, näme üçindir, kiçiden alýan eken. Meni haýran
galdyran zat onuň diýýän sözleri. Onuň diýýän sözlerini men
öň ýeke patyşadan hem eşitmändim. Ol gürlände özüne kö­
kerýär. Ol Nyşapura gelen gününiň ertesi uly bir kabul edişlik
gurady. Şol kabul edişlige gatnaşdym. Töwereginde adam kän­
di, şonuň üçin onuň bilen ine-gana gürleşib-ä bilmedim, diňe
elleşip salamlaşdym. Murty iki tarapa peýkam ýaly gezelip dur.
Kimiň saçy ýogyn hem berk bolsa, şol adamyň polat erki bardyr
diýýärler. Togrul begiň gezelip duran murtundanam onuň berk
erklidigi görnüp dur. – Ryzaguly Türkmen birsellem böwrüne
diň saldy. – Togrul begiň Ybraýym atly bir dogany bar eken.
– Ybraýym diýdiňizmi?
– Hawa, ol patyşanyň dogany. Ol gije-gündiz ylgap, işläp
ýören nazarkerde serkerde. Mähriban kişi, nurana kişi.
Eşiklerini görseň welin, nebsiň agyrýar. Patyşanyň inisi, serker­
de diýer ýaly däl, egin-eşigi hakyt sal-sal, hakyt kir. Men ony ker­
wensaraýa çagyryp, ýuwundyryp, eşigini täzeläbem biljekdim,
ýöne beýtsem, onuň maňa nädogry düşünmegi, gaharynyň gel­
megi mümkin. Ondan her hili ýowuzlygyň çykmagy mümkin...
– Ybraýym barada näme üçin beýle pikir edýärsiňiz...
– Men bütin ömrüme adamlar bilen iş salyşdym, şonuň üçi­
nem adamlaryň daşky keşmerlerine seredip, olaryň käbir gylykhäsiýetlerini bilýärin.
– Ybraýymy ýowuz hasaplaýarsyňyzmy?
– Hawa, men ony gaty ýowuz adam hasaplaýaryn.
– Siz onuň ýowuzlygyny gördüňizmi?
– Ýok, görmedim.
– Onda näme?
38
– Men aýtdym ahyryn ol sal-sal eşikde diýip.
– Sal-sal, kir eşikli adamlar ýowuz bolýarlarmy?
– Bir söz bilen aýtsam, hawa, şeýle adamlar ýowuz bolýar­
lar. Ybraýymyň üst-başyna geleň etmezligi, sal-sallygy onuň
geleňsizligini aňladýar. Geleňsiz adamlar bolsa şowsuzlyklara
köp uçraýarlar. Şowsuzlyklar Ybraýym ýaly adamlaryň gaharyny
tiz getirýär. Şowsuzlykda oňyn çözgüt tapman köplenç ýowuzlyk­
lara ýüz urýarlar. Onsoňam özüne üns bermeýän kişiniň özgäde üns bermejekdigi düşnüklidir. Ybraýym tekepbir adam bol­
maly. Tekepbir kişiler bilen düşünişmek kyn bolýar. Olar ýaly
adamlaryň akyl käsesi öz akyly bilen doly bolýar, başga biriniň
akylyny almaýar, sebäbi akyl käsesinde ýer ýok.
Gökhun kerwensaraýyň eýesiniň Ybraýym hakda mundan
artyk gürlemegini islemedik bolarly, onuň sözüni böldi:
– Sen Togrul patyşaga meniň näme habar ýetirmegimi
isleýärsiň? Onsoňam ýaňky gelip giden talaňçylar kimler?
– Meniň Togrul patyşaga ýetirmek isleýän möhüm ha­
barlarymyň biri Horasanyň öňki hökümdary Surynyň hazynasy
hakynda, ikinji habarym – özüm üçin iň ähmiýetli habarym bol­
sa, ýaňky talaňçylyk bilen baglanyşykly. Ýaňky talaňçylyk eden ser­
kerdä Ahmet hyýlbaşy diýýärler. Ol Horasanyň köp kerwensaraýy­
na aýda salgyt salýar. Özem ol salgyt Togrul begiň hasabyna däl,
ýok, diňe onuň käbir emeldarlarynyň hasabyna. Men bu zatdan
Togrul begiň habarsyzdygyny anyk bilýärin. Begiň ynamyndan
peýdalanyp, eden-etdilik edýärler. Beg Horasanyň ilatyny iki ýyl
salgytdan boşatdy ahyryn! Ahmet hyýlbaşy bolsa aýda ýüz dinar
bermegimi talap edýär. Wah, patyşalyk üçin ýa sogap, haýyr-yhsan
üçin gerek diýseler, onda men ýüz dinar berjek, ýöne haramylyk
üçin ýeke nohut hem bermek islemeýärin.
Bir hyzmatkär gelip, Ryzaguly Paryň gulagyna çawuş çakdy.
Onuň habaryny diňlän Ryzaguly Par baş atyp, Gökhuna ýüzlendi:
– Gökhun beg, eger garşy bolmasaňyz, Kalbyna bibi goňşy
otaga geçsin, meniň hatynym siziň hatynyňyz bilen owkat
edinmek isleýär. Biz hem siziň bilen aýratyn naharlanaly!
– Ýok, biz häzir gaýtmakçy.
39
– Siz gije ýatmakçy ekeniňiz-ä?!
– Hawa, başda ýatmakçydym. Indi ýatmakçy däl. Men
Nyşapura howlugýaryn. Bu bolan wakany bege tizden-tiz ýetir­
megi borjum hasaplaýaryn. Onsoňam hasaplaşar ýaly, mende
bir dirhem-de ýok indi.
– Siz beg kişi, ýoluňyz düşende üzülişjegiňize men ynanýaryn.
– Ýok, ýok.
– Onda gaýrat edip, Togrul patyşaga hyýlbaşynyň eden-et­
diligi hakdaky habary ýetiriň. Her kim meni Abul-Fazl Sury ýaly
baý hasap edýär, Surynyň baýlygy ýaly baýlygy bardyr öýdýär.
Ýöne onuňky ýaly baýlyk mende nireden bolsun?! Meni her
aýda, her hepdede talaýarlar. Ähli kişi Ryzaguly Paryň üstü­
ne baýlyk ýagyp durandyr öýdýär, bezirgenden bir dirhem
almagyň nähili hupbatlydygyny bilenok adamlar. Men adam­
lara teý düşünemok. Talajak bolsa, hyýlbaşy Ryzaguly Paryň
kerwensaraýyny däl-de, Abul-Fazl Surynyň Pumba etrabyndaky
gizläp goýan hazynasyny talasyn.
– Abul-Fazl Surynyň hazynasy Pumba etrabyndamydyr?!
– Ine, meniň Togrul bege ýetirmek isleýän esasy habarym.
Sury Horasanyň hazynasyny Nyşapurdan çykaran-da bolsa,
ony entek Gazna aşyryp bilenok. Gazna aşyrmak üçin amatly
pursada garaşýar ol. Ähli ýerde Togrulyň adamlary seredip
duransoň, häzir edip bilýän zady ýok. Wa-daryg-a, meniň ja­
nym ýanýar. Elimde goşunym bolsa, göni Pumba etrabynyň
Mikali galasyna gitjek, ähli baýlyklaram alyp gaýdyp Togrul
patyşaga berjek.
– O näme üçin Togrul patyşaga? Arzuw edeniňde beri:
«Özüm aljak» diý.
– Ýok, ýok, dogan, ol hazynany men halal ojagyma getirip
bilmerin. Ol hazyna – Horasanyň halkynyň gözýaşy. Ol gözýaşy
öýe getirsem, meni Allatagala halamaz. Öz gazanjym özüme ne­
sip etse, maňa dünýäde başga hiç zat gerek däl.
– Ýagşy dilegde bol!
Gökhun bilen Kalbyna üsti ýükli gök ýorgany yzlaryna
tirkäp, Nyşapura bakan ýola düşdi.
40
II.
Togrul beg gije dynjyny alyp, aladaňdan oýandy. Hyz­
matkärler eýýäm hyzmata gaýym bolup durdular. Beg daşarda
ýazylan düşegiň üstünde aýbogdaşyny gurap oturdy. Iki sany in­
çesagt hyzmatkär bolsa, bege ýasama sakgal oturdýardy.
Begiň egnine dökülip duran buýra-buýra saçy bardy. Elli
ýaşa ser uransoň, onuň uzyn saçlary altynsow öwüsýärdi. Murt
ony haýbatly görkezýärdi. Sakgalyň oturdylmagy bilen ol pähim­
dar goja öwrüldi.
Togrul begiň sakgal oturtdyrmasynyň iki sebäbi bardy. Bi­
rinji sebäp belli bir derejede ýüzüni örtmek – özüni tanatmaz­
lyk bilen baglanyşyklydy. Ikinji sebäp – özüniň türkmendigini
ýaşyrmakdy. Ine, bu esasy sebäpdi. Çünki köp musulman halk­
lary ýaly, türkmenler gojalyk ýaşyna baraýmasalar, aňsat-aňsat
sakgal goýbermeýärdiler.
Elbetde, günde sakgalyňy syrdyrmak – Togrul her juma
güni sakgalyny syrdyrýardy – aňsat däldi. Şeýle-de bolsa, Togrul
beg murtuna timar berýärdi, sakgalyny syrdyrýardy. Onuň iki
sany dellegi bardy.
Iki hyzmatkär öz işine ezberdi. Sebäbi olar bu günki işlerini
birinji gezek edenokdylar, olar Togrul begden derwüş-de, ge­
daý-da, täjir-de, ulama-da ýasapdylar. Olara näme etmelidigi
– bu gün begiň kim bolmalydygyny aýdaýmalydy, galan zatlary
olaryň özleri oňarýardy.
Iki hyzmatkäriň öňünde goýlan bu günki wezipe Togrul
begi ötegçi sopa öwürmekdi.
Ötegçiniň goş-golamy bolmaly. Elbetde, ol goş-golam
Nyşapurda taýýar edilipdi. Häzirki edilmeli iş bege sopynyň
egin-eşigini geýdirmek bilen sakgal oturtmakdy.
Hyzmatkärler diňe sakgal oturtmak bilen çäklenmediler,
begiň gaşyna ep-esli ak gaş hem goşdular, soňam kellesine köne
bir peşi omrakaý sümürdiler. Ine, saňa gözüňe süweýin sopy.
Gözlerine siňe seredäýmeseň, garşymdaky Togrul patyşadyr
diýip pikir eder ýaly däl.
Hyzmatkärler bege sag gözüni ýumup gezmegini maslahat
berdiler. Ýöne beg sag gözüni ýumsa, sol gözi-de biraz süzüldi.
41
– Altynjan taýýarlyk görýärmikä? – diýip, Togrul beg
garşysynda aýbogdaşyny gurup oturan Peýkama ýüzlendi.
Peýkam gozganman oturyşyna jogap berdi:
– Altynjan taýýar, hymasynda saňa garaşýar.
Togrul beg weziri Abylkasym Buýanyny ýanyna çagyrdy.
Oňa özüniň maksadyny – etmekçi bolýan işini düşündirdi. We­
zir begiň pikirini onçakly oňlamady:
– Begim, häzirki döwürde deýlemli4 bolup ýat ýere barmak
örän hatarly. Şonuň üçin siz özüňizi deýlemli diýmän başga bir
ýerden geldim diýseňiz, gowy bolar.
– Sen howatyrlanma, wezir, maňa hiç zat hem bolmaz. Men
ätiýaçly bolaryn. Goý, olar meni bagty ýatan deýlemli hasap et­
sinler. Hatynym ikinji betbagtlygym bolsun. Men hatynym bilen
Deýlemden Gazna barýaryn. Meniň aslym Gaznadan bolsun.
Meni birmahal soltan Mahmyt Gaznaly Deýleme gönderen eken.
Men Deýlemde soltanyň tabşyrygyny ýerine ýetiripdirin. Indi
meniň halymdan habar alýan ýok. Şonuň üçin ölmänkäm gara
göwrämi Gazna atmagy makul bildim. Men mazarymyň dogangaryndaşlarymyňkydan alysda bolmagyny islämok.
– Togrul beg, Abylkasym örän hak aýtdy, bu gün deýlem­
li bolmak örän hatarly. Deýlemlilerden ýaňa jany ýanyp ýören
adamlar kän. Asyl deýlemlilerden sütem görmedik adam ýok.
Şonuň üçin obanyň adamlary üstüňe arlap ýeňseler, biz bärden
kömege ýetişip bilmeris. Soňky puşmandan hem peýda bol­
maz – diýip, Peýkam howatyrlandy. – On-on bäş haşym derwüş
eşiginde ýanyňda bolsun.
– Gerek däl. Men halkyň deýlemlilere hem seljuklylara
garaý­şyny göreýin.
Şunuň bilen gürrüň gutardy.
***
Togrul beg aw awlamak üçin mirşikarynyň ýolbeletligin­
de iki müňden gowrak atly bilen Nyşapuryň Bust etraby bilen
Turaýsys etrabynyň aralygyndaky tokaýlyga geldi. Beg aw awla­
mak üçin diýip gelen-de bolsa, esasy maksady aw däldi, ötegçi
42
sopynyň eşiginde Bustuň etegindäki obalaryň hanakalaryna
aýlanyp görmekdi, ol ýerde edilýän gürrüňleri gulagy bilen
diňlemekdi, bolýan ahwalatlary, wakalary gözi bilen görmekdi.
Togrul begiň Bustuň etegindäki obalaryň hanakalaryna
aýlanyp, ol ýerleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak islemeginiň sebä­
bi mundan bir hepde öň üç kişiniň köşge ýörite arz bilen gelme­
gidi. Olaryň aýdan sözleri Togrul begi iňkise salypdy, şol aýdy­
lan zatlary ýerinde barlap görmek üçin hem bu ýere gelipdi.
***
Argun ibn al-Perhat atly Deýlemden gelýän sopy öz dogduk
mekanyna gitmek üçin ýerinden turdy, egnine içi bir döwüm
zagaraly keşkulyny atdy. Onuň hatyny Gülýüzli hem öz hy­
masyndan çykdy.
Argun garşysynda duran garry kempiri tiňkesini dikip
synlady:
– Kim sen?
– Eý, Argun sopy, halys garrapsyň, öz hatynyň Gülýüzlinem
tanaňok, sen.
– Gülýüzlimi sen?! – diýip, Argun güldi.
– Eýsem, kim bolaýyn?! Gülýüzli men.
– Gowuja seredeýin onda, obanyň içinde ýitirip, soňundan
«Buý-a meniňki däl» diýip ýörmäýin.
– Sag gözüňe näme boldy?
– Jamedarlar obada görere gowy zat ýok, bar zady görmek
üçin bir gözem ýeterlik diýdiler.
– Sesiňiz-ä öňki – diýip, Gülýüzli adamsyna gülüp bakdy.
– Onda ugraly, Gülýüzli kempir.
– Hatyndyryn, ärimiň emrine kaýyldyryn.
Argun hatynyny iki örküçli, üsti goş-golamly düýä mündür­
di. Soňam düýäniň öňüne düşüp, pyýadalap ýola düşdi.
– Oturyşyň rahatmydyr? – diýip, Argun düýäniň üstünde
oturan hatynyndan birki gezek sorady. Hatynyň rahat otu­
randygyndan kanagatlanan Argun süňňüýeňillik bilen gadam
urdy.
43
***
Togrul bu gezek gadymy oguzlaryň durmuşyndaky bir täsin­
ligi ýurdy edara ediş işinde ulanmagy müwessa bilipdi. Bu örän
ýerlikli boljakdy. Islendik meseläniň oňyn çözgüdine eltýän iş
ýerlikli iş ahyryn!
Däp halkyň ruhy sypatynyň milli durmuşda ýüze çykma­
gyndan, onuň durmuşda amal bolmagyndan başga hiç zadam
däl. Oguz-türkmen ruhunyň bir sypaty-da keşpleşmek, bir
närsäniň başga biriniň sypatyna girmegi.
Togrulyň Argun, Altynjanyň Gülýüzli bolmagy oguz
ruhunyň oýnundan habar berýärdi. Durmuşyň özünden gizlin
hakykatyny açmak üçin, adatça, oýun gerek bolýar. Oýun bol­
man, diňe dünýäde çyn bolsady, onda ýaşaýyş birtaraplaýyn
köçe ýaly zat bolardy. Bir reňkli ýaşaýyş bolardy.
Şeýle keşbe girişlik Togruldyr Altynjanyň durmuşynda
soňam köp gezekler bolupdy. Olar hatda özlerinden bihaba­
ram, gör, näçe gezek özge keşbe giripdiler. Çünki söz bar ýe­
rinde keşp hem bar. Adam geplemäge ukypsyz bolsady, onda
başga keşbe, özgäň derisine girmek zerurlygy bolmasa-da bol­
mazdy. Söz adamy gönümel barlykdan aýrybaşgalaşdyrýar, söz
adama ýalaňaç dünýäni eşikli, gözel hem manyly bir zada öwür­
mek üçin derkar. Söz üýtgäp-özgerip, her hili öwsüp durýar,
adamam sözüň yzyna eýerip üýtgäp-özgerip durmak gylygyna
eýe bolýar. Muňa diriligiň oýny diýilýär.
***
Güýzüň soňky günleridi. Dal-daragtlary tebigatyň Ezraýyly
– hazan ýeli dalansoň, daş-töwerek sarymtyl öwüsýärdi. Tokaý
daragtlary tyllasöw ýapraklaryny ýere düşek edip ýazypdy. Haýsy
tarapa seretseň, tokaýlykdy, daglykdy. Dagyň tokaýlyga çümüp
oturan giň jülgesi hasyly ýygnalan peller bilen uzap gidýärdi.
Töwerekde ünsüňi egleýän zat nazara kaklyşmaýardy.
Aladaňdan iki müň atly toparyň arasyndan çykyp gaýdan
düýeli gojany yzarlaýan ýaly, al-asmanda äpet bürgüt pel-pel­
leýärdi, uzak gitmeýärdi. Ol göýä Argun ibn al-Perhada garawul­
45
lyk edýän ýalydy, ganatyny käte bir hereketlendirip, al-asmanda
gaýyp ýördi.
Ýiti nazarly bürgüt äwmän-telesmän öz beýikliginden ýer­
däki bolýan ähli zatlary synlaýardy, howluganokdy.
– Ýokarda begiň bürgüdi bar – diýip, Gülýüzli bürgütden
gözüni aýyrman dillendi. – Görýärsiňizmi, Argun sopy?!
– Görýärin, görýärin, Gülýüzli kempir – diýip, Argun bürgü­
di höwes bilen synlady. – Oguz han ýörişe ugranda onuň öňüne
gökböri düşüpdir, ýol görkezipdir, meniň öňüme bolsa, görşüň
ýaly, hana, şol bürgüt düşýär. Bu bürgüt Nur etrabyndan çykyp
gaýdanymdan bäri meni garawullaýar. Özem, haýran galaýmaly,
öňüme şu bürgüt düşende işim mydama şow alýar. Bu bürgüt,
meger, Alla tarapyndyr?! Bu ýerde bir hikmet-ä bar, ýöne men
ony anyk düşündirip bilemok. Men ýörişe ugrajak bolanymda
ýokaryma seredip, bürgüdi agtarýaryn. Bürgüdiň ýokarda ganat
ýaýyp ýörendigini görüp, ynam bilen ýola düşýärin.
Hakykatdanam, bürgüt düýesini iýdip barýan Argundan
uzaklaşmady, nirädir bir ýere gitse-de, biraz salymdan dolanyp
geldi. Özem ol gökböri deýin Argun sopynyň barýan ugruny
görkezýän ýalydy, öňdedi.
Altynjan bürgüde seredip barşyna Tümen daýysynyň: «Men
ölsem, ruhum bürgüde öwrüler, sizi goraryn» diýen sözlerini,
şeýle hem ýaşlykda her gezek bürgüt görende: «Ber gut!», «Ber
gut!» diýip, dileg edip gygyryşyny ýatlady. Bu zatlar hakda «Ar­
gun sopa» her näçe aýdasy gepse-de, dymdy.
– Altynjan, biz ýaşkak bürgüt görsek: «Ber gut! Ber gut!»
diýip gygyryşardyk hemem oňa näme arzuw edýändigimizi aý­
dardyk. Sizem şeýdip dileg salardyňyzmy?
– Men häzirem dileg edýärin.
– Näme dileg etdiň?
– Men jan saglygyny diledim, rowaçlyk diledim.
– Onda maňa diňe jahangirlik diläýmek galypdyr-da? –
diýip, Togrul beg güldi. Bürgüde ellerini serip, gygyryp dileg
etdi: – Eý, bürgüt, ber gut, bagt ber! Jahangirlik ber! Külli mu­
sulmana hökmürowanlyk etmäge izin ber!
46
***
Argun düýesini iýdip aladaňdandan tä günortana çenli dag
jülgesiniň beýikli-pesli depeleriniň arasy bilen ýöredi. Ahyr ýoda
burundyk baglyga çümüp oturan uly bir obanyň üstünden eltdi.
Bu oba Kundur5 diýlip atlandyrylýardy. Obanyň bu ady
götermeginiň sebäbi bu ýerde, esasan, kundur ýetişdirilýänligi
we kundur söwdasynyň edilýänligi bilen baglanyşyklydy. Täjir­
ler uzak ýerlerdenem bu ýeriniň kunduryndan satyn almak üçin
gelýärdiler. Onuň hem sebäbi başga ýerleriň kundurlary bilen
deňeşdireniňde bu ýeriniň kundury görnetin gowudy. Onsoňam:
«Kundur – sopularyň hanakasy bar bolan ýedi obanyň biri».6
Obanyň bir gyrasyndan gelip giren Argun sopy sopularyň
hanakasynyň nirededigini bilmek üçin oýnap ýören oba
oglanlarynyň iki sanysyny ýanyna çagyrdy.
Oglanjyklar sopynyň sowalyna hiç hili jogap bermän, beýle­
ki hütdük külbelerden tapawutlanyp duran öýe bakan ylgap git­
diler, ol öýden bir juwany alyp geldiler.
Ýüzi-gözi gülüp duran nurana juwan gelip, edep bilen salam
berdi, Argun sopyny aýaly bilen obanyň hanakasyna alyp bardy.
Juwanyň bolşy aşa gadyrlydy, ylla ençe ýyldan soň ýegre dos­
tuny tapan ýalydy, geleniň kimdigi bilen asla gyzyklanmaýardy:
hanakalaryň birine ýerleşdirjekdigini, iýip-içmekleri, dynç almak­
lary üçin ähli şertleriň bardygyny, bu ýerde dürli şäherlerden
gelen derwüşleriň, galandarlaryň, ulamalaryň kändigini, olaryň
ylmy pikir alyşmalar gurnaýandyklaryny ýolugra aýtdy.
– Eý, goçgar, sen biziň kimdigimizi, nireden gelip, nirä barýan­
dygymyzy soramadyň-la? – diýip, Argun nurana juwana ýüzlendi.
– Gelen gonagyň kimdigini soramak gelşiksiz bolar.
Taňrynyň ähli bendesi deň. Taňrynyň ähli bendesi – gonak. Biz­
de: «Myhman ataňdan uly» diýilýär.
– Taňrynyň ähli bendesi bu dünýä gonak diýeniň dogry,
ýöne ähli bendesi deň diýeniň dogry däl. Adam adamdan parh­
ly. Dünýäniň manysy-da şol parhda. Biler bolsaň, goçgar, baran
obalarymyzyň birnäçesinde bizi myhman almadylar...
– Oňarmandyrlar – diýip, juwan gyýyldy.
47
– Meniň kimdigim seni şindem gyzyklandyranokmy, goçgar?
– Siz bu gün biziň obamyzyň gonagy. Ine, meniň üçin iň esasy
zat şu. Diýmek, meniň borjum obamyza gelen kişilere gowy hyzmat
etmeli, olaryň biz hakda gowy pikirde bolmagy üçin çalyşmaly. Siz
özüňizi maňa ýaramaz adam hökmünde görkezmäge çalyşýarsyňyz,
ýöne men adamlary bir görenimde tanaýaryn.
– Meni-de tanadyňmy?
– Tanadym.
– Hany, aýt!
– Siz erenlerden pataly kişi.
– Ýalňyşýan bolaýma?!
– Ýok, ýok, men ýalňyşamok, ýöne meni bir zat geň gal­
dyrýar.
– Näme?
– Siziň ýekeligiňiz.
– Men ýeke däl, ýanymda hatynym bar.
– Menem şony aýdýaryn: ýanyňyzda hatynyňyzdan başga hiç
kimiň ýoklugy meniň akylyma sygmaýar.
– Meniň ýanymda kimdir biri bolmalymy?
– Siziň ýanyňyzda köp adam bolmaly.
– Näme üçin?
– Sebäbi siziň özüňize çekiji, özüňize tabyn ediji içki
güýjüňiz bar. Şeýle güýjüňiz barka siziň ýekeligiňiz maňa juda
syrly görünýär.
– Sen onda men babatda ikinji gezek ýalňyşdyň.
– Ýok, saýybym, men aňsat ýalňyşmaýaryn. Siz begzada ne­
beresinden bolmaly.
– Bu sözüň-ä dogry.
– Siz taýsyz batyr adam. Siz taýsyz pähimdar adam. Siz
sopularyň eşigini geýen bolsaňyzam, sopuçylyk bilen günema­
ňyzy dolaýan adama meňzemeýärsiňiz. Ýogsa-da siziň sag
gözüňize näme boldy?
– Sag gözüm dogabitdi görenok.
– Gabagyňyzyň tirpildäp durşy sag gözüňize bir zat bolan­
dygyndan habar berýär.
Argun syry açylyp barýan ýaly howlukmaç gürledi.
48
– Synçylygyňa göwnüm ýetdi. Sen şa köşgünde işlemäge my­
nasyp goçgar ekeniň. Men Deýlemden çykanymda gözüme bir
zad-a gaçdy, çala azar berýär.
– Deýlemden diýdiňizmi?
– Hawa, Deýlemden. Näme üçin sägindiň? Meniň aslym
Gazna şäherinden. Sen dogry aýtdyň, men begzada nebere­
sinden – soltan Mahmyt Gaznalynyň neberesinden. Men hem
edil Mahmyt ýaly Gaýa neberesinden, Men öň soltan Mahmyt
Gaznalynyň köşgünde işleýärdim. Ol meni Deýlem welaýatyna
işe ugratdy. Men ol ýerde on bäş ýyllap gulluk etdim. Indem,
özüň bilýärsiň, soltan Mahmyt ýok, Horasana seljuk begleri
hökümdar boldular. Deýlemde-de seljuk jemagatlary höküm­
darlyk edýärler. Indiki maksadym sag-aman öz garyndaşlarymyň
arasyna gowuşmak, Masudyň ýanyna barmak.
– Hä, ýaňky «Baran käbir obalarymda meni myhman al­
madylar» diýen sözüňiz düşnükli indi maňa. Beýle bolsa, onda
Gur ýoluna düşýänçäňiz, siziňki aňsat bolmaz. Men hem raýisi­
mize habar etmän, sizi hanaka ýerleşdirip bilmerin. Siz maňa şu
ýerde biraz garaşyň, habar berip geleýin.
– Öz raýisiňe aýtmak hökmanmy, eý, goçgar?!
– Aýtmasam bolmaz.
– Sen bu hakda raýisiňe aýtma, men saňa ýüz dinar bereýin.
– Saýybym, men sizden towakga edýärin, meniň ýanymda öz
mertebäňizi peseltmäň. Şu habary siz maňa aýtmadyk bolsaňyz,
özüňiz üçin gowy bolardy, ýöne siz ynsabyňyzyň öňünde
päkligiňizi saklamak üçin hakykaty aýtdyňyz. Indem meni satyn
alyp, mertebämi peseltjek bolýarsyňyzmy? Men öz mertebämi
herki zatdan ýokarda goýýaryn, ynsabymy, mertebämi hiç ma­
hal dinara, baýlyga çalyşmaryn. Eger çalyşsam, onda bu halallyk
öýüne gadam basyp bilmerin. – Hoşroý juwan gaty-gaty ýöräp,
kileň juwar ak eşikli sopularyň ýygnanyşan ýerine ugrady. Mege­
rem, ol obanyň raýisiniň ýanyna däl-de, hanakanyň sahybynyň
ýanyna gitdi.
Hälki nurana juwan köp wagt geçmänkä peşeneli bir kişiniň
yzyna düşüp geldi.
4*
49
Sahyp sowuk-sala saglyk-amanlyk soraşandan soň, esasy
gürrü­ňe geçdi:
– Eý, Allanyň bendesi! Biziň hanakamyzda edil şu mahal
orun-ýer ýok, olaryň ählisi doly. Siz bizden aýyplaşmaň. Biz sizi
kabul edip biljek däl.
– Bize köp ýer gerek däl...
– Bizde ýer ýok.
– Biz hanakanyň daşişiginde ýatybereris.
Sahyp sypaýyçylyk bilen Arguny kowup bilmejekdigine
düşündi:
– Eý, goja! Sen meniň dek başymy depirjik äre berjek bol­
ma! Tizden-tiz şu ýerden git!
– Näme üçin?
– Git diýdim, git, gutardy! Git! Gep düşündirip oturmaga
wagtym ýok meniň.
– Siz näme üçin meni Allanyň öýünden kowýarsyňyz?
Meniň näme ýazygym bar? Men hem edil siz ýaly musulman.
Özüm sünni, hanafy mezhebine uýýaryn. Siz hem şeýle bolmaly.
Biziň ählimiz dogan. Biziň ählimiz Allanyň bendeleri. Hanaka­
lar hökümdarlara däl-de, Allatagala tabyn.
– Derrew şu ýerden git! Ýogsamam zor bilen eliňi-aýagyňy
güýlüp obadan çykararyn!
– Şu sözleri aýtmaga gaznalylardan iýen duzuňdan utan!
Seni şu derejä ýetiren gaznalylardyr.
– Men seniň nagylyňa mätäç däl!
– Men Deýlemden gelýändigimi aýtsam, juda gorkduňyz.
Täze seljuk hökümdary şeýle rehimsizmi?
– «Gorkduňyz?» diýip, «Rehimsizmi?» diýip, gyşyk gürrüň
etme! Hökümdaryň talabyny berk berjaý etmek her bir raýatyň
borjy. Men öz borjumy berjaý edýärin. Onuň üçin menden nägi­
le bolmaga hiç kimiň haky ýok.
– Meniň Deýlemden gelýändigimi, Gazna barýandygymy
ikiňiz­den başga hiç kim bilenok, siz maňa ýagşylyk ediň!
– Şu ýigit sizi obadan çykaryp goýberer.
Juwan sypaýy ýylgyrdy:
– Ýörüň, men sizi ugradaýyn.
50
– Biz gije meýdanda ýatalymy? Bize gije ýatar ýaly ýer beriň.
Daň bilen gideris.
Sahyp Arguna ýigrenç bilen seretdi:
– Äl, kejeňek goja ekeniň!
– Meniň öýle namazyny okamaly wagtym boldy.
– Obadan çykyp oka.
– Oňa ýetişmerin. Onsoňam men nädip täret alaýyn?
– Ol seniň öz işiň.
– Günä galýarsyň sen.
– Alajym ýok.
Bu soňky sözdi. Şondan soň Argun sahyp bilen gürleşjegem
bolup durmady.
– Ýörüň, men sizi ugradaýyn – diýip, nurana juwan ikinji
gezek öz hyzmatyny mürehet edeninden soň, Argun hatyny bi­
len onuň yzyna düşdi.
Ýolda olaryň öňünden ona golaý ýedi-on ýaşlar aralygyndaky
oglan çykdy. Olar gelip sypaýy juwanyň daşyna aýlandylar. Sy­
paýy juwan olaryň hersine hoş söz aýdyp, başlaryny sypady.
– Kimiň çagalary bular? – diýip, Gülýüzli sypaýy juwandan
sorady.
– Bularmy? Bular meniň ogullarym!
On sekiz-ýigrimi ýaşlaryndaky juwanda on çaganyň bolma­
jagy bellidi. Bu ýerde bir düşnüksizlik bardy. Ol düşnüksizligiň
nämedigini sypaýy juwan-a aýtmady, Gülýüzli-de soramady.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn II - 04
  • Parts
  • Altynjan hatyn II - 01
    Total number of words is 3629
    Total number of unique words is 2034
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 02
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2164
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2031
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 04
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1970
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 05
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 06
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2172
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 07
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2164
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2085
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 09
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2084
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 10
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2064
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 11
    Total number of words is 3507
    Total number of unique words is 2173
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    37.2 of words are in the 5000 most common words
    44.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2151
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2040
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 14
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2044
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 15
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2131
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 16
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2156
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 17
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1976
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 18
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2087
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 19
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2023
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 20
    Total number of words is 3723
    Total number of unique words is 1909
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 21
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1880
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 22
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 1944
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 23
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1971
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 24
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1896
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1941
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 26
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 2028
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 27
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2124
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 28
    Total number of words is 1126
    Total number of unique words is 678
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.