Latin

Altynjan hatyn II - 04

Total number of words is 3746
Total number of unique words is 1970
32.8 of words are in the 2000 most common words
44.8 of words are in the 5000 most common words
52.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Sypaýy juwan olary öz öýüne eltdi.
– Ine, şu otagda namazyňyzy okaň, gije ýatarsyňyz. Ertir ir­
den men sizi ugradaryn – diýip, ol adaty bir otagy görkezdi. –
Size iýip-içer ýaly owkady meniň ogullarym getirip bererler.
Juwanyň aýdyşy ýaly boldy, olara iýip-içer ýaly tagamy ýolda
öňlerinden çykan oglanjyklar getirip berdiler.
Är-aýal halys ajygan eken, hezil edip naharlandylar.
Tokaýda keýik bilen käkiligiň köpdügi baradaky habar dog­ry
bolmaly. Olaryň öňlerine goýlan tagam hem käkilik bilen keýik
etlerinden taýýarlanan kakmaçlardy. Megerem, ajygandyk­la­
ry üçin bolsa gerek, iýýän tagamlary aşa tagamlydy, iýdikleriçe
iýesleri geldi.
51
***
Juwan, aýdyşy ýaly, daňdan geldi:
– Ýola düşmeli wagtyňyz boldy.
– Ýagşy, goçgar, sen maňa uly daldaw berdiň, anaýat etdiň.
Töwekgellik edip gonak aldyň. Şonuň üçin sen menden şu aklygy
kabul et! – diýip, Argun juwana dirhemli düwünçegi uzatdy.
– Ýok, maňa siziň puluňyz gerek däl, ýoluňyz uzak, özüňize
gerek bolar – diýip, juwan çürt-kesik garşy çykdy.
– Aýyplaşma welin, senden bir zady soramakçy.
– Soraň, soraň.
– Seniň bizi öýüňde gonak almagyňa – töwekgellik etmegiňe
näme sebäp boldy?
– Bir söz bilen jogap bersem, siziň halallygyňyz. Hakykaty –
kimdigiňizi ýaşyrman aýtmagyňyz. Siziň bu häsiýetiňiz diňe ha­
latly, ýagşyzada adamlara mahsus. Onsoň şeýle halatly ýagşyzada
kişä hemaýatymy ýetirmek isledim.
– Adyň näme?!
– Maňa Abu Nasr Muhammet bin Abu Salyh bin Mansur
bin Muhammet Kundury Jerrah diýerler. Men dihkan diýilýän
baýlaryň neslinden.
– Sowadyňy çykdyňmy?
– Geçen ýyl Nyşapuryň baş medresesini tamamladym.
– Kimden tälim aldyň?
– Meniň bagtym getirdi: men ymam Muwaffak an-Nyşa­
purynyň elinde okadym.
– Beýle atly ymamdan ylym öwrenip, obada wagtyňy öldü­
rip ýörmäň näme? Köşge barmaly ekeniň. Seniň ýaly müwed­
depli ýigitler köşge gaty köp gerek. Togrul patyşanyň köşgünde
haýyr-hasanat etmegiňe mümkinçilik köp bolar.
Juwan hiç zat diýmän uludan demini aldy.
– Togrul beg köşge işe çagyrsa bararmyň?
– Ýok, barmaryn.
– Şa köşgünde işlemek her kese ýetdirenok ahbetin.
– Dogry.
– Onda näme?
52
– Agzymy gana bulasym gelenok.
Häliden bäri sesini çykarman oturan Gülýüzli gürrüňe
goşuldy:
– Seniň Togrul begden göwnüň galan ýeri bar öýdýärin?!
Biz köp obalara bardyk, baran obalarymyzda Togrul bege alkyş
okaýarlar. Togrul begi halamaýan adama birinji gezek gabat
geldik.
– Dogry, men Togrul begi halamaýaryn.
– Ähli kişi oňa alkyş okaýarka ala-böle seniň külli musulma­
na haýyr-hasanat eýläp ýören begi halamazlygyň gaty düşnüksiz
– diýip, Argun juwany synap gördi.
– Men: «Nälet okaýaryn» diýmedim, men: «Halamaýaryn»
diýdim. Halamazlyk bir ýana, nälet okamak bir ýana. Nälet
– ýigrenjiň iň soňky hetdi. Meniň nägileligim entek ýigrenje
öwrülenok.
– Seniň nägileligiň nämeden ybarat? «Agzymy gana bu­
lasym gelenok» diýmegiň aňyrsynda näme bar?
Juwan göwünli-göwünsiz dillendi:
– Togrul begiň adamlary teshyr kylan ýerlerini oljalaýar­
lar. Oljalamak gadymdan gelýär, ýöne Togrulyň adamlary
oljalamakda has hetden aşýarlar. Olar diňe gurply adamlary
däl, ertirki iýjek bir döwüm tötegi gara gaýgy bolan adamlaryň
hem öýlerini çepbe çöwrüp, hiç zat galdyrman talap gidýär­
ler. Garyp görgülileriň eginlerindäki göwşül eşiklerine çen­
li sypyryp aldylar. Özem sähel garşylyk görkezen adamy öl­
dürýärler. Ine, meniň on iki sany oglum bar. Olar obamyzyň
çagalary. Togrul begiň adamlary ol çagalaryň ata-enesiniň
egnindäki eşigini almak üçin olary wagşylyk bilen öldürdiler,
soň olaryň çagasyna men eýe çykmasam, kim eýe çyksyn? Tog­
rul begiň esgerleri halkyň gözýaşyny döküp, gazanç edýärler.
Onsoň adam öldürip gazanç edilýän ýere men näme üçin ba­
raýyn?!
– Begiň emri bilen şeýle akyn bolýarmyka? – diýip, Gülýüzli
bir adamsynyň, birem juwanyň ýüzüne seretdi.
– Tapawudy näme?!
53
– Tapawudy uly. Bu zatlardan begiň bihabar bolmagy mümkin.
– Eger öz tabynlygyndaky esgerleriň näme edýändigini
bilmeýän bolsa, onda oňa beg diýmek, patyşa diýmek bolmaz!
Beýle patyşa bolandan bolmanyň kän gowy. Bu gowşaklygyň,
ýolbaşçylyk etmegi başarmazlygyň alamaty. Bu zatlar üçin o
dünýäde hasabat, ilki bilen, Togrul begden soralar.
– Dogry aýdýarsyň, goçgar – diýip, Argun juwany goldady.
– Ýene birki ýyl gaznalylar sütem eden bolsa-ha, bu sözleriňi
aýtmazdyň – diýip, Gülýüzli kundurly juwana nägileligini bildirdi.
– Soltan Mahmyt garyp-gasaryň zadyny zor bilen alan, sütem
eden gulamy görene göz edip dardan asardy! Soltan Mahmyt
külli musulmanyň iň beýik soltany boldy. Ol musulmanlaryň
arasynda ilkinji soltan. Ol aşa akylly soltan bolupdy. Hiç wagt
öz teshyr eýlän ýeriniň ilatyna sütem etmändi. Näme etse, ýer­
li beg­lere, hökümdarlara edipdi, olaryň baýlygyny oljalapdy.
Özem dogry edipdi. Müň obany oljalap baýlyk ýygnanyňdan
bir ýerli hökümdary oljalanyň müň esse peýdaly. Togrul begiň
adamlary näme üçin doýmaýar? Sebäbi olar garyplaryň öýlerini
talaýarlar. Garyplaryň öýlerinde-de hiç zat ýok.
– Meniň eşidişime görä, Togrul beg ýurtdaky ähli ýetim ça­
galary öz köşgünde ýörite okadýarmyş, terbiýeleýärmiş. Olardan
özi üçin garadangaýtmaz haşymlary taýýarlaýarmyş diýýärler. Sen
bu çagalary Togrul begiň şol mekdebine tabşyrmaly ekeniň.
Kundury Arguna şübheli seretdi:
– Siz kim?
– Bizmi? – diýip, Argun mönsüredi. – Men Argun ibn anPerhat, hatynymyň ady Gülýüzli. Meniň aslym Gaznadan. Men
öň Gaznada soltan Mahmydyň köşgünde işleýärdim. Soň soltan
meni Deýlem welaýatyna işe ugratdy. Men Deýlemde on bäş ýyl
işledim. Deýlem şäheriniň haýsy metjidine, haýsy hanakasyna,
haýsy öýüne baryp, men hakda sorasaň, meni tanaýandyklaryna
güwä geçerler.
– Ýok, ýok, siz meni aldap bilmersiňiz. Siz bu sözleri ýürek­
den aýtmaýarsyňyz, ýat tutan sözleriňizi dilujy gaýtalaýarsyňyz.
Onsoňam siziň gyzyklanýan zatlaryňyz sopynyň gyzyklanjak zat­
54
lary däl. Siziň berýän sowallaryňyz hem sopynyň berjek sowallary
däl. Siziň hatynyňyz sopynyň hatyny däl. Ol ýöne-möne hatyn
däl. Siz içaly bolaýmaň?
– Biziň ýaly garry adamyň üstünden gülmäge utanaňokmy,
ogul?!
– «Yşan» diýseňiz yşanan bolaýyn, ýöne siz sopy däl – diýip,
Kundury öwhüldedi.
– Islemeseň, sowalymyza jogap berme – diýip, Gülýüzli
aýtdy. – Sen Togrul begden gorkup, bize müňkür bolýarsyň.
– Men Togrul begden gorkamok. Men diňe Allatagalanyň
öňünde günäli bolmakdan gorkýaryn.
– Sen «Agzymy gana bulasym gelenok» diýdiň-ä!
– Diýdim. Hakykatdan hem agzymy gana bulamak is­
lemeýärin. Allatagalanyň beren ömrüni halal geçirmek is­
leýärin. Ýöne Togrul begiň köşgünde oturan käbir emirler,
begiň ynamyndan peýdalanyp, halky talaýarlar. Käbir barjamly
adamlaryň öýlerine çozup, olaryň ähli emlägini alyp, öýdäki ça­
ga-çugalary, adamlary, hyzmatkärleri uçdantutma gyryp baýlyk
ýygnaýarlar. Bu işi bir ýa iki emir dilleşip edip bilmez, munuň
aňyrsynda birgiden emir bar bolmaly. Düýn hanakada sahybyň
näme üçin titrändiginiň sebäbini bilýärsiňizmi? Tog­rul begiň
adamlary obamyza dökülip, üç sany yktadary tohum-tiji bilen
öldürip, ähli emlägini towsa göterdiler. Sahyba-da indi gezek
seniňki diýip aýdyp gitdiler.
– Eý, Hudaý, gör, nähili elhençlikler! Bu zatlary seljuklylaryň
patyşasy bilýän däldir. Bilse, ýol bermezdi – diýip, Gülýüzli gy­
nandy.
Juwan janykdy:
– Ýaňam aýtdym, ýene aýdaýyn. Ýurdunda bolýan zady bil­
meýän patyşaga patyşa diýip bolmaz. Onsoňam bu zatlardan
Togrul patyşa habarly.
– Habarly?
– Hawa, habarly.
– «Habarly» diýip, gaty ynamly aýdýarsyň. Günä gazan­
ma, goçgar.
55
– Men anyk bilýän zadym hakda aýdýaryn.
– Nireden bilýärsiň?
Sypaýy juwan är-aýala şübheli seredip sözledi:
– Men Togrul begiň dergähine üç sany adam ýolladym...
Olar meniň habarymy patyşaga aýdypdyrlar, ýöne üýtgän zat
bolmady.
Gülýüzli bu habary eşidip, Arguna seretdi, Argun dü­
şünýärin diýen terzde baş atdy. Argunyň baş atmasyny gören
Kundury tarsa ýerinden turdy:
– Ine, indi mende şübhe ýok, siziň sopy däldigiňize doly
kepil geçip biljek. Ilki görenimden “Bu goja näme üçin özüni
gaty oňaýsyz, ýasama duýýarka?” diýip oýlandym, indi jogabyny
tapdym. Hany, ýörüň, raýisiň ýanyna baralyň. Galan zatlary
onuň ýanynda düşünişeris.
– Päliňden gaýt, goçgar, eger bizi raýisiň ýanyna eltseň:
«Näme üçin meniň kowan adamymy öýüňde sakladyň?» diýip,
saňa käýemek käýär.
– Ýazgydymdyr.
– Sen bizi goýber, biz göni gideli.
– Ýok, goýberip bilmerin, düşüň öňe! Ýörüň!
Kundurynyň haýbaty bilen Argun gozganmady. Şeýle
bo­lansoň Kundury ony süýräp daşary çykarmakçy boldy.
Argun garşylyk görkezdi, birdenem Kunduryny şakyrdadyp
basdy, elini arkasyna daňdy. Soňam onuň üstüne münüp
oturyşyna:
– Sen bizi goýberjekmi ýa ýok?! – diýip sorady.
– Ölýänçäm-ä sizi saklajak bolaryn.
Kundurynyň bu sözüne garaşyp duran dek, iki sany hadym
kürsäp içerik girdi:
– Obamyza birtopar atly geldi, olar şu iki garry är-aýaly göz­
leýärler.
Hadymlaryň yzy bilen seljuk ýigitleri güsürdeşip içerä dol­
dular.
Peýkam biraz öňe saýlandy:
– Bir zat bolandyr öýdüp ýüreklerimiz ýaryldy.
56
– Peýkam, siz wagtynda geldiňiz, ýogsam bu goçgar biziň
el-aýagymyzy güýljekdi.
– Kim bu? – diýip, wezir Abylkasym Buýany juwanyň alkymy­
na dykylyp bardy. Kundury öz öýünde gopan wakany akylyna
sygdyryp bilmän gözlerini petredip durdy.
– Bu goçgar Togrul begiň täze hajyp as-baby7...
Onunjy hekaýat
ADAM DIŇE BAÝLYGYNY DÄL,
ÖZ ASGYN TARAPLARYNY-DA
ILDEN GIZLIN SAKLAÝAR
1.
H
er çarşenbe güni agşam bir kişi Altynjanyň ýanyna hiç
kime görünmän nahan gelýärdi. Altynjan ony her ge­
zek höwes bilen kabul edýärdi, olar bir otagyň içinde esli wagt­
lap pyşyrdaşyp gürleşýärdiler. Esasan, nätanyş gürleýärdi.
Togrul beg hatynynyň ýanyna bir erkek kişiniň gelýändigini,
ony gülerýüz bilen garşy alýandygyny, ikiçäk söhbet edişýändikleri­
ni bil­ýärdi, ýöne haýran galaýmaly, hatynyny nätanyşdan gaban­
maýardy. Olaryň duşuşygy gutarýança sabyrlylyk bilen garaşýardy,
soňam gelip gideniň kimdigini soramaýardy, ol hakda kelam agyz
söz aýtmaýardy. Altynjan hem ýanyna her çarşenbe güni agşam
görer gözden nahan gelip gidýän adam hakda hiç zat aýtmaýardy,
sebäbi beg gelýäniň fiskaldygyny1 bilýärdi, onuň öz ýanyna-da
fiskallaryň otuzdan gowragy tas her gün diýen ýaly gelýärdi.
Altynjan fiskal bilen duşuşykdan soň, begiň ýanyna bardy.
58
Beg hatynynyň ýüzüne seredip, möhüm bir habaryň bar­
dygyny aňdy:
– Näme habar?!
– Şirpenjäni doganym, nedimim diýip ezizleýärsiňiz, ýöne
ol siziň hormatyňyza ysnat ýetirýär.
– Dünýäde iň agyr, hupbatly zat yşanýan adamyňdan,
dostuňdan tamaň çykmazlygy, ondan ýamanlyk görmek.
– Barlanyp görülse, ähli zatlar Şirpenjeden başlanýan eken,
ol inisini talaňçylyga özi ugradypdyr.
– Hany, ol: «Inimiň eden bu gabahat işlerinden habarym
ýok» diýip, ant içip, awy ýalady-la?!
– Ol ýalan sözläp, ikinji jenaýata-da ýüz urupdyr.
– Eh, Şirpenje, Şirpenje!..
– Haşal oty köki bilen goparyp taşlamasaň, ondan dynyp
bolmaýar. Şirpenje inisiniň zyndana atylandygyny, annada
jezalandyryl­jakdygyny eşidensoň, Togrul bege hapa-hapa söz­
ler bilen sögüpdir, özem üç-dört adamyň ýanynda. Ýanyndaky
adamlar oňa göwünlik beripdirler.
– Göwünlik beren adamlaram dardan asmaly, goý, görene
göz, eşidene sapak bolsun!
– Tabgaçlar jezalandyrylsa, göwünlik berenler akyllaryna
aýlanarlar. Bu gezeklikçe, begim, olara jeza bermäň!
***
Togrul beg Şirpenjäni dergähine çagyrdy.
Mydama ýylgyrjaklap, gypynçsyz içeri girýän Şirpenje bu
gezek başyny aşak salyp, öwran-öwran tagzym edip, içişikde sak­
landy.
– Şirpenje, sen nä o ýerde dursuň? Näme üçin ýanyma
geleňok?
– Siziň ýanyňyza barmaga – hormatyňyza mynasyp däl,
men. Doganym Ahmet aýylganç işler edipdir. Gara nebsi
üçin ýüzden gowrak adamy öldüripdir, otuz-kyrk sany ker­
wensaraýy, kerweni talapdyr, men onuň eden bu işlerinden
habarsyz galypdyryn. Merhemetli Tog­rul beg, siz ençe ýyllap
59
meni özüňize iň ýakyn nedim hasapladyňyz, maňa yşandyňyz,
men siziň ynamyňyzy ödäp bilmedim. Doganym Ahmedi-de,
meni-de jezalandyrmagyňyzy towakga edýärin. Goý, özgelere
sapak bolsun!
– Şirpenje, näme üçin beýle gabahat işleri etdiň? Näme
üçin maňa ysnat getirdiň? Seniň kem zadyň ýok ahyryn: alty
şäherde dükan açdyň. Tus etrabyny men saňa ykta berdim.
«Şirpenje, belki, saňa ýene ykta gerekdir?» diýip sorasam,
sen: «Bir etrap maňa ýeterlik» diýip jogap berdiň. Näme üçin
beýtdiň, doganym?
– Näme üçindigini, dogrusy, özüm hem bilemok.
– Men gynanýaryn, Şirpenje, gaty gynanýaryn. Şerigatyň,
adalatyň öňünde meniň edip biljek işim ýok. – Togrul beg
tagtyndan turup, Şirpenjäniň ýanyna bardy, ony berk gujaklady:
– Doganym, mähriban doganym meniň…
***
Togrul beg öz eziz dostuny jezalandyrmaly boljakdygyna
gynanyp örtenýärdi, bir ýerde durup rahatlygy ýokdy, ilkagşam
Altynjanyň ýanyna geldi. Naharlanyp rahatlygy bolmady.
Ol öňündäki tagamlary göterip, zyndana bardy.
Begiň gelenini gören Şirpenje zöwwe ýerinden galdy.
– Otur, otur! – Beg elindäki tagamlary Şirpenjä berdi.
– Bulary name üçin maňa berýärsiň?
– Sen aç oturansyň.
– Ýok, men aç däl.
– Sen sypaýysyrama. Hany, ýanymda otur, naharlan.
Beg şol gijäni Şirpenje bilen geçirdi, iki dost tä daňdana
çenli geçeni ýatladylar, degişdiler, gülüşdiler.
***
Togrul begiň Şirpenjäniň ýanyndadygyny gören Anuşirwan
ýarygije Altynjanyň ýanyna gaty arkaýyn geldi, ony ukudan
oýardy:
60
– Näme boldy? Hany, beg?! Oňa bir zat boldumy?
– Oňa hiç zat bolanok.
– Onda name üçin bimahal geldiň?
– Käbäm, saňa örän möhüm sözüm bar.
– Ertir aýtsaň bolanokmy?
– Ertir aýtsam giç bolýar.
– Eýgilikmi?
– Hany, ukudan açyl, özüňi ele al!
Altynjan egnine çenberini atyp, Anuşirwanyň gapdalyn­
da oturdy:
– Aýdyber!
– Togrul begiň çagalykdan bäri içen suwy aýry gitmedik raz­
danlary bar. Dogrumy?
– Dogry.
– Şolar kimler?
– Şolaryň kimlerdigini soramak üçin sen meni ýarygije uku­
dan oýardyňmy?
– Käbäm, men bu sowaly ýöne ýere beremok. Onuň bir em­
masy bar. Sen meniň sowalyma jogap ber, ana, şonda meniň
aýtmakçy bolýan pikirime ýol açylýar.
– Ýol açylýar?
– Hawa, ýol açylýar. Aýt, kimler?
– Onuň razdany kän.
– Dogry, ýöne razdanlaryň içinde iň saýlanýanlary bar.
Ýaşlykdan bäri ýanyndan aýrylman ýörenler kimler?
– Dürnazar, Mübärek.
– Soň?
– Ýusup.
– Soň?
– Ybraýym. Çagry.
– Soň.
– Resultegin.
– Men onuň doganlaryny, garyndaşlaryny soramok, razdan­
laryny soraýaryn.
– Özüň aýdaýmasaň, men-ä seniň näme diýmekçi bolýan­
dygyňa düşünmeýärin.
61
– Şirpenje Tabgaç bilen begiň arasy nähilidi?
– Ikisi ýegana razdandy, ýöne…
– Dur, dur, maňa «ýöne» diýip aýtmakçy bolýan düşündirişiň
gerek däl, sebäbi men aýtmakçy bolýan ähli sözüňi ýatdan bil­
ýärin. Ahmet Tabgajyň ýowuz etmiş edendiginem bilýärin.
– Onda Şirpenjäniň hem eli bar.
– Dogrudyr, men seniň aýtmakçy bolýan delilleriň hiç bi­
risinem inkär etmeýärin. Bir ýazyk bilen är ölmeli däldir, dost
dosta geçirimli bolmalydyr.
– Onuň günäsi geçerden has çökder.
– Käbäm, senden towakga edýärin. Şirpenjäniň günäsi ge­
çilsin. Beg bilen Şirpenje razdan. Beg ony öldürse, soňundan
özi ýanyp-bişer. Beg diňe seni diňleýär, sen aýtsaň, ol saňa ýok
diýmez, bir çykalga tapar. Sen gaýrat et-de, begden haýyş et,
goý, ol Şirpenjäni jezalandyrmasyn. Şirpenje zyndana girmezin­
den öň menden bu hakda towakga etdi, men oňa söz berdim.
– Näme üçin?
– Oňa seredip ýüregim gyýym-gyýym boldy.
– Sen Şirpenjäniň baýlygyna göz gyzdyryp, ony goramakçy
bolýarsyňmy? Neneň ynsabyň çatýar seniň, Anuşirwan?
– Käbäm, elli gepden belli gep. Biz Şirpenjäni ölümden
alyp galmaly, özem ony siz alyp galmaly. Sebäbi beg diňe size
gulak asýar. Onuň özem Şirpenjäni jezalandyrmak islänok,
ýöne şerigatyň, kazy-kelanlaryň, halkyň öňünde özüni adalat­
ly görkezmegiň hatyrasyna diwany kazanyň – höküm çykaryş
diwanynyň çözgüdine ýok diýenok. Begiň ýeke agyz sözi gerek.
Men senden towakga edýärin, käbäm, Togrul beg özüniň janajan dostuny jezalandyrmasyn. Men senden her gün towakga
edip ýöremok. Şu towakgamy bitirmeseň, men senden ömür­
boýy närazy bolaryn. – Anuşirwan birden ýerinden turdy-da,
çykdy gitdi.
– Anuşirwan, saklan, Anuşirwan, seniň diýýän zatlaryň
näme? «Saklan» diýýärin men saňa!
Anuşirwan saklanmady, ol sähel wagtyň içinde gürümjürüm boldy. Altynjan Ýatmaz bilen Çyrlagy ýanyna çagyryp,
olara nirede bolsa-da Anuşirwany tapyp getirmegi tabşyrdy.
62
Olar daňdana golaý: «Hiç ýerden tapmadyk» diýip geldiler.
Şol gije Togrul beg bilen Şirpenje deýin, Altynjan hem çi­
rim etmedi, gözüne uky gelmedi asyl.
Ol sojap-sojap aglady. Onuň agysyny hiç kim eşitmedi, içki
harasadyny-da hiç kimse bilmedi.
Şeýle agyr pursatlarda ol pelsepeçil Akgaýa bilen söhbetdeş
bolardy, ol Altynjanyň içki harasadyna dogry düşünerdi,
göwünlik bererdi. Beýleki ýigitler welin, onuň dünýäsinden
daşdadylar.
Onuň bu mahal näme üçin aglaýandygyna Akgaýa-da
düşünmedi. Altynjan Anuşirwany beýik şahsyýet edip terbiýe­
läp, ýetişdirip bilmändigine gynanyp aglaýardy. Wagt geçdigi­
saýyn Anuşirwanyň tapýan hokgalary artyp gidip otyrdy.
Biri tarhan bolsa, Altynjan tarhandy, ýöne onuň tarhanlygy
Anuşirwanyň tarhanlygynyň ýanynda hiç zatdy.
Ol ähli kişä ýagşy görünmek, ýagşylyk etmek isleýärdi. Söz
bermek onuň edehädidi. Soňundan hem ol beren sözüniň
yzynda tapyljak bolup, agyr güne galýardy.
Ol walydasynyň häsiýetine beletdi, özi üçin ömür başyna
barmajak zatlaram etjegini bilýärdi. Ol köplenç hem Altynjanyň
şu ham­raklygyndan peýdalanýardy.
Durmuşda her kim bir zatdan lezzet alýar. Anuşirwan
adamlara ýagşylyk etmekden, olara ýagşylyk edip bilýänliginden
lezzet alýardy. Özüne minnetdarlyk bildirilende ol gözlerini
süzüp, hezil edip diňlärdi.
Ol gije öýüne barmandy, sebäbi Altynjanyň özüni agtar­
jakdygyny, yzyndan adam ýollajakdygyny bilýärdi. Ol käbesiniň
çykgynsyz güne galmagyny, meseläni oňyn çözmegini isleýärdi.
Ol jalaýdy, aşa jalaýdy. Näçe baýlygy bolsa, ony birki günüň
içinde tarhandökerlik edip gutarýardy. Birki günden soň onda
ýene ýeke danka-da ýokdur.
Onuň bir güni hem meýlissiz geçenokdy.
«Soltan Masut meýlisi gowy görýär, gününi meýlisde,
şöhwetde geçirýär» diýýärler. Anuşirwan hem onuň bilen bäs­
leşýän ýalydy.
Onuň aňyrsynda hiç zat ýokdy, köpler bolsa ony tütjar
baýdyr öýdýär. Onuň bolşy hakykatdan hem tütjar baýyňka
63
meňzeýär. Ol köp­lenç Altynjandan pul soraýardy, eger puly bar
bolsa, onda ol käbesini köp ýatlabam ýörenokdy.
Altynjan Anuşirwanyň bu tarhandökerligini Togrul beg­
den ýaşyrýardy. Beg käte geňirgenýär:
– Onça puly sen nämä sowýarsyň?
Bu sowaly Altynjan hem Anuşirwana berýär.
Anuşirwanda pul köp bolmasa-da, bahana kän (her kimde
bir zat köp bolmaly ahyryn). Altynjan welin, her gezek näme jo­
gap berjegini bilmän örtener, gowy tarapy, Togrul beg sorasada, jogaba garaşjak, jogaby eşitjek bolup durmaz.
Altynjan tä daňdana çenli iki oduň arasynda galdy: näme et­
meli? Aýtmalymy ýa aýtmaly dälmi? Bu kiçi-girim iş däl ahyryn!
Daňdan Togrul beg Şirpenjäniň ýanyndan geldi.
– Altynym, näme, senem uklamadyňmy?
– Uklamadym, begim.
– Näme boldy?
– Men Şirpenje ikiňiziň dostlugyňyz hakda oýlandym.
– Bu ýerde oýlanara näme bar? Ähli zat düşnükli.
– Bu ýerde oýlanara zat kän, begim.
– Hany, aýt!
– Aýdaýyn, siz meni diňläň! Ilki bilen, Anuşirwan hakda aý­
daýyn.
Togrul beg aýbogdaşyny gurap, Altynjanyň gaşynda oturdy…
***
Anna güni. Nyşapuryň Foz mähellesindäki bazar bu gün
adatdakylaryndan köp adamlydy.
Togrul beg sebitiň adamlaryna zulum eden, seljuk
begliginiň adyna çirk ýetiren dokuz kişini jezalandyrmak mak­
sady bilen Foz bazaryna geldi.
Ine, hataran daragaçlary.
Olaryň her biriniň aşagynda jezalandyryljak kişiler başlaryny
dik tutup durdylar.
Beg wezir-wekilleri, nedimleri, hatyny bilen öňünden ýöri­
te taýýarlanylan ýere baryp oturdy, jezalandyryljak kişileri ýekeýekeden nazaryndan geçirip çykdy.
5*
65
Munady beýik bir sekiniň üstüne çykyp, Togrul begiň per­
manyny okady.
Şol dartgynly pursatda bazara pir al-Kuşaýrynyň ýetip gel­
ýändigini bege habar berdiler.
Al-Kuşaýry mele ýorgasyny dikgirdedip bazara geldi. Yzynda
medrese müderrisleri bilen dört ogly bardy.
Ol Togrul begiň ýanyna gelmedi, ýa görmedi ýa-da görme­
dikden boldy, bazara giren ýerinde durup, jeza beriljek kişilere
sesini çykarman seretdi. Megerem, ol ýanyna Togrul begiň gel­
megini isledi, ýöne beg onuň ýanyna barmady, oňa tarap seret­
medem.
Ulama Togrul begiň ýanyna dähedem-dessemläp geldi.
Togrul beg uly hormat bilen pire tagzym etdi, oturmaga ýa­
nyndan ýer görkezdi.
Pir maksadyny mälim etdi:
– Ahmet ibn Tabgaja jeza berýändigiň hakda eşidip geldim,
çünki Ahmet meniň şägirdim bolupdy. Ol gaty zehinli müritdi.
Eşidişime görä, sen onuň agasy Şirpenje bilen içen suwy aýry git­
meýän dost bolmaly.
– Dogry, men Şirpenjäni doganym saýdym, doganym deý
eziz gördüm, ýöne ol garamaýak halka sütem edipdir.
– Eý, beg, geçirimlilik hökümdaryň iň gowy sypaty bol­
malydyr. Geçirimlilik şahylykdyr. Gurhanda: «Eý, garynjalar!
Hinleriňize giriň, Süleýmanyň goşuny birdenkä sizi basaý­
masyn»2 diýlendir. Sen geçirimlilik edip, Ahmet biçäräniň
günäsini geç-de maňa ber. Goý, ol ömrüni meniň hyzmatymda
geçirsin. Men ony täzeden terbiýelärin.
– Eý, merhemetli pir, Gurhanda: «Dogrusy, hökümdarlar
bir şähere giren mahallary ol ýeri derbi-dagyn ederler, abraýly
kişileri peselderler»3 diýilýär. Men siziň abraýyňyzy peseltmek
pikirinden daşda. Allatagalanyň öňünde biziň ählimiz deňdiris.
Eger men öz gara nebsi üçin il-güne sütem eden kişä gözümi
ýumsam, onda o dünýäde men bu eden günäme näme jogap
bereýin?! Ýa bu işiň günäsini öz boýnuňyza alýarmysyňyz?!
– Sen öz günäňi meniň boýnuma atjak bolma, o dünýäde
hasabat her kimiň özünden soralar.
66
Togrul beg şondan soň pir bilen gürrüňi dowam etdirjek
bolup durmady, jellatlara başlaberiň diýen terzde yşarat etdi.
– Eý, beg, sen meniň sözümi almakçy dälmi? – diýip, alKuşaýry öýkeli sorady.
– Men sizi diňledim, ýöne hökümdar-da bolsam, siziň isle­
giňizi kanagatlandyryp biljek däl, çünki men halkyň guly. Ähli
kişä deň göz bilen seretmek Beýik Biribaryň öňündäki parzym.
– Meniň gaharym – halkyň gaharydyr.
Togrul beg sesini çykarmady, pir gahar bilen gitdi.
***
Togrul beg Tabgaç dagyny jezalandyryp, köşke gelýärkä
öňünden hajyp emir Uhjury çykdy. Ol biçak aljyraňňydy, ýa­
nynda sypaýy geýnen bir kişi bardy.
– Begim, hajybyň size aýtjak möhüm bir habary bar ýaly-la?!
– diýip, Altynjan ýuwaşja aýtdy.
– Hajyp, näme habar? Hiç wagt ýanymdan aýrylaňokdyň we­
lin, ertirden bäri sen ýok-la? Men bazara-da sensiz gitmeli boldum.
– Günämi ötüň, begim.
– Näme habar? Ýanyňdaky kişi kim?
– Merhemetli begim, bu kişiniň ady Abu Zurga Hannaky.
– Aýdyber!
– Ol Bagdadyň baş medresesini tamamlapdyr. Bu kişi size
hyzmat etmek isleýär.
– Näme käri bar?
– Hasap-hesip ugrundan medrese tamamlapdyr. Diwany
mürstewfimizde işlemäge höwes bildirýär.
– Şirpenjäniň ýerinemi? Be, gaty howlugypsyňyz-la?
– Abu Zurga Hannaky düýn ýanyma geldi, şondan bärem
ýanymdan aýrylanok.
– Hajyp, sen bu kişä güwä geçýän bolsaň, men saňa garşy
çykmaýyn. Goý, ol diwanda başda hasapçy bolup işlesin. Eger
gowy işlese, biz ony diwana sahyp belläris. Şirpenje Tabgajyň
ýerine seniň özüňi bellemekçi. Häzirki wezipäňi bolsa sen Kun­
dura tabşyr.
– Gulluk, hökümdarym!
67
Abu Zurga Hannaky hem bege zol-zol minnetdarlyk bildirdi:
– Taňryýalkasyn, merhemetli hökümdarym. Bütin düýrme­
gim bilen gullugyňyzda – hyzmatyňyzda bolaryn.
Togrul beg karargähine baransoň, Abu Zurga Hannaky ba­
radaky pikirini daşyna çykardy:
– Hajyp ony gowy tanamaýan bolmaly.
Altynjan begiň pikirini makullady:
– Özem o kişi gowy kişi bolmaly däl, ol hannaka4 däl-de,
balyga meňzeýär...
***
Anuşirwan düýn üç gezek Altynjanyň ýanyna gelipdi, soňky
gezek gelende onuň ýanynda Abu Zurga Hannaky bardy. Ol,
megerem, düýn Altynjana Abu Zurga Hannaky hakda aýtmakçy
boldy, ýöne aýgyt edip bilmän gitdi.
Anuşirwan Altynjana aýdyp bilmedik habaryny hajyp Uhju­
rydan haýyş eden bolmaly.
Uhjury aňsat-aňsat bege ýüz tutjak, ondan haýyş etjek
adam däl. Ol gaty salykatly, utanjaň, az gepli kişidi. Uhjury
Anuşirwanyň haýyşyna ýok diýip bilen däl bolsun gerek.
Dogrusy, onuň Hannaky baradaky haýyşyny diňe beg däl,
wezir-wekiller hem geňläpdiler.
Altynjan Uhjuryny dergähine çagyrdy:
– Hannaky barada saňa Anuşirwan aýtdymy?
Uhjury dym-gyzyl boldy, aljyrady, näme jogap berjegini bil­
män dymdy.
– Maňa hakykaty aýt!
– Melikäm, Anuşirwan mertebeli begzada.
– Näme üçin onuň özi haýyş etmedi?
– «Men birki günlükde begden iki zady haýyş etdim. Oňa
zol-zol haýyş bilen ýüz tutmagy gelşiksiz görýärin» diýdi...
***
«Dawut ýurt talamak hakda Togrul begden geňeş sorady. Emma
ol garşy çykdy hemem Remezan aýydygy üçin Dawudyň özi hem bu niýe­
68
tinden saklandy. Remezan aýy gutaran dessine, Dawut çapawulçylyk
etmegi ýüregine mäkäm düwdi. Emma Togrul beg halypanyň iberen il­
çilerini we mektubyny (namasyny) delil edip, onuň beýle hereketlerine
garşy çykdy. Emma Dawut oňa ähmiýet bermän, talaňçylyga bolan pi­
kirini has berkitdi. Şonda Togrul bilindäki hanjaryny sogrup aldy-da:
«Hudaý bar, indi çapawulçylyk etseň, özümi öldürerin» diýdi. Şeýdip
Togrul beg doganyny bu pikirinden dänderdi».
Ibn Esir.
Kämil taryh. 1-nji jilt.
Çagry beg dogany bilen ylalaşan-da bolsa, onda Togruldan
kine galdy.
Kinäniň üýtgeşik bir häsiýeti bar: içde ýatmagy halamaýar,
daş çykmak isleýär. Çagry begiň içindäki kine-de uzak ýatmak
islemedi, her gezek amatly pursat gelende daş çykjak bolup
urundy. Ahyryl-ahyr bir gün daş çykdy:
– Kimiň gepine gidip maňa garşy çykýandygyňy bilýärin
men – diýip, Çagry beg inisine hykarat etdi.
– Näme?!
Çagry beg aýtmasyz sözi aýdandygyna dessine düşündi,
ýöne indi giçdi, aýdan sözüni ýumarlamaga çalyşdy:
– Goýaly şu gürrüňi!
Dogry, olar gürrüňi dowam etdirmediler. Olaryň gürrüňine
gulak asyp duranlar bar ahyryn. Iki dogan serkerdelere, esgerle­
re nemuna bolmaly, olar biri-birini hormatlamasa, hatyralama­
sa, onda serkerdeler, esgerler, gulamlar olary nädip sylasyn?!
Sylasaň, sylaýarlar, sylamasaň, seni-de sylamaýarlar. Adamlar
seniň özüňi alyp barşyňy öz mizanlarynda ölçäp, baha berip otu­
randyrlar. Iki dogan biri-birine hormat goýýarmy ýa biri-birine
göwnüýetmezçilik edýärmi? Iki doganyň agzala bolmagyny is­
leýänlerem az däldir.
Birek-birege hormat goýmak, sylaşyk babatda Çagry beg bi­
len Togrul beg köp pikir alşypdy, anyk bir ylalaşyga gelipdiler:
adamlaryň arasyndakaň her näçe gaharyň gelse-de, nägileligiňi
bildirmeli däl, diňe birek-biregi sylamaly. Nägile bolsaň, çet,
adamsyz ýere çykyp, şol ýerde düşünişmeli. Gygyryşmaly, isle­
69
seň, ýumruklaşmaly, urmaly, urulmaly, ýöne iki doganyň gyky­
lygyny üçünji biri eşitmeli däl. Eger iki dogan biri-biri bilen
arkalaşsa, goja dagdan bir gysym gum hem galmajakdygyna5
gowy düşünýär olar.
Togrul beg bilen Çagry begiň çet ýerde biri-biri bilen
sögüşen, ýakalaşan gezekleri az bolmandy. «Gylyç öz gynyny
kesmez» diýip hak aýdypdyrlar. Dogan dogan bolýar, biri-biri­
ne dözmeýär: gahar tüweleýi ýatyşansoň, öýke-kineler gar deýin
eräp gidýär. Togrul bilen Çagry-da biri-birinden aňsat-aňsat
kine saklamaýardylar, biri-birine ýarym sözde, ýarym garaýyşda
düşünýärdiler.
Çagry beg dawaly mesele ýüze çyksa, köplenç Togrul beg
bilen ikiçäk düşünişýärdi, ýöne talamak babatda köne edähedi­
ni saklamady. Togrul begi bilindäki hanjaryny sogrup almaga:
«Hudaý bar, indi çapawulçylyk etseň, özümi öldürerin» diýip
iň soňky sözi aýtmaga mejbur etdi. Togrul beg çapawulçylyk
etmezlik, gazanjy başga ýerden gözlemek barada öň Çagry beg
bilen düşünişipdi, ylalaşypdy, şol ylalaşykdan soň Çagry begiň
ýene çapawulçylyga dyzamasy Togrul beg üçin düşnüksizdi.
Çapawulçylyk zerarly ol özüniň ýegre dosty Şirpenje Tabgajy
jezalandyrypdy, onuň ölümine bagyr awusy Togruldan entek
aýrylanok.
Ol Çagry begiň bu pikiriniň ýeke öz pikiri däldigini, onuň
pikirdeşleriniň başga-da bardygyny aňdy. Aňmaz ýaly-da bol­
mady. Çagry begiň ýanynda duran Ybraýym ynal Togrul begiň
kesgitli garşy çykmasyny görüp başyny ýaýkady, oňa garşy çyk­
jak, nämedir bir zat aýtjak bolup öňe dyzady. Wezir Abylkasym
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn II - 05
  • Parts
  • Altynjan hatyn II - 01
    Total number of words is 3629
    Total number of unique words is 2034
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 02
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2164
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2031
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 04
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1970
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 05
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 06
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2172
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 07
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2164
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2085
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 09
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2084
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 10
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2064
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 11
    Total number of words is 3507
    Total number of unique words is 2173
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    37.2 of words are in the 5000 most common words
    44.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2151
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2040
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 14
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2044
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 15
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2131
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 16
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2156
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 17
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1976
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 18
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2087
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 19
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2023
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 20
    Total number of words is 3723
    Total number of unique words is 1909
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 21
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1880
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 22
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 1944
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 23
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1971
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 24
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1896
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1941
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 26
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 2028
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 27
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2124
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 28
    Total number of words is 1126
    Total number of unique words is 678
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.