Latin

Altynjan hatyn II - 02

Total number of words is 3697
Total number of unique words is 2164
29.4 of words are in the 2000 most common words
42.3 of words are in the 5000 most common words
49.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
mak üçin ýene başyny çem gelen ýere goýar. At aýaklarynyň dükür­
dileri, seljuklylaryň başly-barat gykylyklary ýene eşidilip başlar.
Garasaý, hiç kime uky, rahatlyk ýokdur. Tisgine-tisgine daňyňy
atyrarsyň. Jahan ýagtylanda, görseň, üç-dört sany gulamyň kellesi
çadyryň üstünde ýatandyr. Ýa birki kelle jyzanyň ujuna ildirilip
goýlandyr. Bu wagşylygy göreniňde iniň tikenekleýär. Özem bu
wagşylyk ýeke gezek däl, her gije diýen ýaly gaýtalanýar. Özem bu
wagşylyk soltanyň çadyrynyň töwereginde edilýär.
Bir gije seljuk begleri hakyt soltan Masudyň iň gowy gör­
ýän, mydama münýän pilini ogurladylar.11 Ýeri, muňa näme
diýip, näme aýdarsyň?! Soltanyň gazanyny hem göz güýdüşdirip
düňderip gidýär olar. Seljuklylar sebäpli kadaly naharlanyp
hem bilenok ol indi.
Seljuk esgerleri soltan goşunynyň ähli zadyna ýetişip bil­
diklerinden talaň salýardylar. Özem olar diňe bir gije däl, gün­
dizem talap ýördüler, soltan goşunynyň üpjünçilik bölüminiň
zatlaryna talaň salmagy hasam gowy görýärdiler. Ýaňy dynç al­
magy üçin goýlan atlary-da gözüňi güýdüşdirip alyp gaçýardy­
lar. Soltan goşunynyň zatlary göýä seljuk goşunynyň ogurlamagy
üçin şu ýerik getirlen ýalydy. Özem olar gaty arkaýynlyk bilen
talaň edýärdiler. Talaň edýändiris, ogurlyk edýändiris diýen pi­
kir olarda ýok bolsa gerek.
Seljuklylaryň talaňçylygy, has anygy, ogurlygy gije-gündiz do­
wam edýärdi. Olar söweşmegi ýatlaryndan çykaryp, öz zatlaryny
başga bir ýere eltmäge howlugýan ýalydylar: özlerinde ýarag,
18
egin-eşik ýetmeýän ýaly, soltan gulamlarynyň ýaraglaryny alýardy­
lar, egin-eşiklerini sypyryp, gulamlary çuw-ýalaňaç düwdenekle­
dip goýberýärdiler.
Dogrusy, seljuk goşunynyň pisat ogurlyklary soltanyň aňyna
hiç syganokdy. Ol her hili söweşi görüpdi, her hili söweş hakda
eşidipdi, ýöne seljuklylaryňky ýaly utançsyz, bihaýa söweşi hiç
ýerde görmändem, eşitmändem. Beýle alan-aldy, giden-gitdi
söweş öňem bolan däldir, indem bolmaz. «Bu towky! Hakyky
towky! Bulara söweşiji diýip bolmaz! – diýip soltan odanýardy. –
E-eý, bu seljuklylaryňky ýaly, heý, doýmaz-dolmazlyk bolarmy?!
Olar özlerine gerek zadam, gerek däl zadam äkidip otyrlar-a
Ynsap-iba ýok bularda»
Soltanyň bu örtenmelerini seljuk begleri günübirin eşid­
ýärdiler, onuň bolşuna, sözlerine hezil edip gülüşýärdiler.
Soltanyň huguny çykarmak üçin her hili hokgalary oýlap tap­
ýardylar. Ökde-ökde hokgabazlary ýörite çagyryp getirýärdiler,
olara köp mukdarda hak-heşdek töläp, gaznalylaryň garşysyna
hokga tapdyrýardylar. Hokga tapmaga Kabyl hem ökdedi.
Sarahsyň eteginde hajyp Subaşy masgaraçylykly ýeňlenden
soň, gaznaly emirler, aýratynam Horasanda ýaşaýan, işleýän
emirler Horasanyň elden gitjekdigine, has dogrusy, gidendigine
göz ýetirdiler. Özem doly göz ýetirdiler. Horasan seljuklylaryň
depesinden Gün bolup dogdy.12
Seljuklylar gaznalylar üçin wagşy aždarha öwrüldi. Olarda
sel­juklylara garşy göreşmeli diýen pikir däl-de, tizden-tiz Hora­
sandan gaçyp, başyňy halas etmeli diýen pikir bardy. Emirleri
basga düşürýän zat nirä gaçmaly diýen sowaldy.
Nirä gaçmaly?
Nirä gaçsaňam, seljuklylar yzyňdan baraýjak, öldüräýjek ýaly
bolup duýulýardy. Herhal, Gur ýoly bilen Hindiguş daglarynyň
aňyr­syndaky Gazna şäherine aşmak olar üçin ýeke-täk çykalga bo­
lup galdy.
***
Horasanyň amydy Abul-Fazl Sury bilen Bu Säh Hamduny
welaýatyň hazynasyny Nyşapurdan Gazna alyp gitmek barada
19
soltandan görkezme aldylar. Olar şu maksat bilen diwanyň ähli
hazynasyny, baýlyklary Nyşapuryň günorta derwezesinden alyp
çykdylar.
Hazynaly kerweniň iň soňky düýesi Nyşapuryň Günorta der­
wezesinden ýaňy çykanda şäheriň Gündogar derwezesinde iki
ýüz atlysy bilen Ybraýym Ynanç (ynal) peýda boldy.13 Ol şäher
diwanyna ýörite ilçi ugratdy. Ilçi ynalyň sözlerini diwana ýetirdi:
– Biz ägirt uly goşun bilen Nyşapura gelýän Togrul begiň,
Çagry begiň we Musa begiň ilçileri. Biz şäheriň ilatyna hiç
hili garşylyk görkezmezligi maslahat berýäris. Eger garşylyk
görkezseňiz, uçdantutma gyrjakdyrys. Biz – yslamyň din gy­
lyjydyrys. Kim garamaýak musulmana sütem edýän bolsa, şol
biziň duşmanymyzdyr. Biz şerigatyň, adalatyň howandarydyrys.
Biziň maksadymyz diňe ýagşylykdyr, sogap gazanmakdyr.
Ybraýym ynalyň bu habaryndan soň şäheriň kethudalary
kazy Seýidiň öýüne jemlendiler we maslahat etdiler.
Seljuk türkmenlerine garşylyk görkezmelimi ýa-da gör­
kezmeli däl diýen sowala hiç kim anyk pikir aýdyp bilenokdy.
Näme etmeli?
Nyşapurly adamlaryň Seýit kazynyň ýanyna üýşmekleriniň
sebäbi, ol şäheriň parasatly adamlarynyň biridi.
Tekepbirlik şähere gaty gymmat düşjekdi. Onsoňam
soltanyň garşysyna durmaga heder etmeýän seljuklylaryň
Nyşapury ýer bilen ýegsan etjekdigi hemmä aýandy.
Seýit kazy bu mesele barada köpden bäri oýlanýardy. Ol
seljuklylaryň şähere geljekdiklerini-de eşidýän habarlaryndan
aňýardy. Şonuň üçin ol öz pikirini aýan eýledi:
– Ýadyňyzda bolsa, soltan Mahmyt Gaznaly Hindistana
ýörişe gidende Ilek han Balha çozuş edipdi. Şonda şäheriň ilaty
Ilek hanyň garşysyna çykdy, gorandy. Gazaply söweş boldy. Soltan
Mahmyt Hindistandan dolanyp gelensoň, Balha bardy. Şonda
öz görkezmesi bilen gurlan Bazari-Aşikanyň tozdurlandygynyotlanandygyny görüp dergazap boldy, şäher ilatyny ýygnap,
soltanlygyň raýatlaryny, şäherlerini, obalaryny goramagyň
soltanatyň işidigini, parahat ilatyň soltanatdan bidin baş galdyr­
maga, eline ýarag alyp söweşmäge hakynyň ýokdugyny, Balh
20
şäheriniň otlanmagyna, haraba öwrülmegine diňe balhly ilatyň
günäkärdigini, bu weýrançylygy üçin ilata jerime töletjekdigini
aýdypdy hemem şäher emirini adamlaryň özbaşdaklyk etme­
gine, eline ýarag alyp Ilek han bilen söweşmegine ýol beren­
digi üçin jezalandyrypdy.14 Balhlylaryň birmahalky kysmaty bu
gün biziň başymyzda. Nyşapuryň ilatynyň soltandan perman
bolmasa, eline ýarag alyp goranmaga haky ýok. Ilaty goramak
soltanatyň wezipesi. Şäherde weýrançylyk bolsa, onuň öwezini
soltan Masut şäher ilatyndan talap eder...
Seýit kazynyň bu sözlerini ýerli mülkdarlar, baýlar maku­
lladylar. Netijede: «Seljuklylara garşy söweşmeli däl, Gaznadan
goşun gel­ýänçä kysmata kaýyl bolmaly, garaşmaly» diýen pikir
makul bilindi.
Nyşapur kethudalarynyň gelen netijesini Ybraýym ynala ha­
bar berdiler. Ybraýym ynal bu habary haýal etmän Togrul bege
ýetirjekdigini aýtdy.
Şondan soň munadylar (jarçylar) bazarlarda, köçelerde To­
grul Seljuklynyň ymgyr uly goşun bilen Nyşapura ýetip gelýän­
digini, onuň şäheriň ilatyna howandar boljakdygyny, garşysyna
çykmaly däldigini jar çekmäge başladylar
Şäher ilatynyň arasynda Togrul begiň ýeňilmezekdigi, onuň
Allatarapyn serdarlygy, gudratly adamdygy barada gürrüňler
ýaýradyl­ýardy.
Nyşapurlylar soltan Masudy mugyra getiren, ýeňen serker­
däni görmek üçin köçä çykdylar, ýöne gelmeli diýlen wagt geçip
giden-de bolsa, Togrul beg gelmeýärdi.
Şäherde welin, Togrul Seljuklynyň gelmegine garaşylýardy,
onuň göwnüni awlamak üçin taýýarlyk işleri geçirilýärdi. Hurre­
mek bagy al-ýaşyl matalar bilen bezeldi. Bagy-Şadyýah köşgünde
Togrul begiň dynç almagy, diwan ýöretmegi üçin ähli şertler
döredildi. Soltanyň ýatyp-turjak otagy günde üç gezek syrylypsüpürildi. Begiň hatynyny gowy görýändigi, onuň ýanynda kyrk
çilteniniň bardygy hem göz öňünde tutuldy.
Şäheriň salar-buzgany15 ilata düşündiriş geçýärdi: Togrul
begiň adyndan şäher ilatynyň ähli hukuklarynyň goraljakdygyny,
hiç hili sütemiň bolmajakdygyny, şäheriň ýene öňküsi ýaly para­
21
hat durmuşynyň ýola düşjekdigini tekrarlaýardy. Hatyp Ysmaýyl
Sabuni hemem salar-buzgan şäheriň Bagak mähellesindäki baş
metjitde Togrul begiň adyna juma namazynda hutba okamaga
howlugýardylar.
Nyşapur Horasanda Merwden soň ikinji uly hem merkezi
şäher hasaplanýardy. Şäher Tahyrylar hanedanlygynyň paýtagty
bolupdy. Bu hanedanlykdan soň Nyşapury Amr Leýs Saffary
öz döwletine merkez edinipdi. Hijriniň 287-nji (milady hasaby
boýunça 900-njy ýyl) ýylynda Samanylar Buharany paýtagt edi­
nenem bolsalar, Nyşapury Horasanyň Günbatar sebitini do­
landyrmak üçin peýdalanypdylar.
«Nyşapuryň ini-boýy bir farsahdy. Suwunyň köpüsi
çeşmedendi, onda ýüň, pagta köp, on üç obany we dört hanlygy
öz içine alýardy»16, şeýle hem şäher iki sany etrapdan, bir köne
galadan, kyrk sekiz sany mähelleden ybaratdy. Şäheriň dört der­
wezesi, baş girelge derwezesi bardy. Jülähgäh diýlip atlandyry­
lýan ortaky mähellede üç ýüzden gowrak köçe bardy. Iň owa­
dan binalary bilen meşhur bolan Foz, Bagabat mähellelerinde
ulamalar, Bag-Razyýan, Nasrabat mähellerinde söwdagärleri
ýaşaýardy, köçeleriň sany bäş ýüzden-de aňrydy. «Gündogaryň
derwezesi» atlandyrylýan bu şähere gelýän adamlaryň,
söwdagärleriň hetdi-de, hasaby-de ýokdy.
Nyşapuryň ilaty soltan Masut hem onuň Horasan boýun­
ça amydy Abul-Fazl Sury tarapyndan ençe gezek talanypdy. Ilat
ýene talanmakdan heder edýärdi.
Togrul beg nyşapurlylar üçin nätanyşdy, ertirki günleriniň
nähili boljakdygy garamaýak halkyň esasy ünjüsidi. Adam­
lar Togrul beg hakda köpräk maglumat eşitmek isleýärdiler.
Ybraýym bilen şäheriň kethudalary adamlary köşeşdirmek üçin
Togrul begiň şäheriň emlägini gorap saklamaga, ilaty hormat­
lamaga, hak-heşdeklerini ýokarlandyrmaga, adamlaryň gowy
ýaşamaklary üçin ähli mümkin bolan şertleri döretmäge kepil
geçýändigini düşündirýärdiler.
Şäheriň ilatynyň ýedi günläp gözlerini ýolda goýan Togrul
beg ahyryl-ahyr üç müň atly goşunyň öňüne düşüp geldi.
Begi garşylamaga ähli nyşapurlylara baş bolup, ymam Mu­
waffak an-Nyşapury çykdy.
22
Togrul beg şäher ilatyny haýrana goýdy. Ol özüniň gyr
atynyň üstünde otyrdy. Ýaýy egnindedi. Üç sany ok guşagyna
berkidilendi, begiň köp ýerini lowurdap duran sowut örtýärdi.
Şeýle hem egninde mülkamdan17 edilen kaba18, başynda tawwa­
ziden19 peş, aýagynda oraýany keçe ädigi bardy.
Nyşapurlylar Togrul begi görlüp-eşidilmedik dabara bilen
garşy aldylar. Ol şäheriň Tahyr ibn al-Hüseýniň gurduran BagyŞadyýah köşgünde atdan düşdi. Onuň adyna juma güni metjit­
de hutba okaldy.
Togrul beg ymam Muwaffak an-Nyşapurynyň gatnaş­ma­
gynda öz döwletini yglan etdi. Şol günüň ertesi şäher ilaty begiň
dergähine ýygnandy, beg olary kabul etdi. Togrul beg Seýit
kazynyň çagalary bilen gelenini görüp, ýerinden turup, gadyrly
salamlaşdy hem oňa öz gapdalynda oturmaga orun berdi.
Duşuşyga ymam al-Kuşaýrynyň20 yzyndan çakylykçy ýollady­
lar, ýöne ol gelmedi.
Togrul beg soň onuň yzyndan ymam Muwaffak an-Ny­
şapuryny ýollady.
– Men Togruldan dokuz ýaş uly, goý, onuň özi ýanyma gel­
sin – diýip, al-Kuşaýry ýene tekepbirlik etdi. Şondan soň, Togrul
beg nyşapurly ulamalaryň birnäçesi bilen medresä ugrady.
Togrul beg baranda ymam ýerinden gozganmady, onuň
ýanynda ogullary – Abu Sagyt Abdylla, Abu Sagyt Abdylwahyt,
Abu Mansur Abdyrahman, Abu Nasr Abdyrahym, Abilfath
Ubeýdylla, Abylmuzaffar Abdylmunagtym we müritleri otyrdy.
An-Kuşaýry Togrul bege oňa gapynyň sag tarapyndan oturmaga
ýer görkezdi.
Duşuşyk dartgynly geçdi.
– Eý, Muhammet Togrul, men sen hakda eşitdim. Abyl­
haýyr Abu Seýidiň saňa döwletlilik patasyny berendigi hakda-da
eşitdim. Seniň Nyşapura geljekdigiň hakda indi bir hepde bäri
şäheriň köçelerinde jar çekip ýörler. Meniň eşidişime görä, sen
hanafy mezhebine uýýan bolmaly. Şu günden başlap, sen meniň
uýýan, wagyz edýän şafy21 mezhebine munadylar uýmalysyň. Sol­
tan Mahmydy – goý, onuň ýatan ýerini Beýik Perwerdigär jen­
net etsin! – hem şafy mezhebine uýanlygy sebäpli öz döwrün­
de uly derejelere ýetendir. Sen hem uly derejelere ýetmek
23
isleseň, onda meniň diýenimden çykmaly dälsiň. Meniň her
bir sözüm seniň üçin kanun bolmalydyr. Sen şu oturan meniň
ogullarymyň, egindeşlerimiň, müridlerimiň öňünde maňa ýyl­
gaý sygynjakdygyň, meniň sözümden çykmajakdygyň hakda söz
ber, ýogsam Horasan halky seni kabul etmez...
Togrul beg ýerinden turdy.
– Eý, belent mertebeli al-Kuşaýry! Men siziň sözüňizi mukyt
diňledim. Indem size şeýle jogap berýärin. Aramyzda hiç ma­
hal düşünişmezlik bolmasyn. Siz biliň, Togrul ibn Mykaýyl ibn
Seljuk diňe bir keramatly güýje ynanýar, ol keramatly güýç hem
Beýik Perwerdigärdir. Men Beýik Perwerdigärden başga hiç
kimsä sygynmaryn.
– Yzzat özüňe gerek.
– Dogry, ýöne ol yzzat, berilýän zat däl, ony gazanmaly.
– Bu näme diýdigiň bolýar? Horasan maňa sygynýar, meniň
yzyma düşýär.
Togrul beg medreseden çykyp gaýtdy.
Ol ölse mezhebinden dänjekmi?! Ata-baba däp-dessura
wepaly türkmeniň hatda dinini üýtgetse-de, däbini üýtget­
mändigi oýlandyrýan zat. Bu aýratynlyk milletiň mazmunynda
üýtgemeýän ululyklary üýtgeýän ululyklardan has rüstem
gelýändiginiň nyşany. Milletiň uzak ýaşyny şeýle iki hili ululygyň
özara gatnaşygynyň mynasybeti kesgitleýär. Türkmenler yslamyň
ala-böle hanyfy mezhebini-de şol gatnaşygyň hökmürowanlygy
sebäpli kabul edipdiler. Çünki bu mezhep olaryň yslamdan
öňki urp-adatlaryny aman alyp galmaga rugsat berýärdi.
Heminzamanyň geçmişe öwrülip, gaýyba gitmezligi üçin,
ony häzirkiligine galdyrýan durnukly ýaşaýyş serişdelerini tap­
mak hemem amala aşyrmak gerek. Türkmeniň urp-adaty, däpdessury şeýle serişdelerdendir. Olar milli ýaşaýyş derejesindäki
bakylyk dilidir. Olar milletiň özenini emele getirýär. Bu özen
durnukly bolanda, halkyň durmuşyndaky täzelikler, daşyndan
näçe üýtgeşik hem düýpli görünse-de, bu özeniň daşky reňki
bolup galýarlar. Daşky reňk edil eliň kiri ýaly bolýar-da. Ol sähel
suw degdigi, ýuwulýar gidýär. Emma ýuwlup gitmände-de, ol
özen babatda hemişe hemem diňe ikinji ähmiýetlidir. Ol reňk
24
milletiň nämedigi hem nähilidigi barada suwytly zat aňladybam,
düşündiribem bilmeýär. Daşky reňkiň millet üçin täze taryhy
şertlerde ömrüni dowam etdirmek üçin daşky dünýä bilen tas
gutulgysyz bir barlyşykdygyna düşünmeli. Ýöne bu daşkynlyk
içki özene näçe bap bolsa, şonça-da uzak saklanýar.
***
Nyşapuryň Bagy-Şadyýah köşgi seljuk begleriniň hoşuna
geldi. Köşgi Leýs Saffarynyň weýran edendigi barada köp
gürrüň edýärdiler. Herhal, samanylar bu köşgi öz döwürlerin­
de täzeden dikeldipdirler. Köşkdäki soltan Masudyň tagtyny
hem täjini gören seljuklylar onuň owadanlygyna aňk boldular.
«Soltan Masudyň tylla täji we tagty üç ýylda millionlarça dir­
hem sarp edilip ýasalypdy. Tagtyň hemem täjiň ikisem sap ty­
lladan bolup, gymmatbahaly göwherler, ýakutlar, dürler bilen
bezelipdi, zerlenen zynjyr bilen asylyp, petige birleşip durdy.
Tagtda dürli şekiller, ösümlik şahalary ýaly suratlar bolup, hem­
mesinde däne şekilli göwherler asylypdy. Tagtyň dört tarapynda
bürünçden edilen dört sany adamyň şekilinde heýkel sütüni
bardy. Ol heýkel sütünleri ellerini we aýak­laryny ýazyp, zerli
tagtyň ýokarsyndaky zerli täji onuň agramy patyşanyň depesine
düşmez ýaly ýaýyp saklap durdy. Soltanyň başgaby hem-de kelle­
si bu uly täjiň aşagynda ýerleşýärdi».22
Tagt bilen täç Togrul begiň hem hoşuna geldi.
Seljuk döwleti yglan edildi. Togrul beg patyşa saýlanyldy.
Şalygyň diwany döredildi.
Togrul begi dabaraly ýagdaýda tagtda oturtdylar hemem
ony «Esoltanul-muazzam»23 diýip atlandyrdylar.
Şäherde iň mertebelenýän, Horasan dikmesi Abul-Fazl
Surydan köp zulum gören Bu-l Kasym Togrul begiň gullugynda
durmaga höwes bildirdi. Diňe ol däl, gaznaly şalygynda hyzmat
eden sowatly, barjamly kişileriň ençemesi hem Togrul bege
hyzmata durmaga höwes bildirdi. Gaznaly şalygyndaky gulluk
edýän gulamlaram topar-topar bolup gaçyp gelip, Togrul begiň
goşunynda gulluga durýardylar.
25
Bu habar soltan Masuda ýetdi.
Sabyr käsesi dolan soltan elli müň atly goşuny, üç ýüz pili
bilen seljuk türkmenleriniň üstüne: «Ýa – men, ýa – sen» diýen
kesgitli maksat bilen ýola düşdi.
Seljuklylar arzyly maksatlaryna ýetdiler: «balyk suwuň ýüzü­
ne çykaryldy».
27
Dokuzynjy hekaýat
ULY DÄL-DE, KIÇI DAŞA BÜDRELÝÄR
N
I.
yşapur şäherinden bir menzil gündogarda, Merwe
gidilýän ýoluň ugrunda Ryzaguly Par diýen orta ýaşly
mülkdaryň – käbir kişi oňa Ryzaguly Türkmen diýip ýüzlenýär –
kerwensaraýy ýerleşýär. Bu kerwensaraý Horasanda iň datly tog­
daryly palawy bilen adygan. Diňe bir bezirgenler däl, bu sebitiň
golaý-goltumyndaky barjamly adamlar hem kerwensaraýa tog­
daryly palaw iýmek, birki gije-gündiz gerdun pelegi unudyp,
dynç almak üçin daýymyl-wagt gelýärler. Şeýle bolansoň
kerwensaraýyň ýetmiş iki otagynyň boş güni seýrek bolýar. Bu
ýerde bezirgenleriň düýedir atlaryna-da gowy idi edilýär. Esasy
zat – puluňy gysganmasaň bolany.
Kerwensaraýyň hyzmatkärleri gelenleriň öňlerinden çykyp,
olary dilguşalyk bilen garşy alýarlar.
Töwerekde ygym-sagym çaşyp ýatan zat görünmeýär. Berk
tertip-düzgüniň bardygy kerwensaraýyň giň derwezesinden gi­
ren badyňa duýulýar.
Bezemen hem birmeňzeş geýnen, dilkeş ýüzli hyzmatkärler
salam­laşykdan soňra näçe wagtlyk, nähili dynç almak isleýändigiňi
soraýarlar.
28
Kerwensaraýyň durmuşa çykjak gyzyň aýnasy deýin arassa suwly
serhowzy bu ýere gelýänleriň janyna hoş ýakýar. Olar tomsuň jöw­
zaly yssy günleri naharlanmazdan burun serhowza girip-çykyp tämi­
zlenýärler.
Ýoluň sag gapdalynda ýerleşen bu kerwensaraýyň daşyna
on-on iki zirag beýiklikde haýat aýlanypdyr. Gündogar nagşy bi­
len haşamlanan, iki açylýan agaç derwezäniň iki tarapynda beýik
küňre gara görnüm aralykdan magallaklap görünýär. Hütdüjik
külbelerden ybarat bolan, obadan bäş ýüz-alty ýüz zirag çemesi
daşlykda aýratyn duran bu kerwensaraý soňky on ýylyň içinde
ençeme gezek talaňa düşdi. Göze ýakymly görnen ýekeje zadyny
hem goýman talasalaram, Ryzaguly Par üç-dört aýyň içinde ker­
wensaraýyny ýene öňki kaddyna getirmegi başarýardy.
Abul-Fazl Surynyň hökmürowanlygynyň soňky günleri hem
kerwensaraýy talamak taladylar. Her hili talaňçylyk bolanda-da,
Ryzaguly Par kerwensaraýda aňsat-aňsat görünmeýärdi. Ýogsam
ony öldürmek islän talaňçylaram köp bolupdy.
Mundan üç aý öň Ryzaguly Paryň kerwensaraýyna görme­
geý symmatyna gelişmeýän sal-sal eşikli1 Ybraýym ynal gelipdi.
Ol mundan beýläk Horasan ilinde Togrul begiň patyşalyk etjek­
digini aýdypdy. Şonda Ryzaguly Par Ybraýym ynaly ýaňsa alypdy:
– Eşegiň guýrugy ýere ýetendemi?
Ybraýym bu sözi ýokuş görüpdi.
– Eşegiň guýrugy ýere ýetmez, Togrul beg welin, ýene sanal­
gyja günden Horasana patyşa bolar, Masudy Horasandan kowarys.
Şonda ikimiz ýene duşuşarys, aýdan sözüň telekdigini boýun
alarsyň. Häzir bu sözüň üçin men saňa hiç hili jeza berjek däl.
Ybraýymyň sözi hak çykdy, eşegiň guýrugy üýtgemedi,
ýöne Togrul Nyşapura patyşa boldy.
Bu dünýäde hiç bir zady geň görmeli däl.
Bu dünýäde hiç bir zada bolmaz diýmeli däl.
Ryzaguly Par sebitiň barjamly adamlary bilen bilelikde Togrul
begi kerwensaraýyň deňinde duz-çörekli garşylady. Uly toý berdi.
Şol günüň ertesi bolsa, şäheriň abraýly, barjamly adamlary, emirleri
bilen Togrul begiň kabul edişligine gatnaşdy. Nähili ýardam gerek
diýilse, gaşyny çytmasyzdan eçildi. Şondan bäri sebitde bezirgenler
parahat işläp başladylar. Togrul beg bezirgenleriň howpsuzlygyny
29
öz üstüne alýandygy, olara hyýanat edilen ýagdaýynda özüniň aýa­
ga galjakdygy, Horasanyň parahat ýaşaýşyny bozýan adamlary jeza­
landyrjakdygy barada söz sözledi. Bezirgenleriň Nyşapura başga
welaýatlardan galla, azyk önümlerini getirmeklerini towakga etdi.
Togrul begiň: «Horasanyň ilaty köp zulumlary gördi. Mundan
beýläk men bu ülkäniň howandarydyryn. Horasanyň ilatyna zulum
edýän adam meniň ganym duşmanymdyr. Şu günden başlap, bu
ülkäniň ilatynyň parahat hem bolelin ýaşamagy meniň gije-gündi­
zki aladam bolar. Perwerdigär maňa bu ülkä hossar çykmagymy
tabşyrdy. Men Perwerdigäriň öňündäki parzymy amal etmek üçin
gujur-gaýratymy gaýgyrmaryn. Horasanyň ilatynyň bolçulykda, para­
hatçylykda ýaşaýandygyny görýänçäm maňa dynç almak haram bo­
lar. Perwerdigäriň maňa tabşyran bu mukaddes parzynyň amalýeti­
ne päsgel berýän kişi dörese, onda şol kişi meniň hut öz doganym
bolsa-da, oňa geçirimlilik edip bilmerin. Meniň üçin Perwerdigäriň
ähli bendesi, Muhammet pygamberiň ähli ymmaty deňdir!»
Ryzaguly Par Togrul begiň adamlaryň öňüne çykyp aýdan
bu sözlerinden soň, kerwensaraýyna begenjine guş bolup uçup
dolandy. Gelse, kerwensaraýy talanypdyr, özem hyzmatkärleriň
eşiklerine çenli talanypdyr.
Ryzaguly Par bu talaňçylygy seljuklylaryň edendigini bilip,
sesini çykarmady, Togrul bege arz etjek bolmady. Çünki, ýata­
gan öz gynyny kesmeýär. Togrul beg hem bir kerwensaraýyň
sahybynyň sözi üçin öz adamyna jeza berermi?! Belki, talaň Tog­
rul begiň tabşyrygy bilen bolandyr?! Teshyr edilen ýerlerde olja
ýygnamak gadymdan gelýän resim ahyryn! Ähli gulamlar diňe
olja tamakinçiligi bilen söweşýärler! Ryzaguly Türkmen bu zat­
lara düşünýär, şonuň üçin-de bolan ahwalaty içine saldy.
Togrul beg: «Maksadymyň amal bolmagyna garşy çykýan öz
doganym bolsa-da, men oňa geçirimlilik etmerin, berk jeza be­
rerin» diýdi! Diýmesine, diýdi, ýöne Ryzaguly Par «Bir ýazykdan
är ölmez» diýen pikire gol berip, bu bolan talaňçylygy tötänlige
ýorup, indi gaýtalanmazlygyny dileg edip, kerwensaraýa ýetiri­
len zyýanyň öwezini dolmak, işi ýola goýmak bilen boldy. Ar­
man, talaňçylyk sowulman eken. Şol wakadan ýigrimi gün ge­
çip-geçmänkä Togrul begiň goşunyndan Ahmet hyýlbaşy2 atly
biri ýüz atly bilen geldi:
30
– Şu günden başlap, maňa her aýda ýüz dinar berersiňiz.
Meniň aýdyşym ýaly etseňiz, üstüňizden guş hem geçip bilmez,
ýöne meniň aýdanymy etmeseňiz, ýa meni Togrul soltana sat­
jak bolsaňyz, onda günä özüňizdedir. Garşyma çykylsa, mende
rehim-şepagat bolmaz. Men göni bir aýdan gelerin.
Ryzaguly Paryň otuz tanap mülk ýeri, alty süri dowary bardy.
Onuň kerwensaraýdan görýän peýdasy aýda üç ýüz – dört ýüz di­
nardan artyk däldi. Ol her aýda on dinary zekat, haraç töleýärdi.
Onuň rişwet (para) berýän adamlaram az däldi.
Ryzaguly Par bir aýlap hyýlbaşydan nädip dynyp boljakdygy
barada oýlandy, ýöne anyk çykalga tapmady.
Togrul Nyşapuryň öňki ähli emeldarlaryny diýen ýaly işden
boşadyp, öz adamlaryny belläpdi. Öňki wezipesinde diňe Seýit
kazy ýaly abraýly adamlar galypdy. Agyr günde Ryzaguly Para
mydama Seýit kazy kömek edýärdi. Şeýle bolansoň, Ryzaguly
Par ýene kaza içini dökdi. Bu habary eşiden Seýit kazy egnini
ýygyrdy. Soňam:
– Men hiç zat bolmadyk ýerden seniň habaryňy Togrul bege
aýdyp bilmerin. Sen hyýlbaşyny nädibem bolsa bir gezek razy
et. Ana, şondan soň, bu habary, her näçe agyr-da bolsa, gozgap
bilerin. Allatagala keremdir, ol bir çykalga tapyp berer – diýdi.
Bu gün Ahmet hyýlbaşynyň kerwensaraýa gelmeli günüdi.
Şonuň üçin kerwensaraýyň adamlarynyň howsalalary özlerine
ýetikdi. Olaryň gözleri ýoldady, biçak gorkýardylar. Mundan iki
gün öň üç hyzmatkär kerwensaraýdan gaçyp gidipdi. Bir hyz­
matkär «keselläp» işe gelmändi. Olara-da düşünmeli: hiç kimiň
ölesi gelenok.
***
Ýassy namazynyň wagty boluberende kerwensaraýa Merw
tarapdan ýaşlary durugşan bahadursypat goja hatynak hatyny
bilen geldi. Är-aýal uzak ýoldan gelýän bolarly, ýöreýişleri ýa­
dawdy. Zenanyň başyna nykap atylandy.
Är-aýalyň goş-golamy yzlaryndaky gök ýorga ýüklenendi.
Är-aýaly ýigrimi ýaşlaryndaky uzyn boýly, ýylgyryp duran nu­
rana ýüzli hadym garşylady:
31
– Hoş geldiňiz, saýybym.
– Myhman alarmysyňyz?
– Alarys, alarys. Geliň-geçiň! Biz hyzmata taýýar – diýip,
hadym gök ýorganyň rişdesini aldy. – Ýüküňizi nädeýin?
– Maňa berjek otagyňyza eltseňizem bolar, ýogsamam amat­
ly bir ýerde goýaýyň. Ýükümiz – ýorgan-düşegimiz bilen gaýry
zerur hajatlarymyz.
– Uzak ýerden gelýän ekeniňiz?
– Dogry, Horezminden gelýärin.
– Çagalaryňyzy Horezminde goýup gaýtdyňyzmy?
– Haý, inim – diýip, bahadursypat goja uludan demini aldy.
– Näme diýeýin men saňa?! Hawa, çagalarymyzy goýup gaýtdyk.
Ol ýerde Şamälik diýen ganhor hökümdar döredi. Ol bizde
çaga-da goýmady, öý-de. Çagalarymyzy ýere düýnäp, hazzar
başymyzy alyp çykdyk.
Hadym agyryly sowal berendigine ökünip, çym-gyzyl boldy:
– Men hata iş etdim: derdiňizi gozgadym, ýüregiňizi
agyrtdym. Meniň günämi ötüň, saýybym.
– Şamäligiň günäsiniň ýanynda seniňki günä-de däl, inim –
diýip, nätanyş hyrçyny dişledi.
Başga bir hyzmatkär är-aýaly göz-göz otaglaryň birine eltdi.
Kerwensaraýyň öňünde garşy alan uzyn boýly birinji hadym
bilen edil bir almany iki bölen deýin meňzeş ikinji ýigit uly bol­
madyk otagda biri uly, biri kiçi iki desterhan ýazdy. (Olaryň
ulusy erkek kişi, kiçisi zenan maşgala üçindi).
– Saýybym, biziň kerwensaraýymyz Horasanda iň gowy ker­
wensaraýlaryň biri hasaplanýar – diýip, desterhançy süýjüdip
gürledi. – Biz myhmanlarymyza näme tagam islese, taýýarlap
berýäris. Käbir bezirgen daga gidip sülgünmidir saýgak awlap
gelýär. Onsoň öz awlan awundan islän tagamyny bişirmegimizi
buýurýar. Biz myhmanymyzyň isleýşi ýaly edýäris. Eger aw
awlaryn diýseňiz, bizde gowy tazylar bar, gowy atlarymyz bar.
Aw torlary, ok-ýaý hem bar. Eger wagtyňyz az bolsa, saýgak
sürülerimiziň içinden saýlap birine ok atsaňyz, biz size şol saý­
gakdan hem islän tagamyňyzy bişirip berip bileris. Käbir myh­
manlarymyz bizde üç-dört günläp bolýarlar, olaryň bizden gi­
desleri gelenok. Siz hem bizde birki gün dynç alyň.
32
– Ýok, ýok, sag bol, inim. Biz sizde birki gün bolup bilme­
ris. Ertir daň bilen ýola düşeris.
– Bu gerdun pelekde nämä howlugýarsyňyz, saýybym?!
Ömür – genji-badawert3, howluksaňyzam, howlukmasaňyzam
geçer gider.
Myhman desterhançynyň bu sözlerini diňläp, esli salym
dymdy, soňam:
– Ertir Nyşapura – Togrul begiň ýanyna barmakçy – diýdi.
Desterhançy nätanşa geň galyp seretdi:
– Togrul begi ýakyndan tanaýarsyňyzmy?
– Togrul begi tanaýarys, ol hem bizi tanaýar, ýöne onuň haty­
nyny has ýakyndan tanaýarys. Çünki meniň hatynym Kalbyna
Togrul begiň hatyny bilen bile ösüp-ulalypdy. Olar ýaşlykda iň
ýakyn joradylar.
– Togrul begiň merdana hatynynyň bardygy hakda me­
nem kän gezekler eşitdim. Basan ýerinden ot çykýarmyş onuň.
Jadygöýmüş ol. Oňa ok kär etmeýärmiş. Endamyna düşen ýara
hem Aýyň ýagtysyna bitýärmiş. Ýetmiş iki dil bilýärmiş, söweşe
girse, iki ýüz-üç ýüz adamy sähel salymda paýhynlaýarmyş diýýär­
ler. Ol Togrul patyşany-da bir elinde ýokary göterýärmiş diýýär­
ler. Togrul begiň hatynyny ýakyndan tanaýan bolsaňyz, günüňiz
gelipdir, saýybym. Siziň möhümiňiz hökman biter.
– Biz Altynjana inçe umyt bilen barýarys, inim. Gawşfinj
şäherimizde-hä durarlyk galmady. Babam pahyr Harur Aksungar
Şamäligiň elinden öldi. Şamälik tutup bilse, hatynym ikimizem
öldürjekdi. Herhal, biz gaçyp ýetişdik, ýöne ol biziň öýümizi toz­
durdy, otlady, çagalarymyzy, hyzmatkärlerimizi uçdantutma öl­
dürdi. Indem, görşüň ýaly, sopbaş galdyk. Togrul patyşanyň der­
gähine barmakçy, ýalkasa, ýaz, gargasa, gara gyş bolar.
– Enşa, ýalkar.
– «Ýalkar» diýip gaty ynamly aýdýarsyň-la, inim? Sen bu sözi
ýöne ýere aýdýarsyňmy ýa bir zada esaslanyp aýdýarsyňmy?
– Ynha, görersiňiz, sizi gujak açyp garşy alarlar.
– Adamlar wagtyň geçmegi bilen üýtgäberýärler. Biz-ä bär­
den barsak, uly umyt bilen, Togrul beg hem: «Biz siz ýaly tu­
maýaklary tanamzok» diýse, nähili bolarka diýen gorky bar içi­
mizde.
3*
33
– Togrul begiň maksady gowy, ýöne... – diýip, desterhançy
pikirini aýtjagyny-aýtmajagyny bilmän biraz dymdy.
– Ýönäň näme?
– Ýönämmi? Togrul patyşanyň tutumy gowy, ýöne onuň
wezir-wekilleri gowy däl. Olar Togrul begiň ýanynda ýalym-ýu­
lum edip, ýanyndan gaýdansoň bolsa, başga adama öwrülýär­
ler, baýamak üçin hars urýarlar. Bar sütem ilata düşýär. Togrul
patyşanyň... – Desterhançy diňşirgendi.
Daşardan gykylyk eşidilip ugrady. Desterhançy ötünç so­
rap, daşary çykyp gitdi.
Gökhun ör turup, çala açyk işikden daşaryny synlady.
Daşarda seljuk esgerleri mag berýärdi.
Aýak sesleriniň ýakynlaşýandygyny aňan Gökhun ýerine
baryp oturdy.
Işik açyldy, üç-dört seljukly esger içerä göz aýlady:
– Bular kimler?
Hadym gorka dillendi:
– Bular iş agtaryp ýören är-aýal.
– Nireden gelipdirler?
– Balhdan gelipdirler, sahybym. Bularyň ähli dogangaryndaş­laryny, çagalaryny soltan Masut öldüripdir, öýlerini
bolsa otlapdyr. Indi bularda hiç zat ýok, bir döwüm tötek üçin
iş gözläp ýörler.
– Eý, goja! – diýip, esgerleriň biri başyny ýerden galdyrman
oturan Gökhuna ýüzlendi: – Sen ýönekeý goja meňzemeýärsiň,
ýanyňda nämäň bar? Näçe puluň bar bolsa, okla bärik. Ýogsam
içiňden ýatagany geçirerin.
Gökhun goltugyndan bir düwünçek çykaryp, eliniň tersi bi­
len işige bakan oklap goýberdi.
Düwünçegiň içindäki dinarlary görüp, gözleri nurlanan
esgerleriň biri hadyma ýüzlendi:
– Hany, sen bu garry göherdiň hiç zady ýok, bir döwüm tö­
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn II - 03
  • Parts
  • Altynjan hatyn II - 01
    Total number of words is 3629
    Total number of unique words is 2034
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 02
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2164
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2031
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 04
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1970
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 05
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 06
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2172
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 07
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2164
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2085
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 09
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2084
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 10
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2064
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 11
    Total number of words is 3507
    Total number of unique words is 2173
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    37.2 of words are in the 5000 most common words
    44.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2151
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2040
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 14
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2044
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 15
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2131
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 16
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2156
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 17
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1976
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 18
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2087
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 19
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2023
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 20
    Total number of words is 3723
    Total number of unique words is 1909
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 21
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1880
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 22
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 1944
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 23
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1971
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 24
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1896
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1941
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 26
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 2028
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 27
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2124
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 28
    Total number of words is 1126
    Total number of unique words is 678
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.