Latin

Altynjan hatyn II - 12

Total number of words is 3646
Total number of unique words is 2151
28.6 of words are in the 2000 most common words
41.3 of words are in the 5000 most common words
48.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
älem-jahan gapyşara geldi. Alajadag sandyr-sandyr, titir-titir
etdi. (Dag titrän ýerde, heý, adam titremezmi?!) Özem seljuk
esgerleri dowuldyr tebilleriň dünýäni göçürere getirýän zenze­
lesini az görýän dek, şeýlebir waňkyryp gygyrmak gygyrýardylar.
Gülüşýärdiler hem!
Seljuklaryň boluşlaryndan bahabar alan Wizantiýa goşuny
tebil kakmasyny goýdy. Ökde ökdäni görende pyslam-pys bolar
eken. Wizantiýalylar-da pyslam-pys boldular. Olar sessiz-üýnsüz
söweşiň başlanmagyna häzirlendiler.
Gutulmyş beg söweş başlanmazyndan burun Wizantiýa sala­
rynyň ýanyna ilçi ýollady, olara ýaraglaryny tabşyryp, boýun eg­
meklerini tek­lip etdi. Adatça, bolşy ýaly, ilçi serkerdebaşy Lipa­
ride öz goşunlarynyň aşyraw köpdügi, aşyraw güýçlüdigi, aşyraw
tejribelidigi hakda göni aýtdy, ýöne Wizantiýa kaýsaryndan per­
manly Liparit ilçiniň teklibini kabul etmedi, gaýtam, onuň üstün­
den gülüp, yzyna ugratdy.
Şondan soň söweş tebili kakyldy.
Söweşi on iki hatardan ybarat bolan seljuk ýaýçylary başlady.
Seljuk ýaýçy hatarlarynyň gezekleşip üznüksiz atýan keýmir
oklaryndan ýaňa hakyt Günüň öňi tutuldy..
Çabga deýin guýulýan oklardan goranmak asla mümkin
däldi.
Oklaryň döreden aljyraňňylygyndan soň seljuklar ýakyn
aralykdan hüjüme geçdiler.
Bu hüjümiň maksady duşmany aljyraňňylyga salmakdy, sag
ganatdaky atly goşuna ýol açmakdy.
196
Sag ganatdan gelýän atly goşun duşmana esasy zarbany ur­
malydy. Bu goşunyň wezipesi wizantiýalylaryň goşunyny bölek­
lere bölmekdi hemem olary bölek-bölekläp gyrmakdy. Çünki
goşun böleklere bölünende gyrmak işi has asanlaşýardy.
Seljuklar gorky-ürküsiz söweşýärdiler.
Söweş dört güne çekdi. Elbetde, iki tarapyň hem güýji asgyn
däldi, esger sany-da köpdi. Göräýmäge, iki tarapyň güýji deňdi.
Wizantiýaly esgerler tejribelidi. Ýaraglary-da seljuklylaryňkydan
kämildi. Şeýle-de bolsa, dördünji gün günortan seljuklylar
artykmaçlyk gazanyp ugradylar. Öýleden soň bolsa wizantiýaly­
lar ähli ýaraglaryny taşlap, söweş meýdanyndan gaçyp gitdiler.
Ikinji gezek hem ýeňiş seljuklylara ýaran boldy. Bagtyň ýat­
sa, düýäniň üstündekäň it ýaryp, endam-janyňy garagan etjek
eken: bu söweşde Ybraýym ynal Wizantiýa goşunynyň görnükli
serkerdesi Liparidi ýesir aldy.
Liparit Ybraýym ynala öz pidýesi hökmünde dört ýüz müň di­
nar bilen ýüz müň sany gymmatbaha sowgat hödürledi5. Bu teklibi
Ybraýym kabul etmedi. Onuň anyk maksady bardy. Ol dabarasy
dag aşan bu serkerdäni Reýe eltip, Togrul begiň öňünde dyza çö­
kermekçidi, şeýdibem soltana, köşkdäkilere, ähli kişä özüniň ök­
deligini, rum serkerdesini ýesir almagy başarýandygyny göz etmek­
di. Bu maksat hödürlenilýän zatlardan has ähmiýetlidi, abraýlydy.
***
Ybraýym Wizantiýa serkerdebaşysyny Reýe gönderdi. Özi
ýene uly ýeňişleri gazanmak maksady bilen, wizantiýalylaryň
ýurduna sary goşun sürdi. Olaryň galalaryny petih kylmaga
girişdi, ýöne ol olja, ýesir almaga aşa gyzykdy. Birmahal Musa
begiň ogly Hasanyň başyny aýlan ýeňişler onuň-da başyny
aýlady. Aşyraw uzaga gitdi. Bir gün hem wizantiýalylaryň eline
nädip ýesir düşenini-de aňman galdy. Gözüni açanda eli-aýagy
daňylandy, özem wizantiýaly esgerleriň arasyndady6.
Onuň ýesir düşendigini eşiden Togrul beg Wizantiýa kaý­
saryna ilçi iberdi. Ondan köp mukdarda hedýe-engam ýollady
hemem Wizantiýa kaýsaryna serkerdebaşy Lipariti mura-mug­
tuna berjekdigi; Ybraýym ynalyň sag-aman yzyna ugradylmagy
197
üçin bolsa üç ýüz müň dinar pidýe tölejekdigi hakda aýtmagy
öwran-öwran tabşyrdy.
Togrul beg sözünde durdy: Abhaz emiri Lipariti derejeläp
azatlyga goýberdi, özem ony Wizantiýa serhedine çenli müň
esgerli ugratmaga tabşyryk berdi. Kaýsar Togrul begiň bu hor­
matyna çäksiz minnetdar boldy. Liparitiň yzyna berlendigi üçin
ol Togrul bege müň sany ýüpek don, bäş ýüz sany geýim, bäş ýüz
at, iki ýüz müň dinar, ýüz bölek kümüş, üç ýüz müsür eşegini,
müň sany ak ýüňli, gara gözli we şahly geçi berdi»7. Ýöne
Ybraýymy zyndandan boşatmagy hemem seljuklylara berme­
gi, näme üçindir, yza çekdi. Iki aý wagt geçdi. Ybraýym özüniň
halas edilmeginiň haýal-ýagallyga salnandygy üçin gahar-gazap
donuny geýdi.
– Men Togrula diňe ýeňiş gazanmak üçin hemem kerwenkerwen olja gazanmak üçin gerek, iş bitensoň, men oňa ge­
rek däl. Iki aýlap bitimi şänik ýaly edip wizantiýalylaryň yzgar­
ly zyndanynda ýarymjan ýatdym, Hudaýyň haky üçin meni hiç
bir dogan-garyndaşym idemedi – diýip, ol jabjyndy. – Ýa men
nädogry aýdýarynmy? Meniňki nädogrudyr-la. Maňa haçan:
«Ybraýym, seniň aýdýanyň dogry» diýildi?
Ybraýym şalygyň rowaçlygy üçin ylgaýardy. Her bir işe düýr­
megi bilen berilýärdi. Ýöne öz egindeşlerinden haýsam bolsa
biri bižlik ýa-da geleňsizlik etse welin, gahary çüwdesine urardy.
Şol mahal ondan gaçarak durandan gowusy ýokdy.
Onuň ýene bir betha häsiýeti bardy, ol hem içinde kitüw,
kine saklaganlygydy. Ol Togrul begi janyndan eziz görýärdi, onuň
üçin janyny bermäge taýýardy. Wepalydy. Ýöne onuň Togruldan
kinesi bardy, özem kinesi soňky ýyllar ýowuzlaşýardy. Käteler ga­
haryna Togrul begiň garşysyna gidýärdi. Şeýdibem ol özüniň do­
ganyndan birjik-de kem däldigini subut etmekçi bolýardy.
Jebel hem Hemedan sebitleri babatda-da şeýle boldy: Tog­
rul beg ol ýerleriň yktasyny Ybraýym begden alýandygyny aýtdy.
Munuň sebäbini Azerbaýjany başybitin ykta berýänligi, şol ýer­
leriň oňa ýeterlikdigi bilen düşündirdi.
Ybraýym munuň bilen başda ylalaşdy, hakykatdan hem
onuň ykta ýerleri aşa köpdi. Ykta ýerlerine aýlanyp çykmak üçin
198
ýüz ýigrimi gün gerekdi. Ýöne Ybraýym kejirlik etdi, tersine
tutdy. Özüniň kemsidilýändigini aýtdy. Soňam bekine tutdy:
Jebeliň häkimi Kerşasif ibn Alauddöwläni Jebelden kowdy.
Soňra Dinewer şäheriniň häkimi Abu Şewkini şäherden çy­
kardy. Abu Şewkin Ybraýym bilen garpyşmakdan heder edip,
Hulwana gitdi. Ybraýym ynal Abu Şewkiniň yzy bilen Hulwana
baryp, bu ýerini hem eýeledi8.
Ybraýymyň goşuny uludy. Çünki Togrul begiň Günbatar­
daky ýeňşi hakda eşiden horezminli, mawerannahrly türkmen­
ler uly ýygyn bolup gelýärdiler. Olaryň ählisiniň maksady baýa­
makdy, olja edinmekdi. Üznüksiz gelýän türkmenleriň ählisini
Togrul beg Ybraýymyň ýanyna gönderýärdi. Olaryň hasabyna
Ybraýym ynalyň goşunynyň sany ýüz müňden-de geçdi. Şeýle
bolansoň Ybraýymyň goşuny aç çekirtge deýin aýak basan ýerini
ýalap-ýülmäp barýardy. Olaryň bir gezek geçen ýerinden soň il­
kinji gezek ýekeje-de göze ýakymly zat tapylmaýardy.
***
Wizantiýanyň ýagdaýy ýylsaýyn agyrlaşýardy. Müsürden fatymy
halyfaty howp salsa, Günbatardan gypjaklar birsyhly çozuşlary bilen
uly weýrançylyk edýärdiler. Kaýsar Monomah Pasinde ýeňleninden
soň, Anadoluda seljuklylar bilen garpyşmaga heder etdi. Şonuň
üçin hem öňden bäri golastynda saklaýan Merwan begliginiň emiri
Nasyreddöwle Ahmedi soltan Togrulyň ýanyna ilçi edip gönderdi,
oňa her edip-hesip edip parahatçylykly ylalaşyk gazanmagy tabşyrdy.
Togrul soltan Merwanogullary begliginiň emiriniň habaryndan soň,
Şerip Abul-Fazl Nasyreddini baş edip, Konstantinopola ilçi toparyny
iberdi. Netijede «Emewiler döwründe Stambulda bina edilen,
ýöne şondan bäri haraba öwrülip ýatan metjitde abatlaýyş-rejeleýiş
işlerini geçirip, mährabyň ýüzüne irki türkmen häkimiýetiniň ala­
maty hökmünde ulanylýan, Togrul begiň hem möhürinde orun
alan ok we ýaý şekilini goýmak, Müsür fatymylarynyň adyna okalan
şaýy hutbasyny ýatyryp, ýerine sünni Apbasy halypalygynyň, seljukly
döwletiniň adyna hutba okadylmak»9 ylalaşyldy.
1045-nji ýylda Togrul soltan Anadola girdi, Wan kölüniň
demirgazyk-gündogar tarapyndaky Bergiri (soňky ady Myradyýe)
199
bilen Erjişi eýeledi. Soňra Bergiriden uzakda bolmadyk Malazgirt
şäherini gabady.
Malazgirt şäheriniň galasy ymgyr uludy, diwarlary berkdi
hem beýikdi. Goranyş üçin diýseň amatlydy.
Togrul soltan serkerdebaşy Wasiliň goraýan bu galasyna
manja­naklardan äpet-äpet daşlary ýagdyrdy, beýleki bir tarapdan
bolsa galalaryň diwarlarynyň düýbüni sümlüp geçer ýaly köwdür­
mäge başlady.
Togrul beg gara güýjüni görkezip, galadakylaryň howuny
basmagy, netijede olaryň galany uruşsyz tabşyrmaga mejbur bol­
maklaryny gazanmagy maksat edindi: galany gabawda saklamagy,
şol bir wagtyň özünde hem galanyň düýbüni köwmegi, manjanak
bilen galanyň diwarlaryny ýumurmagy dowam etdirdi.
Gabawyň altynjy gününde garaşylmadyk waka ýüze çykdy.
Bir rumly (wizantiýaly) esger seljuklylaryň öýle namazyny
okamaga durandyklaryndan peýdalanyp, agaçdan ýasalan
manjanagyň üstüne nebit-kükürt garyndysyny zyňyp, ony ýakdyda, zut gaçdy. Seljuk esgerleriniň namaza duranlygyndan peý­
dalanan rumly esger gaçyp Malazgirt galasyna girmäge ýetişdi10.
Manjanak ýanandygy sebäpli Togrul beg gala zabt etmegi
wagtlaýynça goýbolsun etdi.
Bendesiniň isläni däl-de, Resulyň isläni bolýar. Bendesi­
ne – Tog­rul bege galsa-ha ol manjanaklary bilen diwary ýumrup
galanyň içine okdurylyp girjekdi hemem Wizantiýanyň ýüregi­
ni (Malazgirt – kaýsarlygyň ýüregi hasaplanýardy) eline aljakdy.
Muňa Allatagala bu gezek ýol bermedi. Özem ýekeje frankly
(ýewropaly) esgeriň eli bilen ýol bermedi.
Allatagala näme islese, şol hem bolýar.
Togrul beg manjanagyň otlanmagyny erbetlige ýordy,
şonuň üçin hem Malazgirt galasyny teshyr etmegi soňa goýdy.
Goşunyny üç bölege böldi.
Birinji bölegi Gutulmyş begiň salarlylygynda Kawkaza – Ja­
nige, Terjana, Sasun daglaryna, Erzinjana ugratdy.
Ikinji bölegi Ybraýym ynalyň salarlylygynda Çoruh der­
ýasyndan aňyrdaky welaýatlary basyp almaga ugratdy.
20 0
Birinji bölek gysga döwürde Togrul begiň tabşyrygyny ýerine
ýetirdi. Ikinji bölek hem yzly-yzyna ýeňiş gazandy, general Gagikiň11
goşunyny derbi-dagyn etdi, köp mukdardaky oljany ele saldy. Bu
oljalar Mawerannahrdan ýörite gelen türkmenleriň ýetmek islän
telwaslarydy.
Üçünji bölege soltan Togrul begiň özi salarlyk etdi. Hernäçe
ady-owazasy äleme dolan, her nähili güýçli-kuwwatly bolsaň-da,
gepsiz-gürrüňsiz ýeňýändigi, öldürýändigi hakdaky ýelden-de
ýyndam bady-şütür habarlar Günbatara dolansoň, Togrul begiň
garşysyna hiç bir Rum goşuny çykyp bilmedi. Togrul beg Karsyň
köp ýerlerini teshyr etdi.
Gyş pasly ýetip geldi. Gyşda esger saklamagyň kynçylyklary
uly bolýardy. Şonuň üçin hem Togrul beg haşamlardan özge
esgerleriniň galabasyny öýli-öýüne goýberdi. Galan goşunyň belli­
bir bölegini Anadoluda goýup, Reýe ugrady, ýolda Wan kölüniň
ýakasynda ýerleşýän Adyljewaz (Hud al-Hur) şäherini teshyr etdi.
Togrul beg Reýe gidip barşyna gyşyň düşendigine gynandy.
Wah, gyş düşmedik bolsa, onuň entek teshyr etjek şäherleri kändi.
Ikinji hekaýat
ÝALAN DOST BAR HEM BOLSA,
ÝALAN DUŞMAN ÝOK
439-njy hijri – 1047-nji milady ýyly
K
aku şalygynyň soltany Abu Kalyjar1 seljuk jemagat­
laryndan ýaňa dagdy bolupdy. Dogrusy, onuň talan­
ma kemi galmandy. Ol seljuk jemagatlaryndan özüni, şalygyny
goramak üçin herhili tagallalar edip görüpdi: aldygyna hedýeengam hem beripdi. Barybir, onuň bar baýlygy towsa göterildi.
Indi onuň üýtgeşik baýlygam galmandy. Şu döwre çenli onda iki
sany alada bardy: birinjisi, baýlygyny, ikinjisi janyny goramak.
Seljukly jemagatlar gelip, onuň birinji aladasyny aradan aýyrdy­
lar, onuň gizläp goýanjalaryna çenli tapyp alyp, baýlyk goramak
endişesinden doly halas etdiler. Indi onda ýeke bir alada bar,
ol hem gara başyny goramak. Abu Kalyjar şu maksat bilenem
käbir işleri etdi. Seljuklylar bilen guda boldy: Gökdaşyň uýasyna
öýlendi, ýerine ýigrimi sany Hemedan gözelini berdi, üstesinede bäş ýüz dinar mahýa töledi. Ol seljuklylardan zorluk görjek
bolanda mydama özüniň garyndaşdygyny nygtady. Barybir, ol
şalygynyň hem özüniň sanalgy gününiň galandygyny bilýärdi.
Bilmez ýaly-da däldi. Asyl, seljuklylar Kaku şalygy2, buid
şalygy, Abu Kalyjar älemde bardyram öýdenoklar, bu şalygyň
202
ýerlerini, şäherlerini öz ýerleri, öz şäherleri saýyp, edenleri­
ni edip, goýanlaryny goýup ýörler. Dogry, Reý şäheri-de Kaku
şalygynyňky! Togrul beg bu gün bu şäheri özüne paýtagt edinip,
ol şäherde ýazylyp-ýaýrap otyr. Gaty arkaýyn, Togrul beg Kaku
şalygynyň Hemedan, Yspyhan ýaly iň merkezi şäherlerinem öz
emirlerine ykta berip ýör. Garşysyna-da çykar ýaly däl. Seniň ýüz
esgeriň bar bolsa, onuň müň esgeri bar. Seniň on atlyň bar bol­
sa, onuň ýüz atlysy bar. Abu Kalyjaryň özüni seljuklylardan ejiz
duýmagynyň baş sebäbi diňe bir olaryň esgerleriniň sanynyň
köplüginde däldi. Ýok, baş sebäp haýsy ýere barsa, ýerli ilatyň
seljuklylary duz-çörekli, gadyrly garşy alýanlygyndady. Baran
ýerlerinde olaryň halasgär hasap edilýänligindedi. Olaryň ba­
ran ýerlerinde halasgär hökmünde garşylanmagy wagyzçylaryň,
fiskallaryň gowy işleýänligini aňladýardy.
Abu Kalyjar haýsy ýere barsa, şol bir sözi eşidýärdi:
– Zalym-ganhor deýlemlileriň süteminden halas etmek
üçin Allatagala seljuklylary bize halasgär edip gönderipdir. Sel­
juk begleriniň ömürleri uzak, tutumlary rowaç bolsun!
Abu Kalyjar şu güne çenli özüniň deýlemlidigine buýsanyp
ýaşady, bu gün bolsa ol özüniň deýlemlidiginiň ejirini çekmeli
boldy.
Halkyň arasynda şeýle uly abraý gazanan ýagy bilen her
edip-hesip edip gowy gatnaşykda bolmaly. Bulary ýagy edinmek
– öz tepbediňi okamak. Şonuň üçin soltan Abu Kalyjar Tog­
rul soltanyň göwnüni nädip awlap boljakdygy hakda gijegündiz oýlanýardy. Çünki Togrul beg ondan nägiledi. Onuň
nägileliginiň sebäbi Abu Kalyjar seljuklylara garşy söweşmek
üçin soltan Masut bilen birleşmekçi boldy. Şu maksat bilen
birleşmek üçin Hyrada tarap ýola-da düşdi. Bu matlabyny aňyp,
Togrul beg onuň garşysyna çykdy. Onuň öz garşysyna gelýändi­
gini eşidip, Abu Kalyjar yzyna öwrülipdi. Şondan bäri Togrul
beg Abu Kalyjaryň ugradan ýeke ilçisinem, töwellaçysynam ka­
bul edenokdy.
Togrul beg tomsuň başky günleriniň birinde Abu Kalyja­
ra Wasyt şäherine barjakdygy hakda habar gönderdi. Bu habar
Abu Kalyjaryň dünýäsini çepbe çöwürdi. Habary eşiden dessine
203
Yspyhan şäherinden Wasyt şäherine ýola düşdi. Ýolboýy begiň
nädip göwnüni awlap boljakdygy hakda oýlandy. Abu Kalyjar
seljuk aýaly Äşäni – Gökdaş başbuguň uýasyny bezemek beze­
di. Ol Abu Kalyjaryň ýeke-täk daýanjydy, umydydy. Abu Kalyjar
türkmenleriň naçar uýalaryny aşa gowy görýändiklerini, olara
özlerine dözmedik zatlaryny-da dözýändiklerini, näme haýyş
etse, hökman bitirýändiklerini bilýärdi.
Abu Kalyjaryň ogly Mansur hem ejeligi Äşäniň ýanyndan
aýrylmaýardy:
– Togrul bege göni aýt. Goý, ol maňa Ýezd welaýatyny ykta
bersin. Men şol welaýata häkim bolaýyn. Ine, şu haýyşymy bege
ýetirseň, soň durmuşymyz gowy bolar.
– Ol meniň aýdanymy edermikä?
– Kimiň aýdanyny etmese-de, seniň aýdanyňy eder. Türk­
menler naçar uýalary näme isleseler, hernäçe kynam bolsa, hök­
man bitirýärler. Men muny türkmenleri gowy tanaýan adamlar­
dan eşitdim.
Kaku şalygynyň Jibal ülkesindäki iň gözel şäherleri Yspyhan
bilen Hemedandy. Wasyt ol şäherler bilen deňeşdireňde kiçidi.
Bu şäher, welaýat Kufäniň hem Basranyň aralygynda ýerleşýärdi.
***
Wasyta sary ýola düşülende Altynjanyň aňynda iki pikir bardy.
Birinjisi, Kaku şalygyndaky haremhananyň, köşk durmuşynyň
nähilidigini bilmekdi, Abu Kalyjaryň hatynlaryny görmekdi. Ikin­
ji bir pikir – Kaku şalygynda Togrul patyşanyň aýratyn hormat
goýan ulamasy Abu Aly ibn Sinanyň soltan Mahmytdan gaçyp ilki
Nişapura, ol ýerdenem Astrabada barandygy, Yspyhanda Şams
ad-Daulanyň4 weziri bolandygy, ýogalanda Hemedanda jaýla­
nandygy bilen baglanyşyklydy. Altynjan ulamanyň işlän, ýaşan
ýerlerini görmek, guburyna zyýarat etmek isleýärdi.
***
Wasyt ýörişinde ýol kesmegi – uzak ýoluň içdysdyryjy bol­
mazlygy, wagtyň nädip geçenini bilmez ýaly, söhbet birle ýol
20 4
kesmegi bu gezek soltanyň hajyp as-baby, ýaş ulama Kundury öz
üstüne alyp, töwekgellik etdi.
Togrul beg Kunduryny gowy görýärdi, aýratyn hem ylym­
darlygy, halallygy, hoşgylawlylygy, arassalygy, öz maksadyna
berlenligi üçin gowy görýärdi. Bu gylyklaryň bary birigip, eýe­
sinde wepadarlyk diýilýän iň esasy sypaty döredýärdi, Togrul
soltana-da iň gerekli hem gymmatly zat wepadarlykdy. Soltan
dogumly kişileri köp görüpdi, buýran işiňi bitirýän, «Telpegi­
ni al!» diýeniňde, kellesini getirýän dogumlylar kändi. Togrul
beg üçin şirin janyny pida berjek dogumlylar hem kändi, ýöne,
arman, şol dogumlylygy özi üçin ulanjaklar, kelle alyp, mundan
özüne-de, özem saňa bildirmän peýda görjekler hem bardy. Giz­
linlik, ýaşyrynlyk, bähbit ara girende, wepadarlykdan nam-nyşan
galmaýar. Dünýäde ylymly adamlar hem köp, ýöne olaryňam kä­
biri saňa ylym, akyl öwredip, muny-da öz kiçijik bähbidine hyz­
mat etdirjek bolup çytraşýar. Kiçijiklik, ownukçyllyk bar ýerinde
bolsa, wepadarlykdan zat galmaýar. Emma Kundurynyňky ýaly
halallyk hem arassalyk bar ýerinde wepadarlyk hiç ýere ýok bolup
gitmez. Onuň ylmy-da, dilewarlygydyr işeňňirligi-de, gara başy-da
soltanyň hyzmatynda. Kundurynyň şahsyýeti Togrul bege özge
şalaryň paýyna berilmeýän bir artykmaçlygy – ýakynyndaky ada­
ma ynam etmek paýyny berdi. Begiň janyny, maksadyny, syryny
– tutuş baryny ynanýany diňe Kundury däldi, şeýle ynamdarlar
başga-da bardy, kändi. Şu hem Togrul begi ýeňişli, işi hemişe
ugruna bolan beýik mertebä ýetirdi.
Togrul beg Kundurynyň sopuçylyk baradaky çuň, gyzykly
hem lezzetli söhbetlerine hemişe maýyldy. Yslam öz gözbaşyny
hezreti Pygamberiň durmuşyndan alyp gaýdýanam bolsa, Togrul
beg üçin sopularyň ýaşaýşy, pikirleri we matlaplary türkmeniň
Oguz eýýamyndaky – yslamdan öňki erenleriň adatlary, parasat­
lary hemem ömri bilen deň bir zatdy. Togrul beg üçin yslam
tuguny ýokary galdyrmak Oguzyň düşünjelerini dowam etdir­
mek bolup durýardy. Bu hakykat onuň milli duýgusyny apalap,
oňa taryhyň jümmüşinden gelýän içki ruhy güýç-kuwwatyna joş
berýärdi. Sopuçylyk, erenlik bilen baglanyşykly zatlar Togrul
beg üçin tas hususy, şahsy, onuň durmuşynyň içki bir pynhan
205
tarapydy. Şonuň üçinem ol bu hakda iň ýakyn adamlarynyň
arasynda Kundury bilen içgin pikir alyşýardy, bu gürrüňlerden
çäksiz lezzet alyp, öňküsinden has ynamly, has aýgytly hem has
dogumly bolýardy.
Kundury soltany-da, Altynjany-da özüniň dinler, mezhep­
ler hakdaky täsirli söhbedine imrindirmegi başardy. Ol Ajam
ýurdunda yslamdan owal otparazçylyk, buddaçylyk, ýahudy,
mesihi, brahmany, manewi we mitraýy ýaly birnäçe ynançlara
uýlup ýaşalandygy, olaryň käbiriniň häzirem bardygy, Muham­
met pygamber dünýäden ötensoň onuň orny, halyflyk, ymamlyk
ugrundaky agzalalyklaryň başlanandygy, sünni, şaýy, howaryj
mezhepleriniň dörändigi hakda joşup-joşup söhbet etdi. Hiç
kim onuň sözüni bölmedi.
Togrul beg hanafyçylygy ileri tutýardy, mugtazylalylaryň he­
mem mütekellimlileriň jedellerine hezil edýärdi, özi-de olar
bilen jedel gurýardy, köşkde mydama ulamalary, sopulary,
şahyrlary saklaýardy.
Wagtyň nähili geçeni duýulmaýardy.
Kundurynyň söhbedine Togrul beg-de, Altynjan hatyn-da
gowy baha berdi. Onuň bu ýol kesmesi hajyp al-bab wezipesin­
den wezir wezipesine geçmegine badalla boldy.
***
Ine, Kaku şalygynyň neberesi, wezir-wüzeralary Togrul
begiň öňünde tagzym edip durlar. Olaryň ýekesem başyny
galdyryp bilenok. Diňe Abu Kalyjaryň hatyny Äşe tagzym etmän,
Togrul begiň gaşyna göni geldi. Onuň ynamly ýöräp gelşini
gören jandarlar aňkarylyşyp galdylar, çünki hiç bir kişi begiň
dergähine şeýle arkaýyn baryp bilmeýärdi.
– Muhammet, meni tanamadyňmy?
– Äşe dogan, bu senmi?
– Tanamarsyň öýtdüm.
– Äşe, heý, senem bir unudyp bolarmy?!
– «Öýlenjek däl, öýlenjek däl» diýip, ahyr öýlenipsiň-ä!
– Ýeri, niçik gördüň?
20 6
– Özüňe mynasybyny saýlap bilipsiň.
– Göwnüň ýetdimi?
– Göwün ýetmez ýaly däl-ä, bu – perizat!
– Deýlemliler seni horlaýan-a däldirler?!
– Ýok, ýok, ýagdaýym gowy.
– Aýt, çekinme, menden näme isleýärsiň?
– Mansura Ýezd welaýatyny ykta ber.
– «Mansur» diýýäniň kim?
– Adamymyň uly ogly.
– Seniň diýeniň bolar. Heý, saňa-da: «Ýok!» diýip bolar­
my? Ýeri, başga näme islegiň bar, aýt! Sen näme diýseň, men
aýdanyňy ederin. Naçar dogan hiç haçan hor-zar, binowa bol­
maly däldir.
– Başga haýyşym ýok.
***
Giň köşgüň içindäki belent tagtyň üstünde Altynjany otur­t­
dylar. Içeride elliden gowrak hyzmatkär-gyrnak onuň hökümi­
ne garaşyp durdy. Garşysynda dyza çöküp, başlaryny aşak salyp
duran gelin-gyzlaryň galabasy Abu Kalyjaryň haremhanasynyň
hatynlarydy. Galanlary Wasytyň emiriniň haremhanasynyň
hatynlarydy. Altynjanyň ýeke agyz sözi olaryň ykbalyny çözýärdi.
Hatynlar Altynjanyň göwnünden turmaga çalyşýardylar.
Hatyn Abu Kalyjaryň maşgalasyna rehimdar çemeleşdi.
Olara hiç hili jeza berjek bolmady. Abu Kalyjaryň hatynlary,
Zübeýda atly owadan gyzy bilen has-da mylakatly gürleşdi.
Äşe bu ýere öz garyndaşlarynyň gelmegine begenmek
begenýärdi. Togrulyň ýanyna göni barmagy, tagzym etmän
gürleşmegi, Mansury Ýezd welaýatyna häkim belletmegi
onuň abraýyny artdyrypdy. Indi ondan heder edýärdiler.
Ýöne onuň hem Altynjan hatynyň ýanynda susty pesdi. Mege­
rem, ýat dilli halkyň içinde ýeke bolansoň köp kösençlikleri
çeken bolarly, Altynjanyň ýanynda horkuldap bady-boýran
aglady, ony gujaklady.
Äşe hemem Abu Kalyjaryň Zübeýda atly gyzy Altynjanyň
ýanyna hiç kimi getirmeýärdi. Ýogsam Wasytyň emiriniň
207
hatynlary hem Altynjana özleriniň hyzmata taýyndyklaryny aýt­
mak isleýärdiler.
Äşe hatynyň olar bilen gazaply gürleşýändigini Altynjan
hatyn aňýardy, ýöne bilmedikden-aňmadykdan bolýardy. Oňa
o zatlary bilmegiň, dogrusy, zerurlygam ýokdy. Oňa kim hyz­
mat edende näme?! Kaku soltanynyň hatynlarynyň emiriň
hatynlaryndan gowy hyzmat etjegi belli ahyryn.
Haýsy ýere gitse, Altynjanyň aýagyny ýere degrenokdylar: ony
tagty­rowanly göterip alyp gidýärdiler. Hebeşi gulamlar asyl ýada­
nokdylar.
***
Olar üç zenan bolup şähere aýlandylar. Şäheriň gözelgözel ýerleri hakda Zübeýda Altynjana süýjüdip-süýjüdip
gürrüň berýärdi. Äşe käte-käte Zübeýdanyň gürrüňiniň üstü­
ni ýetirýärdi.
Gaty köp jandarlar-haşymlar olaryň barjak ýerlerinden
adamlary kowup çykarýardy. Şeýle bolansoň köçeleriň gyra­
larynda ilat Altynjany görmek üçin garaşyp durdy. Olar
Altynjanyň tagtyrowany ýakynlaşanda çöke düşüp, öwran-öwran
tagzym edýärdiler. Maňlaýlaryny ýere degirýärdiler.
Ir ertirden başlanan gezelenç Gün günortandan agýança do­
wam etdi.
Gezelenç ýene dowam etjekdi, ýöne Togrul begden gelen
çakylyk olaryň gezelenjiniň arasyny kesdi.
Olaryň gezelenç edip ýören ýerlerine atlaryny getirdiler.
Altynjan ata tekgesiz münüp bilýän däldir öýdüp, hebeşi
gullar onuň atynyň öňünde egilip basgançak bolup durdylar,
olaryň arkalaryndan basyp, ata münmelidi. Altynjan hyzmat­
dan peýdalanmady, atynyň jylawyny alyp, biraz ýöredi. Soňam
sol elini atyň boýnundan, sag elini hem eýerden tutup, bir bö­
kende edil tüweleý göteren ýaly atylyp, ýöräp barýan atyň üstü­
ne mündi.
Wasytlylar Altynjandan beýle herekete garaşmadyk bolarly,
haýran galmadan ýaňa begençli, başly-barat gygyryşdylar.
208
***
Altynjan Wasyt sebitiniň howasyny, tebigatyny halady.
Niräňe seretseň baglyk. Niräňe seretseň, turunjylyk. Pyrty­
kal, hurma.
Çar ýanyň zümerret deýin gögeren bag-bakjalar, zümerret
deýin giden tokaýlyk.
Ýere düşek ýazmak zerurlygy ýokdy. Allatagala ähli Wasyt
sebitine gyrymsy ot düşäp çykypdyr.
Ýaýylyp ýatan göm-gök depeler, gülşen sähralyklar geňenaýy ir-iýmişlerden doludy.
Şäheriň, obalaryň ilaty parahatdy. Olar degre-daşlaryndaky
ir-iýmişleri – hozlary, turunjylary, pyrtykallary, pisseleri, hurma­
lary ylla görmeýän ýalydylar.
Şäheriň bazarlarynda adyny tutan harydyň bardy. Kerwen­
saraýlar dürli ýurtlaryň täjirlerinden, söwdagärlerinden ýaňa
hyň berýärdi.
Wasytyň gündogar çetinde iki sany köşk bardy. Ol köşkler
gür tokaýlyga çümüp otyrdy, köşkleriň birinde şäheriň emiri
ýaşaýardy. Beýlekisi bolsa Togrul beg üçin niýetlenilendi. Abu
Kalyjar bu köşgi özi üçin saklatsa-da, ýedi ýyla çeken şalygynyň
içinde bary-ýogy Ýezdden gaýdanda ýeke gezek gelipdi. Ondada garaňkyda gelip, daňdan hem ýola düşüpdi.
Köşkden tokaýa gidýän ýoda bardy. Ýodanyň iki gyrasy-da
burundyk tokaýlykdy. Tawus guşlar, keýikler erkana gezip ýör­
di. Olar atlylardan ürkmelidirem öýtmeýärdiler.
Altynjan indi bir hepde bäri her gün säher oýanyp, daşaryk
çykýardy. Onuň daşaryk çykanyny gören on-on iki sany tawus
guşy loňk-loňk edişip gelýärdi. Altynjan guşlara nan bölüşdirip
iýdirýärdi. Olaryň çokup, nan böleklerini alyşlary Altynjanyň
göwnüni açýardy.
Mäkiýan däl-de, diňe erkek tawuslar owadan, kyrk öwüşginli
bolýan ekenler. Altynjan Allatagalanyň ähli janly-jandarlaryň ur­
kaçysyny owadan edip, diňe tawuslar babatda tersine etmesiniň
hikmeti barada oýlanýardy, bir gezek bu pikirini Togrul begede aýdypdy. Beg onuň bu sözüne «loh-lohlap» güldi. Bu hikme­
14*
209
ti mäkiýan tawusyň günä iş edendigi: owadan guýrugyna bukup,
şeýtany behişde salandygy, şeýdibem Allatagalanyň näletine du­
çar bolandygy bilen düşündirdi.
Togrul beg her gün daňdan hatynynyň tawus guşa nan
berip bolaryna garaşardy, soňam onuň bilen ertirki gylyçlaşyk
türgenleşigine başlardy.
Bu ýere gelenden bäri beg her gün säher hatyny bilen
gylyçlaşyk türgenleşigini geçýärdi. Ol türgenleşigi Reýde köp­
lenç Hapban Endikäni han ýa Mübärek han bilen geçerdi,
hatyny bilen geçýän gezeklerem az bolmaýardy, Anuşirwan bile­
nem, hajyp Abdyrahman Agajy bilenem geçýärdi, ýöne Wasytda
diňe Altynjan bilen geçdi.
Tawuslara elindäki çöregi beren Altynjan garşysynda
hüjüme häzirlenip duran bege bakyp, bilindäki ýataganyna
el ýetirdi:
– Başlalyň, begim?!
– Başlaly!
Gylyçlaşyk türgenleşigi başlandy. Bu türgenleşik iki tarap
birder – bir gezek süllümbaý bolup derleýänçä, ýadaýança do­
wam edýärdi. Şeýle bolansoň bu darkaşlar käteler günortana
çenli uzaýardy.
Togrul beg gylyçlaşanda bar ünsüni garşydaşynyň gözlerine
gönükdirýärdi. Sebäbi garşydaşyň howuny basmagy darkaşda iň
esasy zat hasaplaýardy.
Altynjany içgin synlap darkaş gurýan beg dillendi:
– «Turunjyly ýerde dynç almak isleýärin» diýip aýdanyň
ýadyňda barmy, Altynjan?
– Ýadymda, begim, ýadymda.
– Är hatynynyň islegini amal etmeli. Men jahangirlik bilen
aşa başagaý bolup, seniň şol islegiňi kanagatlandyrmaga-da wagt
tapmadym. Ynha, indi jahangirligimiz rowaç aldy. Gijem bolsa,
saňa dynç berýärin.
– Bir hepdäniň nähili geçenini-de duýman galypdyryn.
– Bu ýeri saňa ýarapdyr-da onda?!
– Ýarady! – Altynjan adamsynyň soňky sowalyna geňirgendi.
Togrul beg hatynynyň geňirgenme bilen seredendigini duýsa211
da, duýmazlyga saldy. Gaýtam, ýene Altynjanyň garaşmadyk so­
walyny berdi: – Altynjan, entek garran-a dälsiň?
Altynjan nämä garaşsa-da, begden bu söze garaşmandy.
Onuň göz öňünde dessine owadan Zübeýda peýda boldy:
– Eger öýlenmek isleýän bolsaňyz, begim, men örän bege­
nerin. Size mirasdüşer gerek.
Togrul beg hatynynyň bu sözünden soň, birki ädim yza çe­
kildi, gylyçlaşmasyny goýdy:
– Saklan!
Altynjan hüjüme häzir bolup durşuna bege soragly seretdi.
Togrul beg keremara ýöräp Altynjanyň ýakynyna geldi:
– Gör, sen nämäniň pikirini edip ýörsüň?! Mende mirasdar
bar, Süleýman bar, hiç bolmasa, Öwez5 bar, olar meniň ýolu­
my dowam etdirerler. Ýöne häzir men o hakda aýtmakçy bol­
madym...
Beg hatynynyň başyndaky çyzmyga berkidilen ýukajyk ak tu­
wagyny sypyryp zyňyp goýberdi. Soňam onuň altynsow saçlaryny
penjeläp özüne çekdi:
– Altynjan, men seniň göwnüňe kän degdim, ýöne sen her
gezek üýtgeşik çydamlylygyň bilen meni haýrana goýduň. Seniň
ornuňy tutup biljek adam dünýäde ýokdur. Sen meniň ýeketägimsiň! Düşnüklimi?
– Men düşünýärin, begim, düşünýärin.
– Ýok, ýok, sen düşünmeýärsiň. Sen meniň Altynjanymsyň!
– diýip, Togrul beg Altynjany garsa bagryna basdy-da, şeýle
bir gujak­lady welin, gapyrgalary şakyrdady gitdi. – Sen meniň
naýybymsyň, nedimimsiň. Seljuk begleriniň ýekesiniň hatyny
hem hatyn6 unwanyna mynasyp bolup bilen däldir. Sen bu un­
wana mynasypsyň, Altynjan! Men saňa öz şalygymda tarhanlyk
ygtyýaryny berýändirin. Sende baş weziriň hukugy hem ygtyýary
bardyr. Ähli wezir-wekillerim seniň guluňdyr.
Togrul patyşanyň bu sözleri Altynjana syrly göründi: «Eý,
Hudaý, beg bir betbagtlygyň boljakdygyny bilip, hoş söz aýdýar­
mykan?! Näme üçinkä?»
Gylyçlaşyk dowam etdirildi.
Iki nazar ýene biri-birine gönükdi.
212
Biri-birine degip uçgun syçraýan gylyçlaryň sesleri uzaklara
ýaýraýardy.
Darkaşda, esasan, beg hüjüm edýärdi, Altynjan goranýardy.
Darkaş birde endigan gidýärdi, birde ýitileşýärdi.
– Altynjan, näme ýalňyşlyk goýberendigiňi bilýärsiňmi? –
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn II - 13
  • Parts
  • Altynjan hatyn II - 01
    Total number of words is 3629
    Total number of unique words is 2034
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 02
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2164
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2031
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 04
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1970
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 05
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 06
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2172
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 07
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2164
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2085
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 09
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2084
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 10
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2064
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 11
    Total number of words is 3507
    Total number of unique words is 2173
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    37.2 of words are in the 5000 most common words
    44.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2151
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2040
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 14
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2044
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 15
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2131
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 16
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2156
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 17
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1976
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 18
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2087
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 19
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2023
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 20
    Total number of words is 3723
    Total number of unique words is 1909
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 21
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1880
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 22
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 1944
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 23
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1971
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 24
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1896
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1941
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 26
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 2028
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 27
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2124
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 28
    Total number of words is 1126
    Total number of unique words is 678
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.