Latin

Altynjan hatyn II - 13

Total number of words is 3740
Total number of unique words is 2040
32.0 of words are in the 2000 most common words
45.1 of words are in the 5000 most common words
52.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
diýip, soltan Altynjanyň bokurdagyna gylyjynyň ujuny degirip
saklady.
– Bilýärin, begim.
– Näme?
– Pikire gitdim.
– Näme üçin ömrüň gylsyrat köprüsindekä pikir edýärsiň?
– Adamymyň syrly sözleri meni özüm hakda oýlanmaga mejbur
etdi...
Togrul beg syrly ýylgyrdy.
Gylyçlaşmak ýene dowam etdi.
***
Altynjan Zübeýdanyň uzyn saçyndan sypady-da:
– Bir mahal meniňem edil seniňki ýaly uzyn saçlarym bardy.
Beg ýatanda, saçlarym bilen ýüzüni örtüp ýatmagy gowy görerdi
– diýdi.
Emenek nazaryny dikip duran Zübeýda birden hünibirýan
aglamaga başlady. Altynjan:
– Zübeýda, saňa näme boldy? – diýip, ony köşeşdirmäge
çalyşdy.
– Meniň siziň ýanyňyzdan aýrylasym gelenok, melikäm.
Meni ýanyňyza çory edibem bolsa almagyňyzy soraýaryn.
– Zübeýda, sen – şa gyzy! Sen asylly ýeriň gyzy. Saňa çory bol­
mak aýpdyr. Sen Togrul begiň hatyny bolmaga mynasyp.
Altynjan hatynyň teskin bermek üçin aýdan bu sözi Zübeý­
da bilen onuň ejesine güýçli täsir etdi: olar begenmek begen­
diler, Altynjanyň aýagyna ýykylyp, togap edip, alkyş okamaga
başladylar.
– Altynjan hatyn Togrul beg üçin Zübeýda bikämize söz
aýtdy!
213
– Eşitdiňmi, Zübeýda hatyn Muhammet Togrul begiň
hatyny bolar.
– Biziň hemmämiz Zübeýda melikämiz bilen Muhammet
Togrul begiň haremhanasynda ýaşarys!
– Zübeýda melikäm – Togrul begiň hatyny!
Altynjan zynharlady:
– Ýok, ýok, siz maňa nädogry düşündiňiz, men beg üçin
Zübeýda gyza söz aýdamok. Duruň, duruň!
Altynjan nämä garaşsa-da, durmuşyň beýle öwrümine
garaşmandy: bu habary saklamaga ol ejiz geldi. Dogrusy, ol ha­
bary nädip saklajagynam bilmedi.
Eneli-gyz şindem başlaryny galdyrman Altynjan melikäniň
aýagyna togap etjekdiler, ýöne ýörişe ugramalydygy barada Tog­
rul begiň habary geldi. Eneli-gyz müň mertebe baş edip ýerle­
rinden turdy. Begençli habary köşkdäkilere söýünjilemek üçin
akgyzlaryň hersi bir tarapa eňdi.
Altynjan elewredi: özüniň näme diýmekçi bolandygyny
düşündirmäge çalyşdy.
Durmuşyň ýasawy şeýle: her kim bu dünýäde görmek isleýän
zadyny görýär, eşitmek isleýän zadyny eşidýär. Kakuly hatynlar
hem Altynjanyň ýarym sözünden öz eşitmek isleýän talwasyny
eşitdiler. Olara häzir başga pikir gerek däl, asla gerek däl!
Altynjan kakulylar bilen häzir düşünişip bilmejekdigine
göz ýetirenden soň, atyna atlandy.
***
Togrul beg ýüzden gowrak atly bilen şäheriň gündogar çe­
tinde garaşyp durdy. Altynjan öz atlylary bilen baransoň, ol ýola
düşdi.
Uzak gidilmedi.
Togrul beg Wasytyň gündogar tarapyndaky ullakan bir
depäniň deňinde atdan düşdi:
– Depä çykalyň!
Depä pyýadalap çykmaly boldy. Togrul beg keremara
dyrmaşyp barýardy. Ol näçe ýokary dyrmaşsa-da, özünde ýa­
214
dawlyk duýanokdy. Onuň süňňi ýeňil gopýardy. Käbir kötel
ýerde hatynyna tekge bolýardy. Anuşirwan hem Altynjanyň
gapdalyndan ýöräp barýardy.
– Ýadadyňmy? Ýokary çykyp biljekmi? – diýip, Togrul beg
hatynyndan sorady.
– Ýadamok, begim. Ýokary çykaryn, hökman çykaryn.
– Ýadan wagtyň aýt, şol ýerde durubereris.
Depe onçakly bir uly däldi, ýöne köteldi, oňa aýlanyp çyk­
maly bolýardy.
Togrul beg bilen Altynjan iň öňden barýardy. Wezir-we­
killer olaryň yzlaryndady.
Abu Kalyjar Ahmet Dehistanyga nämedir bir zady janygyp
düşündirýärdi.
Wezir Ahmet Dehistanynyň goltugynda bir daňy hat-petek
bardy. Abu Kalyjar onuň goltugyndaky daňyny götermäge birki
ýola döwtalap bolanda, wezir ýüregi ýarylan ýaly garşy çykdy.
Çagry begiň ogly mälik Süleýman hiç kime goşulman
töwerek-daşyny teşnelik bilen synlaýardy.
Wezir-wekilleriň ählisi depä çykyp, demlerini biraz dür­
sänlerinden soň, ynak Ýusup Bazyrgany sakynyp-sakynyp söze
başlady:
– Kyblaýy älemim, ynha, biz Allatagala ýakyn ýerde, arassa
ýerde durus. Şu ýerde, eger rugsat berseňiz, Abu Kalyjaryň bir
isteggähini size ýetirmekçi.
– O nähili islegdir ol?
– Beýik soltan! – Abu Kalyjar çustlandy. – Meniň meniklije
oglum bar. Siz oňa Ýezdi rowa bildiňiz. Bu sahawat-hasanatyňyz
üçin biz – Kaku neberesi size bütin ömrümize alkyş okarys,
metjitlerimizde mydama siziň adyňyza hutba okarys. Bu za­
man külli musulmanlar Muhammet Togrul beg – sizi özüne
patyşa bilýär. Sizi gerdun pelekde tanamaýan ýekeje-de adam
ýokdur. Bu gün dünýä ýüzi siziň aýagyňyzyň aşagynda. Siziň ýe­
keje sözüňiz, ýekeje yşaratyňyz kuwwatly bir döwletiň birki ýyl­
daky güýjüne barabar iş bitirýär. Dünýäde siziň güýjüňize, siziň
pähimiňize taý geljek ýekeje-de güýjem, lutfu pähim-parasat
hem ýokdur. Onsoň abraý lybasy şeýle beýik adamyň didaryny
215
görmegiň, aýak tozuny öpmegiň, garyndaş bolmagyň nähili uly
anaýatlykdygy, şükür hem mertebe ganaty birle uçmakdygy ähli
kişä düşnüklidir. Kaku nesilşalygynyň – biziň seljuk begleri bi­
len, Tog­rul beg bilen garyndaş bolasymyz gelýär. Bu babatda
biz siziň ýene bir ýalkawyňyza umyt baglaýarys. Altynjan hatyn
meniň gyzym Zübeýdaga siziň üçin söz aýdypdyr. Biz Altynjan
hatynyňam, siziňem islegiňize garşy gidip bilmeris. Gaýtam,
muňa özümiň çäksiz hursantlygymy äşgär etmekçi bolýaryn.
Ömür egilmedik hem egilmejek boýunlary egmek mertebesi­
ni beren Beýik Perwerdigär sizi, goý, mydama öz penasynda
ömri-derazlykda aman saklasyn! Allatagalanyň ýerdäki wekiline
– Size hamt hem sahawat, lutfu kerem bolsun! Beýik Biribaryň
bir katra suwundan serwi kamatly, gülşen ýüzli jemalyny ýokluk
perdesinden çykaryp, barlyk älemine rowa bilmek amaly dowa­
mat bolsun! Oglum Mansur – batyr, akylly ýigit. Ol siziň sadykat
guluňyz bolar. Ol mydama siziň permanlaryňyzy mutyglyk birle
ýerine ýetirer...
– Altynjan, men seniň bilen düşünişdim ahyryn. Şondan
soňky bu nutuklar näme gerek? Sen näme üçin maňa hiç zat
diýmän söz aýdýarsyň?! Sen meni nähili güne salýarsyň? – diýip,
Togrul beg Abu Kalyjaryň sözüni soňlaryna garaşyp durmady.
– Begim, gürrüň bu ýerde başga zat hakda barýar – diýip,
Ýusup Bazyrgany gorka gürledi.
– Kalyjaryň gyzy hakda Altynjan maňa aýtdy, şonda men
onuň jogabyny berdim.
– Abu Kalyjaryň gyzy meseläniň diňe bir tarapy, begim.
– Ikinji tarapy hem barmy onuň?!
Ynak aljyraňňy sözledi:
– Begim, Abu Kalyjar düýn bize isleg-telwasyny doly
düşündirdi. Ol siziň neberäňiz bilen garyndaş bolmak isleýär.
Siziň doganyňyz Dawut begiň Zübeýda atly gyzy bar. Abu Kalyjar
Dawut begiň şol gyzyna ogly Mansur üçin hyrydar çykýar. Bir söz
bilen aýtsak, Abu Kalyjar bir Zübeýdany berip, bir Zübeýdany
almak isleýär.
Abu Kalyjar howlukmaç gürledi:
– Gyzym siziň sadykat gyrnagyňyz bolsun!..
216
Mälik Süleýman edilýän gürrüňi halamady, gaşlaryny çytdy,
biraz gapdala çekildi.
Togrul beg uludan demini aldy, Ýusup Bazyrganynyň sözü­
ni halamady, Ahmet Dehistanyga ýüzlendi:
– Ahmet, biz şu ýere kakularyň gudaçylygyny çözmäge gel­
dikmi?
– Ýok, begim. Biz bu depä Altynjan...
– Dur, dur, saklan! Ol zatlary sen permandan öň aýtjak bol­
ma! Biziň şu depä çykyp, ilki etmeli zadymyz nämedi?
– Wasyt ýaýlasyny synlamak, hökümdarym!
Togrul beg ynagyň ýanyna baryp, ýuwaşja dillendi:
– Janköýerlik edýärsiň welin, Ýusup, Kalyjary köneden bäri
tanaýarsyňmy?
– Aý, ýok.
Beg köpmanyly baş atdy:
– Geliň, onda, ilki bilen, öz işimizi edeliň. Kalyjaryň mese­
lesi gepiň gerdişine görä çözülýän mesele däl. Ol düýpli mesele
– aýratyn gürrüň. Onuň üçin ýörite ýygnanyşarys. Şeýtsek bol­
mazmy, Kalyjar?
– Bolar, hökümdar!
Altynjan özi üçin ýakymly bir permanyň okaljakdygyny
duýdy.
Togrul beg Altynjany Wasyt sebitine emir bellemekçimikä?
Ýa bu ýerlerini ykta bermekçimikä? Ýa şu ýerden maňa bagyşlap
köşk gurjak bolýarmyka?
Togrul beg Altynjan hatyna talak bermekçi bolýan bolaý­
masyn? Ýa aýry ýaşamak isleýärmikä?
Belki, özi Reýde, Altynjany bolsa Wasytda ýaşatmakçy bol­
ýandyr?! Belki, Kabyly Wasyta emir bellemek isleýändir? Belki,
bu sebiti Sadyllaga ykta berer?! Şa şa bolýar. Näme edeýin diýse,
ygtyýary özünde.
Altynjan begiň özünden «Reýde ýaşanymyz gowumy ýa
Wasytda?» diýip soranyny ýatlady. Diýmek, beg Reýden Wasy­
ta göçüp gelmek isleýär. Ýaşamak üçin Reý gowy ahyryn. Wah,
«Wasyt gowy» diýip, Reýden göçmegiň zerurlygynyň ýokdu­
gyny, bu ýerde bar zatlaryň Reýde artygy bilen tapylýandygyny
217
bege nädip düşündirip bolarkan?! Begiň bu islegini wezirler
Anuşirwan ibn Tümen hem, Ahmet Dehistany hem bilen bol­
maly, ýöne olar Altynjanyň ýanynda hiç zatdan habarsyz boldu­
lar. Gel, Ahmet Dehistany hiç zat aýtmasyn, ýöne Anuşirwan
aýtmaly ahyryn! Ýa oňa beg hiç zat aýtmazlygy tabşyrdymyka?!
Ähli kişi sesini çykarman töweregine esewan edip durdy.
Altynjan Wasyt şäherini depä çykyp synlap görmändi.
Allatagalanyň demi hasaplanýan ýel depede ýiti duýulýardy.
Demirgazykdan ösýän ýel duranlaryň eşiklerini sypyryp bilmeýä­
nine jany ýanýan dek, ahmyrly ses edýärdi.
Altynjanyň ilki gözüniň kaklyşany Wasydyň metjidi boldy.
Metjit, metjidiň iki diňi, hana, özleriniň ýaşaýan köşgi magal­
laklap görünýär.
Şäher baga bürenip otyr. Allatagala bu şäheriň adamlarynyň
açlykdan kösenmezlikleri üçin her dürli datly ir-iýmişleri bol­
dan eçilipdir. Süri-süri keýikler agaýana sonarlap ýör.
Durnagöz çeşmeler, bulaklar akyşyp ýatyr.
Togrul beg töweregine birlaý göz aýlady-da, weziri Ahmet
Dehistanyga «Başlaber!» diýip yşarat etdi.
Ahmet Dehistany sesine nazym berip, Togrul begiň perma­
nyny okady.
Perman uzyndy, onda Altynjan melikäniň hatyn unwa­
nyna mynasyp bolandygy, bu unwana laýyklykda oňa wezir,
goşun, mülk, hazyna berilýändigi, mülk-ykta hökmünde Wasyt
welaýatynyň saýlanyp alnandygy aýdylýardy. Ondan soňra Wasyt
sebitiniň araçäkleşýän ýerleri, obalary, her obada näçe adamyň
ýaşaýandygy birin-birin sanalýardy.
Permanda Wasyt welaýaty bilen serhetleşýän galalar, obakentler, daglar-dereler, çeşme-çaýlar Altynjana nätanyşdy. Ol
bu atlary ilkinji gezek eşidýärdi.
Perman okalyp gutaransoň duranlar Altynjany mülki bilen
mübäreklediler.
Bu permana hemmeden beter Anuşirwan bilen Süleýman
mälik begendi. Olar gelip, Altynjan hatyny gaýta-gaýta mübä­
reklediler.
Altynjan Togrul begden nämä garaşsa-da, beýle permana
garaşmandy. Dogrusy, ol häzir permana begenibem bilenokdy,
218
gynanybam. Bu mülküň özi üçin näme ähmiýetiniň bolup bil­
jekdigine düşünmeýärdi. Ol Togrul begiň hatyny. Diýmek, diňe
bir Wasyt sebiti däl, ýedi yklym Altynjanyň öz mülki bolmaýarmy
eýsem?! Ähli dünýä özüniňkikä – Togrul beg hem Altynjanyňky
ahyryn! – Wasyt sebitiniň mülk berilmesine nähili düşünmeli?
Togrul beg Altynjanyň bu soragyny eşiden ýaly, jogap berdi:
– Altynjan, men ömrümiň paýawlap barýandygyny aňýaryn.
Seniň menden uzak ýaşajakdygyňy hem aňýaryn. Öňem aýdypdym
saňa bu hakda. Men ölenimden soň, seniň hor-homsy bolmagyňy
– Çagra, Ybraýyma, Gutulmyşa, Öweze ýa Süleýmana, Anuşirwana
elgarama bolmagyňy islemeýärin. Togrul begiň döwletiniň için­
de, goý, seniň men tarapdan resmileşdirilip berlen mülküň bol­
sun. Goý, seniň baýlygyň köp bolsun. Jandarlaryň-haşymlaryň bol­
sun. Anuşirwan seni goldar. Doganlaryň Sadylla bilen Kabyl seni
goldarlar. Men ölenimden soň sen bu ýerlerde erkana ýaşa! Şu
günden başlabam Wasyt seniňki! Men bu ýere gelip etmek islän
işimi etdim. Indi ugrabersek hem bolýar, ýöne sen öz on müň atly
goşunyň bilen bu ýerde gal. Sen bu ýere öz doganlaryňdan haýsam
bolsa birini emir belleseň, dogry bolar. Wasyt bilen tanyşmagyň,
işleriňi ýola goýmagyň üçin men saňa bir hepde wagt berýärin.
Bir hepdeläp sebiti aýlanyp çyk, obalar bilen, adamlar bilen tanyş.
Adamlaryň özüňi gowy görmegini isleseň, olara görünme! Adam­
lar seni ýakyndan tanasalar, sen olar üçin syrly hem täsin dälsiň.
Diňe kethudalar bilen duşuş. Il-günüň hormatlaýan baýlaryny
tozdurmakdan saklan. Olary diňe öz syrlylygyň bilen gorkuzyp,
öz bähbidiň üçin peýdalan. Abu Kalyjar ýa-da onuň ogly Mansur
hyzmatyňda bolsun. – Togrul beg Abu Kalyjar bilen Mansura se­
retdi. Kakulylar baş egip, özleriniň hyzmat etmäge taýýardyklaryny
mälim etdiler. – Goý, bular ýanyňda bolsunlar. Saňa ýol görke­
zerler. Wasytyň häzirki emirini başga bir şähere göçür. Mansuryň
giýew bolmak-bolmazlyk meselesi saňa eden yhlasyna görä bolar.
Şu gün anna güni. Indiki anna ýanyma barmasaň, ertesi idegiňe çy­
karyn. Düşnüklimi, Altynjan hatyn? Men başda ýanyňda Anuşirwan
bilen Süleýmany goýup gitmekçidim, ýöne olar maňa zerur gerek
boljak. Ýanyňda Kabyly goýup gidýärin. Biz ömrümizi ýüwrüp
geçirdik. Dynç aljak ömrümiz örän az galdy. Şonuň üçin galan
ömrümiziň her bir gününi bilelikde eşrepi deýin tutmalydyrys.
219
Altynjan hatyn adamsynyň bu permanyna, sözlerine näme
jogap berjegini bilmedi, dymdy.
– Byradarlar! – diýip Togrul beg duranlara ýüzlendi. –
Wasytyň täze eýesiniň zyýapatyny görmän ýola düşsek, jotda bo­
lar. Bu gün Altynjan hatynyň zyýapatynda bolup, ertir daň bilen
ýola düşsek, neneň-niçik bolar?
– Zyýapatdan bolsun!
***
441-nji hijri ýyly – 1049-njy milady ýyly.
Bu ýyl Togrul beg bilen dogany Ybraýymyň arasynda düşünişmezlik
ýüze çykdy. Togrul begiň dogany köp sanly esger ýygnap, Togrul beg bilen
söweşdi. Togrul beg dört gün dowam eden gabawdan soň ony ýeňip, ga­
lany boýun egdirdi. Ýöne Togrul beg dogany Ybraýyma ýagşylyk etdi we
ony ýanynda saklady.
Beýle tarapdan Wizantiýa imperatory Togrul bege Ybraýym ynaly
ýesir alandygyny, begiň doganyny öz wizantiýaly bir ýesir serkerdesi bilen
çalyşmak isleýändigini aýdyp hat ýazdy. Togrul beg wizantiýaly serkerdä­
ni hiç bir zat talap etmezden boşadyp goýberdi. Dogany Ybraýymyň azat
edilmegi üçin köp möçberde sowgat gönderdi.
Ibn Kesir.
Başlangyçdan ahyra çenli.
Üçünji hekaýat
GÜL SOLSA, BAHASY BIR PUL
A
llatagala zenanlary erkek kişilerden has näzik ýa­
radypdyr. Sebäbi düşnükli onuň. Birinji gezek ýasan
zadyňdan ikinji ýasan zadyň kämil bolýar, çünki birinjide goýbe­
ren säwlikleriňi ikinjide düzedýärsiň. Allatagala-da Adamatany
kyrk ýyllap ýasanda goýberen säwliklerini Howenäni ýaradanda
düzeden, kämilleşdiren bolarly. Sebäp Howany ýasamak üçin
Allatagala kyrk ýyl gerek bolmandyr. Adamata ukudan oýanýança
gözüňe söweýin bir melegi ýasap oturyberipdir...
Adam aňk bolup Howanyň ýanyna barypdyr, oňa habar
gatypdyr. Ana, şondan bärem zenanlaryň ýanyna ilki erkek kişiler
barýandyr. Ilki bolup, habar gatmak hem erkekleriň parzydyr.
Ilkinji söz erkekleriňkidir.
Soňky söz zenanlaryňkydyr.
Islegi kabul edip-etmezlik zenanlara baglydyr.
Zenanlar aşa geçirimlidir.
Zenanlar aşa çydamlydyr.
Olar ähli zada geçirimli, çydamly bolsalar-da, ärleriniň öz
üstlerine hatyn almagyna, başga bir hatyn bilen bir ýorganda
221
çyrmaşyp-derläp-bugaryp ýatmagyna welin, teý öwrenişibem,
çydabam bilýän däldirler.
Herhal, Altynjan Zübeýdanyň owadanlygynam, näzikligi­
nem bil­ýärdi. Iň esasy, bu deýlemi gyzy ýaňy on alty ýaşy dolan
ýaş gyzdy. «Belki, Zübeýda bilen çyrmaşsa, bege täzeden jahyllyk
dolanar?! Patyşalaryň ählisiniň ýaşy könelişiberende ýaş gyz bi­
len çyrmaşyp ýatmaklary ýöne ýerden däl ahyryn. Ýaş gyz bilen
erkek kişi çyrmaşyp ýatanda gyzyň ýaşlyk gujury erkege geçýär,
erkege ýaşlyk berýär, gaýrat-gujur berýär...»
Altynjan Togrul begiň öýlenmegine kaýyldy, sebäbi tagta
mirasdüşer gerekdi.
Ol begiň mirasdüşeriniň aladasyny köp edipdi. Ençe gezek
Togrul begiň ýanynda owadan-owadan gyzlar hakda gürrüň goz­
gapdy. Her gezegem beg hatynynyň garşysyna çykypdy, asyl, bu
hakda gürrüň edilmeginem islemändi. Başda özi islän-de bolsa,
soň, begiň öýlenmegi Altynjana agyr degdi. Ol soňky döwürde
begiň özünden başga zenan bilen bir ýorganda ýatmajakdygy­
na berk ynanypdy. Bu gün onuň şol ynamy weýran bolýardy!
Agyrdy, juda agyrdy!
Altynjanyň göwnüne bolmasa, kimdir biri öz garşysyna,
kastyna çykan ýalydy.
Kim?
Ol bu hakda uzak oýlanýardy. Togrul beg köşk durmuşyny,
adamlar bilen gatnaşyk etmegi, içki gapma-garşylyklary
«ikinji basgançak» diýip atlandyrypdy. Altynjan Abu Zarga
Hannakynyň içki dünýäsini oraşan görmegi başarypdy, ýöne
ähli kişi Hannaky däl, olaryň köpüsiniň içki dünýälerini bilip
bolanok. Adamyň dili bir zat diýýär, ýüregi, päli düýpden başga
zat diýýär, başga zat edýär.
Altynjan Togrul begiň adam tanamakdaky üşügine haýran­
lar gal­ýardy. Ol adamy bir görende içki pälini, pikirini magat
bilýärdi, ýöne, bilse-de, geçirimlilik edýärdi, görmedikden-bil­
medikden bolýardy.
– Adamlaryň kemçiliklerini aýdyp, olary daşymdan kow­
sam, onda men kim bilen işläýin?! Esasy zat, adamlaryň maňa
hyýanat etmezlikleri. Rast, maňa hyýanat edenoklarmy, maňa
bolany şol – diýip, beg maksadyny düşündirýärdi.
222
Altynjan hatyn begiň geçirimliligini töwekgellik hasap­
laýardy. Özi adamlara ýakynlaşmakdan saklanýardy. Ähli kişi
bilen gaty hüşgär gatnaşyk edýärdi, soňky günler bege-de köp
görünmeýärdi.
Gülýüzli barka ol özüni gorap duran galkan bar ýaly
duýýardy. Häzir welin, özüni penalan şol galkany ýokdy. Şonuň
üçinem onuň üstüne duşman howpy abanaýjak ýalydy. Bu howp
gije-gündiz aýrylmaýardy.
Onuň aýratyn howatyrlanýan adamlary bardy. Şolaryň biri
Peýkamdy. Onuň bolşuny Altynjan halamaýardy. Özem ony
birinji gören gününden bäri halamaýardy. Ol birinji gezek
Zamahşara baranda Altynjana hapa sözler bilen azgyrylypdy.
Ol Altynjany mydama bege ýamanlaýardy, özüniň içki pikirini
ýaşyrjagam bolup duranokdy, köplenç:
– Hatyn diýeniň öýde sülmüräp oturar, nahar-şor, tikinçatyn bilen gümra bolar. Sen özüňi erkek ýaly alyp barýarsyň.
Söweşde seniň körüň ýok, otur öýde! – diýip, açyk gygyrýardy.
Togrul beg Peýkamy höre-köşe edip, köşeşdirýärdi,
Altynjanyň ähli ýerde ýanynda bolmagyny özüniň isleýändigini
düşündirýärdi, Peýkam şol mahal ylalaşan, düşünen ýaly bolsada, birki aýdan soň ýene köne heňine başlaýardy.
Altynjanyň berk ynanjy boýunça özüniň begden urulmagy­
na, göwresindäki çagasynyň düşmegine Peýkam sebäp bolupdy.
Şeýle pikirde bolansoň, Altynjan Peýkamy ýigrenmek ýig­
renýärdi, käte oňa gaharlanýardy. Şonda olaryň arasyna Bekdaş
Rudbar düşýärdi.
Altynjan hatyn Bekdaşy hatyralaýardy, sebäbi ol Peýkam
ýaly betlagam biwazy däldi. Az geplidi, salykatlydy, hoş sözlüdi.
– Peýkam ikiňize dogan diýer ýaly däl – diýip, Altynjan
Bekdaşa sygynýardy.
– Peýkamyň ýaradylyşy şeýle, biraz köpräk gürleýär, ýöne
ýüregi gowy onuň. Ol seni gowy görýär, saňa gowusyny etjek
bolýar, seni goraýar.
«Bekdaş bilen Peýkam dogan» diýseň ynanar ýaly däldi. Se­
bäbi olaryň sagty-symmatlary-da meňzeş däldi. Bekdaş geçen ýyl
pygamber ýaşyny ýaşapdy, Peýkam ondan iki ýaş kiçidi. Şeýle-de
223
bolsa, ol agasyndan garry görünýärdi. Saç-sakgaly juwar akdy.
Ol, Ybraýym ýaly, hiç wagt üst-başyna üns bermeýärdi, egin-eşigi
mydama hopul-sopuldy. Gyş-u-ýaz aýagyna hiç zat geýmeýärdi.
Onuň Peýkam adyna mynasyp häsiýeti bardy, içýakgynç sözle­
ri bilen göni ýüregiňden urmaga ökdedi. Adamyň bir kemini
tapyp, üstünden gülmegi hem gowy görýärdi. Onuň çakyr sesi
bardy. Şol çakyr sesi eşidende Altynjanyň myrryhy atlanýardy.
Bekdaş welin, adama eger-eger ajy söz aýtmaýardy, sy­
paýydy, seljuk döwletine dönüklik etmeseň, onuň garşysyna ýa­
ramaz söz aýtmasaň, onuň seniň bilen işi ýokdy.
Altynjan Bekdaşyň geýnişini, arassaçyllygyny, edepliligi­
ni, hoşgy­lawlygyny gowy görýärdi. Çagasynyň düşmeginiň
sebäpkäriniň kimdigini soranda aýtmandy. Özüniň Peýkamdan
göwnüniň garalýandygyny aýdanda bolsa, Bekdaş Peýkam üçin
zol-zol ötünç sorapdy.
Altynjan Ýyldyrym Sebzewary-da halamaýardy. Onuň Daň­
dana­kan söweşinde wepat edendigini eşidende, dogrusy, ýeňil
dem alypdy.
Hatyn Ýusup Bazyrganyny ilki-ilkiler gowy görýärdi, sebäbi
ol gaty yhlaslydy, Altynjana ýaranmak üçin gaty yhlas edýärdi.
Ýöne soňky birki ýyl bäri, göwnüne bolmasa, Ýusup Bazyrgany
özüne bile-göre ýamanlyk, kast edýän ýalydy. Ol toý babatda-da
gaty yhlasly göründi. Onuň yhlaslylygy Altynjanyň gaharyny ge­
tirdi. «Bu kişi näme üçin maňa ýamanlyk etjek bolýarka?» diýip,
kän oýlandy. Onuň bilen baglanyşykly wakalary birin-birin
aňyndan geçirdi. Onuň nirede göwni galyp biler?
Asly seljuklylardan bolan Ýusup Bazyrgan şäherinde dog­
lupdy, söwda bilen meşgullanýan kakasy aradan çykansoň,
olaryň maşgalasy seljuklylaryň arasyna dolanyp barypdy. Ýusup
ýaşlykda ýegre dosty Togrul begiň goldawy bilen Bagdatda fykh
ugrundan bilim alypdy. Ol gürlände howlukman, sözleri het­
jikläp gürleýärdi.
Ynagyň Hyratda ykta ýeri bardy. Onuň yktasynda alty ýüz
adam işleýärdi. Kazwinde, Ärdebilde, Zenjanda, Reýde, Jürjan­
da dükan açypdy. Olar dört dogandylar. Doganlary bezirgenlik
edýärdi, Hindistana kerwen çekýärdiler, söwda edýärdiler. Ýu­
sup olary mydama goldaýardy, olar hem Ýusuby goldaýardy.
22 4
Mundan iki ýyl owal Ýusup Bazyrganynyň iň kiçi inisi Nur­
muhammet perişan halda köşge gelipdi. Ol şonda Tabarystan­
daky Şirwin dagynda garakçylaryň ýüz düýe ýüküni talandyk­
laryny arz edipdi. Nurmuhammet Bazyrgany harydyny otuz
dokuz müň dinar bahalapdy. Kundury: «Nurmuhammediň
ýitgisiniň öwezini beýtilmaldan – döwletiň gaznasyndan töle­
meli» diýip perman berende Altynjan ilki topar döredip, şol
talaňçylygyň anygyna ýetmegiň gerekdigini aýdypdy. Altynjanyň
bu sözüne Ýusup biçak gaharlanypdy. Onuň özüne gazap bilen
bakyşy Altynjanyň uzak wagtlap ýadyndan çykmandy.
– Wah, beýlekiler babatda hem şeýdip aladalanaýsadyň! –
diýip, Altynjan ynagy kötekläpdi. Altynjanyň bu sözünden soň
Nurmuhammet aýdylan puluň ýarysy bilen çäklenipdi.
Ýusup Bazyrgany bu gün, belki, şol waka üçin ar alýandyr?!
***
Toýa beýemçilik edýän Ýusup Bazyrganynyň tutumy uludy.
Ol toýuň sähedini sapar aýynyň ýigrimi sekizine belle­
di. Köp ýerlerden myhmanlar çagyryldy, ýöne Togrul begiň
bolşy, asyl toýuň boljagyndan habarsyza meňzeýärdi. Toý bilen
baglanyşykly ähli meseläni ynak Ýusup Bazyrgany öz üstüne
alypdy.
– Sen meniň rahatlygymy bozýarsyň, Altynjan. Ýalan dost
bolsa-da, ýalan duşman bolmaýar. Duşman hiç wagt dost bol­
maz. Her näçe dostsyrasa-da, içindäki duşmançylygyny aýryp
bilmez. Bir amatly pursat peýläbem aryny alar. Gurt çagasy ekdi
bolmaýar. Şonuň üçin, iň gowusy, gurt çagasyny ýakynyňa getir­
mezlikdir. Bähbit – erkiň hem adalatyň hökümdary. Kakulylaryň
bähbidi – ölmän aman galmak.
Altynjan begiň ýürekden syzdyryp aýdýan sözlerine
ynanýardy hem gynanýardy. Ol adamsyna hakykaty aýdyp bile­
nokdy. Wah, ol ähli zadyň tötänlikde bolandygyny, Zübeýda­
ga: «Sen Togrul begiň hatyny bol!» diýip aýtmandygyny nädip
düşündirsin?! «Zübeýda bilen Äşe maňa nädogry düşündiler»
diýsinmi?
15*
225
Altynjan bolan wakany diňe hajyp Abdyrahman Agaja
gürrüň beripdi. Ol hajyba ynanýardy, sygynýardy.
Hajyp «adamyň jany ýaly» diýilýänlerdendi. Onuň haçan
ýatyp, haçan dynç alýanyny bilýän adam ýokdy. Biri az ýatýan
bolsa, ol Tog­rul begdi, ýöne Abdyrahman Agajy mydama begiň
öňündedi, mydama onuň goragyndady. Bege bir howp abansa,
öz şirin janyna döz gelip, özüni howpuň öňüne gorky-ürküsiz
taşlap biljek adamdy. Şeýle ahwal üç-dört gezek bolupdy hem.
Abdyrahman gülerýüzli, nurana kişidi. Beg ony okadyp,
sowat beripdi. Onuň Togrul bege, Altynjana goýýan hormaty
ýürekdendi. Wasytda bolan wakany eşidip, Abdyrahman Agajy
gynanmak gynanypdy:
– Siz aýtmagy gelşiksiz görýän bolsaňyz, men aýdaýyn?
– Ýok, ýok! Hiç zat aýtma. Gül solsa, bahasy bir pul.
– Hatyn, siz özüňizi solan gül hasaplaýarsyňyzmy? Ýok, ýok,
siz hiç wagt solmajak gül! Beg üçin sizden eziz, sizden ýakyn
adam ýok, bu pelekde. Abu Kalyjaryň gyzy siziň ornuňyzy tutup
bilmez. Onuň pikirini hem edip oturmaň. Ynha, görersiňiz,
beg Zübeýdany iki-üç günden unudar. Ynanaýyň, ol sizsiz oňup
bilmez. Begiň sizi nähili küýseýändigini, nähili ezizleýändigini
men duýýaryn, görýärin. Ýörişlerdekä hem: «Altynjanyň ýag­
daýy nähilikä?» diýip, ol köplenç sizi ýatlaýar, alada edýär. Siz
begiň naýyby ahyryn.
Altynjan begiň özüni gowy görýändigini bilýärdi. Ýöne
gowudan gowy zenanlar bar. Zübeýdanyň näz-kereşmesiniň
öňünde-de erkek bolup durar ýaly däl. Ol ýüregiňi eredip,
erkiňi alyp, jylawlap barýar.
Abu Kalyjar özüniň bege goýýan hormatyny tekrarlamak
isläp, gyzynyň ýany bilen gaty köp mukdarda halat-serpaý iber­
di. Ýöne kejebäniň, halat-serpaýlaryň gelen güni Togrul beg
hatyny bilen awa gitdi.
Kejebäni ynak Ýusup Bazyrgany bilen Ahmet Dehistany
garşylady.
Altynjan awda toýy aňyndan aýyrmakçydy, ýöne aýyrmagy
başarmady.
226
Togrul beg hem başarmady: öňküleri ýaly, ýazylyp-ýaýrap
aw-da etmediler. Olardan, barybir sustluk aýrylmady…
***
Altynjan Togrul begiň Abu Kalyjaryň gyzy Zübeýdaga öý­
lenýän nika gijesi otagynda hiç kimi içeri goýbermän ýeke özi
çugutdyryp oturdy.
Aglamak aglady.
Nika gyýylmaly pursat ýakynlaşdygysaýyn onuň howsalasy
artdy: «Indi men hiç kime gerek däl!»
Häzir nika gyýarlar: fatha kylarlar.
Onsoň olar düşege geçerler.
Altynjanyň dem sanap garaşan pursady ahyryl-ahyr geldi.
Nika gyýmak üçin topar bolup geldiler.
Altynjan diňleýärdi. Gözlerini ýumup, nika gyýlyşyny, fatha
edilişini, Togrul begi, Zübeýdany göz atuwynda janlandyrýardy,
hyýalynda ähli zady görýärdi, ähli zady eşidýärdi.
Togrul beg resime eýerip Zübeýdany urarmyka?
Nähili bolarka?
Beg kejebäni garşylamandy. Şol sebäpli Zübeýda ertir
urulmandy. Altynjan goýun derisinden taýýarlan kürtekçesini
Zübeýdaga geýdiripdi. Togrul beg içeri girende onuň etmeli
her bir hereketini birin-birin düşündiripdi.
Zübeýda gamçy iýip gören gyz däldir, Altynjan ýaly çydam­
ly hem däldir, Togrul beg uranda ol görgüli näderkä? Altynjan
hatyn öz ýaşlygyny, nika günündäki Togrul begiň gamçysyna
mertlik bilen döz gelşini, muňa Togrul begiň haýran galyşyny
buýsanç bilen ýatlady.
Ömründe buýsanar ýaly pursatlary az bolmandy onuň. Ol
şol merdana pursatlaryny mydama kanagatlanma bilen ýat­
laýardy. Eger ýaşan ömrüňde şeýle pursatlar ýok bolsa, onda
nämä buýsanyp ýaşajak?! Onda ýaşan ömrüň näme manysy
bar?..
Birden Zübeýdanyň çirkin sesi töwerege ýaňlanyp gitdi. Eý,
Hudaý, onuň gygyraýşyny!
227
Soňundan ýene öňküsi ýaly dym-dyrslyk aralaşdy.
Altynjan bu ümsümlige geňirgendi.
Wa-weýla, boldugymykan?
Togrul beg bary-ýogy ýeke gamçy urdy. Indi urjak dälmikä?
Begiň ýüregi ýukalyp ýören bolmaly.
Begiň jak-jaklap gülküsi haremhanany sarsdyryp gitdi.
Eý, Hudaý, beg güler ýaly nähili gowy zat barka? Zübeýda
begiň gülmegini nädip başardyka?
Togrul beg gülýär, diýmek, onuň keýpi çag bolmaly.
Zübeýda ýaş gyz, özem biçak owadan gyz. Şeýle gyz gaşynda
näme etse, kaýyl bolup dursa, elbetde, keýpi kök bolar. Beg gül­
män, eýsem, kim gülsün?!
Dym-dyrslyk.
Otagyň içinde diňe beg bilen Zübeýda bolmaly.
Gyz galpyldap durandyr.
Beg çykarynýandyr.
Ol Zübeýdaga: «Eşigiňi çykar!» diýip ündändir.
Beg iki şemden özgesini söndürer. Bu onuň edähedi.
Olar eýýäm düşege geçendirler.
«Garşylyk görkezmeli däl. Begiň gaharyny getiräýme» diýip,
berkden-berk sargalansoň, Zübeýda gaty kösenýändir.
Beg uzak garaşmagy halamaýardy. Ol janperwer Zübeýdany
bagrynyň aşagyna alandyr. Ýaş gyzy bagryna basan begiň göw­
ni göteriler. Ol bu gijäni ukusyz geçirer. Dünýäni unudyp, aýşyşöhwetde bolar.
Altynjan dem alman Zübeýdanyň gygyrmagyna garaşdy,
ýöne gykylyk-ses çykmady.
Eý, Hudaý, bu näme boldugy? Zübeýda näme üçin gygyr­
maýar, ýa beg garrap ýörmükä? Aý, ýok, beg ýylsaýyn jöwher
açýar. Şu ýaşda-da hepdede üç gezek küwende bolmagy
başarýar. Özem käteler daňdana çenli Altynjan bilen çyrmaşyp
ýatyp, şondanam göni turup giderdi, uzynly günem ukusyz­
lygyny duýman döwleti edara ederdi. Altynjan welin, hassa ýaly,
ýerinden galyp bilmän ýatardy. Nädip galsyn?! Endam-jany soka
salnan ýaly zerzawdy. Ysgyny ýokdy, aýaklary ysgynsyzlykdan
22 8
ýaňa sandyr-sandyr eder durardy. Altynjan: «Begim, siziň ýyl­
saýyn aýgyrlygyňyz artýar. Men-ä size döz gelip bilemok, uzynly
gün ýerimden galyp bilmedim, ýerimden turjak bolsam, başym
aýlanýar» diýerdi.
Ol günler geçdi gitdi…
Wagt geçip durdy, ýöne Altynjanyň garaşýan gykylygy çyk­
maýardy.
Ol: «Häzir Zübeýda gygyrar» diýip pyşyrdady.
Gykylyk!
Ol gykylykdan ýaňa ýer sarsdy.
Ol gykylyk Altynjanyň garaşan gykylygy däldi.
Bu gykylyk Altynjanyň asla garaşmadyk gykylygydy.
Gygyran Zübeýda däldi.
Ýok.
Gygyrýan Togrul begiň hakyt özüdi. Ýaňyja hezil edip gü­
len beg gahardan ýaňa ýer sarsdyryp gygyrýardy. Özem onuň
diýýän zady Altynjanyň dünýäsini çepbe çöwürdi.
Heý, begiň diýýän sözleri akyla sygar ýalymy? Ol iň soňky
sözi aýdýar-a!
Togrul begiň gykylygy Altynjanyň gulagynda ýaňlanýar:
– Talak! Talak! Talak!..
Gapy şarkyldap açyldy.
Içerden Zübeýda atylyp çykdy.
Ol çuw-ýalaňaçdy, eşikleri gujagyndady. Gyz özüniň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn II - 14
  • Parts
  • Altynjan hatyn II - 01
    Total number of words is 3629
    Total number of unique words is 2034
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 02
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2164
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2031
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 04
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1970
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 05
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 06
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2172
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 07
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2164
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2085
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 09
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2084
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 10
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2064
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 11
    Total number of words is 3507
    Total number of unique words is 2173
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    37.2 of words are in the 5000 most common words
    44.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2151
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2040
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 14
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2044
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 15
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2131
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 16
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2156
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 17
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1976
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 18
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2087
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 19
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2023
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 20
    Total number of words is 3723
    Total number of unique words is 1909
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 21
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1880
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 22
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 1944
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 23
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1971
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 24
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1896
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1941
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 26
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 2028
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 27
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2124
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 28
    Total number of words is 1126
    Total number of unique words is 678
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.