Latin

Altynjan hatyn II - 07

Total number of words is 3637
Total number of unique words is 2164
28.8 of words are in the 2000 most common words
42.4 of words are in the 5000 most common words
49.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
köşkde oturdyp bilmersiň. Bir otagda ertirden agşama çenli
10 6
oturmak onuň üçin zyndandyr. Ol oturmaly bolsa atyň üstünde
oturar, ýöne bir otagyň içinde uzak wagtlap dümtünip oturyp
bilmez. Ýüregi agzyndan çykaýjak ýalydyr. Sebäp onuň asly nur­
dan – otdan, ot durmaýar, ot mydama hereketde. Oňa hereket
gerek. Hereket gerek! Derlemek gerek! Oňa ýanmak, nur saç­
mak gerek. Onuň üçin rahatlykda rahatlyk ýok. Oguz kowumy
diňe hereketde rahatlyk tapýar. Oguz kowumy diňe aldym-ber­
dimli darkaşlarda rahatlyk tapýar.
Seljuk begleri oturmak islemeýän bolsa, onda köşkde kim
oturmaly? Döwlet diwanyny kim ýöretmeli? Bir-iki adamyň aljak
galasy ýok. Uly döwleti dolandyrmak üçin ýüzläp-ýüzläp hat-so­
wat bilýän adamlar gerek? Özüňde adam bolmasa, ýagdaýa görä
çäre görmeli. Özem bu aýbyňy hiç kime bildirmeli däl. Başarsaň,
kemçiligiňi ile geçirimliligiň, artykmaçlygyň, ynsanperwerligiň
hökmünde görkezjek bolmaly. Iň gowusy, kemçiligiňi ýaşyrmak,
ol hakda hiç zat gürlemezlik. Täze döwlet döretjek bolsaň, mese­
leler kemçilik, nogsanlyk hökmünde ýaz kömelegi deýin köpelip,
ähli ýerden ýüze çykar durar eken. Şeýle-de bolsa, Togrul beg ruh­
dan düşmedi, goşuny, häkimligi öz eline aldy.
Ol her bir patyşa ýaly, öz döwletiniň diňe bir ýolbaşçysy,
öňbaşçysy däl, eýse bu döwletiň bir şahsyýetde aňladylmasydy,
ýagny onuň nyşanydy. Bu döwlet iş ýüzünde harby wezipele­
ri çözmek arkaly kemala gelen döwletdi. Indi hem bu harbysyýasy şalygy sap syýasy, aňyýet, ruhyýet hem medeniýet maz­
muny bilen doldurmak gerekdi. Bu wezipeleri amala aşyrmak
üçin döwlet gurmagyň köpçülikleýin tebigy işi däl, eýse Tog­
rul begiň aň-düşünjesi, maksat-niýetleri bilen baglanyşykly
şahsy başlangyjy hem zerurdy. Togrul begiň syýasy akyldarlaryň
döwlet barada pähim-parasatlaryny ürç edip öwrenmegi-de
şunuň bilen baglanyşyklydy. Seljuk döwleti harby-syýasy jähet­
de bişişen, taýýar edilen, kemala gelen barlyk bolsa-da, döwlet
gurluşynyň beýleki ugurlarynda ol tarp ýeri ýada salýardy. Tarpy
özleşdirmek üçin sap harby gymmatlyklar bolan türkmen taryhy
tejribesinden başga-da köp zatlar gerek boldy. Şonda seljuklar
özge halklaryň syýasy tejribesine ýüzlendiler. Şeýdip, seljuk döwle­
107
ti özüniň döwlet diwany, syýasy-edara ediş usullary boýunça pars
syýasy medeniýetiniň gazananlaryny özüne siňdirdi. Ruhyýet,
medeniýet, aňyýet ugurlarda bolsa ol arap-musulman, hatda grek
syýasy pelsepesiniň düşünjelerini öz kemalyýetinde ulandy. Türk­
men özeniniň daşyna özge halklaryň gazanan gymmatlyklary gat­
laklanyp, bütin musulman dünýäsiniň gazananlary ulanylyp,
dünýä derejesindäki täze bir döwlet kemala geldi. Ähli halklaryň
bu beýik taryhy gurluşyga öz pikiri, tejribesi bilen gatnaşmaga
mümkinçilik almagy agzybir, dostlukly bir döwleti kemala getir­
di. Onda hemmeler özüni doly bahaly adamlar, döwletiň eýesi
bolan adamlar hökmünde duýýardy. Seljuk türkmen döwletiniň
adyllygy-da, rahatlygydyr amatlylygy-da, hiç kimiň munda özüni
keseki duýmaýanlygy-da şonuň üçindir.
***
Halyfa ýeňişnama göndermek aňsat düşmedi. Göräýmäge,
bu ýerde hiç hili müşgillik ýok ýaly: Samarkant, Merw kagyzy
gerekmi, Çyn kagyzy gerekmi, baş üstüne, ähli görnüşinden
bar. Arap dilinde ýazjak debir hem taýýar. Altyn syýa-da taýýar.
Altynjanyň ýogy ýok, ol näçe gezek ýazmaly bolsa-da ýüksünmän
ýazyp otyr. Özem ol sünnäläp, biçak owadan ýazýar, ýöne bir
adam bilen döwlet diwanyny ýöredip bolmaýar.
Bu ýerde göze görünmeýän kynçylyk bar. Çünki halypa ýa­
zyljak fethnama täze döwletiň baş syýasaty bolmaly. Şol nama
täze döwletiň syýasy ýüzüni kesgitlemeli.
Nama üç-dört gezek, ondan hem köp gezek ýazyldy.
Ahyryl-ahyr bir nusgada duruldy:
«HALYPA, MÖMINLERIŇ EMIRI
KAÝYM BEMRYLLAHA
B
iz, Seljukogullary – siziň gullaryňyzdyrys, mukaddes
pygamberlik huzuryňyzyň we döwletiňiziň mydamalyk tarapdarydyrys we boýun egen türkmenlerdiris. Myda109
ma gazawat söweşini alyp baryp, Käbä zyýarat ederdik. Biziň
aramyzda halkyň hormatlap sarpa goýan Ysraýyl ibn Seljuk
atly kethuda doganymyz bardy. Ýemineddöwle Mahmyt ibn
Söbüktegin hiç hili günäsi bolmasa-da, ony tussag edip, Hindistandaky Kelejar galasyna iberdi. Ol ony bu ýerde ýedi ýyl
bendilikde saklamaga höküm berdi. Netijede, ol bendilikde
wagty aradan çykdy. Ýeminedöwle Mahmyt ibn Söbüktegin
biziň garyndaşlarymyzdan we tarapdarlarymyzdan ýüz otuz
adamy, bigünä bolsalar-da, galalarynda sakladylar. Masudyň
goşuny üstümize çozdy. Aramyzda hüjümdir yza çekilmeler,
ýeňiş we ýeňlişler boldy. Ahyrsoňy, bagt bize gülüp bakdy.
Soňky gezek Masut leşger çekip, biziň üstümize çozanda,
Taňrynyň ýardamy we pygamberimiziň arassa we mukaddes huzurynyň ykbaly bilen biz üstün çykdyk. Masut ýeňlip,
köp zyýan çekip, döwletini bize tabşyrdy. Şeýle dana söz bar:
«Taňra boýun egmedik hökümdar arzuwynyň gyltymyna
kowalaşyp heläk bolar». Taňrynyň berenine we ýardamyna
şükür edip, adalatly we ynsaply hereket etdik. Zulum we adalatsyzlyk ýolundan ýöremedik. Indi biz adalat hem ynsaplylyk
esasynda külli musulmanlara howandar hem arkadag boljak
döwletimiziň işiniň din ýoly bilen – halypanyň buýruklarynyň
we görkezmeleriniň esasynda ýöredilmegini isleýäris. Ýene
bir dana söz bar: «Hökümdarlygyny dinine hyzmat etdirene
her bir soltan boýun eger, dinini hökümdarlygyna hyzmat
etdireniň hökümdarlygyna ähli kişi göz diker»5.
Fethnamanyň soňunda Togrul ibn Mikaýylyň, Çagry ibn
Mikaýylyň, Musa baýgu Kelan ibn Seljugyň atlary bardy.
Fethnama ynamdar adamdan – Abu Yshak el Fukkadan
Bagdada ugradyldy.
***
Halypa Kaýym Bemryllah seljuk beglerini gutlap, ýörite
sowgat iberdi6.
Halypa sowgadynyň sanawy:
110
1. Togrul beg, Çagry beg, Musa beg üçin üç sany ýörite teşrip
(halat). Bu halatlaryň gyralary ownujak göwher daşlary bilen jä­
heklenendi.
2. Her biri üç jübütden ybarat bolan iki sany sowgat. Birinji sow­
gat: ak ýüpek matadan tikilen köýnek-balak; peş, omuz gaýyşy, gymmat­
bahaly daşlar bilen bezelen hindi gaýyşy, ädik. Ikinji sowgat: geýim,
telpek, agarçäkmen, gymmatbahaly daşlar bilen bezelen kemer, gymmat­
baha daşlar bilen bezelen, ýüzünde aždarhanyň şekili çekilen «gara­
çury» diýlen altyn gylyç.
3. Sahaby altyn bilen haşamlanan üç sany Gurhany kerim.
4. Asly bambuk agajyndan ýasalyp, altyn bilen haşamlanan üç
sany şalyk hasasy.
5. Bir altyn jyga.
6. Bir altyn jyza.
7. Ýüzi gymmatbaha daşlar bilen bezelen galkan, ýüzünde kyrk
sany ýakut we ortasynda uly gymmatbahaly daş bar.
8. Üç saý at. Bu saý arap atlarynyň esbaplary sap altyndan. Atlaryň
toýnaklaryna ýüz dinar bahaly halkalar nallanylyp berildi.
9. Iki totuguş.
10. Otuz arap aty. Bu atlaryň üstünde gorag örtgüleri we rum ke­
çeleri bardy. Her bir atyň boýnuna dakylan ýüpek jylawda altmyş sany
halypalyk dinary bardy. Bu atlar bilen birlikde otuz sany seýis hem be­
rilýärdi.
11. On hindi pişigi.
12. On elguş. Elguşlaryň başlyklary gymmatbahaly daşlardan
nagyşlanyp bezelen.
13. Otuz top ak reňkli ýüpek mata, otuz top atlaz mata.
14. Bir halypa tugy.
15. Gotazlary gymmatbahaly daşlar bilen bezelen tagtyrowan (Dört
tarapyndan göterilip äkidilýän tagt).
16. Patyşanyň hatyny üçin zerugeýimleri.
17. Patyşa hatyny üçin göwher gaşly altyn jyga..
Halypanyň iberen ýörite ilçisi getiren zatlaryny Seljuk beg­
lerine ýeke-ýekeden dabara bilen görkezýärdi.
111
***
«1044-nji ýylda Abu Kalyjar Bagdada girdi. Halypa Kaýym
Bemryllah ony garşylamaga çykmady. Abu Kalyjar patyşalyk
howlusynda düşledi we Jelaleddöwläniň aýalyny, çagasyny
we goş-golamlaryny ol ýerden çykardy. Bäş rakat namaz wagty
gapysynyň agzynda zaň kakdyrdy. Oňa öňki adat bolşy ýaly,
diňe üç wagt namazda zaň kakdyrmagy, zaň kakylyş dowamlylygyny gysgaltmagy towakga edip ilçi iberildi. Abu Kalyjar
welin, Halypanyň ilçisiniň töwellasyny diňlemedi, bäş wagtyna zaň kakdyrmagyny dowam etdirdi»7.
***
Iki hili söweş bolýar: göze görünýän – daşky hem göze
görünmeýän – içki söweş. Göze görünýän daşky söweş: goşun
jemläp: «Ýa Biribar, özüňden medet!» diýip, ýagynyň üstüne
dökülmek hem ýeňmek. Bu ýerde söweş nagt. Güýçlümiň, bo­
lany, ýeňiş seniňki, ýöne ikinji, göze görünmeýän – içki söweşde
nagt zat ýok, gara güýjüň aljak galasy-da ýok. Bu söweşde gaty
hüşgärlik gerek, ýiti pähim-parasat, ugurtapyjylyk gerek.
Togrul beg bu söweşleriň ikinjisinde – pähim söweşinde
ät galmazlyk, musulman halklarynyň göwünlerini awlamak,
olaryň pikir-düşünjelerine doly düşünmek üçin yslamyň döreýiş
taryhyny, Muhammet alaýhyssalamy, pygamberleri, mezhepleri,
kelam ylmyny8, hululylary9, azanyň soňundan goşulan: «Haýyr
işleri etmägi howlugyň!» diýen sözüň10 aňyrsynda ýatan hikme­
ti jikme-jik öwrendi. Aristunyň «Tasawwuratyny»11, Eflatunyň
«Döwletini», Farabynyň «El-Medine el-fazylasyny» ulamalaryň
teswirli okamagynda diňledi. Yslamyň gysyp çykaran gadymy
buddaýy, brahmany, mitraýy, zertoşty dinlerini-de öwrendi.
Yslam näme üçin sünni, şaýy, howaryj mezheplerine bölün­
di?! Näme üçin fykh buýruklarynyň amalynda agzalalyklar bar?!
Näme üçin fykh birnäçe mezheplere bölünipdir?!
Seljuk döwletiniň döremegi bilen Horasanda Gurhana
hem hadysa esaslanýan mäliki we hanafiýa mezhepleri ýör­
112
günlidi. Bu iki mezhebiň aralygynda durýan şafygy mezhebi
Horasanyň käbir şäherlerinde kabul edildi. Ol köplenç aşgary
usulynda medreselerde okadylýardy. Aşgary mezhebi Abu Musa
Aşgarynyň (878-935 ý.) nesli bolan Abul Hüseýin Aly bin Ysmaýyl
tarapyndan X asyrda ýüze çykypdy. Ol belli bir döwür içinde
mugtazylalylardan bölünip, öz aşgary tarykatyny döredipdi we
mugtazylanyň duşmany hökmünde özüni tanadypdy. Aşgarylar
müjebbire12 we kadaryýe13 ynançlarynyň arasynda şöhratlanmak
isleýärdiler. Olar: «Bende işi kesp edijidir. Allatagala bolsa işi
ýerine ýetirijidir. Çünki Hudaý mälikdir, her bir zat etse-de, ol
zulumdan uzakdadyr» diýen pikiri öňe sürýärdiler.
Her hili garaýyşlar, toparlar döreýärdi. Her bir ulama öz pi­
kirini ykrar etdirmek, taglymatyny medreselerde sapak hökmün­
de girizmek isleýärdi. Mezhepleriň, garaýyşlaryň aşa köplügi
– adamlaryň dini ynanjyny berkitmän, gaýtam, gowşadýardy.
Togrul beg dini garaýşyň birligini, bitewüligini gazanmak üçin
her bir mezhebi düýpli öwrenmeli boldy, şonda musulman
dünýäsinde munapyklaryň14 köpdügine-de göz ýetirdi. Bekdaş
bilen Dürnazara olara garşy berk göreşmegi tabşyrdy.
Mugtazyla mezhebi15 karmaty we ysmaýyly atlary bilen med­
reselerde öz hökmürowanlygyny gazanypdy. Ýöne mezhepler
öz aralarynda oňuşmaýardylar, biri-birine kapyrlyk günäsini
ýöňkäp, biri-birini metdi-masgara etmäge, şeýdip biri-birinden
rüstem gelmäge çytraşýardylar.
Mugtazylalylaryň we mütekellimleriň16 garşydaşy bolan
fykhlar we aşgarylar topary öňe saýlanyp ugradylar, olar hana­
fy, mäliki, şafygy, hanbaly mezheplerinden özge mezhepleri
küpür, zyndyk diýip yglan etdiler, olary ýok etmäge çagyrdylar.
Zyndyklar aslynda maddy pikire uýup, sygynyp, dinlere, ylahy
kitaplara, pygamberlere müňkür bolýardylar.
Hanafylar, esasan, mugtazylalylara eýerdiler. Bu mezhep
ylymdyr pelsepeden rüstem geldi. Ulamalar öz ylymlaryny din
bilen baglanyşdyrmaga mejburdylar.
Mütekellimler Hudaýyň barlygyny, ýeke-täkligini tekrarlap:
«Ähli zatlarda Haktagalanyň yhlasy akyp dur» diýýärdiler. Sopu­
8*
113
lar hem edil mütekellimleriň şu pikirine sygynýardylar: «Ähli
zatlarda Haktagalanyň barlygy akyp dur».
Sopular «hakykata» ýetmek üçin şerigat basgançaklaryndan
tarykat basgançaklaryna geçýärdiler, özem olar baýlygy, maddy
gymmatlygy inkär edýärdiler, mazlumlary goldaýardylar, baýlary
ýigrenýärdiler, näletleýärdiler, baýlara ähli zatlaryny garyplara
paýlap, garyp ýaşamagy wagyz edýärdiler.
Sopuçylyk birinji şerigat basgançagynda başlangyjy şerden
hem umytdan başlan bolsa, ikinji tarykat basgançagynda adam­
lary toba etmäge, terkidünýälige, ýoksullyga, sabyrlylyga ça­
gyrdylar. Üçünji hakykat basgançagynda bolsa sopular dünýewi
we şerigat buýruk­laryny ýerine ýetirmekden boşadylýardy, sebä­
bi şerigat we sopuçylyk mukaddes hasaplanýardy…
2. Reýde geçen ikinji toý
Reý şäheri, Reý dagynyň gerişleri, owadan-owadan ymarat­
lar Altynjana biçak ýarady. Haremhanadaky göz-göz otaglar,
hyzmat edýän gelin-gyzlar welin, onuň birbada sustuny basdy.
Bu ýerde toýa taýýarlyk görülýärdi.
Toýa bir aý öňünden gelýärdiler.
Toý Mawlid an Nabiniň doglan güni – rabi al-awwalda17
başlanmalydy. Gelýänleriň ählisini ýatyp-turar ýaly ýatakhanaly
etmek, olaryň owkatyna esewan bolmak üçin ýigrimi müň adam
hyzmata durdy.
Çyn-Maçyndan, Wizantiýadan, Kawkazdan gelen myhman­
laryň sowgatlary Altynjany haýrana goýupdy.
Muhammet Togrul begiň aýdyşy ýaly boldy: patyşanyň
tag­tynyň çep gapdalyndan Altynjan üçin ýörite kaşaň tagt
goýuldy.
Muhammet alaýhyssalamyň dünýä inen güni toý başlandy.
Gelýän myhmanlaryň yzy üzülenokdy, olar çatynjalara –
Togrul beg bilen Altynjana tagzym edip geçip durdylar.
Her gelen öz sowgatlaryny görkezýärdi, gowşurýardy.
Her şalyk, her beglik özüniň rakysçylaryny, aýdymçylaryny
hem ugradypdy.
114
Daşary ýurtlaryň köp şasy öz wekillerini ugradypdyr. Hytaý,
rum, rawwat, salar-musafir, bawan, zaýýr, şaddat, buid, kaku,
saffar şalyklaryndan wekiller geldiler.
Gelenleriň arasynda Beýik Kiýew Rusundan gelen wekiliň
Ýaroslaw Mudrynyň18 adyndan aýdan ýakymly gutlag sözleri,
gow­şuran sütükli possunlary Altynjanda hasam ýakymly täsir
galdyrdy.
Uzaga çekse, toýam ýadatjak eken.
Toý kyrk gije-gündizläp dowam etdi.
Uzaga çeken şagalaň-zyýapatyň ýadawlygy gara zähmetiň ýa­
dawlygyndan çökder boljak eken.
Soňky günler-ä toý geçmejek, gutarmajak ýaly bolup du­
ýuldy.
Ýöne kyrk gije-gündize çeken toý-şagalaň diňe bir Altynjany
ýa Togrul begi däl, ahyryl-ahyr seljuk beglerinem ýadatdy, usur­
gatdy.
Muhammet Togrul beg ýol küýsedi.
Darkaş küýsedi.
Kyrk gije-gündiziň içinde çözülmeli meselelerem ep-esli
ýygnandy.
***
Togrul beg Altynjana beren talagyndan soň oňa ikinji ge­
zek öýlenmeli boldy. Köne türkmen adatynyň talaby şeýledi.
Adat bu meselede göräýmäge şerigat bilen deň gelýän ýaly hem
bolsa, daşdan seredýäniň gözüne ilmeýän ownuk tapawutlar
bardy. Şerigat aýala talak berlenden soň, öňki är-aýalyň ýene
birleşmegine göni ýol bermeýär, aralykda öňki aýalyň, ilki bi­
len, başga biri bilen nikadan geçmegini, diňe şondan soň ozalky
är-aýalyň täzeden birleşmegini talap edýär. Türkmen adaty bol­
sa beýle zatlary artykmaç hasaplap, ol şerti aradan aýyrýar we
gönüden-göni täze nika rugsat berýär. Togrul beg, hemişe edişi
ýaly, ýene türkmen adatyna eýerdi.
Ol ikisine gaýtadan nika gyýdylar. Ikisiniň bagtyna göz
dikäýjek ýaramaz päl-niýetleri gyýyp taşlamak manysynda, nika
115
gyýylýarka, gaýçy işletdiler. Göze görünmeýän belalary göz gör­
nüp duran gaýçy bilen gyýyp taşlanylmagy Togrul begiň gözüne
hem geň-taň bolup, hem juda manyly bolup göründi. Ol baş
salynýarka, garry mamanyň ýom okaýşyny ilkinji gezek görýän
ýaly geň galmak hem gyzyklanmak bile syn etdi.
Ak, gök geýdirme,
Arpa çörek iýdirme,
Toýnakla depdirme,
Agyzla gapdyrma…
Ak hem gök reňkleriň ýas eşiginiň reňkidigini ol oňat bil­
ýärdi. Garry mama ikisine uzak ömür arzuwlaýardy. Şu gün­
ki nika bolsa täzeden başlanýan ömrüň täze binýadydy. Nika
Togrul begiň şahsy ömrüniň binýady, täze döwlet bolsa onuň
taryhy ömrüniň binýadydy, şol sebäpden ol taryhy ömrüni
şahsy ömründen ilerde goýup, toý etmek işini uzaga çekdirip­
di. Bu gün ol adam hökmünde Altynjan bilen nikalaşan bolsa,
patyşa hökmünde täze bir döwlet bile nikalaşypdy. Onsoň gar­
ry mamanyň ýokarky pentleri onuň gulagyna külli türkmeniň
öňündäki borçlarynyň kesgitlenmesi bolup eşidildi.
Alla bendesini ýalkajak bolsa, oňa mynasyp ýar berýär. Alla
patyşanyň işini oňuna etjek bolsa, oňa dogumly hemem pähimparasatly nedim berýär. Togrul beg ynsan hökmünde-de, patyşa
hökmünde-de ýalkanypdyr. Döwletli ojagyň aýaly, ilkinji no­
batda, ýanýoldaşynyň syrdaşydyr. Adalatly patyşanyň nedimide onuň syrdaşydyr. Maşgalany-da, döwleti-de saklaýan güýç
syrdaşlykdyr.
Syrdaşlyk – ikiniň birligi, bu birligiň bozulmazlygy üçin
ruhy ýakynlyk gerek. Togrul begiň bagtlylygy öz nedimi bilen
diňe bir ruhy däl, eýse tebigy birligiň oňa Alla tarapyn miýes­
ser edenligindedir. Iki göwrede bir jan, iki göwrede bir paýhas
bolmak Togrul begiň geljeginiň ýagty umydynyň binýady boldy.
Ikinji gezek nika gyýlansoň Togrul beg Altynjan bilen tas
ýedi ýylyň aýraçylygyndan soň gowşan aşyk-magşuk ýalydy, öz
116
köşk aladasyndan sähel sypyndygy Altynjanyň ýanyna gelerdi.
Onuň aýagyna kellesini goýup, süýnüp ýatardy. Altynjan bolsa
öňünde ýatan begiň murtuny sypardy, diňe bir murtundan däl,
onuň ýüzünden, kellesinden sypardy, käte murtundaky ak gyl­
lary ýolup bererdi.
Altynjanyň aýaklary gurşar giderdi.
Onuň sypawlary Togrul begi gyjyndyrardy: ol dünýäni unu­
dyp, köwende, aýşy-eşretde bolardy. Göwni joşa gelerdi. Beg et­
mek isleýän zatlaryny Altynjana joşup-joşup gürrüň bererdi:
– Seljuklar Horasanyň, Ajamyň, Yragyň – Günbataryň din
gylyjy bolmaly, köp-köp sogap gazanmaly. Dine duwlanyp, diňe
baýlyk ýygnaýan hannaslaryň depesinden Ezraýyl bolup inmeli.
– Bagdady Büweýh soltany al-Mälik ar-Rahym Husrau Firu­
zyň elinden almaly.
– Jibal sebitini soltan Masut Gaznalydan almaly.
– Kaku şalygyny syndyrmaly, soltan Abu Kalyjary dyza çö­
kermeli.
– Külli Turan Togrul patyşanyň elinde bolmaly.
– Ähli musulman şalyklary Togrul patyşaga tabyn bolmaly.
Togrul patyşanyň baş maksady külli musulman ymmatyna
baş bolmakdy, halyfyň hem öz garamagynda bolmagydy.
Ol Haktagalanyň özüni bu maksadyna ýetirjekdigine
ynanýardy. Bäş rakat namazyny, nähili çykgynsyz ýagdaý bolan­
da-da, sypdyrman okaýardy.
***
At çapyşygy geçirildi. Oňa, adatça, Altynjan-da gatnaşdy.
Aralyk iki milden-de gowrakdy, atgaýtarym uzaklykdy.
At çapyşygy her anna güni geçirilýärdi. Çapyşyga her gezek
Abu Zurga Hannaky eminlik edýärdi.
Altynjanyň bedewi biçak ýyndamdy, owadandy, çapyşyklarda
köplenç birinji bolup gelýärdi.
Altynjanyň bedewini Togrul bege Dehistanda sowgat berip­
diler, beg hem ol bedewi Altynjana beripdi.
Altynjan bu bedewi-de Akgar diýip atlandyrypdy.
117
Emir Mübärek bilen Hapban Endikäni Altynjanyň çapyşyga
goşulmagyny islemeýärdiler, ýöne dymýardylar. Çapyşykda
Altynjandan öňe geçjek bolup gaty yhlas etdiler. Barybir,
Altynjanyň aty ähli atdan saýlandy.
Emir Mübärek ikinji, Ybraýym ynal üçünji bolup pellehana
geldi.
– Altynjan melike birinji geldi! Melikämiziň aty çykdy! –
diýip, emin Abu Zurga Hannaky begenjine zol-zol gygyrýardy.
Togrul beg bu gün çapyşyga beýik bir depäniň üstünden
tomaşa etdi.
***
Togrul beg bilen Altynjanyň dergähine Anuşirwan geldi.
Ol ýeke däldi, yzynda başyna bürenjek atylan bir gelin hem Abu
Zurga Hannaky bardy.
Anuşirwan Togrul bege ýüzlendi:
– Geldiler, begim!
– Pah, pah, bolaýypdyr! Berekella! – Togrul beg tagtyndan
turup, Anuşirwany gutlady, oňa bagtyýarlyk diledi, soňam Altyn­
jana ýüzlendi: – Altynjan, sen nä otyrsyň? Gelni kabul et!
– O nähili gelin?! – diýip, Altynjan ör-gökden geldi.
– Altynjan peri, biz saňa üýtgeşik hedýe etmek isledik, seni
birden begendirmek isledik – diýip, Togrul beg Anuşirwanyň
ýanyndaky gelni görkezdi.
– Anuşirwanyň tabşyrygy bilen men bir kerwene baş bo­
lup, merhemetli Altynjan melike, size Horezminden, Buruntak
diýen obadan bir peri-peýker gyzy gelinlik getirdim – diýip, Abu
Zurga Hannaky ýyrş-ýyrş etdi.
Altynjan esli salym böwrüne diň salyp durdy, megerem,
nämäniň nämedigine düşünen bolarly, Anuşirwanyň ýüzüne
gazaply seretdi, gahardan ýaňa çala saňňyldady. Soňam:
– Gözüme görünme! – diýip, Hannakynyň üstüne gygyrdy.
Sagbolsun hantama Hannaky boz-ýaz bolup yza çekildi.
– Mähriban walydam!.. – diýip, Anuşirwan ýylgyrjaklady.
– Bu näme etdigiň?
118
– Men bütin ömrümi müjerret geçirmeli däldirin-ä! Halan
gyzyma öýlenmegime garşy çykyp durmarsyňyz-a, walydam!
– Sen durmuşa gaty ýüzleý çemeleşýärsiň, gaty ýüzleý. Kelläňe
näme gelse, edip goýberýärsiň, soňy hakda oýlanmaýarsyň… –
Altynjan hyrçyny dişledi.
– Sen maňa ýalan sözläpsiň – diýip, Togrul beg Anuşirwana
nägilelik bildirdi. – Sen: «Walydam begener» diýip, meni
ynandyrdyň.
– Meni begendirdiňiz, gaty begendirdiňiz. – Altynjanyň bu
sözi ynandyryjylykly eşidilmedi, sowuk eşidildi.
Togrul beg hatynynyň içki harasadyna düşündi, ýöne
düşünmedikden boldy:
– Onda toý edeliň!
– Dogry aýdýarsyňyz, begim, toý edeliň!
– Pederlerimiz her süňňüne bir hatyn – jemi on iki hatyn
alypdyrlar. Yslam bolsa: «Dört hatyndan artyk almaly däl» diýýär.
Bir döwür gelip: «Bir hatyndan artyk almaly däl» diýmekleri-de
mümkin – diýip, emir Peýkam şelaýyn ýylgyrdy, ýöne hiç kim
onuň pikirini oňlamady.
Altynjan welin, ony ýigrendi. «Gör, nähili nejis adam. Ol
bu sözleri bilen bege gyjalat berýär, onuň birki aýal almagyny
isleýär» diýip, içini gepletdi.
Altynjan hatyn Bekdaşa özüni bege ýamanlanyň Peýkam­
dygyny, şonuň sözüne ynanyp begiň gahar-gazap atyna atla­
nandygyny, özüni urandygyny hemem çagasynyň düşmegine se­
bäp bolandygyny aýdypdy, şonda Bekdaş gynanmak-gynanypdy,
göwünlik beripdi.
Altynjanyň, barybir, Peýkama bolan ýigrenji, gahary kiparla­
nokdy.
Toý başlandy.
***
Sadylla Altynjana al-Kuşaýrynyň medresesinde işe durmak
isleýändigi üçin bir aýlap hiç ýere çykman şafy-aşgary tarykatyny
öwrendi, ibn Furagyň, al-Isfaraininiň, Abu Aly al-Dakkakyň, al119
Aşarynyň kitaplaryny – ýedi makamyny19 ürç edip okady. Şondan
soň sähetli gün Altynjan bilen ýola şaýlandy.
Al-Kuşaýry huzuryna Sadyllanyň Altynjan bilen gelmegini
halamady. Pir bu pikirini ýaşyrjagam bolup durmady.
– Näme üçin hatyn bilen geldiň?
– Altynjan – Togrul begiň hatyny. Ol siziň bilen tanyşmak,
söhbediňizi diňlemek isledi.
– Men hatynlar bilen tanyşmaýaryn. Men seniň bilen söhbet
gurup biljek däl.
Bu sözi eşitmek Altynjana agyr degdi. Onuň üstesine Sa­
dylla-da oňa azgyryldy:
– Sen meni işsiz goýduň! Men onuň ýedi makamyny bir
aýlap, yhlas edip öwrendim, ýat tutdum. Bary köýdi!..
– Sen işsiz galmarsyň. Nyşapurda medrese bir däl, ýedi.
Ýör, häzir ymam Muwaffak an-Nyşapurlynyň dergähine baraly.
Ol seni öz medresesine muderris edip işe alar. Hajyp as-bab
Kundury hem ymam Muwaffak an-Nyşapurynyň şägirdi. Abu
Seýit Abylhaýyr oňa gaty uly baha berdi.
– Kabul etse, men onuň medresesinde müderris bolup
işlemäge taýýar.
***
Ymam Muwaffak an-Nyşapury olary gülerýüz bilen garşy
aldy, Sadyllany işe kabul etdi.
Altynjan ýolda Sadyllaga ýüzlendi:
– Damulla, ömrüňde işiňi bitirmän, öýüňe boş baran
gezegiň boldumy?
Sadylla uýasynyň bu degişme sözüne hezil edip güldi:
– Ýanymda sen barkaň, heý-de, işim bitmezmi meniň?
– Onda nä başda meni ýanyň bilen alyp gitmejek bolduň?
– Bilgeşleýin aýtdym men ony. Eger galan bolsaň, onda
hökman: «Ýör, bileje gideli» diýip ýalbarardym.
– Şu sözüň ýalandygyny bilsemem, şeýle bir yşanasym
gelýär.
120
– Iň gowy hakykat – içine ýalan goşulyp, görke getirilen
hakykatdyr.
– Bu kimiň pähimi?
– Bumy? Bu pähimi aýdan ulama Sadylla ibn Abdylmälik
ibn Bugrajyk ibn Abdal diýýärler.
On dördünji hekaýat
TÖWEKGELIŇ ATY ÝYNDAM
B
ezirgenler döwrüň iň baý adamlary hasaplanýar. Çün­
ki olar töwekgelligi ýaran edinen adamlar. Olaryň
her bir güni töwekgellik. Üstlerine haýsy depäniň aňyrsyndan
alamanlaryň çozjagy belli däl, jany mydama üzüläýjek-üzüläýjek
bolup duran gylyň üstünde. Ertirine ynamlary berk däl. Olar
işsiz-ä oturyp bilenoklar, baýlygyň albaýy öýlerinde rahat otur­
danok olary. Şeýle bolansoň, baýlyk gazanmagyň hatyrasyna
gara başlaryny töwekgellige salyp, uzak-uzak şäherlere argyşa
ugraýarlar. Töwekgeliň aty ýyndam.
Togrul beg Ajama patyşa bolansoň, ýaşy bir çene baranlar
ýa janyny töwekgellige salmakdan gorkup bezirgençilik pişesini
goýanlar täzeden ýola çykdylar. Sebäp Togrul begiň döwleti ähli
bezirgenleri öz ganatynyň aşagyna jemläp, olara howandarlyk
etmäge başlady. Ähli söwdagärler, bezirgenler iki ýyllyk salgyt­
dan boşadylypdy. Köpleriň niýeti salgydyň ýatyrylan iki ýylynda
lomaý gazanç etmekdi. Hana, haýsy ýola çyksaň, kerwenleriň
yzy üzülenokdy. Hökümet garaňky gijelerde kerwenlere ýol
ýöremegi gadagan edýärdi, ýogsam olar gijelerine-de ýatman
ýol aşmakçydy.
122
Reý şäherinden Horasana gidýän ýoluň sag tarapyndaky Ta­
berek dagyny etekläp oturan Taberek galasynyň derwezesiniň
öňi – galada bary-ýogy ýeke derweze bar – çökerilen, ýüki
düşürilen düýelerden doly. Bezirgenler, dellallar, alyjylar gaýda-gaýmalak.
Bu ýerde Reý şäherinde satmak üçin haryt getiren bezir­
genleriň, söwdagärleriň kimlerdigi, harydyň mukdary hasaba
alynýardy.
Şäherde lomaý söwda edýän söwdagärler bardy. Olar bezir­
genlerden getiren harytlaryny ylalaşan bahalary boýunça lomaý
alýardylar.
Taberek galasy durşuna kerwensaraýdy. Bu ýerde bezir­
genleriň dynç almaklary, söwda etmekleri üçin ähli şertler
bardy, özem bu ýerde dünýäniň köp ýerlerinden bezirgen­
lere, söwdagärlere duşmak bolýardy. Ýöne gala girmek üçin
muhtasybyň1 resminamasyny doldurmak köp wagtyňy alýardy.
Seniň kimdigiň baradaky anyk maglumatlary alýançalar, getiren
zatlaryňy gözden geçirýänçäler galanyň içine goýbermeýärdiler.
Galanyň derwezesiniň öňünde ýigrimi-otuz töweregi sakçy
durdy. Olar gelenleri muhtasybyň razylygy bilen galanyň içine
goýberýärdiler.
***
Günortanlar galanyň derwezesiniň öňüne gelip, giden
örküç-örküç depe bolup duran düýeleri, ýükleri esli salym
synlan iki atlyny sakçylar uly haýbat bilen atlaryndan düşürdiler.
Saklanan iki kişi ýaşlary durugşan är-aýaldy. Olar gawşfinjli
Gökhun bin Harur bin Aksungar hem onuň hatyny Kalbynady.
Olardan näme üçin bu ýerik gelendikleri soraldy:
– Biz iş gözläp, Reý şäherine barýarys, ýöne şähere barmaz­
dan burun siziň galaňyzda ýürekselik edinäýsek diýdik.
Döşüni ýapyp duran sakgally, ýüzi repide deýin tegelek
sakçy Gökhuna asla garaşmadyk sowalyny berdi.
– Siz atabeglik edip bilermisiňiz?
Gökhun sakçynyň sowalyna başdansowma jogap berdi:
– Edip bileris.
123
– Hatynyňyz öz dilinden – pars dilinden başga dil bilýärmi?
– Hatynymmy?.. Ýunan dilini bilýär.
– Iki dil bilýär eken, örän gowy.
– Diňe iki dil däl, arap dilinem bilýär. Oguz dilinem bilýär.
Sakçy bu sözleri eşidip çaga deýin begendi:
– Ýörüň, häzir muhtasybyň ýanyna baralyň.
– Ogul, biz iş sorap gelmedik, naharlanmak üçin geldik.
– Ilki muhtasybyň ýanyna baryň.
– Bir döwüm tötek iýmek üçinem muhtasyba ýüz tut­
malymy?
– Muhtasyba aýtman bir döwüm tötek iýilýän ýere-de men
sizi eltip bilerin – diýip, sakçy hyjyl tartdy.
– Şeýt, goçgar, şeýt!
– Bolýar, elteýin, ol ýerde Alauddauläniň agtygy al Mälik
ar-Rahym razdan tapman otyr.
– Bize tapawudy ýok.
– Eý, goja, tapawutly tarapy bar onuň. Size öňünden aýdaýyn.
Meniň ol diýýän ýerimden – zyndandan bir salanlaryndan soň,
aňsat-aňsat yzyna çykaranoklar.
– Şeýlemi asyl? Alla ýalkasyn, dili senaly goçgar, bize o
ýagşylygyň gerek däl. Biz muhtasyp bilen düşünişeris. – Gökhun
sakçynyň yzyna düşüp barşyna ýene sowal berdi: – Goçgar, me­
sele çözüşiň-ä nagt eken. Ýene bir zat soramakçy bolýaryn men.
Sen bu ýerde köp wagt bäri işleýäňmi?
– Onuň size näme geregi bar?
– Üýtgeşik bir geregi-hä ýok, men bu ýere Alauddauläniň
häkimlik eden döwrem, Gyzylyň häkimlik eden döwrem gelip
gördüm, ýöne olar döwründe beýle köp täjiriň gelenini gör­
mändim. Onsoňam öň naharlanmak üçin muhtasypdan rugsat
almaly diýýän adam ýokdy.
– Eý, goja, düşün, öň beýle köp kerwen bir aýyň dowamynda
gelýärdi. Indi bolsa, her gün on-on bäş kerwen gelýär. Bir adam
resminama ýazyp ýetişip bilenok.
– Resminamalary, goý, üç-dört adam doldursyn.
– Haý, pählewan goja, göwräň uly bolsa-da, mäşirigiň köp
zatlardan bihabar, şonda-da akyl berýärsiň. Men sizi, iň gowusy,
125
zyndanymyza äkideýin. Şol ýerde oturanlar kileň akyl berilmegi­
ni küýsäp oturan kemakyl bendeler. Siz akylyňyzy şolara beriň.
– Şolara berjek akylymyň muhtasyba peýdasy degmez.
– Muhtasyp siziň akylyňyza mätäç däl.
Gökhun sakçynyň egninden çekdi:
– Eý, akyldan doýgun goçgar! Bir dem aýak çek!
– Akyl bermekçimi?
– Aý, ýok, maslahatam, akylam sende ýetik eken. Şonuň
üçin, alsaň, men saňa akyl däl-de, ýigrimi dirhem bereýin.
Soňam göni Reýe gideýin. Başdaky niýetimiz bu ýerde owkat
edinmekdi. Biziň, näme üçindir, işdämiz bütinleý tutuldy, hiç
zat iýesimiz gelenok indi. Muhtasypdan tötek iýmäge rugsat
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn II - 08
  • Parts
  • Altynjan hatyn II - 01
    Total number of words is 3629
    Total number of unique words is 2034
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 02
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2164
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2031
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 04
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1970
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 05
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 06
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2172
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 07
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2164
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2085
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 09
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2084
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 10
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2064
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 11
    Total number of words is 3507
    Total number of unique words is 2173
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    37.2 of words are in the 5000 most common words
    44.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2151
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2040
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 14
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2044
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 15
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2131
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 16
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2156
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 17
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1976
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 18
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2087
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 19
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2023
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 20
    Total number of words is 3723
    Total number of unique words is 1909
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 21
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1880
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 22
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 1944
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 23
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1971
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 24
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1896
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1941
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 26
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 2028
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 27
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2124
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 28
    Total number of words is 1126
    Total number of unique words is 678
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.