Latin

Altynjan hatyn II - 09

Total number of words is 3670
Total number of unique words is 2084
31.6 of words are in the 2000 most common words
43.5 of words are in the 5000 most common words
50.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
onuň goşunynyň çäksiz köpdügini, baran ýerinde nähili güýçli
goşun bar bolsa-da hökman ýeňýändigini, garşylyk görkezilse
Togrul begiň halamaýandygyny, gaty berk jezalandyrýandygyny,
ýerli ilaty iki ýyllap salgytdan boşatjakdygyny, täze metjitleri gur­
jakdygyny, mazlumlara, ähli ilata çyn hossar çykjakdygyny wagyz
etmekdi.
Wagyzçylaryň ýerli ilata düşündiriş geçmegiň hötdesinden
nä derejede gelendiklerini bilmek kyn däldi: seljuk goşunynyň
nähili garşylanýandygy aňtawçylaryň yhlaslarynyň görkezijisidi.
***
Käbir galalar hiç hili garşylyk görkezmesizden derweze­
lerini açyp, seljuklylary duz-çörekli garşylady. Togrul beg bu
sebitlerde özüne garşy çykyp biljek uly güýjüň ýokdugyna göz
ýetirdi. Ol ilki Merdawij ibn Bessunyň häkimlik edýän Gürgen
şäherine sary ugrady, şäheriň golaýynda özüniň gara ýüpekden
edilen «bargähi soltanatyny»8 dikende ýerli ilat gala derweze­
sini giňden açyp, oňa boýun egýändiklerini aýtdy. Togrul beg
dabara bilen şähere girdi. Ýaraşyk üçin şäheriň ilatynyň ýüz
müň dinar tölemeklerini talap etdi. Togrul begiň bu talaby bir
ýarym günüň dowamynda ýerine ýetirildi. Beg Jürjan (Gürgen)
şäheriniň ilatyny ýygnap, şäheriň, tutuş Gürgen welaýatynyň
Gutulmyş bege ykta berilýändigini yglan etdi9.
14 2
Togrul beg Gürgene (Jürjana) gelip, Ziýar patyşasy Ba­
kalanjary dardan asyp jezalandyrmakçydy, çünki onuň eden
etmişleri kändi, etmişleriniň biri parawly Parawbibiniň ölümi­
ne sebäpkärligidi.
Bakalanjar hiç ýerde ýokdy, onuň Elbrus dagynda, uçut bir
gaýada gurlan galada gizlenýändigini habar berdiler.
Onuň yzyndan gitmek, tapmak, jezalandyrmak üçin bir aý
wagt gerekdi. Togrul begde welin, wagt ýokdy. Ol Horezmine
gitmelidi, Şamäligi tapmalydy hemem ony jezalandyrmalydy,
Horezmini Seljuk şalygynyň tabynlygyna geçirmelidi. Şonuň
üçin hem Togrul beg Bakalanjary tapmagy hemem jezalandyr­
magy ýene bir gezege goýup, möhümden möhüm işleri etmegi
makul bildi.
***
Togrul patyşa Gutulmyşyň islegini amal edip, günbatar­
daky ýagdaýdan kanagatlanma tapyp, Reýde naýyplygy etmegi
baş wezir Ahmet Dehistana tabşyryp, Merwe, ol ýerden hem Ho­
rezmine ugramak üçin ikinji gezek azymat etdi.
Horezminde entegem Şamäligiň hökmürowanlygy ýöreýär­
di. Öňki hökümdar Harun ibn Altyndaşyň ogly Ysmaýyl bi­
len hadymy Şükür bolsa, şindem Merwde Çagry begiň gullu­
gyndadylar. Soltan Masut aldaw bilen öldürileninden10 soň,
Şamälik Gazna tagtyna geçen Möwdud ibn Masut ibn Mahmydyň
tabynlygyna giripdi.
***
Horezmine ýörişe gidilýändigini eşiden Anuşirwanyň
hatyny Göwheraý ýaňy dünýä inen ogluny bagryna basyp, Altyn­
jan hatynyň ýanyna geldi, sojap-sojap aglady.
– Näme boldy, Göwheraý?
– Merhemetli melikäm, eşidişime görä, Horezmine ýöriş
edilýärmiş.
– Hawa, ertir ugraýarys.
– Merhemetli melikäm, Anuşirwan meni ýany bilen äkitmek
isleýär.
143
– Äkitse, ata-eneňi görersiň-dä!
– Ýok, ýok, meniň olary göresim gelenok, merhemetli me­
likäm. Towakga edýärin, meni goýup gidiň, ýolda meniň çagam
heläk bolar.
– Sen çagaň ýolda heläk bolmagyndan ätiýaç edip galmakçy
bolýarmyň ýa Buruntaga barmak islemeýänligiň üçin?
– Buruntaga barmak islemeýänligim üçin.
– Onuň näme sebäbi bar?
– Babam maňa: «Men senden geçýärin, gözüme gaýdyp
görünme» diýdi. Men hem babama: «Gaýdyp Buruntaga gelme­
rin» diýip äht etdim.
– Näme üçin? Ýa babaň Anuşirwana äre barmagyňy isleme­
dimi?
Göwheraý näme jogap berjegini bilmeýän bolarly, aljyrady:
– Hawa, islemedi.
– Onuň özi başda seni Anuşirwana gelinlik berýändigini
meniň babama aýdypdy ahyryn!
– Hawa, aýdypdy! Towakga edýärin, merhemetli melikäm,
meniň hökümdarym bilen gürleşiň, goý, ol meniň köşkde gal­
magyma izin bersin.
– Ýöriş bir ýyla çeker. Bir ýyllap Anuşirwan küwensiz oňup
bilmez-ä?
– Goý, ol ýene bir hatyn alaýsyn. Dürnazar sahybyň gyzy
Dilbere öýlensin, ony ýany bilen äkitsin! Dilber biçak owadan
gyz. Merhemetli Anuşirwan ony gowy görýär. Men gördüm: bir
gezek Anuşirwan Dilberiň geçip barýandygyny görüp, atdan
düşdi, tä öýüne girýänçä onuň yzyndan seretdi durdy.
– Ol seni ähli peri-peýkerlerden agla görýär.
– Towakga etseňiz, size «Ýok!» diýip bilmez!
Altynjan Göwheraýyň towakgasy boýunça Anuşirwan bilen
ýörite gürleşdi, ýaş çaganyň uzak ýolda horlanjakdygyny tutaryk
edundi.
Anuşirwan walydasynyň bu sözüni asyl diňlemek hem islemedi:
– Ömrümiň ahyryna – iň soňky demime çenli hatynym
Göwheraý ýanymda bolar, bizi hiç bir güýç aýry salyp bilmez!
Anuşirwanyň bu sözünden soň, Altynjan sesini çykarmady,
Göwheraý bolsa, aglamak aglady.
14 4
Göwheraýyň gözýaşy, agysy Anuşirwanyň pikirini üýtgedip bil­
medi.
Dünýäniň ähli suwundan zenanlaryň döken bipeýan göz­
ýaşy köp bolsun gerek!
Eh, zenanlar, zenanlar!
***
Zamahşar! Altynjan on ýyldan soň dünýä inen galasyna gel­
di. Ine, tanyş ýerler! Gör-ä nähili gowy! Altynjan begenjine
uçaýjak--uçaýjak bolýardy. Ol Zamahşaryň derwezesiniň ýanynda
atdan böküp düşüp, ýere üç mertebe togap etdi, derwezäni,
galanyň diwaryny sypap-sypap ogşady. Altynjan üýtgese-de gala
üýtgemändir. Ine, birmahalky aýakýalaňaç ylgan ýerleri, gijele­
rine düýşüne giren zowkuly ýerleri üýtgewsiz saklanypdyr.
– Men geldim, men geldim – diýip Altynjan möňňürip
aglady, derbanlar bilen ýekän-ýekän salamlaşyp, hal-ahwal
soraşyp çykdy, zamahşarlylara sahylyk bilen dinar paýlady.
Altynjanyň maksady Tümen daýysyndan galan tyllalary
zamah­şarlylara paýlamakdy, ýöne ol hazynanyň üstüni açman­
da-da, ýeterlik tylla-teňňe tapyldy.
Seljuklylaryň ýüz müň atly goşun, üç manjanak bilen ýetip
gel­ýändigi hakda eşiden Şamälik hazynasyny alyp, gaçyp gitdi,
özüni Dehistan sähralygyna atdy. Soň ol ýerden hem Tabasa
göçdi11... Şamäligiň wezir-wekilleri-de zut gaçypdylar. Gyssa­
garada olar ähli hazynalaryny ýanlaryna almaga ýetişmediler.
Jan – hazynadan şirin. Şamäligiň wezir-wekilleri, şeýle hem öz
döwründe seljuklylara garşy çykan barjamly adamlar gaçdylar.
Olardan galan hazynalaryň bellibir bölegini Togrul beg Altyn­
jana berdi.
Hatyn hazynalary zamahşarlylara paýlamak paýlady. Razzak
damulla Altynjanyň dinar paýlamasyna kömek etdi. Ähli hoja­
lyklara aýlanyp, iki ýüz dinardan paýlap çykdy.
Altynjan ýaşlykda bir oglanyň ýüzüne gylyç bilen şikes
salypdy, ikinji biriniň bolsa üç sany gapyrgasyny döwüpdi. Üç
gyzyň ikisiniň elini döwüpdi, üçünjisiniň ýüzüni persala edipdi.
10*
145
Altynjan, ilki bilen, ýaşlykda şikes ýetiren şol üç gyzy bilen iki
oglanynyň öýlerine bardy.
Ol bu bäş şikesliniň bäşisem garyplykda, pukaralykda
ýaşaýandyrlar öýdüpdi, ýöne beýle däl eken. Olaryň bäşisiniň
ýaşaýşam oňuşmazça däl eken. Eli döwlen gyzlaryň biri durmuşa
çykyp, birinji çagasy dünýä injek bolanda aradan çykypdyr. On­
dan bir ogul galypdyr. Äri başga birine öýlenipdir.
Altynjan birmahal şikes salan kişilerine eçilmek eçildi.
Bäş kişi birmahal Altynjanyň biçak gaharyny getiripdi. Olar:
– Eprikogullary – Hudaýyň garganlary! – diýipdiler.
Altynjan Hudaýyň gargan gyzy bolmak islänokdy, bu hakda
eşitmek hem islänokdy. Ol Eprikogullary neberesiniň pajygaly
kysmaty hakda kän gezekler eşidipdi, atasynyň süteme döz gelip
bilmän ölendiginem, kakasynyň ýedi ýaşda on ýedi ýaşly ejesine
öýlenendigi hakda-da eşidipdi.
Zamahşarly oglanlar, gyzlar Altynjanyň «Eprikogullary
– Hudaýyň garganlary» diýen sözi halamaýandygyny, bu sözi
aýtsaň, öň seni nähili gowy görenem bolsa urýandygyny, maýyp
edýändigini bilýärdiler, şonda-da käteler kejirlik bilen aýtmaly
däl sözi oňa aýdýardylar, şondanam lezzet alýardylar, şondan
soň olary urup Altynjan hem içini sowadýardy.
Abdylmälik han gyzyny gahar-gazaba mündüren sözüň nä­
medigini biljek bolup köp kişiden osmakladyp sorap görüpdi,
Altynjanyň birden eşidäýmeginden ätiýaç edip, hana hiç kim
hakykaty aýtmandy.
Bu gün urlanlar, şikes ýetenler jem bolup oňa:
– Altynjan, Eprikogullary – Hudaýyň halanlary! Hudaý sizi
gaýtadan arşa – mertebä göterýär! – diýdiler.
Razzak damulla Altynjanyň gelendigine begenip, bir ýerde
duranokdy, içki joşgunyny öwran-öwran gaýtalaýardy:
– Men: «Altynjan entek gaty beýik-beýik derejelere ýeter»
diýipdim. Gördüňizmi, meniň aýdanym bolandyr! Men näme
diýipdim? «Altynjan halkyň hak howandary bolar. Altynjan
biziň göz-guwanjymyz bolar» diýmedimmi? Diýdim men! Hakyt
diýdim! Men diýdim! Men Altynjanyň şeýle beýik derejelere ýet­
jigini bildim-ä men! Altynjana men öwüt berýärdim. Ol meniň
öwütlerime eýerdi. Ýadyňyzdamy meniň öňünden aýdanlarym?!
14 6
Altynjan damullasyna eçildi.
Damulla zamahşarlylaryň öňünde agzyny giňden açdy, bir­
mahalky mährap döwen Altynjan bolsa onuň agzyna dinar guýdy.
Damulla agzyna dinaryň köp guýulmagyny isledi, şu isleg bi­
lenem agzyny has uludan açdy, tas äňi ýazypdy, barybir, Altynjan
Zamahşardan tä gaýdýança äňiniň agyrysyndan ýaňa gepläp bil­
medi, asyl agzyny açyp bilmedi. Görgüli bir aýlap, äňini sarap, hiç
zat iýip bilmän gezdi. Görgüliniň ömründe beýle köp engama
ýüzi düşmändi ahyry! Ol bir zada göz ýetirdi: dünýäde iň çökder
jeza iýere zadyň känkä iýip bil­mezlik eken. Aňryň-a eljuk diýýär,
ýöne agzyň içi zer-zaw.
Wah, göze doýma ýok...
Zamahşarlylar Altynjan hatynyň gözüne şeýlebir mähriban
gö­rünýärdiler. Melike olaryň ählisini depesine täç edinäýesi gel­
ýärdi. Ählisini bagryna basaýasy gelýärdi, öňünden çykan her
bir hatyny gujaklaýardy, hal-ýagdaýyny soraýardy.
***
Altynjan öýüne bardy.
Ine, şol tanyş howly! Giň howluda, göz-göz otaglarda hiç
kim ýok. Megerem, Şamäligiň hökmürowanlygynyň uzak wagt­
lyk däldigini, Sadylla, Kabyl dagynyň öz öýlerine dolanyp gel­
jekdiklerini aňan bolsalar gerek. Bu howluda ýaşamaga hiç kim
het edip bilmändir, ýöne indegsiz howlyny talamak talapdyrlar:
oturar ýaly ýekeje düşegem ýok. Hany, birmahalky depe-depe
bolup duran halylar?!
Zamahşarlylar Altynjanyň bu sowalyny eşiden ýaly, haly ge­
tirip ugradylar:
– Altynjan, düşekleriňiz ogurlanaýmasyn, talaň salnaýmasyn
diýip, ygtybarly ýerlerde gizläp goýduk. Biz siziň ähli zatlaryňyzy
gözümiziň göreji deýin gorandyrys.
Altynjan olaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi. Ol ylgap
ejesiniň otagyna bardy.
Hiç kim ýok!
Gülýüzliniň otagyna girdi.
Hiç kim ýok!
147
Soň ol kakasy Abdylmälik hanyň dynç alýan otagyna girdi.
Giň otag borram-boş!
– Altynjan, näme agtarýarsyň? – diýip, Kabyl sorady.
Altynjan näme jogap berjegini bilmän egnini ýygyrdy.
Aslynda, ol geçen günlerini agtarýardy. Ejesiniň şebis­
tanyndan ejesini, akgyzynyň otagyndan Gülýüzlini, kakasynyň
salamlygyndan hem, elbetde, kakasyny agtarýardy. Onuň
göwnüne bolmasa, işik açylyp, olaryň içinden «Altynjan, sagaman geldiňmi?» diýip, mähribanlary çykaýjak ýalydylar.
Mähriban öýünde bu gün ne kakasy, ne ejesi, ne-de akgyzy bar.
Onuň mähriban öýünde atgan ýeke mähribany-da ýok!
Altynjan ejesiniň otagyna ýene bardy. Dälirän dek, gözleri­
ni elek-çelek edip:
– Ene, ene! – diýip, pessaý seslendi.
Onuň sesi boş otagda: «Ene, ene!» diýip gaýtalandy.
On ýyl geçenden soň ol wagşylyk bilen öldürilen, ejesiniň,
kakasynyň, dogany Habylyň, akgyzy Gülýüzliniň agysyny aglady.
Bagyryp-bagyryp aglady...
***
Altynjan Göwheraýyň ýanyna bardy:
– Ýör, men seni Buruntaga – babaň-eneň ýanyna alyp gi­
deýin. Olar entek agtyklarynyň bardygyny bilýänem däldirler.
Tümen jany ýanyňa al!
– Ýok, ýok! Men gitmäýin, siz hem gitmäň!
– Ata-eneňden öýke etmek aýyp bolar, unut öýke-kinäňi!
– Men-ä haýran Göwheraýa! Babasynyň adyny tutsaň,
elewräberýär. «Buruntaga hiç mahal barjak däl» diýip ant içdi.
Antdan soň men ony äkitjek bolup durmaýyn. Ol meniňem git­
megimi islänok – diýip, Anuşirwan müýnli dillendi.
– Onda senem gitjek dälmi?
– «Git!» diýseň giderin.
– Men saňa hiç zat diýjek däl. Janahyr Geçdeki babamyň
ýeg razdanydy, onuň halyndan habar almak meniň borjum.
Altynjan Kabyl bilen ýola düşdi. Janahyr halwaçynyň ýany­
na bardy. Ol Janahyr halwaçynyň öýüniň otlanmasynda, näme
14 8
üçindir, özüni günäkär duýýardy. Näme üçindigini welin bil­
meýärdi. On ýylyň içinde Janahyr halwaçynyň bili bükülipdir,
näsag ýatan eken.
Janahyr halwaçy Altynjanyň salama gelendigine çoh minnetdar
boldy.
– Men size biçak guwanýaryn, Altynjan melike. Siziň uly
derejelere ýetjekdigiňizi men sizi ilkinji gezek görenimde
aňypdym. Biziň sebitimiziň uludan-kiçisi bu gün siziň adyňyzy
senalaýar. Sebäp, siz olara hak howandar çykýarsyňyz. Ine, biziň
obamyzdanam ýüzden gowrak adam siziň ýanyňyza delalat isläp
gidip, köp-köp baýlyga eýe bolup dolandylar. Siz Zamahşar se­
bitinden diýip baranlaryň ählijesine eýe çykyp, olaryň işleriniň
şow almagyna hemaýat edipsiňiz. Oglum Imanyň ölümi üçin siz
özüňizi müýnli saýyp ýörmäň, Altynjan melike. Ýok, onuň öl­
meginde siziň günäňiz ýok. Onuň ölmegine bir haramzadanyň
zäheri sebäp boldy. Meniň duşmanym Imana çalynmaly der­
manlyk ýaga awy garypdyr. Bizem muny bilmändiris...
Altynjan Iman hakda uzak gürrüň edilmegini islemedi:
– Enşa, ähli zat gowulyk bolar.
– Ýok, ýok, näme bolsa bolar, ýöne biziň öýümizde gowulyk
bolmaz! Haýsydyr bir ýaman pygylly kişi biziň neberämize betdo­
ga okapdyr. Şonuň üçin biziň neberämiziňki diňe gaýtgynyna.
Bu pelekde adalat ýok. Hana, Keski Kelew! Gör, ol öz döwrün­
de näçe kişä ýamanlyk etdi. Siz toý edeniňizde Şamäligiň öňüne
düşüp gelen, sekiz müň bigünä bendäniň ölümine sebäp bo­
lan hem Keski Kelew bolmaly. Seniň babaň ölümine-de şol se­
bäp boldy. Mundan bir hepde öň ol meniň ýanyma gelip gitdi.
Afrasýap şalygynyň emiri eken, wezir eken ol. Baýamak baýapdyr.
Keski tetelliler-ä baýaýar, bizem dişimiziň suwuny sorup otyrys.
Ol maňa ýigrimi çelek çakyr getiripdir, getirensoň, men onuň
çakyrlarynyň baryny hendege dökdüm. Men bilýän, onuň geti­
ren çakyry – zäherli bolmaly. Ol meni öldürjek bolýar.
– Ol siziň dostuňyz ahyryn!
– Men onuň bilen hiç wagtam dost bolan däldirin. Ol
Abdylmäligiň dostudy.
Altynjan durmuşa çykanda Keski Kelewiň getiren çelekçelek şerabyny ýatlady. Ol çelekleri Abdylmälik han Janahyr
149
halwaçynyň islegi boýunça ýere gömüpdi. Ol çelekler şindem
gömülgi ýatan bolmaly.
– Gazanpar Takyň güni nähili?
Halwaçy uludan demini aldy:
– Meniňkiden başgalaryňky gowy.
– Ýogsa-da, Janahyr daýy, Anuşirwan dagy köpeldi. Göw­
heraýyň ýagdaýy, çagasynyň ýagdaýy gowy.
– Hany, olar?
– Nesip bolsa, şu gün ýa ertir gelerler.
– Ýok, ýok, gyzym gelmesin. Men gyzymdan geçýärin. Maňa
onuň ýaly gyz gerek däl, gelse, diňe giýewim gelsin!
– Wa-weýla, näme boldy?
– Näme bolandygyny bilýänsiň, aýdandyr ol aýjyn.
– Ýok, Göwheraý aýdanok.
– Aýdandyr, aýdandyr.
– Nämäni?
Halwaçynyň birden ýüzi ýagtyldy:
– Nämedigi ýadymda ýok häzir meniň. Garrasaň, huş gal­
maz eken.
– Ogul agtygyňyz boldy. Adyna Tümen daýymyň adyny
dakdyk.
– Kimiň?
– Tümen daýymyň adyny dakdyk: Tümen.
Janahyr halwaçy sesini çykarman, başyny aşak salyp esli
salym durdy.
Altynjan hatyn gaýtjak bolanda Janahyr halwaçy kän-kän
alkyşly sözler aýtdy:
– Altynjan melike, ömrüňiz uzak, işiňiz rowaç bolsun! Siziň
gelendigiňizi, Şamäligi kowandygyňyzy eşidip çoh hursant
bolduk. Men bütin ömrüme halwa ýasap satdym. Düýn siziň
gelendigiňizi eşidip, size niýetläp ýörite halwa taýýarladym. Çoh
süýji halwa bu, iýseňiz, hezil edinersiňiz. Biraz garaşyň, men hä­
zir size şol halwaňyzy getirip bereýin. Özüňiz geldiňiz – gowy
boldy. Ýogsam özüm baryp, elin gowşuraýyn diýip otyrdym.
Janahyr halwaça jan-gaýrat geldi, süňňi ýeňil gopdy, yhçohlap duran goja ylgap diýen ýaly gitdi. Sähel salymdanam ak
düwünçekde halwa getirdi.
150
– Towakga edýärin, Altynjan melike, iýiň, hökman iýiň!
Agzyňyzda erär durar. Goý, giýewim Anuşirwan bilen Göwhe­
raýam iýsin. Agtygyma-da dadyryň, hezil ederler.
– Taňryýalkasyn, halwaçy daýy!
– Çoh süýjüdir, çoh datlydyr. Bir iýseňiz, soňam iýesiňiz ge­
ler durar. Isleseňiz, men soňam ýasap bererin.
– Taňryýalkasyn! Anuşirwan daga-da bererin!
– Beriň, hökman beriň. Hökman dadyp görsünler.
– Siz meni rahatlandyrdyňyz, halwaçy daýy. Menden kine
saklap ýörensiňiz öýtdüm.
– Ýok, men kine saklaýan adamlardan däl!
Altynjanyň aty tebil tapdy. Halwanyň ysy, megerem, ata hoş
ýakan bolarly, ol halwaly düwünçege bakan boýnuny uzatdy,
jylawdan berk çekilýändigine seretmezden zol-zol agzyny açyp,
halwaly düwünçege bakan omzady.
Altynjan halwaly düwünçegi Kabyla berdi. Şondan soň ýola
düşüldi.
Janahyr halwaçynyň keşbi Altynjanyň aňyndan ýolboýy
aýryl­mady. Näme üçindir, halwaçy Altynjana syrly göründi. Ýog­
sam arada üýtgeşik gürrüň-de bolmady.
Zamahşara gelenlerinde Altynjanyň münüp gelen bedewi
ýene halwaly düwünçege boýnuny uzadyp, zol-zol hokrandy.
– Kabyl, meniň atyma bir tokga halwa ber – diýip, hatyn at­
dan düşdi.
At wagşyýana ses edip, halwany iýdi.
Halwanyň ýakymly ysy bardy. Bu ys hoşuňa gelýärdi, işdäňi
açýardy.
Ata bir tokga halwa beren Kabyl özi hem iýmek üçin düwün­
çekden ikinji tokgany eline aldy.
Ol halwany ýaňy agzyna ýetiriberende Altynjanyň aty pasyrpusur ýatdy.
Bu ahwalaty gören Altynjan Kabylyň eline kakdy:
– Saklan! Iýme!
– Näme boldy?!
– Halwa zäherli!
151
Halwadaky awy gaty güýçli bolmaly, at janawer aýagyny bir­
ki gezek hereketlendirip, hokranyp, derrew jan berdi.
Altynjan tas uly betbagtlyga elten halwaly düwünçegi
Kabylyň elinden kakyp aldy-da, honda zyňdy.
– Eý, Hudaý, bu nähili ahwalat boldy? Teý akylyma syganok
meniň. Teý ynanyp bilemok. Wa-weýla, men adam tanamaýan
ekenim. Men halwaçyny bütin ömrüne perişde ýaly hasap­
laýardym. «Hydyr diýenim hyrs çykdy» – diýip, Kabyl hyrçyny
dişläp, başyny ýaýkady.
– Menem tanamandyryn ony – diýip, Altynjan Kabylyň sözü­
ni makullady.
Janahyr Geçdekini tutup getirmek üçin emir Dürnazar ýola
düşdi.
***
Janahyr halwaçyny derýadan aňry geçjek bolup durka tu­
tup, Altynjanyň ýanyna getirdiler.
Janahyr Geçdeki hälki sypaýy halwaçy däldi: gözünde
wagşylyk, ýigrenç bardy.
– Eý, halwaçy, bu näme etdigiň seniň?!
– Bagty çüwen ganjyk diýerler saňa!
– Meniň bagtymyň çüwmeginden size zyýan gelenog-a?!
Gaýtam, peýda gelýär!
– Bagty çüwen, kellesi şemally ganjyk! Näme üçin sen men­
den, meniň neberämden, meniň ogullarymdan mertebeli bol­
maly?! Näme üçin?! Öýümde seniň ýaly urkaçydan dördüsi bar.
Näme üçin olar seniň ýaly mertebeli däl? Näme üçin Abdyl­
mälik sebite han boldy? Tümenjik näme üçin meniň üstüme
gygyrdy?! Ä? Näme üçin? Sebäp onuň bagty çüwdi. Ol menden
baý boldy. Näme etsem, jezasy bolmaz öýtdi. Eden etmişi üçin
jezasyny alandyr ol menden.
– Äh-ä, daýymy öldüren, gör, kim eken?!
– Näme, onuň eden etmişi jezasyz galmalydymy?
– Siz oňa töhmet atypsyňyz.
– Sebäbini bileňokmy?
– Bilemok.
153
– Ol mençe akylly däldi. Men arap dilini bilýärin. Men sogd
dilini bilýärin. Tümeniň welin, bilýän dili ýokdy. Hudaý näme
üçin sizi gowy görýär? Näme üçin? Näme üçin siz mertebeli
hem baý ýaşamaly? Men bütin ömrüme işledim. Bütin ömrü­
me! Gazanan zadym bolmady! Sen welin, adamlara haltalap
dinar paýlaýarsyň. Ýigrenýärin men seni! Ýigrenýärin!
– Eprikogullary neberesiniň başyna düşen kysmaty – bet­
bagtlygy az gördüňizmi?
– Az, az! Wa-weýla, hasrat-a, Alla näme üçin Bugrajygy aman
goýdy?!
– Ol size ýamanlyk etdimi?
– Ýamanlyk etdi!
– Näme?
– Onuň ýamanlygy neberesiniň işleriniň küşatlygy!
– Başga?!
– Näme, şuny az görýärsiňmi?
– Biz size hiç wagt azar bermedik ahyryn!
– Menden bagtly ýaşadyňyz. Işleriňiz mydama şow tapdy.
Dürnazar Altynjan melikä ýüzlendi:
– Altynjan, sen näme üçin munuň bilen gürleşip dursuň?
– Dur, dur, men düşünmek isleýärin.
– Ähli zat düşnükli. Tümen begi öldürende: «Men – Tog­
rul!» diýip gygyranam şu halwaçy bolmaly.
– Men gygyrdym! Men! Öldür öldürýän bolsaň! Wah, men
armanly ölmeli boldum. Armanym galdy, armanym! Anuşirwan
bilen şu urkaçyny öldüren bolsadym, onda bu dünýäde arma­
nym galmazdy.
– Indi gyzyň Göwheraýy näme üçin ýigrenendigiň, on­
dan geçenligiň düşnükli: sen gyzyňa Anuşirwany öldürtmek
isläpsiň. Göwheraýam seniň bu islegiňe garşy çykan bolmaly –
diýip, Kabyl Janahyr Geçdekiniň alkymyna dykylyp bardy.
– Eýsem näme! Siz ýaly nejisler bilen guda bolmak isländir
öýtdüňmi?
– Biz näme üçin nejis?!
– Nejis siz, nejis! Siz gyzymy azdyrdyňyz. Ol öň meniň
sözümden çykanokdy. Başda ol maňa söz beripdi. Soň sözün­
154
den dändi, heleýligini etdi. Wah, ol Altynjan bilen ärsumagyny
öldüren bolsady!..
– Öldüriň! – diýip, Kabyl haşymlaryna buýurdy.
– Ýok, ýok, saklanyň! Muny öldürmäň!
– Näme, näme? Altynjan, saňa näme boldy?
– Maňa bolan zat ýok.
– Onda näme üçin: «Öldürmäň» diýýärsiň?
– Muny biz öldürmäli. Muny halkyň näleti öldürsin. Bu özözüni öldürer. Sen munuň gepläp duranyna bakma! Bu eýýäm öli.
– O nähili öli?!
– Munuň ruhy bireýýämler ölüpdir. Teniniň ölmegine-de
azajyk wagt galypdyr.
– Men-ä saňa düşünýän däldirin, Altynjan.
– Sen meniň aýdanymy et, Kabyl! Halwaçyny goýber. Goý,
gitsin. Öz etini özi iýibem öler bu.
– Sen munda ynsap-iman bardyr öýdýärsiňmi?
– Kabyl, meni diňle! Halwaçyny goýber! Goý, gitsin! Galada
gan dönülmesin!
Altynjan Janahyr halwaçynyň bolşuna gaty haýran galdy
hem ömründe, megerem, ilkinji gezek ynsan ýüreginiň aýryl­
maz kiri bolan göriplik barada çyndan hem çuňdan pikir etdi.
Eýse nä, adamyň ýaramaz häsiýeti bolan göripligiň ýaşaýyş,
rysgal, dereje ugrundaky göreşde tas tebigy esaslary bar. Durmuş
adamlaryň biri-birinden kem galmazlyk üçin edýän talaplaryna
esaslanýar. Günüň aşagyndaky orun üçin alnyp barylýan göreş
adamdaky basdaşlyk duýgusyndan uç alyp gaýdýar. Megerem,
basdaşlyk diňe ynsana däl, eýse külli janly-jandara mahsusdyr.
Her kim ýaşajak, her kimiň hut özi Günüň edil öňünde orun
edinmek isleýär. Islegleriň şeýle umumylygy, her kime-de
degişliligi, deňligi Alla tarapyn berilýän rysgalyň hem mal, we­
zipe, dereje, mertebe paýynyň deň däldigi bilen çapraz gelýär.
Şeýdibem basdaşlyk – tebigy göreş, ýaryş duýgusy göriplige ýaz­
ýar. Onsoň yzda galan, kem galan ynsanlar özleriniň şeýle ýag­
daýyny – kysmatyny adalatsyzlyk hasaplap, öňe çykanlara ýara­
mazlyklar edýärler. Bu juda ýaramaz netijelere, uly erbetliklere
alyp barýar.
155
Adamlaryň biri-birine edýän ýamanlyklarynyň bary görip­
likden. Durmuş – paý, paýlaşylýan närse. Paýlaşyk bar ýerinde
basdaşlyk hem göriplik gutulgysyz zat. Özgä göriplik etmeýän
adamdan hiç mahal erbetlik çykmaz. Göripden bolsa gowulyga
garaşma. Adam arasyny dil däl, gara ýürekler bozýar. Durmuş
dowam etse, ýaryş bolar, ýaryş bar ýerinde basdaşlyk bolar,
basdaşlygam göriplige geçmän bilmez. Eý, Alla, bu erbetlik
gowulyk ýaly hemişelik diýmek bolýar!
***
Halwaçy yzyna garaý-garaý gitdi.
Göwheraý gözüne ýaş aýlap, Anuşirwan bilen Altynjanyň
duran ýerine geldi:
– Men ähli zady eşitdim. Bu zatlardan soň men ýaşamak is­
lämok. Maňa iň soňky hemaýatyňyzy ediň! – diýip, Göwheraý
goltugyndan çykaran hanjaryny Anuşirwana uzatdy.
Howlynyň içinde adam kändi, olaryň galabasy mufrat­
lardy, serkerdelerdi, hyzmatkärlerdi. Olaryň ählisiniň nazary
Anuşirwan bilen Göwheraýdady.
Göwheraý gujagynda saklap duran ogluny eda bilen ýerde
goýdy, soňam kybla bakyp, kelemesini öwürdi.
Anuşirwan Asmana seredip biraz salym durdy, birdenem
aýylganç gygyryp, hatynynyň towakgasyny bitirdi.
Ýerde ýatan çagajyk aýylganç bir zadyň bolandygyny aňan
dek aglamaga başlady.
Altynjan çagajygy ýerden göterip elewredi:
– Çagajyga – Tümen daýyma el degirme!
– Ýok, ýok, lalam! Siz maňa bu gezek garşy çykmaň! Men
siziň pendiňizi tutman, uly ýalňyşlyk goýberdim. Indi şol
ýalňyşlygy düzedeýin. Şol ýalňyşlyk bilen baglanyşykly arada hiç
bir zat galmasyn!..
***
Togrul beg Horezmini öz tabynlygyna geçirip, Çagry beg
bilen Merwe dolandy. Iki dogan bir aýlap meýlisde boldy.
156
Çagry beg Alparslanyň üç ýylda lalalykda bolup, kämil çy­
kandygy üçin Togrul bege minnetdarlyk bildirdi.
Togrul beg Merwde diňe bir dynç almady, ol ýerden söw­
da ýollaryny gowulandyrmak, olary peýdaly bolar ýaly etmek
üçin nämeleriň zerurdygy hakda Çagry beg bilen pikir alyşdy.
Birnäçe anyk netijä geldiler: nirelerde rabat, kerwensaraý
gurmalydygynyň geňeşini etdiler. Bu ugurdan üç ýüzden
gowrak adamyny wezipä bellediler.
Merwden günorta gidýän ýoluň ugrunda – Balhda,
Murgabyň kenary boýunça Faz Mehbiabatda, Karineýnde (hä­
zirki Ymambabada); Merwiň töwereklerindäki Ashabatda,
Oguz handa; Kasr-Ahnafda, Merwerrudda; Merwden Jürjaniýa
gidilýän ýoluň ugrunda – Hurmuz, Farra (häzirki Kişmandepe
şäherçesi) şäherinde, Saýfina sährasynda; Jeýhun derýasynyň
Amuldan soňky akym ugrundaky şäherlerde – Wizada, Mardus­
da, Asbasda, Saýfinada, Tahyriýada, Jigerbentde, Darganda,
Sadywarda, Hazaraspda; Jürjaniýadan Ýewropa gidilýän ýoluň
ugrunda – Kätde, Jürjaniýada, Zenjanda (Bab-at-Türkmen),
Habapda, Üstýurtda, Çinkde, Embuda; Merwden Dehista­
na barýan ýoluň ugrunda – Mehnede, Abuwertde, Nusaýda,
Şähristanda, Dehistanda; Merw – Nyşapur ýolunyň ugrunda –
Sarahsda, Uşturmaganda, Tilsitanedide, Daňdanakanda, Geni­
girdde; şeýle hem Merwden bir menzillik uzaklykdaky Diwan,
Tahmalaj, Mansaf, Ahsa, Osman, Akyr şäherçeleridir kentlerin­
de, galalarynda täze kerwensaraýlary, kabaleleri – söwda mer­
kezlerini gurmak karar edildi. Bu gurluşyklara sahyplyk etmek
degişli häkimlere tabşyryldy.
Şalygyň umury sedaratynyň sahyplygyna bellenen Dodur­
ga Merweziniň asly Merwdendi. Merwde onuň mülki, ümürsin
baglyga çümüp oturan köşgi bardy. Togrul beg Merwde bolan
günlerini Dodurga Merweziniň kaşaň köşgünde geçirdi.
Dodurga Merwezi – sowatly, ylymly adamdy, agrasdy,
dymmady, kanunçyldy. Kanunçyllygy üçinem ony käbir wezirwekiller halap baranokdy. Ol söhbetdeşliklere-de goşuljak bol­
mazdy, toý-meýlisde, söhbetdeşliklerde hiç kime goşulman
başyny aşak salar oturardy.
157
Onuň ümi alyşýan ýeke bir adamy bardy, ol Togrul begdi.
Ol bege düýrmegi bilen berlendi, edýän işine, Togrul bege we­
palydy, köşkde iň owadan ýazýan hatdat hasaplanýardy.
Dodurga Merwezi begzada neberesindendi, hatyny hem
begzada neberesindendi. Olaryň iki ogly bilen dört gyzy bardy.
Altynjan olarda bolan günleri sahybyň hatyny, gyzlary bilen
ýakyndan tanyşdy. Ol bir gün sahybyň üçünji gyzy Gülaýymyň
elinden şapba tutdy:
– Gülaýym, meniň saňa synym oturdy, sen meniň oglumyň
gelni bolarsyň.
Derrew Anuşirwany tapyp getirdiler.
– Oglum, men saňa gelinlik tapdym.
Anuşirwanyň aňyndan Göwheraý aýrylanokdy, öýlenmek
hakda entek pikir hem etmändi. Özüne galsa, Dürnazar sahybyň
Dilber diýen gyzyna öýlenmekçidi, ýöne käbesine: «Ýok!» diýip
garşy çykyp biljek däldi, ol näme etse, näme diýse ylalaşjakdygy
gaty çynydy.
Anuşirwan özüne zor salyp gürledi:
– Käbäm, gaty owadan gyz saýlapsyňyz.
– Saňa ýaradymy?
– Ýarady, käbäm, ýarady.
Altynjan Togrul beg bilen Dodurga Merwezä Gülaýym üçin söz
aýtdy.
***
Toý uludan tutuldy. Ol ýedi gije-gündizläp dowam etdi.
Altynjan eden işinden razydy.
Ol Allatagalanyň özüne eçilen ýazgydyndan hem çäksiz ra­
zydy. Merwden Reýe gaýdylanda Zamahşarda bolan wakalary
ýolboýy hakydasynda aýlady. Zamahşarlylara nepiniň degendi­
gine, hemaýat edendigine, ata-enesine degsin edip sadaka be­
rendigine öz ýanyndan buýsandy.
Altynjan bimahal teblehananyň demirgazyk tarapyndaky
sütüniň aşagyna gömen gamçysyny-da tapyp aldy, ony bege gör­
kezdi. Togrul beg gamçyny gören dessine tanady:
158
– Şonda sen bu gamçyny menden näme üçin aldyň? Urmak
üçinmi?
Altynjan utançly baş atdy:
– Başky pikirim ar almakdy, ýöne gözleriňize gözlerim
düşende süňňüm lagşady gitdi.
Är-aýal gülüşdi.
Olar geçen günleri ýatlap, «Niredesiň Reý?» diýip ýola
düşdüler.
Altynjan hatyn bedew atyny Togrul begiň sol tarapyndan
sürüp barýardy.
Indi onuň durmuşynda täzeçe ýaşaýyş başlandy.
Ýa Hudaý, özüňden medet!
On altynjy hekaýat
TALAŇ SAÇAGY
B
u gün nowruz!
u gün täze ýyl!
Her ýyl hutuň1 girmegi bilen nowruz – täze gün, täze ýyl
başlanýar.
Täze ýylyň başlanýan güni – şalykda, esasan hem, köşkde
köp-köp täzelikleriň başlanjak, yglan ediljek güni!
Köşk emirleri, wezir-wekiller bu güne barmak büküp sanap
garaşdylar. Çünki Togrul beg öz öýünde her ýylyň nowruz güni
ähli ýakynlaryny, köşk emirlerini çagyryp, uly toý berýär: talaň
saçagyny toýuny2 geçirýär.
Wagt geçse-de, döwür-döwran özgerse-de, Oguz handan
başlangyç alan talaň saçagy toýy üýtgänokdy, özgerenokdy, ýöne
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn II - 10
  • Parts
  • Altynjan hatyn II - 01
    Total number of words is 3629
    Total number of unique words is 2034
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 02
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2164
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2031
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 04
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1970
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 05
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 06
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2172
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 07
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2164
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2085
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 09
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2084
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 10
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2064
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 11
    Total number of words is 3507
    Total number of unique words is 2173
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    37.2 of words are in the 5000 most common words
    44.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2151
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2040
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 14
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2044
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 15
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2131
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 16
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2156
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 17
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1976
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 18
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2087
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 19
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2023
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 20
    Total number of words is 3723
    Total number of unique words is 1909
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 21
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1880
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 22
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 1944
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 23
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1971
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 24
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1896
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1941
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 26
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 2028
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 27
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2124
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 28
    Total number of words is 1126
    Total number of unique words is 678
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.