Latin

Altynjan hatyn II - 18

Total number of words is 3745
Total number of unique words is 2087
32.4 of words are in the 2000 most common words
45.7 of words are in the 5000 most common words
53.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
derdine derman bolmagy özüne mertebe bilýär. Gorkut ata
oguz zenanynyň durmuşdaky ornuny düşündirýär: hatyn öz
zemin hudaýy üçin, onuň mertebesi, rowaçlygy üçin ýaşamaly.
Altynjan bu şadessany gaýtalap-gaýtalap diňläpdi, Gülçeçekde
öz keşbini görüpdi. Ýöne Gülçeçek bolmak Altynjany kanagat­
landyranokdy.
Ol öz hökümdaryna özüniň kimdigini – başarnygyny görkez­
mek isleýärdi! Ömrüniň manysyny hem şu isleginiň amalynda
görýärdi!
Köp bende özüniň bu ýalançydaky ornuny-ojagyny tapman
itiň art aýagyndan suw içip ýör-ä! Altynjan– iň esasy zat – bu
dünýä inmesiniň düýp içtymagyna akyl ýetirdi. Öz ykbalynyň,
täleýiniň Togrul begiň ýanyndadygyny bildi. Onsoň, heý, ony
30 4
ezizlemän bolarmy? Altynjan Togrul begi ezizlemegi özüni eziz­
lemek manysynda düşündi. Onuň başyna melamat gelse, özün­
den sowa geçmejekdigi köre hasa ahyryn. Togrul begi goramak
– öz mertebäňi goramak. Ýöne, Hudaýa şükür, beg goraga, he­
maýata mätäç däl. Gaýtam, onuň özi külli musulman ymmatyna
howandar.
Altynjanyň öz öňünde goýan maksady bardy: beg, goý, ilkin­
ji ýyllarynda hatynyny towşantüý, naçar hasaplasa hasaplasyn.
Goý, beg ony diňe halallygy hasaplasyn.
Ömür gysga – ýol uzak.
Altynjan durmuşda özüniň naçar däl-de, hakyky merda­
nadygyny, özem Muhammet Togrul begiň naýyby hem nedimi
bolmaga mynasyp merdanadygyny görkezer, subut eder! Hök­
man subut eder!
Altynjan, ine, şu maksadynyň amaly üçin Alladan pursat
hem gaýrat dileýärdi.
Merdi-merdana, «erkek» bolmak küýsegi onda çagalykda
galaýjak ýalydy. Bu küýsegiň çagalykda galmagyna Abdylmälik
han, atabeg Omar, Hajar hatyn ynanypdy. Altynjanyň özem yna­
nypdy. Ýöne galman eken.
Galman eken.
Megerem, «erkek» bolmak küýsegi ojaryň ýere kök urşy
deýin çuňdan düýp tutandyr?! Ojaryň köküniň ählisini köweläp
alyp bolmaýşy deýin, indi Altynjanyň çagalykdan galan küýse­
ginem aňdan doly aýryp bolmajaga meňzeýär. Bu küýseg kesa­
pat getiräýmesin, Altynjan?! Beg beg bolar, ol etjek işini bilýär
ahyryn!
Allatagala kimi patyşa götermek islese, Musa beg, Ybraýym
beg, Dawut beg deýin dogan hem aga berýär, serkerde berýär,
Abdylkasym Buýany, Ahmet Dehistany, Anuşirwan ibn Tümen,
Amydylmülk Kundury deýin parasatly wezir berýär, Altynjan
ýaly hatyn berýär. Beýigi beýik edýän onuň töweregindäki, gul­
lugyndaky başarjaň adamlary!
Altynjan özüniň Togrul begiň şa bolmagy üçin doglandygy­
na öňem ynanýardy. Iki ýyl dört aýlap hem bu pikiri gursagynda
20*
305
eziz­läpdi. Garagumuň içinde geçiren on iki gününiň içinde
pikiriniň hakdygyna hasam açyk göz ýetirdi. Onsoňam Togrul
begiň nika gijesi aýdan bäş sargydyna wepaly bolmak aňsat
däl ýaly bolup görünse-de, birgiden kynçylyklaryň ýüze çyk­
jakdygyny aňdy.
On iki günüň içinde oýlanara Altynjanda mümkinçilik ýe­
terlik boldy. Bäş sargydyň dördünjisi barada oýlandy. Şol gije
Muhammet Togrul beg bäş sargydynyň diňe dördüsini aýtdy.
Altynjan aýdylmadyk sargydyň nämedigini niçesar bilesi gelsede, begden soramady, diňe amatly pursat dörände soramagy
maksat edindi.
***
Togrul beg bilen Altynjan atlaryny ýanaşyk sürýärdiler. Ser­
kerdeler sesýetim yzdan gelýärdi. Ähli atlylar çatynjalaryň hyl­
waty söhbedine päsgel bermezlige çalyşýardy. Togrul beg sag
elini ýokary göterip ýanyna gelmelidigi baradaky yşaraty berme­
se, hiç kim olara ýakynlaşmaýardy.
Yssydan ýa-da ýagyş-ýagmyrdan goranmaly bolanda, Togrul
beg hyzmatkärlerine şeýle diýerdi:
– Siz meniň üstüme saýawan tutjak bolup oturmaň, siz
meniň hatynymy yssydan, ýagyşdan-ýagmyrdan, gardan goraň.
Saýawanyňyzy onuň üstüne tutuň.
Togrul beg ýörişlerde ilkinji hyzmatyň hatynyna edilmegini
hyzmatkärlerinden mydama talap ederdi. Bu talap onuň bütin
ömrüne dowam etdi. Begiň bu talabyndan Altynjanyň nähili
hatyralanýandygyny duýýardylar.
***
Olar gündiz ýol ýöräp, garaňky gatlaşyp ugranda düş­
leýärdiler, otuz-kyrk adam ýerleşer ýaly uly düşekde ýazylypýaýrap oturýardylar, dynç alýardylar, uklaýardylar.
Ýörişiň ilkinji hepdesinde Altynjan horlanmak horlandy.
Nädip horlanmasyn, görgüli?! Garaňky düşenden ýorgana gi­
rip ukusyny daňdana çenli almagy öwrenen säherhyz Altynjan
30 6
asyl gijelerine uky görmese nätsin?! Uzynly gijäni Togrul beg
bilen aýşy-eşretde geçiren Altynjan daň atandan ýola düşmeli.
Onsoň atyň üstünde uklaman oturmak eýgertmeýärdi. Togrul
beg welin, atyň üstünde pinek etmäge-de, ukusyny almagada werziş eken. Asyl, ol ata münenden soň islän pursady uka
çümüp bilýärdy. Özi süýji ukuda bolsa-da, atyň nirä gelendigi­
ni, nähili ahwalatyň ýüze çykandygyny magat bilýärdi. Süýji uku­
daka soralan soraga takyk jogap berýärdi, iki müň atly goşuny
dolandyrýardy, adamlaryna etmeli işlerini aýdýardy. Togrul
begiň bu başarnygy Altynjany haýrana goýdy: bu başarnygy
öwrenmäge çalyşdy.
Ähli zadyň başlangyjy kyn. Atyň üstünde irkilmegi däl, ukla­
magy öwrenmek Altynjana, gör, näçe hupbatlary berdi.
Üç gezek atdan ýykyldy.
Üç gezek!
Şol üç gezegiň ikisinde Togrul beg ukusyndan açylyp, oňa
tekge bolmaga ýetişdi.
Birinde welin, ät galdy. Ýogsam beg onuň uklanda atdan
ýykylmagyndan ätiýaç edip barýardy.
Altynjanyň aýagy üzeňňide galdy, göwresi aşak gaýtdy. Aýa­
gyny üzeňňiden aýryp bilmän atyň aýaklarynyň arasynda gara
heläk boldy. At ony esli aralyga süýräp äkitdi.
– Bolmaly zatlaryň ahyry biri boldy. Şeýdip, ýykylmasaň,
atyň üstünde uklamagy öwrenmersiň. Şeýdip, ýene bir gezek
ýykylanyňdan soň, atyň üstünde uklamagy öwrenäýmegiň ähti­
mal. Senden gizlemäýin, men üç gezek atdan ýykyldym. Olaryň
birinde at süýredi, üstümden ýöräp, ýaýjygymy döwen gezegem
boldy. Baý, heläk boldum, şol gezek! Ýyllar gaty köp zatlary
öwretdi.
Altynjan hötjetlik etdi: uklamaly, ýöne indi hüşgärligi sakla­
maly – atdan ýykylmaly däl.
Ol soň hakykatdan hem atdan ýykylmady.
Allatagala Horezmine sygmadyk Altynjany ýedi yklym
sährasyna çykardy. Täze durmuş onuň hyňzap duran kakabaş
hyjuwyna kybapdaşdy. Ol giň sährada kanagat tapdy.
307
Bu durmuş Altynjanyň küýsän durmuşydy. Şonuň üçin ol
bu durmuşa tiz öwrenişdi.
Ýöne Togrul beg onuň garaşan perdesinden gopanokdy.
Beg onuň aňynda ýaşaýan Muhammet Togrul begi däldi, ol
başga adamdy, başga begdi, geňdi, syrlydy.
Altynjany geň galdyran zat kändi.
Muhammet Togrul begiň toý güni halaýygyň öňünde özü­
ni «Gudaçylyga barlanda görkezen hokgalaryň üçin» diýip
gamçylamagy, soňundan gerdekde aýagyna tagzym etmegini
islemegi Altynjanyň ýadyndan teý çykanokdy. Ol nika gijesinde
Şamäligiň gulamlarynyň eden gyrgynçylygyny hem ýadyndan
çykaryp bilenokdy, soň bu hakda Muhammet Togrul bege
aýdypdy:
– Şamälik nejisiň eden ýowuzlygy hiç akyla sygar ýaly däl!..
– Şamälik bize juda ýowuz urgy urdy, iň ýakyn adamlarymyzy
öldürdi. Biz olaryň hununy Şamälikden hökman alarys, özünide ýowuz jezalandyrarys.
– Damagy çalnan, ganlary derýa bolup akan bendeleri hiç
unudyp bilemok.
– Sen ol gijäni, ýowuzlyklary ýatlamajak bol. Olar ýaly zatlary
aňyňdan çykaryp zyňmagy başarmasaň, Togrul begiň hatyny
bolmak saňa juda kyn düşer.
Altynjan Muhammet Togrul begiň bu sözlerini Garagumda
geçiren on iki gününiň içinde telim ýola aňynda aýlady, ýöne,
barybir, aňyna sygdyryp hem aňyndan aýryp bilmedi. Sekiz müň
adamyň ölümine nädip parhsyz bolup biljek?
Togrul beg Jeýhunyň kenarynda sekiz müň esgerden
daşgary köp mukdarda baýlygyny goýup gaýtdy. Gör, näçe
araba, gör, näçe düýe ýük galdy, ol ýerde? Galan baýlyk üçin
Muhammet Togrul begiň tüýem gymyldamady, diňe özüniň
biynjalyk edilendigine gaharlandy.
Altynjan Togrul begiň nika gijesindäki rahatlygyny ähli
baýlykdan, ähli zatdan ýokarda goýýandygyna düşündi.
Onuň bolşy biçak syrlydy: syrlylygyndan, rahatlygyndan çen
tutsaň, ýogalan esgerler direläýjek ýalydy, şeýle hem ýogalan es­
gerlerinden ýüzlerçe esse köp esger özüne haýsydyr bir depäniň
aňyrsynda garaşyp duran ýalydy. Onuň syrlylygy Jeýhunyň ke­
308
narynda galdyryp gaýdan baýlyklaryndan ýüzlerçe-müňlerçe
esse köp baýlyk hem birki depeden aňyrda goýlan ýalydy.
Wah, Altynjanyň iki ýyl dört aý on ýedi günläp geýmäge
dözmän saklan gymmatbaha lagly-göwherlerli egin-eşikleri, şaýsepleri gerdegiň içinde galdy! Wah, gerdegiň içindäki hataran
goýlan sandyk­larda dünýäň baýlygy bardy! Wah, duran ýerle­
rinden göni gaýtmaly boljagyny bilenliginde, ol hiç bolmanda,
Tog­rul begiň nika güni üçin weziri Ahmet Dehistanydan ugra­
dan şaý-seplerini dakynyp ýa alyp daş çykardy!
– Wah, Altyn gyz, bu dünýäniň zady üçin gyýylma! Nesip
bolsa, ýedi yklymyň ähli baýlygy seniňki bolar! Şamälik seniň
ol şaý-sepleriňi öz eljagazlary bilen getirip berer, özem ol alan
zatlarynyň üstüne-de ýüz esse goşup, öňüňde ýedi bükülip ge­
tirip berer. Muny saňa men aýdýaryn. Muny saňa Muhammet
bin Mykaýyl bin Seljuk bin Dukak aýdýar. Sabyrly bol. Geregiň
altyn şaý-sepi bolsun! Seniň haremiň Zamahşardaky ýaly jaý
bolmaz, ýok, ol Käs, Ürgenç şäherlerindäki ýaly, Merwdä­
ki, Nyşapurdaky ýaly, owadandan-owadan köşk bolar. Seniň
köşgüň müňläp haşemli bolar.
Togrul begiň ýalan sözlemeýändigine Altynjan ynanýardy,
ýöne onuň aýdýan zatlaryna hiç akyl ýetirip , göz öňüne geti­
rip bilenokdy. Ähli zat hyýalaty ýaly duýulýardy. Şeýle-de bolsa,
Altynjan begiň aýdýan sözlerine juda ynanasy gelýärdi.
– Eh, Altyn gyz, Altyn gyz, seniň üçin näme gerek bolsa,
men gaşymy çytmaryn. Seniň ornuň mydama meniň tagtymyň
çep gapdalynda bolar. Sag gapdalymda baş wezirim oturar.
Ýöne sen baş wezirimdenem maňa ýakyn bolarsyň. Men külli
musulmanlaryň patyşasy bolaryn. Sen bolsa külli musulmanlaryň
patyşasynyňam patyşasy bolarsyň.
Erkek kişiler zenanlar üçin hem jennet, hem dowzah.
Jennet bilen dowzahyň aralygy gaty ýakyn: o dünýädäki gyl­
dan inçe Syrat köprüsi barmyş. Ana, şol köpri är bilen aýalyň
aralygyndaky köpri bolmaly. Är bilen hatynyň arasynda ýekeje
söz bar. Zenanlar şol ýeke sözüň üstünde ýaşaýarlar. Ýeke sözüň
üstünde duran zenan adamsynyň ýüzüne seredenden dowzah
bilen jennedi saýgarmaly. Ýogsam başyňa dowzahyň inäýmegi
ähtimal.
309
Erkek kişi islän pursady bu ýalançyda jenneti hem dowzahy
döredip bilýär.
Erkek – baş, hatyn – boýun.
Altynjan nika gijesinden başlap, Togrul bege iň ýakyn ýar­
damçy bolmaga çalyşdy, onuň maksadynyň rowaç bolmagynyň
ýollaryny gözlemäge başlady. Hajar hatyn hem ilkinji gijeden
başlap, äriň bilen nähili gatnaşykda, nähili ýakynlykda bol­
malydygyny zynharlap-zynharlap sargap-öwredip goýberipdi.
Altynjan ejesiniň pikirini unamaýardy. Är-hatyn babatda
onuň öz pelsepesi bardy.
Ol erkegi – göwre, zenany – göwün hasaplaýardy. Maksa­
da göwre bilen göwnüň birleşen ýagdaýynda ýetip bolýar diýen
berk ynanjy bardy.
Göwre bilen göwüniň birleşmesinden bir bitewi adam –
hakyky adam emele gelýär. Göwre bilen göwün utgaşyp, sazlaşyp
bilen ýagdaýynda islendik maksada ýetip bolar.
Allatagala göwrä çäksiz köp güýç-kuwwat beripdir. Adam şol
güýç-kuwwaty nirä, nädip sarp etmelidigini bilenok. Onda gorky
bar. Ana, şeýle ýagdaýda göwün göwreden gorkyny aýryp berýär,
göwräni bir ugra ugrukdyrýar, galkyndyrýar, ganatlandyrýar.
Göwün göwrede ynam döredýär, göwräni ruhlandyrýar.
Özüne ynamy bolan, ruhy galkynan adam gaýduwsyz bolar,
maksadyna ýeter.
Altynjan Togrul bege ganat bolmak isleýärdi.
Altynjan Togrul begiň göwni bolmak isleýärdi.
Ol begi her hili bela-beterlerden goramak isleýärdi.
Ol begiň Turana soltan bolmagyny isleýärdi. Onuň bu de­
rejä ýetmegine hemaýat bermek isleýärdi.
Ömrüň manysy – maksadyňa ýetmek. Altynjan maksadyna
ýetjekdigine ynanýardy.
***
Güýzüň iň soňky günleridi. Howa salkyndy. Gijelerine
howa salkyn, çigrek bolýardy. Şeýle-de bolsa, Togrul beg galyň
geýinjek bolmaýardy.
310
Altynjan ähli zatdan beter sowugy halamaýardy, kesellemek­
den gorkýardy. Howanyň maýyllaşmagyny isleýärdi. Muhammet
Togrul begiň islegi welin, onuň isleginiň tersinedi: garyň ýagma­
gyny isleýärdi.
– Eý, Perwerdigärim! Ýüregim garyňy ýagdyrmagyňy is­
leýär. It garynyň1 üstünden aýakýalaň ylgamak isleýärin – diýip,
Togrul beg Asmana seredip ellerini galgatdy.
– Gar ýagjaga meňzänok – diýip, Altynjan sargylt bulutly As­
many hyrçyny dişläp synlady.
– Gar ýagar, hökman ýagar! Eý, Taňrym, gar ýagdyr, eý,
Taňrym, gar ýagdyr! Gar! Gar ýagdyr!
Togrul begiň isleýşi ýaly boldy.
Biraz wagtdan soň howanyň öwzaýy bozuldy. Günbatar-de­
mirgazykdan kowçum-kowçum sargylt bulutlar müňzeşip geldi.
– Gar ýagjak öýdýän, Hudaýtagala sizi gowy görýär.
– Hudaýtagalanyň meni gowy görýändigine diňe häzir akyl
ýetirdiňmi? – diýip, Togrul beg ynamly aýtdy.
Başda uzak ýagman goýarly görnen gar soňundan çynyna
tutdy: uzak gije ýagdy. Özem köwsarlap-köwsarlap ýagdy.
– Bu gar ikimize kär etmez – diýip, Togrul düýe ýüňünden
edilen ýorgany Altynjanyň üstüne çekdi.
Altynjan ýorganyň aşagynda demikdi, derrew ýorgandan
kellesini çykardy.
– Asyl senem ýorgany başyňa büräp ýatyp bileňokmy? –
diýip, Togrul beg Altynjany gujaklady.
Togrul beg hem başyny büräp ýatyp bilmeýän eken.
Altynjan akgyzy Gülýüzliniň birmahalky uky baradaky pel­
sepelerini ýatlady…
***
Uzak gije ýagan gar daňdan çar ýany ak gara büredi.
– Allatagalanyň adam üçin ýaradan zatlarynyň birinjisi gorky
bolmaly. Çaga ene rehminden çykanda-da gorka sataşýarmyş
hem gorkup aglaýarmyş. Eger dünýä inen çaga aglamasa, onda
ol çaga ölýärmyş. Biler bolsaň, men şu günki ýaly gar ýagan güni
311
dünýä inipdirin. Men dünýä inenimde aglamandyryn. Ölümden
alyp galmak – aglatmak üçin meni garyň üstünde ýatyrypdyrlar.
Biraz wagtdan soň men jana gelip, ellerimi-aýaklarymy hereket­
lendirip, aglap başlapdyryn. Seljuk Dukak: «Sen gorky damar­
syz dünýä indiň. Gorkusy ýok adam dünýäde iň batyr adamdyr.
Gorky damaryň ýoklugy Allatagalanyň islegidir, ol seni dünýäniň
soltany etmek isleýändir. Allatagalanyň eradasy seni soltan eýle­
mek bolsa, nesip bolsa, sen soltan çykarsyň» diýipdi.
– Çagakaňyz aglamadyňyzmy?
– Aglandyryn-la – diýip, Togrul beg uzaklara seretdi: –
Dünýä inenimde-hä aglamandyryn.
Altynjan begiň seredip duran tarapyna nazar aýlady. Bir
gijede töwerek-daş gara bürenipdir. Howa şeýlebir ýakymlydy,
arassady:
– Howanyň gowudygyny!
– Ýör, gideli!
– Nirä?
– Islän tarapyňa gideli. Haýsy tarapa gidesiň gelýär?
– Bilmedim…
Togrul beg Altynjanyň elinden tutup, birki depe aşdy. Go­
ragda duran hamemler olaryň yzyna düşdi.
– Biziň yzymyzdan galyň! – diýip, Togrul beg jandarlara
buýurdy. Olar alty-ýedi depe aşyp, kiçeňräk bir oýtakda sak­
landylar.
Altynjan begden gözüni aýyrmaýardy, çünki beg nämedir
bir zadyň kül-külündedi, keýpi kökdi. Düşelgeden aýakýalaňaç
gaýdypdy. Hokga ýa ädik geýmek hakda oňa köwüşberdar-da2,
hajyp-da ýatlatmaga het edip bilmändi. Ýatlatsa, ilki bilen,
Altynjan ýatlatmalydy. Ol hem sözüniň diňlenmejekdigini bil­
ýärdi, şonuň üçin hem hiç zat diýmändi.
Togrul beg egnine ýelbegeý atan pürejini3 garyň üstün­
den ýazdy-da, egnindäki köýnegini hem dyzdanyny çykarmaga
durdy.
– Biler bolsaň, Altyn gyz, men bütin ömrüme şu pursada
garaşyp ýaşadym... – diýip, Togrul beg göçgünli dillendi.
– Siz üşärsiňiz.
312
– Üşemezim ýaly, meni öz howruňa çoýmak saňa şertdir.
– Dördünji şertiň nämedigini ahyr bildim.
– O nähili dördünji şert?
– Nika gijesi: «Meniň bäş sany talabymy hergiz unutma­
gyn» diýip maňa talaplaryňyzy aýdypdyňyz, ýöne olaryň birini
aýtmandyňyz. Şondan bäri dördünji talap nämekä diýip ýördüm.
Togrul beg hezil edip güldi.
– Talaplarym ýadyňdamy?
– Elbetde, ýadymda.
– Hany, aýt!
– «Birinji: hiç wagt edenime däl diýme! Ikinji: hiç wagt akyl
berjek bolma! Üçünji: hiç wagt bir aýdanymy ikinji gezek gaýta­
latma! Dördünji:… Bäşinji: hiç wagt hiç zat sorama!..»
– Dogrudanam, dördünji talabymy aýtmadymmy?
– Aýtmadyňyz.
– Häzirki şertim bäş talaba girenok.
– Onda dördünji talap näme?
– Ony aýdasym gelenok, belki, galan ömrüme-de aýtmaryn.
Sebäbi men seni tanaýaryn, ony aýtmaga zerurlyk ýok hasap­
laýaryn. Başarsam, saňa diňe gowy zatlary aýtjak.
Beg Altynjany mäkäm gujaklady, soňam ony perejiniň üs­
tünde eda bilen ýatyrdy.
– Sakçylar bize serederler.
– Bize sereden sakçy kellesinden dynjagyny bilipjik du­
randyr. Sen o tarapdan gaty arkaýyn bol!
Altynjan oýtakda ilkinji gezek birmahalky küýsän islegine
ýetdi: ol Muhammet Togrul begiň gar gatyşykly murtuny oýnady.
– Näme edýärsiň?
– Murtuňyzy oýnaýaryn.
– Onda oýnar ýaly näme bar?
– Murtuňyza gar garyşypdyr. Garyny aýyrjak. Men siziň
murtuňyzy goramasam bolmaz-a – diýip, Altynjan begiň mur­
tunyň garlaryny aýyrdy.
Togrul begiň murtundaky gar tozgajyklary Altynjanyň ýüzü­
ne gaçdy. Beg gar tozgalaryny sypap aýyrdy.
Altynjan garaşylmadyk garagolluk etdi: ýatan ýerinden bir
penje gar aldy-da, ony begiň ýüzüne sürtdi.
313
Onuň bu degişmesi begiň hoşuna geldi, gapdal çekildi,
soňam «aryny» almak bilen boldy. Onuň niýetini aňan, Altyn­
jan tarsa ýerinden turup gaçdy, beg kowdy. Iki bökende onuň
yzyndan ýetip, bilinden gujaklady-da, daşyndan pyrlandyryp
aýlady. Altynjanyň hyr berip başy aýlandy, entirekläp garyň üs­
tüne ýykyldy.
Beg Altynjany berk gujaklap, garyň üstünde agnady, birde­
nem garysyna galyp, hatynyna ýüzlendi:
– Häzir näme isleýärsiň, aýt!
– Aýtjak däl!
– Aýt, aýt!
– Murtuňyzdan ýolmak isleýärin.
– Baryny goparaýjakmy?
– Ýok, ýekejesini. – Altynjan garyň üstünde ýatyşyna pikiri­
ni üýtgetdi. – Aý, ýok, hökman däl! Agyrar.
– Agyrsa agyrsyn, hany, çek, ýol! – diýip, Togrul beg ýüzüni
Altynjanyň alkymyna eltdi.
– Ýok, ýok, agyrmasyn!
– Toý güni gamçylamda agyrmadymy?
– Agyrdy.
– Sen çydadyň-a.
– Çydadym.
– Indi çydamak gezegi meniňki! Seniňki bilen deňeşdire­
niňde meniňki hiç zadam däl. Bol, bol!
– Men şeýlekin aýdaýdym.
– Men çynym bilen aýdýaryn, buýurýaryn. Bol!
– Dözemok.
– Döz!
Altynjan garysyna galyp, Togrul begiň murtundan ýeke gyly
saýlap, bat bilen çekdi:
– Weýwa, birine derek ikisi gopupdyr.
Murtundan iki gyl ýolnandygy üçinmi ýa başga bir sebäbe
görämi, Togrul begiň gözi ýaşardy.
Birdenem garaşylmadyk ahwalat ýüze çykdy: begiň bur­
nundan gan akyp ugrady. Altynjanyň zähresi ýaryldy. Ol begiň
burnunyň ganamasyny murtunyň iki gylynyň ýolunmagyndan
gördi.
314
Togrul beg oňa:
– Bu dert mende öňden bar. Sen ganyň akmasyny murtuň
iki gylynyň ýolunmasyndandyr öýtme! – diýdi.
Togrul begiň burnunyň ganynyň durmaýanlygy, Altynjanyň
göwnüne, murtdan iki gylyň ýolunmagy sebäpli ýalydy. Bu
derdiň öňem bardygy hakdaky sözi ol özüniň köşeşmegi üçin
tapylan bir söz hasaplady. Aslynda welin, beg hakykaty aýdýardy.
Togrul begiň özem üznüksiz akýan gany saklamagyň ala­
dasy bilendi. Ol boýnuna, maňlaýyna, ýüzüne ýetişibildiginden
gar sürtdi. Barybir, ganyň şol bir akyp durşudy. Gan Togrul
begiň agzyndan, sag gözünden akmaga başlady. Bu ahwalaty
gören Altynjanyň dili tutuldy. Derrew tebip çagyrylyp getirildi.
Begiň ýaşlyk dostlary Mübärek bilen Dürnazary çagyryp
getirdiler. Olar begiň burnundan ganyň akýandygyny görüp
aljyrap durmadylar, gaty arkaýyn olar. Degişýärler, gülüşýärler.
Olaryň arkaýynlygyny Altynjan halamady.
– Howlugyň-a, gan akyp dur-a!... – diýip, ol biygtyýar ja­
nykdy.
– Merhemetli melike, odanma, hiç odanma, bege hiç zat
bolmaz. Onuň häzir burnunyň ganamasynyň hikmeti bar –
diýip, Mübärek myssa ýylgyrdy.
– Hikmetini bilýärsiňmi? – diýip, Dürnazar Altynjana ýüz­
lendi.
Altynjan başyny ýaýkady. Dogrusy, bu mahal onuň hikmet
diňläsi gelenokdy. Onuň bar pikiri-aladasy begiň burnundan
akýan ganyň durzulmagydy. Geň, begiň özem arkaýyn. Ýüzün­
de birjik-de howatyr-alada ýok.
– Hikmeti ýönekeý onuň: beg bu dünýä Masut soltan ýaly
dynç almaga, göwün hoşlamaga däl-de, sogap gazanmaga,
göreşmäge geldi. Alla onuň dynç almagyna ýol bermek islänok.
Dürnazar bilen Mübäregiň arkaýyn bolmasynyň sebäbi bu
ahwalatyň birinji gezek däldigi üçindi. Olar özleriniň ökdelän
işine girişdiler. Begiň burnundan gan akmasy saklandy…
Eý-ho, ol günden bäri, gör, näçe aý, gör, näçe ýyl geçipdir!
Ýadyň üýtgeşik bir häsiýeti bar. Ol käbir möhüm zatlary
unud­ýar, «öçürýär» ýöne käbir wakalary welin, näçe wagt geçse315
de, teý ýadyňdan aýrylmaýar. Aýratyn hem ýaşlykda bolan waka­
lar ýatda galgyç bolýar. Ol wakalar könelmeýär.
Oýtakda Togrul begiň burnunyň gananyndan bäri ýigrimi
ýyldan gowrak wagt geçipdir, ýöne ol dek düýn bolan waka ýaly,
Altynjan hatynyň hakydasynda oraşan dur.
Altynjan oýtakda bolan wakany, umuman-a, Garagumda
geçiren on iki gününi ýatlamakdan çäksiz lezzet alýar. Özem ol
waka, köp­lenç ýola düşülende ýada düşýär.
On üçünji hekaýat
SABYR KYLAN GÖGE
ÝOL TAPAR
A
ltynjan özüne teselli bermek maksady bilen Togrul
beg bilen baglanyşykly geçen ömür ýoluny, ilkinji
nika gijesiniň – Zamahşar gijesiniň aýylgançlygyny, Garagumda
begiň burnunyň ganyny durzup bilmän kösenişlerini, Bagdat­
da geçen günlerini ýatlamaga çalyşdy, özem telim ýola çalyşdy,
ýöne bolmady. Ähli ýatlamalaryň uşlyby soltanyň Wasyt babat­
da aýdan syrly teklibine sapdy. Altynjan soltanyň sözlerinden
many agtardy. Ol her hili ýagşy-ýaman pikirleriň içinden diňe
bir pikirde saklandy: soltan hatynyna Wasyt welaýatyny mülk
edip berenine – makul, dürs iş edendigine uçursyz begenýär.
Onuň Wasytda – birmahalky büweýh, kaku nesilşalyklarynyň
soltanlarynyň dynç alan ýerlerinde mähriban hatyny bilen iki­
çäk gezelenç edesi, dynç alasy gelýär, ýöne onda dynç almaga
317
wagt bolanok. Ol öň ençe gezek: «Altynjan, gel, bir gün hiç
kime aýtman seniň mülküňe gaçyp gideli. Ol ýerde hiç kime
görünmän jukguldaşyp ýaşaly. Ynan, soltanat işlerinden halys
usurgadym. Dünýäni unudyp dynç alasym, ýatyp-turasym gelýär.
Ynansaň, käteler hiç kimi hem göresim gelenok. Ýanymda jan­
darlar hem bolmasa diýýärin. Oba adamlaryny görenimde olara
gözüm gidýär. Olaryň bar aladalary garynlary. Başga hiç hili ala­
da ýok olarda. Ýöne gerdun pelegiň aladasy meniň gerdenim­
de. Birsydyrgyn ýaşaýyş adamy, hernäçe gowy bolsa-da, irizýän
eken. Soltanlyk tagtyna geçenimden, ähli zada ygtyýarym ýe­
tip ugranyndan soň, meniň üçin pelegiň manysy gaçdy. Çünki
men öňümde goýan maksadyma, ömrümiň manysyna ýetdim.
Öň öňümde garşylyk bardy. Indi meniň bilen darkaş gurup bil­
jek güýç ýok. Adamyň pelekde gyzygyp ýaşamagy üçin öňünde
garşylyk bolmaly eken, öňünde güýç bolmaly eken. Özüň pikir
edip gör, men nämä ymtylyp ýaşaýyn?! Musahhar kylmagamy?
Ýedi yklym biziň tabynlygymyza geçensoň, musahhar kylmagam
öňküsi ýaly lezzetli däl. Kim düşünmese-de, meniň içki ahwa­
latyma sen düşünmeli, Altynjan. Men durmuşymda düýpli bir
öwrülişik isleýärin. Men tagtymy Dawudyň ogly Süleýmana ber­
mekçi. Ol akylly, pähimli. Eýýäm ýigrimi ýaşady. Onuň bir kemi
bar, ol kemi hem dünýewiliginde, ylma aşa ýykgyn edýänligin­
de. Onda, arman, patyşalyk däl-de, wezirlik parasady bar. Şeýlede bolsa, men Alparslany däl-de, Süleýmany tagtymda oturtjak.
Ol ikimizi hiç zada mätäç etmez» diýdi.
Altynjan Togrul begde biri-birine asla meňzemeýän iki sol­
tany görýärdi. Ol soltanlaryň her birine Altynjan öz ýanyndan at
hem dakypdy.
Birinji soltanyň ady Hökümdardy.
Ikinji soltanyň ady Howandardy.
Altynjan bilen ýürekdeş gürleşýän Howandar soltandy.
Hökümdar tagtynda çep elinde üç altyn peýkam bilen
altyn ýaýyny, sag elinde bambuk agajyndan ýasalan, ujuna sap
altyndan iki kelleli bürgüdiň ýylan tutan şekilli tugrasy goýlan
hasasyny saklap oturmagy gowy görýär. Oňa ýedi yklyma hökmü­
rowan bolmak azlyk edýär. Ol her gün öz goşunbaşylarynyň täze
şäherleri, welaýatlary petih edendikleri baradaky habarlaryny
318
diňlemäge howlugýar. Soltan ähli kişiniň özünden gorkmagyny,
aýagyna ýykylmagyny, tagzym etmegini isleýär. Onuň panydan
alýan ýeke-täk lezzeti – şäherleri, şalyklary, oba-kentleri teshyr
kylmak, seljuk türkmenleri diýen adyň äleme dolmagy, teshyr
eden şäherlerinde öz adamlaryny emir bellemek. Kätip onuň
agzyndan çykan her bir sözi ýazmaly. Ol bolsa kimi haýsy wezi­
pä belleýändigini aýdýar. Hökümdar adamlara näçe hak eçilse,
kätip ony dessine hasaba alar. Onsoň perman kitaba giriziler.
Täze ýerleri akyn kylmak üçin ata atlanmak – iň aňrybaş lez­
zet. Ýoluň alyslygy Hökümdary usurgatmaýar, gaýtam, höküm­
dar ýoluň alyslygyndan lezzet alýar.
Ýolda ýat-ýat obalaryň, şäherleriň deňinden geçerler:
Hökümdar wezirden sorar:
«Bu oba haýsy oba bolar?»
Weziriň jogaby nagtdyr:
«Bu oba pylan obadyr, soltanym! Bu oba Muhammet Tog­
rul beg soltan bin Mykaýyl bin Dukaka, ýagny size tabyndyr,
siziňkidir, hezreti soltanym!»
«Metjitleri barmydyr?»
«Metjitleri bar, hezreti soltanym. Obanyň adamlary her
juma güni üýşüşip, siziň adyňyza hutba1 okaýarlar».
Hökümdar her söweşden soň oljalary görmäge geler. Eger ol­
jalar az bolsa, onda derrew gider, emma kän bolsa, onda hökman
oljalaryň ýanynda oturar. Käbir oljalary elleşdirip görer, synlar.
Dinarlary howlukman sanap çykar, ýöne näçedigini aýtmaz.
«Ähli olja alnan zatlaryň atlaryny hem sanyny şu gün maňa
ýazmaça eltip beriň!» diýip, hökümdar buýruk berer. Soňam
gitmez, öz adamlarynyň oljalary hasaba alşyna syn eder, olara
düzedişler girizer. Her bir olja paýlaşygynda oljanyň soltanyň
paýy – hums hakda ýanyndakylara ýatladar.
Hökümdar – rehimsiz, gazaply, haýbatly, gaharly. Onuň
gazabyndan, gaharyndan Hudaý saklasyn! Gahary gelse, ol seni
kerçem-kerçem eder. Altynjan begiň gazabyny görende käteler
Omar atabegiň ýunanlardaky kentawr hakdaky gürrüňini ýat­
laýar: «Kentawryň ýarpy göwresi – bilinden ýokarysy adamyňky,
galan göwresi, bilinden aşagy atyňky. Kentawr – hökümdar.
Kentawryň ýarpy göwresiniň atyňky, galan ýarpy göwresiniň
319
adamky bolmasynyň hikmeti bar. Ol hikmet şeýle: sap adamkär­
çilik bilen hökümdarlyk edip bolmaýar. Hökümdar käte ýyrtyjy
deýin gazaply bolmaly, käte adam bolmaly. Hökümdaryň
ýyrtyjylygy ýeterlik bolmasa, ony derrew tagtyndan aýyrýarlar».
Altynjan ýunan rowaýatlaryndaky pähimiň dogrudygyna geçen
ýyllaryň içinde telim ýola göz ýetirdi. Hut şonuň üçin hem ol
Hökümdary kentawryň ýyrtyjy bölegi, galan böleginem Adam –
Howandar hasaplaýardy.
Howandar – duýguçyl, arzuwçyl hem rehimgöý. Altynjan
hatynyň ýanyna birinji däl-de, köplenç ikinji Howandar soltan
gel­ýär. Ikinji soltan Altynjany söýýär, oňa ýüregini açýar. Onuň
göwnüni awlamaga çalyşýar, hoşuna geläýjek, göwnüni gö­
teräýjek sözleri aýtmakdan, gaýtalamakdan ýadamaýar. Özem
ol bu sözleri diňe bir Altynjanyň göwnüni götermegiň hatyrasy­
na däl, ýok, gara çyny bilen aýdýar. Ol Altynjan bilen mydama
bile bolmak, onuň bilen gülüşmek, dynç almak, ömür sürmek
isleýär, onuň bilen dünýäni aýlanyp çykmak isleýär. Eger: «Tä­
zeden ömür berjek, nähili ykbal gerek?!» diýseler, Howandar
şonda diýjek sözlerini Altynjanyň ýanynda telim ýola gaýtalady:
«Eý, Allatagala, men bir parahat, bag-bakjaly obada mülkdar
bolup, Altynjan bilen ýaşamak isleýärin. Maňa köp baýlygam,
köp mülkem gerek däl. Altynjanyň jany sag bolsa, men bu ger­
dun pelekde eşret taparyn». Howandaryň şahyr ýüregi bar, ol
bir görseň, sähel zat üçin gözýaş hem döküp oturandyr. Emma
Hökümdary welin, eger-eger agladyp bilmersiň. Hökümdar
Altynjan bilen onçakly ysnyşmak islemeýär. Ol sähel zat üçin
Altynjany düýt-müýt etmekdenem gaýtjak däl. Oňa Altynjan ge­
rek. Sebäbi ol köp zatlary öňünden duýýar, bilýär. Onuň aýdany
dogry çykýar. Soltan, gör, birnäçe gezek Altynjan naýybynyň
garşysyna gitdi. Ýöne hatynynyň garşysyna giden gezekleri
onuňky paşmady. Ähli zat Altynjan naýybynyň aýdyşy ýaly bolup
çykdy. Hökümdar hiç akyl ýetirip bilenok: näme üçin soltanyň,
wezirleriň, emirleriň pikirleri ters, Altynjan naýybyň pikiri
dürs çykýar?! Öňünden görüp gelen bolaýmasyn?! Hatynlar
şeýtandan dörän. Olardan herki zat çykar. Altynjan bir hokga
edýän bolaýmasyn?! Hökümdar öz naýybyna şübheli garaýar.
Oňa o diýen ynanmaýar, has anygy, ynanmak islemeýär. Ýöne
320
ynanmaga mejbur bolýar. Ine, şunuň üçinem Hökümdar ga­
harlanýar. Ýöne, arman, gahar bilen iş bitenok. Ol hakykaty
islese-islemese boýun almaga mejbur bolýar! «Altynjan, sen
bilgiç!» diýip boýun alýar. Mejbur! Hyrçyny dişleýär. Her edip,
hesip edip ondan ökde bolmaga çalyşýar. Ol özüniňkiniň dürs,
Altynjanyňkynyň ters bolmagyny isleýär. Halysalla isleýär. Ar­
man, bolanok.
Altynjan hatyn adamsynda haçan haýsy soltanyň höküm­
darlyk edýändigini gaty aňsat anyklaýardy. Onuň üçin Howan­
dar bilen Hökümdary parhlandyrmak kyn däldi. Sebäbi olar
biri-birinden görnetin parhlanýardylar. Mysal üçin, Hökümdar
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn II - 19
  • Parts
  • Altynjan hatyn II - 01
    Total number of words is 3629
    Total number of unique words is 2034
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 02
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2164
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2031
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 04
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1970
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 05
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 06
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2172
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 07
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2164
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2085
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 09
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2084
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 10
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2064
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 11
    Total number of words is 3507
    Total number of unique words is 2173
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    37.2 of words are in the 5000 most common words
    44.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2151
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2040
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 14
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2044
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 15
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2131
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 16
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2156
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 17
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1976
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 18
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2087
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 19
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2023
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 20
    Total number of words is 3723
    Total number of unique words is 1909
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 21
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1880
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 22
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 1944
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 23
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1971
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 24
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1896
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1941
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 26
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 2028
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 27
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2124
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 28
    Total number of words is 1126
    Total number of unique words is 678
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.