Latin

Altynjan hatyn II - 21

Total number of words is 3732
Total number of unique words is 1880
33.4 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
53.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
– Olar maňa garşy gylyç götererlermi?
– Juda bir çökder etmiş etmeseň, olar saňa garşy çykmasalar
gerek.
– Dogry aýdýarsyňyz, käbäm. Meni Çagry beg biçak gowy
görýär. Meni Gutulmyş beg-de gowy görýär. Alparslan bilen-ä
men edil dogan ýaly.
– Soragyň gutardymy? Sen näme üçin Togrul begi azat et­
mek barada däl-de, başga-başga zatlar barada soraýarsyň?
– Meniň ýene bir sowalym bar.
– Sora.
– Siz maňa çagakam hossar çykdyňyz. Maňa baba ýerinde
baba, ene ýerinde ene bolduňyz. Meni hiç bir zada myzahar
etmediňiz. Gaýtam, meni bolçulygyň, bagtyýarlygyň içinde
uçmahy ýaşatdyňyz. Maňa ömrüňizi bagyş etdiňiz. Meniň her
bir üstünligime ýürekden guwandyňyz. Yhlas edip, maňa üç
dil öwretdiňiz. Yhlas edip, maňa söweş tilsimlerini öwretdiňiz.
Siz üstüme abanan bela-beterlerden, perişde bolup, meni
goradyňyz... Men bu zatlary gaty gowy bilýärin.
Altynjan geňirgenme bilen Anuşirwany boýdan-başa synlady:
– Göwnüme bolmasa, sen soltanyň tagtyna göz gyzdyrýarsyň.
– Tagtda kimdir biri oturmaly bolar ahyryn?!
– O näme üçin: «Kimdir biri» diýýärsiň? Tagt Togrul begiňki.
– Dawam ýok. Dogry aýdýarsyňyz, tagt Togrul begiňki, ýöne,
hernäçe islesegem, hernäçe gynansagam, baky adam, ba­ky patyşa
ýok. Bu pelek – gerdun pelek. Munda durup bolanok. Gelen
gitmeli pelek bu. Men size düşünýärin. Siz Togrul begiň gar­
randygyny, onuň indi bu pelekden gitmelidigini boýun almak
islemeýärsiňiz, ýöne gerdun pelek hiç kimden ýüz görenok.
35 8
– Men seniň matlabyňa düşündim: sen tagt isleýärsiň!
– Hawa, hawa, hawa, men tagt isleýärin. Men patyşa bolmak
isleýärin. Men soltan bolmak isleýärin, çünki tagtdan başga ähli
zat mende bar. Mende diňe tagt ýok. Eýsem meni şu küýsege,
şu derejä ýetiren siziň özüňiz dälmi? Eýsem meniň başarnyk ba­
batda Togrul soltandan ökde bolmagym üçin yhlas eden siziň
özüňiz dälmi? Eýsem meniň Togrul soltandan ähli babatda rüs­
tem bolmagymy islän siziň özüňiz dälmi? Näme, men bu zatlara
düşünen däldir öýtdüňizmi?
– Gepleme!
– Ýok, indi meni saklamaň, käbäm! Rast, başlanyma görä,
ähli zady aýdaýyn. Men özümiň kimdigime gaty gowy düşün­ýärin.
Men – Altynjan hatynyň ruhy. Men – Altynjan hatynyň Togrul sol­
tana göz etmek üçin, gözüne basmak üçin döreden başarnygy.
Men – Altynjan hatynyň içki dünýäsi. Men – men däl, men Altyn­
jan hatynyň erkek kişi bolup, ikinji gaýtalanmasy...
– Buýurýaryn, gepleme! Sen meniň içki dünýäm, ikinji gaý­
talanmam däl. Ýok, sen meniň ruhum däl. Sen meniň ruhum­
dan, içki dünýämden daşda, özem gaty daşda.
– Ýok, men daşda däl. Siz öz içki dünýäňizi, öz gaýtalan­
magyňyzy ykrar etmäge gaýrat tapyp bileňzok. Mert boluň, waly­
dam.
– Sen ýowuz!
– Ýowuzlyk – Altynjan hatyn!
– Anuşirwan, jigerim, beýdip örteme meni.
– Hakykaty boýun almaga sizde häzir gaýrat ýetenok. Meniň
aýdýan sözlerimiň hakykatdygyny ýüregiňiz ykrar edýär, aňyňyz
welin, ykrar ederden ejiz gelýär!..
– Gepleme, «gepleme» diýýärin men saňa!
Altynjanyň sesi uzaklara ýaýrady. Şondan soň Anuşirwan
gürlemedi.
***
Kundurynyň emir Ärdeşir Magmarany bilen nämedir bir
zadyň gürrüňini edip durandygyny gören Altynjan hopukdy,
359
soltany halas etmegiň özüne kyn düşjekdigini aňdy. Ol ikisiniň
näme hakda gürrüň edendigi Altynjana aýandy. Herhal, ol sesi­
ni çykarman geňeşiň başlanjak ýerine – Togrul soltanyň salam­
lygyndaky geňeş geçirilýän otaga – karargähe bardy. Ol ýere ýyg­
nanan wezir-wekiller, serkerdeler irkilişip otyrdylar.Geňeş sust
başlandy.Kundury oturanlara ýüzlendi:
– Ybraýym ynal Togrul soltany, Süleýman mäligi hem
Gutulmyş begi ýesir alypdyr, ýanyndaky esgerlerini, haşarlaryny,
haşymlaryny öldüripdir, goşundan diňe üç kişi – Altynjan
hatynyň dogany Kabyl hem iki sany jandar diri galypdyr. Indi
biz näme etmeli? – Kundury oturanlara nazar aýlady. Oturanlar
üçin bu habar düýpden garaşylmadyk habardy.
– Ybraýym nädip het edip bildikä? Ol soltany toýa çagyrdy
ahyryn?!
– Soltan oňa, gör, näçe ýagşylyklar etdi. Ýagşylyga – ýaman­
lyk! Öň garşysyna baş göterip, goşun sürende Togrul soltan ony
öldürmedi. Gaýtam, özüne wezir belledi. Wizantiýa kaýsary ýe­
sir alanda dünýäniň baýlygyny pidýe töläp, azat eýledi, ýogsam
Wizantiýanyň yzgarly zyndanynda çüýräp galmalydy.
– Soltan ondan Jebel sebitini yzyna gaýdyp aldy welin, şoňa
gahar eden bolýandyr ol.
– Jebel oňa bahana, onuň päli düzüw däl!
– Dogry, onuň yktasy köp-ä! Soltan oňa gaty köp ýerleri ber­
di. Hiç kimde onuňkyça köp mülk ýok.
– Soltana garşy çykmak – Hudaýa garşy çykmak!
– Baýlyk, hedýe-engam, mal-mülk berip adamy razy edip
bolmajak eken. Ýogsam Togrul soltan Ybraýyma eçilmek eçildi.
Kanagatda çäk ýok eken...
– Häzir anyk gürrüň edeliň – diýip, Mübärek han Ärdeşir
Magmaranynyň al-petinden aldy. – Anyk bir netijä geleliň.
– Mübärek hak aýdýar, har-hamyr gürrüňleri häzirlikçe soňa
goýa­lyň, boljak iş bolupdyr. Indi biziň öňümizde durýan wezipe
näme? Hany, aýdyň, biz näme iş edeliň, sahyplar?! – Kundury
gygyrybrak gürledi. – Ýagdaýa dogry baha bermegimiz gerek.
Soňky bir-iki ýyl bäri Ybraýymyň hamdy hem sahawaty artyk.
– Ybraýymda elli müň atly goşun bar bolsa, biz ýüz elli müň
atly goşunam ýygnap bileris – diýip, Altynjan janykdy.
36 0
– Jemlänimizde näme?! Biz Ybraýymyň üstüne goşun çekip
baryp bilmeris.
– Näme üçin?
– Altynjan hatyn, Ybraýym beg bilen Togrul soltan ikisi do­
gan. Biz olaryň dawalaryna goşulsak, yzy erbet bolar. Biz bärden
goşun sürüp barsak, gahar edip, Ybraýymyň Togrul soltany öl­
dürmegi mümkin. Netijede, soltanyň öldürilmeginiň sebäpkär­
leri biz bolarys. Onsoň bu etmişiň aşagyndan ömürboýy çykyp
bilmeris. Men-ä bu jogapkärçiligi üstüme alyp biljek däl.
Anuşirwan Kundurynyň pikiriniň üstüni ýetirdi:
– Onsoňam bize soltanymyzdan hiç hili görkezme ýok. Gör­
kezme bolmasa, biz Hemedana baryp bilmeris. Sebäbi bu ba­
rada soltan baş wezire açyk aýtdy. Onuň aýdan sözlerini ähliňiz
eşitdiňiz.
– Soltanyň görkezme bermäge ýagdaýy ýok, sebäbi ol tus­
sagda. «Soltandan görkezme ýok» diýmek – soltany halas etmez­
lige, hawa, soltany halas etmezlige bahana. Soltanyň düşen güni
bizi haýdan-haý Hemedana ugramaga borçly edýär. Bahana
agtarmalyň, adamlar! Kabylyň habary bize ýeterlik.
– Kabylyň gepine ynanyp, goşun sürüp barsak, soltanyň ga­
hary geler, ählimiziň kellämizi ýatagandan geçirer! – Anuşirwan
sesine bat berdi.
– Onda näme etmeli? – diýip, emir Ýagysyýan töweregine
garanjaklady.
– Ybraýym bilen darkaş gurjak bolmalyň. Ol juda rehimsiz
adam. Onuň biziň ählimizi öldürmegem mümkin. Gerek bol­
sa, Ybraýym ynalyň hormatyna metjitlerimizde hutba okadalyň
– diýip, Kundury geňeşi jemlemäge çalyşdy.
– Merwden Çagry begi, Sistandan Togrul soltanyň ogullygy
– Alparslany, Kermandan Gurdy, Anadoly serhedinden Ýakudy
geňeşe çagyralyň, Çagry begiň uly ogly Gurdy özümize soltan
saýlalyň. Sebäbi Gurt Çagry begiň uly ogly. Ata-baba resimi
boýunça miras uly ogla düşýär.
– Onyň dogry, ýöne Gurdy tagta geçirmek gowy çykalga däl
– diýip, Kundury Erdeme garşy çykdy.
– Näme üçin gowy çykalga däl?
– Gysgançdan ýabgu bolmaýar. Ol saçagyna hiç haçan guzy
ýa çebiş getirilmegine rugsat bermeýär. «Guzy we çebiş bir
361
adamyň nahary, haçan-da bir ýaşasa, ondan ýigrimi adamyň
nahary bolar, ony bakyp ulaltmak üçin artykmaç zähmet gerek
däl, sebäp ol oty düzden iýip ulalýar»4 diýýär. Şonuň üçin gas­
saplary naharen we jeharen (açyk we gizlin) gassaphana baryp
bilmeýär. Allatagala gysganja rysk bermeýär. Patyşa welin, rysk­
ly adam bolmaly. Gurt patyşa bolsa ýurduň berekedi gaçar.
Çünki Allatagala ýurduň ryskyny patyşa görä berýär.
– Näme üçin Gurdy soltan saýlamaly? Soltanymyz Çagry
begiň ogly Süleýmany mirasdüşer şazada belledi, muny hem­
mämiz bilýäris. Togrul soltan Süleýman bege mydama uly
umyt baglaýardy. Häzir Süleýman begi soltan diýip yglan et­
sek, Ybraýym pälinden gaýdar. Sebäp ol Çagry begiň garşysyna
çykyp bilmez, onuň bilen döwi deň gelmez onuň – diýip, emir
Ýagysyýan ýumrugyny galgatdy.
– Soltan Togrulyň başyna düşen kysmat şazada Süleýmanyň
başyna-da düşdi. Ol hem häzir Hemedanda, Togrul beg bilen
bilelikde Ybraýym begiň tussagy. Onuň ýagdaýynyň häzir nähili­
digini biz takyk bilmeýäris. Şonuň üçin häzir şazada Süleýmanyň
gürrüňini etmäliň. Rast Togrul soltanyň iň gowy gören adamyny
soltan göterjek bolsak, onda Kunduryny ýa Anuşirwan ibn Tü­
meni soltan götermeli – diýip, emir Ärdeţir Magmarany Altyn­
jan hatynyň ýüzüne bakdy.
– Men bolmaýyn, goý, Anuşirwan bolsun! Anuşirwana Alp­
arslanam, Çagry begem uly hormat goýýar. Gutulmyş beg hem
Anuşirwany hormatlaýar – diýip, Kundury howlukmaç gürledi.
– Kundury örän dogry aýtdy: Anuşirwan beýik wezir. Ol
diýseň başarjaň! Biziň aman galmagymyz, ilkinji nobatda,
Ybraýym bilen ylalaşygymyza bagly. Bizi aman alyp galyp bil­
jek – Ybraýym bilen düşünişip, onuň dilini tapyp biljek ýeketäk adam bar. Ol adam – Anuşirwan ibn Tümen. Anuşirwan
Ybraýym bilenem ylalaşyk gazanar. Ybraýym Anuşirwana myda­
ma uly hormat goýýardy. Kundury bilen oňuşmadyk gezekleri
bolýardy. Her gezek Ybraýymyň gahary gelende ony Anuşirwan
köşeşdirýärdi. Şonuň üçin häzir wagtlaýynça Anuşirwany özü­
mize soltan saýlalyň. Anuşirwan Ybraýym ynalyň ýanyna gitsin.
Onuň bilen düşünişsin. Ybraýym bilen ylalaşanymyzdan soň bu
meselä gaýdyp geleris – diýip, Ärdeşir Magmarany peträp duran
gözlerini oturanlara aýlap çykdy.
362
Geňeşiň agzalary üç topara bölündi. Birinji topar täzelik
isleýärdi. Bu topar Togrul soltandan başga bir kişiniň tagtda
oturmagyny isleýärdi. Sebäbi bu topara girýänleriň Togrul sol­
tandan göwünleriniň galan ýerleri bardy.
Ikinji topar ikirjiňlenýän topardy. Bu topara girýänler ýal­
ňyş­mazlyga çalyşýardylar, şonuň üçinem seslerini çykarman
otyrdylar.
Üçünji topar Dogurga Merweziniň, Mübärek hanyň,
Altynjanyň toparydy. Bu toparyň adamlary tagtda ýene Togrul
begiň oturmagyny isleýärdiler.
Harby geňeş agzalarynyň aglabasy – birinji hemem ikinji to­
par birleşdi, olar sähel salymda: «Wezir Anuşirwany wagtlaýynça
soltan götermeli» diýen pikiri oňlady:
– Anuşirwan wezir soltan bolsun – diýip, Hapban Endikäni
gygyrdy. Beýlekiler hem onuň sözüni gaýtaladylar:
– Anuşirwan wezir soltan bolsun!
– Anuşirwan wezir soltan bolsun!
– Anuşirwan wezir soltan bolsun!
Altynjan gazap bilen ýerinden turdy:
– Kimiň-kimdigi başa iş düşende belli bolýar eken. Siziň ähliňiz
Muhammet Togrul soltanyň ýanynda özüňiziň wepadardygyňyz,
oňa şirin janyňyzy rowa görmäge taýýardygyňyz barada ant içdiňiz,
şeýdibem soltanyň ynamyny awladyňyz. Niçik soltan apata uçrady
welin, siz ony halas etmek barada hiç hili pikir etmezden öz
janyňyzy Ybraýymdan aman alyp galmagyň kül-külüne düşdüňiz.
Men siziň ähliňiziň sözüňizi mukyt diňledim. Siz soltany azat
etmegiň ýoluny gözlejek bolmadyňyz! Haýp! Size soltanyň ynamy
haýp! Size soltanyň beren duzy haýp! Size soltanyň beren baýlygy
haýp! Size soltanyň ynanan beýik-beýik derejeleri haýp!
Dogurda Merwezi ýerinden turdy, oturanlara nazar aýlady:
– Men Anuşirwanyň gaýynatasy. Men onuň başarjaňlygyny,
ökdedigini bilýärin. Onuň patyşa bolmagyny-da isleýärin. Ýöne
Togrul soltanyň öňündäki borjum, ähtim meniň bu islegime
garşy çykýar. Şonuň üçin hem men Anuşirwanyň tagta geçmegi­
ni goldap biljek däl. Biz howlukmalyň. Togrul begi halas etjek
bolalyň! Altynjan naýybyň janykmasy örän dogry…
Dogurga Merwezini hormatlaýardylar, ýöne bu mahal onuň
sözüne köpler pisint etmedi.
363
Hapban Endikäni, Ärdeşir Magmaryny Anuşirwanyň tagta
geçmegini isleýärdi.
Bu islege Kundury garşy däldi.
Kundurynyň pikiri – esasy pikirdi.
Çünki ol baş wezirdi.
Hapban Endikäni:
– Anuşirwan — biziň patyşamyz! – diýdi.
Ärdeşir Magmarany:
– Anuşirwan, tagta geç! – diýdi.
Kundury:
– Men garşy däl! – diýdi.
– Düşümli bolsun!
– Anuşirwan, öz ýeriňe – patyşalyk tagtyňa geç!
– Anuşirwan, öz mynasyp ýeriňde otur.
Patyşa bolmak hiç wagtam aňsat bolan däldir. Mundan
beýlägem aňsat bolmasyn gerek, ýöne häzirki pursatda welin,
Anuşirwan hiç bir päsgelçiliksiz, hiç bir kynçylyksyz, aňsatlyk bi­
len, öz-özünden patyşa göterildi oturyberdi. Boljak bolsa, şeýle
aňsatlyk bilenem patyşa göterilip bolýan eken!
Eger Altynjan garşy çykmasa, onda Anuşirwan ibn Tümen
ýedi yklymyň soltany bolmaly!
Geňeşdäki wezir-wekiller, serkerdeler Anuşirwany patyşa
saýlanmagy bilen mübärekleýär.
Onuň patyşalyk tagta geçmegini isleýärler!
Onuň başyna soltanlyk täjini geýdirmek isleýärler!
Anuşirwan eda bilen ýerinden turup, keremara ýöräp
ugrady. Onuň tagta tarap gönügendigini gören Altynjan gazap
bilen ýerinden turdy:
– Saklan! Otur ýeriňde!
Lalasynyň gazaply nazaryna nazary düşen Anuşirwan sak­
landy, öňe ýöremäge aýgyt edip bilmedi: yzyna öwrüldi-de, ýeri­
ne geçip oturdy.
Kundury Altynjana ýüzlendi:
– Merhemetli Altynjan hatyn, siz näme üçin öz ogluňyza
garşy çykýarsyňyz? Kyblaýy älemimiz bolan Togrul soltanyň
gaýdyp gelmejekdigi, tagtynda oturmajakdygy ähli kişä aýan
hakykat ahyryn!
36 4
– Muhammet Togrul soltan geler, hökman geler, tagtynda-da
oturar.
– Togrul soltandan döwran geçdi. Biz oňa erbet soltandy
diýmeýäris, ýöne hakykata ajy bolsa-da, göz ýetirip bilýän adam­
lar biz. Togrul soltan gowy soltandy, özem beýik soltandy.
Oturanlar emir Kundurynyň sözüni unadylar:
– Togrul soltan beýik soltandy.
Kundury oturanlara ýüzlendi:
– Merhemetli wezirler diwanynyň mertebeli agzalary, geliň,
ýeke-ýekeden her kim öz pikirini aýtsyn, pikiri diňlenilmedik
adam galmasyn. Aýdyň, haýsyňyz haýsy pikirde? Emir Magma­
rany, ilkinji söz seniňki.
Ärdeşir Magmarany töweregindäkilere birlaý nazar aýlady:
– Belent mertebeli başlyklarbaşy Amydylmülk! Men seljuk
soltanatynyň, has anygy, Togrul soltanyň sadyk guly. Soltan näme
emir etse, men öz şahsy pikirime seretmesizden, tabşyrygy gepsizgürrüňsiz ýerine ýetirerin. Togrul soltan Hemedana ugramakçy
bolanda biziň ygtyýarymyzy baş wezir, başlyklarbaşy Kundura –
size ynanyp gitdi. Şeýle bolansoň, Kundury maňa näme buýursa,
men onuň buýrugyny gepsiz-gürrüňsiz ýerine ýetirerin.
– Adamlar, Altynjan hanyň aýdyşy ýaly, biz näme üçin Tog­
rul soltany azat etmek barada pikir etmeýäris? – diýip, Mübärek
han oturanlara nägilelik bildirdi. – Biz Togrul soltany azat et­
mek barada oýlanalyň. Çykalga gözläliň. Dürnazar, sen näme
üçin dymýarsyň?
Emir Dodurga, siz aýdyň?
– Men pikirimi aýtdym, pikirimi hiç wagt üýtgetmerin.
– Uhjury han, siz aýdyň!
– Men Altynjan naýybyň pikirinde.
– Ysmaýyl han, siz aýdyň.
– Baş wezir näme buýursa, men onuň buýrugyny ýerine ýe­
tirerin.
– Emir Bu-l Kasym! Siz hem aýdyň!
– Köplük näme diýse, men şol tarapda.
Dürnazar göwünli-göwünsiz ýerinden turdy:
– Byradarlar, men ýaşan ýaşymy halal ýaşadym. Nesip bol­
sa, Hudaýyň mundan buýanky berjek ömrüni-de halal ýaşaryn.
Men Anuşirwany hatyralaýaryn, ýöne onuň olaryň tagt hakdaky
365
howlukmaçlygyny oňlamaýaryn. Men Togrul soltany doganym­
dan hem ýeg hasaplaýaryn. Altynjan, sen Togrul soltany azat et­
mek barada aýtdyň. Şu maksadyň amaly üçin men näme iş etme­
li bolsa, şirin janymy bermeli-de bolsa taýýardyryn.
– Emir Ýagysyýan, sen nähili pikirde?
– Merhemetli başlyklarbaşy, siz näme diýseňiz, men şony
ýerine ýetirerin.
– Erdem han, sen aýt!
– Ýagysyýan hanyň aýdyşy ýaly, siz näme diýseňiz, men şonyda ederin. Meniň on müň ylgary esgerlerim söweşe taýýar.
Altynjan wezirleriň, sahyplaryň özüne duşmançylyklarynyň
ýokdugyny, ýöne olaryň çykalga tapmaýandyklaryny – ýalňyş­
majak bolup ýalňyşýandyklaryny aňdy. Olar soltanyň doganynyň
üstüne çozuş etmekden hemem öz üstüne köp mukdardaky atly
goşunyň gel­ýändigini görüp, gorkusyna soltany öldürmeginden
galawut edýärdiler, doganlaryň dawalarynyň arasyna goşulman,
biraz garaşmak isleýärdiler. Muhammet Tog­rul soltan: «Siz
näme üçin meniň permanym ýokka Hemedana çozuş etdiňiz?»
diýse, oňa wezirler näme jogap bersin? Soltanyň gaharyny ge­
tirmekden Hudaý saklasyn. Soltanyň gahary gelende onuň nä­
meleri edýändigini kim bilmese-de, wezirler hem hanlar bilýär.
Togrul soltan dogany Ybraýymyň ýanyna gidende wezir­
leriniň, serkerdeleriniň köpüsini goýup gitdi ahyryn. Ýogsam
onuň bilen Anuşirwanam, Erdemem, Ýagysyýan hem, Kundury
hem gitjekdi. Ol Dürnazary-da goýup gitdi. «Men gelýänçäm siz
köşkde boluň!» diýip, ýörite tabşyryp gitdi. Ol köplenç emirle­
rini ýany bilen äkidýärdi. Ýöne bu sapar äkitmedi. Onsoň onuň
izini ýokka Hemedana gidip bolmaz. Kabyly ugradan Togrul sol­
tan däl. Soltan islese kömek sorap, nyşanyny – gyzyl peýkamyny
bir adamdan Bagdada göndererdi. Ýeke adam hem Tog­rul
soltanyň habaryny – nyşanyny Bagdada getirmedi. Diýmek, kö­
mek gerek däldir. Doganlar öz aralarynda ylalaşjakdyrlar.
Altynjan ähli jogapkärçiligi öz boýnuna alsa, Kundury ähli
zada razydy. Ýöne Altynjan hem ähli jogapkärçiligi boýun al­
maýardy. Ol ähli işi Kundurynyň üsti bilen etmek isleýärdi.
– Biz Togrul soltandan degişli perman gelýänçä garaşmakçy.
Ine, biziň gelen netijämiz — diýip, Kundury geňeşi jemledi:
36 6
– Mertebeli geňeş agzalary, şu ýerde men size özümiň bir
syrymy açmaga mejbur boldum – diýip, Anuşirwan sözüne dyngy
berdi. – Men soltan ýörişe ugramazyndan burun Dürnazaryň
istihbarat umurysynda hasapda durýan jandary – aýyplaşmaň,
olaryň sanyny men size aýtjak däl, onuň size zerurlygy-da ýok –
diwanyma çagyryp açyk gürrüň etdim. Dürnazaryň ýanynda men
olara şeýle tabşyryk berdim: «Eger bir erbetlik ýüze çyksa, göni
Bagdada gaýdyň. «Gullukdan gaçyp gitdi» diýip size azar beril­
mez, sizi özüm goraryn» diýip, men olaryň ählisine soltanatyň
ygtyýarnama tagmasyny berdim. Şol ygtyýarnama tagmasyny
görkezseler, olary ýoldaky sakçy toparlary saklamaz. Meniň
tabşyrygym boýunça ystyhbarat umurysynyň jandarlarynyň ikisi
ertir daňdan gelmeli. «Agşamyň haýryndan, ertiriň şeri» diýip,
oguz pähimi bar. Şu pähime eýerip, geliň, ertire çenli garaşalyň.
Ertir jandarlaryň habaryny diňläris. Ana, şondan soň, biz gelen
habara görä-de bolalyň. Şu pikiri niçik görýärsiňiz?
Bu pikiri geňeşiň agzalarynyň galabasy oňlady…
On ýedinji hekaýat
NAMYS GABYRDAN GALDYRAR
M
üň dostdan bir duşman köp, ylaýta-da ol duşman
güýçli, täsirli bolsa! Onuň güýjünden eýmenýän,
onuň täsirinden çykyp bilmeýän dost-u-dost däl adamlaryň ga­
labasy seniň garşyňa geçip, duşmanyňa öwrülýärler. Şeýle pur­
satlarda seni ýekeje wepadaryň halas edip bilýär, eger ony saňa
Allatagala beren bolsa!
Adatça-ha adamda, hatda ol beýik Hökümdar bolsa-da, dost
hem, duşman hem az, haýran galmaly möçberde az, çakyňdan az
bolýar. Köplenç hem duşman az bolýar. Mähelläniň galaba köp­
lügi bolsa ne gaýkylyk, ne-de küýkülik – aralyk toplum. Bu top­
lum sen ejiz gelseň, duşmanyňa, güýçli çyksaň, dostuňa öwrül­
ýär. Kyn günüňde adama dost kömege ýetişýär. Hökümdaryň
hakyky dosty onuň iň esasy artykmaçlygyna – häkimligine göz
gyzdyrmaýan adam bolmaly! Bu bolsa durmuşda juda seýrek
zat. Häkimlik etmek islegi adamyň iň güýçli küýsegi, yşgy. Ol
söýgi yşgyndanam, baýlygyň, malyň yşgyndanam, şöhratyň-adyň
yşgyndanam güýçli. Sebäbi onda bularyň üçüsi-de bar, birine
ýetibilseň, galan üçüsi-de öz-özünden eliňe gelýär.
36 8
Emma häkimlik yşgynyň arzylylygy hem güýji ol üçüsiniň
hatyrasyna-da däl. Ýok, onuň jadysy öz-özlüginde. Özüni bileli
bäri adamzadyň baş matlaby Biribaryň sypatlaryna ýakynlaşmak.
Allatagalanyň häkimlik sypaty adamzadyň telwasynda esasy orny
eýeleýär. Diňe bir ýaşaýyş ugrundaky göreş – diri galmak, özözüňi goramak islegi däl, eýse häkimlik etmek islegi hem adamyň
aňynda ýaşaýar, diňe adamda däl, barça janly-jandarda hem hä­
kimlik etmek islegi bar.
Häkimlik etmek mümkinçiligi adamda aýratyn üýtgeşik
duýgyny – onuň ähli kişiden artykmaçdygy duýgusyny döred­
ýär. Özgeleriň erkiniň seniň erkiňe baglydygyny, özgeleriň
ýaşaýşynyň seniň ýaşaýşyňa baglydygyny aňlamak yşgyň üýtgeşik
bir görnüşi. Adam bu gerdun pelekde hem çarkandakly
durmuşda ähli zatlary edinenden soň, häkim bolmak islegi
örboýuna galýar. Bu islegiň amala aşmagy üçin ol elde baryny
edýär. Bu isleginiň amaly üçin köp-köp kötel töwekgelliklere
ýüz urýar, köp-köp şatylara, pidalara döz gel­ýär. Häkim bolmak
islegi, megerem, adamyň gorky duýgusy bilen baglanyşykly bo­
larly. Ynsan şol bir wagtda hem özgelerden gorkýar, hem özge­
ler üçin, özgeleriň aladasyny edip gorkýar. Şu gorkynyň ikisinide aradan aýyrmagyň alajy hökmünde ol häkimlige dalaş edýär,
häkimligi gorkulary ýok etmegiň ýoly hökmünde duýýar. Ar­
man, bu juda seýrek adamlara başardýar.
Anuşirwana welin başartmady. Hökümdar bolmak küýse­
giniň amaly üçin mähriban walydasynyň garşysyna durdy.
Daňdan Anuşirwanyň ýanyna ýörite çapar gelenmiş. Onuň ha­
baryna görä, Ybraýym Seljukly Togrul begi öldürenmiş, onuň ýerine
soltanyň weziri, ogullygy Anuşirwan ibn Tümen patyşa göteriljekmiş.
Bu Togrul soltanyň iň soňky wesýetimiş. Şu mynasybetli şu gün da­
bara boljakdygy hakdaky myş-myş Bagdada doldy.
Şäheriň ilaty köçelere çykdy.
Myş-myşlar çyn bolup çykdy.
Köçeleriň gyralarynda haşamlar hatar bolup durdylar.
Ýörite gullukçylar köçeleriň gyralarynyň owadan görünmegi
üçin gyzyl-ýaşyl atlaz matalary bilen bezediler.
Köşgüň öňünde adam juda kändi.
Gün guşluk boluberende patyşanyň tagta geçiş dabarasy
başlandy.
24*
369
Iki ýüz sazanda saz çalýardy.
Gün hanyň neberesiniň reňkindäki – gara reňkli bedew at­
lary lagly-jowahyrlar bilen bezäp köşgüň öňüne getirdiler.
Bu ata täze patyşa – Anuşirwan ibn Tümen münmeli.
Ol eýýäm patyşa eşigini geýipdir. Eline üç altyn peýkam bi­
len ýaýy, başy bürgüt şekilli hasasyny alypdyr.
Ol ýuwaşja ýöräp salamlykdan çykdy.
Bagdatlylar ony şatlykly garşyladylar.
Anuşirwan ibn Tümeni – täze patyşany Kundurynyň başda
durmagynda bedew ata mündürdiler. Ol Togrul soltanyň
oturyşy deýin bir elinde hasasyny, bir elinde üç okuny hem
ýaýyny saklap otyrdy.
Adamlara minnetdarlyk bilen baş atdy.
Patyşa tagtyna geçiş dabarasy başlandy.
Wezir-wekiller öňden ýöredi.
Täze patyşa olaryň yzyndan atly ýöredi.
Patyşanyň iki gapdalyndan, yzyndan gelýän adamlaryň-da
yzy üzülenokdy.
Bagdadyň esasy üç köçesinden dabaraly ýöriş bilen geçdi­
ler. Bu ýöriş uzaga çekdi. Herhal, ýöriş resimi hiç hili hadysasyz
tamamlandy1.
Köşge dolanyp gelen mähelle täze patyşany atdan dabara
bilen düşürdi.
***
Altynjan Anuşirwanyň bu aýgydyny akylyna sygdyryp bil­
medi, şeýlebir gaharlandy, şeýlebir gaharlandy, çiltenlerinden
galan dokuz janpenasynyň maslahatyna eýerip gazabyny içine
saldy, dymdy.
Ol nädip öz haremine gelendigini bilenokdy. Akylyna,
huşuna gelende düşegiň üstünde ýatyrdy.
Hatyn öz naçarlygyny aglap ýeňýär. Altynjan aglap-da bilme­
di. Asyl agysy tutanok. Ähli damarlary, megerem, daşa-demire
dönen bolarly.
Ol petige seredip esli salym ýatdy. Hiç zat barada oýlanyp
bilmedi, durmuşda nämä garaşsa-da, Anuşirwanyň öz garşysyna
gitmegine garaşmandy.
370
Onuň göwnüne bolmasa, Anuşirwan nähilidir bir gizlin
syry bilýän, şol syra hem arkaýynlanýan ýalydy.
Ýöne Altynjanyň berk ynanjy bardy: goý, nähili syr bolsa
bolsun, Togrul soltan dirikä hiç kim onuň tagtyna geçjek bol­
maly däl. Eger geçse, Altynjan onuň temmisini berer. Kim bol­
sa-da temmisini berer. Goý, ol öz mähriban Anuşirwany bolsun.
Barybir, temmisini berer!
Ol birden ýerinden turdy: «Şeýle galagoply pursat ejizlik
etmek, takdyra ten berip ýatmak saňa gelişmeýär, Altynjan!
Eger öldüriljegiňi bilip-görüp duran-da bolsaň, maksadyňa ýet­
mek üçin göreş! Ýogsam seniň bahaň bir hepbedir! Sen Altyn­
jan! Sen hakyky Altynjan bol! Sen soltan Mahmyt Gaznalydan
patalysyň! Sen Togrul bege mynasyp hatyn bol!»
Altynjan gaýrata galdy: Ol göni diwany beride bardy. Çaparlar
Altynjanyň içeri girenini görüp, güsürdeşip ýerlerinden turdular.
Otagyň ortarasynda Haldanyň kellesi asylgy durdy.
– Sahyp ýanyma gelsin!
– Hatyn, buýruň! – Şilliň uzyn, gawunkelle Şadyky Al­tyn­
janyň huzuryna geldi.
– Sistana – Alparslanyň ýanyna çapar göndermeli.
– Hatyn, näçe askudar göndereýin?
– Iki atly gitse bolar, ýöne çaparlar ýola – çöle belet çaparlar
bolmaly.
Sahyp sähel salymda goňşy otagdan iki sany hortap kişini
yzyna düşürip geldi. Altynjan ol iki çapara Alparslanyň ýanyna
baryp aýtmaly sözlerini birin-birin düşündirdi. Soň aýdan söz­
lerini olara gaýtalatdyrdy. Olaryň habary ýatlaryndan çykarma­
jakdyklaryna göz ýetirensoň, Altynjan: «Ugradyber» diýen terz­
de diwany beridiň sahybyna baş atdy.
Sahyp olara şalygyň resmilik nyşanyny – çakylyk ýüzügini
gowşuryp, ýola saldy.
– Sistana gatnaýan kepderiň barmy?
– Merhemetli naýyp, özüňiz gowy bilýärsiňiz. Bagdatda
welaýat merkezleri bilen aragatnaşygy ýaňy ýola goýup ugradyk.
Uzak aralyga kepderi uçurmak isleýän netijämizi berenok. Kep­
deri diňe ýakyn aralyklar üçin amatly.
– Şazadalar Gurda, Ýakuda habar ugratmaly.
371
– Hatyn, depelerde ot ýakyp Merwe habar ýetirmek müm­
kinçiligimizem bar.
– Oňa näçe wagt gerek bolar?
– Dört günde habar Merwe barar.
– Onuň ýaly bolsa, Merw tarapa gidýän depelerde ot ýakyň.
Gurda, Ýakuda çapar ýollaň.
– Buýrugyňyzy häzir ýerine ýetirerin, hatyn.
Altynjan lapykeç halda haremhanasyna bardy. Ol ýerde
oňa Uhjury han, Mübärek han, şeýle hem Kabyl bilen Ysmaýyl
müňbaşy garaşyp durdy.
Olary gören Altynjanyň ýüzi ýagtylyp gitdi:
– Kabyl, sen maňa çynyňy aýt! Soltan dirimi?
– Diri, Altynjan, soltan diri. Eger Ybraýymyň maksady sol­
tany öldürmek bolan bolsa, onda ol dessine maksadyna ýeterdi.
Ol beýtmedi. Soltana hiç kim el degrip bilmedi. Soltan aýratyn
bir otagda göztussagy edilip saklanýar. Gözüm bilen gördüm.
Soňundan näme bolandygyny welin bilemok.
– Dawalaşdylarmy?
– Dawalaşdylar. Ybraýym soltanyň ýanyndakylary – şazada
Süleýmandan, Gutulmyşdan özgesini dessine öldürdi. Alty sany
jandar soltana ýarag gezäp durdy.
– Merhemetli Altynjan hatyn! Biz siziň ýanyňyza ýörite gel­
dik: näme buýursaňyz, hyzmatyňyza taýýardygymyzy, sadykatlyk
bilen boýun sunjakdygymyzy aýtmaga geldik – diýip, Mübärek
han sözüne nazym berip gürledi.
– Biz siziň hyzmatyňyzda, Altynjan hatyn. Näme etmeli? –
diýip, Ysmaýyl müňbaşy Altynjana ýüzlendi:
– Etmeli zat belli: soltany halas etmeli.
– Soltany nädip halas edip bolar?
– Wa-weýla, nädipdigini anyk bilemok. Byradarlar, akyly ýa­
tagandyr gürzi tapar, goşun jemläliň.
– «Elbetde, Taňry ýagşy amal edijileriň azabyny zaýa et­
meýär»2. Taňry soltanymyzy musulman ymmatyna eden ýagşy
amallary, ýagşy sogaplary üçin goldar. Bizi-de goldar. Men
soltanymyzyň ýalkanjakdygyna, oňa, bize Allatagalanyň ýardam
berjekdigine berk ynanýaryn. Ýöne häzir aljyraňňylyga gözümi­
zi gapdyryp, Allatagalanyň azat etmek üçin salgy berýän ýoluny
372
görüp bilemzok. – Altynjan emir Uhjury hana ýüzlendi. – Nädip
halas edip bileris?
– Goşun gerek. Ol hem bizde bar, ýöne Kundurynyň
garşysyna gitmek gowy däl.
– Kundurynyň gorkusyny nädip aýryp bolar?
– Düşündirjek bolmak – «Men güýçsüz» diýmek. Berer ýaly
etmeli.
– Nädip?
– Nädibem bolsa, berer ýaly etmeli! – Perwerdigär üýtgeşik
bir çykalga görkezäýjek ýaly, emir Uhjury zol-zol Asmana seret­
di. – Gorkudaky adamy mugyra getirmek aňsat.
Altynjan birden ähli mesele çözülen, emir Uhjurynyň As­
mandan gözlän çykalgasyny ähli kişiden owalan özi tapan, sol­
tan halas edilen ýaly ýeňil dem aldy, ýylgyrjaklady:
– Dogry aýdýarsyň. Kunduryny nädibem bolsa, biz bilen
ylalaşar ýaly etmeli. Çykalgany men tapdym. Siz meniň buýru­
gymy ýerine ýetiriň, şonda soltany azat ederis. Maňa Dürnazary
tapyp beriň. Goý, ol derrew meniň ýanyma gelsin! – Altynjan
soň Syddyhy ýanyna çagyrdy. – Eý, hansalar, derrew Kabyly
naharla. Biz ugraýançak, goý, ol hem naharlansyn, hem biraz
dynjyny alsyn. Kabylyň hatynyny-da çagyr, goý, ol ärine hyzmat
etsin, näme islese, hyzmatynda bolsun.
– Altynjan, ugraýarysmy? – diýip, Kabyl ýylgyrjaklady.
– Eýsem näme! Ugrarys! Hökman ugrarys. Soltany hökman
halas ederis.
– Hany, ýaňyja-da: «Çykalga tapamok» diýip durduň-a? –
diýip, emir Uhjury geňirgendi.
– Çykalgany özüň salgy berdiň-ä: «Kunduryny nädibem bol­
sa razy etmeli» diýip. Häzir ony razy ederis.
– Onyňdan-a çykalga bolmaz. Ol: «Iki doganyň dawasyna
goşulyp bilmerin» diýip, ýer depip dur, özüň gördüň-ä!
Altynjan ynamly jogap berdi:
– Indi ýer depmez.
Dürnazar gelip, Altynjan hatynyň öňünde tagzym etdi:
– Men hyzmatyňyza taýýar, Altynjan hatyn!
– Meni Dürnazar bilen ikiçäk goýuň! – diýip, Altynjan hatyn
ýanyndakylara ýüzlendi. Soňam Dürnazaryň ýüzünden many
373
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn II - 22
  • Parts
  • Altynjan hatyn II - 01
    Total number of words is 3629
    Total number of unique words is 2034
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 02
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2164
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2031
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 04
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1970
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 05
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 06
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2172
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 07
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2164
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2085
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 09
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2084
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 10
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2064
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 11
    Total number of words is 3507
    Total number of unique words is 2173
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    37.2 of words are in the 5000 most common words
    44.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2151
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2040
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 14
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2044
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 15
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2131
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 16
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2156
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 17
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1976
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 18
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2087
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 19
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2023
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 20
    Total number of words is 3723
    Total number of unique words is 1909
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 21
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1880
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 22
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 1944
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 23
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1971
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 24
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1896
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1941
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 26
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 2028
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 27
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2124
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 28
    Total number of words is 1126
    Total number of unique words is 678
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.