Latin

Altynjan hatyn II - 06

Total number of words is 3659
Total number of unique words is 2172
26.7 of words are in the 2000 most common words
39.6 of words are in the 5000 most common words
46.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
onuň ýazgylaryny ele salmagyň ugruna çykdy.
Togrul beg Söbüktegin nesilşalygyndan Mahmyt soltandan
özge hiç kimi görmese-de, ol ähli neberäni bäş barmagy ýaly,
örän takyk bilýärdi. Aňynda olar bilen ýaşaýardy.
Megerem, Söbüktegin nesilşalygyny Togrul begden başga
şeýle bir takyk bilýän, olar hakda şeýle içgin gyzyklanýan ikinji bir
adam ýokdur?
Soltan Mahmyt özünden soň ogly Muhammediň soltan
bolmagyny wesýet edipdi. Şeýle hem edildi: Muhammet Jüzjan­
dan5 Gazna geldi. «Susak sapy» eline ýeten Muhammet soltan­
lyk möhletiniň bary-ýogy ýigrimi bäş gün boljagyny öňünden
aňan ýaly, haýdan-haý tagtyň eşretini görmäge – aýşy-eşretde,
şöwhetde bolmaga girişdi, ýöne köşkdäki wezir-wekiller oňa
bahyllyk etdiler: soltanyň dogany Masuda nama gönderdiler.
Özleriniň soltan tagtynda Masudy görmek isleýändiklerini
nygtadylar. Masut il-günüň bähbidiniň hatyrasyna agyr hem
asylly wezipäni öz gerdenine almak baradaky pikiri unady.
Onuň emri bilen Muhammet tussag edildi. Görgülini Guruň
Mendiş galasyna ugratdylar. Birden özüne garşy çykma­
gyndan heder eden Masut Muhammediň gözüne nil çekdi­
rip, görejini mynjyradyp, kör etdi6.
90
Bagdat halyfy soltan Mahmyt Gaznaly bilen dil tapyp bil­
mänden soň onuň ogly Masuda umyt baglady: ony Merkezi
Aziýanyň patyşasy diýip ykrar etdi, oňa «El Muntakym agda Alla­
ha»7 diýen unwan bilen ýüzlendi, ony karamyta8 atlandyrdy.
Masut edil Muhammet ýaly köşk – atabeg terbiýesini alan
sowatly-düşünjeli kişidi, türkmen dilinden başga dari, arap,
pars dil­lerini suwara bilýärdi. Edebiýaty gowy görýärdi. Ula­
malar, şahyrlar bilen dürli mowzuklarda jedele girmekden
lezzet alýardy.
Soltan Masut daýaw göwreli, dolmuş kişidi. Ýaşlygynda
pälwanlar bilen göreş tutardy, daş götermek bäsleşiklerine
gatnaşmagy gowy görerdi.
Ol rehimsizdi, sähel bir zat üçin hem öz wezir-wekillerini
jezalandyrýardy. Başda göwni ýetip, taryplap ýören başarjaň,
tejribeli serkerdesi Emir Ýusup bin Mahmydy, serkerde Aly Ka­
zyby, serkerde Är Ýarygy, serkerde Gazyny, Hindiň goşunbaşysy
Ahmet Niýaltegini ýok etdi. Özem olary wagşyýana jezalandyryp
öldürtdi. Hyradyň emeldary Abu Talha Şibliniň derisini sypyr­
magy emr etdi. Bu emriniň amal edilişinden lezzet aldy.
Ýaşaýşyň manysy lezzetde, ýöne bu lezzeti her kim bir zat­
da görýär, her kim bir zatda tapýar. Adamyň ähli okgunlylygy,
yhlasy – durmuşdan almak isleýän lezzetini tapmakda, kanagat­
landyrmakda. Lezzet adama ýaşaýyşda kanagat, gujur-gaýrat,
ertirki güne hyjuw berýär. Soltan Masudyň gullugyndaky wezirwekiller oňa hyzmat edip, onuň göwnüni awlap, özlerine ýaşaýyş
eşretlerini, bolçulygyny döretmek isleýärdiler. Soltana hyzmat
etmek, onuň göwnüni awlamak – gazanç etmek. Lezzetiňe,
maksadyňa ýetirýän zat – soltanyň göwnüni awlamak. Onuň
göwnüni awlap bilseň, ol tarhandökerlik bilen eçilýär. Şeýle
bolansoň, soltanyň ýanynda ölüp-öçüp hyzmat edýän wezir-we­
killer kändi.
Soltan Masut köşk dabaralaryna, şeraba aşa gyzygýardy.
Onuň hemdemleri sekizden on iki satgine9 çenli şerap içenle­
rinde ysgyn-deramatdan gaçýardylar. Soltan Masut welin, ýigri­
mi ýedi satgin şerap içýärdi, şonda-da özüni ýitirmeýärdi, täret
kylyp gelse, ýene sersagdy.
91
Ol şerapdan, neşeden keýpini kökläp, köşkdäki ähli emel­
darlaryny nyzama durzardy. Olaryň öňünden eýläk-beýläk ge­
çip, olara özüniň suhanwerlik ussatlygyny görkezerdi. Her hili
mowzuklardan nutuklar sözlärdi.
Herhal, suhanwerlikde nedimi Abu Nagyma aýratyn sar­
pa goýardy. Şonuň üçin soltan Abu Nagyma bir kurur dirhem
baýrak berdi. Bir gije soltan Alawy şahyra bir kurur dirhem
bagyşlady. Bir baýramçylykda soltan söýgüli şahyry Unsura müň
dinar, beýleki ýüz elliden gowrak şahyryň her birine ýigrimi
müň dirhem, aýdymçylaryň, sazandalaryň, masgarabazlaryň,
rakysçy gyzlaryň hersine otuz müň dirhemden baýrak berdi.
Ol täjir Mutyga bir gijede on alty müň dinar eçildi, şeýle hem
soltanyň on alty müň dowaryny bakýan, elli müň dinar bergi­
si bolan öz iş dolandyryjysy Mank Aly Meýmuna hem ýigrimi
müň dinar peşgeş berdi.
Köşkde soltanyň göwnüni awlap bilýän wezir-wekiller
baýaýardy. Uly emeldarlaryň ählisiniň ekerançylyk ýerleri,
baglary, mülkleri, süri-süri mallary, gulam-kenizleri bardy.
Soltanyň kätibi Tahyryň Balh welaýatynyň Şarystan galasynda
biçak owadan saraýy bardy. Bu saraý ýokary hilli bezegler bilen
bezelendi. Tahyr 1032-nji ýylda Reýde özüniň wezirlik döwrün­
de şerap içilýän otagynyň içini gül ýapraklary, tylla we kümüş
teňňeler bilen düşedi. Özi gülden ýasalan täji başyna geýip otur­
ýardy, köplenç ýüpek gaply tylla hem kümüş şerap gaplaryny
(jam, bulgur, şeňňil) biline daňyp, özüniň meslekdeşleri,
hemdemleri bilen rakys oýnaýardy. Soltanyň nedimi Abu Bakr
Hasyrynyň şeýlebir baýlygy bardy welin, Ahmet Meýmendi on­
dan şa üçin üç ýüz müň dinar tylla isledi10.
Hasanak weziriň alty ýüz sany şahsy gulamy, ummasyz köp
mukdarda emlägi bardy. Bir gezek ol Nyşapurdan Balha sol­
tan üçin engam-hedýe getirdi welin, ony bäş ýüz düýe çekýärdi.
Meýmendiniň özüniň altyn-kümüş baýlygy otuz kurur dirhem­
den hem köpdi. Ol Kelejar zyndanyndan azat bolandan soň tä
Balha çenli tagtyrowana münüp geldi. Şonda gulamlar ony çöl­
de, düzde, dagda öz gerdenlerinde göterip getirdiler. Elbetde, ol
pile münübem Balha rahat baryp bilýärdi, ýöne wezir özüniň he­
mem baýlygynyň güýjüni il-güne mazamlamak isläpdi. Tä Balha
92
gelýänçä gullaryň gerdenindäki tagtyrowanda gaýşaryp oturypdy,
owkatyny hem täretini tagtyrowanda oturyp edinipdi.
Horasanyň häkimi Abul-Fazl Sury bir gezek soltan Masut
üçin bäş ýüz düýe hedýe-engam iberdi. Bu hedýe-engamlaryň
dört kurur dirhem gymmaty bardy. Hedýe-engam gulamlar­
dan, kenizlerden, gap-gaçlardan, müşklerden, kafurdan11, mer­
weritden, mahfur düşeklerinden, halylardan, zerli lybaslardan,
unnaplardan12, sary, ýaşyl, gyzyl haltalara salnan tyllalardan we
kümüşlerden, içgilerden ybaratdy. Soltan Horasan dikmesiniň
iberen hedýelerini görende ony taryplady: «Meniň Abul-Fazl
Sury ýaly ýene iki-üç emirim bolsady, onda men älem-jahanyň
hökümdary bolardym» diýip13. Soltan Suryny beýleki emirlere
göz etmäge çalyşdy. Aslynda welin, Abul-Fazl Sury zalym hem
ýowuz adamdy. Bu hedýeler Surynyň Horasan halkyndan zor
bilen alan baýlyklarydy. Halk Surydan gan aglaýardy. Müňläp
kişiniň ahy-pygany soltanyň şatlygyna öwrüldi.
Soltan sowgat almagy, sowgat bermegi gowy görýärdi, ýöne
hernäçe tarhandöker hem bolsa, sähel baýlyk üçin alagykylyk
edýärdi, bir piliniň ölendigi üçin Gaznanyň pilbanlarynyň boý­
nuna ýüz müň dirhem jerime salypdy. Gaznada döwlet pillerini
saklamak üçin üç müň sany meýdança bardy.
Soltanyň köşgüniň şahyrlarbaşysy Unsury kümüşden tagan
hemem çörek mejimesi, arassa altyndan gap-gaçlary ulanýardy14.
Masudyň çakyza tutgaýy15 bardy. Bu keseli onda çagalykda
döräpdi, ýöne bu dert on ýyl bäri azar bermändi. Seljuklylar
soltanyň bu derdini ýygy-ýygydan gaýtalanyp duran derde öwür­
diler oturyberdiler. Belki, bu derdiniň gozgamasy seljuklylar­
dan dälse däldir, ýöne Masudyň özem, onuň tebiplerem, wezirwekillerem bu derdiň gozgamasyny Togrul begden gördüler.
Masudyň çakyzasy tutan wagty giň dünýä iňňäniň gözi deýin
daralýardy. Şol mahal oňa hiç kim hemaýat edip bilmeýärdi. Bu
derdiň garaguş kakyn keseline sapýandygy hakdaky myş-myşlar
Masudy hasam howsala salýardy. «Eý, Hudaý, men çakyza bilen
garaguş kakyn derdiňi çekeýin, ýöne meni seljuk derdinden
daş edeweri» diýip dileg edýärdi. Juma namazynda okalýan
hutbalarda hem soltanyň çakyza tutgaýynyň dep bolmagy dileg
edilýärdi, ýöne soňky günler ol dileg seljuklylaryň derbi-dagyn
93
edilmegi hakdaky dileg bilen ornuny çalşypdy. Soltan Masudyň
şagalaň-meýlisleri öwsele edinmeginiň bir sebäbi özüniň çaky­
za tutgaýynyň gozgamazlygy üçin kellesine «dynç bermegidi».
Bu dert onda gahary gelende, lapykeç bolanda tapylýardy. Şeýle
bolansoň onuň ýanynda ajy habarlary aýtmakdan eýmenýärdi­
ler. Zerurlyk ýüze çykanda soltana şum habarlary aýdyp bilýän
adamlar sanalgyjady.
Wezir-wekilleriň, köşk emeldarlarynyň baş maksady
soltanyň göwnüni götermekdi, begendirmekdi.
Ýylda iki gezek – nowruz hem mehrjan baýramçylyklarynda
ýurduň Horezm, Gürgen, Balh, Kerman, Bulujystan, Sistan,
Horasan ýaly welaýatlaryndan soltan Masuda her hili gymmat­
baha harytlar, altyn teňňeler hedýe-engam iberilýärdi. Masut
bu hedýe-engamlara aýratyn ähmiýet berýärdi. Ol dabaralary,
toýlary geçirmegi, özüniň sahylygy bilen barjamly adamlary aňk
etmegi gowy görýärdi.
Soltan Masut Gürgen welaýatynyň häkimi Bakalanjaryň
gyzyna öýlenende bir bukjalyk daragt getirtdi16. Tagtyň düşegi
kümüşdi, miwesi ýakutdan, ýapraklary pöwrizeden hemem zü­
merretden bolan otuz agaja eýedi. Bu agaçlaryň daş-töwereginde
ýigrimi sany bezelen kümüş, dürli göwherler nerkesdany17
goýlup, her birinde tylladan, kümüşden edilen bir sany siper­
gam18 bardy.
Soltan dört müň gulam saklaýardy. Olaryň tylladan edilen
gurgurma guşaklary, gulakhalkalary, bileklerine, dyzlaryna
daňynýan söweş garujyklary, dyzlyklary bardy. Gulamlaryň bir
topary jöwher bilen bezelen guşak hem gylyç dakynýardy. Ýene
bir topary bolsa kümüş guşaklydy, kümüş gulakhalkalydy, gür­
zülidi. Soltanyň saý atlarynyň hemmesiniň jöwhere hem altyna
bezelen eýer-esbaplary bardy. Ol ýörişe çykanda ýany bilen seg­
sen sany ätiýaçlyk saý at äkidýärdi. Onuň otuz atynyň jöwher­
den, elli atynyň bolsa tylladan eýer-esbaplary bardy.
Diňe bir garamaýak halk däl, hyzmatyndaky wezir-wekil­
ler hem soltandan nägilediler. Sebäp soltan olaryň pikirini
diňlemeýärdi. 1032-nji ýylda Masut iki gezek wezirler mejlisiniň
kararynyň tersine Hindistana goşun çekdi. Seresiti, Hansi ga­
94
lalaryny basyp aldy. Wezirler Ahmet Hasan Meýmendi, Hoja
Abd-as-Samat, Bu-Nasr Mişkan dagy soltanyň eden-etdiligin­
den, jalaýlygyndan, äsgermezçiliginden has nägilediler. Ýöne
seljuklylaryň özünden rüstemligi, hiç kimden göwün çotunyň
çykmazlygy soltany bellibir derejede mugyra getiripdi. Öň we­
zirler mejlisiniň pikirini pitiwa almadyk Masut indi köplenç
wezirler diwanynyň pikirine bil baglaýardy. Sarahsda geçiren
wezirler diwanynyň mejlisinde wezirleriniň pikirini unap,
şolaryň diýeni bilen boldy. Şolaryň pikiri bilen gyşy Hyratda,
Nyşapurda geçirdi. Ýöne wezirleriň pikirem ýurdy halas edip
bilmedi. «Men size ygtyýar berýärin. Näme diýseňiz, garşy çyka­
mok. Seljuklylary ýok ediň-dä! Başaryp bilmeseňiz, onda maňa
göni aýdyň, olary özüm ýok edeýin» diýip, Masut zol-zol wezir­
lerine igendi.
Wezirler diwanynyň pikirine gulak asyp ýurduň ýagdaýyny
has hem aşak gaçyran, seljuklylaryň eden-etdiligine möwç beren
Masut indi gaýdyp wezirler diwanynyň akylyna gulak gabartma­
jakdygyny, öz akyly bilen ýöriş edip, ýurdy tertibe saljakdygyny,
seljuklylary derbi-dagyn etjekdigini aýdyp, hyjyl tartýardy. Ol bu
ýörişiň ykbal çözüji ýöriş boljakdygyna berk ynanýardy.
Masut nämede aldansa-da, bu ynamynda aldanmandy...
Onuň Horasana gelmegi bu seljuk begleriniň maksadydy:
«suwy bulandyryp, balygy suwuň ýüzüne çykardylar, indi balygy
tutmalydy!»
3. Seljuklylar yslamyň din gylyjy bolar
Togrul beg soltan Masudyň Sarahsa ýakyn gelendigini
eşidip, geňeş çagyrdy.
– Daşrabatda19 soltan goşunyny garşy almaly. Şonuň üçin
hem Daşrabadyň özündäki hemem töweregindäki ähli guýu­
lary gömmeli. Goý, soltan goşuny, ilki bilen, suwsuzlykdan
kösensin!
– Galadaky hemem galanyň töweregindäki ähli galla, arpa,
bede gorlaryny guma äkitmeli. Goý, soltanyň goşuny, atlary açlyk­
dan ölsün!
95
– Seljuk goşuny diňe soltanyň hasabyna iýip-içmeli: gije­
lerine soltan goşunynyň azyk üpjünçiligi bölümine duýdansyz
çozuş edip, azyklaryny talamaly.
– Olaryň suwly meşiklerini deşmeli.
– Üç ýüz dowulçy soltan goşunynda gulluga durmaly.
***
Sarahsyň ilaty soltany şähere goýbermek, haraç tölemek is­
lemedi20. Bu habary eşiden soltan gazabyna tutdy: ilaty gyrmak
gyrdy. Şondan soň Sarahs – Merw ýoluna düşdi. Ýoluň ugrun­
daky Daňdanakan galasynda iňlär siňek ýokdy21.
Galanyň dym-dyrslygy, adamsyzlygy soltany iňkise goýdy:
eşidişine görä, seljuklylar Nusaýda-da şeýle edipdiler: galany
boşadyp, guma gaçypdylar. Şo gezek salar Begdogdy on ýedi
müň atly gulamy bilen seljuklylaryň üç müň atlysyndan ýeňlip­
di. Eý, Hudaý, bu gezek nähili bolarka?!
Soltanyň howsalasyna täze howsala goşdular: oňa ähli
guýularyň gömlendigini habar berdiler.
Baharyň soňky aýydy. Howa onçakly yssy bolmasa-da, suw­
suz oňňut edip boljak däldi.
Goşun Daňdanakan galasynda düşledi. Nirelerde guýylaryň
bardygyny anyklamak üçin çar tarapa topar-topar atly ugradyl­
dy, ýöne ugradylan atlylaryň galabasy yzyna dolanyp gelmedi,
olar gürüm-jürüm boldy. Käbir topardan diňe birki atly dola­
nyp gelip, seljuklylaryň köpdügi barada dowul turuzdy.
***
Togrul beg on alty müň atlysy bilen soltanyň elli müňlük
goşunyny başa-baş söweşde ýeňip bilmejekdigine, diňe hile-al
bilen ýeňip boljakdygyna akyl ýetiripdi. Şonuň üçin ol esasy ünsi
soltan goşunynda dowul-gorky döretmäge, goşunyň huguny çy­
karmaga jemledi.
Gijelerine soltan goşunyna birjigem uky berilmeýärdi, ga­
raşmadyk ýerinden hüjüm edip, alabasgy döredýärdiler. Aýyl­
96
ganç-aýylganç gygyrýardylar. At aýaklarynyň dükürdisini edip
bilýän, ýolbars ýaly arlap gygyrýan ýörite adamlar gündizlerine
dynç alyp, gijelerine soltan goşunynyň kä ol ýerinden, kä bu ýe­
rinden gykylyk-basgy döretmäge girişýärdiler.
Başga bir topar gijelerine soltan goşunynyň gulamlaryny
öldürýärdi: olar gaznaly gulamlar deýin geýinýärdiler, duşman
düşlegi­ne barýardylar. Garaňkyda kimiň-kimdigini saýgarmak
kyn düşýärdi. Her kim garşysyndaky garany duşman hasaplap
hüjüm edýärdi. Şeýle ýagdaýda seljuklylara gaznalylaryň öz­
lerem biri-birini gyryp, kömek berýärdiler. Iň esasy zat dowul
döretmekdi.
Bir aýyň içinde soltan goşunynyň hakyt hugy çykaryldy.
Togrul soltan Masudy ele salmak isleýärdi, ýöne soltan öz
ýüpek hymasyndan daşlaşmaýardy.
Togrul beg iki gije soltanyň ýatýan hymasyna barjak bolup
synanyşdy. Iki synanyşygy-da şowsuz gutardy. Çünki soltanyň
hymasynyň daşynda dokuz hatar gorag bardy. Birki hatar go­
ragy ät galdyryp geçäýeniňde-de galan hatar goraglary geçmek
mümkin däldi. Gijelerine wezirlerem soltanyň ýanyna aňsataňsat baryp bilenokdylar.
Soltan goşuny titreýärdi, çünki olar ençeme gün bäri ukla­
mandylar. Olaryň bar aladalary seljuklylardan aman gutul­
makdy.
***
Soltan goşunynyň ýagdaýynyň egbarlandygyna, gury sandyk­
laryna göz ýetiren Çagry beg bilen Togrul beg on alty müňlük
atly goşuny söweşe salmak kararyna geldiler.
Baharyň soňky aýynyň ýigrimi ikisinde başlanan söweş sel­
juk begleriniň soltan goşunynyň ýagdaýy baradaky pikiriniň
dog­rudygyny äşgär etdi. Soltan öz bäş ýüzden gowrak gula­
mynyň on-on bäş sany seljuklydan gaçmasyna teý akyl ýetirip
bilenokdy22.
Juma güni – maý aýynyň ýigrimi üçünde seljuklylar dört ta­
rapdan hüjüme geçdiler. Olar «Gurt oýny» diýip atlandyrýan öz
7*
97
milli söweş usulyny ulandylar, soňra gollara bölünip söweşdiler.
Bir gol belli bir wagt duşman bilen söweşýärdi, ýadarçalyk wagt
geçenden soň goşun bir gyra çekilýärdi-de, öz ýerini täze gola
berýärdi. Bu söweş usulynyň adyna «kurdus» diýlip at berilýärdi.
Diňe bir kurdus däl, seljuklylaryň ulanýan söweş usullary
dürli-dürlüdi, esasan, ýagdaýa görä söweş usulyny ulanýardylar.
Gurt oýny, syrtlan oýny, urha-gaç urşy, sabahun – tenahun
uruş usullary iň köp ulanylýan uruş usullarydy.
Çagry beg sabahun uruş tilsiminde söweşmegi gowy görýär­
di. Bu usulda söweşmekde, ol hakykatdan hem taýsyz ussatdy.
Ybraýym ynal23 bilen Musa beg syrtlan oýny tilsimini gowy
görýärler.
Arslan ýabgu söweşde gurt oýnunyň tarapdarydy. Bu usul­
dan aýratyn lezzet alardy. Resultegin beg söweşde köplenç
kakasynyň gowy gören söweş tilsimini ileri tutýardy.
Togrul beg hem gurt oýnuny gowy görýärdi, ýöne onuň has
lezzet tapýan, alýan söweş usuly tenahun usulydy.
Tenahun uruş usuly – duşmanyň goşuny bilen duşmany
ýok etmekdi.
Söweş wagty gaznaly goşunyndan üç ýüz ýetmiş kişi seljuk­
lylara goşuldy. Hindi, arap, kürt esgerleri çar tarapa gaçyp
başladylar.
Söweş meýdanynda oňly goşun galmanyndan soň, gaçmak
gezegi soltana ýetdi: ol pilinden düşüp, atyna münüp düw
gaçdy. Üç günde on sekiz aty çalşyp, yzyna garaman gaçdy.
Garagum çöli duşman bolup gelenleriň metdi-masgara bo­
lup ýeňilýän pellehanasy!
Syrak atly bir padyman öz halkyny gyrmak, boýun egdir­
mek üçin gelen lek-lek goşunly ahemeni şasy Darini: «Men size
öz halkymyň gizlenýän ýerini görkezeýin» diýip, Garagumuň
jümmüşine aldap eltip, ahemenileriň goşunynyň suwsuzlykdan
gyrylmagyna sebäp boldy24.
Garagum çöli – Hydyr atanyň synag mekany!
«Türkmenleriň hossary – enesi-de, atasy-da çöl».25
Ol türkmen halkyny duşman bolup gelenlerden goraýar.
98
Bu gün soltan Masut amana gelip, Garagum çölüniň içi bi­
len gaçyp barýar.
Garagum çöli nire, «balyk» nire!
Çölde «balygyň» uzak durup bilmejekdigi köre hasa!
Soltan Masut hem öz betbagtlygynyň üstüne öz aýagy bilen
geldi.
Adyndan başga Masut (Bagt) galmady onda!
Soltan Masudyň söweşe gözegçilik eden depesi – bargähi,
hymalary ähli zady bilen birmeýdan eýesiz galdy.
Ýeňiş depesi!
Ol depeden gaznalylaryň baýdagy aýrylyp, seljuklylaryň
gara baýdagy dikildi.
Depä seljuk begleri geldi!
Söweşiň üçünji güni aýyň ýigrimi dördünde seljuklylar doly
ýeňiş gazandy!
Ahyryl-ahyr söweş gutardy!
Ahyryl-ahyr maksada ýetildi!
Seljuk goşuny ýeňdi, indi olaryň garşysyna çykjak goşun-da,
döwlet-de ýok. Garşysyna çykjak soltan, hana, garadere batyp,
zut gaçyp barýar!
Seljuk begleri begenip, dikine gygyrýarlar:
– Ýedi yklym biziňki!
– Dünýä biziňki!
– Biz dünýäniň hökümdary!
Seljuk begleri, esgerleri sesleriniň ýetdiginden zowlatdylar.
On alty müňlük goşun üç seljuk serkerdesiniň – Togrul begiň,
Çagry begiň, Musa begiň atlaryny gaýtalap gygyrýardylar:
– Togrul beg!
– Çagry beg!
– Musa beg!
– Seljuklylar! Seljuklylar!
Soltan Masudyň ýüpek bargähinde tagt lowurdap durdy. Ol
tagtda indi hiç wagt Masut oturmaz. Ol tagt indi Togrul begiň,
hawa, hawa, Togrul begiň tagty bolar.
– Ýedi yklyma öz şalygymyz barada fethnama (ýeňişnama)
göndereliň!
99
– Ilki bilen, soltan Masuda fethnama göndereliň, Gutulmyşy
zyndandan boşatmagyny talap edeliň!
Dünýä geçirijidir, ebedi däldir, Jemşidiň döwletinden
beýik döwlet ýokdy.
Belent asman ony aýak astyna taşlady, jahana başga serdary
getirdi.
A. Firdöwsi. «Şanama».
504 sah. 19-20 setirler.
– Bagdat halypasy Kaýym Bemryllaha fethnama göndereliň.
Goý, ol bizi ykrar etsin hemem bize ykrarlyk baýdagy bilen
teşribini (halat) ibersin!
– Basyl kaýsaryna, Müsür mukawkysyna, Hebeş nejaşisine,
arap raýislerine, Garahan ilhanyna ýeňişnama göndereliň!
– Jürjaniýa fethnama göndereliň!
– Bu depäniň üstünde öz şalygymyzy berkarar edeliň – gu­
rultaý26 geçireliň. Goý, ähli ýerlerden türkmen wekilleri gelsin­
ler. Ähli şäherlere häkimleri özümiz belläris.
Jahan seljuk begleriniňki boldy!
Gurultaýyň öňüsyrasy Togrul begi, Çagry begi, beýgu Ke­
lany zeýtun ýagyna ýuwdular.
Ýedi günläp zeýtun ýapragyny tüsseletdiler, daşlaryndan
zümerret daşlaryny aýladylar. Şeýdip, seljuk beglerini göz deg­
meginden goradylar.
Şondan soň seljuk begleri gojalaryň, pirleriň pata berme­
gi birle eginlerindäki kepenlerini aýryp, patyşalyk egin-eşigini
geýdiler.
Gylyç ýa kepen däbi bilen maksada ýetilendigi mynasybetli
toý tutuldy.
Ähli seljuk esgerleri kepenlerini otlap, eşik geýdiler.
Seljuk beglerine aýry-aýrylykda täze egin-eşikler geýdiri­
lip, billerine altyn guşaklar dakyldy.
Gurultaýda il kethudalarynyň oňlamagy bilen patyşa, beg
göterilen kişilere sadykatlyk bilen boýun sunjakdyklaryna ähli
seljuk kethudalary, begleri, esgerleri Gurhandan, desterhan­
dan wepadarlyk kasamyny içdiler.
10 0
***
Şol gün çöle seljuk begleriniň maşgalalarynyň yzyndan ça­
par ugradyldy.
Seljuk begleri öz maşgalalaryna gowuşdylar.
Talak berlen hatynlara täzeden nika gyýyldy, täzeden toý
toýlandy.
On üçünji hekaýat
RAHATLYKDA RAHATLYK ÝOK
1. Keseden seretseň, ähli zat aňsat
Täze durmuş başlandy.
Dawut Çagry beg Merw şäherinde ornaşdy, Horasanyň ga­
laba bölegini – Jeýhundan Nyşapura çenli aralygy özüne degişli
etdi.
Musa ýabgu Heramy özüne ýurt tutundy, sebitdäki
şäherleri, ýene näçe ýeri teshyr edip bilse, özüne almak barada
seljuk begleri bilen ylalaşdy.
Çagry begiň uly ogly Gurt (Kawurt) Kerman sebitlerine
patyşa boldy.
Ýurt bölünişigini gurnan Muhammet Togrul beg seljuk
beg­lerini öz küýsän, saýlan sebitlerine gönderdi. Enebir dogany
Ybraýym bütin ömrüni Togrul begiň ýanynda geçirjekdigini,
ondan aýrylyp hiç ýerik gitjek däldigini tekrarlady, ýöne dörtbäş aýdan soň özüne ykta isleýändigini bege ýaňzytdy.
Togrul beg Ybraýyma Ebher hemem Zengan sebitlerini ber­
di. Ybraýym ol sebitlerini kabul edip alsa-da, tizden Togrulyň
ýanyna dolandy:
102
– Dogan, meni öz ýanyňdan aýyrma. Bir aý senden aýry bol­
dum welin, tas ýüregim agzymdan çykypdy. Allatagala her kimi
bir maksat üçin dogurýar, meni Çagry ikiňize göz-gulak bolmak,
hyzmatyňyzy etdirmek üçin ýaradan bolsun gerek. Onsoňam
men diňe söweşde rahatlyk, lezzet tapýaryn, adaty durmuşda
içim gysýar meniň.
Köşkde Ybraýymyň gelmegini unamadyk kişiler köp boldy:
– Allatagala al-ha-al-da almadyga ahyrýetde-de hiç zat berýän
däldir. Beýle mümkinçilik adam ömründe örän seýrek bolýar.
Köp kişi bir döwüm tötege mätäç. Saňa bolsa, Allatagala giden
ýurdy hökümdarlyk etmegiň, ýaýnap ýaşamagyň üçin berip dur.
Sen bolsa, Allatagalanyň, Togrul patyşanyň beren şol nygmat­
laryndan ýüz öwürýärsiň. Allatagala seniň bu ýüz öwürmäňi ha­
lamaz. Murtar jezalandyrmagy-da mümkin...
Ybraýym telim ýola nygtalan bu sözlerden soň, ýene Zen­
gana gidermen boldy, şu pikir bilen Togrul begiň ýanyna
bardy.
Ybraýymy ynandyrmak aňsatdy. Şeýle bolansoň, ol bir piki­
re ygrarly däldi, üýtgäp durýardy. Togrul beg onuň şu häsiýetin­
den mydama howatyr edýärdi.
Togrul beg onuň pikirini oňlady:
– Ybraýym, byradarym, men saňa Abu Alyny wezir belläýin.
Goý, ol saňa diwan işleriňi ýöretmäge ýardam bersin.
– Abu Alynymy? – Ybraýym birsalym dymdy.
– Näme, göwnemejek bolýarsyňmy? Men-ä ony saňa sowat­
lydygy hem işeňňirdigi üçin bermekçi bolýaryn. Ol seniň ähli
işiňi eder.
– Dogry...
– Sen menden hiç zat gizleme. Isleseň, başga birini saýla.
– Göwnüm emir Dodurga Merwezini küýsedi.
– Goý, emir Dodurga Merwezi bolsun!
Ybraýym derrew başky pikirini üýtgetdi:
– Ýok, ýok, Togrul, sen Abu Aly diýdiň. Goý, seniň diýeniň
bolsun. Sen bu babatda gowy oýlanansyň. Onsoňam sen olaryň
ikisini-de menden gowy tanaýarsyň.
103
– Sen Abu Alyny näme üçin göwnemediň? Byradar, maňa
ýüregiňdäkini açyk aýt.
– Togrul, meniň senden ýaşyryn zadym ýok. Men näme pikir
etsem, ony hökman saňa aýdýaryn. Abu Aly barada-da aýdaýyn.
Ol aşa sowatly. Men onuň akyl öwretmeginden gorkýaryn. Maňa
akyl gerek däl. Onsoňam onda adamlara göwnüýetmezçilik bar.
Ýanynda kimiň gürrüňi edilse: «Aý, olmy?» diýip içýakgynç ýyl­
gyrýar. Men şuny halamaýaryn. Dodurga Merwezi sowatly bolsada, dymma. Bir zat soraýmasaň, aňsat-aňsat gürlemeýär. Akyl
öwretjek bolup dyzamaýar. Hiç kimiň gürrüňini etjek bolmaýar.
Men Abu Aly bilen düşünişip işlärin. Ol Horasana belet...
***
«Minarany ogurlamazdan burun, ony nirede gizlejekdigiň
hakda oýlan» diýen pähim bar.
Togrul beg döwletini yglan etmezinden owal döwleti eda­
ra etmek barada köp oýlanypdy, ol samanlylaryň, gaznalylaryň
döwleti edara edişlerini gaýtalaman, öz täze döwleti edara ediş
ulgamyny döretmek isleýärdi. Geçen şalaryň ýoluny gaýtala­
mak, Togrulyň göwnüne, bir­ki ýyldan olaryň gününe düşmek
howpuny döredýärdi. Seljuklylar güýçli hasaplanylan gaznaly
şalygyny ýeňdiler. Rast, elli müň atly goşunly şalyk on alty müň
atly goşundan ýeňilýän bolsa, oňa näme üçin güýçli döwlet
diýjek?!
Täze döwlet gurmak üçin edilmeli işler kändi, juda kändi.
Her kimiň etmeli işi anyklaşdyrylmaly.
Şalygy, elbetde, patyşa dolandyrmaly bolar. Oňa wezirler
gerek.
Döwlete girdeji nireden gelmeli?! Ine, esasy zat.
Ýer-mülkden – haraçdan geler.
Ýerleri ykta1 bermeli.
Yktany yktadara2 muktada ýaşaýan daýhanlar bilen bilelik­
de bermeli. Yktadar öz daýhanlaryndan ýylda iki gezek haraç
ýygnasyn. Döwlete salgyt tölesin, döwleti esger bilen, azyk bilen
üpjün etsin.
10 4
Yktadar, goý, ýerlerini ülüşçilere – barzigarlara paýlasyn.
Ykta şahadatnamasyny diňe patyşa gowşursyn!
Diwany wezaraty3, onuň gulluklaryny döretmek, işlerini
ýola goýmak Togrul beg üçin hupbatly boldy. Birnäçe wezir we­
zipeleri döredildi. Wezirleriň etmeli işleri aýdyňlaşdyryldy.
Dogrusy, seljuk diwany, Horasany edara ediş diwany
Daňdanakan söweşinden iki ýyl öň – Sarahs söweşinden soň
döräpdi.
Şondan bäri dolandyryş edaralary işleýärdi.
Wezir ýurduň maliýe dolanyşygyny alyp barýardy, ýolbaşçy
adamlary wezipä bellemäge-de, wezipeden aýyrmaga-da hukuk­
lydy. Salar – goşunyň baş serkerdesi. Tugraýy – döwletiň möhüri­
ne eýelik edýär, patyşanyň, weziriň ygtyýar bermegi bilen resmi­
namalara, permanlara möhür basýar. Amil – ýerli emeldar. Ol,
esasan, ilatdan haraç ýygnaýar. Amiller ýygnan harajynyň belli­
bir bölegini etraplaryň edaralaryny saklamaga harç edip bilýär­
ler. Welaýatlara şihneler ýolbaşçylyk etmeli, olara kazynyň hu­
kugy berilýär. Şihneler, esasan, maldarçylyk bilen meşgullanýan
welaýatlara bellenilmeli. Üstaduddar – hazynanyň girdejisin­
den, salgytlaryndan belli bir mukdaryny aşhanalara, köşkdäki
işlere sarp edýän, aşhanany, köşk hojalygyny dolandyrýan adam.
Mutassarif – etraplarda, welaýatlarda çykdajylaryň-girdejileriň
hasabyny ýöredýän emeldar. Ýerlerdäki maliýe dolanyşygyny
mutassarifler ýa-da mustaufi-hazynadar alyp barmaly. Ariz –
goşunyň maliýe üpjünçiligini alyp barmaly. Kazy – şerigatyň ka­
nunlary esasynda adalaty goramaly, günäkärleri, jenaýatçylary
jezalandyrmaly. Muhtasyp – şäherlerde düzgün-tertibe gözegçi­
lik etmeli, bazarlaryň tertip-düzgüni, ahlaklylygy muhtasybyň jo­
gapkärçiliginde bolmaly. Raýis – ýerli kethuda: şäherleriň hem
obalaryň ýolbaşçylary. Emir-i-haras – türmeleriň, jellatlaryň
ýolbaşçysy. Jandar, mufrat, çawuş – patyşanyň janpenasy. Ahur­
salar – athananyň hojaýyny. Köwüşberdar – patyşanyň köwüşini
göterýän, saklaýan kişi. Dabir – mürze, kätip. Atabegler –
köşkde patyşanyň çagalaryna edep hem sowat öwretmeli mu­
gallymlar, terbiýeçiler. Gulam – hakyna tutulan esger. Oglan
– atly esger.
105
Her kimiň etmeli işi belli, şeýle-de bolsa işler şow tapyp gi­
dibermeýärdi. Elbetde, ähli zadyň başlangyjy kyn. Togrul beg
ýuwaş-ýuwaşdan ähli zadyň ýola düşjekdigine ynanýardy, her bir
meseläni ünsden düşürmezlige çalyşýardy. Her bir ugruň ka­
daly işlemegi üçin diňe bir ýa iki hünärmen bilen maslahatlaşyp
oňman, telim hünärmen bilen maslahatlaşýardy. Ýönekeý gör­
nen zat hem käteler begiň üç-dört gün wagtyny alýardy. Onuň
ukusyny karam edýän gijeleri az bolmaýardy. Şol günler, şol gi­
jeler beg hatyny Altynjanyň çydamlylygyna, ýatkeşligine, işine
çulumlygyna haýranlar galypdy. Asyl Altynjan ýormak diýen
zadyň nämedigini bilmeýän ýalydy. Biri çydamly bolsa, Togrul
beg çydamlydy, ýöne Altynjanyň çydamlylygy begiňkiden rüs­
tem geldi. Togrul beg uzynly gün işläp lüti çykyp golawrasa-da,
Altynjan ýa-ha muny begden ýaşyrýardy ýa-da hakykatdan hem
ýormaýardy, öjemeldi.
Ol haçan görseň, dynjyny alyp, ýaňy aýak üstüne galan
ýalydy. Özem onuň gama batyp oturan pursadyna Togrul beg
eger-eger gabat gelmeýärdi. Ol mydama göçgünlidi. Özem
mydama gowy zatlaryň gürrüňini edýärdi, lapyňy keç etjek
gürrüňlerden gaça durýardy. Asyl, onuň durmuşynda lapyny
keç edýän zat ýok ýalydy.
Köşkdäki diwan işleri pars dilinde alnyp barlansoň, Tog­
rul beg her bir diwanyň, her bir gullugyň işini, baglaşylýan
şertnamalary, çykarylýan permanlary gözden geçirmegi Altyn­
jana ynanýardy. Onuň oňlan permanlaryna Togrul beg tug­
rasyny basardy. Köşkde diwan işlerini pars dilinde ýöretmegi
Tahyrylar hökümdarlygy başlapdy4, şondan bärem dowam
edip gelýärdi. Ýogsam köşk diwanyny türkmen dilinde ýöret­
jek bolup soltan Mahmyt Gaznaly-da köp yhlas edipdi, ýöne
onuň bu islegi amal tapmandy. Togrul beg hem köşgüň diwan
işleriniň türkmen dilinde alnyp barylmagyny isledi, talap etdi,
ýöne bu iş başa barmady.
Döwlet işinde, köşkde kimler işlemeli?!
Oguz kowumyny ir ertirden giç agşama çenli bir jaýda –
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn II - 07
  • Parts
  • Altynjan hatyn II - 01
    Total number of words is 3629
    Total number of unique words is 2034
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 02
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2164
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2031
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 04
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1970
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 05
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 06
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2172
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 07
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2164
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2085
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 09
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2084
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 10
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2064
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 11
    Total number of words is 3507
    Total number of unique words is 2173
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    37.2 of words are in the 5000 most common words
    44.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2151
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2040
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 14
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2044
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 15
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2131
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 16
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2156
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 17
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1976
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 18
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2087
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 19
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2023
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 20
    Total number of words is 3723
    Total number of unique words is 1909
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 21
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1880
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 22
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 1944
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 23
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1971
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 24
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1896
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1941
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 26
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 2028
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 27
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2124
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 28
    Total number of words is 1126
    Total number of unique words is 678
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.