Latin

Altynjan hatyn II - 08

Total number of words is 3768
Total number of unique words is 2085
30.1 of words are in the 2000 most common words
42.6 of words are in the 5000 most common words
50.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
alyp, soňundan hiç zat iýmesek, gowy bolmaz. Görýärin welin,
muhtasybyň aladasy ýetik, bir döwüm tötek üçin oňa elem bol­
man, iň gowusy, biz gidibereli.
– Ýok, ýok, siz bize elem däl, siz bize engam. Ýörüň, ýörüň!
Siziň bilen muhtasybymyzyň möhüm gürrüňi bar.
– O nähili möhüm gürrüň?
– Ýanyna baranyňyzda özi aýdar.
– Alauddaule döwründe-hä beýle däldi…
– Adyny tutmaň onuň! Deýlemlilerden döwranyň geçdigi
bolsun, ylaýym, ýörüň. Indi döwran seljukly türkmenleriňki.
– Özüň-ä bir pazylatly goçgar ekeniň, ýöne öz peýdaňy bil­
meýän ekeniň. Men saňa päkize ýigrimi dirhem berjek bolup
durun.
Sakçy är-aýaly muhtasybyň kabulhanasyna eltdi.
Muhtasybyň kabulhanasy derwezeden onçakly uzakda däl
eken. Derwezäniň ýüz-ýüz ýigrimi zirag günbatarynda ýerleşen
bir uzyn otagly jaýdy. Kabulhanada muhtasybyň dergähine girmek
üçin on-on bäş bezirgen garaşyp otyrdy. Olaryň içinde peşlerini
ýassyk edinip ýatanlaram, aýbogdaşyny gurap oturanlaram, öza­
ra gürleşip duranlaram bardy. Ýatanlardan gürleşýänler köpdi.
Bezirgenler ikibir, üçbir bolup, öz dil­lerinde gürleşýärdiler.
Olaryň arasynda türkmençe, pars­ça gürleşýänlerem, ýunança,
darice, hindiçe gürleşýänlerem bardy. Gökhun goja hatyny bi­
len içeri girende bezirgenler olara bir göz aýladylar-da, ýene öz
126
gürrüňlerine gümra boldular. Sakçy içerdäki sakçynyň gulagy­
na pyşyrdap, Gökhun goja hakda bir zatlar aýtdy-da, çykyp gitdi.
Gökhun goja türkmençe gürleşýän iki sany täjiriň ýanyna
baryp saklandy. Täjirler oňa o diýen üns bermän, söhbetlerini
dowam etdiler. Mapraç täjir soltan Masut döwründe Hyrat bi­
len Nyşapurda bir man bugdaýyň on iki dirheme ýetendigini,
açlyk zerarly köp adamyň ölendigini ýatlaýardy. Beýleki hortap
täjir Togrul patyşanyň Jibal, esasan hem, öz tabynlygyndaky ýer­
lerinde haraç salgydyny iki ýyllyk ýatyrandygy, şondan soň ilatyň
ýaşaýşynyň ganymatlaşyp ugrandygy, häzirki günlerde bir dir­
heme ýedi man bugdaý satyn alyp bolýandygy, köp şähere aýla­
nandygy, baran ýerlerinde bazarlaryň nyrhy bilen tanşandygy
barada aýtdy.
– Siz ýüpek mata getirdiňizmi? – diýip, hortap täjir Gökhu­
na ýüzlendi.
– Biz täjir däl, biz hiç zat getiremzok.
– Onda muhtasybyň ýanyna girmek nämä gerek?!
– Men näbileýin?! Men bu ýere öň Alauddaule döwrün­
de gelipdim. Şonda hiç kim meni idenekledip muhtasybyň
huzuryna getirmändi. Meniň niýetim galada bir döwüm tötek
iýip, Reýe barmak. Görýän welin, täze patyşa adamlar işsiz otur­
masyn diýip, her kime bir wezipe eçiläýipdir. Ine, indem olar
işlilere, işlejeklere, bir ýere barjaklara ýol berenoklar.
Kabulhanada oturanlar nätanyş gojaga ynamsyzlyk-şübhe
bilen seretdi, ýöne hiç kim ony goldap dillenmedi. Gökhun pi­
kirini dowam etdirdi:
– Bezirgenler ýaly erkana halk ýok. Olar bu gün Reýde bol­
sa, ertirki gün Merwde ýa Kairde, ýa Gürjüstanda. Ýöne sizem
gürlemäge gorkýan bolsaňyz, täze patyşa hakykatdanam gazap­
ly, rehimsiz bolmaly. Erkin bezirgen hele-müçük zatdan gork­
maýar.
– Haý, goja, biz seniň kimdigiňi tanamaýarys – diýip, map­
raç täjir garysyna galdy. – Seniň pikiriňe hä bermezligimiz Tog­
rul begden gorkýandygymyzy aňlatmaýar. Bu biziň Togrul bege
goýýan hormatymyz.
127
– Täze patyşanyň bezirgenlere harwar-harwar dinar berme­
digin-ä bilýärin men.
– Haý, goja, sen kejirlik edýärsiň. Hiç patyşa-da işleri küşat
bolsun diýip bezirgenlere harwar-harwar dinar beren däldir.
Patyşa işlemegiňe şert döretse, seni herki alamandan gorasa,
şonuň özi harwar-harwar dinar berdigidir. Döwlet arkamyzda
dursa, ilatyň arasynda söwda etmäge ejaza berse, harwar-harwar
dinary, enşa, özümiz taparys. Togrul beg bolsa, ähli bezirgenle­
ri iki ýyllyk paçdan boşatdy. Biz bary-ýogy gorag pajyny töleýäris.
Gorag pajy hem öňki ýaly däl, ähli täjirler üçin deň2.
– Patyşa pajy ýatyrsa, goşunyny, köşgüni nämäniň ha­
sabyna saklasyn?
– Eý, goja, o zatlaryň pikirini patyşanyň özi edýändir. Tog­
rul soltanyň öz tabynlygyndaky ýerleriň ilatyndan salgyt-paç
almagy ýatyrandygy-ha hak. «Täze döwlete paç töledim» diýen
adama gabat gelemzok biz-ä. Onsoň şeýle patyşadan nägile bo­
lan kişi pälinden tapar, betbagt bolup, garagy gapylar.
– Siziň işiňize Ýusup Bazyrgany diýen emir ýolbaşçylyk
edýärmiş diýýärler – diýip, Gökhun goja kabulhanadakylaryň
ýüzlerine seredip çykdy.
– Eý, goja, dogry eşidipsiňiz.
– Ýusup Bazyrgany Togrul patyşanyň ynagymy ýa söwda
diwanynyň sahybymy?
– Goja, şu zatlary bilip soraýarsyňmy ýa bilmän? – diýip,
söweden kişi Gökhuna şübheli seretdi.
– Doly bilmänim üçin soraýaryn.
– Onda bil, Ýusup Bazyrganynyňky häzir oňuna. Ol begiň
ynamynda. Şonuň üçinem ol häzir begiň hem ynagy, hem sa­
hyby, hem weziri.
– Meniň bir bezirgen goňşym bar. Şol gürrüň berdi: «Ýu­
sup Bazyrgana ýüküň ondan birini rişwet berýärin» diýip. Onça
rişwet berilse, bezirgene hiç zadam galanok. Şonuň üçin meniň
goňşym-a söwda etmesini goýdy.
– Goja, seniň goňşyň nalajedeýindir, ýogsam goýmazdy. Ýu­
sup Bazyrgany hakyna kany, bizem kany. Barybir, biz razy.
– Men bolsam-a Ýusup Bazyrgana rişwet bermezdim.
128
– Siz bezirgen däl, ýogsam bu gürrüňi aýtmazdyňyz. Ýusup
Bazyrganyga töleýän rişwedimizi biz başga döwlete barsak, paç
diýip, salgyt diýip, ýolhaky diýip, kerwensaraý haky diýip, ikiüç esse artygy bilen töleýäris. Bize Togrul begiň tabynlygyndaky
ýerlerde söwda etmek amatly, kän amatly. Ýusup Bazyrgana
berilmeli ülüş biziň üçin gaty ujypsyz zat. Bermelije rişwediňi
bereniňden soň bu ýerde ähli işiň çalt bitýär.
– Bezirgenler – syýasatçylar. Patyşalar öz syýasatlaryny bezir­
genlere ynanmaly – diýip, söwedin kişi agzynyň daşyny taýly gezek
süpürdi. – Bezirgenler şalygy güýçlendiribem, tozdurybam bi­
lýärler. Şonuň üçin patyşa tagtynda rahat oturmak islese, halkyň
özüni alkyşlanmagyny gazanmakçy bolsa, onda bezirgenlere ho­
şamaýlyk etmeli.
– Togrul beg siziň göwünleriňizi awlamagy başarypdyr.
– Eý, goja, dogry aýdýarsyň – diýip, söwedin Gökhuny gol­
dady. – Togrul beg ederini bilýän parasatly soltan. Onuň şalygy,
nesip bolsa, ýedi yklyma dolar.
– Köşkde rişwet alýan köpdür-le – diýip, Gökhun ýene ka­
bulhanadakylara seredip çykdy.
– Köşkde rişwet alýan öňem bolupdyr, indem bolar, ýöne
Togrul begiň köşgünde Tabgaçlar dardan asylansoň, ýagdaýyň
gowulaşan­dygy hak.
– Togrul beg adalaty dostlukdan ýokarda goýup, hak iş
etdi – diýip, mapraç kişi howlukmaç dillendi. – Şirpenje Togrul
begiň oglanlyk dosty eken. Olaryň içen suwlary aýry gitmeýän
eken. Şeýle ýakyn, jana-jan dost bolsa-da, beg onuň günäsine
göz ýummandyr, jezalandyrypdyr. Şondan soň köşkde tertipdüzgün gowulanypdyr. Sebäbi Togrul begiň ýüz görmejekdigi­
ne köşkdäkiler akyl ýetiripdirler.
– Siziň bilmeýän zadyňyz ýok. Edýän gürrüňiňizden çen
tutsaň, bütin ömrüňizi köşkde geçiren adamlara meňzeýärsiňiz
– diýip, Gökhun güldi.
– Eý, goja, dünýäniň ýarym gürrüňi, habary bezirgenler­
dedir. Olar harytlaryny satýarlar, çuwal-çuwal gep-gybaty bolsa,
harytlarynyň ýany bilen mura-mugt berýärler. Habarlary ýaýrad­
ýanlar çaparlar, askudarlar däl, bezirgenler – diýip, ýaşy bir
çene baran bezirgen gürrüňe goşuldy.
9*
129
– «Togrul begiň bar maksady halkyň gowy ýaşamagy he­
mem söwdany ösdürmek» diýýärler – diýip, Gökhun mapraç
kişä seretdi.
– Dogry, dogry! – diýip, mapraç kişi Gökhuny makul­
lady. Togrul patyşanyň üç sany maksady barmyş. Birinjisi,
gedaýçylygy ýok etmek, ikinjisi, her hili ýokanç keselleriň
öňüni almak, üçünjisem, parahat ýaşamak. «Ýurtda şu üç me­
seläni amal etmesem, maňa meýlis haram» diýýärmiş. Özem
ýumşak düşekde däl-de, hiç bir zat düşelmedik yzgarly ýerde
hokgasyny ýassyk edinip ýatyberýärmiş. Özem hepdäniň iki
gününde – agyz bekleýärmiş – diýip, kabulhananyň içindäki
sakçy joşgunly gürledi.
– Ýok, Togrul patyşanyň baş maksady düýpden başga –
diýip, söwedin täjir sakça garşy çykdy. Sakçy öýkeli gürledi:
– Nämesi başga onuň?
– Ol kapyr döwletleriň üstüne jihat edip, baran ýeriniň
ilatyna musulmançylygy kabul etdirýär. Olara salgyt salýar, paç
salýar. Şeýdip, patyşa goşunyny, köşgüni saklaýar, öz ilatyny bol­
sa salgytdan boşatdy.
– Deýlemli, büweýh, kaku hanedanlyklary musulmanlardy...
– Dogry, ýöne olaryň soltanlarynyň gäbi azmak azdy.
Şerigata, kowahata gelişmeýän işleri edip ugradylar, Hudaýdan
daş düşdüler. Öz raýatlaryna zulum etdiler. Onsoň Perwerdi­
gär: «Yslama din gylyjy bol!» diýip, Togrul begi ýedi yklyma ja­
handar belledi.
– Eşidişime görä, täze patyşa hatynynyň sözünden çykma­
ýarmyş. Oguz hanlary hatynlarynyň hakylyna gulak gabardan
ýerlerinde bagtlarynyň ýatandygy barada maňa ýaşlykda gürrüň
beripdiler.
Gökhun begiň bu gürrüňine hortap täjir garşy çykdy:
– Wizantiýada Mihail bäşinjiden soň Konstantin ýedinjiniň
gyzy Zoýa3 ýurtda melike (şa hatyn) diýlip yglan edildi. Men iki
aý mundan öň Konstantinopolda boldum. Şonda melikäniň ba­
zarlara aýlanyp ýörendigini hakyt gördüm. Ol täjirleri aýratyn
gowy görýän eken. Olaryň rowaçlygy üçin birnäçe perman çy­
karypdyr: paç­lary azaldypdyr. Melike orta daýhanlaryň, ilatyň
130
birnäçe salgydyny ýatyrypdyr. Wizantiýada melikäniň abraýy
juda ýokary. Ähli halk melikä alkyş okaýar.
– Zoýanyň jany sag bolsa, Wizantiýa şalyk etmek gezegi
bize – bezirgenlere-de ýetsin gerek – diýip, söwedin täjir hortap
täjiriň ýüzüne kinaýatly ýylgyrdy.
– Bu näme diýdigiňiz bolýar?
– Munuň sebäbini Konstantinopola barybam bilmediňmi?
– Ýok, bilmedim.
– Onuň bilmez ýaly syry ýok. Zoýa görgülide är uzak dura­
nok. Ol üç gezek äre çykdy, üç ärinem tagtda oturtdy. Barybir,
ol ärleri dürli sebäplere görä uzak ýaşaman ölýär. Konstantin IX
Monomaham uzak ýaşaman öler, şeýdip, Zoýanyň ärleri ölüber­
se, ahyr gezek bize-de ýeter-dä!
Söwedin täjiriň bu sözüne kabulhanada oturan täjirler he­
zil edip gülüşdiler.
– Täze patyşa ýörişe gidende yzynda hatyny Altynjany nedim
belläp gidýärmiş. Men bu sözüň çyndygyny-ýalandygyny-ha anyk
bilmeýärin – diýip, Gökhun bin Harur meniň bu sözüme näme
jogap berip bilerkäňiz diýen terzde töweregine garan­jaklady.
– Altynjan hatyn, eşidişime görä, ýöne-möne hatyn bolmaly
däl. Begiň oňa ikinji gezek öýlenmeginde-de hikmet bar.
Gökhun hortap täjiriň şu sözi aýdaryna garaşyp duran ýaly,
söze başlady:
– Togrul beg Ýusup ýabgunyň wepatyndan soň beýik
bir seňňeriň üstüne çykyp, üç gije-gündiz Allatagala mynajat
okapdyr. Şonda oňa bagzy erenler beýik bir şadöwlet gurmagy­
na jahandarlyk patasyny beripdirler. Erenler oňa kyrk ýaşa çen­
li öýlenmezligi wesýet edipdirler, kyrk ýaşda bolsa bir ýanýoldaş
iberjekdiklerini aýdypdyrlar. Togrul beg hem kyrk ýaşa ýet­
ýänçä öýlenmändir. Seljuk jemagaty gyşyny Dargan, Hezarasp
sebitlerinde, ýazlagyny Nur ýaýlasynda geçirýän döwürleri
Horezmşanyň gyz agtygy: «Kim-de-kim maňa Togrul begiň kelle­
sini getirip berse, men şol merdana ýigide äre çykjak» diýip ha­
bar ýaýradypdyr. Ana, şonda özüne göwni ýetýän üç sany goçgar
Togrul begiň gaşyna barypdyr. Togrul beg ol üç goçgaryň biriniň
hem raýyny ýykmandyr. «Eger küşdüňiz-muşduňyz meniňkiden
131
rüstem gelse, meniň kellämi alyp gidiberiň. Biziň ýekme-ýek
söweşimize hiç kim päsgel bermez. Siz ýeke geldiňiz, men hem
siziň garşyňyza ýeke çykaryn» diýip, beg üç ýigit bilen başa-baş
söweşipdir. Ol üç ýigidiň ikisi-hä amanadyny tabşyrypdyr, üçün­
jisem ýeňlendigini boýun alypdyr, soňundan onuň bilen dogan
okaşypdyr. – Gökhun maňlaýyna omrakaý sümren peşini biraz
ýokary galdyrdy. – Togrul beg erenleriň: «Kyrk ýaşda seni bir ze­
nana gowşurarys» diýen zenanynyň Altynjandygyny, onuň hem
öz kastyna çykandygyny şol wagt nireden bilsin?!
Gökhunyň aýdýan zatlary kabulhanadakylaryň ählisini
gyzyk­landyrdy. Täjirler onuň daşyna egele bolup, aýdýan sözle­
rini diňlemäge durdular.
Muhtasybyň oturan otagynyň gapysy açylyp, iki sany daýaw
täjir ýylgyrjaklap çykdy. Olar kabulhanadan çykyp ötägitmän,
edilýän gürrüňi diňlemek üçin aýak çekdiler. Hiç kim ýanyna
barmandan soň, muhtasyp hem oturan otagyndan çykdy.
– Altynjan hatyn näme üçin Togrul begiň kellesini geti­
rip berene durmuşa çykjak diýdikä? – diýip, mapraç täjir gy­
zyklandy.
– Onuň sebäbi bar.
– Siz bileňzokmy onuň sebäbini?
– Bilýärin. Altynjan hatynyň özem kiçeňräk goşun jem­
läp, Tog­rul begiň kastyna çykypdyr, ýöne şol wagt Togrul beg
Nur etrabyna giden eken. Meniň, menden owal babam Harur
Aksungaryň häkimlik eden Gawşfinj şäherine öň Akhun (afri­
git) nesilşalygyndan bolan Bug­rajyk Abdal häkim eken, ýöne
Mamunlar tagta geçensoň, Bug­rajyk Abdalyň ykbaly küle çökdi.
Sebäbi onuň diňe gögeleje ogly bilen özüni diri galdyryp, beýle­
ki ähli kowum-hyşdyny öldürdiler, häkimligini elinden aldylar,
Bugrajyk Abdaly mülküne – Zamahşar galasyna kowdular. Agyr
kysmaty, ölüm-ýitimi ýüregi göterip bilmän, ol öldi, galada ogly
Abdylmälik galdy. Şonda Bugrajyk Abdalyň köne dosty Tahyr
Afrasýap Zamahşara gelip, ýaş Abdylmälige hossar çykdy, oňa
özüniň on ýedi ýaşly gyzyny äre berdi. Olardan üç ogul bilen
Altynjan dünýä indi. Altynjan – Togrul begiň hatyny şol!
132
– Altynjanyň Togrul begde näme kasty bolduka?! –
diýip, mapraç täjir başky sowalyny gaýtalady.
Gökhun göwünjeň jogap berdi:
– Kimdir biri Tahyr Afrasýabyň Tümen diýen ogluny öldür­
di. «Tümeni Togrul öldüripdir» diýen myş-myş ýaýrady. Ýöne,
özüňiz bilýärsiňiz, Ýusup pygamberden bäri möjegiň agzy iýsede gan, iýmese-de4. Altynjan daýysynyň agysyny aglady, öýünden
çykmady. Soňam ar almagy – Togrul begi öldürmegi maksat
edindi. Ana, şonda ol özüne aşyk bolan ýigitlere bakyp, kim-dekim Togrul begiň kel­lesini getirip berse, şol gerçege äre bar­
jakdygyny mälim etdi. Gerçekler bu habara begenmek begen­
diler, Togrulyň kellesini getirmek üçin gitdiler, ýöne olaryň hiç
birisi hem Togrul begiň kellesini getirip bilmedi. Togrul beg
öz kellesiniň söwdasyny edýän arjanak zenany görmek isledi, şu
isleg bilen göni Zamahşar galasyna bardy. Altynjana gözi düşen
Togrul beg bada-bat oňa aşyk boldy. Ol Altynjana garap: «Eý,
altyn gyz, – Togrul beg şonda Altynjanyň adyny bilmeýän eken
– Sen meniň kellämi idegläpsiň. «Kim-de-kim Togrul begiň kel­
lesini getirse, men şol merdana gerçege äre barjak» diýipsiň.
Ynha, men ýumşuňy bitirdim – Togrul begiň kellesini elin ge­
tirdim. Indi sen sözüňde durup, meniň hatynym bol!» diýdi.
Togrul bege öň owadandan-owadan gyzlary hödürläpdirler.
Ol welin, ýeke gyzyň ýüzüne-de garamandyr, ýöne Altynjandan
welin, asla gözüni aýryp bilmän, äpet göwresini saňňyldadyp
durmuş. Beg şol duşuşykdan soň, Zamahşara sawçy ýollapdyr.
Ýöne toba ýaşy5 dolýança – iki ýyldan gowrak wagtlap öýlenmän­
dir – diýip, Gökhun beg töweregindäkilere seretdi. – «Zamahşar
gijesi» hakda eşitdiňizmi?
– Ýok, ýok, bilmeýäris, aýdyber – diýip, bezirgenler Gök­
hun begiň gyzykly wakany gürrüň berjegini aňyp, söhbediniň
soňuny diňlemäge howlukdylar. Ýöne gürrüňçilikde käbir kişi
özüni görkez­mek, özüniň ony-muny bilýändigini aýdyp öwün­
mek isleýär. Şol maksat bilenem gürrüňe goşulýar. Gökhun
begiň mylaýymlyk bilen gür bermesi hortap bezirgeniň hoşuna
gelip, ol öz bilýän zadyny göçgünli gürrüň bermäge başlady:
– Men Togrul beg bilen bäş-alty gezek duşuşdym. Ol Altyn­
jan hatyna talak berende şeýle diýdi: «Ýa men ölerin ýa-da sol­
133
tan Masudy ýeňip, Horasana hökümdar bolaryn. Şu maksadyma
ýetýänçäm men saňa nämynasyp. Şu günden başlap, men gylyç
ýa kepen däbine girip, soltan Masudyň garşysyna çykjak. Ölsem,
idde möhletiň6 gutararyna garaşyp-örtenip ýörmän, meniň ölen­
digimi eşideniňden soň äre bar, ýöne Allatagala menlik bolup,
soltan Masudy ýeňsem, onda men saňa täzeden öýlenerin. Ikinji
toýumyz «Zamahşar gijesindäki» ýaly bolmaz. Reý şäherinde ýedi
yklymda entek görlüp-eşidilmedik toý tutaryn».
Hortap bezirgeni uzak gürlemäge goýman, onuň al-petin­
den aldylar:
– Eý, sen nä gürleýärsiň? Seniň bu aýdýan zatlaryňy ähli
kişem bilýär. Sen, nä, bu gojanyň sözüni kesýärsiň? – Häliden
bäri ýekedyz oturyp Gökhun begi diňlän söwedin täjir ellerini
hereketlendirip gaharlandy. Söwedin täjiriň sözüni oňlap, hor­
tap täjire ýerli-ýerden igendiler.
– Gohlaşmaň, gohlaşmaň! – diýip, muhtasyp haýbatly ses­
lendi. Gökhun begiň alkymyna dykylyp bardy – Saýybym, siz
näme maksat bilen nireden geldiňiz?
– Men bady-şütür şemaly bilen at alan şäherden geldim.
Maksadymyz işe, gulluga durmak. Şu niýet bilen Reýe barýarys.
Bu ýerde garbak-gurbak edinmekçi bolduk.
– Näme käriňiz bar?
– Goçgar, meniň bir döwüm tötek iýmegim üçin şu zatlary
bilmegiň hökmanmy? Men bu ýere Alauddaule döwri hem ge­
lipdim. Şonda bir döwüm tötek iýmek üçin hiç zat soramaýardy­
lar. Ýa garbak-gurbak edinmek üçinem Ýusup Bazyrgana rişwet
bermelimi?
– Siz kim?
– Meniň adym Gökhun ibn Harur ibn Aksungar. Aslym ho­
rez­minli. Şamälikden öň – Altyndaş döwründe Gawşfinj şäheriniň
häkimidim. Soň ykbal şemaly meni Badhyza7 taşlady. Başga näme
aýdaýyn?
– Saýybym, siz maňa nähak gaharlanýarsyňyz. Bir döwüm
tötek iýmegiňiz üçin biz sizden hiç zat soramarys, Ýusup Ba­
zyrgana-da rişwet bermeli däl. Sakçylar sizi meniň tabşyrygym
bilen ýanyma getirdiler. Alauddaule döwri hem men şu ýerde
134
işleýärdim. Hernä, şol döwrüň – deýlemlilerden döwranyň geç­
digi bolsun. Ol döwür nan atlydy, biz pyýadadyk. Togrul soltanyň
ömri deraz bolsun. Agzymyz aşa ýetip ugrady. Ol her bir mu­
sulmany, her bir gelen täjiri myhmana goýulýan gadyr-hormat
bilen garşylamagy, doganlarça gürleşmegi bizden talap edýär.
Onsoňam Taberek galamyz indi kabalä8 öwrüldi. Ynha, görüň,
birgiden kerwen galada söwda edýär. Alauddaule döwründe bir
aýda gelýän kerwen bu gün bir günde gelýär. Patyşamyz täjirle­
ri salgytdan boşatdy, paçdan boşatdy. Gorag pajyny bolsa, ähli
täjirler üçin deň etdi. Her bezirgen hakda alada etmek biziň
borjumyz. Ine, şu bezirgenlerden sorap görüň, içinde bizde­
nem, patyşadanam nägilesi ýokdur. Sebäp, bar aladamyz raýat­
larymyz. Sizi nähak sak­lapdyrlar. Häzir sizi çaýhana elterler.
Size hyzmat ederler, arkaýyn boluň. – Muhtasyp içişikde duran
sakça buýurdy: – Bar, bulary çaýhana eltip gaýt. Çaýpuruşa aýt,
gowy hyzmat etsinler. – Muhtasyp Gökhunyň ýakynyna gelip,
müýnli gürledi. – Siz biziň günämizi ötüň. Men öz adamlaryma:
«Atabeglik eder ýaly är-aýal görseňiz, meniň ýanyma alyp geliň»
diýipdim. Sakçylar sizi bu ýerik meniň şol sözüm üçin getirip­
dirler. Ýogsam nahar iýjek adamy içeri goýbermän duramzok
biz. Allatagala maňa ogul bermedi, diňe bir akyllyja gyz berdi.
Ýaňy bäş ýaşyny doldurdy. Men gyzyma atabeg tutup, birki dili
öwretmek isleýärin. Togrul begiň hatyny ýetmiş iki dil bilýärmiş.
Saklablaryň9 hem ähli dilini bilýärmiş. Dünýäniň haýsy ýerinden
ilçi gelse, olaryň öz dillerinde gürleşip otyrmyş, ol.
– Ynamyň üçin taňryýalkasyn… – Gökhun syrly dymdy.
– Siz razymy?
– Ilki bilen, çagaňyzy göreli. Onuň bilen gürleşip göreni­
mizden soň, biz bu sowalyňyza jogap berip bileris. Özümiz ata­
beglik etmesegem, gowy atabeg tapyp berip bileris.
Muhtasybyň begenýändigi ýylgyrjaklap iki tarapyna ba­
kyşyndan açyk duýulýardy.
– Men näçe diýseňiz, hakyňyzy tölärin. Siz menden nägile
bolmarsyňyz. Men size ýatak jaýyny bererin, mugt iýdirip-içirerin.
– Teşneligimizi gandyrsak, owkat edinsek...
135
– Duruň, duruň! – diýip, muhtasyp Gökhunuň sözü­
ni böldi. – Siz häzir göni meniň öýüme baryň. Ol ýerde siziň
teşneligiňizem gandyrarlar, owkadam bererler. Ýusup! – Muh­
tasyp gapynyň agzynda duran sakça ýüzlendi: – Bu gojany hatyny
bilen meniň öýüme elt. «Altynjanyň atabegleri» diýip aýt. Gowy
iýdirip-içiriň. Bular uzak ýoldan gelipdirler. Dynçlaryny al­
synlar. Sowal berip, ýüreklerine düşäýmäň. Şeýle diýibem öýdä­
kilere aýt.
Muhtasybyň öýi uzakda däl eken.
Är-aýal giň otagda ýazylyp-ýaýrap naharlandylar. Bäş ýaşlyja
Altynjan bolsa Kalbyna bilen tiz öwrenişdi.
On bäşinji hekaýat
HER KIM ÖZ MAKSADYNA
DAŇLAN
A
lparslanyň harby tilsimleri öwrenjekdigi Togrul begi-de,
Altynjany-da biynjalyk edip duranokdy. Çünki ol pälwansy­
pat, daýaw, erjel jahyldy, harby tilsimleri öwrenmäge höwesekdi. Iň
esasy zat, onuň döwrüň ylymlaryndan ýüküni mas ýetirmegidi. Pars
hem ýunan dillerini öwrenmegidi: musulman halklarynyň arasynda
bilim dili – arap, syýasy dil – pars, köçe dili – türkmen dilidi. Ýunan
dili aşa sowatlylygy aňladýan begzadalyk dilidi.
Togrul beg alada-endişesi her çent köp-de bolsa, iki ýylyň do­
wamynda Alparslany ünsden düşürmedi: onuň bilen gylyçlaşyk
türgenleşigini geçmäge, puta – ýaýdan hem hanjardan nyşana
urmaga wagt tapdy.
Tas her gün garadere batyp türgenleşdiler.
Birder türgenleşik geçip, ýadap, dynç almak üçin oturanla­
rynda Altynjan hatyny çagyrmak Togrul bege edehäde öwrülipdi.
– Näme üçin Altynjan ýok?! Çagyryň-a ony.
Bu söz her gezek gaýtalanýandygy üçin, Togrul patyşa bi­
len Alparslan türgenleşige başlasa, hyzmatkärleriň biri Altynjan
hatyny çagyrmak üçin ugrardy.
137
Alparslan lalalary Togrul soltany, Altynjany aýratyn hatyra­
laýardy. Olaryň göwnüni götermäge çalyşýardy. Togrul soltana
«babam», «lalam», «walydym»1, Altynjan melikä «enem», «la­
lam», «walydam» diýip ýüzlenýärdi.
Alparslan Togrul beg bilen Altynjany hernäçe ezizlese-de,
kakasy Çagry begi, ejesi Gyzbibini ýadyndan çykarmaýardy, kä
gijeler ejesidir kakasy, doganlary Gurt (Kawurt), Süleýman, Ýa­
kut düýşüne girýärdi, olar bilen basalaşyp oýnasy gelýärdi. Mer­
we bakan seredip, doganlary bilen basalaşyp oýnan günlerini ýat­
laýardy. Onuň gündogara bakan seredip oturandygyny görüp,
Altynjan melike ýanyna gelerdi:
– Öwez, sen näme üçin ýüzüňi aşak salyp otyrsyň? Nämäni
gaý­gy edýärsiň?
On dört-on bäş ýaşly Alparslan näme jogap berjegini bilmän
çyk­gynsyz güne galardy:
– Men hiç zady gaýgy edemok...
– Ýeri, ýene Merwi ýatlaýarsyňmy?
Alparslan boýun almaýardy. Ol alawuz gylygyň gowy däldi­
gini bilýärdi, ýöne hakykaty aýtsa, lalasy halajak däldi. Şonuň
üçinem ýalany saýlap alanyny ibaly görýärdi.
Togrul beg gylyçly türgenleşiklerden soň, Alparslan bilen
bile naharlanýardy. Özem köplenç sazandalaryň pessaý sazyny
diňläp naharlanýardylar.
Togrul soltan nahar başynda Alparslana ýüzlendi:
– Saňa näme bolýar? Nämäni oran edýärsiň?
Alparslan sowala açyk jogap berdi:
– Iki gije mundan öň düýş gördüm, lalam. Şol gören düýşüm
teý ýadymdan çykanok.
– Pygamber ýorgudy bolsun, nähili düýş ol?
– Düýşümde walydym hassa ýatyr, ol maňa gyzyl ok2 berdi.
Walydam bolsa ol oky elime almagymy islemedi.
– Walydyň bu mahal Balhda bolmaly. Ol Möwduddan3 ýeň­
läýdimikän? Näme üçin meni däl-de, seni kömege çagyrýarkan?
Eger zerurlyk ýüze çyksa, maňa habar göndererdi, ýöne ondan
hiç hili habar ýok...
Şunuň bilen gürrüň gutardy.
138
***
Gyzyl okuň – çakylygyň ugradylmagyna Reýde ähli kişiden
beter Altynjan howlugýardy. Çünki iki dogan – Çagry beg bilen
Togrul beg patyşalygy ýola goýup, güýç ýygnap Horezmine —
Şamäligiň üstüne çozmagy ähtleşipdiler. Şol ýörişe taýýardygyny
mälim edip, Çagry beg Togrul bege ýörişe çakylyk iberme­
lidi. Şamälikden ar almak diňe bir Altynjanyň däl, ähli seljuk
begleriniň maksady ahyryn. «Zamahşar gijesiniň» awusy seljuk
neberesiniň jigerlerinden çykarly däldi. Ol gijede diňe toý ýasa
öwrülmedi, sekiz müň seljukly wepat boldy, gyryldy! Ol gijede,
gör, näçe çaga, näçe naçar öldürildi.
Şamäligiň elinden Altynjanyň hossarlary – ata-enesi we­
pat etdi.
Şamäligiň elinden Altynjanyň dogany Habyl wepat etdi.
Şamäligiň elinden wepat eden adamlar kändi, juda kändi,
ýatlasa, Altynjanyň jigeri gyýym-gyýym bolýardy.
Altynjan Şamälikden aryň alynmagyna gününi sanap ga­
raşýardy.
Merwden Altynjan hatynyň paltasyny daşa degdiren ha­
bar geldi: «Şamäligiň üstüne ýöriş edildi, ýöne ýöriş şowsuz
gutardy4».
***
Togrul soltan Alparslanyň gören düýşüniň ýönekeý düýş
däldigini aňyp, ony on müň atly goşun bilen Merwe ugratmagy
makul bildi, Alparslana daňdan Merwe ugramalydygyny aýtdy.
Çagry beg: «Şu gün sagalaryn, ertir sagalaryn» diýen inçe
tama bilen şindem nähoş ýatyrdy. «Çagry beg sarygetirme ke­
seli bilen keselläpdi, şol dert ony gaty ynjydýardy»5. Ol Balha
ugramak barada perman beripdi. Goşun taýýardy, ýöne ol ýola
düşmek hakynda pikir hem etmeýän ýalydy.
Ol Alparslanyň gelenine begenmek begendi. On bäş ýaşly
ogluny ýörişe taýýar bolup duran goşunyna baş edip, Balha
sary ugratdy.
139
***
Togrul bege Alparslanyň Balha salar bolup gidendigi,
Möwdudy ýeňip, seljuk serhedini giňeldendigi, bu habary
eşiden Çagry begiň keselinden açylandygy hakdaky habar bilen
gyzyl ok getirdiler6.
Gyzyl ok alan Togrul soltan birleşen güýç bilen Balha, Ho­
rezmine ýöriş etmek üçin elli müňlük atly: jylawdar hem ylgary
goşun bilen Merwe ugrady. Merwde esgerleriň sany ýüz müňe
ýetmelidi.
Iki dogan Merwde duşuşdy.
Şol gün Gaznadan hoş habar gelip gowuşdy: üç ýyllap edi­
len talapdan soň, gaznalylar Gutulmyş ibn Ysraýyl Arslan ýabgu
ibn Seljugy zyndandan boşatdylar. Mundan üç aý öň Resulte­
gin ibn Ysraýylyň serkerdeligindäki Gutulmyşy alyp gaýtmak
üçin ugradylan topar ahyr maksatlaryna ýetdiler, Gutulmyşyň
Hindiguş daglaryndan aşyp Merw sary ugrandygyny, birigün
Merwe geljekdigini habar berdiler.
«(Seljuklar) Soltan Masutdan Gutulmyşy zyndandan çykaryp,
özlerine iberilmegini talap etdiler. Talaplary ýerine ýetirilenden soň sol­
tan Masut bilen ýaraşdylar we öz aralaryndaky şertnamany berkitdiler.
Şertnama görä, Sistan, Gazna we Hindistan ülkeleri soltan Masuda
degişli bolmalydy, ol Horasandan we beýleki ýerlerden el çekmelidi. (Sel­
juklylar) tä soltan Sanjar (511 – 552 h.ý., 1118 – 1158 ý.) döwrüne
çenli soltan Mahmydyň neberesiniň üstüne çozmadylar».
Kerimeddin Mahmyt Aksaraýly.
Musameretul ahbar.
(Habarlaryň mejlisi)
Iki dogan Gutulmyşy derejeläp garşylamak maksady bilen,
ýörişi bir hepde soňa goýdular.
Gutulmyşa mynasyp gelinlik tapyp goýdular. Has takygy,
Ahmet Dehistanynyň gyzyna guda boldular.
Gutulmyş geldi.
Ýigrimi ýylyň aýraçylygyndan soň doganoglanlar didar­
laşdylar.
140
Toý toýladylar.
Uzak gije meýlis gurap, serden geçdiler.
Ertesi Gutulmyşy öýerdiler, oňa bir hepde dynç berýändik­
lerini aýtdylar.
Bir hepde dynç alyşdan soň, doganlar Gutulmyşy maslaha­
ta çagyrdylar, oňa ýagdaýy düşündirdiler, özleri bilen ilki Bal­
ha, soňam Jürjaniýa ýörişe gitmegi teklip etdiler.
Gutulmyş bu teklibe kes-kelläm garşy çykdy: özüniň ýigri­
mi ýylyň horlugyndan soň rahat ýaşamak, özem bolçulykda,
hökmürowanlykda bigam ýaşamak isleýändigini mälim etdi:
– Maňa bir patyşalygy – ülkäni beriň. Men ol ýurtda hiç bir
zadyň aladasyny etmän rahat ýaşaýyn. Men indi ýaş däl. Ömrü­
mi ikinji gezek töwekgellige salmak islemeýärin.
Togrul beg-de, Çagry beg-de Gutulmyşdan beýle söze
garaşmandylar. «Elbetde, Taňry ýagşy amal edijileriň azabyny
zaýa etmeýär»7. Mundan beýlägem şeýle bolar, ýöne Gutulmyşyň
jogaby bu iki dogan üçin garaşylmadyk jogapdy.
Näme etmeli?!
Balha, Horezmine ýörişi soňa goýmaly. Gutulmyş haýsy se­
bite häkim bolmak isleýän bolsa, şol ýere gidip, şol ýerini teshyr
edip, onuň ygtyýaryna tabşyrmaly. Ikinji ýol ýok: sebäbi Tog­
rul begiň hem Çagry begiň hem ýigrimi ýyllap horluk çeken
Gutulmyşyň garşysyna gidesleri gelenokdy. Her nähili ýagdaý
bolanda-da, ony razy-hoşal etmeli. Ol dogry aýdýar: goý, galan
ömrüni göwnühoşlukda geçirsin. Ol: «Men patyşa boljak. Sizem
meniň wezirlerim bolarsyňyz» diýenog-a! «Men soltan boljak!»
diýmäge-de haky bar onuň. Sebäp ol Arslan ýabgunyň ogly.
Arslan ýabgu ähli seljuklylaryň patyşasydy, ýabgusydy. Ýabgu
ölse, yzyny ogly dowam etdirmeli!
Iki dogan özara maslahatlaşdy. Şondan soň olar Gutulmyşyň
ýanyna bardylar:
– Gutulmyş dogan, sen çar ýana ynamdar jahankeşdeleri
gönder. Goý, olar iň gözel, iň baý ülkeleri, patyşalyklary görüp
gelsinler. Onsoň haýsy ýerini diýseň, ilkinji nobatda, şol ýerini
saňa petihläp bereýin. Seni razy edip, ana, şondan soň men Ho­
rezmine ýörişe gideýin.
Gutulmyş Togrul bege nagt jogap berdi:
141
– Dogan, onuň üçin hiç ýere adam, jahankeşde gön­
dermegiň derkarlygy ýok. Meniň göwnüm – eger maňa rowa
bilseň! – Tabarystany – Ziýar patyşalygyny isleýär. Şol ülke meniň
tabynlygymda bolsa, maňa bu dünýäde başga hiç zat gerek däl.
– Eh, byradar, heý, men saňa ol ýerleri rowa bilmerinmi?
Ondan köp ýer isleseň hem musahhar kylyp bererin.
– Ýok, ýok, maňa şol ýerleri ýeterlik.
– Islemek seniň bilen, amaly biziň bilen.
***
Togrul beg Tabarystana – Ziýar patyşalygyna iki ýüz aňtawçy
ýollady. Olaryň wezipesi Togrul begiň çyn howandardygyny,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn II - 09
  • Parts
  • Altynjan hatyn II - 01
    Total number of words is 3629
    Total number of unique words is 2034
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 02
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2164
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2031
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 04
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1970
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 05
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 06
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2172
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 07
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2164
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2085
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 09
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2084
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 10
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2064
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 11
    Total number of words is 3507
    Total number of unique words is 2173
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    37.2 of words are in the 5000 most common words
    44.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2151
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2040
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 14
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2044
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 15
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2131
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 16
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2156
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 17
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1976
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 18
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2087
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 19
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2023
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 20
    Total number of words is 3723
    Total number of unique words is 1909
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 21
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1880
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 22
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 1944
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 23
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1971
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 24
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1896
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1941
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 26
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 2028
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 27
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2124
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 28
    Total number of words is 1126
    Total number of unique words is 678
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.