Latin

Altynjan hatyn II - 01

Total number of words is 3629
Total number of unique words is 2034
30.0 of words are in the 2000 most common words
43.1 of words are in the 5000 most common words
48.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
OSMAN ÖDÄÝEW
ALTYNJAN
HATYN
Roman
Ikinji jilt
Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Aşgabat – 2012
UOK 894. 361
Ö 16
Ö 16
Ödäýew O.
ALTYNJAN HATYN (Roman). Ikinji jilt. – A.: Türkmen döwlet
neşirýat gullugy, 2012.
„Altynjan hatyn“ romany XI asyrda beýik şadöwlet döreden, adalaty,
yslamy goramakda Gündogarda dabarasy dag aşan Togrul beg hem onuň
ýakynlary hakda söhbet açýar.
Altynjan hatyn Togrul begiň hatynydyr. Awtor Altynjanyň durmuş
ýolunyň, başdan geçirmeleriniň üsti bilen Togrul begiň hem onuň ýakyn­
larynyň keşplerini açyp görkezýär.
Romanda dartgynly, adaty bolmadyk wakalar teswirlenýär. Şol waka­
lar gahrymanlaryň keşplerini has inçeden açyp görkezmäge hyzmat edýär.
Romandaky dartgynly wakalar göz öňüňde janlanýar, seni özüne bendi
eýleýär. Gahrymanlaryň başdangeçirmeleri, beýik gahrymançylyklary hak­
da okap, ilkinji gezek edebi dolanyşyga giren birgiden taryhy maglumatlar
bilen tanyşýarsyň, şeýle hem türkmen halkynyň şöhratly, gahrymançylykly
taryhynyň bolandygyna, onda merdana pederlerimiziň öçmejek yz galdyran­
dygyna guwanýarsyň, romandaky taryhy şahsyýetleriň belent ahlaklylygy,
deňsiz-taýsyz gaýduwsyzlygy, mertligi, wepalylygy türkmendigiňe buýsanjyňy
goşalandyrýar, şeýle ajaýyp şahsyýetler durmuşyňa nur-many çaýýar.
TDNG № 238 2012
KBK 84 Tür 7
© O. Ödäýew, 2012.
Ikinji kitabyň dowamy
Heminzaman
Sekizinji hekaýat
BALYGY SUWUŇ ÝÜZÜNE
ÇYKARMAGYŇ TÄRI
S
oltan biperwaý däldi, ýok, asla biperwaý däldi, ol biper­
waý bolan bolýardy. Başarsa, seljuklylary derbi-dagyn,
tike-tike etjekdi. Musulman döwletleriniň içinde özüne garşy
durup biljek ýeke döwletiň ýok çagty bir oýnam atlynyň özün­
den rüstemdigine namys edýärdi ol. Seljuklylary ýok etmek
synanyşygynyň her gezek şowsuz gutarýanlygynyň – olaryň özün­
den rüstem bolmaklarynyň, garşysyna ugradan goşunyny külpeýekun etmesiniň hikmetine, herçent oýlansa-da, teý düşünip
bilmeýärdi. Aslynda welin, ol muňa şeýlebir düşünmek isleýär­
di. Seljuklylary derbi-dagyn etmek üçin gije-gündiz düýrmegi
bilen çykalga gözleýärdi, sadakalar berýärdi, Allatagala dileg
salýardy. Näme üçin her gezek şowsuzlyga uçraýandygynyň,
güýçlükä, güýçli goşuny barka biçäreliginiň sebäplerini anykla­
makçy bolýardy. Özünde hiç zat bilen düşündirip bolmaýan bir
3
gorkynyň bardygyna geň galýardy. Görnetin güýçlükä näme
üçin gorkýandygyna akyl ýetirip bilenokdy. Şol gorky sebäpli
ol goşunyň başynda özi durman, Bekdogdyny salar belläp gön­
deripdi. Ol arkaýynsyrasa-da, biperwaýlyk etse-de, seljuklylaryň
garşysyna goşun ibermeli bolanda, her gezek tutumy uludan
tutup, hiç bir zadyny gaýgyrmady. Soňam goşunyň ýeňişli do­
lanmagyna irikgä durup garaşdy. Barybir, ýörişler şowsuz
boldy. «Soltan Mahmydyň ogly Masut keýpi-sapa, meýlis bi­
len wagtyny bihuda geçirýär» diýýärler. Wah, ol keýpi-sapany
gowy görýärdi, häzirem gowy görýär, ýöne seljuk begleri keýpisapada maza-bähre goýmadylar ahyryn! Ol kakasy dirikä ýigri­
mi iki ýaşynda Hyrada häkim bellenipdi. Kakasyndan uzakda
bolansoň, meýlise aşa gyzygypdy. Indi döwür-ýagdaý başga. Ol
öň aladasyz bolup meslik edipdi, indi çykalga tapman, öz-özüne
teselli bermek üçin keýpi-sapa bilen najagaý bolýardy. Böwrüňe
diň salyp, şum habara garaşyp gondalawly oturmagyň hupbaty
has aýylganç ahyryn! Asyl wagt geçmez eken. Soltan nätsin?! Ol
öz wezir-wekilleriniň ýanynda seljuk begleri baradaky howsalaly
gürrüňlere bilgeşleýinden myzaýyk etmedikden bolýardy, öz
wezir-wüzeralarynyň: «Wah, soltanymyz seljuklylara geleň ber­
meýär, geleň berse-hä, derrew olary ýok ederdi» diýen pikirde
bolmaklaryny isleýär. Şu maksat bilen biperwaý bolan bolýar ol!
Ýogsam öz soltanlygynda bir oýnam bibaş atly garşyňa baş gö­
terse, heý, oňa-da soltan myzaýyk-geleň etmezmi?! Diňe Masut
däl, herki soltan hem baş galdyrar, başbozarlary ýok hem eder.
Ynha, indi bäş ýylyň içidir, soltan Masut çykalga tapman
halysan golawrady. Mahal-mahal Hindistana ýöriş edip, şöhratly
ýeňişler, köp-köp oljalar bilen Gazna dolanýar. Şeýdibem özüniň
güýçli, beýik soltandygyny öz wezir-wekillerine göz edýär. Diňe
bir öz wezir-wekillerine däl, Etekdäki seljuklylara-da, Bagdatdaky
halyfata-da göz edýär. Şeýdip, olarda gorky döretmekçi bol­ýar,
şeýdip, olary mugyra getirmäge çalyşýar. Çünki ol özüniň her bir
hereketi, her bir ýeňşi barada seljuklylaryň eşidýändigini bilýär.
Şu zatlar bilenem öz-özüne teskin berýär. Dagy nätsin?!
Soltan Masut seljuk begleri bilen baglanyşykly ähli zat­
lary bil­ýärdi: mundan bäş ýyl owalan bary-ýogy ýedi ýüz atlysy
bolan seljuk begleriniň bu gün on bäş müň atly goşuna öwrü­
4
lendiginem bilýärdi, Çagry begiň Merwde Melikul-mülük1
diýen at alandygyny, her juma güni metjitlerde öz adyna hutba
okatdyrýandygyny-da bilýärdi.
Bilýärdi.
Örän köp zatlary bilýärdi.
Ýöne bilmeýänden bolýardy, öwsaýysyraýardy.
Wa-weýleta, bilýän zatlaryndan oňa jinnek ýaly-da nepagatgoraw ýokdy.
Seljuk begleriniň Oguz hanyň gylyç ýa kepen resimine
girendik­lerini-de bilýärdi.
Seljuk begleriniň şu däbe girenlerinden soň maşgalalaryny,
çaga-çugalaryny Oguz (Garagum) çölüne ugradandyklaryny-da
bilýärdi.
Togrul begiň Altynjan atly gaýduwsyz hatynynyň bardygyny,
ol hatynyň birnäçe darkaşda ýeňiş gazanandygyny, harby tälimle­
re türgendigini, şeýle hem onuň arap, pars, ýunan dillerine suwa­
radygyny bilýärdi.
Togrul beg Masut soltany mes öküz hasaplaýardy, Masut sol­
tan bolsa, öz gezeginde seljuklylary ýaraly ýolbars hasaplaýardy.
Olar nädip ýaraly ýolbarsa öwrüldiler? Olar nädip jebisleşdiler?
Soltan bu sowallaryna jogap tapdy, ýöne giç tapdy, iş-işden
geçensoň tapdy.
Esasy ýalňyşlygyny salgyt hasaplady. Olara, dogry, örän agyr
salgyt salyndy. Soltan bu salgydy zada mätäç bolup salmandy.
Ýok, ýok, Abywert, Nusaý, Etek, Paraw, Dehistan etraplary salgyt
tölemänlerinde-de soltanlygyň uly bir ýitirýän zady ýok. Hindis­
tandan getirilýän oljalar bilen ol sebitiň salgydynyň öwezini, bir
ýa iki däl, ençe esse dolup bolar. Soltanyň agyr salgyt salmagynyň
aňyrsynda seljuk­lylary başga bir ülkä gaçyrmak maksady bardy.
Agyr salgyt salanda Tabarystanyň ilaty ähli zatdan ellibizar geçip
gaçypdy. Soltan seljuk­lylar hem gaçar öýtdi. Indi, yzarlap görse,
ol görgülileriň gaçyp-gaçyp iň soňky gelen ýerleri Etek eken. Ta­
barystanlylarda gaçara ýer bar eken, seljuklylaryň welin, ýaraga
ýapyşaýmakdan başga ýollary ýok eken.
Seljuklylar başda Oguz ýabgulygyndan – Ýaňykentden ga­
çyp Jende gelipdirler.
Jentden gaçyp, Nur-Buhara gelipdirler.
5
Nur-Buharadan-da gaçyp Horezmine geldiler, şonda olara
soltan Masudyň oňlamagy bilen Altyndaş hossar çykypdy.
Horezminde Şamäligiň aýylganç «Zamahşar gyrgynçy­
lygyndan» soň gaçyp, Horasana – Etege geldiler. Hut soltan
Mahmyt Abywerdi, Nusaýy, Farawy birmahal seljuklylara ykta
beripdi.
Olar özlerine berlen ýeri talap etdiler.
Seljuklylar hyzmat etmek islediler. Hakyt şeýle: olar Gazna
soltanatyna – soltan Masuda sadykat gulluk, hyzmat etmek isle­
diler.
Soltan Masut bu gün käbir görip, bahyl kişileriň gepine
gidip, özüne mutyg hyzmat etjek, özem juda köp peýda getirip
biljek hyzmatkärlerini duşmana öwrendigine düşündi. Özem
diňe bir özüne däl, olaryň tutuş soltanata howp salýan duşmana
öwrülendigine düşündi.
Soltan bar günäniň özündedigine-de düşündi, ýöne muny
boýnuna alardan boýny juda-juda ýogyndy. Ol seljuklylaryň
garşysyna Jendiň emiri Şamäligi küşgürdi. Soltanyň bu pyrryl­
dagyndan bihabar seljuklylar ýene gaznalylara sygynyp, Balkana
geldiler. (Mahmyt Gaznaly – soltan Masut Gaznalynyň kakasy
diňe Abywerdi, Nusaýy, Parawy däl, Balkany-da seljuklylara ykta
beripdi ahyryn!)2 Seljuklylar ýene kowuldy, ýöne indi olaryň gi­
dere ýerleri ýokdy. Şonuň üçinem olar baş göterdiler.
Soltan Masut seljuklylary öz peýdasy üçin ulanmagy
başarmady, asyl ulanjak bolmady. Peýdalanmagy başarmasaň,
kiçi daş hem büd­redýär
Soltanlygyň bähbidine gönükdirilmeli jemagat soltanlygyň
gar­şysyna, zyýanyna gönükdirildi.
Soltan hyrçyny dişledi.
«Gorkagy kowsaň, batyr bolar» diýilýär, ýöne seljuklylar
gorky diýilýän zadyň nämedigini bilmeýän adamlar. Batyry
kowsaň, batyrlygy goşalanýan eken! Seljuklylaryň batyrlygy-da
goşalandy.
Möjegiň sürüsi-ordasy ýokdur, ýöne garşydaş tapylsa, biribiri bilen garpyşyp-urşup duran möjeklerem birleşýändir.
Möjekler birleşdi!
6
Özem öz eýesine garşy birleşdiler!
Hawa, hawa, öz eýesine garşy birleşdiler! Bu iň eýmenji!
Indi näme etmeli?!
Soltan Masut täzeden geňeş geçirdi. «Eger seljuklylar meniň
elim bolan bolsadylar, onda men elimi düýbünden çapdyrardym.
Eger seljuk­lylar meniň aýagym bolan bolsadylar, onda men bir­
jik-de säginmezden aýagymy çapdyrardym. Maksadyňa ýetmegiň
üçin hiç zat gysganmaly däl. Ähli serişdäni, baýlyklary seljuklylary
gyrmak üçin darkaşa ugrajak goşuna sarp etmeli» diýip, soltan
Masut geňeşde odukdy.
– Örän parasatly pikir aýtdyňyz, soltanym. Örän dogry.
Siziň geçirimliligiňizden, giňligiňizden peýdalanyp, olar juda
hetdinden aşdylar. Siz goşunyň başynda dursaňyz, soltanym,
seljuklylary Horasandan kowup çykararys – diýip, beýik hoja
Ahmet-Abd-as-Samat sesine nazym berip, gözüne ýaş aýlady.
Bu pikiri Subaşy, Sury, Bekdogdy dagy hem goldap, nutuk
sözlediler. Ariz bilen salar öz goşunlarynyň üpjünçiliginiň
seljuklylaryňkydan ýigrimi esse artykdygyny, san babatda-da
özleriniň abyrsyz köpdügini – seljuk begleriniň on alty müň
atlysy bar bolsa, özleriniň atlylarynyň sanynyň elli müňden
az däldigini, şeýle hem özlerinde üç ýüz sany söweş piliniň
bardygyny, azyk bilen gulamlary üpjün etmek gorunyň bir ýyla
ýetjekdigini nygtadylar.
Ariz bilen salaryň anyk sanlara salgylanyp eden çykyşlary diňe
bir soltanda däl, wezir-wekillerde-de ýeňşe berk ynam döretdi.
Wezirler diwanynda bolan geňeşde Termez welaýatyna git­
mek karar edildi. Çünki goşun üçin gulamlar, esasan, Termez,
Balh welaýatlaryndan – entek seljuklylar bilen garpyşyp görme­
dik, olardan gorkusy bolmadyk adamlardan jemlenmelidi. Iň
soňky jemlenme Balhda bolmalydy. Termezde, Balhda jemle­
nen gulamlaryň sany elli-altmyş müňe ýetmelidi.
Alyabat söweşi
Suwuň aşagyndaky balygy nädip awlamaly, nädip suwuň
ýüzüne çykarmaly? Dury, parahat suwda balygy tutup bolmaýar.
Ony tutmak üçin suwy bulandyryp ugramaly. Suw bulanyp ugra­
7
sa, balyklaryň rahatlygy gaçýar, dem almasy kynlaşýar. Şeýle
ýagdaýda balyklar çyrpynyşyp suwuň ýüzüne çykýarlar. Suwuň
ýüzüne çykan balygy gypynçsyz tutup bolýar. Soltan Masudy tut­
mak üçin ony ilki «suwuň düýbünden» – köşgünden meýdana
– «suwuň ýüzüne» çykarmaly. Gaznadan çykyp, Horasana gel­
megi üçin soltanyň jebegesini daraltmaly, gaharyny getirmeli.
Özem gaharyny soňky hetdine ýetirmeli.
Çagry beg bilen Togrul beg öňem bir pähimdar bolmadyk
soltan Masudyň gahary gelende ýüpden boşan öküze öwrül­
jekdigini bilýärdiler. Elbetde, ýüpden boşan öküziň öňünde
durmak bolmaýar. Öküzi ýykmak, öldürmek üçin onuň gap­
dalyndan, iň gowusy, yzyndan baryp itmeli, urmaly, syrtlan tilsi­
mi3 bilen urmaly.
Soltan Masut – öküz, gara güýji köp, oňa derek pähimi az.
Duşmany asgyn tarapyna agram berip ýeňmeli. Soltan islese, ýüz
müň atly goşunam jemläp biler, ýöne seljuk beglerinde onuňky
ýaly mümkinçilik häzir ýok. Seljuk begleri on bäş müňden artyk
söweşiji ýygnap bilmeýärler. Sebäbi özleriniň ygtyýaryndaky ýer­
lerdäki söweşmäge döwtalap adamlaryň sany on bäş müňden
aňry geç­meýär. Onsoňam köplerde entegem gaznaly soltan­
lygyndan gorky bar. Gaznaly soltanlygynyň güýjüni ähli kişi
görüp dur. Ýöne seljuk begleriniň güýji çäkli, olary köpler en­
tek topalaňçy hökmünde görýär. Topalaňçylygyň bolsa soňy
ýok. Topalaňçylary soltanyň saýlama goşuny aýylganç gyrýar.
Muny Horasanda bir ýa iki gezek däl, köp gezek gördüler. Şeýle
bolansoň, seljuk beglerinde gulluk etmäge döwtalaplar o diýen
köp däldi. Herhal, seljuk begleriniň aýsaýyn artýan owazasyna
maýyl bolup, Balkan daglaryndan, Müňgyşlakdan, Balh sebitle­
rinden, Mawerannahrdan türkmenler gelýärdi, olar baýlyk-olja
gazanmak maksady bilen gulluk edýärdi.
***
Soltan Masudyň ýöriş etjekdigi baradaky habary eşiden sel­
juk begleri dessine soltanyň soňky güýç-goşun jemlejek ýerine
– Balha hüjüm edip, başagaýlyk, gorky döretmek hakda karara
geldiler.
8
Soltanyň Balh welaýaty boýunça dikmesi Altyntak diýen ýe­
lemýüwletdi. Togrul beg Altyntagyň ýanyna ilçi gönderdi, on­
dan söweşsiz-garşylyksyz boýun egmegi talap etdi. Şu talabyň ýe­
rine ýetirilmedik ýagdaýynda, Balhyň ilatynyň başynyň ölümli,
malynyň talaňly boljakdygyny mälim etdi.
Altyntak Togrul begiň adyndan baran üç ilçini zyndanyna
taşlady, soňam öz üstüne seljuklylaryň uly güýç jemläp ýetip
gelýändigini habar bermek üçin soltan Masuda çapar gönderdi.
Altyntakdan habar alan soltan Masut desbi-dähil Balha sary at
goýdy.
Alyabat düzlüginde soltanyň uly goşuny seljuklylaryň go­
şunynyň yzyndan ýetdi.
Seljuklylaryň soltan goşuny bilen açyk meýdanda darkaş
gurmak maksady ýokdy, ýöne olar ät galdylar, üstlerini basdyrdy­
lar, ýogsam, olar Balha ugramazlaryndan burun ýörite mejlis
geçirip, söweş tilsimleriniň nähili bolmalydygyny anyk kesgit­
läpdiler: «öküziň» öňünde durmaly däl, açyk darkaşa girmän,
Balhdan Merwe gelýänçä – bir ýüz ýetmiş iki farsahlyk, ýigri­
mi menzillik4 ýolda garaşylmadyk pursatlarda çar tarapyndan
hüjüm etmeli, gapyllykda üstlerini basmaly, gulamlaryň arasy­
na wehim salmaly, Merwe ýetýänçä soltan goşunyny towşan ýaly
titräp duran byzbyldyk etmeli.
Türkmeniň ezeli sabahun urmak atly harby tilsimini ulan­
maly: ukynyň iň süýji wagty daňdanlar ýagynyň mesgenine
hüjüm etmeli, gyran-jyran etmeli. Garasaý, soltan goşunyna
aňkalary aşyp huk bol­ýançalar uky bermeli däl. Şu maksat bilen
iki ýüz-üç ýüz atly toparlara bölünmeli. Her toparyň haýsy ýere,
nireden, nädip çozmalydygy, soňundan nädip gaçmalydygy,
näme etmelidigi anyk kesgitlenipdi. Şeýle hem her topara ýüze
çykan ýagdaýa görä erkin hereket etmäge, özbaşdak netijä gel­
mäge izin berilýärdi.
Maksat Balh – Merw aralygynda gaznaly goşunyň bilini
omurmakdy.
Seljuk ýigitleriniň iýip-içjek owkatlary atlarynyň ganjygasy­
na berkidilendi. Olar söweş günleri az owkat bilen oňňut etme­
gi başarýardylar. Olaryň ählisiniň esasy azygy goýnuň içýagydy:
9
ondan özlerem iýýärdi, atlaryna-da berýärdiler. Içýag iýen esger
hem at yssyda suw küýsemeýärdi.5
Seljuk begleriniň ýörite dowulçylary bardy. Olar soltan go­
şunynda gulluga durup, gulamlaryň arasynda ýörite dowul-wehim
döredýärdiler. Togrul, Musa, Çagry hakda her hili mahabatly ro­
waýatlary gürrüň berýärdiler. Ýörite taýýarlanylan ol mahabatly
rowaýatlarda seljuk begleriniň ýeňilmezekdigi, soltan Masut bilen
göreş tutup ýeňendigi, ýöne bu habaryň gizlin saklanýandygy, sel­
juklylary Hudaýtagalanyň goldaýandygy, olara Derwezata araly­
gynda öz döwletini bagyş edendigi hakda aýdylýardy.
Soltanyň wezirler diwanynda, serkerdeleriň arasynda sel­
juk begleriniň satyn alan, yzygiderli habar iberip durmaga, ýeri
gelende, öz taraplaryna geçmäge razy eden serkerdeleri bardy.
Seljuk begleri öz ýörite fiskallarynyň üsti bilen soltanatda bolup
geçýän her bir möhüm wakany eşidýärdiler.
Altyntagyň kömek sorap çapar gönderendigi, soltanyň Balha
barýandygy hakdaky habar hem Merwe ugradylypdy, ýöne Merw
– Balh ýolunda çaparlaryň habary eglenipdi. Olar seljuk begle­
rini wagtynda tapyp bilmändiler. Bu hem seljuk goşuny bilen
gaznaly goşunynyň Alyabat düzlüginde açyk darkaşa girmegine
sebäp bolupdy.
Seljuk goşuny Ruhhajda6 düşläpdi. Soltan goşunyny düşlege
ýakyn getirmezlik üçin Alyabat düzlüginde garpyşmaly boldy.
Bu söweşde ýeňiş gazanyp bolmajakdygy görnüp durdy,
çünki soltanyň gulamlarynyň sany ýigrimi müňden-de aňrydy.
Goşunyň aman galmagy üçin diňe bir ýol bardy, ol hem
belli bir topar ölümini boýun alyp, ýigrimi müňlük goşunyň
öňünden çykmalydy, söweşmelidi, galan bölek pursatdan
peýdalanyp gaçmalydy.
Sekiz ýüz meýletin pidaýy öňe saýlandy, ýakyn dost-ýarlary
bilen hoşlaşdy, soňam “Ýa Hu!” diýip darkaşa girdi.
Olar iň soňky demlerine çenli söweşdiler.
Bu pidaýylar türkmeniň merdi-merdana, bahadur, jany­
mak gerçekleridi.
Janyňy pida bermek – erkiň hem ynanjyň soňky hetdi. Ol
milletiň durmuşynda täze bir döwrüň – söweş meýdany bilen
10
ýaşaýyş giňişliginiň barabarlaşandygyny aňladýar. Ejiz köpçülik
üçin söweş meýdany ýowuz ölüm meýdany hökmünde aňlanylýar.
Seljuklylar üçin bolsa söweş meýdany ömrüň täze bir döwrüniň
açylmak mümkinçiligi bolup görünýär. Pidaýy öz ölümi bilen
milletdeşiniň ömrüni bina edýär. Tutuş göwräniň aman galmagy,
ýaşaýşyny dowam etmegi üçin agza özüni pida berýär. Beýle ädim
ejizler üçin mümkin däldir, onda her bir agza öz gamyny iýýär, her
kes özüni halas etmegiň alajyny gözleýär, şeýdibem tutuş göwre
heläk bolýar. Pidaýylygyň hikmeti, ölümiň gözüne göni bakyp
bilmegiň howalylygy şundadyr. Güýçlülik duşmanyňy – özüň ýaly
adam bolan garşydaşyňy däl-de, ölümi ýeňmeklikdir. Ynsan ynsany
däl-de, ynsan ölümi ýeňende, geljege sary mümkinçilik, bagta bo­
lan ýol açylýar. Milletiň ýaşaýşynyň beýik dünýä aňyrsy manysy diňe
şonda ýüze çykyp, açylyp başlaýar. Şeýle ädime ukyply millet öz gel­
jegini öz elleri bilen amal edýän ruhy-beden bitewüligi bolup öňe
çykýar. Ölüm bilen ýüzbe-ýüzlükde halkyň adaty mazmunyndaky
haýal-ýagallyk, äwmezlik, lellimlik aýrylyp, bularyň deregine gujurgaýrat gelýär.
Seljuklylaryň her biri öňde goýan maksatlarynyň amaly üçin
şirin janyny pida bermäge her dem taýýardy...
Sarahs söweşi
1039-njy ýyl
Alyabatdaky gazanan ýeňşine ruhlanan soltan Masut Sarah­
sa ugrady, aňtawçylar toparynyň beren maglumatlaryna esasla­
nyp, Talhatanbaba galasynyň ýakynynda seljuk esgerlerini duza­
ga düşürmegi maksat edindi. Şu maksat üçin ol goşunyna diňe
gijelerine ýol ýöretdi.
Soltan Masudyň bu maksady-da şow tapdy. Talhatanbaba ga­
lasyndan çykan seljuk esgerleri üç tarapdan hüjüme geçen soltan
gulamlary bilen ýene mejbury ýagdaýda darkaş gurmaly boldy.
Aýylganç söweş başlandy.
Seljuklylar haýdan-haý guma çekilmek kararyna geldiler.
Ep-esli ýitgi çekip, guma çekildiler.
Soltan ýene ýeňiş gazandy.
11
Soltan serkerdelerine öldürilen seljuklylaryň göwdelerini
depe-depe edip goýmagy tabşyrdy. Şondan soň ol söweş bolan
meýdana dähedem-dessemläp aýlandy.
Eý-ho, giden göwde! Alyabatdakydan-a azrak!
Ýigrimi-otuz ýerde seljuklylaryň göwdeleri depe-depe bolup
ýatyr.
Edil şonçarak depe gaznaly gulamlaryň göwdelerinden
hem dö­rese gerek.
Soltan Masut göwde depelerini synlap durşuna kakasyny,
onuň türkmenler hakda aýdan sözlerini ýatlady.
Soltan Mahmyt özüniň türkmendigine, özem gaýa türk­
menlerindendigine, patyşa neberesindendigine buýsanardy.
Türkmeniň gylyjynyň türkmene garşy göterilmeli däldigini zolzol tekrarlardy. Geçmişde içki oňşuksyzlyklar zerarly türkmeniň
türkmeni öldüren gezekleriniň köp bolandygyny aýdardy. Eger
öz-özüni gyrmadyk bolsa, onda türkmenler hökman dünýäniň
hökümdary bolardy. Soltan Mahmyt türkmenleriň eden ýowuz­
lyklaryna köplenç gözüni ýumardy, olara diňe ýagşylyk etmäge
çalşardy.
Masudyň kakasy seljuklylaryň towakgalaryna hiç wagt ýok diý­
meýärdi. Gör, ol seljuklylara näçe ýerleri ykta berdi, gör, näçe begi
başbug göterdi. Soltanyň seljuklylar barada anyk pikiri bardy:
– Seljuklylar – kynyklar. Olar Oguz hanyň wesýeti boýunça
gaýalaryň hyzmatynda durmaly, has takygy, serhetlerimizi go­
rap bermeli.
Hut Oguz hanyň wesýeti boýunça seljuklylar – kynyklar ga­
ýalaryň – gaznalylaryň serhetleriniň goragynda durdular.
– Biz seljuklylaryň – kynyklaryň agyzlaryny aşa ýetirdik,
mally-mülkli etdik, indem olar patyşa bolmak isleýärler. Indem
olar biziň tagtymyza göz gyzdyrýarlar. Bu adamçylykdanmy? –
diýip, soltan Masut zol-zol özüne sowal berýärdi. – Ýok, ýok,
bular adam däl, bulary gyrmaly! Diňe gyrmaly! Bular ynsapsyz!
Wyždansyz!
Türkmen türkmeni gyrýar.
«Pähim-parasatly soltan duşmany bilen ýaraşar, onuň bilen
dostlukly gatnaşyk saklar. Emelsiz soltan wepadar raýatyny özü­
ne duşman ediner».
12
Soltan Masut tekepbirligi, gopbamlygy bilen öz raýatyndan
duşman gazandy.
Duşman döremeýär, duşman gazanylýar.
Soltan Masut hem özüne ýowuz duşman gazandy. Özem ol
duşman – ölümini boýun alan, gorky-ürkini bilmeýän duşman,
ol degnasyna degile-degile ahyr on alty gary kepene çolanypdyr:
«Gylyç ýa kepen» diýip, ata atlanypdyr.
Indi olarda ölmekden ýa ýeňmekden başga ýol ýok.
Indi olar bilen ylalaşyp bolmaýar.
Soltan Masut söweşiň bolup geçen ýerine aýlanyp, kepene
çolanyp ýatan seljuklylaryň jesetlerini synladygyça hopukdy. Se­
bäbi kepene çolanyp ýatan jesetleriň ählisiniň gözleri açykdy.
Ol gözlerde, gör, näçe gahar-gazap, gör, näçe arman bardy.
Olaryň bolup ýatyşlary ýene aýaga galyp, söweşmäge başlaýjaga
meňzeýärdi.
Soltan seljuklylaryň nähili söweşýändigini görüpdi, söweş
pursady Togrul begi-de görüpdi, gaznaly gulamlary gazap bilen
paýhynlaýşyny görüp, hopugypdy.
Soltan söweş gidip duran pursady üç-dört sany pidaýyny ýa­
nyna çagyrdy:
– Bar işiňiz, hana, şol egni ak eşikli pählewan serkerdäni
öldürmek bolsun. Haýsy biriňiz şol serkerdäni öldürseňiz, men
size uly bir welaýaty ykta hem ýigrimi bäş müň dinar berjek.
Pidaýylar soltanyň sözünden soň, seljuk beginiň üstüne uly
hyjuw bilen topuldylar, ýöne yktaly hemem ýigrimi bäş müň di­
narly bolmak olaryň nesibelerinde ýok eken, olaryň maňlaýyna
şol maksat üçin pida bolmak ýazylan eken.
Soltan söweş bolan meýdanda aýlanyp ýörşüne özüniň Tog­
rul begi öldürmek üçin ýörite ugradan pidaýylarynyň göwdele­
rini gördi, olaryň hem gözleri edil seljuklylaryňky deýin petreşip
durdy…
***
Sarahsa gelen soltan goşuny ýadawdy. Bir ýyla ýeter diýlen
azyk gory hem azalypdy.
Azyk gorunyň azalmagynyň günäkäri ýeke bir adamdy. Ol
– goşunyň arizidi. Ariz baýamak maksady bilen goşunyň ähli zat­
13
laryny deger-degmez bahasyndan satypdy. Adam bende umyda
bil baglan ýerinde ýalňyşýar. Ariz hem seljuklylar bilen darkaş
uzaga çekmez, olary şatyr-şutur ýeňeris, baýlyklary bize geçer,
ana, şonda meniň satan zatlarym bilinmän galar diýip umyt
baglady, ähli zat onuň pikiriniň tersine boldy, wagt ýel deýin
kowsarlap, onuň eden etmişiniň üstüni açdy, şeýle bolansoň,
ol aýbynyň açylmagyna garaşyp durman, seljuk begleriniň
gullugyna gaçyp bardy.
***
Seljuk goşuny 1039-njy ýylyň iýul aýynyň 27-sinde Sarahsyň
günortasyndaky Deh-i-Bazergakan diýen ýerde soltan goşunynyň
üstüne hüjüme başlady.
Söweşe Çagry beg serdarlyk etdi. Ol öz adamlary bilen beýik
bir depäniň üstünde durdy.
Söweş jylawdar goşunyň8 umumy hüjümi bilen başlandy.
Seljuk begleri bu söweşde ilkinji gezek iki kelleli bürgüdiň
şekili çekilen öz gara reňkli baýdaklaryny söweşe çykardylar.9
Ikikelleli bürgüt şekilli gara baýdak geljegiň umydyndan
hem beýikliginden habar berýärdi. Köpler gara reňk yslamyň
ilkibaşky reňki diýip düşündirýärdiler. Emma seljuk türkmen­
leriniň taryhy galkynyşy bilen baglanyşyklylykda, bu pikir haky­
katyň diňe ýarydy. Her bir oýanyşyň hem galkynyşyň diňe bir
täze reňki bolman, eýsem, bu düýpli hadysanyň gaty uzaklara
gidýän taryhy esaslary hem bolýar. Özem ol esaslar köplenç tas
unudylan, köpçülikleýin aňastyna giden gymmatlyklardan yba­
rat bolup çykýar. Seljuklylaryň baýdagynyň reňki, bir tarapdan,
yslamyň reňkidi, çünki seljuk döwleti geljekde bütin yslamyň
syýasy merkezi, onuň baýdagy külli yslamyň baýdagy bolmalydy.
Emma, ýene bir tarapdan hem, gara reňk oguzlaryň baryp
Oguz handanam öňki baýdagynyň reňkidi. Gara tug götereni
üçin, Oguzyň kakasynyň ady-da Gara han bolupdy. Gara reňk
Oguzda päkligiň, kesgitliligiň, arkadaglygyň – raýatlaryňy öz sal­
kyn kölegäňde ýaşatmagyň, kämilligiň alamaty bolan reňkidi.
Gara ähli reňkleriň enesi, ähli reňkleriň jemi hasap edilýärdi.
15
Ahyrsoňunda ähli reňkler gara dönýär. Oguzlaryň şeýle söýen
hem aňk bolan älem giňişliginiň reňki-de garady ahyryn! Älem­
den beýik zat bolup bilermi?!
Ikikelleli bürgüt seljuk türkmen ruhunyň älemleriň gir­
dabyny böwüsmäge taýyn bolanlygynyň suratydy. Onuň bir başy
ak tarapa – Günüň dogan tarapyna, beýleki başy bolsa gara tara­
pa – Günüň bat­ýan tarapyna bakyp dur. Bu bakyşda dünýäniň
iki böleginem alaryn diýen ynam görünýär.
Gara ýüpekden edilen baýdak Çagry begiň arkasynda pasyr­
daýardy. Ol söweşiň gyzan wagty eginleri jöwşenli iki müň atla
baş bolup darkaşa girdi.
Togrul beg jylawdar goşunyň öňüne düşüp hüjüme gir­
di. Ol ölümini boýun alyp, wagşyýana gygyryp, elindäki gön­
derini, mizragyny10 üznüksiz işledýärdi, soltan gulamlaryny
paýhynlaýardy.
Jylawdar goşun ýaňy söweşe gyzanda sagdan hem soldan yl­
gary goşun hüjüme girdi.
Başynda tuwulganyň, egninde jöwşeniň, çarpaýanyň, aýak­
larynda dyzlygyň bardygyna seretmezden, söweşde Togrul begiň
ýedi ýerinden gyltyz ýara düşüpdi. Iň erbet ýeri, şol ýaralardan
ganyň köp akandygydy: darkaş gidip durka, ganyňy saklamagyň
gamyny edip bolanok ahyryn! Şol sebäpli begiň başy aýlanyp
ugrapdy. Barybir, ol dört sagada çeken söweşde ganym duşman
bilen nädip söweşmelidigini öz esgerlerine görkezip, olary
ýeňşe ruhlandyrdy.
Soltanyň bäş müň gulamyny öldüren seljuklylar soltanyň
esasy goşuny gelmezinden burun demirgazyga – Horasan
(Oguz, Garagum) çölüne jiriň-miriň siňdiler.
Bary-ýogy dört sagada çeken söweşde seljuklylaryň sol­
tan goşunyna ýetiren zyýany abyrsyz uludy. Diňe bir wepat
bolanlaryň däl, ýaradarlaryň hem sany köpdi.
Soltan goşunyny jemläp, diýlen ýere barsa, ol ýerde diňe öz
gu­lamlarynyň bäş müňden gowragy läş bolup ýatyrdy. Läşleriň
içinde seljuklylaryň göwdeleri ýokdy. Olar wepat bolanlaryny
alyp gidipdirler.
16
Soltan güýçli halyna biçäredigine örtendi.
Güýçli halyna özüni ejiz duýdy.
Ol odugyp iki ýana elewredi.
Seljuklylar howada gaýyp ýören ýalydylar.
– Hany, şolar! Hany! Görkeziň maňa! – diýip, soltan gygyrdy.
Seljuklylar, göräýmäge, hiç ýerde ýokdular, şol bir wagtyň
özünde-de olar her bir depäniň aňyrsynda öňüňden çykyp,
wagşylyga başlaýardylar.
Eger seljuk goşunynyň bir ýerde jemlenendigini eşitse,
onda soltan şol ýere goşunyny sürüp baryp, maksadyna ýetjekdi.
Alyabatda, Sarahsda nätdi? Göwdelerden depe döretdi, ýöne
şol söweşlerden soň seljuklylar açyk darkaşa çykmadylar.
Ähli ýerde seljuk goşunyna derek toparjyklar bardy. Ol topar­
jyklar iki ýüz-üç ýüz atlydan kän däldi. Olar soltan goşunynyň üs­
tüne gulanatdy çabgasy bolup inýärdi. Soltan goşuny ýaňy güýjüni
jemläp, hüjüme sürnüp ugranda bolsa, ol toparjyklar gykuwlaşyp,
jiriň-miriň bolýardy.
Seljuk begleri gykylyga aýratyn ähmiýet berýärdiler. Olar­
da ýörite gygyrýan sesi ýiti, şaňňy adamlar bardy. Olar käteler
hüjüm etmän, görünmän, soltan goşunynyň dumly-duşundan
«Ur, çap, öldür!» diýip, aýylganç-aýylganç gygyryşýardylar. Olar
käte ýolbars bolup arlaýardylar, haýbat atýardylar.
Soltan Masut ýaşan ýaşyny hiç kimden gorkman ýaşady,
ýöne seljuklylara sataşyp welin, rahatlygyny bütinleý ýitirdi,
ýüreginde wehim-gorky döredi. Wah, Alynyň ala meýdanynda
söweşmeli bolsa, şol söweşe soltanyň, ilki bilen, özi çykjakdy ýa
öljekdi, ýa ýeňjekdi. Ýok, ol ýeňjekdi. Çünki gara güýç babatda,
peýker-symmat babatda onuň bilen bäsleşip biljek ikinji bir beg­
zada ýokdy. Ol muny açyk bilýärdi. Masut tagta çykmazyndan
owal soltanlygyň iň daýaw pählewanlary bilen güýç synanyşardy,
köplenç olardan üstün gelerdi.
Masut Togrul begi ele salsa, nädip jezalandyrjakdygynyň
hem pikirini edipdi: ony bir aýlap, hatyn eşiginde Gaznanyň baş
bazarynda görene göz edip masgaralamakçydy, soňundanam
üstünden pil ýöretmekçidi, maslygyny bir aýlap, pilleriň sakla­
nylýan ýerine zyňmakçydy. «Goý, piller onuň maslygyny bir aýlap
2*
17
basgylasynlar! Ýok, ýok, goý, onuň maslygyny piller bir ýyllap
basgylasynlar. Soňundan onuň süňküni talhan edip, meýe garyp
içjek!» Soltan Masut bu pikirini her gün aňynda aýlaýardy. «Eger
şu maksadyma ýetip bilmesem, onda men bu dünýäden gözümi
açyp, armanly giderin» diýip, ol zol-zol gaýtalaýardy.
Seljuk begleri balyk ýaly sypjykdy. «Ine, şu gezeg-ä bulary
ele saldym» diýeniňde olar eliňden sypyp, gürüm-jürüm bol­
ýardylar.
Olardan ýaňa gijelerine-de rahatlyk ýokdy, soltanyň dynç alyp
ýatan goşunynyň üstüne sürnüp alagykylyk turuzýarlar. Ähli goşun
turar. Anyklanyp görülse, seljuk esgerleriniň birki sanysy alagyky­
lyk turzup geçip gidendir. Soň goşun dynç – gözüniň awusyny al­
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn II - 02
  • Parts
  • Altynjan hatyn II - 01
    Total number of words is 3629
    Total number of unique words is 2034
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 02
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2164
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2031
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 04
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1970
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 05
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 06
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2172
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 07
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2164
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2085
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 09
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2084
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 10
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2064
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 11
    Total number of words is 3507
    Total number of unique words is 2173
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    37.2 of words are in the 5000 most common words
    44.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2151
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2040
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 14
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2044
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 15
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2131
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 16
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2156
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 17
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1976
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 18
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2087
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 19
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2023
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 20
    Total number of words is 3723
    Total number of unique words is 1909
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 21
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1880
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 22
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 1944
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 23
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1971
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 24
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1896
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1941
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 26
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 2028
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 27
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2124
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 28
    Total number of words is 1126
    Total number of unique words is 678
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.