Latin

Altynjan hatyn II - 14

Total number of words is 3771
Total number of unique words is 2044
31.7 of words are in the 2000 most common words
44.7 of words are in the 5000 most common words
51.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýalaňaçlygynam bilmeýän bolarly, hünübirýan aglaýardy.
Altynjan serasyma bolup Zübeýdanyň ýanyna ylgady, ony
haremhananyň boş otaglarynyň birine saldy.
– Melikäm! Melikäm! – diýip, Zübeýda Altynjanyň egnin­
den gujaklap bady-boýran aglaýardy.
– Köşeş! Köşeş! Ähli zat düzeler! – diýip, Altynjan ony
köşeşdirmäge çalyşýardy.
– Ýok, ýok, ol maňa eýýäm talak berdi. Indi bar zat gutardy.
Indi doganym Mansur Ýezdden kowular, babam hem öldüriler.
Men olaryň bagtyny ýatyrdym.
Batly ýaňlanan ses olary doňduryp taşlady:
229
– Altynjan nirede? Altynja-an, nirede sen? Altynjany tapyp
getiriň!
Altynjan otagdan çykdy.
Kundury ylgap geldi:
– Altynjan hatyn, size beg garaşýar.
Wah, Altynjan Kundury aýtmasa-da, begiň garaşýandygyny
eşidip durdy, ýöne ol bu mahal begiň ýanyna barmaga
gorkýardy. Ol Zübeýda bilen begiň arasynda nämäniň bo­
landygyny bilenokdy. Soranyňda-da Zübeýda häzir jogap berip
biljek däldi. Altynjan begiň gaharyny getiren zadyň nämedigi
barada oýlanýardy.
– Hatyn, size beg garaşýar! – diýip, Kundury ikinji gezek
dillendi.
Altynjan weziriň ýüzüne seretdi, hyrçyny dişledi.
Ol Togrul begiň garaşýan otagyna girdi.
Içerde iki sany şem ýanyp durdy.
Beg dyzdanlydy, elinde gamçysy bardy.
– Işigi ýapyp, ýakynyma gel! Gel bahymrak! Bahymrak!
Togrul beg ýakynyna gelen Altynjanyň depesinden gam­
çysyny inderip ugrady. Her näçe ursa-da, gahary köşeşer ýaly
däldi.
Altynjan sarsman durdy. Begiň gazabyny görensoň, ol
yzasyny-da onçakly duýmady.
– Sen näme üçin meniň gözümi-başymy aýlaýarsyň? Näme
üçin? Ä?
Togrul beg eden işini telek hasaplan dek, gamçysyny
eliniň tersi bilen zyňyp goýberdi. Soňam garşysynda sarsman
duran Altynjany esli salym synlady, synladygyça özüni müýnli
duýdy.
Altynjan hiç mahal ejizlemegi halamaýardy, ýöne eziz
adamsynyň rehimsizligi onuň ýüregini dilim-dilim etdi. Ony
kemlik basdy.
Hamsykdy:
– Begim! Men döz gelerin!
Soňundan sojap-sojap aglady.
23 0
Togrul beg Altynjany garsa gujaklady. Onuň ýüzünden sy­
pady:
– Altynjan!.. Maňa senden başga hiç kim gerek däl! Düşün­
ýärsiňmi, maňa dünýäde senden başga hiç kim gerek däl!..
Beýiklik esasy meseleleriň ählisinde beýikligi aňladýar.
Beýik­ler mutlak beýik bolup bilmez, mutlaklyk diňe Allatagala
degişlidir. Beýik adamlaryň ownuk, kiçi taraplary diňe kiçi me­
selelerde özüni bildirer, ululykda bolsa olar hemişe uludyrlar,
irilikde olar hemişe iridirler, beýiklikde hemişe beýikdirler.
Beýikler ömür hemrasy bolan hatyn, söýgi meselesinde ow­
nuk, kiçi bolup bilmeýärler. Togrul begiň mähir hem söýgüden
püre-pür ýüregi diňe Altynjana degişlidi. Begiň patyşa hökmün­
däki beýikliginiň ölçegi öz hemrasyna bolan beýik söýgä ukyply­
lygydy. Diňe beýik duýga ukyply ýürek giden bir milletiň öňüne
düşüp, ony beýiklige ýetirip, külli adamzadyň ykbalyny kesgit­
läp bilýär. Gursagynda gurrumsak, pes ýüregi bolan kişi beýik
işleri gaýryp bilmez.
Togrul beg Altynjany söýüp, bir zada göz ýetirdi. Onuň özünede, dünýä-de bolan gatnaşygy Altynjana söýgüsiniň üstünden geçip
gidýän eken. Altynjana bolan gatnaşygyny üýtgetmek onuň üçin özi
hem pelek bilen aralygyndaky köprini ýumurmakdy. Bu onuň üçin
özüni weýran etmekdi. Söýginiň hakykylygy, beýikligi, duýgynyň
hemişelikligi – söýginiň adamyň tutuş ömrüne barabarlygy. Beýle
söýgi juda seýrekdir. Ol adam duýgusynyň wagtlaýynlyk, geldi-geçer­
lik häsiýetinden has ýokary galyp, düýpli bir zada öwrülen halatynda
mümkin bolýar. Munuň juda seýrekligi bolsa duýgynyň öz tebigaty
boýunça pursatlyk, wagtlaýyn närseligi sebäplidir. Dünýäde iň üýt­
gewçil zat duýgy. Her bir närse ýaly, onuň hem belli bir ömri – ýaşy bar.
Özem has gysga ömri bar. Bu duýgynyň hemişelik häsiýete geçmegi,
wagtyň çäginden çykmagy üçin, onuň düýpli ruhy mazmuna geçmegi
gerek. Ruhy mazmun bolsa, adamyň durmuşa duýgulaýyn däl-de, akylparasat hem ahlak manydaky gatnaşygyndan kemala gelýär. Şatlyk, be­
genç, gaýgy, lezzet, hatda bagt hem duýgy hökmünde az salymlykdyr,
ornuny başga duýga berýän pursatlaýynlykdyr. Ömürboýy şol gülläp
oturan adamy göz öňüne getiribem bolmaz. Söýgi duýgy derejesin­
231
den has çuňa gidýär, ynsanyň adamçylyk ruhy hususyýetiniň mazmu­
nyna geçýär. Bu bolsa adamdan entek dirikä aýrylmasyz zatdyr. Şol bir
wagtda-da söýgi hemişe öz duýgy esaslaryndan daş düşmeýär. Şonuň
üçinem onuň lezzeti, sapasy bardyr.
Altynjan Togrul begiň ýüreginde berk orun alan, baky sol­
majak güldi, mukaddeslikdi.
Dördünji hekaýat
KÖZI GORJASAŇ – ÝANAR
I.
E
mir Uhjury sapar aýynyň birinji güni öz ýerine Abu
Zurga Hannakyny wagtlaýyn belläp, Hyrat hem Tus
şäherlerinde hasap-hesibiň alnyp barlyşyny ýerinde barlamak mak­
sady bilen ýola düşdi.
Onuň gideninden on gün geçenden soň, Abu Zurga
Hannaky wezir Kundury bilen Altynjan hatynyň ýanynda sa­
hyp Uhjurynyň işini dowam etdirýändigini, ýöne diwanyň
ýöredilişinde kemçilikleriň aşa köpdügini, sahyplyk wezipesini
Uhjurynyň oňarmaýandygyny, ýöne özüniň welin, oňarjakdy­
gyny aýtdy.
Altynjan hatyn ör-gökden geldi:
– Seniň işe alynmagyňa sebäp bolan, saňa güwä geçen kim?
233
– Elbetde, Uhjury, ýöne men hakykaty göni aýtmaga borçly:
wyždanyma ikilik etmegi başarmaýaryn.
– Hakykaty Uhjury gelensoň aýdarsyň, häzirlikçe gidiber.
Abu Zurga Hannaky ruhdan düşmedi: öz öňünde goýan
maksadyna ýetmek üçin ikinji bir tilsimi ulandy.
Wezirler diwanynyň mejlisine gatnaşyp, onda – bu mejlise
Togrul beg hem gatnaşýardy – çykyş etdi:
– Beýik Perwerdigäriň (goý, beýik Taňra alkyşlar bolsun!)
döreden hem öz mähribanlygy birle ýaradan zatlarynyň ählisiniň
özeninde her dürli ýagşylyklaryň dürli röwüşleri ýatandyr. Olara
akyl ýetirmekden ynsanlaryň pähim-parasatlary gaty pes gelýär.
Olaryň aýratynlyklaryna düşünmäge akyldarlaryň hem paýhasyakyly ýetmeýär. Bilýän hem duýgur adamlar bu «syra» akyl ýetir­
mek, düşünmek üçin hernäçe çytraşsalar-da; «Hawa! Döretmek
we häkimiýet oňa degişli. Dünýäleriň eýesi bolan Allatagala
alkyşa mynasyp»1 diýlişi ýaly, her gezek olar öňkülerdenem
başarnyksyz we güýçsüz bolup galýarlar.
«Allatagala hökümdarlygy islänine berer» diýmesi hakdyr.
Allatagala külli musulman bendeleriniň içinden Togrul begi
hökümdar saýlady. Biz Allatagalanyň halan, saýlan kişisi Togrul
bege düýrmegimiz bilen hyzmat etmelidiris. Meniň Togrul
begiň ýalkawynda gulluk edip ýörenime köp wagt geçenok, şeýlede bolsa, men gysga döwrüň içinde köp zatlary öwrenmäge, köp
adamlary tanamaga ýetişdim.
Dogrymy aýdaýyn, köşkde, diwanlarda, umurylarda öz
işiniň ussady, önjemli adamlar köp. Men öz sahybym Uhjura,
baş wezirimiz Nasyr Kunduryga, Mübärek hana, Abdyrahman
Agajyga, Bekdaş sahyba aýratyn tagzym edýärin. Olaryň ählisi
Togrul bege wepadar adamlar. Togrul beg üçin şirin janyny
bermäge taýýar adam olar. Men hem Togrul beg üçin şirin ja­
nymdan geçmäge taýýardyryn. Begimiziň ömri uzak, jany tut
deýin sag bolsun!
Adam öz söýýän işini edende ömrüne many çaýylýar. Ýeňil,
joşgunly işlenilýär. Ine, meniň merhemetli sahybym Uhjury!
Ol ajaýyp adam! Zehinli, sowatly adam. Onuň başarmaýan
zady ýok. Ol özüniň häzirki alyp barýan işini – yhtysap diwa­
nyna sahyplyk etmegi birkemsiz oňarýar. Özem gije-gündiz
23 4
işleýär, bizem işe galkyndyrýar. Şeýle-de bolsa, ol köplenç
özüniň gowy görýän işini ýatlaýar. Uhjury serkerdelik etmek,
Seljuk şalygynyň hakyky goragçysy bolmak, seljuk şalygynyň
serhedini giňeltmäge gönüden-göni goşant goşmak – saýla­
ma goşunda han bolmak isleýär. Käte ikiçäk oturanymyzda ol
maňa: «Meniň göwnüm söweş meýdanyny, darkaş küýseýär.
Togrul beg meni saýlama goşuna han bellese, seni-de meniň
ornuma goýsa, gör, nähili jüpüne düşjek!» diýip göwün ýü­
würdýär. Men Uhjury sahyba: «Meniň wezipe hantamaçylygym
ýok. Bar islegim Togrul bege gije-gündiz hyzmat etmek, onuň
ynamyny ödemek» diýip, jogap berýärin. Elbetde, men yhtysap
diwanyna sahyp bolsam, diwanyň işini has gowulandyrardym,
şalygyň baýamagyna gönüden-göni goşant goşardym. Men bu
zatlary gepiň gerdişine görä aýdýaryn.»
Abu Zurga Hannaky howlukman, şeýle bir süýji gürleýärdi,
näçe gürlese-de irizmeýärdi, diňlemek lezzetlidi.
Onuň şol çykyşyndan soň Uhjury saýlama goşunyň bir tü­
menine han bellenildi.
Abu Zurga Hannakyny bolsa Uhjurynyň ýerine – yhtysap di­
wanyna sahyp bellediler.
Altynjan hatyn nägileligini gizlemedi:
– Men seniň sahyp wezipesine bellenendigiňi bilmän
galdym. Wagtynda bilen bolsam, garşy çykardym. Men seni häzir
wezipäňden düşürip bilerin, ýöne meniň bir talabymy bitirseň,
seni işden aýyrmaýyn.
– Bitirerin, hökman bitirerin, aýdyň!
– Meniň gözüme görünme! Daşda bol! Düşnüklimi?!
– Merhemetli Altynjan melike, men size uly hormat goýýa­
ryn. Meni näme üçin halamaýandygyňyza düşünmek isleýärin...
– Sebäbi seniň diliň jennet, içiň welin, dowzah!
– Siz men barada nädogry pikir edýärsiňiz…
***
Bu öwrülişikden bir aý geçenden soň Uhjury han öňki işlän
ýerine geldi. Özüniň öňki oturan ýerinde Abu Zurga Hannaky
otyrdy.
235
Täze sahyp hanyň ýüzünden gar ýagýandygyny görüp,
göwünli-göwünsiz ýerinden turdy:
– Sizi hoş gördüm, merhemetli han!
– Men seniň bilen düşünişmäge geldim.
– Ikimiziň aramyzda düşünişmezlik, ýalňyşmaýan bolsam,
öňem bolmandy, häzirem ýok, indem bolmaz, ýöne, isleseňiz,
zoraýakdan döredip bolar.
– Men Hyrada gidenimde näme üçin yzymda wezirler diwa­
nynyň mejlisinde çykyş etdiň, onda näme üçin meniň ömür aýt­
madyk sözlerimi aýtdyň?
– Men siz hakda diňe gowudan-gowy sözleri aýtdym, sizi
öwmek öwdüm: adamkärçiligiňizi, başarnygyňyzy, ökdeligiňizi,
işeňňirligiňizi wasp etdim. Siz munuň üçin maňa sagbol aýt­
makçy bolýarsyňyzmy? Hökman däl.
– Men hiç wagt han bolmak, söweşe gatnaşmak islemedim.
Sen meniň dünýewi adamdygymy gaty gowy bilýärsiň.
– Siz özüňize ynanylan beýik wezipäňizden nägilemi?
– Sen maňa at oýnatma! Meniň näme isleýänim, näme isle­
meýänim bilen seniň işiň bolmasyn!
– Meniň işim bolmaz, ýöne ýörite gelip, bu hakda gürrüň
gozgandygyňyz üçin men soraýdym.
– Men saňa haçan: «Han bolmak isleýärin» diýdim?
– Han bolmak islemeýärsiňizmi?
– Sen ýaramaz adam ekeniň! Sen meniň ýagşylygyma ýa­
manlyk bilen jogap berdiň. Sen meniň wezipämi almak üçin,
mejlisde ýalan sözläpsiň. Ýalan bilen uzaga gidip bilmersiň.
– Duruň, duruň. Maňa minnetli söz aýtmaň, eden ýagşy­
lygyňyz üçin men size zerli don hedýe berendigimi ýadyňyzdan
çykardyňyzmy?
– Sen ol dony men öýde ýokkam goýup gaýdypsyň.
– Dogry, ýöne hedýe almaýan, halal adam ol zerli dony yzy­
na gaýtarardy, ýöne siz gaýtarmadyňyz. Sebäbi siz hedýe almagy
gowy görýärsiňiz.
Beýle garşylyklaýyn jogaba garaşmadyk Uhjury biçak gahar­
landy, gözlerini kinaýatly oýnadýan Hannakynyny düýt-müýt
edäýerli göründi:
23 6
Hasp-hesip bölüminiň otuza golaý işgäri näçe ýyl bile
işleselerem Uhjurynyň häzirkisi ýaly gaharlanan pursadyna ga­
bat gelmändiler, asyl, ol gaharlanýandyr hem öýtmezdiler. Se­
bäbi Uhjury häsiýeti boýunça ýuwaş, dogruçyl, sypaýy adamdy.
Adama aňsat-aňsat agyr söz aýtmaýardy. «Han bolmak üçin
gazaplylyk, talabedijilik gerek. Harby iş meniň bu häsiýetime
dogry gelenok» diýip, ol köplenç nygtaýardy. Hasap-hesibe,
kagyzlara bulaşyp oturmagy welin, gowy görýärdi, bu işden ýa­
damaýardy.
Özüniň eý görýän işinden gitmesiniň sebäbi hakdaky haky­
katy eşiden Uhjury göni Hannakynyň ýanyna gelipdi. Gelýärkä:
«Eşiden zadym nädogrudyr» diýen pikir bardy. Abu Zurga
Hannakynyň ulumsylygy, eşiden habarynyň hakykatlygy, onuň
gaharyny ýetjek derejesine ýetiripdi.
Bölümiň işgärleri gelip ony köşeşdirmäge çalyşdy. Han­
naky olaryň üstüne gygyrdy:
– Ýok boluň şu ýerden! Her kim öz ýerinde otursyn! Ýog­
sam baryňyzy işden kowaryn!
– Gör, sen nähili nejis ekeniň!
– Eger han bolup işlemek islemeseňiz, men sizi diwanyma
işe alaýyn.
– Sen meni işe aljakmy?
– Siz munuň nämesini geň görýärsiňiz? Siziň menden
nämäňiz artyk?
Uhjury kellesini tutup, diwandan çykyp gitdi.
Abu Zarga Hannaky diwanyň işgärlerine eşitdirip, özbaşyna
hüňürdedi:
– Özüne edilen ýagşylygy bilenok!.. Gadyrbilmez mah­
luk! Üstüme haýbat atanyň üçin almytyňy bererin! Men muny
Anuşirwana hökman aýdaryn...
Uhjury Togrul begiň dergähine bardy, ýöne nägileligini
aýtmaga ýetişmedi:
– Men seniň näme üçin gelendigiňi bilýärin, han. Sen biraz
sabyrly bol, käbir kişiniň özüniň kimdigini açmagyna ýol ber.
Ýene bir aýdan meniň bu sözlerime has açyk düşünersiň...
237
II.
Ybraýymyň bujurygy artdy, sähel zat üçin alagykylyk etdi.
Köşk emeldarlarynyň tas ählisi bilen diýen ýaly gykylyklaşyp
çykdy. Togrul begiň hem garşysyna gitdi. Özüne akyl
öwretmegiň gerek däldigini, döwleti özüniň ýöredip biljekdigi­
ni öwran-öwran gaýtalady.
– Muhammet, gel, erkeklerçe gürleşeli! – diýip, Ybraýym
Togrul begiň gaşyna baryp oturdy.
– Bu näme diýdigiň bolýar?
– Bu: «Seniň bilen ikiçäk, aç-açan gürleşjek» diýdigim
bolýar. Köşgüň içindäkileriň ählisi birmeýdan ikimizi iki­
çäk galdyrsynlar. Wezir-wekiller, hajyplar, mufratlar daşaryk
çyksynlar. Içerde ikimizden başga ýeke adam hem galmasyn.
– Goý, seniň diýeniň bolsun!
Togrul begiň yşaraty bilen içerdäkiler – ähli wezir-wüzera­
lar, mufratlar daşaryk çykdylar.
Ybraýym gapyny içinden ýapyp, Togrul begiň garşysynda
aýbogdaşyny gurap oturdy:
– Döwleti indi maňa ber. Sen meniň wezirim bol.
Togrul beg Ybraýymdan beýle söze, dogrusy, garaşmandy.
Ol esli wagtlap sesini çykarman, seredip oturdy. Uzak oýlanan­
dan soň:
– Oňararmyň? – diýip sorady.
– Oňararyn! Sen indi dynç al. Ýaşyň ýetmişe ser urdy.
– Men razy, ýöne ähli zady kada-kanun esasynda edeli: ähli
seljuk beglerini çagyraly. Olara seniň teklibiňi aýdaly. Olar
ylalaşsalar, men garşy däl.
– Bu: «Seniň aýdanyňy etjek däl» diýmek bolýar.
– Men saňa garşy çykmaýyn.
– Barybir, ähli seljuk begleri, bilýän, seni goldarlar. Meni
goldamazlar, çünki wezir-wekilleriň köpüsi meni halanok.
– Eger seljuk begleri seni halamaýan bolsalar, onda sen
kime esaslanyp döwlet dolandyrmakçy?
– Özüme!
– Ýeke özüň aljak galaň bolmaz!
23 8
– Bolar, hökman bolar!
– Onda Dawudy çagyraly. Üç bolup maslahatlaşaly. Sebäbi
seniň etjek bolýan işiň kiçi-girim iş däl.
– Ýok, ýok, Dawudy çagyrma. Onuň aýtjak sözüni bilýärin.
– Näme?
– Ol meni goldamaz. «Samsyk!» diýer, «Öldürerin!» diýer.
– Men saňa düşünmeýärin, Ybraýym?! Seniň näme kem
zadyň bar? Patyşalykmy? Sen Azerbaýjanyň patyşasy ahyryn!
Eger ol ýerini az görseň, Gürjüstany al, Bulgary golastyňa geçir.
– Maňa seniň ornuň gerek…
– Ähli süýji zadyň soňy ajy. Süýji zat tiz irizýär. Sen ömrüň
manysyny soltan Masut deýin süýjülikden gözlediň, aýşymeýlisden gözlediň. Sen tagta hem meslik üçin, lezzet üçin geç­
mekçi bolýarsyň…
– Muhammet, sen meni soltan Masuda deňeýärsiň,
şeýdibem meniň degnama degýärsiň.
Ybraýym gazap bilen ýerinden turup, Togrul begi gözleri
bilen dalady, soňam sesini çykarman çykyp gitdi.
– Saklan, Ybraýym, saklan!..
***
Ybraýym tagta geçmäge şeýle bir howlugýardy.
Onuň oda-köze düşmesini sahyp Bekdaş Rudbar şeýle
düşündirdi:
– Begim, bar gep Ybraýymyň weziri Abu Alyda. Ol gaty
mekir adam eken, mydama Ybraýyma: «Togrul begiň bar
ýeňşi – seniňki. Wizantiýanyň serkerdebaşysy öz pidýesi üçin
üç ýüz müň dinar berjek diýende-de yrylman, ony Togrul bege
ugratdyň. Togrul beg bolsa, Wizantiýanyň kaýsarynyň ýeke
haýyşyna Lapiriti bir dirhem hem pidýe alman boşadyp goýber­
di. Seniň Wizantiýadan getiren oljaň – Tog­rul begiň bütin öm­
rüne ýygnan oljasyndan kän. Şonuň üçinem Togrul beg seni de­
pesine täç etmeli. Hakykatynda sen döwletiň baştutany – patyşa
bolmaly. Sebäbi sen Ýusup Ynanç Ýabgunyň ogly. Sen hakyky
mirasdüşer. Togrulyň babasy Mykaýyl hiç wagt Ýabgu göteril­
239
medi» diýip, günde-günaşa gaýtalaýar. Bu sözler Ybraýymyň
gulagyna hoş ýakýar. Başda weziriniň bu sözleri aýtmagyny ha­
lamaýardy, indi welin, mukam diňleýän deýin, gözlerini süzüp
diňleýär. Ybraýym hiç bir zady düýpli oýlanman edýär. Etjeginiedip, soňundan ökünýär, ondan hüşgär bolmak gerek, çünki
onuň herki ýowuzlygy edäýmegi mümkin. Sebäbi ol gün-gün­
den wagşylaşýar. Adam öldürmek onuň ýanynda hiç zat.
Togrul beg Bekdaşyň bu habaryndan soň: «Ybraýym bilen
hökman düşünişmeli» diýen netijä geldi. Şu maksat bilen ony
ýanyna çagyrdy.
Ybraýym gelmedi. Togrul beg ynala gylaw berýän Abu
Alyny jezalandyrmagy makul hasaplady: «Ybraýymyň weziri Abu
Alynyň gamçy bilen urulmagyny buýurdy. Bir gözüni oýdurdy,
bir dodagyny kesdirdi!»1
Togrul begden gaçganaklap ýören Ybraýym karargähe kür­
säp girdi:
– Togrul, bu näme etdigiň seniň?
– Abu Aly seni azdyrýar.
– Seniň meniň wezirime beren jezaň – maňa beren jezaň!
Togrul beg doganyna nägilelik bilen seretdi:
– Belli bir derejede sen dogry aýdýarsyň.
– Sen menden ýagşylykdan başga näme gördüň? Men öm­
rümi seniň rowaçlygyňa bagyşladym. Iň soňunda senden alýan
aklygym şumy? Men munuň irde-giçde şeýle boljagyny aňýardym.
– Abu Alyny saňa wezir edip bellän men – özümem eden
etmişi üçin jezasyny berýärin, ýöne sen hem azyp ugrapsyň.
Meniň saňa beren ýerlerim azmy?!
– Sen öň esgerleriň petih eden ýerlerinde talaňçylyga rug­
sat berýärdiň, ýöne, soňky döwürlerde rugsat bermeýärsiň.
Esgerleriň talaňçylyk etmegine ýol bermezlik – bu Altynjanyň
pikiri. Sen Altynjanyň göwni üçin goşunyň garşysyna gidýärsiň.
Hatynyň gepine gidip, erkek göbekliniň abraý tapan ýeri
ýokdur! Senem bu bolşuň bile uzaga gitmersiň – betbagtçylyga
uçrarsyň!
– Ybraýym, bu seniň maňa aýtjak sözüň-ä däl.
– Men wezirim Abu Ala ynanýan bolsam, sen Nasyr Kun­
duryga ynanýarsyň. Kundury meniň bilen jet. Ol her edip16*
241
hesip edip maňa ýamanlyk etjek bolýar, özem ol ýaman­
lygyny seniň eliň bilen edýär. Bilýän, ol meni Abu Muslimiň,
Barmaklaryň2 gününe salmak isleýär. Olaryň başyna ýetenle­
rem Kundury ýalylar.
– Bigünä adama gara ýöňkeme!
– Men seniň şeýle diýjegiňi bilýärin. Ähli kişiniň edýän
işem, aýdýan sözem dogry, diňe meniňki nädogry. Meniň edýän
işimem nädogry, meniň aýdýan sözümem nädogry. Men – biž.
– Men saňa özümize tabynlykdaky Rawwat şalygynyň ähli ýe­
rini – Azarbaýjany ykta berýärin. Özüňe ykta berlen ýerlere doly
aýlanyp çykmak üçin ýüz ýigrimi gün gerek. Özüňe berlen ykta
ýerleriň az däldigini bilseňem, näme üçindir, bilgeşleýinden
kejirlik edýärsiň. Meniň saňa ýamanlygym ýok. Men senden hiç
zady gysganamok hem. Ýöne men – özüň gowy bilýärsiň – ähli
goşun serkerdelerimi ykta bilen üpjün etmeli. Şonuň üçin Jebel
bilen Hemedany yzyna alýaryn, Ybraýym. Düşünýärsiňmi?
Ybraýym gaharyna «titir-titir» etdi:
– Közi gorjasaň, ýanýandyr, sen meni ýanmaga mejbur
etdiň! Sen meni hakykaty aýtmaga mejbur etdiň: ähli ýerler
meniňki! Diňe meniňki!
– Giň bol, Ybraýym, gel, arkaýynçylykda düşünişeli – diýip,
Togrul beg parahat gürlemäge çalyşdy.
– Giňlik – Alynyň ala meýdanynda! – diýip, Ybraýym gazap
bilen işige bakan ýöneldi.
– Saklan! Ybraýym!
Ybraýym ýene saklanmady.
«Togrul beg birtopar esger ýygnap, Ybraýymyň garşysyna
ugrady. Onuň bilen duşuşdy. Iki tarapyň esgerleriniň arasynda
örän gazaply söweş boldy, bu söweşde Ynal ýeňlişe sezewar bo­
lup, yzyna gaçdy. Togrul beg onuň yzy bilen hüjüm edip, ähli
galalaryny we ýurduny eýeledi.
Ybraýym ynal Sermaj galasynda gizlenip, agasyna garşylyk
görkezmäge başlady. Togrul beg onuň bolýan ýerini gabady.
Onuň esgerleriniň sany ýüz müň adama ýetipdi we olaryň
arasynda dürli hili goşun (köp ugurly) bardy. Bular söweşdiler
we onuň şeýle mäkäm hem goragly galadygyna garamazdan,
24 2
Tog­rul beg galany dört günüň içinde eýeledi. Ybraýymy bu ýer­
den mejbury ýagdaýda aşak düşürdiler.
Ybraýym ýanyna gelende Togrul beg ony mähirli hem
gadyrly garşylady. Oňa köp haýyr-yhsan etdi. Elinden alnan
baýlygynyň köpüsini gaýdyp berdi.3
***
– Ybraýym, saňa iki sany ýol goýýaryn: birini saýla. Birinji­
den, meniň ykta beren ülkelerime gidip häkimlik etmek, ýöne
esgeriň sany müňden aňry geçmeli däldir; ikinjiden, meniň ýa­
nymda galyp, serkerde, wezir bolmak.
Ybraýym ynal janykdy:
– Men köp oýlandym. Görýän welin, men ynanjaň. Meni
derrew ynandyrýarlar. Onsoň öz doganymyň garşysyna gitme­
gi makul bilýärin. Men gaýdyp beýle gabahat pikir etmez ýaly,
seniň ýanyňda boljak, saňa sadyklyk bilen hyzmat etjek.
Iki dogan gujaklaşdy.
Togrul beg Ybraýymyň amana gelenine çyn ýürekden be­
gendi. Ýogsam öz doganyny öldürmeli boljakdygy hakdaky pi­
kir oňa juda güzap beripdi.
«Bir ýazykdan är ölmez!». Iň esasy zat – Ybraýym öz ýazygy­
na düşündi.
Ýöne beterinden beteri bar. Togrul beg Bukadyr Anasyogly
başbuglary on müň atlylary bilen Diýarbekir sebitlerine gönde­
rip, ol ýerlerini bu iki bege ykta beripdi. Buka bilen Anasyogly
welin, mesligi göterip bilmedi. (Meslik, baýlyk garyplykdan iki
esse agyr hem kyn ýük ahyryn!) Mesligi götermek nädip eýgert­
sin? Näme diýse, öňüne getirip durlar. Ähli kişi özlerinden
gorkýar. Edenine däl diýip biljek ýeke adam ýok. Diýmek, olar
Diýarbekir sebitiniň şalary! Iki başbug her gün meýlis gurdy.
Her gün şerap içdi. Mes bolanlaryndan soň iki goçuň bir saçagyň
başynda oňuşmajagy düşnükli zat. Bir günem aşa serhoş boldu­
lar, sözleri azaşdy. Gylyçlar gynyndan çykdy. Iki başbug biri-bi­
rinden kem galman, biri-biriniň çem gelen ýerine gylyç saldy.
Hiç kim olaryň bu garpyşmasyna garşy çykyp bilmedi. Garşy
çykyp bir görsünler! Onda ol aralamakçy bolýan töwellaçynyň
243
dessine kellesini alarlar. Olary aralamadylar. Bu hem olar üçin
erbet boldy. Olaryň ikisem düşen ýaradan şehit boldy.
– Kim het etdi olary öldürmäge?! – diýip, iki başbuguň
ölendigi hakdaky habary eşiden Togrul beg gazaplandy.
Iki başbugy özge biri öldüren bolsa, onda beg ol kişini to­
hum-tiji bilen kerçem-kerçem etjek, ýöne hakykaty oňa aýtmaly
boldy. Nämäniň-nämedigini eşidende beg haýranlar galdy, ga­
hary ýetjek derejesine ýetdi, üç günläp aramgähinden çykman,
ýorgan bürenip ýatdy. Hiç kimi kabul-da etmedi. Wezir-wekiller
Altynjan hatyndan begi köşeşdirmegini towakga etdiler.
Hatyn bardy. Hatynyny gören beg içki ahwalatyny ýa­şyr­
maga çalyşdy:
– Altynjan, geleniň gowy boldy. Gel, bile aýdym aýdaly.
Olar uzak günläp aýdym aýtdylar. Togrul beg, barybir,
köşeşip bilenokdy.
Begiň gaharlanmagy diňe bir Buka başbug bilen Anasyog­
ly başbuguň ölümi sebäpli hem däldi. Onuň özüne iň ýakyn
saýýan adamlaryndan hem göwni galypdy. Çagry begden-de
göwni galypdy.
Çagry beg bilen Togrul begiň höküm sürýän sebitleriniň ara­
çäkleri bellidi. Olar biri-birlerine tabynlykdaky yktalara çozmaly
däldi, çapawulçylyk etmeli däldi. Şeýle-de bolsa, özüniň şirin ja­
nyndan eziz görüp ýören şazadasy Alparslan nahanlykda Togrul
begiň tabynlygyndaky Fesa şäherine ýöriş edipdi.4 Gel, Alparslan
ýaş diýeli, ýöne Çagry hemme zada düşünýär-ä! Ol näme üçin
ogluna: «Togrul begiň tabynlygyndaky şähere çozuş etme!» diý­
meýär? Sebäbi düşnükli: olara köp mukdarda baýlyk gerek. Çagry
beg täjirleriň üsti bilen nirede lomaý baýlygyň bardygyny eşidip,
Alparslany Fesa gönderendir. Näme üçin? Birinjiden-ä: «Togrul
beg Alparslany gowy görýär, şonuň üçinem onuň günäsini ge­
çer» diýip, Çagry beg pikir edendir. Ikinjidenem, Tog­rul beg
gaharlansa: «Alparslan ýaşlyk edipdir. Ýaş oglanyň günäsini öt!
Menem bu eden etmişi üçin oňa käýýedim» diýmek üçin amatly.
Togrul beg bu pyrryldaklary juda ýokuş gördi.
Alparslan Fesa şäherine girip, deýlemlilerden müň adamy,
beýleki milletiň wekillerinden hem şonçarak adamy öldürdi.
Bir kurur (mil­lion) dinary olja gazandy, üç müň adamy ýesir
24 4
aldy. Alparslan bu talaňyny galp ada duwlanyp edipdi. Maksady
özüni tanatmazlykdy, Fesa şäherine çalt barşy ýaly, çaltlyk bile­
nem Horasana dolanypdy. Özüniň bu çapawulçylygyny Togrul
begiň bilmezligini dileg edipdi. Ýöne ony, heý, Togrul beg bil­
mezmi?! Ol Alparslanyň, Çagry begiň her bir ädimini bilip, her
bir sözüni eşidip otyr ahyryn.
Togrul beg öz-özüne teselli bermäge çalyşýardy: ýaşaýyş bu!
Allatagala adama gowy derejelere ymtylmak küýsegini beripdir.
Balyk suwuň çuňlugyna, guş belentlige, adam gowulyga ymtylýar.
Hiç kimi öz ýeten derejesi kanagatlandyranok. Ol bu gün düýnkü­
den gowy ýaşamak isleýär. Ybraýym hem şeýle: onuň ýeten dere­
jesi men-men diýen serkerdeleriň ýetip bilmän ýören derejesi,
ýöne bu günki derejesi ony kanagatlandyranok. Bu gün oňa Tog­
rul begiň derejesi gerek. Birki aýdan soň ony Togrul begiň dere­
jesi-de kanagatlandyrmaz. Çünki islegde çäk ýok. Beg adamlaryň
bihaýa islegleriniň öňüne böwet basmaly. Ýöne nädip? Adamlary
mydama gorkuda saklamaly. Togrul beg Ybraýymyň weziri Abu
Ala köplerde gorky döretmegiň hatyrasyna jeza beripdi.
Ýunan rowaýatlarynda patyşalaryň ýarym adam, ýarym
at – kentawr bolmalydygy, diňe adamkärçilik bilen ýurdy
dolandyrmagyň mümkin däldigi, şonuň üçin hem patyşanyň kä­
bir ýerde wagşy bolmalydygy nygtalýar. Togrul beg bu pähimiň
hakdygyna durmuşda gaty köp gezek göz ýetirdi…
Alparslanyň Togrul begiň tabynlygyndaky Fesa şäherine çoz­
magy ynsan tebigatynyň aşa çylşyrymlylygynyň, garaňkylygynyň, söz,
dil bile aýdyňlaşdyrardan has tüm bir zatdygynyň subutnamasy bol­
sun gerek. Togrul beg soňky döwürde adama düşünjek bolmagyň
bipaýan işdigi barada köp pikir edip başlady. Düşünmegiň
maksady näme aslynda?! Onuň hereketlerini öňünden kesgit­
lemekmi?! Öz hereketlerini onuň özem öňünden kesgitläp bil­
mez! Ol döwletiň baştutany hökmünde bir zady – döwletiň hem
jemagatyň abadan, asuda ýaşaýşy üçin adamy kesgitli bir durmuşa
uýgunlaşdyrmalydygyny, boýun etmelidigini welin magat bilýärdi.
Allatagala adamy mutlak azat ýaradypdyr. Azatlyk – göwün diýilýän
närsäniň baş häsiýeti. Adam käteler hut Allatagaladanam nägile
bolýar. Allaga öwredesi gelip dur onuň. Onsoň döwlet, jemagat,
köpçülik hakda näme gürrüň etjek?! Şonuň üçinem meýletinligiň
245
deregine mejburylygy işe girizmeli. Emma daşky däl-de, içki me­
jburylyk netijeli hem maksadalaýyk bolýar.
Içki mejburylyk – ynsanda gorky duýgusyny oýarmak, onuň
ýaramaz päl-niýetini gorky zynjyry bilen baglap goýmak. Adam­
da beden däl, ruhy gorkyny, ahlak gorkusyny terbiýelemeli.
Munuň özi juda inçe närse, dogrusy, «gorky» sözi ony gatybir
dolulygyna aňladybam baranok...
Ynsany diňe söz bile adam edip bolmaýar. Adam bolmak
üçin ähli daşky şertleri taýyn edibem, ony kämil çykaryp bol­
maýar. Şertler bilen bir hatarda mejburylyk talaplary-da gerek.
Juda zerur gerek! Ýunanlylaryň kentawr baradaky – hökümdaryň
ýarym adam, ýarym at bolmalydygy baradaky pikiri ýöne ýere
dörän pikir däl. Ol asyrlaryň tejribesiniň döreden nyşany! Diňe
adamkärçilik bilen ýurdy dolandyryp bolmaýar! Bolmaýar!
Mejburylyk bolmasa, jemgyýet mümkin däl.
Döwlet köpçüligiň ýaşaýşyny daşyndan gurnamak,
sazlaşdyrmak guraly, sazlaşyk üçin amatlylyk şertlerinden-de
beter mejbur etme düzgünleri zerur. «Kanun» diýmek mejbur
etmek dälmi, näme?..
Bäşinji hekaýat
O DÜNÝÄNIŇ DOWZAHAM,
JENNETEM ADAMYŇ IÇINDE
G
eňeşde ýedi meselä seredildi. Şol meseleleriň iň soň­
kusy köp­leri lerzana saldy.
Ýedinji meselä geçilende:
– Bekdaşy çagyryň! – diýip, Togrul beg buýruk berdi.
– Togrul begiň bu sözi Gutulmyş begi-de, Ybraýymy-da
iňkise saldy.
– Togrul beg şalygyň umury istihbarat – howpsuzlyk
gullugynyň sahybyny näme üçin çagyrýarka?
Bekdaş soňky döwür adamlaryň üýşen ýerlerinde, geňeş­
lerde köp görünmeýärdi. Ol geňeşe köplenç kimdir biriniň
eden pyssy-pujurlygyny peçan etmek üçin çagyryl­ýardy. «Eý, Hu­
daý, ol bu sapar kimiň syryny paş ederkä?!» – bu sowal geňeşde
oturanlaryň ählisiniň ýüreklerini bükgüldä saldy.
247
Karargähdäki ähli wezir-wekiller hem biri-biriniň ýüzüne
gorkuly nazar aýlap, ýüzlerini duw ak edip oturdylar.
Togrul beg giň, geçirimli, ýöne käteler garaşman dur­
kaň, şeýlebir ugry urýar welin, soň aňsat-aňsat özüňe gelip
bilmeýärsiň.
Bekdaş, megerem, daşişikde çakylyga taýýar bolup duran
bolarly, uzak garaşdyrman geldi, Togrul bege tagzym etdi.
– Sahyp, hany, aýt, biziň döwletimizde, biziň wezirwekillerimiziň arasynda bege ikilik edýänler barmy?!
– Bar, kyblaýy älemim.
– Kim?!
– Wepadarlyk kasamyna biwepalyk edenleriň ikisi hak­
da ýörite aýtmak isleýärin. Olaryň ilkinjisi ynagyňyz Ýusup
Bazargany. Ol wezir Ybraýymy üç gezek ýörite öýüne meýli­
se çagyrdy. Meýlisde her gezek Ybraýymyň şalyk tagtyna my­
nasypdygyny nygtady, özüniň bu islegi amala aşsa, bir müň
dowar soýup, sadaka berjekdigini aýtdy. Şeýle hem Ybraýyma
tagta geçen güni geýdirmek üçin gyralaryna sap dür daşlary
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn II - 15
  • Parts
  • Altynjan hatyn II - 01
    Total number of words is 3629
    Total number of unique words is 2034
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 02
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2164
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2031
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 04
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1970
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 05
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 06
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2172
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 07
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2164
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2085
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 09
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2084
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 10
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2064
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 11
    Total number of words is 3507
    Total number of unique words is 2173
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    37.2 of words are in the 5000 most common words
    44.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2151
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2040
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 14
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2044
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 15
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2131
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 16
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2156
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 17
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1976
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 18
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2087
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 19
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2023
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 20
    Total number of words is 3723
    Total number of unique words is 1909
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 21
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1880
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 22
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 1944
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 23
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1971
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 24
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1896
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1941
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 26
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 2028
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 27
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2124
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 28
    Total number of words is 1126
    Total number of unique words is 678
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.