Latin

Altynjan hatyn II - 05

Total number of words is 3714
Total number of unique words is 2042
32.0 of words are in the 2000 most common words
46.1 of words are in the 5000 most common words
53.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Buýany onuň egninden çekip, birki gezek saklady.
– Ybraýym, näme aýtmakçy bolýarsyň?
Wezir Abylkasym Buýany bilen Ybraýym ogurlykda tutulan
dek gyzardy.
– Akyn etmegi, teshyr etmegi biz tapmadyk. Öňden gelýän
kada görä olja bölüşmegiň berk düzgünini-de biz girizmedik,
humsy-da biz girizmedik.
– Sen maňa bu sözi näme üçin aýdýarsyň? Näme, Tog­
rul bu zatlary bilýän däldir öýdýärsiňmi? – diýip, Togrul beg
Ybraýymyň ýüzüne geňirgenme bilen seretdi.
70
– Togrul, bize akyl öwredýän köp bolar. Sähel gowşak
tutsak, bize hatynlarymyzam akyl öwredip ugrar. Biz hiç wagt
hatynlarymyzyň akylyna mätäç bolmandyk. Iň gowusy, öz aky­
lymyz bilen ýaşamakdyr.
Togrul beg Ybraýymdan: «Şu aýdan pikiriň öz pikiriňmi?»
diýip kinaýatly soramak isledi, ýöne hyrçyny dişledi. Ol gürrüňiň
näme hakda barýandygyna düşündi: akynçylygy bes etmek ba­
rada Altynjan köp özelenipdi. Ol bu babatda Çagry bege-de,
Ybraýym bege-de aýdypdy. Tabgaçlar neberesiniň jezalandyryl­
magy-da akyn sebäpli boldy ahyryn! Bu sapak bolmaly dälmi eý­
sem?!
Altynjanyň pikirini unapdylar, ýöne olara kimdir biri me­
çew berýän bolmaly.
Kim ol?!
Kim-de bolsa, ol öz sözüni ynandyrmagy başarýar. Bu ba­
batda Altynjanyň öz pikiri bardy. Ybraýymdyr Çagry daga me­
çew berýän Peýkam bolmaly.
– Ýok, ol däl – diýip, dumly-duşdan Altynjana garşy çykdy­
lar.
Onda kim?!
2.
Gazaply darkaşlaryň birinde seljuklylar ýüzden gowrak
gaznalyny ýesir aldylar. Olara bir hepde ýowuz sütem edildi,
soňundanam azatlyga goýberdiler. Ýesir düşen ýüzden gowrak
gaznaly seljuklylaryň adyny eşidenlerinde titräp durar ýaly edi­
lipdi. Olara beýle sütem edilmegi harby maksat üçindi: olar
gaznaly goşunyň arasyna baryp dowul turuzmalydy. Olaryň
gorkusyna seredip, beýleki gaznalylarda hem gorky döremeli­
di. Seljuklylar ugradan ýüzden gowrak gaznalylaryny «ýüzden
gowrak dowul» diýip atlandyrdylar.
Ýesirleriň arasyndan diňe ýüz sany gaznalyny alyp galdylar.
Ýesir düşen ýüz gaznalynyň serkerdesi ýesir düşenini namys bil­
di, özüne kast etmekçi boldy. Haýdan-haý ony sakladylar, elin­
den hanjaryny gaňryp aldylar.
71
Togrul beg gaznaly serkerdäni içgin synlady. Ol başyny
galdyrman dur.
– Elleriniň daňysyny çözüň! – diýip, Togrul beg ýanyndaky
haşymlaryna buýurdy.
Togrul beg oňa terjimanyň üsti bilen puşdun dilinde ýüz­
lendi:
– Kim sen? Aslyň nireden?
Gaznaly serkerde sesini çykarmady. Şeýle bolansoň, terji­
manlar oňa arap, türkmen dillerinde sowaly gaýtaladylar:
Gaznaly serkerde ýa seljuk begini geň galdyrmak isledi ýada şeýle etmegi parz bildi, özüne berlen sowallara arap, pars
hem-de türkmen dillerinde jogap gaýtardy:
– Men soltan Masut Gaznalynyň ýüzbaşysy. Aslym türkmen.
Doglan ýerim Balh.
– Türkmençe gürläber – diýip, Togrul beg ýüzbaşa aýtdy. –
Näme üçin özüňi öldürmekçi bolduň?
– Mende başga çykalga ýok.
– Ýaragyňy tabşyran bolsaň, öýüňe git. Gaýdyp biziň gar­
şymyza çykma. Saňa bu hakda aýtmadylarmy?
– Aýtdylar, ýöne men öýe gidip biljek däl, meni öldüriň.
Meniň ömrüm şu gün gutarmaly. Hökman! Men şu gün ölmeli.
Siz meni öldüriň. Siziň eliňizden ölmek meniň üçin uly merte­
be boljak!
– Sen näme üçin azatlyk islemeýärsiň?
– Men öz türkmen adyma ysnat ýetirmek islemeýärin.
– Ol nämäniň ysnady? – diýip, Togrul beg sorady.
– Söweşde ýa ýeňmeli ýa-da ölmeli, üçünji ýol ýok. Men
ýeňildim. Diýmek, men hökman ölmeli, men ýeňlip, onda-da
ýesirlikde bolup, obama baryp bilmerin. Oba baraýanymda-da
meni öýe, oba goýbermezler. Maňa: «Näme üçin ýeňildiň? Näme
üçin ýesir düşdüň?» diýerler. «Türkmen ýesir düşmeli däldir.
Ol ölýänçä söweşmelidir» diýerler. Oba barsam, obadaşlarym
özlerini masgara edilen hasaplarlar. Meni obadan çykaryp ko­
warlar. Ol masgaraçylygy görenimden, iň gowusy, ölenim ýeg.
Şonuň üçinem meni masgaraçylykdan halas ediň! Towakga
72
edýärin, meni öldüriň, eger siz kömek etmeseňiz, barybir, men
ýolda özümi öldürerin.
– Adyň näme?
– Meniň adym Ylýas Abu Aly ibn Şerip. Ýörgünli adym
Abu Aly.
– Haýsy dilleri bilýärsiň?
– Puşdun, pars, arap dillerini doly bilýärin.
– Bu dilleri nirede öwrendiň?
– Eý, gözsüz batyr Togrul! Meniň atam Mahmyt Gaznalynyň
köşgünde sahyp bolup işleýärdi. Atam Aly ibn Şerip sowatly
adamdy, birnäçe dil bilýärdi. Soltan Mahmyt Gaznaly atama
Termez welaýatyny ykta berdi. Atam bizi ýaşlykdan atabege
tabşyrdy. Dil, sowat öwrendik. Biz bäş dogandyk. Dürli sebäple­
re görä häzir iki dogan bolup galdyk. Atam soltan Mahmyt en­
tek dirikä, agyr kesele sataşyp, ýurduny täzeledi.
– Näçe wagt bäri söweşe gatnaşýarsyň?
– Bir ýyl bäri.
– Öň niredediň?
– Köşkdedim. Atamyň işini ýöredýärdim, ýöne Ahmet Meý­
mendi bilen sözüm azaşdy...
– Ahmet Meýmendi bilen haýsy meselede sözüň azaşdy? –
diýip, Ybraýym beg sorady.
Abu Aly dymdy.
– Ýeri, bolýar. Bize sowatly kişiler gerek. Eger ak ýürekden
gulluk etseň, Gurhandan wepadarlyk kasamyny içip, wepadarlyk
kemendini dakynsaň, biz seni öz aramyza alaly – diýip, Togrul beg
kesgitli netijä geldi.
Abu Aly ikilik etmejekdigine Gurhandan ant içdi.
Şondan soň Abu Ala ýatagan hem saý bedew, ýüzbaşylyk ke­
mendini berdiler.
Togrul beg öz adamlaryna ýörite tabşyryk berdi: Abu Aly
nähili adam? Ahmet Meýmendi bilen arasynda näme dawa bo­
lupdyr? Bu zatlary balhly, gaznaly fiskallaryň, çawuşlaryň üsti bi­
len doly anyklamaly.
73
***
1039-njy ýylyň iýun aýynyň 27-sinde Sarahsyň günor­
tasyndaky Dehi-Bazerganan diýen ýerde soltan Masut bilen
Togrul begiň serkerdeligindäki goşunyň arasynda gazaply
söweş boldy.
Soltan Masudyň goşunynyň sany elli müňden aňrydy. Şeýle
bolansoň uzak wagtlap, açyk söweşmek seljuklylar üçin hatar­
lydy.
Seljuklylar bu söweşde gurt tilsimini ulanmagy – gaznaly
goşunyň çar tarapyndan hüjüm etmegi makul bildiler.
***
Altynjan dogany Kabyl hemem ogullygy Anuşirwan bilen
bilelikde öz çiltenine serkerdelik edýärdi. Onuň hatyndygyny
eşigine seredip biler ýaly däldi: ol ähli seljuklylar deýin ak ke­
pene dolanypdy, başynda tuwalgasy bardy, her gün duşman
bilen birki gezek ýüzbe-ýüz bolup söweşýärdi, gaznalylaryň
garaşman duran ýerlerinden zompa çykyp, ýetişibildiginden
paýhynlaýardy, gijelerine ýatmaýan günleri-de az bolanokdy.
Altynjan akynçylyga gatnaşyp ýörşüne Togrul bege idi-yssywat
etmäge-de ýetişýärdi. Elbetde, onuň öz hansalary, hyzmatkär­
leri, gullary ýeterlikdi. Şeýle-de bolsa, Altynjan Togrul begiň
wagtly-wagtynda iýip-içmegine gözegçilik edýärdi, ýogsam beg
asyl iýip-içmelidir hem öýtmeýärdi.
Altynjan nobatdaky çozuşlaryň birinde ät galdy: bäş ýüz çe­
mesi atly zompa öňünden çykdy. Gaznalylar Altynjan dagyny
görüp, gykylyklap olaryň üstlerine gaýtdylar. Altynjan dagy haý­
dan-haý gaçmak bilen boldy. Sähel salymda gaçyp arany açdylar,
ýöne Altynjanyň çiltenlerinde gaznaly gulamlarynyň yzyndan
hüjüm etmek höwesi döredi. Olar şu pikir bilen yzlaryna do­
landylar, gündogara sary barýan gaznaly goşunynyň yzyndan
garama-gara ýöräp ugradylar.
Näme üçindir, bäş ýüz atly goşundan elli atly bölünip aý­
ryldy. Muny gören Altynjan:
74
– Olary ýok edeliň! – diýip, batly gygyrdy.
– Bize garşy bir tilsim ulanmakçy bolýan däldir-dä hernä? –
diýip, Akgaýa howatyrlandy.
– Akgaýa, sen ähli zatda kölege görýärsiň. Siz şu ýerde biraz
garaşyň. Meniň ýeke özüm gidip, şol elli gaznalyny gyran-jyran
edip gaýdaýyn – diýip, Kabyl badyhowa sözledi.
– Ýok, seni ýeke goýberip bilmeris! – diýip, Çyrlak ýataga­
nyny galgatdy.
Olar elli töweregi gaznalynyň üstüne at saldylar.
Ýaňy darkaşa girenlerinde ýene elli töweregi gaznaly peýda
boldy. Gazaply darkaş başlandy.
Darkaşda Altynjanyň atyny naýza urup ýykdylar.
Altynjan pursatdan peýdalanmak, öldürmek üçin ylgap ge­
len bäş-alty gulamyň garşysyna ýeke özi çykmaly boldy.
Ol gaýduwsyz söweşdi, ylgap gelýän gulamlaryň birini ýaý
bilen atyp öldürdi. Galan gulamlar bilen başa-baş söweşmeli
boldy.
Gulamlaryň seljuklylardan gorkusy uludy, şol sebäpli hem
olar gorka gylyçlaşýardylar.
Altynjanda gorky-ürki ýokdy, sähel salymda iki sany gula­myň
janyny jähenneme ýollady, daşyna aýlanan üç gulamyň üçüsine-de
gaýtawul berdi, olaryň ikisini ýaralady, ýöne özi-de agyr ýaralandy.
Onuň agyr ýaralanandygyny gören çiltenleriň on-on bäş
sanysy kömege ýetişdi.
Kabyl atyna Altynjany mündürip, özi Anuşirwanyň atyna
artla­şyp mündi.
Darkaş bolan ýerden derrew arany açdylar.
Çiltenler Altynjanyň söweş meýdanyndan alnyp gidilmegi­
ne ýardam berdiler.
Olar söweşdigisaýyn gaznaly gulamlar köpelýärdi.
Altynjan dagy arany açanda çiltenleriň garşysyna söweşýän
gaznalylaryň sany hasam köpeldi.
– Çiltenlerim galdy! Çyrlak dagy galdy! Akgaýa dagy galdy!
Ýatmaz dagy galdy! – diýip, Altynjan zarlady.
Olar öz bolýan ýerine gelenlerinde Altynjan hatyn özünden
gidipdi. Çünki onuň gany köp akypdy.
75
Aramgähde Togrul begiň özi Altynjana tebiplik etdi, onuň
çep tarapyndan – gapyrgasynyň aşagyndan iki gezek ýatagan
sokulypdy. Ýataganlaryň sokulan ýerlerinden ýolda köp gan
akypdy.
Altynjanyň ganyny sakladylar, tygyň sokulan ýerini Ibn
Sinanyň öwredişi ýaly edip tikdiler.
Ol wagty bilen özüne gelmedi. Togrul beg uzynly gijäni
onuň ýanynda oturyp geçirdi, özüne gelendigini görüp begen­
di, gujaklady.
– Altynjan, men seniň ýanyňdadyryn, hiç zatdan gorkma­
gyn, seni derrew sagaldaryn men.
– Öz ýagdaýyňyz nähili, begim?
– Sen meni gaýgy etme.
– Size hiç zat bolanok gerek?!
– Hiç zat bolanok, Altynjanym, maňa hiç zat bolanok.
Altynjan müňkürlik eden bolarly, ol begiň ellerini, egnini
sermeläp, barlap çykdy, şondan soň ýeňil dem aldy:
– Hudaýa şükür!..
Ol bir hepde düşekde ýatmaly boldy. Şol günler Togrul beg
onuň ýanyndan aýrylmady.
Altynjan onuň bolşundan bir aýylgançlygyň gopandygyny
aňdy:
– Näme boldy, begim?
– Hiç zat bolanok, arkaýyn ýat! Kabyl bilen Anuşirwan
halyňdan habar alyp durlar.
Altynjan ýatan ýerinden zöwwe galdy:
– Çiltenlerim nirede?
– Ýat, ýat, saňa ýeriňden turmak bolmaýar – diýip, Togrul
beg hatynyny düşeginde ýatyrdy.
– Çiltenlerim nirede?
– Esgerler daşarda – diýip, Togrul beg umumy jogap berdi.
– Çyrlak nirede? Akgaýa nirede? Ýatmaz nirede! Anuşirwan,
hany Akgaýa! Anuşirwan, hany Çyrlak! – diýip, Altynjan elewräp
ugrady. – Hany, olar? Olar näme üçin görünmeýärler? Näme
üçin meniň bir çiltenim hem görünmeýär?
– Olar ýörişde.
76
– Ýok, ýok, olar ýörişde däl! Meniň ýüregim syzýar, olara
bir zat bolandyr. Begim, aýdyň, ýalbarýaryn, çiltenlerime näme
boldy?
– Sen mert bol, Altynjan.
– Näme boldy, aýdyň!
– Mert bol, Altynjan!
Togrul beg baryny gürrüň berdi: Kabyl bilen Anuşirwan
Altynjan hatyny alyp gaýdandan soň, gaznalylar has köpelipdir.
Olar çiltenleriň daşyny gabapdyrlar, ýesir almakçy bolupdyrlar,
ýöne çiltenler iň soňky demlerine çenli söweşipdirler.
Akgaýa çiltenlere baş bolup, aşak tarapdaky gabawy
böwsüp gaçmakçy bolupdyr, ýöne gaçmak başa barmandyr.
Çiltenleriň ýigrimi sekiz sanysy wepat edipdir.
Galan on iki zamahşarla-da ýesir düşmekden başga alaç gal­
mandyr.
– Gylyçlaryňyzy taşlaň! – diýip, gaznalylar gygyrypdyrlar.
Çiltenlerden galan on iki zamahşarly ýesir düşmezlik
üçin biri-biriniň döşünden hanjar urup, bu dünýä bilen hoş­
laşypdyrlar.
Bu habary eşiden Altynjan ýakasyny çäkläp, gözýaş dökme­
di, akylyndan jyda düşene döndi, bir hepdeläp sesini çykarman
ýatdy. Ol eşiden habaryna entek ynanyp bilenokdy, göwnüne
bolmasa, çiltenler niredendir bir ýerden ýylgyrjaklap geläýjek
ýalydylar. Sebäbi ol çiltensiz ömri göz atuwyna getirip bilenokdy.
Altynjan agyr halda ýatan-da bolsa, begiň özüne nämedir
bir zat aýtmak isleýändigini aňdy, özem aýdyljak habaryň näme
hakdadygyny-da çak etdi. Çakynda ýalňyşman eken.
Togrul beg aýtdy:
– Altynjan, soltan Masut uly goşun bilen üstümize geldi.
Biz juda uly töwekgellik edýäris. Men seni şol töwekgellige sal­
mak islemeýärin. Men seni Oguz çölüne – ähli seljuklylaryň
maşgalalarynyň arasyna ugradaýyn. Sen ol ýerde ýaş oglan­
lardan özüňe çilten taýýarla. Diňe çilten däl, kyrk akgyz hem
taýýarla. Men seniň kyrk akgyzly hatyn bolmagyňy isleýärin. Ýu­
sup beg wepat edende men kyrk erene duşdum. Olar maňa
patyşalyk patasyny berdiler. Nesip bolsa, kyrklaryň, Abu Seýit
Abylhaýyryň patasy hasyl tapar. Allatagala menlik bolup, Masudy
77
ýeňsem, onda täzeden toý tutarys. Ikinji toýumyz «Zamahşar gi­
jesindäki» ýaly bolmaz. Reý behişdi ýer diýýärler. Nesip bolsa,
ikinji toýumyz, ýaşajak ýerimiz, ana, şol behişdi ýerde bolar.
Kyrk gije-gündizläp toý ederis.
Togrul beg bu sözleri aýdanda derledi. Megerem, bu sözleri
aýtmak oňa juda kyn düşen bolarly. Özem ol bir ýerde durup bil­
män, aramgähiň içinde iki ýana ýöredi. Esli salym dymyp, özüne
zor salyp dillendi:
– Talak! Talak! Talak!..
On birinji hekaýat
ÖMRÜŇ IÇINDÄKI ÖMÜR
Ý
edi gün ýol ýörelensoň, seljuklaryň çaga-çugalarynyň,
aýal-ebtatlarynyň syrgyn bolup oturan ýerine ýetildi.
Altynjana syrgynyň ortarasyndan hyma taýýar edilen eken.
Altynjan bir hepde hymasyndan çykman ýatdy, ýanyna
Gyzbibi bilen Peýkertuwakdan başga hiç kimsäni goýber­
medi. Dogrusy, onuň hiç kim bilen gürleşesi-de gelenokdy.
Hossarlarynyň, çiltenleriniň keşbi göz atuwynda janlanýardy,
olar bilen gürleşýärdi, olardan ötünç soraýardy. Hünübirýan
aglap ugraýardy, akgyzlar ony köşeşdirjek bolup gara güne
galýardylar. Özüne göwünlik berilse, gahary gelýärdi:
– Maňa göwünlik bermäň! Ýok, ýok! Meni uruň! Uruň!
Öldüriň! – diýip, ol akgyzlaryň hersini bir ýana zyňyşdyrýardy.
Togrul begiň: «Talak! Talak! Talak!» diýip aýdan pursady
Altynjanyň göz öňünde her gün telim sapar gaýtalanýardy. Ol
özüne talak berlendigi üçin däl-de, söweşmäge ejiz hasapla­
nandygy üçin ýanyp-bişip örtenýärdi:
79
– Bilýäňizmi, Togrul beg meni ejiz hasaplady! Hawa, Tog­
rul beg meni ejiz hasaplady! Nämemiş, men hatynmyşym, men
erkeklerçe söweşip bilmeýärmişim! Hany, aýdyň, men ejizmi?
– Ýok, ýok, Altynjan, sen ejiz däl! Sen bäş-on erkege-de taý
gelersiň! – diýip, akgyzlar titreşýärdiler.
– Şony näme üçin Togrul beg bilenok? Ä? Näme üçin
Togrul beg bilenok! Men başa-baş söweşde Togrul begem
ýeňerin. Men ondan ömrümde bir gezek – Zamahşarda birinji
gezek duşuşan gezegim ýeňildim. Onuň hem sebäbi gözüne
seretdim. Gözi bilen ol meni şonda jadylady! Ýogsam, men
ony ýeňerdim. Wadaryg-a, oňarmandyryn, şol gezek men ony
öldürmeli ekenim.
– Beýle diýmäň, melikäm!
– Diýjek, ýüregiň darka ýarylýanam bolsa diýjek! Eşitdiňmi?
– Eşitdim, melikäm, eşitdim – diýip, eýjejik akgyz titredi.
– Ýok, ýok, sen eşideňok!
Akgyz Altynjana ýaranmaga çalyşdy:
– Hawa, men eşidemok!
– Togrul beg nejis!
– Hawa, Togrul beg nejis!
– Ol özüne edilen ýagşylyklary bilenok.
– Hawa, Togrul beg özüne edilen ýagşylyklary bilenok...
Altynjan keniziniň ýüzüne geňirgenip seretdi:
– Sen näme üçin meniň aýdan sözlerimi, totuguş ýaly, gaý­
talap otyrsyň?
– Siz dogry aýtdyňyz, melikäm, Togrul beg nejis, gadyrbil­
mez.
– Näme, näme? Neneň diliň barýar seniň? Ä? Neneň het
etdiň sen?! Seniň hakyň barmy Togrul bege dil ýetirmäge?
Altynjan bir bökende akgyzyň depesine gondy, onuň çem
gelen ýerine ýumruk saldy.
– Günämi geçiň, melikäm!
– Seniň bege dil ýetirmäge hakyň ýokdur, düşnüklimi?
– Düşnükli, melikäm, düşnükli!
Altynjan, özüne talak berlendigine gynanýardy, ýöne ýöne­
keý esger hökmünde gaznalylaryň garşysyna söweşmäge ygtyýar
berilmeýändigine welin, has gynanmak gynanýardy. Bu onuň
şeýle bir degnasyna degýärdi, özüni teý köşeşdirip bilenokdy!
80
– Näme, men indi ýönekeý seljuk esgeri hökmünde söweşip
bilemokmy?
– Söweşip bilýärsiňiz, melikäm. Siz ýüz esgere-de taý ge­
lersiňiz.
– Näme, men seljuk beglerinden asgyn söweşýärinmi?
– Siz ähli seljuk beglerinden rüstem söweşýärsiňiz, melikäm.
Altynjan ýene kenizine alarylyp seretdi:
– Wa-weýla, men ýene ýalňyşdym öýdýärin, günämi ötüň
melikäm.
– Nämede ýalňyşdyň?
Akgyz näme diýjegini bilmän aglap ugrady:
– Bes et agyňy!
Akgyz gözüniň ýaşyny ýeňine syldy:
– Bes etdim agymy!
– Gepleme diýýärin men saňa!
– Indi geplemerin.
– Jogap berme maňa.
– Men size jogap bermerin.
– Näme?
– Men ýene ýalňyşdymmy, melikäm?
***
Düşlegde bolan kyrkynjy güni ýarygije Altynjan düýş gör­
di. Gören düýşünden gorkup hasanaklap ýerinden turdy, daş
çykdy, soňam aýakýalaň, başaçyk ümdüzine gitdi.
Iki sany keniz ony saklajak boldy, ýöne ol saklanarly däldi.
Saklajak bolanlara gahary geldi, hersiniň döşünden batly itdi.
Gürüm-jürüm boldy.
Gün günorta bolýança onuň özüniň gelerine garaşdylar.
Hernäçe garaşylsa-da, Altynjan gelmedi.
Öýlän onuň gözlegine çykdylar.
Topar-topar bolup gözlege gidenler garaňky düşensoň,
«Tapmadyk» diýip, başlaryny aşak salyp geldiler.
Şol gün Altynjany tapmadylar.
Şol günüň ertesem tapmadylar.
6*
81
Üçünji gün namazşamlar düşlege hoş habar ýaýrady.
– Altynjan tapyldy!
Ol düşlegden juda bir uzakda bolmadyk guýtakda özüni
bilmän ýatyr eken. Ony düýä ýükläp getirdiler.
Agzyna suw damdyrdylar.
Altynjan ýene üç gün özüni bilmän ýatdy.
Alty günüň açlygyndan soň, göräýmäge, onda ysgyn-dera­
mat bolmaly däl ýaly, ýöne ol syçrap ýerinden turdy. Asyl hiç
zat bolmadyk ýaly, şadyýan ol! Altynjan akgyzlarynyň ählisini-de
«Gülýüzli» diýip atlandyrýardy, munuň sebäbini düşündirjek
bolup duranokdy. Ýüzi gülüp dur:
– Gülýüzlim, biler bolsaň, içim eljuk1 diýýär. Owkat getiriň
maňa! Käbe şerbetini2 taýýarlaň! Boluň, boluň! Wagt ýok, biziň
etmeli işlerimiz köp.
Altynjanyň bu sözüne akgyzlar, çorular çikgerilişip, biribiriniň ýüzüne soragly seretdiler.
– Içiňizde janyňyz ýokmy, näme, mölterilişip dursuňyz!
Janlyrak boluň! Men ähli zatdan burun suwa düşeýin.
– Gyzgyn suw taýýar, melikäm!
Altynjan suwa düşdi. Onuň bolşy öňki boluşlaryna asla
meňzemeýärdi. Ol öňki Altynjan däldi, düýpden başga melike­
di. Ony häzirki ahwalatda öň hiç kimse görmändi.
Gyzbibi bilen Peýkertuwagy çagyryp getirdiler. Altynjan
olar bilen saçak başyna geçdi.
– Ganymatlaşýarsyňmy, Altynjan? – diýip, Peýkertuwak şüb­
heli sorady.
Altynjan hiç zat bolmadyk ýaly, gaty arkaýyn jogap berdi:
– Meniň ýagdaýym gowy.
Peýkertuwak bu jogap bilen kanagatlanmady:
– Saňa näme boldy? Hiç kime aýtman çykyp gidiberipsiň-le?
Altynjan başdansowma jogap berdi:
– Men düýş gördüm...
– Uky – Hudaýyň dili, düýş – sözi…
Altynjan Gyzbibiniň bu sözüne geň galdy:
– Gyzbibi, dogrudanam, uky Hudaýyň dilimi?
82
– Şeýle! Allatagala ýetmiş iki dil döredip, bendeleriniň
arasynda paýlapdyr. Soň ýetmiş üçünji dili bendeleri bilen
gürleşmek üçin ýaradypdyr. Allatagala bendeleri bilen diňe
ýetmiş üçünji dilde – ukuda gürleşýär.
– Men düýşümde Tümen daýymy gördüm. Ol maňa
Hudaýyň sözüni aýtdy. «Alla adama diňe güýjüniň ýetjek
möçberinde ýük ýüklär»3 diýdi…
Altynjan, näme üçindir, sözüni soňlaman goýdy.
Düýşde yşarat köp. Habarly, manyly, derekli düýşe türk­
men «oraşan düýş» diýýär. «Oraşan» röwşen-ýagty sözünden
bolmaly. Diýmek, geljegi-boljagy ýagtyldyp, aýdyň, aýan edip
görkezýän düýş bolýar-da. Düýşe geljegi geçmişiň üsti bilen
yşarat edip görkezmek mahsus. Şu güne degişli düýş, köplenç,
ýalan bolup çykýar.
Düýş öz dünýäsiniň täsinligi bilen haýran galdyrýar. Düýş,
göräýmäge, şu dünýäniň bolan ýa boljak günlerine degişli ýaly.
Emma düýşde başga dünýäniň howasy hemem ruhy bar. Adam­
lar düýş görmäge ukypsyz bolsadylar, onda olar o dünýäniň
bardygyny gümanam edip bilmezdiler. Düýşüň giňişligi
giňişlikden aňyrda, düýşüň wagty wagtdan aňyrda.
Düýşdäki hereketler edil agramsyzlyk halatynyň täsin­
ligini ýatladýar. Munda hiç bir zadyň agyrlygy ýok, garyňky
ýaly aklyk, tämizlik, terlik hem serginlik bar, demirgazyk
gijesiniň garaňkylygy, nämälimligi hemem alyslygy bar, älem
giňişlikleriniň biserhetligi, ýürek gopduryjy elýetmezligi, bigä­
ne şemallaryň ýürege gorky salyjy owazlary bar.
Altynjan düýşlerinde çagalygyna gaýdyp barardy. Şeýdip,
ol çagalygyň ýitirilen dünýäsini başga dünýä bolan düýşlerinde
yzyna gaýdyp alardy. Diňe hyýalda hem düýşde wagt yzyna akyp
bilýär. Ýöne hyýal – bu bary-ýogy pikir, düýş bolsa pikiriň janly
surata geç­megi. Diňe düýşi görüp, ýagny synlap, tomaşa edip
bolýar. Şonuň üçinem ol ýaşaýyş diýen ada mynasyp närse.
Altynjan düýşlerinden maza hem many alýardy. Huşunyň
ýetmedik, huşunyň natuwan galan pursatlarynda ol özüne ge­
regi düýşlerinden tapýardy. Perişdeleriň dünýäsine meňzeýän
düýşlerden perişdeleriň yşaratlary hemem sözleri gelýärdi. Olar
83
Altynjan üçin gujur, ynam, hereket çeşmesidi. Zemini Asman do­
landyrýar diýen gep ýene çyn bolup çykdy. Eýse nä, Zeminiň özi
serhetsiz Asmanyň goýnunda aýlanyp dur ahyryn. Huş bary-ýogy
düýşüň birje pursatjygy ahyryn.
***
Şol günden soň Altynjan Togrul bege nälet okamasyny
goýdy. Asyl, onda boş wagt hem bolmady. Ol uzynly gününi iş
bilen geçirdi. Üç müňden gowrak ýetim galan dürli ýaşdaky
oglanjyklaryň arasyndan özüne çilten saýlady.
Anuşirwana gelinlik saýlamagy-da unutmady ol. Çünki bu
ýerde Seljuk begleriniň ýetişen, owadandan-owadan gyzlary
bardy. Gyzlaryň haýsy birisi üçin söz aýtsa-da, Altynjan özüne
«Ýok» diýilmejekdigini anyk bilýärdi.
Ine, Hatyja, Çagry begiň gyzy. Ol biçak owadan, edaly, asyl­
ly, eli çeper.
Ýusup Bazyrganynyň Güljemile atly gyzyny-da görmäge göz,
wasp etmäge söz gerek. Ýöne düşlegde Ýusup Bazyrganynyň
maşgalasyny «Gelmişek» diýip biraz çetleşdirýärler. Aslynda
welin, Ýusup Bazyrgany Seljuk begiň daýysy. Ýusubyň kakasy
Ýyldyz söwdagär eken, ol Bazyrgan şäherine göçip gidipdir,
Ýusup dünýä inensoň, Ýyldyz aradan çykypdyr. Eklenjisini ýiti­
ren maşgala seljuklylaryň jemagatyna dolanyp gelipdi, Ýusubyň
şondan soňky ýaşlygy Togruldyr Çagry dagy bilen bile geçipdi.
Dürnazaryň Dilber atly gyzy özüniň yhlasy bilen özge gyzlar­
dan parhlanýardy. Ol Altynjany şeýlebir ezizleýärdi, uzynly gün
hyzmatynda durýardy.
Altynjan bu üç gyzyň haýsysyna Anuşirwan üçin söz aýtja­
gyny bilmän kösenýärdi.
Wagt Dilberiň peýdasyna işledi, Altynjan ähli gyzlaryň için­
den Dilberi saýlady, onuň bilen ysnyşdy. Bir günem pikirini
beýan eýledi:
– Dilber jan, nesip bolsa, sen meniň gelnim bolarsyň.
Meniň halanymy Anuşirwanym hem halar. Ol seniň jemalyňy
görse, derrew saňa aşyk bolar.
85
Altynjanyň bu sözi düşlege ýaýrady. Şondan soň, Hatyja
Altynjan melikeden, näme üçindir, gaça durdy.
Düşlegdäki ähli kişi Horasandan hoş habara garaşyp
ýaşaýardy. Düşlege çapar gelse, ähli kişi onuň daşyna üýşerdi.
Gumdaky jemagata Musa ýabgu ýolbaşçylyk edýärdi.
Bir ýyl geçensoň ol öz ornuny Altynjana doly tabşyrdy.
On ikinji hekaýat
BÜRGÜT HÜJÜMI
S
1. Mäne söweşi
oltan kelebiň ujuny ýitirensoň, wezirlerine geňeş saldy:
seljuklylardan nädip dynmaly?! Olary nädip ýok etmeli?!
Soltanyň bu sowalyna beýik hoja Ahmet-i-Abd-as-Samat bilen BuNasr Mişkan: «Şalygyň goşuny Hyratda bir ýyl dynç alsyn, dynç
alnan döwürde seljuklylary derbi-dagyn eder ýaly ýene goşun
jemlemeli» diýip, jogap-maslahat berdiler. Olar soltana özleriniň
pikirini ýeke-täk dogry pikir hökmünde ynandyrmagy başardylar.
Elli müňlük atly goşunyň bir ýyllap Hyratda bikär durma­
gy soltanatyň bähbidine bolmady. Goşuny saklamak üçin köp
mukdardaky azyk ýerli ilatyň boýnuna düşdi. Bu welaýaty gedaý
düşürdi. Açlyk nägilelik bolup aýaga galdy. Eden-etdilik bilini
guşap, hökmürowanlyk etdi.
Bir man çöregiň bahasy bir dirhemden üç dirheme çenli
ýokary göterildi. Puluň gymmaty bir dirhemden bir danka (alty­
dan bir dirheme barabar) çenli pese düşdi.
87
Ýerli ilat topar-topar bolup Hyrat welaýatyndan başga pa­
rahat welaýatlara göçmäge – gaçmaga başlady. Köçelerde açlyk­
dan ýaňa ölüp ýatan adamlar barha köpelýärdi.
Açlyk diňe bir Hyratda däl, Horasanda hem agalyk edip ugrady.
1040-njy ýylyň başynda bir man çöregiň bahasy on üç dirheme ýetdi.
Ekerançylyk ýerleriniň bahasy hem aşak düşdi. Iki ýyl mundan
öň bir müň dirhem bahasy bolan bir žuftar ekerançylyk ýerini bir man
bugdaýa hiç kim çalşanokdy. Güýç-güýç ýeteniňkidi. Bir döwüm tötek
üçin adam öldürmek adaty zada öwrülip barýardy. Dehistanda bir di­
nara on man bugdaý ýa on bäş man arpa satyn alyp bolýardy.
Uly goşun bilen bir ýerde uzak durup bolmajak eken. Hy­
ratda hem durarlyk galmady.
Soltan Masut mejbury ýagdaýda Hyratdan çykyp, seljuk­
lylaryň üstüne ýörişe ugrady.
***
Abywertden uzakda bolmadyk Mäne galasynyň ilaty sol­
tan goşunyna urfis ýardamyny1 bermekden ýüz öwürdi, soltan
goşunyna boýun sunmaýandygyny mälim etdi: derwezesini aç­
mady. Galada görnükli allama Abu Sahyt Abylhaýyr (Mäne
baba) ýaşaýardy. Ol soltan Masudyň Horasanyň halkyna edýän
süteminden nägiledi. Ol özbaşdak Horasan döwletini gurmagyň
tarapdarydy. Hut şu maksat bilen seljuklylara Murgabyň ke­
narynda öz döwletlerini döretmeklerine ak pata beripdi.
Mäne galasynyň gabawy kyrk güne çekdi. Kyrk gije-gündiziň
dowamynda soltan Masudyň elli müňlük goşuny galany boýun
egdirip bilmedi.
Kyrk gije-gündiziň dowamynda Mänäniň kyrk bir sany us­
sat ýaýçysy soltan goşunynyň müňläp gulamyny öldürdi.
Soltan ahyr galanyň ilatyny mugyra getirmegiň ýoluny
tapdy: dagdan gelýän iki çeşmäniň ikisiniň hem öňüne böwet
basdy. Şeýdip, galany suwsuz goýdy.
Galanyň adamlary teşnelik zerarly derwezelerini açmaga
mejbur boldular.
Soltan özüniň köpsanly görnükli serkerdesini, müňläp gu­
lamyny ýaý bilen atyp öldüren mäneli ýaýçylaryň kyrk biriniň
sag elini gaýdyp ýaý atyp bilmez ýaly kesdirdi2.
88
Bu jeza berişlikden soň eline ýarag alyp soltana garşy çyk­
jak horasanly bolmaz öýden soltan Masut ýalňyşandygyna bir
menzil geçip-geçmänkä göz ýetirdi: mäneli ýaýçylaryň gününe
düşmek isleýän ýaly, dumly-duşdan soltan goşunynyň üstüne
atylýan keýmir oklar köpelip ugrady.
Ölümden gorkmaýan halky mugyra getirip bolmaýar. Sel­
juklylary ýaran edinen horasanly türkmenler hem ölümdende, soltandan-da gorkmaýan güýje öwrüldiler. Soltan Masut
bu ahwalaty duýdy, şonuň üçin hem Mäneden Nusaýa gitjek
bolmady. Seljuklylaryň iň köp jemlenen ýeri bolan Merwe ýöriş
etdi. Nusaý bilen Merwiň aralygy bäş günlük ýoldy3.
Mäne söweşi seljuk türkmenleri tarapyndan bürgüt hüjü­
mi boldy. Seljuklar onda Oguz handan galan harby gurluşy tä­
zeden dikeltdiler. Bu gurluş şertli-suratly göz öňüne getirme­
de ganatlaryny ýaýyp, öz awunyň üstüne eňip barýan bürgüdi
ýatladýardy. Seljuklaryň baýdagynda iki kelleli bürgüt şekiliniň
bolmagy-da özüňi gapdaldan görşüň şo hilinden alnandy.
Bürgüt, aslynda, harby aňlatma. Seljuklaryň öz harby
güýç-kuwwatyny aňmasy. Harby güýjüň tugda şekile getirilme­
gi syýasy jähete geçip, täze döräp gelýän türkmen döwletiniň
harby-syýasy göwredigini alamatlandyrýardy. Munuň özi
türkmenleriň milli-syýasy barlygynyň ähli mazmunyny özünde
jemleýän şekili boldy. Şu ýerdenem türkmen döwletiniň nähi­
li esaslara daýanýandygy, haýsy gymmatlyklary ileri tutýandygy,
nähili dolandyrylýandygy aýdyň görünýärdi. Birinjiden, döwlet,
ilkinji nobatda, harby gurluşdy, döwlet gurluşy-da, ozaly bilen,
harby-goşun gurluşydy. Bu hili gurluşda döwlet bilen goşun
aýny bir barlyk hökmünde göz öňüne gelýär. Döwlet milletden
kemala gelýär, goşun bolsa, öz gezeginde, döwletden kemala
gelýär. Oguz han eýýamynda goşun bilen millet aýny bir zat bol­
sa, seljuk eýýamynda goşun bilen döwlet bir aýnylyk boldy. Şu
hili görnüşe, aňlanylyşa laýykatlykda döwletiň ilkinji hem esasy
wezipesi harby gurluşyk, harby ýaşaýyş bolup, aňyýet, mede­
niýet, ruhyýet wezipeleri hemem görnüşleri harby esaslardan
gelip çykýardy. Harby kesgitlemäniň esasy bolmagy, şu ugurda
milli türkmen düşünjelerine daýanylmagy döwlet gurluşynyň
89
beýleki – aňyýet, ruhyýet, medeniýet meselelerinde şu döwletiň
gurluşyna gatnaşýan eýranly, arap hem gaýry milletleriň öz
taryhy tejribesini orta goýmagyna ýol açýardy. Şeýdibem, bi­
tewilikde alanyňda, sap türkmen esaslary bolan, emma gaýry
musulman halklarynyňam döwlet tejribesini özüne siňdiren
täze musulman imperiýasy kemala gelip ugrady. Bürgüt şekilli
döwletiň esasy awy bolsa möwriti öten azgynlyk, meslik hemem
nalajedeýinlik boldy.
2. Hakykaty boýun almak juda kyn
Togrul beg soltan Mahmyt, onuň ogullary bilen içgin gyzyk­
lanýardy. Olar hakda bir ýa iki gezek eşideni bilen çäklenmeýär­
di. Söbüktegin nesilşalygy bilen baglanyşykly söhbetleri, onuň
«Pentnamasyny» gaýtalap-gaýtalap diňleýärdi. Soltan Masudyň
Baýhaky atly debiriniň4 parasatly kişidigi hakda eşidensoň,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Altynjan hatyn II - 06
  • Parts
  • Altynjan hatyn II - 01
    Total number of words is 3629
    Total number of unique words is 2034
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 02
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2164
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 03
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2031
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 04
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1970
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 05
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 06
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2172
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 07
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2164
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 08
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2085
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 09
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2084
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 10
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 2064
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 11
    Total number of words is 3507
    Total number of unique words is 2173
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    37.2 of words are in the 5000 most common words
    44.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 12
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2151
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2040
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 14
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2044
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 15
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2131
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 16
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2156
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 17
    Total number of words is 3807
    Total number of unique words is 1976
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 18
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2087
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 19
    Total number of words is 3686
    Total number of unique words is 2023
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 20
    Total number of words is 3723
    Total number of unique words is 1909
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 21
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 1880
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 22
    Total number of words is 3705
    Total number of unique words is 1944
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 23
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 1971
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 24
    Total number of words is 3689
    Total number of unique words is 1896
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1941
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 26
    Total number of words is 3748
    Total number of unique words is 2028
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 27
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2124
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Altynjan hatyn II - 28
    Total number of words is 1126
    Total number of unique words is 678
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.