Latin

Şazadanyň şikäri - 24

Total number of words is 906
Total number of unique words is 612
40.0 of words are in the 2000 most common words
50.0 of words are in the 5000 most common words
57.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Kakasy bolsa öz eýmenýän bir zadyny görmekden çekinýän ýaly, hiç kimiň
ýüzünde nazaryny ägindirmeýärdi. Onuň birhili bulançak bolan gözleri kimdir birinden
haraý isleýän ýaly, özlerine howandar agtarýan ýaly bir nokatda durman çar tarapa şol
alakjap durdylar. Edil şol gezekki, Kanunyň özüni kowalaýan oglanlardan gaçyp,
Didaryň ýanyna dalda isläp gelendäkisi ýaly…
214
Didar bu pikirinden gorkup gitdi. Onuň üçin kakasy äpet bir, hiç kimiň ýeňip
bilmejek pälwanydy. Ol onuň üçin hudaý ýalydy. Bu wagt bolsa kakasynyň elewräp
ýörşi, Kanunyň gaty aljyranda bolşundan enaýy däldi.
Kim kakasyny beýle aljyradyp, beýle gorkuzdyka? Asla kimiň, haýsy zadyň
kakasyny şeýle gorkuzmaga gorkunçlygy ỳetdikä?!…Ol nähilem bolsa gaty eýmenç
jandar bolmaly. Sebäbi hemmeleri hemme zatdan goramagy başarýan kakasyny şu
derejä elten bolsa ol mahluk juda aýylgançdyr…
Bu pikirlerden soň-a Didar hasam gorkdy. Eger ol jandar kakasyny şeýle derejede
elheder aldyran bolsa Didary dagy näder?…
Kakasyny gaty gorkuzan mahluk üstüne sürnüp gelýän ýaly, Didar yza-yza tesdide, birdenem gorkujygyna öýe tarap ýazzyny berdi. Emma öýe kürsäp urmady. Öýde
uýasynyň bardygy ýadyna düşende, kürtdürip durdy-da, haýatyň ýykyk ýerine ylgady.
Ondan aşybam Ylýaslara bardy. Barsa Ylýas hem derwezeleriniň deşiginden jyklap
duran ekeni.
Ol Didaryň gelendigini gördi-de, morta:
-Eý Didar, bilýäňmi, doganyň Agamyrady otly kakypdyr. Häzir gömmäge
äkidýärler.-diýip goýberdi.
Bu habara Didar birhili bolup gitdi. Ol muny nähili kabul etjegini bilmedi. Çaga-da
bolsa ol munuň ýaly zatlara gynanmalydygyny bilýärdi. Şonuň üçinem ol Ylýas özi
hakda erbet pikir etmesin diýip, ýüzüni sallan boldy. Emma şol bir wagtda-da, ol öz
göwnünde peýda bolan birhili şatlyga meňzeş ýeňilligi duýdy. Munuň sebäbem
dogabitdi gyzma hem yzgytsyz bolansoň Agamyrat Kanun ikisine hiç gün bermeýärdi.
Gören ýerinde käýýäp, gulaklaryndan towlar ýörerdi. Onsoň onuň bar ýerinde olaryň
ikisem islese-islemese burunlary deşilen ýaly, oturmaly bolýardylar… “çekiji goý, çüýi
goý, mellege girmäň, ýaňy depdim, garaža girmäň, kümä girip, agaç almaň, malýataga
baryp, mallary ürküzmäň, çäge oýnamaň, köçede entemäň, özüňizi ýigrendirip
goňşularda gohlap ýörmäň, gapa zat üýşürip, howlyny hapalamaň…” Garaz
Agamyratdan ýaňa köplenç olaryň gulak çekgeleri lowlar durardy. Onuň okuwdan boş,
dynç güni dagy, olaryň dat gününedi…
…Ine indi bolsa ol ýok. Olara indi hiç kim azar bermez…
Didar bar zada düşündi. Kakasynyň bolşuna-da, ejesiniň näme üçin aglaýandygynada, adamlaryň näme üçin ýygnanandyklaryna-da düşündi. Emma ol özüne şunça zor
salyp gynanjak bolsa-da gynanyp bilmedi. Oňa derek gaýta birhili erkinligiň ýeňilligi
has güýçlendi. Didar öz duýgusyndan utanyp başlady. Onuň özi özüne ýigrenji bir
doňýürek ýaly, bolup göründi.
Dogrudanam ol doňýürekmikä?… Ýok, ýok beýle däldir ahyry. Ol kakasyna,
ejesine gynanýar ahyry. Onda näme üçin Agamyrada gynanmaýar-da, gaýta
begenýär?…
Didaryň kiçijik dünýäsi agdar-düňder boldy. Öz ýüreginde peýda bolan bulambujarlykdan ýaňa, ol ýüzüni sallady-da, sussypes halda Kanun dagynyň ýanlaryna
dolandy. Gözünden ot syçradýan uýasyna-da, ýanyna baranda gaýra-gaýra süýşýän
boýnyburyk Kanuna-da ähmiýet bermän, ol girişine bir çüňke geçdi-de, aşak oturdy.
Kellesini dyzlarynyň üstünde goýubam, aýaklaryny gujaklady. Çaý içim salym geçip215
geçmänkä-de onuň horja eginleri sandyrap, ynjyly sojamasy eşidilip başlady.
Didar agalýardy. Özem onuň bu agysy hälki ýaly, beýlekileriň aglamagyndan emele
gelen agy däl-de, ýiti agyry sebäpli, özüniň hiç kime gynanyp bilmeýän doňýürekligine
gynanýandygy üçin, öz-özünden dörän agydy…
-IIIGijaralar Didar dagyny öýlerine goýberdiler. Kanun-a barşyna ejesiniň ýanyna
ylgady. Didaryň welin, öýlerine giresi gelmedi. Sebäbi öýden entek hem agydyrgözýaşyň aňryňy bäriňe getirýän ysy gelýärdi.
Ol güýmenere zat tapmaýan ýaly, howlularynda eýläk-beýläk ýöräp ugrady.
Adamlar dagapdyrlar. Diňe gelnejeleri, goňşulary hem-de Oraz kakasy bilen Aman
kakasy bar. Hanha aýaguçda iň uly agasy Hanmämmet otyr… gapylaryna çäge
ýazypdyrlar. Näme üçinkä?… Ejesi öýde öýdýän? A kakasy? Hany kakam?!
Didar howsala düşüp, bir pursatda daş-töweregi gözleri bilen gyzyl-dörjük edip
çykdy. Birdenem kakasyny gördi. Ol uly garaly agajynyň aşagynda, çyg gum
üýşmeginiň üstünde otyrdy. Didaryň ilki pikiri: “Endamyndan yzgar geçse, kakam üşär
ahyry” boldy. Emma kakasynyň egnindäki galyň içmegi görüp, ol köşeşdi.
“Ýanyna baraýyn-la” diýen niýet bilenem, şol ugra ýöneldi. Kakasy aýagyny
aýagynyň üstünde goýup, göni öňüne seredip, hiç-hili gymyldy-hereketsiz otyrdy. Onuň
bolup oturşyny birhili gören Didar golaýlady-da:
-Kaka! – diýip çalaja seslendi.
Kakasy mizemedi hem. Didar ýene-de bir-iki gezek dillendi. Emma kakasy ker
ýalydy. “Be, kakama näme bolýarka?” diýip oýlanan Didar oňa has golaý bardy-da:
“kaka” diýjek boldy. Ýöne welin, kakasynyň kiçelip-kiçelip, bir çyzyjak bolan, dur-dury
gözlerine seredende, diýmekçi bolýan sözi bogazyna tegek boldy.
Kakasy aglamaýardy. Onuň dodaklary hem jebis gysylgydy. Ýöne onuň
niresindendir bir ýerinden birhili boguk, şol boguklyklygy bilenem ýüregiňi paralap
gelýän iňňildi eşidilýärdi.
-Ymm-m-m-m-m…
Asla bu iňňildi kakasynyň: “niresindendir bir ýerinden” däl-de, onuň tutuş
durkundan, doňup galan, durulygy bilen gözüňi deşip gelýän gözlerinden, ellerinden,
çilşirilgi aýaklaryndan, reňki solup ugran goňur içmeginden, galyň ökjeli gyşky
köwşünden, kellesindäki köne telpeginden…hemme zadyndan çykýardy. Bütin dünýäde elenip, onuň sessiz-gözýaşsyz iňňildisine goşulýan ýaly, dartylyp, zarňyldap durdy.
Didarjygyň kalby lerzana geldi. Ol kakasynyň bu bolup oturşyna çydamady. “Näme
üçin, näme üçin kakam beýdip otyr? Haýsy nejis meniň kakamy beýdýär?…” Birdenem
Didar aýdyň gördi. Ol kakasyny nämäniň gynaýandygyny edil kakasynyň aňyrsyndaky
garaly agajyny görşi ýaly, anyk gördi.
Bir, igli, gözleri edil kakasynyňky dek kiçijik hem dury, ýüz-keşbi saỳgartmaỳan
jandar kakasyny ýeňsesinden gelip, berk gujaklap-gysyp durdy. Ol eýmenjem,
betnyşanam däldi. Ýöne onuň damar-damar bolup duran, berdaşly gollarynda welin
aýylganç kuwwatyň bardygy göz-görtele bildirýärdi. Didar düşündi. Şu jandaryň şeýle
216
äpet hem gaýratly kakasyny kiçijik we gorkajyk Kanunjyk ýaly, müzzerdip goýan,
özüniň hälki gorkan şol eýmenç mahlugydygyna düşündi.
Ol özüniň atagzy ýaly, gollaryny barha berk gysyp, kakasyny mynjyradyp
barýardy. Kakasam şoňa çydaman, durky bilen iňleýärdi. Didar ol jandary kowup
aýyrmak üçin kakasyna garşy topuljak boldy. Emma ol ýaňybir ümzügini öňe atdy
welin, bir ýerden peýda bolan gelnejesi ony saklady-da, öỳe tarap çekip ugrady:
-Ýör hany, ýör. Kakaňa azar berme, Didar jan!
Didaryň bu manadüşmez gelnejesine şol mahluk hakda, onuň kakasyny gysaja
gysyp, öldürip barýandygy hakda aýdasy, düşündi
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Şazadanyň şikäri - 01
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2261
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 02
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2305
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 03
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2252
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 04
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2157
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 05
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2204
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 06
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2060
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 07
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2099
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2228
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 09
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2272
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 10
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2230
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 11
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2374
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 12
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2094
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2066
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 14
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2175
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 15
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2238
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 16
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2142
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2282
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 18
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2122
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    37.4 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 19
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2271
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 20
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 2191
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 21
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2359
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 22
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 23
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2172
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 24