Latin

Şazadanyň şikäri - 04

Total number of words is 3703
Total number of unique words is 2157
29.2 of words are in the 2000 most common words
41.3 of words are in the 5000 most common words
48.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
diwanynyň işiginden bardy. Halypasyndan pähim sapagyny alan Şaraf-al-mülk, öňünde
duran türkmen ýigdiniň gönüläp, fiskal hökmünde gulluk etmekçidigini aýdyp gelmegini
27
juda geň görse-de, syr bermedi. Gizlin işler diwanyna beýdip hyzmatyny hödürläp ýa-da
totänden gelýän adam ýokdy, bu diwana soltana nijeme ýyllap wepaly hyzmat edip,
başarnygyny, ukybyny görkezen, taplanan adamlar alynýardylar. Çünki gizlin işler
diwanynyň her bir tabşyrygynyň astynda şol ýumşy ýerine ýetirýän adamyň gara başy
üçin ägirt uly howp-hatar ýatýardy. Iň bir ýönekeýje ýumuşlary bitirmek üçin hem köp
ýylyň tejribesi bilen juda uly başarnyk zerurdy. Onsoňam gizlin işler diwanynyň ýekeje
gullukçysynyň bitirýän birje ýumşunyň köp halatda müňläp leşgeriň hötdesinden
gelmejek döwlet bähbitli işini amala aşyrýan ýagdaýlary hem seýrek bolmaýardy. Edil
şonuň ýaly gizlin işler diwanynyň gullukçylaryna tölenýän hak hem olaryň üstüne
abanýan howp we bitirýän hyzmatlary bilen barabardy.
Ýöne näme üçindir Şaraf-al-mülküň öz ýanyna hyzmatyny hödürläp gelen ýigide
syny oturdy. “Göni gelen keýigiň iki gözünden özge aýby ýok” diýen nakyly içinden
gaýtalan Şaraf-al-mülk, ertesi gün hem Nejebi soltanyň gizlin işler diwanyna gulluga
aldy. Nejebe bada-bat ýumuş buýurmadylar. Bir ýarym ýyldan gowrak wagtlap oňa
beýleki ýaş gullukçylar bilen bilelikde tälim berdiler. Dürli dilleri, däp-dessurlary, gizlin
çapar-fiskallyk sungatynyň inçe syrlaryny öwretdiler. Türgenleşikler gurap, olaryň
yzyna aňtawçylary saldylar, olardan sap atyp gaçmagy, gizlenmegi, aňtawçylaryň
arasyndan ýylan kibi suwlup geçip, gözlerinden gaýyp bolmagy, okamagy-ýazmagy,
ençeme sahypalyk maglumaty ýat beklemegi, gerek ýerinde san taýdan agdyk
duşmandan goranmagy…umuman gizlin işler diwanynyň gullukçysynyň her ädimi belabeterden doly ýolunda ähli zada taýýar bolmak üçin zerur bolan ähli zady aňyna
guýdular, bedenine endik etdirdiler. Ilkinji tabşyrylan ýeňiljek ýumuşlary kemsiz-kössüz
bitirip gelmegi bolsa Nejebiň bu ugurdan guýmagursak zehininiň bardygyny ýüze
çykardy. Assa-ýuwaşdan oňa kyndan-kyn tabşyryklary berip ugradylar. Kähalatda ol
sahyp-bariýleriň bitirýän ýumuşlaryny hem ýerine ýetirip ugrady. Şeýde-şeýde hem
Nejep soltanyň gizlin işler diwanynyň iň başarjaň gizlin çaparyna öwrüldi. Juda köp
ýagdaýlarda döwletiň ykbaly onuň başarjaňlygyna hem bedewiniň ýyndamlygyna
ynanyldy. Bitiren hyzmatlary üçin serpaýy hem ýetdi. Emma ady-abraýy näçe ýokary
galsa-da Nejep üçin az ýalydy. Sebäbi şol bir mahalky toýda Halymanyň Şadynyň
keşbini mähir bilen sypaýan näzli nazary onuň hakydasyndan gitmeýärdi. Ol şol nazaryň
özüne bagyş edilýändigini gijeler düýşünde görýärdi, gündizler gursagynda göterýärdi.
Aýazlarda üşese şol nazar hakynda arzuw bilen ýylynýardy, epgeklerde suwsasa, şol
nazaryň arzuwy bilen teşneligini unudýardy. Onuň pikiriçe-de arzuwyna ýetmek üçin
diňe ýekeje ýol bardy. Şöhratyň we baýlygyň zerli ýapynjasyna çolanyp, külli Merw
iline özüni göz edip, Halymanyň gözlerini gapyp, kalbyny aňk edip, onuň göwnüni
Şadydan dändermekdi.
Elbetde Nejep garaýürekli, özgäniň betbagtlygynyň harabasynda öz bagtynyň
binýadyny tutmak üçin ähli nejisliklere taýýar bolan näkes däldi. Ol aşykdy. Halymasyz
hem onuň üçin ýaşaýyş ýokdy. Ýeke özi galan pursatlary Nejep içinden boşlukdan dolup
gezen günleri göwnünde öz-özünden dörän jümläni gaýtalap ýörýärdi.
“Sensiz maňa ýok, bu jahanyň gymmaty,
Seniň bilen bolmaly diýseler eger,
Sagynman dowzaha çalşardym jenneti.”
28
Şunuň bilen hem gep gutarýardy. Nejep Halyma bilen dowzahda ýaşamaly bolsa-da
razydy.
--Eý Türkiman beçesi, gözle bu ýana!
Süýr depesinden eşidilen hazar şiwesinde aýdylan, çalgyrt pyşyrdy zyndanyň
çuňlugyna düşüp güňleç ýaňlananda Nejep tisginip gitdi-de, ýarym ukuly
ýatlamalaryndan açyldy. Ol başyny göterdi welin, onuň öňüne ýüp merdiwanyň asty
patylap gaçdy.
“Ýene-de gynalmaga çykmalymyka?” diýip, Nejep umytsyz oýlandy. Onuň
ýerinden galyp, ýüp merdiwana aýagyny goýasy gelmedi. “Ýene-de ezýet sekisine eltilip
ýatyrylanyňdan soň “Hatdat” hem dadyňa ýetişmez, hiç kim hem! Men görgüsi ýaman,
dazzarkel deýin bedenimi tüýtmelejek jellatdan özge hiç kimsä gerek däl!” Bu tukat
pikirine onuň kalbyny çensiz-çaksyz umytsyzlyk doldurdy. Emma Nejep ýerinden
turman hem bilmedi. Sebäbi zyndandan çykanda haýal-ýagallyga ýol berse hyrsyz
rumlularyň ýa-da hazarlaryň aşak düşüp, özüni suwasalma etjekdiklerine hem-de
bilinden ýüp daňyp, ýokaryk dartjakdyklaryna akyly ýetýärdi. Şonuň üçin Nejep bihuda
ýere süteme sezewar bolmazlyk üçin aýaga galdy-da, merdiwana aýagyny goýdy.
Onýança ýene-de ýokardan çalgyrt pyşyrdy güňleç ýaňlandy:
--Bejit bolaýt, türkiman beçesi, zaňňar!
“Näme göçüň geçip barýarmy diýsene?” diýip içinden janagyryly pikir öwren
Nejep, sesini çykarman ýokarylygyna dyrmaşyp ugrady.
xxxxx
Roman Diogeniň leşgerindäki hakyna tutma gypjak atlylarynyň serdary Beçene
han, özüniň zer-zerbap bilen bezelen kaşaň han öýüniň töründe, daş-töweregine zerli
nagyşlar gaýalan güdri-güpjekleri çar-para taşlap, üç-dört gat edip astyna ýazylan
ýumşak körpeçäniň üstünde, atan-satan bolup, her aýagyny bir ýaňa taşlap, çäşerilip,
ýatyrdy. Onuň hytaý ýüpeginden dony, ortadaky ojakda ýanýan alawyň ýalkymyna
lowurdap, tolkunyp, älemgoşar reňkleri bilen öwşün atýardy. Gymyzdyr-aýrandan mes
bolan, gyrçuw sakgally, gazakpisint, ýaşy ýaňy otuzdan agan hanyň bolup ýatyşy esgere
hem-de serkerdä çalym etmese-de, guýlan kenege kybapdaş beden gurluşy, onuň
oýnagynyň at-ýaragdygyna şaýatlyk edýärdi. Eline maňyz bilen nohut garylan kişmişli
mejimäni alyp, işikden giren gyrnaga gözüniň gyýtagyny aýlan han, öňünde oturan, orta
ýaşlaryndaky, mürzesypat adam bilen edýän gürrüňini şarpa kesdi-de, närazy äheňde
çora, ýeke agyz:
--Çyk!-diýdi, soňam höküm etmäge endikli adamyň äheňinde:--Menden bidin, indi
şu çadyra bir adamyň hem aýagy sekmesin!-diýip üstüni ýetirdi.
Çorynyň çykyp giderine mähetdel, ol ýene-de arasy bölünen gepini dowam etdi:
--Hawa, onsoň Ahmetýar, sen aýt bizlere, türkiman soltany bizlerden ne isleýor?
Parasaty bilen külli Rum ilinde şöhrat gazanan Tibon Grahusyň şahsy hatdaty
Ahmetýar, ýüz-keşbiniň şol bir bolşuny üýtgetmän, özüniň hemişeki parahatlygy bilen
gepläp başlady:
29
--Hormatly hem sarpaly serkerde, Beýik Soltan Alp-Arslan, öňki aýdyşym ýaly,
Size, türkmenleriň doganlary hem-de ganybir garyndaşlary, edermen gypjak halkynyň
görnükli Serdaryna, köp dogaýy salamlary göndermek bilen, Siziň başyňyzyň dik we
janyňyz sag bolmagyny, Siziň we türkmenleriň, galyberse-de külli Muhammet
Alaýyhssalamyň ymmatynyň goragçysy we penakäri, ýagty jahany ýaradan we döreden
Haktagaladan dileýär!
Ahmetýar hatdatyň şüwlümli sözleri gulagyna hoş ýakan, gaýduwsyz böriniň we
haýýar tilkiniň häsiýetlerini özünde jemleýän Beçene han: “dowam ediber” diýen terzde
baş atdy.
--Bitiren beýik işleriniň we edermenlikleriniň şöhraty hazarlaryň, urusutlaryň
ülkelerini aýlanyp, Pereňe, Ruma, Turana we Eýrana, ondan hem Hindi ýurtlaryna
dolan, merhemetli han! Soltan Alp-Arslan şu kyn we jygba-jyg pursatda, türkmenleriň
hem gypjaklaryň aslyny bir kökden, ýagny Oguz han Türkmenden alyp gaýdýandygyny,
türkmenleriň we gypjaklaryň birek-birege dogandygyny, ganybirdigini, men Taňrynyň
günäkär gulunyň üsti bilen Siziň alyhezretleriňize ýatlatmagy makul bilýär! Merhemetli
serdar, külli türkmen iliniň hökümdary, doganlyk borjuny ýadyna salyp, rum leşgeri
bilen boljak söweşde iki garyndaşyň, gypjak bilen türkmeniň, biri-biriniň ganyny
dökmezligini isleýär. Elbetde sany iki ýüz müňden geçýän rum leşgeri Beýik soltanyň
leşgerinden ýigrimi müň adam çemesi köp, ýöne bu wagt rum leşgerine gaplaň kimin
okdurylyp gelýän Soltan Alp-Arslanyň ýanynda diňe onuň Müsüre ýöriş etmek üçin
taýýarlan saýlama türkmen atlylary bar, ol bolsa ýene-de ogly Şazada Mäligi hem beýik
wezir Nyzam-al-mülki, heniz Şam ilinde rum kaýsarynyň türkmen ülkelerine tarap
ýygyn dartyp ugranyny eşiden badyna, paýtagt şäherine ugratdy we olaryň Merw-şahujahandan Anadola tarap dört ýüz müň atlydan ybarat goşun bilen ýola düşenlerine bir
hepde boldy. Allatagala türkmenleriň tarapynda! Nesip bolsa rum leşgeri bilen darkaş
gurmaly pursadyň öň ýanynda ýa-da yzysüre, ol leşger hem Beýik soltanyň golastyna
gelip ýetişer. Onsoň Beýik soltan Alp-Arslanyň garşysyna gylyç göterip, naýza
parlatmaga het eden ýagynyň dat gününe! Rum kaýsarynyň leşgeri Türkmen soltanynyň
ymgyr goşunynyň öňünde şemalyň demine düşen kirşen üýşmegi deýin pytrap, dagap
gider. Ýöne Beýik soltanyň howatyr edýän zady, şol leşger, türkmen goşuny bilen rum
goşunynyň darkaş gurmaly müddetinde gelip ýetişmezligi mümkin, bu ýagdaý bolsa
Beýik soltanyň ikuçsyz gazanjak ýeňşini biraz yza tesdirer hem-de türkmenler
tarapyndan beriljek pidany köpelder. Beýik soltan bolsa öz wepadar nökerleriniň
gymmatly ganyny bihuda ýere dökmek islemeýär, şonuň üçin hem öz dogany hem
garyndaşy bolan Size, salamlar gönderip, birek-biregiň öňündäki garyndaşlyk
borçlarynyň berjaý edilip, rumlularyň hatyrasyna ganybirleriň birek-birege gylyç
götermezligini isleýär we Size hem, Han hezretleri, şony ündeýär we Sizden haýyş
edýär.
Ahmetýar sözüne dyngy berdi-de, öz sözleriniň gypjak serdaryna neneňsi täsir
edendigini bilmekden ötri, gabak astyndan oňa tarap gözüniň gyýtagyny aýlady. Beçene
han gözlerini mekirlik bilen süzüp, gymyzly şakäsesinden owurtlan bolup, ýassyga
ýaplanyp ýatyrdy.
30
--Merhemetli han hezretleri, Beýik soltan Sizden, rum leşgerleri bilen türkmen
goşuny söweşe başlanda söweşe goşulmazlygy towakga edýär!-diýip, Ahmetýar ýene-de
sözüni kesdi. Ol: “Ýeri bu teklibe näme jogap berersiň?” diýen terzde, Beçene hanyň
ýüzüne soragly bakdy.
Mekir gypjak hany Ahmetýaryň garaýşyna düşünip aňyrsyna geçse-de, mönsüräp,
geplemäge howlukmady. Ol daşyndan äwmezlige salsa-da, içinden ýetişibildiginden
pikir öwürýärdi: “Häzir ýüz segsen müňlük goşuny bar, soň hem ýene-de dört ýüz
müňlük leşgeriň Merwden bu ýana ýola düşenine ýedi gün bolupdyr, bu aýýar hatdatyň
üstüne goşup, köpeldip aýdýanyny hasaba alanyňda-da, bar, soltanyň ýüz müňlük
goşuny bar bolup, Merwden hem bar iki ýüz-üç ýüz müň adamlyk goşun ýola düşmäge
taýýar duran bolsun! Owf!” Beçene han uludan bir demini aldy. “Şonda-da juda kän!
Rum kaýsarynda bolsa islendik pursatda wada berleninden has köp tylla teňňeleri
görkezilen tarapa dönmäge taýýar hakyna tutma taýpalaryň atlylaryny hasaplanyňda iki
ýüz müňden gowrak esger bar. Emma bu leşger rum kaýsarlygynyň orta çykaryp biljek
barça güýji bolup durýar, şundan başga tutuş kaýsarlygy elek edip, dürre gamçynyň
astyna alanyňda-da ýekeje esger hem çykmaz, şu goşun paýhyn edildigi, rum kaýsarlygy
türkmen bedewleriniň toýnagynyň astyna düşýär. Türkmen soltany ýeňiläýen
ýagdaýynda bolsa, ol yza çekiler-de, täze, has güýçli, has köp goşun toplap, Ruma
dökülerler, rum leşgerini kül-peýekun edip hem, asyrlaryň dowamynda çar ýanyny
hökmürowanlygy hem diýdimzorlugy bilen endireden kaýsarlygy bedew atlarynyň
toýnagynyň astyna salar. Soňra bolsa rum kaýsaryna özlerine garşy göreşmäge ýardam
beren hakyna tutma taýpalaryň garşysyna hereket edip başlarlar. Uzlary, hazarlary we
bizleri bolsa ymgyr türkmen soltanlygy ýeke-ýekeden hem, bütewilikde hem, tapawudy
ýok, emgenmän boýun egdirip, golastyna düşürer, şeýdip hem urusut ülkelerinden
Dagystana çenli ýaýylyp ýatan düzlükde, gypjaklaryň-a häkimligi, Beçene hanyň hem
Baş hanlygy tamam bolar. Uly boýuny kiçeldip, Beçene handan towakga eden Türkmen
soltany, öz sözüniň ýykylandygyny hiç kime bagyşlamaz, unutmaz, asmana uçsaň
aýagyňdan çeker, ýere girseň gulagyňdan, emma ahbetin soltan sarpasyny
saklamandygyň üçin agtaryp tapyp, mynasyp jezaňy berer. Onda näme etmeli?”
Beçene han, şakäsesini ýerde goýdy-da, takyr kellesini sypalady. Hemişe köp
oýlananda bolşy ýaly onuň kellesi agyryp ugrapdy. Ol gijäniň bir wagty, çagyrylmanka
gelip, kellesini agyrtmaga het eden Ahmetýara tarap närazy nazaryny aýlady. Soňra
dagy näme etjegini bilmän, ýene-de gymyzly şakäsäni eline alyp, owurtlady. Hemişe
agzyna ýarap gidýän gymyz bu gezek dury suw ýaly, hiç-hili tagamsyz bokurdagyndan
geçip gitdi. “Gör, munuň jikjeriläýşini! “Garyndaş, garyndaş” diýen bolup, baý jöwlan
urýar-a! Eger sözüňizi ýyksam, rum leşgeri hem birden ýeňiläýse, onsoňam men
penjäňize düşäýsem, asyl garyndaşlygym ýadyňyza düşmez, bada-bat tary-mar edip, her
tikämi gulagyma dönderersiňiz!” Birdenkä oslagsyz ýerden, Ahmetýaryň ýüzüne
dikanlap ýatan Beçene hanyň pikir akymy başga ugra gönükdi. “Aslynda şu ýedi
derýanyň suwuny içen, aýýar hatdat, “garyndaş” sözüni köp gaýtalaýar welin, onuň öz
milleti nämekä? Gypjakmyka? Biziň dilimizd-ä ol menden gowy gepleýär, keşbi hem
bizleriňkä çalym edýär, ýa özünden soraýsammykam?” Emma Beçene han näme üçindir
31
Ahmetýardan
onuň milletiniň nämedigini soramak üçin agzyny açandygyna
garamazdan, hilegär gözlerini süzüp, düýbünden başga zatlary gepläp ugrady:
--Sen-how, taýpadaş, Türkiman Soltanynyň goşunyny çoh artdyryp aýdyp oturyp
sen, bizleriň eşitmişimize görä, türkimanlaryň sany ýetmiş-segsen müňden kän däl ýalyla, Merwde hem ýaňy bir altmyş-ýetmiş müň adamlyk goşuny toplapdyrlarmyş, a sen
bolsa munda ýüz segsen müň diýdiň, onda dört ýüz müň diýdiň, munça ýüzler küje,
müňler küje, ýa sen çoh petde lap urup oturypmy sen?!
Beçene hanyň bu sadaja pirimini ol gepläp ugran badyna ýoran Ahmetýar keşbiniň
şol bir üýtgewsizligi bilen:
--Han hezretleri, kim Siziň hezretleriňize beýle ýalan habary getirip berýän bolsa,
şol adam Size ýagşylyk islemeýär hem-de türkmenleriň we gypjaklaryň birek-biregiň
ganyny dökmeklerini gurnaýar-diýdi.
Ahmetýaryň her bir hereketini sypdyrman synlap oturan Beçene han atan okunyň
boş geçendigine düşündi, ol ýene-de äwmezlik bilen gymyz owurtlap, oýlanyp ugrady.
“Dogrusyny aýdýar, eşekataly! Türkmenler onuň aýdyşy çenräk bar bolmaly! Onda
näme etmeli?! Etmelisimi?!” Birden Beçene han dikelip oturdy-da, dyzmaç çarwa
adamlaryna mahsus ganygyzgyn aýgytlylyk bilen: “Etmelisi, ertiriň özünde gidip, Tibon
Grahusdan özümiň otuz müň gypjak atlymyň töleg hakyny alaýyn, birdenkä türkmenlere
dönmeli bolsa-da, goý köýmesin, almak-almakdyr-da! Bu aýýar gypjakla bolsa özümiň
rumlulardan söweş başlanan güni dänjekdigime söz bereýin, söweş güni bolsa üstümizde
Hudaý bar, türkmenler asgynlasa rum leşgeri bilen olary kül-peýekun etmäge
gatnaşaryn, eger-de rumlular asgynlasa, onda, Taňrynyň türkmenleriňkini oňladygy,
rumlularyň gününe it aglar! Men öz gypjak atlylarym bilen rum leşgeriniň gap bilinden
uraryn!”
Hilegär gypjak serdarynyň oýlaryny ýüzünden okap oturan Ahmetýar amatly
pursadyň gelendigini aňdy. Ol goltugyna elini urdy-da, ondan iki sany ep-esli agramly
haltajygy çykaryp, Beçene hanyň öňünde goýdy. Haltajyklara nazar aýlan Beçene hanyň
gözleri açgözlülik bilen ýyldyrap gitdi. Ol ýene-de mönlüge saldy:
--Bu näme Ahmetýar?
--Han hezretleri, bu Size Beýik Soltan Alp-Arslanyň doganlyk sowgady. Ol Size
özüniň genji-hazynalaryndan elli müň altyn akja bahasy bolan göwher daşlaryny serpaý
hökmünde ugradýar we Siziň öz garyndaşlaryňyzy kyn günde goýman
goldajakdygyňyza, rumlular bilen söweş gününde rum leşgeriniň çep ganatyny
ýalaňaçlap, olaryň böwründen zarba urjakdygyňyza ynanýandygyny aýdýar.
“Elli müň teňňelik göwher daşlar!” Beçene han gulagynyň eşidenine ynanman,
içinden ol sany gaýtalap gördi, aň ýetireninden soň bolsa, gymmatbaha daşly
haltajyklara topulmazlyk üçin özüne zordan basalyk berip, Ahmetýara baş atdy:
--Hoş bolgaý, babadaş! Bizler öz aslymyzyň, kökümiziň türkimanlar bilen birdigini,
Düýp babamyzyň Oguz handygyny hiç haçan, hiç bir ýagdaýda unutmaýarys, rumlular
bilen bolsa bizler bala-çagalarymyzyň eklenji üçin gaýtdyk, özi hem diňe ýörişde rum
kaýsarynyň garyndaşlarymyz bolan türkimanlaryň üstüne ýygyn dartyp barýandygyny
eşitdik, onsoň şol sebäpli hem rum kaýsarynyň leşgerinden saýlanmagyň tärini agtaryp
ýördük, indi bolsa köp ýahşy bolady, biz öz doganymyz soltan Alp-Arslanyň bizlerden
32
haýyş kylyşy ýaly, söweş güni rum leşgeriniň çep ganatyny açyp, olaryň böwründen
hanjarymyzy sokarys. Şol mynasybetli hem sen, babadaş, bizlerden hem doganymyz
soltan Alp-Arslana köp dogaýy salamlary ýetirip iber we biziň öz doganlarymyzy
müşgil ýagdaýda goýmajakdygymyzy aýdyp ýetir!
Beçene han sözüni gutardy-da, gepleşigiň tamamlanandygyny, özüniň hem
ýadandygyny düşündirmek isleýän ýaly, şakäsesini desterhanda goýdy. Ýüpek desmal
bilen agzyny süpürip, tersine döndi. Ahmetýar Beçene hana baş egdi-de, çadyrdan çykyp
gitdi. Ol çykyşyna hazarlaryň düşlegine tarap ýöneldi. Ýolda barýarka-da: “Nätjek,
Watan bähbidi üçin doňza daýy diýip, sözläp bilen ýalanyňy sözlemeli bolýar-da! Watan
bähbidi üçin her bir hile-pirim ýagşylykdyr!” diýip oýlandy.
Tüm-garaňky gije rum goşunynyň ägirt uly meýdany tutup ýatan düşlegini
tutuşlygyna gabsapdy, her ýerde, her ýerde ot ýakynyp aýlanyşyp ýören sak
garawullardan galan goşun ýarygijeden agandygy sebäpli, agyr ukuda ýatyrdy.
Göniburçluk görnüşinde gurlan çadyrlaryň arasyndan sap atyp barýan Ahmetýary
garawullaryň käbiri saklasalar-da Tibon Grahusyň ady agzalan dessine onuň ýoluny azat
edýärdiler. Şonuň üçin hem Ahmetýar kynçylyk görmän, hazar atlylarynyň düşlegine
ýetdi. Tibonyň ady bilen ol hazar sakçylarynyň hem deňesinden säginmän geçdi. Ýöne
ol bada-bat atlylaryň serdarynyň çadyryna ýönelmedi. Ol düşlegiň gyrak-çetinde sönersönmez bolup ýylpyldaýan, assa alawyň ýakynynda, şemala yrgyldaýan gamyş kimin,
iki-ýana yranyp duran, hazarlaryň sülsadyndan galmaýan diwana ozanyň ýanyna bardy.
Onuň gapdalynda aşak çökdi-de, gözüniň kesişiçe daş-töweregine seretdi. Çar
ýanlarynda yns-jynsyň ýokdugyny görübem, diwana tarap egildi. Özüni diňleýäniň
hazar ozanydygyna garamazdan Ahmetýar arassa türkmen dilinde gepläp ugrady:
--Tibon Grahusyň çadyryndan otuz tanap günbatar tarapda gurruk guýy bar. Ol
gurruk guýyny baş geňeşdaryň jellady zyndan hökmünde ulanýar, şol zyndanda hem
gizlin çapar ýatyr. Ony iki günläp gynadylar, merdi-merdana ekeni, ýeke söz hem alyp
bilmediler, ýöne ony ertire goýup bolmaz, ertir jellat onuň janyny alar. Beýle goç ýigidi
ýitirsek, biziň ähli işimiziň bahasy bir jinnek bolar! Şonuň üçin hem häziriň özünde ony
azat etmegiň gamyny iýiň, zyndandan çykaranyňyzda ýagdan gyl sogran ýaly ediň,
soňra bolsa onuň bilen bilelikde maňa düşlegiň günortasyndaky sümme tokaýlykda,
hemişeki buljum oýda garaşyň, çapary boş ugradyp bolmaz, ondan beýik wezir
hezretlerine ugratmaly maglumatymyz bar! Düşnüklimi?
Hazar ozany baş egdi-de:
--Gulak asýan we boýun synýan, tagsyr!-diýip pyşyrdap, gysgajyk jogap gaýtardy.
Ahmetýar hem oňa baş atdy-da, ýerinden turup, hazarlaryň serdarynyň çadyryna tarap
ýöneldi. Ol gideninden soň biraz wagt geçirip, hazar ozany hem telbelere mahsus
hereketde iki ýana hallan atyp, nirädir bir ýerlere tarap ýöräp gitdi. Gije-gündiz ýatman
entäp ýören, nirelerde näme işleýändigi näbelli, däli hazar ozanyna sakçylaryň hiç biri
üns bermedi.
xxxxx
…Nejep zyndanyň erňegine ýetdi-de, elini uzadyp ýapyşmakçy boldy welin, iki
sany rehimsiz penje onuň ysgynsyz golundan göýä kasasy köýen ýaly, şatyrdadyp tutdy.
33
Hyk-çokuna pitiwa etmän, zyndanyň daşyna dartdy. Soňam onuň gowşak bedenini bir
bogdak arpa deýin, ýere zyňyp goýberdiler. Daşly ýere gütüläp düşende Nejebiň her
nokady azar bilen sorkuldaýan bedeni agyrydan ýaňa dartylyp gitdi. Nejep nädip
naýynjar iňlänini hem duýman galdy. Şol pille-de onuň garaşmadyk ahwalaty bolup
geçdi. Gollaryndan penjeläp ýere zyňan rum esgeriniň oňa tarap ädim ädeni hem şoldy
welin, birhili ýagyrnysyny tagaşyksyz tutmaga synanyşdy-da, janhowully hykylap,
ýüzinligine gaýtdy. Onuň ýeňsesinde duran ýüzi nikaply iki sany pyýadanyň biri bolsa
hanjaryny garawulyň ýagyrnysyndan sogrup, onuň gyrmyzy ýapynjasyna süpürdi.
Soňam arassa türkmen dilinde:
--Näme muny penjeläberip, ýere zyňyp iberiberer ýaly, eneň dogurdymy, bu
bendäni, köpeý ogly zaňňar, diýmäýin diýsem?!-diýip pyşyrdady. Onýança beýleki ýüzi
nikaply pyýada howlukmaç parahatlyk bilen Nejebiň ýakynyna bardy. Wawwasy bar
ýaly, emaýly seresaplylyk bilen goltugyndan galdyrdy:
--Inim! Bir ýeriňi döwäýen-ä däldir-dä, bu itiň ogly?!
Ýüzi nikaply daýaw pyýadanyň sowalynda jemlenen mähirden ýaňa Nejebiň
bogazy dolup gitdi, ol gepläp bilmän başyny ýaýkady. Oňa ýerinden turmaga kömek
eden pyýada garawulyň ýanynda duran ýoldaşyna närazy garady:
--Mydama sen howlugýarsyň! Hemişe sen gyssanýarsyň! Men ýaňy aýtdym saňa:
“Garawula degmeli däl, diňe: “Ýesiri jelladyň ýanyna eltmeli” diýip, aldap, bendini alyp
gitmeli. “Diwananyň” buýrugy, bendini ýagdan gyl sogran ýaly alyp gitmeli” diýip! Sen
bolsa nätdiň? Häzir, ýene-de az salymdan düşlegiň saklawy bu ýere aýlanmaga geler we
jesedi tapar, onsoň bir pursatda ägirt uly düşlegiň her bir ykmanda itine çenli örüzerler,
alysdaky gorag saklawlarynyň ählisini aýaga galdyrarlar, çar ýana kowgy toparlaryny
ugradarlar, ikimiz-ä näme, bu ildeşi “Diwananyň” aýdan buljum ýerine elteris-de, hazar
düşlegine dolanarys, hiç kim hem iki sany hakyna tutma hazar atlysynyň türkmen
ýesirini azat edendiklerini güman etmez, ýöne bu bedibagtyň başyna nä günleriň
düşjekdigini bilýärsiňmi? Ony müňläp adam agtaryp başlar, ol bolsa iki günläp
gynalandan soň, zordan aýaküstünde dur. Şeýle halda uzaga gaçyp biler öýdýärsiňmi?
Wah diýdimem-le, “Diwana”, “Inimi alyp gitmäýin, ýeke özüm baraýyn” diýsem ol
gaýta: “Ýeke barsaň şübhe döreder, äkit” diýdi-dä! Bilýärin-le, senden peýdadan köp
zyýanyň geljekdigini…
Beýleki pyýada Nejebiň söýenip duran pyýadasynyň jibrinmeli käýinmesini
boýunalyk diňläp durşuna, müýnli hymyrdady:
--Bagyşla agam, it oglunyň bu doganjygymyzy misli bir halta saman deýin
şalkyldadyp, ýere zyňyp iberibermesi halys degnama degäýdi-dä!
Agasy Nejep bilen hol allaowarrada äpet garaňkylyk üýşmegi bolup, çala
saýgardýan tokaýlyga tarap mytdyldap barşyna, ýene-de inisine hüňürdemän durup
bilmedi:
--Hemişe sen şeýle! Beýik soltan Ahlada ýöriş edeninde hem, Ahlatda, şäheri
goraýjylaryň arasyna girip, zabt edilýän galanyň derwezesini daňa ýakyn açanymyzda,
seniň gyzmalygyň sebäpli, haýal-ýagallyga ýol berip, soňra men Şaraf-al-mülkden
käýinç eşitdim. Şonda-da seniň türkmenlere hapa-paýyş sögünen derwezebanlara
gaharyň gelip, derwezäniň asma köprüsiniň urganyny çapmagyň deregine, olaryň bir-iki
34
sanysyny gylyçdan geçiripdiň. Seniň aljyraňňy gyzmalygyň zerarly biziň ikimiz entek
hem soltanyň gizlin işler diwanynda üçünji derejeli işlerde, fiskallardan sähel tapawutly
orunlarda güýmenip ýörüs! Atamyz pahyr saňa herniçe jowranyplar aýdardy:
“Gyzmalyk etme, gyzmalyk etme, oglum, gyzmalyk oňatlykdan başga ähli zadyň
üstünden elter” Indem kakamyz görgüli pany dünýeden öteli bäri, men saňa onuň
sözlerini nijeme ýyl bäri gaýtalap-gaýtalap lenjini çykardym, şonda-da sen öňküňden
tapawut etmeýärsiň! “Küýkini gabyr düzeder” diýenleri, senem görýän welin aýatda
düzeljek däl ýaly!
Birdenem Nejep bilen barýan pyýada hemdeminiň ýeňselerinden müýnli halda
mytdyldap gelýändigini gördi. Onuň içi ýandy:
--Ýeri indi muňa näme diýjek diýsene?! Sen-how ilkinji gezek “öýlenýän” ýaly-la?!
Näme iýmden doýan öküz dek ýüzüňi sortduryp gelýärsiň, yzyňy bir ýygna ahyry!
Dolan-da ýaňky rumlynyň jesedini naýzasyna söýäp, zyndanyň edil ýanjagazynda dikip
goý! Iň bolmanda düşlegiň saklawlary biziň maňlaýymyza alysrakdan geçäýse, garawul
dynç alyp duran ýaly bolup görünsin!
Ikinji pyýada buýruk berlerine mähetdel, dessine yzyna dolandy-da, aýdylanyny
berjaý etdi. Soňam derrew olaryň yzlaryndan ýetdi. Olar düşlegiň daşyndaky seňňeriň
howul-hara gurnalan derwezesine ýetenlerinde derwezebanyň haýbatly sesi tümlügi
böwüsdi.
--Dur! Kim gelýär?
Nejebe gop berip gelýän pyýada gözeilmez çatlykda sag elini onuň satanynyň
arasyndan geçirdi-de, ony keseligine egnine aldy. “Gymyldama, doganjyk, jesede dön!”
diýip pyşyrdady, soň hem çalgyrt rum dilinde rum goşunynyň şol gijelik syrly sözüni
gygyrdy:
--Ikinji Rime şöhrat!
--Kaýsara şöhrat!—diýip, garawul oňa jogap berdi-de, üstüni ýetirdi:--Geliberiň!
Olar derwezebanyň ýakynyna bardylar. Seňňeriň üstünden dikilen agaç diwaryň
üstünde uklaşyp ýatan beýleki derweze garawullary biynjalyk gymyldaşdylar.
Derwezeban doganlardan:
--Bu näme?--diýip sorady.
--Beýik hem Gazaply Kaýsaryň Parasatly geňeşdary Tibon Grahusyň jelladynyň
ezýet sekisinde jan beren ýesir! Jesedi jellat tokaý börülerine şam etmegi buýurdy.—
diýip, Nejebi egninde göterip barýan pyýada jogap gaýtardy.
--Jellad-a halys edere işini gutarypdyr öýdýän, jesedi gijäniň içinde şondan şuňa
süýredip, adamlary kösäp ýörmän, maslyk arabanyň içine oklaýmaly ekeni-dä! Ýönekeý
esgerleri adam hem hasap etmeýärler, bu hökmürowanlaryň ýalýagylary!
Şeýle diýip, burnuna salyp, eşidiler-eşidilmez hüňürdän derwezeban, olardan başga
hiç zat soramady. Şondan soň iki doganlar gezekli-gezegine Nejebi göterip, belleşilen
ýere tiz ýetdiler. Ol ýerde eýerlenen atyň irişmesinden tutup, diwana hazar ozany
garaşyp durdy. Doganlar onuň ýanyna bardylar-da, Nejebi ýerde ýatyrdylar. Onuň halys
haly teňdi. Aýaga galmaga mejaly ýokdy. Doganlar diwana ozanyň öňünde gol
gowşuryp, baş egdiler:
35
--Tagsyr, fiskaly getirdik, ýöne zyndanyň garawulynyň janyny jähenneme
ýollamaly boldy!-diýip, doganlaryň ulusy ozana habar berdi, ýöne inisini goraglap,
kimiň we näme sebäpden garawuly ýoklandygy hakynda dil ýarmady. Ozan hem ondan
sorap durmady, emma özüniň tabşyrygyň ýerine ýetirilişinden närazydygyny duýdurdy:
--Seresap bolmaly ekeni, indi ýesiriň alnyp gaçylandygyny bahym aňarlar we onuň
özüni, oňa kimiň hemaýat berendigini agtaryp başlarlar. Biziň häzir wagtymyz juda az!
Derwezebanlar hem elbetde sizi görendirler, şeýlemi?!
--Hawa, tagsyr, gördüler, ýöne biziň ýüzümiz nikaplydy.
--Şonda-da siziň janyňyza töwekgellik edip bilmeris. Häziriň özünde gidiň-de
assyrynlyk bilen atyňyzy-ýaragyňyzy alyp geliň! Siz hem fiskal bilen bilelikde
gidersiňiz!
Doganlar oýurgandylar. Olaryň arasyna dym-dyrslyk aralaşdy. Iki doganyň
buýrugy amal etmek üçin gyssanybermeýändiklerini gören ozan:
--Näme duruberdiňiz-le? Bejit boluň-da!
Doganlaryň ulusy ilki dil ýardy:
--Tagsyr, bu näme, bizi “iş oňarmaýarlar” diýip, yzymyza ugratdygyňyzmy? Bize
abraý-a bolmaz!
Bada-bat hem kiçisi ozanyň öňünde baş egdi:
--Tagsyr, bu ýerde agamyň günäsi ýok, garawuly men hanjar bilen urdum, şonuň
üçin hem yzymyza, merhemetli Şaraf-al-mülküň huzuryna diňe meni ugradyň!
Towakgam sizden, tagsyr!
Ozan garaňkylyk zerarly özünden başga hiç kimiň saýgarmadyk mylaýym
ýylgyryşy bilen doganlaryň sadalygyna ýylgyrdy.
--Garawul üçin däl, ýigitler! Alada edip durmaň. Garawula degmäýen
ýagdaýyňyzda hem siz barybir fiskal bilen bilelikde Beýik soltanyň goşunyna tarap ýola
düşmeli bolardyňyz. Sebäbi hakyna tutma hazarlaryň arasynda hem rum kaýsarynyň baş
geňeşdarynyň “gulaklary we gözleri” juda kän, olaryň biri bolmasa-da beýlekisi ir-u-giç
iki sany hazar atlysynyň ýesiriň alnyp gaçylan gijesi öz düşleglerinden çykyp
gidendiginiň anygyna ýeterler hem anygyna ýeten zatlaryny degişli ýerine ýetirerler.
Onsoň siziň dat günüňize! Onsoňam fiskal hem iki günki ezýetlerden soň içinde çala
demi bara çalym edýär, ony hem soltan goşunyna ýetirmeli. Siziň ikiňizi ugratmak maňa
hem aňsat düşýändir öýtmäň! Siz gitseňiz meniň hem elim-aýagym kesilen ýaly boljak.
Doganlar “Diwananyň” sözlerine monça boldular. Olar ozanyň buýrugyny ikilenç
gaýtalatman, at-ýaraglarynyň yzyndan ýöneldiler. Ozan olary ugradyp, ýerde gymyldyhereketsiz ýatan Nejebe tarap egildi:
--Ýeri-how goç ýigit, özüňe gelýärsiňmi?
--Biraz serim bulaşjak bolýar, tagsyr!-diýip Nejep ysgynsyz jogap gaýtardy.
--Al, hany, şundan owurtla! Bu dürli otlardan gaýnadylyp taýýarlanan melhem!
Seni biraz gurplandyrar!
Ozan özüniň şalha-şalha galandar ýapynjasynyň syýyny çekdi-de, agzy gaýym
dykylan, nakysja suw kädini çykardy. Dykysyny aýryp, Nejebiň agzyna tutdy. Emma
oňa iki owurtdan kän bermedi.
--Besdir, ýüregiňi bulaýmasyn!-diýip, ozan ätiýaçly gepledi-de, suw kädini aýyrdy.
36
--Goç ýigit, sen at üstünde soltan goşunyna çenli uzak ýoly geçmäge ýararsyňmy?
--Ýararyn, tagsyr!-diýip Nejep, özüne zor salyp, dişini gysdy-da, dik oturdy.
--Bu doganjygymyz, ýarar!
Edil gulaklarynyň agzynda diýen ýaly eşidilen pessaý pyşyrda ozanam, Nejebem
duýdansyzlykdan ýaňa tisginip gitdiler. Olar pyşyrdy eşidilen tarapa seredenlerinde
ýerden çykan ýaly bolup, garaňkylykdan peýda bolan Ahmetýar hatdaty gördüler. Ol
üsti-başyny hapalamajak bolýan dek, gypjak donunyň syýyny tutup durdy.
--Tagsyr!-diýip ozan baş egdi-de, hormat bilen Nejebiň ýanyndan çekilip,
“Hatdata” ýol berdi. Nejep hem zoraýakdan gol gowşuryp, baş egdi. Soltan goşunynyň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Şazadanyň şikäri - 05
  • Parts
  • Şazadanyň şikäri - 01
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2261
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 02
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2305
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 03
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2252
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 04
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2157
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 05
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2204
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 06
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2060
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 07
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2099
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2228
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 09
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2272
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 10
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2230
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 11
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2374
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 12
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2094
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2066
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 14
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2175
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 15
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2238
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 16
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2142
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2282
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 18
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2122
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    37.4 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 19
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2271
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 20
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 2191
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 21
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2359
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 22
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 23
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2172
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 24
    Total number of words is 906
    Total number of unique words is 612
    40.0 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.