Latin

Şazadanyň şikäri - 08

Total number of words is 3631
Total number of unique words is 2228
26.6 of words are in the 2000 most common words
39.1 of words are in the 5000 most common words
46.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
awunyň yzyny çalýan hakyky awçy ýyrtyjynyň hereketleridi. Çal ýekemen hiç bir zadyň
ýanynda äginmän, hiç bir zada ünsüni sowman, gönügen ugruna atylan peýkam ýaly
bolup, ýyrtyjynyň tebigy äwmezek-irmezek-ýadamazak çaltlygy bilen seňkildäp
barýardy. Ol obanyň çetine çykanda harabanyň içinde gözgyny halda çaşyşyp ýatan
haýwan-u-ynsanlaryň yslanyp ugran jesetleriniň porsysyna gelen şagallaryň sürüsi oňa
gabat geldi. Şagal ordasy on-on bäş baş bardy. Aç şagallaryň hümer bolup syrtaryşyp
durmaklary daşyndan göreni eýmendirjekdi. Emma çal böri göýä öz ýolunda açlykdan
ýaňa aňkasy aşan, wagşy-maslykçylaryň sürüsi däl-de, bir oýnam goýun üýşup duran
ýaly, gyýaklaryny syrtardyp, göni olaryň üstünden gaýtdy. Köplükkäler herniçe
64
ekabyrsyrasalar-da, şagallar üstlerine garşy gözsüz batyrlyk bilen okdurylyp gelýän,
döw ýaly mähnet, çal ajalyň ýoluny kesmäge milt etmediler. Çal ýekemen olara
ýakynlaşanda onuň ýolundan sülgüniň ürken jüýjeleri deýin, çar tarapa pytradylar. Böri
olaryň deňesinden hem säginmän geçip ötägitdi. Indi ýürekdeşinden nyşan tapan çal
ýekemeni diňe ajal bu barýan ýolundan saklap biljekdi.
xxxxx
… Öten agşam çalnan sansyz gamçylardan ýaňa ýagyrnysy awy-zerzaw bolup,
syzlap duran Syrak, suwsuzlykdan tebsirän dodaklaryny, gurap, çişen dili bilen ýalady.
Ukusyz gözlerini süzüp, ýadaw ädimler bilen her ýerden bir gadam basyp barşyna
ogrynça yzyna garady. Dabanyny südürdip gelýän iki sany atlynyň yzyndan görünýän
müňden agdyk atlydan ybarat, ymgyr alamançy-leşgere gözi düşende Syragyň ýene-de
erbet ýüregi gysyp gitdi. “Nejisler! Kakam görgüli bilen ejem pahyr, jigilerim bu
allajylaryň haýsysynyň jyzasynyň pidasy bolduka?”
Bu pikir aňyna gelende Syragyň kalbynda öten agşamdan bäri guduzlan köpek
deýin ulukjyn açýan matlap ýene-de möwç alyp göterildi. “Wah, ýeňsäme öwrülip, iki
bökenimde yzymdan gelýän nökeriň atyna atlanaryn! Boýnundan dolap, ýeke
gaňranymda hem onuň boýny oňrulýar. Onsoň onuň gylyjy elime ileninden soň olar
aýňalyp, gursagymdan peýkamy sançýançalar, ýa-da jyzalaryny göneldip, üstüme at
goýýançalar, iň bolmanda üç-dört sanysynyň janyny Ebedi Tümlügiň HökümdarHudaýy, Ahura-Manyň şalygyna iberip ýetişmenmikäm?! Ýetişmäýenimde-de
ýitirjegim näme?! Bolmanda ýagynyň sülsadynyň hol aýagujunda, gyrnak edilip, ýat
illere, binamyslykdan we wejeralykdan doly ykbaly peşgeş bermek üçin, sürlüp barýan
beýleki naçarlaryň arasyndaky Gülnäziň “binamys sen, dönük sen” diýip, iýip barýan
nazaryna-ha görmersiň.” Emma bu küýsegli matlap köňlünde örç alyp ugran badyna,
parasadynyň sowukganly owazy onuň gaýnaýan ar-namysyna basalyk berdi. “Ýeri şeýle
etdiňem-dä, onsoň gazanjagyň näme? Iki-üç sany duşmanyň janyny alanyň bilen näme,
bu ymgyr allajy leşger ýolundan däner öýdýärmiň? Beýdeniň bilen iň bärkisi, öten
agşam gapyl basan ýaga gaýtawul berip, gurban bolan mähribanlaryň, obadaşlaryň aryny
hem alyp bilmersiň. Gaýta bu allajylar seni öz naýzalarynyň ujuna kebap ederler-de,
türkmen iliniň dünýeden bihabar ýene-de bir obasynyň üstüne ajal hem weýrançylyk
tupany bolup inerler. Ýene-de seniň aksakgally kyblaň deýin gojalaryň, ak saçly käbäň
deýin ejeleriň, gara galpak inileriň deýin oglanjyklaryň, mele gulpak uýajygyň deýin
gyzjagazlaryň al gany bilen Hudaýlaryň nazar salan türkmen topragyny suwararlar,
önüp-ösen öýüň deýin öýleri talap, oduň ýalmawuz demine bererler, ýene-de bir parahat
türkmen obasynyň töründe şugla saçyp ýanýan Mähir Hudaýyň Mukaddes Alawyny
söndürip, Ahura-Manyň zulumynyň dabaraly şagalaňynda ajal raksyny oýnarlar. Ondana gowusy, goý yzyma düşsünler! Goý, näletsiňen ýagy ynansyn! Goý ynansyn, türkmenoguz ilinde men dek dönügiň tapylyp, özleriniň indiki türkmen obasynyň üstüni gapyl
basmaklary üçin buljum ýodalar bilen eltjekdigime, goý ynansynlar! Men bolsa bulary
yzyma düşürer gider bararyn! Kök babam Dib ýabgu hanyň, Düýp babam Oguz hanyň
babadaşy-Garagum hanyň şalygy juda giňdir, ejize ganym nägehanlar! Hemmäňiziň
65
maslygyňyz ýerleşer! Garagum hanyň gursagynda siz deýin gana suwsanlaryň jesetlerini
gemirmäge aç şagallar juda kändir! Parahatçylygyň ynlasy bilen ýaşaýan oguztürkmenleriň üstüne goluňyz ýaragly gelendigiňiz üçin şagallara şam bolarsyňyz
şagallar!”
Bu pikirler kellesinde aýlanyp ugranyndan soň Syrak birhili köşeşdi-de, ýene-de
assyrynlyk bilen ýeňsesine garanjaklady. Soňam gözlerini göterip, süýr depesini deşip
gelýän güne tarap, ellerini kölegeledip seretdi. Agyr leşgeriň dik depesinde lowurdap
duran gün, ýaz başynda nowruz ertesiniň mylaýym gününe meňzemän, öten agşamky
döken bigünä ganlary üçin gazaplanýandygyny duşman leşgerine aýan etmek isleýän
ýaly, ýakyp-ýandyryp gelýärdi. Öten agşamdan bäri agzyna nem degmedik Syrak
teşnelikden ýaňa aňkasy aşyp gelse-de:
-Keramatly Kün Hudaýy, Ahura-Mazda! Goý seniň älem-jahandan Ahura-Manyň
zulmat tünlügini kowmak üçin döreden, Gudratly Oduň—Kün, has-da beter tutaşyp,
lowurdap, bu çöl-beýewany ýanyp duran dowzaha öwürsin! Ýagty dünýä binýat eden
Adalatyň hatyrasyna, Taňrym, bizi epgegiň bilen gowur, jöwzaň bilen ýandyr! Goý, bu
allajylar pällerinden tapyp, şu akyp duran çägeligiň içinde hemişelik galsynlar!-diýip,
pyşyrdady. Şondan soň onuň ädim urşy hasam merdemsilendi.
Şeýdip duşman leşgerini yzyna düşürip barşyna Syrak ýakyp-ýandyryp barýan gün
öýleden agýança ýöredi. Duşman leşgeriniň Syraklaryň obasyny gapyl basanyndan soň
aňsatjak olja agzy tagam tapyp, nebsi otugan leşgerbaşysy hem, bahymrak indiki bihabar
obany duýdansyz basyp, oljalamak maksady bilen, öz atlylaryna dem-dynç almaga-da
idin bermän, şol onuň yzyna düşdi bardy. Emma gün öýleden agandan soňra öten
gijeden bäri kirpikleri kaklyşmadyk, argyn atlylaryň arasynda närazy hyşy-wyşy köpelip
ugrady. Leşgerbaşy aýak çekip, az salym hem bolsa leşgere dynç bermese
bolmajakdygyny duýdy. Ol çaklaňja sazak jeňňeljiginiň ýanynda at başyny çekmegi
buýurdy. Ýygyn saklandy. Öý ýaly tegelenip duran sazagyň kölegesinde oňa keçe
atdylar. Ot ýakylyp, tüňçe goýuldy. Düşlegiň az wagtlykdygy yglan edilendigi sebäpli
ýygynyň atlylary nahar atarynmakdan, elli bizar geçip, horjunlarynda bolan gaty-guty
azyk-suwluklary bilen garbak-gurbak edindiler-de, atlarynyň eýerini hem aýyrman,
tapan-tupan ýerlerinde naýzalaryny ýere dikdiler. Üstüne ýapynjalaryny, halatlaryny
atyp saýa etdiler-de, süýndiler. Syragyň eline hem “ýolbeletligi” üçin günüň gyzgynyna
yslanan mytarany hem-de şapbatdan sähel uly zagara bölegini tutduryp suwdan ganmaga
we gurplanmaga mümkinçilik berdiler. Emma Syrak içmedem-iýmedem. Argyn
sakçylarynyň özüni ünsden düşürendiklerinden peýdalanyp, ýesir naçarlaryň ýanyna
howlukdy. Olar dört sanydylar. Dördüsi hem ýaş gyzlardy. Şolaryň biri hem Gülnäzdi.
Ýaşaýjysynyň sany bäş ýüzden geçýän küren obadan Syragyň özi bilen goşup
sananyňda, diňe şu bäş adam diri galypdy. Galanlary rehim-şepagatyň nämedigini
bilmeýän ýagynyň pidasy bolupdy.
Syrak assyrynlyk bilen ählisi bir ýüpe kökerilgi, ýüzlerini sallaşyp oturan gyzlaryň
ýanyna ýakynlady. Elindäki mytarany ilkinji nobatda Gülnäze zatdy.
-Al, iç Gülnäz, soňra gyzlara-da geçir!-diýip pyşyrdady. Şol wagt hem Gülnäz onuň
garaşmadyk hereketini etdi. Ol gazapdan we ýigrençden ýaňa lowurdap, öňkülerinden
66
hem owadan, özüneçekiji bolan gözleri bilen Syragy ýakyp-ýandyraýjak bolup
dikanlady-da, onuň uzadan mytarasyny pyzyp goýberdi:
-Gümüňi çek, haram dönük! Seniň deýin näletkärde-namarda yhlas edip ukusyz
geçiren gijelerim başyňy iýsin, Hudaýym! Owalbaşda Keramatly Ahura-Mazda
döredende mertligiň hem wepadarlygyň laýyndan eýlenen, zanny arassa oguztürkmende seniň deýin watanyny satan haramy dörär diýseler, şu hyzmatyny edýän
ýagyň gyljyndan pahyr bolan görgüli eneň-ataň hem ynanmazdy. Haramylygyňy duýan
bolsa, syzan bolsa ejeň pahyr sen nejisi sallançagyňda bogup öldürerdi. Ýok bol
ýanymyzdan, üflis! Ar-namys üçin, watan üçin ulus-il başyny goýdy, sen haramy bolsa
kowum-hyşyňy gyrgyna beren duşmana tarap dänip, öz haram janyňdan gorkyňa, onuň
gullugynda loňkuldap ýörsüň!-diýip Gülnäz jabjyndy-da, tersine döndi. Beýleki ýesir
gyzlar hem Syraga barmysyň hem diýmediler.
Gülnäziň sözleri Syragyň kalbyna ot bolup ýapyşdy. Adalatsyz kemsidilmegine
hatda onuň gözüne ýaş aýlanyp gitdi. Ol dodaklaryny müňküldedip, bu öňünde oturan,
özi üçin iki jahanyň hem bagty, begenji-guwanjy, şatlygy hem genji bolan näzenine öz
“dönükliginiň” asyl manysyny düşündirjek boldy. Emma daş-töwereklerinde çäşerişip
ýatan duşman esgerleriniň özlerini ýalta ünslülik bilen synlaýandyklaryny göreninde ol
dilini dişledi-de, ýuwdunyp oňdy. Soňam ýerinden turdy-da, Gülnäz dagynyň ýanyndan
çete çekildi. Aşak çöküp, gara başyny gujaklady. Şol pursadam onuň hakydasy ynsan
hakydasyna mahsuslykda öten agşamky pajygaly wakalary janlandyryp başlady.
Syrak daňa ýakyn: ”Haý, ýow basandyrla-how, Türkmen!” diýen jynssyz çakylyga
allaniçigsi bolup oýandy. Turan badyna hem duldan asylgy gylyjyny alyp daşaryk
topuldy. Emma goly naýzaly kakasy ondan öňürti işikden çykmaga ýetişdi. Çykan
badyna-da iňläp gelen peýkam gursagyndan çümüp, bosagada gürpüldäp gaýtdy. Ikinji
peýkam bolsa kyblasyna tarap çäk ýyrtyp okdurylan käbesine nesip etdi. Ýeke pillede
başynda ahyrzaman gopan Syrak bolsa mähribanlarynyň üstünden ätläp geçdi-de,
söweşe okduryldy. Öňünden çykan ilkinji duşman atlysy onuň gylyjynyň gurbany boldy.
Şondan soňra onuň atyna atlanan Syrak ikinji garşydaşyna tarap okduryldy. Şol wagtam
duşman kemançylarynyň obanyň çetinde durup atýan, otly peýkamlaryna öýleriniň
lowlap tutaşyp, gyzyl-ot bolup ýanýandygy gözüniň gyýtagyna ildi. Jigileri ýadyna
düsen Syrak galan ähli zady unudyp, ala-burugsy bolup ýanýan öýlerine tarap topuldy.
Emma “şuwlap” boýnundan ilen kement ony öýlerine ýetirmän, aýaklaryny üzeňňiden
goparyp alyp, ýere zyňdy. Ýere düşen badyna hem gylyjyň sapy bilen ýeňsesine urlan
urgy ony seňseletdi. Haçan-da özüne gelende bolsa ol eýýäm özi ýaly duşman
kemendine ilen Gülnäz bilen beýleki üç gyzyň ýanynda ýüpe kökerilgi, guma bulaşyp
ýatyrdy.
Şonda Syrak öz gapdallarynda ýüzbaşylary bilen gepleşip duran duşman
serkerdesiniň gepinden, onuň özüni gylyçdan geçirmegi, soňra bolsa golaýdaky, indiki
türkmen obasyna tarap atlanmagy buýurýandygyny, öňatlylaryň 1 ýüzbaşysynyň bolsa
türkmenleriň söweşiň arasynda özleriniň ýolbeletlerini öldürendiklerini aýdýandygyny
eşitdi. Syragyň aňy örän çalt işledi. Ol bolşundanam beter dyzanaklap, şirin jany üçin
1
Öňatlylar—awangard.
67
kalbyna wehim düşen namartlaryň namardy deýin, duşman serkerdesiniň atynyň
aýaklarynyň astynda togalanyp, özüniň janyny almazlygy diläp, ýalbaryp başlady, sesini
titredip, sakawlap, eger janyna degmeseler olar üçin islendik zady etjekdigini, ähli
türkmen oba-kentleriniň üstüni oslagsyz basar ýaly, iň bir saklawsyz-garawsyz ýollary
görkezjekdigini, diňe şirin janyna degmeseler bolýandygyny aýdyp, aglamjyrap başlady.
Syragyň sözlerine, onuň bolşuna seňrigini ýygryp duran duşman serkerdesi-hä däl, hatda
ony ýigrenç bilen synlaýan Gülnäz dagy hem ynandylar. Şeýdibem obalarynyň
söndürilen Mukaddes Alawynyň ýanyndan Syragyň “dönükliginiň” ýoly başlandy.
Gara başyny dyzlarynyň arasyna salyp oturan Syrak Gülnäziň duzlap-dograp, iýip
barýan, ýigrençden doly sözlerini içinden onlarça sapar gaýtalaýardy. Her gezek
gaýtalanda hem onuň atylyp ýerinden turup, çar töwereginde çäşerişip ýatan
ganalgylylarynyň gabat gelenini kerçeşdirip başlaberesi gelýärdi. Ýöne dişini gysyp,
zordan saklanýardy.
“Gümüňi çek, haram dönük! Seniň deýin näletkärde-namarda yhlas edip ukusyz
geçiren gijelerim başyňy iýsin, Hudaýym!... Gümüňi çek, haram dönük! Seniň deýin
näletkärde-namarda yhlas edip ukusyz geçiren gijelerim başyňy iýsin, Hudaýym!...
Gümüňi çek, haram dönük! Seniň deýin näletkärde-namarda yhlas edip ukusyz geçiren
gijelerim başyňy iýsin, Hudaýym!... Wah, janyňa-gözüňe-başyňa döneýin! Döneýin
saňa, mähribanym! Sen bir ine şeýdip, ýagynyň bogazyny çeýnäp ölmezlik üçin özüme
güzap berip, olaryň öňüne düşüp barmagymyň maňa neneňsi kyn düşýändigini bir
bilsediň!”
-Atlanyň!-diýen ses ýaňlanyp gitdi-de, Syragyň pikirleriniň arasyny böldi. Agyr
leşger az salymda jemlenip, çuslandy-da, ýene-de ýola düşdi.
xxxxx
…Çal ýekemen eýýäm dördülenji gün irginsizlik bilen, leşgeriň yzyny çalyp
seňkildäp barýardy. Ol obadan çykyp gaýdan şol gününiň öýläni Syragyň öňüne düşüp,
gumuň jümmüsine tarap, hiç kimiň dolanmajak ýoly bilen alyp barýan leşgeriniň
yzyndan ýetipdi. Ýöne daşy garawully ýürekdeşiniň ýanyna ýakynlaşyp bilmän, garabagaraba olarynyň yzyna düşüp gelýärdi. Diňe kämahal ajyksa az wagtlyk ýolundan
sowulýardy-da, tapan-tupan awy bilen ýürekselik edinýärdi. Öte suwsasa bir sazagyň
kölegesine geçýärdi-de, ýakyp barýan çägäniň ýüzüni peşeläp, öl çägä bagryny berip
ýatýardy, soň hem ep-esli aralyga giden leşgeriň yzyndan kowup ýetýärdi.
Syrak bolsa özüni gamçy bilen saýgylap gyssaýan serkerdä “Ine, ýene-de
azsalymdan obanyň üstünden barýarys, hol hellewläp görünýän depäniň aňyrsynda oba
bar!” diýip ýalan sözläp barşyna, indi halys entäp başlapdy. Ol yranyp zordan ýöräp
barýardy. Indiki oba çalt ýeteris diýen pikir bilen, ilkinji üstünlikden başy aýlanan
atlylar, azyk-suwlugy artykmaç ýük hasaplap, ýanlary bilen sähelçe göteripdiler. Şonuň
üçin hem eýýäm şu gün irden duşman atlylarynyň iki-ýekesiniňkide bolaýmasa,
galanlarynyň meşikleridir-mytaralary taňkyrapdy. Atlary hem suwsuz halys çöküp
ugrapdylar. Atlylaryň arasynda eýýäm iki-ýeke ökje ogurlap, yzyna dolanmagyň
gamyny iýýäni hem bardy. Emma yzlaryna dolanaýyn diýenlerinde-de leşger indi yzyny
68
tapjak däldi. Duşman serkerdesiniň bolsa öňlerine düşüp: “Şu gün guşlukda çölbeýewanlykdan çykarys, günortan çykarys, öýlän çykarys” diýip barýan Syraga gahary
gelýärdi. Onuň bu näletsiňen züwwetdin hem ildeşlerini satan dönügi näler çapyp taşlasy
gelýärdi. Ýöne beýtse yza-da öňe-de ýol tapman, bu ymgyr çöl-beýewanyň içinde iki
jahan owarrasy bolup galaryn öýdüp gorkýardy. Ýeňil oljanyň yzynda tükeniksiz ýörişiň
dördülenji güni diýlende, öylän, duşman serkerdesi öňatlylaryň ýüzbaşysyny ýanyna
çagyrdy-da, Syragy ýanyna getirmegi buýurdy. Düýnden bäri Syragyň özlerine hile
salandygyny aňyp, öz serkerdeleriniň akmaklygyna içi tütäp gelýän ýüzbaşy bu buýrugy
höwes bilen ýerine ýetirdi. Ol göz açyp-ýumasy salymda Syragy idenekledip alyp geldi.
Oňa bolan ýigrenjini saklap bilmedik serkerde gamçysyny bulaýlap, ony ýüzükessir
urup goýberdi:
-Sen, gurçuk! Bizi nirä getirdiň?!
Gamçynyň urgusyna ýokarky dodagy çapylan Syrak, dodagynyň ganyny ýalady-da,
ýere tüýkürdi. Soňam umytsyz gözlerini daş-töweregine aýlady. Daş-töwerekde
Garagumuň ýanyp duran ürgün çägesi deňiz kimin tolkun atyp, howurly salgym
ummany bilen hemme zada albaý salyp, gözýetimden gözýetime çenli ýaýylyp ýatyrdy.
Bu dowzahdan çykmagyň ýoluny indi duşmanlar-a däl, hatda Syragyň özi hem tapjak
däldi. Syrak maksadyna ýetipdi. Onuň kalby kanagatlanmakdan doldy. Gözleri
şöhlelenip gitdiler. Syrak buýsançly başyny dik tutup, duşman serkerdesiniň göni
garaçygyna dikildi-de, gyjytly äheňde:
-Hökümdar, janyma degme! Hol salgym atýan depäniň aňyrsynda siziň hemmäňizi
tütjar baý etjek, aňsatja oljalary siziň üçin saklap oturan, dünýeden bihabar türkmen
obasy küren tutup ýatyr!-diýdi.
Syragyň bolşuna duşman serkerdesiniň aňy, at depen ýaly, sersip gitdi. Iki-üç gün
mundan ozal aýagynyň astynda togalanyp ýalbaryp, rehim dileýän gurçugyň deregine
ajalyny boýnuna alyp, garaçygyna dikilip duran, epilmejek-döwülmejek, nazarkerde
bürgüdi görýändigine serkerde ynanmady. Oslagsyz öwrülişikden ýaňa aljyran serkerde
Syragyň jogabyny bermek üçin kimdir birinden haraý gözleýän dek çar ýanyna gözlerini
alakjatdy. Şol pillede ol özüniň tutuş goşuny bilen ýolsuz-ýodasyz çöl-beýewanyň içinde
durandyklary hakyndaky ajy pikir onuň bagryna ot bolup ýapyşdy. Duşman serkerdesi
diňe şu pursat bu öňünde başyny dik tutup duran merdana ýigdiň özlerini duzaga
düşürip, gutulgysyz hem ejirli ajalyň holtumyna getirendigine düşündi. Alaçsyzlykdan
ýaňa janyýangynlyga ýüz uran serkerde birden özi üçin hem ýakymsyz eşidilen şerraý
sesi bilen:
-Saýgylaň, haramzadany! Saýyp-saýyp öldüriň, ähtiýalany!-diýip jynssyz
haýkyrdy. Onuň gygyraryna mähetdel daş-töweregini gallap duran atlylar Syragyň
üstüne ýerli-ýerden topuldylar-da, ony gamçynyň astyna aldylar. Dumly-duşdan
depesine ýagýan gamçy urgularyndan ýaňa Syrak ýegşerilip, aşak çöküp başlady. Yzlyyzyna degýän zarbalara, birnäçe gün bäri aç-suwsuz, epgegiň astynda ýol söküp gelýän
Syragyň essi aýyldy. Ol tasdanam huşundan gidip ýykylýardy. Şol müddetde birdenkä
göze öwrülip, Syragyň başynda gopýan tomaşany synlaýan leşgeriň depesinde iniňi
tikeneklediji “uwwuldy” ýaňlanyp gitdi. “Uwwuldy” ýaňlanan badyna, atlar tazygyp,
gozgalaň tapdylar. Bada-badam leşgeriň sol ýüzündäki çäge alaňynyň aňyrsyndan atylyp
69
çykan äpet çal ýumak, özüni ýokaryk zyňdy-da, heniz nämäniň-nämedigine düşünmäge
ýetişmän, Syragy saýgylamaklaryny bes edip, aňalyp galan atlylaryň biriniň gerşine
hopba boldy. Beýleki atlylar özlerini dürsemäge ýetişmänkä-de bokurdagy çeýnelen atly
agyp eýerden düşdi. Dessine-de çal ýekemen topulyp, atlylaryň ortasyna, ýere çöken
Syragyň gapdalyna özüni oklady. Gyýaklaryny syrtartdy-da, hyňranyp, ýürekdeşini
saýgylamaga het eden atlylara haýbat atdy. Möjege gözleri düşen atlaryň gorkudan ýaňa
heýýaty başlaryndan uçup, çar ýana dagadylar. Üstlerindäki atlylaryň:
-Albassy-da, albassy!-diýen gykylyklary bolsa tutuş leşgeri dowla saldy. Onýança
Syrak hem aýaga galdy-da, ýesir gyzlara tarap okduryldy. Çal ýekemen hem onuň
yzyndan galmady. Elbetde Syrakda özüni ýa-da gyzlary bu giden duşman leşgeriniň
içinden aman alyp çykaryn diýen tama ýokdy. Emma ol dowla düşen duşmanyň az
salymlyk başagaýlygyndan peýdalanyp, iň bolmanda gyzlaryň bir-iki sanysyna ürgün
çägelige tarap gaçmaga mümkinçilik bermek isleýärdi. Ýöne Syragyň bu niýeti
paşmady. Aýňalyp ýetişen duşman serkerdesi bada-bat azmly buýruklar bilen atlylaryny
tertibe salyp başlady. Muny gören Syrak türkmen söweşijilerine mahsuslykda, dessine
hereketini üýtgetdi. Golaýdaky atlylaryň birine garşy topuldy-da, möjekden gorkusyna
baş bermeýän atyna erk etmek bilen ber-başagaý bolup, Syragyň özüne hüjüm
edýändigini görmedik atlyny atdan agdardy. Göz açyp ýumasy salymda hem onuň
arkasyndan sagdagyny hem ýaýyny sypyryp, alyp, ýakyndaky alaňyň çür başyna
dyrmaşyp ugrady. Demini dürsemänem alaňa çykdy-da, keýmir ýaýa okuny doldurdy.
Bir peýkamy hem eline aldy-da, ýaýyň kirşini dartyp, peýkamyň ujuny duşman
serkerdesine tarap gönüledi.
Sähel pursadyň içinde bolup geçen bu ýagdaýlara haýrany-serasyma bolan duşman
serkerdesi leşgerini tertibe salmak üçin buýruk yzyna buýruk suňşuryp durşuna,
birdenkä depäniň üstünde özüne garşy peýkam gezäp duran Syraga gözi düşdi. Ony
bada-bat şagga der basdy. Öz duran ýeri bilen Syragyň arasy ep-esli bolsa-da serkerde
onuň peýkamynyň ujuna özüniň gutulgysyz ajalynyň münendigini ikuçsyz duýdy.
Sebäbi ol türkmenleriň mergenligine juda beletdi. “Kirşi sypdyrdygy gutarýar!” diýip,
içinden ähli hudaýlaryna birden ýalbaryp başlan serkerde gymyldamaga gorkup,
doňňara-daşa öwrüldi.
Şol wagtam onuň janyny halas eden säwlik bolup geçdi. Eýýäm düýn Syragyň
hilesini ýoran Gülnäz, hälden bäri Syragyň goparýan oýnuna seredip, lam-jim bolup
durşuna şu pursatda tolgunjyny saklap bilmän, gygyryp goýberdi:
-Gaçsana, mähribanym! Möjegiň bilen başyňy gutar ahyry!
Arzylysynyň dilinden sypan “mähribanym” sözüne Syragyň birhili süňňi gowşap
gitdi. Ol özüni ýitirip, ýaýyň kirşini sypdyryp goýberdi. Howlukmaç atandygy sebäpli
hem peýkamy sowa geçdi. Ikinji peýkamy ýaýa salyp atýança bolsa duşmanlaryň atan
sansyz oklary onuň hem çal ýekemeniň endamyna sanjyldylar. Syrak şonda-da
ýaýyndaky peýkamyny duşman atlylarynyň birinden çenäp atdy-da, diňe şol atlynyň
bogazyndan peýkam sümüp, eýerden ýykylandygyny göreninden soňra, bir ýanlygyna
agdy. Onuň agzyndan gan geldi. Ol çal ýekemeniň öz gapdaljygynda janhowluna titräptiträp jan berendigini görüp, gözlerini ýumdy. Syragyň bada-bat demi sogruldy.
70
Olaryň ýatan depesine ýerli-ýerden topulyşyp gelen duşmanlar möjek bilen
Syragyň daşyny galladylar. Aňyrdan dergazap bolup gelen duşman serkerdesi möjegiň
deňesinde aýak çekdi-de, ýere tüýkürdi.
-Bu möjek bilen möjek çagasynyň kellesini alyň-da, şol ýesir gyzlaryň öňüne
oklaň! Bu näletsiňen biziň barymyzyň başymyza musallat inderdi!-diýip buýruk berdi.
Hyzmata gaýym, ilgezik nökerleriň biri serkerdäniň buýrugyny bejit ýerine ýetirmäge
howlukdy. Emma ol nöker gylyjyny çykarmaga ýetişmedi. Ony öňatlylaryň
ýüzbaşysynyň gazaply nazary togtatdy. Ýüzi eňsäp duran ýüzbaşy:
-Ähli Taňrylaryň Mukaddes atlaryndan kasam edýärin! Eger-de kim-de kim öz
watany üçin serinden geçen şu gerçek türkmeniň jesedini masgaralap, külli älemiň
mertligini wejera etmek islese, şu ýeriň özünde onuň başyny alyp, eýerimiň
ganjygasyndan asaryn! Eger-de kim-de kim gerçek bilen gerçegiň arasyndaky dostlugyň
ölmez-ýitmez nusgasyny görkezip wepat bolan, şu böriniň jesedine garşy gylyjynyň
ujuny uzadaýsa onuň meýdi şu çöl-beýewanyň şagallaryna şam bolar!-diýip, gazaply
pyşyrdady. Hyrsyz ýüzbaşynyň pyşyrdysy öte assa bolsa-da, ony hemmeler eşitdi.
Ýüzbaşynyň aýdanyny edip biljekdigine şek-şübhe ýokdugyna düşünen serkerde bolsa
onuň sözlerini eşitmezlige saldy-da, depeden garasyny saýlamak bilen boldy. Serkerde
gideninden soňra ýüzbaşy ýanyndaky nökerlere Syrak bilen çal ýekemeni jaýlamaklygy
buýrup, depeden düşüp ötägitdi.
Şondan soňra kän wagt geçmänkä-de, watan üçin janyny gurban edip, tenha özi
ymgyr duşman leşgerinden üstün çykan gerçek Syragyň agysyny zaryn-zaryn aglap,
perýat edýän dört sany ýesir naçary hem özleri bilen süýräp, duşman leşgeri soňy ölüm
bilen gutarjak iň soňky ýoluna rowana boldy…
…Ondan bäri müňlerçe ýyllar geçdi. Döwürler aýlanyp, zamanalar dolandy.
Eýýamlar üýtgäp, heňňamlar çalyşdy. Patyşalyklar döredi. Patyşalyklar ýykyldy.
Türkmen topragynyň üstünde ençeme apy-tupanlar gopdy. Şol apy-tupanlar hem watan
üçin baş goýan, atlary halkyň hakydasyndan hiç mahal öçmejek-ýitmejek gerçekleri orta
çykardy. Syragyň edermenliginden müň ýyl soňra merwli ussa Buka ýolbelet hem onuň
edermenligini gaýtalady. Asyrlaryň dowamynda Syragyň gahrymançylygy türkmeniň iň
bir netijeli hem-de şowly söweş pirimine öwrülip, taryhyň jygba-jyg gerdişlerinde
türkmen halkyna öz üstüne sürnüp gelen san taýdan ýüz esse agdyk ýagyny ýeňmäge
ýardam berdi. Sebäbi zanny mertlik laýyndan eýlenen halkymyzyň gursagyndan Syrak
deýin merdanalar çykdylar durdular, çykdylar durdular. Ol Merdanalaryň wepat
bolmaklary hem türkmen topragynda gahrymançylygyň köküni gyrmady. Gaýta gadym
döwürde öz halkyny nägehan ýagydan halas edip, janyny pida beren, çopan ýigit Syrak
we beýleki gerçekler hakyndaky eneleriň agzyndan eşidilen rowaýatlar indiki
gerçekleriň kalbyna ganat bekledip, olary il-ýurt üçin serden geçilýän täze-täze
gahrymançylyklara galkyndyrmagyny dowam etdi.
“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2007-nji ýylyň
9-njy martyndaky sany
71
Namys
…Sowukdy. Garagumyň gurak, şatylama aýazy içiňden geçip gelýärdi. Gije
gyrawy ýüzünde doňan çäge Dorbedewiň toýnaklarynyň astynda “hüpürt-hüpürt” edip,
döwlüp akyp gidýärdi. Aýy-güni dolup, bu gün-erte halda bolan Hallygözel düýnden
bäri at üstünden düşmeýändigi zerarly halys ysgyndan gaçypdy. Ýaňgalylaryň arasynda
çydamlylygyň, azaphonlugyň, gara zähmete gaýym çulumlygyň, jepakeşligiň,
şatyrlygyň nusgasy hökmünde “Taňryberdi baýyň tohumy” diýip mysal getirilýän
maşgalanyň körpesi bolan Hallygözele hiç kim lälijek ösen ýa-da süňňi gowşak diýip
biljek däldi.
Ynsanlaryň ykballaryny mynjyradyp aňsat baýlyk gazanmagyň kül-külüne düşen
kese ýerli garakçylaryň däli alamynynyň penjesine ilip, ýetim galan, ençe ýyllap
gulçulykda bolanyndan soň, gandarynyň kellesini alyp, Kesearkajyň Ýaňgalasyna
dolanyp gelen, Taňryberdi baýy, ýa-da ilçilikde iki-ýeke ýüreklerinden gurum dökülip
duran bahyllaryň atlandyryşy ýaly, “Taňryberdi ýetimegi” diňe bir Kesearkaçda däl,
Mary ilinde-de, Hywa ulkelerinde-de, Lebap ýakalarynda-da, Owganda, Eýranda,
Buharada-da tanamaýan az-azdy. Onuň nädip tütjar baýlygyň, depseň yranmaz döwletiň
eýesi bolandygyny hem uly il bilýärdi. Käbir agzyboşlaryň aýdyşy ýaly Taňryberdi
gulçulykdan gaçyp gaýdanda, ene-atasynyň başyna ýeten gandarynyň kellesi bilen
bilelikde onuň alamançylyk bilen toplan altynly humuny alyp gaýtmandy. Taňryberdiniň
baýlyk gazanyşynyň taryhyny Ýaňgalalylardan soramalydy. Onuň tarypyny hem
şolardan soramalydy. Gara başyny orta goýup, alys ýollara rowana bolýan rysgallydöwletli ildeşleriniň kerwenlerini galtamanlardan gorap, ilkinji maýasyny toplan, soňra
çopançylyk diýmän, täjirçilik diýmän, daýhançylyk diýmän, kesp-kär dannaman, halal
baýlygyň eýesi bolan sahawatly kişi babatda ýaman söz aýtmaga onuň obadaşlarynyň
hiç biriniň dili barmaz!
Üstüni çaga basdyryp güzeranyny zordan aýlap ýören görgülimi, Taňryberdi baýyň
tärimine söýelgi bugdaýly çuwallarynyň bogusy ol bende üçin hemişe açykdyr.
Öýlenmäge gurby ýetmän kösenip ýören ýetim ýigitmi, keremli baýyň sahawaty bilen
edil jadyly ertekilerdäki dek, onuň toýy tutular, çog-gyzyl kürtäniň astynda sülmüräp
gelen gelniň üstüne bolsa alty ganat ak öý dikiler, işiklerine dünýe maly, döwlet malydüýe daňlar. “Türkmen iliniň pylan ýerine ýagy çozupdyr! Haý, türkmen bolanyň
atlanyň-haw!” diýip zowladýan jarçynyň zowwam owazy ýaňlananda aty-ýaragy
bolman, ýere bakyp oturan ýigitmi, Taňryberdi baý onuň goltugyndan gop berer-de:
“Ýagşy ýigide il başyna bela gelende ýer dyrmap, muňalyp, oturmak ýaraşmaz!” diýýän
terzde, goluna dembermez, nerkesen gylyç tutdurar, ýarag-şaýyny üpjün edip, kalbyna
ganat bekledibem, saýlama bedewi serpaý ýapar, üstesine hem “Bar inim, Alla ýaryň!
Soňky demiňde soňky sözüň “Ilim günüm bolmasa aýym-günüm dogmasyn” bolawersin
Ylaýym!” diýip ak patasyny berip goýberer.
Umuman obanyň kethudasy, ýaşy ýetmişden agyp segsene ýeteňkirlänem bolsa her
günde täret-namazynyň yzysüre obanyň çetindäki bag-bakjaly haýatyna gidip, ýer
agdaranda ogullary bilen bäsleşip bilýän ýaşuly baýyň göwnüniň sagdyn hem päk bolşy
ýaly süňňi-de sagatdy. Ol zähmete we kynçylyga bişişendi. Özüniň dört ogly bilen körpe
72
gyzy Hallygözeli hem kiçilikden gara zähmetiň içinde eýlenip, gündelik çöreklerini
gazanyp iýmeklige endik etdiripdi.
Ýöne ilkinji gezek hamyla bolup, dokuz-dokuzdan dokuzy doluberen ýaş gelniň
herniçe zanny çydamly bolsa-da düýnden bäri tutuş türkmen halky bilen bilelikde
başlaryndan inen külpetleriň hele-müçük däl agramy oňa bildiräýmelidi. Türkmen
aganyň azatlyga bolan öçmejek, ýitmejek, ýanmajak-köýmejek, sönmejek yhlasy bilen
parlaýan buýsançly baýdagy deýin, Kesearkajyň edil jigerinde howalanyp, Türkmen
diýarynyň dört künjünden göz dikilip garalanda hellewläp görünýän mert galanyň
daşyndan seredene “ömralla synmajak” diýdirýän diwarlary tilsimi kän duşmanyň emeli
bilen al-asmana sowrulanyndan soň başlanan yzan-da-çuwanlyk, baş-başa-da janjanalyk, soňky gaç-ha-kowluk…bu zatlar ömründe ilkinji gezek öz göwresinde janly
dowamat-dowamynyň gymyldaýandygyny duýýan, beýnisi bekemedik nowjuwan gelin
üçin juda çökder zatlardy. Şonuň üçin hem ol halys surnugypdy. Ustesine-de garry eneatasynyň, doganlarynyň, gelnejeleriniň, kiçijek jigileriniň ykballaryndan bihabarlyk hem
onuň halys aňkasyny aşyryp barýardy.
Hallygözeliň açlykdan ýaňa eňki agypdy. Essi aýylyp barsa-da, Dorbedew
janaweriň ýalyndan hem eýeriň gaşyndan mäkäm ýapyşyp, atdan agmajak bolup otyrdy.
Onuň öten agşam adamsy hem gaýny görgüli bilen çola oýda, ot ýaksalar çar ýanda
goragsyz bosgunlary oljalamagyň höwesinde aç möjek ýaly kaňkaşyp ýören kazaklaryň
ünsüni çekmekden heder edip, ot ýakynman gury-gurakdan howul-hara garbak-gurbak
edinip, ýene-de gumuň jümmüşine tarap ýola düşenlerinde duz dadyşydy. Şol wagt
howsaladan, gorkudan, aladadan ýaňa bogazyndan düzüwli zat geçmändi. Ýene-de
gaýny görgüli: “iý, iý, özüňden özge göwräňdäki hem bardyr” diýip zorlap diýen ýaly
bir döwüm çörek bilen az-owlak gurt iýdiripdi. Emma häzir welin biraz ýüregi
düşüşdimi nämemi aňyrsy ýalmanyp durdy. Özünem endamyňy kesip gelýän
sowukdygyna garamazdan, birden-birden der basýardy. Göwresindäki hem birhili
öňküsi ýaly däldi. Has-da biynjalyklyk tapyp, ýöne depirjikläp durdy. Özem ýöne bir
gymyldap goýaýmak hem däl-de edil ýöne kasty bar ýalydy. Gaýny görgüli näme
diýýärdi-ä: “Bimaza bolsa bezzat oglanjykdyr. Gyzjagaz ejesi bilen ýürekdeş bolup,
göwredäke-de, soňam kän ejesine azar bermejek bolýandyr”
“Kakasy ýaly bimaza hem özdiýenliden gelen bir kejir boljak öýdýän!” diýip,
Hallygözel ýakymly oýlandy-da, atyň irişmesinden tutup idip barýan, daýaw adamsynyň
“çelpek ýaýybermeli” diýilýän ýaýbaň ýagyrnysyny mähirli nazary bilen sypalady.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Şazadanyň şikäri - 09
  • Parts
  • Şazadanyň şikäri - 01
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2261
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 02
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2305
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 03
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2252
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 04
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2157
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 05
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2204
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 06
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2060
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 07
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2099
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2228
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 09
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2272
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 10
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2230
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 11
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2374
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 12
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2094
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2066
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 14
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2175
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 15
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2238
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 16
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2142
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2282
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 18
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2122
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    37.4 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 19
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2271
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 20
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 2191
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 21
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2359
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 22
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 23
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2172
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 24
    Total number of words is 906
    Total number of unique words is 612
    40.0 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.