Latin

Şazadanyň şikäri - 19

Total number of words is 3688
Total number of unique words is 2271
26.6 of words are in the 2000 most common words
38.7 of words are in the 5000 most common words
45.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
süỳrenip diỳen ỳaly öz burçuna bardy. Merdan aga göwresine gelişmeỳän çalasynlyk
bilen ỳaş kömekçilerinden öňürdip, meỳdança girdi-de onuň agzyndan dişleriniň
goragyny aỳryp, suw tutdy. Myrat agzyny çaỳkady. Kömekçileri hem haỳdan-haỳ
ỳetişip ony desmallary bilen ỳelpäp başladylar. Sähel salymyň içinde şägirdiniň äňini
barlan Merdan aga:
-Döwülmändir-de diňe ýerinden sypypdyr öỳdỳän, göreş tamamlanandan soň
ýerine salyp bolar! Dowam etjekmi?-diỳdi. “Haş-haş” edip demi-demine ỳetmeỳän
Myrat sesini çykarman baş atdy. Birdenem Merdan aga özüniň şikes alandygyny kimdir
birine aỳdyp barỳan ỳaly, howlugyp:
-Hiç kime aỳtma, Merdan aga! Alyp çykaryn!-diỳdi. Soňam ỳene-de üstüni ỳetirdi:Özem indi ỳere ỳazaỳan ỳagdaỳlarynda-da ỳaňky etmekçi bolan zadyňa milt etmegin,
ỳaşuly!
Oňa düşünen goja tälimçi kelam agyz geplemedi. Şol wagt göreşiň tapgyrlarynyň
dowamlylygyna gözegçilik edỳän baş emin agaç çekiçjigi iki-üç gezek öňündäki gaty
tagta urup, “tarkyldatdy”. Merdan aga we onuň kömekçileri meỳdançadan çykdylar.
“Owf! Ỳene-de başlady-ow!” diỳip oỳlanan Myrat ỳerinden turdy-da, orta bardy. Ol
eỳỳäm mazaly özüni dürsäpdi. Rahat durandyklaryndan peỳdalanyp Myrat garşydaşyny
boỳdan-başa birlaỳ synlady. “Ussat ekeni! Gör ediberşini! Açylan bolmagy göreş pirimi
ekeni ahyry.”
-Boks!-diỳen söz depiň zarňyldysy bilen bir wagtda diỳen ỳaly ỳaňlandy. “Körem
hasasyny bir gezek aldyrỳandyr” diỳip oỳlanan Myrat şol söz bilen bir wagtda diỳen
ỳaly yza tesdi-de, yza tesip barỳarka-da, gapdala sowlup, bada-bat özüne garşy hüjüme
geçen pereňli pälwanyň çepinden ỳumruk urdy. Soňra göreş başlady. Ỳöne göreşiň ikinji
tapgyrynda pälwanlaryň ikisi hem birinji tapgyrdaky ỳaly töwekgellige ỳüz urman,
göreşiň bu görnüşiniň sungatyna mälim bolan goranmagyň we hüjüm etmegiň ähli
emellerini ỳerli-ỳerinde ulanyp, meỳdançada pyrlanyp geçdiler. Üçünji tapgyr hem
şonuň ỳaly geçdi. Dördünji tapgyr hem göỳä şolaryň adatylygyndan meçew alỳan ỳaly,
adaty başlady. Emma ỳadawlykdanmy nämemi, garaz bir saỳ-sebäp bilen säwlik
goỳberip Myratdan bir-iki ỳumrugy artyk iỳen pereňli pälwan birhili gyzmalygyny edip,
ỳene-de birinji tapgyrdaky ỳaly Myradyň üstüne hüjüm edip başlady.
Onuň bu kemçiligini Myradyň synçy gözi bada-bat aňşyrdy. “Äh-ä! Ine saňa gerek
bolsa, sen gardaş asyl, öte gyzma ekeniň-ä! Munyň-a gardaş bolmaỳar! Biziň halypanyň
aỳdyşy ỳaly, meniňkileriň arasynda kim gyzma bolsa şol hem iň akmak pälwandyr.
“Göreşde ataňam bolsa sylama” diỳipdir, türkmen! Bagyşla welin, seniň bu
kemçiligiňden-ä peỳdalanmasam bolmaz gardaş!” Myrat şeỳle pikir öwürdi-de assa168
ỳuwaşdan, her bir urgusyny çaltlyk bilen ölçerip, garşydaşynyň iň agyryly ỳerlerine urup
ugrady. Iki-üç urgudan soňam öz emeliniň başa barỳandygyny syzdy. Gahary gelen
pereňli pälwan çalajadan sowukganly pikirlenmek ukybyny ỳitirip, onuň garşylyklaỳyn
urỳan zarbalaryna myzaỳyk etmän, Myradyň üstüne ỳumruk yzyna ỳumruk ỳagdyryp
ugrady. Kä gizlenip, kä ỳumruk urup, çalasynlyk bilen meỳdançanyň ol künjünden bu
künjüne kebelekläp ỳören Myrat bolsa emeliniň başa barỳanlygy zerarly surnukdyryjy
göreşiň ỳadawlygyny undup başlady. Onuň köhi gelỳärdi. Käỳarym halypasyna tarap
gözüniň gyỳtagyny aỳlap goỳberende bolsa onuň keşbinden “Berekella, köşek, sen
meniňkileriň içinde iň ulusy, iň gowusy!” diỳen sözleri okaỳardy. Bu sözler bolsa oňa
hasam ganat bekledip, onuň güỳjüne güỳç goşỳardy. Suwulgan ỳaly sypjyk, ỳumruklary
arynyň neşderi ỳaly awuly garşydaşyny ykjam maỳajyna alyp bilmän her gezekki
hüjüminde ony seňseletjek zarbany urmagyň deregine awunyp galỳan pereňli pälwan
bolsa gaharlanyp, bolmajysyny bolỳardy. Birdenem ol öz ỳalňyşyna düşündimi ỳa-da
meỳdançanyň daşyndan ene dilinde gygyrỳan tälimçisiniň nesihaty täsir etdimi nämemi,
dyzmaçlygyny bes etdi-de assa-ỳuwaşdan Myradyň üstüne sürnüp ugrady.
Ony doly öwrenip, onuň her bir hereketini okap duran Myrat garşydaşyny bada-bat
ỳordy. “Ine, başlady! Indi sak durmaly! Bu hiläni ỳeke gezek edip bolar! Eger pys geçse,
soň maỳ bermez. Indi ol göreşiň soňky tapgyryny ỳeke ỳumruk urman tamamlaỳanda-da
meni toplan bahalarynyň hasabyna ỳeňỳär, sebäbi ol birinji tapgyrda meni gaty berk
ỳepbekledi.”
Myrat ỳüzlerini gizläp ỳapyryldy-da, pereňli pälwana garşy süỳşüp ugrady.
Garşydaşy hut şu pursada garaşyp duran ỳaly, edil ilkinji tapgyrdaky ỳaly ony
ỳetişibildiginden ỳepbekläp başlady. Birsellem assajadan yza-yza çekilỳän Myratdan
galman ony urandan soňra pereňli pälwan ỳene-de söweşe gyzygan kişi bolup goragyny
gowşatdy. Galan zat bolsa göz açyp-ỳumasy salymyň içinde bolup geçdi.
-Ine!-diỳip Myrat pessaỳ ses bilen demini daşyna üfledi-de, ỳumrugyny gaty uly
güỳç bilen urỳansyrap garşydaşynyň ỳüzüne garşy ỳumrugyny salgady. Bada-badam
“Ỳumrugymyň öňünden sowuld-a, çüm indi meniň elimiň aşagyna!” diỳip Myrat
içinden oỳlandy. Garşydaşynyň sowulyp özüniň baş emelini edỳändigini görüp hem ol
begenip gitdi. Gözeilmez tizlik bilen ỳarym ädim yza tesdi.
-Ỳa Şiri-huda pirim Hezreti Aly! Me saňa!-diỳip pyşyrdady-da, özi babatda göreşiň
birinji tapgyryndaky ỳaly eňekasty urguny geçirmek üçin dikelip, elini salganda ỳüzi
açylan garşydaşynyň ỳüzüne bar güỳji bilen urdy. Duỳdansyzlykdan ỳaňa aňk-taňk
bolan pereňli pälwan gözlerini agdardy-da, dikeljek boldy. Birdenem ellerini sallap diň
arkanlygyna gaỳtdy.
-Wan! Tu!...-diỳip onuň ỳanyna ylgap gelen emin sanap başlady. Emma emin ona
çenli sanaýança pereňli pälwan gymyldamady. –Ten! Aut!-diỳip gygyran emin elleri
bilen “göreş gutardy” diỳen yşaraty etdi. Soňra çete çekilip uly-uludan dem alyp, demini
dürsäp duran Myradyň elinden tutdy-da ony al-asmana galdyrdy. Göreş meỳdançasynyň
daşynda desmallaryny baỳdak edip galgadỳan halypasydyr onuň kömekçileri gözüne
ilen Myrat birden düşündi. “Ỳeňipdirin öỳdỳän!” Ol özüniň ỳeňendigine geň galdy hem
ynanmady. “Bäh, men ỳeňäỳdimmikäm?!” Özi bilen gödek oỳun edỳän bolaỳmasynlar
diỳen howatyrlanma bilen Myrat töweregine göz aỳlady. Diňe şol pille eminiň öz elini
169
galdyryp durandygyny aňşyrdy. “Men ỳeňdim! Ỳeňdim-m-m!!!” Ỳaş pälwany ỳeňşiň
heỳjanly täsiri doldurdy. Ol huşuna gelip, kömekçileridir tälimçisiniň kömegi bilen
ýerinden dikelen pereňli pälwanyň ýanyna bardy-da oňa elini uzatdy. Ýüzi çişen pälwan
tagaşyksyzam bolsa mähirli ýylgyrdy-da, Myrady gujaklady. Soňra pereňli pälwanyň
tälimçisi hem onuň arkasyna kakdy. Myradyň göwnüne bolmasa pereňli pälwanyň
tälimçisiniň gözleri: “Sen meniňkiden hem gowy, inim!” diýýän ýalydy.
“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2008-nji ýylyň
29-njy awgustyndaky sany
Wäşi
Özüniň dünýä ýaň salýan at-abraýy, belent mertebesi, dabarasy-şagalaňy bilen
Galkynyş eýýamy-da ýetip geldi. Gelşine-de misli kaklyşan zadyny altyna öwürýän
pelsepe daşy deýin, galtaşan ynsanynyň kalbyna ruhubelentlik çaýyp, ençeme ýylyň
dowamynda endigan haýallyk bilen akmaga endik eden durmuşyň akymyna bat berip,
Özgertmeler zamanasy paýtagtyň merkezindäki sirkiň daşyny hem büräp aldy. Onuň
zynatyna zynat goşup, täze öwüşgin çaýyp, göýä ençeme ýylky gaflat ukusyndan oýaran
ýaly edip, ýüzüne dirilik suwuny-da sepip goýberdi.
Nijeme ýyl bäri sirk wäşisi hünäri hiç kesiň, hatda özüniň-de derkaryna ýaramadyk,
şonuň üçinem özüniň köneje hususy ulagynda kireý edip güzeranyny aýlaýan Kadyra-da
öz ugry boýunça iş tapyldy. Ol işe yhlas bilen ýapyşdy. Sahnany, köpçüligiň gülki bilen
garşy alyp, gülki bilen ugratmagyny küýsäp giden Kadyr durky-düýrmegi bilen söýgüli
kärine berlip ýörşüne dünýäni unutdy. Ýöne adam diýeniň diňe işi däl, maşgalasy hem,
daş-töweregi hem bar…
Bu gün bolsa irdenden bäri onuňky ugruna däldi.
Düýn gijara işden gelse, gyzjagazy tekjeden ýykylyp, aýagyny döwdüripdir.
Hassahana äkitdi. Em etdiler. Seýiklediler. Ýagdaýy oňat bolansoň “öýde serederin”
diýip alyp gaýtdy. Ilki bir gowudy hem, agyrysyny undup, gülşüp-degşip ýatyrdy.
Emma gije ýarymdan agyberenden soň welin, ýykylanda gorkupdyrmy nämemi, öl-suw
bolup gyzdyryp ugrady. Haýdan-haý “Tiz kömegi” çagyrdylar. Lukman tejribeli ekeni.
Sanjym-beýleki etdi-de, “gorkuly zat ýok, häzir uklar, ertire çenlem ýatar, ýöne ertir,
adamçylyk, hassahana eltip, lukmana görkezäýiň” diýip olary köşeşdirip, çykyp gitdi.
Irden bolsa giç ýatanlygy zerarly gijem oýandy. Turanyndanam işe gijä galyp
barýanlygyny görüp, göýä, ol günäkär ýaly, aýalyna nagarasyny döwüp başlady. Ilki bir
sesini çykarmasa-da yzly-yzyna suňşurylýan sözler degnasyna degiberenden soň ol hem
geplemän durup bilmedi. Är-aýalyň şunuň ýaly sene-menesinde diýläýjek zatlaryň
ählisini birnäçe gezek ýanjap-ýanjap gaýtalady.
...Nämäňe gygyrýarsyň? Otuz ýaşap geçen halyňa ile meňzeş hünär edinip
bilmediň. Il güldürýän wäşi-masgarabaz! Wah, gara bagtym! Ile çykara ýüzüm ýok. Heý
ýüzüň bolarmy, äriň bökejin maýmyn ýaly, aýlawyň içinde bökjekläp, dyrnak ýaly
çagalara çenli üstünden güldürip ýörse…
170
Dawanyň başy özünden bolsa-da ol erkek nadaralygyny edip, aýalyny jenjeliň
sebäpkäri edip goýdy-da, öterägem geçip, oňa diýmesiz sözleri bir-iki agyz artygragam
aýtdy. Soňam öýden çykyp gitdi. Basgançakdan düşüp gelýärkä-de, dar ýerde, aşaky
gatda ýaşaýan, Hudaýyň beren güni serhoş goňşusy bilen süsüşdi. Ol hem, dogup-döräli
bäri zährimaryň humaryndan açylman ýören zaňňar, gahar bilen jabjynyp goýberdi. Bu
hem gaýtargysyny berdi. Gyzdylar. Birsellem diýilmeli zatlary diýşenlerinden soň,
sowadylar. Her haýsy öz ugruna gidip barýarka-da, goňşusy yzyndan: “Indi haýsydyr bir
masgarabaz hem şeýdip gomparan bolup ýörse” diýip hüňürdedi. Muny eşidip ol yzyna
topulaga-da ýaňkynyň petigulusyny beräýjegem boldy. Emma näme üçindir, sesini
çykarman gidiberdi.
Ýollar dürli görnüşlerdäki ulaglardan ýaňa hyryn-dykyn bolandygy sebäpli işine-de
mazaly gijä galyp bardy. “Hudaýyň uranyny pygamber hasasy bilen dürter” diýenleri,
sirkiň ymaratyna girenindenem döredijilik toparynyň ýolbaşçysy bilen pete-pet geldi. Ol
“ýolbaşçy” adyny güne ýatyp almandygyny gaýym subut etdi. Bolanja keýpine sogan
dogralan Kadyr iş otagyna girdi-de, eşiklerini çalyşdy. Ýüzüne dürli reňkleri çalyp,
çykyş edýän keşbini çekdi. Sirkiň sahnasy tarapdan gelýän goh-galmagal, aýdym-saz
tutuş ymarata ýaň salyp, ony göçüräýjek bolýardy. Tomaşa suwsan adamlaryň şowhuny
sirki sandyradýardy. Indiki çykyş etmek nobaty onuňkydy. Ýene-de bäş minutdan ol
äpet gümmeziň ýap-ýagty astyna ylgap çykyp, gülmelidi, bökjeklemelidi, elinde baryny
edip, tomaşaçylary güldürmelidi.
Ýöne özüň şadyýan bolmasaň nädip adamlara şatlyk paýlajak?! Ýüregiňde gahargazap, öýke-kine, gaýgy-alada ýaly garaňky duýgular tupan turuzýarka, nädip özgelerde
ýagty duýgulary oýarjak?!
Içini hümledip oturşyna ähli zat Kadyryň hakydasyna geldi. Şu käri saýlap
alandygyny, şol ugur boýunça-da okamak isleýändigini aýdanynda kakasynyň,
agalarynyň gazaply närazylygy, ejesiniň igenmesi, wagtal-wagtal ot alyp galýan
aýalynyň iňirdileri… Hemmesi göz öňüne geldi. Dessine-de onuň göwnünde: “şu käre
baş goşup ýalňyşan bolaýmaýyn” diýen müňkürlik döredi.
Ýogsa-da, dogrudanam ol bu käri näme üçin saýlap aldyka?! Ýa näme, başga
ýerden bir döwüm çörek tapmaryn öýtdümikä?!
-Wäşi! Hany wäşi! Kadyr, sahna!
Alyp baryjynyň özüni çagyrýan sesini eşidende bar zat huşundan uçdy. Ol hüžžerip
duran ötürtme saçyny gyssanmaçlyk bilen kellesine geýdi-de, sahna tarap ylgady. Sahna
çykaýmanka galyň perdelere gizlenip, jyklady. Tomaşaçylaryň käbiriniň ýüzi aladalydy.
Käbiri oňa garaşýar, käbiri bolsa öz pikirleri bilen gümra. Ol bolsa olaryň ählisiniň
ünsüni özünde jemlemeli. Aladalaryny, pikirlerini undup, arkan-ýüzin gaýşyp gülmäge
mejbur etmeli. Şeýdibem, şatlyk paýlap, gülki ýygyp, olaryň ömrüni uzaltmaly…
Ine näme üçin ol özüne bu käri saýlap aldy! Ine nirde ol özüni tükeniksiz bagt
ummanynda ýüzüp ýören ýaly rahat duýýar!
Adamlaryň şatlygyna, olary şatlandyryp bilýändigiňe şatlanmak… Oňa şundan
başga bagt nämä gerek ahyry!
Ol özüni unutdy. Birdenem:
171
-Ine-de men adamlar! Sizi gözläp men asyl azaşaýypdyryn ekenim-ä!-diýip
sesinden baryny edip gygyrdy-da, aşyr atyp sahna çykdy.
Watan goragynda
Säher ukusynyň neneňsi süýji bolýandygyny bilmeýän barmyka?!
Meger ýok bolsa gerek. Emma, uzak gijesini çirim etmän sepgitde gulluk eden
serhet saklawynyň esgeriniň saba ukusynyň gadyryny biläýşi welin, edil ýöne hoşuňa
geläýsin!
Arly gije bir şahamçadan beýleki şahamça selpäp, yz gözegçilik zolagynyň garynja
ýörese daban yzy mese-mälim bildirýän, ürpük, ak gumundan ýaňa gözleri agyryp giden
esgeriň daňa ýakyn, näçe endikli bolsa-da gabaklaryna gola guýlan ýaly bolar. Endamy
ýumşaşar. Beýnisi ýarym ukuly hala geler. Pikirler göýä gaýnap-gaýnap goýalan üzüm
toşaby deýin, aňyň seljeriji merkezine “jomp-jomp” edip, dammar durarlar. Ýöräp
barşyna uky bürüp, gözleriniň ýumulýandygyny duýman galar. Birdenem tötänden
büdrär-de, ziňkildäp açylar. Allaniçigsi bolup tisginer-de, öz-özüne gaharlanyp, ukunyň
agyr labyryny bedeninden zyňmak üçin, hereketini ýygjamladar. Ýassyk hakyndaky
hyýallary aňyndan sogrup taşlap, ünsüni yz gözegçilik zolagynda jemlär. Daňdanyň
barha ýagtylyp barýan alagaraňkysyna, salkyn çygly howa, düýbi çyzylyp ugran al
şapaga begener. Gidip barşyna elçyrasyny öçürip, geriner welin, damarlaryna dirilik
suwy ýaýran ýaly bolar. Dünýesi giňär. Süzülip duran gabaklary terpenip ýokary galar.
Aram-aram säginip, ýaňy oýanan guşlaryň jürküldisiniň arasyndan bigäne sesleri
eşitmäge dyrjaşyp, diňşirgener. Soňam ýene-de ýoluny dowam eder.
“Meger “Aby-Köwser” diýip köneler şu saba-säheri göz öňünde tutandyrlar.” diýip
Merdan dogumly gadam urup barşyna oýlandy. Dessine-de bu pikirleri aňyndan kowdy.
“Ýok-la, goýaýyn-la! Saýry oýlar kelläme päsgel bermesin. Daňdanlar araçäkde iň
hüşgär bolmaly pursat. Çünki betpällerem akmak däl. Bilýärler. Serhetçiniň daňa ýakyn
ýadaýandygyny, ony uky bürýändigini, ýoluň gyrasynda ýatan daşyňam, tümmejik
depäňem, bir üýşmek gury jagramaň hem gözüne ýorgan-düşek, ýassyk bolup
görünýändigini… Olar şony hem peýläp ýatýarlar. Öz bet niýetlerini amala aşyrmaga,
mukaddes serhede hyýanat etmäge amatly pillä garaşýarlar.”
Merdan ähli ünsüni bir ýere çugdamlady. Ok gabyna assaja kakyp, saklawyň
kiçisini özüne garatdy. Geplemän serhet yşaratlarynyň dilinde: “Eserdeň bol, uklama!”
diýip duýdurdy.
Ýöräp baryşlaryna olar 38-nji şahamçanyň gür ýylgynlygyna girip gitdiler. Serhet
gorag zolagy süsňäp, ummasyz meýdanda ýaýylyp ýatan, okgeçmez ýylgyn jeňňeline
girýärdi-de, gündogara garşy uzalyp gidýärdi. Dogup gelýän Kuýaşyň azak-tenek
gyzdyryp ugrandygy sebäpli, ýylgyn tokaýynyň üstünde bgaran säher çygyndan
ýeňiljek, ýukajyk duman örtügi emele geldi. Bu ysgynsyz ümür daş-töwerekdäki ähli
zadyň keşbini alasarmyk, bulaşyk etdi.
“Serhet galasyna aragatnaşyga çykmagyň wagty hem boluberýär” diýip pikir öwren
Merdan aragatnaşyk nokady ýerleşýän til agajyna garşy gyýalady. Bäş-on ädim ätdi-de,
birdenem sakga durdy. Özi etjek bolup hem etmän, günde türgenleşip, ganyna siňen
172
endigine görä, serhet ýodasynyň gyrasyndaky gür otluga towsup girdi-de, aşak
çommaldy. Bada-badam ýeňsesine dönüp, saklawyň kiçisiniňem öz hereketine
eýerendigini gördi. Esger endigi olaryň aňyndan çalt hereket edýärdi.
Ymykly gizlenenden soňra Merdan özüni beýle tiz hereket etmäge mejbur eden
hadysany synlap başlady. Olardan ýüz ädim dagy daşlykda ýylgynlaryň depesi
yrgyldap-yrgyldap gidýärdi. Göwnüňe bolmasa biri ýylgynlygyň içinden seresaplylyk
bilen ýöräp gelýän ýalydy. Ýöne haýwanmy ol, ynsanmy, düşnüksizdi. Yrgyldynyň
ugry bolsa goňşy döwletden Türkmenistan tarapady ýa-da serhetçileriň dilinde aýtsaň
“sepgitden arka” hereket edýärdi.
“Ýabany doňuzdyr-la!” diýip Merdan ulalyp barýan howsalasyny basyp ýatyrmaga
çytraşdy. Şu pikiri eden badyna-da yz gözegçilik zolagyna ümürlikde sudury aýyl-saýyl
görünmeýän kölege çykdy. “Çagyrylmadyk myhman!” diýen pikir çüý bolup Merdanyň
beýnisine sanjyldy. Göwnünden howsala zym-zyýat boldy-da, ol atylmaga taýýar
peýkam deýin göneldi. Onuň aňy şeýlebir çalt işläp başlady we;in, onuň göwnüne
bolmasa ýyldyrym hem beýle tiz çakmaýan ýaly boldy. “Serhet galasyna habar
berýänçäň, olar görer! Eger görseler, yzyna dönüp, goňşy döwlete tarap gaçmagy hem,
gür ýylgynlyga urup, gözden ýitmegi hem mümkin…Onsoň ony tapjak bolsaň, tutjak
bolsa, serhet galasy aýaga galýança, soňra serhet birikmesi “howsala habary” bilen
galdyrylyp, tutuş serhetýakasy ýapylýança, bu bigäne saýak-sandyrak gör nirelerden
çykyp, Ata Watanyň çäginde neneňsi hokgalar goparar!.. Ýok, diňe öz güýjümiz bilen,
diňe özümiz hereket etmeli. Ýöne dur entek! Howlukma! Gyssanma! “Ajygan ölmez,
alňasan öler!” Oňatja synla! Nähiliräk adam? Ýüklümi, ýüksüz? Neneňsi ýaragy bar?”
Merdan çapuwa goýberiljek bedewe dönen takatsyzlygynyň jylawyndan çekdi.
Ýaňky kölege bolsa üşerilip durdy-da, sähel salym doňuz diňini saldy. Soňam: “howp
ýok” diýip arkaýynlaşan bolara çemeli, emaý bilen, pişik basyşyny edip, öňe ätdi.
Daňdanyň ümüş-tamşynda ol ümür zerarly däl-de adam sudurly sagyma çalym edýärdi.
Onun daş sypatynda Merdanyň ilki bellän zady, gerşindäki goş haltanyň agramyna azowlak ýegşerilýändigi hem-de göze görünýän ýaragynyň ýokdugy boldy. Kölege ýüzüni
demirgazyga tarap tutup, yz gözegçilik zolagyndan heniz çykmanka ýene-de bir kölege
ýaltaklap, ýylgynlykdan çykdy.
“Ikinji!” diýip sowukganlylyk bilen bellän Merdanyň göreçleri awuny gören
gurduň gözleri deýin lowurdady. Ol misli “wawwasy” bar ýaly, tizataryny, emaý bilen
eline aldy. Howpsuzlyk gulagyny gaýtardy. Ýöne ok sürmedi. Şakyrdysy ümsümlikde
kölegeleriň gulagyna ilmeginden heder etdi.
Edil birinji ýaly arkasy goşhaltaly ikinji kölege hem azsalym säginip, diňşirgendide ýoldaşynyň yzyndan ýoneldi. Onda-da ýarag ýokdy. Onýança üçünji kölege hem
peýda boldy. “Üçünji! Ýaragly! Elde ýasalan aw jysmygy. Howply! Ýüki ýok, diýmek
janpenalary bolmaly” Merdan göýä serkerdesine habar berýän dek, öz-özüne hetjikledi.
Üçünji kölegeden soň yz gözegçilik zolagyna hiç kim çykmady. Merdan olaryň üçüsini
hem gözden salman, assajadan öňe emedekläp ugrady. Ol kölegeleriň golaýlygy sebäpli,
çöp başyny gymyldatmazlyga çalyşýardy. Ol eýýäm mundan beýläk neneňsi hereket
etmelidiklerini kesgitläpdi. Ýakynlaryna baryp, ýokaryk ok atar. Aljyraňňylykdan
peýdalanyp, topular. Gundag bilen urup, ýaraglyny seňseledip bilse, beýleki ikisine
173
güýji ýeter. Ol saklawyň kiçisine pessaý ses bilen: “Ýeňselerinden bar. Ok ataryn welin,
okdurylarsyň, ýöne özlerinden ataýma!” diýip, buýruk berdi. Bukdaklap ugrady.
Birdenem togtady-da, ýoldaşyna soragly baş atdy. Bu onuň: “Başararsyňmy?” Esger
kellesini öýkeli silkeledi.
Olar bölünişdiler. Merdan gapdallap, “kölegeleriň” sol tarapyna gyýalap ugrady.
Biraz wagtdan ol “kölegelere” ýakynlady. Indi ol juda tiz hereket etmelidi. Merdan
içinden: “Bir, iki, üç!” diýip, sanady-da, birdenem laňňa galdy:
-Dur!!! Ýüzin ýatyň, haramzadalar!-diýip, bogazyna sygdygyndan arlady.
Tizataryna ok sürüp, olara garşy topulyp barşyna, “kölegeleriň” üstaşyry ýeke oky
“güzledip” goýberdi. Şol pille-de oglagsyz ýagdaý bolup geçdi. “Kölegeleriň” ortadan
barýany tapyr-tupur ýere ýazylyp, agzy bilen gum garbady. Emma öňden we yzdan
barýan iki bigäneler aljyramadylar. Öňdäki gaçyp ugrady. Yzdan gelýän ýaragly
“kölege” bolsa tüpeňiniň nilini Merdan tarap öwrüp, “güwledip” goýberdi. Merdanyň
ýüzüne ýalyn çabran ýaly, gözüniň öňi ýalpyldap gitdi, şol bada-da ysyrgalygy köz
basylan ýaly awuşap başlady. Emma Merdan gulagynyň gyzgyn yzasyna üns bermän,
özüni atan “kölegäniň” alkymyna dykylyp baryp, gundagyny salgady. Ýöne garmagürmelikde onuň tizatarynyň gundagy gyltyz degip, “kölege” myzaýyk etmedi. Onuň
jysmygynyň degäýen bolsa kellesini ýere gaçan garpyzyň paçagyna dönderjek
gundagynyň öňünden bolsa Merdan zordan sowlup ýetişdi. “Op-ba! Degen bolsa
kelleçanagy kül-uşak edýärdi!” diýip Merdan bu jygba-jyg ýagdaýa gabat gelmeýän
alasarmyk pikiri etdi. Şol mahal “kölegäniň” ýeňsesinde gögeren serhet saklawynyň
kiçisi tizataryny onuň süýr depesinden goýberdi. “Kölege” çalam-çaş bolup ýatyberdi.
-Ikisinem güýl-de, ýaraglaryny al! Serhet galasyna habar ber!-diýip, Merdan ol
gaçan birinji “kölegäniň” yzyndan ylgap barşyna gygyrdy. “Kölege” bolsa yzyndan tazy
kowalaýan tilki kimin, sap atyp gaçýardy. Ýöne egnindäki ýük onuň tizligini
peseldýärdi. Şonuň üçin hem Merdan bahym arany ýygryp başlady. Sähel salymdan
onuň ökjesini sydyrdyp barýan Merdan onuň sojap dem alýandygyny hem eşidip ugrady.
“Daljygýar” diýen pikir Merdanyň hasam gujuryny artdyrdy. Şol wagt “kölege”
garaşylmadyk hokga gopardy. Ylgap barşyna arkasyndaky goşhaltasyny ýere zyňdy-da,
tizligini artdyrdy. Arany açyp bşlady. Merdanyň lapy keç boldy. Sebäbi “kölegeden”
asgynlap ugrady.
“Gör muny! Tapýan oýnuny nämesini näme etdigimiň!” diýip içinden paýyş
sögündi. Onýança “kölege” has hem mojugyny tapdy. Ol gyýalap, serhetden goňşy
döwlete tarap gaçyp başlady. Merdan kowalap onuň yzyndan ýetip bilmejekdigine akyl
ýetirdi. Ol: “Dur bakaly senjagaz! Men saňa nähili oýun etmelidigini görkezeýin!” diýip,
saklandy-da, tizataryny ykjamlandy. Bir-iki sapar yzly-yzyna demini alyp, dem alşyny
sazlady. Mäkäm durup, tizataryň mawut kemerini eline dolady. Gundagyny engine
diredi. Çep gözüni ýumup, “kölegäni” didiwana mündürdi.
--Şemal ýok. Ýöne tizatar “depende” gülläniň ýoly az-kem üýtgemegi mümkin.
Şonuň üçinem…-diýip pyşyrdady-da Merdan “kölegäniň” duzçanagynyň aşagyny
nyşana aldy. “Nil silkinse-de gülle az-maz ýokarrak gidip, dyzçanagy pytradar”
“Kölegäniň” sapalak atyp gaçyşy nyşana almagy kynlaşdyrýardy.
--Dur! Dur… howlukma… hiç howlukma…
174
Barmagy bilen mäşäni sypalaýan Merdan öz-özüni hüwdüleýän ýaly myrlady-da,
birdenem…Ine! “Tark” boldy. “Kölege” badak atylan ýaly tüwdürilip gitdi. Merdan
atylyp onuň ýanyna bardy.”Kölege” agyrydan ýaňa iňläp ýatsa-da, bilindäki gamany
gynyndan sogurmaga çytraşýardy.
--“Doňzuň hork-horky ýatmaz” Häý mahluk diýsäni!
Merdan onuň goşaryna depip goýberdi.
--Gymyldaman ýat, edil şeýtanyňky ýaly müň janyň bolsa birisem menden aman
sypmaz!—diýip öz bitiren işine monça bolan Merdan “kölegä” haýbat atdy. “Kölege”
nätanyş dilde, düşnüksiz hümürdedi-de, ýüzüni ýere berdi. Onuň takdyra ten berendigine
düşünen Merdan ilki bilen-ä onuň bilinden gamaly kemerini sypyryp, ok degen
aýagynyň budundan pugta çykady. Gan akmasynyň göz-görtele gowşandygyny
görübem, onuň ýarasyny özüniň goltuk kisesinden çykaran hasasy bilen mäkam sarady.
Soňra ätiýaçlykdan ötri, budundan kemeri aýyrdy-da şonuň bilen “kölegäniň” ellerini
daňdy.
--Gymyldamaga het edäýme!-diýip ýene-de azm urdy:--Adam ýaly “dur” diýlende,
gulak asan bolsaň bu güne duçar bolmazdyň.
Merdan: “Nurýagdyýew näme işledikä?” diýip öz ýoldaşy barada ünjüli oýlandy.
““Kölege” ýöräb-ä bilmez. Taşlap gitseňem, süýrenip, gelen yzyna gümüni çeker,
araçäkden geçenden soň hem onuň sypdygy! Onda näme etmeli?”
--Äý näme-aý! Näme etmekden Hudaý saklasyn! Hany, tur how, nermeden doýan
öküz ýaly bäbenegime seredip, gölerip ýatma-da! Näme agyrýarmy? Men saňa arkaňy
zäher-zakgundan dolduryp biziň Watanymyza gel diýip çagyrmadym. Özüň haram
nebsiň üçin geldiň.
Merdan “kölegäni” ýerinden galdyrdy-da, ony arkasyna hopba etdi. Emma ol heniz
öz ýoldaşynyň ýanyna ýetmänkä onuň öňünden serhet galasynyň “dessin topary” çykdy.
Esger ýoldaşlary gelip ýerli-ýerden oňa kömek edip ugradylar. Iki sany esger haýdanhaý kölegäni” onuň arkasyndan aldylar-da, göterip, ulaglaryna tarap alyp gitdiler.
Şondan soňra Merdan az-kem gowşadymy nämemi, ol gulagynyň ysyrgalygynyň erbet
sanjyp agyrýandygyny duýup başlady. Elini gulagyna ýetirende bolsa barmaklary
gyrmyzy gana boýaldy. “gyltyzragam bolsa degripdir-ow, nejis!” diýip Merdan özüni
atan “kölege” babatda içiýangynly oýlandy. Ýöne ýoldaşlarynyň “berekellasy” onuň
agyrysyny ýadyndan çykartdy. Haçan-da serkerdeleri gelip elini gysyp, Ata Watanyň
adyndan “sag bolsun” aýdanda bolsa, Merdan dünýäni unutdy. Ata Watanyň öňünde
belent borjuňy berjaý edip, Ata Watanyň minnetdarlygyna eýe bolmakdan belent bagt
ýokdur!!!
“Adalat” gazetiniň 2007-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky sany
Serhet goragynda
…”Bäh, gurbany boldugymyň gözi açylana döndi. Guýaýşyny!” diýip Merdan
oýlandy-da, ýygryldy. Baharyň ilkinji günlerinden heniz gyşyň sowugy aýrylmandy.
Eginlerinde öllük geçirmeýän ýapynja bolsa-da, üşedýärdi.
175
Sowuk ýagyş, göýä Burkut atanyň meşiginiň düýbi deşilen ýaly, dünýäni suw-sil
edip, dynman guýýardy. Merdan ýapynjasynyň aşagyndaky tizataryny ykjamlady-da,
esli yzyndan gelýän, serhet saklawynyň kiçisi, esger Annaöwezowe seretdi. Ol misli
ýagşy, sowugy duýmaýan ýaly, ýylgyrjaklap gelýärdi. Onuň edähetidi. Hemişe
gülümsiräp ýördi. “alçak oglan! Göwnaçyk.” diýip, Merdan ol barada ýakymly pikir
etdi. Ýapynjasyndan joralanyp akyp, eteginiň epinine üýşýän ýagyş suwuny silkdi.
Dessine-de özleriniň gijeki serhet saklawydyklary hakydasyna geldi. Aşak çommaldyda, yzyna yşarat etdi. Onuň yşaratyna düşüş Annaöwezow haýdap ýanyna geldi.
--Esger, Annaöwezow, daş-töweregiňe gülki paýlap gelme-de, eserdeň bol!
Garaňky gatlyşyp gelýär. Yz Gözegçilik Zolagyny suw basypdyr. Şonuň üçin hem
hüşgärligi artdyrmaly!-diýip, Merdan saklawyň ulusy hökmünde bellik etdi.
Annaöwezowyň ýüzünden ýylgyryşyň sumat bolandygyny görübem, birhili oňa
dözmedi. Ýüzüni alandygyna ökündi. Emma göwnüniň jümmüşinde talapkär kazy
deýin, sak oturan ynsaby onuň dözümli hereketini makullady: “Dogry etdiň. Sepgide biz
seýil etmäge, tebigatdan lezzet almaga çykmadyk. Serhede gulluga çykanyňda edil
dartylyp duran kemanyň kirşine dönmeli. Çünki jogapkärçilik uly”
Birsellem ýoränlerinden soň, olar goramaly şahamçalaryna ýetdiler. Oňa çenli
iňrigem mazaly garaldy. Merdan elçyrasyny ýakdy. Öňleri gündizlik ýaly ýagtylyp gitdi.
Ýöne öňe ýöredikleriçe ýöremek çetinleşip barýardy. 36-37-nji serhet şahamçalaryna
baranlarynda göwünlerine bolmasa, ýagşyň ähli suwy syrygyp, şu ýere üýşýän ýaly
göründi. Suw barha köpelýärdi. Emma şonda-da olar bellenilen nokada baryp, serhet
galasyna ýagdaýy habar bermelidiler. 36-njy şahamçadan geçip, 37-nji şahamça girip
ugranlarynda, gulaklaryna nähilidir birhili, düşnüksiz ses eşidilip ugrady. Bu ses
“şaggyldap” şemalyň akymyna görä aşyrymlaýyn gelýärdi. Özem barha golaýlaýardy.
Merdan näme üçindir howsala düşüp başlady.
--Ýoldaş seržant, eşidýärsiňizmi?
Ol Annaöwezowyň sowalyny eşidip, ýeňsesine bakdy. Onuň gözlerinde hem
howsala bardy.
--Eşidýärin!
--Serediň, ýoldaş seržant, suwam eýýäm dyzymyza ýetdi.
Merdan sägindi. Çar ýanyna çyrasyny aýlady. Şol pille-de suwuň ýüzi tolkunyp
gitdi. “Şaggyldy” has ýakyna geldi. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde-de suw olaryň
dyzçanagyndan geçdi. Merdan bada-bat düşündi.
--Annaöwezow! Güýjüňden baryny edip, 33-nji şahamçadaky gözegçilik
belentligine ylga! Tiz bol! Sil gelýär. Çaltrak 37-36-nyň oýundan çykmasak, ol bizi
düýrlär.
Merdanyň howlukmaç buýrugyny tassyklaýan dek, kiçeňräk ýylgyn töňňesi
gapdallaryndan akyp geçdi. Olar “pažžyldap” ylgap başladylar. Olaryň öz holtumyndan
sypjak bolýandyklaryny aňan dek, sil suwy ýeke demde billerinden geçdi. Suwuň
ýüzünden daraklap geçýän tolkunlaryň zarbasy-da güýçlendi. Läbikli suwda ýöremek
hupbatdy. Birki gezek dagy ýykylyp, sil suwundan gerk-gäbe hem boldular.
Türgenleşigi ýetik bolandygy sebäpli Merdanyň Annaöwezowdan gaty bahym
arany açyp, sil suwundan çaltlyk bilen çykmaga mümkinçiligi köpdi. Ýöne ol
176
bilgeşleýin yza galyp, ýoldaşyny göz aýtymyndan sypdyrman gelýärdi. Ýykylsa
galdyrýardy. Büdrese söýget bolup, pursatsaýyn hem gyssaýardy.
--Annaöwezow, aragatnaşyk serişdesini, tizataryňy bilelikde daşyna kemeriňi orada, depäňe göter!
Merdanyň özi hem şeýtdi-de, “ýanaýmasyn” diýen ätiýaçlyk bilen elçyrasyny
öçürdi. Çar-töwerek tümlüge beslendi. Garaňkylyk, suw, öl-myžžyk eşikleri bir ýyl
mundane ozal Murgapdan geçişlerini Merdanyň ýadyna saldy. Ol öňe garşy okgunly
hereket etmäge päsgel berýän bu ýatlamany hyýalyndan kowdy. Şol mahal Merdanyň
arkasyndan oslagsyz “pažžyldy” eşidildi. Allaniçigsi bolup, yzyna gaňrylanynda, özüne
garşy batly akyp gelýän tagaşyksyz, tokga töňňäni saýgardy. Töňňe gös-göni oňa tarap
gelýärdi. Merdan aljyramady. Uzak oýlanman, kükregini dolduryp, uludan dem aldy-da,
aşak çümdi. Töňňe suwy bulandyryp, goh turzup depesinden geçip gitdi. Merdan
ýerinden turdy welin, ýakynjagyndan agzyna çagajygyny gysan tilki ýüzüp, gecip gitdi.
Başagaý bolsa-da Merdan ol janawere gynanyny duýman galdy: “Janawer ir guzlapdyrow! Heläk bolmasalar-da biridir!”
Tilkiniň geçip giden ugruna seredende ol garaňkylygyna garamazdan “36-njy
şahamça” diýen ýazgyly sütüni saýgardy. “Ýene-de iki şahamça galdy” diýip, ol içinden
belledi. Şol pursatda dört-bäş ädim öňünden barýan Annaöwezow erbet buruldy-da,
“ymm” edip, suwuň astyna gitdi. Merdan öňe okduryldy. Gözüni ýumup, çökdi-de,
sermeläp, Annaöwezowy tapdy. Ezeneginden ebşitläp, çekip galdyrdy.
--Üh-he, üh-e…
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Şazadanyň şikäri - 20
  • Parts
  • Şazadanyň şikäri - 01
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2261
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 02
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2305
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 03
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2252
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 04
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2157
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 05
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2204
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 06
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2060
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 07
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2099
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2228
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 09
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2272
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 10
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2230
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 11
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2374
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 12
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2094
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2066
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 14
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2175
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 15
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2238
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 16
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2142
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2282
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 18
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2122
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    37.4 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 19
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2271
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 20
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 2191
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 21
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2359
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 22
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 23
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2172
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 24
    Total number of words is 906
    Total number of unique words is 612
    40.0 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.