Latin

Şazadanyň şikäri - 15

Total number of words is 3765
Total number of unique words is 2238
30.4 of words are in the 2000 most common words
44.0 of words are in the 5000 most common words
51.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ýyldyzyň joralarynyň gorkup ugrandyklary mese-mälim bildirýärdi, hiňňildik her
gezek belende galanda olaryň ýüzleri duw-ak bolýardy. Olar eýýäm bat almalaryny
goýupdylar. Ýyldyz bilen ol oglan bolsa gyzlaryň “besdir-le” diýişmelerine, hiňňildigiň
urganlarynyň
halparýandygyna
hem-de
aşakdakylaryň
nägileden
gaharly
gygyryşmalaryna üns bermän, bat almaklaryny dowam edýärdiler.Ýyldyz her gezek
hiňňildik belende galyp, aşak gaýdanda gursagynda süýjümtik sorulma hem-de tutuş
durkuny gaplap alan, düşnüksiz şatlygy duýýardy.
Oglanyň düşnüksizlikden doly, birhili agras, dynnym ýalyjagam oýunsyz garaýan
gözleri Ýyldyzyň keşbini, bakyşyny, elleri bilen urgany gysymlaýşyny… umuman her
bir zadyny nebsewürlik bilen synlaýardylar. Onuň gözleri içiňi deşip gelýän bihaýady.
Olar birhili Ýyldyzyň her bir oý-pikirini, duýgusyny bilip duran ýalydy. Ýyldyz oglanyň
bakyşyny halamaýardy. Onuň näme üçin beýle seredýändigine düşünmeýärdi. Entek
özüni bileli bäri oňa hiç kim beýle seredip görmändi, hiç kim…
Gapynyň aňyrsynda eşidilen gykylyk-gowur, gülki sesleri Ýyldyzy özüne getirdi.
Onýança-da otagyň gapysy şarkyldap açyldy. Içgilidikleri bildirip duran ýigitler Sapary
“hangöter” edip otaga saldylar-da, Ýyldyzyň ýanynda oturtdylar. Saparyň agzyndan hem
aragyň çalaja ysy gelýardi. Meger batyrlyk üçin azajyk ýelmändir.
Otagyň içini aragyň-çilimiň ýsy tutdy. Bu yslar häli gyzlaryň otaga gaýgyrman
sepen atyrlarynyň ysyny-da basdy. Ýoldaşlary kän eglenmediler. Hersi Saparyň egnine
131
kakyp bir zat diýişdiler-de, otagdan çykyp ugradylar:
-Seret, Sapar jan, asgynlaýmagyn!
-Gelnejemiz Akdaşaýakdandyr. Akdaşaýakly gyzlar bolsa gaty dogumly
bolýandyrlar, birden çaý gaýnatmaly bolaýma!
-Biz-ä ýöredik welin, “Sapar jandygyňy” unydaýmagyn-how!
Ýoldaşlary çykyp gidenlerinden soň, Sapar Ýyldyzyň ýanyndan turdy-da, üsti dürlidümen çüýşeler, gowurlan bagyr-öýken goýulan saçagyň başyna geçdi, aýbogdaşyny
gurup, eýemsiräp oturdy:
-Indi näme otyrsyň, geç-dä saçagyň başyna! – diýende Saparyň sesiniň äheniňde
hojaýynsyramak eşdildi. Saparyň aňynda: “Aýaly başdan”, “Gamşy gowşak tutsaň el
gyýar” diýýän akylly adamlaryň aýdan nakylly sözleri aýlanýardy. Ýaňky içen aragy
bolsa oňa hasam beleň berýärdi. Onsoňam ol özüniň ýöwselliginiň, aljyraňňy
tolgunmasynyň üstüni gaharly batyrsyramak bilen basyrjak bolýardy…
Arakdyr çilimiň ysyny alan badyna, ertirden bäri duz datmadyk, üstesine-de uzakly
günläp kürtä gabalyp oturan Ýyldyzyň ýüregi bulandy. Hälden bedenini dolduryp duran
üýtgeşik tolgunma nirädir bir ýere ýitip ugrady, onuň ornuna bolsa lapykeçlik geldi.
Saparyň çagyryşy Ýyldyzyň içine bükgüldi saldy. Turup saçagyň başyna geçmäge
utanýardy. Gymyldaman oturmaga-da Sapardan çekinýärdi. Iki oduň arasynda galan
Ýyldyz näme etjegini bilmän, bir gozganjyrady-da kürtesini has aşak çümrüp,
otyryberdi.
Gelniniň diýenini etmänine Saparyň arakdan we deň-duşlarynyň sözlerinden
meçew alan aňy jaslap gitdi:
-Näme-eý; eşideňokmy? – diýip, Sapar azgyrlanda Ýyldyz ziňkildäp gitdi. Titräp
oturşyna Ýyldyz nädip turup saçagyň başyna geçenini-de duýmady. Ýyldyz ýerinden
turanda-da kalbynda hälki tolgunçly duýgularyň az-owlak düşnügi bardy, emma iki
ädim ýöräp, saçagyň başynda aşak oturanda bolsa Ýyldyzyň kalbynda ýaş gelniň şol
süýji duýgusyndan hiç zat galmady. Oňa derek haňlap ýatan boşluk peýda boldy…
Şaçagyň başynda-da Ýyldyz öňküsi ýaly bir gysym bolup oturdy. Özi çörek
döwnen Sapar bolsa çöregi saçagyň üstünde goýdy-da:
-Başyňdakyny aýyr-da, näme sergä gelendirin öýdýäňmi?-diýdi.
Emma Ýyldyz ony eşitmeýän ýalydy. Muňa bolmajysy bolan Sapar gahar bilen
nahar iýilýän çarşagy eline aldy-da, ýatan ýerinden birden dikelip, gaharly pyşyrdady:
-Aýyr diýdim, aýyr. Näme diňlemejek bolýarmyň? Bol çalt özüňem çörege ýapyş,
bu ýerde seniň näziňi çekjek adam ýok…
Ýyldyz birden hopukdy. Saparyň bolşuna özüni gark bolup barýan ýaly duýdy.
Dünýäsi daralyp, otagyň dört diwary üstüne süýşýän dek bolan Ÿyldyz tas möňňüripdi.
Zordan özüne basalyk berip, kürtesini aýyrdy-da, epläp gapdalynda goýdy. Soňam şu
gün bişirilendigi bildirip duran ýumşak çöregiň gyrasyndan bir azajyk döwündi. Emma
çöregi agzyna salsa-da saldy hem welin, ýüregini gaplap alan çykgynsyz güne düşeniň
duýgusyndan ýaňa bir dişlem mele-myssyk çörek Ÿyldyzyň bokurdagyna tegek boldy,
çeýnäp–çeýnäp zordan ýuwutdy.
Hernäçe basalyk berjek bolsa-da, Ýyldyzyň ýüregi howlap alyp barýardy. Onuň
ylgap daşary çykasy, soňam bir wagtlar garagolja gyzjagazka edişi ýaly, gollaryny ganat
132
ýaly ýaýyp, güýjüniň ýetdiginden ylgap, öýlerine, ejesi – kakasynyň, jigileriniň ýanyna
gidesi gelýärdi. Bu otag Ýyldyzy gysyp – gowurýardy, mynjyradyp barýardy. Howlaýan
ýürek diňe Ýyldyzyň göwresine, bu otaga däl, eýsem garaňkylyga gaplanan giň jahana
sygman, daralyp – daralyp oýmaga dönen gursakda iki-baka urnup, pelesaň kakýardy,
ýagtylyk gözleýärdi. Ýagtylyga çykmak üçin petige dönen kükregi, urunyplar ýaraýjak
bolýardy…
Sapar bolsa howlukman çöregini iýip boldy-da, töwir galdyrdy. Ýerinden turup,
Ýyldyza gözüniň gyýtagynam aýlaman, otagdan çykyp gitdi. Ol çykan badyna-da,
Ýyldyz kürtesini atyndy-da, burça bakdy.
Kürtäni atynmagy bilen Ýyldyzyň azajyk göwrümi giňän ýaly boldy. Ýüreginiň
howlamasy hem galdy. Söýülip, ägirt uly arzuwlar bilen, ýagşy niýetlere beslenip tikilen
gelin kürtesiniň ýeňiljek agramy hem-de lowurdap duran nagyşlary Ýyldyza kömek
berip, näzik ýürekden lapykeç boşlugy, gorkyny kowýan ýalydy…
Az salymdan otaga Saparyň ýeňňesi girdi. Gülümjireýän gelin otaga girip, ilk-ä,
saçagyň üstüni ýygnaşdyrdy, soňam howlukman töre düşek ýazyp, ýorgan bilen iki sany
ýassyk atdy. Birdenem bir zat ýadyna düşüp, düşegiň üstüne täzeje, akja prostyny ýazdy.
Soňra ýygrylyp oturan Ýyldyzyň egnine kakyp bir zatlar diýişdirdi-de, otagdan çykyp
gitdi. Emma Ýyldyz ol gelniň maslahat berendigine-de, göwünlik berendigine-de
düşünip bilmedi.
Sapar otaga girip çyrany öçüreninden soň bolsa Ýyldyzy şeýlebir galpyldy gaplap
aldy welin, edil ýöne elini – aýagyny ýitirdip barýardy. Ýyldyzyň ähli ysgyn – deramaty
gidip, başy aýlanyp ugrady. Haçan-da Sapar ýeňsesinden gelip özüne ýapyşanda bolsa
Ýyldyz tas zyňlyp honda düşüpdi. Emma ysgyny bolmansoň ýerinden gymyldap hem
bilmedi.
Onuň essi aýylara golaýlady. Otagy dolduryp duran tümlügiň içinde otly halkalar
görnüp başlady. Olar barha köpeldiler, sepleşip tutuş otagy gaplap aldylar.
- Eşikleriňi çykar -diýip, Sapar gulagynyň agzynda titreýän sesi bilen pyşyrdanynda
dili äňine ýelmeşen Ýyldyz näme üçindir ysgynsyz: “Ýok, ýok!” diýdi-de, sandyraýan
elleri bilen kürtesiniň çetlerinden tutdy.
Gany depesine uran Saparyň maslahatçylaryň haýsynyňdyr diýen: “Diýeniňi
etmejek bolsa näzini çekmegin-how. Ugruna kowsaň, soň depäňe çykaýar” diýen sözleri
kellesine geldi. Ol ajaýyp kürtäni diňe ajaýyplygyna gahar edýän ýaly silkip Ýyldyzyň
başyndan sypyrdy-da, eliniň tersi bilen garaňky otagyň bir burçuna zyňdy. Soňam
ysgynsyz garşylyk görkezip bilmeýän Ýyldyzyň goşaryndan tutdy-da, gara güýjüne
daýanyp, sandyraýan göwräni halynyň üstünden süýräp düşege eltdi. Ýyldyz ýerinden
turjak boldam welin, Sapar gelnini arkan basdy…
Hiç zadam bolmady. Ýerem goduklamady, asmanam ýere inmedi, ýyldyrym çakyp,
gögem gürlemedi. Hiç zat bolmady. Diňe şunuň ýaly ýagdaýda kimiňdir biriniň öz
elýetmezi, hiç zada deňäp bolmajak mukaddesligi hasaplap ýören hazynasy ýyldyz
süýnen ýaly şeýle aňsatlyk bilen tüm gijäniň garaňkylygyna siňip gitdi. Nätjek, dünýe
her kime birhili açylýar-da. Bu ýerde-de üýtgeşik bir geň galyp oturasy zat hem ýok…
…Az salymdanam öýlenen ýigdiň ukuly myşlamasy eşidilip ugrady…
Öňküsinden üýtgän kalby boşap galan, ýok edilene dönen Ýyldyz eýýäm adamsy
133
bolan kişiniň oýanaýmagyndan çekinip, esli salym doňan ýaly bolup ýatdy. Aňyrsoňy
özüne zor salyp, başyny galdyrdy. Sowuk aýazda galan ýaly saňňyldap, ýerinden turdyda, garaňkynyň içinde sermeläp, zyňyşdyrylan geýimleriň arasyndan özüniňkileri tapyp
geýdi. Otagyň garaňky burçunda köne esgi ýaly bulam – delem bolup ýatan kürtesinem
tapyp, başyna atyndy-da, iň garaňky burça geçip, çugutdyryp, bir gysym bolup ýygryldy.
Kürtesiniň gyralary bilen ýüzüni ýapdy.
Jümle–jahan edil otagyň içi ýaly garaňkydy. Penjirelere galyň tutular tutulanlygy
zerarly garaňky asmanyň ýyldyzlary hem görünmeýärdi. Ýary gijäniň bolandygyny
aýdyp gygyrýan horazlaryň sesinden başga hiç zat gijäniň ümsümligini bozmaýardy.
Otagyň içinde çuw-ýalaňaç bolup ýatan adamyň teni akjaryp, buldurap görünýärdi. Äpet
dünýäniň ýarsy edil Sapar ýaly uklap ýatyrdy, Ýyldyzyň gözlerine welin, uky
gelmeýärdi…
…Gyz arzuwlary, arzylanyp ýetilen gelin hökmündde özüňi görmek, süýji durmuş
hakdaky süýji umytlar, söýgi hakda, söýlüp–söýüp, bir–biriňi sylap, är–aýal bolmak
hakynda edilen lezzetli pikirler… bu zatlaryň bary özüniň aglaýanyny-da duýmaýan
Ýyldyzyň gözlerinden hünibirýan dökülýärdi. Şol hiňňildik bolsa barha bat alýardy.
Hiňňildigiň üstündäki oglan hem ýuwaşlyk bilen Ýyldyzyň elleriniň üstünden eli bilen
gysymlaýardy-da, gözlerine garap:
-Ýyldyz, men seni gowy görýän -diýip pyşyrdaýardy. Ýyldyz bolsa siltenip ellerini
oglanyň elinden sypdyrýardy:
-Samsyk, sen kime, näme diýýäniňi bir bilýäňmi?!—diýip, ýüzüni aşak salýardy.
Hiňňildikden düşenlerinde ýene-de ikisiniň nazarlary kaklyşýar… Oglan oňa ýene-de
şol öňküsi ýaly bihaýa seredýär…
Ýyldyz indi düşündi. Şol bakyşyň bihaýa däl-de, agyrylydygyna, şol bakyşdaky
düşnüksiz zadyň agyrydygyna, hut şu pursatda düşündi.
Ýyldyz aglaýardy. Hälki ýeňiljek bolup görnen gelin kürtesi bolsa şeýlebir agyrdy,
şeýlebir agyrdy welin, naçaryň ejiz göwresini ýere sokup gelýärdi…
„Garagum“ žurnalynyň 1999-njy ýylyň XI sany
Kör
“Bagt näme?”
(awtordan)
Awtobus saklandy. Olar düşdüler. Awtobusyň içindäki ýolagçylar eli hasaly kör
agasynyň golundan tutup, idip barýan ýaş ýigdiň sürüjä ýol hakyny töleýşine seredip
başlaryny ýaýkaşýardylar:
-Häý neresse, bolsa ýigrimi dört – ýigrimi bäş ýaşyndadyr. Bu ýaşda görer gözden
jyda düşmek…
-Hawa-da. Näme diýdi? “Gözüme garasuw indi” diýäýdi öýdýän.
-Wah neresse! Derek boýly ýigit-dä…
Inisi Şähere garaşyp, agramyny hasasyna atyp duran Derýa ýolagçylaryň bu hyşywyşylaryny eşidip, gözleriniň görmeýändigi üçin özüni birhili bolmasy iş eden ýaly
134
duýýardy…
Şäher bolsa hasaplaşyp boldy-da, Derýanyň elinden tutdy:
-Ýör, agam!
“Bäý, bu sürüjileriň gymmatçyldygynaý: “ýanynda maýyp bar, şundan ýol hakyny
almaýyn” hem diýmeýärler” diýip, içinden gaharly pikir öwren Şäher agasynyň elinden
tutup, baglaryň aşagy bilen çeşmä tarap ýöneldi. Derýanyň bolsa, göwnüne bolmasa,
ýolagçylaryň nebsagyryjylykly garaýyşlary entegem ýeňsesinden seredip duran ýalydy.
”Häý neresse” diýip, Derýa ýaňky ýolagçylaryň biriniň diýen sözüni içinden
gaýtalady, “neresse bolaýşymy. Ne gözel adamlaryň ählije keýpin-ä bozandyryn. Olar-a
aýda – ýylda bir gezek iş – aladalaryndan sypynyp, dynç almaga gaýdandyrlar, a men
bolsa ýollarynda duşup, bolanja şatlyklaryny dyr – pytrak edendirin… Gow-a bolmadow… Wah, şu Şäher gaýtmajagam boldy-la. “Näme işimiz bar?” diýse-de, ýalbaryp –
ýakaryp, halys gününe goýmadym-da”.
Olar ýöräp barýardylar. Birdenkä Derýa Gökdere jülgesiniň tämiz, şol
birwagtlardan bäri ýatda galan howasynyň öz kükregini doldurýandygyny duýdy. Şol
bada ol özüni unudyp ugrady. Birküç gezek uludan – uludan demini alandan soň, onuň
gursagy giňäp giden ýaly boldy. Derýa özüniň şeýlebir ýeňleýändigini we on iki süňňüni
düşnüksiz şatlygyň gaplap alýandygyny duýdy. Şol bir wagtky ýatlamalar, onuň onunjy
synpda okap ýören on ýedi ýaşly ýigdekçekä Gökderä mugallymlary bilen ähli synpdaş
oglan – gyzlary bolup gelen gezekleri… Arassa howa bilen bilelikde bularyň bary birden
Derýanyň ýüregine döküldi. Şol pursadam Derýa edil öz gözleri bilen görýän ýaly daş –
töweregini gurşap alýan ähli ajaplygy anyk gördi. Ýap- ýaşyl baglar, baglaryň
şahalarynda saýraýan guşlar, al-ýaşyl öwüsýän baýyrlar, aýaklarynyň astynda aşak
egilýan otlar, güller, uzagrakdan sesi gelýän çeşme, şemalyň döşüňi ýalap – ýalap
geçmesi, onuň akymlarynyň ýapraklara çolaşyp turuzýan şagyrdysy, onsoňam owazlar,
owazlar, owazlar…
Tebigatyň dirilige, ýaşamaga, bagtly bolmaga, çyn ýürekden söýmäge, dostluga,
ynama, umyda çagyrýan owazlary… Hanha, hol ýerde bolsa on ýedi ýaşly Derýa öz
deň-duşlary bilen top oýnaýar, garagolluk edýär, her dürli degişmeleri aýdyp, assyrynlyk
bilen synpdaş gyzlarynyň öz gürrüňlerine gülüşişlerini synlaýar. Olaryň gülküsine özem
gülýär, sebäp olaryň jakgyldysy şeýle owadan, şeýle şadyýan hem biygtyýar gülmäge
mejbur edýän ýokanç… Aňyrrakda bolsa onuň mähribany, begenji, guwanjy, arzuwy
hem baha tapylmajak baýlygy Gülnabat öz jorasy bilen bir zatlar hakda gepleşip otyr.
Onuň gözlerem ogrynlyk bilen gabak astyndan ala-gykylyk turzup topuň yzyndan
ylgaýan Derýanyň her bir hereketini yzarlaýar. Ine-de kimdir biri badak atýar welin,
Derýa ýykylýar, şol bada-da Gülnabat içini çekip, galkyjaklap gidýär. Derýa bärsine
bakanda olaryň gözleri sataşýar. Gülnabat gyzaryp beýlesine seredýär, Derýa-da
aljyranynyň üstüni basyrjak bolup, kimdir biri bilen bilgeşleýin goh turzup, dawalaşyp
başlaýar… Derýa süýjülik bilen gerindi. Onuň tutuş endamyna dirilik suwy ýaýraýan
ýaly, ol öz ganynyň damarlaryny yzarlap gidişini duýdy.
Bu guşlaryň owazy oňa öz toýunda bagşynyň aydym aýdyşyny ýatladýardy.
Şemalyň ýüzüni – döşüni sypamasy ilkinji gijelerinde Gülnabadyň pamyk ýaly ýumşak
elleriniň we bägül ýapragy ýaly mahmal dodaklarynyň özüne galtaşmasyny onuň
135
hakydasynda oýarýardy…
Birdenkä Derýa tolgunyp gitdi. Onuň bogazy doldy. Duýdansyz ýerden garagynyň
gapylmagy, lukmanlaryň hiç hili umydyň ýokdugyny aýdanlaryndaky lapykeç
höwessizligi… Gülnabada özüniň ömürlik maýypdygyny aýdyp: -Gülnabat, ak ýürekden
saňa rugsat berýärin. Bir batyla daňlyp, bagtyňy ýatyrmagyňa ynsabym çatmaz. Sen ýaş.
On iki synasy sagat birine durmuşa çykarsyň, menden saňa rugsatdyr. Seni saklamaga
çakym ýok- diýmesi…
Derýa kükreginde bir zatlaryň gaýnaýandygyny we ýaňagyndan syrygýan ýyly
damjalary duýdy. Ýene-de, gör, indi näçenji gezek onuň hyýalynda Gülnabadyň şol
günki bolşy janlandy.
…Derýanyň diýýänlerini diňläp, Gülnabat birbada kiriş ýaly dartylyp, doňup
durupdy. Birdenem Derýanyň aýaklaryny gujaklap, ýarym-ýaş aglap ugrapdy:
-Kowma meni, Derýa jan, kowma! Men sensiz ýaşap bilmerin! Kowma janyňa–
gözüňe-başyňa döneýin, kowma, mähribanym! Men sensiz näme edeýin ahyry?! Rehim
et maňa, eger talagymy berseň, men özüme kast ederin…
Şonda Derýa titreýän elleri bilen Gülnabadyň gözýaşly ýüzüni ýokary galdyrypdy
we tagaşyksyzlyk bilen süpürişdiripdi:
-Düşün Gülnabat, men maýyp ahyry. Kör! Soň ökünersiň.
-Ýok, ýok…
Derýa başyny ýaykady-da, Şähere bildirmejek bolup, ýaňagyny süpürdi. “Päheý,
akmak menem-ä. Kelläme gelýän zatlary diýsene” diýibem özüne içinden käýindi,
emma ýene-de öýünde Gülnabadyň gyzjagazlaryny suwa düşürmek üçin garabaşynagaý
bolup ýörendigi hakynda süýjülik bilen oýlanman bilmedi.
-Şäher, seret, nähili owadan! Gaty köp wagt bäri gelesim gelip ýördüm welin, meni
bu ýere getirip gaty oňaraýdyň. Sag bol, inim!
Melleginde iş kändigi hakda pikirlenip, işlerine ýetişmeýändigini kimdir birinden
görýän ýaly, gaharly Şäher:
-Hä, hawa -diýip, aljyraňňy jogap gaýtardy-da, ýene öz pikirlerine gümra boldy:
“Bazarda hyýaryň bahasy hem pese gaçypdyr.” Şäher içinden paýyş sögündi: “Şu
gidişine gitse, hyýardan geçen ýylky ýaly girdejem alyp bolmaz. Häk, şu heleý bir öýe
barýançak hyýary bejerip bolsa… Haý, ýöne näbileýin-dä! Baryp gyssap ugrasaňam:
“çagalar işlemäge goýmadylar” diýen bolar. Häk seniň bir, şeýtan garnuwly. Beh,
ýogsa-da bu ýyl ekinden näçe alarkam… Altmyşa dagy barandyryn-da… Häk şu
garamaýagyň güni bar bolsun-la…. Ekinden bir zat alyp günüňi dolaýmasaň, aýlyk
bilen-ä hiç zada-da ýetirinip boljak däl… Ýogsa-da, şu başlygam-a: “aýlygyňy
köpeldeýin, wezipäňi galdyraýyn” diýen bolýar welin. … Aý ol hem menden bir zat
hantamadyr. Ýaglamasaň ýöremez. Goltugyna garpyz gysdyryp bilýän-le… Ýaranjaňlyk
eden bolýarsyň welin, çişip ýarylaýjak bolýar, hondan bärisiräp…”
-Şäher, bu guşlary bir diňlesene! Häk şu çagalary hem alyp gaýtmaly ekeni. Olaryň
hem göwni göterilerdi…
Derýanyň sesi ýene-de Şäheriň pikirleriniň arasyny böldi. Öňem işini taşlap bu
ýere gaýdanyna jany ýanyp duran Şäher gödek jogap gaýtardy:
-Bolýar-laý, agam, diňläbersene, meni bir öz günüme goý-da! Maňa näme azar
136
berýärsiň?
Şäheriň bu jogabyna Derýa birhili bolup gitdi. Birdenem ol öz ýüreginde Şähere
erbet bir zat diýip, onuň göwnüne degmek, hasam beter gaharyny getirmek isleginiň
döreýändigini duýdy. Emma ol şol bada öz köşeşdirdi: “ Ýok, ýok, adamda sähelçe
göwün bar. Heýem bir adamyň ýüregini sähelçe zat üçin agyrdyp bolarmy?! Ondanam
bir gün bolarmy?…” Derýa özüne basalyk berdi-de, uludan dem aldy.
„Garagum“ žurnalynyň 1999-njy ýylyň XI sany
Garaşmak
…Girdi-çykdy garaşdy. Sekiniň üstünde otyrdy, soň öýe girip, düşegine geçdi,
emma ýene-de ynjalyp bilmän, derwezeden çykyp, köçä seredip durdy, ýöne köçäni
doldurýan gözedürtme garaňkylykda hiç zat saýgaryp bilmän ýene howla girdi-de, baryp
agaç sekiniň üstünde oturdy. Alabaharyň çigreklije howasy ýeňiljek geýnendigi zerarly
endamyny tikenekletse-de: “Ynha geler, häzir geler” diýip kän oturdy. Garaşyp oturşyna
hiç ynjalyp bilmän ýene öýe girdi .Düşegine geçmänem parahat uklap ýatan çagalaryna
birlaý göz gezdirip çykdy.
Kiçijik Gözeljik üstündäki ýorganyny serpipdir, indem ukydaka üşäp, ýygnanypjyk
bir gysym bolup ýatyrdy. Ýuwaşlyk bilen pişik basyşyny edip Gözeljigiň ýanyna bardyda, gyzjagazynyň üstüne ýorgany örtdi.
Wepa-da basyrganýarmy – nämemi, ýassygynda iki ýana urunýar. Wah-eý kyn
bolýandyr muňa, elbetde mekdebe gidýän birinji ýyly bolansoň ýadaýandyr, agyrrak
düşýändir, şonuň üçinem ýadawlygy zerarly basyrganýandyr. Ol Wepanyň ýanyna
süýşdi-de, onuň garaja galpaklaryny sypady. Öz ejesiniň mähriban ellerini duýan Wepa
urunmasyny goýup, rahatlandy, birdenem düýşünde bir zada ýylgyrdy welin, onuň
kiçijik süýt dişleri akjaryp gitdi.
Çaryýaryň kellesem-ä diwara has golaý barypdyr ýaly-la, häzir çala gymyldasa
kellesi düňküldäp diwara deger. Ol welin, dünýäni suw alsa topugyndan däl, gaty
arkaýyn ýatyr. Asyl Çaryýar kiçiliginde-de şeýledi-le, ukusyna ejiz, ýatanda-da gaty
agyr ýatýardy. Gullukdan gelensoň-a indi hasam beter, ir bilen dagy oýaraýjak bolsaň
görgi baryny görkezýär.
Onuň ýüzünden näme üçindir ýylgyryş syrylmaýardy. Belli-le. Bu gün şähere gidip
öz gelinligi bilen duşuşyp gelendir. Indiki ýaşlar-a birhili bihaýa-da bolupdyrlar, gyz.
Ilk-ä bir gün işden geldi-de: “Eje, meniň ugruma çykypsyňyz diýip eşitdim welin, şol
dogrumy?” diýäýdi ýüzüme seredip. Ýüzi dagam gyzaranok, ap-arkaýyn diýjegini diýip
dur. Ugruna çykyp ýörenimiz çyn bolansoň: “Hawa” diýdim. Onda diýýär: “Eje,
pylanylara baraýyň”. “Göwni giden bolsa…” diýip bizem munuň diýen gyzyna
sawçylyga baraýdyk. Bu günem ynha şähere görme – görşe gidendir, hem-ä gyzy
görmäge, hemem özüni görkezmäge.Ýöne bularyň bir zatlaryna welin, düşünip
bilmeýän. On bir ýyllap biri – birine belet bolmadylarmyka? Özler-ä birinji klasda okap
başlanlary bäri bir partada oturypdyrlar, ýene-de bulara görüşmek gerekmiş…
Dogrusy meniň-ä ol gyza kän bir göwnüm ýetmeýär. Ýöne näme özi halan
137
bolsa…Hudaýym, şularyň ýüzünden ýylgyryş uçandan, müň gezek öz göwnüňi ýykanyň
gowydyr. Ýylgyrawersinler, hernä! Ol Bibiniň ejesiniň häsiýeti erbet, şonuň üçin
halamok-da…Bular-a näme, görk-görmek bolsa bolýar. Göze öýlenseňem ýürek bilen
oňşup ýaşaşmalygyna, gyzlaryň içi nähilidigi näbelli, daşy owadan garpyzdygyna
düşünmeýärler-dä, entek…Soň sähel zat üçin gyzyna gep berip, günlerini bulap ýörse, ol
hem gowy däl. Hudaý janyň özi gowysyny edewersin, hernä! Ýogsa göz öňünde tutup
ýörenjäm, beletje zadym, Jemalyň gyzy Dursun janam, tüweleme gowy gyz-la…Nesip
bolsa toýam ederis… Ýöne şu Bibiniň ejesi, aýbygadym heleý, ýükümiz-ä ýetirer…
Salyp bilenini salar, onsoň çyk-da ol zatlaryň aşagyndan…Aý bolýar-da, göwnümi bir
giň tutaýyn…Janymyz sag bolsa, hudaý ýetirer-dä, bir ýerden.
Iň kiçim Geldi janam, ýene togalanyp-togalanyp kakasynyň gujagyna giripdir. Ol
hem şu çagalarymyz diýip, öýüm-maşgalam diýip janserek-dä. Saçlaryna çal sepip
ugrapdyr, özem indi ýaşynyň gaýdyşany bildirýärmi nämemi, uklanda ýaman bimaza
ýatýar. Wah, görmedik güni ýokdur-la bu Rahymymyň! Menden dagam ýedi-sekiz ýaş
uludyr bi…ýaşlygyndan ýetimçiligi, kakasynyň taşlap gitmegi, öweý atasynyň
zabunlygy… Gaýnym pahyr süňksüz gowy adamdy welin, näme
ýekeligem kyndyrda… Onsoňam näme, ýaşlyk ýaşlyk bolýar-da, awunsaňam, awunan zadyňa ýene-de bir
ýapyşsaň bagta ýetäýjek ýaly bolup duransyň…
Ikilenç äre çyksa çykypdyram welin, güni it görse gözi agarar diýýänleri bolupdyrda, pahyryň. Soň sudlaşyp-hökümetleşip, aýrylyşypdyram welin, öweý kakalygy
Rahymyň kalbyna oglanlykdan bitmez ýara salypdyr-da. Serhoş bolup gelende,
kakalygyndan gorkuşy, ejesiniň enjilişi. Hälem bir neresse çaganyň sessiz aglap
duranyny göräýse, ýumrugy daş ýaly düwlüberýä. Gaty aglamaga-da gorkup, bir burçda
sessiz-üýünsiz aglap gezen günleri ýadyna düşýändir-dä.
Gaýynenem pahyr,
ýüregagyrylydy hem…Wah, onça zady görüp, ýüregagyryly bolmaz ýalymy?! Pahyr
Çaryýaryň aşak ýanyndaky gyz, Sülgün bolanyndan soň, göze ilmän, asuda ýaşaýşy
ýaly, hiç kime duýdurman, sessiz-üýnsiz, tarpa-taýyn gidiberdi…ýer ýaly ýuwaş
zenandy pahyr. Munymyň saçyndaky aklaryň ilkinjileri hem ejesini gara ýere beren
güni peýda bolan bolmaly. Edil ýöne, ýüregi üzülene dönäýdi, mähribanymyň. Emma
barybir erkeksiräp, mertlige saldy, syr bildirmän, gelen-gideni sowdy, ejesiniň kyrky
geçýänçä çydady, soň bolsa ýanyny ýere beräýendir… Şol keselden saplanyp bilmänem
bir-küç aýlap dagy düşekden galman ýatdy. Indem käteler gatyrak gahary gelse ýa
öteräk tolgunsa elini kükregine ýetirip, ýüzüni ejirli çytyberýär. Ýene-de maňa syr
bermejek bolýar. Wah, Rahym jan, men bilýärin-ä, seniň her dem alşyň näme aýdýanyna
çenli bilýärin-ä…A öňräkler gelen adam näme?!
Mellekde ýer depip ýördüň welin, derwezämizden ätledi. Oňa gözüň düşen badyna
ýüzüň terzi üýtgedi. Ýogsa öň ýanynda gapdalynda torsuk ýalyjak bolup: “Kakama ýer
depişýärin” diýip aýagyň astyna çolaşyp, bulaşyp, ýykylyp sürşüp, tomalanypjyk ýören
Geldijik bilen degşip, onuň wüjürdisine ha-ha-haýlap durduň…Şol bada ýüzüňden
şatlyk alamatlary yzsyz-tozsuz ýitip gitdiler. Guma bulaşyp ýören oguljygymyzyň soňky
sözlerine gulak asman, ol gelene tarap gözüňi alardyp ugradyň. Ýogsa sen hiç wagt iň
bir gyssagly wagtyň hem körpämiz bir zat diýse jogapsyz goýmaýardyň, şol gezek
welin, oguljygyňy eşitmediň hem…Ol adamyň ýanyna barybam ony salam-heliksiz
138
zatsyz köçä garşy alyp gitdiň. Hatda öýe girmäge-de çagyrmadyň. Gaty çaltam yzyňa
dolandyň. Men : “ol kim?” diýip soranymda bolsa, gaharyňy menden çykarjak bolýan
ýaly: “bar-how öz işiň bilen bol!” diýip azgyryldyň…Ýok, ýok Rahym jan men senden
gaty görmedim, sebäbi özüm günäkärdim, senden soramaly däldim, hasam şol pursat
gelen badyňa! Ýöne aýtmasaň hem ol adamyň ejeň ikiňizi taşlap giden kakaňdygyny
men duýdum ahyry!
…Ene ýerinden turup, iki uly gyzynyň ýatan otagyna girip gitdi. Otagda Sülgün
bilen Jeren ikisi parahat uklap ýatyrdylar. Az salym gyzlaryna seredip duransoň, ene
beýleki otaga geçdi. Otagyň törüne ýazylan düşek boşdy.
“Atajan?! Nirä gitdikä! Näme üçin entek bolup gelmeýärkä?” Ýene-de howsala
düşüp ugran ene diwardan asylgy uly sagada seretdi, emma otagyň garaňkylygy zerarly
wagtyň näçe bolandygyny gözi kesmedi. Parahatlanyp bilmän ene iki ýana zowzuldap
başlady: “Nirä gitdikä? Näme bolduka? Näme üçin gelmeýärkä? Ýa Çaryýary turzup,
gözlegine iberäýsemmikäm?!…Ýok-la.ony turzaýsam, ol gaharlanar-da, Atajanyň
gözlegine ugrar, ony tapybam, gaharyna, urar. Ol hem gedemjedir, agasynyň
sürünmesini çekmez, gaýtargy berer, garaz iki dogan bolup, gijäniň içinde masgara
bolarlar…Şu ikisine hiç alaç tapyp bolmaýar-da, mydama basdaş, mydama tersleşip,
biri-birinden öýkeleşip ýörler. Bu Çaryýar-a ulusyrap öz diýenini gögertjek bolýar, ol
Atajanym hem öte gedemje, kakasyndan başga hiç kime baş bermejek bolýar. Ýogsa
entek näme ýaşy bar diýsene, ýaňybir on ýedi ýaşady, heniz mekdebi hem tamamlanok.
Özi-de itiň aýagyny iýen ýaly, haçan görseň öýde tapylmaýar, garaňky düşdügi: “Eje
pylan ýere gitjekdirin”.Ýa gijäniň bir wagty geip: “Pylan ýerden geldim-laý, eje” diýip
durandyr…Bu garagolja doňuzjygyň özi ýaly ýoldaşy hem duşupdyr, asyl bulary diňe
ýatanlarynda aýry göräýmeseň biri-birinden aýry hem görüp bolanok ahyry…Häzirem
görüp otursaň dosty Kerim bilen bir ýerde entäp ýörendir. Kerimiň ejesi Nurgözel bolsa
bu wagt edil meniň ýaly zowzuldap ýörendir. Häk garagollar size çygar çybyk bilen
ýumşak ýeriňizi sypalamak gerek-dä…! Arman ýöne indi siz çygar çybyk bilen
sypalanýan ýaşdan çykyp barýarsyňyz-da… Nirede olar, näme edýärler—heý biler
ýalymy? Nädip biljek? Hernä Allaň özi gowusyny edewersin! Sag-aman gezewersinler,
nirede gezselerem Hudaýyň özi olary gorawersin! Şu döwürde dagy gorkmaz ýaly hem
däl. Niräni görseň tirýekkeş, niräni görseň neşebent ogry—jümriler…Özem kileň dyrnak
ýaly—dyrnak ýaly, ýaşajyk oglanlar… Daş edewersin—eý, Alla jan! Şol bela bir
uçramawersinler, özüň bir ýüreklerine rehim-şepagat salaweri!..
Oý-pikirlerine gümra bolup, iki-baka gatnaýan ene ýene-de Çaryýary turzup
Atajanyň gözlegine ugratmak pikirine dolandy, emma ýene-de bu niýetinden el çekdi.
Sebäbi Çaryýary oýaranda Rahymyň hem oýanmagy ahmaldy. Onsoň Atajanyň dat
gününedi.
Ene welin, Atajana garaşyp-garaşyp, ýatyp bilmän alada galsa-da oňa käýelmegini,
onuň göwnüne degilmegini islemeýardi. Sebäbi birinjiden-ä ene Atajan hernäçe entesede onuň erbetlige ýanaşmajagyna gaty ynanýardy. Onsoňam esasy zat ene Atajany
beýleki çagalaryndan gowy görýärdi. Bu gowy görmekligiň sebäbi şudy…
…Atajan çagaka gaty gowşajyk hem keselbentdi. Şol zerarly hem onuň azary
beýleki çagalarynyňkydan näçe esse köp bolupdy. Bir gezek bolsa ol tas eldenem
139
gidýärdi…
Şol gije Rahym öýde ýokdy, ol nirädir bir ýere ýatymlyk gidipdi. Ene bolsa birnäçe
gün bäri gyzdyrýan Atajanyň basujuny saklap otyrdy. Öňem birki günläp uklap bilmedik
ene arasynda özem duýman ymyzgananda, birden Atajanyň hyrkyldysyny eşitdi-de,
zöwwe galdy. Ol gök-dalak bolup, demigip barýardy. Ine şol gyşyň garly gyjesinde-de
ene kiçijik
Atajanjygy gujagyna gysyp, gyňajyny sowuk ýele ykjadyp, oba
keselhanasyna ylgapdy.
Keselhanada ýaş lukman oglan Atajany halas edeinden soň:
“Gelneje, ýene azajyk gijä galan bolsaň…” diýip köpmanyly dymypdy. Ene-de
şonda iki eli bilen ýüzüni ýapyp, sessiz-sessiz aglapdy, içinden şol azajyk gijä
galmandygy üçin, bäbegini almandygy üçin hudaýa müň alkyş aýdyp, begenjine
aglapdy…
Ine, şu wagtam enäniň uly alada galyp garaşýanyny şol gyş gijesi ölümden halas
edilen Atajandy…
xxxxxx
--Onda haçan duşuşarys, Jemile?
--Ertir agsam şu wagtlar gel-äý!
Dym-gyzyl bolup gyzarýan gyz Atajanyň golundan goluny sypdyryp, yzyna
garaman, haýdap gitdi. Saçlarynyň bir örümini eli bilen tutup barýan gyz gözünden
ýitensoň Atajan hem tutlukdan çykdy-da, özüne garaşyp duran Kerimiň ýanyna
ugrady…
Köne derwezeleriniň jygyldysy eşidilende, Atajanyň gelendigini aňan ejesi, uludan
bir demini aldy-da, uklan kişi bolup gözlerini ýumdy.
“ Alla jan, adyňa ýüz müň şükür, sag-aman dolandy! Ýöne, bäbenegine dikilip
durmaýyn-da, uklan bolaýyn, ýogsa birhili bolup gider. Balamyň häzir gezjek-ýaýnajak
wagty ahyryn. Menem muny duşaklap saklajak bolýaryn!”
Pişik basyşyny edip öýe giren Atajan bolsa ejesiniňem-kakasynyňam parahat uklap
ýatandygyny görüp, ýerine geçdi-de, süýji uka gitdi…
Nirä gitsegem, haçan dolansagam, bize mydama garaşýanlaryň bardygyna şükür!…
„Garagum“ žurnalynyň 1999-njy ýylyň XI sany
Bibiniň begenji
Bibi begenýärdi…
Onuň işleýän ýeri obanyň aňry çetindäki Hammadyň buz gaýmak satýan hususy
dükany bolansoň ol öýlerine ýetýänça ep-esli ýöremelidi, ýöne bu gün ol gaty
begenýärdi, şonuň üçinem ýöräp däl-de, göwnüne bolmasa, uçup barýan ýalydy.
Eýsem begenmez ýaly hem däldi. Bibi özüniň on dokuz ýaş ömründe ilkinji gezek
öz çeken zähmetiniň hakyny-aýlygyny alypdy, özem az – maz zadam däl-de,
tutuşlygyna bir million üç ýüz müň manat… Gör, bu pula nämeler alnyp bolar!…
Onsoňam munça puly Bibi haçan görüpdir?!… Elbetde öňler kakasynyň agzy arassaka,
140
tirýek çekmeýärkä, Bibi mundan on esse köp puly hem öýlerinde görýärdi. Ol wagtlar
gaty hezildi, sebäbi ol wagtlar kakasy zähmet çekýärdi, garpyz ekip, garpyz satýardy,
üzüme seredýärdi, hyýar – pomidor ekýärdi, düşenje puly hem göni ejesine getirip
berýärdi, öýlerinde-de kem zatlary ýokdy, ertirki günleri hem gaýgy däldi, iliňkä meňzeş
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Şazadanyň şikäri - 16
  • Parts
  • Şazadanyň şikäri - 01
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2261
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 02
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2305
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 03
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2252
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 04
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2157
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 05
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2204
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 06
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2060
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 07
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2099
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2228
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 09
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2272
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 10
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2230
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 11
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2374
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 12
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2094
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2066
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 14
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2175
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 15
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2238
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 16
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2142
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2282
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 18
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2122
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    37.4 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 19
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2271
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 20
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 2191
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 21
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2359
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 22
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 23
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2172
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 24
    Total number of words is 906
    Total number of unique words is 612
    40.0 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.