Latin

Şazadanyň şikäri - 11

Total number of words is 3721
Total number of unique words is 2374
26.8 of words are in the 2000 most common words
39.3 of words are in the 5000 most common words
46.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
pyşyrdady. Mämmediň huşy başyndan uçdy. Ýalňyz uýasynyň hereketinden hem
gorkdy, hem oňa gahary geldi.
-Bol ahyry, Altynjemal, ýetip gelýärler ahyry, mün bejit, atyň syrtyna!
-Mämmet jan, çekeleşige pursat ýok! Çal ata, jüp gamçyny! Sen diri galsaň,
tohumymyz dowam eder! Türkmeniň tohumy tükenmese, türkmen dowam etse, ony hiç
bir ýagy ýeňip bilmez, ahyry bir gün kasasyny kyýamata goýman, erkinligini tug edip
depesinde parladar. Git, bahymrak! Ýöne men naçaryňy, ýabany gara geýimliniň eline
diri berme! Olaryň girisine naçar bolup ilseň nätjeklerine beletsiň.
Aljyran Mämmet düşünmedi. Ol çapyksuwarynyň tolgunjyny süňňi bilen syzyp
agyzdyrygyny çeýneýän bedewiniň jylawyny uýasyna garşy towlady-da:
-Näme diýip dursuň, uýam? Mün ahyry!-diýdi. Şol pille-de ýalňyz siňlisiniň
nazaryna nazary kaklyşdy. Mämmet bada-bat ähli zada düşündi. Düşünmeginden ýaňada onuň depesinden sowuk suw guýlan ýaly boldy. Ol atyndan böküp düşdi-de,
uýasynyň elindäki pyçaga ýapyşdy:
-Ýok, ýok, men başarmaryn, gowusy ber, pyçagy! Eger-de ikimiz-de sypyp
bilmejek bolsak, men iň bolmanda agalarym ýaly olaryň üstüne at goýup bir öleýin!
-Sen düşünmediň, Mämmet jan! Sen biziň neberämiziň soňky erkek göbeklisi! Sen
ýaşamaly, jigim!
Mämmet sakga durdy. Ýüzüni sallady. Birdenem daşdan çapylana dönen ýüzüni
göterdi-de, Altynjemalyň gözlerine dikildi:
-Näme edeýin, uýam?!-diýende oglanjygyň aýgytly sesi onuň özi üçin güňleç
eşidildi.
-Namys astynda galmaly, jigim! It şunuň sapyndan, özümiň bognum ysmaz!-diýip,
Altynjemal ak saplyny kükregine diredi…
…Çagalygynyň pajygaly wakasy hyýalynda gaýtalanýan Amanmämmet aga tutuş
süňňi bilen elenýärdi. Ýaşy segsene ýeten goja şol çykalgasyz hasratly wakany özüniň
uzak ömründe gör eýýäm näçenji gezek başyndan geçirýärdi. Ol ýene-de on üç-on dört
ýaşly oglanjyga öwrülip, kükreginden ak saply dikilgi halyna gana bulaşyp ýatan ýalňyz
uýasyny yzynda galdyryp, bedew atynyň üstünde gyrmyzy donuny şemala galgadyp:
-Wa-aý dogan! Waý dogan-eý, aý dogan-eý! Aýa-güne taý dogan-eý! Yrza bol,
menden! Eger, sähel uly bolan bolsam, agalarym ýaly pälwan bolsam, iň bolmanda
elimde ýaragym bolan bolsa, gara geýimliniň müň janyny seniň dabanyň ýekeje yzyna
gurban ederdim! Waý dogan-eý! Yrza bol, ýalňyz siňlim, yrza bol! Yrza bol, menden-nn-n!!!-diýip yzyna garaman, bagyryp barýardy. Duşman atlylarynyň ýeňsesinden atýan
gülleleri bolsa “şuwlaşyp” onuň gulagynyň duşundan geçýärdi. Üstündäkiniň janyna
howp düşenini syzyp, bolanja güýç-kuwwatyny jemläp, guş deýin uçmaga dalaş edýän
bedew bolsa her näçe çalt çapsa-da, gana bulaşyp ýatan gyzyň soňky demi bilen
bilelikde kükreginden sogrulan gykylyk olaryň yzyndan galmaýardy.
-Mämmet jan, ýalňyz arkadagym, o dünýe bu dünýe yrzadyryn-n-n-n! Mämmet,
yrza-a-a-a!!!
92
…Öýden başga aýdymyň sözleri eşidilip ugrandan soňra Amanmämmet aga
tisginip gitdi-de, hasratly ýatlamalaryň ummanyndan sogruldy. Ol gözýaşa ýuwlan
ýüzüni süpürişdirdi-de, bolanja ysgyny-da gaçan aýaklaryny zordan süýräp, öýüne
dolandy. Öýe girende törde ojagyň ojar ody bilen ýanyp durandygyna, emma içerde hiç
kimiň ýokdugyna üns bermän, donuny, galyň ýüň jorabyny çykardy-da, ýazylgy
düşegine geçdi. Başyny ýassyga goýdy. Emma her näçe uklamaga çytraşsa-da, hiç
köşeşip bilmedi. Ýalňyz naçarynyň soňky owazy kalbynda şol ýaňlandy durdy. Ahbetin
ymyzganyp bilmejekdigine göz ýetirip, Amanmämmet aga täzeden geýindi-de, daş
çykdy. Tarhanyň oýunyň gaýra çetinde ýerleşen belent gum depesine garşy ýöneldi.
Depäniň üstüne çykdy-da, çäge öte sowuk bolsa-da, aşak çökdi. Hiç-hili oýsuz-pikirsiz
galan köňlüni dym-dyrs edip, ýumşak jada beslenen türkmen çölüniň oý-pikirlerdendir,
duýgulardan ýaňa yrňyldap duran gijesini diňläp ugrady. Birsellem şeýdip oturandan soň
bolsa goja mürüşgär, özi hem duýman kalbynda üznüksiz gaýtalanýan sözleri pyşyrdap
başlady:
-Türkmen namysynyň hatyrasyna, ýalňyz uýam, men günäkär doganyňdan yrza
bol! Siziň üçin şirin janlaryny pida eden enem-atamyň, doganlarymyň, il-günümiň,
ýalňyz uýam Altynjemal janyň hatyrasyna, ata Watan, ene toprak, yrza bol! Türkmeniň
dowam etmegi üçin gurban bolan ýalňyz siňlimiň hatyrasyna, il-gün, men ejiz bendeden
yrza bol! Türkmen dowam edýär, hemmäňiz yrza boluň!
Asman-zemin, garaňky gijelik, dym-dyrslyga beslenen çöl-beýewanyň sazaklary,
ojarlary, ýeňsesindäki oýda tümlüge beslenip ýatan oba, henizem ýaňlanyp duran
bagşynyň owazy… umuman Hak Perwerdigäriň döreden dünýäsiniň ähli zatlary goja
mürüşgäriň pyşyrdysyna tutuş durky-düýrmekleri bilen dymyp, diň salýan ýalydy. Şol
dymmaklygy bilenem Mämmet yrzanyň çar ýanyny gallaýan tükeniksiz türkmen diýary,
özüniň ähli zady bilen:
-Türkmen dowam edýär! Yrzadyrys!-diýip, pyşyrdap jogap berýäne çalym edýärdi.
“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2009-njy ýylyň
9-njy ýanwaryndaky sany
Ak at
…Aýaklary bilen tutuşlygyna ak keçä basyrylyp saralan, gunduz kimin ak at gözüňi
gamaşdyryp, teblede horguryp durdy. Beýleräkde ak gümmez kibi güberip oturan sekiz
ganat ak öýüň aklygy bolsa töwerek-daşa güpüläp düşen gar örtüginiň aklygy bilen
bäsleşýärdi.
Gyş gününiň gyzgyny ýok şöhleleri şady-horramlyk bilen garyň ýüzünde oýnap çar
ýany älemgoşar öwüşginli ýylpyldylardan doldurýardy. Öýüň keçesindäki gar gyrawy
bolsa kuýaş nuruna hünji owuntygy deýin öwşün atýardy. Säheriň tämiz çigreginde
iýmtorbasy bilen gümra bedewiň ýyly demi bugarýardy-da, birenaýy bolup, howada
eräp, ýitip gidýärdi.
Işigiň deregine ötügine asylan kendir çuwaldan serpigiň ýyrtyklaryndan garaňky
töri hoňkaryp, gorkunç bolup görünýän buz ýaly sowuk ýerkümäniň agyzjygynda duran
93
üç-dört ýaşlaryndaky oglanjyk bolsa göýä sowugy-beýlekini duýmaýan ýalydy. Ýogsa
ol ýarym-ýalaňaçdy. Eşik ugrundan diňe dyzjagazynyň aşak ýanyna ýetip duran,
ýakasynyň kiri damagyny çalaýyn diýýän esgä öwrülip giden şalha köýnegi bardy. “Bit
düşmesin” diýip golaýda syrylan ýumruk ýaly kellejigi bolsa kütek päkini çalmaga
ýaltanylandygy zerarly kesim-kesimdi. Diňe şol ganjaryp duran ýaralar gyş ertiriniň
aýazyna awuşaýan bolara çemeli. Oglanjyk aňkaryp aty synlap durşuna aram-aram
ýyrtyk ýeňi bilen depesini sürtenini duýman galýardy. Onsoňam käte bir çorluja.
Ýalaňaç aýaklaryny gezekli-gezegune injigine oýkaýardy.
Onuň bu mahal bar küýi-köçesi iki ädim beýle ýanynda bentlenen ýaz ahyrynyň ak
asmanyna reňkdeş bedewdedi. Gözlerini şakäse ýaly tegeläp, agzyny açyp aty
synlaýardy. Ýöne bir synlamagam däl, öňünde duran uçmahy gudratyň her bir
hereketinden, bedeniniň her bir dynnym ýalyjak nokatjygyndan görüp, doýup, ganyp
bilmän, doňňara-daşa öwrülip dünýäni undup durdy. Kämahalam özüne nahar deregine
berilýän ýuwundynyň öten agşamdan bäri dodajygynyň çetlerinde doňup galan
çyrşaklaryny ýalaýardy.
“Owadandygyny-y-y!” diýip oglanjyk süýkdirip oýlandy. Şol pille-de oglanjygyň
bu pikiri daş-töwerekde garry adamyň gurak pyşyrdysy bolup, ýaňlanyp gitdi. Oglanjyk
allaniçigsi boldy. Tisgindi. Çar-ýanyna ýaltaklady. Şonda-da niredendir bir ýerden
peýda bolup, ýeňsesinde abanyp duran hyrsyz garasakgaly gördi. Onuň ýüzi eňşäp
durdy. Oglanjygyň durkuny hiç zat bilen deňeşdirip bolmajak wehim gaplap aldy. Ol
simap kimin sandyrap, gamyş kimin galdyrady:
-Halmyrat akga?!!
-Näme, doňduryp öldüripdirler diýip ile gybat etdirjek bolýarmyň?! Gir, sümelgäňe,
ýetimek!-diýip ol ýylan ýaly haşşyldady-da, oglanjygy depip goýberdi.
Oglanjyk çamalagy çaşan köne telpek deýin zyňlyp, ömralla içinde ot ýanyp
görmedik, sogan saklanýan ýerkümä düşdi…
…Eli “patylap” gapdalynda duran çäýnege degen goja çopan der basyp oýandy.
“Owf! Ýene-de gara basdy-ow!” diýip oýlandy-da, ol düşeginde dik oturdy. Takyr
kellesindäki ýatanda daňynýan gyraly ýaglygyny sypyryp, gara der bolan ýüzüni
süpürdi. Birküç ýola uludan demini aldy. Emma ýaňky düýşüniň gorkusyndan saplanyp
bilmedi. Süňňi sandyrap durdy. “Öte gorkuzypdyr-ow, Ezraýyl almyş, Halmyrat!” diýip
oýlandy-da, ol:
-Suw bir owurtlaýyn-la!-diýip pyşyrdady. Tamyň çüňkünde ýazylyp-ýaýrap ýatan
jahyl agtygyny oýarmajak bolup, assyrynlyk bilen çäýnekden çaý guýundy. Buz ýaly
çaýy owurtlasa-da owurtlady welin, dadanyna puşman etdi.
-Päheý “demini alan çaýyň men gurbany, çäýnegi çüýreder sowan çaý” diýip
çaýkeşler ýöne ýere aýtmaýarlar ekeni…
Ol käsesini ýerde goýdy. Biraz wagt geçenindenmi, ýa-da ünsi başga zada
sowlanyndanmy nämemi, az-owlak kalby köşeşdi.
-Päheý-de welinim, diýmäýin, diýsem! Halmyrada “Ezraýyl almyş” diýäýdimmi?!
Adamyň-a nemesidi welin,… onda-da näme, gulagy göründen bendäniň! Ýumruk ýaly
ýetimkäm eden zulumy üçin o dünýäde hasaplaşar-da! Men bir ölen bendä gargap,
günägaby bolmaýyn.
94
Goja çopan şeýle diýip pyşyrdaşdyrdy-da, aýagyna ýüň jorabyny sokdy. Oýlugyny
geýdi. Üstündenem içmegini ýelbegeý atyndy. Ädigini sokdy.
-Gowaldaň geýäýmeli ekeni! Sowuga az-maz ýygrylypdyr, gysjak bolýar.- diýip ol
ädigi hakynda murtuna siňdirip, hümürdedi.Telpegini kellesine atybam, köne çopan
tamynyň gapysyny seresaplylyk bilen, jygyldatman açdy-da daş çykdy. Ädenindenem
dyzyna çenli gara çomdy.
-Mazalyja ýagypdyr-ow, gurbany gitdigim! Peýşinde latga-latga bolup gaçyp ýaňy
kiparlan bolara çemeli.
Ol “gütürt-gütürt” edip, üsti bassyrmaly, müň goýun sygar çemesi agyla tarap
ýöneldi. “Birneme çökderräk çykdaýjy hem boldy welin, geçen tomus oglanlar bilen
şuny gurup oňarypdyrys. Dowar janawerler hezil edýändirler. Guryja ýer, böwürlerinden
hazan ýeli hazylap duranok… Geçen ýylyň doňaklygynda burnumdan gelen soň şu ýyl
öňünden gaçdym-da…Wah!”
Goja çopan hyrçyny dişledi:
-Diňe geçen ýyldan awunyp tejribe toplamaly däl-le, biz! Öňden okuwly-la biz! Bi
Garagumuň özümi bilelim bäri aňzagy arkamda doňup, epgegi egnimde gowruldy-la
welin, näme öň pylan edeýin diýeniň bilen ýol berýärlermi diýsene?!…”Galhoz, bar zat
halkyňky, köpçüligiňki…” diýip mähelleli ýygnaklaryň münberlerinde tozan
peşediler…Özlerem diýmäýin diýsem, bärde atasynyň maly bar ýaly, hepde-de gelip:
“kolhoz başlygynyň aýalynyň çebiş iýesi gelýär, raýkomyň ýegeniniň öweç iýesi gelýär”
diýip daşadylar durdylar. “Eýle-beýle” diýjek bolsaň, gaýta saňa-da “men alyp gitdi
diýip, aýyr bäş-alty kelläni, näme goňşyň zadymy, bu!? Gitse bagdan gidýär, saňa nä?”
diýip haramlyk hödürleýärler… Toba estagpyrylla! Ýene-de müň kerem toba! Kişi
malyna-da bir el urup bolarmy? Eliň-gözüň şel açmazmy, eýsem?… Çoluk döwürlerim
Gurban aga pahyr—ýatan ýeri ýagty bolsun, imany hemra bolsun, Hudaý jan, Alla jan!
Eden ýagşylyklaryny neberelerim hem ata-baba unutmazlar—şol görgüli baş çopanym,
şeýle diýerdi: “Köşegim, haramy gazanmak ýeňildir! Edil egilibildigiň alybermelidir.
Ýöne näçe bassaň basyber, kyrk gezek Karunyň kyrk şäheriçe toplasaň-da haram baýlyk
bir adam ömrüne, aňry gitse, iki arka gider. Onsoň ol zomap bir ýeriňden çykar. Özüň
görmeseň çagalaryň görer. Soňky süpükdenem on esse beter süpürgä dönerler. Bu
gägirip gözi gyzaranlaryň gününe bolsa guwanmagyn… Allatagalanyň berenje yrsgaly
bilen oňňut edibergin. Şonda özüňem, çagalaryňam “ýamanlyk ýüzüni görmäweriň”
diýleni bolarsyňyz, oglum!” diýerdi, pahyr. Öwran-öwranam gaýtalardy.
Hak sözünem aýdypdyr, görgüli! Hudaýa şükür, il-gün zulmatdan çykdy. Ine saňa
ýer! Ine saňa mal! Mülk! Mümkinçilik! Işle, der dök, gazan, baýa! Gazananyňa dawa
etjek, işleseň “elleme” diýjek ýok. Harama ýanaşmasaň, halallykdan kemal tapsaň
towugyňa tok diýjek ýok. Birhili ýarak itiň agzyndan sypan ýaly bolaýdyk. Çagalary
hem Gurban aganyň aýdyşy dek : “halallygyň hamyrmaýasyna ýugrup”
terbiýeländigimiz zerarly, Allaha müň-de bir alkyş, pak çykany ýok. Çüýrük çykany
ýok. Bir şü: “ogullarymyň hiç haýsy kesbime eýermedi, garaşsyzlygyň soňky bäş
ýylynda azap edip ýygnanja sürim amanadymy tabşyrsam eýesiz galjak” diýip gynanyp
ýördüm. Onda-da päk Perwerdigär alnymdan diredi. Nowbaharymyň ortanjy oglyagtygym: “atam, çöl, mal” diýip ýapyşyp ýatyr. Kowubam gidirip bolmaýar. Elbetde bu
95
düňle çöle, giň sähralara teşneligi, menden geçendir-dä… Äý, onsoňam bu sadagasy
boldugyma nädip aşyk bolmajak ahyry!”
Goja çopan agyla golaýlap ugranda synyny silkip, garyny kakdy. Sagynyp,
töweregine göz aýlady. Daş-töwerekde garyň aklygy bilen gije garaňkylygy garyşyp
birgeňsi ümsümlikden dolup, ýaýylyp ýatyrdy. Ol gaňşyrawugyňy tütedip gelýän aýazly,
arassa howadan öýkenini dolduryp dem aldy.
-Jana derman ahyry, gurbany boldugym!-diýip pyşyrdady-da kellesini göterdi.
Syýareňk gökde ýekeje übtük bulut ýokdy. Ak patrak bolup dogan ýyldyzlar bolsa
oraksypat aýyň ýagtysyna, göýä Allatagalanyň ojagyndan syçran uçgunjyklar dek
ýylpyldaşyp görünýärdiler.
“Asman açyk welin, şatylap doňar-ow!” diýip çopan içini hümletdi. Şol mahalam
aňyrdan selkildäp gelýän daýaw, gara kelle goýun itinde öz söýgüli Garabaşyny tanady.
Hemişe bolşy ýaly, ony görende söýündi.
-Wah, boýuňa döneýin, janawerim!
Gartaşyp ugran köpek suwjarmady. “Arslan garnuwly’ diýilýän türkmen goýun
itleriniň asyllylygy bilen eýesine birki ädim ýetmän saklandy. ”Näme hojaýyn, ukyň
tutmaýarmy? Goýun üçin-ä bimaza bolma, özüm bar!” diýýän ýaly, akylly gözleri bilen
dikanlap seretdi. Çopan golaýlap, itiniň başyna aýasyny goýdy. Sypalady.
-Hä, janawerim, “Men oýa, hatyrjem bol!” diýýärmiň? Seniňem görmedigiň görde
galandyr-la, janawerim! Möjek sürüsi bilen döwüşdiň, ogry-jümri bilenem garpyşdyň,
harasat-syrgynlardan hem bile çykdyk. Azaşybam gördük… Garaz ähli hunabalary bile
çekişdiň. Oba, oglanlaryň ýanyna ugradaýyn diýsemem, sensiz galmaga ýüregim
edenok. Äý, asla ugradaýanymda-da ol taýda durasyň hem ýok-la. Iki günden yzyňa
gelersiň.
Çopan hümürdäp durşuna, köpegiň kesik gulagyny ýeňsesini gaşady-da, agylyň
işigine tarap ýöneldi. Baryp söýendi. Aýyň ýagtysyna gözleri bilen goýunlaryny
tükelledi. Ol müňe ýeter-ýetmez janlysynyň her birini diýen ýaly tanaýardy. Ählisiniň
diýen ýaly ene-atasyna çenli belet bolandygy sebäpli goýunlar onuň üçin adamlar
ýalydy. Hersiniň özüne mahsus alamaty bardy.
-Ertir-ä sürä ýatakda ýandak beräýsek öýdýän. Hudaýa şükür, ýandagym, bedesamanym-a ýetik, gyssansak iýmimiz hem ýeterlik bar. Onsoňam sürini çykarsak, ol
kelek geçiniň yzyna düşýän topar goýunlar bilen bogaz ene goýunlar galan süriniň yzyna
eýgermez. Äý, galyberse-de garam galyň düşüpdir, çöp başy görünmeýär.-diýip goja
çopan daşyndan oýlandy.
Soň ýene-de ýataga göz aýlady. Mallar bolsa ony ysyndanmy, sypatyndanmy tanap,
göwnübir ýaly ýatyrdylar. Öreýin-ürkeýin diýmeýärdiler. Goja çopan elini aşak sallanda
Garabaşyň öl tumşugyna degdi. Ol biygtyýar, köpegi ýene-de sypady. Näme üçindir
ýene-de kakasynyň inisi Halmyrat ýadyna düşdi.
-Doganoglan agaň, kakaň ornuna bolmaly adam diýjeksiň welin, ine, şu haýwança
bolup bilmedi.-diýip hüňürdedi. Emma bada-bat dilinden sypan sözlere ökündi:
-Wah-eý! Ýaňyja-da ýatlamaýyn diýip durdum welin, ýene-de aýatda ýok bendeden
närazy boldum-da…
96
Ýöne şonda-da ökünenine-beýlekisine garaman, ýyldyrym çaltlygynda onuň
aňyndan çagalyk ýatlamalary zymdyrylyp geçip gitdiler.
…Otuz ýedide kakasy bilen ejesiniň gürüm-jürüm bolmagy. Kakasynyň inisi
Halmyratnyň elinde galyşy. Agasy bilen ýeňňesiniň zulumy…
Horja eginlerini gysyp, ýalňyz ýyrtyk jindesini şemala galgadyp duran arryk
oglanjyk göz öňüne gelende gojanyň ýüregi gyýym-gyýym boldy. Bokurdagy doldy...
Şonda daşkyrak garyndaşlary bolan Gurban aga gelip ýany bilen çöle äkitmedik bolsa,
meger şol doňýürekleriň elinde ölüp giderdi… Pahyr, eşeginde, öňüne alyp barýarka
gujagyna gysyp-gysyp, onuň gyzyletene guşuň göwrejigi ýaly, galpyldaýan bedenjigini
bagryna basyp-oýkap baý, hamsygypdy, görgüli!
-Eý Biribar, hiý beýle-de bir doňbagyrlyk bolarmy?! Neresse çagany nädäýpdirlerä, bu gpu-lar!-diýip gözlerinden boýur-boýur togalap samyrdapdy.-Ýeri işleseň işläpsiňdä “gpu” diýilýän jellathanada. Mollum agaňa, bigünä ýeňňeňe “halk duşmany” diýip,
şyltak atyp başlaryny iýenleri üçin, Allanyň ak guşy ýaly çaga munça sütem edäýmek
bolarmy? Dözmän: “Çölde el-aýak gerek, alyp gidäýeýin-le!” diýsem, gaýta: “äkit
çopan, käte bir işek taşlap dursaň bolar” diýip, gul söwdasyny eden ýaly, bujagaz
neressä nyrh kesýär ahyry… Hudaý göz görkezer, Halmyrat! Haktagala seniň gözüňde
ot ýakar! Küpür gepleýän-de bolsam, bujagaz neressäniň gargyşy seni tutmasa,
Taňryňam Taňry bolmadygy. Yzyň dagar, Halmyrat! Bu wagtky demiň degirmen
aýlaýandygyna, gumda agyp-dönýän, haramdan toplan akly-garaly goýunlaryňa, tebläňe
iltelgi ak bedewiňe guwanma. Wagt geler, bir gysym külçe-de bolmarsyň!
…Ajy ýatlamalary hakydasyndan syryp aýyrjak bolýan dek, goja çopan maňlaýyny
owkalady. “Gurban aganyň soňky sözleri hakyýt welilik bolup çykdy. Halmyradyň
özündenem, neberesindenem derek-didiwat galmady. Ogullaram, agtyklaram iliň
gözünden düşdüler. Goýun-da galmady, ak öý-de, ak at hem…
“Ak at” diýende ýene-de şol aýaklaryna çenli tutuş endamyna ak keçe saralan jowur
ak bedew göz öňünde janlandy.
“Eý Allam, adam pahyr näçe ýaşasa-da, näçe görse-de çagalykda küýsäp, ýetmedik,
kemsinen zady ömürbaky ýüreginden çykmajak ekeni. Şunça ýyl geçdi welin, henizem
şol ak at kalbymdan gidenok. Entegem wagtal-wagtal düýşüme girýär… Şol mahallar
çagakam, sogan saklanýan, tüm-garaňky, sowuk ýerkümede ýarym-ýalaňaç bolup
ýaşaýarkam, Halmyradyň ak atyna şeýlebir höwes ederdim. Ony elläp görmek, ýalyndan
sypalamak, maňlaýyndan, tumşugyndan öpmek, gije-gündiz arzuwymdy. Gijeler
düýşümde görerdim. Gündizler bolsa çuwal serpigiň yşlaryndan ogrynça ak aty doýup
bilmän synlardym. Oňa gözüm düşende açlygy-horlugy, sowugy-sütemi unudardym.
Göwnüme bolmasa atyň alnyna alnymy ýaplap, hamsygyp, enem-atamyň gaýdyp
gelmegini, Halmyrat akgamdan halas etmeklerini diläýsem kabul bolaýjak ýalydy. Ak at
meniň gözüme hut Haktagalanyň özi bolup görnerdi. Allany agzasalar aňymda ak atyň
şekili peýda bolýardy… Ýöne Halmyrat bendede, gulagy göründen-le welin, öte
ýowuzdy, atyny elletmeg-ä beýlede dursun, seredenimi hem gysganardy. Göýä men
atyna göz degräýjek ýaly, gabanardy. Soňra eşidip otursam ol atyny şol öz “gpujellathanasynda” has ulurak wezipä geçmek üçin ulurak başlyklarynyň birine sowgat
beren ekeni. Edil beýdäýmeli däl ekeni, ol! Iň bolmanda öz kolhozymyzyň athanasyna
97
tabşyranam bolsa, eden günäleriniň ýarsyna-ha ýuwardy! Wah, ýöne beýtse Halmyrat
hem adam bolardy-da…
-Wah, diýmäýin diýsem, ol bendäni ýene-de ýamanlykda ýatladym-ow!-diýip ol
içki pikirini daşyna çykaranyny duýman galdy.
Şondan soň ol ýene-de birsellem oýurganyp durdy. Ahbetinem köpegine:
-Garabaşym, göz-gulak bolaweri! Ýöne üşeme, goşuň töwereginde bolaýgyn!-diýip
jaýa garşy ýöredi. Içerik giribem, eşiklerini çykardy-da, düşegine geçdi. Birdenem bir
zat huşuna gelip, täzeden turdy. Çaklaýşy ýaly agtygynyň üsti açykdy. Ýogsa üşäp bir
gysym bolup ýatyrdy.
-Munuň edähetini diýsene!-diýip goja göwnaçyk käýindi-de, agtygyny ýorgany
bilen örtdi. Soňra ýerine geçdi. Içinden:
“Alla jan, özüň gora! Özüň rahatlyk berewer, Allam!” diýip dileg edibem, gözlerini
ýumdy…
…Asmanyň ak buludyna çalymdaş bedew, teblede daňylgy duran ýerinden kämahal
toýnagyny ýumşak gara urup bir tokga gary hol allaowarra atyp goýberýärdi. Mes at
arpadan doýanyndan soň, öz sarçlygyny, keýpihon ýagdaýyny äleme aýan etjek bolýan
ýalydy. Birdenkä atyň bäş-on ädim daşlygyndaky ýerkümäniň serpigi serpildi-de, ondan
horja, kirlije oglanjyk emedekläp çykdy. Tazylaryň penjesine düşüp, dalanýan möjek
çagasy ýaly, howatyrly gözleri bilen çar-töweregi dörüp çykdy. Birdenem ýürejigine
bire baglandyr-da, ör boýjagazyna galdy. Güýjünde baryny edip ata garşy ylgady. Geň
galaýmaly zat, bedew ondan ürkmedi. Gaýta oňa garşy tumşugyny uzatdy. Oglanjyk
bärden guş bolup uçup barşyna, bedewiň tumşugyny garsa gujaklady. Göýä zeminiň
ýüzünde şu janawerden eziz, şundan mähriban jandary ýok ýaly, ýüzjagazyny atyň öl
tumşugyna ýelmäp, doňup galdy.
Atyň tumşugy onuň gujagyna zordan sygýardy. Ýaňyja gar peşäp, gazygyny
goparaýjak bolup dyzaýan sarç bedew bolsa misli, öz ýürekdeşine sataşan dek, käte bir
hokranyp parahat durdy.
Oglanjygyň ysgynsyz pyşyrdysy bolsa kirlije ýaňaklaryndan syrygyp gaýdýan
begenç gözýaşlaryna gatylyp-garylyp, bedewiň tumşugyna gaçýardy.
-Alla jan, Hudaý jan, adamlara biri-birine mähir ber! Ýurdumyza asudalyk,
agzybirlik ber!-diýip goja çopan düýşünde samrap ýatandygyny duýman pyşyrdaýardy:Monjukgöz çagalar ýetim galmasyn, Halmyrada meňzeşler bolmasyn! Ulus-iliň bagty
bilen meniň çagajyklarymyň hem bagty gülläp-gül açsyn, Allam! Ylaýym, halk üçin,
ýurt üçin, il-gün üçin ýaşaýan, köňülleri köşkli, kalplary güneşleri ilogullarynyň işleri
rowaç bolsun! Ömürleri uzak bolsun, ol gerçekleriň! Gurban aga ýaly perişdesypat,
pygamber göwünli adamlaryň hem jaýlaryny jennet edewer, Ýaradan Hudaýym!
Arzyly maksadyna ýeten oglanjyk goja sesi bilen pyşyrdap ak bedewi gujaklap
durşuna eşretden ýaňa şol yranyp durdy, şol yranyp durdy…
“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2005-nji ýylyň
22-nji aprelindäki sany
98
Ýaşaýyş yşky
…--Siz özüňizi haçan erbet duýup başladyňyz?!-diýip haýpygelmeden doly
gözlerinden äýnegini aýyrdy-da lukman öňünde oturan Berdiden sorady.
--Kän wagt-a bolmady… Dört-bäş gün mundan ozal aşgazanym agyryp, iýenim
siňmän başlady.-diýip Berdi ýuwdundy-da, näme üçindir diňe lukman ikisi oturan
ýarym garaňky otagy ýene-de birlaý gözden geçirdi.
Ak ýektaýly lukman orta ýaşdan agan, saçlaynda iki-ýeke ak gyl görünýän,
hortapdan çepiksije bir adamdy. Onuň ýüz-keşbinde haýran galaýmaly ululykdaky
gözleri bolmadyk bolsa hiç zat göreniň ýadynda-da galjak däldi. Onuň gözleri diýseň
uludylar. Özlerem şakäse ýaly tegelenip durdy. Göwnüňe bolmasa onuň gözleri hatda
dakynýan äýnegindenem uly ýalydy. Onsoňam olar seretdigiňçe birhili ulalýana çalym
edýärdi. Edil her bir täze keselliniň halyna dözmän, onuň derdinem özlerine ýygnamak
üçin giňeýän ýaly…
Lukmanyň Berdä seredýän şol uly gözlerem onuň halyna düşünmekden, oňa
gynanmakdan, şeýlebir yssy hem çuňňur dözmezçilikden doludylar welin, beýle çepiksi
göwrede urýan kiçijik ýürek şeýle giň gözleri dolduryp bilýän munça rehimi nireden
tapýarka diýdirýärdi…
Lukmanyň öňünde ýüzüni sapajak-supajak etdirip outran bu on alty-on ýedi
ýaşlaryndaky ýigdekçä, onuň öz başyndan inen betbagtçylyga düşünmeýän, entek şeýle
mana düşmez, ýöntem gözlerine, aljyraňňylykdan ýaňa bisereşgen hem gowuşgynsyz
bolan hereketlerine seredip, möňňüripler aglaberesi gelýärdi. Emma ol aglamaýardy…
Diňe ýuwdunyp oňaýýardy. Sebäbi şu wagtky duýgularyny günde onlarça gezek, ine şu
iş otagyna gelip, şu stoluň başynda oturyp, gapydan ilkinji hassanyň girmeginden tä iň
soňky syrkaw işikden çykyp gidýänçä duýmaly bolýardy… Ýok, asla diňe işinde-de däl,
öýünde hem, çagalaryny gujagyna gysýarka-da, aýaly bilen mesawy söhbet edip, çaý
içýärkä-de ine şu duýgularyn dan saplanyp bilmeýär… Asla bu duýgulardan sypar
ýalymy bir?! Heý olary unutmak onuň başarjak zadymy diýsene?!... Gözler, gözler…
Köp ýaşan, ajyny-süýjüni gören adamlaryň gözleri, nämädir bir zady küýsemekden,
isleg-arzuwdyr etsem-petsemlerden doly juwan gözleri, mönlükden we sadalykdan doly
çaga gözleri… Heỳ olary unutmak ynsana başartjak zatmy?! Bar birini ỳadyndan
çykardy, ikisini hakydasyndan bozdy, emma hemmesini welin, unutmak mümkin däl
ahyry. Esasanam entek hiç zat hakda çyndan pikir edip görmedik çaga gözlerini… Onuň
özünde-de şojagaz garamyklardan bäş jübüti bar. Onsoň neneň edip ol uçgunjyklary
unutsyn, nädip olaryň garaỳşyny ỳadyndan çykarsyn?!... Wah şu ady ỳitmiş kesel bir
göze görünỳän mahluk, ỳa-da bir eỳmenç ỳyrtyjy bolsady, Hudaỳyň berenje güỳçgaỳratyny jemläp bir bogazyndan penjäni ursaňdyň! Iň bolmanda ỳeňläỳeniňde-de
beỳdip göze görünmeỳän, nejis bir öỳjüjekden ejizläp, iki jahan owarrasy bolub-a
ỳörülmezdi…
…Hassalar bolsa ilk-ä gelip barlaglaryny tabşyryp gidỳärler. Birküç günden soň
bolsa olaryň her biri onuň ỳanyna, ine şu otaga gelỳär-de häzir şu ỳigdekçäniň oturan
kürsisinde oturỳar. Oňa özüniň umytly, ölügsije umytdan doly gözlerini soragly dikỳär.
Ine şonda-da onuň üçin iň jebirli pursat gelỳär. Onuň gözleri özüne bakỳan göreçleriň
99
jümmüşindäki duỳgulardan ỳaňa ỳene-de azajyk giňeỳär. Sebäbi beỳle nazarlar öňem
onuň gözlerinde şeỳlebir kän welin, indiki täze nazar gözlerine sygmajak bolỳar. Onsoň
ol özüni dürseỳär-de, parahat ses bilen:
--Siz keselli. Düwnük bilen keselläpsiňiz.--diỳỳär. Şol bada-da gözlerini öňünde
mejalsyz ỳatan ellerine dikỳär. Çünki ol indi adamlaryň bu habary kabul edişlerine
seredip bilmeỳär. Çydanok… Soňra azajyk köşeşip, adaty lukman sesi bilen sowukganly
we medeniỳetli sorag edip başlaỳar. Hädip kesellidigiňizi çakladyňyz, haçan, nirede,
agyrỳan ỳeriňiz barmy, özüňizi duỳşuňyz neneňsi?... Arasynda bolsa olaryň howsalaly
sowallaryna biperwaỳ äheňde, gysgajyk jogaplary berỳär, öwrendikli, gaỳtalanypgaỳtalanyp lenji çykan sözler bilen olary tagaşyksyz, ỳerliksiz köşeşdirmäge synanyşỳar.
Umytlandyrỳar. Içindenem syrkawyň özüne ak ỳektaỳy üçin Allatagala ynanan ỳaly
ynanyşyna özüni daga-daşa urup gidiberesi gelỳär. Olaryň gark bolup barỳanyň sypala
ỳapyşyşy dek öz sözlerine uỳmaklaryna ỳuregi gan öỳỳär. Özüniň diỳip oturan ynamsyz,
biparh, aňyrsy boş sözleri üçin, şol sözleri diỳỳändigi üçin özüni itden beter ỳigrenỳär.
Hassanyň gara başyny bagryna basyp, göỳä onuň mähriban ejesi deỳin iň mähirli, iň
yssy sözleri diỳesi gelỳär. Iň bolmanda diỳere söz tapmasa-da gözlerinden monjuk
gözỳaşlary togalap, eneleriň aglaỳşy kimin gyỳylyp, sessiz-sessiz onuň halyna aglasy
gelỳär. Emma barybir şol bir parhsyz äheňini saklap gepläp otyr, gepläp otyr… Onsoň
hassa ỳerinden turỳar-da gysgajyk hoşlaşyp ỳa-da hoşlaşman çykyp gidỳär.
Bu gapydan girenlerinde olaryň her haỳsy birhili, özüçe girỳär. Biri ine şu
ỳigdekçäniňki ỳaly çekinjeň, beỳlekisi dogumly, ỳene biri sowukganly, dördünjisi ähli
zada taỳyn bolup, kaỳyl bolup, bäşinjisi özüniň bu otagdan begenip çykjakdygyna
ynamly, başgalary göwnüçökgün, arkaỳyn, medeniỳetli, öwrendikli…garaz her haỳsy
birhili… Emma çykyp gidenlerinde welin, olaryň barysy birmeňzeş çykyp gidỳärler.
Sessiz, özlerine diỳilỳän zatlary diňleseler-de düşünmän, hiç-hili duỳgusyz we ümsüm…
Ol hem kesellileriň hemmesine şol bir diỳỳän zatlaryny diỳỳär. Hiç zat üỳtgemeỳär.
Diňe onuň öňem ullakan gözleri öňküsinden azajyk, ỳene-de birazajyk ulalỳarlar…
--Aşgazanyň öte gaty agyrỳarmy?--diỳip lukman soragyny dowam etdi. Berdi
sakynyp jogap gaỳtardy:
--Äỳ hawa, käte gijelerine çydatmajagam bolỳar.
--Düşnükli. Hossarlaryňyza habar etmelimi ỳa-da özüňiz habar edermisiňiz?-diỳip
lukman äỳneginiň üstaşyry Berdä dikanlady.
--Ỳok… Azara galmaň. Özüm aỳdaryn.
Gözlerini gizlemäge çytraşỳan Berdi pessaỳ, gyryljak jogap gaỳtardy.
“Özi aỳtmaz. Aỳdanynda-da oňa Biribardan özge hiç kimiň delalaty degmezem-le
welin, onda-da bilseler gowy-da.” diỳip oỳlanan lukman:
--Bolỳar gidiberiň. Birigün hossarlaryňyz bilen gelersiňiz.-diỳdi-de ondan ỳüzüni
sowdy.
--Sag boluň.-diỳip ol çykyp gideninden soň bolsa öňündäki kagyza seredip
Berdiniň kakasynyň adyny, familiỳasyny, işleỳän edarasynyň telefon nomerini tapdy-da,
telefona elini ỳetirdi… Bu onuň üçin ỳalançynyň ikinji bir kyn zadydy…
Nähilidir bir alasarmyk düỳşde gaỳyp ỳören ỳaly bolup Berdi sermisal halda
saglyk öỳünden çykdy-da gür baglygyň içi bilen ỳöräp ugrady. Birsalym ỳöräninden soň
100
aỳaklaryndan ysgynyň gidỳändigini syzyp, öňünden çykan ilkinji oturgyçda çökdi. “
Men keselli. Düwnük bilen… Oňa garşy hiç hili dermanam ỳok. Diỳmek men…
Düwnük uzak köseỳär diỳỳärler. Gynap-gynap bellisini edỳärmiş. Bu nädip beỳle bolỳar
ahyry?!.. Bu zatlar, ölüm, kesel, gaỳgy-alada… bu zatlar menden şeỳle daşdady ahyry.
Bu zatlar bilen kimdir özge biriniň çaknyşmagy mümkindi. Emma men, men welin,
beỳle zatlara ỳanaşygam barmaly däldim ahyry… Men heniz ỳaş ahbetin… Ỳöne häzir
welin, ine ol, ölüm! Haỳal hem içỳäkgyç gynap öldürjek ölüm. Ine ol şeỳlebir golaỳ…
Ol eỳỳäm mende. Mende. Men eỳỳäm ölüleriň hasabynda…
--Jigi!
Berdi tisginip gitdi-de, üstüne abanyp duran görmegeỳ zenana aljyraňňy garady.
--Jigi,--diỳip, ol zenan haỳyş ediji äheňde dowam etdi:--Şu oglumy ỳanynda
oturdaỳyn welin, entek şu ỳerde oturjak bolsaň lukmanyň ỳanyna girip-çykỳançam
gaỳrat edip, esewan bolup bilmersiňmi?!
Berdi bu zenana hem ejesiniň elinden tutup duran akyllyja gözli alty-ỳedi
ỳaşlaryndaky oglanjyga äňetdi. “Ỳok” diỳjek boldy. Emma zenanyň özelenmeli
nazaryna yrlyp:
--Bolỳar.-diỳenini hem duỳman galdy.
--Sag bol, jigi.-diỳdi-de zenan oglanjygy Berdiniň ỳanynda oturdyp:--Oglum
garaşgyn. Ine şu oglan bilen otur-da birsalym gürleş. Men bolsa häzirjek lukmanyň
ỳanyna girip-çykaỳyn, hiç ỳere gidäỳmegin. Jigi, göz-gulak bolaweri.-diỳişdirdi-de,
zenan gitdi.
--Çaltrak çykarsyňyz-da, gelneje. Meniň işimem bardy.--diỳip, Berdi yzyndan
gygyranynda bolsa zenan yzyna-da gaňrylman jogap gaỳtardy:
--Gyssagym özüm bilen, jigim.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Şazadanyň şikäri - 12
  • Parts
  • Şazadanyň şikäri - 01
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2261
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 02
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2305
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 03
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2252
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 04
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2157
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 05
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2204
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 06
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2060
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 07
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2099
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2228
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 09
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2272
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 10
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2230
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 11
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2374
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 12
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2094
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2066
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 14
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2175
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 15
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2238
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 16
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2142
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2282
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 18
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2122
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    37.4 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 19
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2271
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 20
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 2191
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 21
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2359
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 22
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 23
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2172
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 24
    Total number of words is 906
    Total number of unique words is 612
    40.0 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.