Latin

Şazadanyň şikäri - 01

Total number of words is 3698
Total number of unique words is 2261
27.6 of words are in the 2000 most common words
40.8 of words are in the 5000 most common words
48.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Serdar Ataýew
Şazadanyň şikäri
I
…Gaplaň öň aýaklaryny ýere diräp gernende onuň alabeder, galyň hamynyň
astynda gujurly göwresiniň ýumry-ýumry etleri çykyn-çykyn bolup, derisini dartdy.
Gaplaň pallady. Ukuly gözlerini süzdi. Öten gije aw ganly bolupdy. Ol arassa bolsa-da,
syh-syh bolup, taýzaryp duran murtuny ýalady. Garnynyň doklugyna we ukusyny
alanyna begenýän ýaly, arkanlygyna ýatdy-da, ap-ak, ýumşajyk tüý bilen örtülen
garnyny göge tutup, aýaklaryny däbşenekletdi.
Bu onuň güjük gaplaňlygyndan galan endigidi. Ol wagtlar enesi, alabeder, daýaw
ene gaplaň gijeki awdan soň gulanyň ýa-da dag maralynyň ganlyja läşinden galanyny
öňlerine oklanynda ol öz doganlary hem uýalary bilen täze etden garynjygyny gözäp, ine
şeýdip gerşini ýere berip däbşeneklärdi. Olar bilen gemrişerdi. Eger-de beýleki
doganlary ikibir-üçbir bolup agyz birikdirip, özüni gabap, alarladyberseler enesiniň
ýeňsesine gizlenip, olara hyňranan bolardy…
Gaplaň az salym däbşenekläninden soň birdenkä özüniň indi torsuk ýaly, enesiniň
aýagynyň aşagynda tomalanyp ýören güjük gaplaň däl-de, bu daglaryň soltany, şu
jelegaýlarda uly-kiçi mahlugyny özünden eýmendirýän babyr arslandygy hakydasyna
saldy. Ol birden öz bolşundan uýalan ýaly, hasyrdap dikeldi-de, hyrsyz nazary bilen daştöweregini eserdeň synlap başlady. Onuň duýdansyz aýaga galmagyndan dowul tapan
guşlar gür jeňňeliň toraňňylarynyň, arçalarynyň, söwütleriniň, ýap boýunda egrelişip
duran tallaryň üstünden güsürre galdylar. Özüniň güjüksiremesiniň guşlardan özge
şaýadynyň ýokdugyna biraz ynjalan ýaly gaplaň garnyny ýere berdi-de, öň aýaklaryna
gazan ýaly äpet kellesini goýdy.Ýene-de gözlerini süzgekletdi. Sähel salymdan onuň
öňki çep aýagynyň edil penjesiniň ýokary ýanyndaky köne ýaranyň ýeri süýjümtik
agyryjyk bilen sodaja sorkuldap, gijäp başlady. Bu agyryjyk oňa şu jelagaýlaryň öňki
hojaýyny, äpet, garamtyl-alabeder gaplaň bilen bolan garpyşygy ýatlatdy. Ýere ýazyp,
döşüne penje uranda garamtyl gaplaňyň janhowluna hatyladyp, çep penjesine agyz
salany hakydasyna gelende gaplaň ýatan ýerinden assaja hyňrandy. Dogrusy, garamtyl
gaplaňy ýeňse-de ýeňdi welin, ondan ömrüniň ahyryna çenli ýadyndan çykmaz ýaly
ýadygärlik hem alyp galdy. Şol garpyşykdan bäri ençeme gezek asmanyň Aýy ilki
gökde dilnen dilijege meňzäp, soňra ulalyp, gijelerine Aý şöhlesi düşende özüni görüp
huşlary başyndan uçýan keýikleriň gözleri dek, lowurdap tegelendi. Ondan bäri nijeme
ýagyşlar ýagyp, ýagmyrlar siňdi, emma şonda-da çep penjesi sähel agram görse syzlap
dur. Meger, süňküni owradan bolara çemeli.
Şondan bäri ol her gün öz mülküniň serhetlerine aýlanyp, daş-töweregi gumalaklap,
buşugyp belläp çykýar, öz häkimlik edýän mekanyna saýak-sandyragyň yzy-tozy, ysy
düşenini-düşmänini yhlas bilen yzlaýar. Dogrusy, bu töwereklerde, onuň arryldysynyň
ýetýän menzilinde, şol garamtyl gaplaňy-da, başga bir gaýratyna bäs gelip bilmän ýören,
güýjermen ýyrtyjyny-da görüp-eşidenok. Ýöne şonda-da hüşgärligi elden bermeli däl.
Gaplaň halky öte namysjaň bolýar. Asmandaky Aý ine şu üstüne howala bolup duran
1
kerkawyň gabygynyň jaýryklarynyň sany deýin dilijege çalym edip, şonça gezegem
jerenleriň howsalaly gözleri kimin tegelenip biler, emma gaplaň aryny köýdürmez,
ýeňlenini unutmaz, amadyny peýläp, şol atymyna getirjek bolar ýörer.
Äý, onsoňam diňe şol garamtyl gaplaňmy onuň mülküne göz gyzdyrýan?! Hol
araky goňur aýyny nätjek? Hoz iýip, hoz iýip, derisine hozuň gabygynyň reňňi çykyp
giden, pyşbaga ýaly bir zat welin, ýöräp bilmese-de apaň-apaň basan bolup, öň
penjelerini galdyryp, arlan bolup, gorkuzjak bolýar… Ýeri bärde beýdip apaň-apaň,
paklawsy ýöreýişden gorkýan, gaýalaryň ahmalrak daşjagazlaryny sersdirip, eňaşak
gaçyrýan soňy ýok arryldydan elheder alýan barmy diýsene?! Ýa bärde gezip ýörenler,
tapan-tupan ony-munysyny iýip ýören şagal beýlekidir öýdýärlermi, nämemi! Şolar ine
bir gezek arlasaň, ýa-da has dogrusy arlamak hem zerur däl, gumalagyň ysyny
alanlarynda tazygyp, sesiň ýetjek menzilinde durmaýarlar.
Ol goňur gabyk aýy hem bir gezek towsup, mekejine penje bilen çalnandan soň baý
akylyna aýlandy-a! Semizliginden ýaňa ylgap bilmese-de, sagrysyny moýmuldadyp,
tozan turzup, baý gaçýar-a! Edil ýöne, gaplaň bolub-a däl, sähranyň jereni bolup hem
yzyndan ýeter ýaly däl. Aradaky ütülen pişige kybapdaş garry ýolbars hem şonuň ýaly.
Äý garrap, sandan galan, öýi ýok, öwzary-awlagy ýok, ykmandadyr-da, bir günki iýjek
alakasyny-beýlekisini tutunar-da, ötüp geçer-dä, maňa erişmäge het etmez-le diýsem,
gaýta eýemsiräp, ol, diňe garry-gurtusyny, keselbendini awlap, aýap ýören boz
jerenlerimiň sürüsini yzlap, atymyna alan bolup ýör, zaluwat! Kimiň-kimdigine göz
ýetireninden soň yzyny gözläp bilmän, baý mytdyldap gitdi-ä! Ýeri ýolbars bolsaň
bolupsyň-da, näme kişiniň mülküne girip, sende ýok, mende ýok hojaýynlyk satybermeli
diýen zat barmy?! Onsoňam adyň “şir” bolanda näme, tüýsüň bilen gujur-gaýratyň şir
bolmasa. Ýöne dogrusy yzyndan garap durşuna garry şire birhili dözmedi hem. Ýenjilip,
kowlup barýandygyna namys edip, lagşan göwresini süýräp, mytdyldap barşy juda
gözgynydy. Göwnüne bolmasa ol özüniň tüýi dökülip, haýbaty gaçan başyny aşak salyp,
ýempäp barşy bilen: “Heşelle kakma, Arslan! Birmahallar menem şeýdip, öz
garşydaşlarymyň yzynda tozan turzup, olary öz awlagymdan kowýardym. Emma ine
garradym. Ine-de bolup ýörşüm.” diýýän ýalydy.
Garry ýolbarsyň gözgyny haly hakydasyna gelen gaplaňyň az-kem keýpi gaçdy,
emma ol aňyndan gussaly ýatlamany ýere gaçyryp, tozana bulamaga çalyşýan dek,
kellesini silkeledi-de, bir ýanlygyna agdy. Soňra pikir akymyny özi üçin ýakymly
ýatlamalara sowmaga çalyşdy. Ýene-de doganjyklary we uýalary bilen enesiniň süýdüň
ysy gelip duran garnynyň gapdalynda gemrişişlerini ýatlap, lezzet almaga çytraşdy.
Emma aňynda ýakymly ýatlamalara derek doganlarynyň hem uýalarynyň bir mahal
dogduk gowaklaryny terk edip, onuň özi ýaly her haýsynyň bir ýerlerde bagtyny
gözlemäge gidendikleri, indem eger-de olaryň birden-biri bilen tötänden sataşaýsa, oýun
edip däl-de hakykatdan, özem bir bölek et lukmasy üçin däl-de şirin jany üçin söweşe
girmeli boljakdygy huşuna geldi. Bu pikirler hasam onuň kejebesini garjaşdyrdy. Onuň
öz-özüne gahary geldi. Ol sodaja hyňrandy-da, dik turdy. Dagy näme etjegini bilmän,
uzyn, haýbatly guýrugyny bulaýlap, öten agşamky awundan galanyny gömen ýerine
ýöneldi…
2
II
-Şazadanyň ýeke özi şikäre çykýarmy?-diýip, çagasypat görkezýän mön gözleri
murty taban ýüzünde tegelenip duran ýaş atbakar, toýnaklary bilen ýeri gazýan, gyr
bedewiň jylawyny saklap durşuna, gapdalynda durup, atyň ýalyny, gerşini sypaýan goja
seýise lak atdy.
-Atabeg Kyýaseddin Abu Seýit bilen gitmekçi bolýar, oglum!-diýip goja seýis
endik edip giden elleri bilen, ýalyny sypap goýberdi-de, bedewiň şaý-esbaplaryny
barlamaga başlady.
-Atam, Şazada ýeke atabegi bilen şikäre çykjak bolsa oňa munça sülsat nämä
derkar, diňe ikijigi ok-ýaýyny alyp gidiberse bolmaýarmy?-diýip bilesigeliji jahyl hol
allaowarrada duran bäş-alty sany elguşçy bilen on-on ik sany tazyçylara, on-on bäş sany
atlylara goluny salgap goýberdi. Onuň çaga gürrüňine goja seýis myssa ýylgyrdy:
-Haý köşek, senem-ä, şujagaz adamlara “sülsat” diýýärmiň? Sen onda Şazadanyň
atasy, Ylaýym onuň döwleti yrylmasyn, Beýik soltan Çagry begiň, onuň agasy, Ylaýym
onuň çawy dünýäniň ýüzüne baky ýaň salsyn, Beýik serkerde Togrul begiň guraýan şa
şikärini göräýseň dagy näme diýerdiňkäň? Hol erkgalanyň derwezesini görýäňmi?-diýip
goja seýis agtygyna öz duran ýerlerinden elli-altmyş tanap daşlykda howalanyp duran
iki gapdaly minaraly, haýbatly derwezäni görkezdi:-Ine şoňa çenli diňe aw guşlaryny
saklaýanlardan ýaňa aýak basara ýer bolmaýar. Şahynmy, bürgütmi, elguşmy,
towşançylmy, şuňkarmy… garaz adyny agzan awçy guşlaryň tylla-kümüş başlyklaryny
Kuýaşyň çoguna lowurdadyp, guşçylaryň elinde aram-aram ganat kakyşyp durandyrlar.
Erkgalanyň daşyndan bolsa tazylaryň sesi dik göge göterilýandir, olaryň seslerine gulak
gerseň göwnüňe bolmasa Hak Perwerdigäriň gudraty bilen asmandan, Maru-Şahujahanyň Erkgalasynyň öňündäki dabara meýdanyna tazylaryň leşgeri gelip düşen
ýalydyr. Pyýada kemançylar, atly kemançylar, haýwanlary kowmak üçin nagaraly, depli,
surnaý-karnaýly nökerler, awlanan awlary ýygnamak üçin arabaçylar, gassaplar, şol
ýerde şikärgähler üçin tagam taýýarlajak aşpezler, olaryň goş-golamlary, awlanan
awlary duzlajak, kakatjak gulamlar… umuman tutuş sülsat bolsa şäheriň baş
derwezesinden aňyrda garaşyp durandyr. Hanha, hol aňyrda, köşki-eýwanyň öňündäki
uly meýdanda bolsa reňki Nusaýyň ýokarsyndaky daglaryň depesindäki ak gar bilen
bäsleşýän jowur ak bedewi lagly-jowahyr şaý-esbaplar bilen bir gyldan bezäp-besläp,
jylaw astynda soltanyň janpenalarynyň biri saklap durandyr. Onuň gapdalynda bolsa
başga bir janpena edil ekiztaýy ýaly meňzeş bezelen dor bedewiň jylawyndan tutup
durandyr. Bu Beýik serkerde-soltanlar, doganlar Dawut Çagry beg bilen Rukneddin Abu
Talyp Muhammet Togrul begiň bedewleridir. Aňyrrakda bolsa Beýik doganlaryň
serdarlygynda dünýäniň nijeme soltanlaryny, şalaryny dyza çökerip, Yssambyldan ÇynMaçyna çenli aralykda çawy asyrlarda galjak Beýik soltanlygy bina eden, her biri on
müň esgere taý, şöhratly türkmen begleriniň gulamlary olaryň atlarynyň jylawyny saklap
durandyrlar. Köşki-eýwanyň basgançaklarynda bolsa Daňdanakanyň gerçekleri türkmen
serkerdelerine mahsus sabyr-kanagat bilen hökümdar-doganlara garaşýandyrlar. Ine-de
az salymdan ýeňiljek, tylla tuwulgalaryny asman güneşine bäs edip, hökümdarlaryň ikisi
3
hem köşkden çykarlar. Çagry beg ata atlananda onuň her bir hereketi pähim-parasada
ýugrulan ýalydyr. Togrul beg syçrap dor bedewine münende, onuň her bir hereketinden
dogumlylyk, garadan gaýtmazlyk, soňuny saýmazlyk çogup çykyp durandyr. Göwnüňe
bolmasa Çagry begiň her bir hereketini ölçerip-döküp, çykgynsyz ýagdaýlardan hem iň
bir paýhasly çykalgany tapyşy bilen, Togrul begiň bolsa eline bir gysym közi guýsaňam
sagynman gysymlamaga taýýarlygy, zemin ýüzünde hiç bir zatdan heder etmän,
gypynçsyz garaýan gözleri bilen, bu iki hökmürowanyň öňünde Azazyl-al-lagnatynyň
hut özi hem durup bilmejek ýalydyr.
Togrul beg atyna atlanan badyna “Atlanyň!” diýip, ummasyz leşgerlere erk etmäge
endik eden haýbatly owazy bilen erkgalanyň diwarlaryny titreder. Çagry beg bolsa
eserdeňlik bilen çar ýanyny gözden geçirer-de, hemişeki söze gysyklygy bilen, “Ýerine
ýetiriň!” diýen terzde baş atar.
Özlerini sany boýunça ýüz esse agdyk gelýän ýowuň üstüne gözsüz batyrlyk bilen
okdurylyp, her näçe güýçli bolsa-da duşmany kül-peýekun etmäge mejbur eden Togrul
begiň sesi bilen, şalary dyza çökerip, şalyklary boýun syndyran Çagry begiň
parahatlygy edermen türkmen beglerini ilgeziklik bilen buýrugy ýerine ýetirmäge
howlukdyrar. Şeýdibem olar ýola düşerler.
Şol günün ertesi bolsa gadymy Badhyzyň düzlüklerinden üsti aw etli araba, düýe
kerwenleri, Gadymy Merwe hem-de golaý-goltumdaky şäher-kentleriň hemmesine tarap
yzy üzülmez akym deýin akyp başlarlar. Eger-de ýakyndaky şäher-kentleriň ammarlary
ýeterlik bolmasa ol akym Baş wezir Aly bin Şadanyň permany bilen kiçijik akymjyklara
pytrap, Amula, Zemmä, Bagabada, Sarahsa, Abiwerde tarap ýüzlener. Akym bir aýa
golaý wagt dowam edeninden soň bolsa ähli ammarlaryň şatyrdadyp gowrulyp golçalara
guýlan, duzlanan hem kakadylan aw etinden dolandygy hakynda habar bilen Baş weziriň
ugradan çaparlary şa şikäriniň yzyndan gider.
Şazadanyň bedewiniň esbaplaryny birlaý elläp çykan goja seýis sözüne dyngy
berdi-de, gözüni göterdi:
-Günem-ä üç naýza boýy galdy, Şazada ugramajakmyka?-diýip hümürdedi.
Atasynyň aýdanlaryna gulagyny pakgardyp oturan jahyla gürrüňiň başga ýana
sowulmagy ýaramady. Ol atasyny ýene-de öňki ugruna gönükdirmäge gyssandy:
-Onsoň näme bolýar, ata?
-Onsoň näme bolar, oglum?! Çapar baranyndan soň şikärgähler dolanarlar-da.
Jahyl atasynyň sözüni soňlanyna gynanýandygyny bildirmejek bolup, gülli
tahýasyny maňlaýyna süýşürdi-de, sag eli bilen buýnuzagyny gaşady:
-Ata, şa şikäri öte haýbatly bolýan ekeni-le welin, men düşünmedim-le, onça aw
etini soň näme edýärler?
Goja seýis agtygynyň çaga gepine ýene-de jowur ak sakgalyna siňdirip,
gülümsiredi:
-Ýak, senem-ä köşek, näme etsinler?! Bu Türkmen aga islendik hereketi etsin, hiç
bir zady ýöne ýerden, keýpine edýän däldir, herki zadyň hasap-hesibi bardyr. Şa şikäri
hem onça sülsady jemläp, ýönekeý bir işsizlikden, bikärlikden, islendik wagt
gurnalmaýar ahbetin. Ol haçan-da türkmen goşuny uly ýörişe ugramaly bolanda
gurnalýar, ýeterlik mukdarda azyk jemleneninden soň hem bes edilýär.
4
-Wiý, asyl, mundan gelip çykdy-ow!-diýip ýaş atbakar eline alan tahýasyny
ýeňsesine atdy.
Şol wagtam ýeňseden eşidilen agras ses olaryň ikisini hem yzlaryna öwrülmäge
mejbur etdi.
-Gammar aga, essalawmaleýkim! Begdili jan, köşek, senem, tüweleme, saba bilen
öräydiňmi?! Berekella, ýagşy seýis bolup ýetişersiň.-diýip aňyrdan gelen, güler ýüzli,
egni ýeňiljek şam poladyndan edilen sowutly, kellesi ortasy çüri tuwulga telpekli, aýagy
sary gaýyş ädikli, bili hanjarly, ortadan pesräk boýly, orta ýaşan adam seýisdir agtygy
bilen elleşdi.
-Waleýkim essalam, hoş gördük, merhemetli Atabeg!-diýip goja seýis onuň bilen
elleşdi.
-Salawmaleýkim, merhemetli Atabeg!-diýip Begdili hem iki elini uzadyp, gelen
bilen salamlaşdy.
-Gammar aga, senden beýle zatlary sorap hem ýörmeli däl welin, onda-da jan
durmazlygy-da, bu şazadamyzyň atynyň ýagdaýy neneňsi?!-diýip Atabeg Kyýaseddin
bedewiň tumşugyny sypalady.
-Bedewiň ýagdaýy oňat, Atabeg, uzak ýola rowana bolmaga-da, sähralaryň boz
jerenlerini kowup ýetmäge-de ýarar.
-Senden tama-da şeýledir-le, Gammar aga!
Şol pille köşki-eýwanyň çüňkündäki kiçi işikden on iki-on üç ýaşlarynda, gözleri
ýanyp duran, görmegeý ýigdekçe göründi. Ol ýol geýmindedi. Egninde edil Kyýaseddin
Atabegiňki ýaly şam poladyndan çaraýna bardy, ýöne onuň altyn-zer bezegi has inçe,
has sünnälenip edilendigi göz-görteledi. Ýigdekçäniň başynda zer çaýylan, ýeňiljek
tuwulga, egninde polan çaraýnanyň üstünden sada matadan gyrmyzy dony bardy. Donuň
bagjyklary daňylmandygy zerarly syýlary assa şemala çalaja galgaýardy. Aýagyndaky
gaýyş ädigi ýüzüňi görübermeli derejede ýalpyldaýardy. Ýigdekçe bir elinde ok-ýaýly
sagdagyny göterip gelşine, beýleki eli bilen bilindäki sapyna göwher gaş oturdylan
hanjarynyň, ownuk merjenler bilen bezelip, arap harplary ýazylan gynyny düzedýärdi.
Goja seýis, agtygy hem-de Atabeg üçüsi ýigdekçäni gören batlaryna hormat bilen
baş egdiler. Emma olar dil ýarmaga ýetişmänkäler ýidekçäniň özi olardan öňürtdi.
-Salawmaleýkim, Gammar aga, salawmaleýkim, halypam, ýagdaýlaryň oňatmy,
Begdili?!
-Sag-aman örüşdiňizmi, Şazada hezretleri!
-Allaha şükür, ýaşulylar, allaha şükür. Halypam, ýola ugramaga ähli zat taýýarmy?
-Bar zat taýyn, Şazada!
-Onda ugrabereliň, men atam bilen hoşlaşdym, Togrul beg dädeme bolsa öten
agşam öz elim bilen nama ýazyp, Beýik wezir Aly bin Şadanyň diwanyndaky hatdatlara
gowşurdym. Şu gün daň säherde meniň hatym çapar bilen dädemiň ýörişiniň ugruna,
günbatar sary rowana bolandyr.
-Onda ugraberdik, Şazada!-diýip Atabeg atlylara goluny salgady. Olaryň biri
jylawyndan idip, gyr bedewini getireninden soň bolsa üzeňňä aýagyny goýup,
howlukman atlandy. Şazada bolsa sagdagyny eýeriň gapdalyna berkitdi-de, üzeňňä
aýagyny degirmän, syçrap eýere gondy.
5
-Sag boluň, Gammar aga! Alla ýol berse iki-üç günden, aňry gitse bir hepdeden
dolanarys.-diýip Şazada atynyň ýüzüni erkgalanyň derwezesine garşy öwürdi. Häsiýetli
janawer bykynyna depilmezden derwezä tarap ýorgalap ugrady.
Şazada bilen Atabegiň yzyndan garap duran goja seýis agtygyna:
-Görýäňmi, oglum, şazada Muhammediň atyna atlanyşyny, edil dädesi Togrul beg
kimin dogumdan don geýen ýalydyr, gözlerine seredeniňde welin, göwnüňe bolmasa
saňa ýaňy on iki-on üç ýaşan ýigdekçäniň gözleri däl-de Çagry begiň kalbyň iň bir
çuňuna aralaşyp, iň pynhan pikirleriňi okaýan nazary seredýän ýalydyr. Beýik serkerde
doganynyň makullamagy bilen Beýik soltan ýöne ýerden Şazadany özünden soňky
hökümdar boljak kişi diýip yglan etmedi ahyry. Beýle wajyp hereketi edeninde
paýhasyň ýedi derýasynyň suwuny içen Çagry beg oglunyň atasy hökmünde oýlanman,
Beýik Seljuk Türkmenleriniň döwletiniň mizemezligi, geljekde mundan beýläk has-da
kuwwatlanmagy nukdaýnazaryndan ugur alýar ahbetin.-diýip, tagt miraşdüşeriniň
yzyndan söýündi.
-Ata, goşunbaşylaryň geňeşlerinde geljek ýörişler babatda maslahatlaşanlarynda
Şazadanyň tekliplerine köpi gören leşgerbaşylar hem täsin galýarlar diýip halkyň
arasynda gürrüň bar. Il-gün: “şazada Muhammetde atasy Dukak Seljugyň sübaşylyk
(goşunbaşylyk) ukyby bar” diýip gürrüň edýär.-diýip Begdili hem atasynyň guwanjyna
goşuldy.
-“Il agzy keramat” diýipdirler, köşek! Halk gepleýän bolsa bihuda däldir.
Olar gepleşip durýança şazada Muhammet hem-de atabeg Kyýaseddin ýanyndaky
gulamlar bilen erkgalanyň derwezesinden çykyp, ukudan oýanyp, assa-ýuwaşdan
garynja hinine meňzäp barýan, müňmüň ilatly Merwiň baş köçesi bilen baş derwezä
tarap ýüzlendiler. Emma baş köçäniň sol tarapyndaky täze gurulýan metjidiň deňesine
ýetenlerinde olar ýene-de at başyny çekmäge mejbur boldular. Seljuklar neberesinden
bolan, şazadanyň ýakyn garyndaşy, edermen türkmen serkerdesi Ybraýym Ýynal
janpenalary bilen olaryň öňünden pete-pet çykdy. Hiç bir adamyň öňunde baş egmeýän,
gözsüz batyrlygy bilen deň derejede tekepbir serkerde kelam agyz geplemän, gedemlik
bilen şazadanyň ilki salam bererine garaşdy.
Atasyndan ganyna geçen syzgyrlygy bilen muny duýan şazada az zat üçin
boýnyýogunlyk edip, öňem yrsarap ýören kowumdaşyny haş-da kejikdirmezlikden ötri
ýaşkiçilik edip ilki taňry salamyny berdi:
-Gaýduwsyz türkmen begine bizden dogaýy salamlar bolsun!
Maksadyna ýeten Ybraýym Ýynal az-kem ýumşady:
-Babamyz Demir ýaýlynyň çowlugyna şan-şarafatlar bolsun! Oglum, Beýik
soltanyň hal-ýagdaýy oňatmy, biziň gulagymyza soltan biraz nähoşlajak bolýarmyş
diýen habar degdi?!
Tekepbir serkerdäniň özüne “oglum” diýip ýüzlenmegi şazada Muhammede
ýaramady. Sebäbi mirasdüşer şazada hökmünde oňa “oglum” diýip ýüzlenmäge diňe
Beýik hökümdarlar Çagry beg bilen Togrul begiň haky bardy. Galan Seljuk-türkmen
hökümdarlarynyň oňa “oglum” diýip ýüzlenmegi bolsa tagt mirasdüşeriniň mertebesiniň
kemsidilýändigini aňladýardy. Çünki Düýp babamyz Oguz handan galan däp-dessura
görä hökümdar diňe golastyndaky hökümdara “oglum” diýip ýüzlenip bilýärdi.
6
Şazadanyň damarlarynda Togrul begiň hiç zada başbermezek gazaby at salyp başlady.
Onuň gözleri uçganaklap gitdi. Gedem Ybraýyma ýerini tanatjak ajy sözler diliniň ujuna
geldi. Emma bu tolgunmasy ýeke pursat dowam etdi. Dem salymdan soň köňlüniň
jümmüşinde atasy Çagry begiň parahat keşbiniň peýda bolmagy onuň gahar-gazabyny
agyzdyryklady. Atasy öz asuda garaýşy bilen: “Köşeş oglum, geljekki hökümdara beýle
gazap gelişmez, sen entek beýle-beýle zatlara öz ýoluňda juda köp sataşarsyň,
Allatagalanyň gerdeniňe goýan beýik ýüküni göterjek bolsaň mundan hem beter
göwnedegiji sözleri götermeli bolarsyň. Hökümdar bolmak üçin diňe erk ýeterlik däldir,
hökümdar bolmak üçin erk hem paýhas bilelikde zerurdyr.” diýýän ýalydy. Şazada
özüni ele aldy-da, serkerdäniň sözleriniň çetine degendigini, ony hem ýuwudýandygyny
ýanyndakylara äşgär etmezlik üçin gürrüňe dogan-garyndaşlyk hörpüni berdi:
-Sag bol, Ybraýym däde, hatynlaryň, bala-çagalaryň oňatlykmy, il-ýurduň
abatlykmy? Inilerime biziň dogaýy salam gönderýändigimizi ýetireweri. Hökümdarlyk
ýüki hem az-küje zat däldir welin, şeýdip ystyhanymyzyň hamyrmaýasynyň birdigini
biri-birimize wagtal-wagtal ýatladyp duralyň. Siz, Ybraýym däde, köşke baryberiň,
ýagty jahany döreden keremli Taňra ýüz-de-müň şükürler bolsun, Beýik soltanyň jany
tut ýaly sagat, myş-myşlara gulak gabardyp ýörmek bolsa siziň dek, köpi gören serkerdä
ýaraşmaz, Ybraýym däde! Baryberiň, siz! Alla ýol berse, şu günde-ertirde ikimiziň hem
dädemiz Togrul beg soltandan hem ýeňiş çapary gelip, ýeter, onsoň ýeňiş dabarasynda
görşeris-dä!-diýip şazada atynyň jylawyny gyra burup, Ybraýym Ýynala hem onuň
janpenalaryna ýol berdi. Bu onuň “gürrüň gutardy” diýdigidi.
Atan awuly okunyň pys geçendigine düşünen gedem serkerdä “bolýar, onda
ýoluňyz ak bolsun, awuňyz ganly bolsun…” diýen terzde hymyrdap, gidibermekden
başga alaç galmady. Her kim öz ýoly bilen boldy.
Erkgalanyň öňündäki dabara meýdanyna atynyň toýnagy basan Ybraýym Ýynaly
ýene-de öýkeli oýlar basmarlady. “Gör-ä bi Mikaýylyň agtygynyň gepi çepbesine
çöwrüberşini. Wah, meniň bulara haýýarlygyň ýedi derýasynyň suwuny ýetmiş ýerde
içen diýip ýörenim ýöne ýerden däl ahbetin. Ýeri, Demir ýaýlynyň kowmundan gel-gel
indi öýünden çykman, jeň-garpyşygyň nämedigini bilmän ýatan, goýun ýaly ýuwaş
Mikaýylyň ogullaryna külli seljugyň, külli oguz-türkmeniň tylla tagty nesip etmelimi
diýsene? Eý Haktagala, şümi seniň adalatyň?! Ýa men Gaznalynyň biloňurgasyny
ýazdyryp, bu döwletiň binýadynyň berkarar edilmegi üçin az iş etdimmi?! Eýsem
Daňdanakanda Masudyň söweşjeň pilleri bilen ýekme-ýeke çykan men hem meniň
jigitlerim dälmi näme? Piliň pahnasy çignimi serpeninden soňam Begdili Hajybyň
gulamlary bilen sanjyşyp, olary yza tesmäge mejbur eden men däl-de kim eýsem? Ýa
men Demir ýaýlynyň tohumyndan dälmi? Ýa meniň Düýp babam Oguz han dälmi? Ýa
Ybraýym Ýynal, gadymy ýabgularyň neslinden däl-de şu wagtky iki doganyň ilki atabeg
diýip, soňra göterip arşa galdyrýan hebeşimidir, zeňňimidir beýleki gulamlaryndanmy
eýse?”
Öz kineli hem Taňrydan nadyl oýlanmalaryna berlip barşyna Ybraýym Ýynal nädip
erkgala girip gidendigini hem duýmady…
7
… Şazada bilen atabegi bolsa oňa çenli şäheriň derwezesinden çykdylar. Emma
şäheriň daşyndaky kürenleriň ýaňybir çetinden girenlerinde olaryň öňünde şihnäniň
(şäher häkimi) hut özi gulamlary bilen çykdy. Ol şazada baş egdi-de:
-Beýik Soltanyň miraşdüşerine Sahawatly Hudaýdan saglyk we uzak ömür
dileýäris.-diýdi.
Şazada edep bilen şihnäniň salamyny aldy. Soňra onuň ýüzüne soragly garady.
Şihne şazadanyň howlukmaçdygyny ýüzünden okap, göwnündäkini aýtmaga alňasady:
-Merhemetli şazada, Siz şikäre ugrapsyňyz welin, ýanyňyzdaky atlylar azrak dälmi?
Gödekligim üçin bir çemçe ganymy geçiň welin, men Siziň jan saglygyňyzy
goramakdan ötri hem-de özüm Sizi alada etmez ýaly, rahatlygym üçin ýene-de az-owlak
nöker taýýarlap goýdum. Merhemet ediň-de, şazada, olary öz şikäriňize goşuň!-diýip,
hol beýleräk-de atlanyp hatyrjem duran ýüzden gowrak atly ýigide yşarat etdi.
Şazada Muhammet onuň özi hakda aladasyna monça boldy. Ýöne syr bermejek
bolup, gaşyny çytyp:
-Şihne aga, biz ol ýere galtamanlara garşy söweşmäge barmaýarys ahbetin. Biz
ýöne maral awlamaga, göwün açmaga barýarys ahyry. Häzir munça leşgeri yzyma tirkäp
çykyp gitsem Merwiň kürenleriniň ilaty: “Şazada Muhammed-ä was-wasy öýdýän,
şikäre çykanynda-da goşuna duwlanyp çykýar welin, ýa özüniň üstüne sähra
jerenleridir-towşanlary gylyçly-jyzaly hüjüm ederler öýdüp çekinýärmikä?” diýerler.
Beýtmäli, ýaşuly. Esgerleri yzyna gaýtar.-diýdi.
Şazadanyň göwnünden turandygyny syzan synçy şihne göz üçin ýene-de biraz
haýyş edip, tyýkyran boldy-da, şazada ýolunyň ak, ýoldaşynyň hak bolmagyny arzuw
edip, atyny şähere tarap öwürdi. Şondan soň şazada hem atabegi, ýanlaryndaky atlylary
bilen ýola düşdüler. Soňra olary hiç kim ýollaryndan bökdemedi.
Atynyň kadaly seňkildisine sazlaşykly galkyjaklap barşyna Kyýaseddin atabeg:
“Kynygyň kowmunyň içinde öz atalary—iki dogan kibi, şü hem tüýs Hakyň nazary
düşen, zanny Aby-Köwseriň laýyndan eýlenen kişi öýdýän. Gör-ä munuň gepi-sözi
aýlap-dolap urup, özüne atylan oky atanyň özüne gaýtaryşyny!” diýip öz şägirdi
hakynda ýakymly oýlandy.
III
…Şahlary naýzanyň ujy deýin çürelip duran, göwresi daýaw, nazarkerde keýigiň
öňbaşçylygynda keýikleriň sürüsi bosgun bolup gündogar raýyşdan eňaşaklygyna güzere
indi. Şemal gündogardan günbatara öwüsýändigi zerarly öňbaşçy keýik-de, beýleki
keýikler-de gür otlugyň içinde, toprak bilen reňkdeş bolup, pişik busurylyşy bilen
busurylyp ýatan alabeder gaplaňyň ysyny almady. Keýikleriň biriniň ony görmegi bolsa
asla mümkin zat däldi, sebäbi, awuny peýläp ýatan gaplaň misli ýere siňip giden ýalydy.
Keýikler bir-birinden howlugyp, eňeklerini akar suwa basýardylar. Alabahar
bolandygy sebäpli, sähra çemenzarlygynyň gyrtyçlarynyň ilkinji ýüzünden mazaly
garynlaryny gözäp, suwsan bolara çemeli, keýikler wagty bilen suwdan ganmaýardylar.
Baştutan keýik bolsa hüşgärlik bilen çar ýanyna garanjaklap, ilkinji howpda sürüni
howsala salmaga taýýar bolup çeşmäniň belent raýyşynda guýma heýkele çalym edip
8
durdy. Öňbaşçy keýigi bir gözüniň aýtymyndan sypdyrmaýan gaplaň eýýäm öz
pidasyny maýajyna alyp, belläpdi. Çeşmäniň kenarjygynda suw içip durşuna mahalmahal başyny galdyryp töweregini gözden geçirýän, alma gözli, syratly janawer gür
otlugyň içinden, ot başyny gymyldatman, göýä bir tensiz-agramsyz salgym deýin,
bukdaklap, özüne tarap ýakynlap gelýän alabeder ajaldan bihabardy. Gaplaň bolsa diňe
öň aýaklaryny gymyldadyp, bir garyş süýşýärdi-de, ýene-de doňňar-daşa öwrülýärdi.
Sary gözleriniň çeti bilen öňbaşçyny synlaýardy. Onuň özüni görmeýändigine göz
ýetireninden soňra suw içip duran keýiklere, öz pidasyna gözüniň gyýtagyny aýlaýardy.
Soňra ýene-de ýaňky hereketlerini gaýtalaýardy. Özem her bir hereketini öz läheň
göwresine, hyrsyz keşbine gelişmeýän şeýlebir ägirt uly kanagat bilen, şeýlebir inçe
seresaplylyk bilen edýärdi.
Birdenem gaplaň göz açyp-ýumasy salymyň içinde yzky aýaklaryny ýygyrdy-da,
guýrugyny dim-dik edip, ýarym oturdy. Tutuş mähnet göwresi bilen düýrükdi. Boýnuny
berdaşly çiginleriniň içine ýygyrdy. Soňra eşidenleriň wehimden ýaňa damarynda
ganyny doňduryp, özlerini ýitirmäge mejbur edýän gazaply sesi bilen arlap, bökdi.
Keýikleriň her haýsy bir ýana dyr-pytrak boldy. Ýeke pursatda olar hol allaowarrada,
öňbaşçylarynyň daşynda gaýtadan sürä jemlendiler-de, giň sähra tarap ümdüzine
tutduryp gitdiler. Alabeder ezraýylyň penjesiniň astynda galyp, ölümlik ýaralanan
almagöz keýik janawer bolsa ajalyny boýun almajak bolýan dek janhowluna
urunmagyny dowam edýärdi…
…Akar çeşmäniň kenarynda ganlyja etden garnyny doýran gaplaň soňra dişiňi
döwüp gelýän, durnagöz çeşme suwundan hem gandy. Soňra awundan galanyny agzy
bilen tutup, süýräp, bellije ýere eltip, gömdi. Garnyny doýranyndan soň az-kem
ukusynyň tutýandygyna garamazdan öten agşamdan bäri öz mülkünde neneňsi
üýtgeşmeleriň bolandygyny bilmek üçin birsalym gezim etmäge ugrady.
Onuň garny dok bolandygy zerarly süňňi agralypdy. Artykmaç hereket edesi
gelmeýärdi. Emma şonda-da özüne zor salyp, kä ýerde buşugyp, kä ýerde gumalaklap öz
mülküniň serhetlerine aýlanmagyny dowam etdirdi. Öň müňlerçe gezek geçen ýodasy,
daş-töwerekdäki her bir çöpjagaz oňa düýnden bäri bolup geçen üýtgeşikleri gürrüň
berýärdi. Ine bu ýerden müňzäp geçende semizligi ýaly akylsyz hem porsy ýekegapan
ýodany torç edip, kesip geçipdir. Ýodanyň gyrasyndaky gyzgana ilişip galan bujagaz
çypar tüý übtügi bolsa meger, bedenäniň ýa-da sülgüniň jüýjesini ogurlap gelýän mekir
tilkiniň derisinden ýolnup galandyr. Ýodanyň gyrasynda ýatan keýigiň gemrilen
toýnagynyň deňinden gaplaň seňrigini ýygryp ötdi. Ol şagallaryň ysyny halamaýardy.
Olaryň maslyk diýmän beýleki diýmän, zat dannaman, her öňýeteniň agzyndan galanyny
iýip ýörüşlerine bolsa hiç düşünip bilmeýärdi.
Ol salparan garnyny iki ýana “halkyldadyp” seňkildäp barşyna şagallar hakynda
oýlanmazlyga dyrjaşdy. Sebäbi şolar ýadyna düşse onuň gahary gelip ugraýardy. Emma
hemişe şeýle bolşy ýaly, edesi gelmeýän oýlary ýene-de onuň aňyna ýüregedüşgünç
kejirlik bilen dykyljyrap, girmäge çytraşyp başladylar. Ol özüne gaharlanyp hyňranjak
boldy. Emma şol pursat onuň burnuny gijeden bigäne ys bar zady huşundan uçurdy.
“Möjekler! Möjek sürüsi!”
9
Gaplaň öz burnuna ynanmaýan dek, ýodany gaýta-gaýta ysgady, tumşugyny
galdyryp howany uzyn-uzyn sordy. Bada-badam onuň gerşiniň tüýleri syh-syh boldy.
Gözleri ganguýma gyzardy. Bogazynda gaýnap ugran hyrryldy, hyňranma bolup daşyna
çykdy. Möjek sürüsi! On-on bäş baş çemesi bar. Ýüzleri günorta tarap. Diýmek onuň
mülküniň jümmüşine garşy hereket edýärler. Ol doýmaz-dolmaz, açgöz ykmandalar
nireden geldilerkä?! Tizden-tiz olardan goranmagyň ugruna çykmasaň, olar bu jelegaýda
orun tutmak matlaby bilen gelen bolsalar, soň per bermezler.
Gaplaň barýan ugruny üýtgetdi-de, möjek sürüsiniň giden ugruna tarap yz çalyp
ugrady. Ädimme-ädim, hem yz çalyp, hem ys alyp gaplaň möjekleriň yzyndan kowup
gidiberdi. Esli ýöräninden soňra garaňky hem gatlyşdy. Oňa çenli gaplaň yzlaryň
täzelenip, yslaryň ýitileşýändiginden möjekler bilen arasynyň ýygrylýandygyny hem
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Şazadanyň şikäri - 02
  • Parts
  • Şazadanyň şikäri - 01
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2261
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 02
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2305
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 03
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2252
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 04
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2157
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 05
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2204
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 06
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2060
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 07
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2099
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2228
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 09
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2272
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 10
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2230
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 11
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2374
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 12
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2094
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2066
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 14
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2175
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 15
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2238
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 16
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2142
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2282
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 18
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2122
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    37.4 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 19
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2271
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 20
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 2191
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 21
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2359
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 22
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 23
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2172
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 24
    Total number of words is 906
    Total number of unique words is 612
    40.0 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.