Latin

Şazadanyň şikäri - 14

Total number of words is 3688
Total number of unique words is 2175
29.7 of words are in the 2000 most common words
42.9 of words are in the 5000 most common words
50.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
işi haýyr-la. Kakaň gaharlanar öýdüp çekinme. Nowbahar agtygy, näme diýer
öýdýärsiň?! “Ýatakda on goýun bar, onusyny hem soý!” diýer-dä. Onsoňam sen-ä her
niçik-de bolsa şu bolçulyk döwürde goýun aýdypsyň. Kakaň sen dünýä ineniňde,
gytçylyk döwürde gapymyzda daňylgy duran iki sany öküzimizi hem sadaka aýdypdy…
Myradyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol ulagyň tizligini has-da artdyrdy…
…Aýyň ýüpek şöhlesi zerarly geň-enaýy görünýän asman ummanynyň ýüzünden
bolsa ýekeje ak bulut gündogardan günbatar sary endigan taýyp barýardy. Wagtalwagtal şemalyň bady ýatýarmy nämemi ýa-da hol aşakda ýol bilen uçup barýan
ulagdaky iki ynsanyň bagtyny synlamak üçinmi, bulut ýüzüşini togtadýardy. Az-kem
duranyndan soň bolsa eneli-ogluň bagtyndan guwanyp-guwanyp doýan ýaly, ýene-de
ýoluny dowam edýärdi…
“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2005-nji ýylyň
23-nji dekabryndaky sany
Bükgüldi
…Gelniniň irden işe gaýtjak bolanda diýen gümürtik gürrüňi Seýranyň kalbyna ünji
bolup siňdi. Hemişe işe gelende ol çyny bilen, gyzygyp işleýärdi. Emma bu gün hiç eli
işe barmady. Göwünli-göwünsiz dümtünen bolup ýörşüne gelniniň sözlerini aňynda
aýlady ýördi.
“Beh, näme diýjek bolduka?
Ýüzi aladaly däldi. Öýdäkiler bilen hiç hili düşünişmezlik ýok. Özleri äbe-de-jüýje.
Ýa atasy öýünde bir näsazlyk bolaýdymyka? Äý ýok-la. Öýlerinde bir zat bolan bolsa
şol wagt aýdardy. Derwezeden çykanlaryndan soň: “Seýran, men saňa agşam işden
geleniňden soňra bir zat aýtjak.” diýende ýaňaklary çym-gyzyl bolup gyzardy. “Näme
diýjek, bol aýt!” diýip gyssaýança Anna ulagy bilen gelip: “Ýör, işe!” diýdi. Sorap
bilmänem gaýtdy. Indem biynjalyk bolup ýör. Şu bar-a adamyň böwründe ünji
döremesin! Ýöne sary-sadylla bolup ýörmeli…Wagtam bahar başynda gyş ukusyndan
oýanan garynja dek zordan ýöreýär.”
121
Seýran demri ýençýän çekijini gapdalyna goýdy-da, sagadyna seretdi. “Ýaňy on
bolupdyr. Ýene-de ýedi sagat bar! Owf! Ýeri name diýjek bolduka? Utanar ýaly
nämekä?” Seýran çekijini aldy-da, hyruç bilen urdy.
-Wäk-eý!
Eli çekijiň astynda galan Seýranyň gözünden ot çykdy. Çekiji taşlady-da, elini
gysymlap, iki büküldi. Şeýdibem esli oturdy. Lorsuldap syzlaýan eliniň agyrysy soňam
uzakly gün köşeşmedi.
Böwrüne diň salyp ýörenindenmi nämemi günüň dowamynda soňam birnäçe gezek
sebäp ýok ýerinden büdräp-südenekläp, endamyny gök-ala etdi. Zordan günüň ahyryna
ýetende bolsa takatsyzlygy, ünjüsi hem ýetjek derejesine ýetdi.
“Häzir öýe baraýyn. Onsoň oňatja edip duzlaryn. Ýeri bir zat aýtjak bolsaň şol bada
iki agyz söz bilen aýdyp bilmeýärsiňmi diýsene? Gaýa ýok gopuz ýok ýerinden
göwnümi galagoplukdan dolduryp goýberdi.” diýip Seýran kärhananyň derwezesinden
çykyp barşyna gelnine içinden gaýybana käýindi. Ol kärhananyň işgärlerini gatnadýan
awtobusyna garaşmaga-da takaty ýetmän öýlerine çenli ulag saklamak maksady bilen
uly ýola ýöneldi. Emma on-on bäş ädim ädip-ätmänkä onuň deňesinde kärdeşi Sahynyň
sary “žigulisi” sojap saklandy.
-Seýran, ýör-how, öýňüze oklaýyn! Menem şol tarapa gitjek.-diýip Sahy ulagyň
gapysyny açdy.
-Şüýä bolaýdy. Men şu gün howlukmaçrakdym hem.
Seýran ulagyň öňki kürsüsinde ornaşdy. Olar ugradylar. Seýranyň kalbyny ýeňillik
gaplap aldy. “Ind-ä az galdy. Az salymdan name aýtjak bolandygyny bilerin.” diýip ol
pikir öwürdi. Emma name üçindir Sahy ulagyň başyny düýbünden ters tarapa burdy.
Seýran kärdeşine soragly garady. Sahy onuň garaýşyna aň salman, özbaşyna gepläp
goýberdi.
-Ilki bir bazardan öýe çörek, gök-sök alaly-la. Soň gidibereris.
Seýranyň gulagynyň ýeňsesi gyzyp gitdi. “Ýeri, münmänkäm aýtman näme
işlediň?”
Ol gaharly oýlansa-da daşyndan kelam agyz geplemedi. Umytsyzlyk bilen yzyna
gaňrylanda bolsa kärhananyň awtobusynyň ýola rowana bolandygyny gördi.
“Şoňa münen bolsam oňat bolardy.”
Seýran tukat oýlandy-da daşlaşyp barýan awtobusy gözleri bilen ugratdy. Onuň
özüne içi ýandy. “Ýöne ýere aýtmandyrlar. “Ajygan ölmez alňasan öler”…Ýa henizem
giç däl. Meni düşür-äý, diýäýsemmikäm?!”
Bu pikirine Seýranyň içi ýangynlylygy hasam öjükdi.
Bolup oturşym nähili-äý? Ejesine howlugýan çaga ýaly-la! Uzak gün çydadym.
Ýene-de ýarym sagat garaşmaga döz gelerin.
Seýran az-owlak köşeşdi. Ýa-da özüne basalyk berip, köşeşensiredi.
Olar bazara bardylar. Sahy:
-Seýran jan, sen bazarlyk işiň bolmasa ulagda oturyber, işigini gulplajak hem däl.
Derrew gelerin. –diýdi-de sebedini alyp ötägitdi.
122
Emma onuň çydamlylygy uzaga çekmedi. Ulagyň öňünden geçip giden ýaş gelne
gözi kaklyşan dessine öz gelni ýadyna düşdi. Bada-badam derdi gozgady. Içini it ýyrtyp
başlady.
“Ýeri name diýjek bolduka? Ýa aýtmaga heder eder ýaly düzedip bolmajak erbet
zada uçraýdymyka?!”
Seýranyň ini sowap gitdi. Göwnüne aralaşan şum pikir gelniniň irdenki
hereketlerini tüm-garaňky röwüşde janlandyryp başlady. Ol öz-özünden dowul tapyp,
beleň alyp barýardy. Birdenem ol öz howsalasynyň esassyzdygyna düşünip utanyp gitdi.
“Daş edewersin! Ýersiz-ýere ot-elek boluberdim-le! Hudaý jan, köňül rahatlygyny
berewersin! Şu bar-a alty-ýedi ýyllap söýüp, arzuw edip, ölüp ýetip öýlenseň şeýle
bolýar ekeni. Sähel bir zat bolsa eliňden gidip barýana dönäýýärsiň. Äý, hawa-da, onsuz
ýaşan günleriň, aýlaryň, onsuz geçiren gijeleriň hasratly ýalňyzlygy entegem göz
öňüňden gidenok ahyry. Üstesine-de “heleýguly” diýdirmezlik üçin, ökjeasty bolmazlyk
üçin bu zatlaryň ählisini ildenem, ondanam, hatda özüňdenem gizläp gezmeli bolsa…
ýeri, näme Sahy çöregi bazarda özi bişirýärmikä?”
Ol bazaryň derwezesine tiňkesini dikdi. “Ýa düşüp gididbersemmikäm?” Seýran
germewiň gapdalynda duran kireý ulagyna gussa bilen seretdi. Ýeke pursat seredip
durup hem: “Birhili bolar-la!” diýip niýetinden dändi. Onýança ýylgyrjaklap Sahy geldi.
-Garaşdyraýdymmy? Öte gyssanmaç dälsiň-le?-diýip ol sebedini yzky oturgyçda
goýdy.
Seýran ot bolup ýansa-da “ýok-la” diýip burnuna siňdirip hümürdemegiň
hötdesinden geldi. Olar ýola düşdüler. Emma uly ýola çykan badyna Sahynyň ulagy
birhili bulanyp gitdi-de, gulaga ýakymsyz “paşşyldy” eşidildi.
-Tekeri ýaryldy öýdýän, içigary galmyş! Haçandan bäri täzelemeli diýip ýördüm
welin, ahbetin bellisini etdi-ow!
Sahy hüňürdedi-de, ulagy gyra sowup, togtatdy. Seýran gaharlanmaga-da
ýaramady. Sessiz-üýnsüz düşdi-de, ätiýaçlyk tekerini, açar-esbaplaryny çykaryşdyryp
duran Saha:
-Sahy, men ýola çykaýyn. Tizräk öýe barmasam howlukmaç işim bardy.-diýdi.
Soňam göwünli-göwünsiz, kiçi dilden bärde üstüni ýetirdi:-Ýa meniň kömegim
gerekmi?!
Mydama keýpi kök Sahy tekeri çalşyp durşuna:
-Kömegiň-ä derkar däl-le welin, Seýran jan, ýöne howlukma! Häzir gözüňi bir
gezek açyp, ýarym gezegem ýumýançaň dakyp dynýan. Onsoň bile gideris.-diýip jogap
gaýtardy. Soňra garagolluk bilen gözüni gypdy:
-Ýa näme, ýaş gelniňi göresiň gelip, ýürejigiň üzülip barýarmy?
Seýranyň syry äleme jar edilip barýana döndi. Ol ogurlykda tutulan dek gyzardy:
-Ýok-la,… Bile gidäýeris. Ýöne işim bardy-da…
Seýran myňňyldady.
-Häý, diýseňem-ä!-diýip daşyndan hyrsyz görünse-de, çaga göwünli gara döw ýaly
daýaw pyýada köpmanyly ýylgyrdy:- Hiç-le inim, birmahal şeýledik. Şu gelnejeňi dagy
“kyrkgünlük gaýtarma” diýip alyp gidendirler welin, hepde dolmanka gaýynlaryň
özjükleri: “Alaweriň-eý halalyňyzy! Özüňize nesip edewersin-eý! Gije-girimde bir ine123
gana rahat ýataweräli!” diýip getirip gidendirler…Ýataklaryndan mallaryny boşadyp,
penjireleriniň aýnasyny goparyp çuwal gyz saklamagyň hem-de özlemmiz ýaly giýewli
bolmagyň ähli “hezilligini” görkezendirin…
Sahy loh-loh gülüp durşuna tekeri dakyp boldy-da, senetlerini ýygnamaga durdy.
Dem salymdan olar ýene-de ýola düşdüler. Hiç-hili başdan geçirmesiz hem Sahy
Seýrany mellekleriniň gädiginde düşürip gaýtdy.
Seýran ardynjyrap gapylarynyň agzyna barandan gelni Nurjemal atylyp öýden
çykdy. Sebedini elinden aldy:
-Geldiňmi?
Gelnini göreninden Seýranyň ähli gahary dyr-pytrak boldy. “Ind-ä anygyna ýeterindä!” diýip ol uludan demini aldy.
-Hawa, geldim.
“Irden näme diýjek bolduň?”diýip ol soramaga çemeleşdi. Emma zordan dilini
dişläp ýetişdi. “Häzir ýuwnup-ardynaryn, onsoň arkaýynlykda, öýde soraýaryn.” diýen
niýet bilenem köwşüni çykardy-da, gelnine ýüzlendi:
-Şol sütükli desmaly alsana. Ýuwnaýyn. Ejem-kakam ýokmy?
-Ýok. Jigileriňi alyp günortanky toýa gidişleri. Häzir gelerler.-diýip gelni öýe girip
barşyna jogap gaýtardy. Seýran bolsa hammama garşy ýöneldi. Hammama gireni hem
şoldy welin, daşardan tanyş ses geldi.
-Salawmaleýkim, gelneje! Seýran işden geldimi?
-Hawa.
Seýran sesi tanady. “Nazar geldi öýdýän.” diýip daşaryk çykdy.
Dosty Nazaryň ýeke özi däldi. Ýanynda haçandan bäri görüşmedik dostlary Şöhrat
bilen Geldi hem bardy.
-O-how, oglanlar, sizmisiňiz?!
Seýran olar gadyrly görüşdi. Hal-ahwal soraşanlaryndan soňra Seýran dostlaryny
öýe çagyrdy. Olaryň yzy bilen girip barşyna aňynda dörän: “Ýene-de anygyna ýetip
bolmady-how! Ýetip gelen dessine soraý-da diýsene?!” diýen ahmyrdan doly tukat pikiri
kalbynyň iň çet jümmüşine kowdy. Ähli üntüşigini bolsa dostlarynda jemledi.
Dost söhbeti hemmä belli. Seýranyň myhmanlary gürrüňe gyzygyp ýarygijä çenli
oturdylar. Çagalyk hemdemleri bilen ümmüldeşip oturşyna Seýran hem bükgüldisini
unutdy. Diňe dostlaryny ugradyp öýlerine dolananda irdenki gürrüň huşuna geldi. Uzak
günki galagopluk onuň köňlünde ýaňadan örç alyp galdy.
-Owf! Şu gün meniňki boljak däl öýdýän! Indi bir anygyna ýetsem. Uzakly gün
ýöne içime bir gysym köz guýlan ýaly boldy ýördüm.
Seýran pikirini daşyndan pyşyrdady-da, içerik girdi.
Kakasy, jigileri uka gidipdiler. Ejesi bolsa gülçyranyň ýagtysyna nämedir bir zada
dümtünýärdi.
-Oglum, myhmanlaryňy ugratdyňmy?
-Ugratdym, eje.
-Indi beri ýataweri. Ertirem azanda turup işe gitmelisiň.
-Bolýar, eje.
124
Seýran öz otaglaryna geçdi. Gelni oňa garaşyp otyrdy. Seýran “indi beri biri päsgel
beräýmesin.” diýip howatyr edýän deýin, gire-girmäne gelnine:
-Irden näme diýjek bolduň-a? Uzakly günümi sermi-sal bolup geçdim.-diýdi.
Gelni ýaňaklaryny nar öwüsdirip, hälden bäri bu sowala garaşyp, taýýar oturan ýaly
sülmüräp pyşyrdady:
-Men bar-a…
-Hawa sen?!-diýip içi byjyklap, sabyr-kanagaty galmadyk Seýran gatyrganjak
boldy.
-Men bar-a…
Gelin ýene-de sakyndy.
Şol pille-de daşardan ejesiniň howsalaly sesi geldi.
-Seýran jan, çykaweri daşaryk!
Seýranyň ýeňse damary gatady.
“Bilgeşleýin edilýän ýaly-la, bu zatlar! Şu gezeg-ä dünýäni sil alsa-da magadyna
ýetmän çykmaryn.”
-Aýt-how, bahymrak!-diýip Seýran gelnini gyssady. Emma gelni dil ýarmaga
ýetişmänkä ejesiniň gykylygy has howsalaly çykdy.
-Ýetişeweri, oglum! Bu şahy döwülmiş öküzçe gazygyndan boşanypdyr ahyry.
Ýetişeweri, süsüp-süsüp tamdyry ýumrup barýar-la, bu boşaman geçmiş!…Wa-eý!
Kerseni nirä alyp barýarsyň! Goý kerseni, burnuna burunnyk salynmyş! Kerseni
kellesine geýdi-le, ýetiş ahyry, Seýran jan!
Seýran owfuldady-da daşaryk ylgady. Ylgap baryp göläniň şahyndan ýapyşmaga
synanyşdy. Emma göle oňa baş bermedi. Kellesini bir silkende elinden sypdy-da,
guýrugyny jaýtardyp ümdüzüne tutdurdy. Seýranam etek alty ýeň ýedi bolup onuň
yzyndan eňdi. Garaz boldy bir elpe-şelpelik. Beýle erkinlik dünýä ineli bäri miýesser
etmedik göle jyrtlap ýörşüne, tutdurman, buduna süsdümi, aýagyndan basdymy, garaz
haý, azar ýamanyny berdi. Seýran ahbetin awunyp-çürkenip göläni zordan tutdy. Ony
ýatagyna eltip daňanyndan soň Seýran hammama girdi-de ýuwundy. Üsti-başyny
kakyşdyrdy. Hum ýaly çişibem gelniniň ýanyna bardy. Gelnine ýüzlenende-de sesi
gaharly çykdy:
-Ýeri, irden näme aýtmakçydyň?!
Gelni onuň çişip ýarylmaga taýyn bolup durandygyny syzyp, jogap bermäge
howlukdy.
-Seýran, men… Meniň aýagym agyr.
Gelniniň uýaljaň pyşyrdysynyň manysy birbada Seýranyň aňyna ýetmedi. Haçan-da
aýdylan täzelige düşünende bolsa göwnüni gabsap alan şatlyk duýgusy ony ýekedaban
bilen urlan ýaly etdi. Ol aşak çökdi-de gelniniň ýüzüni aýalarynyň arasyna gysdy.
Ýokaryk galdyryp, göreçlerine dikanlady:
-Şeýlemi?!
Gelni sesini çykarman baş atdy. Gelniň şu ýekeje hereketi hem uzak günki
kösenjini Seýranyň huşundan sypba-sypyrdy. Ol:
-Alla ýol berse oglumyz bolar.-diýip pyşyrdady-da, gelniniň dyzyna ýassandy.
125
“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2006-njy ýylyň
25-nji martyndaky sany
Basdaş
…Gündiz oýnap, mazaly ýadandygy zerarly başyny ýassyga goýan badyna
uklandygyna garamazdan Didarjyk gijäniň birmahaly näme üçindir allaniçiksi bolup,
oýandy. Ol birbada özüne näme bolandygyna düşünmän gözüni tegeläp, dik oturdy.
Birsellem hem şol oturşyndan gozganmady.
Birdenem ejesiniň düşeginiň boşdugyny görüp, howsalaly gorky bilen tisginip gitdi.
Gözlerine-de ynanmaýan ýaly, ejesiniň düşegini eli bilen sermeleşdirdi.
Düşek buz ýalydy.
Töwerekde gyz uýalary, goňşy otagda bolsa erkek doganlary ýatan hem bolsalar
Didarjygy, ysgynyny alyp barýan, şeýlebir güýçli howsala, wehim gaplap aldy. Otag
tüm-garaňkydy. Aýyň pejireden düşýän ölügsi ýagtysy bolsa, içeriniň garaňkylygyna hiç
hili üýtgeşiklik berip bilmeýärdi.
Göwnüne bolmasa şol garaňkylygyň içinde-de Didarjygyň ýekeje özi oturan
ýalydy. Ol gymyldamaga-da, yzyna gaňrylmaga-da gorkýardy. Çüňki bu garaňkylyk,
otagyň burçlary, tekjäniň aşagy her dürli, betnyşan, göze görünmeýän mahluklardan
dolup durdy. Eger Didar gozganaýsa, gaňrylaýsa dumly-duşdan onuň üstüne topulmaga
olaryň hemmesem taýýar bolup duran ýalydylar…
Didarjyk bu pursat özüni şeýle bir ýalňyz hem goragsyz duýdy welin, onuň ulili
bilen gygyryp bu otagdan gaçyp gidiberesi geldi. Emma ol gygyrmaga-da, uýalarynyň
biriniň adyny tutmaga-da öz sesinden gorkdy. Çünki ol hatda demini gatyrak alaýsa-da
şol göze görünmeýän mahluklar ýerli-ýerden oňa garşy okdyryljakdylar.
Şeýdip ol doňan deýin, ýene-de esli oturdy. Alla bilsin, ol ýene-de näce wagtlap
şeýle halda oturjakdy, birden güýz gijesiniň agras mahymy bu titräp oturan çagajyga
dözmedimi nämemi, onuň öňünden ýukajyk bulut örtügi syrylyp aýryldy-da ölügsi
şöhleler şugla saçyp başladylar.
Şol bada garaňkylyk öňküsinden az-kem ýagtyldy. Onuň ýagtylmagy bilen hem
otagyň içini doldurýan göze görünmezek mahluklar gysylyp-gysylyp iň garaňky burça
ýygnandylar. Didarjygyň hem ýüregi gürsüldäp-gürsüldäp urmasyny goýdy. Ol
rahatlandy.
Ýöne şonda-da ol ejesini gözlemäge turmakçy bolanynda, ähli erkini toplap özüne
zor salmaly boldy. Çünki onuň göwnüne bolmasa şol mahluklar gizlenen burçlaryndan
çykyp ýene-de onuň daşyny alaýjaklar ýaly bolup durdy.
Her name-de bolsa ol aýaga galanyndan soň ejesini gözlemäge ugrady. Ilki otaglara
aýlandy. Soňra ýekelikden we garaňkylykdan hernäçe gorksa-da hammamy görmäge
ugrady. Ol ýerde-de ejesiniň ýokdugyny görüp, howlynyň bar ýerini agtaryp çykdy.
Agtardygysaýy hem Didarjygyň kükrejigini nähilidir bir üýtgeşik ajy, ýöne öňem
ençeme gezek duýlup görlen howsala hem ýekesiremek dolduryp başlady. Onuň aglasy
gelip ugrady. Şol bir wagtda-da aglabermäge-de utandy.
Sebäbi öňräk bir gezek şeýdip bir biderejik zat üçin kemşereninde kakasynyň
126
“öküz ýalaky bolup jögüläp ýörmüň?!” diýip öte kemsindireni heniz onuň hakydasyndan
çykmandy. Birdenem kakasy hakynda pikir edeninde Didarjygyň ýadyna ýaňy aýlanyp
ýörkä kakasynyň düşeginiň hem boşdugyny görendigi düşdi. Ony hasam howsalaly
ýalňyzlyk basmarlady…
Ýaňky “göze görünmezek mahluklardan doly tümlük” indi onuň ýadyna-oýuna-da
düşmedi. Birdenem ol ejesini tapmaga iň soňky umydy bolan, mellegiň aýagujyndaky
hajathana garşy ylgady. Demi demine ýetmän “has-has” edip barşyna-da, hajathananyň
bäri ýanynda durup:
-Eje! Eje!—diýip inçejik çaga sesi bilen gygyrdy. Hiç kim jogap bermänden soň
gorka-gorka baryp, gapysyny çekdi. Hiç kimiň ýokdugyny görübem hyrra yzyna
öwrüldi-de, yzyndan ýagy kowalaýan ýaly, ylgap öýlerine gaýtdy. Ýöne ol girip
gidibermän, bosagada oturdy-da, iki eljagazyny dyzyna diräp, uludan demini aldy.
Onuň döşünde nähilidir bir kinniwanja zatjagaz howsala bilen gorjanýardy. Şonuň
gorjanmasyndan ýaňa-da Didaryň goňurja gözleri ýaşdan püre-pür dolýardylar.
Dodajyklary hem öz-özlerinden kemşermezlige, gözýaşlara-da syrykmaga ýol
bermezlige çalyşýardy.
Emma aglamazlygyň hötdesinden gelmek oňa uzak başartmady. Özem duýman ol
ilkä assajadan, soňam ýetişibildiginden goşary bilen gözlerinden akýan ýaşlary
süpürişdirip, pessaý aglamjyrap başlady:
-Nirä gitdilerkä-raý?! Aýdaýmaly-da! Näme meni turzup bilmedilermikä? Ertir
gelsinler hany, meniňem edişime seret? Hiç haýsyna aýtman mamamlara giderin. Onsoň
yzymdan meni gözlärler…Aýtman giden bolýarlar dälmi? Meniň hem edişim bardyr…
Kiçijik ýüregiň kinesi onuň kükrejigine sygmaýardy. Şonuň üçinem Didarjyk
agladygyça beter aglaýardy.Birdenem şol aglamjyrap oturşyna ol :
-Wiý jigim, näme bärde beýdip otyrsyň?!-diýip iň uly uýasynyň ýeňsesinden
eşidilen sesine tarap öwrüldi. Emma doganyny görüp ol aglap oturandygyna utanmady.
Aglaýandygyny ýaşyrjagam bolmady. Gaýta howandar ýüzi görüp hasam aglamjyrady.
-Ejem, nirede? Kakam hany? Näme meni turuzmadyňyz?
Garadaňdanyň süýji ukusynyň bozulýandygyna uýasynyň gahary gelse-de özüne
basalyk berip, Didary köşeşdirmäge dyrjaşdy:
-Wiý muny ullakan oglan bolup “ejem-kakam” diýip ezzerlip-müzzerilip dur,
uýalmadyň nätdiň, aý oglan?! Ejem-ä saňa jigi getirmäge bäbekhana gitdi…
- Bäbegi näme edeýin? Ejemiň yanyna gitjek.-diýip höre-köşe edilmesine has beter
örç alan Didarjyk kejirligine tutdy.
Öňem oýarylandygyna jany ýanyp duran uýasynyň Didaryň hereketine girre gahary
geldi:
- Munuň bolan bolaýşyny! – diýip ol Didaryň golundan tutdy-da içki otaga garşy
idenekledip goýberdi.- Göle ýaly bolup, utanaňok hem. “Ejem” diýen bolup. Sokul
ýeriňe! Ýogsa-da ýenjilýäň häzir…
Muňa Didarjygyň bolmajysy boldy. Ol aýagy bilen däbşenekläp, möňňürip başlady.
Birki şarpyk iýeninden soň-a hasam möwç aldy. Soňabaka bolsa gygyrdygysaýy ähli
duýgulary, pikirleri öçüp hemme damarlary kiriş deýin dartylyp başlady.
Onuň sesine agalarynyň-uýalarynyň barysy ördüler. Çyra ýakyldy. Ýerli-ýerden
127
ony köşeşdirip ugradylar. Haýbat atdylar. Käýýediler. Südenekletdiler. Öňüne süýjiköke dökdüler. “Oňa äkideris, muňa äkideris, ony äbereris, muny äbereris” diýip, her
dürli wadalar berdiler. Emma ol köşeşmedi.
Näçe köp agladygyça-da onuň duýgulary küteldiler. Kellesem hum ýaly çişdi.
Indi oňa ejesi hem, hiç zat hem gerek däldi. Ol indi saklanyp bilmän, ýöne aglap
otyrdy. Ahyrynam ol daň saz bereninde agysyna usurgap, ýaşly gözleri bilen uklap
galdy…
Ertesi gün oýananynda eýýäm birhili ejesiniň ýoklugyna boýun alyk bolup oýandy.
Özem indi näme üçindir onuň göwnüne bolmasa döşünde hiç haçan egsip bolmajak bir
zat hemişelik galan ýaly boldy, ýördi.
Bu duýgy hatda ejesi keselhanadan gelenden soň hem aýrylmady. Dogry ol ilki bir
ejesini görende ýumşajak ýaly hem etdi. Ýöne ejesiniň elindäki dym-gyzyl, betnyşan
gurjaga meňzeş bäbege gözi düşen dessine şol zat ýene-de gatap, onuň çaga kalbynyň iň
jümmüşine çökdi.
Soňky bolup geçen zatlar bolsa şol zadyň has hem gatamagyna ýardam etdi. Ol
zatlar hem ulularyň oňa bolan garaýşynyň üýtgemegidi. Öň Didarjyk bu öýüň merkezidi.
Hemmeler onuň bilen oýnaýardylar, oňa üns berýärdiler, gürrüňlerini gülüp
diňleyärdiler. Dogrusy indem her geçen ýumşaklyk bilen onuň söbügini sypaýardy,
indem ony ýokaryk bökdürýärdiler, diňleýärdiler, gülüşýärdiler, oňa süýji-köke
äberyärdiler. Ýöne ol bu öýüň merkezi däldi. Bu öýüň merkezi indi şol dym-gyzyl,
betnyşan gurjakdy…
Ejesem… hatda ejesem ondan daşlaşypdy. Öň olar ýanaşypjyk bileje ýatardylar.
Beýdip ýatmak bolsa şeýle rahat hem süýji bolýardy. Indi bolsa ejesi ikisiniň arasynda
dym-gyzyl, betnyşan, gijelerine-de arkaýyn ýatmaga goýmaýan, çyrlawuk gurjak
ýatýardy. Ilkinji gün ejesi Didarjygyň düşegini bäbegiňkiniň aňyrsynda ýazanda ol
göwnüne degilmekden ýaňa kemiş-kemiş edip aglady hem, ejesi käýinenden soň bolsa:
- Seniň ýanyňda ýatjagam däl! – diýip, kakasynyň gapdalyna geçipdi. Ýöne ýenede ynjalyp bilmän, ýary gijeden aganyndan soň ýorganjygyny süýräp, ejesiniň ýazyp
beren ýerine gaýdyp barypdy.
Ol birnäçe gezek ejesi bilen kakasyna ähli öýkesini gürrüň bermäge hem
synanyşypdy. Ýöne her gezek onuň bar diýip bilýän zady:
- Şol bäbegi almalam däl eken-dä! Owadanam däl öz-ä! Gözem gazak, burnam
myşşyk…-bolýardy. Onuň diline şondan başga söz gelmeýärdi. Ejesi-kakasy bolsa onuň
ýöntemje sözleriniň düýbinde ýatan öýkeli duýga düşünmän, hezil edip gülüşýärdiler.
Didarjygyň göwnündäki zat bolsa muňa hasam gatap, hasam beter aşak çökýärdi.
Şeýdibem günler geçip durdylar, geçip durdylar. Olaryň geçmegi bilen Didarjyk
ýuwaşjadan hiç kime, hatda özüne-de bildirmän bäbeklikden çagalyga garşy ätleýärdi…
“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2007-nji ýylyň
8-nji iýunyndaky sany
128
Gelin kürtesi
„...Ol meniň elýetmezimdi...emma ol maňa
düşünmedi...ýa-da men düşündirip bilmedim...Äý, bu
dünýä her kime bir hili açylýar-da... Hernä Hudaýym,
oňa ökünmek nesip etmäwersin... Özüm bolsa...
hiç...ýürek bolsa söýgi tapylar“.
( Biriniň gürrüňinden)
…Hemmesi düýş ýaly bolup galdy. Çagalyk, mekdep ýyllary, on dört-on bäş
ýaşynyň gelmegi bilen bedeninde peýda bolan üýtgeşiklikler zerarly dörän täze-täze
duýgular, olaryň duýulmadyk lezzeti, näbelliligi, nätanyşdygy, ilkinji söýgüdir öýdülip
pikir edilen, pikir edilip-edilibem şol onlarça gezek tutaşan, her gezegem lapykeç bolnan
badyna ýatdan çykarylýan höwesleri uly bir zadyň derejesinde eltilen günler…Bary
hakykat bolman, alasarmyk düýşde görlen ýaly…
Sawçylaryň öýlerine gelendäki ýüreginiň tolgunmasy, ýigit bilen görüşmegi, onuň
sypaýylygyna maýyl bolup, durmuşa çykmaga razy bolmagy, onsoň garaşylyp-garaşylyp
ahyrsoňy ýetilen toý… Hatda şol zatlaram Ýyldyz üçin ukudaka görlüp ýatylan düýş
ýaly bolup durdy. Hamana nika gyýylyp, guşak çözdürilenden soň ýaşyl gelin kürtesiniň
astynda, gapdalyndaky gyz-gelinleriň gürrüňleridir, bir-birine oklaýan degişmelerini
eşitmän, aljyraňňy oýlaryna berlip, içki tolgunmasyny basyp ýatyrmaga dyrjaşyp,
gyzaryp-galpyldap oturan gelin hem özi däl ýalydy. Edil hiç kimiň gözüne görünmeýän
kölege bolup Ýyldyz atly gyzyň durmuşa çykarylyşyny, gelin bolşuny, ýat ýere ilkinji
gezek düşüp, ýat adamlary ilkinji gezek görüp ýadyrgaýşyny, özi başyndan geçirýän
dek, kesesinden synlaýan ýalydy.
Ýyldyz özüniň gelin bolup oturandygyna, başynda şol bir wagtlar kiçijik,
gulpajygyny tasadyp ýören gyzjagaz wagty arzuw edilen, ýetip bolmajak ýaly görnen,
şaý-sepleri şaňňyrdaýan gelin kürtesiniň atylandygyna hiç ynanyp bilmeýärdi. Onsoňam
näme üçindir şol wagtlar, möngözli gyzjagaza bagtyň aňyrbaşy bolup görnen, başga
gelinlerde heziller edilip gözigidijilik bilen hem-de çaganyň günäsiz bahyllygy bilen
synlanylan owadan gelin kürtesi Ýyldyza şol garaşýan begenjini bermeýärdi. Bu belki
Ýyldyzyň aşa tolgunmagyndandyr ýa-da belki näbelli, täze durmuşyň ýaňy bir
bosagasyndan ätläp, entek töre geçip bilmän, aljyraňňy halda, öz duýgularyndan ugurutga tapman oturandygy ücindir…
Ýyldyz duýgularyna düşünmeýärdi. Ol düşünerden biçak aljyraňňydy, öte
tolgunýardy. Ýyldyzyň kalbynda nähilidir bir gussa goşundyly şatlyk duýgusy bardy.
Ýöne bu duýgy-begençmi, razylykmy, ahmyrly bagtyýarlykmy… Ýyldyz bilmeýärdi.
Tolgunmadan ýaňa Ýyldyz başyndaky kürtesiniň agramyny hem duýmaýardy.
Kürte ýeňiljekdi. Ýogsa daşyndan görseň, agyr bejergili, işliklenen kürtäniň ep-eslije
agramy bolaýjak ýalydy…
Ýyldyzyň daşyny gallap oturan gyz-gelinler bir-birine gezek bermän: “a gyz-da–a
gyz” bolşup, degşip-gulşüp jaýy göçüräýek bolýardylar. Olaryň hemmesiniň keýpiniň
kökdügi seslerinden bildirýärdi. Ýaňyja sowlup märekesi dagan toýuň heýjanly täsiri
129
entek gyz-gelinleriň süňňünden çykmady. Ine, ýene az salymdan toýuň täsiri ýitişip
ugrar, onsoň toýuň abraýly sowulmagy üçin, bir- iki günläp ýarym ukuly halda, rahat
oturyp, ine-gana iýlip-içilmän iki ýaňa ylgaşlap edilen hyzmatyň argynlygy bedenleri
doldurar-da, heýjaneleklikden ýaňa dartylyp durandygy ücin ýadawlygy duýmaýan
göwreleri gowşadar we uky bilen bürüp başlar… Emma häzir welin, neşäniň täsirine
barabar toýuň täsiri öz güýjini ýitirmändi, şonuň üçinem gyz-gelinler nagyşlary
ýaldyraýan kürtäniň aşagynda sülmüräp oturan Ýyldyzyň gapdalynda çaý başynyň
mesawy söhbetini edýärdiler. Olaryň gürrüňlerine üňs bermeýän Ýyldyz gabagyny
galdyrmaga-da utanyp, şol bir oturşyny üýtgetmän, ýüzüni aşak salyp, ýygrylyp otyrdy.
Ýyldyz çen bilen wagty biljek bolýardy. Guşak çözdürilende Ýyldyz kimdir biriniň
goňras erkeksi ses bilen: “Sagad-a ýaňy iki bolup on minut geçendir” diýip, başga
biriniň soragyna jogap berenini eşidipdi. Emma Ýyldyzyň göwnüne bolmasa, ondan
bäri tutuş bir bakylyk geçen ýalydy. Birden-birdenem wagt asla gymyldaman, guşak
çözdürilip, öýe salnaly bäri, döwlen sagadyň dili ýaly, doňup galana meňzeýärdi. Özüne
gysmyljyrap oturan on dört ýaşlaryndaky gyzdan bolsa: “wagt näçe bolduka?” diýip
sorabermäge, töweregindäki gelinler eşider öýdüp, ejap edýärdi. Dogrusy diňe şol gyzyň
ýeke özi bolsa utanybam durmazdy. Sebäbi Ýyldyz onuň indi öz baldyzy, Saparyň gyz
jigisi Aýşatdygyny bilýärdi. Wah, ýöne şu gelinler bar-da, olaryň her haýsam bir zat
pikir eder. Biri: “agsama howlugýar-ow, görgüljik” diýer, ýene biri bir zat diýer, üçinjisi
bolsa özüçe: “nirä gyssanýaň, asyra. Barybir, şol gujak senden sypmaz” diýen bolup
käýiner.
Sapar diýende ýadyna düşdi. Ýyldyz Saparyň ýüz-keşbini ýadyna saljak bolup
çytraşdy. Emma basarmady, Saparyň adyndan başga hiç zat Ýyldyzyň ýadyna düşmedi.
Diňe Saparyň “Sapar” ady bilen, onuň özüne sypaýy ýigit bolup görnendigi Ýyldyzyň
ýadynda galypdyr eken.
Ýyldyz Saparyň suratyny däl-de, özüni ýekeje gezek duşuşanlarynda görüpdi.
Onda-da az salymdan soň känbir düzüwli gepleşmän hoşlaşypdylar. Olaryň şol
duşuşyklarynyň bar dowamlylygy iki sagada-da çekmändi. Bu gün bolsa gelnaljy
maşynda otyrkalaram, oba arçynynyň jaýynda nika şertnamasyna gol çekýärkälerem,
Magtymguly atamyzyň ýadygärligine gül goýýarkalaram, soň guşak çözdürilende-de,
Ýyldyz ýeke gezegem gabagyny galdyryp Saparyň ýüzüne seredip bilmändi…
Birden gep-gürrüň tapba kesildi. Ýyldyz daşynyň gugaryp galandygyny diňe şu
wagt duýdy. Ol gyzlaryň nädip çykandygyny hem, haçan çykanyny hem duýman
galypdy. Saparyň ýeňňeleriniň biri egninden çalaja sypalap, göwünlik berenini-de,
maslahat bereninni-de eşitmändi. Hatda saçak ýazylyp, saçagyň üstüne dürli-dümen
üýşürilenini-de aňşyrmandy…A belki aňşyrandyram, görse-görendirem, ýöne
aljyraňňylykdan, howsaladan ýaňa üns beren däldir.
Bu bolup geçýän zatlardan Ýyldyz garaňkynyň düşendigini çaklady. Gyzyň
bedenine howsalaly galpyldy aralaşdy. Näme üçindir titräp başlady. Gorkumy,
howsalamy, näbelli bir zadyň işiginde duranlygy üçin bilesigejilik duýgysymy… garaz,
bir topar üýtgeşik duýgulardan garym-gatym bolan, gyzlaryň ömründe ýeke gezek
duýýan duýgusy Ýyldyzy aýaklarynyň dyrnaklaryndan saçlarynyň
ujuna çenli
doldurdy…
130
Öňler ýaş gyz döwürleri şol syrly matal bolup görünýän gapynyň aňyrsynda, ýigit
bilen gelniň arasynda nämeler bolup geçýändigi Ýyldyzda ägirt uly gyzyklanma
döredýärdi. Her gezegem agşam düşüp, kürtäniň aşagynda sülmüräp oturan gelniň
ýanyndan gitmeli bolanynda Ýyldyz gapydan çykyp barýarka gelne hem-de ýaş
çatynjalaryň otagyna höwesden doly bilesigelijilik bilen seredip galýardy.
Ine, indi bolsa Ýyldyzyň özi şol höwes hem bilesigelijilikden doly nazar oklanýan,
tapmaça ýaly otagyň içinde, ýetginjek gyz gözlerini höwes bilen özünde az wagtlyk
saklaýan owadan gelin kürtesiniň aşagynda sülmüreýän gelin bolup otyr. Ýöne näme
üçindir Ýyldyzyň aňynda bu wagt hiç hili höwes ýokdy… Dogrusy, höwes bardy, ýöne
bedeniň, damarynda gaýnap duran ýaş ganyň gyzgyn höwesini aljyraňňy aň
duýmaýardy. Entek üýtgeşik bir kynçylygy-da, kynçylykdan soň şeýlebir ajaýyp bolup
görünýän şatlygy-da duýup görmedik, gögele gyz aňy öz aljyraňňy tolgunjyna gümrady.
Birdenkä Ýyldyzyň aljyraňňy, ugur-utgasyz, bir-birine gabat gelmeýän pikirleri
gaýyp boldular-da, olaryň deregine üstünden üç-dört ýyl geçen wakanyň düýşe öwrülip
giden ýatlamasy peýda boldy. Bu kakabaş hakydanyň işidi. Ol ýene-de bir gezek
düýbünden gerekmejek ýerinde özüniň bedene we aňa boýun egmeýändigini
görkezýärdi. Hakyda müdümilik wepadar, göwre bilen aňa hemişelik dönük gözler bolsa
gabaklaryny sallap nepis halynyň göllerinde şol geçip giden gurbanlygy görýärdiler…
Äpet hiňňildik asmana ýetäýjek bolup bat alýardy. Hiňňildigiň üstündäki üç sany
gyzyň köýneklerine çolaşýan bezzat şemal öz ýyndamlygyna guwanýan ýaly, gyzlaryň
ýuka köýneklerini baýdak edip birsalym pasyrdadýardy-da, öz ugruna geçip gidýärdi.
Göz açyp-ýumasy salymdan bolsa ýene-de dolanyp, öňki hereketlerini gaýtalaýardy.
Hiňňildigiň üstündäki gyzlar—Ýyldyz bilen iki jorasydy. Olardan başga hiňňildigiň
üstünde ýene-de bir oglanam bardy. Ol Ýyldyzyň öňünde durdy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Şazadanyň şikäri - 15
  • Parts
  • Şazadanyň şikäri - 01
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2261
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 02
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2305
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 03
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2252
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 04
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2157
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 05
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2204
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 06
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2060
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 07
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2099
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2228
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 09
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2272
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 10
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2230
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 11
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2374
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 12
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2094
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2066
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 14
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2175
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 15
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2238
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 16
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2142
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2282
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 18
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2122
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    37.4 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 19
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2271
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 20
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 2191
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 21
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2359
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 22
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 23
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2172
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 24
    Total number of words is 906
    Total number of unique words is 612
    40.0 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.