Latin

Şazadanyň şikäri - 06

Total number of words is 3675
Total number of unique words is 2060
29.6 of words are in the 2000 most common words
43.6 of words are in the 5000 most common words
50.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gynandym! Görer gözüm görmez dek, biler biligim (kesgir aňym) bilmez dek boldy.
Özüm gynandym! Tükeniksiz döwürleri Taňry ýasapdyr, kişi ogullarynyň (adamzadyň)
baryny bolsa başy ölümli döredipdir. Şunça gynandym! Gözden ýaş gelse sylyp,
köňülden gaýgy gelse, ýanyp gynandym. Gaty gynandym! Iki şadyň 2 başda durmagynda
inilerimiň, oglanlarymyň, beglerimiň, halkymyň aglamakdan ýaňa gözi-gaşy ýaman
bolar diýip gynandym.” Beýik hökümdarym, indi seniň öz agyňy aglap, şol sözleriňi
gaýtalamaly boldy…
1
2
Tabgaç-gadymy oguz-türkmenleriniň hytaýlylary atlandyryşy;
Şad-gadymy oguz-türkmenleriň dilinde “häkim” diýmegi aňladypdyr.
46
Beglerbegi şeýdip, merhum hökümdaryň dyzlaryna bagryny berip kän oturdy. Şol
oturşyna-da özüniň Beýik Kagan hem-de onuň şöhratly inisi Bars beg bilen ilkinji gezek
duşuşyşy, edil şu pursatda bolup geçýän ýaly gözleriniň öňünde janlandy.
…Onuň kakasy Ýüwe Ilteriş beg pahyr Enesaýyň kenaryndaky belent depäniň
üstünde orun tutan, çaklaňja gorganyň kethudasydy. Görgüli zanny ýuwaş adam
bolandygy sebäpli daş-töweregindäki gowgaly dünýäniň hiç bir zadyna gatyşmaýardy.
Onuň durmuşy özüniň gorganynyň gündelik hysyrdylary, owunjak aladalary bilen
doludy. Enesaýyň suwlarynyň ýüzi tomus aýlary rahatlyk hem endiganlyk bilen
gaýmaklap durýardy. Ýüwe Ilteriş begiň bolsa özüniň-de, gorganynyň-da durmuşy
ýylyň dört paslynyň dowamynda hem Enesaýyň suwlarynyň tomus aýlaryndaky bolşuna
meňzeşdi. Ol wagtlar kiçijik Ulug hem ýagty jahanda öz gorganlarynyň parahat hem
adaty durmuşyndan özge durmuşyň bardygyny bilmezdi. Ol ejesi-kakasynyň, alty agasy
bilen bäş siňlisiniň arasynda, körpe perzent hökmünde, ýeke öýliniň horazy deýin
eljiredilip saklanýardy. Ulug biçak bagtlydy. Emma günlerde bir gün…
Şol pajygaly günler hakydasyna gelende Ulug Gürgeniň ini tikenekläp gitdi. Onuň
çaga döwründe başyndan geçiren eýmenç wakalary ýadyna salasy gelmedi. Emma
welin, çöp sokulyp gorjalan ary köwegine dönen hakydasy oňa baş bermän, ony
mähribanlaryndan aýra salan şol aýylganç günleri, ähli jikme-jikliginde dikeltmegini
kesir özdiýenlilik bilen dowam etdirdi.
Enesaý ülkesine mahsus bolan sowuk güýz günleriniň birinde, ençeme menzil
daşlykda ýerleşýän, serhetýaka gorganlaryň birinden Ýüwe Ilteriş begiň gorganyna:
“Kytaňlar1 çozdy!” diýen gorkunç habar gelip ýetdi. Emma beýle-beýle howsalaly
habarlara öwrendikli begem, gorganyň ýaşaýjylary hem üýtgeşik bir howsala
düşmediler. “Gymyzdyr-aýrandan mes bolan, garakçy kytaňlaryň däli alamanydyr-da,
sähralardan birdir ýarymdyr gylýal sürüsini oljalap, öz ýurtlaryna garşy garalaryny
saýlarlar-la!” diýip arkaýynlyga saldylar. Sebäbi soňky otuz ýylyň dowamynda bu
jelegaýlara äwüp-säwüp hem gollary ýaragly bigäneleriň atlarynyň toýnagy düşmändi.
Şonuň üçin hem Ýüwe Ilteriş beg gorgandan menzil ýarym daşlykdaky garawuldepedäki
günde çalşyp durýan saklawlaryna arkaýyn bolup, goňşy gorganlara habar ibermeg-ä
beýle-de dursun, hatda öz gorganynyň diwarlarynda garawullary köpeltmegiň hem
aladasyny etmedi. Şu arkaýynlyk hem Ýüwe Ilteriş begiň gorganynyň başyna ýetdi.
Birnäçe aty çalşyp münüp, düşlemezden-gonmazdan, at üstünde nahar edinip hem
uklap, ummasyz aralyklary sanlyja günde geçip, özlerine garaşylmaýan ýerlerde
duýdansyz peýda bolmagyň ussady bolan, maýmyn ýaly çalasyn kytaň atlylary daňa
ýakyn garawuldepedäki bigam sakçylary assyrynlyk bilen ýoklap, Ýüwe Ilteriş begiň
gorganynyň alkymynda at başyny çekdiler. Gele-gelmäne-de olaryň uzyn-uzyn
peýkamlary öz gözleriniň görýän zatlaryna düýşüdir öýdüp, alasarmyk ukudan oýanyp
bilmän, sermisal bolan, gorganyň garawullarynyň bir-iki sanysynyň gursagyndan sümdi.
Gorganyň agaç diwarlarynyň haçjasynyň aňyrsynda gizlenmäge ýetişen garawullaryň
biri gürzisi bilen galkanyna “gümpüldedip”, gorganyň ilatyny örüzýänçä bolsa, çalasyn
kytaňlar, kementlerini oklap, gorganyň diwarlaryna dyrmaşyp başladylar. Gorganyň
1
Kytaňlar-gadymy oguz-türkmenleriniň mongollary atlandyryşy.
47
ilaty ýaraga ýapyşýança kytaňlardan bir-iki sanysy garawullar bilen çapyşyp, gorganyň
derwezesini açmaga ýetişdi. Kirden ýaňa keşpleri jähennemden dahyl bolan iblislere
çalym edýän kytaň atlylary, gapyl basylan gorganyň içine kürsäp gireninden soň bolsa
aýylganç gyrgynçylyk başlandy.
Gorganyň goly ýarag tutýan erkek göbeklisi şol gyrgynçylygyň ilkinji pursatynda
san taýdan juda agdyk, rehim-şepagatsyz ýagynyň pidasy boldy. Ilkinjileriň hatarynda
kiçijik Ulugyň kakasydyr-agalary hem öz ojaklaryny, ezizlerini gorap baş goýdular.
Siňlileri bilen bilelikde elleri uzyn-uzyn naýzaly, erkek kişiler bilen deň hatarda allajy
ýaga ejesi hem gaýtawul berýärdi. Ejesiniň arkasynda gizlenýän, Ulugyň gözüniň
alnynda kakasynyň kükreginden kytaň peýkamy “şuwwuldap” sümdi. Onuň gözüniň
öňünde mähnet kytaň serdary, özüniň, sapyndan möjek guýrugy sallanyp duran, äpet
gylyjy bilen uly agasyny çapdy. Galan doganlaryna-ha näme bolandygyny hem görmedi.
Ejesine, dört uýasyna hem näme bolandygyny görmedi. Diňe olaryň gana bulaşyp,
demsiz-düýtsüz ýatandyklaryny gördi. Şol pursatda-da, eger Keramatly Deňri oňa
tükeniksiz ömür berse, ýene-de müň ýyldan hem unutmajak wakasy boldy. Uly agasyny
çapan, gap-gara döw ýaly, tüýlek kytaň serdary, körpe siňlisi Altynaýa ýapyşyp, ony bir
çete tarap süýräp ugranda, gülüň baldajygy deýin näzik Altynaý, towlanjyrap onuň
elinden agzyny saldy. Mähnet kytaň serdary agyra çydaman ony goýberip, ýüzüne
uranynda-da, Altynaý bir gapdala towusdy. Soňra hem birjikde ýaýdanman, wepat bolan
urşujylaryň biriniň ýerde ýatan gylyjyny alyp, kükreginden sokdy…
…Şol pursaty täzeden başdan geçirýän Ulug Gürgen beglerbegi, merhum Kaganyň
öňünde baş egip oturyşyna, “haşlap” dem aldy.Oňa pajygaly gijäni ýadyna salmak juda
kyn düşýärdi. Her gezek ar-namys üçin şirin janyndan geçen mähriban siňlisi Altynaýyň
soňky pursady hakydasyna gelende ol ölüp-direlýärdi. Emma ýatlaman hem
bilmeýärdi…
…Mähnet kytaň serdary bolsa al ganyny çar ýana seçip, bir gapdallygyna agyp
giden Altynaýa tarap seretmedi hem. Göýä hiç zat bolmadyk ýaly, seňrigini ýygryp,
talaňçylygyň şady-horramlygyna goşulmak üçin, deňesinden geçip ötägitdi. Körpe
siňlisiniň ýanyna topulyp baran Ulugjyk, bägül baldajygy deýin näzenin gyzyň,
açyklygyna doňup galan maral gözlerine seredende dünýäsi gapyşdy. Dili tutulyp,
gözleri gapyldy. Şol ýerde-de huşundan gitdi.
…Ertesi gün bolsa özüni gul hökmünde oljalap barýan kytaň atlysynyň horjunynda
huşuna geldi. Gözlerini açan badyna hem özüniň öňki çaga agaýanalygynyň deregine
gözlerinde aglap-aglap soňuna çykyp bolmajak, tükeniksiz hasratyň orun tutandygyny
syzdy. Haçan-da özüniň Deňriniň döreden dünýäsinde mundan beýläk enesiz-atasyz,
dogansyz-uýasyz, öýsüz-öwzarsyz, hatda erkinliksiz hem, ýalňyz gul bolup galandygy
hakyndaky pikir çaga ýüregini dilim-dilim edende bolsa, Ulugjygyň özi hem duýman,
horjunyň içinde üç eplem bolup, kytaň atynyň ýorgalaýşyna görä “şalkyldap” barşyna,
içigip-içigip, sessiz-sessiz aglap başlady. Durman, diňmän aglady. Durup bilmän, diňip
bilmän aglady. Iýmän-içmän, ukunyň nämedigini bilmän, sojaman, horkuldaman,
bagryna ganlar öýdürip aglady. Haçan-da onuň aglaýandygyny duýan hyrsyz kytaň
atlysy, ony horjundan çykaryp, agysyny goýdurmak ücin, gamçy bilen ýagyrnysyna
saýgylanda hem, agysyny goýman aglady. Aglap-aglap, ölmek üçin aglady.
48
Gorganlarynyň ýer bilen ýegsan edilenine dördülenji gün diýlende bolsa kytaňlaryň
iki ýüzden gowrak atlysynyň ýoluna, kyrka golaý türkmen atlysy böwet boldy. Olar
özleriniň serkerdesi, egnine barsyň derisini ýapynja edinen ýaş ýigdiň baştutanlygynda,
depäniň aňyrsyndan zompa çykdylar-da, bada-badam gaýduwsyzlyk bilen kytaň
atlylarynyň üstüne, gyrgy kimin eňdiler. Olaryň bolşy göýä, kytaňlaryň özlerinden bäs
esse köpdügini görmeýän ýalydy ýa-da olar ajallaryna howlugýana meňzeýärdi. Emma
olaryň bars ýapynjaly begi söweşe ussat serkerde ekeni. Türkmen atlylary ýyldyrym
deýin süýnüp gelişlerine, oslagsyz hüjümden ýaňa aňk-taňk bolup, heniz nämäniň
nämedigine düşünmän duran kytaňlaryň saplaryna kürsäp giräýmäge az galanda, ählisi
bir adam ýaly, gözeilmez çaltlykda, birisi hem sowa geçmeýän peýkam ýagşyny
ýagdyryp başladylar. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde kytaňlaryň saplaryny paýhyn
eden “ölüm ýagşyny” ýagdyryp hem, türkmen atlylary kytaňlaryň özlerini dürsäp, okýaýlaryna ýapyşyp ugrandyklaryny gören batlaryna jylawlaryny yza burup, giň sähra
tarap ümdüzine tutdurdylar.
Özlerine hüjüm eden duşmanyň “züwwetdinligine” köhi gelen kytaňlar bolsa
ätiýaçlygy unudyp, köplenç özleriniň ulanýan duzagyna düşdüler. Olar duran-duran
ýerlerinde atlarynyň jylawyny ýazdyrdylar-da, az sanly türkmenleriň yzlaryndan eňdiler.
Sähel salym geçmänkä-de, kytaňlaryň saplary bulaşdy. Ýyndamrak atlylary öňe
saýlandy, asgynraklary yza galdy. Şol pille-de edil ýeňselerinde gözleri bar ýaly
türkmenler, bu garma-gürmelikden peýdalanyp, birden yzlaryna döndüler-de,
yzlaryndan kowup gelýän kytaňlaryň üstüne at goýdular. Olara ýakyn gelip, ýene-de
“ölüm ýagşyny” ýagdyryp başladylar. Emma bu gezek kytaňlar hem aljyramadylar.
Ilkinji ýitgileri sapak bolandygy sebäpli, olar bada-bat at başyny çekdiler-de, okýaýlaryna ýapyşdylar. Olar şeýdip türkmen atlylarynyň ýene-de ýeňse berip gaçmagyna
garaşdylar. Emma türkmenler bu sapar hem garaşylmadyk hereketi etdiler. Okýaýlaryny ýygnadylar-da, egri gylyçlaryny syryp, at başyny çekmän, kytaňlaryň bulambujar bolan hatarlaryna kürsäp urdylar. Kyrk sany türkmen atlysy bir nyşana çenelen
polatdan naýza ýaly bolup, kytaňlaryň toparyny ortarasyndan, paýhynlap, ikä bölüp,
geçip gitdiler-de, batlaryna-da yzlaryna dönmän, sähra sary, laçyn guş dek ýyndam
atlaryny ýüzin salyp, ötägitdiler. Türkmenleriň beýle mekir söweş tilsimleri bilen ilkinji
gezek iş salşyp görýän, mähnet kytaň serdary bu gezek seresaplygy elden bermedi. Ol öz
atlylaryna türkmenleriň yzyndan kowmagy gadagan etdi, assa ýöräp, olaryň giden
tarapyna hereket etmegi buýruk berdi. Ol şeýtmek bilen eýýäm hiç bir ýitgisiz, ýekeje
atlysyny hem ýitirmän, kytaňlaryň ýüze golaý atlysyny ýok eden hilegär kyrk atlynyň
indiki gurjak duzagyndan hatyrjem bolmak isleýärdi. Emma bu gezek hem türkmenler
onuň garaşmadyk hokgasyny gopardylar. Sähel salym geçip-geçmänkä onuň atlylarynyň
sagyndan türkmenleriň “Çoz türkmen! Ur-ha-ur!” diýen söweş çakylyklary ýaňlandy.
Söweş çakylygynyň yzysüre hem kytaň atlylarynyň üstüne “ölüm ýagşy” ýagyp başlady.
Kytaňlar atlarynyň başyny şol tarapa öwürdiler-de, söweşe okduryldylar. Emma olary
geň galdyran zat, türkmenleriň sany azalan ýalydy. Asla azalan ýaly hem däl-de, olara
garşy hälki kyrk atlynyň deregine, bir oýnam türkmen atlysy hüjüm edýärdi. Kytaň
serdary oýurgandy: “Bular näme akmakmyka? Ýüz atla garşy on bäş sany atly bolup
çozuş edýärler, bularyň galany niredekä?”
49
Onuň bu soragyna ýeňsesinden ýaňlanan türkmenleriň söweş çakylygy jogap berdi.
Kytaň serdary atlylarynyň ýarysyny ýeňsesinden hüjüm edýän türkmenlere tarap
öwürmäge ýetişmänkä kytaň atlylarynyň çep böwründen hem türkmenleriň söweş
çakylygy ýaňlandy. Onýança dördünji tarapdan hem olaryň üstüne ölüm oklary ýagyp
başlady. Kytaň serdary aljyrady. Türkmenlere kömek gelendir hasaplap, özüniň ähli
hudaýlaryna birden ýalbaryp, atynyň başyny maňlaýyndaky türkmen atlylaryna tarap
öwürdi-de, öňe okduryldy. Serdarlarynyň söweşe okdurylandygyny gören kytaň atlylary
hem özlerini çar tarapdan oka tutup paýhynlaýan, beýleki türkmen atlylaryna üns
bermän, serdarlarynyň yzyndan at goýdular.
Howsaladan hem gazapdan ýaňa heýýaty göçen mähnet kytaň serdary bolsa
pikirlenmek ukybyny ýitirip, öňe okdurylyp barýardy. Onuň çat maňlaýynda egni bars
derisinden ýapynjaly ýaş ýigit, elinde ok-ýaýyny saklap, mizemän durdy. Onuň özüniň
hem atynyň doňup duruşlary, misli üstlerine bir giden duşman atlylary däl-de, sugun
sürüsi topulyp gelýän ýalydy. Ýaş serkerdäniň ýaýynda bir peýkamy bardy, bir peýkamy
hem elinde saklap durdy. Kytaňlar ýakynraga gelende ýaş serkerde dem salymda yzlyyzyna iki okuny hem keýmir ýaýa salyp, sypdyryp goýberdi. Peýkamlar kytaň
serdarynyň iki gapdalyndaky atlylary urdy. Şondan soň serkerde ýigit gylyjyny sogrup
alyp, kytaň serdaryna tarap gaýtdy. Aňyrdan gelşine hem kytaň serdarynyň gylyjynyň
zarbasynyň öňünden çalasynlyk bilen sowuldy-da, egri gylyjyny onuň egninden inderdi.
Onuň atdan agandygyny görübem, säginmän nobatdaky garşydaşyna tarap topuldy.
Onýança kytaňlary oka tutup duran beýleki türkmen atlylary hem çar ýandan ýagynyň
üstüne at goýdular. Türkmeniň Oguz han Türkmenden bäri “Gurt oýny” diýlip
atlandyrylýan söweş tilsimi zerarly serdarsyz galyp, aljyran ýagy, az salym sanjyşan,
gylyç urşan bolup güýmendi-de, birdenem “assa gaçan namart” diýip, giň sähra tarap
güpürdini berdi. Emma türkmenleriň dembermez oklaryndan sypmak olaryň diňe az
sanlysyna başartdy.
Şondan soňra türkmen atlylary kytaňlaryň alyp barýan ýesirlerini azat etdiler.
Söweşiň soňky pursatlarynda özüni alyp barýan kytaň atlysy, gursagyndan peýkam girip
atdan aganyndan soň, horjundan çykan Ulugjyk, çete çekilip, kytaňlaryň gaçyşyny
synlap durdy. Gan duşmany-mähnet kytaň serdarynyň ylla bir emelsiz ülhit deýin, ýeke
zarbada atdan agdarylandygyny gören Ulugjygyň ýüregi jigläp gidipdi. Ol söweş
gutaran dessine läş bolup ýatan kytaň serdarynyň ýanyna ylgap bardy-da, birnäçe gün
bäri horjunda eplem-büklem bolup, gurşup giden ysgynsyz aýaklary bilen onuň läşini
depgiläp ugrady. Şonda-da onuň gözüniň ýaşy kepedi. Her gezek ýigrenji maslygy
depgiläninde-de, onuň çaga gözlerindäki uç-gyraksyz hasrat azalyp, onuň ýerini
duşmanyny parçalan ýekemen möjegiň garaýşy eýeläp ugrady. Şol wagtam jesedi
depgileýän geň çagajyk egni bars derisinden ýapynjaly türkmen serkerdesiniň gözüne
ildi. Ol Ulugjygyň ýanyna golaýlady-da, atdan düşüp, ony saklady:
--Köşeş, oglan! Jeset depgilemek oguz-türkmene gelişmez, gan duşmanyň bolandada, ýanyny ýere berenden soňra ony depgilemek bizlere hebesdir!—diýip, ýaş serkerde
Ulugjygy ýanyna çekdi:--Sen kim bolarsyň, bu kytaň saňa näme etdi?
Geçen dört günüň içinde geplemegi unudan Ulug serkerdä jogap bermedi. Oňa
derek azat edilen ýesirleriň biri jogap gaýtardy:
50
--Begim, bu Ýüwe Ilteriş begiň körpe ogly. Üç gün mundan ozal biziň gorganymyz
şu kytaň atlylary tarapyndan çapylanda, onuň kakasy, ejesi, doganlary, uýalary
kytaňlaryň elinden gurban boldular. Körpe siňlisi Altynaý gyz bolsa ine şu kytaň serdary
namysyna degmekçi bolanda kükreginden gylyç urup wepat boldy. Şondan soň bu üç
gün bäri yzyny üzmän kytaň atlysynyň horjunynda iýmän-içmän, uklaman, ýeke
pursadam diňmän, aglap gelýär. Munuň ady Ulug. Muňa agysyny goýdurjak bolup,
kytaň atlysy gamçy bilen öldir ýaly saýgylady hem, emma şonda-da diňmedi. Biz-ä
aglap-aglap öler öýtdük, hernä dadyna siz ýetişäýdiňiz.
Ýaş serkerde bu sözleri eşidende, gözleri otlukly lowurdap gitdi. Ol ýanynda duran,
özüne ekiztaýy ýaly meňzeş, ýöne ýaşy özünden biraz ulurak, serkerdesypat ýigide
garady-da:
--Agam, oglanlara aýdaly, şu kytaň serdarynyň başyny alsynlar-da, türkmen
naýzasynyň ujuna dürtüp, ýesir alnan kytaňlaryň biriniň eline tutdursynlar. Ony şeýdip
öz ýurtlaryna ugradaly. Goý bilsinler! Türkmenleriň ýurduna zulum bilen gelen
zalymlaryň nä güne salynjakdygyny! Maslahatmy, agam?! Biz şeýtsek, agamyz hem
hökümdarymyz Kapagan Kagan hem bize: “Şü işi-hä telek edipsiňiz!” diýmese gerek.
--Maslahat, inim!-diýip ýaş ýigit jogap gaýtardy. Onsoň ýaş serkerde Ulugy ýerden
göterip, ony öz atynyň eýerinde oturdypdy. Şonda-da ilkinji gezek olaryň nazarlary
kaklyşypdy.
--Agam, munuň bir gözlerine garasana, edil ýaradar möjegiň gözi ýaly-la!-diýip,
Ulugyň bakyşyna haýran galan ýaş serkerde agasyna habar gatdy. Soňam:
--Oglum, seniň adyň mundan beýläk oguz-türkmen ilinde Ulug Gürgen (Uly
Möjek) diýlip tutular, Keramatly Deňriniň adyndan kasam edýärin, şu günden şeýle sen
meniň, Bars begiň ogly hökmünde bolarsyň, seniň agyň meniň agym bolar, seniň
şatlygyň meniň şatlygym bolar…-diýip pyşyrdapdy. Şol wagt:
--Sen, oglum, diňe Bars begiň däl, Bilge hanyň hem ogly hasaplanarsyň!-diýip Bars
begiň sözüne onuň agasy Bilge han hem goşulypdy.
Şondan bäri hem Ulug Gürgen iki doganlar, Beýik Kaganlaryň gapdalynda önüpösüp, olar bilen deň ýatyp-turupdy, iýip-içipdi, doganlar tarapyndan olaryň öz
çagalaryndan zyýada söýlüp-sylanyp gezipdi. Kaganlaryň çagalary üçin hem Ulug
Gürgen edil iň uly agalary ýalydy. Ulug Gürgeniň beglerbegi derejesine çenli
göterilmegi bolsa onuň Beýik Kaganlaryň ogullygy bolany üçin däldi-de, özüniň gözsüz
batyrlygy, ile-güne berlenligi, pähim-parasady üçindi.
Ýöne neneňsi belent derejelere göterilse-de, häzirki wagtda özüniň çagalary bolsada Ulug Gürgen beglerbegi özi üçin ýeke-täk daýanara direg, söýenere söýeg diýip, iň
mähriban adamlar hökmünde doganlar—Beýik Kaganlary hasaplaýardy. DoganlarKaganlaryň ähli beýik işleriniň bir gyrasynda hem Ulug Gürgen bardy.
Doganlardan ilki Bars beg Kültegin adyny alyp, Beýik Kagan bolanyndan soňra ol
ilkinji nobatda çar tarapdan yzyny üzmän hüjüm edýän uruşparaz goňşularyny amana
getirmegiň gamyny iýip başlapdy. Kültegin tagta geçende Beýik Kaganlyk ylla bir boz
meýdanda serlip ýatan, gaplaňyň jansyz jesedine çalym edýärdi. Agzala halkyň tenini
ýaltanmadyk ýagy çem gelen ýerinden çekeläp, özüne gerek lukmany goparyp alyp
gidýärdi. Aýylganç zamana göýä birmahal Bimun han döwründe döredilip, şondan bäri
51
äleme ýaň salyp gelýän beýik döwletden köýüp ýatan aryny almaklygyň kül-külüne
düşen dek, Göktürkmen döwletiniň ykbalynyň üstüne garry göhert deýin çöküp, ony
ýere sokmaga çytraşýana meňzeýärdi. Bilge hanyň sözleri bilen aýdanyňda ol mahallar
türkmen halkynyň “gany suwça ýüwürýärdi (suw ýaly akýardy), süňki dag ýaly bolup
ýatýardy, beg bolmaly ogly gul bolýardy, hanym bolmaly gyzy güň (gyrnak) bolýardy.”
Şol mahallar göktürkmenlere gyrgyz, kurugan, otuz tatar, kytaň, tataby, tabgaç, umuman
ähli goňşy halklar ýagydy. Emma Keramatly Deňri halkyň alnyndan Ak Gün dogdurmak
islese oňa Kültegin ýaly, Bilge kagan ýaly ogullary bagyş edýär ahyry.
Az wagtyň içinde oguz-türkmen halkynyň agzyny birikdirmegiň hötdesinden gelen
iki dogan, agzalalyk-pytraňňylyk zerarly dagap, çagşap barýan döwleti düwülen polat
ýumruga dönderdiler. Polat ýumrugyň düwülendigini öňünden duýup ýetişmedik
badyhowa ýagy ýene-de öňküsi ýaly, garawsyz lukma üçin tumşugyny türkmen
topragyna garşy uzatdy. Tabgaçlaryň Oň häkimi, özüniň elli müňlük goşuny bilen
türkmen ýurduna geldi. Kaganlygyň günorta ülkelerini ot bilen ýalyn gabsady. Dul
galyp, gyrnak edilen hatynlaryň, ýetim galyp gul edilen bala-çagalaryň ahy-nalasy dik
asmana göterildi. Onsoň Kültegin bilen Bilge kagan derhal, goşunyň şaýyny üpjün edip,
on iki müň atly bilen Oň häkimiň elli müň sany atlysynyň garşysyna çykdy. Öňden
ugradylan aňtawçylardan, tabgaç goşunynyň içindäki jansyzlardan Oň häkimiň goşuny
babatda ähli zerur maglumatlary alan Kültegin, birbada atlaryň jylawyny guşaga ildirip
pyýadalap, gaça söweşip, türkmeniň “it urşuny” etmegi, duşman atlary mazaly
ýadanyndan soň bolsa dynç duran atlara atlanyp, köplügine buýsanyp, gözi gapylan
ýagynyň başyna “gurt oýnuny” salmagy müwessa bildi. Hiç haçan Hakdan içen serkerde
inisi bilen pikiri çapraz gelmeýän Bilge han hem onuňkyny unady. Şeýle hem etdiler.
Bars beg merkezde öz oglanlary bilen paýu-pyýada, Bilge han çep ganatda, sag ganatdada Kapagan kaganyň şöhratly egindeşi, goja Kadyrgan beg, üç bolup ýagynyň üstüne
hüjüm etdiler. Şonda ýaş başyna Ulug Gürgen hem, söweşe girende däli-mežnun bolup,
arkasyny unudýan Bars begiň ýeňsesini gorap söweşipdi. Bars beg pyýada halyna
serdesse bilen urup, bir zarbada Oň häkimiň atly-ýaragly, gaýyn inisini atdan agdaryp,
ony ýesir alanda-da Ulug Gürgen onuň ýanyndady. Söweşiň ikilenji güni, dynç duran
atlaryna atlanyp, bürgüde dönen türkmenlerden elli müňlük tabgaç goşuny ýeňse berip
gaçanda hem ol ilkinjileriň hatarynda söweşýän Bars begiň ýeňsesinde hatyrjem durdy.
Soňra türkmen topragyna ýene-de howp abandy. Olar ýene-de gyssagarada sürnüp
gelen ýagynyň öňünden çykmaly boldular. Şonda Çaça Seňüniň serkerdelik edýän
duşman goşunyna garşy söweşilende, Bars begiň astynda iki at ölüpdi. Üçünji at bolsa
Ulug Gürgeniň atydy. Şol söweşden soň sananlarynda, Külteginiň sowudyna, egineşigine ýüzden artyk ok çümen ekeni. Ony gorap, sansyz gezek özüni peýkamlardyrgylyçlaryň, jyzalaryň öňüne tutan Ulug Gürgeniň tenine bolsa ýüze golaý ownuk ýara
düşen ekeni. Şol ýaralar zerarly ol söweşden soňra iki aýlap tebipleriň idisinde ýatdy.
Şonda hem goşun begleri doganlar-kaganlardan towakga edip, Ulug Gürgeni ýönekeý
oglanlykdan beglige götertdiler.
Ondan soňra Ulug Gürgen doganlar-kaganlar bilen bilelikde Ýir Baýyrkularyň
Ulug Irkini bilen Türgi Ýargun kölüniň ýanynda bolan gandöküşikli söweşe gatnaşdy.
Ol söweşde-de Bars begiň serkerde ussatlygy, gaýduwsyzlygy, Bilge hanyň türkmen
52
halkyna berlenligi, türkmen ýigitleriniň merdanalygy allajy ýagynyň watan topragyny at
toýnagynyň astynda tozdurmagyna ýol bermedi. Soňra ençeme ýyl bäri gyrgyzlaryň
kaganlygyň özleri bilen serhetdeş ülkelerine gan çaýkaýandyklary sebäpli, Kögmen
dagyndan aşyp, olaryň üsti gapyl basylanda hem Ulug Gürgen beg Bars begiň
gapdalyndady. Soňra sogdaklara, ondan soň türgişlere garşy hem ýöriş edildi. Ulug
Gürgen ol ýörişlere hem gatnaşyp, müňbegi derejesine çenli göterildi. Şondan soňra ikiüç ýylyň dowamynda Kaganlygyň ähli goňşulary amana geldiler. Bars begiň döreden
polat ýumrugynyň zarbasyny dadanlaryndan soňra çar tarapdan Göktürkmen döwletiniň
dostlugyny isläp, ilçiler gelip ugrady. Maksadyna ýeten Bars beg rahatlandy-da,
unwany1 “Kagan” bolsa-da çete çekilip, diňe goşun bilen meşgullanmaga başlady.
Döwletiň jylawyny bolsa başbitin agasy Bilge hanyň eline berdi.
Ine şonda-da, Bars begiň gapdalynda gylyç gemirmäge endik eden Ulug Gürgen
bege, hilegärlikde gyzan bazarda söwda edýän mekir dellallara gaýra dur diýýän, özge
ýurtly ilçileriň öz hökümdarlarynyň bähbidini arap gurýan çylşyrymly oýunlaryna
tomaşaçy bolmak miýesser etdi. Ine Beýik Kaganyň ak öýüniň töründe çyzykgöz tabgaç
ilçisi dilinden bal akdyryp, sözünden dür saçyp, özüniň hökümdarynyň Göktürkmen
döwleti bilen baky dostlugyna ynandyrýandyr. Şol bir wagtda-da kagan tagtynda tabgaç
ilçisiniň her bir sözüne mähirli ýylgyryp, baş atyp oturan Bilge hany kytaňlaryň
garşysyna bilelikde ýöriş etmäge yrjak bolup çytraşýandyr. Özem urşy ilki Göktürkmen
döwletiniň başlap, kytaňlary gyran-jyran etmeginiň, kytaňlar doly paýhyn edileninden
soňra tabgaçlaryň hem urşa goşulmagynyň, kytaňlaryň ülkesi olja hökmünde
paýlaşylanda bolsa tabgaçlara türkmenler bilen deň paýyň bölünmeginiň diňe
Kaganlygyň bähbidinedigini çyna berimsiz edip ynandyryp oturandyr. Bilge han bolsa
gözlerini güldürip, şol baş atyp oturandyr. Olaryň boluşlaryny görüp, Bilge hanyň
tagtynyň sol ýüzünde aýbogdaşyny gurup oturan Ulug Gürgen beg hiç zada düşünmän
agzyny öweldip, aňalyp galýardy. Tabgaç ilçisi şol geplär durar, geplär durar. Kagan
tagtynda aýbogdaşyny gurup oturan Bilge han bolsa ýaltanmazam, ýadamazam, şol baş
atar oturar. Kagan tagtynda özüniň her bir gürrüňine baş atyp oturan adamy oýnatgy
hasaplaýan hilegär ilçi bolsa sözüniň tassyklanyp durlanyna kellesi göçer-de aýtmasyz
zatlary hem aýdyp başlar. Kytaňlaryň öz ülkelerine çozup özlerine gün bermeýändikleri
barada, olaryň garşysyna ýeke özi çykmaga tabgaç hökümdarynyň ýeterlik güýjüniň
ýokdugy barada, tabgaç hökümdarynyň hazynasynyň hem gowzandygy barada dilinden
sypdyrar. Bilge han bolsa syr bermän, şol baş atar oturar. Iň soňunda-da, tagtda
ymyzganyp uklap galar. Şonda-da onuň uklap galandygyna tabgaç ilçisi-hä beýlede
dursun, hökümdarlyklarynyň ilkinji jygba-jyg pursatlarynda, Bars beg bilen Bilge hanyň
ýedi gije-gündizläp kirpiklerini çalman, ukusyz geçirendiklerini gözi bilen gören Ulug
Gürgen hem ynanar-da, ilçilere: “çykyň!” diýip yşarat eder. Ilçi çykyp giderem welin,
Bilge han assyrynlyk bilen gözüni açar-da, öýden çykmak üçin işige ýönelen Ulug
Gürgeni ýanyna çagyrar. Soňra bolsa tabgaç ilçisiniň türkmen döwletine gurýan
aýylganç duzaklaryny çigit çigitlän ýaly edip, birme-bir düşündirip başlar. Şonda-da
Ulug Gürgen beg ýekeje ähtiýalan gurrumsagyň pirimine aldanaýsaň, onuň ýüzlerçe
1
Unwan-titul, at, dereje.
53
ýyllaryň dowamynda azap edip gurlan döwlete, ýüz müňlük goşunyň, ýetmiş ýedi ýyllap
üznüksiz çozup, ýetirip bilmejek zelelini ýetirjekdigine haýran galar. Haýran galardy we
howpurgardy. Bilge hanyň gerşinde göterýän, beýik ynsan paýhasyndan özge hiç bir
zadyň göterip, çekip-çydap bilmejek ýüki hakda oýlananda, aldym-berdimli söweşlerde
onlarça duşmana garşy ölümini boýun alyp, sagynman okdurylýan Ulug Gürgen begi der
basýardy. Şeýle pursatlar ol ejizläp, Bilge hanyň aýagyna ýykylýardy-da:
“Hökümdarym-babam, men Bars beg-babamyň hem aýagyna ýykylaýyn welin, maňa
Bars begiň ýanynda, goşunyň arasynda bolmaga idin beriň! Keramatly Deňriniň
adyndan ant içýän, men bu albassy-ilçileriň gurýan duzaklaryndan şeýlebir elheder
alýaryn welin, zadyň çeni däl! Bularyň ýeke biriniň alyna düşäýseň giden halky gyrgyna
berdirjek ahyry!” diýip ýalbarardy.
Bilge han-a onuň aýdanlaryna ýylgyryp oňaýardy. Kültegin bolsa dergazap bolup,
käýinerdi-de, oňa Bilge hanyň ýanyndan turup, goşunyň arasyna barmagy gadagan
ederdi. Şeýde-şeýde Ulug Gürgen beg Bilge hanyň ýanynda oturyp, döwleti edara
etmegiň, ony syýasat bilen, içki we daşky howplardan goramagyň inçe tärlerini hem
özleşdirdi.
Doganlar-kaganlaryň dolandyran ýyllarynda Göktürkmen döwleti ösüşiň iň belent
derejesine galdy. Sebitde ägirt uly güýje öwrüldi. Bars beg tutuş döwletiň serhediniň
ýakasyny täze gurlan serhet gorganlarynyň zynjyry bilen berkitse, Bilge han, Oguz han
Türkmeniň köne elipbiýini dikeldip, hat-ýazuwy döretdi. Bars begiň ýolbaşçylygynda
goşunda tertip-düzgüni ykjamlap, ägirt uly meýdany tutup ýatan döwletiň esasy
ýollarynda garawul diňlerini gurdy. Ol diňleriň gapdalynda hem ýörite çaparlar goýlup,
döwletiň iň çet künjeklerinden ugradylan habaryň iki-üç günüň dowamynda Baş gorgana
gelip ýetmegi üpjün edildi. Bilge han bolsa kerwenleriň gatnaýan ýollarynda rabatlar
saldyrdy. Söwda ýollarynda kerwen talan her bir adamyň kimligine garamazdan
başynyň ölümli, malynyň talaňlydygyny yglan etdi. Bars beg bolsa Bilge hanyň
döwletiň çäginde söwdanyň pajarlap ösmegini göz öňünde tutýan bu permanynyň ýerine
ýetirilmegini üpjün etmek üçin, gatnawly ýollarda ýaragly saklawlaryň gözegçilik
etmegini gurnady. Şeýdip hem doganlar-kaganlaryň ýadawsyz tagallasy bilen
Göktürkmen döwleti sarsmajak-synmajak kuwwata, depseň yranmaz baýlyga eýe boldy.
Beýik doganlar özleriniň amala aşyrýan her bir işinde Ulug Gürgen begiň eliniň
bardygyny halkyň hem görmegini gazanmaga çalyşdylar. Ulug Gürgen bege iň kyn
harby ýumuşlar tabşyryldy. Iň çylşyrymly gepleşikleri geçirmek üçin ol ilçi hökmünde
özge ýurtlara ugradyldy. Serhetde gorganlaryň ulgamy döredilip, bir wagtyň özünde
onlarça serhet gorganlary gurlanda hem beýik gurluşygyň üstünde Kültegin kagan bilen
Ulug Gürgen beg dik durupdylar. Kerwen ýollarynda rabatlar salynýarka hem, Bilge
hanyň ýolbaşçylygynda külli göktürkmen iliniň gurluştoýlary1 geçirilip, ähli halkyň
bähbidini araýan töreler gazanylýarka2 hem Ulug Gürgen beg Beýik doganlaryň ukusyz
gijeleriniň ýeke-täk ýoldaşy bolýardy.
...Geçen günleriň ýatlamalaryna berlip, agyr oýa batan beglerbegi Barserkliniň
nädip içeri girendigini hem aňşyrmady. Merhum hökümdaryň başujunda agyr hasrata
1
2
Gurluştoýy-gurultaý.
Töre gazanmak-gadymy oguz-türkmen dilinde “kanun çykarmak” diýen manyny aňladýar.
54
gark bolan beglerbeginiň özüne tarap baş galdyrmandygyny gören Barserkli birbada
kelam agyz geplemän yzyna çykjagyny hem bilmedi, beglerbegä gep gatjagyny hem. Ol
sesini çykarman iç işikde, giren ýerinde doňňara-daşa öwrüldi.
Azsalymdan Ulug Gürgen beglerbegi ýeňsesinde Barserkliniň durandygyny syzdy.
Assajadan başyny göterip, ýaralardan ýaňa besse-besse ýüzüni oňa tarap öwürdi.
Barserkli dil ýardy:
--Begim, bimaza edendigim üçin günämi ötüň, ýöne, daň atdy. Beýik Kagany
Keramatly Deňriniň öz huzuryna çagyrandygyny Baş Gorganyň halky daş gulakdan
eşidipdir we şu mahal tutuş ilat Içgorganyň derwezeleriniň öňüne ýygnandy. Halk
tolgunýar. Hemmeleriň ýüzünde aljyraňňylyk höküm sürýär. Merhemet edip, özüňiz
diwara galmasaňyz, howsala düşen halk goýun sürüsi kimin hiç kime gulak asmaýar!
Barserkliniň sözleri Ulug Gürgen beglerbeginiň aňynda mundan beýläk gerdeninde
götermeli boljak ýüki hakyndaky pikiri ýyldyrym çaltlygynda ýalpyldap gitmäge mejbur
etdi. Köpi gören beglerbegi biygtyýar ýegşerildi-de: “Eý-ho, Mukaddes, Keramatly
Hudaýym, men ýeke-ýalňyz galan, ejiz-günäkär bendäňe, beýiklerden galan bu ýüki
masgara bolman, mynasyp götermäge gaýrat ber! Kuwwat ber! Ýol görkez, Taňrym!”
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Şazadanyň şikäri - 07
  • Parts
  • Şazadanyň şikäri - 01
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2261
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 02
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2305
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 03
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2252
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 04
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2157
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 05
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2204
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 06
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2060
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 07
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2099
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2228
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 09
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2272
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 10
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2230
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 11
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2374
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 12
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2094
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2066
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 14
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2175
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 15
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2238
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 16
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2142
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2282
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 18
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2122
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    37.4 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 19
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2271
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 20
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 2191
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 21
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2359
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 22
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 23
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2172
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 24
    Total number of words is 906
    Total number of unique words is 612
    40.0 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.