Latin

Şazadanyň şikäri - 10

Total number of words is 3664
Total number of unique words is 2230
28.7 of words are in the 2000 most common words
41.9 of words are in the 5000 most common words
48.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Äwmän-alňasaman köşeklerini yzlaryna tirkäp gelýän arwanalaryň, hatarda ýük
goýmaýan inerleriň, jyrtlap bir ýerde durup bilmeýän bugurçylaryň bozlamasy hem
Hywa hanynyň kyrk karnaýynyň zoguldysyna bäsleşip, daş-töweregi ala-zenzeleden
doldurýardy. Hemmeleriň öňünde-de Hydyrguly molla jowur ak sakgalyna siňdirip
gülümsiräp, özüniň köşekli maýasynyň owsaryndan tutup durdy. Ol Taňryberdi baýyň
ýaşkiçilik edip beren salamyny edep bilen aldy. Onuň gülümsiräp durşuna özi hem nädip
ýylgyrandygyny duýman galan Taňryberdi baý Hydyrguly molla soragly garady:
-Mollam, bu nä boluş?! Bu nä meniň gapymy mal bazaryna dönderäýpsiňiz-le?
-Haý, Taňryberdi kethuda, biz-ä ýöne, ötüki bir sallah gulumyz bardy welin, şony
öýli-işikli edäýeli diýen niýet bilen gapyňa ýitigimizi gözläp geläýdik. Haýyr işi yza
tesdirip ýörmez ýaly, gyzyň üçin sowgat-salamymyzy hem ýanymyz bilen
getiräýendiris.
Hydyrguly mollanyň sözlerini eşiden Taňryberdi baý, bolýan zatlara begenjeginemgynanjagynam bilmän, işikde haýrany-serasyma bolup duran Ogulbaýram ejä tarap
gözüniň gyýtagyny aýlady-da, ýene-de bildirer-bildirmez ýylgyrdy.
-Mollam, Nazar ýaly ile abraý getirýän ýigide “gul” diýmäli! Onuň ýaly gerçegiň
ýitigini tapyp bermän näme!-diýdi. Soňam Hydyrguly molla ýakyn süýşüp, pyşyrdady:
-Haý Mollam, sen meni ýeňdiň! Men “gyz bahasy kyrk düýe” diýenimde il içinde
sylag-hormatyna, mertebesine kyrk düýe baha kesilýän ýigidi köreken edinjek diýenime
bir sen düşündiň!
Soňam Taňryberdi baý elini salgady-da, özüniň haýbatly sesi bilen:
82
-A-haw Tekäniň ýaňgalalysy! Sen meni ýorduň-la-haw! Düýeli düýäňi, mally
malyňy al-da, öýüňe dolan-haw! Besdir, Teke! Goýuň, meniň gapyma düýe itmäni!
Ýigidiň mertebesiniň kyrk-a beýle-de dursun, ýüz düýeden hem galadygyna gözüm
ýetendir-le-haw! Indiki hepde hem erkek diýmän, aýal-ebtat diýmän, oglan-uşak diýmän
Taňryberdi baýyň toýuna geliň-haw! Taňryberdi baý ogul öýerip, gyz çykarýandyr-lahaw! Toýuň ilkinji güni hem indiki jumadyr-la-haw!-diýip zowladyp goýberdi.
-Ine munyň bolýar, Taňryberdi kethuda!-diýip maýasynyň owsaryny agtygynyň
eline tutduryp goýberen Hydyrguly molla makullaýjy terzde baş atdy.
-Ýör, mollam, öýe girip bir gök çaý içeli!-diýip öňüne düşüp ugran Taňryberdi
baýyň yzyna eýerip barşyna Hydyrguly molla ýene-de oňa kakdyrman bilmedi.
- Taňryberdi kethuda, hälem biziň galyňymyzdan göwnüň suw içmedik bolsa aýdyp
otur, Nazar ýaly ýigit üçin biz aýdan nyrhyň-a däl, eýsem kyrk-kyrkdan kyrk gezek kyrk
düýäni tölemäge-de gaýrat taparys!
-Haý mollam, goýup otur, “oýunçy utulanyny bilse ýagşy”, indi nyrh beýleki diýip
gep açmaga hetdimiz bolmaz! Hudaýym, şunuň ýaly, merdiniň gadyryny, ýeke pursat
säginmän, göz ýumup kesgitläp bilýän ilimiň bardygyna şükür!
-Hä şeýle diý, kethuda, şeýle diý!”
-Hany, ýola düşeliň, biz horazlaryň ilkinji sesine çen Kepeläniň guýusyna ýetmäge
çalyşmalydyrys!
Nazaryň sesi Hallygözeliň ýakymly ýatlamalarynyň zynjyryny şarpa ýoldy. Ol
agralan süňňüni zordan göterip ýerinden turdy. Bolanja goşlaryny horjunyň gözüne
dykmaga gaýynenesine kömek etdi. Dorbedewiň az-owlak dynjyny alandygy sebäpli
Nazar Hallygözeliň gapdalyna ejesini hem mündürdi. Olar ýola rowana boldular.
Bosgunlaryň kiçijik göçi esli ýöräninden soň iňrik garalyp başlady. Şol pille-de Nazaryň
özleriniň sag tarapyndaky gum depesiniň aňyrsyndan düşnüksiz gowurdyny eşidip,
togtady. Ol çaltlyk bilen ejesini atdan düşürdi-de, eli bilen: “Ýuwaş duruň” diýip sessiz
yşarat etdi. Soňra endigine eýerip, oksuzam bolsa bäşataryny egninden sypyrdy.
Ýaragyny gysymyna gysyp, bukdaklap, çäge alaňyna dyrmaşyp ugrady. Alaňyň
depesine çykan badyna hem duýdansyzlykdan ýaňa tisginip gitdi-de, aşak ýapyryldy.
Assyrynlyk bilen oýuň içini synlap ugrady.
Oýuň içinde ýedi sany dagystanlylaryň gara geýimindäki atlylar, wagşyýana
gygyryşyp, gujagyna tokarja, garaja galpakly oglanjygy gysyp, tutuş süňňi bilen
galpyldaýan ýaş gyzyň daşyndan at salyp aýlanýardylar. Özleriniň düşnüksiz dillerinde
haýwany çakylyklaryna gygyryp, gylyçlaryny bulaýlaşýardylar. “Ha-ha-haýlap”
gülüşýärdiler. Oglanjygy darajyk, köne keteni donuna büremäge çalyşýan naçary
atlarynyň bykyny bilen çala kakyp geçýärdiler. Hol beýle-de bolsa şol atlylar ýaly
geýimli iki sany jeset gymyldysyz ýatyrdy. Olaryň atlary hem gapdallarynda horguryşyp
durdylar.Oýuň günorta künjünde-de bir türkmen ýigidi gyrmyzy ganyna bulaşyp, iňläp
ýatyrdy. Gyz görgüli her gezek atyň bykyny özüne galtaşanda: “Alla jan, janymy al,
namysa goýma!” diýip, naýynjar nalyş edýärdi-de, duzaga düşen möjek çagasyna çalym
edip, ýumrujaklaryny berk düwüp, garageýim atlylary hyruçly gözleri bilen iýäýjek
bolup seredýän oglanjygy has berk gujagyna gysýardy.
83
Nazaryň gany gaýnady. Ol bada-bat sapançalaryna ýapyşdy. Olaryň her haýsynda
bir ok bardy. Emma sapançalaryny eline almanka onuň gözüniň öňünde ejesi bilen
hamyla gelni peýda boldy. Nazaryň egni sallandy. Ol başyny aşak saldy-da, yzyna,
wagşyýana pajyga gopýan oýa garşy seretmezlige çalşyp, bukdaklap depeden düşdi.
“Wah men nädeýin, men nädeýin, jan doganym! Günämi öt! Okdanymda iň bolmanda
bäş sanyjak ok bolanlygynda bu ejizeganymlaryň müň janyndan birisi hem gutulmazdy.
Eger-de tenha özüm bolan bolsam, bolmanda seni halas etmesem-de, bilelikde ölmäge
gaýratym çatardy! Bu mahal bolsa, men nädeýin! Ejem pahyr bar! Gelnim bar! Onuň
göwresinde-de meniň dowamat-dowamym bar! Nädeýin men, günämi öt, mähribanym!”
Nazar ejesi bilen gelniniň ýanyna dolanyp gelende onuň ýüz-keşbinde adam ruhy
galmandy. Eňşäp durdy. Hallygözel oňa sorag bermäge milt etmedi. Ejesi görgüli welin
saklanyp bilmedi.
-Oglum, näme boldy? Ol oýda näme bar ekeni?
-Hiç zat eje!-diýende Nazaryň sesi gyryljak çykdy. Ol göýä delalat dileýän ýaly
asmana seretdi. Asmanyň çytyk meňzini tün gijedenem garaňky bulutlar tutupdylar. Ol
ýeke pursat aşak bakdy-da, birdenem gözlerini göterip, Hallygözeliň, özüniň ýeke-täk
Hallygözeliniň ahramy1 gözlerine dikanlady. Ýaşmak üstünde Zöhre ýyldyzy deýin
lowurdap duran goşa garamyk bada-bat onuň ähli syryny ýordy. Muňa düşünen Nazaryň
birhili göwrümi giňäp gitdi. Ol Hallygözeliň gözlerine garap durşuna, näme üçindir:
-Başararsyňmy?!-diýip, mähir bilen pyşyrdady.
“Hawa” diýýän terzde baş atanda Hallygözeliň owadan gözlerinden goşa damja
paýrap gaýtdy. “Wah, saňa döneýin, jananym!” diýip içinden pikir öwren Nazar wagt
ýitirip durman, Hallygözeli emaý bilen atdan düşürdi. Galyň donuny egninden sypyrdy.
Silkme telpegini çykaryp, Hallygözeliň özüne uzadan gyraly ýaglygyny kellesine daňdy.
Ogly bilen gelniniň arasynda bolup geçýän zatlara düşünmedik Ogulbaýram eje Nazaryň
bolşundan elheder aldy.
-A-ýuw, oglum-a, saňa näme bolýar? Nämäni “Başararsyňmy?”? Nirä barýarsyň?
Gylyjynyň gynyndan çykyşyny barlan Nazar atyna atlandy-da, oksuz ýaragyny ýere
taşlap:
-Eje!-diýip ýuwdundy. Bogazy doldumy nämemi ýeke pursat dymdy-da, birdenem
ilk-ä ejesini, soňam Hallygözeli garsa gujaklady:
-Eje jan, ýekäňem bolsam, ýalňyzyňam bolsam, bagyşla! Jan käbäm, berýänem
Hudaý, alýanam Hudaý! Ölsem, oglum bolar! Namysymdan geçip, namyssyz ýaşasam
bolsa, hiç zadym hem galmaz! Senem günämi öt, Hallym! Käbäm gynanma, üstümizden
Haktagala garap durandyr, şeýtmesem bolmaýar! Agtygyň bolsa adymy dakaýarsyň-da!
Kepeläniň guýusyna tarap ýola düşüň, il-gün sizi hor-har etmez!-diýdi-de, ömrüne
etmedik işini edip, Dorbedewe jüp gamçy çaldy.
Tozan turzup depä dyrmaşyp barýan oglunyň yzyndan aňk-taňk bolan Ogulbaýram
eje birden ýalňyz dikrarynyň ajalyna tarap gidendigine akyl ýetirdi. Ol bady-baran
möňňürip goýberdi-de:
1
Ahramy-jadyly
84
-Wah, nirä barýarsyň ahyry?! Beýtme ahyry, bizi kime goýup gidýärsiň sen, ýalňyz
guwanjym, beýtme!-diýip, ýarym-ýaş bolup, oglunyň yzyndan ylgamaga çalyşdy. Emma
tutuş süňňi bilen silkinip aglaýan Hallygözel gaýynenesiniň elinden berk ýapyşyp
goýbermedi. Hasratdan ýaňa urunýan gaýny görgülini dagy nädip köşeşdirjegini bilmän,
ýaşmak astyndan:
-Goý enesi, Nazar jan: “başararsyňmy, biziň dowamat-dowamymyzy mynasyp ýigit
edip ýetişdirmegi başararsyňmy?” diýdi, menem “başararyn” diýdim, enesi! Ýör gideli
enesi, mähribanymyz şeýtmese bolmaýar! Men onuň kimiň üstüne näme üçin ölümini
boýnuna alyp barýandygyny bilmeýärin, ýöne şol depäniň aňyrsynda türkmeniň namysy
bar bolmaly, külli türkmeniň namysy üçinem ölmäge barýar mähribanymyz! Men onuň
gözlerinden okadym enesi, “namyssyz ilden il bolmaz” diýdi Nazar janyň gözleri enesi,
“Bir mert ölse-de, on merdana ölse-de, halk ýaşasa, türkmen dowam eder, ýöne
türkmeniň namysyny öldüren pursatlary türkmen gutarar” diýdi Nazar janyň gözleri,
enesi! Goý enesi, bir öz mähribanymyzy aýap saklajak bolup, külli türkmeniň namysyna
kast etmäli! Ýör, enesi, ýör, Nazar jan indi dolanmaz, Kepeläniň guýusyna tarap gideli!
Onuň dowamat-dowamyny halas edeli!-diýip, sojap-sojap gözýaş dökýän Ogulbaýram
ejäniň agysyna goşulyp aglap, ony demirgazyk-gündogar sary çekip, mytdyldap
başlady…Şol gün gije ýarymdan aganda Hallygözel bilen Ogulbaýram eje Kepeläniň
guýusyna ýetdiler. Ol ýerde-de olary Taňryberdi kethudanyň we onuň ogullarynyň
baştutanlygynda jemlenişip, küren oba tutan ildeşleri garşyladylar. Olaryň Nazar hakda
gürrüňlerini eşiden Taňryberdi baýyň özi ogullaryny ýanyna alyp, şol oýa tarap atlandy.
Olar daňa ýakyn Hallygözeliň salgy beren oýuna bardylar. Oýy ýagtyltmak üçin ot
ýakanlarynda ýedi sany gara geýimli jesediň gyzyl-ýaýyrt bolup ýatandygyny, oýuň
günbatar künjünde bolsa mähnet gara döw ýaly bir göwräniň nämedir bir zady aşagyna
düýrläp ýatandygyny gördüler. Taňryberdi baýyň ogullary mähnet göwräni
galdyranlarynda, onuň jan bereninde-de bir duşmanyny astyna alyp, onuň bogazyndan
penjeläp, doňup galan Nazar neressedigini tanadylar. Olar hamsygyşyp, hernäçe jan
etseler-de gara geýimli duşman atlysynyň jesedini Nazar neressäniň penjesinden
sypdyryp bilmediler. Diňe Taňryberdi baý özüniň gartaşan hem bolsa gujurly elleri bilen
Nazar neressäniň barmaklaryny ýeke-ýekeden açyp, ony bir gyrada ýatyrmagyň
hötdesinden geldi. Oduň ýagtysyna Nazaryň döşündäki iki sany çalaja gan syzýan, gülle
giren deşikler ezýaka köýneginde gan gatyşykly gyrmyzy reňk bilen garalyp bildirýärdi.
Soňra olar ýene-de garaňky oýy oduň ýagtysyna agtaryp ugradylar. Sähel salymdan
oýuň gündogar çetinde ýapynyň üstünde gujaklaşyp ýatyşlaryna jan beren oglanjyk bilen
gyzyň jesedini tapdylar. Meger ýagydan gaçanlarynda ikisi hem yzlaryndan atylan
gülläniň pidasy bolan bolara çemeli. Onýança olar oýuň iň garaňky burçunda endamjany çapylyp, zordan demi gelip-gidýän ýaradaryň üstünden bardylar. Haýdan-haý
ýaradar ýigidi oduň ýakynyna getirip, ýaralaryny arassaladylar. Ellerine ilen mata
bölekleri bilen onuň ýaralaryny saradylar. Agzyna suw damdyryp, ýüzüne suw sepdiler.
Şol müddet ýaradar ýaralarynyň agyrysy zerarly huşuna gelip, düşnüksiz samyrdap
ugrady:
-Gaçdylar! Namartlar! Meslekdeşleriniň läşini hem ýere duwlaman, gaçdylar…
Çoz, teke! Çoz, türkmen!… Ur doganym, olary, ýene-de ikije sanysy galdy… Ursana
85
doganym, olary! Hanha, gaçdylar!.. Namartlar! Gaçdylar!... Wah tursana, ar-namysly
doganym!...Saňa näme boldy ahyry?!... Tursana doganym! Ýeňdiň ahyry olary
doganym!... Turaýsana, başyňa başym sadaga, Namyslym! Gaçdylar! Meslekdeşleriniň
läşini hem ýere duwlaman, gaçdylar… Çoz, teke! Çoz, türkmen!… Ymm!
Ýaradar ýene-de huşundan gitdi. Taňryberdi baý oturan ýerinden uly ogly bilen
ortanjy ogluna garady.
-Atymyň syrtyna keçe bökderilgidir. Bu ýaradar bendäni keçä salyň! Soňra her
haýsyň keçäniň bir çetinden tutup, atyňyza atlanyň-da, depiň, oba garşy! Bärsinden
aňyrsy ýakyn welin, onda-da peýmanasy dolmadyk bolsa diri galar umydy bardyr. Bejit
boluň! Oba baranyňyzdan soň aýdyň, bärik adam ugratsynlar. Bu itogullaryny hem şu
ýerde guma süsdürsinler. Her näme-de bolsa adam ysy bar, läşleri şagallara şam
bolmasyn.-diýdi. Soňam ogullarynyň öz buýrugyny ýerine ýetirişlerine üns bermän, kiçi
iki ogly bilen Nazar neressäniň we neresse oglanjyk bilen görgüli gyzyň jesetlerini ata
ýüklediler. Şeýdip hem Kepeläniň guýusyna gaýtdylar.
Şondan üç gün geçeninden soň bolsa Hallygözel Nazar mergeniň özüne çalym edip
duran, daýaw oglanjygy dünýä inderdi. Onuň adyna hem Nazar goýdular. Ýöne hiç kim
Nazarjyk hakynda setanda-seýranda kimdir biri “kimiň ogly?” diýip soranda “Nazar
mergeniň ogly” diýip jogap bermedi. Her kim bu soraga başgaça jogap gaýtardy. Nazar
Namyslynyň ogly Nazar.
Nazar Namyslynyň oýy bolsa häli-häzirem bar. Özem bir ýa-da iki däl-de, müňlerçe
sany! Çünki namysjaňlygy halklaryň dilinde mysala öwrülen türkmeniň namysyny
gorap şehit bolan her bir gerçek oglunyň wepat bolan oýy—Nazar Namyslynyň oýy!
Şol Ata Watan üçin, ar-namys üçin başyny goýan mertleriň ählisiniň ýoly hem Nazar
Namyslynyň ýoly—Ar-Namysyň ýoly!
“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2008-nji ýylyň
21-nji, 28-nji martyndaky we 4-nji aprelindäki sanlary
Mämmet yrza
…Tarhanyň oýunyň orruk-ortarasyndaky guýynyň töweregine egele bolup oturan
bäş oýnam öýli, çaklaňja gum obasynyň üstünde mazaly garaňky gatlyşypdy. Towşan
guỳrujaklaryny saklaýan köne düwünçegini öňüne alyp, ütelgisine1 berjek iỳmiti mazaly
siňenden soň ýuwutdyrar ýaly gaýaw2 taýýarlaýan goja mürüşgär3 edip oturan işini
gözleri kesmejek bolýandygy üçin, gapdalyndaky nebit çyranyň peltesini azajyk
galdyrdy. Işini boldum eden Amanmämmet aga düwünçegini gaỳtadan düwdi-de,
gaýawyny bir gyrada goỳdy. Daşary sowuk bolandygy zerarly gara öýüň tärimine
golaýda dikilen tuguň4 üstünde gözlerini ýumjukladyp oturan hemrasynyň ýanyna bardy.
Ysgynsyz elleri bilen soňky bäş-alty ýylyň dowamynda bile aw eden elguşynyň
Ütelgi-laçynlar maşgalasyndan bolan elguş;
Gaýaw-guşlaryň içegesi iýmit galyndylaryndan arassalanar ýaly, guşa iýmit berlenden soň oňa ýuwutdyrylýan tüýden ýada ýüňden ýumşajyk logalajyk;
3
Mürüşgär-elguşçy;
4
Tug-gara öỳde elguşlary oturtmak üçin dikilỳän ỳörite agaç.
1
2
86
arkasyny sypady. Goja mürüşgär hemrasynyň gerşiniň ysgynsyzlyk bilen ýeňiljek
sandyraýandygyny aýasy bilen syzdy. Dözmedi. Gyýyldy.
-Äý, hawa-da! Meỳdanda guran toruma düşeniňde-de sen eỳỳäm esli ỳaşan guşduňda! Onsoň näme, sen haýwan bol, ynsan bol, guş bol, ahbetin Biribaryň dünýäsinde bir
ýerden şully gözlerini nemlendirip, üç aýakly, itenek-çomanak garrylyk hem geläýýärdä! Birmahal inişine awuny kakyp geçýän, oljasyna dalaş etseler, bürgüt diýmän, böri
diýmän, sagynman üstüne topulyp bilýän, ütelgim, bu gün, ine, öz göwräň agramyna tap
getirip bilmän, saňňyldap otyrsyň!-diýip goja mürüşgär pyşyrdady. Soňra köne
edähetine eýerip, elguşynyň aýagyndaky salar bagyny barlaşdyrdy.
-Häzir janawerim, men saňa gaýraky goňşy, Atamyrat çopanyň agtyjagynyň getirip
giden goýun etindenem dograşdyryp, bereýin! Awdan galanymyza birküç ýyl bolanam
bolsa, il-gün seniň bilen uruş ýyllarynda awjagaz awlan bolup, oba ölmez-ödi getirip
duranymyzy, biziň şojagaz teperrigimiziň hem köpleri açlykdan halas edendigini
unutmaýar. Goýun soýanam, aw edenem jylkaja ýerinden saňa niýetläp getirip durlar.diýip Amanmämmet aga jowur ak sakgalyna siňdirip hümürdedi-de, tärime söýelgi
çuwalyň ýanyna ýöneldi. Çuwalyň üstündäki agzy gapakly çanagy aldy. Içindäki ep-esli
bölek jylka etden şapbat ýalysyny kesip aldy-da, “hyk-çoklap” aşak oturdy. Etini
dogramak üçin gapagyň üstünde goýdy. Şol pille-de göýä onuň guşuna aýdan ýaňky
gürrüňlerini göwnüne alyp, indem özüniň-de juda garrandygyny duýdurmakçy bolýan
ýaly, ýüregi gursagynda ynjyly alas-gopaslyk döretdi. Amanmämmet aga pyçak
ýöretmesini goýdy-da, böwrüne diň saldy. Kükreginde dörän ýiti agyra gahary gelen
ýaly, ynjyly gaşyny çytdy-da, ýene-de pyçagyny ýöredip başlaýşyna içini hümledip
ugrady.
“Näme, ýürek! “Jahanyň ýüzünde gaty kän ýaşadym, öte köp işledim, indi
bahymrak dynç alasym gelýär” diýmek isleýärsiňmi? Heý ýürek, ýürek! Togtajak
bolsaň, durjak bolsaň, öň näme işlediň, sen?! Ýumruk ýaly oglanlykda, ýaňy on üç-on
dördümde nägehan ýagy galamyzy başymyza ýumrup, enem-atamdan, dag ýaly iki
erkek doganymdan jyda düşürip, ýurdumy daban astyna alanda, näme üçin sen, elheder
alyp togtamadyň?! Soňam-a jahan urşy diýdi, ynkylap diýdi, gyrgynçylyk diýdi, açlykkeselçilik diýdi, ýene-de bir gör-lähet diýdi, görmedigim görde galdy. Şonda-da sanjypsanjyp darka ýarylaýman, özbaşyňa urduň ýördüň, ýaşatdyň ýördüň meni! Ýogsa şol
wagtam-a bir pille ekeni. Soňky öý-öwzaryňy, halalja mal-halyňy gözüňe basyp, eliňden
gaňryp alyşlaryny, iliň öňüne düşen adamlaryň tut-ha-tutlugyny, wa-ah milletiň gülüni
gyryşlaryny dagy diýsene, ondan soňky aýylganç urşy görmezlik üçin şonda-da bir ölüp
gidäýmek Hudaýyň berdigi ekeni…Heý ýüregim, heýhatly zamananyň apy-tupanlaryna
iki sany, ner kimin, her biri ýüze taý oglumy aldyrdym, körpämden nyşan galdy diýip
ýörenjäm, keşbinden nur dökülip duran körpe agtygym aýylganç urşuň odunda ýanyp,
kül boldy. Didary gözüme gün bolup görünýän balamyň balasynyň derek boýunyň,
guwanyp-söýünip, doýup bolmaýan kaddy-kamatynyň öwezine: “gahrymanlarça…”
diýen sygryň dili ýaly kagyz gelende, asman üstüme inip, günäkär tenimi zemin
hopdumyka diýipdirin. Aldy şol kagyzjyk, elli ýyllap ajyny-süýjüni bölüşen
ýassykdaşymy, ahbetin alyp ýatdy! “Basmaçy” diýip, ata-babalarymyzyň dessuryna
eýerip, watan üçin, erkinlik üçin ata çykan uly oglumy ýuwdan ynkylap alyp bilmedi,
87
“halk duşmany” diýip körpämi dereksiz ýitiren tut-ha-tutluk alyp bilmedi, emma
körpämden ýadygär galanja ýalňyz uçgunjygymyzy söndüren sygryň dili ýaly kagyz
welin, ahyry aldy, ony!... Indi senem, şol zatlardan soň, men, daş göwüniň näzini segsen
ýyllap çeke-çeke, bu günki gün, ykbalyma kaýyl bolup, agtyk-çowluklaryň arasynda
birsellem şolaryň ösüp-örňeýişlerine guwanaýyn diýsem, maňa öz şikaýat kagyzyňy
somlaýarsyňmy?! Munyň-a bolmaýar, bolmaýar-ow, bolmaýar!”
Azsalymdan soňra goja mürüşgär eti dograp boldy-da, şakäsä saldy. Ýene-de
kuwwaty giden dyzlaryna agram salyp, ýerinden galdy. Guşuna tarap ýöneldi. Onuň
şakäseden owunjak et böleklerini çokalap alyp, iýşine sabyrlylyk bilen tomaşa edip
ugrady. Şol wagtam üç-dört ýaşlaryndaky tokarja çowlugy ala-güpürdi bolup, içerik
kürsäp girdi:
-Ata, ata-how!-diýdi-de, dogumlyja bezzatjyk elguşa gözi düşen badyna özüniň
näme üçin garry atasynyň ýanyna gelendigini huşundan uçurdy. Amanmämmet aga:
-Näme, ballym?!-diýende, pelteli çyranyň ýagtysyna gözjagazlary türkmen
köpeginiň güjüjeginiň gözleri ýaly garagol batyrlyk bilen ýyldyraýan bezzat, düýbünden
başga zat peltekledi:
-Ata-how, şu geýek algyýguşa men etjik beýäýsemmikäm?!
Bezzatlygy zerarly agtyk-çowluklarynyň içinde iň ezizleýäni bolandygy zerarly
garagoluň bazzyk-buzzugyna Amanmämmet aga monça boldy. Jowur ak sakgalyna
siňdirip, mys-mys güldi-de, şakäsäni çowlugyna uzatdy:
-Aý köşek, bize maslahat salýan bolsaň-a, beräýseňem bolman durmaz! Häý ataňa,
kakaňa çeken diljagazyňa döneýin seniň, batyrjam!
Garry atasynyň elinden şakäsäni alan bezzat dünýäni undup, daraklygyna galdy-da,
özüne uzadylýan şakäseden göwnübir ýaly et çokýan ütelgä daňyldy.
Birhaýukdan soň gara öýüň işiginde ýaşy durugşan zenanyň başy başatgyçly sudury
göründi. Uly oglunyň gelnine nazary kaklyşan Amanmämmet aga ardynjyrady-da,
çowlugynyň tahýalyja başyny sypady:
-Oglum-a, bu eneň yzyňdan gelipdir-le, bar garry ataňa näme aýtmakçy bolýar, bil
derrew!
Gyzykly işine kellesi gyzan oglanjyk nädip:
-Duýsana-how, atam senem-ä?! Bu etjigini gutaýmasa, algyýguş düwüneý-ä!diýenini duýman galdy. Ýeser bezzadyň bu gürrüňine garry mürüşgär hezil edip güldi:
-Ýak garagolum, senem-ä, bir zatlar tapaýýarsyň! Bar hany, eneňi işikde
garaşdyryp goýma, näme diýýändigini bil-de, onsoň ýene-de algyrguşuň höregini
beriber.
Alňasaýan oglanjyk ylgap enesiniň ýanyna bardy-da:
-Näme-how, ene! Aýtsana bahymýak, atam hemme wagt algyýguşa etjik
beýdiýenog-a, senem ene, şu wagt geýýäň-de, bimaza edýäň! Häziý atam, getiý käsäni
diýäýse näme?-diýip, jedirdedi.
Enesi oglanjygyň gulagyna garşy egildi-de, ýaşmagynyň aňyrsyndan pyşyrdap
ugrady. Bar ünsi elguşuň ýanynda galan oglanjygam enesiniň näme diýýändigine-de
düşünmän sözme-söz gaýtalap ugrady:
88
-Aý ogýan, “gaýýy gaýynym ezizýeýäý” diýip saňa zat diýiýmeýäý (diýilmeýär)
weýin, haýys başyna gidipsiň-ýe…Wiý, ata muny enem maňa käýýeýäý-ýaý (käýýeýärlaý)!-diýip ýalňyşanyny bilen oglanjyk dilini dişledi. Bezzadyň gürrüňine
Amanmämmet aga arkan-ýüzin gaýşyp, gülmäge durdy. Oglanjygyň enesi hem gözlerini
güldürenini duýman galdy. Emma salyhatly zenan bada-bat çynlakaý keşbe girdi-de,
oglanjygyň oýlukçasyndan çekiberip goýberdi:
-Aý oglan, kilçerme-de, akyllyja bolup, garry ataňa aýt! Ilerki Orazmämmet aganyň
ogly hem dolanypdyr. Ýaňy tebärek çykardýandyklaryny aýdyp gitdiler. Garadaşaýak
obadan bagşy hem getiripdirler. Birsellem oturyp gaýtsa… “Kiçi atamam gitdi” diýip
aýt!
Uly gelniniň pyşyrdysyny eşiden Amanmämmet aga gülküsini kesdi:
-Haý-haý, gyzym, syýyndan-beýlekisinden çekiberip, bujagaza beýle dözümli
darabermäň häli! Körpämiziň ady dakylanjadyr bi, tarhandyr bi! Orazmämmetlere bolsa
hökmän görneris, bagşam diňläris elbetde! Özümem giç öýlän onuň otuz dokuzda harby
gulluga alnan oglunyň ýedi ýyldan soň sag-aman dolanandygyny eşitdim. Gidermen
bolup otyrdym, ýöne şu algyryma agşam höregini berjek bolup eglenäýdim. “Ortanjym
gitdi” diýdiňmi, gelin?
Oglanjygyň enesi: “hawa” diýen terzde baş atdy.
-Hä onda menem häzir barýaryn, käsäni-beýlekini ýygnaň, gyzym!-diýdi-de
Amanmämmet aga donuny düzedip, daş çykdy. Bäş sany öý gala ýaly bolup,
Amanmämmet aganyň öýüniň daşyna egele bolup otyrdylar. Bu onuň ortanjy oglunyň
hem-de agtyklarynyň öýleridi. Goja mürüşgär ortanjy oglunyň öýüniň deňesinden geçip
barýarka, gyzlaryň läle kakýan owazyny eşitdi.
Lä-le-lä-le, lä-le ja-na,
Gyzlar kaksyn, läle jana!
Sary ýüpek sozula-ra.
Sary ýüpek sozulsa-la,
Gyzyň göwni bozula-ra.
Läle-läle, läle jana,
Gynanma sen, Gökdepä-mä,
Ýagyň jaýy bozula-ra.
Duşman jaýy bozulsa-la,
Türkmen ýurdy düzele-rä.
Lä-le-lä-le, lä-le ja-na,
Gyzlar kaksyn, läle jana!
Läläniň Gökdepe galasy hakynda tanyş sözleri gulagyna ilende, ýene-de
Amanmämmet aganyň ýüregi sanjyp-sanjyp gitdi. Kalbynyň jümmüşinde, ýedi gat
gulpuň aňyrsynda temmelenip saklanýan ýatlama, towlanyp-jowranyp, erkinlige çykmak
üçin urnup ugrady. Omürboýy unutmaga çalyşsa-da undup bilmeýän wakasyny özüniň
demir erk-ygtyýarynyň zynjyryndan sypdyrmajak bolup, goja müruşgär bolanja güýçgaýratyny bir ýere jemledi. Sähel salym säginip durdy-da, özüne basalyk berdi. “Gerek
däl, gerek däl, oýansa ýene-de köşeşýänçäň müň bir gezek ölüp-direlmeli bolar. Öňem
saly suw üstündäki bala-çagalarymy gorkuzaryn. Gerek däl, gozganma, gerek däl!”
89
diýip Amanmämmet aga öwrendikli oýlar bilen özüni köşeşdirdi. Göz açyp-ýumasy
salym şeýle halda doňňara-daş bolup durandan soň, ýaşuly rahatlandy. Ortanjy
oglunyňka ümä üýşen gyzlaryň lälesine üns bermezlige çalşyp, Amanmämmet aga küren
obanyň ileri çetindäki Orazmämmet agalaryň öýlerine ýöneldi. Olara ýakynlanda
gapdalky öýden dutaryň owazyny we bagşynyň aýdymyň soňky setirlerine gygyrýan
sesini eşitdi. “Eýýäm saz-söhbete başlapdyrlar-ow! Birsellem menem aýdym-saz
diňläýsem-ä kem ýaramajak ýaly. Göwnüm açylardy.” diýip oýlanan ýaşuly ädimini
ýygjamlatdy. Emma saz-söhbet edilýän öýe bäş-alty ädim galanda bagşynyň aýdymyny
tamamlap, gepläp başlamagy näme üçindir Amanmämmet agany gadam urşuny
haýallatmaga mejbur etdi. Ol bagşynyň:
-Şu aýdym…1881-nji ýylda Gökdepe urşunda…-diýen sözlerini eşidip, sakga
durdy. Durşy bilen gulaga öwrülip, içerden gelýän bagşynyň agrasdan ýakymly
owazyny diňlemäge ugrady:
-…Gala ýarylanda…adamlar bosgun bolup gaýralygyna gaçypdyrlar…
Meger öz aýdýan wakasyna bagşynyň özi-de tolgunýan bolara çemeli, ol sözüniň
arasyny bölüp-bölüp gepleýärdi:
-Şonda Mämmet atly bir ýigit hem öz ýekeje uýasyny atynyň arkasyna
alyp…gaýralygyna gaçypdyr…şonda Ar hojam jan öwlüýäsiniň ýanynda olaryň daşyny
gara geýimli dag atlylary alypdyr…şonda uýasy wagşy ýagynyň penjesine diri düşüp,
namys astynda galmazlyk üçin…umuman Mämmet ak saplysyny uýasynyň haýyşy
boýunça onuň gursagyndan…umuman Mämmediň uýasynyň ady-ha belli däl welin, halk
“Mämmet yrza” atly namysjaň ýigit bilen onuň uýasy hakynda aýdym döredipdir…
Oňlasaňyz…şony aýdyp bereýin, adamlar!
Amanmämmet aga doňňara-daşa öwrülip durşuna, nädip:
-Altynjemal jan, uýasynyň ady!-diýip, biygtyýar pyşyrdanyny hem duýman galdy.
Şol pille-de hälki ýatlamazlyga çalşylýan waka, özüniň temmelengi ýedi gulpyny-da
çym-pytrak edip, bentlengi ähli zynjyrlaryny-da gyrym-gyrym gyryşdyryp, görmedigi
görde galan gojanyň göwnüni harasatdan doldurdy. Onuň göwnüne bolmasa, niredendir
bir ýerden ýalňyz siňlisiniň: “Mämmet jan yrzadyryn!” diýip soňky deminde gygyrýan
sesi gelen ýaly boldy. Gojanyň kalby lerzana geldi. Şol pursadam öýden eşidilip ugran
aýdymyň sesi ony agyr ukudan açylan ýaly etdi.
Gökdepe gowgasy dünýä ýaň salar,
Biperwaý namyssyz namarda ýazar,
Gazaply-gowgaly geçmişi bilen,
Jigermi para-para, paralan gyz!
Amanmämmet aga bu aýdymy-da, rowaýaty-da ömründe ilkinji gezek eşidýärdi.
Ol geň galdy. “Ol ýerde ýagynyň atlylaryndan we Altynjemal ikimizden özge yns-jyns
ýokdy ahyry. Men ömrüme şol waka barada ýeke ynsanyň ýanynda-da dil ýarmadym. Ilgün meniň ömrümiň pajygasy barada nireden bilip ýörkä?!” Şol müddet ýaňlanan
aýdymyň indiki bendi Amanmämmet aganyň kalbyny agdar-düňder edip, onuň
oýlanmak ukybyny ýom-ýok etdi:
Ur pyçagy dogan, göwsümden meniň,
Mämmet yrza dogan, edenňe seniň.
90
Tyg girip, jan çykdy, boş galdy teniň,
Duşmanlardan namysyny goran gyz!
Goja mürüşgär misli bir sarsmaz gaýa bölegine dönen dek, doňňara-daşa öwrülip
durdy. Gözlerinden biygtyýar çogup çykýan ajy gözýaşlar hem zire-zire bolup,
ýaňaklarynyň gasyn-gasyn hamynyň üstünden togalanyp, ak sakgalyna siňýärdiler.
Hakydasynda bolsa tilsimi köp duşmanyň hilesi bilen bir ganaty asmana sowrulandan
soňra, möjekden azan gelegurtlaryň ordasyndan goranýan ýaraly gaplaňa dönen galanyň
ýeňşe umytsyz darkaşa girip, soňky deminde ýaga gaýtawul berşi janlanýardy. Uly
agasynyň atynyň ýalyny al ganyna boýap işiklerine gelşi, “Mämmet janym, neberämiziň
erkek göbeklisinden bir sen aman galdyň, Altyn jany hem al-da, meniň atyma atlanyp,
guma garşy gaçyň! Hernä Hak sizi penasynda saklasyn-da!” diýip, atyndan agyp, jan
berşi, gözi girýan, bagry girýan ýalňyz uýasynyň golundan çekip, gana boýalan, ýadaw
bedewe mündürmäge çalyşýan, on üç-on dört ýaşly oglanjyk – onuň özi, baş-başa-da
jan-jana bolup barýan bosgunlaryň arasy bilen gaýralygyna garşy gaçyşlary, yzlaryndan
gyrgy kimin gaýyşyp, garawsyz aýal-ebtatlary, oglan-uşaklary, garry-gurtylary bir
ujundan gylyçdan geçirip barýan ýagynyň atlylary, esasanam gana suwsan, wagşy gara
geýimliler, soňra ýagydan arany açdyk hasaplap, haýsydyr bir çaklaňja gonamçylygyň
ýanynda demlerini dürsemek üçin säginişleri…Bu zatlaryň bary aýdym-saz ýaňlanýan
öýden bäş-alty ädim daşlykda, garaňkynyň içinde, hiç kimiň gözüne ilmän, iki dünýäniň
arasynda hallan atýan seňňi-mugallak deýin, ysgynsyz, garry göwresi gyş gijesiniň
assaja şemalyna-da yraň atyp duran gojanyň gözüniň öňünden hakydasynyň göze
görünmeýän iňçejik sapagyna düzülip birme-bir geçip durdy, geçip durdy…
…Gabawda bolan döwürleriniň horlugy-hunabasy ýaňy on alty ýaşan gyzyň näzik
ýüzüni hazan ýeli uran bägül güle dönderipdi. Ol howlukmaçlyk bilen körpe jigisiniň
uzadan mytarasyndan suw içýärdi. Altynjemal suwy içip boldy-da, Mämmede uzatdy.
-Jigim indi näderis? Hossarymyzym-a galmady.-diýip galadan çykyp, gaçyp
gaýdanlary bäri mertsiräp gelýän gyz hamsykdy. Agasynyň atynyň boýnuna ýaplanyp,
bar gazabyny gözlerine üýşürip duran ýetginjek, uýasy aglap başlasa özüniňem saklanyp
bilmän, ejizlejekdigini duýup:
-Aglama!-diýip gaharly pyşyrdady:-Ýyglama diýýän, saňa! Bäş-üç gün ýagy
Gökdepe galany taşlap gidýänçä, çölde bolarys. Özümiziňkileri taparys-da, şolary
penalaýarys. Soňra yzymyza baryp, agalarymyzy, goňşy-golamlarymyzy ýere duwlarys.
Soň bolsa…
Oglanjygyň bogazy doldy. Ol gepläp bilmän dymdy. Şol pille-de:
-Gara geýimliler!-diýdi-de, Altynjemal gorkuly pyşyrdady.
-Hany? Nirede?-diýip uýasy üçin gorkudan ýaňa heýýaty başyndan uçan Mämmet
daş-töweregine ýaltaklanda, hol allaowarradan gelýän, bir kowçum duşman atlysyna
gözi düşdi. Ol syçrap atyna atlandy-da, Altynjemala elini uzatdy.
-Bol, uýajygym, gaçaly, hanha, olar bölünişip, öňümizi gyýalap ugradylar. Bol
çaltrak, gabamaga çalyşýarlar.
Şol wagt Altynjemal jigisiniň garaşmadyk hereketini etdi. Onuň bilindäki ak
saplyny sogrup aldy-da, kükregine diredi:
91
-Mämmet jan, jigim, atyň ýadaw! Ikimizi alyp çykmaz! Ýeke gitseň gutular
umydyň bar. Bile gitsek ikimiz hem ýagynyň oljasy bolarys-diýip Altynjemal
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Şazadanyň şikäri - 11
  • Parts
  • Şazadanyň şikäri - 01
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2261
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 02
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2305
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 03
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2252
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 04
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2157
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 05
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2204
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 06
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2060
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 07
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2099
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2228
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 09
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2272
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 10
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2230
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 11
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2374
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 12
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2094
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2066
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 14
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2175
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 15
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2238
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 16
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2142
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2282
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 18
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2122
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    37.4 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 19
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2271
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 20
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 2191
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 21
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2359
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 22
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 23
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2172
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 24
    Total number of words is 906
    Total number of unique words is 612
    40.0 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.