Latin

Şazadanyň şikäri - 22

Total number of words is 3667
Total number of unique words is 2154
30.0 of words are in the 2000 most common words
42.8 of words are in the 5000 most common words
49.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
geçen däldir-le, görseň! Öň ýany “Gelneje, öýe-de bir baraýyn, ýogsa Mähri hatyn:
“Ykmandalygyň çyn bolýan bolsa arasynda äwüp-säwüp öz öýüňe-de bir toýnagyň
düşsün” diýip käýinýär” diýip henek edip çykyp gidendir. Tapýan gepini dagy diýsene
oýunçy garagoluň! Mähri bilen men görgüli ikimiz sen bilen şu keçjal agaň dogry
gözüňize bir garap bilýärismi diýsene, ýaşy uzak bolmuşlar!
Ikiňizem bir jynly…Bir görseň-ä daňyň düýbi çyzylýança kelle çakyşdyryp
allanäme ümmüldeşip oturandyrlar. Birdenem “Allajanlarym Ysrafyl suruny çaldy
gerek”! Jark-murk gygyryşyp başlarlar. Bir-iki agyz azmly-azmly geplärlerem welin,
195
meniň hötjedim bahana tapsa gümpüldemäge taýyn däriligini edip, iň soňkusyny diýer
goýberer: “Göteril öýümden!” Eziz hem uly diýip sylaýmalydyr, geçiräýmelidir welin,
edäýmez. Gaharyna munymyň özünden bir-iki ýaş uludygyny hem, ertesi güne ýetmän
ýene-de özüniň ýaraşmaga geljekdigini hem unudar-da: “Äý gelmedigimiz, seniň öýüň
bolsun. Şu bar-a dagy-duwara seniň öýüňe aỳagym düşmez, berk belläýgin, dabanym
düşmez” diýip, öýkeläp gider. Ilki-ilkiler-ä Mähri görgüli ikimiz bu keçjallary
hakykatdan hem gaýdyp biri-biriniň ýüzüni görmezler-ow diýen gorky bilen oda-köze
düşüp, uzak gije ýatyp bilmezdik, men olara, Mähri bize gatnap, bu ikisini
ýaraşdyrmagyň alajyny agtarardyk… Men dagy bu keçjalyň gynanjyndan ýaňa ýüzüni
gara-ört edip oturyşyny görüp, gaýgy-aladadan ýaňa uzak gijämi daşynda hozanak bolup
geçirerdim. Mähri hem menden gowy däldi… Ind-ä halys öwrenişipdirisem. Barybir
ertir Eziziň säher bilen işigimizi kakjagyna gözümiz ýetip dur-da. Munym onuň
gelendigine begenjinden ýarylyp bilmän otursa-da ýüz bermediksirese-de, Eziziň:
“Muňa seret-how gelneje, türkmenler “egilen boýny gylyç hem çapmaýar” diýipdirler,
munuň bolsa ýallaklanýanyna çişip, bolan bolşuna seretsene” diýen ýeke jümlesi bilen
ýazylyp ýaýrap ötägider. Ýeri barybir üstünden gün geçirmän ýaraşjak bolsaňyz
öýkeleşen bolup, “gelme-de-gelmen” diýşip, äht edişen bolup nätjek diýsene. Wah, siz
erkekleriň hem gepi bolarmy diýsene! Ähliňiziň öwsüp duran çagajykdan tapawudyňyz
ýok ahbetin!...”
Dürsoltan ejäniň oýlarynyň arasyny gapdalyna gelip, hantamaçylyk bilen “myrmyrlap” başlan çal pişik bozdy. Dürsoltan eje pişigi kowmady. Şol wagtam Berdi aga
uruşda top okunyň bölegi degip ýaralanandygy sebäpli epilmeýän aýagyny bir eli bilen
göterdi-de, kynlyk bilen sekiden sallady. Sekiniň erňeginden ýapyşyp dikeldi. Radiony
hem ýassygyny almakçy boldy. Onýança Dürsoltan eje onuň ýanynda peýda boldy.
-Atasy, goýaý degme, özüm alyp girerin!
Berdi aga başdaşynyň ýüzüne garanda onuň ukuly gözleriniň öz-özünden ýumlup
barýandygyny gördi. Ol müýnürgedi. “Ýeri hälden düşegiňe geç-de, şol ýerde içiňi
hümledip oturyber-dä, bu görgülini hem ukusyndan galdyryp ýörşüň, ne bela!” Berdi
aganyň özüne içi ýandy. Emma ol synçy Dürsoltan ejä sepini bildirmezlik üçin
göwnündäkini diline almady. Diňe:
-Ýatybermeli ekeniň-dä!-diýip hüňürdedi. Onuň bu hüňürdisi Dürsoltan ejäniň
göwnüne melhem bolup damdy. “Hä müýnürgeýärmiň, keçjal?! Müýnürgäber häli. Indi
beri düşegiňe geç. Ertir başyň aýlanyp, gözüň garaňkyrap ogullaryňa-agtyklaryňa iş
bolaýma.” diýip oýlanan Dürsoltan eje daşyndan başgaça gepledi:
-Äý, gaty bir ukym hem tutup barmaýardy. Ýöne sen bir oglan, ýataweri!
Dürsoltan ejäniň özüne “aý oglan” diýmegine Berdi aganyň birhili süňňi ýeňläp
gitdi. Hyýalynda özleriniň ilkinji duşuşyklary hakyndaky ýakymly ýatlama lowurdap
ýalpyldady. Uruşdan dolanyp gelenleriniň yz ýanyndaky hepde, Eziziň daşgyn
garyndaşlarynyň köçesi, nämedir bir zatdan elheder alyp, ürken göläniň köçäniň ugry
bilen hyzzyn atyp, jyrtlap barşy, onuň yzyndan eli çygar çybykly, elem-tas bolup
kowalap gelýän ýaş gyz, näzeniniň “aý oglan, sakla ahyry, göläni” diýip gygyrýan sesi
gulagyna ilende näzli owazyň damarlaryny yzarlap gidip, on iki süňňüni söküm-söküm
196
söküşi…Bu zatlaryň bary ýyldyrym çaltlygynda Berdi aganyň hakydasyndan
zymdyrylyp geçip gitdi.
Öz jümlesiniň mähreminiň kalbynda oýaran duýgularyny aňşyrmadyk Dürsoltan eje
bolsa sözüni dowam etdirdi:
-Ertir Ýeňiş günüdigini, häkimligiňkileriň bir hepde mundan ozal baýramçylyk
dabarasyna çakylyk hatyny goýup gidendiklerini, sowgatlar gowşurjakdyklaryny hem
aýdandyklaryny unutma. Ertir köpräk aýagüstünde bolmaly bolarsyň.
Diňe başdaşynyň soňky sözleri ertir Ýeňiş günüdigini Berdi aganyň güpbe ýadyna
saldy. “Häk huşuň gursun” diýip ol özüne içinden käýindi-de:
-Dürsoltan, ertire meniň ol her ýyl dabara geýýän penjegimi hem taýýarlamalydyr
ahyry?!-diýip oýurgandy.
-Taýyn-la eýýäm, indi beri ýatyp ukuňy al! Ertir sagat dokuzlarda körpe agtygymyz
– ol kakaň pahyryň ady dakylanjamyz, ulagy bilen gelip seni Ýeňiş baýramynyň
dabarasyna alyp gider.-diýip Dürsoltan eje nagt etdi.
Şondan soň Berdi aga düşegine geçip gyşardy. Emma wagty bilen gözüne uky
gelmedi. Şol kyýamatlygy Eziz bilen öýkeleşendiklerine gynandy ýatdy. “Ertir
gelermikä? Öň-ä her gezek ertesi gün geläýýärdi welin… Onuňam-a ahyry bir gün sabyr
käsesi dolar. Wah, meni kerçemeli-le! Ýeri bolgusyz zatlary bahana edinen bolup ony
öýümden kowan bolmagym näme diýsene?! Başga pikiri bolany bilen kowubermelimi
ahyry? Owalybeletd-ä ýeriň ýüzünde ýekeje kyýamatlygym bar, onuň bilen hem indi
galan ömrüme ine şeýdip biderek jenjel sebäpli ýüz görüşmän ýörmeli bolsa…
Estagpurulla! Hudaý saklasyn! Daş etsin! Alla jan beýle betbagtlygy bir görkezmäweri!
Eger-de şu sapar hem ylalaşsak, soňra galan ömrüme kyýamatlygym bilen öýke-kine
edişmerin.” Berdi aganyň bu ökünçli oýlanmalarynyň arasyny ynsabynyň kesgir gylyç
ýaly ýüz görmezek hem ýeser owazy bozdy. “Öňem-ä ençeme gezek şeýle diýip wada
edipdiň!”
Berdi aga ynsabynyň sesine uýalyp: “Eger-de ertir Eziziň özi gelmese “gan
basyşymy ölçäp ber” diýen bahana bilen özüm öýüne bararyn” diýip niýetine düwdi. Şol
pikiri bilenem Berdi aga rahatlanyp, uka gitdi.
…Çar tarapda aýylganç galmagal bilen ýeri godukladyp top oklary ýarylýardy.
Däriniň ysyndan, gara tüsseden ýaňa asman görünmeýärdi. Dumly-duşdan seçelenýän
gülleler şuwlaşyp geçip gidýärdiler. Gara basmadan dörän eýmenç nägehanlara çalym
edýän, böwürleri gara haçly, läheň tanklar müňzeşip gelýärdiler. Olaryň bolup gelişleri
sussuňy basýardy. Berdi top okunyň bölegi degip, dyzçanagy pytran aýagyny, gana
boýalan hasanyň daşyndan ynjy bilen gysymlady-da, töweregine gözüni aýlady.
Garymyň içinde bäş-alty sany diri esger galypdy. Olaryň hem ählisiniň ýagdaýy
Berdiniňkiden öwerlikli däldi. Olaryň daş-töwereginde-de wepat bolan söweşdeş
ýoldaşlary gyzyl-ýaýyrt bolup ýatyrdylar. Bendeleri jaýlamaga mümkinçilik ýokdy.
-Nejisleriň altynjy hüjümi, iň soňky hüjüm. Ne serkerde galdy bizde, ne-de ok-däri.
Häzir tanklary bilen tepbedimizi okaýarlar. Näme ederis, doganlar?!- diýip, Berdi
partlamalaryň goh-galmagalyny basmak üçin gygyryp, ýoldaşlaryna ýüzlendi. Olar
seslerini çykarmadylar. Birdenem Eziz egnindäki däriniň gurumyndan we tot-tozandan
ýaňa garagäz bolan güpbüsiniň döşüni açdy-da:
197
-Bir başa bir ölüm, doganlar, barybir bu dünýäde ebedi ýaşamak niýetimiz ýok.
Bolanja granatlary çöpläliň-de, iň bolmanda adam başyna bu demir pyşbagalaryň birini
almaga çalşalyň!- diýip, şar-gara ýüzünde dişlerini akjardyp ýylgyrdy. Olaryň ählisi,
Berdi başlyklaýyn haýdan-haý gurban bolanlaryň ýanlaryndaky granatlary
çöpleşdirdiler-de, olary biri-birine daňyp, müňzeşip gelýän duşman tanklaryna garşy
bukdaklap ugradylar. Tanklaryň ýakynyna baran Berdi elindäki topbagy zyňmak üçin
zarp bilen ýerinden dikeldi. Şol pille-de edil gapdaljygynda dünýäsini gapyşdyran
partlama ala-zenzele bolup ýaňlandy-da, nähilidir birhili aýylganç kuwwatly güỳç onuň
aýaklaryny ýerden üzüp, al-asmana zyňdy…
-Atasy, atasy, basyrgandyň öýdýän, atasy!
Dürsoltan eje yralanda Berdi aga der basyp oýandy. Ol kynlyk bilen gabaklaryny
göterdi-de, düşeginde dik oturdy. Dürsoltan eje oňa şakäsede suw uzatdy. Berdi aga
suwdan owurtlady-da, daşaryk çykmak üçin ýerinden turdy welin, Dürsoltan eje dessine
tekjeden çykaran köýnegini oňa uzatdy.
-Köýnegiňi çalşaý, atasy! Daş çyksaň şemal kakaýmasyn!
“Seniň bardygyňa-dä şükür, Dürsoltanym!” diýip, Berdi aga çalşyrynyp durşuna
minnetdarlyk bilen oýlandy. Soňra daşaryk gitdi. Dolanyp gelip, ýerine geçdi-de
gyşardy. Azsalymdan otagyň garaňkylygynda onuň parahat dem almasy eşidilip ugrady.
Onuň ýatan burçuna garap ýatan Dürsoltan eje: “Uruş gursun Hudaýym! Ondan
bäri altmyş ýyl geçdi welin henizem onuň awusy adamlaryň durmuşyny zäherlemegini
dowam etdirýär. Uruş hakynda ýatlasaň munymy hem entegem gara basýar. Hudaýym,
indi beri öz bendeleriňe beýle aýylgançlyklary görkezme! Jan Allam, ynsanyýete
parahatçylyk bagyş edewer! Hernä bizden soňkularyň bagty üçin, asmanymyz asuda
bolawersin, Hudaýym!” diýip içinden Haktagala mynajat etdi.
Şol wagt Berdi aga ýene-de yňranjyrady. Dürsoltan eje tirsegine galyp,
garaňkylykda gözleri kesmese-de, onuň ýatan ýerine siňe-siňe seretdi. Onuň
ynjalandygyny aňşyrandan soň bolsa başyny ýassyga goýdy. “Rahat ýat, mähribanym!
Hudaýym, hernä Eziziňem, seniňem, halklaryň azatlygy ugrunda gan döken ähli
gerçekleriň hem, siz-gerçekleriň pidalarynyň netijesinde şunuň ýaly ýagty dünýäde
mahluk hökmünde däl-de, ynsan hökmünde ýaşamaga mümkinçilik alan ähli adamlaryň
hem iki dünýäsini abat etsin! Hiç haýsyňyz ýamanlyk ýüzüni görmäsiňiz! Biziň
görenlerimizi görmek hem hernä, bizden soňkulara nesip etmäwersin, Alla jan!”
Şol ýagşy dilegleri bilen hem Dürsoltan eje uklap galdy.
“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2009-njy ýylyň
7-nji maýyndaky sany
Gidenleriň yzynda…
Eýmenç Urşuň ilkinji ýylydy.
Gyşyň iň soňky günleri bolandygy sebäpli günüň lowurdap durandygyna
garamazdan howa sowukdy. Guşlukdy. Küren obanyň adamlary bu mahal meýdan
işlerinden boşdular. Her kim pessejik kepbesiniň öňünde bir zada dümtünip ýördi.
Şonuň üçinem kolhozyň oba garanyňda pesde ýerleşýän edara jaýyndan bärligine
198
gaýdan eşegiň üstünde oturan adam hemmeleriň gözüne ildi. Kolhoz başlygynyň “elek
getir soky getiri” Mülliniň gögelelikde elini enesiniň toşap gaýnaýan gazanyna sokup,
golak galandygy sebäpli bir eli bilen eşeginiň jylawyndan tutup, elem-tas bolup gelşi
hemmeleri haýykdyrdy.
“Siziň…. gahrymanlarça wepat boldy” diýen ýeke jümle ýazylgy, gowşurylan
öýünde ahyrzaman gopdurýan üçburçja kagyz böleklerini Akdasaýak obasynda eýýäm
birlän-ikilän alyp görenler bardy. Ol kagyz bölejikleriniň hemmesini hem adamlar
Mülliniň elinden alypdylar. Dogrusy çagalykda alan aýylganç şikesi zerarly akyl-huşy
hem biraz üýtgän görgüliniň bu ýerde hiç-hili günäsi-de ýokdy. Onda-da näme adam
adam bolýar-da. Mülli golagy görenlerinde oba adamlarynyň ini tikenekläp gidýärdi.
Elbetde obanyň jarçysy hökmünde uly ile hyzmat edýän, ýüregi ýaňy ýagty ýalançynyň
reňbe-reň öwşün atyşyny saýgarmaga başlan bäbejigiň gözleri dek päkize, ýarym däli
görgüli obanyň toýuny-şatlygyny hem adamlara buşlap ýördi. Ýöne her öýüň diýen ýaly
mähribanyny sogrup alyp giden nägehan uruş oba adamlaryny halys dagdy edipdi.
Şonuň üçinem adamlar Müllini görenlerinde ýetip gelýän şum habaryň hut özüni gören
ýaly düýrügip, näme edýändiklerine özleri-de düşünmän, ýetişibildiklerinden “howul
bela, howul bela, başymyzdan sowul bela” diýip samraşdyryp, Gaýtarmyş Atanyň
ýoluna bolanja azyk-owkatlaryndan hudaýýoly aýdyp başlaýardylar.
Ýöne bu gün obanyň bulam-bujar syrgynlarynyň arasyndan, gyşyň gazap gelip, otiýmden horugandygy arryklygyndan bildirip duran eşeginiň bykynyna aýaklary bilen
aýagaldygyna hürsekläp, şallaklap gelýän Mülliniň gelşi has hem gorkunçdy. Ertebirigün haşara gitmelidigi sebäpli sapy döwülen pilini saplap oturan, ýaşy altmyşy
alyberen Batyr aga Mülliniň gelşini synlady-synlady-da, ahbetin ýüregi etmän, tersine
dönäýdi. Iki uly ogluny nägehanyň holtumyna ugradan pahyryň halys ýüreginiň sary
gidipdi. Ol Mülliniň nirä, näme üçin beýdip, “etek alty ýeň ýedi” bolup gelýändigini
bilmese-de, ýeke pursat gözlerini ýumdy. “Berýänem Sen, alýanam Sen, Rehimdar Sen,
Ýalkaýjy Sen, Yaradayjy Sen, Beýtme Hak-Hudaýym, iň bolmanda ikisi birden bolmasa
bolýar, Haktagalam!” diýip sarnaşdyrdy-da, takdyryna ten berdi. Soňam dünýäden bizar
bolup, şum habary kişilerçe garşy almak üçin gözlerini açdy. Onýança-da Mülli golak
tozan turzup Batyr aganyň köneje kepbesiniň deňesinden geçip ötägitdi. Gojanyň
aýaklarynyň ysgyny gaçdy. Ol içinden “Bize däl eken” diýip, uludan demini aldy.
Soňam hol beýlesinde köne ýüň torbany silkip duran wagty Mülliniň gelşi gözüne
kaklyşyp, saň-gaty bolup galan kempirine kalbynda gopan harasady syzdyrmazlyk üçin
elindäki sapyny haýdap ýonup ugrady. Birdenem sakga durdy-da, gahar bilen elindäki
pilini ýere taşlady.
-Kibbi namaz, häý mysalaň gursun, diýmäýin diýsem! Bolup gelşi dagy näteňet!diýip käýindi-de, öýüne girip gitdi.
Mülli bolsa şol çapyp barşyna jomurlaryň syrgynyna ýetmän, gyzyllaryň syrgynyna
tarap sowuldy. Soňra obanyň ortasyny kesip geçýän ýabyň boýuny yzarlap, garagollar
bilen çonaklaryň uly syrgynlarynyň deňesinden badyny saklaman ötdi-de, ýüzbaşylaryň
syrgynyna tarap eşeginiň başyny burdy. Kepbäniň öňündäki gumaşakda oýnap oturan
üç-dört ýaşlaryndaky gyzjagaz bilen bir-iki ýaşlaryndaky tokarja oglanjyga bermek üçin
iki sanyjak gurdy alyp çykan Annabagt eje öz gädiginde eşegini togtadan Müllüni görüp,
199
heýýaty başyndan uçdy. Elindäki gurtlary almak üçin özüne garşy eljagazlaryny
uzadýan agtyjaklaryny hem undup, Annabagt eje:
-Waý, Taňrym!-diýdi-de lampa aşak çökdi.
-Haý ýeteweri bahymrak, Annabagt gelneje!-diýip Mülli eşeginden düşmän
hemişeki edähedine eýerip tenteksi haýkyryp ugrady:-Akmyrat dagy häzir otly bilen
Büzmeýiniň demir ýol menzilçesinden geçýärler. Olary Daşkentden Günbatara, urşa
alyp barýarlar. Hally Mansur başlyga ýaňy harbylar jaň edip aýdypdyrlar. Haý ýeteweri
Annabagt eje, otly eýýäm Aşgabatdan ugrajak bolup durmuş, ýene-de ýarym sagatdan ol
Büzmeýinden geçer.
Müllini gören badyna ýalňyz dikraryny aýatda görmek umydy bilen hoşlaşan
Annabagt eje onuň aýdýanlaryndan diňe bir zada, Mülliniň ogly Akmyrat barada şum
habary getirmändigine düşündi. Göz açyp-ýumasy salymda ölüp-direlen garabagyr
görgüli, “tüf-tüf” edip, ýakasyna tüýkürdi-de, näme edýändigine özi hem düşünmän:
-Häý tentek işigaýdan, adamlaryň öň jany saçyň tarynda asyl-asyl dur, assa-ýuwaş
geliberseň bolmadymy?-diýip kejir eşeginiň başyny tersine öwürmäge çytraşýan
Müllüniň ýüzüni aldy. Kalby arassalykda tomus gününiň tämizligi gözüňi deşip gelýän
asmany bilen bäşleşende hem üstün çykjak Mülli Annabagt ejäniň gaharly sözlerini
ýüzüne almady.
-Aý Annabagt gelnejem-ä, muny nädäýýäň-aýt! Hally Mansur başlyg-a ýörite:
“Obadan diňe Akmyrat şol otluda barýar, Annabagt gelnejä bejit ýetir” diýip meni
iberdi, senem walla, buşlugym-a derek, maňa käýinýärsiň-aýt, gaýta!
Mülliniň sada sözleri Annabagt ejäni bada-bat akylyna aýlap, gaharyna suw sepdi.
Haçan-da onuň aýdan habary aňyna ýetende bolsa Annabagt eje aljyrap başlady.
-Waý janlarym, Akmyrat jan “Büzmeýinden geçýär” diýdiňmi? Wah başyňagözüňe döneýin, Mülli jan! Wah, sende näme ýazyk bar diýsene, başlyk eliňe hat
tutduryp: “äkit” diýse getirersiň-dä! Sen mendenem, adamlardanam gaty görme Mülli
janym, biz häli öte gorkaýýarys-da!
Annabagt eje aljyraňňylykdan ýaňa agzyna gelen zady sarnaşdyryp durşuna näme
edýändigine akyl ýetirmän, ýumlugyp Mülliniň ýanyna bardy-da:
-Ine, me, şulary al oglum, söýünjiňe!-diýip elindäki gurtlary Mülliniň eline
tutdurdy:- Oglum, öýleden soň bir Büzmeýine baryp geleli, onsoň ýene-de gel,
Baýramgül gelnejeň söýünjiňi ýetirer! Biz bir Büzmeýine baryp geleli häli.
Annabagt eje kellesindäki börügini eli bilen saklady-da, gartaşan göwresine
gelişmeýän çalasynlyk bilen goňşularyna ýelk ýasady.
-Aýuw, Baýramgül, guzym, nirede sen?! Ýör-hä Büzmeýine, Akmyrat jan
Büzmeýinden otly bilen geçjekmiş!-diýip haýdaşlap barşyna gygyrýan Annabagt eje
göýä syrgynlarynyň aýagujundaky goňşularyna tara dokaşmaga giden gelni özüni
eşidäýjek ýaly öwran-öwran gaýtalaýardy. Annabagt ejäniň begenjinden ýaňa
aňkasynyň aşandygyna şoh bolan Mülli bolsa göwnaçyk çaganyň ýylgyryşy bilen
elindäki iki sanyjak gurt bölejigine seretdi-de, loh-loh güldi.
-Aý, Annabagt gelnejem-ä, bulary agtyklaryňa ber ahbeti, olar üçin alyp çykdyň-a,
olaryň nesibesini men alyp bilmerin-ä!
200
Mülli şeýle diýdi-de toýun kepbäniň öňünde özlerini undan enesiniň bolşuna geň
galyp hem-de bir eli gorkunç Mülliden heder edip, garaja gözjagazlaryny tegeläp oturan
gyzjagaz bilen oglanjyga dikanlady. Hälden habary aýdan dessine yzyna dolanmak
niýeti bilen gelýän Mülli pikirini üýtgetdi. Ol eşeginden syrylyp düşdi-de, çagalara tarap
ýöneldi. Gyzjagaz onuň şikesli elinden çekinip, oglanjyga tarap gysmyljyrady-da, ony
gujaklady. Müllini ilkinji gezek görmese-de ondan ýadyrgaýandygy hem üýşenýändigi
mese-mälim bildirýän oglanjyk özüne ýakyn gelen Müllä tarap seretmäge gorkup,
maňlaýjygyny tüňňertdi-de ýere seretdi. Birdenem uýasynyň aglamaga taýýarlanyp
dodajyklaryny kemşerdýändigini gördi-de, onuň özüni gujaklaýan eljagazlaryny itiberip,
ýerinden turdy. Mülli bilen uýasynyň arasynda örboýjugyna galyp dik durdy-da, oňa
tarap ýumrujagyny salgady:
-Geýme bäýik, git diýýäm saňa, Ejegüý senden goýkýam, git diýýäm, ýogsam
uýýan, häziý!-diýip heniz “r, l” harplaryny diýip bilmeýän dogumlyja oglanjyk, öz
gorkusyny undup, uýasyny gorap, Müllä haýbat atdy. Oglanjygyň bolşuna hem onuň
bazzyk-buzzuk sözlerine Mülliniň köhi geldi.
-Haýtjan-a, gör-ä munuň eden bolşuny! “Uraryn” diýýärmiň, ýerden ýeke garyş
saýlanan welin, gör munuň edermenjedigini! Garakel batyryň tohumydygyna
seredeňinde düşünäýmeli.
Ol oglanjyga elindäki gurtlary uzatdy:
-Al köşek!
Oglanjyk Mülliniň elinden birbada gurtlary almady. Emma ol ikilenç hödürländen
soň gurt bölejiklerini garbap aldy-da, birini gysymjygyna gysdy. Beýlekisini bolsa ýaşly
gözlerini püre-pür edip, çyny bilen möňňürmezlige çytraşýan uýasyna uzatdy. Ol gurdy
wagty bilen almanda bolsa, uýasyny tirsegi bilen hürsekläp goýberdi:
-Al diýýäm saňa! Agýaýma özüňem, agýasaň uýaýyn!
Oglanjygyň dogumy ýaşy kyrka golaýlan bolsa-da ýarym däliligi sebäpli oglantak
Mülliniň göwnünden turdy.
-Haý-haý saňa, ballym, garry ataň Garakel bol-a!-diýip Mülli keýpiçag güldi-de,
oglanjygyň gür garaja galpagyny sypalaşdyryp, bulam-bujar edip goýberdi. Soňam
ylgap baryp, “loňk” edip, eşeginiň üstüne böküp münen boldy. Oglanjyk bilen gyzjagaz
onuň hereketlerine gorkularyny ýatdan çykaryp, “jykyr-jykyr” gülüşdiler. Olary güldürip
bilendigine monça bolan Mülli yzyna gaňryldy-da, ýüzbaşylaryň syrgynynyň günbatar
çetinden gelni Baýramgül bilen haýdaşlap öýüne tarap gaýdan Annabagt ejäni görüp,
olar sesi ýeterden daşda bolsalar hem:
-Aý Annabagt gelnejem-how, agtyklaryňa eýelik edeweri-how! Men gitdimle-how!
Hally Mansur başlyk: “bejit yzyňa aýlan” diýdile-how! Akmyrady görseň salam
aýtgynla-haw! “Mülli hem: “Aman-esen geleweri” diýdi” diýiňler-how!-diýip gygyrdyda, tozan turzup gelen ýoly bilen yzyna gaýtdy.
Annabagt eje gelni bilen aňyrdan haýdaşlap gelşine:
-Men häzir bolanja zatlardan ol-bi salyşdyryp düwünçek taýynlaýyn, Akmyrat jana
berip goýbereris.-diýdi-de öýüne girip gitdi. Baýramgül hem onuň yzyna eýermekçi
boldy welin, Annabagt eje içerden gygyrdy:
201
-Baýramgül, guzym, çagalaryň üsti-başyna seredişdir, derrew! Olary hem alyp
gideli, kakalary bilen didarlaşsynlar!
Baýramgül gelin gaýnynyň bir aýdanyny ikilenç gaýtalatdyrmady. Ol haýdan-haý
gyzjagazynyň eşiklerini düzedişdirdi. Oglanjygyň hem geýimlerine seretdi. Olaryň ikisi
hem galyň geýindirilgidi. Onýança Annabagt eje içine kak-sök, gurt salyngy çaklaňça
düwünçegini elinde saklap içerden çykdy. Gaýnynyň hor göwresine, bükülen biline
seredip, Baýramgül oýurgandy. Ol aladaly äheňde:
-Enesi bu ikisini nädip alyp gitsekkäk, aýagymyza eýgermezler ahyry! Menem…diýdi-de Baýramgül gelin köpmanyly dymyp gäberen göwresine ümleýän terzde
gabagyny aşak sallady. Annabagt eje ikirjiňlenip durmady.
-Ejegül jan-a özi ýörär, Gurtmyrat jany bolsa gerşime hopba ederin.
-Eýgermersiň, enesi! Gurtmyrat jan tüweleme indi ep-eslije bar ahyry!-diýip
Baýramgül daşyndan garşylyk görkezmäge çalyşsa-da çagalaryň kakalaryny görmäge
gidenini kem görmedi.
-Eýgererin, guzym! Munuň kakasyny gyzyllar bilen aklaryň gowgasynyň
jümmüşinden arkamda alyp çykyp, ulaltmagyň hötdesinden geldim, muny hem
eýgererin!
Olar üç tirkeşik bolup ýola düşdüler. Birsellem ýöränlerinden soňra Annabagt eje
ýadap, “has-haslap” başlady. Emma şonda-da gelni: “Enesi bolmasa arasynda ýere
düşürip ýöredäýeli, biraz dynjyňy alarsyň ýa-da getir men götereýin” diýip hernäçe
haýyş etse-de per bermedi. Küren obadan saýlananlaryndan soň enesiniň “has-haslap”
dem almasyna Gurtmyratjyk hem üns berip ugrady. Gurtmyratjygyň gep haltasynyň
agzy çözüldi.
-Ene sen näme üçin beýdýäýsiň-ä?
-Ýadadym, oglum, şonuň üçin daljygýaryn.
-Ene, sen näme üçin ýadadyň?
-Seni göterip barýaryn, oglum, şonuň üçin hem ýadaýaryn-da!
Ogly bilen gaýnynyň arasyndaky gürrüňe Baýramgül hem goşulman bilmedi. Ol
enesiniň gerşinde parahat oturmaga karary ýetmän, at çapýan ýaly loňkuldap ugran
bezzadyň söbügine assaja kakyp goýberdi:
-Aý oglan, akyllyja bol! Ýene-de tükezzibanyňa tutup ugradyňmy? Loňkuldamaňy
bes et, soragyň gutarmaz seniň, ýaşy uzamyş!
Oglanjyk ejesine tarap howatyrly garady-da:
-Tükeýýibany tutamok men-ä, enemiň aýkasynda otuýýan, ýöne!-diýdi.
Gaýyn-gelin bezzadyň gürrüňine ädim urup baryşlaryny bozman gülüşdiler.
-Aý guzym, garry gaýnyň Garakele beýle dözümli daraberme häli, edil ýöne
Garakeliň ýüzi oturdylan ýaly ahyry bu, häsiýeti hem şonuňky ýaly, sähel gaňryşyna
gaýtsaň “ber közi, gysymlaýyn” diýip dur! Näme etse tarhandyr munym!-diýip,
Annabagt eje agtygynyň arkasyny aldy. Onýança ejesi bilen enesiniň aýagyna eýgermek
üçin ylgaşlap barýan gyzjagaz ýadap, yňňyl-çyňňylyny köpeldip ugrady. Enesiniň
arkasynda aýagy ýere degmän barýan oglanjyk hekemsiräp özünden uly bolsa-da
uýasyna käýýemäge çalyşdy.
-A gyz, näme yňňyýdaýaň?
202
Ýadaw gyzjagazyň gahary geldi. Hemişe näme diýse diňleýän jigisine gaýtargy
berdi:
-Ýadadym, saňa näme?
Oglanjyk uýasynyň sözüne oýurgandy.
-Men-ä ýadamok, Ejegüý!
Gaýyn bilen gelin bezzadyň bu gürrüňine ýene-de gülüşdiler. Annabagt eje
arkasyndaky agtygynyň agramyna hyk-çoklap:
-Aý balym-a, dagam eneň hopba edip barsa ýadamarsyň-da, saňa derek eneň
ýadaýar ahyry!-diýdi. Soňam gyz agtygyna dözmän:
-Bolmasa guzym, ikisini gezekleşdirip, indi Ejegül jany gerşime alaýaýyn!-diýip
pahyr, garabagyrlygyny etdi. Baýramgül gelin ör-gökden geldi:
-Goýaweri enesi, Ejegül jan seniň biliňi ýazdyrar ahyry! Özi ýörär-le, indi az galdy
ahbetin.
Olar şeýdip esli ýörediler. Demir ýol menzilçesiniň jaýlary hem baglary görnende
bolsa olar demir ýoluň ýakasyna çykyp dem-dynç almak üçin azsalym sägindiler. Şol
pille-de Baýramgül yzlaryndan bir aýal maşgalanyň haýdap gelýändigini gördi. Emma
Baýramgül näçe siňe seretse-de ol zenany tanap bilmedi. Diňe birhaýukdan soň ol zenan
golaýlanda Baýramgül onuň Miwegüldügini tanady. Ony tananyndan soň Baýramgül:
“Häý bedibagt, bu nirä barýarka?” diýip içinden haýpygelilijilik bilen oýlandy-da,
gaýnyna Miwegülüň yzlaryndan ýetip gelýändigini aýtdy.
-Hany?-diýip agtyklary bilen gümra bolup oturan Annabagt eje oba tarap öwrüldi.
Miwegüli görübem nebsiagryjylyk bilen başyny ýaýkady:
-Be şu sowukda bu görgüli nirä ugradyka?
Baýramgül egnini gysdy. Onýança Miwegül olaryň yzyndan ýetdi.
-Salamälik, Annabagt gelneje!-diýip ol salamlaşdy.
-Äliksalam, Miwe jan!-diýip Annabagt eje synçy gözlerini ýaşy ýaňy ýigrimiden
geçen sarymeňiz gelniň solgun keşbine dikanlady. Görmegeý gelniň gözleriniň bir
nokatda durman, azaşan uçgunjyk ýaly pelesaň kakýandygyny görüp, ýüregi gyýyldy.
“Görgülijik, gaýyny Ogulsenem arada bir: “Indi biraz daş-töweregini saýgarýar,
gijelerine hem ýüregine ýel düşüp, birden öýden çykyp gidibermesini hem kesdi. Aramaram ymyzganýar hem” diýipdi welin, şu mahal gözleriniň alakjap durşy-ha huşy
ýerindäki adama meňzemeýär! Haý nätsin-dä görgüli, berk bolup çydar ýalymy bu
ýalançynyň külpetlerine, bular dagy heniz beýnisi bekemedik maşgalalar. Ýoldaşy
Enwer jan meniň Akmyradymdan bolsa iki-üç ýaş kiçidir. Öýerenlerine heniz ýyl ýarym
hem bolmady. Uruş başlamazynyň ýedi-sekiz aý öň ýanynda Enwer jany harby gulluga
çagyrdylar, “uruş başlandy” diýenlerine iki aý geçip-geçmänke ogul bäbejigi boldy,
şonuň iki hepde soňundanam gapylaryndan üçburçja kagyzjygy gysymyna gysyp Mülli
bardy. Owf, Hudaý saklasyn! Çydar dagy eder ýaly däl! Özem ýalançyda bela gelse
ýeke gelmeýär ekeni, Enwer janyň patasynda aglap-aglabam, suw ýaly çagany ünsden
düşürdilermi ýa-da dünýä inende gowşajyk doguldumy nämemi, ojagazlaryny hem gara
ýere duwlamaly boldular. Indem şondan bäri görgüli üýtgäp ýör. Şol ýöne: “Ine Enwer
jandan hat geldi” diýip bolar-bolgusyz kagyz böleklerini goltugyna gysyp, görene
görkezip ýör. Hudaý jan bu jahanyň görüner-görünmez belalaryndan Özüň goraweri,
203
Özüň biz bendeleriňi penaňa alaweri, Özüň biz bendeleriňe rehim edeweri, Hak
Biribar!”
Ýeke pursatda kellesinde şu pikirleri aýlan Annabagt eje hemişeki süýji dilliligi
bilen:
-Miwe jan, guzym bu näme ýeke özüň bärligine gaýdyberipsiň-le?-diýdi.
Ukusyzlykdan ýaňa gözleriniň aşagy gögerip, birmahal şeýlebir owadan bolan
gözleriniň içindäki damarjyklar çylgym-çylgym dym-gyzyl bolup görünýän Miwegül
ýüň oýlukçasynyň aşagyndan bir topbak bolar-bolgusyz kagyzlary çykaryp, Annabagt
ejä görkezdi.
-Annabagt gelneje, Enwer jandan ýene-de hat geldi, özem ol hatynda şu gün
Büzmeýiniň demir ýol menzilçesinden otly bilen geçýändigini ýazypdyr. Şony bir
göräýeýin diýip gaýtdym.
Annabagt eje Miwegülden heder edip özüne gysmyljyraýan agtyklaryny gujagyna
gysdy. Ol Miwegülüň aýdýan sözlerine geň galdy.
-Wiý, guzym, Büzmeýinden otluda biziňkileriň geçjekdigini saňa Enwer jandan
başga kim aýtdy?
-Ýaňy Mülli golaga duşdum, şoňa Enwer jandan hat gelendigini aýtdym welin, ol
maňa Enwer janyň hatynda ýazan zatlaryny habar berdi, ol aýtmyşlaýyn şol otluda
Enwer jan bilen Akmyrat hem barmyş, Annabagt gelneje.
Akly üýtgän ýaş gelne dözmedik Annabagt eje oňa näme diýjegini bilmedi.
-Hä bolýar, guzym, biz hem demir ýol menzilçesine barýarys. Bilelikde gidäýeris.diýip oňaýdy. Olar sussypes halda ýola düşdüler. Olar demiýol menzilçesine çenli galan
ýoly has çalt geçdiler. Sebäbi Miwegül Baýramgül bilen Annabagt ejäniň garşylyk
görkezmeklerine garamazdan Gurtmyratjygy eline alyp göterip gaýtdy. Miwegülden
howy basylan Ejegüljik bilen Gurtmyratjyk hem tä demir ýol menzilçesine barýançalar
jyňklaryny çykarmadylar.
Olar demir ýol menzilçesine baryp garaşmaga başladylar. Emma üsti esgerli otly
geler ýerde gelmedi. Dürli harby ýüklerden mas ýüklenen otlular hatar-hatar bolup şol
geçip durdular. Birdenem Baýramgül Aşgabat tarapdan öňi baýdakly, depesinden
çykýan tüsseden ýaňa ala-burugsy bolup gelýän otlynyň yzky wagonlarynyň açyk
gapylaryndan boýunlaryny uzadyşýan adamlary saýgardy. Onuň ýüregi jigläp gitdi.
-Enesi, gelýärler!-diýdi-de ol bir eli bilen Ejegülüň, beýleki eli bilen Gurtmyradyň
eljagazlaryndan mäkäm tutup, göýä şol uzakdan bat bilen myçyp barýan otluda
wagonlary gabsan guruma-tüssä garamazdan öz mähribanynyň keşbini saýgaryp
biläýjek ýaly doňňara-daşa öwrüldi. Annabagt eje bilen Miwegül hem otlynyň demir ýol
menzilçesine gelerine garaşyp, doňup galdylar. Emma otly aňyrdan gelşine demirýol
menzilçesinde säginmän, şol bady bilen geçip ugrady. Birbada bu oslagsyz ýagdaýa otla
irikgä bolup garaşyp duranlar aljyradylar, birdenem ilki bilen Annabagt eje:
-Akmyrat jan, balam!-diýip yzy üzülmän göwnübir ýaly öz deňelerinden geçip
gidip duran wagonlaryň zynjyrynyň gohuny basjak bolýan ýaly sesinde baryny edip
gygyrdy-da, iki ýana ylgaşlap başlady.
-Enwer jan, Enwer jan!-diýip gygyrýan Miwegül hem Annabagt ejäniň hereketine
eýerdi. Baýramgül bolsa perzentleriniň ellerini berk gysymlap durşuna wagonlaryň açyk
204
gapylaryna çiňerilip-çiňerilip seredýärdi. Onuň bolşy misli wagonda duran esgerlere:
“Beýtmäň doganlar, ýeke pursatlyk märibanymyzy görkezäýiň-dä!” diýýäne çalym
edýärdi. Birdenem geçip barýan wagonlaryň birinde ýoldaşlaryna garanyňda has ýüregi
ýukarak biriniň demir ýoluň ugrunda janserek bolşup kebelekleýän naçarlara nebsi
agyrdymy nämemi, otlunyň ses-üýn alyşmaga mümkinçilik bermeýän galmagalyny
basyp, ýogyn ses depelerinde ýaňlandy.
-Ene, gynanma, sizem uýalarym gynanmaň! Arkadagyňyz dolanar! Hökman
dolanar! Hökma-a-a-n-n!!!
Bu göwünlik beriji owaz sähel salym olaryň depesinde ýaňlandy-da, göýä batly
barýan otlynyň ýelgininiň girdabyna düşen ýaly, az salymdan soň sozan guýruk bolup,
gözýetime siňip giden otlynyň yzy bilen howada eräp ýitip gitdi…
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Şazadanyň şikäri - 23
  • Parts
  • Şazadanyň şikäri - 01
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2261
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 02
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2305
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 03
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2252
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 04
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2157
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 05
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2204
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 06
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2060
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 07
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2099
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2228
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 09
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2272
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 10
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2230
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 11
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2374
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 12
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2094
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2066
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 14
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2175
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 15
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2238
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 16
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2142
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2282
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 18
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2122
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    37.4 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 19
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2271
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 20
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 2191
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 21
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2359
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 22
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 23
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2172
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 24
    Total number of words is 906
    Total number of unique words is 612
    40.0 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.