Latin

Şazadanyň şikäri - 13

Total number of words is 3652
Total number of unique words is 2066
29.4 of words are in the 2000 most common words
42.0 of words are in the 5000 most common words
49.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Derwezäniň agzyna baranyndan soňam eneli-ogluň hümürdisi köpegiň gulagyna
geldi durdy. Şol hümürdä meýmiräp barýarka-da ol birden täsin gözlerini ýalpa açyp, şol
ýyldyzlary ýasaýan güýçli jandary görjek bolýan ýaly, siňe-siňe seretdi. Emma hiç zat
görüp bilmän ýene-de gazan ýaly kellesini öňki aýaklarynyň üstünde goýdy-da,
gözlerini ýumdy:
Uklap barýarka-da bikesiniň tizräk sagalmagyny, gögeläniň bolsa ejesi bilen
ýaraşmagyny hem hojaýynynyň-da şu öýde çagajyk bolup täzeden dünýä inmegini şol
ýyldyz ýasaýan güýçli jandardan haýyş etdi. “Halys bolmasa-da ýanyna baranymda bu
zatlary ýüzbe-ýüz durup haýyş ederin-dä” diýen ýagşy niýet bilenem gowy adamlaryň
bardygy üçin hemme adamlary söýýän Garagöz atly garry köpek uklap galdy…
„Güneş“ žurnalynyň 1999-njy ýylyň IX sany
Söýüniň söýgüsi
…Gurbanlyk gijesidi.
Allatagalanyň süýt käsesinden seçelenen damjalara meňzeýän ýyldyzlar garaňky
asmanyň ýüzünde akjaryp durdular.
Hiňňildikden gaýdan gyzlaryň yzyna düşen Söýün içini hümledip barýardy:
“Häzir yzlaryndan ýeterin-de: “Maral, ýekeje pursat aýak çeksene! Seniň bilen iki
agyz gürrüňim bar.” diýerin. Togtaram welin, elini gysymyma gysaryn-da gözleriniň
görejine seredip: “ Maral, men seni janym-tenim bilen, tutuş durkum bilen söýýärin.
Gije-gündiz diňe seniň pikiriňi edip, däliräp barýaryn. Sensiz mundan beýläk nädip
ýaşajakdygymy bilemok. Asla sensiz maňa ýaşaýyş ýok. Maral jan, meni bu soňsuz
jebir-jepalardan halas et! Iki jahanyň owarrasy bolup ýörmäýin.” diýerin.”
Birdenem aňynda dörän sowuk pikir onuň depesinden buz ýaly suw eňterilene
dönderdi.
“A birden ol: “Ýok bolsan-a! Seniň bilen köçäniň ugrunda görene göz bolup
gürleşip durarynmy?” diýäýse näme?”
Söýüniň ini tikenekläp gitdi. Onuň üçin şondan aýylganç zady göz öňüne-de
getirmek kyndy. Söýüniň kalbyna lapykeçlik aralaşdy. Öz-özünden elleri sallandy.
Gadam urşy haýallady. Köňlündäki aýgytlylygyň ýerini ýöwsellik doldurdy.
“Elindenem tutup bilmerin. Dilim äňime ýelmeşen ýaly bolup, diýjegimi diýmägede bognum ysmaz.”
Özünden göwni geçen Söýün hasam gowşady. Göwni boşap galdy. Tutuş dünýäsini
dolduran boşlukdan ýaňa ol özüni hakyky, çyn durmuşda ýaşaýan däl-de, alasarmyk
düýşde gezip ýören ýaly duýdy. Haýdap barýan gyzlar bolsa barha daşlaşýardylar.
111
Özüniň bolup barşy Söýüni gysyp-gowrup başlady. Gyzlar çatryga sowulmadyk
bolsa özüne gahary gelýän Söýün tasdanam yzyna gaýdýardy. Gyzlar gözüniň öňünden
ýiten dessine Söýüniň ýüregi jigläp gitdi. Birhili Maral ömürlik elinden gidip barýan dek
atygsaýan ýüregi agzyna geldi. Gyzlaryň yzyndan haýdap ugrady. Köçe bilen barýan
adamlar bolmadyk bolsa güýjünde baryny edip ylgajakdy hem. Ylgamagyň bäri
ýanynda, giň-giň ädimläp barşyna Söýün hem çatrykdan öwrüldi.
“Men näme erkek kişi dälmi? Men lellim, nalajedeýin, esgi däl ahyry! Häzir
yzyndan ýeten badyma ähli zady bolşy-bolşy deýin aýdaryn. Çöp döwen ýaly etmesem
bolmaz, haçana çenli beýdip kösenip ýörmeli?!”
Birdenem ýigrimi-otuz ädim daşlykda, köçäniň gyrasynda, uly garagajy penalap
gyzlaryň durandyklary Söýüniň gözüne ildi. Ol sakga durmagyň ebeteýini tapman, ädim
urşuny az-kem gowşatdy-da, ýoluny dowam etdirdi. Gyzlara biraz ýakynlaşanynda ol
gyzlaryň biriniň nätanyş oglan bilen gepleşip durandygyny, beýlekisiniň bolsa aňyrrakda
garaşýandygyny saýgardy.
Söýüniň endamy gyzyp gitdi. Aýaklaryna ýeňiljek sandyrama indi. Içine bir gysym
köz guýlana döndi. “Maral däldir-le!” diýip ol gark bolup barýanyň sypala ýapyşyşy
dek, körumyt pikir bilen özüni aldamaga çalyşdy. Emma gepleşip duranlaryň deňine
ýetende onuň bujagaz umydy hem köýdi.
“Maral eken!” diýen pyşyrdy iň soňky deminde urunýanyň jany sogrulyşy deýin,
onuň agzyndan “öwhüldäp” çykdy…
Ol doňdy. Beýnisine kimdir biri hapa penjelerini sokup iki tarapa ýyrtýana döndi.
Ýüregi bolsa allajy aýazda doňup barýan guşjagaz kimin assajdan titräp başlady. Ol
nädip Maral dagynyň deňesinden ötendigini-de aňşyrmady. Asla ol gurşundan guýlana
çalym edýän aýaklarynyň henizem ädilip barýandygyna haýran galdy.
Garagaçdan ep-esli daşlaşandan soňra kalbynyň iň pynhan, iň ýaşyryn künjünde
döräp, degen ýerini awy-zerzaw edip gelýän “Maral!” diýen ýekeje söz towlanyptowlanyp göterildi. Bu söz bogazyna ýapyşanda bolsa gözlerinden damja yzyna damja
togalanyp ugrady. Söýüniň göwnüne bolmasa ýaňagyny ýakyp gelýän damjalar hem
“Maralsyz galdyk-la!” diýip tükeniksiz zarynlaýan ýalydy…
… Allatagalanyň süýt käsesinden seçelenen damjalara meňzeýän ýyldyzlar bolsa
göýä hiç zat bolmadyk ýaly, garaňky asmanyň ýüzünde akjaryp durdular…
“Nesil” gazetiniň 2005-nji ýylyň 10-njy martyndaky sany
Enweriň bagty
Gurbanlyk gijesidi…
Syýareňk asmanyň uýaljaň mahymy kyrkgünlük gelniň gülgüne ýylgyryşy deýin
ýumşak nuruny garaňkylyk ýapynjasyny basyrynan Zeminiň üstüne gysganman
seçýärdi.
Jemalyň: “Birdenkä ejem gözläbermesin.” diýen howatyr bilen gidenine esli wagt
bolan-da bolsa Enweriň gaýdasy gelmeýärdi. Jemalyň ölje, gyzgyn hem ýumşajyk,
pökgüje dodaklarynyň basylan ýeriniň ýakymyny ýitirmän, has uzaga çekdirjek bolýan
112
dek sypalap otyrdy. Şeýdip oturşyna-da Jemal bilen eden gürrüňlerini içinden ýeke-ýeke
gaýtalaýardy. Durmuş gurmak, geljekki toýlaryny guramak, jaý salynmak, geljekki
çagalary hakynda süýji-süýji sözleri, şirin-şeker söhbetleri, ezeli-nabat arzuwlary
onlarça gezek hetjikläp pikirlenmekden doýmaýardy. Ýadamaýardy. Özem göýä ýaňyja
tamamlanan duşuşyklary täzeden başyndan geçýän ýaly, gözleriniň öňünde ähli jikmejikliginde peýda bolýardy.
“Iki oglumyz bilen, iki gyzymyz bolsa men Allatagaladan razy.” diýip Enwer
Jemalyň gulagyna pyşyrdaýardy. Jemal bolsa diýjek sözlerini Mahy-tabanyň nurundan,
älem alyslygynda sowuk gyrpyldaşýan ýyldyzlardan, hatda gije garaňkylygyndan-da
gabanýan dek, Enwere has hem gysmyljyrap, eşidiler-eşidilmez: “Oglanlarymyz saňa
meňzär!” diýip jogap berýärdi. “Gyzlarymyz bolsa saňa!” diýip Enwer Jemaldanam
beter assa gepläp, üstüni ýetirýärdi.
…-Üý-ýü-ü! Üý-ýü-ü-ü!
Golaýdan eşidilen horazlaryň sesine Enwer ukudan açylan ýaly tisginip gitdi.
-Eý-ho! Eýýäm ýarygijeden agaýpdyr-ow! Bahymrak gaýdaýyn!-diýip ol içki
pikirini daşyndan hümürdänini duýman galdy. Ol ýerinden turdy-da mekdebiň gür
baglygyndan çykyp, öýlerine garşy ýola düşdi. Emma Jemallardan bir çatryk daşlaşypdaşlaşmanka, öýlerine tarap aýagynyň ädilmeýändigini syzdy. Hiç gidesi gelmeýärdi..
Onuň özüne içi ýandy.
“Näme-aý, bolşum dagy nähili diýsene! Edil enesinden galasy gelmeýän ýaşajyk
çaga ýaly-la! Az-owlak merdemsilenmesem-ä, bolmaz! Eýýämden beýdip eräp-akyp
ýörsem, soň Jemala öýlenenimden soň dagy neneň-niçik bolarka?! “Heleýguly” adyny
alaýmasam hem ýagşydyr… Günde-günaşa görmesem ýüregim üzülip barýany-ha
barýany welin, asyl indi ýanyndan gaýdyp hem bilemok ahbetin. Şunuň özi hem
eýýämden jylawymy aldyrandygymyň alamaty dälmi?…”
Enwer şeýdip öz-özüne meçew berip barşyna, birden gyzanyny duýman galdy.
“ Hany indem bir göreýin, günde duşuşyga gidişimi! Köp bolsa hepdede bir gezek
duşuşaryn. “Gel” diýip jaň etse-de barmaryn. Hany göreli bakaly, kim kimiň jylawuny
eline alýandygyny. Edil ýöne butnadaýmasam nädersiň!”
Tow berlene dönüp, haýdap barýan Enwer öz köçelerine sowlanyna hem üns
bermedi. Diňe goňşularynyň itiniň tanyş sudury tutlukdan çykyp, gapdaly bilen
mytdyldap ugranda ol öýlerine ýetendigine düşündi. Ol näme üçindir derwezelerinden
ätläýmän saklandy. Näme edýändigine aň salman gapdalyndaky daýaw türkmen
köpeginiň gazan kellesini sypalap goýberdi. Dem salym oýurganyp durşuna içinden bir
zatlary öwrüp-çöwürdi. Birdenem yzyna öwrüldi-de, Jemallara tarap ylgaşlap gaýtdy.
“Özüni görüp bilmesem-de, iň bolmanda Jemalyň bägül ysy siňen köçeleriniň
howasyndan bir dem alyp gaýdaýyn, ýogsa uklap bilmerin.” diýip Enwer ylgaşlap
barşyna pikir etdi.
… Syýareňk asmanyň uýaljaň mahymy bolsa misli ýaş ýigdiň bolşuna kinaýaly
gülümsireýän dek, kyrkgünlük gelniň gülgüne ýylgyryşy deýin ýumşak nuruny
garaňkylyk ýapynjasyny basyrynan Zeminiň üstüne gysganman seçýärdi…
“Nesil” gazetiniň 2005-nji ýylyň 3-nji martyndaky sany
113
Körekeniň ýalňyşlygy
…Gurbanlyk gijesidi..
Ýüpekden syýa şala sepelenen zer däneleri deýin ýyldyraşýan sanýetmez ýyldyzly
asmanyň ýüzünden guba gazlara kybapdaş bulutlar endigan ýüzüp barýardy. Wagtalwagtal bulutlaryň aňyrsyndan garagol gyzjagazyň enaýyja bezzatlygy bilen Aý jemaly
jyklaýardy-da, ýene-de guba gaz-bulutlara gizlenýärdi.
Ýarygijeden agyberipdi. Şoňa görä-de iki gyrasy gür tutluk bilen heşerlenişip ýatan
oba köçelerinde gatnaw kesilipdi. Emma şonda-da tötänden kimdir biriniň özüni
göräýmeginden çekinýän Garýagdy töweregine howatyrly garanjaklap, derwezä
ýakynlaşdy. Assyrynlyk bilen derwezäniň yşyndan howlyny synlady. Howluda çyranyň
ýagtysyna üç-dört sany adam şaý-sepleri çalam-çaş edilip, bagryny ýere berip ýatan
ulagyň daşynda gaýmalaşyp ýördi.
“Kakasy bilen jigileri! Eý, şu adamlary-aý! Näme entek bolup ýatmaýarlarka?!
“Agşamyň haýryndan ertiriň şeri” diýipdirler ahyry! Ýatybermeli-dä! Ertir gündizlikde
bejereniňizde näme ulagyňyzy ýer ýuwudýarmy diýsene? Bärde bir adam gelnini
gaýtaranyna dört gün boldy welin, henize çenli bir gezegem görüp bilenok. Bular bolsa
bilgeşleýin edýän ýaly, ýarygijeden soň ulag bejeren bolýarlar.”
Garýagdynyň içi ýandy. Gelni Gyzylgülüň ýumşak dodaklary, pamykdan mymyk
tenini gujagyna gysanda ýüzüne çabraýan, ýakyp barýan gyzgyn demi, beýhuş ediji
müşk-anbar ysy hakydasyna gelende bolsa göwni şeýlebir ummasyz takatsyzlykdan
doldy. Edil ýöne aýaklarynyň ysgyny giden ýaly boldy.
“ Boluşlary nähili-laý! Özüňkini özüňden gabanyp-gysganyp, garawullaşan bolup
ýörüşlerini, bularyň! Ulag bejeren kişi bolup, göze çöp atýandyrys hem öýdýärler.
Bilýän däldiris-ow ýarygijeden soň siziň näme işleýäniňizi!”
Garýagdy kineli oýlandy-da, ýeňsesini tüňňerdip köçä çykdy.
-Äý bular indi wagty bilen ýatmazlar, gowusy öýe gaýdaýyn. Ertir hiňňildikde
sataşyp: “Gije sagat on birlere köçä çykmasaň bolmaz” diýip çürt-kesik aýdaryn-da,
buýtar-suýtara ýer goýmaryn.-diýip öz-özüni köşeşdirýän ýaly nesihat beriji äheňde
hümürdedi-de, öýlerine tarap öýkeli mytdyldap ugrady. Emma biraz dähedemdessemläninden soň onuň göwnünde ýene-de, gelnini görmek hyjuwy möwç urup
başlady.
“Görmän gitseňem-ä, bu gije gözüňe çiş kakylan ýaly bolar.”
Onuň aýaklary öz-özünden yzyna aýlandy. “Aýaguçlaryndan baryp,
malýataklaryndan aşaýyn. Penjiresini tyrkyldatsam düşüşdir. Atylyp çykar.” diýip ol
göwnüni bire baglady. Niýetine düwşi ýaly hem etdi. Ogry hereketleri bilen
gaýynlarynyň melleginiň aýagujundan bardy-da malýatagyň adam boýundan beýigräk
diwaryndan ýapyşdy. “Hyklap-çoklap” özüni çekdi-de, diwara mündi. “Iller-ä Gurban
baýramy bilen başagaý, men bolsa nämeler işläp ýörün!” diýen pikiri edibem özüni
diwardan aşak sallady. Aýagy nähilidir bir ýumşak zadyň üstüne düşdi. Ol uludan bir
demini aldy. “Hudaýa şükür, diwara ýakyn teker-beýleki , saman-sepir üýşürip
goýupdyrlar öýdýän.” Ol diwardan aşmagyň ap-aňsat bolandygyna begendi. Emma
114
birdenkä onuň aýagynyň astyndaky ýumşak zat sojap, myşlady-da bir tarapa süýşüp
gitdi.
“Sygyr!” diýen çaklama onuň aňyny ýyldyrym çakan ýaly etdi.
-Haýp begendim-ow!-diýen pyşyrdy bilen ol: “Ýa Alla, suw ýa saman, güjüm ýa
garaman!” diýip arkanlygyna güwläp gaýtdy. Heniz “gütläp”ýere düşmänkä-de, ürken
daýaw sygyr ony şahy bilen gapyp aldy-da, honda oklap goýberdi.
-Eý wäk-eý!-diýen boguk hüňürdi bilen Garýagdy üýşürilgi duran ýandak
harmanyna gaçdy. Soňra
otyrýerini sypalap ýerineden turdy-da, üsti-başyny
kakyşdyrdy. Onuň gaty erbet gahary gelýärdi. Öz bolup ýörşüne jany dagy ýanypdy.
Şonuň üçinem ýandak harmanyndan düşen badyna ähli gazabyny sygyrdan çykarjak
boldy.
-Häk, şahy döwülmiş!-diýip sygra aýagyny salgady. Emma süsek sygyr götin tesdide, kellesini eýmendiriji talawlatdy.
-Beh, bu ýene-de şahyny bulan hem bolýar-a!-diýip Garýagdy gaharlansa-da, indi
sygry urmaga meýil etmedi. Özüniň nirededigi ýadyna düşüp durdy. Soňra ol
ýuwaşjadan, garaňkylyga duwlanyp, howluda ýatan ulagyň töweregini gözden geçirdi.
Ulagyň töweregindäkiler açarlaryny ýygnaşdyrmak bilen meşguldylar.
“Bolaýdy, şü-ýä! Güpür-tapyrymy eşitmändirler. Özlerem ahbetin öýlerine
ýygnanjaklar öýdýän!” diýip içini hümleden Garýagdy biygtyýar söbügini sypanyny
duýman galdy. ”Şeýdiň-dä! Rehimiňiz insin ahyry! Ýogsa bu adamlar nä günlere düşüp
ýör. Dört gün bäri görmedim ahyry! Däp-dessur hem oňat zat-la welin, däp-dessur diýip
beýdip sygyr üçin süsük ýassygy bolup ýörmeli diýlen zat hem ýokdur-la!”
Onýança howludakylar erew-berew bolup ýörmeklerini bes edip, öýe girdiler.
Syçany yzarlaýan pişik dek olary gözünden sypdyrman duran Garýagdy girerlerine
mähetdel, pişik basyşyny edip öýe garşy ýumlukdy. Baryp emaý bilen penjireden içerik
gözüni aýlady. Oglanlaryň biri telewizory açýardy.
Garýagdy duranja ýerinde tütedi.
“Äý, ýok-la! Bu adamlar halys meniň degnama degjek bolýar-la! Ýeri-how şu wagt
telewizor nämäňize gerek, ýadaňyzdan soň ýatyň-da, hezil ediň-de !”
Garýagdy lapykeçlik bilen aşak çökdi. “ Görýän welin, ind-ä çyndanam
gaýdybermesem boljak däl öýdýän.” Emma birdenem onuň kellesine täze bir pikir
geldi. “ Gowusy men häzir hammamyň burçunda bukulyp duraýyn, Gyzylgül hökman
jigileriniň hapalanan egin-başlaryny hammama getirmäge geler. Şonda-da awumy
girime salaryn.”
Garýagdy pikirini dessine amala aşyrmaga girişdi. Hemme zat onuň çaklaýşy ýaly
hem boldy. Ara kän wagt düşmänkä işigiň açylyp-ýapylýan sesi eşidildi. Soňra kimdir
biri aýagyndaky şypbygyny şypbyldadyp, hammama garşy gaýtdy. Hammamyň öňi
tüm-garaňkydy. Şonuň üçinem jaýyň künjünden öwrülen garanyň elindäki geýimgejimleri gören badyna, garaşmakdan ýaňa saly suwa gaçan Garýagdy:
-Gyzylgülüm, gelýäňmi?!-diýip pyşyrdady-da ony garsa gujaklady. Näme üçindir
onuň elleri garanyň biliniň daşyndan dolamaga ýetmedi. Garýagdynyň aňynda ýyldyrym
çaltlygynda yzly-yzyna iki sany pikir döredi. Ilki: “Eýýäm şunuň ýaly derejede
semräýdimikä?!”, soňra bolsa “Gyzylgül däl öýdýän?!”
115
Ikinji pikir kellesine gelen dessine-de onuň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly
boldy. “Eger bu Gyzylgül bolmasa onda kimkä?” diýen pikiri welin, Garýagdy
oýlanmaga ýetişmedi. Birbada aljyran hem bolsa Gyzylgülüň ejesi dem salymda özüni
dürsäp, onuň döşünden itiberip goýberdi.
-Häý, ýeksurun, diýmäýin diýsem!
Şondan soňra Garýagdy haýatdan dagy nädip aşanyny-da duýmady. Köçä
çykanyndan soň bolsa ümdüzüne tutdurdy. Utançdan ýaňa dym-gyzyl bolup ylgaşlap
barşyna-da “Gör-ä muny! Beýle-de bir ýalňyşaýmak bolar eken-ow!” diýip oýlandy.
… Ýüpekden syýa şala sepelenen zer däneleri deýin ýyldyraşýan sanýetmez
ýyldyzly asmanyň ýüzünden guba gazlara kybapdaş bulutlar endigan ýüzüp barýardy.
Wagtal-wagtal bolsa bulutlaryň aňyrsyndan garagol gyzjagazyň enaýyja bezzatlygy
bilen Aý jemaly jyklaýardy-da, köçe bilen ylgaşlap barýan ýigdi hasam utandyrmaýyn
diýýän ýaly, ýene-de guba gaz-bulutlara gizlenýärdi.
“Nesil” gazetiniň 2005-nji ýylyň 20-nji martyndaky sany
Gelin kinesi
…Gurbanlyk gijesidi.
Gülçyranyň ýagtysy otagyň içini gyzgylt alagaraňkylyga besleýärdi. Penjiräniň
tutusy ýarym syrylgydy. Mahy-tabanyň süýtreňk şöhlesi penjireden içerik düşýärdi-de,
otagyň alagaraňkylygyna gatyşyp-garyşyp, eräp, ýitip gidýärdi. Jümle-jahan yrňyldap
duran rahatlykdan dolup, öz rahatlygyndan lezzet alýan deýin dymyp ýatyrdy.
Otagda Sary bilen gelni Gülbahar bardy. Sary törde ýazylan düşegiň üstünde ýanyn
ýatyp, ölügsi ýagta kitap okaýardy. Gülbahar bolsa jorap örýärdi. Gelniň endikli elleri
öz-özünden işleýäne çalym edýärdi. Göwnüňe bolmasa gelin ol-a alagaraňkylyk ekeni,
gözüni daňsaňam arkaýyn işläbiljek ýalydy. Elleri şeýle çalasyn hem türgen işleýärdiler.
Olar daşyndan biri-birine näçe biparhsyrap, öz işlerine gümrasyran bolsalar-da,
assyrynlyk bilen gabak astyndan biri-birini synlaýandyklary bildirýärdi. Sary şunça
özüne zor salyp kitabynda ünsüni jemlemäge çalyşsa-da, kellesine zat girmeýärdi. Ýöne
nazary bilen setirleriň üstünden tyrpyp barýardy. Pikirleri düýbünden başga ýerdedi.
“Dogry-da walla! Näme öýkelän bolup. Erkek kişi erkek kişi bolar-da. Arasynda
käýemeli hembolar, gaharlanmaly hem bolar.” diýip oýlanýan Sary ýene-de kitabyna
üns bermäge çytraşdy.
Gülbahar hem adamsyna gözüniň gyýtagyny aýlap goýberdi. Ol şol bir bolşuny
saklap.aňyrsyna bakyp ýatyrdy. Gelniň köşeşip ugran öýkesi ýaňadan örç aldy. “Bolan
bolaýşyny! Günä özünde däl ýaly. Köpçülikde üstüme herrelip masgara etdi. Indem
azaryna-da däl.”
Gülbahar kine bilen gabaklaryny aşak sallady-da, elindäki çişleriniň hereketini
hasam ýygjamlatdy. Öýkeli oýlar biygtyýar ýaş gelniň aňyna dökülip ugrady.
“Gurbanlyk günde bolup durmaýar ahyry. Aýda-ýylda bir gezek gelýär. Ilk-ä zordan
ýalbaryp-ýakaryp ulagy bilen baldyzym ikimizi hiňňildiklere aýlamaga yrdyk. Birki
sany hiňňildige eltdem, bulanyp başlady. Birinde uçmaga nobata durduk. Adam köp
116
bolandygy zerarly wagty bilen nobatymyz ýetmedi. Munuň hem ganygyzmalygy galjak
däl. Tüsseledi. Birküç sapar: “Howa sowuk, gaýdalyň.” diýdi, soňam birdenkä sesini
zaňňyrdadyp: ”Ýörüň, boluň, Asla şu halyňa hiňňildik uçjak bolmak nämäňe gerek?!”
diýip herreldi.”
Gelin näme üçindir uýaljaň gyzardy-da, elini göbeginiň üstünde goýdy. “ “Şu
halyňa” diýen bolup, heniz Ýaňy iki ýarym aý boldy ahyry! Entek gaty bildirmeýär.
Onsoňam hiç zat bolmaz ahbetin!… Bu bolsa zat ýokýerinden azgyrylan bolýar. Indem
hiç zat azaryna däl ýaly.”
Gelin adamsyna ýene-de bir ýola kineli nazar oklady. “saňa gerek bolmasa, maňada derkar däl.” Gelin elini tasanjyradyp, işine gümra boldy.
Şol pille beýdip ýatmak ýüregine düşdümi nämemi Sary kitabyny ýapdy-da, arkan
ýatdy. Ýüzünden daş asylan ýaly edip:
-Tutuny çyranyň öňüne syr. Men ýatjak.-diýdi.
Gülbahar sesini çykarman turdy-da, tutyny syrdy. Soňra ýene-de öňki ýerine geçip
oturdy. Çişlerini eline aldy. Sarynyň gulagynyň ýeňsesi gyzyp ugrady.
-Näme, ýatmakçy dälmi?
-Häzir şujagazymy örüp dynsam ýatjak.
“Garaňkyda örüp bilersiňmi?” diýjek bolan Sary dilini dişledi. “Bolýar-la her gezek
näzirgäninde näzini çekjek bolsaň başga işem gerek däl.”
Sary tersine döndi. Birsellem uklamaga dyrjaşyp, gözlerini berk ýumup ýatdy.
Emma gapdalynda mähriban ynsanyň teniniň tüýs endik bolup ýylysyny duýmaýanlygy
oňa uklamaga päsgel berdi. Nämedir bir zat ýetmeýän ýalydy.
“Ýa, bolmasa örüp bilmeseň çyrany ýak-aý!” diýäýsemmikäm?!” diýip pikir
öwürdi. Emma bada-bat bu pikirini ret etdi. “Hiç zadam diýmerin! Men erkek kişi
ahyry!”
Soňam ol ep-esli wagt uklapbilmän kösendi. Ýöne assa-ýuwaşdan gündizki
ýadawlygy onuň dartylyp duran beýni damarlaryny gowşatdy. Ony uky bürdi.
Birhaýukdan soň oýnawaç üçin kakasyndan öýkelän çaga ýaly düňderilip ýatan Sarynyň
asuda dem almasy eşidilip başlady.
Onuň uklandygyna düşünen Gülbaharyň hem işläp weji bolmady. Gelniň içi gysyp
başlady. Göwnüne nähilidir birhili tukatlyk aralaşdy. Gözlerini götereninde bolsa
aňyrsyna dönüp ýatan ýanýoldaşyna dözmedi. Kalbynda gozganan haýpygelmäni basyp
ýatyrmakçy bolýan dek gelin: “Göwnüme degen özi hem bolsa azaryna-da däl.” diýip
pikirlenmäge çalyşdy. Emma bu kineli pikire derek, göwnündäki dözmezçilik has-da
örjäp: “Üstüne ýorgany hem çekmändir. Üşäýmesin.” diýen pikir emele geldi.
Gülbahar pişik basyşyny edip turdy-da, emaý bilen Sarynyň üstüne ýorgany örtdi.
Sary özüne deglenini duýan ýaly ukunyň arasynda yňranjyrady.
“Ýadapdyr öýdýän, mähribanym!” diýip oýlanan Gülbahar ýanýoldaşynyň
maňlaýyna düşen saçyny kiçijek, ýumşajyk elleri bilen yzyna gaňtardy.
-Özümdenem bar-la!-diýip bägül dodaklaryna siňdirip pyşyrdan gelin, saklanyp
bilmän adamsynyň gabagyndan öpdi…
Gülçyranyň ýagtysy otagyň içini gyzgylt alagaraňkylyga besleýärdi. Penjiräniň
tutusy ýarym syrylgydy. Mahy-tabanyň süýtreňk şöhlesi penjireden içerik düşýärdi-de,
117
otagyň alagaraňkylygyna gatyşyp-garyşyp, eräp, ýitip gidýärdi. Jümle-jahan bolsa
yrňyldap duran rahatlykdan dolup, öz rahatlygyndan hem-de gelniň öýkesiniň
ýazylandygyndan lezzet alýan deýin dymyp ýatyrdy.
“Nesil” gazetiniň 2005-nji ýylyň 26-njy martyndaky sany
Gurbanlyk gijesi
...Gurbanlyk gijesidi.
Aýyň ýüpek şöhlesi zerarly geň-enaýy görünýän asman ummanynyň ýüzünden
ýekeje ak bulut gündogardan günbatar sary endigan taýyp barýardy. Wagtal-wagtal
şemalyň bady ýatýarmy nämemi, bulut ýüzüşini togtadýardy. Az-kem duranyndan soň
bolsa ýene-de ýoluny dowam edýärdi…
Doganoglanlarynyň gurbanlygy sowlanyndan soň Myrat ejesini hem gelnini
kakasynyň ulagyna mündirdi-de, öýlerne gaýtdy. Eýýam ýolda gelýärkälerem gelni
gozgalaň tapyp ugrady. Göwresinde bolup geçýän, öň duýlup görülmedigi üçin geň hem
gorkunç, şol bir wagtda-da ilkinji näbeliligi bilen süýji şatlykdan doly hadysa ýaş gelni
ynjalykdan gaçyrdy. Ol utanýandygy zerarly gaýynenesine bildirmän, ogrynlyk bilen
garnyny sypady. Çaga jan gireli bäri gorsanýardy, depirjikleýärdi. Şeýdeninden soň
bolsa özi üçin dünýäde iň mähriban, iň eziz, iň ýakyn ynsanyň mährem elleriniň
rahatlygyny syzýan ýaly, köşeşýärdi. Emma bu gezek welin, tersine boldy. Çaga
köşeşmekden geçen, gaýta hereketini has ýygjamlatdy.
“Be-e bu bezzadyň bolaýşyny? Lukmanlaryň: “oglanjyk” diýenleri çyn öýdýän.
Öte birahat. Kakasyndan beter bimaza boljak öýdýän…Waý…waý!”
Göwresindäki çaga has gatyrak gozgananda duýdansyzlykdan ýaňa içini çeken
gelin ýaşmagyny dişläp, zordan sesini çykarman saklandy.
“Muny! Ýa näme dünýä injek bolýarmyka?! Aý-günüm hem dolyberdi öýdýän.
Lukmanlaryň aýdan wagty-ha şu gün doldy…” Içinden pikir öwren gelin haraý isleýän
ýaly adamsynyň ýeňsesine garady. Emma ähli ünsüni ýolda jemläp barýan Myrat
gelniniň galagoplygyndan bihabardy. Öz-özünden dowul tapyp aljyrap ugran gelin:
“Ýa çigninden gysyp, gulagyna pyşyrdaýsammykam” diýip göwnüne geňeşdi. Emma
utandymy nämemi beýtmedi. Diňe köşeşmek üçin özüne zor saldy-da, ulagyň
aýnasyndan, eda bilen ýüzüp geçýän tutlaryň, jaýlaryň garaňky suduryna göz aýlady.
Ýöne beýdeni bilen çaga rahatlanmady. Gelin ýene-de ýüzünde goşa ýyldyz deýin
lowurdap duran gözlerini adamsynyň ýeňsesini öwürdi. Şol pille-de ulagyň içi
alagaraňky bolsa-da gelniniň biynjalyklykdan dolup, çuňalyp-çuňalyp, guýa dönen
gözleriniň garaýşyny gaýynenesi saýgardy. Has dogrusy saýgarmady-da, beýle-beýle
zatlary ençeme gezek başdan geçirip gören ene ýüreginiň duýgurlygy bilen syzdy. Ene
balkyldap duran goýun gözleriň nazarynyň nämäni aňladýandygyna beletdi. Ol emaý
bilen gelniniň birden ot bolup gyzyp, birdenem buz ýaly sowaýan elini gysymyna gysdy.
Diňe eneleriň seretmegi başaryşy dek mähirden ýaňa püre-pür gözleri bilen gelniniň
tutuş göwresini sypalap, gelnini utandyrmazlyk üçin ogluna-da eşidilmez ýaly pessaý
pyşyrdady:
118
-Başladymy, balam?!
Enäniň mähriban gözleri gelniň göwnüne siňip, kalbyndaky galagoplugy eredip,
ýom-ýok etdi. Gelin näme üçin beýle bolýandygyna özi hem düşünmän birden
rahatlandy-da, uýaljaň baş atdy. Ene gelnine has ýakyn süýşdi.
-Hak Perwerdigär medet bersin, balam! Güýçli gerçekler ýetişewersinler! Amanesen dünýä inderewersin, Hudaýym!-diýip ene dilegini assaja sanaşdyrdy-da, ogluna:
-Düzräk ýerlerden tizräk süreweri. Öýden gerek-ýaragymyzy alyp gelniňi
bäbekhana ýetişdirmeli bolaýmasak.-diýdi.
Bu sözleri eşiden badyna birhili Myradyň ini sowap gitdi. Haçandan bäri garaşyp
ýörendigine garamazdan Myrat üçin bu hadysa biçak oslagsyz boldy. Ony şagga der
basdy. Özem duýman ulagyň tizligini köpeltdi. Şol mahalam ejesiniň asuda sesi onuň
nepesini durlady:
-Oglum, öte gaty sürme, howlukma, aljyrama! Entek wagt bar.
Ejesiniň sözlerinden soň özüni dürsän Myrat sowukganly oýlanyp başlady. Ara kän
wagt düşmänkä-de olar öýlerinden gerek zatlaryny alyp bäbekhana bardylar. Nobatçy
lukman olaryň habaryny alandan soňra Myradyň gelnini şepagat uýalaryna tabşyrdy.
Myrat ejesi bilen daşarda garaşmaga durdylar. Gyş gijesi bolandygy zerarly
howanyň sowujagy bardy. Şonuň üçinem Myrat ejesine:
-Eje, sen birden üşäýme! Ulaga gir-äý! Häzir pejini işledip bereýin.-diýdi.
-Ýok-la, oglum! Bu wagta üşämok. Üşesem giräýerin.-diýip ejesi bagyň astyndaky
oturgyja geçdi.
Myrat bolsa gije ümsümligini bozýan seslere gulak asyp ugrady.
Niredendir bir ýerden çagalaryň sanawajy hem ýaşlaryň şagalaň-şowhuny gelýärdi.
“Golaýda hiňňildik bar öýdýän.” diýip Myrat çen etdi. Onuň pikirleri alysdan
gulagyna gelýän çagalaryň sanawajynda büdredi.
Gurban şor-a,
Bir gözi kör-ä,
Bir çüýşe atyr,
Bir çüýşe atyry,
Gurbanlyga ýetir.
Myrat çagalaryň sanawajyny biygtyýar içinden gaýtalady-da, göwnünde dörän süýji
duýga gözlerini süzdi. “ Alla ýol berse, oglum bolsa aňyrsy birküç ýyldan ol hem şunuň
ýaly sanawaçlary wüjürdäp ugrar.” Bu pikir şirin lezzet bolup onuň damarlaryna
ýaýrady. Ol özüni şeýlebir bagtyýar duýdy, şeýlebir bagtly duýdy welin, söz bilen
aýdyp-diýer ýaly bolmady. Ol gerindi-de, iki-baka gezmeläp ugrady. Şol pursat bir iş
bilen daşaryk çykan şepagat uýasy ejesine habar gatdy:
-Daýza, daşarda üşäp oturmaň, geliň, içerik giräýiň, däliz ýylydyr. Ýumşak kürsüler
bar. Şol ýerde garaşaýyň.
Myrat şepagat uýasynyň aýdanlaryny makullamaga howlukdy:
-Hawa-la, eje! Içerde garaşa-aý!
-Siziň özüňizem, dogan, geläýiň! Entek köpräk garaşmaly bolaýmasaňyz.-diýip
şepagat uýasy Myradyň özüne-de teklip etdi.
119
Ejesiniň yzyna düşen Myrady şepagat uýasynyň sözleri ynjalykdan gaçyrdy. “Köp
garaşmaly bolarsyňyz” diýdimi?! Näme üçin beýle diýdikä?! Ýa bolmasy bir zat
bolaýdymyka?…Soraýsammykam?!
Myrat bir ejesiniň ýüzüne, bir nobatçy şepagat uýasynyň ýüzüne naýynjar garady.
Olaryň ýüzleri rahatlykdan dolup durdy. Bu ýagdaý ony biraz köşeşdirdi. Emma namart
ünji köňlünden sypba-sypyrylyp gidibermedi. Şol böwrüne dürtgeledi durdy. Soňa baka
bolsa kalbyndaky alada güýjäp ol her gapdalyndan geçýän ak ýektaýla umyt hem sorag
bilen seredip başlady. Göwnüne bolmasa olaryň hemmesi onuň gelni hakynda nämedir
bir zady bilip, oňa aýtmak islemeýän ýalydy.
Birdenem ol özüniň bäbekhananyň dälizinde aýagy bişen towuk ýaly byzbydyklap,
bir ýerde durup bilmän iki ýana gatnaýandygyny aňşyrdy. Ol öz bolşuna utandy. “Ýokla, bu bolşuma bolmaz, arassa howa çykaýyn. Serim durlanar.”
Myrat ejesine:
-Daş çykjakdyryn!-diýip ol bäbekhananyň howlusyna çykdy. Emma bu ýerde-de ol
ynjalmady. Gaýta göwnündäki bükgüldi güýçlenip ýetjek derejesine ýetdi. Ol içini
hümledip ýörşüne dagy alaç tapman Biribara mynajat edip ugrady. “Alla jan, Hudaý jan,
ogul bolsun, gyz bolsun, tapawudy ýok. Demlerine degilmese bolýar. Taňrym,
hudaýoluna iki goýun. Olary aman-esen saklaweri, Allam!”
Birdenem özüne garşy ýöräp gelýän ak ýektaýly ýigide onuň gözi düşdi. Myradyň
depe saçy dim-dik boldy.
“Eý Hudaý jan-eý! Näme bolduka? Alla jan, eýgilik üçin bolawersin, ýagşylyk üçin
bolawersin, ýoluňa ýene-de iki goýun, Taňrym! Allam, gowulyk üçin bolawersin, ýenede ikisi, Hak Hudaýym!”
Aňyrdan gelýän ýigit onuň deňesinden säginmän geçip gitdi.
“Meniň ýanyma-da däl ekeni!”
Myradyň göwrümi giňäp gitdi. Ol uludan demini aldy-da, burçak-burçak der gelen
maňlaýyny syldy.
-Wah, Weýis was-wasy bol-a!-diýip ol pyşyrdap özüne käýindi. Soňra bäbekhana
garşy seretdi. “Täsin zat, hemişe bäbekhana hakynda oýlansam bäbekleriň jägildisinden,
çaga dogurýan eneleriň sesinden ýaňa hyň berip duran ala-galmagal ymarat hökmünde
göz öňüme gelýärdi. Bärde bolsa gum-gukluk.” diýip ol içinden pikir öwürdi.
Şol müddetde-de onuň bu pikirini inkär edýän deýin, gulagyna kimdir biriniň sesi
eşidilen ýaly boldy. Ol iňkise gitdi. “Be, biri gygyrýar öýdýän?!” Ýa göwnümemikä?”
Şol pille ýaňky ses ýene-de gaýtalanan ýaly boldy. Özem göwnüne bolmasa bu ses
onuň gelniniň sesine çalym edýän ýalydy. Myrat allaniçigsi boldy.
-Alla jan, senden medet! Ýoluňa ýene-de iki goýun, Taňrym!-diýip pyşyrdady-da,
ol bäbekhananyň girelgesine haýdady. Emma işikden girmänkä aňyrdan gül-gül açylyp,
ejesi çykdy:
-Oglum, buşluk, oglumyz boldy! Buşluk!-diýende ejesiniň sesi şatlykdan ýaňa
sandyrady. Myrat depesinden eňterilen asman gümmezindenem mähnet şatlygyň
astynda tas mynjyraýardy.
-Şeýlemi, eje? Hany? Hany,olar?!-diýip ol içerik ylgajak boldy.
120
-Dur, oglum, dur!-diýip ejesi ony zordan saklady:-Bu wagt saňa olary
görkezmezler. Gowusy ýör, öýe gideli-de, kakaňa, jigileriňe buşlap gaýdaly. Gözleri
ýoldadyr. Agşam bärde bolarys. Lukmanlar biçak aladaçyl, oňat serederlerem welin,
onda-da göwnüm ynjalmaz.
-Bolýar, ýör eje!-diýip Myrat ulagyna ylgady.
Ýolda barýarkalar Myrat birden ýaňky bolşuny ýadyna saldy. Ol az-kem ünjüli:
-Eje, menem ýaňy gyssanjyma goýun baryny hudaýoluna aýtdym welin…-diýdi-de
sakyndy. Soň ýene-de üstüne goşdy:-Kakama-da bu barada aýtmak gerekdir. Sekiz
goýuna dagy bardym öýdýän…
Ejesi ýylgyrdy:
-Wah, oguljygym, seniňem alada edýän zadyňy! Janyňyz sag bolsa bolýar, goýnuň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Şazadanyň şikäri - 14
  • Parts
  • Şazadanyň şikäri - 01
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2261
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 02
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2305
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 03
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2252
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 04
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2157
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 05
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2204
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 06
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2060
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 07
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2099
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2228
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 09
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2272
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 10
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2230
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 11
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2374
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 12
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2094
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2066
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 14
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2175
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 15
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2238
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 16
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2142
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2282
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 18
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2122
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    37.4 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 19
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2271
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 20
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 2191
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 21
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2359
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 22
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 23
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2172
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 24
    Total number of words is 906
    Total number of unique words is 612
    40.0 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.