Latin

Şazadanyň şikäri - 05

Total number of words is 3674
Total number of unique words is 2204
28.0 of words are in the 2000 most common words
41.9 of words are in the 5000 most common words
49.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
tertip-düzgüni barada “demirden” diýip gürrüň etseler, gizlin işler diwanynyň düzgünnyzamy barada “polatdan” diýip aýdýardylar. Şonuň üçin hem beýleki bäş diwanyň
gullukçylaryndan tapawutlylykda bu diwanyň gullukçylary islendik ýagdaýda özlerine
endik etdirilen tertip-düzgüni unutmaýardylar.
“Hatdat” Nejebe ýakynlady.
--Doganjyk, nähili sag-aman alyp çykdylarmy?
--Hawa, tagsyr! Alla siziň ähliňizi öz penasynda saklasyn! Ýigitler zeýli zyndanda
ölüp-ýitip gidibermäge ýol bermediler.
Tümlük zerarly “Hatdatyňam”, özlerinden hormat bilen iki-üç ädim daşlykda duran
“Diwananyňam” ýüz-keşbi görünmeýärdi. Ýöne Nejep welin zyndanda ýatyrka
“Hatdat” barada eden umytsyz oýlanmalaryna utanyp, ýüzi gyzarýardy. Nejebiň ýüzüni
görmese-de onuň ýagdaýyny özüne mahsus duýgurlygy bilen syzan “Hatdat”, ýaňy
ölümden başy gutarylan ýaş ýigidi utandyryp durmazlyk üçin bada-bat esasy gürrüňe
geçdi:
--Bolýar, inim, aman-esen jelladyň holtumyndan sypdyran bolsalar bolýar! Indi
esasy zat, öňki gepleşenimizde sen merhemetli tagsyrymyz Şaraf-al-mülke, rum
kaýsarynyň goşunyndaky hakyna tutma gypjaklar we hazarlar bilen olary türkmenleriň
tarapyna çekmek üçin gepleşikleriň alnyp barylýandygyny ýetirmelidiň, emma indi
ýagdaýlar üýtgedi. Sen inim berk belle, öňki rum kaýsarynyň leşgeriniň düzümi, ýarym
tümenleriň ýa-da rum dilinde aýtsak legionlaryň serkerdeleri, olaryň söweş güni neneňsi
hereket etjekdikleri hakyndaky maglumatdan başga, tagsyrymyz Şaraf-al-mülke aýt,
onuň seniň bilen ugradan gymmatbaha daşlarynyň ählisi ýetirilmeli ýerine ýetirildi.
Söweş güni gypjaklaryň hany Beçene han özüniň otuz müň atlysy bilen jygba-jyg
pursatda rum leşgeriniň sag böwründen zarba urar, hazarlaryň hany Altegin bolsa özüniň
ýigrimi bäş müňlük goşuny bilen türkmenlere dänip, rumlularyň ýeňsesine aýlanar,
uzlaryň hanyny rumlulara garşy hereket etmeklige yryp bolmady, ýöne ol söweş
başlananda söweşe goşulmazlygy wada berdi, emma welin, tagsyrymyza duýdur, goý, ol
onuň alyhezretleri, beýik wezir Nyzam-al-mülküň üsti bilen musulmanlaryň howandary,
hökümdarlaryň-hökümdary, Beýik soltan Alp-Arslana ýetirsin, eger-de türkmen goşuny
iň bolmanda söweşiň ilkinji pursatlarynda rumlulary ýeňýändigini, ýeňip biljekdigini
görkezmese agzalanlaryň hiç birisi hem öz wadasyna wepaly bolmaz. Olaryň ählisi hem
hakyna tutmalar, kim köp tölese we kimiň tarapynda üstünlik bolsa şonuň tarapyny
tutarlar.
37
--Tagsyr!—diýip, olara golaýlan ozan “Hatdatyň” sözüni bölmäge het etdi:-Tagsyr, ýigitlerimiziň yzlaryna dolanar çeni boldy! Olaryň sizi görmekleri mümkin.
--Düşnükli!—diýip, “Hatdat” ol ýerden gitmek üçin yzyna aýlandy, birdenem
sägindi-de, gaýtadan Nejebe ýakynlap, ony mäkäm bagryna basdy:
--Bar, doganjygym, allaýaryňyz! Aman-esen ýetjek boluň! Öz gara başymyz
gaýgymyz bolmasa-da, biz Ata Watan üçin, Türkmen halkymyz üçin diri galmaly we öz
borjumyzy ahyryna çenli berjaý etmeli! Türkmen topragyna barmak miýesser etse, biz
Taňrynyň günäkär bendeleriniň adyndan hem mukaddes topragymyza tagzym et!
“Hatdat” şeýle diýdi-de, gelşi ýaly duýdansyz, garaňkylyga siňip, sumat boldy. Iki
doganlar geleninden soň bolsa “Diwana” hem olar bilen hoşlaşdy. Iki doganlar Nejebiň
bedewiniň jylawyndan tutup, ony aralaryna alyp, ýola düşdüler.
xxxxx
...Nejebiň halys aňkasy aşypdy. Onuň gözi garaňkyraýardy. Agzy kepäp, dili
pakga-pakga bolupdy. Bu suwsuzlykdan hem däl-de, endamynda ganjaryşyp duran ýara
yzlarynyň azary zerarlydy. Ýöne ol ýarym bihuş halda eýeriň üstünde iki-ýana çaýkanyp
barsa-da, iki ýoldaşynyň “Doganjyk, saklanyp, ýaralaryňa em edeli, demiňi alaýsaň
nädýär!” diýip, aladaçyl ýüzlenmelerine geplemäge ýaraman başyny ýaýkaýardy. Ol
bihuda mertsiremeýärdi. Nejebiň näler tenindäki azarly ýaralaryny gizlin işler
diwanynyň atabegleriniň öwredişi ýaly, peşewi bilen ýuwup, sarasy, suwdan, çaýçörekden keýpini kökläp, ýatyp, mazaly dynjyny alasy gelýärdi. Emma özüne seretmäge
onuň wagty ýokdy. Onuň her pursaty gyzyldan gymmatlydy. Aňynda ýat beklän
maglumatlaryny näçe çalt soltan goşunyna ýetirip bilse, şonça-da köp peýda boljakdy.
Sebäbi Nejep Beýik Soltanyň goşunynyň günsaýyn rum leşgerine ýakynlaşýandygyny
bilýärdi. Türkmen goşunynyň ykbaly köp derejede Nejebiň eltmeli maglumatlatyna
baglydy. Şol maglumatlara görä on bäş müň adamdan ybarat türkmen goşuny özünden
on alty esse köp duşmana garşy hereket etmegiň, ony ýeňmegiň söweş tilsimini
düzmelidi. Şonuň üçinem Nejep özüne dynç bermäge milt etmän atynyň gorgunyna
çaýkanjyrap barýardy.
Ýanyndaky ýoldaşlary hem ilkibada onuň gözgyny halyna dözmän birnäçe gezek,
at başyny çekip dynç almagy teklip etdiler. Emma Nejebiň her gezek kes-kelläm garşy
çykýandygy sebäpli, soň dynç almak baradaky tekliplerini ýanjap, gaýtalap durmadylar.
Nejep gizlin çapardy. Olaryň gönüden-göni baştutanlary, “Diwananyň” buýrugyna görä
olaryň kiçijik toparçasynyň serkerdesi hem şoldy. Täze gullukçy gizlin işler diwanynyň
bosagasyndan ätlän pursadyndan başlap, onuň gulagyna guýulýan ilkinji zat:
“Serkerdäňe, baştutanyňa doly we gutarnykly boýun syn hem-de tabşyrygyny ýerine
ýetir” diýen kadady. Gizlin işler diwanynyň gullukçylarynyň uýýan iň esasy kadasy
bolsa: “Janyňy pida et, ýöne Ata Watanyň bähbidine gönükdirilen tabşyrygy berjaý et”
diýen kadady. Bu kada amal etmezlik diwanyň gullukçylary üçin namartlyga barabardy.
Olaryň özaralarynda ady-abraýy, namysy-mertebesi şu kada amal edişleri bilen
ölçenýärdi. “Ölümden aňyrda namartlyk ýatyr” diýýän türkmeniň wepaly ogullary,
ölümden çekinmeýärdiler, olary haýykdyrýan zat masgaraçylykdy. Hut şu zatlar üçin
38
hem Nejep özüne hatda huşundan gidip, süýji tümlüge gapgarylmaga-da ýol bermän, at
başyny çekmän, şol gidip barýardy.
Emma, näme, adamyň jany hem demirden däl, olaryň rum leşgeriniň düşlegini terk
edenleriniň ertesi gününiň giç öýläni, Nejep halys ysgyndan gidip, gürpüldäp, eýerden
gaçdy. Bada-bat hem essi aýylyp, huşundan gitdi. Ol birsellemden soň özüne gelende
bolsa, eýýäm iki hemdeminiň biri onuň ýaralaryny ýuwup, sarap, oňa içirmek üçin
tüňçede dürli ot-çöplerden melhem gaýnadyp otyrdy. Nejep gözüni açan badyna
“Hatdatyň” aýdan zatlary ýadyna düşdi. Ol ýerinden galmaga synanyşdy. Emma
barmaklary mynjyradylan aýaklary diýen etmedi. Tasdanam ol ýene-de huşundan
gidýärdi.
--Ýat, ýat, doganjygym!--diýip doganlaryň ulusy emaý bilen onuň egninden basdy:-Häzir tüňçe gaýnasyn, saňa melhemden bir-iki owurt içireris, az-maz garbanarsyň,
onsoň ýola düşeris!
--Ýok, agasy, wagt az! Biz soltan goşunyna näçe tiz barsak şonça-da oňat bolar!—
diýip, Nejep garşy çykmaga synanyşdy. Emma doganlaryň ulusy oňa gulak asmady:
--Azajyk tagapyl et, dogan, häzir ýolda jan berseň bu-ça hem bolmaz. Seniň eltmeli
habaryňy özüňden özge bilýän ýok. Biziň bolsa bilmäge hakymyz hem ýok. Seniň bilen
bir bolmasy iş bolsa kim ol habary degişli ýerine ýetirer?!
Nejep bu sözlerden soňra biraz köşeşdi. Ol gözlerini ýumup, irkilmäge synanyşdy.
Oýaly-ukuly ymyzgandy. Sähel salym geçip-geçmänkä, ony doganlaryň ulusynyň sesi
ýarym ukuly haldan açdy.
--Doganjygym, ine şundan bir-iki owurt et, bu hazar töteginden hem garbak-gurbak
edin!
Nejep onuň özüne uzadan käsesinden owurtlady. Ajymtyk-turşy melhem onuň
gaňşyrawugyny tütetdi. Ol düwünip, üsgürinjiredi.
--Bäý, ýakymsyzdygyny!
--Ýakymsyz hem bolsa, iç dogan! Seni gurplandyrar. Bu “Diwananyň” çöplän
otlaryndan taýýarlanan melhem, öte ýaramlydyr!
Nejep doganlaryň ulusy şeýle diýenden soň, içesi gelmese-de ýene-de bir-iki owurt
etdi. Soňra onuň uzadan tötegine işdämen ýapyşdy. Eýýäm üçülenji gün dişiniň kiri
açylmaýandygy sebäpli, ol gaty hazar çöregini heziller edip gemirdi. Biraz açlygyny
hem suwsuzlygyny gandyrandan soňra onuň nepesi durlandy. Nejep daş-töweregine göz
aýlady-da, ikinji ýoldaşyny görmän:
--Agasy, iniňi bir ýere ugratdyňmy? Görünmeýär-le!-diýdi.
--Hä, inimmi? Ol bu wagt, hol jeňňelligiň gyrasynda sakçylyk edýändir. Rumlular
ýa-da olaryň enteşip ýören hakyna tutmalary üstümizi gapyl basyp, bar eden azabymyzy
reýgan edäýmesinler.
--Beýle bolsa, iniňe-de gel diýäý, agasy! Biz indi ýola düşeliň, eglenmäliň!
Nejebiň bu sözleri aýdaryna garaşyp duran ýaly, olaryň oturan, çar-töweregi
tokaýlyk bilen gurşalan açyk meýdançasynyň günbatar çetinden doganlaryň kiçisi
yzyndan ýagy kowalaýan ýaly, tasap göründi. Onuň bolup gelşinden bir ýakymsyzlygyň
bolandygyny aňan doganlaryň ulusy çuslandy-da, onuň gelerine garaşman, tüňçedäki
suwy sönüp barýan alawyň üstünden eňterdi. Haýdan-haý goşlaryny ýygnaşdyryp,
39
eýerlengi duran atlarynyň syrtyna bökderdi. Oňa çenli doganlaryň kiçisi hem gelip
ýetişdi. Ol gele-gelmäne:
--Rumlular! Sanlary dört-bäş ýüz atlydan agdyk. Olaryň arasynda hazar yzçylary
hem bar! Hakyna tutma ýalýagylary öz atlarynyň toýnaklaryna kakylan nalyň yzyndan
bizi tanap, yzarlap gelýändirler. Olar häzir gabaw awundaky ýaly bäş bölege bölünip,
tokaýyň daşyny gabaýarlar. Meger alysdan biziň ýakan odumyzyň tüssesini
saýgarandyrlar.—diýip habar berdi.
“Häk! Içigary galan! Ine saklansaň boljak zat!” diýip Nejep öz-özüne gaharlanyp,
hyrçyny dişledi. Ol: “Üçümiz birden, gaçanymyzda hem gabaw halkasyndan sypyp
bilmeris. Ondi näme etmeli?!” diýen terzde, doganlaryň ulusyna garady. Ol hem Nejebe
seretdi. Olar sözsüz düşünişdiler. Doganlaryň ulusy:
--Tur, doganjygym!—diýdi-de Nejebi ýerinden turzup ata atardy. Soňra inisine
garap:
--Atlan!—diýdi:--Biz günorta tarap gaçarys! Doganjygymyz, sen bolsa, şu ýerde
tüňçe gaýnar salym garaş-da, soňra assa-ýuwaşdan gündogara sary gymyldaber!
Rumlulary aldawa salyp yzymyza düşürip alyp gitmesek, olardan hemmämize birden
sypma ýok. Ýeke özüm gitsem bolsa olaryň göwnüne güman gider.
Doganlar atlandylar. Kiçisi Nejebe ok-ýaýly sagdagyny uzatdy:
--Doganjygym, al, ýaragsyz galma! Bilip bolmaz pelek işidir! Goranmaly bolsa
derdiňe ýarar!
Nejep onuň sagdagyny yzyna itdi:
--Ýok, inisi, maňa diňe gylyjyňy ber, ok-ýaý maňa görä size has zerurrak bolar!
Doganlaryň kiçisi sesini çykarman gylyjyny uzatdy. Olar “kowgyny men aldawa
salaýyn-da sen gal” bolşan bolup, biri-biriniň öňünde sypaýyçylyk edip, wagt ýitirip
durmadylar. Sebäbi Nejebiň aňyndaky maglumatyň olaryň üçüsiniň hem janyndan
gymmatlydygyna olar düşünip durdular. Watan öňündäki mukaddes borjy ýerine
ýetirmeli ýerde mertsirän bolmaga orun ýokdy. Beýle hereket bu pursatda suwjuklyk
bolup görünjekdi.
Doganlar, horjunlaryny, galkanlaryny, naýzalaryny, umuman ok ýaýlaryndan hemde hanjarlaryndan özge ýakyn garpyşykda derkary bolmajak ähli ýaraglaryny we
atlaryna agram saljak barça goşlaryny ýere zyňdylar. Doganlaryň taýýarlygyny synlap
duran Nejebiň bogazy doldy. Olar ikujunam deňläp, Watan üçin gurban bolmaga
barýardylar. Nejep bozulandygyny bildirmejek bolup gözlerini ýumdy-da, tersine bakdy.
Emma doganlar atlarynyň jylawyny günorta öwrenlerinde saklanyp bilmedi.
--Saklanyň doganlar!
Ol agyrysyna üns bermän atyndan düşdi-de, doganlary gezekli-gezegine bagryna
basdy.
--Ismiňizi, ataňyzyň adyny bir mälim edip gidiň ahyry, mähribanlar! Kyýamatmagşarda bir Taňrynyň adyl kazylygynda eden işlerimiz seljerilende “Hak-Hudaýa,
ýagty jahanda bir ýagşylyk edip, uçmaha düşmeli bolsam, meniň ornuma hem şu iki
bendäňi ibereweri! Eger-de dirilikde nirededir bir ýerde säwlik goýberip, jähenneme
ugratmaly bolaýsa-da, olaryň ornuna ataş jaýynda men ýanaýyn-la!” diýip, dilegçilik
eder ýaly, adyňyzy bir bilip galaýyn, doganlarym!
40
--Päheý-de welinim, muny-aý!-diýip, doganlaryň kiçisi ýasama henek etmäge
çalyşdy:--Sen dogan, bizi gonamçylyga ugradýan ýaly-la! Bujagaz dört-bäş ýüz rumla
bizi ýoklamak öte müşgil bolaýmasyn-how! Sen bar-a, iň oňady, tokaýdan çykdajyk,
atyňy biraz säginibräk sür, biz bu rumlulara tilki sapalagyny atyp, olary it edip aldarysda, yzyňdan ýeteris!
Doganlaryň ulusy inisine närazy garady. Emma gatyrganýandygy ýüzünden bildirip
dursa-da, oňa käýinmedi. Diňe, Nejebiň balkyldap duran gözlerine mähir bilen garap:
--Gidiber, doganjyk, arkaýyn, säginme-de, garaşma-da gidiber! Meniň adym-a
Rüstem diýýärler, bu berebekgeý inimiň ismine hem Turan diýip aýdýarlar. Kakamyzy
bolsa Nusaý ilinde Ryza Muhammet mergen diýseň tanamaýan bolmaz.
Maşgalalarymyz hem Nusaýyň eteginde ýaşaýandyrlar. Birden Nusaý illerine duz
nesibäň çekse, öýden düşüp durgun! Taňry myhman alarlar. Körpe inimiziň adyna
Sytdyh diýýändirler! Köp dogaýy salamlar aýtgyn! Bala-çagalarymyz bilen
didarlaşsaň…
Rüstem bozuldymy nämemi ýüzüni kese sowdy-da, dymdy. Soňam maňlaýynyň
derini sylýan ýaly hereket etdi-de:
--Hoş onda! Aman-esen bar!-diýip atyna jüp gamçyny çaldy. Inisi Turan hem onuň
yzyndan atynyň jylawyny ýazdyrdy. Gözüni balkyldadyp duran Nejep bolsa olar sümme
tokaýlyga siňip, gözünden ýitýänçalär yzlaryndan garap galdy.
Soňra ol Rüstemiň aýdyşy ýaly pessaý otda bir tüňçe gaýnar salym tagapyl edip
garaşdy-da, atyna atlanyp, gündogara tarap ýola düşdi. Ol atyny juda haýal ýorgaladyp
barýardy. Sebäbi göwnüne bolmasa sähel salymdan, tokaýyň içinden bir ýerden
zompuldap, iki dogan çykaýjak ýaly boldy durdy. Emma ol atyny näçe haýal ýöretse-de
doganlar dolanmadylar.
Ýeňsesine, çar-töweregine garap-garap, gözleri doganlaryň ýolunda galan Nejep,
küýi-köçesi başga ýerde bolandygy sebäpli hem tokaýdan çykanda özüne tarap atlaryny
ýüzin salyp gaýdan bir oýnam rum atlysyny diňe olar iki-üç ýüz ädim golaýyna gelende
görüp galdy. Olary görenden hem atyna gamçy yzyna gamçy çalyp, ümdüzine tutdurdy.
Gaçgagyň özlerini görendigine düşünen rumlularyň atlarynyň toýnagynyň sesine olaryň
gykuwy we Nejepden atýan peýkamlarynyň “şuwwuldysy” hem goşulyp başlady.
Emma Nejep atyna hernäçe gamçy çalsa-da rumlular onuň bilen arany barha
ýygyrýardylar. Sebäbi onuň aty ýadawdy. Şol barmana hem argyn bedewiň gözi ýer
görmän aýagy çukura gitdi-de, Nejep atynyň kellesiniň üstaşyry öňlügine tarap zyňlyp
gitdi. Ol ýere düşende agzy bilen gum garbap, az-kem seňseledi, emma janhowluna
aýaga galdy-da, elli-altmyş ädim öňünde hellewläp duran gür jeňňellige tarap ökjäni
göterdi. Şol jeňňellige özüni urup ýetişse birsellem on-on iki sany rumly bilen
“gizlenpeçek” oýnamaga, eger Hudaý bolsun etse şol oýunda utaýmaga hem umyt
bardy. Emma ol ýaňy bir bäş-on ädim ylgany hem şoldy welin, ýeňsesinden iňläp gelen
peýkam, pilçesiniň arasyndan girdi-de, tenini parran böwsüp, kükreginden çykdy. Badabat Nejep badak atylan ýaly ýüzinligine tüwdürilip gitdi. Ol ýere ýykylan badyna
gyzgynyna agyryny duýman ellerini ýere diredi-de turmaga synanyşdy. Emma başy
aýlanyp, gözüniň öňi ümezläp gitdi. Birden ot baldajygy ýaly ysgynsyz bolan boýnuny
aşak sallamazlyk üçin bolanja güýjüni jemläp dikelmäge synanyşdy. Şol pille-de
41
arkasyndan rum atlarynyň toýnagynyň güpürdisi we olaryň keýpihon gykylygy eşidildi.
“Häk, bihuda ýerden peýmanam doldy öýdýän!” diýip janyýangynly oýlanan Nejep
gözlerini ýumdy.
Şol mahalam yzly-yzyna ses goşup ýaňlanan onlarça peýkam “şuwwuldylary” ony
gabaklaryny zor bilen açmaga mejbur etdi. Nejep huşundan gidip barýarka, ýakynjagyna
ýetmäge az galan rum atlylarynyň gursaklaryndan iňläp giren peýkamlaryň zarbyna
eýerden tüwdürilip-tüwdürilip gidendiklerini, şol ýetip bilmedik jeňňelliginden çykyp,
özüne tarap gaýdan bir topbak atlyny görüp galdy. Ümezlän gözleri bilen atlylaryň
geýimlerini saýgaryp bilmese-de türkmen ýigitleriniň keýmir ýaýynyň gulagyna siňen
sesini “şuwwuldysyndan” tanan Nejep:
--Mähribanlarym!—diýip, ysgynsyz pyşyrdady-da, gos-goýy, şepbeşik tümlüge
gapgaryldy.
…Nejep näçe wagt huşsuz ýatandygyn-a aňşyryp bilmedi welin, özüne gelende
alagaraňky çadyrdadygyny gördi. Ol zordan gözlerini açdy. Onuň gursagy agyrydan
ýaňa ýarylyp gelýärdi. Nejep gözlerini göterdi-de, gapdalynda ýüzüne sadylla bolup
seredip oturan tebibe garady. Ol ýüzüni ynjyly çytdy. Nejebe häzir tebib gerek däldi. Ol
özüniň sanalgysynyň dolandygyny tutuş durky bilen syzýardy. Ýöne ol özüniň iň
soňkuja erkini-gaýratyny jemläp, özüne jan bermäge ýol bermän diýen ýaly, garaşyp
ýatyrdy. Ol sada esger çadyrynyň içinde gözlerini alakjadyp, kimdir birini gözleýärdi.
Hekim görgüli ölüm ýassygynda ýatan ýaradaryň: “Çagyryň, çagyryň, Allanyň hakyna,
çagyryň! Başyňyza başym sadaga, çagyryňsana-a!” diýip zarynlaýan haýyşyna, nalyşyna
düşünmän, ol öz gara başy üçin delminýändir öýdüp, onuň dodaklaryny öl pamyk bilen
süpürýärdi. Agyrysyny köşeşdirmek üçin, tirýek ezilen suwdan azajyk owurtlatmaga
çytraşýardy. Emma ömrüniň iň soňky pursatynda ajal perişdesi bilen aldym-berdimli
söweşe girip, zordan dem alyp ýatan Nejep, onuň öl pamygyndan, melhemli
pyýalasyndan ýüzüni kese sowýardy. Dodaklaryny titredip, gözlerindäki nalyşyny dili
bilen aýtmaga dyrjaşýardy. Emma onuň gögerip ugran dodaklary diňe ses-selemsiz
gymyldaýardylar, ýöne söz çykmaýardy.
Belki Nejep görgüli şeýdip, daşynda perwaz urýan hekimiň düşünmeýändigi
sebäpli ahmyrly ölüp hem giderdi. Hernä, çadyryň çetinde tebibe päsgel bermän,
ýetişibildiginden Mukaddes Kurhany-Kerimiň sürelerini sanaýan ýaşuly molla
ýaradaryň garaýşyna aňy ýetdimi nämemi, assajadan Nejebiň ýakynyna süýşdi. Onuň
jan deri gelip ugran elini eline aldy. Gözlerine garady.
--Balam!
Goja molla Nejebiň elini biraz berkräk gysdy:
--Balam, kimi çagyrmaly, saňa?! Emirimi?!
Nejebiň ýüzi ýagtylyp gitdi. Onuň gözlerinde makullama alamatlary göründi. Goja
molla hekime tarapa çala gaňryldy-da:
--Tagsyrymyz, emir Sandygyň yzyndan adam ugradyň, tebip aga! Bejit ýetip:
“Ölüm ýassygynda ýatan bende sizi çagyrýar” diýsinler.
Hekim ýerinden turup çadyrdan çykdy. Az salymdan çadyryň serpigini galdyryp:
--Essalawmaleýkim!-diýip türkmenlere mahsuslykda öýe taňry salamyny berip,
içerik öň goşunyň serdary, emir Sandyk girdi. Ony göreninden Nejebiň gözlerinde
42
birhili rahatlyk göründi. Haçan-da emir Sandyk onuň başujunda çök düşüp, oňa tarap
eglende Nejep özüne zor salyp, bolanja güýç-kuwwatyny jemledi-de, gyryk pyşyrdady:
--Söz!!! Emirleriň pynhan sözüni… Sözi aýt!
Emir Sandyk geň galyp öz öňünde demini sanap ýatan görgülä garady. Elbetde oňa
düýn öýleden soň öň goşunyň alysdaky aňtawçy topary bolan Muhammet-Mansur
Mehneliniň onlugyndaky ýigitleriň bir türkmençe samraýan ýaradary hazar atlylaryndan
halas edip, wagtlaýyn düşlege getirendiklerini habar beripdiler. Ýöne ol ýaradary
ýesirlikden gaçan türkmenleriň biridir öýdüp, bu habara kän bir ähmiýet bermändi.
Emma ýaňy öň goşunyň hekimi ýanyna gelip, özüni şol ýaradaryň çagyrýandygyny
aýdanynda emir Sandyk birhili iňkise gidip, bada-bat ýaradaryň ýanyna gaýdypdy.
Perişan ýagdaýda ýatan bendäniň diňe Beýik soltanyň emirlerine mälim edilen pynhan
sözi aýtmagy talap etmegi bolsa emir Sandygy serpmeden gaýdan ýaly etdi. Elbetde ol
soltanyň gizlin işler diwany hakynda eşidýärdi. Ýöne, kimler ol diwanda işleýär, olar
neneňsi işler bilen meşgullanýarlar, bu zatlar barada Soltan Alp-Arslanyň sarpaly emiri
juda ýüzleý bilýärdi. Şeýle bolmalydy hem. Sebäbi gizlin işler diwanynyň syrlary Beýik
soltandan, Baş wezirden we diwanyň begi Şaraf-al-mülkden özge sanlyja adama aýan
edilýärdi. Başgalar üçin, olaryň soltan köşgünde eýeleýän wezipelerine we derejelerine
garamazdan, bu diwanyň pynhanlyklary ýedi gulpuň aňyrsyndaky, şol tarapa garamak
hem gadagan bolan hazynalygyna galýardy.
Emir Sandyk aljyrady-da, Nejebiň üstüne eglip oturyşyna, nädip:
--Demir ýaýly!—diýip pyşyrdanyny hem duýman galdy. Birhili ynjalan ýaly bolan
Nejep ýuwdundy-da, diňe emire eşidiler ýaly, “Hatdatyň” dilinden sypan badyna doga
deýin aňyna kebşirlän maglumatlaryny pyşyrdap başlady. Aýtdy, aýtdy, demi
tükenýänçä aýtdy. “Hatdatyň” ugradan ähli maglumatlaryny aýdyp gutarandan soň bolsa
birhili bütin süňňi bilen dartylyp, gerinýän ýaly titredi-de:
--Etdim!—diýip, pyşyrdap, gözlerini ýumdy. Bada-bat hem onuň demi sogruldy.
Gözlerini ýuman dessine-de Nejebiň gözleriniň öňi garagyny gapyp gelýän ýiti ýagtylyk
bilen ýalpyldap gitdi. Ýalpyldy emele gelen pursady hem Nejep özüniň kükregini ýaryp
gelýän peýkam ýarasynyň yzasynyň, mynjyradylan barmaklarynyň, tenindäki ýanyk
ýaralarynyň agyrysynyň zym-zyýat bolandygyna haýran galdy. Ol uludan bir demini
aldy welin, birhili ýeňläp gitdi-de, öz-özünden al-asmana göterildi. Şol müddetem Nejep
özüniň barha we barha ýokaryk göterilip, uçup barýandygyny syzdy. Ol çar ýanyndan
çogup çykyp duran röwşen enweriň ummanynda, öňüni saýgaryp bilmän, ganat ýaýyp
uçup barýardy. Uçdy, uçdy, wagt duýgusyny, aralyk duýgusyny, umuman ähli
duýgularyny ýitirip, uçdy. Şol uçup barşyna-da, ahbetin lagly-jowahyrdan ýüzlerçe müň
esse zyýat, gymmatbaha daşlardan bina edilen, çür başy al-asmanda ýitip gidýän,
mähnet derwezäniň öňünde gondy. Onuň gonaryna mähetdel, äpet derweze giňden
açyldy. Onuň aňyrsynda görünýän, daş-töweregini gurşap duran röwşen enwerden hem
ýüz müň esse ýiti ýagtylyk äleminiň içinden, bir daýaw, güler ýüzli, görmegeýligi
aklyňy aňk edýän ýaş ýigit çykdy. Ol Nejep bilen ikelläp, gadyrly salamlaşdy-da, onuň
öňünden sowlup, ýagtylyk älemine tarap ýöremäge ýol berdi:
--Hoş gördük, merdana Nejep! Giriber!
Öz görýän ahwalatlaryna haýrany-serasyma bolan Nejep:
43
--Ýagşy ýigit, sen kim? Men nirä gelip düşdüm?!-diýip aljyraňňy sowal berdi.
Görmegeý ýigit mähirli ýylgyrdy:
--Merdana Nejep, maňa Ryzwan diýýärler! Men Beýik hem Synmaz Allatagalanyň
ýaradan uçmahynyň sakçysy! Bu ýagtylyk älemi bolsa behiştdir. Geçiber, geçiber! On
sekiz müň älemleri ýaradan Gudraty güýçli, Ata Watanyň hatyrasyna şehit bolandygyň
üçin, sen bendesini jennete mynasyp saýdy.
Nejebi dünýäsygmaz şatlyk doldurdy. Ol tüýs ýürekden ýylgyrdy-da, derwezeden
girip ugrady. Birdenem sakga durdy. Onuň ýüzüne kölege indi. Onuň oýurganandygyny
gören Ryzwan oňa ýakynlady:
--Merdana Nejep, näme togtaýdyň-la?
Nejep ýaýdanyp durman ýüregindäkini diline aldy:
--Eý jenneti Ryzwan, indi men galan ebedilikde Halymasyz bu uçmahda
galybermeli bolarynmy?
Ryzwan syrly ýylgyrdy-da, Nejebiň arkasyndan itekläp goýberdi:
--Ýöräber, merdana Nejep, Hak-Hudaý seni ýalkar!
Onuň gümürtik jogabyna düşünmedik Nejep her näme-de bolsa öňe tarap ýöremän
bilmedi. Ol assajadan ýöräp, ýagtylyk älemine çümdügiçe-de, hol garagörnümdäki gyzyl
gülälekden ýapynja basyrynan baýyrlyklardan, özüne tarap bir garanyň ýakynlap
gelýändigini saýgardy. Nejep özüni birden gaplap alan düşnüksiz bilesigelijilikden
dolup, şol salgyma tarap ymtylyp ugrady. Ýakynladygysaýy hem salgym oňa tanyş ýaly
bolup göründi. Birdenem ol düşündi. Gyzyl güläleklere beslenen läleýi-reýhan
baýyrlygyň üstünden oňa garşy, şemala galgap, uçmaga dalaş edýän taýlasanynyň
çetinden eda bilen tutup, Halyma sülmüräp gelýärdi. Nejep dünýäni undup, Halyma
tarap ylgady…
Gazaply emir Nejebiň dodagyndan demi bilen bilelikde sogrulan soňky
pyşyrdysyna tisginip gitdi. Ol özüniň gowgaly ömründe sansyz söweşlere gatnaşyp
görüpdi. Gözsüz batyrlyk bilen onlarça duşmana garşy okdurylyp, olary gaçmaga
mejbur edýän edermenlik hem onda bardy. Watan üçin jeň gününde serden geçip,
endam-janlary besse-besse ýara bolup durka, soňky demine çenli garpyşýan
gahrymanlar bilen, merdi-merdanalar bilen hem hemdem bolupdy. Ýöne ine şeýdip, öz
borjuny berjaý etmek üçin Ezraýyl perişde bilen darkaş gurup, jan berýän adamy ilkinji
gezek görýärdi.
Öz eşiden, gören zatlaryna tolgunan emir, Nejebiň soňky sözlerine düşünmän
ýanyndaky goja molla dikanlady:
--Molla aga, bu ýigidiň soňky sözi, onuň näme diýdigi bolduka?
Gözüniň alnynda mert ýigidiň jan berşine gözlerine ýaş aýlanan goja molla:
--Tagsyr, “Etdim! Watanyň öňünde borjumy berjaý etdim! Indi arkaýyn jan bersem
hem bolýar!” diýdigi, bu görgüliniň!
Gazaply hem gedem emiriň bogazy “lyk” doldy. Emma ol emir sarpasyny saklap,
hiç kime syryny bildirmedi. Üsgürinjiräp bokurdagyny arçan boldy. Soňam:
--Molla aga, bu är ýigide “görgüli” diýmäň! Goç ýigit bu, är ýigit bu! Hakyky
Watan ogly! Beýle ýigidiň ady ýitmesin! Asyl ýitmesin! Gulam!
44
Emir çadyryň daşynda duran attutaryna gygyrdy. Ol serpigi galdyrdy-da, içerik
ätledi.
--Gulak asýan we boýun synýan, emir hezretleri!-diýip gol gowşurdy.
--Bu merdana ýigidi, han keçesine salyň-da, Beýik Soltanyň düşlegine tarap alyp
ugraň! Ony alyp ugranyňyzda hem ýolboýy nagaralaryň sesi ýaňlansyn! Beýik Soltanyň
düşlegine matam çaparyny ugradyň! Goý, ol Beýik Soltana tagzym etsin we Watan üçin
türkmeniň merdana oglunyň başyny gurban edendigini habar bersin! Ony nirede topraga
duwlamalydygyny Beýik Soltan çözer!
--Lepbeý, tagsyr!
Attutary baş egip çykyp gideninden soňra emir Sandyk Nejebe tarap egildi-de, onuň
ýüzüniň üstünden elini ýöredip durşuna:
--Razy bol, merdana doganym! Seniň beren pidaň bihuda bolmaz! Ganym duşmana
türkmen topragyny depgiletmeris!—diýip pyşyrdady.
“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2007-nji ýylyň 9-njy,
16-njy noýabryndaky sanlary
Beýik Kagan bilen hoşlaşyk
“…Kakamyzyň, agamyzyň ýetişdiren halkynyň
ady-sory ýok bolmasyn diýip, türkmen halky üçin tün
(gije) uklamadym, gündiz oturmadym. Inim Kültegin
bilen, iki şad (häkim) bilen, ölüp-ýitip gazandym. Şunça
gazanyp (azap çekilip), birleşdirilen halky ot-suw ýaly
biri-birine garşy etmedim…Ýalaňaç halky donly, ýoksul
halky baý kyldym, az halky köp kyldym. Güýçli ilýurdy, güýçli kagany bolanlardan hem ýokary etdim…”
“Kültegin hormatyna ýadygärlik”
…--Begim, matam çaparlary ähli uluslara gönderildi! Tagt begleri tagapyl edip, daş
işikde size garaşýarlar!-diýip, Beýik Kaganyň şahsy janpenasy Barserkli, beglerbegi
Ulug Gürgeniň hasratly ýalňyzlygyny bozmaga het etdi. Beglerbegi sesini çykarman baş
atdy. Bu onuň “eşitdim, ötägit!” diýdigidi. Barserkli başyndaky silkme telpeginiň
gözüne düşüp duran tüýlerini kellesini assaja silkip, seçeledi-de, gylyjyny gysymlap,
Beýik Kaganyň ak öýünden çykdy.
Dokuz ganat ak öýüň töründe, nepis dokalan halylaryň üstünde, Keramatly Ötüken
dagynyň halkynyň agzyny birikdirip, Beýik agasy Kültegin bilen bilelikde, bütin ömrüni
Gök Deňriniň1 dinine uýýan, Göktürkmenleriň Mukaddes döwletini berkarar etmäge,
ony içki we daşky howplardan aman saklap, mäkämligiň hem abadanlygyň mekanyna
öwürmäge bagyşlan, Beýik Kagan Bilge han, edil dirilikdäki ýaly, daş bölegi deýin
sarsman ýatyrdy. Göwnüňe bolmasa ol sähel salymdan gözlerini açyp, hemişekisi ýaly:
1
Deňri-Gadymy oguz türkmenleriniň Taňryny atlandyryşy.
45
“Alplar-alpy, ne beýle muňalyp otyrsyň, ondan-a gowusy, git-de, garawulbaşa Baş
Gorganyň diwarlaryna aýlanyp, sakçylary barlamaga ygtybarly çemeleşmegi tabşyr!”
diýäýjek ýaly bolup durdy.
Ulug Gürgen emaý bilen, aýalaryny degräýmän, Beýik Kaganyň ýüzüniň üstünden
elini ýöretdi. Şol wagtam onuň eli biygtyýar titredi-de, aýasy Beýik Kaganyň giň
maňlaýyna çalaja galtaşdy. Gowgaly ömrüniň bütin dowamynda hiç bir zatdan
üýşenmän, heder etmän, wehim diýilýän ynsanyň ebedilik ýanýoldasynyň bogazyndan
tutmaga endik eden beglerbegi, tutuş süňňi bilen gagşap, sandyrap gitdi. Köz degen dek,
elini dessine çekip aldy-da, Beýik Kaganyň ukusyny bimaza edendigine ökünýändigini
görkezmek üçin döşüne eltdi. Birdenem öňünde haýbatly sarsmazlygy bilen sop-sowuk
bolup ýatan Beýik Kaganyň indi galtaşmany-beýlekini duýmaýandygy, onuň gaýdyp
gözüni açmajakdygy hakyndaky ajy pikir onuň kalbyny daglap gitdi. Beglerbeginiň
bogazy “lyk” doldy.
--Wah, Älemi sandyradan hökümdarym, indi şeýdip ýatmaly bolduňmy?! Sensiz
Deňriniň döreden jahanynyň ähli apatlarynyň öňünde ýalňyz galyp biz näderis ahyry?!diýip pyşyrdanda onuň gözünden togalanyp gaýdan bir damja gözýaş, ýaňagyndaky
gylyç ýarasynyň yzynyň gapdaly bilen syrygyp, murtuna siňdi. Şondan soň hälden bäri,
Beýik Kaganyň demi sogrulanyndan soňra ähli derwaýyş işleri ugrukdyryp, ejizligiň
öňunde ýan bermedik beglerbegi, birhili gowşap gitdi. Ol hökümdarynyň aýaklaryny
gujaklap, sessiz-sessiz, hamsygyp başlady. Öz hasratyna berlen wepadar beglerbeginiň
gursagyna sygdyryp bilmän pyşyrdaýan sözleri bolsa, onuň gözlerinden yzy üzülmän
syrygýan damjalara gatylyp-garylyp, han öýüniň alagaraňkylygynda eräp, ýitip
gidýärdiler.
--Wah, hökümdarym, Kaganlyga göterilip, Kültegin adyny alan Bars beg,
hökümdarymyzy Keramatly Deňri huzuryna çagyranynda ikimiziň hasratymyza döz
gelmän asman ýere inip, ýagty jahany ýer hoparmyka öýdüpdik. Hökümdarym, seniň
hasratyň gursagyňa sygmasa-da, Kültegin hormatyna bina kylan mukaddes daşlaryň
ýazgylaryna sygdy. “Görer gözüm görmez boldy” diýip, hökümdarym, kalbyňy ýaryp
çykan ýalynly sözleri tabgaç1 nakgaşlaryny getirip, daşa gyýdyrdyň. Seniň daşa nagyş
eden ahy-nalaňy okap, külli Ötüken halky zarynlady. Beýik Kagan Bilge han, inisi Bars
begiň agysyny aglanda, onuň ahy-nalasynyň daşyň ýüzüne nagyş bolandygy hakyndaky
rowaýat Altyn dagyndan aşyp, Yrtyş derýasyna baryp ýetdi, ilerde Ýaşyl ügüz
derýasyna, gaýrada Demirgapa baryp ýetdi. “Işini-güýjüni berip, munça kanun döredip,
inim Kültegin şeýdip Taňra gerek boldy! Inim Kültegin Taňra gerek boldy! Özüm
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Şazadanyň şikäri - 06
  • Parts
  • Şazadanyň şikäri - 01
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2261
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 02
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2305
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 03
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2252
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 04
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2157
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 05
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2204
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 06
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2060
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 07
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2099
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2228
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 09
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2272
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 10
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2230
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 11
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2374
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 12
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2094
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2066
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 14
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2175
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 15
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2238
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 16
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2142
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2282
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 18
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2122
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    37.4 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 19
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2271
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 20
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 2191
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 21
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2359
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 22
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 23
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2172
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 24
    Total number of words is 906
    Total number of unique words is 612
    40.0 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.