Latin

Şazadanyň şikäri - 02

Total number of words is 3654
Total number of unique words is 2305
26.5 of words are in the 2000 most common words
40.5 of words are in the 5000 most common words
48.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
aňşyryp ugrady. Birdenem ep-esli öňünde düşnüksiz “wagyrdyny” eşitdi. Ol sakga
durdy. Ýere ýapyryldy. Edil hälki keýik awlanynda edişi deýin, bukdaklap öňe süýşüp
başlady. Biraz öňe süýşeninden soň gür jeňňeliň ortasyndaky açyk meýdançada her
ýerde-her ýerde lowurdap ýanýan köz-gözleri gördi.
Möjekler dogrudanam on-on bäş sany bardylar. Meýdançanyň töründe mähnet
kelleli çal möjek garysyny ýassanyp, eýemsiräp ýatyrdy. Gapdalynda bolsa oňa görä
müçesi kiçiräk ganjyk ýalynjaňlyk bilen onuň böwrüne süýkenýärdi. Beýleki möjekler
hem şolaryň töwereginde oýun edişip gemrişýärdiler ýa-da gije garaňkylygynda-da
gyzaryp bildirýän, uzyn gyzyl dilleri bilen tumşuklaryny ýalaşyp ýatyrdylar.
Olaryň bolup ýatyşlaryna gaplaňyň girre gahary geldi. Hasam meýdançanyň
töründe eýemsiräp ýatan ordabaşy böri onuň ganyny gaýnatdy. Gurtlaryň boluşlary bu
jelegaýlarda özlerinden başga ýyrtyjy ýok deýin, diňe özleri bu giden jeňňeliň hem
sähralaryň hany-soltany ýalydy. Ordabaşy böri bilen onuň ganjygy bolsa dünýäde bir
zatdan eýmenýäne çalym etmeýärdiler.
“Meniň mülkümiň çägine girendigiňizi syzmadyňyzmy, ýa-da köplügiňize
buýsanýarsyňyzmy, Möjekler? ”
Gurtlaryň özüni äsgermezlik edişleri gaplaňyň janyna batdy. Ol gazabyna bäs gelip
bilmän, ätiýaçlygy unutdy. Birden ýerinden atylyp turdy-da, gije garaňkylygyny
arryldysy bilen para-para edip, meýdançanyň ortarasyna bökdi. Emma boş ýere baryp
düşdi. Köpi gören öňbaşçy böri ol arlanyndan özüni ýitirmän bir gapdala towsup
ýetişipdi. Ganjygy bolsa onuň özündenem beter çalasyndy. Şonuň üçinem gaplaň
aýaklary ýere degen badyna daş-töwereginiň dem salymda söweşe taýyn bolup,
hyňranyşyp duran börülerden doludygyny gördi.
Gaplaň özüni ýitirmedi. Ol bu gezek diri galmak üçin ähli gujur-gaýratyny bir ýere
çugdamlamaly boljakdygyny duýdy. Gyýak ýaly dişlerini syrtardyp, ölselerem yza
tesmejek wagşy gurt ordasyna garşy söweşmek, özi ýaly babyr bilen ýekme-ýek, hatda
iki sany arslan bilen deň bolmadyk garpyşyga çykandan hem çökderdi. Söweşlerde
bişişen gaplaň bir pursatda özüniň ilkinji hüjüm etmeli ugruny kesgitledi. “Börüleriň
barysyna garşy birden söweşmek akmaklygyň baryp ýatany, bir pillede garnyňy
silkerler. Ilki bilen bir zarbada ganjygy almaly, şol bolmasa bulara beleň alara zat
galmaz. Soňra ordabaşyny penjesiniň astyna alyp bilse bu söweşde diňe bir diri galmaga däl, eýsem üstün çykmaga-da inçejik umyt bar.”
10
Şu pikiri eden dessine gaplaň öz arryldysynyň bu ýyrtyjylara hiç-hili täsir
etmeýändigine düşünip, sessiz, aýylganç kuwwat bilen, möjek ganjygyna garşy özüni
zyňdy. Beýleki gurtlaryň ýeňsesinde durandygy sebäpli gaplaňdan beýle hereketi
oslamadyk ganjyk bu sapar hernäçe çakgan hem bolsa gaçmaga ýetişmedi. Alabeder ajal
ony bir uranda öz holtumyna düýrläp dykdy. Öz ganjygynyň düşen gününi gören
ordabaşy böri birhili ejizlän köpegiňkä kybapdaş, janagyryly çyňsan ýaly etdi-de,
towsup, gaplaňyň gerşine hopba boldy. Bada-badam ýagyrnysyndan agyz urdy. Onýança
ýene-de bir garadangaýtmaz böri özüni arslanyň aýaklarynyň astyna oklap, onuň
garnyny silkmek üçin tumşugyny uzatdy. Bu ýagdaýdan başga çykalga tapmadyk gaplaň
aljyraman, dik ýokarylygyna towusdy. Emma garnynyň aşagyna giren möjek onyň artky
aýagynyň penjesinden agyz salmaga ýetişdi. Agyrydan ýaňa heýýaty göçen gaplaň näme
edýändigine hem aň ýetirmän, janhowluna özüni arkanlygyna oklady-da, beýleki art
aýagy bilen aýagyndan ýapyşan möjegiň tumşugyny parçalap, ony hol allaowarra pyzyp
goýberdi. Onýança beýleki gurtlar hem ýerli-ýerden topulyp, onuň çem gelen ýerinden
agyz urup, asylyp başladylar. Ömrüniň paýawynyň gelip ýetendigini syzan gaplaň,
janajygyna tutuş göwresini sandyradyp arlady-da, penjeleri bilen ölüm zarbalaryny saga,
çepe, çem gelen ýere paýlap ugrady. Şol wagtam ordabaşy böri özi üçin iň soňky bolan
hatany goýberdi. Ol gaplaňyň bogazyndan agyz salmak üçin ýagyrnysyndan agzyny
aýyrdy-da, ümzügini öňe atdy.
Gaplaňa şujagaz pursat hem ýeterlik boldy. Ol bir silkinende ordabaşyny
aýaklarynyň astyna düşürdi. Garamtyl gaplaňyň bitmez ýara salan penjesi bilen ýeke
uranda-da onuň döşüni ýardy. Ordabaşy hatda janhowluna urunmaga-da ýetişmän jan
berdi. Gaplaňa hüjüm edýän galan ýedi-sekiz möjek baştutanlarynyň läş bolandygyny
görüp, asgynlap, götinjekläp ugradylar. Emma ýyrtyjy namysjaňlygy zerarly barysy
birden, bada-bat sypba-sypyrylyp, gaçyp gidibermediler. Ýöne olaryň has gowşagrak
biriniň ökje ogurlap, söweş meýdanyny terk etmegi gurtlaryň hemmesi üçin çagyryş
bolup hyzmat etdi. Olar özlerine ajal paýlaýan demir penjelere ilmezlige çalşyp,
sülgüniň ürken jüýjeleri deýin çar ýana pytradylar. Söweş meýdanynda gaçgaklaryň
yzyndan kowmagy namys eden ýeňijiniň ýalňyz özi galdy…
IV
Ortada gazylan ojagyň içinde ýanýan oduň şatyrdysy kalbyňa aram berýärdi. Sazak
alawynyň tüssesi sähra gijesiniň çigreklije arassa howasy bilen garyşyp, her gezek dem
alanyňda döşüňi lezzetden doldurýardy. Ýerden, diňe alabaharky türkmen asmanynyň
astynda, diňe alabaharky türkmen sähralarynyň gijesine mahsus bolan, ýaňy toprakdan
dürterip çykan otlaryň, gije çygyna ezilen topragyň ysyna ýugrulyp eýlenen ter tämizlik
göterilýärdi. Hol beýleräkde esbaplary aýrylan atlar horguryşyp durdylar, olardan
çeträkde çöküp oturan düýeler gäwüş gaýtaryşyp, gapdallarynda busurylyp ýatan dörtbäş sany gatyra tekepbir garaýardylar. Şazada bilen atabeginiň alawyndan bäş-on ädim
daşlykda beyleki gazma ojagyň daşyna egele bolup ýatan, oturan gulamlar şazadany
bimaza etmejek bolup ýarym pyşyrdy bilen nämedir bir zadyň gyzykly söhbetini
edýärdiler.
11
Galyň keçäniň üstünde içmek örtünip, tirsegine söýenip ýatyşyna käte ýalnyň gyzyl
dilleriniň oýnaýan täsin raksyna, ataşyň zoruna çydaman çar ýana syçraýan uçgunlara,
käte gözüni göterip syýa asmanyň ýyldyzlaryna tiňkesini dikýän şazada Muhammediň
gözünde uky bar-a meňzemeýärdi.
-Halypam!-diýip şazada arkan ýatdy-da, garaňky asmanyň näçe seretseň-de gözüň
nazary bilen yzarlap yzyndan ýetip bolmaýan düýp-teýkarsyz çuňlugyna tarap garady:Sen ýunanlylaryň gadymy rowaýatlaryny bilýärmiň?!
-Ýok, şazada bilmeýärin! Aslym arap bolansoň, ömrüme-de egnimden sowut,
elimden gylyç düşmedik esger bolandygym zerarly meniň rowaýat diňläp, hekaýat
öwrenmäge-de wagtym bolmady. Sen onuň ýaly zatlary, Şazadam, mugallymyň, Beýik
soltanyň müneçjimi Kowus hajydan soramaly ekeniň.-diýip atabeg elindäki ujy ýanan
kesewisi bilen ojagy dörjeledi.
Wepaly atabeginiň müneçjim Kowus hajy bilen kän bir oňuşman, özi babatda
ikisiniň arasynda ýaşyryn bäsdeşligiň, basdaşlygyň gidýändigine birmahal belet bolan
şazada atabegiň kinaýaly öwdüne içinden gülümsiredi. Şazada mugallymlarynyň ikisiniň
hem özüni jan-u-tenden, öz perzentleri deýin oňat görüp, biriniň-ä özünden beýik alym,
beýlekisiniň bolsa beýik serkerde ýetişdirjek bolýandygyny ýüregi bilen syzýardy.
Halypalarynyň arasynda döreýän çekişmäniň düýp sebäbi-de, köplenç olaryň her
haýsynyň şazadanyň beýleki mugallymyň ýanynda sarp edýän wagtyny bihuda geçirilen
diýip hasap edýänligindedi.
Öz döwrüniň görnükli adamy, az-kem jahankeşde, az-kem müneçjim, az-kem
taryhçy, az-kem şahyr, az-kem diwana, az-kem sazanda, deňsiz-taýsyz dilewar,
hyýalbent, öz edýän işine köre-kör ynanýan al-kimýaçy we galtaşan jisimini altyna
öwürýän pelsepe daşynyň hemişelik gözlegçisi Hajy Abu Zeýd Kowus ibn Şamat ibn
Asir ibn Süleýman ibn Möwlam üçin atyň üstünde çapyksuwarlyk oýunlaryny etmek,
jyza sanjyp, keman atyp, syrtmak zyňyp, gylyç parladyp söweş tilsimlerine
türgenleşmek ýa-da bir reňkli, ýüzi çyzyklardan doly çal matanyň ýüzünde dürli reňkli
daşjagazlary eýläk-beýläk süýşürip, ägirt uly goşun tümenlerine erk edip ýeňiş
gazanmagyň inçe serkerdelik syrlaryny öwrenmek Allatagalanyň ynsana bagş eýlän juda
az, gyzyldan gymmatly wagtyny ýeliň ugruna paýhassyz sowurmakdy. Has dogrusy
onuň pikiriçe, Allatagala Adam atanyň hem-de How enäniň perzentleriniň hemmesini
dogan edip ýaradanyndan soň olaryň öz gysga ömürlerini biri-biri bilen garpyşmaga,
biri-biriniň agzyndan Taňrynyň beren rysgyny kakyp almak üçin göreşmäge, gan
döküşmäge sarp etmekleri diňe, dünýäni tümlüge beslemegiň wysalynda çarp urýan
şeýtanyň alyna gitmekden başga zat däldi. Onsoňam ynsanperwer pelesepeçiniň çuňňur
ynamyna görä, goluň ýaragly türgenleşip, özüňi özge biriniň başyndan musallat bolup
injek döwülmejek-ýeňilmejek, aman bermejek-asgynlamajak ýaraga öwürmek üçin jepa
çekmek hem Hudaýdan daş düşmekdi.
Onuň kalbynyň iň ýaşyryn jümmüşinde göterip, söýgüli şägirdi, şazada
Muhammetden özge hiç kese aýtmaýan arzuwy bardy. Ol öz arzuwyny “Zeminiň
behişdi zamanasy” diýip atlandyrýardy. Onuň şol arzuwyna laýyklykda-da ýeriň
ýüzünde ýaşaýan ähli adamlar edil ekiztaý doganlar deýin birek-birege mähriban bolup,
birek-birek bilen derdini paýlaşyp, ömürlerini boş jenjellere, harsydünýälige, göriplige,
12
gahar-gazaba, güwlempaç şöhratparazlyga sarp etmän, adamlara peýda getirýän
ylymlary ösdürmäge, edebiýaty kämilleşdirmäge, gözel-gözel şäherleri gurmaga, ajaýyp
şäherlerde metjitler-medreseler galdyrmaga, halypa Mamunyň “Ylymlar köşgüne” gaýra
dur diýýän, danalaryň öýlerini bina etmäge bagyşlamalydylar. Şol ajaýyplyk
eýýamynda-da açlyk, horluk, nadanlyk, bolgusyz sebäplere görä tutaşyp, müňlerçe
adamlaryň ykballaryny ýalmap-ýuwudýan uruşlar öz-özünden ýitip gitmelidi. Sebäbi ol
eýýamyň şalarynyň, hökümdarlarynyň her biri Anuşirwan adyl dek adalatlylykda ýedi
yklymy baglan, danalykda Süleýman aleýhssalamdan ozduran kämil hökümdar
bolmalydy. Zeminiň ýüzünde müňlerçe Lukman Hekim lakamly Abu Aly ibn Sinalar
döräp, hassalygyň, keselleriň soňuna çykmalydy. Musa al Horezmiler, Abu Reýhan
Biruniler, Mäsihiler, Ferdöwsiler, Hysrow Dehlewiler her şäherde, her kentde peýda
bolmalydy.
Hajy Kowus bu arzuwyna diňe bir çyny bilen uýmak hem däl, eýsem onuň
gazanýan serişdeleriniň hemmesini nähilidir bir düşnüksiz, burum-burum, misden,
aýnadan, demirden tokurtgajyklary, gapjagazlary, küýzejikleri, jamjagazlary ýaşatmaga
harçlap, şol, diňe ertekilerde ady eşidilýän “pelsepe daşyny” agtarmaklyga, şony bir
topar jisimleriň dürli-dümen dürüşdesinden ýasamaga çalyşmaklyga bagyş etmegi hem
hut şonuň üçindi. Onuň ynanjyna görä haçan-da ol “pelsepe daşyny” oýlap tapsa,
“zeminiň behişdi zamanasynyň” hem geldigidi. Çünki galtaşan zadyny tylla öwrüp
bilýän gudratly daşyň bolsa jümle-jahanyň ähli açlaryny doýrup, ýalaňaçlaryny
geýindirip, garyplaryny baýadyp, islän ýeriňde şäherler hem köşkler, metjitler hem
medreseler gurup boljakdy, her kese isledigiçe hazyna, mal berip boljakdy, onsoň
Karun-a däl, Karunyň Karuny bolsa-da, her bir adamyny kanagatlandyranyňdan soň
onuň üçin özgäniň rysgalyna el urmaga açgözlük galjak däldi, bahyllyk galjak däldi,
ynsan nebsiniň haram dili lal açjakdy.
Ýaş şazadany onuň arzuwynyň ajaýyplygy, päkizeligi özüne maýyl edýärdi.
Imrikdirýärdi. Mugallymynyň gijeler düýşünde görüp, samraýan “Zeminiň behişdi
zamanasynyň” tizräk gelmegini tüýs ýürekden küýsedýärdi. Ýöne damarynda ýygyn
dartyp, duşman bilen döwüş guran serkerde hem esger ata-babalarynyň, “Dukak”
lakamyny alan Seljuk serkerdäniň gany at çapýan, doglanyndan beýläk başujunda
jöwher pyçak goýulýan türkmen ýigidi bolan şazadany, al-kimýaçynyň asuda bolsa-da
dürli garnuwly suwuklyklaryň ajymtyk-turşy ysy burnuňy iýip gelýän barlaghanasy, her
äden ädimiňde üstlerinden ýyllaryň kirşeni göterilýän kitaplaryň baslygyp duran, iňlär
siňeksiz kitaphanalar beýlebir özüne çekmeýärdi. Dogry ol atasy, Beýik soltanyň
talabyny berk berjaý edip yhlas bilen okaýardy, hatda ylym-bilime höwes hem edýärdi.
Emma şazada Muhammet al-kimýaçy halypasynyň towlam-towlam tokurtgalarynyň,
dürli görnüşli, ululy-kiçili golçajyklarynyň içinde, dünýä ineli bäri öň alyp görmedik
yslaryndan ýaňa burnuny tutup, göýä bir ertekilerdäki jadygöý hem onuň ýaşajyk şägirdi
deýin aýlanjyrap ýöreninden, seleň sährada bedew atyny ýüzin salyp, ak ýüpekden
ezýaka köýnegini çapuw ýelgininiň şemalyna pasyrdadanyny kem görmeýärdi.
Owalbaşda Mahmyt Gaznalynyň ýörişlerinde ýesir alnyp, gaznaly goşunynda
söweş tilsimlerine ussatlygy we serkerde başarnygy üçin ýönekeý gulam-esgerlikden
müňbaşy derejesine çenli göterilen, soňra Nusaýyň eteginde gaznalylar bilen seljuklaryň
13
söweşinde Togrul begiň ýigitleriniň syrtmagyna ilip, gaýtadan bendilige düşen atabeg
Kyýaseddin bolsa şazadany Kowus hajydan daşlaşdyrmak üçin bu ýagdaýdan
peýdalanýardy.
Batyrlygy, mertligi, gaýduwsyzlygy, hakyky urşujy-pälwana mahsus häsiýetleri
üçin hökümdar-doganlaryň ikisiniň-de sylag-hormatyna mynasyp bolan atabegiň hem
edil Kowus hajyda bolşy ýaly, synmaz ynamy bardy. Onuň uýşuça Taňrynyň adam
diýip, aň-düşünje berip, ýaradan jandary, eger-de beýleki gezip ýören mahlukyýetden
tapawutly boljak bolsa, ýagty jahanda bürgüt kimin buýsançly ýaşamalydy. Taňrydan
özge hiç kimsäniň öňünde ýan bermän, hiç kimseden, ha ol güýçli bolsun, ha ejiz
bolsun, ha häkim bolsun, ha geda bolsun, ýersiz-ýere minnet çekmän, kiçelmänejizlemän perişde sypan başyny belent tutup, durmuş sürmelidi. Elbetde onuň pikiriçe
Alla tarapyn adamlary dolandyrmak paýy maňlaýyna ýazylyp, häkimlik tagtyna
münenleri sylamalydy, olara wepaly bolmaga kasam içeniňden soň, iň soňky demiňe
çenli wadaňa wepaly bolmaga çalyşmalydy. Ýöne hiç kimiň öňünde özüňi läbikde
ýüzüp ýören gurçuk kimin ejiz hem nalajedeýin görmeli däldi. Heniz iki-üç ýaşly çaga
döwürlerinde ol Arabystanyň mukaddes topragynda, öz taýpadaş çarwalary bilen göçüpgonup ýörkä, düşlegleriň birinde, Mukaddes Käbä haja gelen bir danyşmendiň wagzyny
diňläpdi. Şonda Arabystanyň hiç bir ülkäniňkä meňzemeýän asmanynyň tes-tegelek
bolup dolan mahy-tabanynyň astynda, ot başynda, şol alym: „Hak Taňrynyň öňünde
hemmeler deňdir, isle şa bolsun, isle gul bolsun, her bir musulman Hudaýyň bendesidir“
diýipdi. Alymyň şol sözleri hem ýaşajyk Kyýaseddiniň kalbyna hemişelik ýazylyp
galypdy. Öz gowgaly ömründe ol ençeme gezek gul hem bolup görüpdi, beglige-de
göterilipdi, ýöne ol elmydama öz mertebesini tug kibi parladyp ýaşapdy. Indem ýaşy
altmyşa ser uran, öýsüz-öwzarsyz, tenha özünden özge hossary bolmadyk goja serkerdeesger özüniň asylzada şägirdinden edil özi dek ynsan buýsanjyny beýik gününde-de, pes
gününde-de baýdak edinip, al-asmanda pasyrdadyp biljek adamy terbiýeläsi gelýärdi.
Şazada Muhammediň üsti bilen ol özüni Taňrynyň döreden dünýäsine miras goýmak
isleýärdi. Onuň pikiriçe bu göwün küýsegine ýetmek üçinem şazada Muhammede
dembermez gylyjyň sapyndan berk gysymlap biler ýaly demir el, giden leşgerleri
özlerinden ýüz esse agdyk duşmanyň üstünden ýeňşe eltip biljek sagdyn serkerde aňy
zerurdy. Bu zatlary bolsa şazada diňe onuň özi berip biljekdi.
... Şazada atabeginiň teýeneli gepini gulagynyň duşundan geçirdi-de, sözüni dowam
etdirdi:
--Ýunanlaryň rowaýatlarynyň birinde Beýik gahryman Tezöý (Teseý) hakynda
gürrüň berilýär. Ol öz halkyny ok-ýarag kär etmeýän, äpet deňiz aždaryndan halas etmek
üçin ynsan aýagy ýetmeýän alysda ýerleşýän bir ada baryp, bir bakyşda adamlary
daşdan heýkele öwürýän ýylan saçly, şamar göwreli hatyny aýnadan galkanyň hem-de
uçýan ädigiň kömegi bilen ýeňýär we onuň kellesini kesip, getirip, deňiz aždarynyň
gözüne bakdyryp, ony doňňara-daşa öwürýär. Şol ýerde-de deňiz aždaryna gurbanlyk
diýlip, dag gaýasyna bentlenip goýlan, Andromeda diýen täsin atly gyzy halas edýär, ol
gyz bolsa oňa aşyk bolýar, soňra Hudaý onuň görkezen gahrymanlygy we olaryň biribirine bolan yşgy üçin asmanda ýyldyzlardan olaryň suratyny çekipmişin...
Atabeg şazadanyň ertekisine tagaşyksyz ýyrşardy-da:
14
-Şazadam, seniň aýdýan zatlaryň rowaýata däl-de ertekä çalym edýär. Rowaýat
diýip ine, seniň dädeň, batyrlaryň batyry Togrul begiň, hälki irdenki tekepbir bolsa-da
gaýduwsyzlygyň laýyndan eýlenen Ybraýym Ýynalyň we ýüzlerçe türkmen alplarynyň
edermenliklerine aýtsaň...
Halypasynyň şähdiniň açylandygyny, häzir öňem nijeme gezek eşiden wakalaryny
atabegiň özüne mahsus azsözlülik bilen gürrüň berip başlajakdygyny syzan şazada ojaga
tarap öwrüldi-de, tirsegine söýendi. Şägirdinden gözüniň gyýtagyny aýyrmaýan atabeg
bolsa onuň özüni höwes bilen diňlemekçidini görüp, äwmän-alňasaman gep urup
başlady.
Beýik serkerde hökmünde şan-şöhrady Ruma-Pereňe baryp ýeten, Gaznaly
Mahmydyň ýörişleri hakynda gürrüň berdi. Şazadanyň atasy Çagry beg bilen dädesi
Togrul begiň ýeňiş gazanan jeňleri hakynda gürrüň berdi. Rum ýurdunyň serhet galalary
barada, Hindistanyň ilki göreniňde sussyňy basyp, aýylganç görünýän, söweşjeň pilli
goşunlary, Çynma-Çynyň ýetmiş gün ýöräniňde zordan aňry çetine ýetip bolýan, hiç-hili
manjynyk1 kär etmeýän Beýik diwary hakynda, Mahmyt Gaznalynyň döreden, häzire
çenli özüniň gurluşy hem-de tertip-düzgüni boýunça deňi-taýy ýok hasaplaýan gaznaly
goşuny, onuň atly goşuna, pyýada goşuna, aňtawçylara, artky bölege, başky bölege, sag
we çep ganatlara, kemançylara, jyzaçylara bölünişi barada, gaznaly goşunynyň taryhda
galan nagaraly ýörişleri barada, pereňli esgerleriň boýdan-başa demir-polada basyrynyp
söweşýändikleri hakda, Çynma-Çyn ýurdunyň aňyrsyndaky Soňky deňziň bir ýerinde,
uzyn-uzyn adalarda ýaşaýan uzyn-uzyn gylyçly, gylyçly söweşmekde ýeriň ýüzünde
ussatlyklaryna taý tapylmaýan gyýykgöz urşujylar hakda gören-eşiden zatlaryny birinbirin gürrüň berdi.
Onuň endigan sesine meýmirän şazada bolsa assa-ýuwaşdan irkilip, uklap galdy.
Şazada uklanyndan soň atabeg sesini tapba kesdi-de, emaý bilen turup, şazadanyň
üstüne içmegini atdy. Gulamlaryň odunyň başyna baryp, gije kimiň şöwür çekmelidigini
tabşyrdy. Soňra gelip, bir gujak oduny oda atdy-da, öz ýerine geçdi. Içmegine çolandy.
Şol pille niredendir bir ýerden jeňnelleriň hany, gaplaňyň janagyryly arlaýan sesi
eşidildi. Hol beýle-de horguryşyp duran atlar gozgalaň tapdylar, hatda äwmezlik bilen
gäwüş gaýtaryp, çöküp ýatan düýeleriň hem içinde iki-ýeke ýerinden gobsunany boldy.
Züwwetdin gatyrlar bolsa gaplaň sesi gelenden laňňa galyp, garaňkylyga tarap
üşerilişdiler.
„Jeňňeliň hojaýyny özünden rüsteme sataşypdyr ýaly-la, juda janhowully arlaýar
welin, ölümini boýnuna aldygy öýdýän.“ diýip oýlanan atabeg gözüni ýumdy. Emma
näme üçindir, uzakly gün at üstünde ýadan hem bolsa ukusy tutmady. Gabaklaryny
göterdi-de ýyldyzlardan ýaňa hindi zenanlarynyň hünji sepilen zerli köýnegine çalym
edýän asmana seretdi.
„Gahrymançylygy üçin ýyldyzlardan keşbini çekipdir“ diýdimi?! Hymh! Belki
Haktagala şeýle gowgaly ömür sürendigim üçin Arabystanyň asmanynda ýyldyzlardan
meniňem keşbimi ýasar...“
1
Manjynyk-daş atýan katapulta.
15
Öz pikirine köpi gören atabeg içinden ajy gülümsiredi. „Äý hawa-da, Tanrynyň
özge wajyp işi ýok-da!“
Soňra atabeg näme üçindir ýene-de biynjalyk bolup, asuda uklap ýatan şazada tarap
ýüzüni öwürdi. Onuň ýetginjek keşbinde diňe parahat ukunyň alamatlaryny görüp ol:
„Menem ymyzganaýyn-la!“ diýip oýlandy. Emma aňynda hyň berýän oýlar ony
ýatmaga goýmadylar.
„Gaznalynyň goşunynda Isgender Ikbuýnuzly atly dünýäni özüne tabyn eden
serkerde patyşa hakynda rowaýatlar aýdardylar, şol hem ýaňky şazadanyň aýdýan
Ýunanystan ýurdundan öýdýän. Aýtmyşlaryna görä, Hudaý oňa ölmez-ýitmez, synmaz
Ruh berenmiş, şol ruhunyň gudraty bilenem ol bütin dünýäni öz erkine boýun
egdirenmiş. Şonda onuň duşmanlary melguna mynajat edip, Isgender Rumynyň ölmezýitmez ruhuny syndyrmagy haýyş edenmişler, melgun bolsa Perwerdigäriň döreden
keramatyny syndyryp bilmejegine gözi ýetip, Isgender Zülkarnaýnyň ganymlaryna
mekirlige ýüz urmagy maslahat berenmiş. Olar hem melgunyň nesihatyna uýup,
Isgendere gözelligi gözüňi gapýan bir haýýar näzenini peşgeş berenmişler, şol hem
Beýik serkerdäni azdyryp, şerap diýen nägehana ulaşdyranmyş, soňra Isgender meý içip,
meý içip, onuň synmaz ruhy tenini terk eden pursadynda bolsa oňa zäher berip, ony
öldürenmiş. Şeýle Beýik eýesiniň aldawa düşüp, wepat bolandygyna perişan bolan
ölmez-ýitmez, synmaz Ruh bolsa hasratdan ýaňa para-para bolup, jahanyň ýüzünde çar
tarapa seçilenmiş. Şol zamanlardan bäri hem Isgenderiň ruhunyň bölejikleriniň her
haýsy zeminiň bir künjeginde, adamlarda öz Beýik eýesi—Isgenderi gözläp, ser-sepil
bolup, sergezdan gezip ýörmüşler. Isgenderiň ruhunyň jinnek ýaly bölejigi kalbyna
aralaşan adam hem Isgenderiň yhlasy bilen keselläp, jahanyň eýesi, jahangir bolmagyň
kül-külüne düşýärmiş...“
Atabeg uludan dem aldy. „Görýän welin, Demir ýaýlynyň nesli-de Isgenderiň
arzuwy bilen ymykly hassalapdyr öýdýärin. Ýöne näme, menem köp patyşalary,
serkerdeleri gördüm, hökümdarlaryň tagtlaryndan taýyşynam, ýönekeý esgerleriň
hökümdarlyga göterilişini hem ençe gezek synladym, emma welin şolaryň içinde
Isgender Rumynyň tylla tagtyna şu nebereden mynasybyny men-ä bilmeýärin...Çünki
türkmeniň bu gerçek neberesi at-awaza, şalyk-soltanlyk üçin däl-de, öz mertebeleriniň
belent tutulmagy üçin, il-ýurtlarynyň abatlygy üçin, öz ynsanparaz dininiň
dabaralanmagy üçin göreşýär...“
Şeýdip öz oýlaryna gümra bolup ýatyşyna Kyýaseddin atabeg nädip uklanyny hem
duýmady...
V
...Gaplaň daň atanyndan soňra düýnki, çeşmäniň boýunda awlan awundan galanyny
gömen ýerine gitdi. Baryp ýeri peşäp oljasyny çykardy. Howlukman iýdi. Öte doýmasada keýikden galanjasy oňa ýürekselik boldy. Ol çeşmäniň raýyşyndan aşak indi-de, azowlak suw içdi. Soňra, dagy näme etjegini bilmän, ýene-de öten agşamky böri ordasy
bilen döwüş kylan meýdançasyna ýöneldi. Ol kän ýöremeli boldy. Çünki haýaljakdan
gadam urup barýardy. Artky aýagyna biraz ýempeýärdi hem. Öten agşamky garpyşykda
16
ordabaşy böriniň agyz urup çeýnän gerşi-de sanjap agyrýardy. Emma beýle-beýle
ýaralara öwrenişen peleň öz bedeniniň yzalaryna biperwaý garaýardy. Ýöne dogrusy şu
mahal bir seleňräk kölegä geçip, uzyn süýnüp ýatyberse kem ýarajak däldi.
Mytdyldap barşyna ol ahbetin şol meýdança ýetdi. Öten agşamdan bäri gyzylýaýyrt bolup ýatan läşleriň üstünde dürli mör-möjekler siňekleriň beýemçilik
etmeklerinde şagal mesligini guraýardylar. Ýöne geň galaýmaly zat, şagallar hem-de
dazzarkeller ýokdy. Megerem hol allaowarradan onuň ysyny syzyp, bu ýerden
ýeňselerini el ýaly edendirler, ýa-da olary heniz doly porsamaga ýetişmedik gurtlaryň
ysy gorkuzýandyr.
Gaplaň duşmanlarynyň jesetlerine gedem nazaryny aýlady. Özüniň deň bolmadyk
garpyşykda üstün çykandygy hakyndaky pikir onuň buýsanç damaryny tisgindirdi. Ol
hondanbärsi bolup, käte bir apaň-apaň basyp, meýdançada terslin-oňlyn ädim urup
ugrady. Her gezek deňesinden öteninde iç-goşy çöwrülip, gözgyny bolup ýatan äpet çal
möjegiň yslanyp ugran läşini seňrigini ýygryp, tumşugy bilen itekledi, penjeleri bilen
pat-pat kakdy. Her pursatsaýyn hem onuň badyhowalygy çişip, zergäriň elindäki
göweçde erän tylla deýin lasyrdap gaýnap, atylmagyň bäri ýanyna barýardy. Birdenem
ol öz-özüne bolan buýsanjyna bäs gelip bilmän, hiç bir sebäpsiz ýerden, sesinde baryny
edip, arlap goýberdi. Ol öz arryldysy bilen göýä: „Görüň meni ümmülmez dünýäniň
mahluklary! Bipeýan dünýäde ine şeýdip, hemmelere, olar senden hernäçe kän bolsalarda, seniň ýalňyz özüňiň olaryň ählisine taýdygyňy gözlerine görkezip, ýeňiş gazanyp,
höküm sürüp ýaşamaly! Ine şeýtmeli! Serediň maňa janly-jandarlar, ýagty ýalançyda
menden güýçli, menden rüstem, menden hökmürowan jandar barmy, serediň maňa!“
diýip öwünýän ýalydy.
Şol wagt gaplaňyň ýeňiş lezzetini golaýdan eşidilen düşnüksiz galmagal bozdy.
Jeňňeliň gyrak-bujagyndan täsin goh gelýärdi. Entegem badyhowalygyň täsirinden
açylmadyk gaplaň ätiýaçlygy unutdy. Tumşugyny goh gelýän tarapa uzatdy-da,
seňkildäp şol ugra ýüzlendi. Onuň bolup barşy: „Kim meniň mülkümde meniň
rahatlygymy bozmaga het edýär“ diýýäne meňzeýärdi. Şeýdip haýdap barşyna ol ýaňy
bir jeňňeliň agaçlarynyň astyndan saýlanany hem şoldy welin, bir owadan, daýaw
saýgak misli gözi ýok ýaly, onuň bäs-on ädim öňunden ala-hasyrdy bolup, urdurylyp
geçip gitdi. Saýgagyň bolşy gaplaňda biraz howsala döretdi. Eger-de saýgak öz allajysy
– gaplaňdan eýmenmän, gözleri gapylan dek, göni tumşugynyň öňünden urdurylyp
geçýän bolsa, onda ol janhowluna gaçyp barýandyr we ony kowalaýan jandar bolsa
gaplaňdan has elhenç jandar bolmaly.
Eger-de birki gün mundan ozal babyr beýle hadysa gabat gelen bolanlygynda ol
“namartja olam sagja bolam“ diýen ýaly, haýwan seresaplylygyny elden bermän, eýýäm
bu ýerden garasyny saýlardy. Emma gurt ordasyna garşy bir özüniň söweşip gazanan
öten agşamky ýeňişi onuň özüne bolan ynamyny we gedemligini başy garly daglaryň
derejesindenem belende göteripdi. Tekepbir arslan saýgagy hatda ganymynyň üstunden
basyp geçmäge kaýyl eden näbelli howpuň ýolundan sowulmagy özüne kiçilik bildi. Ol
beýdip oýlanyp durýança onuň öňünde ak köpük bolup derlän gyr bedewini ýüzin salyp
saýgagyň yzyndan kowýan atly peýda boldy. Gaplaňy görenden bedew at badyny saklap
bilmän çarpaýa galdy-da, duýdansyzlykdan ýaňa ompa oturdy. Awa kellesi gyzyp ýeke
17
özi ýanpenalaryndan saýlanyp gaýdan şazada Muhammet saýgagyň yzyndan kowup
gelşine beýle eýmenç ýyrtyja sataşaryn öýdüp oslamaýardy. Şonuň üçinem ol eýerde
ykjam otursa-da at çarpaýa galyp, ompa oturanynda, aýaklary üzeňňiden sypyp, bir
gapdala zyňyldy. Ok-ýaýy hem elinden sypdy.
Olardan gözüni aýyrman duran alabeder ajal bada-bat aňyny işletdi. Has dogrusy
ýyrtyjy endigi onuň aňyndan öňürti herekete girdi. Ol ilki bilen howpuň özüne haýsy
tarapdan abanýandygyna haýwan duýgurlygy bilen düşünip, uýanyna çolaşyp,
aýagüstüne galyp bilmeýän bedewe gözüniň gyýtagyny hem aýlaman, şazada tarap
topuldy. Galan zatlar göz-açyp ýumasy salymda bolup geçdi. Özüni nazarlap gelýän
mähnet allajyny gören ýaş şazada aljyramady. Haýdan-haý hanjaryny gynyndan sogrup
alyp, ýatan ýerinden arslanyň towsaryna garaşdy. Arslan yzky aýaklaryny ýygranyndan
hem tutuş göwresi bilen düyrügip, özüni ýyrtyja tarap oklady. Arlap böken gaplaň ýere
düşende tasdanam şazada Muhammediň aýaklary girisine ilýärdi. Ölüm böküşi pys
geçen arslan ala-hasyrdy bolup yzyna öwrülende şazada Muhammet arkan ýatan
ýerinden hanjaryny sapyna çenli onuň kükregine sokdy, çykaryp ýene-de bir nobat
sançdy. Emma üçünji gezek sogurmaga ýetişmedi. Öz kellesini gysaja düşen hoza
döndermek üçin hatap ýaly açylan agzy görüp, hanjary sypdyrdy-da, mäkäm dymyşk
poladyndan ýasalan bileklik bilen goragly elini arslanyň agzyna tutdurdy.
Döşüni ýaryp gelýän gyzgyn agyrydan ýaňa dessine gözi garaňkyrap giden arslan
daýaw saýgaklaryň boýun süňklerini bir gysanda kül-owram edýän äňiniň gyýaklary
nähilidir bir, biçak gaty zada „şaňk“ edip degip, uçanda, öz emelsizligine gahar edýän
dek, kuwwatly öň penjeleri bilen aşagynda ýatanyň döşüni peşedi. Emma onuň ýiti
dyrnaklary şazadanyň ýüpek donuny jyrym-jyrym etseler-de, sowudyň şam poladyna kär
edip bilmediler. Paltasy daşa degen arslan, bu astynda ýatanam bolsa penje hem gyýak
täsir etmeýän içýakgyç geň awuny dagy näme etjegini bilmän, onuň agzyndaky elini
äňleri bilen berk gysyp, başyndan aşyryp, bulap, zyňjak boldy. Emma geň galaýmaly
zat, bu oljasyndan iki esse agyr göwreli ýekegapany bir silkende hol alysa atyp bilýän
arslan astyndaky awuny ýerinden hem mizedip bilmedi. Bada-badam onuň gözüniň
öňüni gos-goýy tümlük tutdy. Özüniň duçar bolan düşnüksiz ýagdaýyna haýran galan
arslan, agzyndaky eli goýberdi-de, bu ýagdaýdan närazylygyny duýdurmak üçin
arlamaga synanyşdy. Emma bu hem başa barmady. Gaýta agzyndan güýçli gan akyp
ugrady. Ol awunyň üstünden aýrylmaga çalyşdy. Ýöne aýaklaryny gymyldadanyndan
dyzlary öz-özünden epildi-de, agzy gum garbady. „Şujagaz ejizje jandar meni—
daglaryň rüstemini şeýle hala düsürip biläýdimikä?“ diýen pikir hem arslanyň aňynda
dörän iň soňky ýylpyldy boldy.
...Agyr zeper ýetmedigem bolsa, arslanyň astynda endamy mazalyja owulan şazada
Muhammet aýaklaryny kynlyk bilen agyr jesediň astyndan sogurdy-da örboýuna galdy.
Hanjaryny arslanyň döşünden sogurdy. Arslanyň ýarasyndan zogdurylyp çykýan
gyrmyzy gana seretmezlige çalşyp, hanjaryny arslanyň derisine syrdy-da, gynyna saldy.
Zordan dähedem-dessemläp bardy-da, henizem urnup ýatan bedewini uýandan azat etdi.
Atynyň üstündäki horjunyndan mytarasyny alyp, tolgunýandygy zerarly titräp duran
dodaklary bilen suw owurtlamak isledi. Dökän-saçan edip, zordan birki owurt etdi. Soň
bogazyndan geçmedi. Saňňyl-saňňyl edýän aýaklarynyň özüni saklamaýandygy sebäpli,
18
aşak çökdi. Wepaly bedewi ýaňky garpyşykda özüniň hiç-hili ýardamynyň
bolmandygyna müýnli deýin, öljümek tumşugyny şazadanyň egnine süýkedi.
Onýança niredendir bir ýerden howsaladan ýaňa ýüzlerini ak-tam edip, şazadanyň
ýanpenalary gelip ýetdiler. Gele-gelmäne atdan özüni oklan atabeg Kyýaseddin, topulyp
gelşine şazadany bagryna basdy:
--Ýalňyz umydym, dirimisiň!
Adam oglunyň başyna düşüp biljek külpetleriň ählisini bolmasa-da, köpüsini
mertlerçe çekip görüp, hiç haçan, hiç bir ýagdaýda aljyramadyk goja serkerde-esger,
elini-aýagyny ýitirip, sesini çykarman, doňan ýaly bolup oturan şazadany bir pursatda
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Şazadanyň şikäri - 03
  • Parts
  • Şazadanyň şikäri - 01
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2261
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 02
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2305
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 03
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2252
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 04
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2157
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 05
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2204
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 06
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2060
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 07
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2099
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2228
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 09
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2272
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 10
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2230
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 11
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2374
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 12
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2094
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2066
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 14
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2175
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 15
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2238
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 16
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2142
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2282
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 18
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2122
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    37.4 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 19
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2271
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 20
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 2191
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 21
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2359
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 22
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 23
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2172
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 24
    Total number of words is 906
    Total number of unique words is 612
    40.0 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.