Latin

Şazadanyň şikäri - 23

Total number of words is 3795
Total number of unique words is 2172
28.1 of words are in the 2000 most common words
40.8 of words are in the 5000 most common words
47.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Naçarlaryň mähribanlary bilen didarlaşyşlary hem şol boldy, hoşlaşyşlary hem.
Akmyrat bolsa dolanyp gelmedi. Türkmen topragynyň mynasyp ogullarynyň müňlerçesi
hem Akmyrat ýaly Ata Watany gara zulumdan gorap baş goýdular. Gidenleriň yzynda
bolsa halk galdy. Halk şol dolanyp gelmedikleriň we dolanyp gelenleriň öçmejekýitmejek edermenlikleri hakynda mukaddes hakydany nesillerden-nesillere geçirmek
üçin aýap saklaýar. Çünki ol hakyda atalardan ogullara, enelerden gyzlara miras geçmek
bilen sözüň hakyky manysynda halky halk edýän mukaddeslikleriň undulmazlygyny
üpjün edýär.
“Watan” gazetiniň 2008-nji ýylyň 22-nji iýulyndaky sany
Bagşy
… Otuzyň pellehanasyndan geçip kyrkyň ỳoluny ỳarpylaberen bagşy ỳigit daşyna
gyrmyzy begresden gap geỳdirilen dutaryny aldy-da, daş çykdy. “Bagşy, gün-ä ỳaşdy
welin, çaỳ-suwdan keỳpiňi köklän bolsaň ol otaga geçip birsellem saz-söhbet ediläỳse
neneň görỳärsiň?!” diỳen toỳuň eỳesi – saçlaryna elli ỳaşyň gyrawy düşen, dolmuş
adam, onuň öňüne düşüp barşyna ỳol görkezdi. Gelin edinỳän hojalyga goňşulykda
ỳerleşen jaỳdan daşaryk çykan dessine bagşy jaỳyň günortasynda, ỳandaklarynyň
başyny assa agşam şemalyna yrgyldadyp, ỳaỳylyp ỳatan giň meỳdanyň aňyrsyndan
gelỳän şagalaň-şowhunyň gohuny eşidip üşerildi. “Goňşy obada-da toỳ bar öỳdỳän”
diỳip ol sähel salym säginip oỳlandy-da, öňünden barỳan öỳ eỳesiniň yzyna eỳerdi.
Şemalyň assa akymlary göỳä bagşynyň çakyny tassyklamaga howlugỳan dek, häzirki
zaman saz enjamlarynyň dürli-dümen dürüşde owazyny hem dilini aỳnadyp, aỳdyma
zowladỳan aỳdymçynyň sesini obanyň çetindäki boşluk meỳdanyň üstünden
ỳandaklaryň başyna süỳkäp-süỳkäp alyp geldiler. Bagşy şemalyň akymy bilen tazygyp
gelen goha üns bermän, toỳ eỳesiniň görkezen jaỳyna işigine bardy. Bosagadan ätmekçi
bolany hem şoldy welin, içerden ỳüzi düwürtiklerden doly bir ỳigdekçe ỳüzüni
sortduryp, daşaryk çykdy. Onuň burnuna salyp pyşyrdan: “Äỳ, dutar bolsa, goňşy
obadaky toỳa gitjek ahyry!” diỳen hüňürdüsini bagşydan özge hiç kim eşitmedi. Ỳüzüne
urlan ỳaly bolan bagşy sesini çykarman gödek jahyla ỳol berdi. Ol deňesinden ötenden
soň “salawmaleỳkim” bilen içerik girdi.
205
Otag dardy. Güỳz gijesiniň çigreginiň düşendigi sebäpli otagyň iki sany penjiresi
hem ỳapylgydy. Içerde oturanlar kileň ỳaşy ortadan agan adamlardy. “Meger, toỳ
eỳesiniň dost-ỳar-tanyşlary bolsa gerek” diỳip, bagşy ỳigit olaryň ỳaşyndan çen tutup
pikir öwürdi. Soňra ol özi üçin törde ỳazylan körpeçäniň üstüne geçip, aỳbogdaşyny
gurup oturdy. Dutarynyň daşyndan gyrmyzy begresi sypyrdy. Tarlaryna kakyşdyran
bolup, gulaklaryny towlap, goşa taryny düzüp ugrady. Hemişe şeỳdip, saz çalmaga,
aỳdym aỳtmaga taỳỳarlanyp başlanda onuň göwrümi giňäp gidỳärdi. Damarlarynda
gany at çapyp, tizräk öz sungaty, öz ussatlygy bilen töweregindäki adamlary özüne
imrindirip başlasy gelỳärdi. Emma bu gün welin, ol özüniň on ỳaşly çagalygyndan bäri
aỳrylmaz hemrasy bolan dutaryny näçe sypaň-sermeň etse-de, kalbyny dolduran
lapykeçlik göwnünden çykyp gidibermeỳärdi.
Eỳỳäm bakyỳete göç eỳlänine on ỳyly boluberen ejesi pahyryň gijelerine gözüniň
köküni gyryp tiken tahỳalaryny, keşdelerini, dokan taralaryny satyp, Ahal iliniň iň ökde
ussasyna ỳasadyp beren dutary hem bu gün onuň üçin keseki ỳalydy. Onuň tarlarynda,
sapynda ỳalňyz dikrarynyň ile meşhur bagşy bolup ỳetişmegini arzuw edip, arzuw edip,
ahbetinem yhlasynyň gowşandygyna guwanyp, rahatlyk bilen gözlerini ỳuman mähriban
käbesiniň elleriniň yssysyny, mährini duỳmaỳardy. Dogrusy ỳaňky gögeläniň çylkasyz
sözleri hem “durnanyň üstüne urna” bolupdy welin, bagşynyň lapykeçliginiň sebäbi diňe
ol sözler däldi. Soňky döwür birhili onuň göwnüne bolmasa dutaryň möwriti geçip
barỳan ỳalydy. Birmahallar ummasyz mähelläni ỳüpsüz özüne baglap, söweşlerden
söweşlere geçip, egri gylyjyny ỳassanyp ỳatỳan, ỳürekleri daşa dönüp giden gerçekleri
bir pursatda hem agladyp, hem güldürip bilỳän goşa taryň gadyry gaçana dönüp
barỳardy. Elbetde adam diỳen aỳdym-sazsyz-a oňup bilmeỳär welin, ỳöne soňky
ösdürimler iki sany gyl ỳaly taryň heňine gulak gerenlerinden bir düwmäni basanyňda
ỳetmiş iki dürli saz guralynyň heňleri bilen jogap berỳän enjamlaryň owazyny, tebigy
şirin owazy bilen aỳdymy kalbyndan sogduryp çykarỳan bagşynyň sesine
imrigenlerinden bolsa kompỳuterde müň dürli heňjagazlar, ỳaňjagazlar bilen bezelen
häzirki zaman aỳdymçysynyň aỳdymyny diňlänlerini kem görmeỳän ỳalydy.
Dutaryny düzüp boldum eden bagşy aỳdym-saza başlamazyndan öň otagyň içine
birlaỳ göz aỳlady. Onuň göwnüne bolmasa öỳde oturanlaryň aỳdym-saz bilen weji ỳok
ỳalydy. Bu ỳagdaỳ bagşynyň hasam keỳpini bozdy. Onuň aỳdym-a asla aỳdasy gelmedi.
Ỳöne her niçik-de bolsa özüne ỳalbaryp-ỳakaryp, uly yhlas bilen alyp gaỳdan toỳ
eỳesiniň göwni üçin diỳip, dutaryny eline aldy-da, saza başlady. Ilki bilen “Söỳli
halanym” sazyny çalyp ugrady. Ỳöne öz saz çalşyndan onuň göwni suw içmedi.
Dogrusy kakuwyny hem bozmaỳardy, heňleriň yzygiderliligini-de bulaşdyrmaỳardy.
Emma… Ỳüregi bilen çalmaỳandygy zerarly goşa taryň heňi diňleỳänleri
tisgindirmegiň, gobsundyryp özüne tarap dartmagyň deregine öli çykỳardy. Özüniň tow
berlen gurjak ỳaly dutaryny “tyrňyldadan” bolup oturşy birden bagşynyň janyna batdy.
“Päheỳ-de welinim, şu mahal halypam ỳa-da ejem görgüli meniň şu saz çalşymy
eşidäỳen bolsalar mazarlarynda dik oturardylar…” Özüne gahary gelen bagşy bir “turup
gaỳdybereỳin hem” diỳdi. Emma beỳle hereket etmegi özüne uslyp bilmän, ỳene-de
özüne zor salyp, çalyp oturan sazyny dowam etdirdi. Şol pille-de olaryň otagynyň işigi
“jygyldap” açyldy-da, içerik reňki saỳgarmaz derejä çenli sary gidip, göwşüllän
206
köỳnekli, ỳüzüniň hamy gasyn-gasyn bolup giden bir garry zenan girdi. Giren ỳerinde
işikden bir gyra çekildi-de, köne gyňajyndan ỳaşmagyny düzedişdirip, ỳeke dyz oturdy.
Öỳdäkiler: “Gel pylan eje-de, geç pylan eje” boluşdylar. Özüne zor salyp, ỳapyrylyp saz
çalmaga çytraşỳan bagşy ỳigit ol garry zenanyň adyny eşidip ỳetişmedi. Diňe sazyny
tamamlandan soňra başyny göterip, çaỳ owurtlamak üçin käsesine elini uzatdy welin,
işigiň agzynda çugutdyryp, muňalyp oturan görgüli gözüne ildi. Onuň ini dyglap gitdi.
Ol görgüliniň bir gysym bolup, ỳygrylyp, gabaklaryny hem aşak sallap oturyşy
kakasynyň ỳedisi güni enesi pahyryň gugaryp boşap galan öỳleriniň eỳwanynyň
diwaryna arkasyny berip, hamsygyp oturyşyna çalym edỳärdi. Çagalygynyň hasratly
ỳatlamalary oslagsyz hakydasyna gelende bagşy ỳigdiň bogazy dolup gitdi. Ol
assyrynlyk bilen aşak eglip ỳakynynda oturan toỳ eỳesinden: “Bu daỳza kim?!” diỳip
soramak isledi. Şol pille-de işikde oturan görgüli gözlerini göterip, oňa tarap garady
welin, olaryň nazarlary sataşdy. Görgüliniň çuňalyp-çuňalyp guỳa dönen gözlerindäki
tükeniksiz gussa bagşynyň ỳüregini gyỳym-gyỳym etdi. Özüne garşy ỳeke pursatlyk
garandan soňra gabaklar bilen örtülen gözler göỳä: “Çalsana guzym, garry göwnüň
gemre baglan gussasyny egseli-le!” diỳip pyşyrdaỳan ỳalydy.
Bir pursatda bagşy garry görgüliniň gözlerindäki haỳyşdan özge ähli zady unutdy.
Lapykeçligem, öz-özünden göwni geçmesi hem…barysy ỳeliň demine düşen tozgalar
dek onuň köňlünden zym-zyỳat boldy. Ol dutaryny hyruç bilen eline aldy-da, saza
başlady. “Gökdepe mukamynyň” ilkinji zaryn heňleri ỳaňlanyp başlan badyna içerde
oturanlar özara hümürdilerini goỳup, üşerilişdiler. Gözlerini ỳumup, dutarynyň üstüne
ỳapyrylan bagşy ỳigit bolsa çalyp oturan sazyndan özge ähli zady unutdy. Ol hatda
özüni hem ỳadyndan çykardy. Özüniň adamdygyny, kimdir biriniň toỳunda dutar çalyp
oturandygyny, bedeniniň hem ähli adamlaryňky ỳaly etden, süňkden, damardan we
gandan ybaratdygyny… Bar zat bagşynyň ỳadyndan çykdy. Öz dutarynyň goşa tarynyň
arasyndan syzylyp çykyp hemmeleri jadylaýan heňlere öwrülen ỳigit örküni ỳerden
üzdi-de asmana galdy. Şol ỳerdenem şirin saz bolup ỳaňlanyp ugrady. Onuň yrňyldap
duran ymgyr heň ummanyna dönen kalbynda bolsa diňe: “Ene jan, seniň üçin! Saňa
bagyşlaỳaryn, ene jan!” diỳen ỳekeje jümle gaỳtalanỳardy.
Otagdakylar tutuş gulaga öwrülip bagşyny diňläp başladylar. Bagşy bolsa gözlerini
açman, özüne maỳ bermän mukamyň yzyna mukamy düzüp barỳardy. “Goňurbaş
mukamy”, “Aỳralyk mukamy”, “Söỳgi mukamy”, “Burny aşak”, “Hajygulak”,
“Atçapar”… Türkmeniň şirinden-şirin owazlary yzly-yzyna ỳaňlanỳardy. Mukamlaryň
heňleri otagdakylaryň depesinde aỳlanỳardy-pyrlanỳardy, otagyň dar diwarlarynyň
çygryna sygman diwarlara urulỳardylar. Ähbetinem özlerini gyzgyn çägäniň suwy
siňdirişi deỳin teşnelik bilen gapyp duran adamlaryň kalbyna aralaşyp, olaryň
ỳüreklerine çökỳärdi.
Soňabaka içerdäkiler: “içeri gyzgyn” diỳip penjireleri hem, işigi hem açdylar.
Şondan soň toỳ aladasy, toỳ şowhuny bilen daşarda gezişip ỳören ähli adamlar, aỳaloglan-uşaklara çenli aladalaryndan-güỳmenjelerinden ellibizar geçip, keçelerini süỳreşip
bagşynyň saz çalỳan jaỳynyň öňüne üỳşüp ugradylar. Bir çäỳnek çaỳ içesi salymyň
içinde jaỳyň öňi uly mähelleden ỳaňa hyryn-dykyn boldy. Şol pursadam kalby aşa joşan
bagşy öz kalbynyň owazlaryna tap getirip bilmän, kakuwyny üỳtgetdi-de, “Ak ỳüzli
207
maralym-a” zowladyp ugrady. Iň belent perdeden tutulyp aỳdylỳan aỳdymyň sesi göỳä
owazy müň esse güỳlendirỳän enjamdan çykỳan ỳaly, al-asmana göterildi-de, giden
boşluk meỳdanyň depesinden ỳaňlanyp, goňşy obadan eşidilỳän şagalaň-şowhunyň
gohuny hem basyp, allaowarralara tarap uzalyp-uzalyp gitdi. Daşarda oturan gartaşanrak
adamlaryň biri buỳsanjyna bäs getirip bilmän:
-Haỳ, jan diỳdim-ä saňa, jan-jan diỳdim-ä, bagşy jan! Jan diỳdim-ä, sesiňe! Aperin
saňa-how, inim! Gaỳtar, ỳene-de şol perdeden! Aỳlandyr, ỳene-de bir ỳola, aýlandyr, şol
ỳerden!-diỳip gygyryp goỳberdi. Içerde dünỳäni undup aỳdyma zowladỳan bagşy ỳigit
göỳä onuň sesini eşiden ỳaly, aỳdymyň ỳaňky sözlerini öňki belent perdesinde gaỳtalapgaỳtalap, çekdirip goỳberdi welin, diňläp oturanlaryň ählisi ỳerli-ỳerden gygyryşyp
başladylar:
-Haỳ-haỳ saňa, bagşy jan!
-Elleriňe güller bitsin, bagşym! Hudaỳym, çagajyklaryňa guwan!
-Aldyň-la-how, inim, aldyň-la!
-Aỳlandyr, bagşy jan, aỳlandyr şu mahal, mazaly gyzdy indi!
“ Bu hem ene jan, seniň üçin! Ine muny-da saňa bagyşlaỳaryn, ene jan!” diỳen
ỳekeje jümläni içinden sansyz sapar gaỳtalap oturan bagşy bolsa daş-töweregindäki
şowhuna baş galdyrman burçak-burçak derläp, saz çalỳardy. Arasynda-da gözlerini
açman, demini dürsemän aỳdyma başlaỳardy. Onuň daşyna üỳşen mähelle bolsa iỳmegiiçmegi, ukuny-beỳlekini undup, goşa taryň jadysyna ỳüpsüz kökerilip otyrdy. Şeỳdibem
bagşy daňyň düỳbi çyzylỳança aỳdym aỳdyp, saz çaldy. Ol entegem özüni bilmän
dowam etjekdi. Ỳöne synçy toỳ eỳesi onuň halys surnugandygyny aňyp:
-Adamlar, indi besdir! Bagşyny halys ỳadatdyk. Ol hem adam, oňa hem düşüneliň!diỳip, ony bes etmäge mejbur edäỳdi. Bagşy gözlerini açyp, ilki bilen işige garşy seretdi.
Garry görgüli ol ỳerde ỳokdy. Bagşy dodaklaryny müňküldedip, toỳ eỳesinden şol garry
ene barada sorajak boldy. Emma näme üçindir, dilini dişläp dymdy. Onỳança ol
ỳerinden turmakçy boldy welin, gurşan aỳaklaryny aỳbogdaşyny gurup oturyşyndan
açyp bilmedi. Toỳ eỳesi bada-bat onuň ỳagdaỳyna düşündi:
-Hany oglanlar, geliň derrew bagşa kömek edeliň, aỳaklaryny owkalaň-da ỳerinden
turmaga kömek ediň!-diỳip, beỳle ỳanynda duran degenek jahyllary çagyrdy. Özi bolsa
egnindäki täzeje possunyny sypyrdy-da bagşynyň egnine atdy:
-Deriň gaỳtmasyn, inim! Al, nesip etsin! Bu häki bir toỳ paỳy! Häzir serpaỳyňy indi
ỳetireris! Elleriňe güller bitsin, hezil berdiň, ỳüz elli ỳaşa, inim!...
“Watan” gazetiniň 2008-nji ýylyň 10-njy oktýabryndaky sany
Gündelik
Uruş gidýän ýurtlaryň biri...
...Haraba bolup ýatan, ýykyk-ýumruk jaýlar. Diwarlarynyň galyndylary hüýt gara
bolup somalyşyp durlar. Nirä seretseň ýatan gara-köỳük bolup ỳatan kerpiç bölekleri.
Owum-döwüm bolan daş üýşmekleriň biriniň üstünde-de, soňky üç sahypasyndan
galany ýanan depder ýatyr. Şemal ony şapyrdadyp eýläk-beýläk agdarỳar. Ỳagyş208
ýagmyra ezilendigi zerarly depderiň sahypalarynyň ýüzündäki ýazgylary zordan aýylsaýyl edip bolýar. “Şu gün 199..-nj ..ýylyň mart aỳynyň 28-i, günortadan soň” diýip, üç
sahypanyň ilkinjisinde çaganyň entek ýazuwa gaty bir endik etmedik eli bilen bulaşyg
hatda ýazylypdyr.
“...Ýaňy ejem geldi. Bu günem ýene-de ýartyja gara çörekden başga hiç zat
tapmandyr... Aý, tapan hem bolsa puly ýeten däldir. Zatlar gaty gymmat. Onsoňam indi
iỳmit gözlemek üçin köçä arkaýyn çykar ýaly hem däl. Ýygy-ýygydan şäherimizi
bombalaýarlar we top okuna tutýarlar. Gün-günden top okundan we bombalardan
gizlenilýän gaçybatalga kän gatnamaly bolýar. Her gezek top oky golaýraga düşeninde,
jaýymyz süňňi bilen elenip gidýär...
Barha ysgyndan düşýäris... Ejeme dözemok. Ýöne nädeýin? Özüm bolsa ýaňy
dokuz ýaşymda.. Ine, şu wagt ejem janyň ýanyna baryp, boýnundan gujaklap: ”Eje,
mähribanym, eziz-eziz ejem jan, sen gynanma, bu getiren çöregiň tygşytly tutsak, üç
güne dagy ýeter. Onsoň bolsa kakam dolanar, hemme zadymyz hem köpeler” diýip,
ejemi köşeşdiresim gelýär. Emma ejem ýene-de aglar öýdüp gorkýaryn. Wah, kakam şu
wagt öýde bolan bolsady, ejemi hem köşeşdirerdi, hemme zadymyzam bol bolardy...
Ýöne, arman, kakam uruşda-da...
Ýogsa-da şu kakam ýaly uly adamlar näme üçin uruşýarkalar? Biz-ä, ine, sögüşip
jedelleşip uruşýarys.. Ulular bolsa ýöne gyrlyşyp ýörler. Men bilỳärin! Olar çilim
çekýärler, şonuň üçinem uruşýarlar. Sebäbi çilim çekseň, gaharjaň bolýarsyň, gaharjaň
bolsaň, urşup ugraýarsyň..
Bir gezek kakam aşhananyň penjiresiniň öňünde çilim çekip otyrdy. Şonda ejem
kakamyň ýeňsesinden baryp, boýnundan gujaklapdy-da, eňegini onuň kellesinde goýup:
-Çilim çekseň üsgülewigiň tutýar, onsoňam erbet gaharjaňlygyň artýar. Sähel zada
jynyň atlanyp başlaỳar. Çekmesene!–diýdi. Kakam şonda ýylgyryp, bärsine öwrüldi-de,
çilimini öçürip, ejemi özüne çekdi.
Men aşhananyň gapysyndan jyklap, olaryň ähli hereketlerini synlaýardym. Ejem şol
wagt şeýle bir owadandy, şeýle bir owadandy.. Ejem gülende, kakam ikimiziň daştöweregimiz alaýaz bolup, otagyň howasy täzelenene dönýärdi. Kakam bolsa elmydam
oýun edip, ejemiň dyzyna ýetip duran gün çyksa ýaldyraýan şar gara saçlarynyň özüni
tora düşürendigini aýdýardy. Men henizem kakamyň şol sözlerine düşünmeỳärin.
Heýem ejemiň saçlaryndan tor bolarmy?...
Şonda meniň ähli zady synlap durandygymy görüp, ejem hasam gyzarypdy. Men
edil şol wagt daşarda goňşymyzyň özüm ýaly ogly bilen urşup, üst-başymy gum edip
öýe gelipdim. Özümem ejemiň geýimimi zaýalanym üçin özüme käýemeginden
çekinýärdim, şonuň üçin hem hiç zat gürlemän, ýüzümi sallap durdum. Emma ejem
maňa käýýemedi. Gaýta bolup durşuma seredip, loh-loh gülýän kakama goşulyp, enaýy
ýylgyrdy-da:
-Haý, bezzat, ýene-de ojakdan çykan gara jynjagaza dönüpsiň-ä. Saňa çäre boljak
däl-ow! –diýip, ýüzümi öňlügi bilen süpüripdi.
Kakam bolsa gülüp:
-Hany bezzat, aỳt bakaly sen näçe ỳaşadyň?-diỳip, her gezek berỳän soragyny
beripdi. Men ol wagt mekdebe gitmeýänligim zerarly san bilmeýärdim. Şonuň üçinem,
209
ejemiň öwredişi ýaly, ilk-ä iki gezek on barmagymy, soňam bir gezek bäş barmagymy
görkezdim. Meniň bolşuma olar hezil edip gülüşipdiler, men bolsa üstümden
gülünýändigine öýkeläpdim. Şondan bir aý geçenden soň bolsa, kakam ikimiz maňa gyz
jigi getirmek üçin, ejemi bäbekhana iberipdik...
Eýýäm gyz jigim dört ýaşady. Hanha, şu wagtam yňňyl-çyňňyl edip ejeme azar
berip oturandyr.
Kakamdan welin hiç hat gelmeýär-dä...
Öňräk bir gün ejem öz otagynda bir haty okap oturan ekeni. Men girdim welin,
näme üçindir, derrew ony gizledi, emma men barybir görmäge ýetişdim we ol hatyň
kakamdan däldigini tanadym. Sebäbi men kakamyň hat ýazyşyny bilýärdim.
-Eje, näme üçin haty okamaýarsyň? Ýa kakama bir zat boldumy?-diýip, men
soranymy duýman galdym.
Şeýle diýen badyma ejem ýaňagyma şarpyldadyp goýberdi-de:
-Beýle pikirlenmäge het etme. Ol diridir. Diri!-diýip, gözümiň alnynda elindäki
haty jyrym-jyrym etdi. Soňam iki eli bilen ýüzüni ýapyp, tutuş süňňi bilen titräp aglap
başlady...Men ejeme näme bolýandygyna hiç düşünip bilmedim..Ertesi gün bolsa men
ejemiň ...düýnjügem şeýlebir owadan, şeýlebir owadan ejemiň, kakamyň garryja
daýzasyna meňzäp galandygyny gördüm.
Ulular çilim çekmeseler, gör nähili oňat boljak! Onda olar uruşmazdylar, ejem hem
garryja daýza daýzasyna meňzemezdi, çöregem, beýleki iýmitlerem bol bolardy, menem
sowuk öýde şeýdip hat ýazyp oturmazdym-da, daşarda özüm ýaly oglanlar bilen hezil
edip oýnardym ýa-da mekdebe giderdim. Emma bu wagt oglanlaryň köpüsi ýok, olar
bosgun bolup gitdiler. Mekdebimize-de top oky degendir ýa-da bomba düşendir...Bu
gaty erbet zat.
Dogrusy, mekdebiň bolmanlyg-a hiç. Meniň kän bir oňa gidesim gelibem baranok.
“... Şu gün 199..-nj..ýylyň mart aỳynyň 29-y. Irden.
Daşarda ýagyş ýagýar. Iri-iri damjalar penjirämize şybyrdap degýärler. Men öň
ýagşy gowy görýärdim, aşagynda heziller edip ylgardym. Häzir bolsa ony halamok,
sebäbi peç ýanmaỳandygy sebäpli sowuk damjalar öýümizi hasam sowadýarlar.
Men mekdebe gatnaýarkam, bir synpdaşym bardy. Onuň atasy her günde birnäçe
gezek ak keçe ýazynyp, şonuň üstünde durşuna günorta-günbataratarap ýüzüni
öwürỳärdi-de, bir zatlar pyşyrdap, birnäçe gezek dyza çöküp, aýak üstüne galýardy. Şol
hem agtygyna özüniň edýän işini düşündiripdir, ol bolsa soň bize atasyndan eşiden
zatlaryny aýdyp beripdi.
Ýokarymyzda biz ýaly oglanjyklary we gyz jigim ýaly gyzjagazlary aýratyn gowy
görýän “Alla jan” atly rehimdar daỳy barmyş, ol biziň ählimiziň her bir edýän zadymyzy
görýärmiş, diýýän zadymyzy hem eşidýärmiş, bir zat dileseňem berýärmiş. Özi hem
şeýle bir rehimdarmyş, şeýle bir rehimdarmyş, hemme zadam şol edýärmiş, ýagşy hem
ýagdyrýarmyş, gijäni düşürip, asmana ýyldyzlary hem sepýärmiş, jigileri hem şol
berýärmiş, kesellileri sagaldýanam, Güni dogdurýanam şolmuş. Özem hiç kimiň gözüne
görünmän, asmanda otursa-da, biz hakda bar zady bilýärmiş, bize kömek edýärmiş.
Ol oglanyň aýdanyny eşidip, “Alla jan” atly rehimdar daỳydan herimiz bir zat
diläpdik. Kim oýnawaç, kim pul, kim ulalyp, mugallymyň özüniňem gulagyndan çekip
210
görmegi..., emma hiç haýsymyzyň dilegimiz kabul bolmandy. Onsoň ol oglana
hemmämiz: “aldawçy” diýipdik we onuň bilen gepleşmegimizi goýupdyk.
Ýöne men häzir şol Alla jan atly rehimdar daỳynyň asmanda oturandygyna hem
onuň ähli dilegleri eşidip, dilän zadyňy berýändigine çyndan ynanýaryn. Şonuň üçinem:
Asmanda oturan, çagalary gowy görýän, Alla jan atly rehimdar daỳy jan, senden baryýogy üç zat dilejek. Şol zatlary kyn görmän, maňa bersene!
Goý, gyz jigim sagalsyn, men oňa agaçdan oýnawaç gämijik, matadan gurjak ýasap
berdim. Çaltrak sagalyp, oýnasa bolýar.
Onsoňam, goý, kakam öýümize dolansyn we uruş ýatyp, ýagyş öňküsi ýaly
mylaýym bolsun! Ulular hem çilim çekip, gaharjaň bolmasynlar.
Ýene-de ejem, goý, garryja daýza meňzemesin, saçlaryna-da ak reňk çalmasyn!
Eger şu üç dilegimi bitirseň, men hiç haçan çilim çekip, gaharjaň bolmajagyma we
uruş turuzmajagyma söz berýärin.
All jan, gaỳrat et-de şujagaz haỳyşlarymy çaltrak bitirsene! Sebäbi indi meniň hiç
çydara ýagdaýym galmady-da.. Edil ýöne aglaýasym gelýär-dä...Emma sen aglasalar
halaýan dälsiň. Şonuň üçinem tä kakam gelýänçe, men aglamaryn. Kakam geleninden
soň bolsa, men onuň boýnundan gujaklap, azajyk aglanymda-da, seniň maňa gaharyň
gelmez-ä, hä, şeýle dälmi? Gaharyň gelmez-le...
“ Şu gün 199...-njy ýylyň mart aỳynyň otuzy. Ir ertir. Ýaňy oýanan badyma
ejemiň otagyna baryp gaýtdym. Düýn agşam ejem ýatman, jigimiň başujyny saklap
oturypdy. Jigim düýn gije hasam gaty gyzdyryp, tä uklaýançam men onuň
samraýandygyny eşidip ýatypdym. Men bolsa Alla janyň ertir ir bilen jigimi
sagaltjakdygyna ynanandygym zerarly arkaýyn uklapdym...
Näme üçindir boýdan-başa gara geýimli, başy gara ýaglykly, doňan ýaly bolup,
sekiniň üstünde oturan ejem maňa öňküsindenem beter şol garryja daýzamyza meňzäp
barýan ýaly göründi. Men gapynyň agzynda durdym. Hiç zat görmeýäne çalym edýän
gözlerini nirädir bir ýere dikip oturan ejem jan ýazdan soň gelen yssy tomsuň ilkinji
howruna solup barýan güljagaz ýaly, gözümiň alnynda birhili ýuwaşlyk bilen garry
daýza öwrülip, barha we barha salgyma çalym edip barýardy.
Men ejemiň ýanyna bardym-da, sessiz-üýnsüz gapdaljygynda oturdym. Otagda
gyz jigimi görmänimden soň:
-Eje, hany jigim?–diýip soradym. Ejem ukudan açylan ýaly tisginip gitdi-de, maňa
birhili seretdi, soňam özüne zor salyp:
-Jigiňmi? Jigiňi...äkitdiler...Uzaga...-diýip pyşyrdady. Men begenip ýylgyrdym-da,
ejemiň eline ýapyşdym.
-Rehimdar daỳy jan meniň jigijigimi sagaltmaga äkidipdir-dä onda?
Dilegimiň kabul bolandygyna iki bolup bilmän ýylgyrjaklap durşuma, men ejeme
Alla jan atly ýokarymyzdaky rehimdar daỳy hakda bar bilýänjämi aýtdym. Ejem meni
diňledi-diňledi-de, birdenem meni gujagyny gysyp, gulagyma pyşyrdady:
-Sen Allanyň bendesi, oglum. Wah, mön gözlim...Ýöne ynan, oguljygym, ynan!
Seniň gyz jigiňi “Alla jan”alyp gitdi. Ynan, balam, ynan.
211
Şeýle diýip, ejem ýerinden turdy-da, başyndaky gara ýaglygyny sypyryp, gözlerini
süpürdi, ýogsa ejem şol wagt aglamaýardy hem, ýöne ejemiň bar saçy çuw akdy. Men
saklanyp bilmedim:
-Eje, näme üçin sen garryja daýzamyza meňzejek bolýarsyň, onsoňam näme üçin
saçyňy ak reňke boýaýarsyň? Saňa gelişmeýär-ä. Öň owadandyň. Indi kakam gelse, seni
tanamaz. Öňki ýaly bolsana, eje!
Ejem maňa ilki jogap bermedi. Diňe birsalymdan soň owfuldap demini aldy-da,
meniň saçlarymy sypalap, pyşyrdady:
-Ine, sen öýlenersiň, çagalaryň bolar, onsoň kakaň hem geler, menem öňkim ýaly
bolaryn... Hökman şeýle bolar, oglum!
Men ejemiň bu diýenlerine düşünmedim. Ýöne bir zady açyk bilýärin: Uruş
gutarar. Sebäbi urşup ýören uly adamlar uruşmakdan we çilim çekip, gaharjaň
bolmakdan ýadarlar-da, uruşmaklaryny goýarlar. Sebäbi hemme kişi näme etse-de, näme
başlasa-da, ahyr soňy şol zatdan ýadaýar. Onsoňam kakam dolanar. Sebäbi muny maňa
ejem aýtdy. Ỳagşyň ỳene-de öňküsi ýaly mylaýym boljakdygyna bolsa özüm ynanýaryn.
Muny maňa hiç kim aỳtmady, ỳöne munuň şeýle bolmagyny meniň özüm Alla jan atly
rehimdar daỳy jandan diläp aldym...”
“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2008-nji ýylyň
30-njy maýyndaky sany
Hasrat
-IBu gün bazar güni bolanlygy zerarly Didar turanyndan oňly iýip-içmän Ylýaslara
ylgady. Barsa ol hem bärligine gaýtjak bolup duran ekeni. Didar aňyrdan gelşine:
-Ylýas, öýjük ýasanmaga gidelimi?!- diýip oňa gygyrdy.
-Ỳör!-diýip Ylýas oňa jogap gaýtardy. Olar iki bolup Ylýaslaryň mellekleriniň
aýagujuna ýöneldiler. Barybam buýr-bulaşyk bolup ösüp oturan üzümleriň arasynda,
öňräki göz astyna alyp goýanja ýaşyryn ýerlerinde öýjük gurnup başladylar. Tapantupan tagtamydyr-şifer böleklerini daşaşdyryp, bir tarapy hajathana degip duran sümelge
ýasandylar. Şeýdip ýörüşlerine olaryň ikisi-de öz ussaçylyk oýunlaryna mazaly
gyzygdylar.
Birdenem derwezeleriniň agzynda togtan goňur ulagdan düşen ýaş ýigit Didaryň
gözüne ildi. Onuň ünsi bölündi. Ol ýigdiň öýlerine girip barýanyny görende bolsa Didar
üçin oýnuň gyzygy gaçdy. Ol Ylýasyň: “Nirä-how? Gelsen-aý!” diýip haýyş etmesini
piňine-de alman öýlerine garşy ỳumlukdy. Işiklerine ýetip, ýaňybir gapynyň tutawajyna
elini ýetirenem şoldy welin, gapy açyldy-da ýaňky ýigit yzyna Didaryň ýarym-ýaş bolup
aglaýan ejesini tirkäp daşaryk çykdy. Didar howpurgap gitdi. “Näme bolduka? Näme
üçin ejesi aglaýarka? Bu ýigit neneňsi erbet habar getirdikä?” Didaryň aňynda şu
soraglaryň bary bir demde peýda bolup, onuň beýnisini deşere getirdiler. Ol ejesiniň
yzyndan ýöräp barşyna näme bolandygyny soramakçy bolup, birnäçe gezek dodagyny
212
müňküldedip-müňküldedip bardy. Emma tebigy ýygralygy zerarly çekinip, sorap
bilmedi.
Onýança ejesi bilen ýigit ikisi ulaga mündüler-de, gitdiler. Didar bolsa köçede,
üýşmek çaglyň üstünde oturdy-da, garaşmaga başlady. Onuň ýürejigi takatsyz howsala
bilen gürsüldäp, döşüni ýaraýjak bolýardy. Aňynda bolsa: “Näme bolduka? Näme
bolduka?…” diýen ýekeje sorag iki-baka at salýardy.
Şeýdip ol ep-esli oturdy. Emma ejesi dagy gelmediler. Ahyry oturyp-oturyp ýadan
Didaryň sabry suwa gaçyp, ol ýerinden turdy-da Ylýaslara niýetlendi. Şol wagtam
çatrykdan ýaňky goňur ulag göründi. Ulaga gözi düşen badyna Didar begenip gitdi. “Hiç
zat bolmandyr eken ahyry. Ejem dagy geldiler-ä!”
Emma bir zatdan müýnürgeýän ýaly, aňyrdan ýuwaşja gelen ulag, derwezeleriniň
öňünde saklanan dessine Didaryň ýüregi bir erbetligi syzan dek, howsala bilen endiräp
gitdi. Onýança ýigit ulagdan gyssanmaçlyk bilen çykdy-da, Didaryň ejesine gapyny
açyp berdi.
Didar ejesiniň bolşuny halamady. Ýüz-ä ak ýuwha ýalydy. Özem agyr hassalykdan
ýaňy aýňalan näsag dek, birhili lagşap duran göwresine zordan erk edýärdi. Gözlerem
hiç zat görmeýän körmüş gözler deýin, doňup durdular. Ulagdan çykanda bolsa
aýaküstünde durup bilmän, tasdanam ýykylýardy. Hernä elini daldaladyp ulagyň
gapysyndan ýapyşmaga ýetişäýdi. Onýança öýlerinden ylgap çykan Akgül gelşine
ejesiniň goltugyna girdi.
Şol pursadam Didaryň ömür ýadyndan çykmajak bir aýylganç zady boldy. Gyzyna
gözi düşen badyna ejesi birden ganyňy doňdurýan çirkin ses bilen:
-Wa-a-aý ogul!-diýip haýkyrdy-da, çalam-çaş bolup ýykylyberdi. Özüni ýitiren
Akgül ejelerini zordan saklady. Akgülüň ýüzem, ýigdiň ýüzem üç ýuwlan ak esgä döndi.
Didaryň bolsa depe saçy üýşüp gitdi. Ol gorkujygyndan ýaňa nädip aşak çökendiginem
duýmady.
Onýança bir ýerlerden ylgaşyp gelen goňşy aýallar:
-Wa-a-aý! Balam-e-eý! Men nädeýin-e-eý!-diýip gygyryp, aglap başlan Didaryň
ejesiniň goltugyna girdiler. Soňra bolsa bolup geçỳän pajyganyň anygyna ýetip olar hem
agyny alyp göterdiler:
-Waý oguljyg-eý! Agamyrat jan-eý!
Gorkudan ýaňa Didaryň gözleri ulalyp-ulalyp şakäse ýaly boldy. Howa ýetmeýän
dek agzyny öweldip oturşyna ol näme bolýandygyna düşünmeýärdi.
“Näme boldy? Näme boldy, aýdyň ahyry oňa! Ejesi, Ylýasyň ejesi, Döwranyň
ejesi, Azadyň ejesi, size näme bolýar? Näme aglaşýarsyňyz, aýdyň ahyry!”
Bu gopýan ahyrzamana seredip oturşyna Didar birdenkä näme üçindir hamsygyp
goýberdi. Soňam özüniň nä sebäbe görä aglaýandygyna-da düşunmän, ýüzüni
tirsekleriniň üstünde goýdy-da, horkuldap-horkuldap aglap ugrady. Şeýle halda ol
howlularyndaky mähelläniň barha köpelýändigini duýman, şol içigip-içigip aglady
oturdy. Ahyry ol goňşy aýallaryň biriniň gözüne ilip, oňa:
-Ýör Didar jan, bize gidäýeli! – diýdi-de öýlerine alyp gitdi.
-II213
… Goňşularyna girende Didar Kanunyň hem, gyz doganlarynyň hem şol öýde
ýüzlerini sallaşyp oturandyklaryny gördi. Hatda Kanun dagy näme, ýöne wagt
bezzatlygyndan ỳaňa dabanynyň astyndan ot sowurýandyr welin, şol hem şu mahal
goňşularyň oýna gümra çagalaryna goşulman, mön gözjagazlaryny tegeläp,
ýygnanypjyk bir gysym bolup otyrdy.
“Näme bolduka?” diýip oýlanýan Didar bu sowalyň çözgüdini hiç tapyp
bilmeýärdi. Onuň bar pikiri-zikiri, hyýaly öz öýlerinde nämeleriň gopýandygyny
bilmekdedi. Emma jigisiniň tegelenen gözüne gözi düşende onuň ünsi üýtgedi.
Kanunjyga nebsi agyryp gitdi. Dözmedi. Ýakynyna baryp oňa nähilidir bir mähirli
hem mylaýym zat diýesi, ony oýna imrikdiresi geldi. Göwnüne bolmasa Kanun çagalara
goşulyşyp oýnaberse öz göwnündenem aladaly gorky sumat bolaýjak ýaly boldy. Emma
näme üçindir ol Kanuna ýüzlenmek üçin dil ýaranda, onuň sözleri gaharly hem buýruk
beriji äheňde ỳaňlandy.
- Näme beýden bolup otyrsyň? Bar-da, oýna-da…
Gözüni tegeläp oturan Kanun oňa “diýýärmisiňem” diýmedi. Muňa Didaryň girre
gahary geldi:
- Näme-how diňläňok?-diýip ol Kanunyň ýanyna topulyp bardy-da, ýeňsesine
kakyp goýberdi. Kanunyň gözlerinden çogup çykmaga bahana tapman dyňzap duran
gözýaşlara şu ýeterlik boldy:
-Wä! Waý ejele-e-eý
Ýüzüni sallap, bir burçda ýere giräýjek bolup, çugutdyryp oturan Jahan Kanunyň
gykylygyna zöwwe galdy-da, Didara owsun atdy:
-Häý samsyk haýran, şunuň ýaly wagt munuň edip ýören zadyny…
Uýasyndan almytyny aljakdygyny gözi ýeten Didar pikirlenip durmady-da daşaryk
ökjäni göterdi. Daşaryk çykybam derrew derwezäniň agzyna ýetip, yzyna garandy.
Uýasynyň yzyndan gelmeýändigine göz ýetirenden soňra bolsa bada-bat köçä
çykybermäge
çekinip, derwezäniň yşyndan yşyklady. Köçe, olaryň howlulary
adamlardan ýaňa hümerdi. Olaryň arasynda Didaryň tanaỳanlaram bardy,
tanamaỳanlaram… Barysy hem telpekli ỳa-da papaklydylar.. Ýüzlerem salykdy.
Özlerem biriniň eşidip, käýýäýmeginden wehim edýän ýaly, nämedir bir zat hakda
pyşyrdaşyp gepleşýärdiler.
Didar olaryň näme üçin ýygnanandyklaryna düşünmedi. Kellesine näçe zor salsa-da
sebäbini tapyp bilmedi. Birdenem ol kakasyny gördi. Ol bir ýerde durman iki-ỳaňa
zowzuldaýardy. Öňünden gabat gelen adama ellerini salgaşdyryp, bir zatlary
görkezişdirýärdi. Buýruk berýärdi. Düşündirýärdi. Onuň buýruk berýänleri hem ony
ünsli diňleýärdiler. Özem hemmeleriň gözi Didaryň kakasyna seredýärkäler
haýpygelijilikden dolýardy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Şazadanyň şikäri - 24
  • Parts
  • Şazadanyň şikäri - 01
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2261
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 02
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2305
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 03
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2252
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 04
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2157
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 05
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2204
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 06
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2060
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 07
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2099
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2228
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 09
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2272
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 10
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2230
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 11
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2374
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 12
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2094
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2066
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 14
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2175
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 15
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2238
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 16
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2142
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2282
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 18
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2122
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    37.4 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 19
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2271
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 20
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 2191
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 21
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2359
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 22
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 23
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2172
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 24
    Total number of words is 906
    Total number of unique words is 612
    40.0 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.