Latin

Şazadanyň şikäri - 03

Total number of words is 3765
Total number of unique words is 2252
27.3 of words are in the 2000 most common words
40.4 of words are in the 5000 most common words
47.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
tutuşlygyna sypaň-sermeň edip çykdy.
--Gözümiň röwşeni, ýaralandyňmy, agyrýan-ynjaýan ýeriň barmy?!
Ölümiň iki barmak bäri ýanyndan gaýdyp, nepesini durlap bilmän oturan şazadanyň
kelam agyz geplemän oturyşyna ol gorkudan ýaňa lal açandyr öýdüp heýýaty göçen goja
atabeg özüniň näme edýändigine düşünmän:
--Eý gullar, näme aklyňyzy çaşdymy?! Bejit boluň, şazada suw getiriň, bolmasa
baryňyzy gylyçdan geçirerin!-diýip jynssyz sesini edip haýkyrdy. Agras hem paýhasly
atabegiň beýle gazaba münenini ilkinji gezek görýän gulamlar biri-birinden öňürtiläp,
etek alty ýeň ýedi bolup ylgadylar. Emma az-owlak özüni dürsän şazada uzadylan
suwly, şerbetli pyýalalary kabul etmedi. Atabegiň gujagyndan sypdy-da ýerinden turdy.
Bogazyny arçap, gyryljak ses bilen dil ýardy.
--Alla-ha şükür, halypam, maňa hiç zat bolmady. Ata-babalarymy penasynda saklan
Haktagala meni hem öz penasynda aman saklady. Häzir bolsa beýdip aljyrap durmalyňda, atlanalyň. Goşumyza gideliň. Bu günlükçe aw besdir. Halypam, arslanyň hamyny
hem oňatja edip alsynlar. Ony eýleneninden soňra dädem Togrul soltana peşgeş
hökmünde göndereris.
Şazadanyň merdemsi buýruklaryny eşidip, atabeg Kyýaseddin hem çuslandy.
Özüniň ýaňky bolşundan uýalyp, ýerinden turdy-da, şazadadan gözlerini gizläp,
gulamlara tarap ýöneldi. Emma gulamlara atabegiň şazadanyň buýruklaryny
gaýtalamagynyň zerurlygy ýokdy. Olaryň birki sanysy eýýäm arslanyň derisini
sypyrmaga girişipdiler. Galanlary bolsa şazadanyň ýarag-esbaplaryny jemläp, bedewini
täzeden eýerleýärdiler. Atabeg gulamlara golaýlanynda olaryň „Alp-Arslan. Şazada
Muhammet alp-arslan“ diýip pyşyrdaşýandyklaryny eşitdi. Bu sözler atabegiň ýüregine
jüňk boldy. Yzyna assyrynlyk bilen gaňryldy. Gabak astyndan öz şägirdini söýünç hem
guwanç bilen synlady. „Arslandan üstün çykan, arslandan rüstem, Alp-Arslan! Ine
meniň iki jahanymyň ýalňyz umydy, Hak Perwerdigär seniň asyrlardan-asyrlara ähli
merdi-merdanalaryň nusgalyk edinjek, batyrlygyň hem mertligiň baýdagy boljak adyňy
hem berdi. Adyňa mynasyp bol, ömrümiň manysy!“
Özüni erkek kişi duýaly bäri bütin ömrüne ýeke saparam gözlerinden nem
syzmadyk goja serkerde göz owalaryndan togalanyp gaýdan goşa damjany gulamlardan
gizlemäge çalşyp ber-başagaý boldy...
Goja atabeg ýalňyşmady. Şazada Muhammediň ýetginjek ýaşynda mähnet arslany
ýeňip gazanan Alp-Arslan adyny asyrlaryň dowamynda ähli merdi-merdanalar tug
edinip göterip gelýärler. On üç-on dört ýaşynda ýyldyrym çaltlygyndaky ýöriş bilen
19
Balha hem Toharystana hüjüm eden Mewdud Gaznalyny ýeňen, dädesi Togrul soltan
bilen Ybraýym Ýynalyň topalaňyny basyp ýatyryp, Beýik Seljuk-Türkmen döwletini
içki howpdan halas eden, Malazgirtde on müň sany edermen türkmen ýigitleri bilen
Rumuň şalar-şasy Roman Diogeniň iki ýüz müň adamlyk leşgerini kül-peýekun edip,
onuň özüni ýesir alan, soňra bolsa ýesir düşen rum şasyny erkinlige goýberip,
adamkärçiligiň belent nusgasyny görkezen Soltan Abudeddin Abu Şuja Muhammet ibn
Dawut Çagry beg Alp-Arslanyň ady Gadymy hem Müdimi Türkmen halkymyzyň
şöhratly taryhynyň altyn sahypalarynda beýleki türkmen gerçekleriniň adynyň
gapdalynda öçmejek zerli harplar bilen sünnälenip ýazylgy dur.
2006-njy ýylyň 07-nji oktýabrynda çap
edilmäge rugsat edilen we Türkmen
döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap
edilen „Alp-Arslan Türkmen hakynda
edebi eserler çemeni“ atly kitapda neşir
edildi.
Lebiz
…Ilki bilen hinden syçanyň tumşugy göründi. Murtlary taýzaryp duran, ujunda
kinniwanja, gyzylja nokatjyk bolan çal tumşuk, “tys-tys” edip, öwran-öwran ysyrgandy.
Soňra tüýlüje tumşuk öňe süýşdi-de, hiniň deşiginden iki sany ýeser garaýan, gara nokat
bilen, ikiýana hereket edýän çal gulak çykdy. Ýeser jandarjyk, zyndan hökmünde
ulanylýan, çuňlugyndan ýaňa, agzyndan asmanyň bölejigi mis teňňe kimin, kiçijik bolup
görünýän, gurruk guýynyň iň garaňky künjünde, gara suduryň küçen deýin, eplik-ýaplyk
bolup, gymyldy-hereketsiz ýatandygyny görüp, ekezlendi. Ol çalasyn aýaklary bilen
“gybyrdyklap” hinden çykdy-da, birdenem zyndanyň ortasynda sakga durdy. Dessine-de
öz batyrlygyndan özi elheder alan ýaly, hiç bir sebäpsiz ýerden, uzyn guýrugyny
jaýtartdy-da, hinine garşy zymdyrylyp, ökjäni göterdi. Emma sähel salym geçipgeçmänkä hiniň deşiginden ýene-de çal tumşuk görünip, tyssyklap başlady. Soňra syçan
ýene-de ýaňky hereketlerini gaýtalady.
Şeýdip syçan ençeme gezek özüniň
“gorkakbatyr” oýnuny oýnanyndan soňra, ahbetin gara suduryň içinde jan bara çalym
etmeýändigine halys ekabyrlanyp, oňa golaý bardy. Şol pille-de hälden bäri syçanyň her
bir hereketini ýarym ýumuk gözüniň gyýtagy bilen synlap ýatan sudura birden jan girdi.
Ol syçany penjesine gysmak üçin, duýdansyz elini uzatdy. Emma ýeser jandar ol çala
herekete giren badyna, çalasynlyk bilen, ýyldyrym çaltlygynda hinine garşy okduryldy.
Sudur hatda elini uzatmaga-da ýetişmän, diňe hinine girip barýan syçanyň guýrugyny
görüp galdy. Şondan soň syçan görünmedi.
Sudur bolsa özüniň çakgan jandarjygy tutmak üçin eden synanyşygynyň şowsuz
tamamlanandygyna ahmyr edýän ýaly, ganjaryşyp duran ýaralardan ýaňa ýaryk-ýaryk
dodagyny dili bilen ýalady-da, “Heý Nejep, Nejep!” diýip sussypes pyşyrdady. Sag
böwrüniň üstüne köp ýatandygy sebäpli doňup gidendigini syzan Nejep, beýleki
böwrüne dönmek üçin, çala gymyldanda öz işine ezber rum jelladynyň öten agşamky
20
çekdiren jebir-jepalaryndan ýaňa kül-owram bolup gelýän bedeni, tutuş agyry-ynjydan
dolup, saňňyldap gitdi. Dişini gysyp, näçe çydajak bolsa-da ol: “ymm-m-m” edip,
iňlänini duýman galdy. Ol niresiniň has öte agyrýandygyna düşünip bilmedi. Köz ýaly
gyzardylyp, endamyna basylan demir myhyň yzlarymy ýa-da agaç çekiç bilen urlup,
mynjyradylan aýagynyň barmaklary…Öz hökmürowanlarynyň üzeňňisinden üç
geçäýjek bolup, ýallaklap, ilgeziklik bilen özüniň goragsyz tenini tüýtmeleýän jelladyň,
porsan maslyga sülekeýini akdyryp garaýan şagalyň bakyşyna çalymdaş nazary
hakydasyna gelende, Nejebiň ini tikenekläp gitdi. Ol tutuş süňňi bilen sandyrady. Şol
pille onuň göwnüne bolmasa, türkmen dilinde çalgyrtlap, her bir sözüni hetjikläphetjikläp gaýtalaýan gypjak dilmajynyň ýigrenji owazy gulagyna gelen ýaly boldy.
--Sen, türkiman balasy, çoh ezýetler görmüş olup, hunabalar ýuwduplar, jan
berersen, iň ýahşysy, seljuk soltanynyň jansyzynyň ismini bizlere mälim kyl sen, ýah
iýip, ýüpeh geýer sen, rum kaýsarynyň baş geňeşdary Tibon saňa şäherleriň şasy
Konstantinopolda köp ýahşy dühan açyp beredi, maldan-puldan, emlähden hor bolmaz
sen! Söýle türkiman beçesi! Kim ol içaly? Kim ol, älem-jahany gazaby bilen sandyrama
kylýan Beýik hem Hökmürowan Kaýsar, Roman Diogeniň ümmülmez asman deýin,
ymgyr leşgeriniň arasyna mar kibi suwlup giredi we ähli pynhanlyklary seljuk soltanyna
çawuş çakyp, aýan kylyp, toprak astyndan işläp durupdy?!
Nejep süňňi bilen galpyldap gitdi-de, göýä, jellat, dilmaç we ýüzünden gar
ýagdyryp, bolup geçýän zatlara dahylsyz ýaly, käte bir gapdalyndaky, orta ýaşan,
hyzmata gaýym hatdatynyň özüne uzadýan kagyzyna göz gezdiren bolup oturan rum
kaýsarynyň baş geňeşdary Tibon Grahus ýanynda duran dek, tisginip, kellesini galdyrdy.
Çar ýanyna ýaltaklady. Dessine hem bir gije-gündizläp, ezýet sekisiniň üstünde özüne
edilen sütemlerden bez bolan aňynyň albaýyna aldanandygyna düşünip köşeşdi-de,
ýene-de mejalsyz başyny gaty, çyg topraga goýdy.
“Taňrym, herniçe mertsireseň-de çydamlysyrasaň-da, yzygiderli güzap berlip dursa,
adam pahyr her bir howsalaly pikirine tebil tapyp, gaçmaga taýyn bolýan, gorkak
haýwanjyga öwrüläýýän ekeni-ow!”
Nejep öz pikirine ajy ýylgyrdy. Emma şol bada onuň gözüniň aşagyna basylan
gyzgyn myhyň ýanan yzy dartylyp, sanjyp gitdi. Ol ýüzüni ejirli çytdy. “Neneň edip
züwwetdinje towşanjyga öwrülmejek? Uzak gije-gündiziň dowamynda eliň-aýagyň
gaýym daňylgy, üstünde ýatyrylyp gynalan bendileriň ganyndan ýaňa gatap, darka-darka
ýarylan ezýet sekisiniň üstünde alaçsyz ýatyp, saňa edýän süteminden lezzet alýan jellat
ejiz bedeniňi parçalap, çekeläp, ýakyp durar-da, haýwana öwrülmersiňmi, onsoň?
Öwrülmän gitjek ýeriň nire? Jellatdan hem elhenç dilmaç bolsa her gezek aýdanda
beýniňe gyzgyn iňňe kimin sanjylýan, nejis sowalyny şol gaýtalap dur, şol gaýtalap
dur… “Kim jansyz? Kim ol?” Ilki bir dişiňi gysyp çydaýarsyň, “Rehim ediň, men
Taňrynyň bendesiniň ejiz tenine! Çekelemäň meni, tüýtmäň meni! Heniz diri ahyry men,
diri ahyry! Ine ol jansyz, ýanyňda dur, ine, dilmajyň her bir sözüni yhlas bilen kagyza
geçirip, özüni duşmana ýal etmejek bolup, ejir çekýän men pahyryň her bir iňňildisini
göwnübir ýaly ak kagyza nagyşlap duran, hyzmata gaýym hatdat! Şol seljuk soltanynyň
tapylgysyz jansyzy! Serediň ahyry oňa, görüň ahyry ony! Görüň-de, men pahyry bir öz
günüme goýuň ahyry! Iýmäň meni, gemirmäň meni! Çydamok! Taňrym! Çydamok!
21
Gözleriňi göter ahyry, hatdat! Men seniň syryňy gorap, gör nämelere sezewar bolup
ýatyryn, delalatyň ýetsin ahbetin maňa!” diýip, bogazyna sygdygyndan gygyrmaga
çalyşýan nalajedeýin göwräniň bokurdaga dykylyp gelýän dönük nalyşyny kalbyň
dogumly penjesi bilen bogup taşlamaga çalyşýarsyň. Oňa çenli köz dek gyzaran myh
endamyňa galtaşanda ýanýan etiň ysy tütäp gidýär. Seniň etiň ysy! Bada-badam aňyňy
deşip gelýän agyry, gatap demre dönen erkiňi kül-uşak edýär-de, diliňi dişläp jebis
gysylan dişleriňi gaňryp, açýar. Kalbyňdan dyňzap çykan agyryly gykylyk, tutuş
durkuňy elendirýär. Emma tekepbir rum begzadasynyň isleýän sözleri diliňden
çykmaýar. Onsoň başlaýar. Jellat öz arwahy ussatlygynyň serlip ýatan bedende düwlen
ýumruga dönen polat ruhy dyza çökerip, aman diletmekden ejiz gelýändigine içi ýanýan
dek, ähli ukybyny-yhlasyny jemläp, ynsan bedenini parçalap ugraýar. Dilmaç bolsa şol
bir sowalyny hetjikläp gaýtalap dur. Tibonyň hem şol bir bolşy, göwnübir ýaly, hatdatyň
uzadýan kagyzlaryna käte bir gözüniň gyýtagyny aýlan bolup, agaç kürsüsinde mizemän
otyr. Hyzmata gaýym hatdat hem, ezýet sekisiniň üstünde tike-tike edilse-de, soňsuz
süteme döz gelmän gygyryp-bagyryp ýatsa-da, syr barada söz sypdyrman, janyny
gurban edip ýatan bendä parhsyz halda, haty bilen güýmenmesini kesmeýär. Iň bärkisi
gözlerini bir göterip: “Ýan berme, dogan! Ata Watan üçin, Ene Topragyň azatlygyny,
Mukaddes Türkmen halkymyzyň mertebesini tug edinip ýüreginde göterýän Beýik
soltan üçin, Watan üçin sanýetmez jeňlerde baş goýan ata-babalarymyzyň hatyrasyna,
çyda inim! Çyda inim, Alla seniň iki dünýäňi ýagşylykdan we ýagtylykdan doldursyn,
mert pederleriň mynasyp zürýady, çyda! Sadagaň bolaýyn, çyda!” diýip gözleri bilen
pyşyrdap, ezýetden ýaňa gapylyp barýan gözleriňi ýeke gezek mährem garaýşy bilen
sypaýsady! Ýok, ol ýeke saparam seretmeýär!
Jellat bolsa ýadamaýar, armaýar, irmeýär. Sütemini hötjetlik bilen dowam edýär.
Soňabaka bolsa wagt hem doňýar, daş-töwerekdäki ähli zat hem ýitýär. Diňe jelladyň
elindäki tenine tarap ýakynlap gelýän gyzgyn myh hem, tüm-garaňky, gos-goýy
boşlugyň içinde dilmajyň şepbeşik, nejislik bilen ýaňlanýan: “Kim ol, söýle, türkiman
beçesi!” diýýän sesi galýar. Gyzgyn demir her gezek galtaşanda ýa-da agaç çekiç her
gezek bir barmagy owradanda titräp gidýän nalajedeýin beden bolsa, hunabadan ýaňa
bimar bolan ruhuň pursatsaýyn gowşaýandygyndan peýdalanyp, dönüklik etmäge, badybaran bagyryp, rum begzadasynyň hatdatyny paş etmäge dyrjaşýar. Emma her gezek
hem üstünden basylan ýagyş gurçugyna dönen ruh, galanja gaýratyny jemleýär-de,
namart bedeniň bogazyndan çaňňalyny urup: “Öl sen, sütemden öl, ýöne geplemersiň,
dil ýarmarsyň! Pederlerimiň Watan üçin pida eden janlaryndan kasam edýän, dil
ýarman, tümlüge gapgarylarsyň!” diýip, soňky deminde pyşyrdaýar…
Çep böwri hem gurşup ugran Nejep arkan ýatmaga çalyşdy. Emma bili çat açyp
gelýändigi sebäpli, ýatyp bilmän, ýene-de sag böwrüne gyşardy. Gözlerini ýumdy. Onuň
içi eljuk diýýärdi. Dodaklary hem kepäp durdy. Ony öňňin daňdanlar rum saklawy gapyl
basypdy. Şondan bäri iň bärkisi bir döwüm tötek onuň dişine degmändi, bir owurt suw
bilen bogazyny öllemändi. Onuň “Hatdat” lakamly jansyz bilen görüşmezinden öň
ýanyndaky gije şamlyk edinişidi. “Hatdat” bilen duşuşyp, zerur maglumatlary alanyndan
soň bolsa ol iýip-içmäge ýetişmändi. Düşleg ýerine ýetip barýarka, tötänden, duzakda
ýatan rum saklawynyň girisine düşüpdi. Rum esgerleri ony Kaýsaryň baş geňeşdarynyň
22
huzuryna getirenlerinden soň bolsa ony “örän oňat tagamlar bilen hezzetläpdiler”, ol
tagamlaryň “aşpezi” hem Tibon Grahusyň nirä gitse ýanyndan goýmaýan kärine ussat
jelladydy.
Gyşaryp ýatyşyna Nejep özüniň nädip rumlularyň eline düşendigi hakynda oýlanyp
başlady. Beýik Soltanyň baş weziri parasatly Nyzam-al-mülküň hut özüniň buýrugy
bilen Nejep, Anadoly ülkesine tarap ýola düşüp, rum kaýsary, Roman Diogeniň baş
geňeşdary Tibon Grahusyň guly we şahsy hatdaty, gypjakly Ahmetýar, hakykatda bolsa,
sahip-bariý Ymameddin Al Merwezi bilen duşuşyp, onuň rum leşgeri barada toplan
gymmatly maglumatlaryny ýat bekläp alyp gaýtmalydy. Beýle ýumuş Nejebiň ýerine
ýetirýän ýumuşlarynyň ilkinjisi däldi. Ol eýýäm üç ýyl bäri Nyzam-al-mülküň döreden
gizlin işler diwanynda gulluk edýärdi. Özüne buýrulan iň kyn tabşyryklary kemsizkössüz ýerine ýetirýändigi üçin hem Nejep soltan fiskallarynyň1 içinde iň ynamdary we
ussady hasaplanýardy. Gizlin işler diwanynyň begi, Beýik soltanyň Sahyphabary we Baş
weziriň sag eli, Şaraf-al-mülk hem hut şonuň üçin Nejebi sylap, sarpa goýýardy. Bu
gezek hem Nejep hiç-hili başdan geçirmesiz “Hatdat” bilen duşuşmaly ýerine bardy.
Olar duşuşdylar. “Hatdat” habar bermeli maglumatlaryny Nejebe ýetirdi. Nejep hem ol
maglumatlary ýat bekläp, yzyna döndi. Emma düşleg ýerine ýetip barýarka dumlyduşdan “Ur-ha-ur!” diýen gykylyk ýaňlanyp, onuň üstüne rumlularyň hakyna tutmalary
bolan uzlaryň atlylary döküldiler. Ol hatda atynyň jylawyny başga ugra burmaga-da
ýetişmedi. Yzly-yzyna oklanan iki sany kement onuň boýnundan ilip, ony gürpbasdy
etdiler. Nejep birbada özüni ýörite yzarlap duzaga düşürendirler öýdüp, juda gorkdy.
Sebäbi eger-de ony yzarlan bolsalar, onda “Hatdatyň” hem peýmanasynyň doldugydy.
Bu bolsa türkmenler üçin örän agyr, hatda öwezini dolup bolmajak ýitgidi, sebäbi rum
leşgeri barada “Hatdatyň” habar berýän maglumatlarynyň belli bahasy ýokdy. Üstesinede “Hatdat” “garyndaşlarynyň” ynamyndan peýdalanyp, rum kaýsarynyň mähnet
leşgeriniň esasy atly güýjüni emele getirýän, hakyna tutma gypjak, uz, hazar, peçeneg
atlylarynyň serdarlary bilen, olary Beýik Soltanyň tarapyna çekmek üçin şowly
gepleşikleri alyp barýardy. “Hatdatyň” kimdigi aýan bolan badyna Beýik soltanyň rum
leşgeriniň arasyndaky görgür gözi gapylyp, parasatly dili lal açana dönjekdi. Elbetde
Nyzam-al-mülküň hemişeki öňdengörüjiligine mahsuslykda “Hatdat” onuň rum
leşgerindäki ýeke-täk içalysy däldi. Dürli taýpalardan bolan hakyna tutma atlylaryň
arasynda enteşip ýören galandarlar, telbe-diwanalar, aýdyjy ozanlar, rum leşgeriniň
yzyna düşüp gelýän ownuk söwdagärler kändi. Olaryň arasynda bolsa parasatly weziriň
“gözleri we gulaklary” goşun içiniň her bir hereketini sypdyrman synlap ýördüler. Ýöne
olaryň ählisiniň jemläp berýän ownuk maglumatlaryndan “Hatdatyň” ýeke jümlesi müň
esse gymmatlydy.
Emma haçan-da Tibon Grahus ony özüniň gypjak dilmajynyň üsti bilen sorag edip
ugranda, Nejep özüniň säwligiň pidasy bolandygyna düşündi. Şondan soň hem gara
başyny gurban etmeli bolsa-da “Hatdatyň” syryny paş etmezligi ýüregine düwdi. Häzire
çenli hem ol özüniň ýüregine düwen niýetine amal edýärdi. Emma jelladyň berýän
tükeniksiz sütemlerine döz gelip, dil ýarman jan bermek oňa başardarmyka?! Ine şuňa
1
Fiskal-gizlin çapar.
23
welin, Nejebiň ynamy ýokdy. Dogry, ol bir gije-gündiziň azabyna çydady, ýöne baş
geňeşdaryň diňe şonuň bilen çäklenip, ony gününe goýmajakdygy köre hasady. Eger-de
ol bir günde döwülmese, ertesi gün ýene-de daşyna geçerler, ertesi gün döwülmese,
birigün bar, soňkysy gün bar, umuman Taňrynyň beren güni köp! “Iki-üç günki
güzaplara çydasa, teni öler, onsoň neneňsi ejir berseler-de, öli teni ynjyny duýmaz”
diýip pikir eder ýaly hem däl, eger-de ol şu günki berilýän jebirleri erte duýman başlasa,
oňa her gün üçin täze sütemi oýlap taparlar, tenini kesim-kesim ederler, etiniň her
tikesini gulagy ýaly edip dograrlar, ýöne oňa iň soňunda “Hatdatyň” syryny
aýtdyrarlar…Onda näme etmeli? Soňsuz süteme ynsan däl, al-arwaham çydap bilmez.
Bu çykgynsyzlyk ahyry! Gaçmalymy? Nädip?!
Nejep gözlerini göterip, öz zyndany bolan gurruk guýynyň hol ýokarda görünýän
agzyna tarap garady. “Beýik. Bu ysgynsyzlygym bilen çykyp bilmerin, üstesine
diwarlary hem ýaldyrap dur, dyrmaşar ýaly däl. Ýüpi bolsa kim saňa oklajak. Guýynyň
agzynda hem sak garawul oturandyr.” Nejep ahmyr bilen hyrçyny dişläp gözlerini
ýumdy. “Onda näme etmeli? Her günki berilýän güzaplara boýunalyk çydap, döwülip,
owranyp, “Hatdaty” bu şagallara şam edýänçäň ýatybermelimi?! Hudaýyň beren güni-hä
ymgyr kändir, ezýet sekisinde takga janyň çykaýmasa, ahyr bir gün dil açmaga mejbur
ederler. Takga janyň çykmagyna hem ýol beräýmezler, gyssanman-howlukman, ugruňa
seredip, tä dönüklik edýänçäň diri saklamak üçin sünnäläp, gynarlar. Eý Taňrym, onda
näme etmeli? Näme etmeli ahyry, Haktagalam?! Ugur-ýol görkez, medet ber, goldaw
ber, Päk Perwerdigär! Men pahyr bendäňe, ine şeýdip, göbek ganym daman ýeri,
gadymy hem müdimi Merwiň ajap ülkesinden alysda, allajy ýagyň zeýli zyndanynda,
ölüp-ýitip gitmäge ýol berme, Hudaýym!”
Nejep içinden Hak Perwerdigäre mynajat edip ugranda, birhili öz gözgyny halyna
özüniň haýpy gelip, hamsygyp goýberdi. Ol tasdanam: “Meniň ölesim gelmeýär,
Taňrym, ýaşasym gelýär, ýaşasym gelýär!” diýip bady-baran aglap başlaýardy. Ýöne
şol pille tutuş durkuny dolduran ejizlige gany gaýnan dek, kalby: “Naçarlama,
naçarlama!” diýip, assalyk bilen ýylan ýaly haşşyldady. “Näme naçarlaýarsyň? Eger
ejizlejek bolsaň kim saňa: “bu pişä başyňy goş” diýdi, ýatmaly ekeniň, Hudaý diýip,
kakaň pahyryň Dargandaky üzüm bagynda! Synaga çydamajak bolsaň, ölümiňi boýun
almak islemeýän bolsaň, Merwiň rustanynda ömrüni daýhançylyk-bagbançylyk bilen
ötüren kakaň, kakaň kesbinden kemal tapýan agalaryň ýoluny dowam etmeli ekeniň!
Kim saňa biliňe hanjar gysdyryp, bedew ata atlan diýdi, kim seniň goluňdan çekip, zor
bilen gizlin işler diwanyna getirdi. Özüň aýagyň bilen bardyň. Saňa ýeňil şöhrat, tiz
baýlaşmak höwesi itergi berdi. Seniň ömrüne depelerinden gum sowrup ýören kakaňdan,
agalaryňdan tapawutlanasyň geldi. Ulus-iliň gözüne öz görkezen edermenlikleriň göz
gamaşdyryjy lowurdysyna beslenip, şan-şarafat bilen ýalpyldap görnesiň geldi…Has
dogrusy…”
Şu ýerde aňynda dörän täze pikir Nejebiň gabaklaryny terpenmäge mejbur etdi.
“Has dogrusy, ulus-iliň gözüni däl-de, şöhrat donuna beslenip, baýlyk lybasyna çolanyp,
Beýik Soltanyň synmaz häkimligine daýanyp, Merwde senetçileriň kürenlerinde,
neçjarlaryň hatarynda ýaşaýan, Ysmaýyl neçjaryň gyzy Halymanyň balkyldap duran
owadan gözlerini gapasyň geldi…”
24
Halymanyň tün gijede dogan Zöhre ýyldyzy deýin, lowurdap duran gözleri, gül
jemaly hakydasyna gelende Nejep tolgunyp gitdi. Jelladyň şepagatsyz goly bilen parapara edilen bedeniniň yzasy, özüniň zeýli zyndanda ýatandygy, ýene-de sähel pursatdan
gaýtadan başyna injek ezýet sekisiniň külpeti, gutulgysyz, jebirli ölüm… bu zatlaryň
bary onuň huşundan gaýyp boldy. Hyýalynda diňe goşa ýyldyz deýin lowurdap duran
garamyk gözler galdy. Ol jadyly bakyşdan doýup bilmän şol goşa garamygy synlady.
Öpdi. Öpdi, ol gözlerden, öpdi, öpdi, doýup bilmedi. Gyrmyzy keteniň içinde tyrsyldap
duran näzik bedeni, mymyk bedeni, pamyk bedeni, bigäne el degmedik, keseki göz
görmedik bedeni bagryna basyp, gujaklap, sypalap-sermeläp, mährinden ganyp bilmedi.
Şol mahal aşa tolgunyp, aýagyny gymyldadanda bolsa ýenjilip, mynjyran barmagy gaty
topraga degip, agyrydan ýaňa beýnisi gyzyp gitdi. Nejep ukudan açylan ýaly, tisginip,
başyny göterdi.
--Wa-a-ah! Gara gözleriňe iki jahanym sadaga, näzli dilber! Seniň üçin sergezdan
bolup, şu hala düşmedimmi eýse! Seniň maňa mähirli bakmagyň üçin gara başymy
etegime salyp, zalym çarhy pelegiň gerdişine düşdüm ahyry!
Nejep şeýle diýip pyşyrdady-da, ýene-de gola guýlan ýaly agyr gabaklaryny
mejalsyzlyk bilen aşak sallady. Onuň argyn köňli gözleriniň öňüni örten tümlügiň içi
bilen ýatlamalar ummanyna gaçdy… Her güýzde miweleriň şerbeti bala döneninden soň
Nejep körpe ogla berilýän artykmaçlykdan peýdalanyp, kakasy bilen Merwiň “Jubuka
bazaryna” öz baglarynda ýetişdiren miwelerini, miwelerden gaýnadylan toşaply
golçalaryny satmaga äkiderdi. Sada oba oglany Nejep haýrana galyp “Gök bazaryň”
jahan ýüzüniň ähli milletleriniň dürüşdesinden emele gelen tükeniksiz mähellesine
aňkarylardy, murtlaryny pişge ýaly edip, aýlanyp ýören hyrsyz muhtasiblerden bolsa
çekinip, kakasynyň arkasynda gizlenerdi. Emma muhtasiblerden çekinse-de ol her gezek
kakasyndan galman, Merwe gidýärdi. Kakasy bolsa tutuş mizanyň dowamynda Merwe
miwedir-toşap satmaga gatnaýardy.
Günlerde bir günem Nejep uly agasynyň sargydy boýunça kakasynyň beren üç sany
mis dirhemini gysymyna gysyp, ykjam kätmen satyn almak üçin neçjarlaryň hatarynda
aýlanyp ýörkä, kakasynyň yzyndan günorta naharyny getiren, şol horaşaja geýimli
gyzjagaza gözi kaklyşdy. Göräýmäge ol gyzjagazda üýtgeşik bir özüne çekiji
görmegeýlik hem ýokdy. Sary giden, köne köýnekli, aýagy öýde ýasalan çepekli,
köýneginiň üstünden tüýjerip ugran, köne, ýama-ýama oýlugy geýen, başyndaky hasa
dönen taýlasany assa şemala galgap duran, hor, eginleri gysby, ýüz-keşbi garaýagyz,
hortap gyzjagaz Nejebiň beýleki görýän ähli gyzjagazlary ýalydy. Tapawutly zady
ýokdy. Ýöne Nejep ataly-gyza üns bermän, deňelerinden geçip ötägitjek bolanda
atanlykda onuň egni gyzjagazyň egnine kaklyşdy welin, ol Nejebe tarap, şakäse deýin
äpet bolup, kiçijik ýüzünde lowurdaýan gözleri bilen şeýlebir seretdi. Şeýlebir seretdi
welin, ömründe beýle ajaýyplygy görmedik oglanjyk, ýaňyja-da üns bereniňe degmeýän,
görmeksiz gyzjagazyň aý jemalynyň demiňi tutýan gözelligine aňk bolup galdy.
Gyzjagaz bolsa-da kakasyna düwünçegini goýdy-da agzyny öweldip, özüne garaýan oba
oglanjygynda nazaryny hem ägindirmän, eli bilen, baýdak deýin pasyrdamaga dalaş
edýän taýlasanynyň çetini saklap, gözden gaýyp boldy.
25
Gyzjagaz gideninden soň hem esli wagt haýrany-serasyma bolup duran, Nejep
bolsa birhaýukdan özüne gelip, özüni jadylap taşlan goşa garamykly gyzjagazy agtaryp
başlady. Kisesi kesilen ownuk söwdagäre dönüp, “Jubukanyň” 1 hatarlarynyň arasynda
terslin-oňlyn ylgady, soňra bazardan çykyp, Merwiň kürenleriniň arasyna tutdurdy.
Emma ahramy garamykly gyzjagazy tapyp bilmedi. Azaşmagyň bäri ýanynda, entäpentäp, halys surnugyp, bazar sowlar uçurlary kakasynyň ýanyna dolananynda bolsa,
aýtman-diýmän nirelerdir bir ýerlerde ygyp ýörendigi üçin mazalyja şäkert datdy. Soňra
olar iki bolup, eşek arabalaryna münüp, Dargana gaýtdylar. Ýolboýy hem Nejep göýä,
şol goşa garamykly gyzjagaz, taýlasanyny tug edip, yzlaryndan gelýän ýaly, şol
ýeňsesine garandy bardy. Gije-de şol goşa ýyldyzyň lowurdysy onuň düýşleriniň özeni
boldy.
Ertesi gün hem ol kakasy bilen bazara gelen batlaryna özüni dogalanana dönderen
gyzjagazy gözlemäge ugrady. Ilkinji nobatda-da şol düýnki gyzjagazyň kakasy bolan
neçjaryň söwda-satyk edýän ýeriniň golaýynda jaýlaşdy. Sabyrsyzlyk bilen, her
pursatyny ýyllara dönderip hem, günorta bolaryna, neçjaryň yzyndan şol gyzjagazyň
nahar getirerine garaşdy. Yhlasa-myrat diýleni, gün günorta ýakynlanda hem gyzjagaz
düýnküsi deýin, düwünçegini göterip, assa ýöräp geldi. Kakasy bilen bir zatlar gepleşip,
düwünçegini goýanyndan soň bolsa yzyna gitdi. Nejep hem garaba-garaba yzyna düşüp,
gyzjagazyň öýüniň nirede ýerleşýändigini, şol öýüň goňşulygyndaky çagalardan
soraşdyryp bolsa gyzjagazyň adynyň Halymadygyny, onuň kakasyna hem Ysmaýyl
neçjar diýilýändigini bildi. Şol günden başlap hem Ysmaýyl neçjaryň garyp külbesiniň
ýerleşýän köçäniň çatrygy, hepde-de iň bolmanda bir gezek Nejebiň meýletin
garawulçylyk edýän ornuna öwrüldi.
Şeýde-şeýde aýlar aýlanyp, ýyllar ötdi. Nejep ýaş ýigit bolup ýetişdi, ol goşa
ýyldyz-gözli gyzjagaz bolsa näzenin gözele öwrüldi. Emma ol gözel ýeke sapar hem
özüniň şunça ýyllaryň dowamynda Nejep tarapyndan her ädiminiň yzarlanýandygyny
duýmady, sebäbi Nejep gözel gyzy şeýlebir inçelik bilen, bildirmän yzarlaýardy welin,
gadymy aýdymda aýdylyşy ýaly, gyzyň her ädiminiň dyngysyz gözegçilikdedigini “ne
bag duýýardy, ne bagban”. Ençeme ýylyň içinde Nejep ýeke gezek hem Halyma lak
atmaga, onuň bilen söz açmaga synanyşmady. Sebäbi Halyma onuň üçin giden bir
Keramatdy. Oňa habar gatmak hem onuň üçin Gudrata tokunmak bilen des-deňdi. Şol
sebäpli hem Nejep Halymanyň özi bilen ýeke gezek gepleşip görmän hem, haçan-da öz
gezegi gelip ýetende, ejesi assyrynlyk bilen özünden gelin gözleginde kimiň işigini
açmalydygyny soranda ol Ysmaýyl neçjaryň adyny tutdy. Ejesi, gelnejesi bilen ýaňy
tamdyrdan çykan mele-myssyk nanlary saçagyna dolap, Merwe ugranynda hem onuň
gözleri ýolda galdy. Edil janköýer seýsiň çapyşykda bedewiniň ýolunda sadylla bolup
galyşy deýin, irikgä bolup sawçylaryň getirjek habaryna garaşdy. Emma her pursatyny
asyrlara dönderip garaşylan sawçylar guşlukda dolanyp gelenlerinden soň Nejebiň
başyndan kyýamat-magşar indi. Ejesi ikije agyz söz aýtdy: “Ysmaýyl neçjarlar Halyma
üçin eýýäm guda bolan ekenler”. Ol sözleriň Nejebe edýän täsirini hiç kim duýmady.
Sebäbi zandy syr bermezek Nejebiň hiç bir duýgusy ýüzüne çykmaýardy. Neneňsi
1
Jubuka –orta asyrlarda Merw şäheriniň meşhur Gök bazary.
26
harasatlar gopsa-da, onuň göwnünde gopýardy, hiç kim hem özleri bilen äwmänalňasaman gepleşip oturan ýigdiň kalbynda däli ummanyň gaýlaryna bäsleşýän tupanyň
turýandygyny syzmaýardy. Şol gezek hem şeýle boldy. Ejesiniň sözlerini ýüzüniň terzini
üýtgetmän diňlän, Nejep: “Hä şeýlemi, eje?! Bolýar-la, bähbit bolsun, başga gapyda
gelin nesibäň bardyr-da!” diýdi. Özi bolsa birden çensiz-çaksyz rehimsizlik bilen
depesinden basyp başlan mähnet asmanyň agramynyň astynda darka-darka ýarylyp,
pytrap barýardy. Ejesiniň guýup beren çaýyny käseden käte bir owurtlan bolup,
baglarynyň bu ýylky hasylynyň öten ýylkydan pesdigi hakynda söhbet eden bolup
otyrdy. Biline depilen ýylan ýaly, agyra çydaman towlanýan göwni bolsa göwresiniň dar
galybyna sygman, bulanyp-towlanyp iňleýärdi.
Nejep şonda çaýyny içip boldy-da, baglarynda işlemek bahanasy bilen öýlerinden
çykyp gitdi. Ol gideninde hemişekisi ýaly adaty gadam urup, howlukman gitdi. Kalby
bolsa yzyndan tazylar kowalaýan boz jeren dek, tasap, ümdüzine tutduryp barýardy.
Çydap-çydap, köňlüni gemrip barýan hasrata per bermän, zordan baglarynyň iň pynhan
künjüne ýetdi. Şol ýere geçip hem Allatagaladan özge hemme zatdan gizlenip, tenha özi,
hamsygyp aglap başlady. Aglady. Gözleriniň gözýaşyny kepedip bilmän, diňe erkekleriň
aglap bilşi ýaly, sojaman, horkuldaman, diňe gözlerinden boýur-boýur döküp, tutuş
dünýäsi bilen iňläp, hasratdan ýaňa melul bolup, yranyplar aglady. Şol gözýaşlary bilen
bilelikde-de onuň ýigit göwnünden ähli zatlar gözlerinden akyp, ýere siňip ýitip gitdi.
Geljege bolan ynam, höwes, durmuş şatlygy, bagta ýetmek arzuwy…Nejep boşap galdy.
Öz baglarynyň pynhan künjüne guşlukda ýaş ýigit Nejep geldi, ol ýerden peýşinde bolsa
düýbünden başga Nejep turup gaýtdy. Şol pilleden başlap oňa hiç zat gerek bolmady.
Halyma hem, ýaşlygy hem, geljegi hem, hatda ýaşaýyş hem… Onuň üçin bar zat
gutardy. Jahanda ýaşara, umyt edere, begenere hiç zat galmady. Mežnun tüweleýden soň
tozap ýatan düzlükdäki ýaly, onuň guran yhlasynyň peşmegi hem göwnüni assaja yraýan
hesret şemalyna şol iki-ýana togalandy ýördi. Şol haňlap ýatan boşluk hem Nejepde
ençeme günläp dowam etdi. Günlerde bir gün bolsa Nejep irden oýananda ol öz
kalbyndaky tep-tekiz boşlugyň deregine Halyma üçin hiç bir zatdan we hiç kimden
gaýtmajak, hiç haçan yzyna dönmejek göreşe taýýar bolan aýgydyň dörändigini duýdy.
Şondan soň Nejep galan ähli zady kör edip, irdenden agşama çenli, yns-jynsyň gözüne
ilmän, Halymanyň yzyna düşüp ugrady.
Ahbetinem günlerde bir gün, ol öz maksadyna ýetdi. Golaýlarynda bolan toýlaryň
birinde märeke bolnup, atly bagşylaryň biri diňlenende, Nejep guba gazlaryň içinde ak
guw kimin sülmüräp duran Halymanyň ýaş ýigitlere tarap ogrynça oklaýan nazaryny
yzarlap, özi üçin jahanyň genji-hazynalaryndan gymmatly bolan bakyşyň kime
niýetlenýändigini bildi. Halyma assyryn hazary bilen Hasan külalyň ogly Şadynyň
keşbini mähirli sypaýardy. Şady hem näzli dilbere edil şeýle bakyş bilen jogap berýärdi.
Olaryň gözleri bilen gepleşip duruşlary Nejebiň bagryna ok bolup sanjyldy. Nejep
eýýäm şol günüň ertesi sorap-idäp, Şadynyň soltan goşunyna gulluga ýazylandygyny
bildi.
Şondan soň hem Nejep Şadyny özüne bäsdeş edinip, soltanyň gizlin işler
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Şazadanyň şikäri - 04
  • Parts
  • Şazadanyň şikäri - 01
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2261
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 02
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2305
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 03
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2252
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 04
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2157
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 05
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2204
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 06
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2060
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 07
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2099
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2228
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 09
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2272
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 10
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2230
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 11
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2374
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 12
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2094
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2066
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 14
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2175
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 15
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2238
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 16
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2142
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2282
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 18
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2122
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    37.4 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 19
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2271
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 20
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 2191
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 21
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2359
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 22
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 23
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2172
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 24
    Total number of words is 906
    Total number of unique words is 612
    40.0 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.