Latin

Şazadanyň şikäri - 18

Total number of words is 3692
Total number of unique words is 2122
26.7 of words are in the 2000 most common words
37.4 of words are in the 5000 most common words
43.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýetişmeýärler.
Öz pikirlerine gümra Annameret ýene-de ýagşydan-ýamandan dil ýarmady. Muňa
öňem atylmaga taýýar bolan uýasynyň bolmajysy boldy. Ol tasanjyrap jigisiniň
ýakynyna bardy-da, ýeňsesine çalyp goýberdi:
-Aý oglan, näme lal açdyňmy? Men seniň bilen gepleşýän ahyry.
Uýasynyň bu şarpygy kalby kineli oglanjygyň sabyr käsesini dolduran iň soňky
damja boldy. Ol:
-Näme urýarsyň-aý?-diýip,gahar bilen uýajygyny itiberip goýberdi. Birdenem onuň
dodaklary öz-özünden kemşerdiler-de, garaja gözlerinden ajy damjalar paýrap gaýtdy.
Aglaýanyna namys eden oglanjyk, diňe içki jalbarçaly durşuna aşak çökdi-de, ýüzüni
dyzjagazlarynyň üstünde goýup, sojap ugrady.
-Munuň bolan bolaýşyny! Birje şarpyk üçin şumjaran bolup! Oglana meňzeş däl.diýip uýasy hüňürdedi-de, öýüň daşky işigine ýöneldi.
Uýasynyň sözleri oglanjygyň janyna batdy:
-Gürlemän otur-how, sen! Taýak bilen ursaňam aglamazdym şu wagt…
-Birje şapbat üçin gyz ýaly jögüläp otyrsyň, ýene-de “taýak bilen ursaň” diýen
bolýarsyň…
-Gürlemän otyr diýdim-how, men saňa!
Uýasy Annameret bilen sanaşyp durmaga wagty bolmandygy üçin, öýden çykdyda, çalasyn hereket bilen saçak ýazyp, nahar aldy. Gaýmalaklap ýörşüne-de
Annamerediň sojamasa-da eşiklerini geýmän, ýerinden gozganman oturandygy gözüne
ildi. Nebsi agyrdy. Hasapdan öçürilen kakasyny hasaba almanyňda öýlerinde ýeke erkek
kişiniň, ýalňyz arkadaglarynyň ejizläp oturmasyna haýpy geldi. Mekdepden gijä galyp
barsa-da gyzjagaz, emaý bilen jigisiniň ýanyna bardy. Oturdy.
-Jigim!
Annameret gozganmady.
-Jigim, naharyňy iýäýsene!
-Jukk!-etdi-de Annameret başyny ýaýkady. Uýasy onuň bu bolup oturyşyny
halamady.
-Wiý, bu oglany, indi uýaňdan bir gezek ýeňsäme kakdy diýip gaty gören
bolýarsyňmy? Aý oglan, utanmaýarsyňmy?-diýip, uýasy Annamerediň böwrüne dürtüp
ony güldürmäge çalyşdy. Emma Annameret oýkanjyrady-da, gülmän zordan
saklanýandygy bildirýän hereket bilen gaharlanan boldy:
-Saňa däl-how, saňa däl! Aýtdym-a taýak bilen ursaňam hiç diýip…
-Onda näme boldy, aý oglan?!
Annameret gyzlar bilen gepleşýän oglanjyklaryň ählisine mahsus gopbamsylyk
bilen horazsyrady:
-Äý ol zatlar seniň işiň däl…
159
Birdenem ol özi hem duýman göwnüniň galan ýerini gepläp goýberdi:
-Entek ulalaýyn, onsoň bar-a… Onsoň bar-a, hiç kim maňa: “Neşekeşiň ogly” diýip
bilmez.
Uýasynyň ýüzjagazyna kölege indi:
-Kim diýdi?-diýende gyzjagazyň sesi gyryljak çykdy.
Dilinden sypdyrandygyna ökünen Annameret indi uýasynyň aýtdyrmasa
oňmajagyna düşünip:
-Lallygyň kakasy.-diýdi.
Uýasy özüne zor salýandygy mese-mälim bildirip dursa-da, ýylgyran boldy:
-Bolýar-la, jigim. Sen bir tur geýin-de naharyňy iý. Ýaňky şarpyk çalanym üçin
bolsa öýkeleme, öýlän gelip öý işleriňi edişerin.
Olaryň ikisi hem ýerlerinden turdular. Annameret hasyr-husur geýindi. Derrew iki
bolup nahar edindiler. Onsoň uýasy haýdap saçagy ýygnap ugrady. Annameret çekinsede uýasyna sowal bermän bilmedi:
-Kakam görünmedimi?
Uýasy edip ýören işini ýeke pursatlyk goýdy-da, gaşlaryny çytdy.
-Nämesine görünsin? Öýe gelmäge ýüzi barmy, onuň?!
Annameretjigiň ýüregi jigläp gitdi.
-Näme bolupdyr?
-Näme bolar öýdýärsiň?! Ejemiň sandykda ýygşyranja gelin şaý-seplerini ogurlap
alyp gidipdir. Irden sen gideniňden soň ejem: “indi howa sowugrak, geýmäge zadym
hem ýok, şol öňki aýap ýören begres haladymy geýäýmesem” diýip sandygy açdy welin,
şonda gördi…
Annameret uýalarynyň näme üçin kakasyny halamaýandyklaryny bilýärdi. Uly gyz
dogany bir gezek öýlerine köýnek tikdirmäge gelen jorasy bilen gepleşende eşidipdi.
Geçen ýyl ejesi gaty agyr syrkawlapdy. Atasy-enesiniň ýokdugy zerarly olara kakasynyň
uly dogany Orazdurdy kakalary kömek berýärdi. Şonda-da ol ejesi üçin bir topar
gymmatbahaly dermanlary getirip beripdi. Şol dermanlar em edilip ugran ilkinji güni
hem ejesi bäri bakyp başlapdy. Emma kakasy… ertesi gün Orazdurdy kakasynyň getirip
beren ähli dermanlaryny bermejek bolsalar-da uýalarynyň elinden haram neşesine
çalyşmak üçin gaňryp alyp gidipdi. Şondan bäri-de uýalary üçin kakalary ýok ýalydy.
Boldy hem bir, bolmady hem. Has takygy bolanyndan bolmany…
Uýasynyň habaryna Annameretjik ýagyrnysyna şarpyk çalnan ýaly düýrükdi:
-Şol, geçen täze ýyl gijesi dakynyp görkezenlerinimi?
-Şolary-la, dagy haýsysyny bolsun?!-diýip uýasy gysgajyk jogap gaýtardy.
Annameretjik ýuwdundy.
-Owadanynammy?!
-Hawa, şol owadan gülýakasynam…
Oglanjygyň kalby lerzana geldi. Ol ejesiniň ýeke-täk begenjiniň şol şaý-seplerdigini
bilýärdi. Olar käbeleriniň ýeke-täk aýap ýören hazynasydy. Geçen täze ýyl gijesi,
bolanja zatlary bilen saçaklaryny bezäp, iýip-içenlerinden soňra, ejesi ýörite olary
begendirmek üçin sandygyndan gelin döwri dakynan şaý-seplerini çykaryşdyryp,
dakynypdy. Şonda-da Annameret ejesiniň bir pursatda edil jadyly ertekilerdäki ýaly
160
şeýlebir owadan bolandygyna aňk bolup galypdy. Özüniň haýran galandygyny nädip
beýan etjegini bilmänem, demi tutulyp oturşyna çaga sadalygy bilen nädip:
-Eje, menem ulalsam, seniň ýaly owadan gelne öýlenjekdirin.-diýenini-de duýman
galypdy. Şonda ejesi, uýalary onuň gürrüňine ala-ýaz bolup gülşüpdiler. Öýleriniň içine
baharyň howasy çalana dönüpdi. Niredendir bir ýerden keýpini kökläp gelen kakasy
hem olaryň nämä gülüşýändiklerini eşidip, heziller edip olaryň gülküsine goşulypdy.
Şeýlebir owadan bolan ejesine üýtgeşik-üýtgeşik garaýyş bilen garap:
-Asyl seniň munuň ýaly owadanlygyň hem ýadymdan çykyp giden ekeni.-diýip
pessaýdan-pessaý pyşyrdapdy. Şol pursat gül-gül bolup açylan ejesi bolsa, bigam şatlyk
bilenem bolsa biraz gatyrganybrak:
-Äý ähli zat seniň ýadyňdan çykdy ahyry!-diýipdi.
Şol gije olaryň ählisi üýşüp, tä gije ýarymdan agýança süýji-süýji gepleşip
oturypdylar. Ejesi-kakasynyň hümürdisine hüwdülenýän ýaly meýmiräp barýan
Annameret üçinem şol pursatdan bagtly pursat ýokdy. Şonda onuň göwnüne bolmasa
sag-aman ertesi güne çyksalar kakasy neşesini taşlaýjak ýaly, ejesi hem günsaýyn garrap
barman, her gün owadan şaý-seplerini dakynyp, elmydama ýaşajyk gelne meňzäp ýörjek
ýaly bolup görnüpdi. Emma… Ertesi gün ähli zat öňki-öňküligine galypdy…
…Uýasy hüňürdedi-hüňürdedi-de, okuw sebedini alyp, çykyp gitdi. Gidip barşynada:
-Çaýy termosa demläp, sebede salyp goýandyryn. Ejem dagynyň yzyndan
gideniňde alyp gitgin. Gapyny gulplanyňdan soň açaryny goňşulara goýaýgyn.-diýip
Annamerede tabşyrdy. Tutuş durky-düýmegini ejesiniň owadan şaý-sepleriniň alnyp
gidilendigi, indi gaýdyp ejesiniň geçen täze ýyl gijesindäki ýaly şeýlebir owadan
bolmajakdygy hakyndaky pikir eýelän Annameretjik bolsa uýasyna jogap bermegi-de
unutdy. Uýasy gidenden soňam ol näme etjegini bilmän esli oturdy. Ahbetin ejesi bilen
uýasynyň ýanyna gitmelidigi ýadyna düşüp, daş çykdy. Işiklerini gulplady-da, açaryny
eline aldy. Goňşulary Anna agalara gitmek üçin köçä çykdy. Şol pille-de, kakasy
ýegdekläp çatrykdan öwrüldi. Ony görüp Annameretjigiň ini tikenekläp gitdi. Üpülsapyl bolup, egniniň şylhasyny aşyryp gelýän bu jandar adama garanyňda albassa has
çalym edýärdi. Ol aňyrdan gelşine ogluna üns bermän, derwezesiz gädiklerinden girip
gitdi. Girişine-de göni hammama garşy ýüzlendi. Annameret onuň neşesini sanjym
etjek bolýandygyny aňdy. Oglanjygyň bar gazaby gözlerine üýşdi. Onuň ylgap baryp
kakasynyň öňüni kesäge-de: “Edýäniň näme? Indi ejem janyň, biziň ýekeje begenjimizede el urduňmy? Seniň üçin mukaddes zat bir barmy?” diýesi geldi. Emma çekindi.
Oglanjygyň eginjagazlary öz-özlerinden sallandylar-da, ol goňşularyna tarap
ýöneldi. Ýöne bir-iki ädim ädeni hem şoldy welin, birdenkä ejesiniň geçen täze ýyl
gijesindäki owadan keşbi hyýalynda janlandy. Öz gysgajyk ömrüniň iň bagtly pursady
hakydasyna geldi. Bada-badam indi galan ömrüne şonuň ýaly bagtly pursadynyň
dolanyp gaýtalanmajakdygy, kakasynyň ýöne bir ejesiniň şaý-seplerini hem däl-de,
özleriniň iň soňkuja, aýap-gizläp kökenek bolup ýörülen bagtjagazlaryny ogurlap äkidip,
özüniň haram neşesine çalşandygy hakyndaky pikir Annameretjigiň aňynda döredi. Ol
hyrra yzyna öwrüldi-de, hammamlaryna garşy ylgap gaýtdy. Bärden barşyna-da
kakasynyň gyssagarada çala ýapan işigini “jarkyladadyp” açdy. Demi-demine ýetmän
161
“has-haslap” durşuna, çök düşüp oturan kakasynyň öňündäki açyk kagyz bölejigine we
onuň içindäki bir çümmük çalymtyk, un kysymly neşä gözi düşdi. Gahar-gazapdan ýaňa
gorkyny-ürküni undan oglanjyk, özüniň näme edýändigine-de düşünmän, şol kagyzy
aýajygy bilen pyzdy. Soňam gaharyna näme diýjegini bilmän aglamjyrap goýberdi:
-Sendenem bir kaka bolarmy! Sen bar-a iň owadanynam alyp gidipsiň ahyry! Sen
sebäpli ejem öňem-ä ýylda ýekeje gezek, olam diňe täze ýyl gijesinde owadan bolýardy,
ind-ä asylam owadan bolup bilmez! Sen bar-a… Sen bar-a ejemiň owadanlygyny hem
öz neşäňe çalyşdyň! Ondan-a bolmadyk bolsaň gowy bolardy…
Arzyly neşesi oglunyň aýaklarynyň astynda serpilip, pytrap gidende azarly
Haldurdynyň tas gözleri hanasyndan çykypdy. Oslagsyz wakadan ýaňa ol doňup galdy.
Emma haçan-da ýalňyz ogly otly ataşgir basan ýaly, çagajygyň sada dili bilen aýdylan
ýalynly sözleri ýüzüne bazyladyp, basyp, aglamjyrap çykyp gidenden soňra, ol özüne
geldi. Giň jahanda Haldurdyny gerekleýän, ony adam hökmünde görýän hiç zat we hiç
kim galmandy. Olaryň ählisini “süpük” lakamyny alan Haldurdy haram neşesine
çalşypdy. Diňe ýekeje adamjyk ony ezizleýärdi. Diňe bagryndan önen birje ynsan ony
adam hökmünde, öz ezizi hökmünde saýýardy. Näme etse-de ondan ýüz öwürmeýärdi…
Emma bu gün welin… Ogly hem ondan ýüz öwürdi. Hemmesine-de özi günäkär…
Hemmesine…
Haldurdy birden kalbynda oýanan bu duýgulardyr-pikirleriň agramyna tap getirip
bilmän iki eplendi-de, göýä wyždanynyň ezýetli urgularyndan gara başyny halas etjek
bolýan dek, elleri bilen kellesini gizledi. Birsellem şeýle ýagdaýda gymyldy-hereketsiz
ýatdy. Birdenem ýerinden dikeldi. Gapdalynda ýatan kagyz bölejigini, sanjym etmäge
taýýarlanan lukmançylyk iňňesini gysymyna gysdy. Iňňäniň eplenip aýasyna
çümýändigine, eliniň ganap ugrandygyna üns bermän, edil öz neşekeşligini elleri bilen
gysyp, gysyp mynjyratjak bolýan ýaly, barha mäkäm gysdy. Birdenem:
-Barysyna sen günäkär, nejis!-diýip gyryk pyşyrdady-da, aýasyndaky zibili aýlap,
hammamyň diwaryna urdy. Hasyr-husur ýerinden turubam, Annameretjigiň gidendir
öýden tarapyna, onuň yzyndan, öz oglunyň yzyndan, özüniň ýitiren ýaşaýşynyň yzyndan
ylgady.
“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2008-nji ýylyň
31-nji oktýabryndaky sany
Pälwan
…Sähelçe wagt galypdy. Olimpiỳa oỳunlary başlaly bäri ilkinji göreşine çykmaga
taỳỳar bolan Myrat göỳä, äpet türgenleşik jaỳynda tenha özi bar ỳaly, daş-töwereginde
türgenleşip ỳören beỳleki ỳurtlaryň pälwanlaryna üns bermän iki-ỳana gezmeläp ỳördi.
Ol ellerini-aỳaklaryny silkeläp ỳörşüne, käte bir, tutuş aỳnadan diwaryň öňünde äpet
gaỳyş ellikli ỳumruklaryny düwüp, goranyş ỳagdaỳynda durỳardy-da, aỳnada görünỳän
öz şekili bilen çalt-çaltdan ỳumruklaşyp başlaỳardy. Birdenem aỳna diwardan ỳüzüni
sowup, hyỳaly garşydaşynyň hyỳaly urgusynyň öňünden sowulỳan dek, görüp ỳetişip
bolmaỳan çaltlykda, düwlen ỳumruklarynyň aňyrsynda ỳüzüni gizläp, aşak
162
ỳapyrylỳardy-da, birdenkä hyỳaly garşydaşynyň goltugynyň astyndan zompa dikelỳärdide, onuň eňeginiň aşagyna yzly-yzyna dört-bäş zarbany urỳardy. Bada-badam ỳüzüni
ỳumruklary bilen gizläp, hyỳaly garşydaşynyň ỳumruklaryndan gaçyp, üç-dört ädim yza
tesỳärdi. Onuň goladan guỳlana çalym edỳän bedeni çykyn-çykyn bolup, derden ỳaňa
lowurdap durdy. Pälwan wajyp göreşiň öňisyrasynda çyny bilen gyzyşỳardy.
Ol daşyndan göräỳmäge parahatlylygyň we aỳgytlylygyň hut özünden ỳasalana
meňzeỳärdi. Emma ömrüni göreşiň şu görnüşine bagyşlan goja tälimçi Merdan aga öz
şägirdiniň öte tolgunỳandygynyň alamatlaryny diňe bir gözleri bilen görmek däl, eỳsem
ỳüregi bilen hem syzỳardy. Onuň synçy gözleri Myrat oslagsyz tizlik bilen goranyş
ỳagdaỳynda durup, hyỳaly garşydaşyny ỳumruklary bilen ỳepbekläp başlanda, polat
sütünlere çalym edỳän aỳaklarynyň tolgunçdan ỳaňa ỳeňiljek sandyraỳandygyny, şol
ysgynsyz sandyramanyň hem onuň derden ỳaňa öl-myžžyk bolan baldyrlaryna ỳelmeşip
ugran gyzyl reňkli gysga jalbarçasynyň gonçlaryny titredip bildirỳändigini saỳgarỳardy.
Hälden bäri şägirdini synlap duran Merdan aga sütükli desmalyny egnine atdy-da
ỳerinden turdy. Emma şol bada-da “Päsgel bermäỳin-le” diỳip pikir bilen, aşak oturdy.
Sagadyna seretdi. Az galypdyr. Kalbyndaky alas-gopaslygy az-kem basyp ỳatyrmak
üçin kükregini dolduryp uludan bir demini aldy. Gapdalyndaky gapdan suw owurtlady.
Dessine-de ỳüzüni kürşertdi. “Tagamy erbedem däl welin, ỳat ülkäniňki ỳat bolỳar-da!
Ỳanbaşyň çeşmesiniň jana derman bal suwuny küỳsäniňi duỳman galỳarsyň!”
Sowuk suw goja tälimçiniň içki tolgunjyny biraz köşeşdiren hem bolsa, barybir
onuň içini it ỳyrtyp gelỳärdi. Ỳerinden turup, Myradyň ỳanyna baraga-da egnindäki
desmaly bilen onuň derini süpürişdirip, düỳnden bäri eỳỳäm müňlerçe gezek gaỳtalan
nesihatlaryny ỳadaman-ỳaltanman, müň birinji gezek, gerek bolsa müň bir ỳüzünji gezek
hem gaỳtalaberesi geldi. Howsalaly hem aladaly tolgunçdan ỳaňa içi byjyklap duran
goja özem duỳman ỳene-de Myrada onuň ilkinji garşydaşynyň kimdigi aỳan edileli bäri
ỳanjap gelỳän öwütlerini içinden gaỳtalap başlady. “Güỳçli pälwandyr. Ỳaşy seniň bilen
ỳaşytdaş. Agramy hem deň. Emma saňa görä kän tejribeli. Sen öz ỳigrimi bir ỳaşyňda
otuz göreşi geçirip, olaryň sekizisinde ỳeňlip, on dokuzysynda garşydaşyňy huşundan
gidirmek bilen ỳeňen bolsaň, ol eỳỳam kyrk dört göreşi geçirip, otuz bäşisinde
garşydaşyny bihuş edip ỳeňipdir, bary-ỳogy üç göreşde hem ỳeňlipdir. Sag eliniň
eňekasty urgusyndan ägä bol. Bu urgy onuň iň güỳçli hem iň eỳ görỳän urgusydyr. Şol
urga duçar bolan pälwan üçin göreş şol pillede tamamlanỳandyr. Degdigi tamam!
Dessine huşuňdan gidersiň. Ỳöne beỳle diỳsem çekinme, köşek! Biziňem zannymyz
emelsiz aỳalyň ỳugran hamyrmaỳasy deỳin turşan ỳa-da ajan däldir. Entek biz üçin
“tamdyr gyzdyryp, bizden baỳ, çörek ỳaparlar-a! Onda-da nähili çörek diỳsene!
Türkmeniň tamdyrdan çykanda ỳalkymly gün bilen bäsleşỳän bugdaỳ nanyny ỳaparlar!
Kemçiliksiz pälwan ỳok, köşek! Onuň asgyn ỳeri, saňa görä haỳal hereket edỳär. Sebäbi
özüniň urgularynyň kuwwatyna bil baglaỳar. Ỳeke ỳumruk bilen, birje emel bilen,
ỳekeje urgy bilen göreşiň ykbalyny kesgitlemeklige dalaş edỳär. Enşalla, Görogly begiň,
galyberse-de ähli pälwanlaryň hem mertleriň hemaỳatkär howandary Şiri-Huda pirimiz
Hezret Aly bizlik bolsa, näçe kuwwatly bolsa-da bu garşydaşyň kuwwaty öz-özünden
dep bolar! Esasy zat aljyrama hem ruhdan düşme! Mähelleden hem göreş
meỳdançasynyň kesekiliginden ỳadyrgama! Gowur-galmagaldan howuň basylyberse,
163
göreş meỳdançasyna çykan badyňa dem salym gözleriňi ỳum-da, özüňi çagalykdan bäri
gatnap ỳören türgenleşik jaỳyň orruk-ortarasynda, tükeniksiz hem üznüksiz
türgenleşikleriň dowamynda alyn deriň bilen suwarylan endikli göreş meỳdançaňda
duran ỳaly, göz öňüňe getir. Bu görnüş seni rahatladyrar. Rahatlyk bolsa seniň eliňeaỳagyňa güỳç berer, biliňe gaỳrat berer. Soňam gözleriňi aç-da, uludan bir demiňi al!
Onsoň garaş! Rahatlanan bedeniň ỳeke pursatda düwlen polat ỳumruga dönỳänçä, garaş!
“Boks!” diỳen söz ỳaňlanaram welin, şu göreş ömrüňde iň soňky göreşiň ỳaly, şu
göreşden soň dolanyp göreş meỳdançasyna çykmajak ỳaly, şu göreşde gazanjak ỳeňşiň
hem öz ömrüňde ỳagty jahana peşgeş berip biljek iň esasy hem iň ahyrky serpaỳyň dek,
öňüňde duran garşydaşyňy ỳeňmekden galan ähli zady unut-da, tutuş durkuň-düỳrmegiň
bilen gaỳt, onuň üstüne! Edil alabaharda Köpetdagyň çür depesinden gümmürdäp
gaỳdỳan sil suwy deỳin, öz garşydaşyň üstüne yňdaryl! Tä depregiň zarňyldysyny
eşidỳänçäň hem saklanma, togtama, gowşama!”
Birdenkä öz kömekçileriniň Myradyň göreş meỳdancasyna barỳança deriniň
gaỳdyp, sowamazlygy üçin onuň egnine başlykly halat geỳdirỳändiklerine gözi düşen
Merdan aga ukudan açylan ỳaly boldy. “Başlady-ow!” diỳip uludan demini aldy-da goja
tälimçi ỳerinden turup, olara garşy ỳöneldi. Ol haladynyň başlygyny kellesine atyp
başyny aşak sallan Myradyň ỳüzüni galdyrdy-da, desmaly bilen onuň maňlaỳ derini
syldy. Onuň gözlerine garady. Şägirdi onuň gözlerine parahat ynam bilen garaỳardy.
Diňe şol ummasyz ynamyň, aỳgydyň aňyrsynda, pälwan ỳigidiň gara gözleriniň
jümmüşinde nähilidir birhili ysgynsyzja sorag bardy. Jahyllygyndan bäri ömrüniň
agramly bölegi türgenleşik jaỳlarynda, göreş meỳdançalarynda geçen goja pälwan ol
soragy bada-bat okady. Ol şägirdiniň egninden assaja gysdy-da:
-Başararsyň, köşek! Men seniň ỳaşyňda başardym, sen hem başararsyň!-diỳdi.
Emma ömründe ilkinji gezek olimpiỳa oỳunlarynda çykyş edỳän ỳaş ỳigidiň gözüniň
jümmüşinde gizlenen ynamsyzlyk ỳitip gidibermedi. Muňa köpi gören goja aljyrady. Bir
demde ony der basdy. “Göreş meỳdançasyna çykyp barỳan pälwanyň gözlerinde özüne,
öz güỳjüne, öz ukybyna ynansyzlyk orun alan bolsa, diỳmek onuň eỳỳäm göreşe
çykmanka ỳeňildigidir.” Bu pikiri goja tälimçini hasam howsala düşürdi. Şu pille ol
özüni şeỳlebir alaçsyz duỳdy. Ol, sansyz göreşlerde meşhurlyklary bilen dünỳäni
sarsdyran garşydaşlaryny ỳeňen, ussat pälwan, türgenleşikleriň kömegi bilen adamyň
bedenini düwlen polat ỳumruga döndermegiň hötdesinden gelỳärdi. Adamyň ỳalňyz
özüne ençeme garşydaş bilen bir wagtyň özünde göreşip, olary ỳeňmäge mümkinçilik
berỳän emelleriň hem ỳüzlerçesini bilỳärdi. Emma onuň bu ussatlygy ynsan kalbynyň
ejizligini ỳeňmegi başarmaỳardy. Bu göreşde gara güỳjüň hem, ussat emelleriň hem
derkary ỳokdy.
Ol ỳene-de gözlerini göterip göreş meỳdançasyna çykmaga taỳỳarlanỳan
pälwanynyň gözlerine dikanlady. Onuň gözlerindäki ynamsyzlyk özüne mynasyp
garşydaş tapman bulanjyrap, müňzäp, dyzap, ulalyp barỳardy. Merdan aganyň göwnüne
bolmasa öz öňünde ençeme göreşleri başyndan geçiren pälwan däl-de, şol bir mahal,
mundan on-on iki ỳyl ozal onuň Aşgabadyň demir ỳol menziliniň ỳanynda ỳerleşỳän
türgenleşik jaỳynyň gapysyndan gorka-gorka jyklan, horja, gowşajyk hem ỳygra
oglanjyk duran ỳaly boldy. Şonda garaỳagyzja oglanjygyň çekinjeň durşuna mähri gidip,
164
minara ỳaly, minara ỳaly äpet şägitrleriniň arasyndan saỳlanyp çykyp, onuň ỳanyna
barşy hakydasyna gelende ol Myradyň aljyrap durşuna dözmedi. Şonda-da Myrat edil şu
wagtkysy ỳaly, sermisal halda mähnet pälwanlara aňk bolup garap durşuna, “menem
şeỳle bolmagy başararmykam?” diỳen, ynamsyzlykdan hem umytsyzlykdan doly sözsüz
soragyny garaja gözlerine jemläp, töre garşy ätmäge çekinip durdy. Onsoň ỳakynyna
baran Merdan aga emaỳ bilen onuň garaja galpaklaryny sypap:
-Köşek, näme birini gözleỳärmiň?-diỳip mylaỳymlyk bilen sorapdy. Myratjyk bolsa
çekine-çekine başyny ỳaỳkapdy we üçekden asylgy gaỳyş haltalary ary köỳen dek gazap
bilen ỳepbekleỳän pälwanlary barmajygy bilen görkezip:
-Şolar ỳaly boljak!-diỳip pyşyrdapdy. Oglanjygyň sözlerine ỳylgyran Merdan aga
bolsa onuň elinden tutup:
-Ỳör, onda köşek, bosagada durma!-diỳip ony töre garşy alyp barşyna:-Köşek, bu
zatlar saňa nämä gerek?!-diỳip, oỳun edip sorapdy. Myratjyk bolsa ỳuwdunyp:
-Men hemmelerden kiçi!-diỳipdi. Ỳygra oglanjygyň şol sözlerine goja tälimçi
gyỳylypdy. Özi aỳylganç ỳer titremesinden soň ỳetim önüp-ösendigi sebäpli, ol ejiziỳalňyzy görse hemişe çyn ỳürekden gyỳylỳardy. Ol özüniň tälim berỳän ähli ỳigitlerinide öz çagalary hasap edỳärdi. Şonuň üçinem olary mähir bilen “meniňkiler” diỳip
atlandyrỳardy. Şonda ol Myratjygyň galpagyny ỳene-de bir gezek sypalap:
-Sen uly bolarsyň köşek, meniňkileriň hemmesinden uly bolarsyň!-diỳip, ony
“özüniňkileriň” arasyna goşupdy. Ine indi ençeme ỳyl bärem ol şojagaz ỳygra oglanjyga
beren sözünde tapyljak bolup jan edỳärdi…
Myradyň gözlerine seredip durşuna aljyran goja tas elini-aỳagyny ỳitirip
başlaỳardy. Birdenem Haktagala onuň diline diỳmeli sözlerini salgy berdi. Ol küdüň
ỳaly ỳumrugy bilen Myradyň eňeginden çalaja itiberip goỳberdi-de:
-Sen meniňkileriň içinde iň gowusy ahyry! Ỳeňmän bilmersiň!-diỳip diňe şägirdine
eşidiler ỳaly, pessaỳ pyşyrdady. Halypasynyň sözleri Myradyň kalbyna derman bolup
damdy. Şunça ỳylyň dowamynda beỳle öwgini halypasynyň dilinden ilkinji gezek
eşiden Myrat öz gulaklarynyň eşidenine ynanman ol jümläni içinden täzeden gaỳtalady.
“Sen meniňkileriň içinde iň gowusy!” Dogrudanam men ilkinji gezek göreşe çykỳan
erni suwly gögele ỳaly, nädip otyryn ahyry-a?! Tutuş ỳurdumyza meni güỳçlileriň içinde
iň mynasyby diỳip saỳlap, dünỳäniň ỳüzünde öz abraỳyny belende götermek üçin iberdi.
Menem bär-de heniz pälwansyrap ỳören, ỳumruk iỳip görmedik etenä dönüp barỳaryn.
Hany çuslan bakaly, türkmen pälwany! Çuslan! Saňa halypaň garap dur, ildeşleriň garap
dur! Elbetde ỳeňilseň ỳer göterỳär, ỳöne ỳeňilmeli däl! Men başararyn!”
Myradyň birhili ini tikenekläp gitdi. Ol edil sürä hüjüm edỳän möjek ordasyna
gaỳtawul bermäge topulan mähnet türkmen köpegi ỳaly tutuş süňňi bilen titredi-de, bir
silkinip, ellikli ellerini biri-birine urdy.
-Gitdik, Merdan aga!
-Gitdik, köşek! Allatagala bizlikdir!
Öňden Merdan aga ỳöräp ugrady. Onuň yzyndan Myrat gadam urdy. Iň soňundan
bolsa iki sany kömekçi oglanlar ỳöräp barỳardylar. Köpi gören goja äwmän-alňasaman
uzyn ỳagty däliziň ugry bilen barşyna birden äpet çyralaryň şöhlesinden ỳaňa ỳap-ỳagty
ägirt uly tomaşa meỳdanyna çykdy. Onuň aỳagynyň ỳeňsesini basyp diỳen ỳaly gelỳän
165
Myrat görnende sanỳetmez mähelle ony uly güwwüldi bilen garşy aldy. Bu gözüňi deşip
gelỳän al-gyzyl ỳagtylyk, adam deňziniň güwwüldisi ỳaş ỳigdiň sussuny basdy. Ol azowlagam bolsa nepesini durlamak üçin başyny aşak saldy-da, öňünden barỳan göỳä
ỳyllaryň täsiri bildirmeỳän dek henizem pälwansypat halypasynyň ỳasy ỳagyrnysyna
gözlerini dikdi. Şägirdiniň howunyň basylỳandygy ỳeňsesi bilen duỳan goja ony biraz
çuslandyrmakdan ötri agyr göwresine hem ỳaşyna gelişmeỳän ỳeňillik bilen hol
allaowarrada ỳap-ỳagty dörtburçluk bolup görünỳän göreş meỳdançasyna garşy ylgaşlap
ugrady. Myradam onuň yzyna eỳerdi. Olar dessine göreş meỳdançasyna ỳetdiler. Gözüni
göteren Myrat meỳdançanyň gyzyl hem gök burçlaryny, ortada aỳlanyp ỳören eminiň
gara jalbaryny saỳgardy. Onỳança Merdan aga meỳdançanyň daşyna aỳlanan galyň
ỳüpleriň aşaky üçüsini aỳaklary bilen basdy-da, ỳokarky birini galdyryp Myrada
meỳdança girmäge ỳol açdy. Kömekçiler çaltlyk bilen Myradyň haladyny sypyrdylar-da
onuň kellesine gaỳyşdan goragy (şlem) we dişlerine rezin goragy (kapa) geỳdirdiler.
Myrat çalasynlyk bilen ỳüpleriň arasyndan geçdi-de, meỳdança girdi.
-Hatyrjem bol, Myrat! Allatagala bizlikdir!-diỳip Merdan aga aşak düşdi-de gyzyl
burçuň ỳeňsesinde tälimçileriň we kömekçileriň oturỳan ỳerine bardy. Myrat meỳdança
girip-girmänkä hem bäsleşigi alyp baryjy dürli dillerde onuň ismini, ỳurduny,
pälwançylyk iştimagy gelip çykyşyny (iştimagy gelip çykyşy-terjimehaly) yglan edip ugrady.
Myrat bolsa meýdançanyň içindäki emin ýanyna gelende goşarynyň iç ýüzüni ýokaryk
öwürdi-de, ellerini öňe uzatdy. Emin onuň elliklerini we geýimlerini barlaşdyrdy. Soňra
Myrat endigine görä tomaşaçylara baş egdi-de, meỳdançanyň gyzyl burçuna baryp,
süňňini sowatmazlyk üçin ellerini-aỳaklaryny silkeleşdirip başlady.
Onỳança onuň bäsdeşi, gök geỳimli pereňli pälwan hem gelip göreş meỳdançasyna
girdi. Oňa gözi düşen badyna Myrady ỳene-de gowşaklyk basmarlap başlady. Göwnüne
bolmasa pereňli pälwanyň müçesi hem iri, boỳy hem uzyn, ỳumruklary hem has mähnet
ỳalydy. Emma bir gezek süňňi gowşaklygyny ỳeňen Myrat onuň ỳene-de özüni
basmarlamagyna ỳol bermedi. Ol eginlerini-boỳnuny gyşardyp, bilini ỳazdy-da eminiň
özlerine yşarat edỳändigine gözi düşüp meỳdançanyň ortasyna bardy. Biygtyỳar ỳene-de
onuň endamyna ỳeňiljek sandyrama indi. Ol özüne zor salyp, garşydaşynyň gözlerine
dikildi-de, onuň özüne garşy uzadan eliniň ellikleri bilen elligini galtaşdyrdy. “Aỳgytly
ekeni!” diỳip pereňli pälwan hakynda pikir edeni hem şoldy welin, emin birdenkä
“boks” diỳip, birje sözi, edil gylyç bilen howany kesen dek pert hem çürt-kesik aỳdyp
goỳberdi. Şol pille-de ỳyldyrym çaltlygynda Myradyň kellesine sagyndan-çepinden
yzly-yzyna iki-üç ỳumruk gütüläp degdi. Ykjam urgular bada-bat onuň serini durlady.
Endikli hereketler bilen ỳumruklarynyň aňyrsynda kellesini gizledi-de, yza tesdi. Emma
şowly zarbalary nyşana degendigi zerarly beleň alan garşydaşy ondan galmady. Oňa
garşylyklaỳyn hüjüm etmäge maỳ bermän, sandaly ỳençỳän demirçiniň ỳekedabany
deỳin kütek ses bilen “güt-güt” edip degỳän urgulary onuň üstüne dumly-duşdan
ỳagdyryp ugrady. Böwrüne, kellesine, ellerine, egnine degỳän urgular endamyny
goparyp gelseler-de Myrat garşydaşy urdygysaỳy özüni dürseỳärdi, gyzyşỳardy. Aňy
durlanyp, pereňli pälwanyň garşysyna has täsirli tilsimi ulanmagyň alajyny agtarỳardy.
Özem hüjüme geçmeklige synanyşyk hem etmän, düỳrlenip, ỳüzüni gizläp, barha we
barha çüňke gysylỳan Myradyň aňy her degỳän urgydan soň: “Heỳ-waỳ, barymy şu!?
166
Barysy şumy?! Üỳtgeşik zat hem däl ekeni-le” diỳỳän ỳaly, barha arkaỳynlaşỳardy. Ol
özüni juda rahat duỳỳardy. Sebäbi pälwan ỳapyk goranyşa geçenden soň onuň polat
ỳumruklarynyň goragyny pytratmak üçin pilmahmydyň güỳjüne gaỳra dur diỳỳän güỳç
gerekdi. Ỳapyk goranyşa geçip düỳrügen pälwan edil öz gapyrjagynyň içine giren
pyşbaga dönỳärdi. Ỳekedaban bilen urlaỳmasa onuň “gapyrjagynyň” döwüljek
gümanasy ỳokdy. Şonuň üçinem düỳrügen Myrat amadyny peỳläp, diňe ỳumruk yzyna
ỳumruk iỳip durdy.
Birdenem Myrat adam deňziniň şowhunynyň arasy bilen halypasynyň sesini eşitdi.
-Açyldy Myrat, açyldy şu wagt!
Ỳeke pursatda ilki tälimçileriň arasynda tolgunçdan ỳaňa oturyp bilmän, örboỳuna
galyp, gygyrỳan halypasyna gözüniň gyỳtagyny aỳlan Myrat dessine-de ỳumruklarynyň
arasyny çala açyp, garşydaşyna seretdi. Şol bada-da Myrat onuň garşylyksyz hüjümiň
heỳjanly täsirine kellesiniň göçüp elleriniň arasyny açandygyny, hüjümiň hatyrasyna
goranyşy unudyp aỳagaldygyna özüni ỳepbeklemek bilen başagaỳdygyny gördi. “Ine!
Boldy!” diỳip oỳlanan Myrat bu pikiri bilen bir pursatda diỳen ỳaly, birden has aşak
ỳapyryldy-da, saga ümzügini atdy. Bada-badam zarba urmak üçin ỳüzüni açyp,
garşydaşynyň göni ỳüzüne tarap ỳumrugyny aỳlady. Şol pille-de onuň garaşmadyk
hadysasy bolup geçdi. Onuň ägirt uly güỳç bilen uran ỳumrugy garşydaşynyň göni
ỳüzüne degip, ony huşundan gidirmegiň deregine boşluga gitdi. Myrat heniz nämäniň
nämedigine, garşydaşynyň öz ỳumrugynyň öňünden nirä ỳitirim bolandygyna düşünip
ỳetişmänkä-de pereňli pälwanyň kellesi onuň goltugynyň aşagyndan geçdi-de, ol edil
Myradyň alkymynyň astyndan zompuldap çykdy. “Çümdi! Ine saňa “eý görýän
zarbasy”!” diỳip Myrat oỳlanyp-oỳlanmaka-da onuň eňeginiň aşagyna ot basylan ỳaly
boldy. Onuň birhili beỳnisi çaỳkanyp gözleriniň öňi garaňkyrap gitdi. Nähilidir bir göze
görünmeỳän aỳylganç güỳç aỳaklaryny ỳerden üzýän ýaly boldy. Edil bir halta gury
süňküň silkilişi ỳaly, özüniň silkilip goỳberilendigini duỳan Myrat: “Ỳa Alla janym,
huşumdan gitmäweräỳin!” diỳip zordan gos-goỳy bolup bulamaga dönen pikiri oỳlandy.
Onuň aňynyň hiç-hili erk-ygtyỳary bolmasa-da endikli bedeni öz-özünden gaỳyş ellikli
elleri bilen onuň ỳüzüni ỳapdylar-da, düỳrügip yza tesdi. Sähel salymyň içinde-de
beỳnisi bilen bedeniniň her haỳsy biri-birinden üzňelikde, özbaşdak durmuşda ỳaşap
başlan Myrat arkasynyň meỳdançanyň ỳüpüne ỳaplanandygyny duỳdy. Ony der basdy.
“Häzir ỳene-de eňegimiň astyndan birje gezek ýaňkysy ýaly urgy bilen galdyryp
goỳberse, meỳdançanyň ỳüpleri meni arkanlygyma tarap agdaryp, zyňyp goỳberỳärler.
Jan Allam, senden medet, aỳrylaweräỳin, bu ỳerden!” diỳip oỳlanan Myrat
meỳdançanyň ortasyna çykmak üçin şol tarapa hereket etmek isledi. Emma onuň
pagtadan ỳasalana dönen aỳaklary diỳen etmediler. Ol gymyldabam bilmän garşydaşyna
tarap garady welin, onuň ỳene-de özüne tarap süỳşüp, ỳetip gelỳändigini, eminiň hem
özüniň seňseländigini şübhe edip, meỳdançanyň ol künjünden özüne tarap ỳönelendigini
gördi. Haçan-da çepine çala gözüniň gyỳtagyny aỳlanda bolsa halypasynyň zyňmaga
taỳynlanỳan ỳaly, desmalyny gysymynda gysyp, mäjerläp durandygyny gördi. Göwnüne
bolmasa onuň müňküldeỳän dodaklary: “Köşek, zarba bilen meỳdançanyň daşyna zyňsa,
masgaraçylyk bolar, iň oňady göreşi bes etdireỳin” diỳip pyşyrdaỳan ỳalydylar.
Myradyň depesinden gaỳnag suw guỳlan ỳaly boldy.
167
-Het edäỳme, eşidỳäňmi, het edäỳme!-diỳip diỳen etmeỳän agzy bilen yňranjyrap
pyşyrdady-da, ol birdenkä müňzäp pereňli pälwanyň üstüne okduryldy. Bada-badam ony
gujagyna gysdy. Garşydaşy bu ỳagdaỳda özüniň günäsiniň ỳokdugyny aỳan etmekçi
bolup ellerini eginleriniň deňine göterdi-de, giň açdy.
-Klinç! Brek!-diỳip emin keseki dilde gygyrdy. Bir-iki gezek uludan demini alan
Myrat garşydaşyny gujagyndan sypdyrdy-da iki ädim yza tesip, goranyş ỳagdaỳynda
ỳapyryldy. Şol pille-de depiň zarňyldysy ỳaňlandy. Eminiň “Stop!” diỳen sesi göreşiň
ilkinji tapgyrynyň tamamlanandygyny yglan etdi. Aỳaklaryna zordan erk edỳän Myrat
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Şazadanyň şikäri - 19
  • Parts
  • Şazadanyň şikäri - 01
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2261
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 02
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2305
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 03
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2252
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 04
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2157
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 05
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2204
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 06
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2060
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 07
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2099
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2228
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 09
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2272
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 10
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2230
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 11
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2374
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 12
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2094
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2066
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 14
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2175
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 15
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2238
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 16
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2142
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2282
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 18
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2122
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    37.4 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 19
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2271
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 20
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 2191
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 21
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2359
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 22
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 23
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2172
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 24
    Total number of words is 906
    Total number of unique words is 612
    40.0 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.