Latin

Şazadanyň şikäri - 09

Total number of words is 3664
Total number of unique words is 2272
27.9 of words are in the 2000 most common words
40.3 of words are in the 5000 most common words
48.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Nazaryň pälwan sypaty gözüni dokundyrdy. Soňky iki-üç aý üznüksiz söweşlerde bolup,
aç-suwsuz, ukusyz horlanan hem bolsa, çapyp barýan ýelbedewiň üstünde, uçup barýan
guşuň gözünden urup bilýän mergen hökmünde ady-awazasy daglardan aşyp, Eýran
illerine çenli baryp ýeten Nazar mergeniň göwresi häzirem daýawlykda birentek
pälwanlara “gaýra dur” diýdirýärdi. Hallygözel gara başyny aşak salyp, agyr oýa batyp
barýan adamsyny birlaý boýdan-başa synlady. Bilinde egri gylyjy, guşagyna kakasy
pahyrdan galan, iki sany köne sapançasy gysdyrylgy. Arkasynda hem soňky söweşleriň
birinde ýagydan oljalan oksuz bäşataryny keseligine asypdyr. Soňkuja oklaryny galadan
çykyp, guma tarap gyýalap ugranlarynda, özlerine tarap, gyrgy bolup eňen duşmanyň iki
atlysynyň maňlaýyndan çüýländen soň tamdyr gorjalýan kesewiden tapawudy bolmasa73
da Nazar ýaragyny taşlamady. Mergen adam-da. Ýaragy yrýa etmek onuň hiç kellesine
geljek zat däldi. Hallygözel Nazaryň ýaragyndan ünsüni sowdy.
Däri tüssesi, partladylan gala diwarlarynyň tozany siňip hapalanan silkme telpegi
gara bolsa-da, onuň her ýerinde gatan gan tegmilleri goňrumsy reňki bilen saýlanyp,
bildirip durdy. Kimiň gany ol?! Nazaryň golunda jan beren söweşdeş
ýoldaşlarynyňkymy ýa-da onuň gylyjyndan pida bolan basybalyjylaryňky…Bir Alla
bilýär! Onuň özünden-ä hemişekisi ýaly söz almak hyllalla. Ädigi hem ýyrtylypdyr.
Jalbarynyň hem uçgun syçran ýerleri bar. Goňrumsy tegmiller bolsa besse-besse bolup
dur.
Şol pille-de Nazaryň syýlary guşagyna gysdyrylan donuna seredende, onuň sag
çigninde gyrmyzy gana boýalan ak hasa Hallygözeliň gözi düşdi. “Ýene-de ganap
ugrapdyr. Täzeden hasany çalşyp daňaýyn diýäýsemmikäm?” Hallygözel Nazara nädip
ýüzlenmegiň ebeteýini tapman, ýaşmak astyndan üsgürinjiredi. Gelniniň balkyldap
duran gara gözlerine sereden dessine näme işleýändigine düşünen Ogulbaýram eje
gelnini utandyrmazlyk üçin syr bildirmän, assa-ýuwaşdan ökje ogurlady-da, olardan esli
yza galdy. Bir-iki sapar yzyna gaňrylyp, minnetdarlyk bilen hol yzlaryndan aýagyny
süýräp gelýän gaýnyny gözlän Hallygözel, “Görgüli! Ejeň bolsa-da şeýdip ýeke bakanda
ýüregiňi okap durmaz. Wah-wah-eý, gara başymyzyň sadagasy! Aýaklary hem
agyrýandyr. Öňem-ä zordandy welin görgüli, başymyza düşen külpet zerarly allajy
aýazda süýegini süýräp, doň çägä bulaşyp ýörmeli boldy-da! Ýa ýene-de mähribanyma:
“Dorbedewe ejeňi mündüräýeli” diýäýsemmikäm?”
Bu pikiri eden badyna Hallygözel gaýny görgüliniň Nazar şeýle diýmäge het
edäýse alpetlerinden aljagyna düşündi. “Ýok-la! Etmez. Gaýta käýinip başlar. Gowusy
gozgamaýyn-da Nazara: “eliňi gaýtadan daňaýyn” diýeýin”
Hallygözel gaýnynyň özlerini eşitmejekdigine magat gözi ýetip dursa-da ýaşmak
astyndan, pessaý ses bilen:
--Nazar! Eliň ýene-de ganap ugrapdyr welin, täzeden daňaýaly?!-diýdi.
Aladaly ädimler bilen demirgazyga, türkmeniň gaýym galasynyň jümmüşine tarap
gadam urup barýan Nazar yzyna hem gaňrylmady.
--Şu wagt gerek däl!
Hallygözel onuň gysgajyk, kesgin jogabyny göwnüne aldy. “Iň bärkisi yzyna hem
gaňrylmady. Kejeňek diýsäni!”
Nazar gelniniň hiç zat geplemän dymyşyndan onuň öz ýarym yzgytsyz jogabyna
öýkeländigini duýdy. Emma hemişekisi dek gelniniň öýkesini ýeke garaýşy bilen
ýazmak üçin, Hallygözel aýtmyşlaýyn, diňe “mergenleriň başaryşy deýin” gözlerini
güldürip, yzyna bakmady. Bu mahal onuň ýadyna oýun, näz-kereşme düşmeýärdi.
Düýnki pajygaly wakalar henizem ähli jikme-jikliginde onuň kalbyny lerzana
getirmegini dowam edýärdiler.
…Galanyň diwary gümmürdäp al-asmana göterilende edil ýöne Esrafylyň sury
ýaňlanan dek zemin bir silkindi-de, kürs arşa tarap towusmak isleýän ýaly titräp, elenip
gitdi. Diwaryň partladylan ýerine ýakyn bolandygy sebäpli Nazaryň hem gulagy gapylan
ýaly boldy. Ol çala seňseläp, partlamanyň zarbyna zyňlan ýerinden galany hem şoldy
74
welin, iblisler bilen garpyşýan herruby kimin ýüzi eňşäp duran mergenleriň serdary
Muhammetnazar awçy, galanyň oýulan ýerinden, gurum-tozanyň arasyndan çykyşyna:
--Mergenler! Toplanyň-haw! Bejit gädigi ýapmasak, bala-çagalary gyrgyna berer,
bi nägehan!-diýip sesinde baryny edip gygyrdy. Onuň ýanyna ilkinji bolup ylgap baran
hem Nazar boldy. Onuň yz ýany köne hyrlysyny süýräp, Nazaryň goňşusy ýaşy
altmyşdan agan awçy Haýytmyrat aga geldi. Soňra ondan-mundan ýene-de mergenler
iki-ýekeden toplandylar. Şol ýerde-de olar esli wagt gädigi gorap, galanyň içine tarap
omzaýan ýagyny serpikdirip durdylar. Onýança çar-ýandan: “Ýagy galanyň içinde!”
diýen howsalaly gykylyklar ýaňlanyp ugrady. Haýytmyrat aga şonda ýarasyny daňmaga
kömekleşip oturyşyna, yzyny üzmän garawsyz bosgunlaryň üstüne gülle seçýän toptüpeňleriň sesini basjak bolup, Nazaryň gulagyna:
--Sen han ogul, git-de ejeň bilen gelniňi galadan alyp çyk! Sen barmasaň olaryň
garamatyna garajak ýok. Biziňkiler-ä näme ogul bar agtyk bar, günlerini görerler! Ilgünem bu mahal özüniňki bilen başagaýdyr!—diýip gygyrdy. Diňe şondan soň göwreli
gelni bilen ejesi görgüliniň ýeke özleridigi Nazaryň ýadyna düşdi. Ol howsala düşüp,
serdarynyň ýüzüne garady. Muhammetnazar awçy mön çaga kimin özüne delminip
garaýan gara döw ýaly äpet pyýada mylaýymlyk bilen garady-da:
--Ötäýt, inim! Ýagy indi barybir saklatmaz! Dowamat-dowamymyz bir galsyn!
Yzymyz ýitmese, hernä günlerde bir gün olar biziň başarmadygymyzy başaryp,
erkinlikleriniň eýesi bolmagyň hötdesinden gelerler-dä!—diýdi.
Öýlerine tarap ylgan Nazar iki ýaşulynyň ýanyndan daşlaşany hem şoldy welin,
niredendir bir ýerden iňläp “şuwwuldy” eşidildi-de, soňam bir zat gümpüldäp gitdi.
Nazar yzyna garanda iki ýaşulynyň ýatan ýerinden garalyp asmana göterilen tüssäni
gördi. Ýaňyja-da gepleşip oturan adamlarynyň dem salymda ýom-ýok boluşlaryna
birhili ýüregi endiräp giden Nazar, hiç ýerde säginmän, öýlerine tarap has-da batly ylgap
başlady.
Bärden has-haslap baranynda ejesi bilen hamyla gelni ikisiniň näme etjeklerini
bilmän elewräp durandyklaryny gördi. Dogrusy Ogulbaýram eje şaty görmedik, gowşak
adamlaryň hilinden däldi. Ol “görmedigi görde galan” diýilýän görgülilerdendi. Ýöne
golaýda ýanýoldaşy Keýmir aga aradan çykandan soň birhili erkini elden aldyryp, sähel
jygba-jyg ýagdaýa hem kelebiniň ujuny ýitirip, aljyrap oturandan bolupdy. Onsoňam
Nazardan özge alty çagasy hem durmadyk görgüli ömürboýy perzentlerini dünýä
inenlerinden soň gara ýere duwlap-duwlabam halys aňkasy aşypdy. Zanny-ýugrumy
dogumly bolsa-da Hallygözel hem bu mahal toýly bolanyndanmy nämemi, eliniaýagyny ýitirip durdy.
Olaryň mähnet gonamçylyga öwrülen galanyň orruk-ortarasynda hossaryny ýitiren
neresse çagalar ýaly bolup duruşlary Nazaryň ýüregini gyýym-gyýym etdi. Ol ilki bilen
tebil tapyp, gazygynyň daşyndan pyrlanyp, ýer gazaýan Dorbedewiniň ýanyna atylyp
bardy-da, onuň jylawyny eline aldy.
-Eje, Hally! Dessine iň zerur zatlaryňyzy alyň-da, geliň bäri! Ýagy galanyň içinde!
Ejesi bilen gelniniň öýüň içine ýumlugandyklaryny görübem, Nazar hasyr-husur
atyny eýerledi. Ylgap öýe girdi-de tärime söýelgi suwly meşigi eline aldy. Horjunyň
gözüne saçaklarynda bolanja gaty-guty çöregi we egsik gowurdak golçany dykdy. Girişi
75
ýaly ylgaşlap daşaryk çykdy-da, horjuny we meşigi atynyň syrtyna bökderdi. Badabadam bilindäki kakasyndan galan sapançalaryna ok saldy. Gaýyş okdanyndan soňkuja
iki okuny çykaryp, olja ýaragyny gurdy.
-Bolaweriň, käbäm!-diýip ejesi bilen gelnini gyssady. Olar çaklaňja düwünçekleri
bilen öýden çykanlaryna mähetdel, Dorbedewi idip, olaryň ýakynyna eltdi-de:
-Mün, Hally!-diýdi.
Ýaşmagyň astyndan ýüzi gyzaran, Hallygözel: “Nädip, müneýin?” diýýän terzde
gäberen synasyna ümledi. Nazar haýal-ýagallyga ýol bermän, gelnini emaý bilen
göterdi-de, bedewiň üstünde oturtdy. Soňra ejesini hem şeýdip, atynyň syrtyna
mündürdi. Nazar tüpeňini gysymyna gysdy-da, atynyň jylawyndan çekip,
gündogarlygyna ylgap ugrady. Demini kadaly almaga çalşyp, gorgunlap barýan
Dorbedewi bilen aýakdaş gopup barşyna Nazar, çar ýanynda ýarylýan top oklaryna,
ýanýan öýleriň tüssesine, daş-töwerekde çaşyşyp ýatan ildeşleriniň jesetlerine baş
galdyrman, eýýäm onda-munda wagşyýana talaňçylygyň heýjanly täsirine düşen
duşman esgerlerinden sap atyp, gizlenip, sähel salymdan galanyň gündogar
derwezesinden çykdy. Şol ýerde-de ýeke pursat säginenlerinde, giden düzlügiň üstünden
gündogar sary gözýetime çenli ýaýylyp gaçyp barýan, bosgun aýal-ebtatlaryň, garrygurtularyň, çagalaryň yzyndan at salyp kowup barýan duşman atlylarynyň olary
rehimsiz birsyhlylyk bilen gylyçdan geçirip baryşlaryna gözi düşdi. Gözleriniň görýän
elhençliklerine ýaňy ýigrimi üç ýaşandygyna garamazdan eýýäm iki-üç sany uly uruş
bilen, ençeme ownuk uruşlara gatnaşyp gören Nazaryň ini tikenekläp gitdi.
-Eý Taňrym, bu nägehanlaryň Hudaýy bir barmyka? Çagalary çapýarlar ahyry,
Hudaý jan!-diýip, süňňi bilen gagşaýan Ogulbaýram eje gelniniň mazaly ýognan
bilinden gujaklap, nädip pyşyrdandygyny özem duýman galdy. Hallygözel bolsa
gözleriniň görýänine tap getirip bilmän, gözlerini ýumaýdy. Şol pille-de iki sapar yzlyyzyna “tark, tark” boldy. Hallygözel gözlerini açanda, özlerine tarap gyrgy kimin
topulyp gaýdan iki sany duşman atlysynyň eýerden tüwdürilip gidendiklerini gördi.
Nazar bolsa nili assaja tüsseleýän oksuz tüpeňini arkasyndan asdy-da:
-Berk oturyň!-diýip ejesi bilen gelnine tabşyrdy-da, jylawy Hallygözeliň eline
tutdurdy. Soňam Dorbedewiň sagrysyna şapbady bilen bir çaldy:
-Ylga, başdaşym, syrdaşym! Demirgazyga ylga!
Özem gumuň jümmüşine tarap ümdüzine tutduran bedewiniň yzyndan eňdi. Onuň
pikiri dürsdi. Ol janyna dowul aralaşyp, basga düşüp, gorkudan ýaňa aňyny ýitiren
jandar ýaly däl-de, köpi gören urşujy dek pikir edýärdi. Häzir däli sil ýaly gündogara
tarap yňan bosgunyň yzyndan gaçsa ikuçsyz duşmanyň gykuwly, haýwany kowgunyň
heýjanyna düşen atlylarynyň girisine düşjekdi. Gyýalap gitse bolsa äwüp-säwüp ýa-da
bagty küle çöküp ýaga sataşaýmasa olary ýöriteläp kowjak ýokdy.
Şeýdip demi-demine ýetmän ylgap barşyna Nazar daljyksa-da, doňýürek ýagy
tarapyndan gana çaýkalýan galadan mazaly daşlaşýança togtamady. Diňe iki-üç depe
aşanyndan soň demini dürsemek üçin aýak çekdi. Taýlygyndan bäri Nazaryň eliniň
ekdisi bolup önüp-ösen Dorbedew janawer ýürekdeşiniň saklanandygyny syzdymy
nämemi, edil ýeňsesinde gözi bar ýaly, ol togtan dessine sakga durdy-da, horguryp
yzyna aýlanyberdi. Şol ýerde birsellem durup, nepeslerini durlanlaryndan soň hem olar
76
assa-ýuwaşdan Taňryberdi baýyň hemişe ýazlaga çykýan ýeri bolan Kepele guýusyna
tarap ýola düşdüler. Şondan bäri hem ýöräp gelişleridi.
Elbetde Nazaryň ýeke özi bolan bolsa, özem gatnawly ýollardan sowa çekilip,
ýolsuz-ýodasyz çöl-beýewanyňam buljum oýlary bilen ýöremeli bolmadyk bolsalar olar
düýn ýarygijä Kepeläniň guýusyna ýeterdiler. Emma Nazar hamyla gelnidir ýarawsyz
ejesi zerarly türkmeniň “gyrmyldan gyr aşary” bilen ýol külterlemäge mejburdy.
Üstesine-de aram-aram onuň mergen gözüne alysda bir ýerde duşman atlylaryna
çalymdaş şübheli gara görünse, belent çäge alaňlarynyň arasyna siňip, başlaryndan
musallat bolup inmekleri gaty ahmal bolan salgymlar gözden gaýyp bolýançalar
garaşmaly bolýardylar. Dogrusy Alyň ala meýdanynda her öňýeten salgymdan, ol
howply bolsun bolmasyn gizlenip ýörmek onuň zannynd-a ýokdy welin, arman ýanynda
mähribanlary bardy-da! Garaw gaýtmajygyny bilse sürä topulyberýän şagallar kimin,
türkmen topragynyň üstünde eýemseklik bilen iki-ýana at salýan basybalyjylaryň
yzyndan olaryň gözýetime garylyp ýitip gidişlerini her gezek synlanynda Nazar
ýaragynyň gundagyndan barmaklaryny geçiräýjek bolup gysymlap, hyrçyny dişläp
galýardy.
Nazaryň hiç zada baş galdyrman ýüzüni sallap her ýerden bir gadam urup
barşyndan onuň indi özüne lak atmajakdygyna magat göz ýetiren Hallygözeliň ysgynsyz
kinesi az salymdan soň soluşdy. Onuň pikirleri ýene-de kakasyna syrykdy.
Çagalaryny gögelelikden zähmete werziş edip terbiýelemegi, diňe Garagumuň
göwsünde agyp-dönüp ýören sürüleriniň sany kyrka ýakynlaýan Taňryberdi baýyň
harsydünýäliginden däldi. Sözüň hakyky manysynda durmuşyň ajysyny hem süýjüsini
gören parasatly gojanyň pikiriçe baýlyk bu jöwzaly tomusda teşne çägäniň üstüne gaçan
ýagyş damjajygynyň dessin gurap gidişi pisint bir zatdy. Şu wagt bar, sähel salymdan
bolsa ýok. Şonuň üçin hem oňa çyr-çytyr ýapyşyp, dyrjaşyp, şondan galan ähli zady kör
edip, gara nebsiň guly bolup ýörmek, akmaklygyň aňrybaşydy. Onuň özüniň ömürboýy
baýlyk toplap ýörmegi bolsa agzy ýellileriň aýdyşy ýaly “Karunyň keseli” sebäpli däldi.
Kanagatsyz kalbynyň ebedilik bendisi Taňryberdiniň owalybeletde dogup-döreýşi
şeýledi. Ol özüni rahat duýmak üçin hemişe bir zatlara gümra bolup ýörmelidi.
Kasasyny kyýamata goýman, aman-esen iline dolanyp gelen pusatyndan başlap,
Taňryberdi özünden ili yzyna düşürip, gerek ýerinde her kellesinde bir hyýal, kel
kellesinde müň hyýal bolan, dünýäde şirin janyndan beter erkinligi söýýän türkmeni bir
çukura tüýkürdip, daşky bela-beterlerden goramagyň hötdesinden gelip bilmejekdigine,
özünden serdar çykmajakdygyna gözi ýetipdi.
Elbetde Taňryberdi gözsüz batyrlaryň hilindendi. Ol ugurtapyjydy hem. Daştöwereginde bäş oýnam ýigit üýşürip, san taýdan özlerinden ençeme esse agdyk ýaga
hüjüm etmegiň we ony ýeňmegiň hötdesinden hem gelip bilýärdi. Zerur ýerinde, dagy
adam tapylmasa gahar-gazaba atlanyp, şol bäş oýnam ýigide özüni diňletmegi hem
başarýardy. Onuň gara başyny orta goýup, ýoldaşyny halas eden gezekleri hem sanardan
kändi. Emma serdar bolmak üçin diňe bu zatlar ýeterlik däldi.
Munuň üçin Däli batyr ýaly söweş güni jeňiň hyjuw meýinden mes bolup, zyrrajym
dälä öwrülen Görogla dönmelidi. Çopan kir ýaly, külli türkmende iň şöhratly serkerde
bolsaň-da, ulus-il seni han keçesine salyp, hangöter etmekçi bolup duran pursady, il77
halkyň bähbidi üçin şöhratparazlyk we häkimiýetsöýerlik nebsiň sesini gapdyrmalydy.
“Menden han çykmaz! Nurberdini hanlyga götereliň, adamlar!” diýip, watansöýerligiň
belent göreldesini görkezip, has mynasybyň ile-güne ýagşylyk getirjek ýolundan
sowulmagyň hötdesinden gelmelidi. Nurberdi han ýaly, türkmen iliniň ähli hanbeglerine ownuk öýke-kineleri unutdyryp, olary bir ojagyň başyna jemlemegi
başarmalydy. Gowşut han dek san taýdan ençe esse agdyk duşmany parasadyň bilen külpeýekun edip, türkmeniň erkinlik baýdagynyň öňünde goňşy ýurtlaryň açgöz hanbeglerini baş egdirmelidi. Baş egmediginiň başyny bolsa “seniňkilere hem sapak
bolsun” diýýän terzde beýleki bir basybalyja peşgeş etmelidi.1 Dykma serdar deýin, Ata
Watanyň hatyrasyna ýaga gulluk edýän kişiden bolup, masgaraçylykdan hem gorkman,
kuwwatly duşmana al salmagy oňarmalydy. Berdimyrat han bolup naýzalaryň üstüne
özüňi zyňmalydy. Gara batyr kimin ejiz bedeniň duşman naýzalarynyň ujuna
mündürileninde-de, soňky demiňde: “Çoz, Türkmen! Ur, Teke!” diýip haýkyryp jan
bermelidi. Ondan bärdäki gaýrat bilen bolsa serdarlyga milt hem etmeli däldi. Umuman
olaryň ählisi kimin, özüň üçinem, maşgalaň üçinem däl-de diňe iliň-günüň, Ata
Watanyň, Ene Topragyň üçin ýaşamalydy.
-Hally, ýadaýan-a dälsiň-dä?!
Nazaryň jümlesi Hallygözeliň pikir akymynyň arasyny böldi. Ol gözlerini
göterende Nazaryň mylakatly lowurdaýan gözleri bilen nazar sataşdy. Hallygözeliň özi
aýtmyşlaýyn Nazar bu wagt oňa: “diňe mergenleriň seredip bilişi ýaly” bakýardy.
-Ýok-la!-diýip hälkije näzli kinesinden nam-nyşan galmadyk Hallygözel
Dorbedewiň boýnuna ýap-ýasy aýasyny goýup, aýakdaş gopup barýan Nazara ýumşak
jogap gaýtardy. Emma bada-badam zenan mahsuslygyna eýermän bilmedi.
-Ýöne şu göwrämdäki birhili: “kakam bize näme üçin üns bermeýär” diýýän ýaly,
depirjikläp, halys eňkimi agdyryp barýar.-diýip näzli halymsyrady.
Nazar ýylgyrdy. Onuň ýylgyryşy diýseň üýtgeşikdi. Tebigaty-ýasawy boýunça
agras Nazaryň ýylgyrýan wagty juda seýrekdi. Ýöne ýylgyranda welin ol özgeleriňki
dek diňe dodaklary, ýüz-keşbi bilen däl-de tutuş durky-dünýäsi bilen, tüýs ýürekden,
ähli özünden ýylgyrýardy. Şeýle pursatlar hem diňe onuň ýanynda duran adamlar däl,
eýsem daş-töweregini gurşaýan ýagty jahan hem: “Bäh, bu gara döw ýaly mähnethyrsyz pyýadany-da ýylgyrtmagyň hötdesinden geläýdikmi?!” diýip, öz eden işine hem
geň galyp, hem monça bolup, lezzetden dolýan ýaly bolýardy. Ýyl ýarym mundan ozal
küren obanyň kethudasynyň körpe gyzyny jadylap, tora düşen tylla balyjaga dönderen,
gijeler ukusynyň mazasyny alyp, gündizler her gezek atyny suwa ýakmaga geçende oba
mergeniniň yzyndan ogrynça tärimden garap, synlamaga mejbur eden gudrat hem
Nazaryň gözleriniň bakyşy bilen hemmeleriňkiden üýtgeşik ýylgyryşydy. Ýöne bagt
guşy başyna gonsa adamyň zanny-ýugrumy hem üýtgäberjek ekeni. Deň-duşlarynyň
henek edişi ýaly öň “ýylda bir gezek, onda-da hiç kimiň görmeýän wagty, onda-da daň
saz berende, onda-da düýşünde ýylgyrýan” Nazar öýlenenden soň her günde beýle-de
dursun, her pursatda-da ýylgyrýardy. Sebäbi diňe bir Ýaňgalanyň däl, eýsem Gökdepe
jelegaýynda özüne bir gaýra gözi düşen ýigdiň kalbynyň soltanyna öwrülýän Hallygözel
1855-nji ýyldaky Saragt söweşinde Gowşut hanyň serkerdelik etmeginde türkmenler Hywa hany Mädemin hanyň
goşunyny ýeňip, onuň özüniň bolsa kellesini alyp, ony Eýran şasyna “peşgeş” edipdirler.
1
78
onuň ýylgyryşyndan lezzet alýardy. Gelni Nazary ýylgyrtmagyň hötdesinden hem
gelýärdi.
-Size bir üns bereweräli! Ýogsa Haktagala nesip edip oglumyz bolsa: “Kyrk düýe
bahaly ejeme kän üns bermänsiň” diýip gaty göräýmesin birden!-diýip dünýäni undan
Nazar assyrynlyk bilen gelniniň özüniň döwüň penjesi ýaly mähnet eliniň astynda
çaganyňky dek kinniwanja görünýän elini gysymyna gysdy. Hallygözel bada-bat yzyna
gaňryldy. Yzlaryndan gelýän gaýnynyň Nazar ikisine seretmediksiräp ýere
bakýandygyny gören Hallygözel ogurlykda tutulan ýaly gyzardy.
-Aýrylsana, oglan! Derrew ýöne ýapyşyberýärsiň! Ejeň seredip dur ahbetin!
-Seredende näme? Biz näme ejem halamaz ýaly ýaramaz iş edýärismi?-diýse-de
Nazar Hallygözeliň elini gysymyndan sypdyryp, az-kem gapdala süýşdi. Hälden bäri
hemdemleriniň näz-kereşmesini süňňi bilen syzyp, olara päsgel bermejek bolýan ýaly,
süýnüp-sarkyp dähedem-dessemläp barýan Dorbedew çatynjalaryň biri-birinden
daşlaşanlaryna halamandygyny duýdurmak isleýän dek, närazy hokrandy. Syrdaşynyň
her bir hereketini okamaga endikli Nazar bedewine düşünip:
-Haý-haý saňa göwündeşim-ä!-diýip, monça bolup, Dorbedewiň ýalyny sypap
goýberdi. Şol pille-de onuň ýaraly egni ýiti yza bilen sanjyp gitdi. Nazaryň ýüzünden
bada-bat ýylgyryş uçdy. Ýap-ýaňyja-da älemgösaryň ähli reňkleri bilen öwşün atyp
duran ýagty dünýäniň dem salymda reňki solup, çar-töwerek sary boşluga beslendi.
Kalbyndan lezzet ýitip, onuň ýerine rehimsiz ýagynyň at toýnagynyň astyna paýandaz
edip düşelene dönen mähriban ýurt hakyndaky pikir geldi. “Indi nätmeli bolarka?”
Nazaryň ýüregi gysyp gitdi. Ol ýüzüni sallady-da, Dorbedewiň öňüne düşüp,
demirgazyk-gündogara sary mytdyldap barmasyny dowam etdi.
Ýanýoldaşynyň birden ýüzüne kölege inendigini gören Hallygözeliň hem keýpi
gaçdy. Nazaryň göwnüni gysaja gysan çykgynsyzlyk duýgusyny kalby bilen syzan
Hallygözeliň oňa göwünlik beresi, özüniň göwresindäki janly dowamat-dowamynyň
köňlüni doldurýan kuwwatyny mähribany bilen paýlaşasy geldi. “Nätmekden Hudaý
saklasyn, dünýämiň diregi! Muňalma ahyry, gara gözlerimiň röwşeni! Ýüregimiň
astynda dowamat-dowamymyzyň eýýämden “Azatlyk, Watan, Toprak, Ar-Namys”
diýen sözleri diliňe alanyňda öňküsinden üýtgeşik gürsüldäp başlaýan ýürejigi urup dur
ahyry! Nesip bolsa biziňki ýaly heniz dünýä inip dem alyp başlamankalar Watan
erkinliginiň höwesinde jigerleri üýtgeşik gürsüldeýän dowamat-dowamlaryň ençemesi
dünýä inerler, onsoň olar öz mertlikleri, watansöýerlikleri, namysjaňlyklary, pähimparasatlary bilen baknalygyň zynjyryny gyrym-gyrym edip taşlarlar! Olar hötdesinden
gelip bilmeseler, olardan soňkular başararlar! Biz bir ruhdan düşmäli iki jahanymyň
manysy, biz bir ruhdan düşmäli!”
Emma göwnünde döreýän bu duýgulary diliňe getirip, olary söze gaplap, Nazaryň
kalbyna ýeter ýaly gelişdirmek üçin, şahyryň zybany zerurdy. Hallygözel bolsa
göwnündäkini söz gözelligine gaplap bilmejekdigini duýdy. Şonuň üçinem ýaş gelin
diňe dymyp oňaýdy.
Olar şol gidip baryşlaryna hol allaowarrada Owadandepäniň öý ýaly sazaklary
hellewläp görünýänçä ýörediler. Nazar “gözeilginç beýiklige ýagynyň kaňkaşyp ýören
saklawlarynyň biri azaşyp-tozaşyp sowulaýmasyn” diýen gorky bilen Owadandepä
79
sowulman, Jelaleddin Meňliburnynyň gözel gyz esgeriniň mazarlyk depesiniň1
deňesinden aýlanyp geçdi-de, ondan esli daşlaşyp, buljum oýda düşledi. Nazar derrew
jagrama çöpläp, ot ýakdy. Bolanja suwlarynyň ýarysyny tüňçä guýup, oduň ýelesine
goýdy. Tüňçe gaýnanyndan soňra atym çaýlarynyň ýokdugy zerarly gury suwa
gowurdak atynyp, bolanja gaty-guty çörekleri bilen ýürekselik edindiler. Kiçijik oduň
ygyna geçip, azsalymlyk gyşaran Nazara tarap gözüniň gyýtagyny aýlan Hallygözeliň
böwrüne şeýtan dürtdümi nämemi onuň hälki, “kyrk düýe bahaly” diýen gürrüňi ýadyna
düşdi.
“Taňryberdi baýyň kyrk düýe bahaly gyzy” diýen lakamyň Hallygözeliň adynyň
yzyna tirkelmegi kakasynyň günäsidi. Hallygözel ýaňy göze görnüp ugran mahaly goňşy
obadan bir baýsyrap ýören jalataýyň özüne mynasyp ogly üçin Hallygözele gudaçylyga
gelipdiler. Şonda Türkmen aganyň “gyzly öýe item gyýa garap geçer” diýip döreden
tymsalyna belet bolsa-da, Taňryberdi baý il içinde asly-ýugrumyna göwni ýetilmän
ýörülen bir jalataýyň özüne özüni deň saýmagyny öte ýokuş gördi. Emma şonda-da
türkmen salyhatlylygyny elden bermedi. “Käşgä eşek bir öz deňini gaşaýsady.” diýen
hüňürdini gür sakgal-murtuna siňdirip pyşyrdady-da sawçylara:
-A-haw, adamlar, biziň baýlygymyz-a bilýänsiňiz! Il-günem “baýam baýa berer
Hudaýam baýa berer” diýip ýöne ýerden nakyl döreden däldir. Harsydünýälikdenem däl,
beýlekidenem däl, ýöne her kes öz deňini gaşasa ýagşy! Gyz bir atasy öýünde önüpösse-de iliň halaly bolýar. Bizem özümizi öz deňimiziň gaşaýandygyna göz ýetirmekden
ötri, habar gatýan kişilere: “gyzyň bahasyna kyrk düýäni töläň-de, daşyny dolap, alyp
ötägidiň” diýýäris. Kyrk düýäni işigime örkläň-de, alyp gidäýiň gyzy!-diýdi.
Taňryberdi baýyň şertini eşiden sawçylar ýumşak ýerlerine sapan degen ýaly bolup,
onuň işiginden zym-zyýat boldular. Sawçylary ugradan jalataýyň öýüniň bir depik gumy
bilen mizan terezä salyp satanyňda-da, ol-ha kyrk düýe ekeni, bäş sany kel tokla geçjek
däldi. Dogrusy il-gün birbada Taňryberdi baýyň bu şertini geňledi. Göwünleri pessaý
otda köp goýlan tüňçeden zerre tapawut etmeýän kişiler bada-bat: “Sahawatly kişi,
sahawatly kişi” diýen bolup, jomartlyk asmanynyň güneşine dönderdiňiz, han-ha siziň
Hatam-Taýyňyzyň bolşy, ýeke gyzyna dagy nyrh kesişini görýärsiňizmi?! Edil ýöne
Buharanyň juma bazarynda arzan alyp üç esse bahasyna haryt satýan dellalyňa “gaýra
durup iber” diýdirýärmi?” diýip, il içine myjabat ýaýratmaga başladylar. Emma iliňgünüň agyna-garasyna düşünip ýören, Hydyrguly molla deýin ýaşulylar: “Häýt, ýaz
ahyrynda düýe gumalagyna gonan siňekden tapawudy bolmadyk bikärler, kesiň-aýt
gybatyňyzy! Taňryberdi kethuda bir zat geplese onuň hökman hikmeti bardyr.
Garaşyberiň bakaly! Mazaly magadyna ýetibereris” diýip gybatkeşleriň alpetinden
alypdylar.
Emma esli wagt geçse-de Taňryberdi baýyň näme üçin gyzyna kyrk düýe baha
kesendigine hiç kim akyl ýetirip bilmedi. Ýöne “kyrk düýe bahaly gyz” hakynda myşmyş çişip-örňäp ilki Kesearkaja, ondan soň hem türkmen ülkesiniň ähli künjüne
ýaýrady. Hatda Eýranyň serhetýaka galalarynda, öten-geçen täjirlerden hem “kyrk düýe
Owadandepe hakynda rowaýata görä Jelaleddin Meňliburnynyň goşunlarynyň arasynda esger geýmini geýen gyz
bolanmyş, şol gyz hem mongol basybalyjylary bilen söweşleriň birinde gurban bolandan soň onuň gyzdygy Jelaleddine
aýan bolanmyş we şöhratly serkerde şol gyzy jaýlan ýerlerinde Mazarlyk depe galdyrmagy buýranmyş.
1
80
bahaly gyz” hakynda birlän-ikilän söz açýany tapyldy. Sebäbi gyzyň galyňy üçin kyrk
düýe diýilýän zat ol döwürler sada halkyň arasynda görlüp-eşidilmeýän hadysady.
Elbetde han-begler, tütjar baýlar gyz galyňy hökmünde, sürüläp goýun hem
geçirýärdiler, goşawuçlap tümen hem seçýärdiler, ýöne arassa, sap “kyrk düýe” diýýän
welin ýokdy.
Şol barmana-da Taňryberdi baýyň “kyrk düýe bahaly gyzy” Nazar mergeniň
ýüpsüz-zynjyrsyz bendiwanyna öwrüldi. Ogryn-dogryn gepleşip, juwan ýürekleriniň
diňe biri-biri üçin urýandygyna göz ýetirip, “ölmesem seniňki, ölsem ýeriňki” diýşip äht
edişenlerinden soň bolsa, Hallygözel bilen Nazar üçin jahanyň ähli manysy-yşnagy diňe
birek-birekde jemlendi. Ýöne şu ýerde-de bir kynçylyk döredi. Taňryberdi baýyň
sözüniň sözdügine uludan-kiçä hemmeler beletdi. Dyrnak ýalylykdan atasyz ýetim ösüp,
aw bilen, daýhançylyk bilen ejesi görgüli ikisi eklenip ýören Nazar mergende bolsa
Hallygözel üçin “kyrk düýe” galyň töläre ýagdaý ýokdy.
Şondan soň kän wagt geçmänkä Nazar obadan gürüm-jürüm boldy. Hatda ejesi
görgüli hem onuň nirä sumat bolandygyny düşündirip bilmedi. Ähli sowallara “Aw
diýip çykyp gidişi” diýip egnini gysyp oňaýdy. Özi welin görgüli, oslagsyz ýitirim bolan
jigerbendiniň gaýgysynda gijeler ýatman, gözýaşdan ýaňa ýassygyny öl-myžžyk edip,
daňyny atyrýardy. Bir syrgyn beýle ýanynda-da Hallygözel bir ýerde iliň-günüň
ýykylýan öwlüýäsi bar bolsa sanaşdyryp, Nazar üçin Haka mynajat edip, gijelerini çirim
etmän geçirýärdi. Nazar geler ýerde gelmänden soň kowumdaşlary hem howsala düşüp
ugradylar. Bu gün-erte onuň gözlegine adam ugratmakçy bolup duran wagtlary hem
ötegçi söwdagärleriň biri: “Nazar mergen Eýran hanynyň toýunda mergenleriň
ýaryşynda ýeňip, baş baýragy alypdyr. Indem Ýaňgaladan bir ýatymlyk gün ýolda”
diýen şatlykly sozanguýruk habary getirdi. Ol habaryň ertesi gün bolsa Nazar yzyna on
sany düýäni tirkäp, ýüzüni sallap obalarynyň çetinden indi.
Obadaşlary türkmen topragynyň öň hem belent şöhratyny ýene-de bir gez
beýgelden Nazaryň şanyna toý tutdular. Olaryň horaşaja öýleriniň daş-töwereginde
bagşy diňlemek üçin ýygnanan mähelleden ýaňa aýak basara ýer galmady. Aýdym
aýdyldy, saz çalyndy, şatlyk-şagalaň dik asmana göterildi. Ömrüne beýle dabara gözi
düşmedik Ogulbaýram eje görgüliniň depesi göge diredi. Törde daşyna adam baryny
üýşürip oturan ýalňyz perzendiniň didaryna öwran-öwran garap, onuň keşbinden doýupganyp bilmedi. Emma Nazaryň gamgyn keşbi enäni ynjalykdan gaçyrdy. Säher
şapagynyň düýbi çyzylyp görneninden soň märeke dargady welinem ejesi Nazardan oňa
näme bolýandygyny sorady. Şonda hem Nazar ejesine “kyrk düýe bahaly gyz” bolmasa
ömrüniň küldügini, özüniň bolsa şunça urnup, iň soňunda bary-ýogy on düýäni tapmaga
gaýratynyň çatandygyny, indi bolsa bahasynyň yzyndan ýetip bolmajak gyzy alyp
gaçaýmasa başga alajynyň ýokdugyny pyşyrdap, gürrüň berdi. Balasynyň bolşy
garabagyr görgülini üýşendirdi. “Ol diýeniň-ä bolmaz, alyp gaçyp, Taňryberdi kethuda
ýaly il-günüň göz guwanjy bolan päkize ynsany masgaraçylyga ulaşdyraýsaň halk seni
näletlär! Halkyň näletinden bolsa Hakyň özi seni gorasyn! Bir alajy bolar! Alyp
gaçmaga bolsa het edäýme!” diýip, ogluny raýyndan gaýtarmak üçin jibrine-jibrine
Ogulbaýram eje görgüli, ertesi gün kowumlarynyň aksakgaly Hydyrguly mollanyň
ýanyna geňeşe bardy. Ýagdaýyny aýdanyndan soň bolsa Hydyrguly molla: “Päheý gelin,
81
şonuň ýaly kiçijek zady şunuň ýaly alada edinerlermi?” diýdi. Yzyndanam jowur ak
sakgalyna siňdirip henekli ýylgyrdy-da, juda keýpi kök bolanda edişi ýaly, ak matadan
sellesini maňlaýyna süýşüräge-de: “Öýüköýen, diýmäýin diýsem, atasy pahyryň kejirligi
bar munda-da! Gör-ä munuň tapýan zadyny, “Taňryberdi kethudanyň gyzyny alyp
gaçaýyn!” diýip. Asyl şu ýaşlar sähel ugrundan gopmasaň, tutuş obanyň abraýyny hem
ýaşlygynyň ýelgininiň ugruna tozadyp goýberiberjek-haw!” diýip, mylaýym käýindi.
Soňam: “Saçagyňy düw-de Ogulbaýram gelin, gün öýle bolanda Taňryberdi kethudanyň
işigini habar bilen aç! Hiç zady alada etme! Bizem ynhalykga öýdäkiler bilen
jemlenişip, yzyňdan baryberýäris! Nazar ýaly iliň-günüň abraýynyň jogapkärçiligini
boýnuna alyp, ony mizana salyp, soňam ol abraýyň bahasyny sansyz esse galdyryp
bilýän goç ýigit üçin biz Taňryberdi kethudanyň gapysyny kakman näme?! Baý,
kakarys-a!” diýdi.
Gün öýle bolanda, ýeke ynsanyň öňünde ýer ýaly ýuwaşlygyndan özge müýni
bolmasa-da Ogulbaýram eje Taňryberdi baýyň işiginiň eňsisini çekine-çekine galdyrdy.
Saçagyny Taňryberdi baýyň gelinleriniň birine gowşuryp, ýa Alla habar gatyp-gatmanka
hem Taňryberdi baýyň işigi ýöne ala-zenzele bolaýdy. “Allajanlarym ahyrzaman gopdy
gerek!” diýşip, Taňryberdi baýyň gol doly maşgalasy, onuň özi başlyklaýyn uludan-kiçä
bosuşyp daşaryk çykanlarynda, öz gözleriniň görýänine ynanmadylar. Taňryberdi baýyň
alty ganat ak öýüniň öňüniň at gaýtarym meýdany ýöne düýe bolup durdy. Ol düýeleriň
sany kyrka däl, ýüzdenem agdykdy. Ýaňgalalylar bolsa entegem düýelerini idip, getirip
durdular, şol getirip durdular…
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Şazadanyň şikäri - 10
  • Parts
  • Şazadanyň şikäri - 01
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2261
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 02
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2305
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 03
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2252
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 04
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2157
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 05
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2204
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 06
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2060
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 07
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2099
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2228
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 09
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2272
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 10
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2230
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 11
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2374
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 12
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2094
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2066
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 14
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2175
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 15
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2238
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 16
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2142
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2282
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 18
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2122
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    37.4 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 19
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2271
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 20
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 2191
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 21
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2359
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 22
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 23
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2172
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 24
    Total number of words is 906
    Total number of unique words is 612
    40.0 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.