Latin

Şazadanyň şikäri - 20

Total number of words is 3595
Total number of unique words is 2191
28.1 of words are in the 2000 most common words
40.8 of words are in the 5000 most common words
47.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Öýkeni suwdan dolan Annaöwezow üsgürdi. Agyrydan ýaňa ýüzüni çytyp, ynjyly
sojady.
--Wah, aýagym gaňryldy öýdýän!
--Ýüzmegiň hötdesinden gelersiňmi?
--Bilmedim-dä, ýoldaş seržant.
Merdan haýal-ýagallyga ýol berip biljek däldi. Suw eýýäm eňeklerine ýetip,
aýaklaryny ýerden üzüp ugrady. Ol Annaöwezowyň goltugyna girdi. Goly bilen bilinden
tutdy. Beýleki eli bilen ýaragyny saklap, öňe tarap süýşüp başlady.
--Annaöwezow, ýaragyňy…üh-he, üh-he… gaçyraýma!
Suw agzyna gidip Merdany gepletmedi. Daýawdygy zerarly Annaöwezowyň
bedeni onuň hortap göwresini aşak basýardy. Beyle ýagdaý uzak dowam edip biljek
däldi. Suw burnuna girip ugranyndan soňra, Merdan ýüzmeseler bolmajagyny bildi.
--Annaöwezow!-diýip, Merdan oňa tarap öwrülende, onuň ejirli eňşäp duran
ýüzüne gözi düşüp haýykdy. Halyna gyýlyp, sesini ýumşadanyny hem duýmady:
--Ýüzüp bilermiň, inijik?
Merdan özünden bary-ýogy birje ýaş uly bolsa-da, Annaöwezow onuň äheňine
hossar tapynan ýaly boldy.
--Ýüzerin, ýoldaş seržant!
--Getir ýaragyňy, enjamlaryňy maňa ber. Bir eliň bilen ýapynjamyň ujundan ýapyş!
Birden akyp gidäýme! Gitdik!
Bir haýukdan soň, Merdanyň ýapynjasy dartylyp başlady. “Ýadady!” diýip, Merdan
Annaöwezow hakynda tukat oýlandy. Bahym bir çykalga tapmasa Annaöwezowyň
177
ýüzmäge mejaly galjak däldi. Ol esli wagt bäri gapdallary bilen akyp barýan sütün
bölegine ýapyşdy-da, Annaöwezowy hem ýanyna dartdy. Niredediklerini bilmek üçin,
üşemekden ýaňa titräp, diýen etmeýän eli bilen elçyrasyny ýakdy. Ýalpyldap çykan
şöhle gözüni gapdy. Ol öwrenişmek üçin, azajyk gözüni ýumdy-da, elçyrany öňlerine
tutdy. Şol bada hem şatlykdan ýaňa demi tutuldy. Belentlige çenli ýüz ädimden kän
galmandy.
--Gideli, inijik! Ýetipdiris ahyry.
Merdan äňi-äňine degmän gagşaýan Annaöwezowy süýräp diýen ýaly, ýüzüp
ugrady. Onuň haly teňdi. “Pažžyldap” öňe dyzap barşyna Merdan: “Buýmasa-da
ýagşydyr!” diýip, basga galýardy.
Ýöne hernä ýigrimi-otuz ädim çemesi geçenden soň aýagy ýere galtaşdy. Ol
ysgynsyzlykdan ýaňa entäp dursa-da, ýoldaşyny hopba edip, belende çykardy. Suwdan
saýlanan ýerinde-de, gymyldara gurbaty galman, ýüzin süýndi. Biraz demini
dürsäninden soňra ilkinji meýli serhet galasyndan kömek soramak boldy. Emma
aragatnaşyk serişdesiniň burmasyny towlap-gaňryp, enter-pelegini çöwürse-de, ondan
dem-düýt çykmady. Merdan: “Tamaň tala daňlyp, umydyň otdan towsan ýaly bolaýsyn”
diýip, umytsyz oýlandy. Duýduryş sapançasyna garşy bolsa gözüniň gyýtagyny hem
aýlamady. Sapançanyň oklarynyň myžžyk bolandygy köre hasady. Diňe könlünde dörän
umyt uçgunjygy zerarly: “Serhet galasynyň garawuly görmezmikä?” diýen niýet bilen,
elçyrasyny gala tarap öwürdi-de, birküç ýola öçürip-ýakmak isledi. Emma bu niýetinden
hem bahym dändi.
“Beýle alysdan ýöne wagt görünmeýär. Bu mahal-a ýagyşdan ýaňa garaňkylygam
gözedürtme tümlüge öwrülip, goýaldy.”
--...Gara dagdan iner sili türkmeniň…,…Bent tutdurmaz gelse sili türkmeniň…diýip, ol goýy läbikli suwa seredip oturşyna duýdansyz huşuna gelen setirleri pyşyrdady.
Ony lapykeçlik basmarlady. Sütüni süýnüpdi. Argynlykdan ýaňa eginleri sallandy.
Kalbynyň törüni eýelän göwnüçökgünlik üşeýändigini hem onuň ýadyndan çykardy.
Alla bilsin, ol beýdip müzzerilip ýene-de näçe wagt oturjakdy, birdenkä biri
goltugyndan gop beren ýäly boldy.
“A serhet näme?
Näme bärde beýdip, ýüzüňi sallan bolup otyrsyň?! Serhedi kime taşladyň ahyry?!
Seniň ýagşa ezileniňe, üşäniňe nebsi agyryp, betpäl bet pälinden dänermi?! Haý, günüňe
ýanaýyn!”
Ol syçrap turdy-da, aýagyny daňmak bilen meşgul bolup, sesini çykarman oturan
ýoldaşyna ýüzlendi:
--Esger Annaöwezow!
Merdanyň zarňyldap duran sesi ikilenç tümlügi böwsende Annaöwezow esger
endigi bilen dim-dik boldy.
--Men ýoldaş seržant!
--Serhet galasyna garşy alňasa! Ýagdaýy aýdarsyň…
Annaöwezow düşünmedi:
--A sen… sen näme, ýoldaş seržant?!
178
--Esger Annaöwezow, buýruk diýilýän zadyň seljerilmäge däl-de ýerine ýetirilmäge
degişlidigini saňa öwretmedilermi?
--Öwretdiler, ýoldaş seržant!
--Onda… Yzyňa dön!
Annaöwezow aýlandy.
--Serhet galasyna tarap, ýöre!
Annaöwezow birküç ädim ätdi-de, birdenem ýüpünden çekilen ýaly, togtady.
Dolandy.
--Ýoldaş seržant, men gitjek däl!
--Näme, näme?!!
Gahar-gazapdan ýaňa Merdanyň dili tutuldy. Ol Annaöwezowyň alkymyna
dykyldy. Birdenem onuň ýyldyrap duran gözlerine nazary sataşyp, bady gaýtdy.
Annaöwezowyň näme etse-de özüni ýeke taşlap gitmejekdigini duýdy.
--Otur, Kerwen!-diýip, Merdan ilkinji gezek Annaöwezowyň adyny tutdy:--Serhedi
goragsyz goýup bolmaz, şu ýerden gözegçilik ederis.
Merdanyň sözleri pessaý ýöne, aýgytly çykdy. Ol göz gezdirip çykmak maksady
bilen bir-iki sapar elçyrasyny serhet şahamçalaryna garşy ýakyp-öçürip, sil suwunyň
ýüzünden şöhlesini tyrpdyryp goýberdi. Şol wagt bir-iki menzil daşlykda, goňşy serhet
galasynyň gorag zolagynda hem yşyk ýylpyldap gitdi. Gözlerine ynanmadyk Merdan
barlap görmekden ötri, ýene-de elçyrasyny şol ugra gönükdirip, gyrpdyrdy. Ýaňky yşyk
oňa jogap berdi. Soňra has aňyrrakda hem bir täze yşyk gyrpyldady. Soň ondanam
aňyrda ýanyp-sönýän yşyklaryň bir-iki sanysy göründi. Ýeňselerinden hem birküç sany
yşyk olaryň “gepleşigine” goşuldy. Buýsanjyna bäs gelip bilmedik Merdan ýoldaşyny
garsa gujaklaýanyny duýman, begençli gepledi:
--Görýäňmi? Kerwen, görýäňmi? Muny bir görsene, ýekeje serhet saklawy hem
serhedi terk etmändir! Görsene muny, bütin serhet yşyklary bilen gepleşýär.
Aýagynyň injigini owkalaýan Annaöwezow ýylgyrdy.
--Görýän, ýoldaş seržant! Hiç kim gitmändir.-diýip, ol sägindi-de, buýsanç bilen
üstüni ýetirdi:-…Bizem gitmedik!
Serhet zolagynyň tutuş uzynlygynda gyrpyldaýan yşyklar bolsa, göýä: “Doganlar,
barmysyňyz?! Ýurt abatmy?! Bizd-ä hemme zat gülala-güllük!” diýip, biri-biriniň
halyndan habar alýan ýalydy…
“Adalat” gazetiniň 2007-nji ýylyň 20-nji aprelindäki sany
Bäsdeşler
...Serhet birikmesiniň täze gurlan sport toplumynyň içi esgerlerden, serkerdelerden
hyryn-dykyndy. Hemmeleriň gözi hem sport toplumynyň merkezindäki daşyna dört sany
galyň ýüpden germew aýlanan göreş meýdançasyndady. Bu gün serhet birikmesiniň
içindäki sportuň dürli ugurlary boýunça ýaryşyň üçünji – esasy günüdi. Sebäbi bu gün
deslapky göreşlerde ýeňip, birikmäniň esgerleriniň arasynda kikboksing boýunça
ýaryşyň ahyrky tapgyryna gatnaşmak mümkinçiligini gazanan iki esgeriň haýsynyň
179
ýeňiji hökmünde serhet birikmesiniň abraýyny Döwlet serhet gullugynyň ähli
birikmeleriniň we bölümleriniň ýeňijileriniň gatnaşmagynda geçirilýän ýurt
möçberindäki ýaryşda goramalydygy kesgitlenýärdi.
Eminiň garşydaşlary göreş meýdançasyna çagyrmagyna juda ujypsyz wagt
galypdy. Geýim çalşyrylýan otagda endamyny sowatmazlyk üçin ellerini-aýaklaryny
silkeleşdirip ýören Merdan uly-uludan demine alyp, rahatlanmaga dyrjaşýardy. Dogrusy
ol juda tolgunýardy. On ýaşyndan bäri ýokary tejribeli halypadan tälim alan Merdan
üçin deslapky göreşlerde tejribesiz garşydaşlaryny ýeňmek beýle bir kyn düşmändi.
Çünki möhletleýin harby gulluga geleninden bäri sport bölüminde gulluk edýändigi
zerarly geçen bir ýylynyň dowamynda-da ol türgenleşiklerini arasyny ýeke gün hem
kesmändi. Şonuň üçinem onuň taýýarlygy, çalasynlygy, zarbalarynyň kuwwatlylygy,
göreş usullarynyň-tärleriniň gözeilmez tizligi has-da ýokarlanypdy.
Ýöne ol geçen iki günüň dowamynda özüniň häzirki garşydaşy – serhet galalarynyň
ätiýaçlygy bölüminiň seržanty, ýene-de dört-bäş aýdan harby gullugynyň möhleti
tamamlanýan Annamerediň geçiren deslapky göreşlerini hem görüpdi. Görmäge göz
gerekdi. Onda-da tejribeli pälwanyň gözi. Suwulgan ýaly sypjyklyk bilen
garşydaşlarynyň ýeke zarbasynyň hem nyşana degmegine mümkinçilik bermeýän
pälwan ýigit göreş meýdançasynda kebelek bolup gaýmalaýardy. Iň agyr – 91 kg
agramdan ýokarda çykyş edýär diýmersiň. Edil “ýelek agramly” diýilýän pälwanlar ýaly
çalasyn hereket edýärdi. Garşydaşyny göreş meýdançasynyň içinde pyrlap-pyrlap, enterpelegini çöwürýärdi-de, birdenem özüniň tutuş aýy agramy bilen hüjüme geçýärdi.
Özünden gaçylýandygyna köhi gelip, kikboksingiň iň esasy ýörelgesi bolan ätiýaçlygy
unudan, heniz nijeme göreşlerde bişişip ýetişmedik gögele pälwanyň üstüne üç-dört
sany bişen kerpiji birbada pytradýan zarbalaryň tapgyry dumly-duşdan ýagyp
başlaýardy. Göz açyp-ýumasy salym geçip-geçmänkä-de ussat pälwanyň sungatynyň
pidasy bolan gögele, gullukdaşlaryndan müýnli gözlerini gizlemäge çytraşyp, ýüzüni
sallap göreş meýdançasyndan çykyp gidýärdi.
-Ussada ussat diýmeli. Heniz beýle tejribeli pälwan bilen iş salşyp görmändimdiýip Merdan içki tolgunjyny nädip daşyna çykaranyny hem duýman galdy. Badabadam özi-de duýman pyşyrdysynyň dowamyny içinden oýlandy: “Masgara
bolaýmasam ýagşydyr-ow!” Ol gezmeläp ýörşüne otagyň diwaryna ýelmenen adam
boýy aýnanyň öňünde togtady. Närazylyk bilen öz şekiline birlaý göz aýlady. Aýnadan
oňa gujurly gollary, baldyrlary çykyn-çykyn bolup duran, döşleri gapak ýaly, daýaw
pälwansypat, bugdaýreňk ýigit parahatlyk bilen garaýardy. Emma siňe seretseň onuň
keşbiniň göýä hiç bir zadyň öňünde sarsmajaga-mizemejege çalym edýän
parahatlygynyň aňyrsynda ysgynsyzja howsalanyň, özüne ynamsyzlygyň ýumşak ýere
düşen ýagyş gurçugy deýin gowuşgynsyzja gymyldap durandygy bildirýärdi.
Merdanyň öz tolgunjyna, mejalsyz howsalasyna gahary geldi.
“Ýeri güýçli bolsa bolupdyr-da! Gaty gitse ýeňer-dä! Ýaryşyň manysy hem
güýçliniň gowşakdan üstün çykmagy ahyry! Näme şu wagta çenli ýanyň ýere
degmändigi üçin özüňi Göroglynyň “berekallasyna” begenip, sähel salymda ýetmiş iki
pälwany ýanbaşyndan agdaryp goýberýän ýeňilmezek Galandardyryn öýdäýdiňmi?!
“Düýeden uly pil bar” diýipdirler. Ahyry bir gün senem ýeňen tapylmaly bolar ahbetin.
180
Ýykylsaň ýer göterýär. Ýeňilseň mundan beýläk türgenleşiklere has beter durkuňdüýrmegiň bilen berilmeli bolarsyň…” diýip serhetçi ýigit özüne gyjalat gatyşykly
göwünlik berip çuslanmaga başlady.
Şol pille-de näme üçindir serhet birikmesiniň maliýe bölüminde işleýän esger gyz
Jahanyň mähirli keşbi onuň hyýalynda janlandy. Näzenin gyz her gün irden serhet
birikmesiniň derwezesinden girip, esgerleriň maşk edip ýören türgenleşik
meýdançasynyň deňesinden işleýän ýeri bolan birikmäniň dolandyryş binasyna geçip
gidende Merdan onuň yzyndan garap aňk bolup galýardy. Gardan ak alkymy, hemişe
gülgüne öwsüp duran, dähedem-dessemläp barşyna haýsydyr bir pikirine bildirerbildirmez gülümsirände bir enaýy çukanajyklar emele gelýän ýaňaklary, gyrmyzy reňkiň
goýusyna gaýra dur diýdirýän pisse dodaklary, keman gaşlaryň, peýkam kirpikleriň
goragynyň astynda garan ýerini eredip barýan, ýürek gopduryjy bakyşly maral gözler…
Endamyna şapylaşyp duran harby geýimi bolsa kady-kamatyna has-da gelşik berýär…
Ýarym ýyl bäri daşyndan synlap, guwanyp-doýup bilmän ýörse-de, gijeler düýşünde
bolaýmasa ýeke saparam kelam agyz gepleşip görmedik näzenininiň gül jemalyny göz
öňüne getirende juwan ýigdiň hyjuwly bedenine ýeňiljek, juda süýji galpyldy indi.
Birhili süňňi gowşap gitdi.
-Göreş meýdançasyna serhet galalarynyň ätiýaçlyk bölüminiň seržanty Annameret
Batyrow we sport bölüminiň esgeri Merdan Agaýew çagyrylýar!
Eminiň ses güýçlendirijilerden çykan çakylygy Merdanyň depesinden ýekedaban
bilen urlan ýaly, tutuş süňňüni sarsdyrdy.
-Owf, başlady-ow! Indi Jahanyň gözüniň öňünde ýepbeklenäýsem, tüýs bolaýjak!
Owalam-a ondan umydym üzükdi welin, şondan soň-a asyl gören ýerinde seňrigini
ýygryp geçer...-diýip Merdan burnuna siňdirip, eşidiler-eşidilmez hümürdedi-de, göreş
meýdançasyna tarap ugrady.
Garşydaşlaryň ikisi hem göreş meýdançasyna bir pursatda diýen ýaly bardylar.
Kömekçisi bolan gullukdaş esgeri göreş meýdançasynyň daşyndaky ýüpleriň üçüsini
aşak basyp, birini ýokaryk galdyryp, Merdana ýol açdy. Ol eglip meýdançanyň içine
girmekçi bolanda birdenkä, tomaşaçylaryň öň hatarynda serhet birikmesiniň dolandyryş
düzüminde işleýän beýleki zenanlaryň arasyndan özüne garşy dikanlap garaýan goşa
garamyk bilen nazary çaknyşdy. Onuň ini tikenekläp gitdi. Ýaňy bir, dem salymdan
başlajak göreşe taýýarlanyp gyzyp, gatap ugran bedeni goram-gowşak boldy. “Bolaýdy
öýdýän! Häzir bu goşa garamygyň öňünde masgara bolaryn!” diýen pikir aňynda
ýylpyldanda pälwan ýigdiň ýüregi gysyp gitdi. Onda-da ol kömekçisine syr bildirmejek
bolup, çalasynlyk bilen göreş meýdançasynyň içine girdi-de öz künjüne bardy.
“Boldy! Başlamankam ýeňildim! Hemmesine-de şol goşa ýyldyza çalym edýän
garamyklaryň garaýşy günäkär” diýip oýlanan Merdanyň öz-özüne, Jahana, daştöweregindäki adamlara, Annamerede, umuman ýagty jahanyň ähli zadyna gahary gelip
ugrady. “Ýeri näme üçin sen şu birikmä işe geldiň diýsene?! Asla men näme üçin seni
gördüm ahyry?!” diýip içinden gahar-gazap gatyşykly umytsyzlyk bilen oýlanan Merdan
emin hökmünde çykyş edýän serkerdäniň yşaraty boýunça onuň ýanyna – göreş
meýdançasynyň merkezine bardy. Emin ilki Merdanyň, soňra bolsa Annamerediň
elliklerini, geýimlerini barlaşdyrdy. Soňra garşydaşlar biri-birine gaýyş elliklerini degrip
181
salamlaşdylar. Şonda Merdan ilkinji göreşinden bäri tälimçisiniň tabşyrygyna eýerip,
endik edinen edäheti bilen garşydaşynyň garaçygyna dikildi. Annamerediň gözlerinde
parahat äwmezlik polatdan guýlana kybapdaş aýgytlylyk bilen gatyşyp-garyşyp
gidýärdi.
“Ine pälwanyň nazary diýip şuňa diýerler. Onuň kellesinde seniňki ýaly bolarbolgusyz ham-hyýallar, paşmajak arzuwlar, gorjalan ary öýjügi kimin hyň berip
durmaýar. Häzir göreşiň ilkinji tapgyrynda serpmeden gaýdan ýaly edip goýberer welin,
ähli pikirjikleriň edil laýyjak barmaly ýerine barar duruberer. Saňa geregi hem şol!”
Merdan pikirlerini tamamlamaga ýetişmedi.
-Boks!-diýen söz bilen birlikde yzly-yzyna özüne salganan iki ýumruk bilen bir
wagtda aýaklaryna badak atmak üçin aşakdan galgan aýak Merdany pikir ummanyndan
sogrup, göreş meýdançasynyň merkezine taşlady. Ol garşydaşynyň zarbalarynyň
tapgyryny hatda görmäge-de ýetişmedi. Ýöne çagalykdan bäri on ýylyň dowamynda
türgenleşiklerden türgenleşiklere, göreşlerden-göreşlere endik etdirilen bedeni
Merdanyň aňyna dahylsyz hereket etdi. Gündeki surnukdyryjy türgenleşiklerde ýonulypsünnälenip gözeilmez çaltlyga garşy gözeilmez çaltlygy goýmaklyk öwredilen gollar we
aýaklar Annamerediň zarbalaryny yzyna serpikdirdiler-de, howply ýakynlyga gelen
garşydaşdan daşlaşmak üçin bir-iki ädim yza çekildiler.
Bada-bat özüne gelip, durky-düýrmegi bilen islendik zarba zarba bilen jogap
bermäge taýýar bolup, dartylyp duran kirşe dönen Merdan ilki bilen garşydaşynyň
ýüzüne garady. Onuň gözleri göýä: “Berekella! Özümiziňkilerden ekeniň-ow!” diýýän
ýaly garşydaşyna bolan hormat-sylag bilen gülümsireýärdiler. “A sen nämedir öýtdüň?!
Ilkinji pursatda düňderip goýberäýerin diýip pikir etdiňmi?!” diýip öz-özünden
kanagatlanma bilen oýlanan Merdan has hem çuslandy.
Şondan soň Merdan göreşden hem garşydaşyndan galan ähli zady unutdy. Jahan
hem, Annamerediň özüne garanyňda has çalasyndygy hakynda oýlanmalar hem
ýadyndan çykdy. Aňynda diňe göreşiň ähli usullaryny ýerbe-ýer tertipli ulanmak
hakynda hasaplamalar galdy.
“Çepbekeý ekeni! Çepiniň urgusy hem juda güýçli. Iň howply ýagdaý. Juda seresap
bolmaly. Şol elini oslagsyz ulanýar” diýip garşydaşynyň nobatdaky zarbasy degen
böwrüniň agyrysyna diň salan Merdan pikir öwürdi-de, hüjüm etmäge imrigip, hüjümiň
hatyrasyna goranmagy sähel wagtlyk ýadyndan çykaran Annamerediň üstüne el we aýak
urgularynyň tutuş tapgyryny ýagdyrdy. Emma ýeke pursatda hüjümden goranyşa geçip,
zarbalaryň ählisini yzyna serpikdirmegiň hötdesinden gelen Annameret ýene-de hüjüme
geçdi. Sagyndan, solundan, endamynyň goranyşdan açyk ýerlerine, aýaklaryna edilýän
hüjümden goranmaga zordan ýetişýän Merdanda özüni gaýgyrman ýepbekleýän
garşydaşyna bolan hormat, öz gowşaklygyna bolsa içiýangynlylyk barha artýardy.
“Gör-ä muny ediberşini! Ýumruklary dagy degen ýerini goparyp gelýär! Özem edil
suwulgan ýaly sypjyk, maýmyn ýaly çalasyn. Eliňi bir salgaýançaň iki salgaýar!
Zarbalaryň biri nyşana degse onusy pys geçýär… Ýeri indi munuň bilen näme etmeli?
Ýa şeýdip ýeňläýmeli bolarmyka? Ol hem şol goşa garamygyň öňünde…”
Bu pikirden ýaňa Merdanyň ýüregi jigläp gitdi. Annamerediň arasy üzülmeýän
hüjümi zerarly ýapyk goranyşa geçip, barha çüňke gysylyp barýan Merdan özüni göreş
182
meýdançasyndan gözlerini gizläp, ezilen towuk ýaly müzzerlip çykyp barýan halda göz
öňüne getirende, haýykdy. Eýýäm şeýle hala düşen dek, içinden ýygryldy.
“Ýok-la, beýle zada ýol berip bolmaz!”
Ol özüni ýepbeklemeklige başagaý bolup biraz seresaplylygy elden beren
Annamerede garşy aldaw urgusy bilen aýagyny salgady. Garşydaşynyň
duýdansyzlykdan ýaňa pirimine aldanyp, düýrmegi bilen şol urgudan goranmaga
çalşandygyndan peýdalanyp hem elleri bilen yzly-yzyna onuň böwrüne suňşurdy.
Annameret böwrüni onuň zarbalaryndan goramak üçin elleriniň goragyny biraz aşak
düşürende bolsa Merdan ýumrugy bilen onuň äňiniň aşak ýanyndan galdyryp goýberdi.
Emma Annameret oslagsyz urgy zerarly yza serpigip gitse-de, Merdanyň taýýarlyksyz
urgusy gowşak boldumy nämemi, seňselemedi. Ýöne ol hüjüm etmesini bes edip,
mazaly özüni dürsemek üçin goranyşa geçdi. Olar göreş meýdançasynda pyrlanyp
başladylar.
“Hawa, gysga wagtlyk onuň hüjümleriniň öňüni aldym. Indi ol has seresaply
hereket eder. Men näme etmeli?!” diýip ýetişibildiginden oýlanýan Merdan iň bolmanda
göreşi deň hasap bilen tamamlamak üçin çykalga agtarýardy. Tejribeli pälwan
bolandygy zerarly ýaňkyja üstünliginden Merdanyň başy aýlanmaýardy. Bu tötänlikdi.
Beýle tötänlik hatda aňrybaşy ussat pälwanlary-da serpmeden gaýdan ýaly edip bilýärdi.
Ol Annamerediň sähel salymdan özüni dürsäp gaýtadan hüjüme geçjegine-de, onuň
özüne garanyňda has güýçli, has çakgandygyna-da, eger-de işjeň göreşi dowam etdirse
onuň özüni ahyry maýyna salyp, ýekeje esasy urgy bilen huşundan gidirip biljekdiginede düşünýärdi. “Onda näme etmeli?! Göreşiň dört tapgyry gutarýança meýdançanyň
içinde ondan gaçyp gezmelimi? Ol beýle herekete-de ýol bermez! Sebäbi ol iki esse
dagy çalasyn. Bir bökýänçäň iki bökýär. Gaçyp goranmak usulyny saýlap alsaň gaýta
bahym yzyňdan ýetdiräýmeseň… Onda nätmeli?”
Birdenem Merdanyň aňynda ýyldyrym çakan ýaly bolup gitdi. Halypasynyň öwranöwran gaýtalaýan sözleri hakydasyna geldi: “Garşydaşyňyzy äsgermezlik etmäň, oňa
gaharlanmaň, ony ýigrenmäň. Hatda oňa ýöne bir hormat goýmak bilen hem çäklenmäň!
Ony söýüň! Tutuş durkuňyz-düýrmegiňiz bilen, edil özüňizi, iň ýakyn adamyňyzy
söýşüňiz ýaly söýüň! Onuň her bir hereketini sypdyrman synlaň! Özüňize siňdiriň. Ekiz
taýlar biri-biriniň agyry-ynjysyny hem, pikirlerini hem hatda uzak aralyklardan-da
duýýarlar diýilýär. Sizem garşydaşyňyzyň ekiz taýyna öwrüliň! Onuň her bir hereketini,
her bir duýgusyny syzyň, pikirlerini okaň, indiki ulanjak göreş usullaryny öňünden
kesgitläň…Garşydaş güýçli bolanda ony diňe şeýle edip ýeňip bolar”
Merdanyň göwrümi giňäp gitdi. “Hakykatdan hem men hälden bäri ýalňyş hereket
edip gelipdirin. Men Annamerede, onuň hereketlerine düşünmedim, düşünmek hem
islemedim. Indi bolsa başgaça hereket etmeli! Ol häzir näme eder? Elbetde demine
dürsäp bolar-da hüjüm edip başlar. Onuň nähili ýetmezçiligi bar?! Beden gurluşynda,
çalasynlygynda, göreş sungatynda, güýç-kuwwatynda hiç-hili çirk ýok. Ähli zatda ol
menden üstün. Ýöne ol häsiýeti boýunça juda gyzma. Hüjüm edip başlasa saklanmagy
bilmeýär. Ýaňy hem şonuň üçin ýalňyşdy. Elbetde onuň ýaňky howply urguny
goýbermegi ýönekeý bir tötänlik. Ýöne ol ganygyzmalygy zerarly şol tötänligiň emele
gelmegine mümkinçilik döredýär. Onda nähili hereket etmeli?! Ony ýene-de hüjüme
183
imrikdirmeli, seresaplylygy elden bermäge mejbur etmeli. Elbetde ol güýçli pälwan,
atyny oka berip, ýeke esasy zarbanyň astyna düşmez, soňky pursatda-da bolsa, ýaňkysy
ýaly eýdip-beýdip goranmaga ýetişer. Ýöne iki-üç gezek şonuň ýaly urgulary sypdyrsa
ony hasabyň umumy möçberi boýunça ýeňmäge, iň bolmanda ýaryşy deňme-deň
tamamlamaga mümkinçilik bar… Ýöne elbetde ony gyzdyrmak üçin onuň kötegini iýip
ýörmek kyn-a bolar welin, onda-da nätjek-dä, çydamaly bolar-da… Pyragy atamyzyň
aýdyşy ýaly: “Hile hem batyrlykdyr ýerinde, ony başarmaga…”
Merdan pikiriniň soňuna nokat goýmaga ýetişmedi. Ýumruklaryny kelemenledip,
ýeldegirmene aýak biten ýaly bolup, üstüne sürnüp gelýän Annamerediň öňünden
zordanjyk sowlup ýetişdi-de, endikli hereket bilen onuň sag dulugyna suňşuryp
goýberdi. Mazaly gönelip ýetişmänkä-de urga myzaýyk etmedik garşydaşynyň ýene-de
üstüne sürnüp gelýändigini gördi. “Eý Allam, bu adamyň ýasalyşy nämedenkä?” diýip
göwnaçyk oýlanan Merdan ýapyk goranyşa geçdi.
Şondan soňra biri-birine hormat goýýan garşydaşlaryň arasynda göreşiň sungatynyň
surnukdyryjy bäşdeşligi başlandy. Polatdan guýlana çalymdaş, derden ýaňa lowurdap
duran bedenleriň, göreşiň türgenleşiklerde taplanan inçe tilsimleriniň, pälwanlaryň her
pursatda islendik zarba zarba, tilsime tilsim bilen jogap bermegi oýlap tapýan aňlarynyň
bäsdeşligi…
…Göreşiň tamamlanandygyny yglan eden depregiň zaňy ýaňlananda pälwanlaryň
ikisi hem özleriniň neneňsi ýadandyklaryny bilip galdylar. Olar zordan aýak üstünde
durdylar. Şonuň üçin hem olar demi-demine ýetmän “haş-haşlap” duruşlaryna göreş
meýdançasyndaky emin ikisiniň hem elini ýokary göterip:
-Hasap deňme-deň gutardy. Pälwanlaryň ikisi hem ýeňiji diýlip yglan edilýärdiýende lüti süýnen Merdan ýadawlykdan ýaňa bildirer-bildirmez çaýkanyp gitdi.
-Garşydaşlar, biri-biriňiziň eliňizi gysyň!-diýip emin olaryň arasyndan bir ädim yza
tesdi. Annameret ýylgyryp Merdanyň elini gysdy-da, birdenem ony garsa gujaklady:
-Göreş üçin sag bol, gardaş! Haçandan bäri beýle lezzet almandym!-diýip
Annameret pyşyrdanda, Merdan hem:
-Senem sag bol! Menem şeýle!-diýip jogap berdi.
Ony gujaklap durşuna Annameret ýene-de bir zatlar diýdi. Emma Merdan onuň
diýýänlerine düşünmedi. Bu mahal onuň küýi-köçesi tomaşaçylaryň ilkinji hatarynda
oturan zenanlaryň arasyndady. Maňlaýyndan syrygan der sebäpli oturanlaryň ýüzlerini
düzüwli saýgaryp bilmeýän ýigit olaryň arasyndan ýürek gopduryjy maral gözleri
agtarýardy. Birdenem pälwan ýigit ýitigini tapdy. Göz-göze sataşanda onuň kükreginde
ýakymly alas-gopaslyk peýda boldy. Merdanyň göwnüne bolmasa näzeniniň mähirden
püre-pür gözleri ýumşak gülümsireme bilen oňa geljekde nämedir bir zatlary, nähilidir
bir juda-juda ajaýyp hem pynhan zatlary wada berýän ýalydy.
Razylaşmak
Ogulbossan eje giň howlynyň bir çetindäki uly sekiniň üstünde otyrdy. Ol çuň oýa
batyp oturşyna daş-töwereginde oýna gyzygyp, pelesaň kakýan agtyklarynyň jagyljugulyna üns bermeýärdi. “Beh, ol, Hallygözel goňşy näme diýdi-ä?! “Işigaýdan Mälik
184
jalataý iki gün bäri sogrulyp bilmän, kösenip ýatyr” diýäýdimi. Işigaýdany il-günüň
öňündäki ýazyklary ol dünýä goýberýän däldir.”
Içini hümledip oturan Ogulbossan ejäniň ýene-de gahary gelip başlady. Özüne her
näçe basalyk berjek bolsa-da, kyrk ýyl mundan ozal, günde-günaşa lül-gammar bolup,
degene-de degip, degmedigi-de degip göz-gülban halda, ile ot ýakdyrman ýören Mälik
jalataýyň gapysyndan gelip, ýoknasyzyny atyşy hakydasyna gelende, ýene-de ot bolup
ýandy, uçgun bolup syçrady. Ýetmişi ýeňsesine atan görgüli gaharyny getirse ýene-de
gan basyşynyň göterilip başagaý etmeginiň juda ahmaldygy ýadyna düşüp dursa-da, öte
sylaýan bir garry görgülisiniň gözýaşlaryna dözmän kasasyny kyýamata goýandygy
zerarly kalbynda gemre baglap galan wakany ýatlaman bilmedi. Edil şu pursatda başdan
geçirýän ýaly, bu günki gün bäş howly beýle ýanyndaky öýüň içinde ýagty ýalançy bilen
algy-bergisini üzlüşip bilmän, ezýet çekip ýatan Mälik jalataýyň şol wagtky bolup
oturyşy gözüniň öňünde janlandy…
Alys dag ýollarynyň birinde, gije uklap, ulagy bilen gaýadan uçan ýanýoldaşy
neressäniň ýaňy ýylyny sowupdy. Otuz ýaşynda, tüýs “men” diýen wagty höwürsizarkadagsyz galyp, “eje, kakama näme boldy?” diýip sözsüz soraýan üç sany oglanjygyň
we iki sany garaja gulpakly gyzjagazyň mön gözleriniň garaýyşynyň öňünde
müzzerilmejek bolup, soňkuja zenan gaýratyny jemläp, çyr-çytyr dyrjaşýan döwürleridi.
Gündiz-ä bäş jübüt garaja, goňurja, mawyja gözleri ruhlandyrjak bolup, başyndaky ýas
başatgyjy bilen bilelikde baýdak kimin pasyrdaýardy. Gijelerine-de höwrüniň mähriban
ysy kükäp duran ýassygyny bagryna basyp, ony gözýaşyna ezip çirim etmän daňyny
atyrýardy… Ýene-de Hudaýa şükür, dogan-garyndaş bar. Il-gün gowy. Ýalňyz
goýmaýardylar. Ýanýoldaşy neressäniň dört dogany dagy her gün işden gaýdyşlaryna öz
çagalaryny görmän, ilki bilen gelip, bäş sany neressejigi bagyrlaryna basýardylar.
Ogulbossan üçinem göwni bir zat küýsese olara diýmek gerek däldi. Gaşyny galdyran
badyna düşünýärdiler. Agalarynyň hatyrasyny mukaddesligiňem mukaddesligi saýyp,
“gelneje, gelneje” diýşip daşyndan pyrlanýan döw ýaly pyýadalar, gideniň yzynda
galanlaryň derdine derman boljak diýseň, ýetmiş ýedi ülkäni söküp, segsen sekiz
derýadan geçip, hatda gara başlaryny hem söwdasyz terezä mündürip, islendik genjihazynany tapyp getirmäge taýýardylar. Emma ol zatlaryň barysy, jahanyň ýüzünde
sopbaş galana dönüp, diňe çagalary üçin jansyz jeset kimin gymyldamagyny dowam
edýän gelniň ýaraly göwnüne çala teselli berýärdi. Geçmejege dönen şol günleriň
birinde-de gün ýaşyp barýarka, gözlerini çym-gyzyl edip, gädiginden Mälik jalataý
göründi. Gele-gelmäne-de agzyny ondak-mundak urup, samahullap başlady. “Aý,
ýekeligem hudaýa ýagşydyr” diýdi, “Biziň ýaly gazançly, elli-aýakly ýigit bir-ikini däl,
eýsem-de bolsa bäş-onysyny hem ýük görmän, hor etmän saklar” diýdi, “Ilde ýok zat
däl, öleniň yzynda ölüp bolmaz, çagalaryň hem aladasy welin, bäş günlük warraý-şarraý
ýalançyda öz aladaňy hem etmeli, ötüki” diýip soňabaka has hem mojugyny tapyp
ugrady. Ogulbossan şonda ol mysalasy itiň aşagyndan çykana çalym edýän äteňet jalataý
zaňňaryň öz öýüniň işiginde pisini aşyryp oturandygyny öz gözleri bilen görýändiginede, onuň utanç-haýadan ýaňa ýarylyp ölmegiň deregine serhoş dilini bazzyk-buzzuk
etdirip, aýdyp duran wejera sözlerini öz gulaklary bilen eşidýändigine-de ynanmady.
Haçan-da masgara üflisiň diýýän zatlary aňyna ýetende bolsa tasdanam ýerinden atylyp
185
turup, saçagyň üstünde duran ýalaw ýaly aş pyçagyny özüniň päkize ojagyny
masgaralamaga het edýän näletkerdäniň garnyndan geçirýärdi. Hernä, Hudaý diýen ýeri,
saçagyň başynda garagöz çagajyklary nahar edinip otyrdylar. Öz etjek bolýan aýylganç
işini perişdeden päk neresseleriň görjekdikleri hakyndaky pikir gazap atyna atlanan
namysjaň zenanyň elini-aýagyny ýüpsüz baglady. Şonda bir dymdy-da, ilkä çagalaryň
serhoş jalataýyň diýýän sözlerine düşünmeýändiklerine şükür etdi. Soňam ýeke agyz:
“Git!” diýdi. Öňüni saýgarmaz derejede serhoşam bolsa gelniň eňşäp duran ýüzünden
rejäň geň däldigini aňan jalataý ol ýerden bahym garasyny saýlamak bilen boldy.
Ol gidenden soň sähel salym geçip-geçmänkä-de gursagyna zäher atylana dönen
Ogulbossan çagalaryna öýde bolmagy tabşyrdy-da, ýanýoldaşy görgüliniň körpe inisiniň
öýüne ýöneldi. Ýüregine zäher sepilen görgüliniň matlaby ýagşy ýigdiň ojagyny wejera
etmäge milt edip, türkmençilikden çykan näletkerdäniň tepbedini okatmakdy. Emma
göni ýola düşmek üçin çatryga ýeteni hem şoldy welin, öňüni Mälik jalataýyň zordan
ýöreýän görgüli ejesi gabalady. Pahyr, kellesini titredip, boýnuna erk edip bilmän
durşuna, ony gujaklaplar, özelenipler aglady. Ogulbossanyň daşdan çapylana dönen
ýüzünden gasyn-gasyn hamy sallanyp duran ellerini ýöredipler, dyzyna çöküpler
ýalbardy. “Balam, guzym, dogman geçen dogman geçmiş saňa näme diýendigini aýtdy.
Gelin jan, jan balam, balalaryň başyna başym sadaga! Buýsanjyňa gara başym, şirin
janym gurban bolsun! Gitme! Baryp aýtdygyň, iýselerem doýmazlar! Türkmeniň
häsiýetine näbelet dälsiň, namysyna deglen ýerinde iki dünýäsini hem tekizlejekdigini
bilýänsiň! Beýtme guzym! Janyny alanlaryndan çekinmeýärin! Şeýle hereket edendigini
il-gün eşitse ýedi pyşdyna çenli näletlär. Gitme balam, aýtma! Ýeke-de bolsa, ýalňyzam
bolsa, ölenine gynanmaryn, dogman geçmişiň, balam! Halk onuň bala-çagasyna çenli
lagnatylyk tagmasyny basar! Hudaý ýaly bol-da, neberämize rehim eýle, guzym! Puryja
ber, ertire çenli özüm elim bilen zäher berip janyny jähenneme ibereýin! Bu işi gaşymy
çytman edeýin, guzym! Bir aglaryn, bir goýaryn! Ýöne gitme, guzym! Rehimiň insin,
sadagaň bolaýyn, gitme!”
Garry görgüliniň zarynlaýşy demirem bolsaň eretjekdi, daşam bolsaň pytratjakdy.
Ogulbossan bolsa demirem däldi, daşam. Ol adamdy. Özi ýaly garabagyryň
gözýaşlarynyň üstünden ätläp bilmedi. “Aglama, enesi! Gitmen! Dogry aýdýarsyň,
sende-de, onuň çagalarynda-da günä ýok! Senem degme, enesi! Dünýä inderipsiň, goý
ýaşasyn! Päk ojagyma kesek atany üçinem onuň bilen Päk Perwerdigäriň özi haklaşsynda hernä!” diýdi-de, Ogulbossan yzyna dolandy. Şol günüň ertesi hem Mälik jalataý
obadan yzsyz-tozsuz gürüm-jürüm boldy. Onuň sumat bolmagy barada her kim bir zat
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Şazadanyň şikäri - 21
  • Parts
  • Şazadanyň şikäri - 01
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2261
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 02
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2305
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 03
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2252
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 04
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2157
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 05
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2204
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 06
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2060
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 07
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2099
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2228
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 09
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2272
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 10
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2230
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 11
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2374
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 12
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2094
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2066
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 14
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2175
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 15
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2238
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 16
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2142
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2282
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 18
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2122
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    37.4 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 19
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2271
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 20
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 2191
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 21
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2359
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 22
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 23
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2172
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 24
    Total number of words is 906
    Total number of unique words is 612
    40.0 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.