Latin

Şazadanyň şikäri - 07

Total number of words is 3728
Total number of unique words is 2099
29.7 of words are in the 2000 most common words
42.0 of words are in the 5000 most common words
50.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
diýip pyşyrdady. Soňam Bars begiň serdarlygynda, ölümini ikuçsyz boýnuna alyp,
özlerinden ençeme esse güýçli duşmana garşy okdurylanda edişi ýaly, uludan bir
“öwhüldäp” demini aldy-da, birden ýüregini dolduran rahatlyk bilen, Içgorganyň
derwezesine garşy ýöneldi.
Içgorganyň derwezesiniň üstüne çykanda ol yrňyldap duran, sähel ýalňyş söze
görlüp-eşidilmedik harasady gopdurjak adam deňzine gözi düşüp, biraz sussy basyljak
boldy. Emma ol dessine nepesini durlady-da, söze başlady:
--Doganlar!!!
Beglerbeginiň serkerde owazyny eşiden mähelle birden dymdy-da, dym-dyrslyga
beslendi.
--Doganlar! Agyr günler başymyza düşdi! Daşymyzyň goragy, gözümiziň göreji,
Beýik Hökümdarymyzy Keramatly Deňri öz dergähine çagyrdy! Eý Beýik iller!
Synmajak, epilmejek, agzy alarmajak, Mähriban Türkmenim, Gahryman Türkmenim!
Başymyza düşen şu ajy günlerde mert duralyň! Bars begiň tagallasy bilen bir ýere
jemlenip, düwlen polat ýumrugyň kuwwadyny egismäliň! Çaýkanmalyň,
mähribanlarym! Bilerleriň Biligi, Bilge Kaganyň ömrüni siňdirip, azap edip guran, ajap
döwletini tolgunyp, aljyrap, weýran kylmalyň! Beýik Kaganlaryň gazanan Törelerine
boýun sunalyň! Hanmy, begmi, aksakgal ýa-da çopan, atbakar, oglan… tapawudy ýok,
Kanunyň öňünde hemmeler deňdir! Kanuny unudyp, sähel salymlaýyn duýga berlip,
çaýkansak, galynyp bilmeris! Ýurt dagar! Adamlar, häzir öýli-öýüňize dargaň, gün öýle
bolanda Merhumy, Bars begiň Mazar depesiniň sol ýüzünde öten agşamdan bäri
taýýarlanyp ýörülen belent Mazar depesine eltip, jaýlarys! Beýik hökümdarymyzyň
Taňra gerek bolanyna üçülenji gün diýlende bolsa, ähli uluslardan ulus beglerini jemläp,
Uly geňeş kylarys! Şonda-da Düýp babamyz, Il Beýgi1 han nesli Oguz han atamyzyň
sargyt eýlän dessuryna-ýoluna laýykatlykda, Merhum Kaganyň uly ogluny, ak keçede
1
Il Beýgi – Dib Ýabgu.
55
Beýik Kaganlyga götereris! Oňa çenli welin, Mähribanlarym, tünlükden dörän iblisleriň
alyna gitmäliň! Asudalygy saklalyň, tertip-düzgün berjaý kylynsyn! Bu mahal Baş
Gorgana ähli uluslar garaçygyny dikip, gözläp durandyrlar! Baş gorgan elendigi, tutuş
uluslar tolkun atyp, däli umman deýin güwwüldäp başlar! Beýle tupan tursa-da,
atalarymyzyň şirin janlaryny pida edip döreden, Beýik Göktürkmen döwletini ýer hopar!
Kanun! Kanuna baş egiň we gulak asyň! Men!!!
Şu ýerde Ulug Gürgen demini dürsemek üçin sözüne dyngy berdi-de, başyndaky
telpegini eline aldy:
--Men, henize bu güne çenli ynsan balasyndan yza tesmedik, il içinde “alplar-alpy”
adyny alan, duşmanlaryň “Uly Böri” diýip lakam goýan, beglerbegi Ulug Gürgen,
asmany hem zemini, ody hem suwy, topragy hem kişi ogullaryny Ýaradanyň Mukaddes
adyndan ant içýän! Ant içýän, Beýik Kagan tagtynda Beýik Kagan oturyp perman berip
başlaýança tutuş ýurduň çäginde jinnek ýaly tolgunyşyk döretmekçi bolan bendäniň
başyny alyp, läşini tokaý börilerine şam ederin! Dargaň, Mähribanlarym! Öýleden soňra,
Beýik Kagan bilen hoşlaşmaga hemmelere mümkinçilik berler!
Ulug Gürgen hakynda ýarym çyn ýarym toslama rowaýatlary agyzdan-agza geçirip
ýören halk, ony juda sylaýardy. Il içinde onuň abraýy doganlar-kaganlaryňky bilen
deňeçer bolmasa-da şolardan özge her kesiňkiden uludy. Onuň her bir sözüni bihuda
ýere aýtmaýandygyna-da hemmeler beletdi. Şonuň üçinem, Ulug Gürgen beglerbegi
sözüni tamamlandan soňra Içgorganyň öňüniň adamsy azalyp başlady. Azsalymdan soň
bolsa dabara meýdanynda, diňe iki ýaňa aýlanjyrap ýören iki-ýeke eli naýzaly
ýasawullardan özge jemende galmady.
Soňra Ulug Gürgen beglerbegi, tagt begleri bilen hem Beýik Merhumy jaýlamaklyk
bilen baglanyşykly wajyp meseleleri maslahatlaşdy. Maslahatdan soň Ulug Gürgen
beglerbegi ýene-de Beýik Kaganyň ýanyna dolandy. Ýöne bu gezek onuň ýeke özi
barmady. Kaganyň ähli ilen-çalanlary, ýakyn adamlary, onuň başujuna üýşdüler. Gün
öýleden aganyndan soň bolsa tämiz edilip, ýuwlup, söweş geýimi geýdirilen Beýik
Kagany gadymy oguz däbine görä naýzalaryň üstünde goýlan galkanlarda ýatyryp, ýas
aýdymy bilen Içgorganyň öňündäki dabara meýdanyna alyp çykdylar. Şondan soň hem
Beýik Kaganyň tabydy aýallaryň yzan-da-çuwan bolup aglaşmaklarynyň astynda,
dabara meýdanyna ýygnanan agyr mähelläniň üstünde, elden-ele geçip, ýüzüp ugrady.
Her kim soňky sapar iliň-günüň arkadagynyň didaryna garap, onuň mundan beýläk
mukaddes saýyljak tabydyna elini degrip görmegiň höwesinde bolandygy sebäpli hem
Beýik Kaganyň tabydy gün ýaşýança halkyň elinde gezdi. Entegem halk söýgüli
howandaryny soňky ýoluna goýbererli däldi, hernä mubatlar 1 ýerli-ýerden Merhum
ýolundan saklanylsa Gök Deňriniň gazaba münjekdigini aýdyp, adamlary gyssap
başladylar. Soňra Ulug Gürgen beglerbeginiň baştutanlygynda, tagt begleri Beýik
Kaganyň tabydyny göterdiler-de, Oguz han döwründen bäri üýtgemän gelýän ýas
aýdymyny aýdyp, Baş gorgandan bir menzil daşlykda lummurdap akyp ýatan derýanyň
kenaryndaky, Külteginiň baky rahatlyk tapan Mazar depesine tarap ýola rowana
boldular. Olar tozanly ýoldan gezekli-gezegine tabydy göterip, gidip barýardylar.
1
Mubat-molla diýmegi aňladýar.
56
Hasratdan doly owaza ýugrulan ýas aýdymy bolsa gölegçileriň mähellesiniň üstünde,
ýüreklerden gaýnap çykýan ahy-nala çydamaýan ýaly, pyrlanyp-towlanyp, jowranyp,
aýlanyp jöwlan urýardy.
Ulus-iliň halasgäri,
asly ary1, nesli ary,
Külli türkmeniň howandary,
alp-ärleriň serdary,
Dost aglady, duşman güldi,
uçup gitdi asman sary!
Ýürekleriň öçmez ody,
ebedilik galdy ady,
Awazasyn dünýä eşder,
dünýä ýaň salar şöhrady.
Ajal aldy, ýer gizledi,
arş aglady, kürs bozlady,
Jiger-bagrymyzy daglap,
kör boldy, gözlermiz aglap!
Agyr hasrat başa düşdi,
Kuýaş öçüp, Mahym ýaşdy.
Ulus-iliň halasgäri,
asly ary, nesli ary,
Külli türkmeniň howandary,
alp-ärleriň serdary,
Dost aglady, duşman güldi,
uçup gitdi asman sary!
uçdy gitdi asman sary!
Beýik Kaganyň müň atlydan agdyk şahsy goragynyň ýigitleri uzakly gije gezekligezegine çalşyp işläp, Külteginiň Mazar depesiniň demirgazyk tarapynda, şol depä
ekiztaýy ýaly meňzeş ýene-de bir Mazar depäni taýýarlapdylar. Gölegçiler şol depäniň
öňüne bardylar-da togtadylar. Depaniň demirgazyk tarapynda Külteginiň Mazar
depesiniň ýakynynda, tegelek görnüşde äpet çukur gazylgydy. Şol çukuryň diwarlary
hem iň berk agaçlar bilen berkidilendi. Çukur öý görnüşinde taýýarlanylandy. Töründe
bolsa gyralary bedew atlaryň şekilleri görnüşinde göller bilen dörtburç edilen, nepis haly
ýazylgy durdy. Bu çukur merhumyň iň soňky jaýydy, haly bolsa mundan buýana onuň
hemişelik düşegidi.
1
Ary-arassa diýmegi aňladýar.
57
Begler ýas aýdymyny kesdiler-de Beýik Kaganyň uly ogly bilen bilelikde gabryň
içine girip, merhumyň ýatan tabydyny halynyň üstünde goýdular. Soňra mubatlar
Keramatly Taňrydan Beýik Kagan Bilge han üçin ýagşy dilegler etdiler. Soň bolsa
merhumyň ýakynlary “baky jaýdan” daşyna çykdylar-da öňden taýýarlanyp goýlan
galkanlar bilen susup alyp, çukuryň içine üç mertebe gum serpdiler. Soňra gum atmak
nobatyny beýleki gölegçilere berdiler. Olar hem merhumyň ýakynlarynyň hereketini
gaýtaladylar. Şondan soň sähel salymyň içinde Beýik Kaganyň “soňky jaýynyň” üstünde
belent Mazar depesi döredi. Soň ulus-il Mazar depäniň ýanynda säginip, begleriň diýjek
sözüne garaşdy. Begler Kaganyň uly oglunyň ýüzüne garadylar. Ol delminip Ulug
Gürgeniň ýüzüne seretdi.
Ulug Gürgen bu pursatda halkyň ejizläp, hossarsyz çaga deýin nalajedeýin halda,
bir parasatly söze, mundan beýläk ugur-ýol görkezjek ynamly nesihada garaşýandygyny
tutuş durky bilen duýdy. Ol göwnüne geňeşdi. Emma derýanyň kenarynda ýaýylyp
ýatan halkyň teşne sözüni köňlünden tapmady. Ulug Gürgen aljyrady. “Taňrym, senden
medet!” diýip, içinden pyşyrdady-da, ol töweregini gallap duran egindeşlerinden haraý
isleýän dek, olara birlaý göz gezdirdi. Şol pille-de birdenkä Külteginiň Mazar depesiniň
erňeginde dikilgi duran ýazgyly daşa gözi düşdi. Ol uludan bir demini aldy-da:
“Parasatly hökümdarym, sen gaýypda bolsaň hem men guluňa ýol salgy berýärsiň!”
diýip oýlandy. Soňam:
--Doganlar! Beýik Hökümdarymyzy ýere duwladyk! Keramatly Gök Deňri oňa
özüniň tükeniksiz asman şalygyndan ymgyr kaganlygy bagyş etsin! Indi bize bolsa diňe
Parasatlylaryň Parasatlysy bolan Beýik Kaganyň iň möhüm sargydyna eýerip, şonuň
görkezen ýoly bilen ýöremek galýar! Serediň, doganlar!
Ulug Gürgen beglerbegi elini uzadyp, Kültegin hormatyna dikilen ýadygärlik
daşyny görkezdi:
--Ine, bize Beýik Kagan, bakyýetden nämäni nesihat berýär! “Türkmen-oguz
begleri, halk eşidiň! Üstüňden asman basmasa, astyňda ýer dilinmese, türkmen halky,
iliňi-ýurduňy, töräňi (kanunyňy) kim bozup biler?!” Kanunymyzy hiç kim bozup bilmez,
Türkmenler! Şuny bilip goýuň, öz içimizden ýagymyz döremese, agzymyz alarmasa,
düýp babamyz Oguz handan galan kanunymyzy hiç bir nägehan bozup bilmez!
Ýaraglylar gelse-de, Naýzalylar gelse-de, Keramatly Ötüken dagynyň halky, agzymyz
bir bolsa, döwletimiz yrylmaz! Doganlar, ine şu ýerde, ömrüni bize bagyşlap, soňky
pursatynda “watanym, halkym” diýip demi sogrulan iki dogan-merdiň baky jaýlarynyň
öňünde, kasam edeliň, atalarymyzyň kanunyna wepaly boljakdygymyza, ata watany, ene
topragy ähli zatdan eý görjekdigimize, kasam edeliň! Goý, ümmülmez dünýäniň ähli
halklary hem eşitsinler! Türkmen-oguz halkynyň kanunyny hiç kes bozup bilmez!...
Ulug Gürgen beglerbegi, ähli hyjuwyny siňdirip, ýüreginden syzdyryp, joşup
gepleýärdi. Tutuş türkmen-oguz halky bolsa gulaga öwrülip ony diňleýärdi. Çünki ony
diňläp duran her bir adam üçin göwnüne bolmasa bu gepleýän Ulug Gürgen beglerbegi
däl-de onuň öz kalby ýalydy. Goşa Mazar depäniň gapdalynda duran her bir adam hem
Bilge Kaganyň daşa nagyş etdiren sözlerini içinden öwran-öwran gaýtalaýardy:
“Türkmen-oguz begleri, halk eşidiň! Üstüňden asman basmasa, astyňda ýer dilinmese,
türkmen halky, iliňi-ýurduňy, töräňi (kanunyňy) kim bozup biler?!”
58
“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2007-nji ýylyň
26-njy ýanwardaky sany
Gaýym gala
…Asmandaky mahy-taban, tüm-garaňky gijede awuny aňtaýan gum pişiginiň sapsary görejine meňzäp, äpet bolup, lowurdap durdy. Täze awlanan saýgagyň ganlyja
etinden garnyny gözän läheň, çal böri, gazan ýaly kellesini öň aýaklarynyň üstünde
goýup, gözüni süzüp ýatyrdy. Ýekemen gurduň hemişekisi ýaly ýüregi gysýardy.
Elmydama dolan aýa gözi düşende ony tukatlyk basmarlaýardy. Ol munuň näme üçin
beýle bolýandygyna düşünip bilmeýärdi. Dogrusy beýle zatlary seljerip, böwrüne diň
salyp ýörer ýaly onda aň-paýhas hem ýokdy. Ol adamdan özge ähli janly-jandarlara
mahsuslykda diňe duýgy hem-de üşük bilen ýaşaýardy.
Ýöne düşünse-de düşünmese-de, asman kamary mahy-tabana dönende bagryny
mynçgalap, owmaç edip gelýän ýürekgysmanyň onuň tutuş durkuny düýrmegi bilen
düýrläp holtumyna alýandygy hakdy. Şeýle pursatlar ol edil şu wagtkysy dek, garysyny
ýassanýardy-da, gazan ýaly mähnet çalbaşyny öň penjeleriniň üstüne taşlap, gözüni
süzüp ýatýardy. Şol bolup ýatyşyna-da ol kimdir birini şeýlebir göresi gelip, şeýlebir
küýsäp ugraýardy. Has takygy, “kimdir birini” hem däl-de, zemin ýüzünde ýeke-täk
ýürekdeşiniň ýanyna gelmegini, çalbaşyny sypalap, özüniň gödeksi, emma welin,
şeýlebir yssy, şeýlebir mähriban sesi bilen “Çalbaşym, diýýän-ä!” diýip pyşyrdamagyny
isläp başlaýardy. Onsoň eger şeýle pursatlar ýekemen böriniň yhlasy gowşup, bir
ýerden ýürekdeşi çykyp, gelip, ýanjagazynda otursa, çalbaşyna elini goýup, gödeksi
mähirli sözleri hümürdäp başlasa, ony gemirýän tukatlyk hem bir ýerlere sumat bolýan
ýalydy.
Ýekemen böriniň uzak beýdip ýatmaga takaty ýetmedi. Dikeldi-de, hol alysda
yşyklary görünýän küren oba tarap seňkildäp ugrady. Onuň bahymrak durkuny
doldurýan tukatlykdan saplanasy gelýärdi. Birsellem seňkildäp ýöräninden soňra möjek,
obanyň bäri çetindäki çäge alaňynyň üstüne çykdy. Şemalyň oba tarapdan öwüsýändigi
sebäpli, küren obanyň itleri onuň ysyny almadylar. Ýöne assaja şemalyň akymlary bilen
gelen, obanyň dürli-dümen dürüşde yslary onuň juda syzgyr tumşugyna hapylap urdy.
Şol garym-gatym yslaryň arasyndan hem onuň duýgur burny ýürekdeşiniň ysyny saýlap
tapdy. Şol yslar bilen bir wagtda-da onuň gulagyna şadyýana goh eşidildi. Ol ýyrtyjy
seresaplylygy bilen, awuny atymyna alanda edişi ýaly, bukdaklap, alaňyň üstüne çykdyda, köz deýin ýanyp duran gözlerini oba dikdi. Gören zatlary ony geň galdyrdy. Oba bu
gün hemişekisi ýaly däldi.
Dogrusy, düňderilen, äpet gazanlara çalym edýän, daşyna ak keçe tutulan, gümmez
öýler öňküsi dek, obanyň ortarasyndaky uly meýdançanyň daşyna, gurluş toýuna üýşen
oguz begleri deýin, egele bolup durdylar. Öňküsi ýaly meýdançanyň ortarasynda hem
hiç wagt sönmeýän, keramatly Kün Hudaýy, Ýagşylygyň we Ýagtylygyň ÝaradyjysyMahur Hudaýyň, Ahura-Mazdanyň mukaddes ody ýanyp durdy. Emma Mukaddes
Alawyň ýanyşy has üýtgeşik, belentdendi.
59
Oduň daşynda-da gyrmyzy geýimli, lowurdap ýanyp duran gaýyş ädikli, silkme
telpekli syrdam-syrdam ýaş ýigitler biri-biri bilen sazlaşykly pyrlanyp, böküşip täsintäsin hereketler edýärdiler. Olar jemi kyrk sanydylar. Ählisi hem deň sazlaşykly
hereketler bilen, ýarym ýapyrylyp, çep ellerini döşleriniň üstünde goýup, sag ellerini
gyra, yzlygyna tutup, dähedem-dessemläp oduň daşynda aýlanýardylar. Olar her gezek
aýaklaryny ýere “patladyp” uranlarynda hem “küşt-küşt” diýşip gygyryşýardylar.
Ýigitler her sapar aýaklaryny ýere uranlarynda-da, ortada ýanýan alaw sandyrap, ondan
göterilýän uçgunlar çar ýana syçraýardy. Onsoň göwnüňe bolmasa, ortada ýanýan otdan
däl-de, ýigitleriň dabanynyň astyndan uçgun sowrulýan ýaly bolýardy. Ýigitler iki gezek
“küşt-küşt” diýşip, biri-birine gop berip, ýer depenlerinden soňra, üçünji gezek,
hemmesi birden, deň hereket bilen, ýokarlygyna bökýärdiler-de, howada öz daşlaryndan
aýlanyp, “küşt depdi” diýip, batly gygyryp, aýaklaryny ýere urýardylar. Şonda hem kyrk
sany gujurly aýagyň bir pursatda ýere urulmagyndan ýaňa ýer goduklap, Mukaddes
Alaw az-kem ýokarlygyna towsup gidýän ýaly bolýardy. Onsoň ýene-de ähli hereket
täzeden başlanýardy. Daşlaryna üýşen mähelle bolsa çapak çarpyp, olaryň “hähini”
ýetirýärdi.
Kyrk ýigdiň her bir hereketini sypdyrman yzarlap başlan çal böri sähel salymdan
olaryň arasyndan öz ýürekdeşini tanady. Ol hem kyrk ýigit bilen deň hereket edip,
Mukaddes Alawyň daşynda raks oýnaýardy. Ýürekdeşini tananyndan soňra möjek galan
ähli adamlara üns bermegini bes etdi-de, gözüni aýyrman diňe şoňa seredip başlady.
Kyrk ýigdiň söweş raksy esli wagt dowam etdi. Hatda näçe çydamly, sabyrly bolsa-da
olary yzarlap ýatan ýekemen gurt hem ýadap gitdi. Emma kyrk ýigit welin, göwnüňe
bolmasa demirden ýasalan ýalydylar. Söweş raksy uzaga çekdigiçe olar gaýta has beter
bat alyp, hereketleri has hem ýygjamlaşýardy. Ýadap togtamakdan geçen, Mukaddes
Alawyň daşyndan her gezek aýlananlaryndan soň ol kyrk ýigit, göwnüňe bolmasa has
belende bökýäne meňzeýärdiler. Olaryň raksy ýene-de bir sellem dowam etse olar,
böküşlerini güýçlendirip, ýyldyzlardan doly garaňky syýalyga tarap, uçup gidäýjek
ýalydylar.
Çal ýekemen ýadanyndan soň hem esli salym kyrk ýigdi synlady. Emma olar togtar
ýerde togtamandyklary sebäpli, bu ýagdaý möjegiň ýüregine düşüp
başlady.Ýürekdeşiniň özüni ýene-de tukatlyk basmarlaýandygyny duýmagyň deregine,
oduň daşynda üznüksiz towsup, pyrlanyp ýörmegine gahary gelen böri, haçan-da ukuda
ýatan wagty büre dişlände edişi dek, bogazyndan gaýnadyp, assaja hyňrandy. Birdenem
özüniň näme üçin beýle edýändigine hem düşünmän, tumşugyny mahy-tabana tarap
öwürdi-de, närazy äheňde uzyn-uzyn uwlap goýberdi. Bada-badam onuň sesine ses
goşup, niredir bir alyslardanam-alyslarda, edil onuň özüniňki deýin, närazy
“uwwuldylar” eşidildi. “Bu jelegaýlarda menden başga-da ýalňyzlyk basmarlaýan böri
bar ýaly-la!” diýip geňirgenýän dek, möjek sesini tapba kesip, “uwwuldylaryň” gelen
tarapyna tiňkesini dikdi. Ol bu hereketini ölügsi süýtreňk tümlükde nämedir bir zady
saýgarmak üçin hem etmedi-de, ýöne, endigine görä edäýdi. Şol pille-de ylla, uly bir
hezillikden galyp barýan ýaly, obanyň itleri çöl-beýewanyň möjekleriniň
“uwwuldysyna” iniňi tikeneklediji ýogyn sesleri bilen üýrüp, jogap berip ugradylar.
Möjek itleriň üýrmesini halamady. Ýankysy ýaly, ýöne janagyryly hyňranyp, oba garşy
60
garady. Itleriň özüni görmeýändiklarini bilse-de, olardan özüniň jinnek ýalyjak hem
çekinmeýändigini görkezmekçi bolýan dek, ýene-de dolan aýa garşy tumşugyny uzatdyda uzyn-uzyn uwlady. Möjek “uwwuldysynyň” obanyň ýakynjagyndan çykandygyny
eşiden itler, özleriniň äsgerilmeýändigine bolmajysyny boldular. Ala-zenzele bolşup,
üýrüşip, kowçum tutup, çal ýekemeniň duran alaňyna tarap gaýtdylar.
Möjek gorkmady. Gaýta gerşiniň tüýleri syh-syh bolup dikeldiler-de, ol ençeme
mynasyp garşydasynyň bogazyny çeýnän gyýaklaryny syrtardyp, hyňrandy. Soňam
misli özüne tarap topulyp gaýdan köpek sürüsi däl-de, wehimden ýaňa aňkasy aşan
keýikler ýaly, äwmän-alňasaman, ýeňsesini tüňňertdi-de, aý şöhlesi zerarly sarymtyl
bolan garaňkylygyň jümmüşine garşy seňkildäp gitdi. Aňyrdan ala-hasyrdy bolşup gelen
köpekler bolsa alaňyň üstünden diňe çal ýekemeniň ysyny tapdylar. Emma hiç haçan bir
zada kelle gyzdyryp, goraýan zatlaryny taşlap gitmeýän häsiýetli janawerler möjegiň
yzyndan kowmadylar. “Çal, gelmäge het edäýmegin! Özüňden heder edýändir öýtme,
aýawlymy taşlap bilmeýärin, ýogsa seniň bilen ýekme-ýeke hem taýýar!” diýýän dek,
gijäniň içinde ap-ak bolup, akjaryp görünýän, daýaw türkmen köpekleriniň her haýsy,
çal ýekemeniň yzyndan haýbatly üýrüşdiler-de, oba döndiler.
Göwni galan möjek bolsa şol gidişine esli ýöräp, öz sürenine ýetdi. Süreniň agzyna
geçip närazy süýndi. Garny dokdy. Emma ukusy welin, tutmaýardy. Şol ilkibaşdakysy
ýaly, gözlerini ýumjukladyp, esli wagt ýatdy. Onýança hol allaowarrada galan oba
tarapdan tasap gaýdan şemal, ýarygije bolandygyny aýdyp gygyryşýan horazlaryň
sesiniň ysgynyny alyp, onuň gulagyna ýetirdi. Şol wagtam möjek özem düşünmän
nämedir bir zady syzyp, laňňa ýerinden galdy-da, howany uzyn-uzyn ysgady. Nämäniň
ysyny alandygyna düşünjek bolýan ýaly, ýeke pursat doňňara-daşa öwrülip durdy.
Birdenem tumşugyny öňe tarap uzatdy-da, ses-selemsiz öňe okduryldy. Badyna
süreniniň öňüni gabsaýan sazaklykdan çykany hem şoldy welin, onuň süreni ýerleşýän
sazakly oýuň üstüne howala bolup duran, beýik bolmasa-da pes hem däl, gum depesiniň
aňyrsyndan bir düşnüksiz gara towsup ýokarlygyna bökdi-de, çal ýekemeniň üstüne
özüni zyňdy. Bat bilen ýokardan düşüşine-de, garbap ony çägä basdy. Emma çal
ýekemeniň güýji ýöne-möne güýç däldi. Ol bogazyna agyz salyp, bir silkende daýaw
saýgagy gerşine zyňýardy. Şol ýüki bilen hem eger gerek bolsa, onlarça menzili
säginmän, saklanman, ylgawuny üýtgetmän, bozman geçip bilýärdi. Şoňa görä-de çal
böri, gerşine hopba bolup, özüni ýer bagyrtladan garany bir silkinende arkasyndan
aýyrdy-da, almaz ýaly kesgir dişlerini syrtardyp, özüne hüjüm etmäge het eden
düşnüksiz suduryň bogazyna tarap äňini hatap ýaly açdy. Onuň bolşy bir demde
düşnüksiz suduryň bogazyny çeýnärli göründi. Emma möjek iň bärkisi ony dişlemedi
hem. Gerek bolsa guş ýumurtgasyny ynjytman, göterip bilýän, emaýly äňi bilen
düşnüksiz suduryň çigninden, wawwasy bar ýaly assaja gysdy-da, mähnet çal kellesini
suduryň boýnuna, äňiniň aşagyna süýkeşdirdi.
--Çal başym, diýýän-ä! Wagty bilen ýanyňa gelmändigim üçin, menden gaty görüp
gaýdaýdyň öýdýän?! Şeýlemi, çal başym!-diýip, çal ýekemeniň güjükliginden bäri
gulagyna siňip giden, gödeksi ýöne mähriban owazy bilen düşnüksiz sudur dillendi.
Arzyly maksadyna ýeten möjek, boýnundan gujaklaýan ellerden sypmakçy bolýan dek,
goçak kellesi bilen bir-iki sapar suduryň kükregine ýuwaşja hütületdi. Çym-gyzyl dilini
61
çykaryp, suduryň ýüzüni ýalaşdyrdy. Tumşugyny uzadyp, ellerini ysgaşdyrdy. Şonda-da
çal böriniň göwnüne bolmasa, güjüklikde özüne geçi derisinden tikilen ýanlykdan, geçi
süýdüni berip, emdiren ellerden henizem süýdüň süýjümtik-ýagjymak ysy gelýän ýaly
boldy. Sudur bolsa neneňsi kuwwatly bolsa-da, islendik garşydaşa sagynman topulyp
bilýän, garadangaýtmaz, äpet ýekemeniň göwresine hem-de hyrsyz keşbine gelişmeýän
ýalynjaň güjüksiremesine ähmiýet bermän oňa bir zatlar gürrüň berýärdi.
--Çal başym, sen bilýäňmi, biz ýigitler bilen şeýle bir raks oýnadyk, şeýlebir raks
oýnadyk welin, hiý goýaýgyn! Megerem, entek Keramatly Kün Hudaýy, Ahura Mazda
asmany hem zemini, topragy hem suwy, ynsany hem möjegi ýaradaly bäri, biziň
däbimize-dessurymyza düşünmän, “DÄH!”diýen söweş çakylygymyzdan ugur alyp,
kese ýurtlularyň “Dähler” diýip atlandyrýan, külli Oguz ilini döredeli bäri, Mukaddes
Alawyň dasynda, Düýp babamyz Oguz han döwründe döredilen, gözbaşyny Kök
babamyz Dib Ýabgudan alyp gaýdýan söweş raksyny, galyň oguz ýigitleriniň hiç haýsy
beýdip, şeýlekin oňaryp, oýnan däl bolsa gerek! Sen bir sered-ä, sen bir gören bolsadyň!
Sudur öz gürrüň berýän zadyna joşup, ýerinden tarsa turdy-da, möjege görkezmekçi
bolýan ýaly, garaňkylykda tozan turzup, birki sapar “küştdepdi” depdi, Soň ýene-de çal
ýekemeniň gapdalyna geçip oturdy:
-Gyzlarymyzyň bize bakyşlaryny dagy gören bolsadyň! Huşuň başyňdan uçardy.
Bu gün, Now Ruz—Täze Gün ahyry! Ýagtylygyň hem Ýagşylygyň Ýaradyjysy Ahura
Mazda bu gün äleme dirilik paýlaýan Mukaddes Küni täzeden ýaradýar, gyş gutaryp ýaz
gelýär, ähli janly-jandarlar, ösümlikler diriligiň ýeňip bolmajak hyjuwy bilen joşa
gelýär. Galyň oguz ilinde-de Köneden Täzäni ýaradýan Mähir Hudaýyň şanyna toýbaýramlar guralýar, hiç haçan öçmeýän Mukaddes Alawy belentden ýakyp, onuň
daşynda raks oýnalyp, aýdymlar aýdylýar. Toý lybasyny geýnen oguz ýigitleri
uçganaklap, syçrap duran bedewe dönýärler, bu gün! Ýaz lybasyny geýen oguz gözelleri
bolsa, süýnüp-sarkyp, suwa inýän sähra jerenlerine kybapdaş, bu gün!...Obamyzyň kyrk
ýigdi bolup, birek-birek bilen bäsleşip, şeýlebir raks oýnadyk, şeýlebir raks oýnadyk, çal
başym! Gyzlar dagy sülmüräp, syr bermedik bolan bolup dursalar-da, her gaýra ýer
depenimizde, ýürekleriniň ortada ýanýan Mukaddes Alaw deýin towsup gidýändigi
duruşlaryndan bildirip durdy! Temmuz seýsiň gyzy Gülnäziň bolsa gabak astyndan gözi
mende! Wa-a-ah, çal başym, Gülnäziň gözlerini diýsene! Ol gözler şeýlebir göz welin,
göz dagam däl-de, gözleriň gözi olar! Göwnüňe bolmasa Gülnäziň gül jemalynda şol
“göz” diýip atlandyrylýan, goşa ýyldyzyň deregine Mahur Hudaýyň hut özi, özüniň ähli
keramaty bilen ornaşan ýaly!...
Sudur içine sygdyryp bilmeýän duýgularyny gürläp-gürläp egismekçi bolýan dek,
ýetişibildiginden gepläp otyrdy. Onuň sözlerine düşünmeýän mähnet böri bolsa, suduryň
dyzyna ýassanyp, onuň şeýle mähriban ysyna, elleriniň eziz ýylysyna meýmiräp gözüni
ýumjukladyp ýatyrdy. Çal ýekemen üçin şundan özge lezzetli zat ýokdy. Möjek ne
özüniň enesini bilýärdi, ne dogduk sürenini. Özüni dünýä inderen jandar barada onuň
aňynda galan birje zat, ol hem özlerini dogranynda jan beren enesiniň gapdalynda,
beýleki üç dogany bilen gözleri hem açylman, çalajan bolup ýatyşlarydy. Soňra bolsa
olaryň naýynjar çyňsamasyny eşidipmi ýa-da başga bir gudrat onuň yzsyz-tozsuz ölüpýitip gidibermegine ýol bermedimi nämemi, şu gapdalynda oturan sudur—malyny
62
bakyp ýören çopanjyk Syrak gelip, olaryň ýatan sürenlerine giripdi. Olaryň dördüsini
hem özüniň bir döwüm çorek salnan torbasyna salyp öýüne alyp gelipdi. Emma Syragyň
yhlas bilen idi-yssywat etmegine garamazdan çal ýekemeniň gowşajyk bolup dünýä inen
doganjyklary iki-üç günüň içinde yzly-yzyna jan beripdiler. Ol bolsa adamlaryň aýdyşy
ýaly “itjanlylyk” bilen, ýaşaýşa çyr-çytyr ýapyşyp, diri galypdy. Şondan soň hem çal
ýekemeniň ene hökmünde-de, dogan-uýa hökmünde-de bar bilýän jandary, şu
gapdalynda yzyny üzmän gepläp oturan Syrakdy. Syrak möjegiň ýeriň ýüzünde ýeke-täk
hossary hem iň küýsegli ýürekdeşidi.
Birnäçe ýyllap ekläp, seredip, ese-boýa galdyranyndan soňra Syrak çal ýekemeni
obanyň itleri bilen oňuşmaýandygy sebäpli çöl-beýewanyň içine eltip, goýup hem
gaýdypdy. Emma çal ýekemeniň ýüregi gysyp, ol ençeme menzil ýoly söküp, ertesi gün
ýene-de Syraklaryň işiginde peýda bolupdy. Şonda eýýäm jahyl çykyp, murty taban
Syrak çal ýekemeni bagryna basyp garşy alypdy. Emma eýýäm şol günüň öýlesi çal
ýekemen ýene-de özüne pitjiň atmaga het eden obanyň daýaw köpekleriniň biri bilen
salşyp, tasdan onuň bogazyny çeýnäpdi. Şonda-da obanyň beýleki itleri hem ol köpege
kömege gelip, çal ýekemeni alarladyp başlapdylar. Eger-de Syragyň garry atasy ýetişip,
itleriň üstüne suw sepmedik bolsa onda çal ýekemen şol söweşden aman sypmaly däldi.
Ony tüýt-müýt etmelidiler.
Şondan soň indiden beýläk çal ýekemen üçin ynsanlaryň arasynda orun ýokdugyna
onuň özi hem düşündi, Syrak hem. Onsoň olar hoşlaşdylar. Çal ýekemen Syraklaryň
obasyny terk etdi. Emma çal ýekemen özüniň ebedilik duşmanlary—itlerden doly
obadan gaty uzaklaşyp hem bilmedi. Küren oba golaý sazakly oýda mesgen tutundy.
Şondan bäri hem Syrak ikisi günde bolmasa-da günaşadan duşuşýardylar. Çal ýekemeni
gören batlaryna tanaýan küren obanyň awçylarydyr, çopanlary bolsa oňa asla
batyrynmaýardylar. Hemmeler üçin çal ýekemen “Syragyň börisidi”. Şunuň bilen hem
gep gutarýardy. Elbetde “süri agsaksyz bolmaz” diýleni, ýöne zanny halal oguzlaryň
içinde özgäniň, onda-da taýpadaşynyň zadyna el gatmaga ynsaby çatjak kişini tapaýmak
juda cetin işdi. Möjek hem öz gezeginde ynsanlary ynjytmaýardy. Obanyň, çopanlaryň
mal-garasy bilen onuň işi ýokdy. Daýaw, güýjermen böri minneti aýaklaryndan we
awçylyk ukybyndan çekýärdi. Her gije esli menzil aşyp, ýa dag jülgelerinde otlapsuwlaýan jerenleri awlamaga ugraýardy, ýa-da türkmen sährasynyň tükeniksiz
awlaglarynda agyp-dönüp ýören saýgak sürüleriniň yzyny çalyp gidýärdi.
Göwnünde joşup duran şatlygyny gepläp egsip, soňuna çykyp bilmeýän, Syrak çal
ýekemeniň ýanynda kän oturdy. Lezzet bilen gözüni süzüp, dyzyny ýassanyp ýatan
mähnet möjege Gülnäziň gözleri hakynda, gündizlerine kölden çykan guba gaz deýin
sagrysyny çaýkap, suwa gidişi hakynda, müňlerçe ýyllar bäri topragyň gaýmagyny şeýle
owadan gyzyň ýöräp bozmandygy hakynda gürrüň berdi. Gijelerine ýatanynda Gülnäziň
güljemalynyň aý deýin, ähli düýşleriniň asmanynda dogýandygy hakynda-da gürrüň
berdi. Eger gerek bolsa Gülnäz üçin elini Ahura-Mazdanyň Mukaddes Alawynyň
gursagyna sokup, onuň köz-jigerini gysymlamaga taýýardygyny hem aýdyp berdi.
Ýürekdeş hemdeminiň bir sözüne düşünmese-de onuň sesini diňlemekden lezzet alýan
çal ýekemen bolsa meýmiräp ýatyrdy.
63
Gepläp-gepläp ýadanyndan soňra Syrak ahbetin, möjegiň gazan kellesini elleri
bilen owkalaşdyryp, hoşlaşdy-da oba tarap gaýtdy. Onuň yzy bilen seňkildäp ugran çal
ýekemen bolsa birsellem ýöräninden soňra niýetinden dändimi ýa-da ýene-de esli ýol
söküp obanyň çetine baryp gaýtmaga ýaltandymy nämemi, biraz ýöräninden soň yzyna
döndi. Syrak bolsa oba baranyndan soň, assyrynlyk bilen işigiň eňsisini galdyryp,
öýlerine girdi-de, düşegine geçen badyna süýji uka gitdi.
Üstüne neneňsi aýylganç howpuň abanýandygyny duýmaýan tutuş küren oba hem
edil Syrak deýin agyr ukuda ýatyrdy…
xxxxx
…Möjek giç ýatandygyna garamazdan hemişekisi ýaly saba bilen oýandy.
Süreninden çykdy. Öň penjelerini ýere diredi-de, gerindi. Heniz ýagtylmadyk
alagaraňky asmana tumşugyny göterdi-de, howany uzyn-uzyn ysgady. Howadan
ýakymsyz bir zadyň ysyny alan böri, seňrigini ýygyrdy. Ol bu ýakymsyz ysyň nämäniň
ysydygyna düşünip bilmedi. Ýene-de howany ysgady. Howadan birtopar ýanyk zatlaryň
dürüşde bolan ysy gelýärdi. Möjek bir erbetligi syzyp, tisginip gitdi. Ol näme üçindir
howsala düşüp, küren oba garşy güýjünde baryny edip, ylgap gaýtdy. Ala-hasyrdy bolup
obanyň çetinden inen möjek görýän zatlaryna has hem howsala düşdi. Ol badyny
saklaman, ýanyp, kül bolan öýleriň tegelenip, garalyp duran üýşmekleriniň
deňesindenden ylgap geçip barşyna Syraklaryň öýlerine ýetmäge howlukdy. Dem
salymda garry söwüt agajyndan on-on bäş ädim daşlykda, ep-esli bolup ýatan kül
üýşmeginiň ýanyna ýetip, saklandy.
Sowuk gijelerde töründäki ojagynyň gapdalyna atylan köne keçäniň üstünde
ýylynyp ýatan öýüniň kül üýşmegi bolup ýatyşyna äm-säm bolan böri, näme üçin
beýdýändigine hem düşünmän, bogazynda gaýnadyp hyňrandy. Ýeke pursat sermisal
bolup duranyndan soň hem tumşugyny ýere degräýjek-degräýjek bolup, çar-töwerekde
alakjap başlady. Möjegiň bolşy nämedir bir zady, has takygy kimdir biriniň yzyny-ysyny
agtarýana çalym edýärdi. Birdenem çal ýekemen obanyň ortasyndaky, öten gije Syrak
dagynyň yhlas bilen küst depen Mukaddes Alawynyň sowan külüniň ýanynda togtady.
Tumşugy bilen ýer gazaýjak bolup, şol ýerini ysgaşdyrdy. Soňra tumşugyny göterip
howany hem uzyn-uzyn ysgady. Bada-badam ýangyndan soň haraba dönen obanyň
günbatar çetine tarap seňkildäp ugrady. Indi onuň seňkildisinde we hereketlerinde hiçhili howsala, aljyraňňylyk ýa-da howlukmaçlyk ýokdy. Onuň bolup barşy arzyly
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Şazadanyň şikäri - 08
  • Parts
  • Şazadanyň şikäri - 01
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2261
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 02
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2305
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 03
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2252
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 04
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2157
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 05
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2204
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 06
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2060
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 07
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2099
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2228
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 09
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2272
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 10
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2230
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 11
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2374
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 12
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2094
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2066
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 14
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2175
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 15
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2238
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 16
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2142
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2282
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 18
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2122
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    37.4 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 19
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2271
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 20
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 2191
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 21
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2359
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 22
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 23
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2172
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 24
    Total number of words is 906
    Total number of unique words is 612
    40.0 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.