Latin

Şazadanyň şikäri - 17

Total number of words is 3781
Total number of unique words is 2282
28.7 of words are in the 2000 most common words
42.3 of words are in the 5000 most common words
49.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
hem-de haşal ot basandygyny görende bolsa gözüne ýaş aýlandy. Kakasy görgüliniň
azap edip, sünnäläp, her kerpijine nagyş çapyp, kerpiçme-kerpiç ussa elleri bilen ören
jaýlary bolsa göýä çalamydar çatma ýaly, haşal otlaryň arasynda ýegşerilip, kepberilip
durdy. “Birmahal uly il “Gulmyrat ussanyň jaýy” diýip, kakam pahyryň yhlasyny
siňdirip guran jaýynyň gürrüňini ederdi. Kakam pahyryň bu jaýyň her kerpijine bir
nagyş gyýyp gurandygyny aýdardylar. Indi bolsa ine, Akdaşaýaga meşhur jaý,
ekinbaşynda gurulýan gamyş kümä dönüpdir…”
Gussaly oýlanan Meýlisiň birdenkä gahary gelip başlady. “Garyndaşlarymyň gözi
nirede bolduka? Näme “Gulmyrat ussanyň özi-aýaly-ha ýogaldy, ýeke ogly hem gitdi”
diýip, kakam pahyryň öýüniň baýguşlaryň mesgenine öwrülmegine biparh
galaýmalymyka? Häý diýmäýin diýsem, garyndaşsumaklar, haýsynyň ýakasyndan
tutsaň tut, haýsynyň jaýyny mysal edinseň edin, ýakyn-u-daşgyn garyndaş tapawudy
ýok, neberämizde kakam pahyryň eliniň degmedik jaýy bar diýen tapylmaz. Özem
hakyny alyp bolsa ne ýagşy, duzlap-dograýan ýeri, mugt-how-mugt! Ine-dä, kakam
görgüliň ömürboýy eli laýdan-palçykdan çykman alan taňryýalkasyny! Öýüniň üçeginde
baýguş jakyrdaýar.”
Meýlis entegem içinden öz garyndaşlary barada birneme kineli oýlanjakdy. Hatda
soňabaka onuň kineli oýlanmasy hapa-paýyş sögünje hem ýazmagy ahmaldy. Birden
kalbynda gozganan wyždan onuň bu namart pikirjiklerini dem salymda dyr-pytrak etdi:
“Nämäňe gaharlanan bolýarsyň-eý, Eý sen gurrumsak! Kakaň pahyryň ile-güne eden
ýagşylyklaryny gürzi edinen bolup, mazamlap, depäň üsti bulaýlap, binamys
şerraýlygyň bilen öz masgaraçylyklaryň üstüni basyrjak bolýarmyň, Şermende?! Kakaň
pahyr-a ömriboýy halal ýaşady, kesekiniň zadyna el urmag-a beýlede dursun, gaýta özi
öýünden äkidip, özgelere paýlady, iliň öýünden alyp gaýdany alkyş boldy. Pahyryň
eliniň hem ýüreginiň mähri siňen öýleriň töründe sallançaklar üwrelip, toýlar tutuldy.
At-abraýly ynsanlaryň ömri paýaw tapanda, olaryň yzlaryny tutup, at-abraýa eltýän
ýollaryny dowam etjek nesilleri olary Allatagalanyň huzuryna gözýaş edişip ugratdylar,
kakaň pahyryň halallyk çeşmesine dönen elleri bilen gurlan öýleriň töründe. Obada
zähmetsöýerligiň hem lebzi halallygyň mysalyny getirjek bolsalar, uludan-kiçä kakaň
adyny agzardylar. Asyl oba adamlary kakaň pahyryň adyny hem unudyp, diňe “Ussa”
diýip tutardylar. Oba, uly oba, onuň içinde ussasy hem köp, emma Akdaşaýagyň ýedi
ýaşardan ýetmiş ýaşara ähli ýaşaýjysy “Ussa” diýseň kim barada söz açylýandygyna
düşünerdi. Agyr ýüki abraý bilen alkyşdy görgüliniň, bir Hakyň bermedigi, sen
gurrumsakdan özge çaga ýüzi düsmedi pahyryň! Sen näletkerdä ýetmek üçin hem ejeň
150
pahyr ikisiniň ýykylmadyk öwlüýäsi, ýüz tutmadyk tebibi, lukmany galmady ahyry!
Häk, şü adam pahyr çig süýt emenligini etmän, Biribaryň bermedigine maýyl bolman,
berenine kaýyl bolup ýörse sen deýin gurrumsak, yz ýitiren dünýä inmese-de inmezdi!
Berdi, Hudaý sen gurrumsagy, kyrkyň bir çetinden gädip ugran kakaň pahyra! Depesi
gök diredi, görgüliniň. ““Ädikçiniň ädigi bitmez” diýleni, toý-baýram, meýlis geldi
ömrüme, meýlislerimiň başy bolsun-da hernä, meýlislerim täze jaýda tutulsyn, çig
kerpiçden jaýymy ýykjak-da, çagalaryma görülmedik jaý gurjak” diýip görgüli,
sünnälep jaý saldy. Taňry beren zehinine daýanyp, bir ýerde başarnygy bolsa hem ine,
şu öňüňde sen gurrumsak zerarly çalamydar çatma çalym edip duran jaýa siňdirdi. Sen
gurrumsagy dag-a begiň balasy begzada diýils-ä heniz bärräkden gaýtjak, şazada kimin,
zähmetden ýaňa, ýonýan kerpiçlerine dönüp, gatap giden elleriniň aýasynda üwräp,
“ýerde goýsam pos polýar, gökde goýsam ys bolýar” diýip, huwwalap, söýünip-doýupganyp bilmän saklady.
Sen bolsa nätdiň?! Ýigit çykyp, ataň-eneň yhlasyny ýerine gowuşdyrdyňmy?!
Beýle zatlar dagy nirede! Adyňa mynasyp bolduň, ysnady! Işekçer jahyllygyňdan
gözlegiň meýlisdir-keýp boldy. Kakaň pahyryň, ejeň görgüliň halal zähmetleri bilen
gazanan yrsgal-döwletini haram keýpe sowurdyň, meýlis-keýp bilen kanagatlanman
neşe öwrendiň, üflis! Saňa öň ejeň-kakaň puly dilemänkäň berýärdiler. Soň olardan
diläp alyp ugradyň, soň aldap aldyň. Ejeň-kakaň pak çykanyňy duýdular, onda-da
ömürboýy abraýyň ýesiri bolup ýaşan görgüliler, ile-güne syr bermejek bolup, seslerini
çykarmadylar, içlerine saldylar. Saňa welin, gurrumsak, neşäň üçin pul gerekdi, sen indi
keýp üçin neşe etmeýärdiň, sen indi neşäniň azaryndan gorkujygyňa, özüňi saklamak
üçin neşe edýärdiň. Sen şonda çar tarapa urnup, gabat gelen adamdan ýalan-ýaşryk
sözläp, karz pul alyp ugradyň, gabat gelen ýerinde ogurlyk etdiň, aldadyň, kezzaplyga
ýüz urduň. Il-gün ýene-de giň, kakaň pahyry sylap saňa zat diýmedi, edeniňi öňüňden
geçirdi. Ýöne saňa gatybir ynanmady hem. Hatyrjem bolup, Türkmen aga mahsus
paýhaslylyk bilen sen barada bir söz diýdi. “Il agzy keramat” diýleni, şol diýlen sözi
hem hemmeler alyp göterdi. Iliň gözünden düşeniňden so soň sen gurrumsagyň lakamy
“Ebla” boldy. Hiç kim saňa ýüz bermedi. Jemagatda baryp otursaň ýanyňdan turup
gitdiler, salamyň “waleýkimi” göwünli-göwünsiz berildi, gabat gelşilende salam bermek
islemän, görülmedik bolup geçildi. Haçan-da halys tebähediň göçüp, “pul ber” diýip
kakaňa haýbat atanyňda bolsa görgüli göterip bilmän, amanadyny tabşyrdy. Onsoň ilgün hem seni näletledi. Şonda bir aklyňa aýlanan ýaly hem etdiň gurrumsak! Ýyl
ýarymlap dagy, öýden çykmadyň, gidýän ýeriň bolmady, keýpbaz meslekdeşleriňden
arany üzdüň. “Asly arassa bolsa ahyry dogry ýola düşäýer-le!” diýip, il-gün hem saňa
umyt bilen içini hümletdi. Salamyňy alyp ugradylar, toýda-ýasda dyzlaşyp oturmagy
kiçilik bilmän başladylar. Ejeň görgüli hem şonda seniň ugruňda köwüş tozduryp,
gözläp-gözläp, gelin tapdy, baryny-ýoguny ýygnap seni öýerdi. Öýleneniňde dagy
ýadyňa sal, sen-eý, Eý gadyrbilmez gurrumsak, il-gün toýuňy etdi ahyry. Ejeň görgüliň
ýanyna goňşularyňyz öýin-öýin gelip, her kim göwnünden çykaranyny düwünçege
düwüpjik goýup gitdi. Özem karz diýip bermediler, başbitin berdiler. Il-günüň
arkasyndan sen gurrumsagy ejeň görgüli bergisiz-beýlekisiz öýli-işikli etdi. Näme il-gün
151
sen gurrumsak üçin şol zatlary edendir öýdýärmiň?! Kakaň pahyr mazarynda tersine
dönmesin diýip etdi halk ol hyzmatyny!
Gelniň Aýsona bolsa gelin dagy hem däldi, duranja bir aýyň bölegidi. Wa-a-ah,
“gawunyň gowusyny şagal iýer” diýip Türkmen aga ýöne ýere jibrinýän däldir-le,
obanyň galyň ýigitlerini yzynda ser-sepil edip, gör nijeme, halkyň hormatyna mynasyp
bolup ýören il ogullarynyň pynhanlykda söýüp-doýup-ganyp bilmän ýören elýetmezi
sen gurrumsaga nesip etdi ahyry! Ony hem kakaň pahyryň adyny öňüne tutup gelen ejeň
görgüliň ýüzünden geçip bilmän, Aýsonanyň ejesi-kakasy ikisi aýmeňizli aýgyzlarynyň
ykbalyny sen gurrumsaga baglap, öz perzentlerini betbagt etdiler. Hanha, indem goşa
garamyk deýin gyzjagazy bilen oguljygyny ýeke özi terbiýeläp, atasynyň dulunda otyr.
Wah, ojagyna wepaly gelin, baý sen gurrumsakdan dagy hem umydygär bolup kän
çydady, kän çytraşdy. “Häli düzeler, şindi düzeler, ine goýar, erte goýar”… Goýarmyň,
gurrumsak?! “Küýkini gabyr düzeder” diýýär, Türkmen aga! Senem küýki, özem
gabrynda-da düzelmejek küýki. Ýeri, aýt, nämäň ýetmeýärdi? Gül ýaly gelniň bardy,
entek öýleneniňe ýaňy bir ýyl bolanda ekizjeleriň, ogluň hem gyzyň dünýä indi. Ýaşa,
ahyry, mahluk! Dünýäde saňa şundan başga näme gerek?! Jahany dört bölüp üçüsini
saňa berenlerinde şondan köp paý düşjekmi, eyes?!
Bolmady. Ýene-de köne heňiňe tutdurdyň. Ýene-de gaýtadan şol nägehan neşä
ulaşdyň. Özem öňkiň dagy çeni-çaky hem bolmady. Ejeňi gara ýere duwladyň, aklyňa
aýlanmadyň, çydajak bolup dişlerini gysyp-gysyp, merjen dişleri dökülen gelniň, goşa
balasyny yzyna tirkäp, atasy öýüne gitdi, oýanmadyň, säginmediň… Il-gün senden gezip
ýören al-arwah ýaly, toba edip daşlaşdy. Duýmadyň. Ahyryn hem hökümet yzyňdan
ýetdi. Eden ogurlyklaryň, kezzaplyklaryň üçin senden jogap sorady. Senden il-güni
dyndaryp, gözenegiň aňyrsyndan garatdy. Indem, aýt sen, maňa, eý adama daş sypaty
çala çalym edýän mahluk, ömrüň boýy ýeke ýerde ýeke daban ýere pil uran bolsaň,
ýeke goşawuç gumy eliň bilen owradan bolsaň aýt, gurrumsak! Ýeke düýp nahal eken
bolsaň, öý tutan bolsaň, birinden “taňryýalkasyn” alan bolsaň, aýt, lam-jim açaýyn-da,
ebedilik kalbyňdan zym-zyýat bolaýyn! Diýip bilmersiň, diýmäge bihaýalygyň ýetmez,
dogrusy ýeterdi welin, sende indi hatda bihaýalyk hem galmady ahyry, sebäbi seniň
binamyslygyňdan utanyp bihaýalygyň hem seniň göwnüňi birmahal terk etdi!
Ýene-de men, seniň ýaly gurrumsagyň wyždany, bihaýalykdan hem
binamyslygymy edip, seni taşlap gidibermän, “çykmadyk janda umyt bar”-yma tutup,
seni dagam oýarjak bolan bolup ýörün. Ýene-de il-günden närazy bolan bolmaga het
eden bolýarsyň-a, toprak başyňa, ysnady!”
Çugutdyrylyp, derwezeleriniň söýegine ýaplanyp oturan Meýlis, kalbynyň törüni
eýeläp, etini iýip gelýän ynsabynyň owazyny eşitmejek bolýan dek, kellesini elleri bilen
gysdy. Ýüzüni sallady. Onuň dünýäsi suwsuz gurap galanyna üstünden asyrlar öten
gurruk guýy deýin hüňläp durdy. Boşluk. Boşluk. Boşluk…Onuň kalby boşlukdan
doludy. Şol ýaşap, düşünip, soňuna çykyp bolmaýan, tükeniksiz boşlugyň içinde-de dag
gaýalaryna düşüp azaşan ýaňyň iň soňky heňleri ýaly, “Indi nätmeli?!” diýen ysgynsyzja
owazjyk titräp-sandyrap, pelesaň kakýardy.
“Indi nätmeli? Nädip ýaşamaly? Ejem ýok. Kakam ýok. Abraýym ýok. Maşgalam
dolanmaz. Öýüm… Haraba öwrülipdir. Beýdip diri maslyk bolup ýaşap ýörenden-ä…”
152
Aňynda dörän täze pikir birbada Meýlisi haýykdyrdy. Ol hopukdy. Ýöne sähel
salym geçenden soň öwrenişdimi nämemi, ol ýuwaşlyk bilen, gorka-gorka pikirini
dowam etdirdi: “Dogry! Beýdip ýöreniňden il-güni özüňden dyndaranyň ýagşy!”
Şu pikirden soňra Meýlis çagalygyndan bäri ilkinji gezek özüni şeýlebir ýeňil
duýdy. Edil öz öňünde ýetmesi şeýle aňsat bolan, aýdyň maksat goýan, özüne ynamly
adamyň özüni ýeňil duýşy dek rahatlandy. Ol ýerinden turdy-da, agaýana ösüp, bilboýy
bolan ýandaklaryň arasy bilen jaýlaryna tarap ýöneldi. Jaýlarynyň gapdalyna baryp
sägindi. Önüp-ösen öýüniň nagyşly kerpiçlerini mähirli nazary bilen sypady. Ýüzüni
kerpiçlere degirdi. Munuň bilen hem oňman ýaňagyny öljümek tozan bilen örtülen,
nagyşlardan ýaňa büdür-südür kerpiçlere oýkady. Kerpiçler buz ýalydy. Onsoňam olar
ýüzüniň büdür-südürligi Meýlisiň dulugynda dyrnalýana çalymdaş duýgy döretdi.
”Şularam meniň özlerine galtaşmagyma närazy bolýan ýaly-la!” diýip Meýlis
lapykeç oýlandy-da, bir zat agtarýan dek, jaylarynyň çüňküne garady. Bada-badam
özüniň gözleýän zadyna onuň nazary sataşdy. Ol göýä ösüp oturan ýandaklary bimaza
etmejek bolýan ýaly, emaý bilen jaýyň künjüne tarap süýşdi-de, penjireden jaýyň içine
girip gidýän, ujy ýolnan telefon simine ýapyşdy. Bir çekende-de ençeme wagt bäri
ýagyn-ýagmyrlaryň, gün şöhleleriniň astynda eýesiz çüýräp ýatan simiň ep-esli bölegini
ýolup aldy. Simiň bölegini gysymyna gysdy-da, Meýlis jaýyň işigine ýöneldi. Öwzarsyz
öýüň daşyndan demir bölegi direlen çalamydar gapysy göreniň göwnüni agyrdyp, reňki
pakga-pakga bolup, gyşaryp durdy. Aýnasyz penjirelerden sygyryp öýüň içine girýän ýel
bolsa misli bu gözgyny harabaçylyga göhi gelýän dek, öýüň içini ala-hasyrdy edýärdide, ýaňky çalam-çaş gapynyň hoňkaryp duran yşlaryndan tasap, daşaryk çykýardy.
Soňra bolsa ýene-de özüniň täze tapan bezzatlygyndan doýup bilmeýän, dikdüşdi
garagol ýaly ýaňky oýnuny gaýtalaýardy.
Meýlis wawwasy bar ýaly, assyrynlyk bilen gapynyň diregini aýyrdy-da, içerik
ätledi. Öýüň içi haňlap ýatyrdy. Keçe-düşek ugrundan hiç zat ýokdy. Göýä onuň edýän
pikirine jogap berýän dek, hiç wagt hiç bir ýagdaýda ýüz görüp gapyrga syrmaýan
ynsaby: “Düşek, goş-golam ýok, diýýärmiň, näme goş goýduňmy bu öýde, düşek
goýduňmy bu tünekde, ejeň görgüliň köne sandygyna çenli satyp, haram neşä
bermediňmi eýsem?”
Hemişe öz wyždanynyň sesini ynjyly kabul edýän Meýlis bu gezek onuň awuly
neşderini sokmagyna üns hem bermedi. Göýä, “Näçe çaksaň çakyber, barybir ýene-de
ýeke pursatdan sen-ä maňa, menem saňa derkar bolmarys!”diýýän mysaly.
Ol eýwanyň çüňklerinden sallanyşyp duran latga-latga kereplere üns bermän daşky
gapynyň çep ýüzündäki penjiräniň eýwanyň astyndan bilboýy ýokardaky erňegine
mündi. Telefon siminiň bir ujuny penjireden gaýym daňdy. Simi bar güýji bilen çekip,
onuň berkligini barlap gördi. Onuň göwni, pikirleri doňup galypdylar. Ol alasarmyk
düýşde gezip ýören ýalydy. Hemme zady göýä özi däl-de, özge biri edýäne meňzeýärdi.
Göýä özi üçin däl-de, bir desse ot daňmak üçin edýän ýaly, arkaýynlyk bilen simiň
beýleki ujundan syrtmak ýasady-da, Meýlis ony ýere sallady. Soňam “Eý gurrumsak,
edebileniňi etdiň, indem şermende namartlyga ýüz urup, aňsatlyk bilen gaçmakçy
bolýarsyňmy?!” diýip hemişeki edähetine eýerip, gyjalat bermäge çalşan wyždanynyň
ysgynsyz hem galagoply sesini, penjesine düşüp pitirdeýän etene guşjagazy pişigiň edişi
153
dek, bir gysanda mynjyratdy-da, Meýlis näme üçindir daşaryk garanjaklady. Onuň bu
garaýşy misli iňrigini garaldyp, garalyp gelýän ýagty ýalançydan özüni saklamagyny,
özüne rehim etmegini dileýäne meňzedi. Emma keşbi gamaşyk arşyň piňine-de däldi.
“Meni ýitirersiň…bujagaz ýitgi…” diýip Meýlis, näme üçindir, birmahal, mundan on
ýyl ozal, şagalaňly meýlislerde eşidip, gulagynda galan Kerim şahyryň setirini ysgynsyz
oýlandy-da, “Ýa Alla, men ýoldan azaşan bendäňe rehimiň insiň!” diýip syrtmagy
boýnuna geýdi. Şol wagtam Meýlis çagalygyndan bäri gulagynda galan, goňşysy Gara
aganyň derwezäniň ýanyndan gelen sesini eşidip, ziňkildäp gitdi.
--Üh-he, üh-he, ühe! Goňşy! Barmysyňmy-haw!
Ol özüniň näme üçin beýdýändigine hem düşünmän, hasyr-husur boýnundan
syrtmagy aýyrdy-da, simi penjireden goparyp, eýwanyň iň garaňky burçuna zyňdy.
Soňam sesini endiredip, gyryljak “hä” berdi:
--Bardyryn, geliberiň, Gara aga!-diýdi-de, ol penjiräniň erňeginden düşüp, daşaryk
çykdy.
--Häýt, höwürtgesine hapgyrtma girmiş, jähennem bol, şü jelegaýdan!-diýip
Meýlisleriň howlusyndaky mähnet garaly agajynyň üstünde gözüni tegeläp oturan
hüwini kesekleýän Gara aga birbada Meýlisiň salam üçin uzadan elini almady. Diňe
birahat bolan hüwi ganatlaryny pasyrdadyp, uçup gidenden soň salamlaşdy.
--Waleýkim essalam, Meýlis! Geldiňmi, sag-aman! Gözüň aýdyň, esen gelip,
ojagyňa gowuşdyň!
Ýeke gepliligi, hemişeki göni gürrüňi üçin “Dogry” lakamyny alan ýaşuly bu
sözleri çyny bilen diýse-de, Meýlise olar ýöne bir sypaýyçylyk üçin diýläýen ýaly bolup
eşidildi.
--Geldim, öz-ä!-diýip, Meýlis uludan demini aldy-da, dymdy.
Synçy gözlerini oňa diken, köpi gören ýaşulynyň nazary göýä onuň kalbynyň emerdamaryny yzarlap gidene döndi.
--“Öz-ä”-ň näme, Meýlis?! Köpmanyly dymýarsyň welin, sen oglanyň ýagty
ýalança aýdylman galan zadyň juda köp ýaly-la?!
Meýlis ajy ýylgyrdy:
--Aýdara ýüzüň bolsa aýdarsyň-da, Gara kaka!
Gara Dogry bu gezek hem hemişekisi ýaly, dogry diline badak atyp bilmedi:
--Şoňa düşünýän bolsaň, hälem, onda sende adam ysynyň galdygy-la!-diýdi.
Dogry sözli ýaşulynyň bu sözleri ok bolup Meýlisiň bagryndan parran geçdi. Ol
bokurdagyna dykylyp gelen gaharyny şerebeli sözlere öwrüp, öňünde kinaýaly seredip
duran ýaşulynyň üstüne pürkmek isledi. Emma pursatdan peýdalanyp, güýjüne girmäge
ýetişen wyždany ataşgir penjeleri bilen onuň bogazyndan bogdy-da, “Het edäýmegin,
gurrumsak!” diýip, ýylan ýaly haşşyldady. Meýlis gepläp bilmän ýuwdundy.
Onuň bu hereketi hem Gara aganyň nazaryndan sypmady:
-Hä ýuwdunýarsyňmy? Ýuwdun, ýuwdun, han ogul! Ataň pahyryň, ejeň görgüliň,
gelniň görgüliň sen zerarly ýuwdunanlarynyň ýuwdunyp-ýuwdunyp soňuna çykaýjak
bolsaň ömrüň ötünçä ýuwdunyp geçmeli bolaýsaň nädersiň!
Meýlis sesini çykarman ýüzüni sowdy. Şol pille Gara Dogry onuň ýagdaýyna
düşündi.
154
--Bu seniň, munyň bolsa çykalga dälmikä diýýärin!-diýip, ol bir eli bilen boýna
atylan syrtmagy ýokarlygyna çekýän ýaly hereket etdi:-- Päk Perwerdigäriň beren
sanalgysyny müddetiň ýetýänçä ýaşajak bolmaly, şonsuzam ýeter bir gün, hiç ýere-de
gaçyp gitmez şol senden!
Ýaşula aýdara-diýere söz tapyp bilmeýän Meýlis diňe:
--Kyn!-diýip ýuwdunmagyň hötdesinden geldi. Bu söz Gara Dogryny azarly
ýarasyndan basylana dönderdi:
--Kyn diýýärmiň? Sen han ogul, entek hakyky kynyň nämedigini düýşüňde-de
görmänsiň! Päheý-de welinim, diýmäýin diýsem!
Gara Dogry başyny ýaýkady. Soň birsellem oýurganyp durup, haraba dönüp ýatan
jaýyň diwarlaryny ilkinji gezek görýän ýaly birlaý gözden geçirdi. Birdenem daýhanlara
mahsus äheňde Meýlise buýruk berip başlady:
-Bize gidip ýatsaň hem bolar welin, gelen günüň keseki öýde ýatyp ýörseň öz
ojagyň göwni galar! Bejit bol, gapylaryňy aç, häzir men kiçim Nurýagdyny çagyraýyn,
sütüne çykyp, öýüň simini toga birikdirsin. Öýde peç bardyr, şony hem alyp gaýdaly.
Gelinler bilen gyzlar içeriňi garaňky mazaly gatlyşmanka syryp-süpürerler. Penjireleriňe
bolsa häzirlikç-ä kleýenka çüýläris. Erte-birigün bolsa bolanjasyndan aýna jemläris.
Özüňem ýör bizden pil alyp gaýt, iki bolup haýdan-haý howlynyň ýandagyny, haşal
otuny çapaly. Hä diýmän il-gün “gözüň aýdyň-a” gelip ugrar. Gelenler: “Goňşulara-ha,
Ussanyň howlusyny ot-çöpe basdyraýypdyrlar!” diýseler abraýymyz däl.
Meýlis Gara aganyň sözlerine geň galdy. “Munuň aýdyp oturan zatlaryn-aý! Kim
gelsin, kime meniň gelenim gelmänim bildirip dur! Iliň-günüň näletlän ysnadysyna
“gözüň aýdyň” diýmäge-de adamlar gelermi!” diýip, içinden göwnüçökgün oýlansa-da,
Meýlisiň ýaşulynyň diýenine däl diýmäge bogny ysmady. Ol müýnli çaga deýin ýüzüni
sallap, Gara aganyň yzyna düşdi. Haçan-da ol goltugynda iki sany pili gysymlap barýan
ýaşulynyň gapdaly bilen, gara demirden, köne peji goltuklap, howlularyna dolananda,
öz gözlerine ynanmady. Howlularynyň içinde ilerki goňşusy Mele çopan haýdap
ýetişibildiginden jaýyň penjirelerine kleýenka kakýardy. Onuň iki sany işekçer jahyl
ogly hem gara dere batyp, ýerde ýatan derwezäni bir gyra aýrypdyrlar-da, howlynyň
haşal otuny gyrçap ýördüler. Gara Dogrynyň ogly Nury bolsa eýýäm maýmyn ýaly
dyrmaşyp toguň sütünine çykyp barýardy. Mellekleriniň aýagujundan hem birki sany
gelin-gyz elleri sübseli bärligine bakan ýöräp gelýärdiler.
Meýlisiň dünýäsi lerzana geldi. Misli zemin gümmezi ähli labyryny üstüne atan
ýaly, ýegşerildi. Hiç kime kelam agyz gep gatman, gujagyndaky pejini ýerde goýdy-da,
jaýlarynyň ýeňsesine aýlandy. Olara gözi düşen Mele çopan, Meýlise habar gatjak bolup
dodagyny müňküldetdi, ýöne Gara Dogrynyň başyny ýaýkaýandygy gözüne kaklyşyp,
dilini dişledi. Soňra edip duran işini goýdy-da, Gara aga ýakynlady:
--Salawmaleýkim, goňşy!
--Waleýkim essalam, goňşy! Senem eşidäýdiňmi, Mele?
--Eşitdimem, gördümem goňşy! Iki bolup tirkeşip gideniňizi gördüm-de, Gara
şeýdýän bolsa menem ýalňyşmaryn-la, diýip geliberdim, bäri!-diýdi-de Mele çopan
säginip, oýurgandy:--Ýene-de bir gezek hata goýberäýýän-ä däldiris-dä, Gara dogan?
155
Gara Dogry Mele çopanyň soragyma jogap taparyn diýen umyt bilen, özüne garşy
delmuryp garan gözlerine özüniň aýna deýin durulygyny hiç haçan üýtgetmeýän gözleri
bilen dikanlap, egnini gysdy:
--Men näbileýin, Mele dogan! Menem özüň ýaly adam, menem Hudaý däl ahyry!
Ýöne näme ata-babalarymyz “çykmadyk janda umyt bar” diýipdirler. Haktagala Ussa
görgüliniň yzynyň şeýdip biabraýçylyk bilen ýitip gitmegine ýol berer-ä öýdemok.
--Rejesi neneň, özi, dogan? Ýa şol öňki äheňi, öňki heňimi?-diýip, Mele biriniň
eşitmeginden çekinýän dek, sesini pyşyrda öwrüp sorady.
--Ýüz-ä, Mele dogan, işalla, bärik ýaly, öz-ä!
--Bolawersin, hernä!
Iki ýaşuly şeýle diýdiler-de, sözlerini kesip her haýsy öz işi bilen boldy. Esli
salymdan soň çym-gyzyl bolup çişen gözlerini gizläp, Meýlis tamyň ýeňsesinden geldi.
Mele çopan başlyklaýyn her kim oňa “gözüň aýdyň-da gözüň aýdyň” boluşdylar. Soňra
hiç kim üýtgeşik geplemän, işli-işi bilen boluberdiler. Adamlar bolsa, aýtmak gerek däl
geliberdiler, geliberdiler. Gelenem ýöne gelip, “gözüň aýdyň, geldiňmi?” diýip
gidibermedi. Kim pildir-çarşaga ýapyşdy, kim çekiji hem çüýi bilen geldi. Kim keçe
süýräp geldi, kim palas getirdi. Adam üýşüberensoň pil gezegini soňky gelenlere berip
Mele çopan bile çete çekilen Gara aga bolsa assyrynlyk bilen öýe çyra çekip bolan,
körpesi Nuryny ýanyna çagyrdy. Hatda gapdalynda duran Mele çopana-da eşitdirmän:
--Hol ýatakdaky, indiki annada sadaka bereris diýip ýören daýaw baggoýnymyzy,
getir-de, gün ýaşmanka soý! Soňra öýden gazan-ojak getiriň-de, nahar ataryň! Şundan
gaýym sadaka bolmaz! Ussa görgüliniň ojagyndan halal duz iýlip, töwir okalsa bijaý
ýerine düşer. Ulus-iliň alkyşyny alan bendäniň töründe ile nygmat berip bilsek
armanymyz näme?-diýip, onuň gulagyna pyşyrdady. Şol wagt Mele çopan hem tamyň
öňüne aýlandy-da, ýuwaşjadan gyzyny çagyryp:
--Bar gyzym, öýe bar-da, ejeňe aýt, häli giçlik tamdyr ýapypdy, saçagyny götersinde, gap-gajy, çäýnek-käsesi, çaýy-süýjüsi bilen bärik gaýtsyn!-diýdi.
Onýança howluda iş hem azalyberdi. “Iliň güýji siliň güýji” diýleni, sähel salymda
howlynyň içi gül pürkülene döndi. Hatda daş-töweregi tämizlenip, içinde çyra ýakylan
jaý hem silkinip dikelen ýaly bolaýdy. Adamlar assa-ýuwaşdan jaýyň içine ýygnanyp
ugradylar. Törde saçak ýazyldy. Öz-özünden döreýän ýaly, saçagyň üstüne dürli-dümen
üýşüp ugrady. Çaý geldi. Daşarda atarylan gazanyň bugundan göterilýän ýakymly ys
içerik hem aralaşdy. Öýdäkileriň burnuny gyjyklap, işdä damaryny açdy. Her kim bir
ýerden söz açyp başlady. Zähmet çeken adamlar alaýaz bolup söhbet edýärdiler. Diňe
Meýlis çete çekilip, otagyň bir künjünde kibtini gysyp, ýüzüni ýerden galdyryp bilmän
otyrdy. Onuň bolup oturyşy göräýmäge, uklap galana meňzeýärdi. Emma hakykatda
welin onuň kalbynda tupan turýardy.
“Wa-a-ah, gara gözleriňize döneýin, doganlarym! Wa-a-ah, gara başyňyza şirin
janym sadaga, ilim-günüm! Wa-a-ah, sözleriňizden aýlanaýyn, gözleriňizden aýlanaýyn,
mähribanlarym! Men ýerden ýeke çykyp, atasynyň adyna ysnat getiren mahlugy, nä
günlere saldyňyz ahyry, sadagaňyz bolaýyn, ähliňiziň! Eger-de şunça wejeralygymdan
soň hem ine şeýdip garşylan ilimiň şu günki eden ýagşylygynyň astynda galyp, ine şu
gün maňa gaýtadan ömür berip, söýenmäge söýeg, daýanmaga direg bolan
156
mähribanlaryma hyýanat edäýsem, goý meni ýer hopsun!” diýip onuň kalby daşyna
çykaryp bilmeýän sözlerini içinden zarynlaplar gaýtalaýardy. Şunça ýylyň dowamynda
hyýanat edilip-edilip, döwülmejek-epilmejek polada dönen wyždany hem Meýlisiň
kalbyna ses goşup hamsygýardy: “Wah, owazyňdan aýlanaýyn, seniň! Şunça ýyldyr, zar
boldum ahyry, şu owaza! Sadaga men saňa, sadaga!”
Ýagşylygy gyzyl manatlyk deýin, köpükme-köpük sanap bermegi, ýamanlygy gara
daş edip goltugyna gysyp göterip ýörmegi bilmeýän adamlar bolsa göýä özleri üýtgeşik
bir zat etmedik ýaly, Gara Dogry bilen Mele çopanyň gep uruşdyrmasyna alaýaz bolşup,
gülşüp, çaý süzýärdiler. Öwzarsyz öýüň öwzary dolanypdy.
“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2007-nji ýylyň
18-nji martyndaky sany
Ata we ogul
…Öý işini harsal ýerine ýetirendigi sebäpli bu gün soňky sapakda mugallym oňa
gaty käýedi. Dogrusy mugallymyň sözlerini gulagynyň duşundan geçiribem goýbererdi
welin, onuň: “Saňa gelişmeýär, Annameret! Äý hawa-da, ata käýinji bolmasa ene
igenjinden ne peýda…” diýen sözleri Annameretjigiň öňem ýaraly, kiçijik ýürejiginden
ok bolup geçdi. Ýerinden atylyp turaga-da: “Sen bar-a, mollum, meni kemsitme! Kakasy
neşebent diýip, diýjegiňi diýen bolup durma! Men islemänim ýa-da ýaltananym üçin öý
işimde ýalňyş goýbermedim. Ýeke ogul bolsam-da, seniň beýleki synpda okaýan lellim
ogluň Lallyk ýaly läliksiredilmeýärin. Men okuwdan soň uýalarym bilen ejemiň ýanyna,
meýdana gidip, oňa kömekleşýärin. Gije gelibem ýadaw bolandygym üçin, öý işimi çaltçalt taýýarladym.” diýip, gaharlanjak boldy. Emma özüniň müýni bolandygy zerarly
dilini dişläp oňmaly boldy.
Mekdepden gaýdanda-da deňdeşleri bilen bile gaýtmazlyk üçin, olardan ökje
ogurlap galdy-da, uzagrak hem bolsa, başga köçeden gaýtdy. Çola köçäniň ugry bilen
ýalňyz özi ýegşerilip barýan, Annamerediň namysjaň ýürejiginde kine gaýnap-joşýardy.
Hemişe agzy salamly bolandygy üçin sataşan obadaşlaryna: “Baý, munuň edeplijedigini,
şunuň ýalyjak oglanjyk bize-de nesip edewersin” diýdirýän, Annameret garaja galpakly
başyny aşak sallap barşyna ýolugra sataşýan birlän-ikilän ýaşy uly obadaşlaryna üns
bermeýärdi. Onuň göwnüne bolmasa, olaryň bary: “Muny görüň-ä, süpük neşekeş
Haldurdynyň ogly gelýär” diýip, ony ýeňsesinden ýaňsylaýan ýalydylar. Diňe bir
adamlaram däl, eýsem köçäniň iki gyrasyndaky ýaplarda ýaşyl ýapraklara basyrynyp
oturan tutlar-da, olarda jürküldeşýän guşlar-da, tutlaryň aňyrsynda gizlenýän
haýatlaram… olaryň ählisi: “görüň-ä muny, görüň ahyry bu neşekeşiň ogluny” diýip
onuň yzyndan gykuw berýäne çalym edýärdiler. Gözlerini ýerden götermäge utanyp
barýan Annameret üçin ýer-ä ýarylmaýardy, ol hem girmeýärdi.
Ahbetin ýüzüni sallap barşyna Annameretjik öýlerine ýetdi. Daşyna şifer aýlanan
aşhanada özünden dört ýaş uly, altynjy synpda okaýan, ortanjy gyz uýasy nahar bilen
başagaýdy. Ol günortandan soň okaýandygy sebäpli eýýäm mekdep geýimindedi. Özem
Annamerediň eglenendigi üçin, gaharlydy.
157
-Näme gelmän geçdiň, saňa nahar berjek bolup mekdepden gijä galýaryn ahyry!
Akyly-huşy başga ýerde bolan Annameretjik uýasynyň gaharly jümlesine kelam
agyz jogap bermän, içeri girip gitdi. Iki otagly öýüň içinde derde ýarar ýaly goş-golam
ýokdy. Otaglaryň astyna ýazylan düşekler bolsa, göwnüňe bolmasa köneliginden ýaňa
aýagyňy bassaň, dabanyň astynda dyr-pytrak bolup, dagap gidäýjege meňzeýärdi.
Annameret daşky otaglarynda säginmän, gapdalky otaga geçdi. Bosagadan ätlen
dessine-de ýene-de eýýäm iki hepde bäri boş duran telewizoryň ýerine gözi düşdi-de,
ýaňy mellekleriniň gädiginden ätlände az-kem köşeşen derdi täzelendi. Kakasy bu
telewizory alyp gidende öýde Annamerediň ýeke özüdi. Irdenden bäri awulygyny tapyp
bilmändigi üçin ýüzüni eňşidip, erniniň suwuny akdyryp, öňünde: “Oglum, şu wagt
gidip ejeňe aýtma, aýtsaň gykylyk turzup gelip, telewizory elimden alar, men bolsa bu
mahal ölüp barýan” diýip, sazanaklap duran adamyň bolup durşy ysnady bolsa-da, ol
kakasydy. Dözmedi. Ejesiniň yzyndan gitmedi. Onsoň öňem öýleriniň içinde ýumurtga
togalabermeli eden kakasy, ýeke-täk güýmenjeleri hem tutuş hojalyklarynda derege
ýaraýjak ýeke-täk zady – telewizory gujagyna gysyp alyp gitdi. Ejesi gijara işden gelip,
telewizoryň boş duran ýerini görüp ähli zada düşündi. Mön göz ogluna bir zatlar diýip,
käýejek bolup dodaklaryny müňküldetse-de, ýuwdundy-da, hiç zat geplemedi.
Annameretjige tarap gözlerini alardyşan iki gyzy-da ejeleriniň oňa igenmändigini görüp,
körpelerine hiç zat diýmediler. Ýöne Annameretjik ýaşy ýaňy otuz bäşden geçen hem
bolsa kakasynyň berýän güzaplary zerarly eýýam garrap ugran ejesiniň gam-gussadan
ýaňa püre-pür bolan alma gözlerinden sözsüz igenjini okady: “Oguljygym, öten ýyl
hemmämiziň arly ýyllap çeken zähmetimiz üçin berlen sowgatdy-da! Bolmanda:
“elleme” diýip bir bildiňmi ahyry?!”
…Telewizor bilen baglanyşykly ýatlama onuň çaga aňy üçin juda ýakymsyzdy.
Sebäbi her gezek telewizory ýadyna düşende ejesiniň tükeniksiz gam-gussadan ýaňa
püre-pür gözleri özüniň göreçlerine dikanlap garaýan ýaly bolýardy. Ejesiniň bu garaýşy
onuň üçin çydar ýaly bolmadyk ezýetdi. Sebäbi ol gözlerde geljege umyt ýokdy, ynam
ýokdy. Olar ejesiniň birmahal, özi ýatandyr öýdüp, ýarygijeden soň uly gyz dogany,
mekdebiň sekizinji synpynda okaýan Çemen bilen derdinişende: “Hemmeler kakasy
süpük diýseler-de: “Kakasy näme bolanda näme, özi arassa bolsa bolýar-da” diýip, hiç
kimi diňlemän geldim. Ýigit dagam däldi, ýigidiň gülüdi. Toý-tomgy bolsa öňüne çykyp
bilýän pälwan ýokdy…Ýöne näme, tohum yzarlaýan ekeni bi nägehan… Annameret jan
dünýä inmänkä başlan ekeni… Soň bildim. Indi häli şu Annameret jandan hem gorkym
az däl… Wa-eý Toba! Üç kerem toba” diýip aýdan sözlerini pyşyrdaýan ýalydy.
Annamerede uç-gyraksyz mähir-muhabbet, söýgi bilen garaýan ol wagtyndan öň garran
gözleriň jümmüşinde nähilidir birhili ysgynsyz müňkürlik bardy. Şol çala saýgaryp
bolýan müňkürligiň üstüni-de ejesiniň jigerinden syzylyp çykýan ymgyr güýçli nalyşy
basyrýardy. “Balam, bar umydym sensiň! Kakaňdan-a umyt ýokdur. Uruş döwründäki
ýaly, nirededir bir alys ýerde “wepat boldy” hatyny alan bolsam döşümizi gaýşardyr
gezerdik-le, janym! Ýöne, bagtymyzy küle çökeren maňlaýygara, ne abraý goýdy bizde, ne hormat… Bar, umydym sensiň, guzym! Öň ýanyp, ýanyp, ýanyp köýüp bilmän
ýörenimiz besdir! Diri ýakaýma!”…
158
…Annameret bu agyryly oýlanmalaryny bahymrak huşundan çykarmak üçin,
telewizoryň boş ýeri garalyp duran bir gapysy ýok, döwük tekjeden ünsüni sowdy-da,
eşiklerini çalşyp başlady. Şol wagt yzyndan gaharly uýasy girdi.
-Aý oglan, näme süýnüp-sarkan bolup dursuň, çakganrak-çakganrak geýimleriňi
çalşyryn-da, naharyňy iý! Onsoň meýdana, ejem dagynyň yzyndan git. Şu mahal
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Şazadanyň şikäri - 18
  • Parts
  • Şazadanyň şikäri - 01
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2261
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 02
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2305
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 03
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2252
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 04
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2157
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 05
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2204
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 06
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2060
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 07
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2099
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2228
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 09
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2272
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 10
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2230
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 11
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2374
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 12
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2094
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2066
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 14
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2175
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 15
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2238
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 16
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2142
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2282
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 18
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2122
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    37.4 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 19
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2271
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 20
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 2191
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 21
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2359
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 22
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 23
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2172
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 24
    Total number of words is 906
    Total number of unique words is 612
    40.0 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.