Latin

Şazadanyň şikäri - 12

Total number of words is 3850
Total number of unique words is 2094
29.7 of words are in the 2000 most common words
40.4 of words are in the 5000 most common words
46.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Berdi zenanyň aljyraňňylygyna düşünmän başyny ỳaỳkap, ỳene-de öz pikirlerine
gümra boldy. Emma ỳanynda oturan oglanjyk dil açdy:
--Seniň adyň näme?
--Berdi. Seniňki näme?
--Baỳram-la welin, sen bu ỳerde näme işleỳärsiň?
--Saglyk öỳüne geldim.
--Ỳeke özüňmi?--diỳip Baỳram geň galyp seslendi.
--Hawa. Dagy näme?
--Gorkmaỳarsyňmy?
--Nämeden gorkaỳyn?
--Lukmanlardan. Men-ä olardan elmydam gorkỳaryn. Ine ỳaňam ejem bilen
gaỳtmajak bolup, goňşymyz Wellek “har gulaklara” gaçdym welin, “har gulagyň” agasy
Üşşim “tüsse çekmeỳän” tutup öỳümize eltdi-dä. Onsoň bärik gelmeli boldy.
Baỳramyň bu sadadan gönümel gürrüňine Berdi tas pyňkyrỳardy. Oglanjygyň
göwnüne degerin öỳdüp zordan saklandy:
--Näme? “Üşşim tüsse çekmeỳän” diỳdiňmi? Näme üçin beỳ diỳỳärsiň?
--Aỳ, onuň cyn ady Bäşim welin, kakasy gowy görüp “Üşşim” diỳen soň bizem
diỳäỳỳäris. “Tüsse çekmeỳän” diỳip bolsa oňa motorynyň hemişe ala-tütün bolup
burugsap durandygy üçin diỳỳäs… Aỳ, ol samsyk-laỳ!
101
--Kim?
--Şol. Üşşim.
--Hä, näme üçin?
--Äỳ, öňräk, bize daỳzamyň kiçi gyzy myhmançylyga geldi welin, Üşşim oňa bir
gezek gije: “Söỳşelimi?” diỳen bolỳar-laỳ… “Aỳryl” diỳse-de elinden tutan bolỳar.
Ỳaňagyna şapbat çalyp: “Samsyk!” diỳip goỳberdi-dä, daỳzamyň gyzy…
Bu gezek Berdi saklanyp bilmedi. Heziller edip güldi. Baỳram onuň bolşuna
düşünmän ỳüzüne siňe-siňe seretdi.
--Nämä gülỳärsiň-aỳ?
--Aỳ, hiç-le. Ỳöne. Sen oňat oglan, Baỳram.
--Hymm… Senem onda oňat oglan, Berdi!
Berdi Baỳramyň sözlerine ỳylgyrdy.
--Bärik haỳsy lukmanyň ỳanyna geldiňiz?
--Hanha hol penjiräniň aňyrsynda oturỳan ullakan gözüne äỳnek dakynan, kiçijek
boỳly, horja lukmanyň ỳanyna.
Berdiniň ỳüzünden şatlygyň alamatlary zym-zyỳat boldy. Ol: “Birhili ol lukman,
gözüne seretseň gözi ulalyp barỳar-laỳ.” diỳişdirip, gepläp oturan Baỳramyň sözüni
böldi:
--Ejeň geldimi?
--Ỳok, ejem meni getirdi. Öňräk erbet bolup ine şu taỳym…--Baỳram çep
gursagyny görkezdi:-- agyrdy. Onsoň obamyzdaky lukman barlan bolup gördi-de, bizi
şu saglyk öỳüne ugratdy. Indem ỳöne şu gözi ulalỳan lukmanyň ỳanyna gatnadyp ỳörler.
Ejem hem aglaỳar…
Berdiniň bokurdagy doldy. “Alla jan, bu oglanjygyň günäsi näme? Ony näme üçin
beỳle nägehana sezewar etdiň?”
--Eỳ Berdi, saňa näme bolỳar-ow?
Baỳram geplemesini goỳdy-da, doňan ỳaly bolan Berdiniň tirsegine kakyp
goỳberdi.
--Häh?! Aỳ, ỳok, hiç-le.--diỳip ukudan oỳanan ỳaly tisginip giden Berdi
keselhananyň işigine seretdi. Onuň nämedir bir zat bilen bujagaz dertdeşjiginiň göwnüni
awlasy geldi. Ol kellesini silkip, ỳerinden turdy:
--Baỳram, seniň buz gaỳmak iỳesiň gelỳärmi?
--Hawa-la welin, ỳone häzir ejem geler-dä.
--Häzir derrewjik bararys-da, gaỳdarys, onỳança ejeň lukmanyň ỳanyndan
çykmazam-la.
--Ỳör.-diỳip öňem su meỳilli gurbaga bolan Baỳram böküp aỳaga galdy. Olar
gitdiler.
Saglyk öỳüniň howlusyndan çykyp, çüňkde buz gaỳmak satỳanyň ỳanyna bardylar.
Olar içi buz gaỳmakly kökelerden her haỳsy üc sanysyny aldylar-da, uly arça agajynyň
kölegesine geçip iỳip ugradylar. Baỳram çagalara mahsus howlukmaçlyk bilen,
garabaşynagaỳ bolup elindäki buz gaỳmaklary iỳỳärdi. Berdi bolsa sowuk buz gaỳmaga
käte bir dilini degren bolup otyrdy.
--Bäỳ süỳjüdigini!-diỳip, birinji buz gaỳmagyny iỳen Baỳram ikinjisine başlady.
102
--Hawa, edil ỳaşaỳyş ỳaly süỳji.-diỳip pyşyrdan Berdi nädip içki pikirini daşyna
çykaranyny duỳman galdy. Onuň pyşyrdysyny eşiden Baỳram şol bada buz gaỳmak
iỳmesini goỳup Berdä seretdi. Oglanjygyň ỳüzünde bir topar pikirleriň alamaty peỳda
boldy. Ol: “jykk” edip, başyny ỳaỳkady.
--Ỳok, buz gaỳmak ỳaşaỳyş ỳaly süỳji däl, ỳaşaỳyş has süỳji. Seniň ỳaşaỳyş
diỳỳäniň Berdi, sen, men ejem,şu baglar, köçe, Üşşim, dostum Wellegiň har gulaklygy
dälmi?! Hawa şolar. Onda olaryň hemmesi buz gaỳmakdan million esse süỳji. Belki
hasam süỳjidir. Ỳöne men entek milliondan uly sanyň bardygyny bilemok. Ony soň
bilerin. Onsoň ỳaşaỳyş milliondanam köp esse süỳji bolar. Sebäbi ejem ỳylgyrsa,
ỳatmankam saçymy sypasa, kakam işden gelende maňa we jigime nämedir bir zatjagaz
getirip berse şeỳlebir süỳji bolỳar, şeỳlebir süỳji bolỳar…
Baỳram şeỳle diỳdi-de, ỳene buz gaỳmak ỳalamaga başlady. Berdiniň haỳran
galmakdan ỳaňa agzy öweldi. Ol gulaklarynyň eşidenlerine ynanmady. Ỳedi ỳaşly
oglanjyk beỳle zatlary şeỳle sadalyk bilen aỳdar diỳseň kim ynanar?! Baỳramyň welin
azaryna-da däldi. Hiç zada üns bermän buz gaỳmagy bilen gümra bolup otyrdy. Berdi
bolsa oňa ỳene-de bir zatlar diỳjek bolup dodagyny müňküldetdi. Emma näme üçindir
geplemän, ötegçileri synlamaga durdy.
Ỳaşlar, garrylar, çagalar, zenanlar, gyzlar, kimsiniň eli ỳükli, kimsi ỳüksüz, her
haỳsy öz işi, aladasy bilen, biri eỳläk, biri beỳläk, hiç kime üns bermän geçip
barỳardylar. Olaryň hiç haỳsynyňam kölegede buz gaỳmak iỳip oturan ỳetginjek we
oglanjyk bilen işi ỳokdy. Ỳetginjek welin, olary üns bilen synlaỳardy. Her biriniň
gözlerini, ỳüzlerini, ỳöreỳşini… Ine birdenem… Öňje ỳanyndan geçip giden eli sebetli,
asman reňk köỳnekli gyzda Berdiniň gözleri örklenip galdy. Ol gyz şeỳlebir owadandy.
Edil daş-töweregi gaplap alan dirilik deỳin özüneçekijidi… Berdi aňalyp galdy.
Gyz bolsa oňa üns bermän geçip gitdi.
Ol barha daşlaşỳardy. Bu kämil ajaỳyplygyň ädỳän her ädimi bilenem Berdiniň
ỳuregine düşen nämedir bir zat barha agralyp başlady. Ỳeňiljek ädimler bilen, nepis
aỳajyklar gara köwşüň ökjesini gezekli-gezegine tyrkyldadyp, giden bir gujak gözelligi
Berdiden barha uzaga alyp gidỳärdiler. Berdi bolsa ol gyzyň yzyndan ylgamaga het
etmän, doňup durdy. Ol diňe durdy. Beỳdip nalajedeỳin halda durmasyndan ỳaňa-da
onuň ỳüregi gysyp gitdi. Onuň özüne şeỳlebir rehimi indi welin, edil ỳöne möňňürip
aglaberesi geldi.
Oňa bu mahal gürlemek gerekdi. Ol gepläp, gepläp, gepläp kimedir birine içini
dökmelidi. Ỳanynda bolsa bu wagt Baỳramdan özge hiç kim ỳokdy. Berdiniň aỳdasy
gelỳän zatlara bolsa ỳedi ỳaşly oglanjygyň düşünmegi mümkin däldi… Emma… Goỳ,
düşünmese düşünmesin, diňlese bolỳar. Ol kimedir birine özüni dolduryp duran bu
zatlary aỳtmaly, ỳogsa,… Ỳogsa bu samsyklyk bolar. Bu samsyklyk ahyry, eger-de
adam adama içini dökmese.
--Ynanamok!
Üçünji buz gaỳmagyny iỳip bolan Baỳram oňa garady.
--Özümiň öljekdigime ynanamok. Sebäbi men bolmasam bu zatlaryň bary bolmaz
ahbetin. Meniň söỳüp, begenip, group ỳörenim üçin bu zatlar bar-a! Diňe şonuň üçin
olar şeỳle özüneçekiji, gözel, söỳgüli… Men ỳitsem bularyň baryna näme bolar? Onsoň
103
nädip beỳle zat bolsun? Hanha hol, ỳaňky geçip giden gyz gözel bolman betnyşan bir
zada öwrülse, guşlar ine şeỳdip şahadan-şaha böküp saỳramasa bu nähili bolar? Bularyň
bary meniňem özleri bilen ỳaşaỳanym üçin şeỳle gözel bolaslary gelỳär, goh turuzỳarlar,
şatlanỳarlar ahyry. Men ỳaşamagymy goỳsam bolsa diňe sowuklyk hem garaňkylyk
galar-da! Onsoň men nädip öljegime, onda-da haỳsydyr bir biderejik keseliň zyỳanly
öỳjügi zerarly öljekdigime ynanaỳyn?! Bu bolup bilmejek zat.
--Näme üçin bolup bilmez-aỳ?! Gaty hem bolar şol-a.
Hälden bäri ony diňläp oturan Baỳram birden onuň söžüni böldi:
--Seniň ol: “ölüm” diỳỳäniň uklamak dälmi? Sebäbi Wellegiň atasynyň ỳogalanyny
men gördüm. Hemmeler-ä oňa: “öldi” diỳdiler, men bolsa onuň uklap ỳatandygyny
gördüm. Onsoň ňame üçin uklamak, ỳa seniň aỳdyşyň ỳaly: “ölmek” bolup bilmejek
zatmyş? Bolup biler gatam! Wagty geler, biz-ä uklarys hemme zadam öňküligine galar.
Muny nireden bilỳärin diỳsene, Berdi, men-ä berk uklap ỳatyryn, ỳyldyzlar welin,
dogỳarlar, aỳ hem dogỳar, şemalam öwüsỳär, itlerem üỳrỳärler, kimiňdir biriniň jigisem
dünỳä inỳär, gijäniň bir cagy Üşşim hem bir ỳerden sümsünip gelỳär-de, motoryny
“tarryldadyp” goňşularyň baryny örüzỳär. Käwagtlar bolsa ỳagşam ỳagaỳỳar… Diỳmek
ikimiziň uklanymyz bilen hiç zadam üỳtgemez, hiç zadam ỳitmez. Bilỳäňmi, menem
bahym uklamaly, ejem muny menden gizleỳärem welin, men barybir bilỳärin-ä, menem
beỳle gaty, Üşşim ỳaly samsyk däl-ä. Senem bahym uklamak hakda kelläňi agyrdỳan
bolsaň, diỳmek onda senem keselli-dä, şeỳlemi Berdi?! Men-ä ynha uklajagymy bilsemde kän bir kellämi agyrdamok. Sebäbi hemme kişi ahyrsoňy uklamaly, onsoň ir boldy,
giç boldy, tapawudy näme? Onsoňam neneňsi berk uklasam-da, gün dogan badyna ejem
gelip meni oỳarar. Eger ejemiň ỳadyndan çyksa-da, özüm ỳatyp-ỳatyp ỳadanymdan soň
oỳanaryn. Onsoň goỳ, irden bolmasa günortan oỳanan ekenim-dä. Maňa hiç. Bu zatlar
düỳş däl ahyry, oỳanan badyňa ỳitäỳer ỳaly…Eger meniň aỳdanyma ynanmaỳan bolsaň,
gel jedel edeli, eliňdäki buz gaỳmaklarynyň birine…
Baỳram şeỳle diỳdi-de jedel etmek üçin kiçijek elini Berdä uzatdy. Bu gezek Berdi
onuň diỳenlerine haỳran galmady. Diňe onuň soňky teklibine ỳylgyrdy-da, eljagazyny
gysdy:
--Ỳok, jedel etmäli, Baỳram, men saňa ynanỳan. Buz gaỳmagy bolsa isledigňçe
alarys. Ỳöne gel ikimiz dost bolaly!
--Gel, ỳöne sen ullakan ahyry?!
--Bolanymda näme?
--Hiç-le welin, ỳöne har gulaga: “Seniň doganyň Üşşim ỳaly oglan bilen dost
boldum” diỳsem ynanmaz.
--Sen oňa aỳtma-da.
--Bolmaz. Jykk. Wellek dostum ahyry. Dostlar bolsa hemme zady biri-birine
aỳdỳarlar.
--Sen onda aỳt. Eger ynanmasa, özüm size baraỳaryn. Bolỳarmy?
--Bolỳar.
--Onda gitdikmi?
--Gitdik.-diỳdi-de, Baỳram onuň öňüne düşüp ugrady. Olar saglyk öỳüne tarap
ỳöräp barỳardylar. Daşyndan seretseň olar aga-inä çalym edỳärdiler. On alty ỳaşly
104
ỳetginjek we ỳedi ỳaşly oglanjyk… Olaryň çar ỳanyny gurşaỳan dünỳäde şeỳlebir
hakykydy, şol hakykylygy üçinem giň jahan düỳşdäki kimin bulaşyk, alasarmyk däldide, ỳerbe-ỳer, owadan, ỳagtydy…
… Gözel şäher—Parižiň daş düşelen meỳdançalrynyň birine her ỳyl bahar Zemin
ỳüžüniň ähli künjeklerinden adamlar ỳygnanỳarlar. Şonda-da ol adamlaryň ählisi
daşlaryň üstünde arkan ỳatỳarlar-da, tämiz gözlerini gözlerindenem tämiz asmana dikip,
ellerindäki rezin şarjagazlary ỳokarlygyna sypdyrỳarlar. Şarjagazlar bolsa assalyk bilen,
agyr gussa batan Günjagazlar ỳaly barha we barha ỳokary galyp, mawy göklükde ỳitip
gidỳärler. Olaryň belende göterilişini synlap ỳatan adamlar bolsa ỳatan ỳerlerinden
sessiz gözỳaş edỳärler. Sebäbi ol gök, ala, mämişi, ỳaşyl… şarjagazlar ỳönekeỳ
şarjagazlar däl-de, olaryň düwnük keselinden gurban bolan ezizleri, doganlary, jigileri,
söỳgülileri hem-de ỳönekeỳ tanşu-nätanyş ynsanlary… Ol şarjagazlar belende göterilip,
bileleşip buluda öwrülỳärler-de ỳeliň erki bilen bütin dünỳäni aỳlanyp çykỳarlar. Ähli
asmanlaryň astynda-da olaryň hasratdan doly çagyryşlary ỳaňlanỳar:
--Adamlar! Ynsanlar! Doganlar! Dirileri goraň! Goỳ, olar ynsan bolsunlar,
şarjagazlara öwrülmesinler! Doganlar, biri-biriňizi goraň, biri-biriňize pena boluň!
Adamyň adama rehimi inmese bolmaz, Doganlar!
“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2006-njy ýylyň
28-nji iýulyndaky sany
Garagöz
Bu it şol “arslan garnuwly” diýilýän, läheň goýun itleriniň tohumyndandy. Özem
juda garrydy. Garrylygyndan ýaňa onuň dişler-ä birwagt dökülip gutarypdylar welin,
indi onuň haçan kesilendigi hem huşundan çykyp giden gulaklarynyň ýeňsesindäki
tüýleri-de düşüp ugrapdy. Ýyllar onuň hemme zadyny üýtgedipdiler. Öň ol galdawdy.
Çala bir zat bolsa ýerinden laňňa galyp, özüniň ýogyn, haýbatly sesi bilen üýrüp
başlaýardy. Iki ýaňa at salýardy. Bu mahal bolsa ýaltalygyň hut özüne dönüpdi. Şu öýüň
hem goňşularyň çagalary ony üýrdürjek bolup şunça jan edýärdiler. Gaharyny getirmek
üçin üstüne çöp-çalam, kesek zyňýardylar. Ol bolsa halys degnasyna degiberseler,
äwmezlik bilen çalaja “wöwh-wöwh” eden bolýardy-da, “äý halys bizar etdiňiz-aý”
diýýän ýaly edip, göwünli-göwünli yzyna öwrülýärdi-de, özi bilen oýnajak bolýan
çagalaryň ýanyndan tüýlek ýagyrnysyny tüňňerdip gidiberýärdi. Onuň öňki çalasynlygy
hem bilesigelijiligi-de ýokdy. Aýaklarynyň kuwwaty hem gidipdi. Öňler heziller edip
gemirýän süňkleriniň indi ýüzüne-de seredesi gelmeýärdi. Sebäbi dişleri tükenipdi.
Ýöne şonda-da it endigi-dä, olaryň özüne gerek bolmajagyny bilse-de öňküsi ýaly
penjesine ilen süňki gara güni üçin gömüp goýmagyny dowam edýärdi.
Onuň ýaş döwürlerinden galan zatlar diňe läheň, semiz göwresi hem gazan ýaly
goçak kellesinde ýerleşýän uly, şakäse ýaly tegelenip duran gözleridi. Onuň juda enaýy
hem geň gözleri bardylar. Geňligem olar adatdan daşary uludy. Özem uzak wagtlap,
gaty uzak wagtlap seredip dursaň göz bolmaklaryny hem goýýardylar-da, üýtgeşik bir,
juda gozgaýan täsinlige öwrülýärdiler. Onsoňam ýene-de onuň ýaşlygyndan galan bir
105
zat, ol öňküsi dek gijäni, onuň ümsümligini hem hemme zadyň görnüşini bulaşdyryp
bilýän, hiç zatdan çekinmeýän we hiç kime hiç kimiň syryny aýtmaýan garaňkylygyn
oňat görýärdi…
…Hawa-da. Kyn gijeler bolýar. Ýeňil gijeler bolýar. Adaty gijeler bolsa olaryň
ikisindenem köp bolýar. Ählisi-de birleşip ýyllary döredýärler. Adamyň, haýwanyň
ömrüni emele getirýän ýyllary… “Garry-garry” diýilýär welin, onuň bujagaz ýaşan
ömürjigi dagy nämejik…Bolsa 12-13 ýyldyr. Sebäbi hanha, ýaňky hajathanadan gelip,
elini-de ýuwman öýe girip giden ýaş hojaýyny, ol güjük bolup şu öýe düşeninde
kakasynyň—onuň pahyr bolan ýürekdeşiniň—aýagyna çolaşyp, her gapdalyndan geçene
ýumşak ýerine kakdyryp ýören horja oglanjykdy. Häzirem ol beýlebir uly zat däl-le.
Heniz mekdebini hem gutaranok ahyry. Yöne eýýäm özüniň uly adam bolandygyny
görkezjek bolup, ýetginjeklere mahsus döwük sesini bolşundanam beter ýognadan
bolýar. Biderek zatlar üçin jigilerine yrsarap, agalary bir zat diýse-de gaýtargy berýär.
Hanha, düýnüň özünde-de ejesi bilen tersleşdi. Wah, ulularyň onuň ýagdaýyna düşünip,
göwnüne degmejek bolýandyklary, meniň pahyr bolan hojaýynym—olaryň kakalarynyň,
aradan çykmagy zerarly öňem egsik göwni agyrtmajak bolýandyklary onuň gögele
kellesine girmeýär-dä… Äý bularyň barysy şeýle-le! Öňkülerem şunuň ýaşynda
şeýlediler. Ine ulalar. Onsoň bar zada düşüner. Düýnküje diýen sözlerini huşuna getirip,
baý, içini tutuplar öküner-ä! Wah, bi şu wagtam düşünip-ökünip ýörendir-le, ýöne şu
bolgusyz gopbamlygy bar-da!… Äý, ýone düşünýändir diýilýärem welin, düşünýän
däldir-le. Düşünse heý, şeýdip ejesiniň üştüne gygyrarmydy?! Öňem-ä bikäm pahyr
syrkaw. Bilini öte gypjyndyrandygy sebäpli, hasasyna daýanyp, ýöräninde zordan
ýöreýär. Her gije-de hojaýynym pahyr ýadyna düşüp, ýüregini gysdyrýarmy nämemi,
“hyklap-çoklap” daşaryk çykýar-da, daňyň düýbi çyzylýança içini hümledip otyr. Hernä,
bikämiň uly ogly bularyň iň rehimlisi, gaty kän zada akly ýetýär. “Ertir ir bilen turup işe
gitmelidir” diýip durmaýar-da, gijelerine ejesine ýoldaş bolup oturýar…
Äý, men-ä şü adamlara düşünýän däldirin. Olaryň birler-ä ine, şu uly ogul ýaly ähli
zady ýüregine ýygnap, hemme kişiniň agyrysyna agyryp ýör welin, hatda öz agyrysy
hakydasyna-da gelmeýär. Beýlekileri bolsa ýaňky gögele gopbamjyk deýin hiç zady
azar edinmän ýörler…Ýogsa-da ýaňky gögelä-de pylan zat diýip bolmaz, onuň hem içini
açyp gören ýok. Äý, ýöne aňy-düşünjesi ýerinde bolsa beýdip ejesiniň üstüne
heňkirmezdi… Soň göz ýetirer-dä. Akyly goýalyşar, onsoň düzeler-le. Hernä
düzelewersin! Şu doňýürek alasmasyk bolup ýetişse juda gynanjak-da… Çünki
hojaýynym pahyr muny biçak oňat görýärdi.
Ýöne diýseň diýmeseň şu “adam” diýilýän mahluga düşer ýaly däl. Bir görseň ol
gowy. Yene-de bir pursatdan görýärsiňem welin, şondan erbet jandary tapmak mümkin
däl… Äý, ýöne erbet bolsunlar, gowy bolsunlar, maňa tapawudy ýok-la! Men olaryň
hemmesini ýagşy görýärin. Sebäbi şükür, hojaýynym pahyr kimin adamlaryň bardygyny
entegem görýärin. Ýamanlyk bilen ýagşylyk bolsa ady adamda bola-bola gelýän zat-la!
Bularyň edip ýören işlerine-de düşünjek bolmagyň peýdasy hem ýok. Barybir penjäňe
hiç zat ilmeýär. Men-ä şu jandarlary döredeniň özi hem bulara akyl ýetirip bilmän
haýrany-serasyma bolup ýörmükän diýýärin!… Äý, onsoňam, näme bolsalar şol
bolsunlar-la! Men bulary ähli ýetmez-artygy bilen halaýaryn… Diňe nejis bolmasalar
106
bolýar… Ejeň göwnüne degmegi bolsa men nejislik hasap edýärin, hasam sähelçe zadyň
üstünde… Ulalar, aklyna aýlanar-da! Ýüzüni ýuwmaýaryn welin, ýekeje günäden ol-ha
adam ekeni, men dek it hem ölmeýär ahyry…
Köpek äwmezlik bilen ýerinden turdy-da, pallap, derwezäniň gapdalyndaky
haýatyň agajy gopuk ýerine ýöneldi. Bu agajy öňräk bir gezek giç geleninde derwezäni
takyrdatsa öýlerindäkileriň oýanaýmagyndan çekinip ýaňky gögele goparypdy.
“Hasylap”, zordan ýaňky açyk ýerden geçip durka köpegiň ýadyna birden bir zat düşüp,
ol içinden ýýlgyrdy. “Adamlaram özlerine “akylly-akylly” diýen bolup ýörler welin,
hakyýt akmak-how, şular. Bularyň özlerine dakyp ýören atlaryny özüni hormatlaýan bir
jandar bir dakynar ýalymy diýsene?!… Azat, Merdan, Didar… Birhili gülkünç-le! Ýeri,
Alabaý diý, Garagöz diý, meniňki ýaly, gowy at gytmy diýsene? Halys goýara at
tapmasaň, goý, daýaw-daýaw atlaryň atlaryny, Garaguş diýdi, Meleguş diýdi… Bular
bolsa Azat… Päheý, tüýs akmak-how, şular. Özlerem tüýsüz-zatsyz birhili öte betgelşik
görünýärler. Owadan gözlerinde görünýän owadan ýürekleri dagy bolmasa bularyň
söýüp-sylara zady hem boljak däl ekeni. Emma bulary döredeniňem pikiri gaty aňyrdan
ekeni. Sebäbi gözlerindäki ýürekleri bularyň barja ýetmeziniň üstüni basyrýar. Diňe
basyrmagam däl, olary şu ýalançynyň iň owadan bir zady edip goýýar.
Ol zordan köçä çykdy-da, birki ädim ädip, çykan ýeri—derwezäniň öňünde süýndi.
Kellesini öňki aýaklarynyň üstüne goýdy. Üns bilen gijäni diňläp ugrady… Köpek näme
üçindir ýene-de bir zada gaty ynanýardy. Şu ýogalýan adamlaryň asmana göterilip, şol
ýokarda gyrpyldaşýan ýyldyzlara öwrülýändiklerine ähli it yhlasy bilen ynanýardy.
Ýöne bu hem hemişe däl-de diňe käteler. Emma şonuň ýaly ynanyp başlan pursatlary
welin, ol öz hojaýynynyň ýyldyz bolmagyny we günlerde bir günem asmandan süýnüp
gaçyp, şu öýde kiçijek çaga bolup ýene-de dünýä inmegini küýsäp ugraýardy. Ol ýyldyz
süýnse bir ýerde çaga dünýä inýändigini bilýärdi. Şonuň şeýledigine hem ynanýardy.
Ol özüniň juda garrandygyna-da düşünýärdi. Günlerde bir gün ukusyndan oýanyp
bilmän, gatap galjakdygyny-da bilýärdi. Ol muňa kän bir ähmiýetem berip durmaýardy.
Ol diňe gatap galmagyndan öňürti ýene-de iň bolmanda bäş-alty gezek dagy öz
hojaýynyny görüp galasy gelýärdi. Halys bolmasa-da ýyldyza öwrülen hojaýynynyň
gapdalynda ýyldyzjyk bolsa onuň göwün arzuwy wysal boljakdy. Ýöne näme üçindir
onuň pikiriçe itler ýyldyza öwrülmeli däldiler. Bu nähili bolar ahyry, adamlar bilen bir
hatarda “itlerem” ýyldyza öwrüliberseler?!… Ýöne belki, şol ýogalan ynsanlary ýyldyz
edýän jandar bir gezeklikçe, onuň öz ýürekdeşine bolan yhlasy üçin ony hem ýyldyza
öwrüp goýberer?! Kim bilýär, belki şeýder. Halys bolmasa dergähine baranyndan soň
haýyş edip görer-dä…
Elbetde ol ýatlajak bolsa ejesini hem hakydasyna getirip bilýärdi. Gum depeleri,
çäge tozadýan şemal, goýunlar, guzularyň mäleşýän sesleri, doganlary hem uýalary—
özüne çalymdaş, torsuk ýalyjak güjüjekleri daşyna üýşürip ýatan, juda ýakymly ysly
alabeder ganjyk güjükliginden bäri onuň aňynda galypdy. Kämahal-kämahal ol alabeder
ganjygyň ýakymly ysyny gaty küýseýärdi. Ýöne beýle pursatlar diňe öte ejizlände
bolýardy. Az wagtlyk dowam edibem, aňynda ýitip gidýärdiler. Onuň galan ýatlamalary
bolsa diňe hojaýyny pahyr bilen baglanyşyklydy. Hojaýyny ony alabeder ganjygyň
gujagyndan sogrup, alyp gaýdaly bäri ol diňe şu obany, şu öýi bilýärdi.
107
Böwründe birhili giji döredi. Häk, şu sakyrtgalar! Haram ölmüşler, şolaram onuň
garrandygyny bilýärler-dä. Halys basaýpdyrlar. Wah, indi onuň öňki ýaly hatyladyp
dişläp, sakyrtgany zyňyp goýberer ýaly dişlerem ýok-da!… Onsoňam öňler onda
sakyrtga-da ýokdy-la… Hymh… Yogsa-da “ýokdy” diýen bolup kimi aldajak bolýaryna?! Öňem bardylar. Ýöne hojaýynym pahyr ýadyna düşen wagty suwa düşürerdi. Gaty
yssy düşeninde bolsa birhili porsy, siňek deýin “byzzyldaýan”, öl zady sepýärdi. Şony
sependen soň onuň ýanyna siňegem, sakyrtga-da golaýlamazdy. Indi welin, hiç kim oňa
beýdip üns bermeýär. Äý, hawa-da, näme üçin seretsinler?! Kime gerek, lagar düşen
köpek? Hojaýyny pahyr-a amanadyny tabşyrdy. Menden bolsa hiç hili peýda ýok, iň
bärkisi düzüwli üýrübem-ä bilemok. Onsoň kim meni suwa düşurip beýleki edip azar
edinsin?
Köpegiň gahary gelip başlady. Ol başyny göterip, çalaja hyňrandy-da, ýerinden
galdy. Soň artky aýagy bilen ýaňky gijeýän ýerini gaşap ugrady. Janyna aram girenden
soň onuň gahary hem köşeşdi. Derrew gaharlanyberýär. Gaharlanar ýaly näme boldy şu
ýerde? Elbetde elleri degýän däldir-dä. Bu pahyrlaryňkam üsti-üstüne bu wagt…
Hojaýynym pahyryň aradan çykanyna entek köp wagt bolmady. Emma bikäm hem
keselläp, bulary aljyradyp barýar… Men akmak bolsa öz sakyrtgajyklarym bilen bulara
gaharlanan bolýaryn. Hawa-da, ite öz sakyrtgalary adamyň janyndan ýakyn bolýar.
Birden köpegiň gulagyna bir düşnüksiz şagyrdy geldi. Ol köne endigine eýerip,
duran ýerinden üşerilip-üşerilip, şygyrdy gelen tarapa diň saldy. Emma hiç zat aňyp
bilmän, seňkildäp, şol ugra ýüzlendi. Tutluga girenindenem uly tuduň düýbüne üýşen
gara gözi ilip, hyňranjak boldy. Emma tanyş ysy alyp köşeşdi. “Äý, bu oglan
goňşularynyň gyzyna garaşýandyr-la. Häzir geler. Hemişeki gelýän wagty-ha boluberdi
öýdýän.”
Ol garanyň ýakynyna bardy. Bärsine bakanynda birdenkä özüne golaýlap gelýän
läheň bir zada gözi düşen oglan allaniçigsi bolup tisginip gitdi. Ol tasdanam turup
gaçýardy. Hernä iti tanaýdy.
-Hä, Garagöz, senmi? Ýüregim-ä ýardyň, haram ölen köpek… Eşitmändirinem-dä
gelýäniňi… Hany gel, gel…-diýeninde onuň sesi titräp çykdy.
“Özüň haram ölen, özüň samsyk. Kim saňa bimahal çagy kesekiniň tudunda
sümsünip ýör diýýär. Sümsünseňem öz ýabyňda sümsün, meniňki ýaly…” diýip içinden
gatyrgansa-da, köpek barybir onuň ýanyna baryp, süýndi.
-Bäý, bu näme üçin çykmadyka?-diýip oglan eli bilen onuň ýeňsesini gaşap ugrady.
Bu oňa hoş ýakýardy. Bedeninde köne ýatlamalaryň ýakymyny oýarýardy…
Hol ilerki köçede bir owadanja, akja ganjyk bardy. Her ýyl ýaz geleninde-de ol
gidip şol ganjygy yzyna tirkäp, alyp gelýärdi. Onsoň olar mellekde, ýumşajyk gök
ekinleriň üstünde agnap, oýnaşyp keýpden çykýardylar. Hojaýyny pahyr hem ähli
azabynyň reýgan edilendigine gaharlanyp ony öldir ýaly ýençýärdi. Soňam zynjyra
baglaýardy. Emma ýene-de dözmän boşadýardy. Onsoň indiki baharda ýene-de şol waka
gaýtalanýardy. Köpek urlanyny, daňlanyny gaty görübem durmaýardy. Ol asla ömründe
hiç zady hojaýynyndan gaty görmändi. Diňe ýekeje gezek yzyna ganjygyny düşürip
geleninde hojaýyny diňe onuň özüni urmak bilen çäklenmän, ganjygyna-da taýak
salgapdy. Şonda-da ol ömür etmedik zadyny edip, hojaýynyna topulypdy. Itiniň özüne
108
topulandygyna gahary gelen hojaýyny bolsa ilk-ä ony usurgaýança saýgylapdy. Soňam
zynjyra daňyp, birnäçe günläp boşatmandy. Şonda-da ol hojaýynyndan çyny bilen
öýkeläp, oňa ähli it ýüreginden gargapdy…
Emma soň şol gargynjy üçin ökünipdi. Diňe ökünmegem däl, şol gargynjynyň
günäsini geçmegini adamlary ýyldyz edýän, ýyldyzlardanam çaga ýasaýan güýçli
jandara aglaplar ýalbarypdy. Henizem ýalbaryp ýör, henizem gynanyp, ökünip ýör…
Sebäbi şondan birnäçe gün geçeninden soň hojaýynynyň ikinji ogluny bir agaç zada
salyp, eginlerine göterip, nirädir bir ýere äkidipdiler. Soňam ol görünmändi. Diňe
bikesiniň ýaka ýyrtyp zarynlaýşyny göreninde ol ýigdekçäniňem ýyldyza öwrülendigine
akyl ýetiripdi.
Elbetde oňa bikesiniň dady-perýady täsir edipdi. Ýöne hojaýynynyň bolşy welin,
ömür-ömür onuň hakydasyndan gitmez. Eger onda adamlaryňky ýaly dil bolan bolsady,
onda şol gün belki, şol adamlardan ýyldyz ýasaýan jandara agzyndan gelenini diýerdi.
Ýa-da belki: “Näme beýdýärsiň? Beýtme ahyry! Näme bulary ilki döredip, olaryň
gözlerine owadan ýüreklerini salanyňda beýle zatlary götermegiň olara neneňsi kyn
düsjekdigini bilmediňmi? Eger bilmeýän bolsaň, şolaryň gözlerindäki ýürekden özüňede birjigini ýasanyp, gözleriňe salyp gör ahyry! Olara men it halyma gynanýaryn, heý,
sen öz ýasan jandarlaryň bolup ýörşüne gynanmaýarsyňmy?” diýipler özelenerdi.
Şol gün hojaýyny uzakly gün hiç kime hiç zat bildirmän, ikiýana ylgapdy. Gijaralar
bolsa hemme adamlar dagaşanyndan soň ýeke özi bir çete çekilip oturypdy. Ol seňkildäp
ýörşüne hojaýynyna gözi düşüp, oňa garşy ýönelipdi. Hojaýyny hiç zat görmeýän
gözlerini hiç zada dikip, doňňara-daşa öwrülip otyrdy. Ol aglamaýardy hem. Ýöne oňa
ýakynlaşyp, gözlerine seredeninde welin, köpek şol iňňildini eşidip, ol ýerden gaty çalt
gidipdi hem soň-soňlaram özüniň şol ýere baranyna puşman edip gezipdi… Sebäbi ýeke
galsa şol iňňildi onuň gulagyna eşidilip şol gözleriň döz geler ýaly däl garaýyşy göz
öňüne gelip başlaýardy we it ýüregini gyýym-gyýym edýärdi…
Agzy ýumuk hem bolsa-da hojaýynynyň hiresindendir şol iňňildi gelýärdi. “Ymmm-m-m” Gözlerindäki ýüregem iki bölünip, pytrap barýardy…
Şondan bäri köpegiň gözleri hem adamlaryňka gaty çalym edýärdi. Kän seredipseredip dursaň bolsa göz bolmaklaryny hem goýýardylar-da, nähilidir bir täsin, juda
gozgaýan zada öwürilýärdiler…
Oglan garry köpegiň gözlerinden syrygýan ýyly damjalary duýmady. Ol öz
pikirlerine gümrady.
Birdenem özüne golaýlap gelýän gara onuň gözi düşdi. Oglan garany şol bada
tanady. Ol ýerinden turup garany gujaklajak boldy welin, gara birdenkä iti görüp
kürtdürdi-de, özüni gujaklatman, gyz sesi bilen:
-Wa-eý, ýok etsene şu porsy haýrany. Haçan görseň ýanyňda. Özem gözleri garry
enemiňki ýaly, seretse içiňi deşip gelýär- diýdi. Oglan ikirjiňlenip durmady:
-Jüt ýok bol,- diýip aýagyny salgap goýberdi. It gaty görmedi. Ol äwmezlik bilen
turdy-da, ýabyň içi bilen seňkildäp ugrady. Adamyň ýanyna adam geleninden soň olaryň
ýanynda itiň işi ýokdy. Ýöne biraz zalymrak bolan bolsa bu oglan oňa beýdip aýagyny
salgamazdy. Äý şol-da, gorkmasalar sylamazlar!
Şol gidişine ol aýaguçdaky ýataklaryň ýanyna bardy. Ony duýup, ukusyna sak
109
goýun janawerler güsürre galdylar-da, ýatagyň bir burçuna üýşdüler.
Köpek goýunlary halamaýardy. Olar gaty ýuwaşdylar, gaty gorkakdylar, hiç zada
düşünjek bolmaýardylar, hiç zada gynanmaýardylar, begenmeýärdiler, hemme zady
bolaýmaly zat ýaly kabul edýärdiler, gözleri hem owadan bolsa-da boşdy. Belki şonuň
üçin olaryň eti şeýle süýjidir, belki şonuň üçin adamlar olary şeýle az ýaşadýandyrlar…
Bäh şü adamyň it etini iýmeýäni hem gowy zat, ýogsa, ony hem beýle uzak
ýaşatmazdylar.
Köpek goýunlara göwniýetmezçilik bilen seňrigini
ýygyrdy-da, olaryň
gorkuşlaryny synlamak üçin bilgeşleýin hyňrady. Goýunlar hasam gysylyşdylar.
“Päheý, samsyk mallar”
Ol arkaýynlyk bilen ýatagyň agaçlaryna süýkendi-de, agaçda ilişip galan tüýlerine
üns bermän jaýlara tarap ýöneldi.
Ol jaýyň agzyna baranynda hyk-çoklap hasasyna daýanyp keçe ýazynyp duran
bikesini gördi.
“Hä ýene-de daşarda oturjak bolýar-ow. Ýüregi gysýandyr, pahyryň”
Ol barýança bikesi keçäni ýazyp otyrdy. Köpegi görübem ýanyna cagyrdy:
-Gel Garagözüm, gel.
Köpek bikesiniň ýanyna baryp ýatdy. Bikesi bolsa ony sypalap durşuna oňa bir
zatlar gürrüň berip başlady:
- Şol öňki endigiň-ow, Garagözüm. Aýlanyp ýörmüň. Äý hawa-da “är garrar
heňňam garramaz”diýileni-dä.
Bikesi uludan demini alyp, ýene-de dowam etdi: - Senem indi ýekesireýänsiň.
Pahyr gidiberdi-dä…-diýip bikesi hamsykjak boldy, emma derrew özüni dürsedi: -Öňem
demgysmalydy welin, şol sowuklamasy hasam ýagdaýyny erbetleşdirdi-dä… Hawa-da
şeýdip giden-ä dünýäniň ähli azabyndan dynyp gidiberýär, yzynda galanam bar
gowgany ýeke özi şeýdip gezip ýör-dä…Ýöne meniňem köpüm galmady öýdýän, bu
kesel gaty aljyradýar…
Birdenkä bikesi dymdy. Soň ýene-de kellesine bir zat aýlandyr-da, dowam edip
başlady:
-Wa-eý pälimi-niýetimi bir gowy tutawereýin. Entek bir hudaý jan, meni
ýygnamawer. Çagalarymyň baryny bir öýli-işikli edip ugrukdyraýyn, onsoň ýygnawer,
ýygnasaňam. Bulary menem taşlap gidäýsem nähili bolar, öňki kakasyzlyklaram
üstesine…
Bikesi ýene-de dymdy. Gepläp başlanynda bolsa sesi gaty aladaly çykdy:
-Häk şü Serdarymy nätsemkäm? Bir zat edip öýkesini ýazsam-a haçan görseň
ýüzüni torsardyp ýör. Indi meniň bilen ylalaşarmyka beri? Häk özümden-le, şunuň
göwnüne degmejegem bolýan welin, ýene-de birden agzymdan sypaýýar-da, gaharly
söz- beýleki…Muňa çala bir zat diýseňem öler ýaly gaty görýär ahyry…
Şol wagt açylan gapynyň jygyldysy bikesiniň sözüni böldi. Köpek gapa tarap
seredeninde, ukuly gözlerini owkalap öýden çykan hojaýynyň uly ogluna gördi.
Köpek özüni kowdurmajak bolup, ilki turdy-da derwezä tarap seňkildäp ugrady.
Adamyň ýanyna adam gelensoň ol ýerde itiň işi ýokdy. Ol diňe gidip barýarka ejesine:
-Eje, daşarda üşäýme birden – diýýändigini bikesiniň bolsa oňa jogap berşini
110
eşitdi:
-Ýok-la oglum, üşemerin. Birhili gaýta ýüregim açylýar. Öýde otursam bolsa
howlap barýan, edil ýöne janym çykjak ýaly…
-Äý eje, näme beý diýýäň, men-ä seni bolsa ýaşatjak bolup şeýdip ýörün, sen bolsa
beý diýýäň, giňräk bolsana…
-Wah oglum, men göwnümi giň tutýän-la …
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Şazadanyň şikäri - 13
  • Parts
  • Şazadanyň şikäri - 01
    Total number of words is 3698
    Total number of unique words is 2261
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 02
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2305
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 03
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2252
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 04
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 2157
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 05
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2204
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 06
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 2060
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 07
    Total number of words is 3728
    Total number of unique words is 2099
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2228
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 09
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2272
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 10
    Total number of words is 3664
    Total number of unique words is 2230
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 11
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2374
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 12
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2094
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 13
    Total number of words is 3652
    Total number of unique words is 2066
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 14
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2175
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 15
    Total number of words is 3765
    Total number of unique words is 2238
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 16
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2142
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 2282
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 18
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2122
    26.7 of words are in the 2000 most common words
    37.4 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 19
    Total number of words is 3688
    Total number of unique words is 2271
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    38.7 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 20
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 2191
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 21
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2359
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 22
    Total number of words is 3667
    Total number of unique words is 2154
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 23
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 2172
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Şazadanyň şikäri - 24
    Total number of words is 906
    Total number of unique words is 612
    40.0 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.