Latin

Salyr soňy Sarahs - 20

Total number of words is 3674
Total number of unique words is 2042
31.7 of words are in the 2000 most common words
45.0 of words are in the 5000 most common words
52.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Özem ýabysyny idip gelýär. Üstünde-de aýaly. Ol ärine bir zatlar diýip gygyrýar,
ýöne ol ony eşidenok. “Paliýilliň-pal, paliýilliň-pal..” diýip, öz ýanyndan, henizem
“Balsaýady” çalyp gelşine aşaklyk bilen käte bir daş-töweregine göz aýlaýar.
Ýagaýyň öwerlik däldigini, bu kenarda uzak eglenmeli däldigini bütin durky bilen
syzýar. Oňa çenli Begnazar atyny debsiläp bardy-da, onuň üstüne abandy.
–“Pylly-pyllyňy” goýda, ur özüňi suwa! Heleýiňe-de özüň jogap berýäň! Bol,
çaltrak!
Baky lütjek: “bor, bor...” diýdi-de, ýabysynyň uýanyndan tutup suwa girdi.
Aýaly: “Waý!..” diýip gygyrdy, ýöne, elini eýeriň gaşyndan aýyrmady, gaýtam
barha berk ýapyşdy. Ýapyrylyp, ýabynyň boýnundan gujaklady. Lagar ýaby gudrat
görkezdi diýseňem boljak, ol men diýen atlar bilen bir hatarda eýesiniň ikisinem ol
kenara alyp çykdy. Elbetde göreşsiz däl. Bilip etdimi, bilmän etdimi ol akymyň
güýçli ýerine, derýanyň ortasyna barýança-ha göni ýüzdu, soňam özüni möwje
urdy-da, lemmerleriň arasy bilen hiç hili garşylyk görkezmezden akymyň ugruna
bakan gidiberdi. Maman apa ýaly gözleriniň agyny köpeldip barşyna kemkemdenem sag kenara tarap gyýaklady. Yýandan ýapyşyp, “pyl-pyl” edip barýan
Baky kenara çykandan soň ýabysynyň ýalyndan ýapyşyp boýnundan gujaklap
aglady. Gaty gygyryp aýtmasa-da:
Her menzilde on jam arpa,
Berenlerin halal olsun...
–diýip Göroglynyň öz Gyratyna bagyşlap gaýran namasyna hiňlendi.
Ýere düşüp, “has-has” edip oturan aýalam oňa şol wagt düýn-öňňinki alyjy
tapylsa ýabysyny sataýmak hyýalynyňam ýok däldigi baradaky eden gürrüňini
ýatlatdy.
–Aç ölýänem bolsak şu ýabymyzy hiç kime satmaly Baky.
–I-i-i... Satyp näme e-e. Satmarys... – diýip Bakam buýsançly gygyrdy.
Derrewem sazyna başlady. – Paliýilliň-pal, paliýilliň-pal...
Ýöne ol sazyny basym bes etmeli boldy. Çünki, eýelerine bolan yhlasyny
subut etmek üçin ýaby janawer özüniň iň soňkuja kuwwatjygyny sarp edipmi ýa
188
boljagymy, gulaklaryny sallap, boýnunam aşak egip duran ýerinde birki ýola o ýan,
bu ýan yraň atan ýaly etdi-de, “güpürdäp” bir gapdala ýykyldy. “Razy boluň”
diýýän ýaly, kellesini galdyryp iň soňky gezek eýelerine seretdi. Şol hem onuň şu
garyp ömründe eden ähli hereketleriniň iň soňkusy boldy.
Är-aýal ikisem uly illeri bilen ses edip, özlerini ýalňyz mallarynyň üstüne
zyňdylar. Bakynyň sesi hasam naýynjar çykdy.
–Waý-aý, hany-manym aý-a.
Sag kenara çykyp gelýän, orta ýaşlaryndaky bir daýaw aýal olaryň deňinden
hatda aýagam çekmän geçip barşyna ýüzüni-gözüni çytyp, garaçyny bilen käýindi.
–Goýuň-a zat görmedik görümsiz masgaralar. Il-günüň içinde ýakynlaryny
ýitirip seslerini çykarman gidip barýanlary ba, siziňki näme...
Şondan soň är-aýal ikisem seslerini goýdular. Ýerlerinden turup, sallam-sajak
ýola düşüp barýan bosgunlaryň yzyna düşdiler.
Iň soňkularyň hatarynda özüniň kethudalyk edýän kiçijik urugynyň
adamlaryny yzyna tirkäp Jumasapar geldi. Onuň öňünde iki eşek. Biriniň üsti ýükli.
Ýükleriniň arasynda şo-ol, meşhur ýalpyldawuk pil görünýär. Ikinji eşegiň üstünde
Akbike otyr.
Jumasapar öz Noparyndan saýlandy-da, Teke han dagynyň duran ýerine geldi.
Elindäki bir ujy çiş ýylgyn taýak bilen kebzesiniň arasyny gaşap durşuna gözlerini
gymşaýdyp:
–Ýazmuhammet, mallar bir başybitin derýadan geçdimikä? – diýdi.
Şu aralykda onuň nebsiniň gürrüňini edip durşuna Teke hanyň gahary geldi.
–Mal bilenem işiň bolmasyn, çopan bilenem. Goş-golamlaryňam taşla-da, geç
derýadan, gyzylbaşyň elinde ömürlik galmajak bolsaň. – Han ak atyny debsiläp
Jumasaparyň toparynyň ýanyna bardy. Gamçysyny derýa tarap çommmaltdy. –
Uruň özüňizi suwa!
Han aýtdy, gutardy. Ol-a derýa ekeni, özüňi guýa at diýse-de ataýmaly. Her
kim “pat-pat” etdirip elindäki, arkasyndaky, eşekleriň üstündäki goşlaryny bir gyra
taşlady. Jumasaparyň özem şeýtdi. Az salym ýaýdanyp durandan soňam ýuwaşlyk
bilen aşak egildi-de, goşlarynyň içinden pilini sogrup aldy.
–Ähli goşumy taşlasamam şun-a taşlajak-gä...
Şondan soň Noparyň adamlary ýeke-ýekeden, gorka-ürke suwa girdiler. Gara
maly barlar mallarynyň guýruklaryndan aslyşdylar. Eşegi barlar üstüne mündüler.
Hatda itleriň boýnundan aslyşyp girenlerem boldy.
Jumasaparam ýükden boşan eşegine mündi-de, aýalyna ýüzlendi.
– Ýör, Akbike, sür, tersimiz takdyra ýazylmadyk bolsa hiç zadam bolmaz. Hümf-çüüýf...
Derýa köşeşdimi ýa gaty ylaýyk ýerine gabat geldilermi, Jumasaparyň
Noparynyň tas hemmesi diýen ýaly sag-aman o tarapa geçdi. Orta ýaşdan
geçeňkirlänräk bir kişi derýanyň ortasyndaky güýçli akyma düşüp ep-esli ýere çenli
“garkyldap” gitdi. Ýöne, onam kän daşlaşmanka yzyndan ýetip Öwezgeldi batyr
halas etdi, aňyrky kenara çykardy.
O kenara çykansoň sag-aman geçen garyndaşlaryny tükelläp duran
Jumasaparyň elindäki ýalpyldawuk piliň Gün bilen çaknyşyp çykarýan ýiti şöhlesi
çep kenarda duran ekabyrlaryň ýüzlerine düşüp, gözlerini gamaşdyrdy.
189
Jumasaparyň toparynyň arasynda Gülbedenem bar ekeni. Ol elbetde, onuň
urugyndan-a däl, ýöne, näme üçindir Zurabada soňky gezek göçüp gelineli bäri şolar
bilen hatardaş-a otyr. Bir körümşek ejesi bilen on dört ýaşlaryndaky oglan jigisi
bardy, olaram düýnki kiçi göç bilen gitdiler.
Hemmeleri haýran galdyran zat, şol aljyraňňylygyň içinde-de onuň şähdi
açyk. Ýüzünde gorky-ürki ýok. Gaýtam toparyň barysy geçip bolýança garaşyp,
olara göwünlik berdi durdy.
Özüne gezek gelendenem, üç-dört ädim gaýra tesdi-de, başyndaky ýaglygyny
kakyp alyp, biline daňdy, köwüşlerinem şol guşaga gysdyrdy-da, bat bilen ylgap
gelip özüni derýa oklady. Ortasyna çenli balyk ýaly ýüzüp gitdi-de, birdenem zymzyýat boldy. Esli wagtlap görünmedi. Akym äkidendir öýdüp ekabyrlar o ýan, bu
ýan garanjaklaşdylar, soň halasgärleriň ýüzlerine seredişdiler, Öwezgeldi batyr bilen
Hojaş atlaryny çapdyryp öňe gitdiler, ýöne Gülbeden ekabyrlaram, topardaşlarynam
ýene bir gezek haýran galdyryp, edil suwa uran ýeriniň deňinden, aňyrky kenardan
çykdy.
Eglip, bir gujakdan az bolmadyk gara saçlaryny elleri bilen sykyp durşuna
birgeňsi ýylgyryp ekabyrlara seretdi. Ekabyrlaryňam näme üçindir barysy birden
Abyt işanyň ýüzüne seretdiler.
–Akymyň aşagyndan ýüzüp geçen bolmaly... – diýip, Abyt işan ýuwaşja
seslendi. Çalajada ýylgyrdy. – Mert maşgala ekeni.
Beýlekilerem:
–Howwa, zora-zor, ökdä-ökde diýmeli – diýişdiler.
Oňa çenli Öwezgeldi batyr bilen Hojaşam atlaryny segredip gaýdyp geldiler.
***
...Şeýdip göç derýadan geçdi. Pidasyz bolmasa-da, esasy iş bitirildi. Bu kyn
pursatda her kimiň ykbaly özüniň nesibe takdyryna, dogum gaýratyna, şeýle-de malgaralaryna bagly boldy.
Ýöne, uly-kiçi, aýal-erkek hemmesine şol wagt güýç-kuwwat beren, ýa
öleýin, ýa alaýyn diýip, özleriini däli derýanyň gujagyna okladan gaýratyna
galdyran bir zat bardy, o-da Ata-Watana aşmak, mähriban topraga gowuşmak
höwesi. Şol isleg, şol arzuw hem olary möwçlerden, lemmerlerden geçip, sag kenara
çykmaklyga ýardam berdi.
Öň gepleşip goýulyşy ýaly, bosgunlar sag kenara şol ýerden geçerler öýdüp,
Alyhanow öz otrýady bilen Gün guşluga galyberende Pulhatyna geldi.
Gark bolan bosgunlaryň käbirleriniň jesetleriniň kä ýerde bir görnüp
gitmekleri, käbirleriniň bolsa köprrüniň hüjrelerine dykyn bolmaklary, şeýle hem
Maşatdan gaýdan kowgynyň bosgunlaryň öňüni çolamak üçin hut Pulhatyny
nazarlap gaýdandyklary baradaky habaryň gelip ýetişmegi netijesinde Alyhanow
salyrlaryň nä güne düşendikleri hakynda dogry netije çykardy we gyssagly suratda
sag kenar bilen ýokarlygyna, tä bosgunlar öňlerinden çykýança hereket etmekligi öz
soldatlaryna buýurdy. Kazaklar baranda halas bolan bosgunlaryň hemmesi derýanyň
sag kenaryna ýygnanyp, öz ekabyrlaryna garaşyp durdular.
Daýaw hem sarç atlar han-begleriň hemmesini baş esen, bagry bitin sag
kenara çykardylar.
190
Alyhanow bosgunlaram, han-beglerem özleriniň taryhy watanlaryna
gowuşmaklary, mähriban topraklaryna aýak basmaklary bilen gutlady. Ýitgi
çekenlere duýgudaşlyk bildirdi.
–Derýanyň o kenarynda bolsun, Zurabatda ýa Garadepede bolsun, galdyryp
gaýdan zatlaryňyzyň ählisini soň gelip alyp gitmäge mümkinçilik dörederis.
Bugdaýyňyz barada hem Eýran hökümetiniň wekilleri bilen gürleşeris. Häzir siz
esasy etmeli zadyňyy etdiňiz, derýadan, ýagny serhetden geçdiňiz. Indi siz
Orsyýetiň raýaty. Sarahsa tarap ýol açyk. Ugralyň.
Agyr göç ýene-de ýola düşdi. Ýöne, olar indi juda ýadawdylar. Egbardylar.
Üstesine olaryň köpüsi ýap-ýaňyja ýitiren hossarlarynyň agysynam aglamaly
bolýardylar. Iki ýüz sany atly kazak bolsa nyzam bilen olaryň daşyny gorap
gelýärdiler.
...Pulhatynyň deňine baranlarynda Eýran tarapdan Alymerdan hanyň goşunam
gelip ýetdi.
Alyhanow Teke hana bosgunlary kem-kemden kenardan daşlaşdyrmaklygy
tabşyryp, özi kazaklary bilen kenarda galdy. Bosgunlar bilen Eýran goşunynyň
arasyna girdi.
Alymerdan hana ýa-ha şa tarapyndan şeýle buýruk berlipdir, ýa-da özi
diplomatiýanyň düzgünlerini gowy bilýär, öz goşunynyň san taýdan agdyklyk
edýändigine garamazdan, bosgunlar bilen aralykda duran, bary-ýogy iki ýüz atlydan
ybarat ors goşunyna garşy hiç hili uruş meýillerini ýüze çykarmady. Pulhatyndan
geçmäge milt etmedi. Şol pursat Eýran şasy Orsyýetiň Tährandaky ilçisi
Melnikowdan Alyhanowyň öz atlylaryny bosgunlar bilen Eýran goşunynyň
arasyndan aýyrmaklygyny talap etdi. Emma Melnikow Ak patyşanyň
görkezmelerine we tabşyryklaryna salgylanmak bilen, hususan-da Alyhanowyň
kazaklaryňam, bosgunlaryňam eýýäm resmi taýdan Orsyýede birikdirilen toprak
üzre ýöräp barýandyklaryny göz öňüne tutmak bilen, onuň şol talaplaryny ret etdi.
Şondan soň Alymerdan han sag kenar bilen derýanyň aşak akymyna tarap,
bosgunlary penalap barýan kazaklary esli ýere çenli gözi bilen yzarlap, deňdeş gitdi,
kem-kemdenem kenardan daşlaşdy. Arany açdy. Ahyram topy-tophanasy bilen
bilelikde kenary ýakalap oturan gür jeňňelligiň içine siňip gitdi.
Şol ýerden ol göni Täze Sarahsa, ýagny, Eýran Sarahsyna bardy we şanyň
öňünde hiç hili hyzmat görkezmedik, salyrlary saklamak üçin hiç hili hereket
etmedik, çäre görmedik adam hökmünde görünmezlik üçin, “Ruhnabady” orslara
beripsiň” diýen bahana bilen, iki sany pars ofiserini tussag etdi hem-de resmi
suratda jezalandyrdy.
Alty ýüz serbazdan we iki topdan ybarat goşunyň bary-ýogy ýüz kazakdan
ybarat otrýada batyrynyp bilmezligi ors hökümetiniň güýjüni salyrlaryň gözüne
Eýran hökümetiniňkiden kän-kän kuwwatly edip görkezdi. Abraýyny artdyrdy.
Olaryň her biriniň aňynda: “Ine, bu döwlet bize arka durup biler, ähli belabeterlerden gorar, hiç kime ynjytdyrmaz” diýen düşünje döretdi.
Ýolda uly ýitgiler çekendiklerine, heläkçiliklere uçrandyklaryna garamazdan,
Zurabatdan we Garadepeden Köne Sarahsa göçüp gelen bosgunlaryň öý sany şol
wagt 3250-ä, ilat sany bolsa 16.000-e barabar boldy.
191
Teke han Alyhanow bilen bilelikde olary öz isleglerine, ýagny, her tiräniň öz
öňki oturyp giden ýerlerini saýlap-seçmeklerine görä, kowçum-kowçum, oba-oba
edip ýerleşdirdi. Hersiniň özüne degişli ekin meýdanlaryny, görkezdi.
Ýap meselesinde bije atyldy.
Şonuň esasynda ýokarky ýap – Ýalawaja, ortaky ýap – Kiçiaga, ilerki ýap –
Garamana düşdi. Şonda ýeriň-ýurduň häsiýetine, bereket-sahawatyna görä, il
arasynda: “Ýalawaç ýere eýe boldy, Kiçiaga suwa eýe boldy, Garaman pula eýe
boldy” diýen nakyl şekilli gürrüň döredi. Munuň manysy şeýleräk: Ýalawaja düşen
ýer gowy. Mes. Tekiz. Giň. Kiçiaganyň ýaby göni. Gidişi pesräk. Suwy akgynly.
Garamanyň oturan ýeri Eýrana golaý. Serhetdeş. Eýran Sarahsynyň Maşat ýaly uly
bazarly şäheriniň alkymy. Söwda-satyk üçin amatly. Üstesine-de Eýran bilen
aralygy Weýeňňämden başlap tä Kindiklä çenli bir gezek suwaryp ekibilseň, ähli
ekin düme bitýä. “Salyryň baýy Garamandadyr”, diýilmegem şonuň üçin.
Gowy ýerleşenlerinden soň, Teke han: “Haýsy milletdendigine, türkmeniň
haýsy taýpasyndandygyna garamazdan, kim hünärli bolsa, daýhan bolsa, mirap ýa
söwdagär bolsa gelibersin, biz Sarahsda ýurt tutdyk, ýap gazdyk, çil çekdik, ýer kän,
suwam kän, ýer diýene – ýer, suw diýene – suw berjek” diýip, çar tarapa jar
çekdirdi. Çaparlar gönderdi.
Bu habary eşidip salyrlaryň Eýranda, Owganda, Pendide galan-gaçaklaryndan
başga-da dürli milletlerden bolan kän-kän adamlar sarahs topragyna ýygnandylar.
Şeýlelikde, Sarahs topragy bellenen möhletden gijä galdyrylman
türkmenleşdirildi, resmileşdirildi. Onuň Aly Hezretleri Beýik imperator Ak
patyşanyň Sarahs we salyr türkmenleri babatda, özüniň şol ýerdäki dikmelerine
beren buýrugy berjaý edildi.
Şol günüň ertesi, ýagny, Eýranyň Horasan welaýatynyň merkezi şäheri bolan
Maşatda oturýan, ýöne, soňky wakalar sebäpli düýnden bäri Täze Sarhasda bolýan
gubernator Alymerdan han öz sertibi Bagyr hany Köne Sarahsa, Alyhanowyň
ýanyna iberdi.
Ol Alyhanowa öz hojaýynynyň salyr türkmenleri barada ors baýary bilen
gürleşmek, pikir alyşmak, düşünişmek isleýändigini aýtdy we iki tarapyňam
mertebesine zeper ýetirmezlik üçin, haýsy tarapda, derýanyň çepmi ýa sag
kenarynda duşuşsalar gowy boljakdygyny sorady. Ýa-da iki tarap üçinem amatly
bolar ýaly aralyk bir ýerde duşuşmalymy?
Alyhanow ýeňijiniň sowukganlylygy bilen Bagyr ghana şeýle diýdi:
–Alymerdan hanyň ýanyna myhmançylyga meniň baranym bilen rus
ofiseriniň mertebesi kemelip durmaz.
Şol güniň agşamy ol hakykatdan-da öz ofiserleri bilen Täze Sarahsa,
Nusratulmülk Alymerdan hanyň ýanyna gepleşige bardy. Ony pars
myhmanparazçylygynyň iň ýokary derejedäki medeniýeti bilen garşyladylar.
Hezzet-hormat etdiler. Umumy hem-de syýasy gürrüňlerden soň, Alymerdan han
hususan-da, Tejen derýasynyň çep kenarynda, ýagny, Zurabatda salyrlar bilen on
müň rus rublyna barabar bolan baha laýyklykda ýarpasyna eken bugdaýlarynyň
ykbaly bilen gyzyklandy.
Alyhanow:
192
–Bize ýap-ýaňyja Marydan habar gelip gowuşdy, onda üç sany teke
türkmenleriniň şu ýerde bendilikde ýatnadyklary, şeýle hem şolaryň ýüz düýesiniň
alty aý bäri sizde bikanun saklanýandygy aýdylýar. – diýdi. – Egerde, siz tekeleri
boşatsaňyz, şeýle hem olaryň düýelerini gaýtaryp berseňiz, derýadan bäri geçen
salyrlaryň Zurabada gaýdyp baryp, gyssagara ol ýerde we derýanyň kenarynda
galdyryp gaýdan zatlaryny, tazygan mallaryny arabadyr-goşlaryny alyp gaýtmaga,
şeýle hem bugdaýlaryny ormaga rugsat berseňiz, salyrlar size bermeli paýlarynyň
ýekeje dänesinem kemmezler. Üzlüşerler. Bu olaryň özleriniňem islegleri.
Bergilerini hasaplaşman, gaçyp gaýdan adamlar hökmünde görünmekligi olar özleri
üçin namys hasap edýärler. Bu ýyl hasaplaşyp bilmeseler, galanyny indiki ýylyň
hasylyndan özleri üstüňize eltip bererler ýa-da şu ýere, Eýran Sarahsyna getirerler.
Muňa biz güwä geçýäris.
Alymerdan han ors ofiserini üns bilen diňledi we onuň aýdanlary bileen doly
razylaşdy. Egerde, agzalan düýeleriň içinde öleni ýa dereksiz ýiteni bar bolsa, onda
olaryň her biri üçin segsen rubl tölenjekdigini aýtdy.
Ertesi Alymerdan han Köne Sarahsa, Alyhanowyň ýanyna jogap wiziti bilen
bardy. Ony hem döwlet derejesine laýyklykda, resmi suratda garşy aldylar. Saçak
ýazdylar, hyzmat etdiler. Gürrüňçiligiň barşynda Alymerdan han düýn söz berşi
ýaly, salyrlaryň Zurabada baryp gaýtmaklaryna idin berýän ýazmaça resminama
gowşurdy. Düýeler we ýesirler barada hem edil düýnki gepleşişleri ýaly
boljakdygyny ýene bir gezek tekrarlady.
Şol söhbetdeşlikde Alyhanow salyr türkmenleriniň Eýran goşunynda gulluk
edýän ýigitlerini serbazlykdan boşatmak barada hem gürrüň gozgady.
Alymerdan han oňa hem razy boldy.
Şondan soň ol uzak eglenmedi. Edil garşy alşy ýaly Alyhanow ony gidendede uly hormat bilen ugratdy.
Şonuň bilenem, olaryň arasyndaky iki gün dowam eden, şahsy hem resmi
gatnaşyklary tamam boldy.
Şol günüň özünde Alyhanow Horasan gubernatorynyň beren
rugsatnamasynyň gapdalyna salyrlaryň Orsyýede raýat bolandyklary baradaky haty
hem goşun, alty ýüz adamdan ybarat uly topary galla ormak üçin Zurabada ugratdy.
***
Salyrlary Köne Sarahsa ýygnamak, Mary bilen bilelikde Pendi ýaýlalarynda
oturan saryklary hem öz raýatlygyna almak arkaly, Orsyýet özüniň günorta
serhedini Owganystan bilen-ä Şeýhi-Jüneýitde – Guşgyda, Eýran bilen bolsa Köne
Sarahsda çäklendirdi. Şeýlelikde ol Hindistandan geçip Owganystanyň üsti bilen
türkmen topragyna aralaşmaklygy, owgan serhetini giňeltmek bilen Orsyýetiň Orta
Aziýadaky basybalyjylykly hereketlerini mümkingadar aňyrrakda togtatmaklygy,
şeýdibem, olary özünden daşlaşdyrmaklygy we şol maksadyna laýyklykda öňi bilen
Guşga, şeýle hem Sarahsa gadam basmaklygy köpden bäri arzuw edip ýören iňlis
şirine hem dişini görkezdi, ony omzy bilen itip, birneme aňyrrak süýşürdi.
Şeýle-de bolsa ahmyrdan çykmak üçin Angliýanyň iň bolmanda Sarahs
babatda serhet dawasyna ýüz urmagy, şol meseläni halkara derejesinde gozgamagy,
gorjamagy mümkindi.
193
Şonuň üçinem, 1884-nji ýylyň 4-nji awgustynda, Orsyýetiň Daşary işler
ministrliginiň Aziýa departamentiniň direktorynyň adyna ýazan hatynda Kawkaz
harby okrugynyň goşun ýolbaşçysy knýaz Dondukow hem hut şol, meseläni
gozgady. Ýagny, ol Zurabatdan Köne Sarahsa göçürilip getirilen salyrlaryň
Orsyýetiň raýatlygyna kabul edilendikleri baradaky hakykatyň haýdan-haý döwlet
derejesinde resmileşdirilmegini sorady. Bu çäräniň haçanam bolsa, nirede hem
bolsa, kim tarapyndanam bolsa serhet dawasy ýüze çykaýan ýagdaýynda Orsyýet
üçin resmi tutaryk bolup hyzmat etjekdigini, onuň basybalyjylykly hereketlerini
sähelçejik hem bolsa ýuwmarlajakdygyny tekarlady. Şeýle hem ol: Eýran we
Owganystan bilen bagly serhetimiziň degişlilikde salyr we saryk türkmenleriniň
daşyndan aýlanandygyny şol taýpalaryň özleri tarapyndan raýatlyk sorap ýazan
haýyşnamalary arkaly halkara derejesinde resmileşdirip bilsek ne Eýran, ne
Owganystan, ne-de şol ikisiniň arasy bilen sokjarylyp gelýän Angliýa hiç haçan
biziň bilen serhet dawasyny edip bilmez” diýip, öz iberýän beýleki
telegrammalarynda hem öwran-öwran nygtady.
Şol çäräniň özleri üçin hakykatdan-da gaýragoýulmazsyz möhüm meseledigi
soňabaka Orsyýetiň harby we syýasy guramalarynyň ählisine mälim boldy. Iş jygbajyga geldi. Ahyram Ak patyşanyň özüne diredi. Ol bu işi ikielläp goldady we ony
haýal etmän durmuşa geçirmek barada degişli edaralara görkezme berdi.
Olaram ony amala aşyrmaklygy eýýäm salyrlar bilen işleşip we dil tapyşyp
ýören podpolkownik Alyhanowa tabşyrdylar.
Ol muňa nözüniň öň başlan işiniň dowamy hökmünde uly höwes bilen
ýapyşdy. Öňi bilenem salyr ýaşulylary, hususan-da Teke han bilen gürrüňçilik
geçirdi. “Şeýle bir möhüm iş bar, netijesi iki tarap üçinem bähbitli”, diýdi.
Kethudalar onuň aýdanlaryna derhal amal etmek bilen boldular. Öňi bilenem
üýşüp, Eýran şasynyň Horasandaky dikmesi Ruknäddöwlläniň adyna hat ýazdylar.
Hatyň mazmuny şeýle:
“Lagl-merjenlerden doly aýak tozuňyza başymyz gurban bolsun! Biziň,
ýagny, salyrlar jemgyýetiniň ýaşaýjylarynyň arzy-beýanatlary budur ki, biz mundan
üç ýyl ozal özümiziň müňlerçe ýyllardan bäri ata-watanymyz bolan Sarahsa göçüp
geldik, ýöne, muňa garamazdan, merhum Sypahsalar Horasan hanlarynyň
maslahatyna eýerip, bizi güýç bilen Sarahsdan çykardy we Zurabada görürdi. Ine,
şondan bärem biz ýersiz-suwsuz, agyr zähmetler we jepalar içinde ýaşap ýörüs.
Aňrybaş mätäçlik bizi çar tarapa urunmaga mejbur etdi. Sürmäge sähelçejik
mümkinçilik bolan ýerde biz iň bolmanda ýarpy hasyl-a alarys-da, diýen umyt bilen
ekin ekdik. Biz muny şu ýylam şeýtdik. Biziň halkymyz bu ýagdaýda mundan artyk
ýaşabam bilmez, bu ýerde galybam bilmez. Biz gajar hökümetinden diňe ýagşylyk
gördük, şonuň üçinem oňa garşy hiç hili närazyçylygymyz ýok. Geçen ýyl Maşada
şalar şasy Nasreddin şa geldi. Öz ulusymyzyň hal-ýagdaýynyň düzedilmegini haýyş
etmek üçin biz onuň ýanyna gitdik, emma nebsimiz agyrsa-da, öz arzy-halymyzy
onuň aly hezretlerine ýetirip bilmedik. Diňe baş egip oňmaly bolduk. Ýüz tutmak
üçin hernäçe jan çeksegem onuň golaýyna goýbermediler, derwezä barýan ýoluň
öňüni kesdiler, bagladylar. Size eden öňki şikaýatlarymyz bolsa hiç-hili netije
bermedi. Jogapsyz galdy. Oňa derek siz boýy keltejik, ynjyk we dogany-dogana
küşgürýän, öz hereketleri bilen biziň ulusymyzyň arasynda agzalaçylyk döredýän
194
Alymerdan hany başymyza hekem edip goýduňyz. Ol biziň iki sany bigünä
kethudamyzy tutup Maşada äkitdi we şol ýerde olary bäş aýlap tussaglykda saklady.
Özüniň şolar ýaly eden-etdiliklerini bes etmegini towakga edip, biz Alymerdan hana
kän gezekler ýüz tutduk, ýöne, häkimlik güýjünden peýdalanyp ol biziň arzyşikaýatlarymyza üns bermedi, ahy-nalalarymyzy diňlemedi we kellesine gelenini
etdi ýördi. Ol häzirem şeýdip ýör. Biz bu ýerde bäş günlik myhman hökmünde
oturanam bolsak, horasan goşunyny öz ýigitlerimiz bilen üpjün etdik, egerde
ýokarda aýdylanlar ýaly ýanamalar bolmadyk bolsady, onda biz bu ýerde entegem
galardyk we öňkimiz ýaly gulluk ederdik. Ors goşunynyň Sarahsda peýda bolan
ilkinji güni, ähli ýaşaýjylarymyz bolup, onuň ýanyna barmak, raýatlyk sorap ýüz
tutmak barada biz öňden bäri göwün ýüwürdip ýördük we Hudaýa şükür, ine, bu
gün şol maksadymyza-da ýetdik. Mundan buýana biz ors hökümetiniň erkine we
häkimligine boýun egeris hem-de olar bilen ylalaşykly ýaşarys. Şundan artyk aýtjak
zadymyz ýok. Alla ýaryňyz bolsun...”.
Hat öňürti salyr ýaşulylary tarapyndan parsça ýazylyp, soň molla Sähet
tarapyndan ors diline terjime edildi. Hatyň aşagyna salyr kethudalaryndan jemi on
bäş adam gol çekdi. Teke han, baş kethuda Begnazar, baş kazy molla Oraz dagylar
gollarynyň gapdalyna öz şahsy möhürlerini hem goýdular.
Olar şol bir wagtyň özünde Orsyýetiň raýatlygyna alynmaklaryny sorap
Zakaspiý oblastynyň naçalnigi, general leýtnant Komarowyň adyna hem
haýyşnama-hat ýazdylar we olaryň ikisinem uly dabara we buýsanç bilen, ors
goşunynyň ofiseri, indi özleri bilen işlemäge birneme öwrenişen podpolkownik
Alyhanowa gowşurdylar.
Şeýlelikde, salyr türkmenleriniň Eýrandan türkmen topragyna eden taryhy
ýörüşleri halkara derejesinde resmileşdirildi.
Bu ýagdaý köpden bäri goňur aýynyň abşanaklap gelip Hindistanda peýda
bolaryndan, özi bilen şol ýerde döşleşerinden howatyr edip gelýän iňlis şirine-de
kem ýaramady. Guşga, Sarahsa gadam basmakdan, ol ýerleri eýelemekden geçen we
özleriniň ençeme wagt bäri göz dikip gelýän topraklaryny şeýle gysga wagtyň içinde
ellerinden giderendiklerine garamazdan, “zyýanyň ýarysyndan gaýtmagam bir
peýda” diýäge-de, eýerip, häzirlikçe bir gyra çekilip oturyberenlerini kem
görmediler, gaýtam Orsyýetiň öz hereketini şol ýerlerde togtadandyklaryna müňdebir şükürler etdiler. “Öwhüldeşip” dem aldylar. Ýüreklerine sowuk suw urdular.
Köşeşdiler. Ynjaldylar.
XX.
Epilog
Oguz-türkmen taryhynda görnükli yz galdyran salyr türkmenleriniň gürrüňi
edilen “atyň depeli” deý ujypsyzja bölegi bolan, sarahsly salyrlar şeýdip, ors
hökümetiniň hut öz bähbidi üçin hem bolsa eden şol taryhy hereketiniň netijesinde
öz Ata Watanlaryna gowuşdylar. Ähli türkmen taýpalary bilen bilelikde Orsyýetiň
raýatlygyna girdiler. Onuň tertip-düzgünlerini, kada-kanunlaryny döwtalaplyk bilen
kabul etdiler. Ony gyşarnyksyz ýerine ýetirmeklige söz berdiler.
195
Beýleki türkmen taýpalarynda bolşy ýaly, salyrlarda hem bir bada öňki hanlar
öz hanlyklarynda galdylar.
Ors hökümeti olara doly erkinlik berdi. Ýer-suw, öri meýdanlary bölünende
hem olara iň gowy, suwarymly we mes toprakly ýerleri berdi.
Meňli hanyň ýeke özi Tat ýaba, Teke han bolsa Han ýaba doly suratda
eýeçilik etdi.
Şeýlelikde, halk diňe şolara bagly bolup galdy. Şolardan artsa-ha ýerlerini
suwaryp bilýärdiler, artmasa-da suwaryp bilmeýärdiler. Şol sebäpdenem olaryň
köpüsi ýerlerini satmaga mejbur bolýardylar. Netijede Teke hanyň ýeri 700 gektara,
Meňli hanyňky bolsa 800 gektara çenli baryp ýetdi. Üstesine olaryň suwaryş
ulgamlaryny arassalamak, gazy-haşar, sürüm, suwaryş işlerini geçirmek, ekinlerini
ekip bermek hem halkyň boýnuna düşýärdi. Şol işlere gatnaşmadyk daýhan ýeke bir
şol ýyl däl, eýsem soňky ýyllarda hem özüniň suw paýyndan mahrum bolýardy.
Kynçylykly döwürleri agzybirlikde geçiren halk bilen han-begleriň arasyna
şeýdip, agzalaçylyk düşýärdi. Halk muňa gynanýardy, patyşa çinownikleri bolsa o
zatlara kanagatlanmak duýgusy bilen garaýardylar.
Ýer-suw baýlygyndan başga Teke hanyň şol döwür 5000 goýny, 300 gylýaly,
20 düýesi, Meňli hanyň bolsa 4 000 goýny, 30 düýesi bardy. Sarahsdaky ýaşaýyş
jaýlarynyň, kerwensaraýlaryň hem elli ülüşi şol ikisine degişlidi.
Çopanlary bilen bilelikde hasap edeniňde, hersiniň takmynan ýetmişe golaý
hyzmatkäri bardy.
Umuman, ak patyşanyň agalygy astyndaky döwür olara hoş ýakýardy,
hökümleri güýçlüdi, işleri ileridi, söwdalary küşatdy.
Ors çinownikleriniň pikiriçe, şol zatlar türkmen han-begleriniň aňynda: “Bu
hökümet biziň üstümizden agalyk etjek, erkimizi elimizden aljak bolýana-ha
meňzänok” diýen düşünje döretmelidi. Kalplarynda olaryň adalatly, parahatçylykly
syýasaty alyp barjakdyklaryna ynam oýarmalydy. Wagtlaýynça hem bolsa özüni
Eýrana, Hywa, Buhara garanda kän-kän oňşukly, adalatly hökümet hökmünde
görkezmelidi. Özüne imrindirmelidi. Ýerli halky olaryň eli bilen mazaly
agyzdyryklamalydy, şeýdibem, ak patyşanyň bu çöl gurtlaryna düýbünden ýat bolan
tertip-kadalaryny hut şolaryň öz eli bilen ornaşdyrmalydy, şeýdibem, bolup biläýjek
tolgunşyklaryň öňüni almalydy, nirededir bir ýerde Gökdepe urşunyň
gaýtalanaýmazlygyny gazanmalydy.
Bu bir bada şeýle hem boldy. Garaşylan netijänem berdi. Ýöne, ol uzaga
çekmedi. Özüniň hakyky keşbini görkezmek üçin, ors hökümeti haýal-ýagallygam
edip durmady. Serhet, ýerli halkyň erk-islegleri babatdaky halkara, hat-petek işlerini
birýüzli edip bolandan soň ol desbe-dähel uezd, priswawlyk, arçynlyk diýen ýaly öz
döwlet gurluşyna mahsus, çet-çemerlere degişli düzümleri döretdi we şolaryň
ählisiniň başynda öz adamlaryny goýdy. Ýerli hanlary bolsa, elbetde, onam hälki bir
göz üçin, şolaryň kömekçileri edip belledi.
Mysal üçin, Sarahs Tejen uezdine degişli pristawlyk bolup, pristaw naçalnigihä patyşa goşunynyň haýsam bolsa bir harby adamsy, Teke han bolsa onuň
kömekçisi diýen ýaly bir zat bolup galdy. Netijede beýleki türkmen han-begleri
bilen bolşy ýaly, onda hem hiç hili erk-egtyýar galmady. Ähli zady pristaw
naçalnikleriniň özleri çözdi. Olar han-beglere hatda sala-da salmaýardylar. Diňe
196
zerurlyk ýüze çykan halatynda olaryň elleri bilen ot gorsaýardylar. Türkmençilik
düzgünleri, şerigatyň kada-kanunlary barha we barha yzky orunlara geçýärdi.
Ýagdaý soňabaka şeýle bir derejä ýetdi, özüniň tertip-düzgünli döwletiň
raýatlygyna, şol düzgün boýunça utsa-utmasa özüniňem islendik adam bilen hatda
han-begler bilenem, arzalaşyp biljekdigine, hanlarda bolsa öňki erk-ygtyýarlarynyň
galmandygyna, özleriniň boýun egýän kada-kanunlaryna olaryňam hökmany suratda
boýun egmelidiklerine gözi ýeten halk, ýer-suw, öri meýdanlary meselesi boýunça
öz hanlary bilen dawalaşyp, sudlaşyp başladylar.
Şeýle ýagdaý Teke han, Meňli han dagylar bilenem bolup geçdi.
Ýöne, ak patyşanyň dikmeleri öz daýanç sütünlerini syndyrmazlyk üçin,
barybir halkyň däl-de, han-begleriň arkasyny alýardylar. Arz eden daýhanlary bolsa
topalaňçylar, başbozarlar hökmünde tussag edýärdiler. Dürli möhletler bilen
bendihanalara salýardylar.
Şeýle-de bolsa, wagtyň geçmegi bilen ýagdaý düýbünden üýtgedi we indi
aýaklary mazaly ýer tutan we ony indi özleri üçin gerek däl hasap eden
çinownikleriň hut özleri Teke hany iňlis agentleri bilen aragatnaşyga girip, aşaklyk
bilen Ak patyşa garşy iş görýän adam hökmünde aýyplap, hertaraplaýyn ýanap
başladylar.
Elbetde, ýurtda ymykly ornaşanlaryndan soňam orslaryň iňlislerden beýle
ätiýaç edendikleri ýöne ýerden däl. Çünki, serhet meselesinde demlerinden düşen
hem bolsalar, olaryň “hor-horlary” welin entek doly ýatmandy. Orslara garşy ýeriň
pessi bilen göreş alyp barýandyklaram dogrudy. Baryp-ha Gökdepe urşundanam öň
türkmen topragyna öz çawuşlaryny iberip başlan Britan razwedkasy entegem öz
matlaplaryndan el çekmeýärdi. Pursaty gutarnykly
we hemişelik elden
giderendigini duýmaýardy, henizem bolsa orslary ol ýerden kowup, hojaýynçylygy
öz eline almaklygyň höwesinden el üzmeýärdi. Bu babatda olar esasanam ýerli
halkyň ors hökümetine garşy döräp biläýek nägileliklerine bil baglaýardylar.
Mysal üçin, 1884-nji ýylda Maryda we Ýolötende özüni Syýapuş diýip
tanadan, ruhany peýda bolupdy, ýerli ruhanylaryň ählisi bilen diýen ýaly ýakyn
aragatnaşyga giripdi, orslara garşy din urşuny alyp barmaklaryny ündäpdi.
Emma onuň asyl-ha ruhany däldigi, ol ýerde britan razwedkasynyň ýumşy
boýunça iş geçirip ýörendigi basym belli bolupdy.
1885-nji ýylyň 26-njy ýanwar güni bolsa Tährandaky iňlis missiýasynyň
sekretary Stiwens we iňlisleriň Maşatdaky içalysy Mürze Apbas ýetmiş bäş
adamdan ybarat kerwene goşulyp Sarahsa gelipdiler. Stiwens şonda hakykatdan-da
salyr ýaşulylary, şol sanda Tek han bilenem duşuşypdy. Şol wagt salyrlaryň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Salyr soňy Sarahs - 21
  • Parts
  • Salyr soňy Sarahs - 01
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1934
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 02
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2124
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 03
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2050
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 04
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2071
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 05
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2025
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 06
    Total number of words is 3598
    Total number of unique words is 2050
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 07
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 08
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2149
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 09
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2090
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 10
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2191
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 11
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2249
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 12
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2265
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2152
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 14
    Total number of words is 3630
    Total number of unique words is 2157
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 15
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2230
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 16
    Total number of words is 3672
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 17
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2238
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 18
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2222
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 19
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2213
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 20
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2042
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1620
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.