Latin

Salyr soňy Sarahs - 12

Total number of words is 3737
Total number of unique words is 2265
30.5 of words are in the 2000 most common words
42.4 of words are in the 5000 most common words
49.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
köne endigi boýunça “hyrt-hyrt” etdirip ýeňsesini gaşady.
– Onda bu ikiorta “gabak” sözi nireden geldikä?
– Aý, Ahmet sakaw ýaly dilikelçigrägiň biri bir ýerde aljyrap gabak diýendirde, seň ýaly çalasowadyň birem alyp “göterendir, şeýdibem “gabak-gabak” bolup
gidiberendir.
Atdy kelewiňem aňsat ýan beresi gelmedi.
– Çalasowat diýen bolup how sen bu adamlara göwniýetmezçilik etme. Men
kiçijikkäm molla Ýegenmyradyň ýanyna tutuş üç gün gatnapdyryn. Ol kakama:
“Men seň munyňy okudyp biljekgä, ylym urar-da başyma bela bor, gaty ýiti bi”
diýipdir. Eýeberdi ahuna berjek bolsa o-da almandyr. “Molla Ýegenmyradyň
başarmadyk işini men başarman” diýipdir. Ýöne, özbaşdak kän kitaplary waraklap
çykdym men. Göroglynyň dagy ähli şahalaryny ýatdan bilýän. Şonda-da “altyn
gabak” diýlip ýazylan-a...
– Nämüçin şeý diýilýäni ýokmy onsoň oň o ýerde?
– Aý, ýok. Nämüçindig-ä ýok.
– Onda otur.
– Özüň gotur.
– Gotur diýemok men, otur diýýän.
Olar diňe ekabyrlar öz aralaryna gelenlerinden soň seslerini kesdiler.
Salamlaşdylar. Görüşdiler. Teke han olardan näme hakda jedelleşýändiklerini
sorady. Aýtdylar. Teke han mergenleri çagyrtdy. “Şu ikisiniň jedelini çözüp beriň”
diýdi.
Mergenleriň içinde Teke handan sähelçe ýaşrak, Hotjy atly godolajyk, kellesi
şyr takyr, geplände çürnügini çommaldyp gepleýän gaýşarylybrak, ýaýkanjyrap,
howlukman ýöremäni gowy görýän şortarak biri bardy, ana, şol agy sallanyp ýatan
108
giň, gyýma balagynyň çep jübüsinden ýalpyldap duran, dürli nagyşlar bilen bezelen
gyzyl nas kädisini çykardy-da, ilk-ä “pöňk” etdirip, gaýyşdan sünnälenip ýasalan
seçekli dykysyny aýyrdy, soňam agzyny dişine degrip “tyrk-tyrk” etdirdi. Diliniň
aşagyny doldurandan soňam nasyň badyna eýýämhaçan çerrelip ugran gözlerini
ýaldyradyp Teke hanyň ýüzüne seretdi.
– Aý, biz-ä han aga gabakmy, tabakmy, kümüşmi ýa gyzylmy, kädimi ýa
gawunmy.... – Ol elini agaja tarap ülňüp goýberdi. – Ýa şo ezden... – Ol indi Atdy
kelew bilen Gurtýaza tarap baş atdy. – Ýa şo ýezde sü ikisiniň bizini asýaňyzmy,
tapawudy ýok, uz diýselez bolýa... Manysam şol oň biziň üçin, beýlekisem....
– Abyt?
– Howwa, han aga.
– Özüň bir zat edäýmeseň-ä...
Abyt işan “ýyrş” etdi-de, bir ädim öňe süýşdi. Sag elini Gurtýazyň sol egnine
goýdy.
– Manysyny düşündirip bilmese-de, Atamyratdyňky dogry. Aslyýetinde bu
hakykatdan-da “altyn gabak” bolmaly. Çünki, biziň gadymy türki dilimizde “gabak”
sözi “halka” diýmekligi aňladýa. Altyn gabak bolsa altyn halka, ýagny altyn
egremçe diýildigi bolýar. Gadym döwürlerde tüpeň bolmansoň söweşlerde-de, awşikaralarda-da, toý-tomaşalarda-da ýaý bilen peýkam atylypdyr. Şonuň üçinem ... –
Abyr işan dikilgi agajyň ujundaky kädä tarap barmagyny çomaltdy. – Şonuň üçinem
şular ýaly toýlarda agajyň ujundan bular ýaly kädi däl-de, halka, onda-da hakyky
gyzyldan ýasalan halka asypdyrlar. Ana, şoňa-da “altyn gabak”, ýagny, “altyn
halka” diýlipdir. Kim ýaýdan atan peýkamyny şonuň içinden geçirip bilse, şol altyn
halka şoňa berlipdir. Peýkamyň ujuna-da ýukajyk ýüpek ýaglyk daňar ekenler,
halkadan geçeni bilner ýaly. Käte golaýrak aralykdan hakyky tylla ýüzük goýubam
atyşypdyrlar. Birnäçe ýüzügi hatarlap goýup, şolaryň hemmesiniňem içinden
geçirişmeşek oýnalan gezeklerem bolupdyr. Görşüňiz ýaly, “tabak” sözüniň bu
ýerde dahly ýok.
Gurtýaz aýasy bilen ýüzüniň ýanyk tarapyny sypalap durşuna ahmyrly
gürledi.
– Kelew han aldy-ow, onda bu gezek?
Atamyradyňam jogaby nagt boldy.
– Kelewiň almyýan gezegi ýokdur. Siziň ýöne maňa göwnüňiz ýetenok,
“kelew-kelew” diýşen bolup... – Atamyrat telpegini çykaryp, alabeder bolup duran
kellesini gaşady. – O-da bolnan kelmi, bolunmadyk kelmi, Hudaý bilsin...
Utulanyna namys eden Gurtýaz küşşüklenen çaga ýaly “ýyrş-ýyrş” edip Abyt
işana ýüzlendi.
– Indi näme, adamlar gyzyl halka tapmansoňlar ýa oňa güýçleri ýetmän kädi
asýalarmyka? Allamyrat goturam-a tapman duranyň çagas-a bolmaly däl. Üstesine
bu gün Jumadurdy baýam oň arkasynda durmuşyn.
– Oň sebäbi neme... – Abyt işan öňküsindenem has pessaý gürledi. – Oň
sebäbi ýaňky aýdyşym ýaly mergenler indi ýaý atyp däl-de tüpeň atyp ýaryşýalar.
Tüpeňiň okuny bolsa birinjiden-ä kiçijik halkanyň ýa egremçäniň içinden geçirip
bolanok, geçiräýeniňde-de geçenini geçmänini bilip bolanok, galybersede gyzyl ot
bolup barýan gyzgyn gülle seň halkaňy kül edip goýberýä. Kädini ursaň welin böwri
109
deşiler, içi döküler, çigidi çaşar, urulany bildirer, soňam alaga-da täzeläýmeli.
Degmese-de içiň ýansyn diýýän ýaly hallan atar durar, görene göz bolup... Gepiň
gysgasy başky görnüşinden diňe ady galan şuň...
Abyt işanyň düşnükli hem gyzykly gürrüňlerini hezil edip diňlän Teke han,
Atamyrat bilen Gurtýazyň ýüzüne taýly gezek seretdi.
– Düşündiňizmi indi?
Olaryň ikisem birden gürledi.
– Düşündik, han aga. Kemi galmady. – Soň olar Abyt işana ýüzlendiler. –
Taňryýalkasyn, işan aga.
Nyşananyň manysyny aýdyp berendigi üçin Abyt işana mergenlerem
minnetdarlyk bildirdiler.
–Meşgul bolýan zadyň many-mazmunyny bilseň birhili hünäriň gadry artan
ýaly bolaýýan ekeni – diýişdiler.
Şondan soň Teke hanyň rugsat bermegi bilen ýaryş başlandy. Esli wagtlap
nyşanany mergenleriň hiç birem urup bilmedi. Muňa janköýerleriň arasynda
kejikmedigi-hä galmady welin, şu ýere gelenlerinden soň ekabyrlara goşulan
Jumasapar hasam darykdy. Ol agzyny gaçyp guzlaýan çypar towugyň art-bujak
deşigi ýaly “müňk-müňk” etdirip diň-gögüne garady-da:
– Hä aýt, Mergenli Nazar bolan bolaýsa-ha beýle bolmazdy welin... – diýdi. –
Aýdan sözüniň eden täsirini aňmak üçin öz okunyň daşyndan bir gezek pyrlandy-da,
gapdalyndakylaryň hersiniň ýüzüne, ýeke-ýeke jüýjerilip çykdy. – Hä?.. Hm-m?..
Şöýderdi gerek?.. – Soň ol endigine görä, sag eliniň süýem barmagyny burnunyň
aşagyna syhap goýberdi. – Hümh –çü-üýf...
Gurtýaz aňyrsyndan dyňzap gelen gülküsini zordan saklady.
– Hä, Nazarly mergen bolanda näderdi öýdýäň, Jyma akga...
– I-i-i... O bolan bolsa beýdip, bylar ýaly oklaryny “pys” geçirip durmazdyda, ýeke gezekde däninim kädisini okuň içinden parran geçirerdi. Hümh-çü-üýf... Iň
bolmanda Pataş bolanam bolsa bulardan gowy bolardy.
Edil şol wagt toýhana tarapdan arkasy ýükli ýaly ýegdekläp gelen Apbam oňa
goşuldy. Ekabyrlaryň ýanynda sögünmejek bolup özüne hernäçe zor salsa-da
bolmady. Sypdy.
– Ýa d, kädi bylary uraýmasa by gyňkeýinlerden kädi uran bolasy ýok-laý... –
Ol hekgerdi-de, mergenlere tarap haýbat atdy. – E-eý, boluň-eý, çaltrak! Urjak
bolsaňyz-a uruň, bolmasa-da şol kädini düşürip öz boýnuňyzdan asýas...
Gurtýaz hezil edip güldi.
– Gadym döwürlerdäki ýaly altyn halka bolan bolsa-ha boýunlaryndan
asaýanyňyzda-da gaty görmezdiler welin Apby akga, bu arman neme-dä, kädi-dä...
– Ol “püf-f” etdirip aýasy bilen agzyny tutdy, birgeňsi ýylgyrdy. – Özem çüýrükmi,
nämemi...
– Dogry aýdýaň Gurtýaz, aýt, ýüz görme. Biz bir zat diýseg-ä gyňkeýin, Apby
aýtdy bolýa, aýtmasaňam ine, özüň görüp dursuň, içiň ýanyp barýa...
–Aý, “Apby aýtdy bolýa, Apby aýtdy bolýa” diýen bolup, Apby akga senem
aýtma kemini goýaňok-la. Aýdybilýäň-le...
110
Teýeneli sözleriň, kinaýaly gülküleriň kem-kemden köpelip barýanyna namys
etdilermi ýa han-begleriňem seredip durandyklary üçin birneme tijendilermi,
mergenleriň biri ahyry kädiniň böwründen “pöňküldetdi”.
Şol “pöňküldi” bilenem häliden bäri, bardygam bildirmeýän, araky eşiden
käýinjinden soň ekabyrlaryň ýanynda kän bir batly geplemezlige jan edýän Otjan
keliň:
– Bäýip-bä-ä-ä!.. – diýen çasly sesi eşidildi. Kädi “patlap” ýere düşendenem
yzyny suňşurdy. – Errekgemen-nä-ä!..
Ýöne, onuň ojagaz gykylygy dagy tomaşaçylaryň turzan şowhunlarynyň
arasynda eşidilmedem. Hatda ekabyrlaryň arasynda-da gep-gürrüň, hereket
güýçlendi. Nyşanany uran mergeniň ýakynlary, obadaşlary bolsa: “Haý, biz ýeňdikde – biz ýeňdik” bolşup gygyryşdylar. Telpeklerini göge zyňyşdylar. Kimdir birem
ylgap baryp eýleräkde peýwagtyna otlap ýören hortabarak çakan ýaba böküp mündide, obasyna baryp obadaşlaryna buşlamak üçin debsiläp başlady. “Haý, şeterrik,
gözüň aýdyň ho-ow” diýip, eýýämden gygyrybam ugrady. Ýöne, ýaby näme üçindir
çapmady, şo-ol, duran ýerinde towsaklap bökdi durdy. Ýabynyň duşaklydygyny
“çapar” diňe tomaşaçylar: – E-eý, duşagyny çöz, duşagyny – diýip,
gygyryşanlaryndan soň bilip galdy.
Şondan soň ýaş oglanlaryň biri agaja dyrmaşyp, ujuna başga kädi asdy.
Apby oňa seredip durşuna garaçyny bilen söýünçli seslendi.
– Haý, gyňkeýiniň çagas-a edil maýmyn ýaly-ow. – Onuň bilenem kanagat
etmän agajyň düýbüne bardy-da, syrylyp aşak düşüp gelýän çepiksije oglanyň
ýüzüne çiňerildi. – Inim, hiý, ataňda-eneňde maýmyn gatanjyň bamy?..
Oglanjyk sypaýyçylyk bilen “ýyrş” etdi-de, sessiz-üýnsiz köpçülige siňip
gitdi.
Ýaryş dowam etdirildi.
Ekabyrlar şol ýerden göni, atlaryny çapyşyga taýýarlap, çapyksuwarlara iň
soňky tabşyryklaryny berip ýören seýisler bilen görüşmek üçin at meýdanyna tarap
gitdiler.
Atyşhanada galanlar olaryň yzlaryndan seredip duruşlaryna Abyr işanyň ulyuly ýerlerde, daş ýurtlarda okap gelen okumyş, sowatly adamdygy, ylymly
bolmaklygyň adamy gör nähili belent hem parasatly hormata mynasyp
görkezýändigi barada her hili gürrüňler etdiler.
Jumasapar ýaly ýaşy beýlekilere görä, birneme galarak, ony ir döwürlerden
bäri tanap gelýän adamlar bolsa Abyt işan barada köp-köp gyzykly gürrüňler,
hekaýatlar aýdyp berdiler.
Şolaryň iň gyzyklysam Gülbeden atly owadan gelin bilen baglanyşykly,
Zymýan peri hakyndaky hekaýat. Ine, şony welin şu ýerde ýatlap geçmesek
bolmaz. Toýam goý, öz akymy bilen dowam edibersin. Oňa biz ýene-de dolanyp
geleris.
XV
Zymýan peri
Abyt işan obadaşlarynyň aýdyşlary ýaly hakykatdan-da akylly, ylymly
üstesine-de diýseň adamkärçilikli adam. Ol salyrlaryň Ýolötende oturan döwürleri,
111
on dokuzynjy asyryň ortalarynda dünýä indi. Onuň ilkinji halypasy kakasy. Ol oňa
ýaşlykdan hat-sowat, aýat-töwür öwretdi. Salyrlaryň Sarahsa göçüp, Gowşut han
tarapyndan ikinji gezek Mara getirilen döwürleri bolsa, Lebaba, Idris baba
medresesine okuwa iberdi. Şol ýerdenem başyny çarap, Abydyň özi Hywa, Buhara
ýaly uly şäherlere gitdi, şol ýerlerdäki yslam dünýäsine meşhur dini ojaklarda
okady. Soňabaka ol ylym bilen şeýle bir imrindi welin, onuň Gazan şäherine,
Osmanly ýurduna çenli gidip, uly-uly pirler, özbaşdak taglymat döreden dini
hadymlar bilen duşuşandygy, özüniňem bir ýol ýasap ýörendigi, şonuň üçinem,
dünýägaraýşyny has giňeltmek maksady bilen basym Arabystana, Hindistana gidip
gelmekligi maksat edýändigi baradaky habarlaram oba arasyna ýaýrap ugrady.
Köpler kakasy muňa gynanar, “Ýekeje oglumdan jyda düşdüm-ow”, diýip
eňräp, ahy-zar çeker öýtdüler. Emma tersine boldy. Ol oglunyň at-abraýynyň
şeýdip, gün-günden artyp gidip barýandygyna begendi. Asla meniň ondan
garaşýanym umydym, tamam şol. Özümiň höwes edip ýetip bilmedik derejäme goý,
ol bir ýetsin. Ýöne, ýekeje gezegem bolsa arasynda bir, gelip gitse, öýlendirsem,
borjumy berjaý etsem, şondan soň ýene gidibersin...” diýip, oturan-turan ýerinde
gürrüň etdi ýördi.
Ýöne, oňa ogluny öýermeg-ä däl, asla görmegem miýesser etmedi. Aýak
üstünde gezip ýörkä bir kesel tapyndy-da, “tapyr-tupur” düşege ýykyldy. Uzak
ýaşamanam ýogaldy obanyň aksakgallary: “Hernäme diýse-de ony diri aýraçylyk
maýyrdy. Ogly ýanynda gezip ýören bolsa entek-entek ajala per bermezdi” diýdiler.
Abyt işana-da günübirin habar ýolladylar. Ýöne, ara daş, ýol yrak habar
barýança, ol gelýänçä kakasynyň kyrky sowuldy.
Şeýle-de bolsa onuň gelen güni obanyň ähli adamlary täzeden ýygnanyşyp
aýat okadylar, ondan-mundan söhbet etdiler. Söz arasynda onuň indiden soň yzyna
gitmezligini, obada galmagyny haýyş etdiler. “Basym biziň Sarahsa göçäýmegimiz
ahmal, ol ýerde çagalarymyzy okudar ýaly molla gerek bor. Eýeberdi ahun bilen
molla Ýegenmyradyň bolsa öňkülikleri ýok. Olar indi toýda-ýasda aýada-töwüre
ýarasalaram zor bolduklary. Şoň üçinem, biz şol işe senden gabyl adam göremizok,
gal, öý-işik bol, öz topragyňa kök ur, ataň ojagyna eýelik et...” diýdiler.
Abyt işan ýaly ýumşak halal süýt emip ulalan adam üçin başga näme gerek?
Hiý, ol şolar ýaly döwletli, akylly-başly, mamla sözleri aýdyp oturan adamlaryň
öňünde gaýra gaýşyp bilermi? Bilmez! Obadaşlary aýtdy, haýyş etdi – gutardy!
Esasanam ony özi gitse ata-enesiniň gapysynyň ýapyljakdygy gynandyrdy. Çünki,
öz-ä ýeke diýen ýaly, özünden uly bir uýasy bardy, o-da kişi maşgalasy birwagtlar
çykyp, çagaly-çugaly bolup gitdi. Ejes-ä hasam ir, entek ol Lebaba gitmänkä
ýogalypdy. Üstesine ýaşam otuza ser urdy.
Abyt işan galdy. Obadaşlarynyň tamasyny ödedi. Sowatlylygy bilenem,
adamkärçiligi bilenem özüni ile aldyrdy. Daşyndan gyz ýaly utanjaň, ýuwaş
geplemezek görünse-de, ol berilýän soraglara birsyhly ýylgyryp oturşyna
howlukman, şeýle bir ussatlyk bilen jogap berýärdi welin, kä toýlarda käbir
adamlaryň ony diňlejek bolup bagşydan galýan pursatlaram az bolmaýardy.
Halky iň bir geň galdyran zat bolsa, gelende onuň ýany bilen birgiden içi
suratly kitaplar getirendigi boldy. Ol kitaplar Alyşir Nowaýynyň, Zahyreddin
Babyryň, Mir Muhammet Abu Zeýdiň, içine Hyrat, Töwriz, Horasan
112
miniatýuraçylyk mekdeplerindäki hudožnikler tarapyndan suratlar çekilen
kitaplarydy.
Türkmen bagşylarynyň aýdýan aýdymlary arkaly ýerli halk Nowaýyny
Myraly hökmünde gowy tanaýar. Onuň Hyradyň häkimi Soltan Söýün bilen dost
bolandygyndanam, ikisiniň arasynda dörän şorta sözlerdenem habarly.
Türkmenlerde “Nowaýy”, “Yrak nowaýy”, “Nowaýy düşürimi” diýen ýaly sazlaram
bar. Ýöne, ine, musulmançylygyň surat çekmekligi gadagan edýän wagty şolar ýaly
ägirt adamlaryň kitaplaryna birgiden surat çekilmeginiň hikmeti nämekä? Onda-da
Abyt işanyň öz aýdyşyna görä mundan üç asyr öň? Şol suratkeşleriň arasynda
Begzat diýen bir türkmen ýigidem-ä bar ýaly.
Elbetde, bu zatlar barada hem obadaşlary Abyt işandan soraman durup
bilmediler. Şonda Abyt işan “myssa” ýylgyrdy-da: “Ýa—ak musulmançylyk surat
çekmegi gadagan edenok. Kurany Kerimde şeýle zat ýok – diýip olaryň henize bu
güne çenli eşitmedik zatlaryny aýtdy-da, öňküdenem beter geň galdyrdy oturyberdi.
– Pygamber aleýhyssalam diňe öz suratynyň çekilmegini gadagan etdi. Çekiläýen
ýerinde-de ýüzi nykaplydyr – diýip, Abyt işan kitaplarynyň arasyndan Muhammet
Abu Zeýdiň “Ymamlaryň taryhy” atly kitabyny eline aldy-da, içinden suratkeş
Kasym ibn Aly tarapyndan çekilen: “Pygamberiň iň soňky ündewi” atly suraty
görkezdi – Ine, görýäňizmi?.. Şu ýerde pygamberimiz ýüzi nykaply çekilen. Munuň
düýp sebäbem goý o dünýäsi abat bolsun, pygamber aleýhyssalam haçanam bolsa
bir wagt kimdir biriniň öz suratyny görüp: “Be-e Muhammedem biz ýaly adam
ekeni-ow, ine görýäňizmi, hakyt pylana meňzäbem dur” diýmegini islemändir.
Suratyna däl-de, ruhuna, taglymatyna uýmaklaryny isläpdir. Has beterem ol
isaýylaryň Isa pygamberiň suratyna çokunmaklaryny, oňa Hudaý hökmünde sejde
etmeklerini, Hudaýyň hem ogly, hem özi hasap etmeklerini, mukaddes ruhy hem
üstüne goşup, üçlükden emele gelen bütewi bir zat saýmaklaryny uly ýalňyşlyk
hasap edipdir. Hudaý birdir, ýeketäkdir, diýen düşünjäni öňe sürüpdir. Hut, şonuň
üçinem, ol özüniň täze taglymatyny döredipdir. Suratyň özi bilen-ä onuň asylam
dawasy ýok.
“Be-e...” diýşip, öňe-yza omzaşyp oturan adamlar şonda uludan demlerini
aldylar. Abyt işan şeýle diýýän bolsa o zatlaryň dogrudygyn-a ynandylaram. Şeýlede bolsa käbir towşanýüregräk adamlar janlaryny barlap görmek üçin, bu hakda
molla Ýegenmyratdanam, Eýeberdi ahundanam soradylar. Olaram edil öň dilleşiň
goýan ýaly: “Abyt işan aýdan bolsa dogrudyr. Asylam indiden beýläk şonuň diýeni
bilen boluberiň” diýdiler.
Ylymdanam, şerigatdanam, syýasatdanam baş çykarybilýän, köp taraplaýyn
düşünjeli adam bolandygy üçin, Sarahsa göçülip gelinmeginiň öň ýany, entek
Maryda otyrkalar mollaçylygynyň, mugallymçylygynyňam daşyndan Teke han ony
özüne ýakyn maslahatçy edip aldy.
Gökdepe urşunyň yz ýany, Sarahsa gitmeklerine kömek etmeklerini sorap,
Dykma serdaryň ýanyna Ahala gidende-de ol Abyt işanam ýany bilen alyp gidipdi.
Ol ortadan-a ýokarrak, uzyndanam pesräk boýly, uçlary oda çirkizilen ýaly
töwarlanyp duran goňrumtyl, gaty bir ösgün bolmadyk, ak ýüzüni jähekläp duran
inçejik sakgally, murtsyz, hemişe ýylgyryp ýörendigi üçin nurana keşpli, hiç haçan
gatyrganmaýan, hiç kim bilen gaty gygyryp gepleşmeýän, görmegeý ýigit. Doga113
tumara ynanmaýar, pala, gurra uýmaýar, düýş ýordumlaryny ykrar etmeýär.
Köpçüligem şoňa ündeýär. “Musulmançylyk ylmynda olar ýaly zat ýok. Olaryň
barysy şeýtany pygyllar. Oňa yslam garşy. Bar zat diňe Allanyň yradasy bilen
bolýandyr. Bolar-boldajyny, geler-geldejini diňe şol bilýändir. Doga-da ýalandyr.
Kimde-kim dogalanandyryn öýdýän bolsa, ol öz-özüni dogalandyr. Şoňa öz-özüni
ynandyrandyr, şeýtanyň ugruna gidendir” diýýär. Ol adamyň ahlaky päkligini bar
zatdan ilerde goýýar. “Musulmançylyk – bu arassaçylykdyr. Özem ýeke bir beden
arassaçylygy däl-de, eýsem kalp, ýürek, göwün arassaçylygydyr, pikir
aýdyňlygydyr. Ýeke bir söz, hereket, beden arkaly däl-de, göz, garaýyş, niýet, pikir
arkalam bet işlere baş goşmazlykdyr, günä etmezlikdir” diýip öwredýär.
Hut şeýle häsiýetleri üçinem, oňa uly-kiçi, aýal-erkek, hemmeler hormat
goýýarlar. Ýetişen gyzlardan, dul gelinlerden oňa iki aýtdyrman barjaklaram az däl.
Asyl şol barada Teke han başlyklaýyn ekabyrlaryň ählisi alada edibem ýörler. Bu
gün-erte onuň aýagynyň ymykly duşaklanaýmagam ahmal.
Ýöne, ilçilikde her hili adam bolýar. Şu hekaýatyň baş gahrymany başy boş,
ýaş, üstesine-de diýseň görmegeý, göwsi gaba, topuklary tekiz, ak mapraç, gözgörtele erbetlik edip, göze-başa düşüp ýörmese-de, görer-göze ýeňlesräk, dili duzly,
oýun etmäni gowy görýän, hut şol häsiýetleri sebäpli melamata golaýrak, syrdam
syratyna gelşip duran Gülbeden atly gelnem şol, her hilileriň biri. Dogrusyny aýtsaň,
ol ilk-ä Abyt işandan tamakin boldy. Onda-da gaty tamakin bold-a! Asyl ol özüni
almaz öýtmedi. Maman apa ýaly gepi ötgür, köpi gören eýýär heleýleriň ýanynda
birnäçe gezek gyltyzraga-da syzdyrybam gördi. Bolmajagyna gözi ýetensoňam
oýunmy-çiglige salan bolup, Abyt işany oýnasy, ar alasy, öz dili bilen aýtsak,
şeýdenine görä hakyt, petugulysyny beresi geldi. Esasanam onuň doga-tumar
baradaky düşünjesiniň üstünde döwnäsi, öz ugrunda däli-diwana edip, eňter-pelegini
öwüresi, din, doga-tumar baradaky düşünjesini düýpgöter üýtgedip, oba arasynda
şondan soň bütinleý başgaça saýrar ýaly edesi geldi.
Janyny barlap görmek üçin ol özüniň bu pikirini gepi alyşýan boýdaşlarynyň
biriniň ýanynda ýaňzytdam. Ýöne, ol gelin Gülbedeniň ugrundan gopmady. Gaýtam
alpetinden aldy. “Gysmalygyňy gys-da, öz ugruňa geziber kençini, Abyt işan
diýilýäni Sary maňka däldir, saňa-maňa özüni oýnadar ýaly” diýdi.
Onuň Sary maňka diýýäni ömrüni öýlenibilmän ýekemydarlykda geçiren
elmydama daşy samanly laý bilen suwalan ýylgyn kepbesiniň kölegesinde ötenegeçene syn edip, aýallara, gelinlere lak atyp oturan, sag diýseň sag däl, däli diýseň
däli däl, söwdaýypisint, ýüzi hüýt-gara üstesine-de gapan keçe ýaly çyr-çyrşak,
burnunyň tommaýy öýjük-öýjük, şeýle hem nas pürkülen ýaly ýap-ýaşyl, burnuna
salyp “hüň-hüň” edip gepleýändigi üçin, “maňka” lakamyny alan, kim näme berse
şonuň bilen oňňut edip, toýdan-toýa, sadakadan-sadaka süýrenip ýören hossarsyz,
altmyş ýaşlaryndaky bir töwra, edil çaga ýaly ynanjaň, gaharjaň, iňňän sögünjeň
adam.
Ýagdaýy şeýle bolansoň gelinler ony hakykatdanam oýnaýarlar. Bu meselede
esasanam Gülbeden öňe saýlanýar. Bir söý bilen deňinden geçmeli bolaýsa dagy
usullyk bilen aýak çekýär-de, süýnüp-sarkyp, sülmüräp durşuna “awuna” tarap göz
astyndan sereder-de:
114
– Sary aga? Salamälik. – diýer. Birinji gezeginde jodap alyp bilmese ikinji
geze salam berer. Sary maňka ukusyndan açylmadyk çaga ýaly “gyjyr-gyjyr” edip:
“Wä-neýkim how, wäneýkim, bä-ä...” diýenden soňam öňküsinden-de beter
halymsyrap: ― Henizem şol oturşyňyzmy? Şol sallahlygyňyzmy? Öýleneňzokmy?
Ýekemisiňiz? Ýekelik gursun. Ine, menem ýeke. Bolmasa men size baraýaýyn?
Alarmysyňyz? – diýýär.
Oňa-da geregi şol. Oturan ýerinde otyrýeri bilen tä kölege gutarýança öňe
tarap süýşeneklär-de, hasasyny galgadyp oturşuna ulyili bilen gygyrar.
– E-eý! Şynyňmy? Dognudanam başyň boşmy? O nä, öň aýtmadyň sen muny
maňa? Hä?.. Hany gel bänik gen!.. Gen, gürneşeni.
Gülbeden bolsa ýuwaş-ýuwaşdan daşlaşan bolar. Näzirgär.
– Gelerin, Sary aga. Soň bir gün gelerin. Hökman gelerin. Bu wagt görseler
rakyplar gep ederler. Sen ýöne garaş... Bomy?.. Garaşmasaň gaty görerin.
Şondan soň ynanjaňlyk häsiýeti tamam bolýar-da, Sary maňka özüniň
gaharjaňlyk, sögünjeňlik häsiýetine geçýär. Kölegeden hasasy bilen ýer dürtgüläp
höküdikläp çykar-da, ýoluň ortarasynda Gülbedeniň yzyndan garap durşuna
hamsygaýjak bolar.
– E-eý, ýenniňe keýin, dun-a, gürneşen-ä, düşünişen-ä... özüň aýtdyň-a... Menem
ýeme diýdiň-ä. Ýemetjek diýdiňä, ýemedeli diýdiň-ä... – Ýa oýnajak bonýaňmy sen
bu adamnary.
Gülbeden bolsa käte bir yzyna garap, göz güldürip, gaş kakyp barşyna ony
hasam öjükdirer. Gurap sandan galan damarlaryny birehimlik bilen owkalar.
Şondan soň Sary maňka golaý goltumda oýnap ýören çagalaryň birini ýanyna
çagyrar.
– E-eý, damagyna ...tüni benen gyňkeýiniň şagasy, bänik gen!.. – Çaga
ýaşulynyň möhüm bir ýumşy bardyr öýdüp, iki bökende onuň ýanyna geler. Sary
maňka elini Gülbedeniň giden tarapyna salgap: - Bar, o ýenniňe keýine aýt,
kennebaşaýagam benjek diýýä, diý...
Onuň ýagdaýyna ýetik çaga ýaýdanar, ýöne, barybir Gülbeden eýýäm
gözýetimde ýokdur.
Garaz, şeýdip Sary maňkany oýnap ýaman öwrenen gelniň indi Abyt işanam
oýnasy geldi.
Hut şol maksat bilenem, salyrlaryň Marydan Zurabada indi ikinji gezek göçüp
gelen döwürleri, günortanyň garaňkysy gatlyşyp, hemmeleriň özüni öýli-öýüne ýa
kölegä atan wagty, geýibilen geýimini geýinen, dakynybilen şaýlaryny dakynan
Gülbeden gözlerine sürme sürtüp, gaşlaryna wesme çekip, gollarydyrbarmaklarynam hynalady-da, sag aýagy bilen ätläp öýünden çykdy, ördek bakyşy
bilen gyýa-gyýa garanjaklady, golaý-goltumda janly-jemendäniň ýokdugyna göz
ýetiribem, ökjesi pes, topuklary tekiz, ak hem dykyz injikli aýajyklary bilen assaýuwaş basmarlap, niredesiň Abyt işanlar diýip, küreniň günorta çetindäki çürrüjek
gara öýe tarap gadam goýdy.
Onuň pikirine görä, uly il ýaly şol wagt Abyt işanam günortan ukusyna giden
bolmaly. Öýündemi ýa kölegedemi tapawudy ýok, esasy zat ýanynda adam bolmasa
bolýa. Özüne meýil bildirip duran dul gelne gözi düşenden nädersiň sallah görgüli
adamçyl erkek ýaly “bar-bar” bagyryberse.
115
Oňa ýuwaş diýýäler. Dogrudyr, ýöne, ol ýuwaşyň ýanynda ýuwaşdyr. Dogajada ynananok diýýäler, o-da dogrudyr, ýöne dogagöýe, jadygöýe duşmadyk ýerinde
şeýledir. Ine, Gülbeden gelin ony şeýle bir jadylar welin, Hindistanyň jadygöýlerem
gelip açyp bilmezler. “Gülbedensiz maňa dünýe gerekmez” diýip, zörleder durar.
Şu oýlara gümra bolup barýan Gülbeden kalbyndaky köräp duran şeýtany
höwesiniň kem-kemden möwç alyp, halys hetden aşanynam, demligini gysyp
ugranynam bilmän galdy.
Çaky welin dogry çykdy. Abyt işan hakykatdanam gara öýüň işigindäki dört
aýakly teläryň aşagynda gurlan palçyk supanyň üstünde hem-ä siňekden hemem
teläriň üstüne atylan örme gamyşyň yşlaryndan “jyklaşýan” şöhlejiklerden
goranmak üçin ýüzüne kiçeňräk, owunjak gara nokatjyklar bilen bezelen ak ýaglyk
ýapynyp, bir aýagyny beýleki aýagynyň üstüne atyp ýatan ekeni.
Oýarmaga dözmeýän ýaly, Gülbeden gelin assa basyp ýigidiň daşyndan
aýlandy. Tä, mähri ganýança syn etdi. Kaddy-kamatyndan doýanyndan soň, içinde
adam bar bolaýmasyn diýip, gara öýüň gapysyndan garady. Boşdugyna göz
ýetirenden soň yza çekildi-de, gelip ýene-de işanyň üstüne howala boldy. Çalarak
egildi. Yralap oýarmak üçin çep elini onuň sag egnine uzatdy. Batyrnybilmänem yza
çekdi. “Ýa adyny tutup oýaraýsammykam...” diýip, içini gepletdi. Birdenem gara
öýüň kölegesinde “şyglap” duran içi suwly, gyzyl toýundan ýasalan kiçijik jürdege
gözi düşdi. Baryp ondan bir owuç suw aldy-da, daraklygyna basyp öý eýesiniň
başujyna bardy. Barmaklarynyň arasyndan sarkyryp duran suwy bat bilen, süýji
ukuda ýatan ýigidiň ýüzüne serpip goýberdi.
Abyt işan ýüzündäki ýaglygyny sypyrdy-da, “häh” etdirip, başyny ýassykdan
galdyrdy. “Hasyr-husur” çep tirsegine söýendi. Sag eliniň gysymyndaky ýaglyk
bilen ýüzüni-gözüni süpürişdirdi. Başujynda gara sudur bolup duran göwräni
saýgarmak üçin ukudan hem suw damjalaryndan ýaňa gamaşyp duran gözlerini
ýumjuklatdy. Gypyrjyklatdy. “Şaňňyrdap” duran “şaýly gelniň” kimdigini
saýgarjak, tanajak boldy. Tananyndan soň bolsa onuň beýle biwagt, bu ýerlerde
näme işläp ýörendigini biljek bolup jan etdi.
Elbetde Abyt işan öz obadaş gelniniň özüne-de häsiýetine belet. Ady dile
düşüp ýörenem bolsa onuň ilden çykgynç bozuk hereketler edip ýörmeýäninem
bilýär. Ýöne, edil häzir näme üçin özüni beýle bigelşik alyp barýandygyna, näme
üçin özüni beýle haýasyzlyk bilen oýarandygyna uçursyz geň galdy. Näme
diýjegini, näme sorag berjegini bilmän kösendi. Aljyrady. Iň bolmanda Gülbedeniň
gözüne şeýle bolup göründi.
Şonuň üçinem onuň bu aljyraňňylygyndan peýdalanasy geldi. Öňürti dil
ýarmagy, şeýdibem ýagdaýy öz eline almagy, ýigidiň üstüne sürünmekligi onuň
sussuny basmaklygy makul bildi.
– Işan aga-a... – Ol Sary maňka soňundan edýän näzini Abyt işana öňünden
edip başlady. – Heý-wa-a... ikimiz-ä deň-duşrakdyrysam welin, men guraýyn “aga”
diýäýipdirin-dä... – Gülbeden süýnüp-sarkyp durşuna “alaşaňňyrdy” bolup iki ýana
ýaýdanjyrady. – Ýa hiçmi? Diýibereýinmi? Şeýdäýeýinmi?..
Onuň agyz uluňyny halamadyk işan ýüzüni çytdy-da, syrylyp supadan düşdi.
Baryp gara öýüň kölegesine çökdi. Arkasyny tärime ýaplap jürdekden suw içdi.
– Gelin saňa näme gerek?
116
– Sizlik bir işjagaşym bardy-da...
– Işiň bolanda-da adam şekilli oýarybam bilerdiň-ä...
– Wah, ol-a şeýle welin, men bir derde ulaşdym-da iki gün bäri näme edip
näme goýýanymam bilemok, ýaňkynam öz erkime edemok men...
– Derde ulaşan bolsaň Maman apaň ýanyna gitmeli ekeniň-dä. Tebipçilikde
şoň öňüne adam geçmeýänini bilýäň-ä. Meň bolsa o zatlardan bütinleý başym
çykanok.
– Bilýä-än, işan aga, bilýä-än. Ýöne, meň mynym tebiplik däl. Ruhy dert.
Özem şeýle bir azarly-y... Asyl, arşda-kürsde janyma jaý tapamok. Oň-muň
aýtmagyna görä maňa ýa-ha göz degipdir, ýa-da dogalapdyrlar. Maňa indi
şolaňkydanam güýçli doga bolmasa açylmyýan. Onam diňe siz başaraýmasaňyz...
Abyt işan aşak bakyp, böwrüni diňläp oturşyna ukudan oýanaly bäri ilkinji
gezek, ýöne götermeligi üçin däl-de, endigine görä “ýyrş” etdi.
– Doga-tumar bilen adamyň ruhuna zeper ýetirip bolanok, gelin. Ol ýalan.
Yslamda beýle zat ýok. Ol oňa garşy. Kurany Kerimdäki dogalaryňam hemmesi
ýagşylyk dogalary.
– Ana, ana, üstünden bardyňyz, işan aga. Maňa geregi şol. Şol ýagşylyk
dogardan birini okaň-da meni açyň, goý, ters doga edenleriň içleri ýansyn. Yslamyň
jadygöýlikden güýçlüdigini bilsinler.
Abyt işan gelniň özünden aňsat el çekmejegini aňdy. Niýetinem aňdy.
Maksadyna-da düşündi. Öz üstüne hüjüm edýänine göz ýetirdi. Onuň özündenem
beter pirim oýlap tapmalydygynam duýdy. Şonuň üçin o-da indi onuň öz ýaragyny
öz garşysyna ulanyp başlady.
– Hany onda açygrak aýt, näme bolýa? Başyň agyrýarmy? Ýüregiň
howlukýarmy? Baldyryň syzlaýamy? Ýa iýeniň içiňe gidip, peşewiň suw bolup
akýamy?
Gülbedeniň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy.
– Bildiňiz işan aga, bildiňiz. Başymyň agyrýanynam, ýüregiň
howlukýanynam bildiňiz. Özem ýöne-möne-de howluganok-da, howlap edil
içegelerim bilen bilelikde agzymdan çykyp barýa-da. Gulagymyň agzynda-da: “Tur,
öýden ylgap çyk-da, pylan ýere bar, şol ýerde biri saňa garaşyp dur” diýen ses
ýaňlanýa. Yz ýanyndanam çat maňlaýymda-da bir gara sudur peýda bolýa-da: “Saňa
garaşýan men, gel çaltrak” diýýä. “Kimuw-w sen” diýjek bolup elimi uzadýanam
welin ýom-ýok bolýa-da, gözümden gaýyp bolýa gidiberýä. Soňky diýen
zatlaryňyzam edil aýdyşyňyz ýaly. Dädirik çöp bilen çadyr sakgyjy dagy “arbazarbaz” içýän welin, eger-eger...
Gülbeden aglap başlady. – Waý, indi men näderkäm? Başymam boş,
hossarymam ýok. Özümiňem diýen wagtym...
Arasy kesilen süýji ukynyň azaryna zordan döz gelip oturan Abyt işan indi
Gülbedeniň hasam ugruna kowdy.
– Dert beren Alla dermanynam bile berýändir, dogan. Biz diýip gelen bolsaň
bir alajyny ederis. Ýöne, yglama. Sen yglasaň menem birhili bozulýan... Onsoň
ikimiziňem ejizlänimizi bilse kesel hezil eder. Üstümize sürner. Sen mert durup,
menlik bolsaň welin, iki bolup biz belany hökman ýeňeris.
– Şömi?
117
– Howwa-a...
–Onda men yglajak-dä, işan aga. Özümem mert boljak. – Gülbeden tutuş
göwresi bilen silkinjiredi. Özüni rastlady – serediň işan aga, ine men eýýam mert
boldum. Yglamamam goýdum. – Ol ellerini bykynyna urup, temeginem dik ýokary
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Salyr soňy Sarahs - 13
  • Parts
  • Salyr soňy Sarahs - 01
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1934
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 02
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2124
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 03
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2050
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 04
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2071
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 05
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2025
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 06
    Total number of words is 3598
    Total number of unique words is 2050
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 07
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 08
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2149
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 09
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2090
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 10
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2191
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 11
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2249
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 12
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2265
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2152
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 14
    Total number of words is 3630
    Total number of unique words is 2157
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 15
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2230
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 16
    Total number of words is 3672
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 17
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2238
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 18
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2222
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 19
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2213
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 20
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2042
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1620
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.