Latin

Salyr soňy Sarahs - 10

Total number of words is 3697
Total number of unique words is 2191
32.5 of words are in the 2000 most common words
45.0 of words are in the 5000 most common words
53.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
hökmünde gurlan, käbir ýerlerinden Günüň şöhlesi geçip duran ägirt uly, giň hem
beýik çalmaryň içinde kabul etdi. Musulmança salamlaşdy. Hemmeler bilen ýekeýeke, ikelläp görüşdi. Saglyk-amanlyk soraşdy. Öňünden ýazlyp goýlan tämiz
düşekçeleriň üstünde oturtdy. Duz-çörek hödür etdi. Özem olar bilen bile oturyp
naharlandy. “Bissimilla” bilen başlap, töwür bilen tamamlady. Hormat goýup
myhmanlara el galdyrtdy.
Şol zatlardan soň myhmanlar onuň nä milletdendigini sorajagam bolmadylar.
“Hä-ä, musulman ekeni...” diýdikleri bolsa gerek, biri-birleriniň ýüzlerine seredişip
baş atyşdylar-da, oňaýdylar. Musulmanlar bilen şeýdip, oňşukly işleşip, iň bir wajyp
88
meselelerinem olara ynanyp bilýän bolsalar, onda, diýmek orslaryň özlerem
musulmançylyga, gepe-söze düşünýän salyhatly adamlar bolmaly.
Hezzet-hormatdan soň Alyhanow öz myhmanlaryna Orsyýetiň türkmen
topragyna aralaşmagynyň düýp sebäbini Orsyýet-Owganystan-Hindistan söwda
ýolunyň açyljakdygy, şol ýoluň bolsa Türküstanyň, hususan-da türkmenleriň
üstünden geçip gitjekdigi, şol ýoluň howpsuzlygyny üpjün etmekligiň bolsa bu
ugurdaky iň bir zerur çäreleriň biri bolup durýandygy bilen düşündirildi. Bu
ikortada Orsyýetiň şondan başga üýtgeşik bir bahbidiniň ýokdugyny öwran-öwran
tekrarlady. Başda prsça bilen türküçäni garyp gürlän hem bolsa, soň sap orsça geçdi.
Molla Sähet terjime etdi.
Podpolkownik ors ýaragynyň türkmen topragyna asudalyk getirjekdigini,
mundan buýana Eýran tarapyndanam, Buhara ýa Hywa tarapdanam hiç hili
çapawulçylygyň, alamançylygyň bolmajakdygyny buýsanç bilen aýtdy, özleriniňem
şolar ýaly hereketler etmeli däldiklerini duýdurdy.
Onuň: ors ýaragy türkmenlere asudalyk getirdi diýmegi häliden bäri içini
hümledip oturan Öwezgeldi batyra ýakmady. Onuň ýerinden towsup turaga-da: siziň
nähili asudalyk getireniňizi men bilýän, diýip gygyrasy geldi. Olar ýaly hereket
etmeli däldigine gözüni ýetirenden soňam Otjan kel ýaly bar zady bir özi bulaşdyryp
oturybermezlik üçin, ýüzüni bir gapdala sowdy-da, ajymtyk ýylgyrdy, iki eli
bilenem başyny tutdy.
Onuň içki howsalasyndan bihabar podpolkownik şol bir badyhowalygy bilen
sözüni dowam etdirdi.
– Biz bilýäs, az hem hossarsyz taýpa bolaňyzsoň siz köp horluklar çekipsiňiz,
bir gidipsiňiz, soň ýene gelipsiňiz-de ýene-de gidipsiňiz. Sebäbi sizi bu ýerde
oturtmandyrlar, oturtsalaram ynjaltmandyrlar. Molla Sähediň maňa aýtmagyna görä,
siz häzirem Zurabatda göz tussagy ýagdaýynda otyrmyşyňyz. Egerde tiz wagtyň
içinde göçüp gelibilseňiz welin, onda biz siziň şu ýerde ornaşmagyňyza kömek
ederis. Çünki, bu ýeriň indi Eýrana dahylly ýeri ýok.
Öňki gören görgüleriňiziň barysy geçmiş bolar. Siz erkin hem parahat
ýaşarsyňyz.
Alyhanow aýtmaly zatlaryny aýdyp boldum edeninden soň, özüňizem bir zat
aýdyň, diýýän manyda Teke hana tarap gaşlaryny gerip baş atdy.
– Bu ýere göçüp gelmäge biz ikelläp razy – diýip, Teke han endigine görä
ýuwaşjadan hem saldamly gürläp başlady – Owalebetde barymyzyň islegimizem
şol. Ýöne... Eýran hökümeti bizi o ýerden goýbermejeg-ä bor. Iň bolmanda algybergisini ara sokar. Şony birýüzli etmesek öz göwnümize-de jaý däl. Şonuň üçinem,
göç meselesinde siz bize nähili kömek edip bilersiňiz? Esgerleriňiz bilen baryp, alyp
gaýdyp bilermisiňiz? Bergimizden welin biz dänemizok. Haçanam bolsa biz ony
olar bilen üzülişeris.
Alyhanow çürt-kesik jogap berdi.
– Ýok! Ony biz edip bilmeris. Çünki, atly-ýaragly derýanyň aňyrsyna
geçmäge biziň hakymyz ýok. Ol ýerde oturan adamlary alyp gaýtmaga-ha asla-da
hakymyz ýok. Bu halkara syýasatyna ters gelýär. Bir döwletiň serhetini bozup içine
girmek, oňa uruş yglan eden ýaly bir zat bolýar...
89
Öwezgeldi batyr uludan demini aldy-da, ukudan açylan ýaly gözlerini açalakýumalak edip başyny galdyrdy, ýüzüni ynjyly çytdy-da öz-özi bilen gürleşýän ýaly
ýuwaşlyk bilen:
– Gökdepä çozanyňyzda, Gazawatda ýomutlary gyranyňyzda näme şol
düzgüni bilmeýädiňizmi... – diýdi.
Onuň bu sözlerini Alyhanow eşitmedi. Teke han bolsa eşitmezlige saldy.
Podpolkownige terjime edip bermändigi üçin molla Sähede minnetdarlyk duýgusy
bilen garady. Soň gazaply nazaryny Öwezgeldi batyra tarap aýlady. Alyhanow
sözüni dowam etdirdi.
– ... Ýöne ine, özüňiz başyňyzy çarap derýadan bäri geçibilseňiz welin, biz
sizi garşylabam, gorabam, bosgunlar hökmünde kabul edibem bilýäs. Oňa Biziň
hakymyz bar. Bu ýerde esasy zat siziň öz razylygyňyz we başarnygyňyz.
– Biz ony başararys – diýip, Teke han ynamly gürledi. – Biz göç-gona werziş
bolan adamlar. Şu ýere gelenimizden soň goraljagymyzy bilsek galan zadyň
hötdesinden geleris. Razylygymyz barada bolsa başda aýdyşym ýaly hiç hili gürrüň
bolup bilmez. – Ol öz wekillerine ýüzlendi. – Dogry dälmi adamlar?
– Dogry.
– Biz razy.
– Asyl biziň ýetip bilmän ýören arzuwymyz şol.
– Ak patyşaň ömri uzak bolsun.
– Özüňem sag bol.
Başga-da kän zatlaryň başy agyrdyldy. Iň soňunda wekiller egerde göçüp
geläýen ýagdaýlarynda özlerine ekin üçin nireden we näçeräk meýdan bölünip
beriljekdigi bilen gyzyklandylar. Mümkin bolsa şol ýerleri görkezmegini
Alyhanowdan haýyş etdiler. Teke han bolsa:
– Ýer-suw ýeterlik bolsa men ýeke bir Zirewedäki däl, eýsem Meýmendäki
begsilerem, sakarlaram Çärjewdäki salyrlaram, onda-munda ygyp-sogup ýörenlerem
Sarahsa ýygnaryn – diýdi. – Şoň üçinem, bize ýer köp gerek bolar.
Alyhanow şol günüň özünde olar bilen bilelikde Tejen derýasynyň sag
kenaryny syryp, Sarahsdan tä, Gyzylgaýa çenli aralykdaky ekin üçin ýaramly, suw
çekip bolaýjak ýerleri ýokarlygyna paý-pyýada aýlandy. şol ýerleri karta geçirdi.
Birnäçe bellikler etdi. Onam ikä böldi-de, günorta-gündogar bölegini Marydan
göçürilip getirilen we Zurabatdan geljek salyrlara, demirgazyk-günbatar bölegini
bolsa Teke hanyň aýdyşy ýaly ondan-mundan geljeklere berjekdigini aýtdy. Ýol
planşetini ýygnaşdyryp durşuna:
– Entegem bu ýerleri biz size çen bilen berýäs, geljek adamlaryň sany
köpeliberse, hemmä deň-derman bolar ýaly gaýtadan, başgaçarak bölmeli bolarys –
diýibem sözüni tamamlady.
Teke han oňa nämedir bir zatlar diýjek bolup çemelendi. Şol wagtam
gulagynyň agzynda Öwezgeldi batyryň ýuwaşjadan aýdan ýangynly sesi ýaňlandy.
– Ýazy akga, öz ýurdumyzda, öz ýerimizi, öz suwumyzy gaýry biriniň
özümize paýlap durşuny, öz zadymyzy kimdir birinden diläp alyp durşumyzy nähili
görýäň?..
Bu sözler ozaldanam jany ýanyp duran hana juda erbet täsir etdi. Gaňrylyp
Öwezgeldi batyra garanda ýüzünde gahar-gazap duýuldy. Oňa ýakmazsyz bir zat
90
diýäýerli göründi. Dodaklary müňküldäp, uzyn gara sakgaly tutuş süňňi bilen
bilelikde saňňyldady. Şeýle-de bolsa ýat adamlaryň ýanynda onuň bilen
dawalaşybermekden saklandy. Öwezgeldi batyryň bir özi eşider ýaly dişinden
syzdyryp, diýseň sowukganlylyk bilen şeý diýdi:
– Aýdýanyň dogry, Öwezgeldi. Ýöne, bir zady köp gaýtalaýaň. Onsoňam bu
mesele agşamky maslahatda çözüldi. Bir zat aýtmaly bolsa aýdyldy. Häzirlikçe
bizde şundan başga çykalga ýok. – uzyn göwre Öwezgeldi batyryň üstüne abandy. –
Ýa özüň şu ýerleri şundan soraman alyp biljekmi? Alyp beribiljekmi?
–Ýok, on-a edibiljek däl, Ýazy akga. Ýöne, meňkem bir jan durmazlyk.
Edýän sapalaklaryna gözüm ýetip duransoň dymmaga kararym ýetenok. Ine, şeýdip
assa-ýuwaş ýeriňi-ýurduňy, erkiňi-ygtyýaryňy mazaly eliňden alanlaryndan soň,
hanlygyňam eliňden alarlar welin, soňabaka şu eden işleriňe ökünip, puşman edip,
bir çetde kibtiňi gysar durarsyň.
– Aljak bolsalar şu gün alaýsynlar, batyr şu hanlygy menden. Elden gidenine
gynanar ýaly köşgi-eýwanly, bagly-bakjaly, arkasynda atly-ýaragly leşgerleri
direnişip duran sapaly hanlyk mende öňem bolmandy, häzirem ýok. Bolmazam!
Men bu zatlary hanlygyň keýpi bilen däl-de, ulusyň bähbidi üçin edip ýörün. Şony
şu zar-zelillikden, tükeniksiz göç-hä-göçlükden dyndarmak üçin öňüne düşüp ýörün.
Şol zatlaryň amala aşjagyna gözüm ýetse, men öz hanlygymdan şu günüň özünde
döwtalap el çekmäge-de taýyn.
– Ýa-ak, Ýazy akga, olar hanlygyňy senden bu wagt berseňem almazlar.
Sebäbi bu wagt sen olara gerek. Iň bolmanda öňlerine düşüp salyrlary Sarahsa
eltmegiň üçin gerek. Çünki, Sarahs bu wagt dawaly ýer. Olar ony Eýranyň elinden
almaklygyň tärini gözleýärler. Bizi şol ýere eltip, öz raýatlygyna-da salybilse, onuň
işi bitýä. Ýa-da sen olar bizi Sarahsa bolup ýörüşlerimize nebsi agyryp eltjek
bolýandyrlar öýdýäňmi? Ýa-ak, özlerine gerek bolandygy üçin şeýdýäler. Işlerini
bitirenlerinden soň welin, olar ýeke seň däl, ähli türkmen taýpalarynyň
hanlarynyňam hanlyklaryny ellerinden alarlar.
Teke han özüne erk etmek üçin beýnisine zor salmaly boldy.
–Şu gün bir halky batgadan alyp çykaly. Şu gün bir özümize bähbitli tarapyny
saýlap alaly, soňuny soň görübiris. Öz göwün islegimize görä hereket eder ýaly
bizde güýjem ýok, kuwatam. Bolaýanda-da bizem beýleki türkmen taýpalaryndan
gaýratly däldiris. Bularyň garşysyna şolaram durup bilmediler, bizem durup
bilmeris. – Teke han halys janyndan syzdyryp gepledi. – Senem indi mundan artyk
atyňam ýeke çapma, meň ýüregimem çişirme. – Han indi garaçyny bilen
gaharlandy. – Alyhanowa tarap baş atdy. – Ýa sen häziriň özünde şuň bilen “jirkmirk” bolmagymy isleýäňizmi? Sarahsa göçüp geljekgä, halk Zirewede galmak
isleýä, siz bilen il bolasy gelenok, diýeýinmi? Şeýdeýinmi? Şeýtsem halkyň mundan
buýanky ykbalyny öz egniňe alybilersiňmi?.. Irdim men indi seň şol “mydy-mydy”
gyjytly gürrüňleriňden.
Birneme öteräk geçenini aňan Öwezgeldi batyr hany şondan artyk
tolgundyrmazlyk üçin uludan demini aldy-da, bir gyra çekildi. Olaryň diýseň
dartgynly ýagdaýda bolup geçen dartgynly ýagdaýda bolup geçen özara gürrüňlerini
hiç kim eşitmedi. Molla Sähedem olara tarap gulaklaryny gabardyp durmady.
91
***
Hoşlaşmazlaryndan ozal Alyhanow salyr kethudalary bilen oturyp, göç
meselesini ýene bir gezek gutarnykly maslahatlaşdy, çugdamlasy. Gelnen netijä
görä, salyrlar-a haýal etmän, bu gün-erte Zurabatdan göterilmeli, Alyhanow bolsa
Pulhatyndan geçilen ýerde derýanyň sag kenarynda öz kazaklary bilen kömege
taýyn bolup durmaly. Her bir ediljek hereket, hususan-da göçüň ugrajak wagty
birek-birege iňňän takyklyk bilen ýetirilmeli. Üýtgeşiklik ýüze çykdygy habar
ibermeli. Eýran tarapy hiç zat duýmaz ýaly, mümkin boldugyndan gizlin hereket
etmeli.
Oňa çenlem Gün ýaşdy. Garaňky düşdi. Şondan soň wekiller-ä Zurabada
gitmek üçin Pulhatyna tarap ugradylar, Alyhanow bolsa öz ýanyna alan bäş-alty
sany soldaty bilen Sarahsa bakan gönükdi.
Ol häzir ýadaw. Ýatasy gelýär. Ukusy tutýar. Şonuň üçinem, oňa at üstünde
oturmak kyn. Şeýle-de bolsa, soňky iküç günüň içinde bitirilen işiň lezzeti, Onuň
Aly hezretleri Beýik Imperatoryň hatyrasyna indiki edilmeli işleriň süýjümtik
aladalary ondan entek-entekler gowşamazlygy, ruhuny sagdyn, bedenini berk
saklamaklygy talap edýär.
Daş-töwerek bolsa tüm garaňky. Diňe atlaryň gumaksy ýere urulýan tutuksy
toýnak sesleri, burunlarynyň “parryldysy”, käte-de özara gep alyşýan soldatlaryň
argyn sesleri eşidilýär. Aram-aram çyzylýan otluçöpleriň gyzgylt hem öçügsi
şöhlesi soldatlaryň ýadaw ýüzlerini sähelçe wagtlyk ýagtyldyp gidýär. Temmäki
tüssesiniň, onuň daşyna oralan kagyzyň ajymtyk ysy arassa howa ýaýraýar. Özüniň
çilim çekmeýändigi üçin bu ýagdaý Alyhanowa gaty bir ýarap baranok. Şeýle-de
bolsa sesini çykaranok. Özündenem bäş beter ýadaw soldatlara gaty-gaýrym hiç zat
diýenok.
Akmaýanyň ýoly açyk asmanyň ýüzünde öwrüm ýasap gözýetimde bir
ýerlerde ýitip gidýär. Daş-töwerekden çarlaklaryň irginsiz sesleri eşidilýär.
XII
Göçüň geňeşi
Alyhanowyň ýanyndan gaýdyp gelen gijeleriniň ertesi, Teke han-a Zurabatda,
Meňli hanam Garadepede her obanyň ownukly-irili tiredir-uruglarynyň
ýaşulylaryny, düzgünden çykmazlyk üçin Otjan kel ýaly her gezek duýduryş alyp
ýörenlere çenli ýygnap, göç meselesi boýunça öňküdenem has giňişleýin maslahat
geçirdiler. Mola Sähediň getiren habary, ýüze çykan ýagdaý, özleriniň şol mesele
boýunça Sarahsa gidip gelişleri, ors serkerdesi bilen bolan gürrüň, gelinen netije
barada giňişleýin gürrüň berdiler. Tä, goşlary daňmak pursaty gelip ýetýänçä göç
barada hiç kimiň, ýanynda dil ýarmaly däldigi bu gezek hem her kime iňňän berk
sargaldy.
Teke hanyňkyda ýygnananlaryň arasynda boýy keltejik bolansoň oturanynaturanyna göz ilmeýän, hor, burnunyň ujy çaýkeliňki ýaly patallagynyň üstüne
abanyp duran, ak köýnek-balagynyň üstünden ýakasy gyzyl syzgyly täzeje gök don
geýnen, başy gytygrak telpekli, Otjan kel ýaly bäş-on öýlüden ybarat öz hataryna
kethudalyk edip oturan, sözleriniň ýerini çalşyp, dürs gepläp bilmeýän köplenç
92
maslahaty bulaşdyrýandygy üçin, şular ýaly ähliumumy mesele bolaýmasa kän bir
çagyrylybam ýörülmeýän, orta ýaşdan agyberen bir kişi bardy, adyna Jumasapar
diýerdiler. Ine, öz ýagdaýyndan bihabar şol adam bu gezegem hamala maslahata
çagyrylan adammyşyn-da, gollaryny kelemelledip ilden öňürti söz aldyda, gamyş
beklenen ýaly hamçygrak görünýän gözlerini gymyldatman, boýnunam bir tarapa
gyşardyp, Tek hana ýüzlendi.
– Ýememi osoň, Ýazmuhammet, daşyljak güni göçmüşinmi oň?
Ýagdaýyna belet bolansoň Teke han onuň näme diýjek bolýanyny
gaýtalatjagam bolmady.
– Ýak, Jyma akga, daş däl. Başarsag-a häziriň özünde göterilibermeli welin,
oňa ýagdaý ýok, ýöne, aňry gitse üç gün.
Soragyna kanagatlanarly jogap alan Jumasapar monça boldy. Tumşugyny
taýzardyp daş-töweregine göz aýlady.
– Aý, bolýa-la oňňaly bolsa diýibem, endigine görä sag eliniň süýem
barmagyny burnunyň aşagyna syhap: – Hümh... – etdirdi-de, burnuny çekdi.
Yzyndaam: – Çü-ü-ýf – etdirip goýberdi.
Öňki maslahatlara gatnaşyp görmediklerem öňi bilen orak, algy-bergi
meselesini gozgadylar! Teke han olara-da gelnen netijäni düşündirdi. Garaz, göçe
garşy çykan bolmady. Gaýtam hemmeler begendi. Bir gynandyran zat-o-da
meseläniň ýaşrynlygy. Öýe baryp heleýiň ýanynda şolar ýaly sisetli gürrüňleriň
edilendigini şoňa hut özüňňem gatnaşandygyňy, pikiriňi aýdandygyňy aýdyp
bolmajaklygy.
Maslahat: Hut ertiriň özünde hem Zurabatda, hem Garadepede bir wagtyň
özünde uly toý tutulmaly. Şol toýuň şu ýerde tutuljagyny ýalawajyň barly
adamlarynyň biri, araky uly sadakany sowan Jumadurdy baý, Garadepedäkini bolsa
Meňli hanyň özi öz üstüne almaly, ana, şol toýlaryň şagalaňlarynyň arasy bilenem
galapyn ýekebaralary, hossarsyzlary, uly göçüň aýagyna eýermejek garry-gurtulary,
ýaş çagalary, agsak-towsak mallary serbazlaryň gözlerine güýdüşip ulagly-pyýada
ugratmaly. Esasy göç şol günüň ertesi agşam, ýarym gijeden soň göterilmeli, diýen
netijä geldi.
Maslahata gatnaşyjylaryň biri, abat mallaram şol kelte göç bilen sürülse soňky
göçe ýeňillik bordy, diýen teklibi orta atdy. Muňa Jumasaparam goşuldy.
– Howwa-aýt, şol-a biçeme däl-aýt. Çopana çekenlere şeý diýip, aýtsaň,
olaram şumatdan sürüberseler-ä kemem däl ýaly-aýt...
Ýöne, o pikir köpçülik tarapyndan goldanylmady.
Söz almaga çekinip, hiç zat diýmän turmaga-da namys edip oturan Otjan kel
maslahatyň soňlaberenini aňdy-da:
–Bäýipbä-ä-ä – diýip, süýkdürdi-de içini ýelden doldurdy. Hemmeler şoňa
tarap üşerilişdiler. “Errekgemen-nä-ä” diýerine sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. Ýöne,
o-da, şony duýup bilgeşleýin etdimi ýa ýöne, ekabyrlardan gep eşiderin öýdüp
çekindimi, garaz, köpçülik hernäçe garaşsa-da ol şol sözi aýtmady. Içine ýuwutdyda, dikilen gazyk ýaly aşak bakyp, sarsman oturdy.
Şondan soň adamlar turmak bilen boldular. Birdenem Teke han:
– Wiý-ý... – diýip, aýasy bilen buduna urdy. Entek turup ýetişmedik Begnazar
bilen molla Oraza ýüzlendi. – Nazarly mergene habar edilen däldir-ow...
93
– Şeýledir-ow şol... – diýip, Begnazaram ahmyrly seslendi. Dodagyny dişläp
başyny ýaýkady.
Teke han ýaňy bir gapa ýönelen Jumadurdy baýy ýanyna çagyrdy.
– Sen gaýrat et-de, Meňlä habar ýetir. Nazarly mergen şoň obasyna glaýdyr.
Goý, adam ibersin. Özi gitse-hä hasam gowy.
Jumadurdy baý derhal Garadepä tarap ýola düşmek bilen boldy.
Il örensoňam gitmän, bir zat aýtmakçy bolýan ýaly Teke hanyň töwereginde
köwejekläp ýören Abyt işan ahyry maý tapdy-da:
– Ýazy akga, Döwletdurdy tüýdükçiniňem-ä ýagdaýy agyrlaşýa... – diýdi. –
Birden şu ikortada nemedäýse dagy nemetmeli bormuka ýa nememi?..
Teke han şondan soň Abyt işandan başga ýanyna molla Oraz bilen
Begnazaram alyp, halyny sorap gaýtmak üçin Döwletdurdy tüýdükçiniňkä ugrady.
Gidip barýarkalar daşlaryndan syn edeniňde Teke hanyň göwresi
beýlekileriňkiden has belent, howaly göründi. Gür gara baglygyň içinde biten
ýalňyz derege meňzedi.
XIII
Döwletdurdy tüýdükçi
Apbas Mürzäniň Sarahsa eden çozuşynyň öň ýany Döwletdurdy tüýdükçi
ýigrimi bäş ýaşlaryndaky syrdam boýly, inçemik, ak ýüzli, burny gönümel, boýny
dutaryň sapy ýaly dik hem uzyn, goýun gözleri mähirli, görmegeý, alçak,
märekemän ýigitdi.
Ýöne, şeýle ýaşdygyna garamazdan, ol eýýäm ýeke bir Sarahsda, Ahalda,
Maryda ýa Pendi töwereklerinde oturan türkmenleriň däl, eýsem külli Eýranda hem
meşhurlyk gazanan ökde tüýdükçidi. Hususan-da ony Horasan welaýatynda oturan
parslar, azerbaýjanlar we kürtler özleriniň toý dabaralaryna köp çagyrýardylar.
Baryp-ha şol ýerlerde hem şeýle islegli bolmagyna onuň ýeke bir şol
halklaryň sazlarynam edil türkmen sazlary ýaly ussatlyk bilen çalmaklygy
başarýandygy däl, eýsem olaryň bagşylarynyň ýanynda sazandarlyk etmekligi hem
başarýandygy sebäp bolýardy.
Şolar ýaly çakylyklaryň hemmesine ýetişjek bolup ylgap ýörşüne onuň öz
obasynda tutulýan toýlara gatnaşybilmeýän gezeklerem bolýardy. Soňabaka-ha ol
asylam gatnaşykdan galdy diýen ýaly. Öz obadaşlarynyň ýat ýurtlarda hem gyzylyň
gyryndysy ýaly gereklenýändigi üçin, obadaşlary oňa başda buýsanýardylar,
begenýärdiler, o hakda biri-birleriniň ýanynda agyz suwardyşyp gürrüň edýärdiler.
Ýöne, soňabaka welin, onuň beýdip, ýat illerde-hä toý sowup, öz obalarynyň
toýlaryna-da gatnaşman ýörşi salyrlary kejikdirip başlady. Dost-ýarlary dogangaryndaşlary, esasanam ata-enesi özleriniň ýalňyz ogullaryny alada edip ugradylar.
Çünki, onuň indi aýlap, hepdeläp däl, hatda ýyllabam yzyna köwlenmeýän halatlary
bolýardy. Hossarlary diňe Eýrana söwda ýa ýitik gözläp gidýän obadaşlaryndan
kimdir biri o hakda habar getirip, diridigini, bir toýda saz çalanyny gözleri bilen
görendigini magat aýdanyndan soň köşeşýärdiler, eginlerinden ýük aýrylan ýaly
uludan demlerini alyp, biri-birleriniň ýüzüne ynjalykly nazar bilen garaýardylar, hoş
habar getireniň söýünjisini berýärdiler we ýerlerinden turup, işli-işlerine gidýärdiler.
94
Şu ýagdaý uzaga çekenden soň obadaşlaram kine etmäni goýdular-da, ýenede edil başdakylary ýaly oňa guwanyberdiler. “Jany sag bolup, biziň saz
sungatymyzyň şanyna şöhrat getirip, ony ýat illere ýaýyp ýörse bize şol bes...”
diýdiler.
Eýranda haýsydyr bir asly Sarahsly türkmen sazandasynyň iňňän
meşhurdygy, oňa öz toýunda saz çaldyrmak üçin men-men diýen gala hanlarynyň,
şäher begzadalarynyň özara nobata durýandyklary baradaky gürrüňler Sarahsyň,
Ahalyň üsti bilen Mara, ondanam Hywa, Buhara çenli baryp ýetende welin olaryň
öz sazandalaryna bolan guwançlarynyň çägini söz bilen beýan eder ýaly bolmady.
Agyzdan-agza geçip gelýän şol ýeldaýy gürrüňleriň berýän maglumatlaryndan çen
tutsaň, Döwletdurdy tüýdükçiniň gazanjam ummasyz ulumyşyn we günlerde bir gün
onuň öýlenmek üçin tirkeşi dokuzdan on hatar kerweni gyzyldyr-kümüşden mas
ýükläge-de, Sarahsa geläýmegem ahmalmyşyn.
Elbetde, ol gürrüňleriň gyzyldyr-kümüşli we kerwenli tarapy birneme
howaýyrak, berbesräk bolsa-da, onuň sungatyna, şöhratyna we dabarasyna degişli
taraplary çyndy. Çünki, türkmen sazandasynyň Horasan hanlarynyň arasyndaky
meşhurlygy baryp Eýran şasy Fethaly şanyň hut özüne-de ýetdi. Başda kän üns
bermedigem bolsa, häli-şindi gulagyna degip duran bu habar bilen şa ahyry içgin
gyzyklandy we emeldarlaryna buýruk berdi. Haýsydyr bir köşk dabarasynda diňläp
görenden soň, şanyň oňa göwni ýetdi. Sylag-serpaý etdi. Hoşlaşjak wagtam:
“Basym daşary ýurtlardan köp adam geljek. Uly dabara boljak. Şonda men seniňem
bolmagyňy, myhmanlara saz çalyp bermegiňi isleýän” diýdi.
Uly bir ýurduň patyşasynyň özi bilen şeýle içgin gyzyklanandygy, hünärine
uly baha berendigi üçin, tüýdükçiniň öz sungatyna bolan höwesi artyp kalbyndaky
hyjuwy derýa deý möwç urdy.
Bu habar edil günübirin bolmasa-da, öz döwrüniň hereket ediş
mümkinçiligine görä, basym türkmen topragyna, şol sanda Sarahsa-da baryp ýetdi.
Öz aralaryndan çykyp giden bir pukara ýigidiň şolar ýaly belent derejä
ýetendigini, şa mertebesine mynasyp bolandygyny “bismillä...” diýip, sag aýagy
bilen köşgüň bosagasyndan ätländigini eşidensoňlar-a onuň haçanam bolsa bir gün
hakykatdan-da altyn-kümüş ýükli kerweniň başyny çekip geljekdigine Döwletdurdy
tüýdükçiniň obadaşlarynda şek-şübhe galmady.
“Döwletdurdy tüýdükçiniň at-owazasynyň şeýdip, beýgelip barşyna
hemmeden beter begenýän, guwanýan, ýöne, onuň uzak wagtlap oba gara
bermeýänine halys ýüreginden gynanýan, kerwensiz, altyn-kümüşsiz bolsa-da,
egninde gara başyny göterip gelerine kaýyllyk bilen garaşýan bir ynsan bar, o-da
Ýazsoltan.
Ol asla-da, Döwletdurdynyň hiç haçan, hiç ýana gitmezligini isleýärdi, ony
kem-kemden özünden daşlaşdyryp barýan tüýdüginden gabanýardy. Her gezek ýat
ile ugradanda: “Indiberi köp eglenme. Her gezek kerwen geçse öňünden çykyp, tä,
Sarahsdan çykýança aýakýalaň gapdalyndan ylgap, jaň sesi eşidilse diňşirgäp ile
ryswa boldum...” diýýärdi. Şolar ýaly pursatlaryň birinde Döwletdurdam oňa: “Bor.
Şu gezekden soň kimden çakylyk gelse-de gitmen. Asla hiç ýere-de gitmen.
Sarahsdan çykman. Gelşim ýaly hossarlaryňa sawçy ibärin. Ine, onsoň toý tutarys95
da, ikimiz hemişe bileje ýaşarys. Maňa öz ilimiň toýdur-tomaşasam ýetik bor... –
diýipdi.
Ýöne, barybir tüýdük Ýazsoltandan üstün çykdy. Uly sungat iki juwanyň
arasyna düşdi. Bar zat garaşylyşyndan, ýaş tüýdükçiniň öz söwer ýaryna söz
berişinden, äht edişinden başgaça boldy. Ykbal olar bilen düýbünden başgaça oýun
etdi. Ara günler aýlar däl-de, ýyllar, baky aýralyk düşdi.
...Söz berşi ýaly Fethaly şa Döwletdurdy tüýdükçini basym köşge çagyrdy.
Resmi döwlet işi bilen daşary ýurtlaryň birinden gepleşige gelen myhmanlaryň
hatyrasyna gurlan oturylşykda ony hem öz aýdymçy-sazandalary bilen bir hatarda
oturtdy. Saz çaldyrdy. Köşk bagşylaryna sazandarlyk etdirdi.
Myhmanlarynyňam göwünleriniň ýetendigini görüp, şanyň Döwletdurda
bolan hormaty hasam artdy. Ençeme wagtlap ony öz ýanynda saklady. Häli-şindi
diňledi. Täze-täze aýdymdyr-sazlar döretmegini ilk-ä haýyş, soňam talap etdi.
Şeýdip barşyna ol türkmen sazandasynyň özi bilenem, sazy bilenem şeýle bir
öwrenişdi welin, asla ony ýanyndan goýberesi gelmedi.
Bir günem saz diňläp, “bag-bag” açylyp oturan wagty ol Döwletdurda köşkde
ymykly galmaklygy teklip etdi. Egerde şoňa razy bolsa ep-esli engam, mülk, mal,
pul, hemişelik wezipe, aýlyk wada berdi.
Onuň pikiriçe, döwletsiz, diwansyz, ondan-oňa göçüp-gonup ýören çarwa
halkyň içinden çykan sada ýigit özüne edilen bu teklibi elýetmez bagt saýmalydy,
begenmelidi, şanyň aýagyna ýykylyp, tozuny gözüne sürtmelidi, ömürboýy
hyzmatynda boljakdygyny aýdyp, bagtyýarlykdan ýaňa gözlerinden ýaş dökmelidi.
Emma, Döwletdurdy tüýdükçi şany haýranlar galdyryp, eden bu teklibinden
ýüz öwürdi. Ýöne, diýseň sypaýyçylykly sözledi. Ýerinden ör turup barmaklary
bilen bagyr basdy. Baş egdi.
–Bildiren
ynamyňyz,
beren
wadalaryňyz,
öňki-soňky
eden
elmaýyşlyklaryňyz, şeýle belent mertebä mynasyp görendigiňiz üçin Taňry
ýalkasyn, şahy älem! Döwletiňiz artsyn. Rysgalyňyz yrylmasyn. Ýöne, men bu
ýerde galyp biljek däl. Göwnüm gije-gündiz türkmen sähralyklaryny, onuň özüm
üçin mähriban adamlaryny, dogan-garyndaşlarymy, dost-ýarlarymy küýseýär. Toýtomaşalaryny, ula goýberilen ýüwrük atlaryny, uruşgan itlerini, sarç inerlerini
göresim gelýär...
Şa uly göwresini kiçeldip oňa töwella etdi.
–Weý, göresiň gelse, sen islendik wagty öz obaňa gezelenje gidip bilersiň.
Men oňa asla garşy bolman. Dagdan aşan ýeriň öýüňdir-dä, näme...
–Gowusy siz islän wagtyňyz çagyryň, men gelip size hyzmat edip gideýin.
Onsoňam... – Döwletdurdy tüýdükçi esli wagt oýurganyp oturdy. – Onsoňam ol
ýerde meň ýoluma garap oturanym bar.
–Gyzmy?
–Howwa.
–Men saňa bu ýerden ondan-da gözel gyz tapyp bererin...
–Men oňa söz berdim, şahy älem. Sözüňden dänmek bolsa dowzaha barabar
ýaman işmişin...
96
–Onda men ony şu ýere getirip, saňa nikalap bereýin. Toý tutaýyn. Harajatyny
özüm çekeýin...
–Muňa ol gyzyň özem, ata-enesem razy bolmaz.
–Ata-enesini razy etmek üçin men olaryň islän zadyny bereýin. Agramlarynaagram altyn çekmelem bolsa gaýgyrman. Özi barada aýdanymyzda bolsa, seni
söýýän gyz muňa razy bolman bilmez. Seniň üçin ol islendik ýere, hatda dowzahada razy bolar.
Döwletdurdy tüýdükçiniň agzyna gelenem şu boldy. Ol uludan demini aldyda, göwnüne hiç zat getirmän:
–Dogry aýdýaňyz, şahy älem, ol gyz dowzaha razy bolar, ýöne, bu ýere
bolmaz... – diýdi.
Şa ýaryldy.
–Näme sen indi meniň ýurdum dowzahdan-da ýamandyr diýjek bolýaňmy?..
Döwletdurdy ýalňyşandygyna indi düşündi.
–Ýok! Ýok! Beý diýjek bolamok, şähy älem! Men ýöne öz obasyndan
çykmaz diýjek boldum― diýip, özüni aklara bahana gözläp başlady.
Şa welin indi gazabyny gizlejegem bolmady.
–Sen bir gadyrbilmez nadan ekeniň! Şu ýurt seni adam etdi. Şöhratyňy
beýgeltdi. Şu ýurduň halky seniň adyňy arşa göterdi. Indem sen bu ýurdy-ha
dowzaha, onuň adamlaryny bolsa dowzahylara meňzedip otyrsyň. – Ol ýerinden
turdy-da, gazabyna bäs gelibilmän iki ýana gezmeläp başlady. – Asla bu hakda men
saňa maslahat salmanam bilerdim. – Teklibiniň ret edilmegini öz hyzmatkäri
tarapyndan kemsidildigi hasap eden şanyň, gazaby gitdigiçe joşdy. – Ýasawul! –
Işikde iki sany ýasawul peýda boldy. – Tä, köşkde galmaga razy bolýança zyndanda
saklaň. Onda-da bolmasa, yzyny tapmaz ýaly, tapaýanda-da il-gününi, ýurduny
görüp guwanmazy ýaly iki gözünem oýuň-da, paý-pyýada dagdan aşyryp
goýberiň!..
***
Dört ýyl zyndanda otursa-da, Döwletdurdy tüýdükçi köşkde galmaga razylyk
bermedi. Watanyndan dänmedi. Zaryny welin çekdi. Has beterem Ýazsoltan üçin
çekdi. Onuň bu halyna dözmän zyndanda bile oturan pars adamlaryndan: “sen
barybir bu ýerden çykyp bilmersiň, byradar. Ýazsoltanam görübilmersiň. Şoň
üçinem, derhal köşge razy bol-da, bu ýagdaýdan dyn, hem-ä görer gözüňi halas
edersiň, hemem söýgüliňe gowuşarsyň” diýenleri köp boldy. Emma, sazanda olar
bilen ylalaşmady. “Heý, çöl jereninem bir köşkde saklap bolarmy? Hiý, sähra
bilbilinem bir kapasa salyp bormy? Bu olaryň ikisi üçinem ölme barabar ahyry”
diýdi.
Şeýle-de bolsa, ol günlerde bir gün hakykatdan-da şanyň ikinji buýrugynyň
ýerine ýetirilerinden, gözüniň oýulyp il-gününi, Ýazsoltany görmekden ömürlik
mahrum bolaryndan gorkýardy. Şonuň üçinem, Hudaýdan bir gudrat döräge-de, bir
söý bilen özüniň zyndandan çykaryny, jezadan halas bolaryny dileýärdi.
Entek zyndana düşmänkä başlanan Eýran-Orsyýet urşunyň tamamlananynam,
Apbas Mürzäniň Sarahsyň üsti bilen Mary sebitlerine ýörişe hyýallanýanynam,
Sarahsy çapanynam, ylatyny gyryp, mallaryny talanynam, diri galanlarynyňam
97
Ýolötene tarap bosup, müňlerçesiniň Eýrana sürüleninem Döwletdurdy tüýdükçi
zyndanda otyrka üzlem-saplamragam bolsa eşidipdi. Bi oňa ölümdenem beter täsir
edipdi. Öz ýakyn adamlarynyň, Ýazsoltanyň Eýrana sürlüpdirmi, Ýolötene
gidipdirlermi, ýa öldürilipdirmi, nä hala düşendiklerini bilmän gije-gündiz gan
aglady. Zyndanyň sowuk hem daş diwarlaryna ura-ura maňlaýyny ýara etdi.
Ilki şazada Apbas Mürzäniň, bir ýyldan soňam Fethaly şanyň özüniň
ýogalandygy barada yzly-yzyna, duýdansyz diýen ýaly ýaýran habaram ony
köşeşdirmedi. Iň ýamanam ol wakalar tüýdükçiniň ykbalyna täsir etmedi. Çünki, şa
ölse-de, onuň permany öz güýjünde durdy. Ol bendihananyň uly işgärleriniň biriniň
demir sandygyndamy, ýa köşk diwanyndamy, garaz bir ýerde üýtgewsiz halda
ýatyrdy.
Her niçik hem bolsa özüniň söýgüli sazandasyny beýle birehimlik bilen
jezalandyrmaklyga Fethaly şanyň ýüregi gyýmadyk bolsa gerek, ýogsam geçen
möhlet ony synagdan geçirerden, bellisini ederden, hökümi ýerine ýetirerden has
köpräkdi. Belki, ol ölmezinden öň özüniň şol ýowuz permanyny üýtgedendir?
Belki-de, ýatyrandyr? Egerde şeýle bolsa onda ol Döwletdurdy tüýdükçä aýan
ediläýmeli, boşadylaýmalam ýaly.
Umuman bu ýerde düşünişmezlik, nämälimlik kän. Ýöne, ine indi Fethaly
şanyň özi ölenden soň nähili bolar? Ykbal indi haýsy tarapa öwrüm eder, ol belli
däl. Çünki, şanyň ölmi bilen baglylykda hem ýurtda, hem köşkde, hususanda
hemişekisi ýaly Horasan welaýatynda dörän syýasy gowuşgynsyzlyk zerarly ol
zatlara hiç kimiň eliniň ýetmezligem mümkin. Şonuň üçinem, haçan serediljegem,
haçan bellisiniň ediljegem, şunça ýyllara çeken garaşmak gussasynyň haçan
gutarjakdygam belli däl.
Ýöne, her zadyň iki tarapy bar diýleni. Şol başagaýlykdan peýdalanyp, öň,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Salyr soňy Sarahs - 11
  • Parts
  • Salyr soňy Sarahs - 01
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1934
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 02
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2124
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 03
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2050
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 04
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2071
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 05
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2025
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 06
    Total number of words is 3598
    Total number of unique words is 2050
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 07
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 08
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2149
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 09
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2090
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 10
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2191
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 11
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2249
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 12
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2265
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2152
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 14
    Total number of words is 3630
    Total number of unique words is 2157
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 15
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2230
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 16
    Total number of words is 3672
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 17
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2238
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 18
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2222
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 19
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2213
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 20
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2042
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1620
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.