Latin

Salyr soňy Sarahs - 16

Total number of words is 3672
Total number of unique words is 2092
34.0 of words are in the 2000 most common words
48.1 of words are in the 5000 most common words
55.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
– Men ötermen, iýer-içer ýaly zat berseňiz, töwür galdyryp ýoluma gitjek.
Oturan ýeri ýolugry bolansoň, Nazarly mergeniňkä sowlup, aýak üstünden
tomus bolsa bir okara suw içip, gyş bolsa ojak başynda ýylnyp, juda ýadaw bolsalar
bir gije myhman bolup gidýänlerem bolman duranokdy.
Pars bolsun, türkmen, kürt ýa azeri bolsun, tapawudy ýok, Nazarly mergen
olaryň hemmesinem höwes bilen kabulam ederdi, ugradybam goýbererdi.
Bu geleniň welin daşky sypatyna garamazdan tüýsi bozuk, ýüzi-gözi sowuk
göründi. Ol hatda Nazarly mergeniň: “Nireden gelip nirä barýaň? Aslyň nireden?
Kimlerden? Haýsy galadan?” diýen soraglaryna hem belli bir jogap berip milmedi.
Iň bärkisi töwerekdäki galalaryň, şol galalardaky ady belli adamlaryň atlarynam
aýdyp bilmedi. Şol bir sözüni gaýtalap, “haňk-huňk” etdi durdy. Pars dilinde suwara
gepläp durandygyna garamazdan, Nazarly mergeniň käbir sözlerine
düşünmediksirän boldy. Birsyhly ýüzüni sypajaklatdy. Daş-töweregine
garanjaklady. Özüne berlen soraglara dogry jogap beribilmändigine garamazdan,
maý tapdygy osmakladyp, ony-muny sorady. Her niçik hem bolsa Nazarly mergen
öz edähedini bozmady. Birden, müňkürlik edip günä galaýmaýyn, diýdi-de, ony
işikdäki sypanyň üstünde oturdyp çörek berdi. Gapdaly bilen gowurdak, täzeje
saglan süýt, gatyk goýdy.
148
Hasan ilk-ä haýal iýdi. Soňam söz berşi ýaly töwür galdyrdy. Ýöne
gidibermedi. Töweregine ýaltaklap oýkanjyrady oturdy. Aşaklyk bilen mergeniň
çagalaryny synlady. Nopary dagy gözleri bilen iýäýjek boldy.
Muňa Nazarly mergeniň özündenem beter ogullarynyň gahary geldi.
Esasanam uly ogly Arslan kejigip başlady. Ol kakasynyň ýanyna bardy-da, agzyny
gulagyna golaýladyp:
– Kaka, gel günä galýanam bolsak şuny irgözinden kowaly-da dynaly-la... –
diýdi.
Nazarly mergen welin şonda-da giňlige saldy.
– Elbetde, biçäre däldig-ä belli, ýöne, nämede bolsa bir gezeklikçe
myhmançylyk hatyrasyny saklaly – diýdi. – Galanynam görübiris, belki gaýdyp
aýak sekmäýedi-dä...
Eýtdi, beýtdi Nazarly mergeniň adamkärçilikginden peýdalanyp Hasan şol
gezek ýatyp gitdi. Ýöne uzak gitmedi. Üç-dört günden soň ýene-de geldi. Özem
düýbünden başga adam bolup geldi. Üsti-başy gurat. Gepi-sözi hökümli. Atly,
ýaragly. Düýnjügem çorbasy akyp, çylpyklap duran gözleri indi ýanyp dur.
Nazarly mergen ilk-ä ony tanamajak boldy, atdan düşüp ýanyna gelenden soň
welin takyk jogap sorady.
– Sen, ýigit, rastyňy aýt, kim bolarsyň? Bu daglaryň içinde näme işläp ýörsüň.
Gaçgakmyň? Garakçymyň? Ýa gandar bolup iliňden çykdyňmy? Ar-namysa galyp,
kasas ýoluna düşdüňmi? Aýt! Aýtsaň gowy görerin, ýagdaýyňa düşünerin, elimden
gelse kömek ederin, aýtmasaň gaty görerin, gümana giderin, çünki, men kime duzçörek, törümden ýatara ýer berýänimi bilmeli.
Hasan atynyň jylawyndan tutup durşuna sowuklaç ýylgyrdy.
– Men ötegçi.
– Sen öňki gezegem şeý diýdiň. Emma ötüp gitmediň, ine, ýene-de geldiň...
– Men seniň dostuň.
– Dogrusyny aýtmaýan adam meniň dostum däldir.
– Dogrymy aýtsam dost bolarmyň?
– Dogryň aňyrsynda gowulyk ýatan bolsa bolaryn.
– Onda bilip goý, şundan şeýläk şu jelagaýyň hojaýyny mendirin.
– Hojaýynlyga ýaman basym ýetişipsiň-le, düýn-öňňünem-ä...
– Alla berse bir günde-de boluberýän ekeni, mergen aga...
– Diýmek onda öz günüňi özüň görerçe bolupsyň-da?
– Şeý diýseňem boljak.
– Onda gaýdyber. Meň gapymy bolsa ömürlik unut.
Hasan şol bir it ýylgyryşy bilen yzyna öwrüldi. Atyna mündi. Mergeniň
üstüne abanyp durşuna dişinden syzdyryp gepledi.
– Ýalňyşdyň, mergen aga, gaty ýalňyşdyň. Meni kowmaly däldiň. Dost
bolmalydyň. Dost bolan bolsaň rahat ýaşardyň. Hälem bolsa meň ýaňky aýdan
sözlerim hakda pikir et, şu töweregiň awlagam, awam, awçylaram maňa degişlidir.
Ol gidenden soň Nazarly mergeniň ýadyna üç-dört gün bäri ýolda-yzda
duşýan tanyş-bilişlerinden eşiden gürrüňleri düşdi. Olar täzeden bäri oba arasynda,
öri meýdanlarynda ogurlygyň köpelendigi, birnäçe öýlerden bolsa hatda ýatakda
duran atlaryň alnyp gidilendigi barada howsalaly gürrüňler aýdýardylar. Köpden
149
bäri beýle zatlaryň bolmaýandygy, Seýdylla hanyňam telim ýola Maşada gidip
gelendigini, birnäçe gezek bolsa özüniň şol ýere çagyrylandygyny, şu mesele bilen
Tähranda oturan jenaplaryňam yzygiderli gyzyklanyp durandyklaryny howsala bilen
habar berýärdiler. Nazarly mergeniň çagalarynam alyp iň bolmanda wagtlaýynça
obalaryň birine siňmegini maslahat berýärdiler.
Hasanyňam şol gürrüňi edilýän ogrulara dahyllydygyna Nazarly mergen
dogrusy birbada ynanmajak boldy. Ynanandan soňam ol barada gürrüňleşmek üçin
“Çeşmelä”, Seýdylla hanyň ýanyna gitmekligi ýüregine düwdi.
Ertir ugraýyn diýip oturan gijesem garaňkylygyň içinden ilk-ä at aýaklarynyň
“dükürdisi” soňam Hasanyň sesi eşidildi. Hä diýmänem üç-dört sany atly gapa gelip
saklandy. Hasan Nazarly mergenden özleriniň öýe goýberilmegini, aş-suw
berilmegini sorady.
Nazarly mergen onuň aýdýanlaryna ünsem bermedi-de, at üstünde oturan
ýigitlere ýüzlendi.
– Byradarlar! Hasana-ha öň aýtdym, ine, size-de aýdýan. Men sizden bir
döwüm nanymy ýa bir okara çalymy gysganamok. Ýatyp gideniňizem ýokuş
göremok. Ýöne, siz kim? Maňa ine, şony aýdyň!..
– Biz siziň bilen dost boljak mergen aga – diýip, ýigitleriň biri seslendi. –
Ýadap gelen wagtymyz ýatara ýer berseňiz, naharlasaňyz, oba arasyndaky
täzelikleri, gep-gürrüňleri ýetirip dursaňyz bize başga zat gerek-gä.
Nazarly mergen pert-pert gepledi.
– Men ters däl-de, dürs ýolda gezýänleriň dostudyryn. Çagalarymam şeýledir.
Şol wagt bir iş bilen Noparam daş çykdy. Derrewem yzyna girdi. Mergene
dostluk teklip eden ýigit ony çalaja hem bolsa saýgarmaga ýetişdi.
– Gowy çagalary bar, diýip, bizem eşitdik. Hasan aýtdy. Şu ýerde bir mergen
bar, gowy adam, çagalary özündenem gowy diýdi. Şoň üçinem geldik. Iň bolmanda
şu gezeklikçe bir bizi myhman al.
– Men aýtjagymy aýtdym – diýende Nazarly Mergeniň sesi çalarak
sandyrady. – Bir zady köp gaýtalaşyp durmagyň bolsa mazasy ýok. Gowusy daglara
gidiň, gaýalara siňiň, ýöne... – Nazalry mergen öňküsindenem has saldamly gepledi
– ... Ýöne, daglaram diňe mertlere hossar çykýandyr, namarda ogra-jümrä, ejize
ganyma goýnundan ýer berýän däldir. Çöl, gyr, suwam şeýledir. Çünki, dagda
Dolaýman, suwda Süleýman bardyr. Çölde Hydyr gezýändir. Eýesiz meýdan,
soragsyz iş ýokdur. Päli bozuga ne arşda, ne kürsde orun ýokdur. Şonuň üçinem,
men sizi öýe-de çagyrman.
Çagyrylmadyk myhmanlar tä, Nazarly mergen gepläp bolýança seslerini
çykarman, eýeriň üstünde oýkanjyraşdylar oturdylar. Onuň aýdýanlary bilen
ylalaşmaýandyklaryny aňlatmak üçin birsyhly başlaryny ýaýkaşdylar, ýakymsyz
ýylgyryşdylar, biri-birlerine syrly hem soragly seredişdiler. Arasynda Hasan
ýaragyna ýapyşjak boldy, emma mergeniň iki oglunyňam supadan aýaklaryny
sallap, aw tüpeňlerini gujaklap oturyşlaryny garaňkylygam bolsa aňşyrdy-da, elini
yzyna çekdi. Göwnüne bolmasa açyk gapydan görünýän öçügsi çyranyň ýagtysyna
çala sudury saýgardýan Noparyňam elinde tüpeň bar ýaly göründi.
150
Şondan soň Hasan hyrçyny dişläp başyny ýaýkady-da, ur-tut atynyň başyny
gelen ugruna bakan öwürmek bilen boldy. Beýlekilerem sessiz-üýnsiz onuň yzyna
düşdüler.
Özleri gerişden aşyp, ýaňy dogup gelýän aýyň ullakan, gyzgylt hem gorkunç
keşbiniň içine siňip, at toýnaklarynyň dag daşlaryna degip edýän “tak-tuk” seslerem
doly ýitip gidenden soň Nazarly mergen uludan demini aldy-da, oglanlarynyň
ýanyna bardy. Şübheli adamlaryň gidendiklerini aňyp Noparam öýden çykdy.
– Şun-a oňardyň, kaka – diýip, Arslan kesgitli gürledi. – Başda şeýden
bolsaň-a hasam gowy bordy.
– Her zadyň öz wagty bardyr, oglum. Eşidişime görä olaryň gözlegi-hä,
güýçlümişin welin... Şonda-da... Bu barada men ertir Seýdylla han bilen gürleşip
geleýin – Ol nazarymy duýmasyn, diýýän ýaly, aşaklyk bilen gyzynyň ýüzüne
seretdi. – Çakym-çak bolsa indi olar bizi bu ýerde ynjaltmazlar. – Mergen uludan
demini aldy.– Bize-de oba göçmäge wagt bolaýdy öýdýän.
Çagalarynyň hiç birinden ses çykmady. Bu olaryň üçüsiniňem kakalary bilen
ylalaşýandyklarynyň alamatydy.
...Alynmadyk myhmanlar gaýdyp geläýjek ýaly Nazarly mergen uzynly gijäni
çirim etmän geçirdi.
Ertesi irden çagalaryna ýol şaýyny tutup oturmaklarny tabşyrdy-da, özi hem-ä
tanyş-bilişleri bilen algy-bergilerini hasaplaşmak, hemem hoşlaşmak, şeýle-de aýak
üstünden Seýdylla hany görüp gaýtmak üçin iň gowy atlarynyň birini münüp,
ýaragyny dakynyp pars obalaryna tarap ugrady.
Obalaryň golaýrakda oturanlaram, ep-esli daşlykda ýerleşenlerem bar. Ýöne
dag ýeri bolansoň, iň golaý oba çenlem öwrümli ýollar bilen kä jülgä inip, kä kert
gaýalaryň gyrasy bilen ýokary çykyp, kötel ýollardan geçmeli. Üstesine ýol ugrunda
her daşyň ýa öwrümiň aňyrsyndan düýnkiler “zompa” çykaga-da, öňüni gabaýjak
ýalam bolup dur. Şonuň üçinem, Nazarly mergen tüpeňine ok sürüp, elinde häzirläp
barýar. Hüşgärligi elden berenok.
Ýöne, ol özündenem beter öýde galan çagalaryny gaýgy edýär. Ýeke goýup
gaýdandygyna ökünýär. “Wah, oňarmandyryn” diýip, pyşyyrdaýar. “Näme,
hemmesini yzyňa tirkäp gaýdyberjekmidiň, ýa olar entegem çagamy” diýip,
arasynda öz-özüne göwünligem berýär.
Ine-de ol ilkinji pars obasynyň depesinden indi. Aragatnaşyk edýän
adamlarynyň öýüne baryp salamlaşdy, hal-ahwal soraşdy.
Tanyşlary onuň harytsyz gelendigini görüp geň galdylar. Kimde bergisi bar
bolsa berip, algysyny soraman, ur-tut ugrajak bolşuny hasam geňlediler. Sebäbini
soradylar. Göçmekçi bolýanyny eşidip gynandylar. “Olar ýaly bolsa aýtmaly ahyry
diýşip, ýerli-ýerden bergilerini bermäge başladylar. Indiki gezek geleninde
hasaplaşaryn diýip, arkaýynlyga salyp duranlaram goňşy-golamlaryndan karz alyp,
doly hasaplaşdylar. Umuman onuň geçirimliliginden, aljyraňňylygyndan
peýdalanmaga hyýallanan adam bolmady...
Şeýdip, goňşy oturan obalarynyň ählisine aýlanyp çykandan soň, Nazarly
mergen “Çeşmelä” tarap ugur aldy.
151
Obalaryň iň daşam şol. Şeýle-de bolsa gün gaty gijikmänkä Nazarly mergen
Seýdylla hanyň derwezesiniň agzynda häzir boldy. Kakdy. Hyzmatkär ýigit ylgap
geldi-de at tutdy. Han aganyň bir ýere ugramakçy bolup durandygyny aýtdy.
Oňa çenlem Seýdylla hanyň haýbatly sesi eşidildi.
– Gulam! Dan inja ki hast?1
Nazarly margan, agaýy Seýdylla!
Biýa ýid2!
Han hakykatdan-da dört-bäş sany serbaz bilen bir ýana atlanjak bolup duran
ekeni.
Ol köne dostuny güler ýüz bilen garşylady. Serbazlaryna biraz
garaşaýmaklygy tabşyryp myhmany bilen salamlaşdy. Gujaklaşyp görüşdi. Egerde
howlukmaç bolmasa işini goýbolsun edip myhman aljakdygyny aýtdy. Gulama
mergeniň atyny teblehana eltmekligi, öňüne ot dökmekligi, suwa ýakmaklygy
tabşyrdy.
Nazarly mergen garaçyny bilen onuň mürähedinden ýüz öwürdi.
– Ýok, ýok! Ýoluňdan galma. Işiňi irikgä etme... Men özümem gyssagly.
Onda-da juda gyssagly.
Şondan soň ol Seýdylla hana Hasan we onuň ýoldaşlary barada gürrüň berdi.
Jelagaýda şeýle şübheli adamlaryň peýda bolanlygyndan habarynyň bardygyny ýa
ýokdugyny sorady.
– Bar,bar, habarym bar, mergen. Habarym bolansoň ine, nökerlerim bilen
atlanjak bolup durun-da. Olar garakçylar. Döwlet derejesindäki jenaýatkärler.
Üçüsem golaýda zyndandan gaçypdyrlar. Bäş-on gün biri-birlerinden aýratynlykda
ygyp-tozup gezipdirler. Indem birleşipdirler. Özlerini tutupdyrlar. Ogurlyk bilen at,
ýarag edinipdirler. Şeýle maglumat bar, ýöne, tapybilemizok. Maşatdan gelibem şu
töweregi elek-soňy edip gitdiler. Wagtynda tutulmasalar özleri ýalylary daşlaryna
ýygnap köpeläýmeklerem, has howply duşmana, ullakan güýje öwrüläýmeklerem
ahmal. – Seýdylla han uludan demini aldy-da ahmyr bilen başyny ýaýkady. – Wah,
egerde şu habaryňy bize başda ýetiren bolsadyň onda biz olary şo wagtlar ele
salardyk.
Nazarly mergen bar zada özi günäkär ýaly aşak bakdy.
– Näbileýin-dä.. Edil beýledirlerem öýtmedim-dä...
– Zyýany ýok. Geleniň gowy boldy. Özüm habar edeýin diýip ýördüm. Şolary
bir ýüzli edýänçäk sen gitde, çagalaryňy şu ýere getir. Ýeke özüň o ýerde oturmak
häzirlikçe seň üçin howply.
– Dogry. O hakda men özümem köp pikir etdim. Çagalarym bilenem
maslahatlaşdym. Biz ýöne, özümiziňkilere tarap süýşermikäk diýýän. Ymykly.
Çünki, çagalaram ýetişdi. Olary ile goşmak gerek. Esasanam...
– Düşünýän, mergen, düşünýän. Dogry pikir. Olaryň aladasyny sen etmeseň
kim etsin. Ýöne, howluk...
1
2
Kim bar ol ýerde, Gulam? (parsça)
Gelsin (parsça)
152
Nazarly mergen han bilen dostlarça, doganlarça hoşlaşdy-da, atlanmak bilen
boldy. Ýolboýam öýi, çagalary, telim gün bäri at tezegini guratman, gelip-gidip
ýören garakçylar barada pikir etdi.
Ol diňe öýüne gelip, çagalarynyň aman-esen girip-çykyp ýören diklerini gözi
bilen görenden soň köşeşdi. Ýüregi ynjaldy. “Hudaýa şükür” diýip, uludan dem
aldy. Öý goşlarynyň aglabasynyň edil aýdyp gidişi ýaly taýýar edilip goýlandygyny
görüp begendi. Atyndasn düşüp jylawy öňünden ylgaşlap çykan Nurynyň eline
tutdurdy. Ikindiniň kölegesinde “üşäp” duran jürdekden bir jüňňül suw alyp içdi.
Azajygyny derläp duran boýnundan guýdy. Kellesinden akytdy. Suw syrygyp onuň
öňdenem derläp duran ak köýneginiň arkasyny, döşüni öljüretdi. Oňa çenlem
çagalary daşyna üýşdi.
– “Ýagydan ýaý boýy” diýipdirler, taýyn bolan bolsaňyz öňümiz-ä gijedir,
ýöne, ertir ir bilen göterileliň.
Şol wagtam Nazarly mergeniň gözi aşaky jülgäniň içi bilen öz öýüni nazarlap
gelýän üç sany atla düşdi. Tanajak bolup göreçlerine zor saldy. Usullyk bilen
ýerinden turdy. Arslan bilen Nury ikisi kürsäp içeri girdilerde, hersi öz tüpeňlerini
alyp çykdylar. Noparam kakasynyň tüpeňini getirip berdi. Gapa tarap ýaňadandan
öwrüldem welin, kakasynyň:
– Bular özümiziňkiler ýaly-la – diýen sesini eşidip sakga saklandy. –
Ýaraglaryňyzy ýygnaň. – Ol henizem gapyda ýaýdanjyrap duran Nopara tarap
gaňryldy. – Al, gyzym, meňkinäm öýe sal.
Gelýänler dogrudanam onuň öz obadaşlary deň-duşlarydy. Bir-ä Meňli han,
ikinjisi Gumman, üçünjisi bolsa Pataş. Soňky ikisi ölemen awçy. Maryda oturylýan
döwürlerem Nazarly mergen bilen Badhyz taraplaryna gidip aw awlardylar. Telim
günläp dagda-düzde ýazy ýatýan gezeklerem az bolmaýardy. Özlerem ol döwürler
awy tazy bilen awlaýardylar.
Bir gezek aw wagty, Pataş we onuň tazysy bilen bagly bolup geçen bir waka
ýadyna düşende Nazarly mergen özünden biygtyýar çalaja ýylgyranynam bilmän
galdy.
...Şonda ilk-ä uzak wagtlap awçylaryň awy oňmady. Awy oňmadyk
awçynyňam keýpi özüňize belli. Biri-birlerine igenişip, hüňürdeşip bolup bilenlerini
boldular.
Birdenem öňlerinden şahlary burum-burum ullakan dag goçy çykdy.
Awçylara gözi düşendenem özüni arkan zyňdy. Bäş awçynyň barysy birden
tazysyny boşatdy. Tazylar ýüwrüşip goçuň çykan gaýasyna çykdylar, aňyrsyna
geçdiler we ala-goh bolşup entek doly gözden ýitip ýetişmedik göçüň yzyna
düşdüler. Kem-kemdenem aralaryny ýygjamlaşdyrdylar.
Goç bir kert gaýanyň gyrasyna baryp durdy. Jabjynyşyp gelýän tazylara tarap
gaňrylyp seretdi. Birdenem özüni gaýadan dikbaşaşak goýberdi.
Ähli tazylar kertiň gyrasyna gelip, kürtdürişip durdular welin, Pataşyň tazysy
säginjegem bolmady-da, gelşi ýaly özüni goçuň yzy bilen aşaklygyna zyňdy
goýberiberdi. Goç-a endigine görä şahynyň üstüne düşdi-de, birki gezek togalanyp,
ýüzüniň ugruna turdy ötägitdi. Tazynyň welin daşdan-daşa degip her tikesi gulagy
ýaly boldy. Awçylar aýlanyp-öwrülip gelýänçäler onda dem-düýt galmady. Ýatyr,
hereketsiz gözlerini giňden açyp.
153
Esli wagtlap hiç kimden ses çykmady. Ahyram uludan demini aldy-da,
ümsümligi Pataşyň özi bozdy.
– Häý, jenewer, saňa näme iki paý berilýämi diýsene, iliň tazysy durdumy,
senem duruber-dä...
Ana, şondan soň her kim bir zada bolşundanam beter ilgezek ýapyşyberse,
ölüp-öçüberse: “Pataşyň tazysy ýaly bolup, saňa näme iki paý beriler öýdýäňmi?”
diýmek ýoň boldy.
Şol söz salyr türkmenleriniň arasynda henizem ýörgünli.
...Nazarly mergen bir wagtlar bolup geçen bu wakany beýnisinden geçiripgeçirmänkä ýolagçylaram gelip ýetdiler. Atdan düşüp mergeniň özi bilenem,
çagalary bilenem salamlaşdylar. Hal-ahwal soraşdylar. Supanyň üstünde ornaşdylar.
Nury olaryň atlaryny äkidip teblehanadaky öz atlarynyň ýanynda daňdy.
Öňlerine ot dökdi, biraz sowaşansoňlar suw görkezdi. Soň gelip supanyň bir
gyrasynda oturdy. Nopar myhmanlara hyzmat etmek bilen boldy. Nahar-şoruň
ugruna çykdy.
– Namaşamyň jyny ýaly bolup bizem biwagtyrak geläýdikmi? – diýip, Pataş
dostunyň ýüzüne jüýjerildi.
– Ýa-a-a, i-i... Gaýtam gowy boldy geleniňiz. Begendirdiňiz.
Şeýle kyn pursatda, aljyrap otyrkalar tussumandan gelendikleri üçin ýeke bir
mergeniň özi däl, çagalaram hakykatdan-da begendiler.
Şondan soň Nazarly mergen olara soňky günleriň wakalary, garakçylar,
Seýdylla hanyň olar baradaky aýdanlaryny, şol zatlar sebäplem özleriniň göç
üstünde oturandyklaryny, özüne gaty bir mahsus bolmadyk açyklyk bilen gürrüň
berdi.
– Munuň gabat geläýşini diýsene – diýip, Meňli han sag eliniň aýasyny çat
maňlaýynda oturan Nazarly mergeniň çep egnine goýdy. – Bizem hut şo mesele
bilen geldik seň ýanyňa.
– O nahili?
– Häzir ýeke sen däl, uly il göç üstünde. Senem indi Garadepä däl-de, Sarahsa
göçmeli.
Meňli han soňky döwrüň syýasy wakalary, göçüň ähli şertleri barada jikmejik gürrüň berdi. Ertir agşam iki ýerde-de uly toý tutuljakdygyny, şonuň dabarasyna
duwlanyp, şol gije kelte göçüň ugradyljakdygyny, uly göçüň bolsa birigün agşam
ýarym gijelerden soň ýola düşjekdigini, özüniňem ertirden gijä galman
barmalydygyny aýtdy.
Başga-da kän zatlaryň başy agyrdyldy. Ertiriň özünde Garadepede duşuşmagy
wadalaşybam hoşlaşdylar.
Göç-gon, toý bilen baglanyşykly aladalarynyň başyndan agdykdygyny
bahanalap, Meňli han Nazarly mergeniň ýatyp, ertir irden bile gidibermek baradaky
teklibinden çürt-kesik ýüz öwürdi.
***
Öňdenem taýýarlyk görendiklerine garamazdan, Nazarly mergeniň özem,
çagalaram uzynly gijäni hysyrdanyp geçirdiler. “Türkmeniň goşuny alybam bolmaz,
154
zyňybam...” diýişleri ýaly, bir zady alsaň bir zadyň galyp barýan ýaly. “Şüý-ä gerek
bolmaz” diýip, zyňýaňam welin, ýene-de eglip alaýasyň gelip dur.
Garaz, bir araba, iki at ýükülik goş saýlanyp alyndy. Daň saz berip
ugrandanam Nopary araba mündürip, özleriniňem hersi bir ata atlandylar. Ugrap
ýetişmänkälerem külbäniň çat maňlaýyndaky ullakan gara seňňeriň başynda, at
üstünde oturan Hasanyň gorkunç hem ebeteýsiz göwresi göründi. Ýanynda-da
nökerleri. Özünden başga bäş adam. Hemmesem atly, ýaragly. Görnüşleri hyýrsyz.
Ümüş-tamyşragam bolsa ýadawdyklary, uzak bir ýerlerden şöwür çekip
gelýändikleri bildirýär.
Hasanyň sesem özi ýaly ýadaw çykdy. Ol indi öňküleri ýaly sözüniň arasyna
türküçe garjagam bolmady. Parsça gürledi.
– Mergen aga, ýol bolsun!
Nazarly mergen özüni ýitirmedi. Bir ätiýaç eden zady çagalary gorkar öýtdi.
“Ýalt” edip ýüzlerine seretdi. Gorky alamatlary görünmänsoň ynjaldy. Şonuň
üçinem arassa pars dilinde diýseň parahat gepledi.
– Hudaý berse bol bolsun!
– Näme, göçýäňizmi?
– Nesip bolsa.
– Bolubermeli ekeniňiz-dä.
– Ol meniň öz işim.
– Bize-de dahylly ýeri bar bolaýmasyn?
– Saňa näme gerek?
Onýança atlylar aşak düşdüler. Göçüň öňüni gabadylar.
– Näme gerekdigini aýdanymyzda beribilermiň?
Nazarly mergen dözümli gepledi.
– Sowul ýoldan!..
– Gaharlanybermäň, mergen aga, ugradaýaly diýip geldik.
– Ugradandan ýoldaş bolmaz, çekil bir ýana.
Hasan atyny mergeniň üstüne debsilejek boldy. Mergen gamçysyny bulady.
Howany dilip geçen inçejik “şuwwulda” ürküp at arkan zyňdy. Atdan agman zordan
saklanan Hasan atyň öň aýaklary ýere degenden ýapyryldy-da, eýeriň gaşyndan
mäkäm ýapyşdy.
– Düýn obalara aýlanyp hasap-hesip geçiripsiň, diýdiler. Belki harjylanansyň?
–Nazarly mergen hiç haçanam harjysyzlykdan kösenen däldir.
Hasan yzgytsyzlanyp başlady.
– Belki onda biziň bilenem hasaplaşarsyň?
– Men beren duzum üçin muzd alamok.
– Sen bizden almaly däl-de, bermeli.
– Meniň saňa bergim ýok.
– Ony özüň gowy bilýänsiň. – Hasan sesini gataltdy. Seýdylla hana düýn biz
barada näme diýdiň?
Nazarly mergen usullyk bilen elini ýükli arabanyň üstündäki ýaraglaryň birine
ýetirdi. Arslan bilen Nuram şeýtdi. Noparam oturan ýerinde elini ýüküň aşagyna
sokdy. “Şakyrt-şark-şurk” etdirip bir wagtyň özünde dört tüpeňiň gulagy gaýtaryldy.
Nazarly mergen Hasandan gözüni aýyrman oturşyna oglanlaryna degişli edip:
155
– Siz atmaň – diýdi-de, özi dik asmana tarap “güwledip” goýberdi.
San taýdanam, ýürek, tejribe taýdanam bu çöl gurtlaryndan köp-köp
asgyndyklaryna ozaldanam gözleri ýetip duran garakçylar ur-tut atlarynyň başyny
öwrüp, bu ýerden daşlaşmak bilen boldular. Özlerem näme üçindir ýaňky gelen
ugurlaryna tarap däl-de, ýolagçylaryň gitjek ugurlaryna tarap ýöneldiler. Gara
deňňere çykanlaryndan soň Hasanyň sesi ýene-de haýbatly eşidildi.
– Bu wagt hasaplaşybilmesegem “Gerdeneýi harda” hasaplaşarys, mergen
aga!..
“Gerdeneýi har” ýagny, türkmenleriň aýdyşy ýaly “Eşek geriş” Nazarly
mergeniň gitmeli ýolundaky iň bir howply ýer. Iki tarapdanam gelýän ýolagçylar şol
gerişden sag-aman geçip bilseler, özlerini barmaly ýerlerine ýetdik hasap edýärler.
“Eşek geriş” hanalarynyň raýyşy allaowarralara çenli elesläp gidýän giň hem
uzyn jülgäniň, käbir adamlaryň aýtmaklaryna görä bolsa ene saýyň içinde ýerleşýär.
Onuň iki tarapy uçut kert bolup, bir ujy gyradaky baýyrlyklara utgaşyp gidýär.
Kertiň özem, üstem edil el bilen örülen ýaly gyýak-gyýak gara daşlardan ybarat.
Ýoluň iki tarapyny büräp, ýolagçylaryň üstüne abanyp duran şol iki kertiň aşagy
ötük. Edil, kyrk gulaçly guýuny ýatyryp goýan ýaly. Ýolam içinden hemişe buz ýaly
sowuk şemal öwsüp duran şol garaňky ötügiň içinden geçýär. Ýokarky daşlaryň
döşünden syzyp çykýan damjalardan ýaňa ötügiň içi hemişe “şybyljyrap” dur. Ysy
agyr. Dymyk. Şeýle-de garaňky. Şonuň üçinem, bäri çetinden girip tä aňry çetine
çykýançalar, ýolagçylardan ses-üýn çykmaýar. Her kim “Alla, Alla” bilen gözüni
ötügiň o çetinden görünýän aksowult, ýagty deşige dikip, “çygşyldap” barýar. Şol
wagt olaryň gulaklaryna hatda münüp ýa idip barýan atlarynyň burunlarynyň
“parryldysam” ýakanok.
Ondan çykanyňdan soň ýoluň günorta tarapy beýik gaýa. Gaýanyň ýüzi kert.
Uçut. Ýöne, şoňa çykylýan ýeke-täk ýoda bar. Oňa başdanaýak emedekläp çykmaly.
Düşeniňde oturýeriň bilen süýşenekläp düşmeli. Ulagly çykyp bolanok. Garry-gurty,
aýal-ebtat hem çykyp bilenok. Ana, şoňa-da “eşek geriş” diýilýär. Bir üstüne çykyp
bilseň saňa daş-töwerekden hiç hili howp ýok. On-ýigrimi adam ýerleşip biljek tekiz
meýdanda durup, ýoluň iki tarapdan gelýän ýolagçynam paýhynlap durmaly.
Ine, hut şonuň üçinem, Hasan şol ýeriň adyny tutup, Nazarly mergeniň
ýüregine howsala saldy.
Ýöne, indi oňa başga ýol ýok. Muňa onuň çagalaram düşündiler. Şonuň
üçinem üçüsi ýerli-ýerden:
– Ugraly, kaka... – diýdiler.
Hasanyň haýbatyndan gorkmandyklary üçin Nazarly mergen çagalaryndan
köp hoşal boldy. Begendi. Buýsandy.
***
Hasan bu gezek ýalan sözlemändir. Nazarly mergene ol hakykatdan-da “Eşek
gerişde” garaşýan ekeni.
Göçli araba uly ala jygyldy hem şakyrdy bilen ötüge girdem welin Hasanyň:
– Duruň! .. – diýen haýbatly sesi eşidildi. – Iki agyz gürrüň bar, mergen aga,
onsoň nirä gitrseňiz gidiberiň, ýoluňyz açyk.
156
Göç durdy. Oglanlar ýaraglaryna ýapyşdylar. Tüpeňlerini gezäp daştöwereklerine garanjaklaşdylar. Emma gözlerine ilen zat bolmady. Nazarly
mergeniňem hiç kime gözi düşmedi.
Ikinji gezek gaýtalanandan soň ýolagçylar ol sesiň öňden, ötügiň o çetinden
gelýändigini aňdylar. Diýmek, olar gerişe münmändirler-de, onuň biline dyrmaşyp,
ötügi saklapdyrlar.
– Ogullaryňa aýt, mergen aga, ýaraglaryny goşuň üstünde goýsunlar-da, özleri bir
gyra çekilsinler. Özüňem şeýt. Düýnki ýygnan pullaryňy, başga-da näme
gymmatbahaly zadyň bolsa, olaram goý, gyzyňam, münüp gelýän atlaryňam galsyn
şol ýerde. Özüňiz bilen işimiz ýok. Jan dawamyzam ýok. Gidip bilersiňiz. Bir gezek
beren duzuň üçin men ony size bagş edýän. Garyndaşlyk açanymyzdan soň hasam
gowy gatnaşarys. – Hasan hezil edip güldi. – Aslynda-da salyrlar parslar bilen
garyndaş ahyry. Maryda hanlyk süren Baýramaly hanyňam ejesi salyr gyzydy.
Adyna Selbi hatyn, kakasyna Şaguly diýerdiler. Baýramaly hanyň özem soň
Orazsoltan atly bir salyr gyzyna öýlend-ä... Men bu zatlary düýn bildim. Indi
ikimizem...
Hasan sözüni tamamlamanka Arslan bilen Nury ikisi iki ýerden sesiň gelýän
tarapyna bakan yzly-yzyna ok atdylar.
Ses bada-bat ýatdy, ýöne, kelemenläp aşak gaýdan-a bolmady. Gaýtam ol
ýerden jogap oklary geldi. Özem bir ýa iki däl. Diýmek, olar köplük bolmaly. Muňa
ýolagçylar basym göz ýetirdiler. Çünki, gerşiň bilindäki mähnet-mähnet gara daşyň
aňyrsyndanam tüpeň sesleri çykdy. Arabadaky atlaram, aýaklarynyň aşagyndaky
atlaram aýylganç-aýylganç kişňeşip çarpaýa galdylar. Eýläk-beýläk towusdylar.
Araba “alaşakyrdy” bolup kerte uruldy, “jygyldap” atlar bilen bilelikde, o ýan, bu
ýan tigirlendi. Ozaldanam garaňky hem dar ötügiň içini bu ýagdaý hasam gorkunç
keşbe saldy.
Nazarly mergen ýükli arabany gaýanyň has düýbüne, has garaňkyrak ýerine
eltmekligi buýurdy.
– Atyşyb-a alan galamyz bolmaz. Bular biziň çak edişimizden köpräk.
Özleräm iňňän berk ýerde ornaşypdyrlar. Şoň üçinem, ähli zatlarymyzy arabamyz
bilen bilelikde şu ýerde taşlap diňe münüp gelýän atlarymyz bilen yza süýşmegimiz,
ötükden çykyp, gerşiň daşyndan aýlanyp geçmegimiz gerek.
Şondan soň olar gyssagara atlarynyň toýnaklaryna keçe daňdylar. Noparyň
aty araba tirkelgidi, onam çözüp şoňa mündürdiler. Nazarly mergen çagalarynyň yza
süýşüp ötükden çykanyny garakçylar görmez ýaly, olara tarap yzly-yzyna ok atdy.
Penalady. Üstesine araba goşulan atlaram tebil tapyşyp uly goh turuzdylar. Arabany
agdardylar. Özlerem ýykyldylar-da, turjak bolup aýaklaryny kakyşdyrdylar,
däbşenekleşdiler, haýkyryşdylar, diňe arabanyň oky ýerinden sypandan soň
alagüpürdi bolşup, ýerlerinden turdular, ýöne, barybir goşdan boşap bilmediler.
Bu başagaýlykdan peýdalanyp, Nazarly mergeniň özem ötügiň düýbi bilen
ýanynlap çagalarynyň giden tarapyna ýöneldi. Hä diýmänem ötükden çykdy,
yzlaryndan ýetdi. Belet ýerleri bolansoň ýolsuz ýerden ýol ýasap, kä pese inip, kä
beýge çykyp, çagalaryny ýagydan daşlaşdyrdy.
“Eşek geriş” tarapdan welin şondan soňam esli wagtlap başly-barat, aljyraňňy
sesler eşidildi durdy. Göçegçileriň gaçandyklaryny olar duýdularmy,
157
duýmadylarmy, belli däl, ýöne, häzir duýmadyk bolsalaram entegräkden duýarlar.
Duýarlaram, gözlege-de çykarlar.
Ýöne, bu eýýäm gaty bir gorkuly däl, çünki, Nazarly mergen çagalary bilen
olara açyk meýdanda per bermez. Bir howatyr edýän zady, o-da garakçylaryň
sanynyň köpelendigi.
Mazaly ara açanlaryndan soň az-kem dynç aldylar-da, toýnaklaryndaky
keçelerini aýryp, atlaryna mündiler. Ýüzlerini Garadepä gidýän ýola tarap
öwürdiler. Çünki, başgaça gitmek mümkin däl.
Yzdan kowgy gelmänsoň Nazarly mergen garakçylaryň ýoly kesmek üçin öňe
gidendiklerini çaklady. Bu pikirini ol çagalaryna-da mälim etdi. Olaryň hemmesi bir
wagtyň özünde diýen ýaly: “Zyýany ýok, uruşarys” – diýdiler. Bu Nazarly mergeniň
ýadaw göwresine gurp berdi.
Terslin-oňlyn edilen birnäçe öwrümlerden soň, ýolagçylar ýene-de uly ýola
düşdiler. “Eşek geriş” yzda galdy. Garadepe golaýlady. Onuň aňryýanam Zurabat.
Şonuň üçinem, garakçylar bäri gaýdaýan bolanlarynda-da bu töwereklerde bulara
batyrynyp bilmeseler gerek.
Ýöne, bar zat tersine bolup çykdy. Ýol bilen sähelçe ýöredilerem welin iki
taraplaryny ýakalap barýan gaty bir belent bolmadyk baýyrlyklaryň üstünden
birnäçe gezek tüpeň sesi çykdy. Entek nämäniň-nämedigini aňşyryp ýetişmänkäler
Nazarly mergeniň öz-ä aýagyndan, Arslan bolsa çep omurdyndan ýaralandy. Olaryň
ikisem bir wagtyň özünde diýen ýaly, atlarynyň boýnundan gujaklaň ýoluň bir
gyrasyna guýlunyp düşdüler.
Nury atyny debsiläp ýoldan çykdy-da, özüni ýere goýberdi. Süýşenekläp
baryp ullakan gara daşy penalady. Noparam şeýtdi. Edil şol wagtam üç-dört sany ok
daşa degip: “zyň-ň, zyň-ň” etdirdi-de, allaowarralara tarap çawup gitdi.
“Jast-jast” edip, gumak ýola çümýän oklardan ýaňa Nazarly mergen bilen
Arslanyň daş-töweregi ýeňiljek tozana gaplandy. Şol tozana duwlanyp olaram
togalana-togalana, agdaryla-düňderile Nury bilen Noparyň penalanyp ýatan daşynyň
aňyrsyna geçdiler.
Atlar öz erklerine galdy. Olaryň üpküp gaçanlaram, “horguryp” eýesiniň
daşynda aýlanyp ýörenlerem bar. Ýöne, gaçanlaram gaty bir uzaga gidenoklar. Iki
gözlerem eýelerinde. Garakçylar olary atmadylar. Olja bolar öýtdüler.
Baýryň üstünde aýaklaryny abşardyp duran Hasan ýoldaşlaryna bir zatlar
diýip gygyrdy welin, barysy birden “alawagyrdy” bolşup bukudan çykdylar, garasar
sürüsi ýaly bolubam göni, ýolagçylaryň üstüne çozdular. Arslan bilen Nurynyň
yzyny üzmän atýan oklary olary birbada säginmäge mejbur edenem bolsa, bütinleý
saklap bilmedi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Salyr soňy Sarahs - 17
  • Parts
  • Salyr soňy Sarahs - 01
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1934
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 02
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2124
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 03
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2050
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 04
    Total number of words is 3573
    Total number of unique words is 2071
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 05
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 2025
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 06
    Total number of words is 3598
    Total number of unique words is 2050
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 07
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2222
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 08
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2149
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 09
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2090
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 10
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2191
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 11
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2249
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 12
    Total number of words is 3737
    Total number of unique words is 2265
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 13
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2152
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 14
    Total number of words is 3630
    Total number of unique words is 2157
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 15
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2230
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 16
    Total number of words is 3672
    Total number of unique words is 2092
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 17
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2238
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 18
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 2222
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 19
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2213
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 20
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 2042
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Salyr soňy Sarahs - 21
    Total number of words is 2622
    Total number of unique words is 1620
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.